Latin

Türkmen Halk ertekileri - 07

Total number of words is 3834
Total number of unique words is 1649
37.0 of words are in the 2000 most common words
51.7 of words are in the 5000 most common words
58.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Siz näme üçin beýle bolup otyrsyňyz? – diýip, sorapdyr.
Onda gülüp oturan guş çagasy:
– Biz owal atadan on iki sany dogandyk, emma şu üçümizden
başgamyzy bir ýolbars iýdi. Bu üçümiziňem hol gan aglap oturanyny
şu gün iýjek, ýöne aglap oturany erte iýjek, meni bolsa birigün iýjekdir.
Birigüne çenli wagt bolansoň, gülüp otyryn – diýipdir.
Oglan guşlara:
– Eneňiz niräk gitdi? – diýipdir.
Guşuň çagalary:
– Enemiz pylan ýerden dagyň uly daşyny göterip gelip, şol duşmany
öldürjek bolýar – diýipdir.
Oglan guşuň çagalaryna:
– Men bir azajyk uklaýyn, emma şol ýolbars gelse, meni turzuň –
diýipdir.
Guşlar:
– Bolýar – diýipdir.
116
Oglan tiz uklapdyr. Şol wagt ýolbarslar okdurylyşyp gelipdir. Bu
guşlar oglany turuzmaga çekinipdirler. Şol barmana ýaňky gan aglap
oturan guşuň gözüniň ýaşy oglanyň ýüzüne damýar, oglan tisginip
turýar. Oglan dessine ýolbarslaryň öňünden çykyp, olary öldürip, etini
dograp, guşuň çagalaryna beripdir. Bu çagalar ony iýipdirler. Şol wagt
ýaňky gan aglap oturan guşuň ejesi ýadyna düşüp, bir dogramçany
diliniň aşagyna salyp goýupdyr.
Bir wagtdan soň, ejesi gelse, çagalarynyň hemmesi onuň öňünden
çykypdyr.
Ejesi guşlardan:
– Neneň bu gün hemmäňiz diri galdyňyz? – diýip, sorapdyr.
Çagalary:
– Bir adamzat biziň duşmanymyzy öldürdi – diýip, aýdypdyrlar.
Onda guşlaryň enesi gahara münüp:
– Ýok, balalarym, sizi şonuň özi iýýändir – diýip, başlapdyr.
Şol wagt gan aglap oturan çagasy:
– Eje ynanmasaň, şu eti iýip gör – diýipdir.
Ejesi şondan soň ynanypdyr hem-de penjesindäki daşy taşlap, gelip,
ýaňky oglanyň üstünde ganatyny ýaýyp oturyberipdir. Bir wagtda
ganatyň ujy oglanyň ýüzüne degipdir. Oglan tisginip turupdyr. Ene guş:
– Seniň näme dilegiň bar, dünýäniň ýüzünde dilegiň bolsa, bitireýin
– diýipdir.
Oglan:
– Meniň dünýäniň ýüzünde maksadym, ýedi gat ýeriň ýüzüne
çykmak – diýipdir.
Guş oňa:
– Bä, ol bir kyn iş eken, bolsa-da, men seniň ol işiňi ýerine
ýetireýin. Sen altmyş toklynyň etini gowrup, altmyş meşigi suwdan
dolduryp al – diýipdir.
Oglan: – Bolýar – diýip, şol patyşanyň ýanyna barypdyr. Patyşa
oglana altmyş toklynyň etini gowurtdyryp beripdir. Altmyş meşigi hem
suwdan dolduryp beripdir.
Ondan soň, ol zatlary guşuň üstüne ýükläp, özi hem guşuň üstüne
münüp gidipdir. Ýolda eti tükenipdir. Guş et, diýeninde, oglan öz
etinden kesip bermäge başlapdyr. Guş ony ýedi gat ýeriň üstüne
çykarypdyr, bar, indi gidiber – diýipdir. Oglan agsaklap gidiberipdir.
117
Guş oglandan:
– Aýagyňa näme boldy? – diýipdir.
Oglan:
– Ýolda gelýärkäk, etim tükendi weli, menem budumdan kesip
berdim – diýipdir.
Guş:
– Hany buduňy aç – diýipdir.
Soň guş oglanyň eti kesilen ýerini dili bilen bir sypapdyr. Ol ýaranyň
ýeri öňküsi ýaly bolupdyr.
Soň guş oglana:
– Sen şundan gidip, ogulsyza ogul boljak diýip, aýdyber – diýipdir.
Guş yzyna gaýdan.
Oglan bolsa: – Ogulsyza ogul boljak – diýip, gidiberipdir.
Oglanyň öňünden bir sygyr çopan çykypdyr.
Oglan:
– Sen kimiň çopany? – diýipdir.
Sygyr çopan:
– Men Gara daş galdyranyň sygyr çopany – diýipdir. Oglan ýene
gidip barýarka, öňünden bir düýe çopan çykypdyr. Ol hem Gara daş
galdyranyň çopanydyryn – diýipdir. Soň goýun çopan çykypdyr. Ol hem
– Gara daş galdyranyň çopanydyryn – diýipdir.
Soň oglan ýene gidip barýarka, öňünden bir düýe çopan çykypdyr.
