Latin

Türkmen Halk ertekileri - 10

Total number of words is 3939
Total number of unique words is 1794
33.6 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
55.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gaýtaryp almagyň ugruna çykýarlar. Olar arkalaşyp, derýadan geçýärler.
Şol gidip oturyşlaryna köşgüň etegine barýarlar.
Maslahatlaşyp, patyşanyň ýanyna pişigiň barmagyny makul
bilýärler. Pişik patyşanyň meýmiräp oturan wagtyny aňtap, dyzyna
münýär-de myrlap, saz edip berýär. Patyşa hem pişige hiç zat degmeýär.
Ol pişik köşgüň içinde sümsünip aýlanyp ýörşüne, altyn sekiniň üstünde
goýlan hutudaşyň üstünden barýar. Ol gelip, it bilen maslahatlaşyp, ol
daşy alyp gaçýarlar.
Derýanyň gyrasyna gelenlerinde it hutudaşy pişikden alyp, agzyna
atýar.
Pişik oňa:
– Suwda bir zat dişlese, sen hyňranyp, agzyňdan gaçyrarsyň – diýip,
garşylyk görkezýär. Emma it oňa gulak asman, äsgermezçilik edýär.
Şonluk bilen, bular derýa urup, ýüzüp ugraýarlar. Orta ýola
ýetenlerinde iti balyk dişleýär. Ol öňki endigine görä, üýrjek bolanda,
agzyndaky hutudaşy gaçyrýar. Ony şol bada balyk kakyp alyp gidýär. It
bilen pişik ahmyr edişip, yzlaryna çykýarlar.
Soň bular maslahatlaşyp, balygyň giden ugruna gidiberýärler. Balyk
bolsa birnäçe wagt ýüzenlerinden soň, balykçylaryň toruna düşýär. It
bilen pişik ýene-de maslahatlaşýarlar. Balykçylaryň ýanyna-da ilki bilen
pişik barmaly bolýar. Balykçylar pişigi gowy görüp, ýanlarynda
saklaberýärler. Olar soýup oturan balyklarynyň artyndylaryny pişige
oklap, ony gowy naharlapdyrlar. Şol barmana-da, balyk soýup oturanyň
öňünden hutudaş çykýar. Ol:
– Janaweriň artýan zady ýog-ow. Munuň içinde daş hem bar eken
– diýip, ony pişige tarap oklap goýberýär.
172
Gözüni çarhlap oturan pişik, balykçy öz işine güýmenen badyna
daşy agzyna alýar-da, “jülp” edip suwa bökýär. Hiç zat göwnüne
gelmedik balykçy bolsa: “Bu halys suw pişigi bolup gidipdir” diýýärde, ony şol bada unudýar.
Pişik itiň ýanyna hutudaşy alyp gelýär we indi suwdan
geçenlerinde oňa bermejekdigini aýdýar. It razy bolýar. Pişik hutudaşy
agzyna alýar-da, itiň arkasyna münýär. It hem derýadan ýüzüp geçýär.
Olar sag-aman dostlarynyň ýanyna gelip, hutudaşy ýigide
gowşurýarlar.
Ýigit dostlarynyň bitiren işine begenýär. Ol oglan derrew ýaňky
baýy yzyna gaýtaryp, onuň garamagyndaky ilaty azat edýär, özi-de
öňküsi ýaly bagtly ýaşamaga başlaýar.
173
174
B
ir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir patyşa bar eken.
Ol ogul perzende zar eken, gyzdan bizar eken. Her gezek aýaly göwreli
bolanda, ornumy tutar ýaly oglum bolaýady-da diýen umyt bilen,
sabyrsyz garaşar eken. Her gezegem aýaly gyz dogrup, umydy puç bolar
eken. Şonuň üçin köşkde ýüregi aram tapman, patyşa wagtynyň köpüsini
aw-şikarda geçirer eken. Günlerde bir gün ol özüni tapsyz duýup, awdan
ir dolanyp gelenmiş weli, görse aýaly boýny çapgy ýassygy ýaly mähnet
gul bilen dalaşyp ýatyr diýýä. Şa aýalynyň göwrelidigini bilip, ony
öldürmäge dözmändir. Ýöne indi ölinçäm munuň ýüzüni görmäýin
diýen pikir bilen baş wezirini çagyryp:
– Meniň bu ýerlerde durarlygym galmady. Ýurdy özüň dolandyr.
Oglum bolsa, buşlukçy iber. Gyzym bolsa, habar etmäň – diýip, ýurtdan
çykyp gidiberipdir. Munuň tagtyny, il-gününi terk edip gitmeginiň
sebäbini aýalyndan başga bilen jandar bolmandyr.
Aýdan aý, günden gün geçip, onuň aýaly gyzylyň gyryndysy,
kümşüň pürkündisi ýaly, bir ogul dogrupdyr. Wezir bir ýigidi ýel ýaly
bedewe atarypdyr-da:
– Patyşany tapyp, oglunyň bolandygyny, adyna Jahan pälwan
goýandygymyzy aýt-da begendir – diýip, ýola salypdyr. Ýaňky ýigit şol
gidişine, Jahan pälwan är çykyp, murty tabanda, eli permanly dolanyp
gelenmiş. Patyşanyň möhüri basylan ol permanda “Aýalymy ata süýredip
öldüriň-de, oglumy meniň ýanyma alyp geliň” diýlip ýazylypdyr. Muny
eşiden şanyň aýaly, uly ili bilen bagyryp, dady-perýat edip başlapdyr.
