Latin

Türkmen halkynyň taryhy - 08

Total number of words is 3677
Total number of unique words is 1641
25.6 of words are in the 2000 most common words
36.1 of words are in the 5000 most common words
41.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Lu-dingir-ra: Ýokardaky ýatlamanyň awtory bolan Sumer ýazyjy
hem şahyrynyň ady bolup onuň manysy „taňrynyň adamsy“
dimekdir109. Bu goşma söz, iki sany sada söz ýagny „lu“ we
„dingir“ hem-de „ra“ goşulmasyndan ýüze çykypdyr. „lu“ sözi Sumer
dilinäki özbaşdak manysy „adam“ bolup, sypat ýasaýjy goşulmasy
hökmünde gelende bolsa, edil şu günki türki dillerdäki „lu“ ýa „li“
ýaly bir ýurda ýa bir halka degişli adam diýen manyny aňladýar.
Mysal üçin Eýran türklerinde Ýazerlu ýa Ýazyrlu (Ýazyrli), Gengerlu
(Kengerli), Baharlu (Baharly), Tekelu (Tekeli) ýaly atlar köp gabat
gelýär. „Dingir“ sözi bolsa türki dillerdäki „tengri“ , „taňry“ bilen bir
sözdigi alymlaryň tarapyndan ykrar edilýär. Bu goşma sözüň
106
: A. Deimel „ Sumerische Grammatik mit...“ s. 83 we sözlük bölümi
: M. I. Çyg „Ibrahim Peýgamber” Istanbul-1997, s. 90
108
: J. Rawlinson „The Sixth Great Oriental Monarchy“ London-1873,s. 23
109
: M. I. Çyg „Sumerli Ludingirra“ s. 10
107
109
soňundan
gelýän
„-ra“
goşulmasy,
hem
Sumer
dilinde110, hem-de gadymy türkçede111, aýry-aýry düşümleriň
goşulmasy hökmünde ulanylypdyr. Sumer diliniň grammatikasynda
köplenç ýagdaýda aýyrgyjyň atdan öň gelýändigi üçin bu Sumer
sözünde „lu“ öňden gelipdir. Eger-de biz ony şu günki türki dilleriň
grammatikasyna uýgunlaşdyryp (-ra goşulmasyny aýrmak bilen)
ýazsak „Dingir-lu“ ýagny „taňryly“ ýa-da şu günki türkmen
dilindäki „Taňrygul“ bolup çykýar.
Dumuzi: Bu Sumer sözi ỳokarda-da belläp gecişimiz ỳaly ähli
çeşmelerde hasyl we bereket taňrysy hem-de Iýun-Iýul aýlarynyň
bilelikdäki adydyr. Bu söz türkmen dilindäki ;tomus; sözi bilen gabat
gelýär. Sebäbi, hem tomus aýlarynyň ady hem-de tomus paslynda
hasyllar ýetişip bereketiň köpelýän möwsimi bolansoň sumerlilerde
hasyl hem bereket taňrysynyň adyna öwrilen bolmgy gaty
ähtimaldyr. Bu söz ýokarda sumerli şahyryň ýatlamalarynda-da
görşümiz ýaly ;tammuz; görnüşinde dini hem beýleki tekstler arkaly
samid dillerine, olaryň üsti bilen bolsa Ýewropa dillerine geçipdir.
Biziň pikrimizçe bu ;Anna; sözünde-de şeýle bolan bolmaly, sebäbi
bu söz mesihi (kiristian) halklarda-da, olaryň häzirki dillerinde belli
manyny aňlatmaýandygyna garamazdan, adam ady hökmünde
ulanylýar.
En-Lil: Bu sözüň manysy Sumer dilinde ýeliň taňrysy
diýmekdir112(we başga çeşmeler). Bu goşma sözüň birinji sada sözi
„lil“ türkmen dilinde „ýel“, gadymy türki dilde „tial“113 „ýil“114
bolup, ikinji sada sözi „En“ bolsa türkmen dilinde „eýe“ (kä türki
dilde bolsa „E“ 115) diýmekdir. Aýyrgyjy adyň yzyna geçirenimizde
bolsa ol „Lil-En“ ýagny „Ýeliň eýesi“ bolup çykýar. Bu sözleriň hem
form, hem-de many taýdan çalymdaşlygy üns berilmeli meseledir.
110
: Friedrich Delitzsch „Kleine Sumerische Sprachlehre...“ Leipzig-1914, s.40
: K. Grönbech „Türkçenin yapysy“ Ankara-1995, s. 35
112
: Helmut Uhlig „Die Sumerer, ein Volk am Anfang der Geschichte“ B.
Gladbach-1989,s. 18
113
: K. Grönbech, ö. iş s. 42
114
: A. von Gabon „Eski türkçenin grameri“ Ankara-1995, s. 35
115
K. Grönbech, ỳene şol. S. 83, ...sug E-zi: suw eỳesi, suw ruhy
111
110
Eýe sözi hem Sumer hem-de
türkmen
dilinde
taňry
manysynda hem ulanylypdyr (Eýesin tanan derwişler, säher göz
ýaşda bellidir. Magtymguly).