Ol men – Demir daş galdyranyň çopanydyryn – diýipdir. Soň öňünden
sygyr çopan, goýun çopan çykypdyr.
Olar hem:
– Demir daş galdyranyň çopanydyrys – diýipdirler.
Oglan ýene gidiberipdir. Onuň öňünden bir öý çykypdyr. Oglan
onuň içine girip görse, bir garryja aýal otyr.
Oglan baryp:
– Men ogulsyza ogul boljak – diýipdir.
Garryja:
– Maňa ogul bolaý – diýipdir.
Oglan – bolýar – diýipdir.
Oglan garryjanyň öýünde geziberipdir. Bir gün görse, ileri tarapda
bir üýşmeklik bar. Oglan öz ejeliginden:
118
– Bu märeke näme? – diýipdir.
Ejesi:
– Oglum, bir gyz bar. Uly ilat şonuň üstünde ölüp ýatyr – diýipdir.
– Gyz näme şert goýar? – diýipdir.
Enesi:
– Oglum, sen onuň yzyna düşme, ol ýere barsaň, seni öldürerler –
diýipdir. Oglan:
– Bolýar, eje – diýip, çykyp gidipdir.
Baryp görse, şol baýaky guýudan çykaryp goýberen gyzy. Oglany
gyz tanamandyr. Oglan gyzdan:
– Ok, ýaýyňy bize ber, bir göreli – diýipdir.
Oglan ok, ýaýy alyp, bir az egip goýupdyr. Gyz oglana ak ýelek
beripdir. Oglan ertesi ýene-de gelipdir. Bu sapar ýaýy öňkä görä has
ökderäk çekipdir. Gyz bu sapar çal ýelek beripdir.
Oglan ejesiniň ýanyna baryp:
– Eje, men gyzyň ýanyna bardym, ýaýy bir azajyk egip, çal ýelek
aldym – diýip, aýdypdyr.
Enesi:
– Aý oglum, onuň ýaly bolsa baraweri – diýipdir. Onsoň oglan
ertesi ýene-de barypdyr. Çekip, ýaýyň iki başyny bir ýere getirip, gyzy
alyp gaýdypdyr. Munuň yzynda ölen haýsy, aglan haýsy. Soň Gara daş
galdyran bilen Demir daş galdyran ol oglany tanapdyrlar we onuň ýanyna
baryp oglana:
– Malymyzy alsaň, malymyzy al, janymyzy alsaň, janymyzy al –
diýip, oglanyň aýagyna ýykylypdyrlar.
Oglan olara:
– Malyňyz gerek däl, janyňyz gerek - diýip, olary öldüripdir.
Şeýdip, oglan myrat-maksadyna ýetipdir.
119
120
B
ir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýämde bir baý adam bar
eken. Onuň üç ogly bar eken. Her oglunyň hem bir baýtaly bar eken.
Ol baýyň ogullarynyň iň kiçisiniň ady Garaja batyr eken.
Günleriň birinde ýaňky baý ogullarynyň iň ulusyny ýanyna çagyryp:
– Oglum, şu gün baýtalyň gulunlar, ony bar-da sakla! – diýýär.
Ogly baryp saklapdyr weli, dogrudanam, onuň baýtaly gulunlapdyr.
Ýaşajyk gulan bolan dessine eýläk-beýläk çapyp, enesiniň üstünden
böküp geçmäge başlapdyr. Edil şol mahalam bir tüweleý gelipdir-de,
gulany alyp ötägidipdir.
Oglan öýlerine gelenden soň, kakasy:
– Nätdi oglum, baýtalyň gulunladymy? – diýipdir.
Onda oglan:
– Gulunlamasyna-ha gulunlady welin, ony bir tüweleý alyp ötägitdi
– diýipdir.
Baý:
– Bähbit bola – diýip, ortanjy ogluny hem çagyryp, uly ogluna
diýen zatlaryny aýdyp goýberipdir.
Ortanjy ogly hem baýtalynyň ýanyna gelip, esli salymdan soň,
aýlanyp gelip, edil uly agasynyň diýenlerini gaýtalap, ýüzüni sallap
duruberipdir.
Baý iň kiçi ogluny hem şol tabşyryk bilen iberipdir.
Baýyň kiçi ogly eline okuny-ýaýyny alyp, baýtalynyň ýanyna
barypdyr-da: “...Birden ýatyp galaýmaýyn...” diýip, külbikesini dilipdirde, üstüne hem az-owlak duz sepipdir. Gözüne dagy uky geläýse
nädersiň!
Gije ýarymdan agyberende onuň baýtaly hem gulunlapdyr. Ýaşajyk
taý ýaňy bökjekläp başlanda, bir tüweleý gelip, ony hem alyp gitmekçi
bolupdyr. Edil şol wagt Garaja batyr hem ýaýyna ok salyp, bir çekip
atypdyr welin, tüweleýiň arasyndan bäş sany barmak patylap ýere
gaçypdyr. Yzyndan taýam, tüweleýem sumat bolup gidipdir.
Garaja batyr öýlerine gelende, kakasy:
– Ýeri, oglum nätdiň? Ýa sen hem gulanyňy tüweleýe aldyrdyňmy?
– diýip sorapdyr.
121
Onda Garaja batyr:
– Kaka, taýa gitdi welin, tüweleýem almytyny alaýan bolsa gerek.