Onuň halyna dözüp bilmedik Jahan pälwan wezir-wekillere:
– Buýrukdaky möhüriň atamyňkydygy hak. Ýöne ony haýsydyr
bir duşmanyň atama hile bilen ýazdyran bolmagy mümkin. Munuň özi
hiç bir kada-kanuna sygýan zat däl. Eger, hut, atamyň özi ýazanam
bolsa, men bu permanyň ýerine ýetirilmegine ýol bermen. Näme günäsi
bar bolsa, goý, meniň ýanymda boýnuna goýsun-da, enemi atamyň özi
öldürsin – diýipdir.
Şu gep bilen köşk adamlary darganmyş. Ýöne Jahan pälwan munuň
bilen ynjalyp bilmändir. Olaryň özüne garşy gitmeklerinden heder edip,
garaňky düşen bada, saýlama atlaryň birine atlanypdyr. Enesini hem
syrtyna alyp, atasynyň ýanyna ugrapdyr.
175
Ol şol gidişine, ýedi gün ýol ýöräp, bir çarbaga baryp ýetipdir.
Onuň içine girip görse, güller açylyp, bilbiller saýraşyp, bulaklar
şildireşip durmuş. Çarbagyň sesýetim ýanynda bolsa dürli reňkli
kerpiçden salnan beýik bir köşk seleňläp görünýärmiş. Jahan pälwan
enesini ýaňky çarbagda goýup, özi şol köşkden habar tutmak üçin
ugrapdyr. Köşgüň gapysyna baryp, daş işikden diň salyp görse, bu jaý
döwleriň mekany bolsa nätjek. Ýaňy awdan gelen kyrk döw bir zadyň
dawasy bilen jaýyň içini ala zenzele edip otyrmyş. Olaryň biri nahar
bişirmek üçin daş çykypdyr weli, Jahan pälwan gylyjyny bir aýlanda,
onuň kellesini togalapdyr. “Pylan döw dolanyp gelmedi-le” diýip,
olaryň ýene biri, soň beýlekisi daş çykypdyr. Jahan pälwan ýeke-ýekeden
çykan otuz dokuz döwüň hemmesini öldüripdir. Şundan soň jaýyň içine
girse, diňe olaryň serdary çal döw galypdyr. Jahan pälwany göreninden,
çal döw nökerleriniň ählisinden dynandygyna göz ýetiripdir. Dişlerini
şakyrdadyp:
– Men seni tike-tike etmesem, içim sowamaz. Hany aýt, atyş
gerekmi, tutuş? – diýipdir.
– Atyş ataň başyna, tutuş gerek – diýip, Jahan pälwan ondan çigit
ýaly-da heder etmän, çyzganyp başlapdyr. Bir meýdan südenekleşenden
soň, döwüň ysgyny gaçypdyr. Jahan pälwan ony ýere pylçap bir urupdyr
weli, döw ýazylyp ýatyberipdir. Jahan pälwan otuz dokuz döwüň
maslygyny ýeke-ýekeden süýräp ertip, guýa taşlapdyr. Ýaňky çal döwüň
hem elini-aýagyny baglap, ýoldaşlarynyň üstüne zyňypdyr-da, guýynyň
agzyny degirmen daşy bilen ýapypdyr.
Çal döw guýuda ýatybersin. Indi habary Jahan pälwanyň enesinden
eşidiň. Ogly ony ýaňky jaýa getirip, her hili miweler bilen, aw eti bilen
bakyp başlapdyr. Daş-töwerek keýikdir gulandan dolumyş. Döwleriň
ýygnan näzi-nygmatlary-da bäş ýylda, on ýylda gutarar ýaly däl diýýär.
Etden ýüz öwrüp, özüni ýilige tutan aýal gün geldigiçe mesirgäp
başlapdyr. Gola sygman, beýik depelere çykyp, aýdym aýdyp ugrapdyr.
Heý bir erkek göbekli duşaýmazmyka diýip, ondan-oňa selpäpdir. Irden
awa gidip, gün ýaşanda dolanyp gelýän Jahan pälwanyň bolsa mundan
habary ýok diýýär. Meslikden dälilik kaddyna ýeten bu aýal bir gün
gelip, guýynyň agzyna ýapylan daşyň üstünde oturypdyr weli, onuň
gulagyna:
176
– Ölmän galsam, etiňi çişe düzüp iýerin-diýen iňňildili ses
eşidilipdir. Aýal diň salyp görse, bu ses erkek adamyň sesimiş. Ol bar
güýji bilen degirmen daşyny süýşürip, guýynyň agzyndan adam sygar
ýaly deşik edipdir. Garap görse, ine bir çal döw ysgyn-deramatsyz iňläp
ýatyrmyş. Bu döw hälki Jahan pälwanyň urup seňseleden döwi eken.
Ol ýokardan düşen yşyga gamaşan gözlerini zordan açyp garasa, bir
päkize aýal özüne hyrydar göz bilen bakyp dur diýýär. Döw oňa:
– Jaýyň bosagasynda içi suwly bir çüýşe gömülgi ýatandyr.
