Latin

Türkmen Halk ertekileri - 04

Total number of words is 3941
Total number of unique words is 1623
35.8 of words are in the 2000 most common words
51.7 of words are in the 5000 most common words
59.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
görse, gyzy bu gezegem ýerinde uklap ýatyr. Şeýlelik bilen, patyşa bir
näçe ýola gidip geldi. Ahyry wezir:
– Patyşam, dälirediňizmi? Size näme boldy? Gyzyň ýerinde uklap
ýatan bolsa, sen nämäni pikir edýäň? Dünýäde meňzeş adam kän –
diýip, patyşany alyp gaýtdy.
Aradan birnäçe wagt geçensoň, ýaňky derwüşler weziri ogrynça
myhmançylyga çagyryp, maslahat edip, bu şäherden gaçmakçy boldular.
Wezir ýalandan syrkawlan bolup, patyşasyndan kyrk gün rugsat alyp,
bir gije maşgalasy bilen bar zadyny alyp, şäherden çykyp, şazadalaryň
şäherine tarap gaçyp gitdi. Munuň gaçanyny hiç kim bilmedi. Şazadalar
hem birnäçe gün aradan geçensoň, gyz bilen maslahat edip, özleriniň
kimdigini hata ýazyp, haty hem bolýan hüjreleriniň ýüzüne ýapyşdyryp,
her haýsy patyşanyň teblehanasyndan bir ýagşy aty münüp, gyzy hem
alyp gaçdylar. Bularyň gaçanyny kenizleriň biri patyşa habar berdi.
Onda patyşa:
– Wezirimi çagyryň – diýip, bir ýasawul iberdi.
Ýasawul gelip görse, wezir hem gaçyp gidipdir. Soňra patyşa
wekilini ýanyna alyp, galandarlaryň hüjresine gelip görse, galandarlar
hem ýok. Patyşa öňki bolan işleriň hemmesini wekiline başdan-aýak
aýtdy. Wekili hüjräniň gapysyny döwüp, girip görse, hüjräniň ortasynda
bir adam sygar ýaly deşik bar. Tamyň ýüzünde bir hat bar, dessine haty
alyp, okap görse, bu hatda: „Biz derwüş däldik, ýöne seniň gyzyňa
aşyk bolup gelipdik, özümizi derwüş lybasyna salypdyk, ahyry seniň
gyzyň bilen ýeriň aşagyndan garym gazyp, maksadymyza ýetip, gyzyňyzy
hem alyp gitdik. Men Ahmet şanyň ogly, şazada” diýlipdir.
Patyşa wekilinden maslahat sorady welin wekil: „Yzyndan
kowmagymyz bilen hem olar tapdyrmaz, iň gowusy yzlaryndan
61
gitmezlik” diýip aýdansoň, patyşanyň gahary ýatyşyp, olary
kowalamazlygy ýüregine düwdi.
Indi habary şazadalardan eşidiň. Bular çöllerde ýel kimiň, depelerde
sil kimiň, badaýy sar-sar kimiň, az ýöräp, köp ýöräp, bir çeşmäniň başyna
düşdüler. Bu agşam çeşmäniň başynda ýatdylar. Bu gije molla
doganlary garawul durdy. Doganlar ýadansoňlar derrew uka gitdiler.
Molla pahyr külem barmagyndan bir azajyk päki bilen dilip, duz sepip,
pugta daňdy. Munuň azary bilen ertire çenli uklamady. Daňdan namaz
wagtlar birden üç sany kepderi şapyrdaşyp, çeşmäniň başyndaky çynara
gondy. Biri dile gelip: „Bajylar, bilýärmisiňiz, bize şu gün eziz
myhmanlar gelipdir, bulary sylamak gerek” diýdi. Onda başga biri: „Biz
bulary näme bilen sylaglarys?” diýdi. Onda üçünji: „Bulary söz bilen
sylamak gerek” diýip, söz bilen sylamaga başlady: „Eý bajylar,
myhmanlar ukuda bolsa, oýansalar, oýa bolsa, eşitseler, men bulary
sylajak” diýdi. Onda ýene biri: „Syla, bajy, syla” diýdi. Indi ol sylamaga
başlaýar.
– Eý bajylar, bilýärmisiňiz, bular şäherlerinden şu gyz diýip
gidenlerinden soň, atalary aglap-aglap kör bolup, öz ýerine doganyny
patyşa edip goýdy. Şol agalary bularyň barýanyny eşidip, öňünden bir
topar at iberýär, şolara münüp gelsinler diýip, şol atlary münmän, olar
jady-tilsim bilen edilen atlardyr. Olara münseler, bulary asmana alyp
gidip goýbärler, iň uly tikeleri gulaklary ýaly bolar. Soňra mundan sagaman geçip, şäherlerine baransoň, bular üçin täze bir derweze edilendir.