Men bir atdym weli, bäş sany barmagyny goýup, zut gaçyp gitdi –
diýipdir.
Aý aýlanyp, ýyl yzyna ýyl geçipdir. Günleriň birinde Garaja batyrdyr
agalary kakalarynyň ýanyna gelip:
– Kaka, bize rugsat berseň, biz taýymyzy gözlemäge gidäýsek nähili
borka? – diýipdirler.
Kakalary olara rugsat beripdir.
Üç dogan üç tirkeş bolup, taýlarynyň gözlegine çykypdyrlar. Olar
az ýöräp, köp ýöräp, bir ýere ýetenlerinde, olaryň barýan ýollary üçe
bölünipdir. Her ýolyň çatrygynda hem ýüzi ýazgyly daş bar eken.
Doganlar ol ýazgylary okap görseler, sagdaky ýola “Gitse geler”,
ortadaky ýola “Geleri-gelmezi gümana”, çepdäkä bolsa “Gitse gelmez”
diýlip ýazylgy eken.
Garaja batyryň uly agalarynyň biri “Gitse gelere”, beýlekisi “Gelerigelmezi gümana” gidermen bolupdyrlar. Garaja batyra bolsa “Gitse
gelmez” galypdyr. Onsoň üç dogan şol ýerde maslahat edip: “Kim öňürti
gelse, şu daşyň ýüzüne çyzyk çyzmaly” diýipdirler-de, her haýsy öz
saýlan ýoly bilen gidiberipdir.
Indi habary kimden al? “Gitse gelmez” diýen ýol bilen barýan
Garaja batyrdan al. Ol şol gidip oturşyna bir gür baglygyň üstünden
barýar. Siňe seretse, baglygyň ortasynda beýik bir jaý bar. Garaja batyr:
“Bagta gelen, töwekgel!” diýip, şol jaýa barmakçy bolýar. Ol işige baryp,
salam berip, otagyň içine garasa, ynha, iki sany peri otyrmyş. Garaja
batyr olara garap:
– Ýeri, gyzlar, gurgunmysyňyz? Siz bu ýerlere nädip düşdüňiz? –
diýipdir.
Onda gyzlar:
– Biz meýdana çykanymyzda bir gara tüweleý gelip bizi aldyda,
şu ýere getirdi – diýipdirler.
Garaja batyr bular bilen hoşlaşyp, ýene-de gidiberipdir. Ol barýarka,
onuň öňünden bir çuň çaý çykypdyr. Çaýyň ortasynda bir beýik ymarat
bar eken. Şol ymarat hem Garaja batyryň doganlarynyň taýyny alyp
gaçan üç döwüň mesgeni eken.
122
Garaja batyr baryp, bir jaýyň gapysyny açyp görse, eli-aýagy daňylgy
adamlardan doly eken. Başga bir jaýa baryp görse, törde bir perizat
otyrmyş weli, ol perizadyň aý diýseň agzy, gün diýseň gözi barmyş.
Peri Garaja batyry görenden:
– Ýeri, adamzat, bu döwleriň mesgenine guş gelse ganatdan, gulan
gelse toýnakdan dynýandyr. Sen nähili bu ýerlere gelip bildiň? – diýipdir.
Onda Garaja batyr perä näme maksat bilen gelenini aýdyp:
– Döwler gelse ony görübereris weli, seniň özüň näme işläp otyrsyň
bu ýerde? – diýipdir.
Peri:
– Men bagty garany bu ýerlere şol döwler getirdi. Getirenleri
bärem gün-mydar berenoklar. Üç bolup tirkeşip gelýärler-de: üçüsi üç
ýerden: “Haýsymyzy söýýäň-de, haýsymyzy söýýäň?” bolşup, ýüregebagra düşýärler. Menem häzir-ä şol dymyp otyryn. Galanynam soň
görübermeli bor-da – diýipdir-de, kyrk gulak gazanyň aşagyna ot
salypdyr.
– Ol gazanda näme bişirýäň?
– Şol deýýuslara nahar bişirýän.
– Naharyň bişmedimi?
– Bişdi.
– Getir onda, döwler gelýänçä garnymyzy bir doýraly, soňam näme
bolsa, şol bolsun.
Garaja batyr şeý diýipdir-de, gazandaky nahary iýmäge başlapdyr.
Ol gazanyň içindäki naharyň hemmesini iýip:
– Döwler haçan gelerkä? – diýipdir.
– Döwlerem indi uzaklaşman gelmeli. Geler wagtlary-ha boldy –
diýip, peri jogap beripdir.
– Olar gelen mahaly, heý, bir nyşan bolýarmy? – diýip, Garaja
batyr sorapdyr.
– Heý, nyşan bolmazmy?! Onda-da nyşanlaryň iň eýmenji bolýar.
Döwleriň iň ulusy gelende, asmany-zemini gapyşdyrýan uly ýel turýar,
ýer yranýar. Ortanjysy gelende, ýyldyrym çakyp, gök gübürdeýär. Iň
kiçisi gelende bolsa, doly gatyşykly çagba ýagýar, bütin dünýä suw-sil
bolýar – diýipdir.
123
– Onda olar gelýänçä, men bir az-owlak ymyzganyp galaýyn –
diýipdir-de, Garaja batyr oturan ýerinde bir tarapa gyşarypdyr.
