Latin

Türkmen Halk ertekileri - 11

Total number of words is 4010
Total number of unique words is 1767
36.5 of words are in the 2000 most common words
51.8 of words are in the 5000 most common words
60.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ol her gezek gulanlanda, bir möjek gelip, onuň taýyny iýip gidýändir.
Sen bir goýun alyp git-de, möjek gelende, onuň agzyna goýny ber-de,
gepleýän atyň taýyny alyp gal. Çagasyny möjeklerden halas etseň, şol
gysrak seniň ýumşuň bolsa bitirip berer” diýýär.
Kelje muňa begenip, onuň gözlegine çykýar. Ol az ýöräp, köp
ýöräp, Kap dagyna ýetýär. Gepleýän atyň enesiniň ýatagyna barýar. Kelje
özüniň baranyny bildirmän, taý ene gysragyň gulanlaýan wagtyna çenli
şol ýerde geziberýär. Günlerde bir gün ýaňy iňrik garalanda, ene ýaby
gulanlaýar. Edil şol wagt hem bir möjek peýda bolýar. Möjek ýaňyja
bolan taýa topulýar welin, Kelje hem möjegiň öňüne goýny itekleýär.
Möjek goýna agyz urandan Kelje-de taýy göterip, alyp gaýdýar. Möjek
gidenden soň bolsa, Kelje taýy göterip, enesiniň ýanyna getirýär. Taýyň
enesi Keljeden “Näme hyzmat?” diýip soraýar. Kelje bolsa gelnini we
atyny döwüň alyp gidendigini aýdýar. Şonda ol gysrak Keljäni üstüne
188
mündürýär-de, şol döwüň bagyna tarap barýar. Döwüň bagyna baran
wagtlary döw uklap ýatan eken.
Gysrak:
– Kelje, sen gelniňi baryp alyp gaýdyber, atyňy bolsa soň alarys –
diýýär.
Kelje gelnini alyp gaýdýar. Ony görüp, döwüň aty ýene deprenip
horgurýar. Onuň sesine döw oýanyp gelýär. Görse, gelin gidipdir. Ol
derrew şaýyny tutýar. Atyna nahar berýär, özi-de naharlanýar. Soňra
atlanyp, Keljäniň yzyndan kowýar. Döw atyny debsiläp, derrew
Keljäniň yzyndan ýetýär. Gepleýän at enesini görüp, gaýra basyp
başlaýar. Onda döw atyna: “Keljäniň özünem, atynam ur-da ýyk” diýýär.
Döwüň aty bolsa:
– Ýok, döw aga, onuň münüp barýan ýabysy kowsa meniň yzymdan
ýeter, gaçsa-da menden gutular. Gowusy, yzymyza gaýdaly – diýýär.
Muňa döwüň gahary gelip, atyny ýençmäge başlaýar. Gepleýän at
ahyry çydap bilmän:
– Enejan, üstümdäkini nädeýin? – diýýär.
Enesi:
– Her tikesini dary ýaly et! – diýýär.
Gepleýän at haýkyryp, asmana bökýär. Döwi bulap, ýere urýar.
Şeýdip Kelje ilki gelnini, soňra hem atyny alyp, gepleýän atyň enesine
köp sag bol aýdyp, agalarynyň yzyndan gaýdypdyr.
Goý, Kelje gidibersin, indi habary kimden al, habary Keljäniň
agalaryndan eşidiň.
Keljäniň sag-aman gelenini görýärler-de olar: “Kelje biziň eden
etmişimizi bilendir. Ol indi bize hezil bermez, gowusy, patyşanyň
kömegi bilen biz onuň ýoguna çykalyň” diýip maslahatlaşýarlar. Şeýdip
olar patyşa baryp: “Eý şahym, siziň welaýatyňyza bir bende geldi. Onuň
bir gözel näzenini bar. Ol gözel ol bendä mynasyp görer ýaly maşgala
däl. Ol diňe size mynasyp. Siz gowusy, ony goýjak-görjek bolman,
onuň özüni uzak ýere ýumşa iberiň. Goý, şol ýumşy bitirmegiň ugrunda
ömrüni ötürsin” – diýýärler.
Patyşa wezirleriniň birini çagyryp:
– Welaýatymyzyň bir çetine bir ýaş ýigit göçüp gelipdir. Şol ýigidi
gaýdyp gelmez ýaly bir ýumşa iber – diýip, buýruk berýär. Wezir şol
189
pursat Keljäni çagyryp. “Pylan ýerde, pylan daglaryň arasyndan geçýän
darajyk jülgeden geçseň, bir periniň köşgi bar. Şol perini alyp gelmegi
patyşamyz saňa buýurdy. Eger möhümini bitirmeseň, başyň ölümli,
malyň talaňlydygyny ýadyňdan çykarma” diýip tabşyrýar. Kelje näme
etjegini bilmän, atynyň ýanyna barýar. Gepleýän at Keljäniň arzyny
diňläp:
– Sen, ony gaýgy etme – diýen. Soňra ol Keljäni üstüne mündürip,
açylyp-ýapylyp duran darajyk geçelgä tarap gidiberipdir. Olar köp wagt
geçmenkä geçelgäniň öňünde peýda bolupdyrlar. Dilli at Keljä:
– Gözüňi ýum-da berk ýapyşyp otyr – diýipdir. Kelje gözüni
ýumup-açsa, eýýäm dagyň beýleki ýüzüne geçen ekenler. Dag gepleýän
atyň guýrugyndan gysyp, bir penje alyp galypdyr.