Alym „Helmut Uhlik“iň açyklamasyna görä, Sumer diliniň
syryny çözmekde örän uly ähmiýeti bolan ilkinji okalan sözlemleriň
biri „En-Lil-ti“dir. Onuň manysy bolsa „En-lil diri(dir)“, azat terjime
edilende bolsa „En-Lil taňry dirilik eçilýär“ diýmekdir116. Bu
sözlemdäki „ti“ sözi Sumer dilinde „diri“, kä türki halklarda „tirig“
diýmekdir. „Ti“ sözi gadymy türki dillerde-de „hemişelik“, „sag“
diýmekdir117.
E-Kur: En-Lil taňrynyň çokunma jaýy (mejjidi)118. Bu goşma
sözüň birinjisi „E“ (ab, eb görnüşlerinde-de bar, ser. sözlük bölüme)
Sumer dilinde „öý“ dimekdir. Bu Sumer sözüniň „ab“ görnüşi
gadymy türkçede-de „ab“ , „aw“ we „eb“ görnüşlerinde bardyr119.
Iknji „kur“ sözüniň Sumer dilinde iki manysy bar (iki hili aýdylşynyň
bolan bolmagy-da gaty ähtimaldyr). Onuň bir manysy, ýokarda
görşümiz ýaly türkmen dilindäki „gör“ sözüne gabat gelýär. Ikinji
manysy bolsa öňki manysynyň tersine „beýiklik“, „dag“, „depe“
dimekdir (ser.sözlü bölüme). „kur“ sözi gadymy Turan dilinde-de
edil ýokardaky ýaly, „galdyrmak“, „beýiklik“ we „beýgeltmek“ ýaly
manylarda ulanylypdyr we „depe“ diýen manydaky „kurgan“ sözi
hem şöndan gelip çykypdyr120. Häziki türkmen dilindäki „gorgan“
sözi-de şol sözdir. Türkmensähranyň garşysyndaky beýik dagyň
örküjine, şol dagyň eteginde ýaşaýan gadymy ýazyr türkmenleri
(Ýazyrlular) „Ýylangorgan“ diýýärler, parslar bolsa ony „Gal-e
maran“ (ýylanlar galasy) diýip terjime edipdirler.
Netijede „E-Kur“ sözi Sumer dilinde „Beýik öý“ we „Beýik
mejjid“ diýen manyny aňladýar. Sebäbi ähli Sumer çokunma
jaýlarynyň adynyň öňünde „E“ sözi gelýär.
116
: H. Uhlig, ö. iş, s. 84
: A. von Gabon, ö. iş, s. 35 we K. Grönbech, ö. iş, s. 20
118
: M. I. Çyg, „sumerli...“ s. 16
119
: Wilm. Thomsen „Orhon we Ýeniseý ýazytlarynyň çözümi” Ankara-1993,s.
193 we A. von Gbon, ö. iş, s. 258
120
: A. Vambery „Das Turkenvolks“ Osnabrück-1970, s. 25
117
111
Barak: Sumerlilerdeỳyndam manysynda hem-de Uçmah (jennet)
haýwany bolan itiň ady. Prof. K. weliýewiň açyklamasyna görä:
«Şamanlar-da Barak atly ite münüp asmana çykar ekenler.
Gyrgyzlar-da töýs ite ;barak; diýipdirler. Oguz dessanynda ;It-barak;
atly bir urugdan gürrüň geçýär. Olaryň-da totemi, guşdan dörän bir
köpek bolupdyr.»121
Biziň pikrimize görä bu sözüň köki „bar“ bolup, işlikden
sypat ýsaýjy „-ak“ goşulmasyny kabul edip, barak, baragan, ýyndam
ýaly manylary aňladan bolmaly. Sebäbi „bar“ sözi Sumer dilinde-de
barmak, gitmek manyda gelýär.(ser. sözlü bölüme)
Tigi: Tigi sözi ýokarda görşümiz ýaly „aýdym“ diýen manyny
aňladýar. „Ti“ sözi hem Sumer dilinde („di“ görnüşinde)122 hem-de
Orhun-Ýeniseý ýazgylarynda123 „diýmek“, „aýtmak“ diýen manyny
aňladýar. Onsoň „tigi“ sözüniň manysynyň „aýdym“ bolmagy Sumer
we türki dillerde biri-birine doly gabat gelýär..
2.Türkmenistanyñ gadymy ýer-ýurt atlary hakda gysgaça
düşündiriş we onuň Sumer ỳurdy hem dili bilen gatnaşygy
Alymlaryñ açyklamasyna görä dünýäde iñ gadymy hem
durgun sözler ýer-yurt atlarydyr. Sebäbi ol atlar öñat ýerleşensoñ
hatda aýry-aýry dilde gepleýän halklaryñ ol ýerleri eýelemegi bilen
hem köplenç ýagdaýda üýtgedilmän şol öñkiligine galýar. Munuñ
şeýledigine biz, manylary döwrüñ geçmegi bilen biziñ milli
hakydamyzdan hem ýitip giden kä bir ýer-ýurt atlaryndan hem göz
ýetirp bileris. Mysal üçin, ýokarda ;Änew; sözüni gördük. Biziñ
pikirimize görä şeýle atlaryñ manysyna garyndaş dilimiz bolan
gadymy Sumer diliniñ söz baýlygy arkaly, gaty anyk bolmasa-da
belli derejede göz ýetirmek mümkindir. Şu aşakdaky mysallara üns
bereliñ:
121
: K. Weliew, ö. iş, s. 22
: F. Delitzsch, ö. iş, s.125 (ser. sözlük bölüme)
123
: Wilm Thomsen, ö. iş, s. 174
122
112
Amy: bu söz iki sany ;am; we ;i;
düýp sözden düzülen bolmaly.