Aradan biraz wagt geçensoň, şeýle bir ýel turupdyr weli, baglaryň
çür depesi ýere degip-degip gidýärmiş. Şol barmana-da ýer titremäge
başlapdyr.
Garaja batyr ukudan oýanyp, beýleräkde bir köprüniň aşagyna girip
gizlenipdir.
Bir haýukdan soň, döwüň garasy görnüpdir. Onuň elinde guşy,
öňünde bolsa tazysy bar eken. Köprä golaýlaberende, tazysy uwlamaga,
guşy ganatlaryny kakmaga, aty bolsa horgurmaga başlapdyr.
Döw bu zatlara-da üns bermän:
– Çüw jüre getireniň maly, näme bu ýerde horguryp dursuň? Ýada bu jelegaýlarda Garaja batyr bardyr öýdýärmiň? – diýip, atyna
käýinmäge başlapdyr.
– Belkem, bardyr, sen onuň ýoklugyny näbilýäň? – diýip, bukulyp
ýatan Garaja batyr köprüniň aşagyndan zompa çykypdyr weli,
aljyraňňylyga düşen döw:
– Atyş gerekmi, tutuş? – diýipdir.
Garaja batyr döwe garap:
– Atyş ataň başyna, elbetde, tutuş gerek diýipdir.
Döw bilen Garaja batyr şol bada garpyşyp gidipdirler. Garaja batyr
çemine salyp: “Alla, döwüň kellesidir-dä” diýip, gylyjyny aýlap salypdyr
welin, kelle zyňylyp, honda düşüpdir.
Döwi öldürip, jany aram tapan Garaja batyr onuň atyny alyp gidip,
saraýda daňyp gelipdir.
Garaja batyr ikinji döwi hem şeýdip öldüripdir-de, onuňam atyny
saraýda daňyp gelipdir.
Bir haýukdan soň, doly gatyşykly çagba ýagmaga başlapdyr. Onuň
yzy bilen döwleriň iň kiçisi hem-de iň güýçlüsi gelipdir. Onuň hem aty
köprä golaýlaberende horgurmaga başlapdyr weli, ol:
– Häý, mal ataňanäledi, näme horguryp dursuň? Ýa Garaja batyr
gelendir öýdýärmiň? – diýipdir weli, Garaja batyram:
– Gelse gelip ýörendir – diýip, bukudan çykypdyr.
Döw gyssanjyna:
– Atyş gerekmi, tutuş? – diýenden, Garaja batyr:
124
– Atyş ataň başyna, tutuşyp agalaň näme gördi, sen görer ýaly –
diýenden, döwüň bar ysgyny gaçyp, titremäge başlapdyr.
Garaja batyram gelip, onuňam kellesini togalapdyr-da, atyny
saraýda baglapdyr.
Soňra ol el-aýaklary daňylgy adamlary boşadyşdyrypdyr-da, olary
öýli-öýlerine ugradypdyr. Özi bolsa hälki perini we döwlerden galan
atlary alyp, ýola düşüpdir. Ýol ugruna ilki duşan iki perisini hem agalary
üçin alyp, hälki agalary bilen aýrylyşan ýerine gelipdir. Gelip garasa,
agalaryndan hiç bir nyşan ýok, olar henizem gelmändirler.
Ol şol ýerde: “Az-owlak dem-dynjymy alyp, agalarymyň yzyndan
gideýin” diýip, daşyň ýüzüne çyzyk çyzyp durka, aňyrdan agalary hem
gelipdir.
Garaja batyr başyndan geçiren wakalaryny agalaryna gürrüň
beripdir. Soňra ol ýany bilen alyp gaýdan perileriniň hem her haýsyny
birine beripdir. Şeýdip olar: “Niredesiň ata Watan” diýip, ýola
düşüpdirler. Olar ýolda bir ýerde düşläpdirler. Şonda uly agasy özünden
kiçisine:
– Gel, biz şu ýerde Garaja batyry öldüreli. Kakamyza bolsa ol
biziň diýenimizi etmän, ters ugra gitdi, bu zatlary hem özümiz tapdyk
diýeli – diýip, maslahat salypdyr.
Onda olaryň ortanjysy:
– Ýok, onymyz bolmaz. Gowusy, ol oba barmaz ýaly onuň
aýaklaryny keseli – diýipdir.
125
Olar maslahaty birikdirip, agşam şol ýerde ýatmakçy bolupdyrlar.
Garaja batyr bilen periler ýadaw bolansoňlar derrew uka gidipdirler.
Agalary bolsa ýarygije turup, gapyň agzynda adamyň dyzyndan keser
ýaly edip, ýiti gylyjy keseligine daňypdyrlar-da, ep-esli salymdan soň:
– Haý, zalywat turaweri, döw ýetip gelýär – diýip, gykylyk etmäge
başlapdyrlar.
Gykylyga ilki bilen Garaja batyr oýanyp, eline gylyjyny alyp, derrew
gapa çykmakçy bolanda, gapydaky gerňelgi gylyç onuň aýaklarynyň
dyzyndan aşagyny kesipdir.
Maksatlaryna ýeten doganlary ony şol ýerde taşlap gitmekçi
bolupdyrlar. Garaja batyryň gelinligi şu bela gitmejek bolsa-da, ony
hem gorkuzyp alyp gidipdirler.