Şony döwäýmänjik getirip berseň, gadyryňy bilerin – diýen. Mes
aýal ylgap gidip, suwly çüýşäni getiripdir. Döw çüýşäniň agzyny
burnuna sokup, üç-dört gezek ysgapdyr weli, bada-bat sagalyp, öňki
güýjüne gelipdir. Ol guýynyň agzyndaky daşy bir eli bilen honda zyňyp,
ýokary çykypdyr. Ol aýaly bäbek göteren ýaly edip, öýe salypdyr-da,
onuň bilen aýşy-eşrete meşgul boluberipdir. Jahan pälwan geler
uçurynda, enesi çal döwi guýa salyp, agzyna daşy gapýarmyş. Soňa
baka ol gündizki keýpi-sapa bilen kanagatlamandyr. Gijelerini-de çal
döw bilen geçiresi gelipdir. Döwem oňa bir gün:
– Mundan mydar bolmaz, nökerlerimiň jesedi porsapdyr. Guýuda
mundan beýläk ýatar ýaly däl. Ogluňa-da güýjüm ýetenok. Başymy
alyp gidibermesem, alaç galmady – diýen. Aýal ony gujaklap:
– Gitmek gürrüňiňi goýaweri. Sen bolmasaň, meniň günüm
geçmez. Gowusy oglumy ýok etmegiň ýoluny agtaraly – diýipdir. Bir
günem ol döwüň maslahaty bilen, Jahan pälwan awdan gelende, üstüne
iki-üç ýorgan atyp, aglamjyrap ýatýar. Muny gören Jahan pälwan:
– Ene, saňa näme bolýar? Niräň agyrýar? Nähili däri-derman gerek?
– diýip, onuň daşynda hozanak bolupdyr. Şonda enesi:
– Aý, ogul, meniň derdimiň birje dermany bar. Ony tapmak saňa
başartmaz – diýen.
– Aýt, ene, başardar. Başarmasam, goý şonuň ýolunda ölüp
gideýin.
– Meniň derdimiň dermany dünýäniň aňry çetindäki Kap dagynyň
almasy. Şondan datdygym – gutuldygym – diýip, betpygyl aýal oglunyň
ýüzüne delmirip bakan bolupdyr.
Jahan pälwan bu agyr ýumşy bitirmäge howlugyp ýola çykan. Ol
gijesini gündiz edip, dag-derýalary aşyp barýarka, bir garry baba ýoluny
kesip söz gatan:
177
– Oglum, ýol bolsun.
– Hudaý berse, oň bolsun, baba. Kap dagynyň almasyny yzlap
çykdym.
– Bu gaty kyndyr. Ýöne azapdan gaçmasaň ele salarsyň. Ýüzüňi
ileri tut-da gidiber. Öňüňden bir gülzarlyk çykar. Ol ýeriň eýesi gara
döwdür. Ondan sag-aman geçip, kyrk gün ýol ýöreseň, sary döw öňüňi
kesip ýatandyr. Ondan geçseň, bu döwleriň iň güýçlüsi ak döw ýoluňy
tutar. Şony-da ýeňip, kyrk gün ýöreseň, Kap dagyna ýetersin.
Jahan pälwan az ýöräp, köp ýöräp, bir gülzarlyga ýetýär.
Gülzarlygyň ortasynda äpet ak öý seleňläp durmuş. Ol öýe girip görse,
aýyň bölegi ýaly bir gyz aglap otyrmyş. Jahan:
– Näme aglaýaň, gyz? – diýip ondan soran.
– Men şu öýüň eýesi gara döwüň aýalydyryn. Döw awa gidipdi
weli, geler wagty golaýlady. Ol gelse, maňa gün ýokdur.
– Döwüň janyny nirede saklaýandygyny aýtsaň, men seni bu
beladan gutararyn.
– Ine, şu agajyň içinde – diýip, gyz öýüň ýanynda ösüp oturan
tikenekli agajy görkezenmiş. Jahan pälwan gylyç bilen agajy darka iki
bölüpdir weli, içinden ik ýaly inçejik gara ýylan çykyp, iki ýana başyny
bulaýlap başlapdyr. Jahan pälwan onuň kellesini çapyp taşlapdyr. Şol
wagt uçup gelýän gara döw hem ýere güpläp gaçyp, takga jan beripdir.
Jahan pälwan gyzy ata mündürip, ýola düşýär. Kyrk gün ýol
ýöränlerinden soň, öňlerinden dagyň bölegi ýaly bolup, sary döwüň
uklap ýatanyny görüpdirler. Ýakyna gelip garasalar, bir gyz onuň baş
ujunda aglap oturyşyna döwüň ýüzüni ýelpeýärmiş. Jahan pälwan ony
çete çagyryp, döwüň janynyň saklanýan ýerini sorapdyr. Gyz içi suwly
äpet howzy görkezip:
– Ine, şuňa bir çöregi bütinligine taşla. Ony iýjek bolup, bir topar
balyk eýläk-beýläk çekeläp başlar. Şolaryň arasy bilen tylla reňkli bir
balyk gelip, çöregi demine tartar weli, şony tutup bilseň, döwi
öldürdigiň. Ol balyk döwüň janydyr – diýen. Jahan pälwan gyzyň aýdyşy
ýaly edip, gyzyl balygy tutup öldüripdir weli, sary döw ýatan ýerinde
eýläk-beýläk bir togalanypdyr-da, jan beripdir. Ýaňky gyzy hem sary
döwüň atyna mündürip, Jahan pälwan ýoluny dowam etdiripdir. Bular
bara-bara bir daga ýetenlerinde, aýylganç horruldy eşidilip başlapdyr.