Ol-da jadylydyr. Ol derwezeden girmän, beýleki derwezeden
girmelidiler, eger ol derwezeden girseler, atlary zatlary bilen ot alyp
ölerler. Soňra köşklerine ýetip barýarkalar, kyrk sany molla çykyp,
görüşjek bolarlar, olar bilen hem görüşmän, olary hem çapyp
öldürmelidirler, çünki olaryň eliniň içinde zäher bardyr, görşen bolup,
bulara zäher goýberjekdirler. Ýene-de, agşam şazada ýatanda gije
saklamaly, sebäbi jady bilen bir aždarha etdirilendir, ol-da gije şazadany
çakyp öldürjekdir, ony hem öldürseler, özlerini ähli belalardan sagaman gutarýarlar. Atalarynyň gözüne-de şu çynaryň ýapragynyň
suwundan damdyrsalar, gözi açylar. Şu zatlary kişä aýdan adam hem
daş bolar – diýdiler-de, uçup gitdiler.
Molla bolsa bu syrlaryň hemmesini eşitdi. Ertir turdular welin,
molla:
62
– Maňa rugsat berseňiz, men şu taýdan başymy-aýagymy alyp
gitjek, eger rugsat bermeseňiz, özümi öldürjek – diýdi.
Onda doganlary:
– Hiç beýle iş bolmaz – diýip, molla töwella etdiler.
Onda molla:
– Doganlar, tä şäherimize baryp, sag-aman ýerleşýänçäk,
şazadalygy maňa beriň, men her zat etsemem, sen şuny şeýdýäň diýmeli
däl – diýdi.
Onda şazada:
– Bolýar – diýip, şazadalyk ýüzügini mollanyň barmagyna geçirdi.
– Ýörüň onda – diýip, molla olaryň öňlerine düşüp ugrady.
Birnäçe menzil ýol ýöräp, öz şäherlerine dahyl boldular. Bularyň
gelýänini eşidip, patyşa habar berdiler. Patyşa bulary ýalandan sylan
kişi bolup, birnäçe jadyly atlary öňlerinden iberip: „Şu atlara münüp
gelsinler” diýen. Bu atlary getirdiler welin, ýaňky molla bularyň
ählisiniň başyny kesişdirdi. Soňra şäheriň içine girdiler welin, patyşa
we onuň wezir-wekilleri bulara ýol berip: „Siziň üçin gyzyldan derweze
etdirip goýduk, şondan giräýiň” diýdiler welin, molla: „Ol siziň işiňiz
däl” diýip, başga bir derwezeden girdiler. Köşklerine ýetip barýarkalar,
bir topar başy selleli molla çykyp, bular bilen görüşjek boldy welin,
bularyň hem kellelerini kesdi. Soňra, agşam şazada dagy ýatjak
bolanlarynda: „Men hem size garawul boljak” diýip, molla olara
garawul boldy. Şazadalar uklady welin, äpişgeden bir aždarha bulary
çakmaga geldi molla, muny hem öldürdi. Ertir atalarynyň gözüne hem
çynaryň ýapragynyň suwuny damdyrdy welin, onuň hem gözi açyldy.
Soňra patyşa ýalandan aglan bolup:
– Seniň ogullaryň meni masgara etdi. Muny näme beýtdiňiz? –
diýip, dergazap boldy.
Onda şazada:
– Bu syrlary molladan sora, mollanyň eden işi – diýdi.
Ondan soň molladan soradylar. Molla aýtmajak bolsa-da goýman,
aýtmaga mejbur etdiler. Molla bu syrlary ýeke-ýeke aýdyp berdi welin,
ol doňup ýatan gara daşa öwrüldi. Ahmet şa hiç zat soramaly däl ekenim
diýip, köp puşman etdi. Şazada bolsa atasyna gahar edip, baş alyp, çölbeýewana gitdi. Çöl-beýewanda molla doganynyň ýasyny tutup gezip
ýörkä, ol birden şol ýol boýunda akyp ýatan çeşmeleriň üstünden geldi.
63
Şazada hem: “Gel, şu çeşmäniň başynda men hem ýatyp göreýin,
belkäm, molla doganymyň derdine şypa taparyn” diýen pikiri göwnüne
getirip, bu gije şu çeşmäniň başynda ýatdy. Ol daňdan oýanyp, gözüni
açyp ýatyrdy welin, birden üç sany kepderi gelip, çynaryň üstüne gonan.
Ýaňky kepderileriň biri: “Doganlar, bilýärmisiňiz, size myhman gelipdir.
Munuň derdine derman edeliň” diýip aýdan. Onda beýlekileri: “Dogry
aýdýaň, doganjan, derman etmek gerek” diýenler. Onda ýaňky doganlary:
“Derman etsek, myhmanyňyz ukuda bolsa, oýansa, oýa bolsa-da, eşitse.
Bu biziň şol öňki myhmanymyz şazada, munuň molla dogany daş
bolupdyr. Bu şony direltmek ugrunda gezýär. Şu çynaryň ýapraklaryndan
äkidip, ýapraklary döwüp, çynaryň ýapragynyň suwuny ýaňky daşyň
üstünden dökse, molla dogany direler” diýen. Soňra kepderiler uçup
gidenler.