Şonda Garaja batyr öz ýaýyny gelinligine berip: “Kim şu ýaýy çekip
bilse, diňe şol adama durmuşa çykgyn” diýip sargapdyr.
Şeýdip Garaja batyryň ýeke özi galyberipdir.
Gün yzyndan gün, aý yzyndan aý, ýyl yzyndan ýyl geçipdir. Günleriň
birinde Garaja batyr çatmasynyň işiginde otyrka, bir kör adam bir keýigi
kowalap gelýärmiş. Garaja batyr ol adamyny ýanyna çagyryp:
– Gözüňe näme boldy? – diýip sorapdyr weli, ol adam:
– Doganlaryma ýagşylyk edenim üçin olar gözümi oýdular – diýip,
jogap beripdir.
Garaja batyr oňa garap:
– Onuň ýaly bolsa ikimiz dertdeş ekenik. Gel, şu ýerde bile
ýaşabereli – diýipdir.
Olar iki bolup şol ýerde ýaşaberipdirler.
Ýene bir gün olar işikde otyrkalar, bir elsiz adam bir towşany
kowalap, onuň yzyndan ýetse-de, ony tutup bilmän kösenip ýörmüş.
Bular ony hem ýanlaryna çagyryp:
– Halypa, nämä kösenip ýörsüň, elleriňe näme boldy? – diýip
sorapdyrlar weli, ol adam:
– Doganlaryma ýagşylyk edenim üçin olar meniň ellerimi kesdiler
– diýip, jogap beripdir.
Onda Garaja batyrdyr kör:
– Beýle bolsa senem bize dertdeş ekeniň. Ozal iki bolsak, indi üç
bolýas, gel, senem biziň bilen ýaşaber – diýýärler.
126
Elsiz adam bularyň teklibine razy bolup, ol hem şol ýerde ýaşamaga
başlaýar.
Bular şeýdip, ýetme-ýykylma ýaşap ýörkäler, günleriň birinde
olaryň ýanyna bir gyz gelýär. Olam bulara goşulyp ýaşamaga başlaýar.
Ol gyz bularyň egin-eşiklerini ýuwup, naharlaryny bişirýär eken.
Garaja batyr ýanyna kör bilen elsizi alyp, gündizine awa gidýär
eken. Lal gyz bolsa olaryň getiren awundan nahar bişirýär eken.
Günleriň birinde bular awa gidende, lal gyzyň ýanyna bir ak sakgally
adam gelip, onuň bişiren naharynyň hemmesini iýip gidýär. Bu ýagdaý
iki-üç gün tapgyr-tapgyr gaýtalanýar. Gyzdan sorasalaram, lal pahyr
olara bolýan ýagdaýy düşündirip bilmeýär.
Ahyry olar dilleşip, awa giden bolup, öýi garawullamaga
başlaýarlar.
Ine, bu günem taýyn nahary iýmäge öwrenen adam, nahar taýyn
boluberende, goşda peýda bolýar. Bukuda ýatan pyýadalar bolsa derrew
ony tutup, öz sakgalyna güýlüp goýýarlar-da, maslahat etmäge durýarlar.
Olar özlerini üç gün aç goýandygy hem-de lal gyza azar berendigi üçin,
ony öldürmegi makul bilýärler.
Garaja batyr eline gylyjyny alyp, onuň ýanyna barandan ol adam:
– Dat, duraweri. Şu gezekki eden günämi geçiň. Men siziň
synalaryňyzy abatlaýyn, ýöne meni öldürmäň – diýip, ýalbarmaga
başlaýar.
Maýyplar muňa razy bolýarlar.
Ol adam maýyplary bir demine ýuwdýarmyş-da ýen daşyna
çykarýarmyş weli, şol maýybyň synasy sagdyn bolaýarmyş. Ol şeýdip
bularyň dördüsiniň hem synalaryny sagdyn edipdir.
Maýyplar sagalansoňlar, ol gojany azat edipdirler-de, özleri hem
biri-biri bilen hoşlaşyp, her haýsy öz obasyna gidipdir.
Garaja batyr az ýöräp, köp ýöräp, öz obasyna gelipdir-de, bir garra
ogul bolupdyr. Şol gün ol obada uly toý bolýan eken.
Garaja batyr garrydan:
– Eý, garry, bu nämäniň toýy? – diýip sorapdyr.
Onda garry:
– Biziň obada bir baý bardy. Onuň üç ogly bardy. Ol oglanlaryň
üçüsem bir daş ýurda gidipdi. Şol oglanlaryň iki ulusy gaýdyp gelipdir.
127
Ýanlary bilen hem üç perizat alyp gelipdirler. Ol perileriň ikisini özleri
alyp, üçünji birini bolsa: “Şol periniň ýaýyny çekip bilen adama berjek”
diýip, şonuň hatyrasyna toý tutýarlar – diýip, habar beripdir.
Onda Garaja batyr:
– Menem bir synanyp göräýsem – diýipdir-de, şol märekä tarap
gidiberipdir.
Märekäniň bir çetinden baryp görse, öz aýaly Garaja batyryň hälki
beren ýaýyny saklap durmuş.