Am sözi Sumer dilinde ýabany öküz, sugun diýmekdir.124 ;I; sözi
bolsa hem sumer dilinde hem-de gadymy türki ýa Turan dilinde
derýa dimekdir.Häzirki türk dilinde bolsa irmak görnüşinde
ulanylýar(ser. sözlük bölüme). Netijede Ami sözüne öküz derýasy
diýip düşünmek mümkindir. Elbetde amy sözüniñ Sumer dilinde syl
diýen manysy hem bar.
Ahal: Bu sözüñ Sumer dilindäki AKAL ýagny güýç we AGAL
ýagny güýçli125 sözleri bilen bir kökden bolmagy mümkindir.
Madaw: Bu gadymy söz, ýurt we medeniýet ýurdy diýen manylary
bolan Sumer sözi „Mada“ bilen bir kökden bolsa gerek126
Mary: Mundan 4000 ýyl öñe degişli gadymy Marguş medeniýetiniñ
ýadygäri bolan bu şäheriñ adyna biz Sumer şäherleriniñ arasynda-da
„Mari“ görnüşinde gabat gelýäris. Bu söz hem iki sany „Mar“ we „I“
ýaly düýp sözden gelip çykan bolmaly. „I“ sözi hakynda ýokarda
gürrüñ edipdik. Mar sözüniñ Sumer dilinde şu aşakdaky manylary
bar:
«a- Bir işi etmek, ýerine ýetirmek.
b- Öýüň daşyna çekilen diwar, gala we daş bezegleri.
c- Araba
d- Kämilleşme prosesini geçirmedik “mör-möjekler”.
e- Dilegleri kabul edýän, pir we keramatly adam ».127
Mar sözüniñ Sumer dilinde ýene bir ýörgünli manysy-da
öküzdir128. Mar sözi bu manyda Wawilonyñ iñ beýik tañrysy bolan
„Mar-duk“yñ adynda hem bar. Bu sözüñ asly Sumer sözi „Mar-Ut“
bolup ol, güneşiň öküzçesi diýen manydadyr129. Biziñ pikrimize
görä Mary sözüniñ manysy „Öküz derýasy“ dimekdir. Sebäbi
124
: F. Delitsch „ýene şol.“ s. 10
: ýene şol. s.3
126
: A. Deimel „Sumerische Grammatik mit Übungen und...“ s. 236
127
: F. Delitzsch, s. 180
128
: A. Deimel, ö. iş. ,s. 180
129
: Meyers Enzyklopedische Lexikon, Manheim-1975, s. 608
125
113
Türkmenistanda
geçirilen
arheologik barlaglaryñ netijesi
we tapylan gaty köp sanly ökür kelleleriniň heýkelleri-de şeýle pikir
etmäge mümkinçilik berýär. Öküziň irki eýýämlerde mukaddes
saýylany hem bellidir.
Ürgenç: Bu at hem Sumeriñ meşhur şäherleri bolan „Ur“ hem
„Uruk“ bilen bir kökden bolmaly. Ur ýa Uru sözi Sumer dilinde şäher
diýen manyny añladýar. Bu söz bir tarapdan türkmen dilindäki ;urug;
sözüne çalym etse ýene bir tarapdan Kutatgu Bilik ýaly gadymy türki
eserlerde oňa ýakyn sözlere gabat gelýäris. Mysal üçin Ur: eye, ürük:
ýagty we örük: beýik (ör turmak, örmek sözlerine üns bereliň).130
Nusay: Şu günki Yrk türkmenleriniň oturyan Kerkuk şäheriniň
yakynynda (Ỳorgandepede) gadymy Sumer şäheri bolan „Nuzi“
(Nusi) ỳerleşỳär. Nu sözüniň ynsan manysynda gelỳändigini ỳokarda
görüpdik. „Si“ sözi sumer dilinde sylagly, hormatly we dost diỳen
manysy bar 131 . Bu sözüň saỳ we saỳlama ỳaly türkmen sözlerine-de
çalymdaşlygyny görỳäris. Netije-de Nusi sözüne sumer dilinde
„sylagly ynsan“ diỳip düşünmek mümkin. Bu ỳerde biziň pikire görä
üstünde dueulmaly örän ähmiỳetli mesele gaty irki çaglara degeşli
bolan ỳer-ỳurt hem ynsan atlarymyzy başgalara öỳkünüp
üỳtgetmeden edil halkymyzyň aỳdyşy ỳaly saklanmagydyr. Mysal
üçin Maryny Merw ỳa-da Nusaỳy Nisa etmeklik gaty uly ỳalňyşlyk
bolup taryhymyzyň hem dilimiziň ỳoỳulmagyna getirer diỳip
düşüỳäris.
Durun: Sumer dilinde-de bu sözüň DUR, DURU ve DRUN
görnüşleriniň türkmen dilindäki manysyna gaty ỳakyn bolan
togtamat, ỳurt tutmak ve ỳaşamak ỳaly manylary bar (ser. sözl.).
Bulardan başga-da Sumerde Parab we Köşi ýaly atlara örän
çalymdaş Fara we Kiş ýaly şäherler bar.