178
Seretseler, ak döw ak maýa ýaly peri gyzyň dyzyny ýassanyp ýatyrmyş.
Jahan pälwan gözi düşenden, ol gyza aşyk bolýar. Ol:
– Ak döwüň jany nirede? – diýip soranda, gyz oňa şeýle jogap
beren:
– Häzir döwi oýadaly. Onuň bilen tutluş. Ol seni aýlap-aýlap bir
çalar weli, ýedi gat ýeriň astyna baryp ýetersiň. Döwüň jany salnan gök
çüýşä gözüň düşer. Şony al-da: “Döw aga güýjüňi gördüm. Indi meni
ýeriň üstüne-de bir çykar. Öldürseňem, ýeriň üstünde öldür” diýip gygyr.
Özüne göwni ýetýän döw seni ýeriň üstüne çykarar. Ýagty ýalança
gözüň düşen bada, gök çüýşäni döwüp ýetişseň, ak döwdenem
dyndygyňdyr. Ýetişip bilmeseň, ol seniň her bölegiňi gulagyň ýaly eder.
Gepiň gysgasy ýagşy. Jahan pälwan gyzyň öwredişi ýaly edip, ak
döwden hem dynypdyr. Oňa hyzmat eden gyzy bolsa öz syrtyna alyp,
ýola düşüpdir. Bular birnäçe gün ýol ýöräp dünýäniň aňry ujundaky
Kap dagyna baryp ýetipdirler. Bu dagyň jülgelerinde akly-gyzylly
almalar agaçlardan sallanyşyp durmuş. Ak döwüň perisi Jahan pälwan
bilen beýleki gyzlara:
– Bu dagyň almasy jadylydyr. Ony gaňrak bilen egip, orak bilen
üzüp almalydyr – diýip berk tabşyran. Bular ýaňky gyzyň aýdyşy ýaly
şahalary gaňrak bilen egip, almalary orak bilen üzüp, horjuna salyp
başlapdyrlar weli, ýaňky almalar her hili owaz bilen gygyryşyp ugrapdyr.
Olar seslenenden, daş-töwerek duman bolup, ýyldyrym çakypdyr. Bir
görseler, äpet aždarhalar bulara tarap süýnüşip gelýärmiş. Jahan pälwan
bilen beýleki gyzlar gorkularyna gözlerini ýumupdyrlar. Emma ak
döwüň perisi, hiç zatdan heder etmän, ýüzüni asmana tutup, bir doga
okapdyr weli, aždarhalar zym-zyýat bolupdyr. Duman syrylyp, ýeriň
ýüzüne bahar paslynyň howasy gelipdir. Şundan soň, Jahan pälwan
gyzlar bilen atlanyp, öz öýüne gaýdypdyr. Bular birnäçe gün ýol
ýöränlerinden soň, gara döwüň aýaly gözlerinden ýaş döküp, sessiz
aglamaga başlapdyr. Jahan pälwan munuň sebäbini soranynda, ol:
– Ana, şol oba biziň obamyz – diýip, sährada oturan obany
görkezipdir. – Enem-atamy, deň-duşlarymy bir görsem. Onsoň meni
satsaň – puluň, saklasaň – gyrnagyň.
– Eý, mähriban uýam, maňa pul-da, gul-da, gyrnak-da gerek däl.
Nädeniňde göwnüň hoş bolsa, şony et.
179
Gyz begenip, bular bilen hoşlaşypdyr-da, obalaryna sowlup
galypdyr. Öz obalarynyň deňine gelende, sary döwüň aýaly-da, ak döwüň
perisi-de Jahan pälwan bilen hoşlaşyp galypdyr. Ak döwüň perisi
aýrylyşanda, onuň barmagyna tylla ýüzügini geýdirip, adynyň Mähriban
peridigini, ýoluna göz dikip garaşjakdygyny aýdanmyş.
Jahan pälwan birnäçe gün ýol ýöräp, baýaky awçy garry baba bilen
duşuşan ýerine ýetipdir. Görse, ol ýanynyň tazysy bilen ýoly saklap
otyrmyş. Saglyk-amanlykdan soň goja:
– Uzak ýol seni horlapdyr, meniň külbämde dem-dynjyňy alyp git
– diýip, ony külbesine eltipdir-de, bir käse şerap beripdir weli, ony
başyna çeken bada, Jahan pälwan essinden gidipdir. Şol arada awçy
goja onuň almalaryny alyp, deregine öz obalarynyň almalaryny
goýupdyr-da, özi gürüm-jürüm bolupdyr. Jahan pälwan bir haýukdan
soň, özüne gelse, ýanynda tazydan başga janly-jansyz ýokmuş. Gojanyň
eden işinden bihabar Jahan pälwan tazyny alyp, ýola düşüpdir. Az ýöräp,
köp ýöräp, öýüne ýetipdir. Görse, enesi kesellän adama meňzänokmyş,
Oglunyň ölmän gaýdyp gelenine içi ýanan betpygyl aýal ony görenden:
– Men gutuldym, oglum. Indi maňa dünýäň o çetiniň almasy-da,
bu çetiniň almasy-da derkar däl – diýipdir.