Garaja batyr märekäniň içi bilen kem-kemden süýşüp, periniň
ýanyna barypdyr. Ony şol periden başga hiç kim tanamandyr. Peri bolsa
ony tanasa-da, sesini çykarmandyr.
Ahyry ol periniň elindäki ýaýy alyp:
– Ýaý çekeňde, goşa ok bilen çekseň aňsat bolýar, munuň başga
oky ýokmy? – diýipdir weli, derrew onuň eline ýaýyň ikinji okuny
hem tutdurypdyrlar. Garaja batyr ýaýa iki ok salyp, ony mazaly çekip,
agalaryna tarap sypdyryp goýberipdir weli, ol degenden agalarynyň takga
jany çykypdyr.
Jemagat bolan işe haýran galypdyr. Şol wagtam olaryň kakasy
hasanaklap Garaja batyryň ýanyna gelip:
– Ýeri, ýigit, bu näme etdigiň boldy, öýümi ýykdyň, toýumy ýasa
öwürdiň? – diýip, dady-perýat etmäge başlapdyr.
Onda Garaja batyr:
–Kaka, tanamadyňmy? Bu men, seniň körpe ogluň. Olar öldi diýip
dady-perýat etme. Eger meniň deregime bolan bolsaň, sen hem
şeýderdiň – diýip, başyndan geçen wakalary birin-birin gürrüň beripdir.
Perileriň üçüsi üç ýerden Garaja batyryň aýdanlaryny tassyklapdyrlar.
Ine, şeýdip Garaja batyr maksat-myradyna ýetipdir.
128
128
129
129
B
ir bar eken, bir ýok eke. Gadym zamanlarda biriniň bir ogly bar
eken. Ol ep-esli bolan soň, günleriň birinde kakasy ony ýanyna çagyryp:
– Oglum, söwda etmegi öwren – diýip, onuň eline pul berip, bazara
iberipdir.
Oglan gidip, kakasynyň beren pullaryna bir it satyn aldy geläýdi
diýýär. Ol bir öldüriljek bolup duran it eken-de, oňa dözmän, satyn
alyp gaýdyberipdir.
Kakasy muňa hiç hili gaty-gaýrym zat diýmän, gaýta ýene-de eline
pul berip:
– Oglum, ýene bazara git, söwda-satlyk etmegi öwren – diýip
goýberýär.
Oglanam gidip, bu gezegem bir öldüriljek bolup duran pişigi satyn
alyp gelipdir.
Kakasy bu sapar hem oňa hiç bir ýokuş görer ýaly zat diýmän:
– Ýene gidiber – diýip goýberipdir.
Oglan hem bir uly ýola düşýär-de gidiberýär. Şol barşyna görse,
ynha, iki sany ýylan urşup dur diýýär. Ol syn edip görse, ýylanlaryň biri
has asgynlap barýar eken. Ine, onsoň ýaňky oglan ýylanlaryň güýçlüsini
urup öldürýär-de, ejizini halas edýär.
Şol wagt ýaňky ýylana dil bitipdir-de, adam dilinde gepläp
ugrapdyr:
– Sen maňa uly ýagşylyk etdiň, indi ýör, meniň hossarlarymyň
ýanyna baraly, saňa ýagşylyk edeýin – diýip, muny özi bilen alyp gidipdir.
Ýolda barýarkalar, ýylan oglana garap:
– Şu taýda biziň mekanymyza bararys welin, meniň hossarlarym
her zat berselerem almagyn, olarda bir ýüzük bardyr, sen şony dilegin.
“Muny kim öwretdi?” diýip sorasalaram, hiç aýdaýmagyn. Ýogsam,
meni urarlar. Sen ýöne: “Özüm bilýän, berseňiz-ä şol ýüzügi beriň,
bolmasa-da zat gerek däl” diý-de dur – diýipdir.
Oglan hem: “Bolýar” diýipdir.
Az ýöräp, köp ýöräp, bular şol ýylanyň mekanyna barýarlar. Ýaňky
ýylan hossarlaryna oglanyň özüni ölümden gutaranyny aýdyp berýär.
Onsoň bular:
– Beýle ýagşylyk eden bolsa, muny razy edeliň, aňrujy razy boljak
zady bolsa, tapyp bereliň – diýip, oglany ýanlaryna çagyrypdyrlar.
130
Oglan ýanlaryna gelipdir welin, bular:
– Ýeri adamzadyň çagasy, sen biziň birimizi ölümden halas edipsiň.
Biz saňa bir süri düýe bereli – diýipdirler. Onda oglan:
– Maňa o hili zat gerek däl – diýip gidiberipdir.
Munuň yzyndan ýetip:
– Üstüne bir süri baýtal bilen bir süri sygyr bereli – diýipdirler.
Oglan ýene-de etmändir. Onda bular:
– Bir beýik depe ýaly gyzyl bereli, kümüş bereli, al-da, razy bolup
git – diýipdirler. Oglan ýene:
– Maňa oňa meňzeş zatlaň geregi ýok – diýip, gidermen bolupdyr.
Bular näme iş etjeklerini bilmän, oňa garap:
– Hany onda sen maksadyňy aýt, näme bersek, bizden razy boljak?
– diýipdirler. Oglan hem:
– Meniň maksadym – siziň bir ýüzügiňiz barmyş, şony berseňiz,
razy – diýipdir.