Şazada bu sözi eşidip, bir at torbany çynaryň ýapragyndan dolduryp,
nirdesiň şäherimiz diýip, gijäni gündize ulap, gündizi gijä ulap, az ýöräp,
köp ýöräp, öz şäherlerine geldi. Gelse, molla dogany şol daş bolşuna
ýatan. Gelip, çaý-çörek iýmän, dessine çynaryň ýapragyny döwüp,
suwuny molla doganynyň üstünden guýdy. Molla dogany: „Elhepus,
köp ýatypdyrys-ow” diýip, asgyryp ýerinden galdy. Ahmet şa oglunyň
direlenine şat bolup, täzeden kyrk gije-gündiz toý edip, beýleki
ogullyklaryny hem öýeripdir. Biz hem toýuny sowup, ýadap geldik.
Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada, o-da galyp näme boljak,
hemme ýetsin myrada.
64
65
B
ir bar eken, bir ýok eken, bir adam bar eken. Onuň üç sany owadan
gyzy bar eken. Ol gyzlar mekdepde okaýan ekenler. Özleri hem gaty
zehinli ekenler.
Günlerde bir gün mekdepden gelýärkäler, olary tüweleý alyp
ötägidipdir. Aýdan aý, günden gün geçipdir. Ol gyzlaryň bir ogul jigisi
bolupdyr. Ýedi ýaşansoň, ony mekdebe iberýärler. Ol mekdepde gaty
gowy okaýar eken.
Bir gün ýoldaşy muňa:
– Seniň ýaly gowy okaýan üç sany gyz doganyň hem bardy –
diýipdir.
Ol oňa:
– Meniň gyz doganym bolmaz – diýende, ýoldaşy:
– Ejeň possuk bişirip berer weli, sen oňa: “Aý eje, şu wagt üç
bajym hem bolan bolsady, gaty gowy bolardy” diý! – diýipdir.
Ol oglan ýoldaşynyň aýdyşy ýaly edipdir, onda ejesi gözünden ýaş
döküp aglamaga başlaberipdir. Soňra bolsa:
– Eý oglum, indi olar ýok, indi olary görüp bilmeris – diýipdir.
Oglan ejesine:
– Sag bol, eje – diýip, gyz doganlarynyň yzyndan gitmekçi bolupdyr.
Ol kyrk batmanlyk tokmak ýasadyp, kyrk günlük hem azyk alyp,
doganlarynyň yzyndan ugrapdyr. Uzak ýollary ýöränden soň, ahyrda
bir çola ýerde üç sany öý görüpdir. Bu öýleriň gapylary demirden edilip
ýasalan eken. Oglan kyrk batmanlyk tokmagy bilen gapyny bir urupdyr
weli, gapy serpilip gidipdir. Şol wagt öýüň içinden bir ýaş gyz böküp
çykypdyr-da, oglana garap:
– Aý oglan, sen edil döwüň agzyna gabat bolduň – diýipdir. Onda
oglan:
– Biz döwe bişen çörek däldiris, meni iýjek bolsa onuň dişi döküler
– diýip, jogap beripdir.
Soňra gyz:
– Eý adam çagasy, nireden, näme üçin geldiň? – diýip soran.
Oglan:
– Men ýitip giden üç gyz doganymy gözläp ýörün – diýip,
doganlarynyň ýitişini aýdyp beripdir.
Şeýlelikde, bu gyz ol oglanyň gözleýän doganlarynyň biri bolup
çykýar.
66
Gyz:
– Döw, bäş gündür, aw awlamaga gitdi. Indi onuň geljek wagty
golaýlady. Onuň üçin döw bilmez ýaly seni iňňe etjek – diýip, oglany
“iňňe” edip goýupdyr.
Döw gelip gapydan girip-girmän:
– Adam-adam ysy bar, adamzadyň pisi bar! – diýip, gykylyklap
ugrapdyr.
Şol wagt gyz:
– Näme beýle galmagal edýärsiň, özüň adam iýip gelýärsiň,
onsoňam men hem adam ahyryn. Eger şu wagt meniň tanşym,
garyndaşym ýa-da doganym gelen bolsa nädersiň? – diýip soraýar.
Döw:
– Eger seniň tanşyň ýa-da garyndaşyň gelse, onda derrew iýerin.
Emma doganyň gelse, üç gün myhman edinerdim – diýipdir.
Onda gyz:
– Beýle bolsa, şol ys-a meniň doganymyňky – diýipdir.
Onda döw:
– Meni kyrk gat zynjyr bilen baglaň, ýogsam saklanyp bilmän,
iýäýmäýin – diýipdir.
Ana, onsoň döwi daňyp taşlapdyrlar. Ondan soň gyz hälki “iňňäni”
ýere bir urýar welin, oglan bolýar duruberýär. Döw ony iýjek bolup bir
zyňýar, kyrk gat zynjyryň otuz ýedisi üzülip gidýär. Ýöne soňky üçüsi
galanda welin, onuň güýji gaçýar we gahary ýatyşýar.
Döw ondan soň oglan bilen oňat gürrüňleşýär we ony üç gün
myhman edinýär. Üç gün dolandan soň, ugramanka, oglan döwe garap:
– Gel, güýjümizi synanyşaly! – diýýär.
Olar güýç synanyşmakçy bolanlarynda, döw nobaty oglana berýär.