At Keljä:
– Sen şu ýerde garaş. Özüňem taýýar bolup dur. Men köp
eglenmerin – diýip, asmana göterilip ötägidipdir. Ol at köşge barsa,
perileriň patyşasy kyrk kenizine oýun etdirip oturan eken. Köşk
garawullary aty näçe kowalasalar-da tutup bilmändirler. Ahyry bu aty
periniň özi tutaýmasa bolmajak ýaly diýşip, periniň özüne habar
beripdirler. Perileriň patyşasy:
– Hiç kime tutdurmaýan at üýtgeşik bir at bolaýmasyn. Hany, göreli
bakaly – diýip, daş çykan badyna at ony alypdyr-da, ýene asmana
göterilipdir. Peri näçe sypjak bolsa-da, at ony sypdyrman, Keljäň ýanyna
alyp gelipdir.
Onsoň ol:
– Ikiňizem meniň üstüme münüň, berk ýapyşyň – diýip tabşyrypdyr.
Olar gözlerini ýumupdyrlar. At ýüzüniň ugruna jülgeden geçipdir weli,
dag ýene atyň guýrugyndan birnäçe gyl alyp galypdyr. Şeýdip Kelje
perini patyşa eltip beripdir.
Patyşa bäş-alty aýlyk ýola iberen adamsynyň eýýäm gelenini görüp,
aňk-taňk bolupdyr. Sebäbi patyşa Kelje gidensoň, onuň aýalyny
getirmegi buýrup, onuň gelerine garaşyp ýören eken. Emma ony getirip
ýetişmänkäler, patyşanyň gaşynda peýda bolupdyr. Patyşa muňa dergazap
bolup, Keljäniň doganlaryny ýanyna çagyrdypdyr:
– Eý, kezzaplar, indi siz meni aldajak bolýarmysyňyz? – diýipdir.
190
Olar:
– Patyşahym, näme hyzmat? – diýip, bil büküp, taýýar bolup
duranlar.
Patyşa Keljäniň gaýdyp gelenini aýdyp, gahar-gazap bilen olary
iýäýjek bolupdyr. Doganlar patyşanyň gazabyndan gorkup, ölüp
direlýärler diýýär. Saňňyldaşyp, zordan aýak üstünde duranmyşlar.
Ahyry:
– Eý patyşahym, biz siziň goluňyzdaky bendelerdiris. Näme
etseňiz, siziňki dogry. Emma şu gezek bagyşlaň. Ganymyzy geçseň,
başga bir usul aýdaly. Ol ýeňiýoluk ýigit ikilenç gaýdyp gelmez –
diýýärler.
Şa olary bagyşlaýar-da:
– Aýdyň, ýöne öňküňiz ýaly bolaýsa welin, başyňyz ölümli,
malyňyz talaňly bolar – diýýär.
Onda doganlar:
– Şu ýerden pylan tarapa alty aýlyk ýola iberiň. Ol bir çöllüge
barar. Ol çöl suwsuz-sölsüz ýerdir. Özem hiç ýerde durman gidende,
alty aýlyk ýoldur. Şol çöli geçenden soň, bir düýpsüz deňiz bardyr. Şol
deňziň düýbünde bir suw aty bardyr. Ol at her alty aýdan çykýandyr.
Ana, suw aty tüýs size mynasyp at. Şony getirip bilse, getirsin göreli.
Getirmese başy ölümli diýip, buýruk berseňiz bolar. Ol ýigit şol suwsuz
çölden hem geçip bilmän ölse gerek, geçäýende hem suw atyny düýpsüz
deňziň içinden tutup, daşyna çykarmak oňa başartmaz – diýipdirler.
Şeýlelik bilen patyşa Keljä suw atyny getirmegi höküm edýär. Kelje
näme etjegini bilmän, gamgyn bolup otyrka, onuň gepleýän aty Keljäniň
halyndan habar soraýar. Kelje tabşyrylan işiň agyrdygyndan nalaýar.
Onda at oňa:
– Buýrugyň gaty kyn eken. Ol aňsat başartmaz. Sebäbi suw aty
meniň atam bolmalydyr. Şonuň üçin onuň güýji meniň güýjümden
ýokarydyr – diýýär. Kelje ýene başyny aşak sallap, gamgyn bolup
oturýar. Oňa dilli at:
– “Müň gaýgy bir iş bitirmez”, gowusy synanyşyp göreli. Sen şadan
kyrk öküziň hamy bilen kyrk gulaç tanap al – diýýär.
Kelje muňa begenip, köşge gidýär. Ol kyrk öküziň hamy, kyrk
gulaç tanap alyp gelýär. Ol öküz hamlaryny we tanaplary atyna ýükleýär-
191
de üstüne münýär. At Keljä: “Gözüňi ýum” diýýär. Kelje gözüni
ýumýar. At asmana galýar. Biraz wagtdan at Keljä: “Gözüňi aç” diýýär.