Jahan pälwan bolsa muňa begenip, öňküsi ýaly aw awlap
geziberenmiş. Enesiniň weli, henizem küýi-köçesi oglany ýok edip,
çal döw bilen erkana keýp çekmekde diýýär. Ol: “Muny ýok etmegiň
bir alajyny tap” diýip, her gün döwe iňňirdeýärmiş. Bir gün döw oňa:
– Seniň özüň bir hile salyp, ogluňy zynjyr bilen bagla. Onsoň men
onuň başyna öz başyma salan gününi salaýyn – diýen. Şol gün Jahan
pälwan awdan gelende, enesi:
– Bir güýjüňi synap göreýin, oglum. Şu zynjyrdan boşanyp bilseň,
her ýere gideňde-de başyňy çararsyň. Men seni gaýgy edip oturmaýyn –
diýipdir-de, gülek-ýalak edip, ony zynjyr bilen berk baglapdyr. Jahan
pälwan:
– Ine, ogluň güýjüni görersiň – diýip, bir silkinipdir weli, zynjyryň
her halkasy bir ýere uçup düşüpdir.
Onsoň hilesi başa barmadyk enesi:
– Oglum, seniň güýjüň nämede? – diýen.
– Onuň saňa näme geregi bar?
180
– Indi boýuňa, syratyňa guwanyp ýören ejiz eneňden-de syryňy
gizläp başladyňmy? – diýip, enesi öýkelän bolupdyr weli, Jahan
pälwanyň oňa ýüregi awapdyr:
– Meniň güýjüm on iki synamda. Oňa hiç bir duşmanyň güýji
ýetmez. Ol diňe enemiň saçyndan ejizdir. Eger sen saçyň ýekeje tary
bilen iki başam barmagymy daňsaň, şony gyrmaga-da meniň güýjüm
ýetmez. Muny gören enesi:
– Meni oýnap aýdýan bolaýma? – diýen bolup, saçynyň bir taryny
ýolup alyp, çatypdyr weli, dogrudan hem ol doňup dur diýýär. Muny
gören enesi:
– Haý, göz guwanjym çal döw, ýeteweri – diýip gygyrypdyr. Bukyp
ýatan döw ylgap gelip, Jahan pälwanyň iki gözüni oýup alypdyr-da,
torba atypdyr. Özüni bolsa ýoluň boýundaky guýa taşlapdyr. Şundan
soň Jahan pälwandan habar tutan adam bolmandyr. Diňe baýaky garry
awçydan galan tazy janaweri her gün onuň enesiniň saçagyndan bir
çöregi ogurlap getirip guýa taşlaýarmyş.
Şeýdip aradan birnäçe gün geçenden soň, guýynyň başyna bir
kerwen gelip, ýük ýazdyrypdyr. Olar suw almak üçin, gowany guýa
goýberenlerinden, guýynyň düýbünden:
– Eziz doganlar, men biçäräni-de ýokary çykaraweriň – diýen ses
eşidilipdirler. Ýolagçylar geň galyp:
– Gowanyň suwuny boşat-da, içine özüň gir – diýip, oňa
gygyrypdyrlar. Jahan pälwan olaryň aýdyşy ýaly edipdir. Ýolagçylar
gowany çekip guýynyň agzyna getirenlerinde, onuň içinde oturan
nazarkerde kör ýigidi görüp, haýran galypdyrlar. Ony iýdip getirip,
düşegiň üstünde oturypdyrlar-da, garnyny doýrup, hal-ahwal
soraşypdyrlar. Jahan pälwan binamys enesiniň aýybyny açmaga utanyp:
“Bu işi garakçylar etdi” diýipdir. Ol özüni eklän tazy hakda gürrüň
berip durka, tazy agzy çörekli ýüwrüp gelen. Muňa gözleri düşen
adamlar: “Aperin” diýip, agyzlaryny açypdyrlar.
Kerwenbaşy Jahan pälwany bir düýä mündürip, tazysyny-da
gujagyna beripdir. Şol gün gijesi bilen ýol ýöräp, kerwen bir gala baryp
ýetipdir. Kerwensaraýyň hyzmatkärleri bulara çaý-nahar beripdirler.
Jahan pälwanyň gözi kör bolansoň, kişmişi çöpi-söpi bilen iýip, agzyna
uzadan naharyny tabaga gaçyryp otyrmyş. Şonuň üçin kerwenbaşy ony
181
aýry oturdyp, özbaşyna bir tabak getirdip başlapdyr. Jahan pälwan muňa
näçe kemsinse-de, kysmata kaýyl bolup, ýoldaşlaryndan öýkelemändir.
Bir gezek hyzmatkär palaw getireninde, Jahan pälwan ondan:
– Siziň kerwensaraýyňyzyň eýesi kim? – diýip soran.
Hyzmatkär:
– Bu gala Mähriban periniň galasy. Onuň içindäki dükanlaryň-da,
kerwensaraýlaryň-da, naharhanadyr hammamlaryň-da eýesi şol – diýip,
gidiberjek bolan weli, Jahan pälwan barmagyndaky altyn ýüzügi sogrup
alyp, palawyň içine süsdüripdir-de:
– Ahaw, dost, bar muny Mähriban perä eltip ber. Bu palawy onuň
özi iýsin – diýipdir.
Muňa geň galan hyzmatkär: “Körüň bu hereketinde bir syr bardyr.