Oglan döwi kyrk batmanlyk tokmak bilen urýar welin, döw seňse bolýar
ýatyberýär. Ol ýeňlenden soň, oglana bir saçak sylag berýär. Oglan saçagy
alyp, dogany bilen sag-bollaşýarda, ýoluny dowam ediberýär. Birnäçe
ýol ýöräp, goňşy döwüňkä barýar. Munuň öýüniň gapysy hem demirden
eken. Oglan kyrk batmanlyk tokmagy bilen urup, muny hem döwüp,
içerik girse, ýene bir gyz oturan eken.
Gyz muňa:
– Sen döwe elinje aw bolduň – diýýär.
67
Oglan:
– Men döw üçin taýarlanan iýmit däldirin. Men onuň dişini
döwerin – diýýär.
Bular biraz gürleşenlerinden soň, özleriniň dogan ekendiklerini
bilýärler. Indi gyz oglany döwden gizlejek bolýar. Bu hem ony iňňe
edip goýýar.
Şol wagt döw gelýär-de:
– Adam-adam ysy bar, adamzadyň pisi bar – diýýär. Onda gyz:
– Näme beýdip, adam ysy bar diýip gygyrýarsyň, özüň bolsa adam
awlap gelýärsiň, belkem, şolary iýeniňde, dişiň arasynda et galandyr,
bir seret ahyry – diýip aýdýar.
Ondan soňra gyz:
– Eger şu wagt meniň doganym ýa-da garyndaşym gelen bolsa,
näme ederdiň? – diýip soraýar.
Onda döw:
– Garyndaşyň ýa-da tanşyň gelen bolsa, onda meniň bir naharym
bolardy, emma doganyň gelen bolsa, iki gün myhman edinerdim –
diýýär.
Gyz:
– Beýle bolsa, meniň doganym-a geldi – diýýär.
Döw:
– Onuň ýaly bolsa, meni kyrk gat zynjyra baglaň, ondan soň
doganyňy çykar – diýýär.
Aýdyşy ýaly, döwi kyrk gat zynjyr bilen baglaýarlar. Soňra gyz
iňňäni üfleýär weli, ol oglan bolýar duruberýär. Döw bat alyp bir zyňýar,
zynjyrlaryň otuz dokuzysy üzülip, ýekejesi üzülmän galýar. Soňra oglan
bilen döw gürleşýärler. Döw ony iki gün myhman edinýär.
Oglan gaýtmazynyň öň ýaňy bu döw bilenem güýç synanyşypdyr.
Birinji nobatda oglan kyrk batmanlyk tokmagy bilen döwi urýar
welin, döwüň dyzyndan aşagy ýere gidýär. Ýeňlenini boýun alyp, döw
oglana bir saçak sylag berip goýberýär.
Oglan saçagy alyp, üçünji döwüňkä ugraýar. Onuň öýüne baryp
görse, munuň hem gapysy demirden eken. Oglan muny hem özüniň
kyrk batmanlyk tokmagy bilen urýar welin, gapy serpilip gidýär. Oglan
salam berip, içeri girýär. Görse, bu ýerde bir döw bar eken.
68
Döw:
– Eý adam, şunça salam bermedik bolsaň, iki üzüp bir ýalmardym
– diýen.
Oglan:
– Hä, döw, meni özüň üçin bişen çörekdir öýdýärmiň? – diýýär.
Ondan soň oglanyň iň kiçi gyz dogany gelip, oglan bilen tanyşýar
hem-de döwi oglany bir gün myhman almaga razy edýär. Soňra
assyrynlykda oglan bilen gyz döwüň janyny tapmak üçin, özara maslahat
edýärler.
Gyz döwden:
– Seniň janyň nirede? – diýip soraýar.
Döw:
– Meniň janym şol sübsäniň aşagynda – diýip, jogap berýär. Gyz
şol ýerini owadan zatlar bilen bezemäge başlaýar. Döw muny görüp:
– Haý, akmak diýse, şonuň aşagynda men janymy goýjak gümanym
barmy? Eger meniň janym şonuň aşagynda bolsa, sen ony eýýäm alyp
gitmezmidiň?! Meniň janym onuň aşagynda däl. Derýanyň düýbünde
bir sandyk bardyr, onuň içinde hem bir guş bardyr, ol guşuň hem
ýumurtgasy bardyr. Meniňem, beýleki döwleriňem jany, ine, şol
ýumurtganyň içindedir. Ony hiç kim alyp bilmez. Eger kimde Süleýman
pygamberiň ýüzügi bar bolsa, şony derýanyň suwuna degirse, suwdaky
sandyk gaýyp derýanyň ýüzüne çykýar. Diňe şondan soň meniň,
beýlekileriňem janyny almak mümkin – diýen. – Emma ol ýüzük hem
hiç kimde ýokdur. Ol ýeriň ýüzünde ýekeje adamda barmyş, onuň bolsa
bu jelegaýlara geljek gümany ýok – diýip, döw ýene sözüni dowam
eden. Şol ýüzükli adamyň şu oglanlygyndan döwüň habary ýokmuş.
Indi oglan üçin hemme zat aýan bolýar. Ýöne bu döw öňkülere görä
has güýçlümiş. Birinji döwüň ýedi kellesi, ikinji döwüň on iki kellesi
bolan bolsa, bu döwüň ýigrimi dört kellesi bar eken. Şonuň üçinem
oglan bu döw bilen gönümel güýç synanyşmaýar.