Kelje gözüni açsa, aňyrsyna-bärsine göz ýetmez suw çaýkanyp ýatyr
diýýär. Keljä ähli hamlary we tanapy bir ýere düşürýär. Dilli at oňa:
– Şu hamlary meniň daşyma berk dola, meniň hiç ýerim açyk
galmasyn. Soňra bolsa tanaplar bilen berk çekip saraşdyr – diýýär.
Kelje aýdyşy ýaly edýär. Soňra bolsa at Keljä:
– Men şu ýerden suwa çümjek. Suwuň astynda suw aty bilen
söweşjek. Sen meniň çümen ýerime seredip otur. Men ýeňilsem, suw
tolkunlap, agyp-dönüp bulanyp başlar. Ýeňsem, suwuň ýüzi üýtgemez.
Şol wagt meniň çümen ýerimden at çykar. Sen berk tanap taýýarlap,
şol atyň boýnuna syrtmak atarsyň. At gitjek bolar weli, goýbermegin.
Soňra ýalbarmaga başlar. Ol her zat etse-de, ant içmese goýberme –
diýip, berk tabşyrýar. Özi bolsa suwa girýär-de gidiberýär. Ahyry ol
suw aty bilen tapyşýar. Suw aty ony görüp, agzyny açyp topulýar. Her
gezek gazap bilen agyz uranda, öküzleriň hamynyň birini goparýar.
Dilli at bolsa atasyna agyz urmaga dözmän, ony omuzlap, suw ýüzüne
çykarmakçy bolýar. Suw aty hüjüm edip, dilli atyň üstündäki 39 hamy
goparýar. Suw aty her gezek topulanda, suwuň ýüzi tolkunyp, bulanýar.
Kelje bolsa, “Wah, atym ýeňilýär-ow” diýip, gynanýar. Ahyry dilli at
ony omuzlap, suwuň ýüzüne çykarýar. Kelje bolsa şol pursatda onuň
boýnuna syrtmak salýar. Suw aty näçe dyzasa-da, Kelje goýbermeýär.
Suw aty sypyp bilmejegini bilensoň, ýalbarmaga başlaýar. Kelje mundada ony goýbermeýär. At ahyry ant içýär. Şondan soň, suw aty deňziň
gyrasyna çykýar. Şol wagt dilli at hem çykýar. Şeýlelik bilen, Kelje
şanyň bu buýrugyny hem bir-iki günde bitirýär.
Patyşa suw atyny görüp, näçe begense-de gözel gelni almak
niýetiniň başa barmanyna gynanyp, gaharlanyp, iki dogany çagyrmagy
buýurýar. Şol müddetde doganlar häzir edilýär. Şa olary dardan asmaga
buýruk berýär. Doganlar zar-zar aglaşyp, şanyň aýagyna ýykylýarlar.
– Patyşahym, biz günäkärdiris. Siz öldürmäge-de haklysyňyz. Ýöne
üçden soň puç diýipdirler. Getiren bolsalar, şondan öňe gitjek at ýokdur.
Sen şoňa münüp, Keljäniň aty bilen çapyş. Ol hökman galar. Şu
diýenimizi hem bir synap gör. Hökman şu gezek Keljäniň soňuna sogan
ekersiň, gelni bolsa gola salarsyň. Şonda-da bolmasa, onsoň bize näme
jeza berseň-de, ýüzümizi çytman çekeli – diýýärler.
192
Patyşa bu gezek hem olar bilen razylaşýar-da “Pylan gün patyşa
Kelje bilen at çapyşyga çykjakmyş” diýip jar çekdirýär. Bellenen gün
gelip ýetýär. Dilli at bu ýumşuň-da aňsat däldigini aýdýar. Onda-da:
“Synanyşyp göreli” diýip, çapyşyk meýdanyna çykýarlar. Patyşa hem
suw atyna münüp meýdana çykypdyr. Özleriniň patyşasynyň at
çapyşygyny görjek bolşup ýurduň bütin ilaty gelipdir. Atlar çapyşyga
goýberilipdir. Suw aty ugrandan saýlanyp başlapdyr. Dilli at atasyna:
– Atam, sen menden ozsaň, üstümdäki oglanyň başy ölümli. Şony
ýatdan çykarma. Sen muňa ýamanlyk etmeli dälsiň. Ol enemiň taýlaryny
ýyrtyjy möjekden halas etdi – diýýär.
Şondan soň suw aty haýallaýar. Demini dürsäp, bir çarpaýa galýarda, patyşany agdaryp urýar. Oýnatgy patyşa ýedi gezek togalanyp, her
tikesi dary ýaly bolýar. Şeýdip Kelje patyşany, onsoň ýagşylyk ýaraşmaz
zalym doganlaryny hem jezalandyrýar. Özi ýurda şa saýlanyp, gelni
bilen aýşy-eşretde ýaşap, adyllyk bilen ýurdy soramaga başlaýar.
193
194
B
ir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir garyp bar eken.