Muny üýtgetmän, Mähriban perä ýetireýin” diýip, palawly tabagy
alypdyr-da, köşge ýüwrüpdir. Palawy eltip, Mähriban periniň öňünde
goýupdyr:
– Hökümdarym, pylan kerwensaraýda bir syratly kör ýigit bar. Men
olaryň kerwenbaşysynyň aýdyşy ýaly edip, ol köre her gün nahar eltip
berýärdim. Şu gün baranymda ýaňky ýigit: “Galaňyzyň eýesi kim?”
diýdi. Menem siziň adyňyzy tutdum weli, ol: “Maňa getiren şu palawyňy
Mähriban perä eltip ber. Muny özi iýsin” diýdi.
– Be, ol ýigit palawyň tagamyny halamadymyka?
– Ýok, hökümdarym, ol munuň duzuny-da datmady ahyry. Başga
bir syry bar bolaýmasa.
Mähriban peri palawy dörüpdir weli, onuň içinde özüniň Jahan
pälwana beren ýüzügi ýatyrmyş. Muny gören peri oda-köze düşüp,
kerwensaraýa garşy ýüwrüpdir. Baryp görse, gözi oýlan Jahan pälwan
bir çetde uludan dem alyp otyrmyş. Mähriban peri ony gujaklap, esli
wagt aglapdyr. Soň köşgüne getirip, kimiň beýle rehimsizlik edendigini
sorapdyr. Jahan pälwan ondan syr saklaman, bolan işi bolşy ýaly aýdyp
beripdir. Onsoň Mähriban peri: “Kim Jahan pälwanyň gözlerini tapyp
berse, hazynadan göterip bilenini berjek” diýip, her gün jar çekdiripdir.
Emma men getirerin diýen adam tapylmandyr. Jahan pälwan:
– Bu işi diňe meniň tazym başarsa gerek – diýip, onuň ýollaryny
salgy beripdir.
Mähriban peri Simrug guşy çagyryp:
182
– Sen şu tazyny arkaňa al-da, pylan ýurtdaky pylan jaýyň ýanynda
düşür. Özüňem bir ýerde bukulyp otur. Tazy işini bitirip ýanyňa geler
weli, ýene arkaňa al-da, eglenmän, şu ýere getir – diýen. Jahan pälwan
tazynyň arkasyny, ýüzüni sypap, barmagy bilen oýulan gözlerini oňa
görkezipdir weli, tazy eýesiniň näme diýmekçi bolýanyny derrew
düşünipdir. Simrug gaty tiz uçup, aýdylan ýerde gonupdyr. Onuň
üstünden towsup düşen tazy eýesiniň bir wagtky öýüniň töwereginde
sümsünen bolup başlapdyr. Ony gören Jahan pälwanyň enesi döw ärine:
– Bu haram ölmüşä ýene geldi – diýen.
Döw:
– Aç haýwandyr-da, mundan bize zyýan ýetesi ýok – diýip, tazynyň
öňüne gaty-guty çörek taşlapdyr. Tazy çöregi iýmändir weli, döw:
– Hä, et iýesiň gelýärmi, me! – diýipdir-de – Jahan pälwanyň kakap
başlan iki gözini torbadan çykaryp, onuň öňüne taşlapdyr. Taza-da geregi
şol. Ol gözleri lak-luk agzyna atypdyr-da, yzyna eňäýipdir. Gelip
Simrugyň arkasyna münüpdir. Simrug ony suw içim salymda Mähriban
periniň köşgüniň ýanyna getirip düşürýär. Tazy diliniň aşagyndaky
gözleri çykaryp, Mähriban perä berýär.
Peri Jahan pälwany arkan ýatyryp, gözleri ýerli-ýerinde goýupdyr.
Onsoň Simrug ganaty bilen onuň üstünden üç gezek sylypdyr weli,
olar açylyp, öňküsindenem röwşen bolupdyr. Muňa begenen halk kyrk
gije-gündiz toý edip, Mähriban perini Jahan pälwana nikalap beripdirler.
Jahan pälwan atasyny-da tapyp, öz ýurduna dolanyp gelipdir. Garry
atasy, ony öz ornuna patyşa belläp maksat-myradyna ýetipdir.
183
184
B
ir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtda bir garry adam bar
eken. Onuň üç ogly bar eken. Bularyň iň kiçisine Kelje diýer ekenler.
Günlerde bir gün bu garry ogullaryny çagyryp:
– Men ölemsoň, her biriňiz meniň mazarymy üç günläp saklaň! –
diýip, wesýet edipdir.
Aradan birnäçe gün geçensoň ýaňky garry aradan çykýar. Ogullary
atalaryny jaýlap, onuň mazaryny saklamaga başlaýarlar. Mazary ilki
uly ogly saklaýar. Ol kirpiklerini gyrpman daňy atyrýar. Emma hiç zat
görmeýär. Daň saz berip başlaýar welin, bir gara atly gara döw
hasanaklap gelýär. Ol mazaryň golaýyna gelip: “Adam-adam ysy bar,
adamzadyň pisi bar” diýýär. Emma ses-üýn çykmaýar. Oglan gorkusyna
çöp-çörlere bukulýar-da ýatyberýär.
Döw bolsa garrynyň mazaryny agdar-düňder edýär-de, gidiberýär.
Onsoň ýaňky oglan ýalançy ýagtylandan soň, mazary täzeden
bejerişdirýär-de öýe gaýdýar. Doganlary ondan “Näme gördüň?” diýip
soraýar. Ol: “Hiç zat görmedim” diýip jogap berýär.