Ýöne ondan hem bir saçak alýar-da gidiberýär. Gidip barýarka,
öňünden bir minara çykýar. Munuň gapysynda: “Şu minara giren gaýdyp
çykmaýar” diýlip ýazylan eken. Emma oglan mundan gorkman kyrk
batman tokmagy bilen gapyny bir urýar welin, gapy şarka açylýar. Ýцne
oglan içerik giren dessine muny tapyr-tupur tutup, tussag edýärler.
69
Şu zyndana mundan başga-da köp adamlar tussaglykda ýatan
ekenler. Bulara nahar üçin, kepegi ezip berýän ekenler. Bu oglan bir
gün ýatandan soň, nahar wagty bolýar welin, kepegi ezip getirýärler.
Onda bu oglan:
– Mundan hem nahar bolarmy? – diýip, hälki saçaklaryň birine:
“Açyl saçagym açyl, lezzetli naharlar seçil!” diýýär weli, her hili nahar
taýar bolýar. Bu nahardan hemme tussag ýatan adamlar naharlanýarlar.
Ondan soň her hili oýunlar we şadyýanlyk başlanýar.
Bu tussaglaryň hemmesi şu ýerde bolan bir gyza aşyk bolup düşen
adamlar eken. Şol wagt gyz gapydan girip, oglandan saçagyny bermegini
soraýar. Oglan saçagy gyza berýär. Ondan soňra ikinji nahar wagty
gelýär. Ýene-de kepegi ezip, nahar deregine getirýärler.
Onda oglan:
– Mundan hem nahar bolarmy? – diýip, ikinji saçagyny çykarýarda, ýene öňküsi ýaly buýurýar weli, her hili naharlar taýar bolýar
duruberýär. Şeýlelikde, hemme tussag ýatan adamlar ýene-de nahardan
gerk-gäbe bolýarlar. Gyz ýene-de gelip, bu oglandan saçagyny bermegini
soraýar. Oglan muňa-da razy bolup, saçagy berýär. Üçünji nahar wagty
ýene-de kepegi ezip, nahar ýerine getirip berýärler.
Ýene-de oglan:
– Mundan hem nahar bolarmy? Taşlaň muny – diýip, üçünji
saçagyny çykaryp, ýene-de onuň üstüni her hili nahardan doldurdýar.
Bular naharlaryny iýip bolanlaryndan soň, gyz ýene-de gelip,
oglandan saçagy bermegini soraýar. Oglan bu saçagyny hem gyza berýär.
Mundan soň gyz oglanyň jomart hem edermen ýigitdigine göz ýetirýär
we bu ikisi kyýamatlyk ýoldaş bolýarlar, hemme tussaglary bolsa
boşadyp goýberýärler.
Günlerde bir gün bu gyz ata-enesiniň ýanyna giden wagty oglana
otuz dokuz sany açar berýär. Şol ýerde kyrk ambar bar eken. Şonuň
biri gulplanman ýöne ýapylyp goýlaýan eken.
Gyz bu oglana:
– Men atam-enem bilen hoşlaşyp geleýin. Otuz dokuz gapyny açsaň
açgyn welin, gulplanmadyk gapyny açmagyn – diýip, ugramazyndan
öň tabşyryp gidýär.
70
Oglan otuz dokuz tamyň hemmesini açyp görýär. Gulplanmadyk
kyrkynjy jaýy hem açýar. Açyp görse, kyrk gulaç çuňlukda bir guýy bar
eken. Onuň içinde hem bir döw bar eken.
Döw oglana:
– Eý adam çagasy adamzat, maňa bir döwüm çörek okla hem-de
bir bedre suw bilen bir gysym duz goýber – diýýär. Oglan oňa aýdan
zatlarynyň hemmesini alyp berýär.
Döw bu zatlary iýip-içip güýçlenip, guýudan çykýar. Oglandan:
– Eý adamzat, sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň? – diýýär. Oglan
şu gyz üçin gelendigini we özüniň şu ambarlaryň eýesidigini aýdýar.
Onda döw:
– Şol gyz üçin, otuz ýyllap guýynyň içinde ýatdym. Ol meniňki
bolmalydyr – diýip, haýbat atyp ugraýar. Edil şol wagt gyz hem gelýär.
Oglan bilen döw güýçlerini synaşmakçy bolup, üç gezek
göreşýärler, üçüsinde hem oglan ýeňilýär. Döw onda hem hiç zat
degmeýär. Onuň birini bir döwüm çöregi, birini duzy, beýlekisini suwy
üçin bagyşlaýar. Dördünji gezek göreşmäge oglan çekinýär. Özüniň
güýjüniň pesdigini, indi göreşip ýeňilse ölmelidigini ol bilip dur diýýär.
Onuň üçin hem göreşmän, çykyp gidiberýär.
Oglan şol gidişine az ýöräp, köp ýöräp ahyry, göni, döwleriň janyny
goýan derýasynyň boýuna baryp ýetýär. Ol özüniň ýüzügini derýanyň
suwuna degirýär welin, döwleriň jany salnan sandyk derýanyň ýüzüne
galyp, öz-özi onuň ýanyna gelýär. Sandygy döwse, içinde bir guş bar
eken. Ol guşy hem soýup, içindäki ýumurtgasyny alan wagty hemme
döwler hasyrdaşyp gelip, oglana: “Näme alsaň al-da, janymyza
degmäweri” diýşip, ýalbaryp durlar diýýär.