Onuň ýedi gyzy, bir ogly bar eken. Onuň oglunyň adyna Kerem diýer
ekenler. Kerem heniz ýetişmänkä, bir döw gelip, onuň ýedi doganyny
hem alyp gidýär. Ol döw hem ýedi dogan eken. Döw gyzlary öýüne
eltip, hersini bir doganyna berýär. Bu işe Keremiň ene-atasy köp gamgyn
bolup, günleriniň köpüsini aglap-eňräp geçirer ekeni. Bir näçe wagtdan
soň Kerem ýetişýär. Ol oglanlygyndan döwleriň elinden öz doganlaryny
halas etmegiň arzuwynda bolýar. Ol atasyndan bir at bilen kesgir gylyç
alýar-da, döwleriň üstüne gidýär. “Döwler seni öldürer, gitme” diýip,
ene-atasynyň ýalbaranlaryna-da bakman ugraberýär. Kerem atyny
münüp, gylyjyny biline dakynyp, nirdesiň döwleriň mekany diýip, ýola
rowana bolýar. Ol çöli kesip, çölde goýup, ýoly kesip, ýolda goýup,
ymgyr giden çöli söküp, ahyry bir patyşanyň şäherine barýar. Kerem
şäheriň çetinden ýeten ýerinde bir öýe barýar. Görse, öýde bir garry
bilen bir gyz aglaşyp oturan ekeni.
Kerem:
– Garry mama, näme diýip aglaýarsyňyz? – diýen.
Garry mama:
– Eý oglum, biziň ýurduň patyşasy gaty rehimsiz. Ol şeýle zalym,
dünýäde ondan ganhor adam ýokdur. Ol her gün bir gyzy ýanyna
çagyrýar, ertesi hem dardan asyp öldürýär. Bu gije hem meniň ýekeje
gyzymyň gezegi, şonuň üçin aglaýaryn – diýip jogap beren.
Keremiň muňa gaty gahary gelýär. Onuň gözüne gan guýlan ýaly
bolup, dodaklary müňküldäp, saçlary syh-syh bolýar. Şol wagt patyşa
tarapdan gyzy äkitmek üçin üç sany atly gelýär. Kerem olaryň ikisini
öldürip, birinden hem şu aşaky haty patyşa iberýär: “Eý rehimsiz patyşa,
tagtyňy weýran edip, dagdan asyp, gözüňi girýän ederin.
Gaýratymy goşunyňa görkezip,
Hemme halklaryňy haýran ederin!
Rehim etmen, ejizleri horlasaň,
Bütin welaýatyň lerzan ederin!”
195
Patyşa haty okap, bedeni lerzan bolup, ýürek bagry girýan bolup,
jellatlaryna: “Keremi şu wagt baryp öldürmeli” diýip buýruk berdi.
Emma patyşanyň bir akylly weziri bardy. Ol: “Eý patyşam, ol oglany
aňsat öldürip bolmaz, çünki özüne ynamy bolmasa, beýle hat ýazmaz,
öňürti onuň özüni çagyryp, nähili adamdygyny göreli, gürleşeliň, soňam
öldürsek bolar” diýen. Patyşa munuň maslahatyna razy boldy. Keremiň
yzyndan adam iberdiler. Kerem-de: “Çagyrylan ýere irinme,
çagyrylmadyk ýerde görünme diýipdirler, çagyrylan bolsak, gideris”
diýip, patyşanyň gaşyna geldi.
Patyşa Kereme bakyp:
– Ýeri, batyr ýigit, beýle sözler aýtmaga meniň gahar-gazabymdan
gorkmadyňmy? – diýdi.
Kerem:
– Eý hormatly patyşa, eger gorkýan bolsam, ol sözleri saňa
ýazmazdym – diýdi.
Patyşa:
– Ýeri onda seniň maksadyň näme? – diýen.
Kerem:
– Meniň maksadym pahyr-pukaralary seniň ýaly azan patyşaň
zulmundan gutarmak. Günde agşam bir gyzyň ýanynda ýatyp, ertiri
öldürýän adamy şu ýaşyňa çenli heý görüp-eşidipmidiň? Belki,
düýşüňde hem gören däl bolsaň gerek, şeýle rehimsizlige neneň ýüzüň
çydady? – diýen. Patyşa hem wezir Keremiň sözlerini eşidip,
barmaklaryny dişläp, haýran boldular. Ondan soň patyşa Keremiň
biderek oglan däldigini aňlap, dolanyp şeýle iş etmejegine kasam edip,
wada beripdir. Hälki garryň gyzyny hem nikalap, Kereme berdiler. Kerem
onuň bilen bir näçe gün ýaşap, ýene ýoluna rowana boldy. Az ýöräp,
köp ýöräp, ýoly kesip ýolda goýup, çöli kesip, çölde goýup, ýene bir
patyşanyň ýurduna bardy... Emma ol ýurtda çyra ýakylmaýan ekeni. Ol
bu ýerde çyra ýanýan bir öý hem görmedi. Nähile-de bolsa, Kerem
baryp, bir öýe myhman bolup, öý eýesinden:
– Näme üçin çyra ýakman, garaňkyda oturýarsyňyz? – diýip sorady.
196
Öý eýesi:
– Biziň ilerimizde bir dag bar. Şonda bir uly aždarha ýaşaýar. Eger
çyra ýaksa, ol gelýär-de adamlary iýýär. Patyşa çyra ýakmagy gadagan
etdi – diýdi.
Bir salymdan soň aždarhanyň şaglap gelýän sesi eşidilýär. Ol öýüň
çagalary “gelýär-de, gelýär” bolşup, aglaşmaga başlaýarlar. Kerem
derrew ýerinden turup, aždarhanyň öňünden çykýar-da, ony gylyç bilen
bölek-bölek edip kerçeýär. Bu waka ertesi halk arasyna ýaýraýar. Bir
edermen ýigit aždarhany öldüripdir diýip, bütin şäher halky begenipdir.