Ertesi ol ýene mazary saklamaga gidýär. Bu gezek hem gije ýarym
bolanda, bir gyr atly döw gelýär. Ol hem: “Adam-adam ysy bar,
adamzadyň pisi bar” diýýär. Oglan bu gezegem gorkup, ýene-de çöpeçöre bukulýar ýatyberýär. Döw ses-seda çykmansoň garrynyň mazaryny
agdaryşdyrmaga başlaýar, ýykan-ýumran edýär-de, gidiberýär. Oglan
bolsa, ol giden soň, ýene-de mazary bejerişdirýär-de, öýlerine gelýär.
Doganlary ondan: “Näme görüp-eşitdiň?” diýip soraýarlar. Ol hem
ýene: “Hiç zat görüp-eşidemok” diýýär. Şeýdip, ol üçünji gezek
saklamaga gidýär. Bu gije mele atly mele döw gelýär-de, öňki döwleriň
edişi ýaly, garrynyň mazaryny ýykyşdyryp gidýär. Oglan ýene-de
bejerişdirip, öýlerine gaýdýar. Doganlaryna-da hiç zat aýtmaýar.
Gezek ikinji oglana ýetýär. Ol hem her gün uly doganynyň gören
zatlaryny görýär. Emma ol hem her gezek döwüň ýykanlaryny bejerip
gaýdýar-da, doganlaryna hiç zat aýtmaýar. Şeýdip, ol hem öz gezegini
geçirýär.
Gezek Keljä ýetýär. Kelje atasyndan galan jonnuk gylyjy alyp,
doganlarynyň ýatan ýerinde ýatyr. Gije ýarym bolanda, bir gara atly
döw gelýär-de: “Adam-adam ysy bar, adamzadyň pisi bar” diýýär.
185
Kelje hem: “Bardyryn, döw aga” diýip seslenýär. Döw: “Atyş
gerekmi, tutuş” diýýär. Kelje: “Atyş ataň başyna, tutuş gerek” diýýär.
Ikisi garpyşýarlar. Köp wagt geçmänkä, Kelje döwi ýere ýazýar-da,
jonnuk gylyjy bilen döwüň kellesini kesýär. Soňra onuň egin-eşigini,
atyny alyp, bir çola ýerde gizleýär.
Ertesi doganlary ondan: “Näme görüp-eşitdiň?” diýip soraýarlar.
Kelje-de: “Hiç zat göremok” diýýär. Ikinji gün ýatýar. Gije ýarym
bolanda, mele atly mele döw atyny debsiläp, mazara ýakyn gelende,
aty diýen etmeýär, yza tesýär. Atynyň yza basyşyny geň görüp. “Näme
adamzadyň ysyny alýarsyňmy?” diýipdir. Şol wagt Kelje: “Alsa
alýandyr” diýip, ýerinden turýar. Kelje munuň bilenem tutuşyp,
kellesini kesýär. Munuň-da egin-eşigini, atyny alyp, öňki atyň ýanyna
salyp goýberýär. Öýe gelip, doganlaryna: “Ýene-de hiç zat görmedim”
diýýär.
Üçünji gün Kelje gyr atly döw bilen urşup, jonnuk gylyjy bilen bu
döwüň-de kellesini alýar. Şeýdip, Kelje munuň hem egin-eşiklerini,
atyny alyp gidýär. Öýüne gelse: “Patyşanyň üç sany gyzy bar. Kim-de
kim patyşanyň 3 şertini bitirse, gyzlaryny şoňa berjekdir” diýlip, jar
çekilýär eken.
Şanyň birinji şerti: Başy al-asmana ýetýän agajyň başynda kiçijik
jaňjagaz asylypdyr. Ol çalaja görünýärmiş. Kim şony gaçyryp bilse,
uly gyzyny berjekmiş.
Patyşanyň gyzy şeýle bir owadan eken. Ony hemmeler almak
höwesinde eken. Şonuň üçin aýagy ýörän bagtyny synamak üçin ol
ýere barypdyr. Keljäniň doganlary hem gidipdirler. Kelje olara “Menem
äkidiň” diýip, näçe ýalbarsa-da oňa: “Seňem bir bitiren goşuň bolarmy?
Gaýta atlaryň astyna düşersiň” diýip, taşlap gidipdirler. Doganlarynyň
garasy ýiten dessine Kelje hem döwleriň atlaryny we beýleki zatlaryny
gizläp goýan ýerine baryp, gara döwüň eşiklerini geýip, gara aty münýärde, niredesiň patyşanyň köşgi diýip ugraberýär. Atyny gorduryp,
doganlarynyň yzyndan ýetýär. Doganlary ony tanaman, salam berýärler.
Kelje salamy alyp, özüni tanatman geçiberýär. Baranlar yzly-yzyna
nyşana atyp aýrylýarlar. Hiç kim nyşanany gaçyryp bilmeýär. Gezek
Keljä gelýär. Kelje nyşana alyp, atyp goýberýär weli, jaň jaňňyrdap
ýere gaçýar. Edil şol wagt hem patyşanyň gyzy onuň boýnuna bökýär.