71
Emma oglan ýumurtgany ýere bir urýar welin, ýumurtga çympytrak bolýar, döwler bolsa ölýärler.
Ondan soň oglan hälki gyzy tapýar. Öz uýalaryny hem
ýygnaşdyrýar-da, ejesiniň ýanyna ugraýar, gelişlerine öňlerinden bir öý
çykýar. Oglan bu öýe pişik bolup girýär-de, bir çetde myrlap ýatyberýär.
Bu öýde öldürilen döwleriň ejesi we iki sany aýal dogany bar eken.
Olar döwleriň öldürilenini eşidip, ar almak maslahatyny edip oturan
ekenler.
Ejeleri:
– Men bir gaty gowy kölegeli agaç bolup, olar ýadap barýarkalar,
öňlerinden çykaryn, olar meniň saýamda dynç almaga oturanlarynda,
üstlerine ýykylyp öldürerin – diýýär.
Uly gyzy:
– Men bir sowuk suwly küýze bolaryn, eger ejemizden sypsalar,
olar suwsanlarynda meni içerler, men olaryň içlerinden burup öldürerin
– diýýär.
Onda kiçi gyzy:
– Maňa gezek ýetse, olar halys ýadan wagtlarynda içine düşek
ýazylan tam bolaryn. Olar girip ýatar welin, üstlerine ýykylyp öldürerin
– diýýär.
Bular gürrüňlerini gutarandan soň, bularyň maslahatyny eşidip
ýatan oglan “maýaw-maýaw” edip gapa barýar. Oturanlar pişige:
– Eger sen adam bolup, biziň şu aýdanlarymyzy birine aýtsaň daş
bol, eger ýönekeý haýwan bolsaň, bar, ýoluňa git – diýip, gapyny
açýarlar. Emma olaryň aýdany bolman, oglan çykyp gidýär we
ýoldaşlarynyň ýanyna baryp, ýola düşýär.
Ýolda ýadan wagtlary gyzlar: “Holha, gaty gowy baglyk görünýär,
ýörüň şonuň aşagynda dynç alalyň!” diýşip begenişýärler we şoňa tarap
ugraýarlar.
Baga golaý baranlarynda oglan:
– Siz duruň – diýip, özi baryp kyrk batmanlyk tokmagy bilen bagy
ýykan-ýumran edýär. Soňra ýene-de ugraberýärler.
Olar ýolda gaty suwsaýarlar. Görseler, öňlerinde bir sowuk suwly
küýze ýatyr. Gyzlar mundan suw içjek bolup baranlarynda, ol oglan:
– Duruň – diýip, küýzäni özüniň kyrk batmanlyk tokmagy bilen
bir urýar welin, küýze-de çym-pytrak bolýar.
72
Ondan soň ýene-de ýöräberýärler. Bular halys ýadan wagtlarynda
öňlerinde, ynha, bir tam, içine ýorgan-düşek – hemme zatlar ýazylyp
goýlupdyr. Muny gyzlar görüp: “Geliň şunda ýatybereliň!” diýşip, tama
tarap ugrajak bolanlarynda, oglan gyzlara garap:
– Duruň! – diýýär.
Ondan soň oglan özüniň kyrk batmanlyk tokmagyny alyp, tamy
bir urýar welin, tam kül-owram bolýar.
Olar ýene-de öz ýollaryny dowam etdirýärler. Birnäçe ýol
ýöränlerinden soň, ahyrda öz öýlerine barýarlar. Şeýlelikde, bular sagaman ata-enelerine gowşup, toý tutup, myrat-maksatlaryna ýetýärler.
73
74
B
ir bar eken, bir ýok eken. Bir adamyň üç gyzy we üc ogly bar
eken. Ol adam gyzlarynyň birini möjege, birini gaplaňa, birini bolsa
ýolbarsa berýär. Ogullary muňa gynanyp, erbet görüpdirler.
Günlerde bir gün ol adam agyr keselleýär. Şonda ogullaryny
çagyryp:
– Men ölsem, mazarymy üç günläp saklaň – diýen.
Şondan soň, goja basym ölýär. Agalary kakasynyň sözüni
ýatlamansoň, iň kiçileri Mämmet:
– Kakam näme diýipdi? Ýörüň-dä, onuň mazaryny saklalyň –
diýen.
Agalary oňa:
– Ýok, biz-ä gitjek däl. Ol ýerde näme işimiz bar? Bar, sen gitseň
gidiber – diýipdirler.
Mämmet:
– Bolýar onda, halanyňyzy ediň – diýipdir-de özi baryp, kakasynyň
mazarynyň ýanynda oturypdyr.
Mämmet birnäçe wagt oturandan soň, asmandan bir ýel atly parlap
gelipdir-de, amanlyk-saglyk soraşyp, atynyň guýrugyndan bir azajyk
gyl alyp:
– Gyssanan wagtyň çirkizseň, ýetişerin – diýip, eline berip
gidiberipdir.