Bu habar patyşa hem ýetýär. Patyşa oglana köp sylaglar beren. Kerem
ýene ýola rowana boldy. Ýoly kesip, ýolda goýup, çöli kesip, çölde
goýup, ýedi dogan döwleriň mekanyna ýetişdi. Bu ýedi dogan döw her
gün awa gidip, ikindinler ýeke-ýekeden geler ekenler. Kerem howlyň
içine girip, tamlara aýlanyp görýär. Ol her tama girende, öz doganlaryny
görüp, olar bilen salamlaşýar. Olar ýekeje doganymyz döwleriň elinden
armanly öler öýdüp gamgyn boldular. Olar Kereme ýalbaryp, ony yzyna
gaýtarjak bolýarlar. Kerem doganlarynyň aýdanyny etmän:
– Men gaýtmak üçin gelemok, döwleriň jany nirede, maňa şony
görkeziň – diýýär.
Keremiň doganlary:
– Döwleriň iň ulusynyň jany bir ýolbarsdadyr, ol ýolbars bolsa
hol tamyň içinde agzy kyrk sany gulp bilen gulplangy ýatandyr, galan
altysynyň jany-da bir çüýşede, ol hem gyzyldan sandygyň içindedir.
Emma iň ulusy gaty zordur, sen ony öldürip bilmersiň – diýenler.
Kerem hem bu zatlary eşidip, gyzyldan sandygy açyp, çüýşäni külowram eden. Şondan soň alty sany döwüň altysy hem aw awlap ýören
ýerlerinde ölüp galan. Emma iň uly döw dazlap gelip, Keremi ýokaryk
zyňýar-da, ýere gaçmanka, ýene-de gapýar.
Döw:
– Ýeri, adamzat, näme üçin bu ýerlere geldiň? – diýen.
Kerem:
– Seni öldürmäge geldim – diýip, jöwher gylyjy döwüň kellesinden
aýlap salýar.
197
Döwüň kellesi toglanyp, barha ulalyp başlaýar. Kerem gylyjy gazap
bilen kyrk gulply tama aýlap salýar welin, gapy iki bölünýär. Ol gylyjyny
ýene bir gezek aýlanda, ýolbarsyň kellesini hem kesýär. Şeýdip, bulardan
dynýar-da, döwleriň bar hazynalaryny göterip, ýedi doganyny hem alyp,
öz ýurduna, ene-atasynyň ýanyna ugraýar. Kerem ençeme ýol geçip,
aždarhany öldüren şäherine gelip düşdi. Dem-dynjyny alansoň, Kerem
aýalynyň ýanyna baryp, ony hem özi bilen alyp, az ýöräp, köp ýöräp,
dostuny şat, duşmanyny mat edip, maksat-myradyna ýetip, özüniň ataenesiniň ýanyna geldi.
198
198
199
199
B
ir bar eken, bir ýok eken. Gadym eýýamda bir kerwenbaşy bar
eken. Ol mydama kerwenbaşylyk edip, obanyň azykçy-suwlukçy
kerwenlerine ýolbaşçylyk eder eken. Ol her ýurtlara gidip geler eken.
Ençeme aý, ençeme ýyl geçip, bu adam gaty garraýar, ol indi öňküsi
ýaly her ýylda, islän wagty gidesi gelen ýerine gidip gelip bilmeýärdi.
Ony gün-günden garrylyk basmarlap ugrapdyr.
Günlerde bir gün onuň obadaşlaryndan birnäçe adam haýsydyr bir
ýurda argyşa gitmekçi bolýar. Olar ýaňky kerwenbaşyň ýanyna gelip:
– Hany, pylan aga, sen bize bir ýol beletlik edip ber – diýýärler.
Bu kerwenbaşynyň her ýerde, her ýurtda tanşy, dost-ýary bar eken,
ol nirede nämäniň arzan, nämäniň gymmat geçýändigini bilýär eken.
Kerwenbaşy:
– A-how, adamlar, men indi gaty garrapdyryn, sandan galypdyryn,
onuň üçinem, gaýrat edip, mensiz bir oňjak boluň – diýdi.
Adamlar:
– Aý pylan aga, seniň maslygyň hem bir näçesine ýük, seniň ornuňy
tutjak bolmaz, bolmasa iniňiz gitsin – diýdiler.
Kerwenbaşy:
– Bolýar, onda, siz meniň inimi alyp ýöräberiň. Ynha, menem onuň
eline bir hat ýazyp bererin welin, şol barjak şäheriňizdäki meniň
tanyşlarym size kömek berer – diýdi.
Şunluk bilen her kim ýerli-ýerden şaýyny tutup, ahyry bir gün
ugramakçy boldular. Kerwenbaşy olaryň barjak ýerlerindäki şäherlerde
bolan tanyş ýerlerine, tanyş adamlaryna: “Şulara gowy kömek berip,
işlerini bitirip goýberiň” diýip hat ýazdy-da, bulary ugratdy. Onuň inisi
ýorgany eýerläp mündi, kerwenbaşynyň ogly kerwenbaşynyň inisine:
– Maňa-da bir sowgat getirip ber – diýdi.