– A-how, inim, o ýüzügi adama berip bolmaz ahyry. Ony saňa kim
öwretdi? – diýenler.
– Hiç kimem öwredenok, özüm bilýän.
– Şu seniň halas eden ýylanyň-a öwredäýen däldir-dä hernä?!
– Aý, ýok, ol-a zat öwredenok, özüm bilýän!
Ana, onsoň her zat diýip, her zat hödürläp görýärler welin, hiç
bolmaýar. Ahyry:
– Aý, bolmasa beräýeliň-le – diýip, maslahat edişip, ýüzügi
bermäge razy bolýarlar. Olar:
– Bolýar, bar, seniň diýeniň bolsun, ýüzügi saňa bereli welin, şuny
eliňden aýraýmagyn. Aýalyňa, beýlekiňe-de çalşyrdaýmagyn. Özi näme
diýseň bolar welin, ýöne çalşyraýsaň işiňi görer – diýip, berk
tabşyrypdyrlar.
Oglan hem: “Bolýar, aýdyşyňyzdan-da beter berk saklaryn” diýip,
ýüzügi alyp, wagty hoş bolup, öýlerine gaýdypdyr. Özem diýseň şat
diýýär. Öýlerine gelensoň, ýüzügini gaýralygyna tutup gördi welin, bir
gyz göründi diýýär. Aý diýseň, agzy bar, gün diýseň, gözi, tüýs içen
suwy alkymyndan görnüp duran perizadyň bar-da! Ol asyl patyşanyň
gyzy eken diýýär. Oglan muňa aşyk bolup:
– Hany, ene, patyşanyň işigini süpürip gaýt, patyşanyň gyzyny bir
alaly – diýýär. Enesi:
131
– Haý, diýseň-diýmeseň, haýp bolaýmasa, oglum! – diýipdir.
– Sen bir baryp gör, näme diýýänini, nähili salgyt salýanyny bir
bil. Özüňem näme salsa-da, ýaýdanma-da, razy bol!
– Aý, deňimiz däldir-ow şolar, salgyt dagam salman, kowup
goýberibermese.
Oglan onda-da:
– Hany, onda-da işigini syryp gaýt, galanyny görübereris – diýipdir.
Garry gidip, bir gün süpürip gaýdypdyr, görmedik bolupdyrlar,
ikinji gün syryp gaýdypdyr, habaryny almandyrlar. Ol üçünji günem
köşgüň işigini syryp-süpürip gaýdypdyr welin, hyzmatkärler:
– Aý, garybam bolsa, patyşa bir aýdyp göreliň, näme diýse, özi
diýer-dä – diýip, patyşanyň ýanyna baryp, şeýle-şeýle diýip, ýagdaýy
aýdypdyrlar. Patyşa:
– Garybyňam göwni bardyr, habaryny alyň-da kän, agyr salgyt salyp,
kowup goýberäýiň! – diýipdir. Onda:
– Birden salan zatlarymyzy getiräýse näderis? – diýipdirler.
Patyşa:
– Onça zady getiren adam garyp bolubilmez – diýýär.
Onsoň salgyt saldylar welin, geldi diýýär oglunyň ýanyna kagyzyny
alyp:
– Ine, oglum, şu kagyzyň ýüzüne ýazyb-a berdiler, aşagynda durup
bilseň – diýýär.
Oglan ýazga seredişdirip görüpdir-de:
– Aý, onyň-a haçan alsaň alaýmaly, beýle bolsa. Beýleki zatlaryma
taýýar welin, şol salnan on gymmat baha daşdan ýene bäşisi gerek.
Men bir aždarha ýylanyň ýanyna baryp geleýin – diýipdir.
Şeýdip häki ýylanyň ýanyna barypdyr welin, ol saglyk-amanlyk
soraşandan soň:
– Ýeri, näme gerek? – diýip sorapdyr.
– Aý, bäş sany daş gerek!
– On daş bererin, ber maňlaýyna. Bäş sanysyny eltseň, patyşanyň
öz daşy diýibem seni aljyradarlar – diýip, on sany daş berip
goýberipdirler.
Oglan daşy alyp gelip, ýaňky ýüzügine garap:
– Gelnalyjam bol, beýlekem bol! – diýipdir welin, gözüňe söweýin
bedew atly, gelnalyjylar gaňtarylyşyp durlar diýýär. Bular üýşüp, gelin
132
almaga bardylar welin:
– Haý, patyşam, büý-ä aýdyşymyzdanam zyýada gelipdir welin,
näderkäk? – diýip, patyşanyň ýanyna ylgapdyrlar.
– Nädeniňiz bolmaz, salgytlary bitiren bolsa, gyzy öýi-söýi bilen
ýükläp berip goýberiň – diýip, patyşa höküm edipdir. Gyzyň bolsa,
altyn-kümüşden öýi bar eken.
Ana, onsoň gelni atbaşçylap alyp geldiler diýýär. Bularyň garyp
günleri ýat bolup, maksat-myratlaryna ýetip, ýaşap başlapdyrlar. Şol
ýüzügini bolsa, oglan gelniniň eline dakaýanmyş. Munam uly iliň aýaly
görenmiş. Onsoň görip, aýallar ýaňky ýüzügiň ölçegini alyp, ussalara
şoňa meňzeş başgalaryny ýasadyp, gelniň elindäki jadyly ýüzük bilen
çalşyrjak bolup jan edýär ekenler.