130
131
: W. Radloff „Das Kudatku Bilik“ St. Petersburg-1910, s. 202
: Delitzsch, F. ,Sumerische Glossar; s. 236-7
114
Gaỳtadan işlenen bir ybadathana (b.e.o. 2000 ỳ.)
Türkmenistan-Mary (arap edebiỳatynda Merw)
VII
115
VIII
Mezopotamỳa (b.e.o. 2000. ỳyl)
Dünỳäde ilkinji gezek tigiri oỳlap tapanlaryň Sumerliler
bolandygy kabul edilipdir. Olaryň ynançlaryna görä Taňrylar şu
arabalar bilen jennete gidỳär ekenler.
116
IX
Türkmenistan (A- b.e.o. 4000., B-b.e.o. 3000. ỳyl)
Belki-de sumerliler şu arabalar bilen Türkmenistandan
Mezopotamỳa göçüp gidendirler.
117
X
In-Anna, Sumerlileriň gözellik Taňrysy. Aỳry-aỳry halklarda
gözellik taňry hasaplanỳan İştar, Afrodit we Zöhre ỳaly taňrylar
bu sumer gözellik taňrysynda nusga alynypdyr.
118
XI
Türkmenistan (Hanym Taňalar, b.e.o. 3000. ve 2000.)
119
XII
Mezopotamỳa (Hanym Taňrylar, b.e.o. 2700 ỳyl)
120
VI. Türkmen we Sumer dilleriniň arasyndaky
garyndaşlyk
1. Dilleriň garyndaşlygyny kesgitleýän ölçegler:
Alymlaryň nygtamaklaryna görä, geçen döwürlerde ýaşan
halklaryň arasyndaky garyndşlyk gatnaşyklary we olaryň gelip
çykyşyny kesgitlejek iň ygtybarly we daýanarlyk hakykat
(arheologiýa we etnografiýa ýaly ylymlaryň ýanynda) olaryň
arasyndaky dil garyndaşlygydyr.
Bu barada belli sumerolog alym Wolfram von Soden şeýle
ýazýar: «Taryhdan öňki döwürlerde ýüz beren göçleri anyklamak
üçin, dilleri öwrenmek hem-de olary biri-biri bilen derňemek, iň oňat
mümkinçilikleri üpjün edýär. Hiç bir ýurtda başga bir halk topary
gelip ýerleşmeden täze bir dil ýüze çykmaýar. Keseki dilleriň täsirini
bolsa diňe söz baýlygynda hem belli-belli grammatiki öwüşgünlerde
görmek mümkindir…»132
Biz dilleriň garyndaşlygy barasynda, tanymal linguist alym
;Richard Faster;iň pikrini we öňe süren ölçeglerini esas edinip
alýarys. Bu alym Emirkaly gyzyl derilileriniň-de takmynan 10,000
ýyl mundan öň Demigazyk-Gündogar Aziýadan ;Bring; bogazyndan
geçip
gidendigini,
olaryň
jynslarynyň
Ýewropa-Mongol
gatyşygyndan ýüze çykandygyny ýatlatmak bilen, bütin ýer şarynda
ýaşaýan ynsan toplumlarynyň biri-birinden üzül-kesil aýry
ýaşamandyklaryny, olaryň häzirki gepleýän dilleriniň aňyrsynyň bir
çeşmeden ugur alyp gaýdandygyny we kökleriniň bir ýerde
birikýändigini öňe sürýär. Alym muňa mysal edip, gyzylderilileriň
dili bilen Fin-Ogur hem-de Lap ýaly Ýewropa dilleriniň arasyndaky
bar bolan meňzeşlikleri görkezýär.133
Richard Faster ýokarda öňe süren pikirini bir näçe mysallara
esaslandyrandan soň, gürrüňini şeýle dowam etdirýär:
132
133
: Wolfram von Soden „Einführuň in die Altorientalistik“ Darmstadt-1985, s. 12
: Richard Faster „Sprache der Eiszeit“ München, Berlin-1980, s. 14-15
121
«Gürrüňimiziň başyndan
bäri aydylanlary ýene bir gezek
gysgaldyp aýtsak, subut etmeli meseleler şu aşakdakylardan
ybaratdyr:
Bütin adamzadyň esasy we umumy ortalyk bir dili
bolupdyrmy ýa-da aýry-aýry çaglarda, öz ýaşaýan ýurtlarynda
özlerine ýörite dil döredipdirlermi? Bu soraga şeýle jogap berilýär:
Häzirki nesilleri ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylary bolan ilkinji ynsan
topary, umumy hem ortalyk söz goruny döredipdirler. Şu güne çenli
subut edilmek mümkinçiligine görä, bu söz gory alty sany
Arhetipden gelip çykypdyr. Bu Arhetipler şulardan ybaratdyr: BA,
KALL, TAL, OS, AK(ACQ) we TAG.
Ýokarky soraga berlen jogabyň subuty hökmünde “Adamzat
dili üznüksiz hem yzygiderli ösüşe uýgunlykda, özüniň
başlangyjyndan şu güne çenli müňden artyk dil we dialektlere
aýrylmagyna garamazdan, belli bir aýdyň ýodany geçip gelipdir”
diýen düşünjä berk goldaw bar.