186
Kelje ony atyň syrtyna alýar-da gaýdyberýär. Gelip gyzy-da şol gizlin
ýerde goýýar. Onsoň Kelje eşiklerini çalşyryp, doganlarynyň ýanyna
gelip: “Gyzy kim aldy?” diýýär. “Gyz-a gara atly bir ýigide nesip etdi”
diýýärler. Kelje: “Wah, meni äkiden bolsaňyz, menem synanyşyp
görerdim” diýen bolýar.
Ertesi patyşanyň ortanjy gyzy üçin hemmeler nyşana atylýan ýere
ýygnanyşýarlar. Keljäniň doganlary muňa-da gidýärler. Kelje: “Menem
äkidiň” diýip ýalbarsa, oňa: “Haý samsyk, seniň näme işiň bar. Kelläňi
gaşa-da otur-da” diýipdirler.
Hemmeler gidensoňlar, Kelje şol öňki ýere barýar-da, mele döwüň
eşiklerini geýip, mele aty münüp, köşge ugraýar. Bu günem jaňy hiç
kim urup bilmeýär. Ahyry Kelje baryp, ýagşyja çenäp atýar weli, jaň
guma garylyp ýatyr diýýär. Şeýdip, ol şanyň ortanjy gyzyny hem alyp
gaýdýar. Getirip ony hem şol gizlin ýerde goýar.
Doganlarynyň ýanyna gelip: “Gyzy kim aldy?” diýýär. Doganlary:
“Patyşanyň ortanjy gyzyny bir mele atly ýigit alyp gitdi” diýýärler. Kelje
bolsa: “Wah, meni äkiden bolsaňyz, belki, meniň okum nyşana degerdi”
diýýär. Doganlary onuň sözüni diňlemeýärlerem.
Kelje: “Jan doganlarym, ertir bir bile äkidiň” diýip, näçe ýalbarsada, ertesi ony ýene goýup gidýärler. Kelje ýene şol jaýa baryp, gyr aty
münüp, köşge ugraýar. Kelje bu gezek hem nyşanyny urup, gyzy alyp
gaýdýar. Ony-da beýlekileriň ýanyna eltip goýýar.
Günlerde bir gün patyşanyň öz giýewlerini görjekdigi hakyndaky
habar ýaýraýar. Muny eşiden Kelje patyşanyň uly gyzyny uly agasyna,
ortanjy gyzyny ortanjy agasyna berýär. Özi bolsa kiçi gyzyny alyp, üçüsi
patyşanyň huzuryna ugraýarlar. Olaryň ulusy gara, ortanjysy mele, özi
gyr aty münüp, her haýsy öz gelinlerini syrtlaryna alyp gidiberýärler.
Olar ep-esli ýol geçensoňlar, Keljäniň gelni köwşüni galdyranyny
aýdýar. Kelje atyny gelnine tabşyryp, özi oba tarap gaýdýar. Olar hem
Kelje yzlaryndan ýetýänçä, dem-dynç almak üçin bir tarapda görnüp
oturan baglyga sowulýarlar. Barsalar ol baglyk döwüň bolýan ýeri eken.
Döw dişlerini çarhlap, olary iýjek bolýar. Şonda Keljäň doganlary
gorkularyna döwe ýalbarýarlar. Ahyry Keljäniň gelnini we atyny döwe
berip, özleri zordan sypýarlar. Birnäçe wagtdan soň, Kelje doganlarynyň
yzyndan ýetýär weli, doganlary oňa: “Ýolda döwe düşdük, ol bizi iýjek
187
boldy. Biz gaçdyk. Emma döw gelniň yzyndan ýetip alyp galdy. Biz
näme etjegimizi bilmedik” diýýärler.
Kelje doganlaryndan öýkeläp, döwüň bagyna ugraýar. Ol döwüň
uklap ýatan wagtyny gabatlap, gelnini alyp gaçýar. Keljäniň gelnini
alyp gaçanyny görüp duran döwüň aty deprenip, hokranyp başlaýar.
Muňa döw oýanýar-da, atynyň ýanyna gelýär. Döwüň aty gepleýär eken.
Ol: “Gyzy Kelje alyp gaçdy” diýýär.
Döw derrew atlanyp, Keljäniň yzyndan kowýar. Döwüň adam dilli
aty derrew Keljäniň yzyndan ýetýär-de, döwe garap: “Nädeýin?” diýýär.
Döw hem: “Her bölegini tike ýaly et” diýýär. Döwüň gepleýän aty
barşyna Keljäniň atyny bir kakyp goýberýär weli, Kelje ýedi togalanyp
gidýär. Ol döw bolsa, gyzy alýar-da gaýdyberýär.
Kelje özüni bilmän ýatyrka, bir garry çopan onuň üstünden gelýär.
Ol Keljäň agzyna suw damdyryp, eýlesini-beýlesini owkalaşdyrýar.
Kelje gözüni açýar. Çopan oňa geçi-goýunlaryny sagyp, süýt berýär.
Şeýdip Kelje oňat bolup gidýär. Çopan onuň habaryny soraýar.
Kelje bolsa öz atyny, gelnini bir döwüň alandygyny aýdyp: “Indi gyr
atym bilen gelnimi döwden almasam, bu dünýä maňa gerek däl” diýýär.
Onda çopan: “Oglum, biler bolsaň, Kap dagynyň aňyrsynda gepleýän
atyň ýelesini bakyp ýelinleýän, ygyny bakyp gulanlaýan enesi bardyr.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 11
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.