Şunluk bilen, bulary obanyň adamlary we kerwenbaşy ýola salyp,
hoşlaşyp:
– Baryň, işiňizi hudaý oňarsyn, sag-aman baryp, sag-aman geliň!
– diýdiler.
Kerwen ýola düşdi. Bular ýeriň pesti bilen, hudaýyň hoşdy bilen,
Jahanbike ejäniň garaja çatmasynyň üsti bilen barha-bar, ýörhä-ýör,
sürhä-sür edip, ahyry barjak şäherlerine ýetişdiler. Bular birnäçe gün
bu şäherde gezip, bazarlap, gerek-ýaraklaryny alyp boldular-da ýene
200
bärik ugramakçy boldular. Kerwenler şäherden öňli-soňly bolup, bärik
çykyp ugradylar. Bular bilen kerwenbaşynyň dogany hem bile ugrady.
Şunluk bilen, bular bir menzil ýol ýöränlerinden soňra, ýaňky
kerwenbaşynyň inisi:
– Ba-how! Men agamyň ogluna sowgat almagy ýadymdan
çykarypdyryn, zad-a kän aldyk weli, bolsa-da şonuň özüne at tutup
alan zadym ýok, bolmasa siz gidiberiň, men yzyma dolanyp, bir zat
alyp geleýin, men siziň indiki düşlejek ýeriňizde yzyňyzdan ýeterin! –
diýip, yzyna ýorgany gyp basaýypdyr.
Bir-iki sagatda şähere gelip: “Näme bir ýakymly zat barka” diýip,
aýlanyp ýörkä, ynha biri kiçijik guş satyp ýör eken. Kerwenbaşynyň
inisi:
– Bu näme? Munuň bahasy näçe? – diýip sorady weli, guşuň eýesi:
– Bujagaz guşuň bahasynyň boljak ýeri ýüz tylla, bir köpügi hem
kem bolsa, boljak däl – diýdi.
Kerwenbaşynyň inisi:
– Aý, agam, hiý bir guşuň bahasyda bir ýüz tylla bolarmy? Bu
nähili guş, beýle gymmat baha? – diýdi.
Guş satan:
– Aý, inim, muňa totuguşy diýerler, örän akylly guş bolar, gadyryny
bilen adama, bu her zada deger. Bu guş erte ulalansoň, edil adam ýaly
gepläp, akyl we nesihatlar berer, bu bir örän döwletli guşdur. Eger
gurbuň çatsa alaý, ynha soň meniň gepimiň çynlygyny bilersiň – diýdi.
Kerwenbaşynyň inisi bir ýüz tyllany berip, ýaňky toty çagasyny
alyp gaýtdy-da, ýörhä-ýör, sürhä-sür edip, ikinji menzilde kerweniň
yzyndan ýetdi. Şunluk bilen, kerwenler az ýöräp, köp ýöräp, ýol kesip,
çöl söküp, ahyry özleriniň şäherlerine golaý geldiler weli, ynha bularyň
öňünden ýaňky kerwenbaşynyň ogly çykaýdy. Kerwenbaşynyň inisiniň
göwnüne bu oglan biziň öňümizden çykandyr diýen pikir geldi, emma
bu oglan atasyndan – garry kerwenbaşydan öýkeläp gaýdan eken. Ol
özüniň öýkeleýşini agasyna gürrüň edip berdi. Kerwenbaşynyň inisi
oňa:
– Beýtmek bolmaz, ataň bolsa bir garry adam, hany, ýör yzyňa
gaýdaly – diýip, kän töwella edip ýalbardy weli, asyl bolmady.
Kerwenbaşynyň ogly:
201
– Eý agam, indi men çykypdyryn-çykypdyryn, yzyma gaýtman, onuň
üçin töwella hem etme! – diýip aýtdy.
Ondan soňra, ýaşuly, ýaşkiçi hemmesi bu oglana töwella etdiler
weli, onda-da bolmady.
Kerwenbaşynyň inisi:
– Onda bolsa, men seni ýeke goýberip, nä ýüzüm bilen agamyň
ýanyna bararyn? Iň gowusy menem seniň bilen bile gideýin! – diýdide, ýoldaşlaryndan rugsat aldy.
Kerwenler oba golaý geldiler, onuň üçin hem oňa rugsat berdiler.
Bular guşlaryny hem ellerine alyp, ýorga artlaşdylar-da gidiberdiler.
Ýol aşyp, düz aşyp, çöl kesip, dag kesip, ahyry bir şähere ýetip, bir
kerwensaraýa düşüp, bu saraýda bir jaý tutdular.
Kerwenler bolsa oba golaý geldiler weli, häki kerwenbaşy obanyň
adamlary bilen bularyň öňünden çykyp görse, özüniň inisi ýok eken.
Kerwenbaşynyň ýüregine aýry zat gelip:
– Hany, meniň inim gelmedimi? – diýip, olardan sorady.
– Ýolda gelýärkäk, hol pylan ýerde biziň öňümizden siziň ogluňyz
çykdy, men atamdan öýkeläp barýan diýdi. Siziň iniňiz we ähli kerwen
bolup töwella edip ýalbardyk weli, gulak salmady. Onda iniňiz: “Men
seni ýeke goýberip, agamyň ýanyna baryp bilmen, bile gitsem, bir gün
yrmasam, bir gün yraryn” diýen pikiri göwnüne getirip, iniňiz hem
ogluňyz bilen bile gitdi – diýip, bolşy ýaly edip, kerwenbaşa habar
berdiler.