Biziň şu günki köp dürli dillerimiziň köki, şol alty sany
Arhetipden galandygy belli edilen az sanly sözlere baryp ýetýär. Bu
ýagdaý her dilde bar bolan ýüz müňlerçe sözleriň, şeýle az sanly hem
ýönekeýje başlangyç formadan gelip çykmagynyň mümkindiginiň
üstüni ýetirýän delildir. Sebäbi her bir dil, belli maksatlary aňlatmak
üçin ulanylan ses formalaryndan ýüze çykypdyr… Ýokarda
aýdylanlary gysgaldyp şeýle formullaşdyrmak mümkin: Bütin
adamzat birliginiň alty sany Arhetipden dörän belli bir ortalyk ;söz
gory; boludyr. Bu söz gory şu gün hem her bir diliň esasynda durýar
we şol bir wagtyň özünde-de, şu günki dilleriň arasyndaky bar bolan
baglanşygy aýdyň ýagdaýda görkezýär hem aňladýar.»134
Alymyň pikrine görä, arhetipler ýüze çykandan soň, ýer
ýüzünde ýaşaýan ynsanlaryň ata-babalarynyň başda umumy bir
ortalyk dili bolandygy, şonuň ýaly-da ilkinji sözleriň tebigat, ot (o
sesi uzyn çekimli) hem aýallar bilen baglylykda dörändigi subut
edilipdir. Ol, sözüniň yzyndan dünýäniň dürli dillerinden aýallara
degişli sözleri mysal getirýär. Bu mysallaryň arasynda häzirki
türkmen dilindäki ene (kä gepleşiklerde emme), mama, heleý, gelin,
134
: ýene şol. , s. 48-49
122
gyz, gaýyn ýaly sözleriň edil özi
ýa-da olara gaty ýakyn sözleriň
barlygy-da örän gyzykly hem manylydyr.»135
Indi temamyzy, “eger-de alymlaryň açyklamasyna görä, ýer
ýüzündäki biri-birine düşnüksiz bolan ýüzlerçe dilleriň köki bir
ortalyk dile direýän bolsa, onda şu günki dilleri hem-de olaryň aňyrsy
hasaplanýan köne dilleri haýsy ölçegler esasynda belli garyndaş
toparlara bölünýärkä?” diýen sorag bilen dowam etdirýäris. Bu
soraga biziň bilýän çeşmelerimizde meňzeşräk jogaplara gabat
gelýäris. Biz onuň has dolurak jogaby hökmünde, linguist alym
„Hans Joachim Storig“iň pikrini esas edip alýarys: « Köki bir bolan
garyndaş diller, biri-birine genetiki baglylygyň esasynda ylaýyk
gelýär we şonuň üçin hem olar başga dil toparlaryndan
tapawutlanýar. Biri-birine genetiki baglylyk diýmek näme?. Bu ýerde
şu aşakdaky üç etaby göz öňünde tutmak gerekdir:
1.1. Birnäçe diliň belli bir ene dilden gelip çykandygy hakda
ýazuwa geçen doly dokumentleriň elde bolmagy. Mysal üçin
;Ruman; dilleriniň (Fransuz, Italiýan, Grek...dilleri) Latin dilinden
gelip çykyşy hakda şeýle dokumentler bar.
1.2. Diller, birinji toparda bolşy ýaly, belli bir umumy dilden
gelip çykandyklary hakynda doly dokument bolmasa-da, belli bir
garyndaş topary emele getirip biler, haçanda aýry-ayry dilleri ýa-da
onuň pudaklaryny öwrenilende, ylaýta-da ele geçirmegi mümkin
bolan iň irki nusgalaryny göz öňüne alyp öwrenilende, “belli bir
umumy hem esasy dile bagly bolmaly” diýen netijä eltýän bolsa.
Ýagny olaryň iň gadymky nusgalaryny öwrenilende, dokumental
bolmasa-da nygtaýjydyr.
1.3. Birinji dillerdäki ýaly dokumental subut edip ýa-da ikinji
etapdaky ýaly öwrenmek üçin ýeterlik esasy dokument bolmasa-da
belli bir dil topary, olaryň söz baýlygyny (dilleriň söz alypbermeginiň mümkindigini-de göz öňünde tutmak bilen), emma
barzatdan öň grammatiki hem fonetiki meňzeşliklerini esas edip
almak bilen hem (birinji we ikinji etaplarda bolşy ýaly) “olar belli bir
dil maşgalasyny emele getirýär” diýen hipotezi orta atmak
mümkindir. Şeýle şertler esasynda, mysal üçin gyzylderilileriň,
135
: ýene şol. S. 18-19
123
afrikalylaryň we şonuň ýaly-da
käbir ir wagtlar ýitip giden
diller, belli bir dil maşgalasynda ýerleşýärler…»136
Türkmen we Sumer dillerini derňemek meselesine
gelenimizde, bu iki diliň gatnaşygy dogrusynda birinji etapdaky ýaly
anyk dokumentler ýoklygy zerarly, ikinji hem üçünji etaplaryň
esasynda, ýagny umumy türki dillere degişli iň gadymy tekstleri-de
göz öňünde tutmak bilen, bu iki diliň arasyndaky söz baýlygynyň
hem-de
olaryň
grammatikasynyň
meňzeşliklerdir
doly
kybapdaslyklarynyň esasynda belli netije çykarmak mümkindir.