Aý, o ýerinden, bu ýerinden gelip, eýlesini bir gören bolup, beýlesini
bir gören bolup, ahyry bir aýal öz ýasamasy bilen bu ýüzügi çalşyrypdyrda! Onuň çalşyryp çykyp gidenem şol eken welin, bularyň öýi yraň
atyp, ýerinden gozganyberipdir. Şeýdip bir salym yrgyldan ýaly edipdirde, içiniň gelni-selni bilen göterilip ötägidipdir. Ýigit hyrçyny dişläp,
garry ata-enesi bilen, bir iti, bir pişigi bilen galyberipdir. Töweregi
hem ýylan ýalan ýaly bolup ýatyr diýýär.
Onda it pişige garap:
– Bizem-ä ölümden sypdyran, satyn alan şu oglandy. Ýa ölmeli,
ýa şo ýüzügi getirip bermeli – diýipdir.
Pişigem:
– Menem biriniň et gapgarlan garnyny ogurlap iýemde, eýesi bilip,
öldürjek bolup durka, alyp gaýdypdy, menem indi şo ýüzügi getirişmek
üçin elimden gelenini ederin – diýipdir.
Onda it:
– Beýle bolsa, mün meň üstüme, gideli, bir ýerden tapsag-a
getireris, götermez ýaly zad-a däl – diýipdir.
Şeýdip bu ikisi gidiberipdirler. Barýarkalar öňlerinden ullakanullakan derýalar çykypdyr diýýär. It ýüzmäge ökde eken-de, ýüzüniň
ugruna pişigem alyp geçip, gidip otyr diýýär. Şeýdip bular ýedi derýadan
geçenmişler.
Ahyry bir ýere baranlarynda, pişik ite garap:
– Sen şu ýerde gizlen-de ýat, ýogsa seni ýat görüp, itler dalar. Men
gije görünmän, obaň içini bir barlap göreýin. Eger bar bolsa, tanaryn –
133
ol öý ýaly öý bu jelegaýlarda bolmaz – diýipdir.
– Bolýar, geleňde, maňa-da iýer-içer ýaly zat getir – diýip, it şol
taýda ýatyberipdir.
Onsoň pişik baryp, gijäniň bir wagty öý goýman, obany aýlanyp
ugrapdyr welin, birden şol öýüň üstünden baraýypdyr. Ýöne hiç girmäge
deşik tapmandyr. Ahyry öýüň tüýnügine çykyp, tüýnük bagdan sallanyp,
aşak düşüpdir. Düşüp seredipdir welin, iki sany aýal ýatyr eken.
“Niredekä?” diýip, seredişdiripdir welin, ýüzük ýaňky aýallaryň biriniň
agzynyň içinde ýumralyp duran eken. Ol: “Biri bir zat etse, oýanaryn”
diýip, şeýden bolara çemeli-dä!
Pişik: “Nädip alarkam?” diýip, garanjaklap durka, birdenkä bir
syçan çykaýdy diýýär. Pişigem derrew baryp, muny tutýar-da, basa
düşüp, gysyp ugraýar.
Syçan janhowluna urunyp:
– Haý aga, öldürmeseň, näme diýseň edeýin – diýipdir.
Pişik:
– Etmeli işiň, şu nas kädä guýrugyňy sokup bula-da, soňam şu
aýalyň burnuna sok – diýipdir.
Syçan pişigiň diýşi ýaly edipdir welin, ýaňky aýal asgyryp
goýberipdir. Şol wagt ýüzügem zyňylyp gidipdir.
Pişik hasyr-husur ýaňky ýüzügi garbap alypdyr-da, düýrügipdüýrügip, ýene tüýnükbaga zyňypdyr. Şoňa ýetipdir-de, oňa dyrmaşyp,
ýene-de tüýnükden çykyp ötägidipdir. Beýle ýanyndaky öýlerdenem
ýüzüniň ugruna bir çig garyn, birki sanam çörek alypdyr-da, itiň ýanyna
barypdyr.
It:
– Getirdiňmi? – diýipdir.
Pişik:
– Getirmäň gürrüňini etme-de, hany çaltyrak garnyňy doýur – diýip,
onuň öňüne çig garny, çörekleri oklapdyr.
It onda-da:
– Ýüzügi getiren bolsaň, aýt – diýipdir.
Pişik:
– Getirdim welin, ýüzügi menden alma – diýipdir.
134
It:
– Ýok, maňa bermeseň, derýalardan geçirmen – diýipdir.
– How, sen bir balyk-beýleki görseň, “höwf” edersiň-de derýa
gaçyrarsyň, onsoň näderis?
– Men agzymy bekden-bek ýumaryn!
Aý, şeýdip, ahyry bolmandyr. Pişik ýüzügi ite bermeli bolupdyr.
Ýüzügi it agzyna alyp, pişigem üstüne mündürip, derýadan geçirip
gelýär eken. Birinji derýany ýüzüp gelýärkä, görseler, balyk tutýan adam
köp eken-dä. Bu it birdenkä:
“Wöwf” edenini duýman galypdyr diýýär. Onýança ýüzügem
agzyndan zyňlyp gaçypdyr diýýär.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 08
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.