Kerwenbaşy muňa birneme gynansa-da:
– Aý, olar bu gün gelmese, erte geler-le, hop, sag-aman gelipsiňiz,
şo ýeri gaty bolýar – diýip aýtdy.
Her kim öýli-öýüne baryp düşdi. Emma kerwenbaşynyň ogly bilen
inisi ellerindäki bar zatlaryny satyp gutardylar, ýorgalaryny hem satyp
iýdiler.
Agasy:
– A-how, pylany, indi gel, ikimizem gaýdaly, ýogsam bolsa, biz
bu ýat ýurtda masgara bolarys – diýip, töwella edýär.
Oglan agasynyň diýenini etmeýär. Şol barmana bular zatlaryny
gutaryp, indi näderkäk diýip otyrkalar, birden bir ýerden owaz geldi:
“Eý pylany, ynha pylan patyşanyň bir süri sygry bar, baryp şony baksaňyz,
her aýda pylança berýämiş.” Bular bu ses nireden gelýäkä diýip
202
töwereklerine esetseler, bu sözleri bularyň guşy aýdýar ekeni.
Kerwenbaşynyň inisi derrew baryp, patyşanyň sygryny bakmakçy bolup
gepleşip, harjylyk pul alyp gelip, oglana berdi-de, özi sygyr bakmaga
gitdi. Şunluk bilen, bir näçe gün geçdi, oglan bolsa bu pullary hem
sowup gutardy. “Indi näme iş ederkäm” diýip otyrka, ýaňky guş: “Eý
oglan, ynha, şu patyşanyň bir gyzy barmyş, eneden dogaly bäri
geplemeýärmiş, her kim şony gepledip bilse, gyzymy şol gepleden adama
berjek diýip, patyşa jar çekdiripdir. Ine, sen şol patyşanyň gyzynyň ýanyna
barsaň, onuň işigi adamdan doludyr, her ýurtdan her hili şazadalar gelip,
ony gepletjek bolup, ahyry hem gepledip bilmän, yzlaryna gidýändirler.
Nobat ýetmän oturanlar hem bardyr. Emma sen baryp, tamyň içine gir,
gyz tagtyň üstünde gözüni süzüp ýatandyr. Sen meni hem ýanyň bilen
alyp git, jaýa girensoň, meni bir tagçada oturt-da, ynha, şu ertekini
aýtmaga başla”:
– Bir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamlarda üç sany dost adam
bar eken, bularyň biri agaççy ussa, biri tikinçi, biri hem molla eken.
Günlerde bir gün bular maslahat bilen bir ýurda eklenç diýip ugraýarlarda, ýolda gün ýaşan ýerinde bir meýdanda ýatmakçy bolýarlar. Emma
bu bir gorkuly ýol bolanlygy üçin hem bular maslahat bilen gijäni üç
bölüp, her böleginde biri garawulçylyk çekmeli diýen netijä gelipdirler.
Birinji nobat agaççy ussanyň paýyna düşüpdir, beýlekileri uka gidensoň,
garawulçylykda oturan agaççy ussanyň bikär oturmaga karary ýetmän,
töweregindäki agaçlardan alyp, ýonuşdyrmaga başlanda, göwnüne adam
suratyny ýasamak düşüp, agaçdan bir adamyň suratyny ýasady welin,
şu suratyň adamdan üýtgeşik ýeri bolmandyr. Agaççy hem şu iş bilen
dyrmanyp, gijäniň üçden bir essesini geçiripdir. Soň ikinji nobatçy
bolan, geýim tikýän ýoldaşyny turzup, özi ýerine geçip, rahat uka
gidipdir. Ýaňky tikinçi bir görse, gapdalynda bir adam dur, ýuwaşýuwaşdan golaýlap seretse, ynha bir agaçdan edilen adam. Bu agynjak
adamyň özümiş, arman ol ýalaňaç eken, bolmasa edil hakyky adam
ýalymyş. Tikinçi munuň agaççy ýoldaşynyň görkezen hünäridigini bilip,
derrew muňa saç, geýim we başga zatlar edip, kemsiz bezäp goýdy. Bu
surat owadan bir gyza meňzedi. Oňa deňiç hem gijäniň üçden iki essesi
geçdi weli, tikinçi derrew: “Tur, nobatyň geldi” diýip mollany turzup,
özi ýerine geçip, rahat uka gitdi. Molla turup töwerek-daşlaryna seretse,
ynha bir gara dur. “Bu nämekä” diýip ýanyna baryp görse, ynha bir
203
owadan gyz suraty, bir jany ýok diýäýmeseň, başga kemi ýok. Bu iş öz
ýoldaşlarynyň görkezen hünäridigini aňlap, molla derrew täret gylyp,
namaz okap: “Ýa biribar hudaýym, şuňa bir jan ber!” diýip, dileg etmäge
oturdy. Onuň dogasy kabul bolup, bu agaja jan girip, bu surat aý diýseň
agzy bar, gün diýseň gözi bar, güler ýüzli, inçe billi, badam gabak,
ýuka dodak, pisse dahan, mürçe miýan bir owadan gyz boldy welin,
görmäge göz gerek.