Biz
häzir
linguist
alymlaryň,
dünýädäki
dilleri
häsiýetlendirmek hem-de olary belli dil maşgalalaryna bölmek üçin
kabul eden ölçegleri bilen tanyş bolýarys:
«A- Fleksiw(flexiv) ýa täsrifi(tärkibi): Bu dil toparynda
sözler özüniň düýp manysyny saklamak bilen bir wagtyň özünde,
aýry-aýry ýöňkemelerde, düşümlerde hem-de sözlemde eýeleýän
orunlary bilen baglylykda yzygiderli üýtgäp, aýry-aýry formalary
kabul edýärler. Mysal üçin in nomine Patris (Atanyň adynda). Bu
ýerde „nomine“ sözi “nomen“ sözünden gelýär, yzyna goşulan „e“
harpy onuň „in“ predlogyna (präpositionyna) baglydygyny
görkezýär. Patris sözi „Pater“ sözüniň eýelik düşümdäki görnüşidir.
Görşümiz ýaly bu ýerde düýp sözler üýtgäpdir, ýöne şonda-da açyk
ýagdaýda tanap bolýar. Yzyndan goşulan „is“ goşulmasy bolsa, bu
ýerde bar bolan eýelik baglanyşygy aňladýar.
B- Agglutinativ Iltisaky (ýelmeşme, goşulma): Biz Alman
dilinde-de miteinander ýaly bir näçe sözüň goşulyp ýazylşyny
görýäris, emma olar Iltisaky dillerdäki ýaly Agglutination goşulmak
däldir, çünki olary mit ein ander görnüşinde aýry-aýry ýazyp bolýar
we şonda-da onuň manysyna açyk düşünmek mümkindir.
Agglitinativ dillerde bolsa, goşulmalar biri-biriniň yzyndan goşulyp
gelýär hem-de bu goşulmalar Indo-German dillerindäki predloglar
ýaly flektion elementleriň wezipelerini (funksionlaryny) ýerine
ýetirýär. Mysal üçin türk dilinde „ev“ sözüniň yzyna „-im“
goşulmasy goşulmak arkaly evim: mein Haus we köplük goşulmasy
„-lar“ goşulmak arkaly evlerim: meine Häuser ýasalýar. Görşümiz
ýaly bu goşulmalaryň her biri diňe belli bir düşünjäni görkezýär,
136
: Hans Joachim Störig „Abenteuer Sprache“ s. 261-62
124
şonuň ýaly-da olar berk kanuna
uýgunlykda biri-biriniň yzyndan
gelýär.
C- Isolierenden Sprachen (bogun dilleri): Bu dillerde,
sözler flexsiv dillerdäki ýaly üýtgemeýärler hem-de Agglutinativ
dillerde bolşy ýaly biri-birine goşulyp uzalmaýarlar. Bu dillerde
sözlemler biri-biriniň yzyna goşulman hem-de üýtgemän gelýän
aýry-aýry sözlerden, hakykatda düýp sözlerden düzülýär. Bu dilleriň
iň belli nusgasy klassik Hytaý dilidir. Eýsem bu dilde, bir sözlemde
ýerleşýän sözleriň biri-biri bilen bolan gatnaşyklaryny nähil aýylsaýyl edip bolýarka?. Ony aňlatmak üçin sözleriň sözlemde tutýan
orunlary ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, goşmaça kömekçi sözlerden
peýdalanylýar. Emma bu kömekçi sözler, degişli bolan sözlerine
goşulman, özbaşdak galýar. Mysal üçin “Men ertir Mara gitjek” ýaly
sözlemi “Men ertir mary gitmek” görnüşinde ýazylýar.»137
Biz gürrüňimiziň indiki bölümlerinde, ýokarda tanyş bolan
ylmy ölçegler esasynda Sumer we türkmen dilleriniň arasyndaky bar
bolan gatnaşyklary hem garyndaşlygy has aýdyň suratda subut
etmäge synanyşarys.
2. Sumer we türki dilleriň arasyndaky meňzeşlikler hem
gatnaşyklar dogrusynda tanymal alymlaryň öňe süren pikirleri:
Adamzadyň döredijilik taryhynyň iň ähmiýetli önümi bolan
ýazuwyň döremegi, gös-göni sumerlileriň ady bilen baglanşyklydyr.
Bu barada “Türkleriň we Türkiýäniň taryhy Ensiklopediýasy”nda
şeýle maglumat bar: «Taryhy döwürleriň ýazuwyň döremeginden
başlanmagy, adamzadyň medeniýet taryhynda döredilen zatlaryň iň
ulusynyň hem ýazuw bolandygynyň ykrar edilmegidir. Taryhy
döwrüň başlangyjy bolan „çüý (pahna)“ ýazuwynyň nähili we
kimleriň tarapyndan döredilendigi ýüze çykaryldy… Bu güne çenli
belli bolan ýüzlerçe ýazuw nusgalaryň arasynda iň gadymysy çüý
ýazuwy diýip düşünilỳär. Mezopotamiyada ýaşan sumerlileriň
tarapyndan döredilen çüý ýazuwy „Uruk“ şäheriniň harabalarynda
geçirilen gazuwlarda tapylan dokumentlerden belli boşuna görä, has
ozalky hiroglif prosesini başdan geçirendigi görülýär… Sumer dili
Aziýa kökli ýeke bogunly hem-de Agglutinativ (iltisaky) dil bolup,
137
: ýene şol. S. 330-34
125
çüý ýazuwy bolsa şol diliň
aýratynlyklarynyň
esasynda
döredilipdir…»138
Dünýäniň iň tanymal alymlarynyň barysy diýen ýaly Sumer
diliniň, esasy Ural-Altaý dillerinden ybarat bolan Agglutinativ dil
toparyna degişlidigini ykrar edýärler. Olardan: Frits Hommel,
Andreýas Zakar we N. Poppe ýaly alymlar bolsa Sumer diliniň, gösgöni türki dilleriň garyndaşy, hatda olaryň kökidiginiň üstünde aýak
direýärler. F. Hommel şeýle ýazýar: «… indi biz sumerlileriň ýaşaýyş
şertlerini öwrenmek bilen bir hatarda, ýene-de olaryň uzak wagtlap
mukaddes hasap edilen „diline“ öwrülýäris. Mundan beýläk
gürrüňimizde bu diliň Ural-Altaý we has uzagyrakdan Indo-German
dilleri bilen garyndaşlygyny şüphesiz aýtmagymyz bilen bir wagtyň
özünde, dürli kadalara uýýan sözler we olaryň özara gatnaşyklaryny
göz öňünde tutmak bilen, onuň esasynda durýan sintaktisiň,
demirgazyk diller ýa-da umuman aýdylşy ýaly „Turan“ dilleri bilen
bir bolupdyr diýsek hem bolar.