Ertesi gije Mämmet atasynyň mazaryny saklap durka, ýene bir dor
atly gelip, amanlyk-saglyk soraşyp, atynyň guýrugynyň gylyndan bir
azajyk beripdir-de:
– Gyssanan wagtyň çirkizseň, derrew ýetişerin – diýip gidipdir.
Üçünji gije bolsa, bir gyr atly gelýär-de, şeýdip gidýär.
Soň Mämmet şol ýurduň sygryny bakýar-da geziberýär.
Günleriň birinde şol ýurduň patyşasy jar çekdirýär. Onuň üç sany
gyzy bar eken. Patyşa gyzlaryny gezekli-gezegine bir beýik çynaryň
üstüne çykaryp oturtmagy we kim üstünden atyny bökdürip bilse,
gyzlaryny şoňa bermegi makul görüpdir. Ana, onsoň bu habary jarçy
bütin ýurda ýetiripdir.
Mämmediň agalary ertesi irden bagtlaryny synamak üçin bu
çakylyga ugraýarlar. Mämmet bolsa sygyryny bakmaga gidýär. Ol otluk
meýdana baryp, sygyrlaryny goýberýär-de, ýel atyň guýrugyndan berlen
75
gyllary çirkizýär. At derrew häzir bolýar. Onuň bökdergisinde bolsa,
gyrmyzy don, ak telpek, tirme guşak we beýleki gerekli zatlar bar eken.
Mämmet derrew çalşyrynýar-da, aty münüp, toý ýere ugraýar. Ol
agalarynyň yzyndan ýetip, amanlyk-saglyk soraşýar. Agalary Mämmedi
tanamaýarlar.
Toýa baranlaryň hiç birisi atyny gyzyň üstünden bökdürip bilmändir.
Gezek Mämmede ýetýär. Ol eline bir alma alyp, debsäp, goýberipdir
weli, aty çynaryň ýokarsynda – hol al – asmanda oýnap ýör diýýär.
Mämmet “uly agama” diýip, alma bilen gyzyň iki göwsüniň arasyna
urupdyr-da, aşak düşüp gidipdir. Egin-eşigini çalşyryp, aty goýberip,
sygryny bakyberipdir.
Uly agalary ertesi ýene gidipdirler. Mämmet bu gezek sygyrlaryny
pytradyp, dor aty çagyrypdyr. Ýene-de agalarynyň yzyndan ýetip, saglykamanlyk soraşyp geçiberipdir. Olar munuň kimdigini gümanam
etmändirler. Bu gezek hem hiç kimiň aty gyzly çynaryň üstünden böküp
bilmeýär.
Mämmet eline bir alma alyp, atyny gorduryp goýberýär weli, bu
hem gyzyň depesinde oýnap dur diýýär. Ol elindäki alma bilen gyzyň
çat maňlaýyna patyladýar-da, “kiçi agama” diýip düşüp gidiberýär.
Ertesi patyşa: “Şu gün toýuň iň soňky güni, üstünde kiçi gyzym
oturjak, kim atyny üstünden bökdürip bilse, şoňa berjek” diýip, jar
çekdirýär.
Mämmediň agalary ýene-de ýola düşýärler. Mämmedem
sygyrlaryny örüzip, alyp örä tarap ötägidýär. Öňküje ýerine barýar-da
guýrugy çirkizip, gyr aty çagyrýar. Derrewem eşigini çalşyryp, toý ýere
barýar. Bu gezek hem hiç kim atyny çynaryň üstünden bökdürip
bilmeýär. Gezek Mämmede ýetýär. Jemagat: “Ýeri-de ýeri” boluşýar.
Mämmet atyny debsiläp goýberýär weli, gyzyň üstünde kelemenläp
ýörmüş. Bu sapar ol elindäki alma bilen: “Özümiňki” diýip, patyşanyň
iň kiçi gyzyny urýar-da gaýdyberýär.
Şol gün Mämmet bir arka garagan ýygyp, öýlerine alyp barýar.
Uly ot ýakýar-da agalaryna: “Geýmiňizi kakyp bereýin” diýip, eşiklerini
alýar. Soň öz eşiklerini hem goşup otlap goýberýär. Agalary: “Bu samsyk
bizi ýalaňaç goýdy” diýip, Mämmediň daşyna geçip ugraýarlar. Mämmet
olara bu eden işiniň sebäbini düşündirjek bolup, her näçe jan etse-de,
76
birazlap gep düşündirip bilmeýär. Ahyry-da agalary diňlemäge razy
bolýarlar. Ol başyndan geçirenlerini aýdyp berýär we:
– Ýörüň, gyzlary almaga gideliň – diýýär.
Mämmet agalaryny çagyryp, agalaryny geýindirýär we patyşanyň
huzuryna alyp barýar. Patyşa toý tutýar, hersine aýratyn köşk berýär.
Bular şeýdip ýaşap ýörkäler, günleriň bir gününde awa gidýärler.
Öýlerine bolsa alty aýakly, alny sakar ýabyly bir döw gelip:
– Gelinler, suwsadym bir suw beriň – diýenmiş. Doganlaryň iň
ulusynyň aýaly suw alyp berjek bolsa, döw:
– Ýok sen däl – diýenmiş. Ondan soň ortanjysynyň aýaly alyp
berjek bolupdyr.