Ertir turup, üç dost bu gyzyň üstünde dawagär bolupdyrlar. Indi
şol gyz üçüsiniň haýsy biriniňki bolmaly? diýip, soragyn, patyşaň gyzy
jogap bermänkä, men tagçada oturan ýerimden: “Ol gyz agaççynyňky
bolar” diýip jogap bererin, emma sen: “Tikinçiniňki bolar” diýip aýtgyn.
Şunluk bilen ikimiziň aramyzda jedel başlanar weli, gyz hem şol wagt
ýöne ýatyp bilmez. Bir zat diýmeli bolar, gepläýse bolsa biziň
bagtymyzyň geldigi – diýip, totuguş oglana berk tabşyryk etdi.
Oglan totusyndan bu sözleri eşidip, derrew totusyny alyp,
patyşanyň gyzynyň köşgüne baka ugrady. Baryp görse, guşuň aýdyşy
ýaly, birnäçe ýaş ýigit we beýleki adamlar garaşyp otyrlar, her kim
patyşanyň gyzyny gepletjek bolýar. Şo barmana kerwenbaşynyň ogluna
hem nobat ýetdi. Kerwenbaşynyň ogly tamyň içine girip görse, gyz
tagtyň üstünde gözüni süzüp ýatyr eken, emma gyzyň owadanlygynyň
hiç möçberi ýok, görmäge göz gerek. Oglan totuguşuny bir tagçada
goýup, totuguşunyň öwreden hekaýasyny başdan-aýak, ýeke-ýeke edip
aýdyp çykdy.
Oglan:
– Indi ýaňky agaçdan ýasalyp, jana gelen gyzyň üstünde üç dost
dawagär bolanmyş, hany indi, sen näme pikir edýärsiň, şol gyz üç
dostuň haýsy biriniňki bolmaly? – diýip, patyşanyň gyzyndan soraýar.
Heniz gyz jogap bermänkä, tagçada oturan totuguş:
– Pahaý, görnüp durmanmy näme? Elbetde ol gyz ýasanyňky bolarda – diýdi.
Oglan:
– Ýok, ol beýle däl, oňa geýim-gejim edip, bezäp, zähmet çeken
geýimçi ahyryn, şonuň üçinem gyz tikinçiniňki bolmaly bolar – diýen
welin, ýaňky öň bir agyz hem geplemän ýatan patyşanyň gyzy:
– Ýok, ol gyzy zähmet çekip, jana getiren molla. Şoňa görä-de, ol
mollaňky bolar-da – diýip, tirsegine galan.
204
Kerwenbaşynyň ogly:
– Weý, weý, näjüre mollanyňky bolar? – diýip, totyny gepletjek
bolýar.
Patyşanyň gyzy:
– Molla uzyn gije ýatman, doga etdi, onuň dilegi kabul boldy,
hudaýtagala oňa jan berdi, eger-de jany bolmasa, ol ýatan suratdan ne
peýda – diýdi.
Patyşanyň gyzynyň kenizleri muňa ýagşy gulak salyp, ýeke-ýeke
eşitdiler. Patyşa owal bulara: “Her kim meniň gyzymy gepletse, şony
buşlana pylança zat berjek” diýip aýdypdy. Gyz gepledi weli, ýaňky
kenizler bir-birinden öňürtjek bolup, ýykanda-sürşän bolup, ylgap
baryp, patyşa habar berdiler. Patyşa bu gyzlaryň her haýsyna halat, serpaý
berdi. Ol kenizleriň eline şol gyzymy gepleden oglana eltip beriň diýip
bir halat berip:
– Siz şol oglana gowy hyzmat ediň, neneňsi adamlygyna mazalyja
göz ýetiriň – diýip pugta sargyt etdi.
Patyşanyň gyzynyň kenizleri derrew yzlaryna dolanyp gelip,
patyşanyň iberen haladyny kerwenbaşynyň ogluna geýdirdiler.
Kerwenbaşynyň ogly guşuny alyp, öýüne gaýtdy.
Oglan öýüne bardy weli, ýaňky guş:
-Ýeri, oglan, indi ertir baraňda-da bir gepletmek gerekdir, onda
bolsa şu aşakdaky ertekini gürrüň edip ber – diýip, ýene ertekisine
başlady:
– Bir bar eken, bir ýok eken, bir wagtda bir uly söwdagär bar
eken, onuň üç sany ogly bar eken. Bir günden bir gün bu söwdagär
gaty owadan gyzly bir maşgala bilen guda bolupdyr. Indi şol gyzy iň
kiçi söwer ogluna alyp beräýse, özgeleri närazy boljak, oňa görä
söwdagär ogullaryna: “Men siziň her haýsyňyza söwda maly, pylança
ýüz tümen pul bereýin, her haýsyňyz bir ýurda söwda gidiň, haýsyňyz
iş oňaryp gelseňiz, gyzy şoňa alyp berjek” diýip, bularyň ellerine pul
berip ugradypdyr. Oglanlary atasynyň maslahaty bilen razylaşyp, üçüsi
hem ýola düşüp ugrady. Şol gidip baryşlaryna, bularyň ýollary üç
aýryldy, olar ýol aýyrdyna ýetdiler-de, şu ýerde bir dynç alyp, her haýsy
bir ýola gitmegiň maslahatyny etdiler. Şunluk bilen, bular bir-birleri
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 12
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.