Bu dilde, işligiň sözüň soňunda gelmegini (bu samid dilleri
üçin gaty ýatdyr), predloglaryň (präpositionlaryň) ýerine „düşüm
goşulmalarynyň“ ulanylmagy we başga-da şuňa meňzeş köp zatlary
göz öňünde tutmak arkaly, beýleki dilleriň arasyndan garyndaşlaryny
tapmalydyrys. Köne tekstlerde-de giňden ulanylan we samid
dilleriniň kadalaryna uýgunlykda, sypatyň adyň, şonuň ýaly hem
eýelik düşümde garaşly sözüň esasy sözüň yzyndan gelmegi bolsa,
irki tekstlerde olaryň öňünden gelip soňa baka degişmegi, bu
ýagdaýyň samid dileriniň täsiri astynda ýüze çykandygyny subut
edýär. Bu ýagdaý hakynda türk dialektleriniň biri bolan hem-de iň
köne ýazgylarynda samid dillerinden alynma sözler tapylan Krim
Ýewreýleriniň dilinde örän gyzykly meňzeşlikler bar.
Sumerliler dil “ylaýta-da beýleki dillere beren sözleri hem
ýazuwy” arkaly, şonuň ýaly-da din, ylym we medeniýet taýyndan,
samid uruglaryndan bolan Wawilonlylara şeýle bir çuň hem güýçli
täsir goýupdyr, hatda Sumer tekstleri saklanyp galmadyk hem bolsa,
her ädimde şol täsiri tanamak bolardy. Şeýle gymmatly diliň
aýratynlyklarynyň nähilidigini kesgitlemeklik gaty uly ähmiýete
eýedir. Ilki bilen onuň samid dillerinden gaty uzakdygyny (kä bir
138
: Türkleriň we Türkiýäniň taryhy ansiklopedisi“ Ankara-1982, s. 30-45
126
ýokarda agzalan täsirlerden
başga) göz öňünde tutmak bilen,
haýsy-da bolsa başga bir dil bilen garyndaşlygyny yzarlamalydyr.
Oppert, eýýäm 19-njy asyryň 50-nji ýyllarynyň soňunda we gynanç
bilen 1883-nji ýylda ir aradan çykan „Fracois Lenormant“ 1874-nji
ýyldan başlap Sumer diliniň Ural-Altaý dilleri bilen garyndaşlygyny
ileri sürüp başladylar. Hakykatda Oppertiň Mejar, Mogol hem
Mançu dilleriniň bir näçe sözlerini derňän bir wagtyň özünde,
Lenormant öz işlerinde söz hem-de grammatika derňemeleri arkaly,
Ural-Altaý dillerine birinji ýerde orun berýär.
Meniň özümiň bu ele alan meseläm bolsa, gynansak-da şu
güne çenli öwrenijileriň tarapyndan yzarlanmady. Emma derňemeler,
Ural-Altaý dil toprynyň Altaý pudagy bilen Sumer diliniň arasynda
göni hem ýakyn gatnaşygyň inkär edip bolmajak netijeleri ýüze
çykarýar.
Elbetde bu ýerde, bu iki diliň özboluşly aýratynlyklaryny we
şol sanda grammatikasyny inçeden düşündirmäge pursat ýok, ýöne iň
bolmanda bir topar sözleriň mümkin boldukça belliräk manylaryny
we başga taraplaryny derňänimizde-de, Sumer bilen Altaý dilleriniň
arasyndaky, meniň ileri süren gatnaşyklarym hakda iň oňat hem
aýdyň tabella ýüze çykýar. Galyberse-de biziň eýýamymyzdan öňki
3-nji müň ýyla degişli dil bilen, birinji gezek biziň eýýamymyzyň
700-nji ýylynda tanalan Altaý dilleriniň arasynda köp sanda köki bir
bolan sözleriň bolmagy, esasan olaryň arasyndaky garyndaşlygy
inkär edip bolmajak ýagdaýda orta çykaryp, başga-da köp
ýakynlyklaryň bolmalydygyny aňladýar. Mysal üçin diňe şu
aşakdaky sözleri derňäp göreliň:
Abba (Greiss, ýaşuly),
Umma (Greissin, kempir),
Agar (Acker),
Agarin (Mutterlieb),
Ai (Mondgott, aý taňrysy),
Anşe (Esel),
Apin (Pflug),
Dag (Stein),
Din, til (Leben),
mogol. ebu(-gen)
mogol. eme(-gen)
köne türk. akin (türkmen. ekin. m.)
köne türk. karun (türkm. garyn, m.)
köne türk. Ai (Mond, aý)
mogol. esli-gen, türk. eşek
köne türk. abul(türkm. azal, m.)
köne türk. taş (türkm. daş, m.)
köne türk. tiri (türkm. diri, m.)