Döw muňa hem:
– Ýok, sen däl – diýipmiş. Soň Mämmediň aýaly suw äberjek
bolsa, golundan tutup, ýabysyna basyp alyp gidiberýär.
Doganlar awdan gelse, Mämmediň aýaly ýok. Mämmet: “Hany
meniň aýalym” diýse, aýallar: “Alty aýakly, alny sakar ýabyly bir döw
aldap alyp gitdi” diýýärler.
Mämmet bir azajyk çörek alyp, biline daňypdyr-da döwüň yzyndan
gidiberipdir. Az ýöräp, köp ýöräp, ahyry bir derýa ýetipdir. Ol güzeriň
başynda suw bilen çörek iýmäge oturýar. Şol wagt muny bir gyz görýär.
Ol muny möjegiň aýalyna aýdýar-da:
– A gyz, dünýäde bir ýerde doganyň bar bolsa, şol seniň doganyňdyr
– diýipdir.
Onda möjegiň aýaly:
– Ýok, meniň doganym däldir. Bu ýerler guş gelse ganaty, gulan
gelse toýnagy gyrylýan ýerlerdir. Meniň doganym däldir – diýse-de:
“Yok, bir çyk-da seret” diýipdir.
Möjegiň aýaly çykyp seretse, dogrudan hem dogany diýýär.
Begenjine ylgap baryp, amanlyk-saglyk soraşýar, öýüne getirýär-de,
gizlin bir jaýda ýerleşdirýär.
Soň möjek gelende:
– Meniň doganym geldi – diýýär.
Möjek:
– Haýsy doganyň? – diýip soraýar.
Aýaly:
– Kiçi doganym – diýýär.
77
Möjek:
– Kiçi doganyň bolsa, gözümiň üstünde ýeri bar – diýýär. Aýaly
doganyny gizlän ýerinden çykaryp, oňa görkezýär. Möjek Mämmet bilen
saglyk-amanlyk soraşyp, habaryny alýar. Mämmet başyndan
geçirenlerini, indem näme iş bilen barýanyny birin-birin aýdyp berýär.
Möjek diňläp bolansoň:
– Şol döw seniň aýalyňy ýaňyja alyp barýardy, derrew gaplaňyň
öýüne ýet – diýipdir.
Mämmet olardan bir azajyk çörek alyp gidiberýär. Gidip barýarka,
öňünden bir suwly ýap çykýar weli, çöregini suwa batyryp iýmäge
oturýar. Bu ýerde hem ony tanap, gaplaňyň öýüne eltýärler. Gaplaň
munuň öz aýalynyň kiçi dogandygyny bilip, Mämmedi gadyrly
garşylaýar.
Mämmet muňada başyndan geçirenlerini gьrrüň berip, şol döwi
kowalap barýandygyny aýdýar.
Onda gaplaň hem:
– Ýet, ýolbarsyň öýüne, ýaňyja alty aýakly, alny sakar ýabyly döw
bir gelni syrtyna mündürip alyp barýardy – diýen.
Mämmet bulardan hem bir azajyk çörek alyp, guşagyna düwüpdirde ugraberipdir. Ol möjekdir gaplaňa duşuşy ýaly, üçünji aýal
doganynyň adamsy ýolbarsa hem duşýar.
Ýolbars hem:
– Ýaňyja alty aýakly, alny sakar ýabyly bir döw, bir gelni alyp
barýardy – diýen.
Mämmet:
– Ýeri, indi aýaly nähili almak bolar? – diýip, maslahat sorapdyr.
Ýolbars:
– Eliňe bir ýaý al. Bir goýny hem öldürip, etini al. Şeýt-de gidiber.
Öňünden bir belent gala çykar. Daş işiginde bir pişik bardyr, ony at.
Içine gireniňden soň iki sany it duşar. Olara hem goýnuň etini berersiň
welin, saňa azar bermezler, onsoň aýalyňy alyp gaýdyp bilersiň – diýýär.
Mämmet ýolbarsyň aýdyşy ýaly edip, howla girýär. Barsa, döw
aýalynyň dyzyny ýassanyp, kyrk günlük uka gidipdir. Bular döwüň
kellesiniň aşagyna degirmen daşyny goýup gaçyp gaýdýarlar. Döwüň
ýabysy muny görüp, tamyň bir tarapyny depýär welin, diwar onuň üstüne
78
ýykylýar. Döw oýanmaýar weli, beýleki tarapyny hem depip döwüň
üstüne ýykýar.
Döw oýanyp seretse, kellesiniň aşagyndaky degirmen daşy eken.
Ol derrew ýabysyny münýär-de, gaçakçylary kowýar, yzlaryndan ýetip,
Mämmedi öldir ýaly ýençýär-de, ýene-de gelni alyp gidýär.
Mämmet dolanyp, ýolbarsyň ýanyna barýar. Ýolbars oňa täze
maslahat beripdir:
– Men saňa gyzyldan eýer, gyzyldan çeki, gyzyldan üzeňňi, gyzyldan
nal, gyzyldan uýan, gyzyldan gamçy we beýleki esbaplar bereýin. Ilerki
dagda bir derýa bardyr. Şonuň kenarynda bir baýtal gulanlajak bolup
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 05
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.