127
Dingir (Gott),
köne türk. tengri (türkm. taňry, m.)
Dug, dub, div (Knie),
tobuk (türkm. dyz, m.)
Gal, val (sein),
köne türk. pol-mak(osm. Ol-mak)
Gal, val (gross),
köne türk. ulu(k), ul, (türkm. uly, galyň)
*
*
*
Şu güne çenli tanalan iň irki dil bolan Sumer dili bilen uly
Ural-Altaý dil toparynyň Altaý pudagynyň arasyndaky ýakyn
gatnaşyk, diňe filologiýa bilen çäklenmän eýsem, ol irki dünýäniň
etnologiýasy üçin hem şeýledir. Mundan başga-da mifologiýadyr
haýwanlar dünýäsinde ýüze çykan geň galdyryjy gatnaşyklar hem,
arassa dil derňemelerden alynan hetijeleriň üstüni ýetirýär...“139
;Andreýas Zakar; hem bu barada şeýle ýazýar: „Sumer dili
bilen gadymy Wenger (Mejar) we türk dilleriniň mümkin bolan
genetiki gatnaşygy köp ýyllar bäri barlanyp gelýär. Mysal üçin
„Warga“/1942/ Sumer diliniň Ural-Altaý dillerine baglanşygyny
grammatika taýdan görkezýär. ;Goszon;/1959/ bolsa, Sumer diliniň
grammatikasyny 58 punktda häsiýetlendirip boljakdygyny açyklady.
Şolaryň 55-si Fin-Ogur dillerine degişli bolan gadymy Mejar dili
bilen, 29-sy türki dillere, 21-si demirgazyk Fin-Ogur dillerine, 24-si
Kawkaz dillerine…gabat gelýär. ;Heimes;iň işlerinden peýdalanmak
bilen, meniň özüm hem 100 sany sözi görkezdim we şol sözlük
listesinde Sumer bilen Ural-Altaý dilleriniň arasyndaky
meňzeşlikleriniň iň esasylaryny ýüze çykardym.»140
Sumer diliniň türk dilleri bilen bir kökden bolup, bir dil
toparyna degişlidigi hakynda maglumatlar köp. Ýokarda ady geçen
Eýranly taryhçy Hasan Pirniýa, dünýädäki dilleriň toparlary hem
olaryň aýratynlyklary hakynda şeýle ýazýar: «Alymlar şu günki
dünýäde bar bolan dilleri üç topara bölýärler. Birinji topar, ýeke
bogunly (monosilabik) diller. Bu dillere düýp diller-de diýýilýär.
Çünki bu diller diňe düýp sözlerden ybarat bolýar. Bu sözleriň öňüne
139
: Frits Hommel „Ethnologie und Geographie des Alten Orients“ München-1925,
s. 16-22
140
: Andereyas Zakar „Current Antropologie, A world Journal of The Sciences of
Man“ February-1971, s. 215
128
ýa-da yzyna başga bogunlar
goşulmaýar. Hytaý, Anam we
Siýam dilleri bu topara degişlidir…
Ikinji topar Agglutinativ dillerdir. Bu dillerde düýp sözleriň
yzyna goşulmalar goşulmak bilen täze sözler ýüze çykýar, emma
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halkynyň taryhy - 09
  • Parts
  • Türkmen halkynyň taryhy - 01
    Total number of words is 3477
    Total number of unique words is 2000
    21.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    35.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 02
    Total number of words is 3450
    Total number of unique words is 1871
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    33.1 of words are in the 5000 most common words
    38.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 03
    Total number of words is 3423
    Total number of unique words is 1796
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    29.8 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 04
    Total number of words is 3586
    Total number of unique words is 1883
    28.7 of words are in the 2000 most common words
    40.5 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 05
    Total number of words is 3739
    Total number of unique words is 2054
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    41.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 06
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 1890
    20.6 of words are in the 2000 most common words
    29.5 of words are in the 5000 most common words
    34.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 07
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 1846
    23.4 of words are in the 2000 most common words
    32.6 of words are in the 5000 most common words
    37.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 08
    Total number of words is 3677
    Total number of unique words is 1641
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    41.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 09
    Total number of words is 3674
    Total number of unique words is 1649
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    31.1 of words are in the 5000 most common words
    35.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 10
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 1673
    24.1 of words are in the 2000 most common words
    31.7 of words are in the 5000 most common words
    36.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 11
    Total number of words is 3430
    Total number of unique words is 1848
    11.5 of words are in the 2000 most common words
    17.2 of words are in the 5000 most common words
    20.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halkynyň taryhy - 12
    Total number of words is 1406
    Total number of unique words is 885
    13.2 of words are in the 2000 most common words
    18.7 of words are in the 5000 most common words
    21.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.