Latin

Türkmen Halk ertekileri - 06

Total number of words is 3896
Total number of unique words is 1659
37.4 of words are in the 2000 most common words
51.8 of words are in the 5000 most common words
59.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýorgan-düşek ýazyp, nahar taýýarlap gidýärler. Zalym peri bu gezek
barmagyny dilip, duz berip ýatýar. Gije Mämmet çykyp, nahary iýip
gidiberjek bolanda zalym peri:
– Gel, meni bir ogşap git – diýýär.
Mämmet baryp ogşajak bolýar welin, zalym peri garsa gujaklap,
ýorgana salýar. Ikisi çolaşyp, çyrmaşyp, ýedi gije-gündiz ýatýarlar,
sekizinji gün diýlende, perilere toý edip bermek hyýaly bilen daşaryk
çykyp, toý tutupdyrlar.
Mämmediň aýalynyň dogany Mämmede:
– Sen doga diýip gelipdiň, emma meni tanaýanyňy duýdurmagyn.
Şu gün her hili geýim geýdirse-de gülmän, ümsüm oturgyn. “Näme
beýle bolýaň?” diýip, şunça sorasa-da, tä Süleýmandan ant içýänçä
sesiňi çykarmagyn – diýip öwredipdir.
Mämmet edil öwredilşi ýaly, ýüz-gözüni sallap oturýar. Her zat
diýse-de, açylmaýar, ahyry zalym peri:
– Meniň toý günüm gamgyn bolma, Süleýman pygamberden ant
bolsun, seniň islegiňi bitirerin – diýýär.
Mämmetjan:
– Men şeýle bir doga diýip geldim – diýip, tukatlygynyň sebäbini
aýdýar.
Zalym peri:
– Ine, doga, emma han seni bölek-bölek etjek diýse-de, onuň ýanyna
barma, başyňa iş düşäýse hem, ine, şu saçy tütet, men şol wagt ýanyňda
97
bolaryn – diýip, saçyndan az-owlak ýolup beripdir. Birnäçe gün
geçenden soň Mämmet:
– Men indi gaýtjak – diýýär.
Iki sany perini zalym peri ýanyna çagyryp:
– Pylan ýurda näçe wagtda baryp bilersiňiz? – diýip soraýar.
Olar:
– Üç sagatda baryp geleris – diýýärler.
– Ýalan aýdýarsyňyz – diýip, olary kowýar.
Başga iki sany perini ýanyna çagyryp:
– Siz näçe wagtda baryp gelersiňiz? – diýip soraýar.
– Iki sagatda – diýip, olar jogap berýärler.
Zalym peri :
– Bolýar – diýip,olary ýola salýar.
Bu periler ýolda çalt uçup, bir pursatlyk dynç almaga wagt artdyryp,
oglan bilen keýpi-sapada bolupdyrlar. Mämmet hanyň ýanyna gelip:
– Han aga, ynha, doga, gör, emma berjek däl – diýýär.
Han bolsa:
– Berekella, senden tama hem şeýledi, indi sen maňa bir gala salyp
ber, ol galanyň dört gapysy bolsun, biri tomus, biri güýz, biri gyş, biri
ýaz bolup dursun – diýipdir.
Mämmet oňa:
– Onda, han aga, şu günden şeýläk adamlar kepderi bilen laçyn
tüpeňlemesinler – diýipdir.
Han öz raýatlaryna höküm ýaýradýar. Mämmet zalym periniň
saçyny çirkizýär welin, derrew bir topar kepderi gelýär. Zalym peri
Mämmediň öýüne girip, Mämmet bilen dyzba-dyz oturýar, öňki periler
oňa hormat goýup, gulluk edýärler. Zalym peri:
– Ýeri, Mämmet, başyňa näme iş düşdi? – diýip soraýar.
Mämmet hanyň hökümini aýdýar. Zalym peri perilerine:
– Şu gije tilsim bilen hanyň aýdyşy ýaly bir gala guruň diýip, buýruk
beripdir.
Periler şol gije buýrugy berjaý edipdirler.
– Berekella, Mämmet, ýör, gala baraly – diýýär. Mämmet
razylaşansoň gala barýarlar, görseler, hanyň diýişinden hem bäş beter
edipdirler. Han haýran galyp öz köşgüne gaýdypdyr. Näme alaç etjegini
bilmän baryp dostuna maslahat salýar.
98
Dosty:
– Ölümizden habar getir diýseň, gaýdyp gelmese gerek – diýýär.
Han ýene-de Mämmedi çagyryp:
– Mämmet, başga diýenim boldy, indi ölen atam-enemden bir habar
getirip berseň – diýýär.
Mämmet:
– Bolýar – diýip, gaýdýar-da, gelip aýallaryna maslahat salýar.
Onda Zalym peri:
– Bar, han on ýük odun ýygsyn. “Men o dünýä tüsse bilen gitjek”
diýip aýt – diýýär.
Mämmet baryp:
– Han aga, on ýük odun ýygdyr – diýipdir.
Han on ýük oduny derrew küdeleýär, Mämmet üstüne çykansoň,
adamlara aşagyndan ot berýärler welin, iki peri her haýsy bir ýandan
baryp, Mämmedi öýüne getirýärler. Zalym peri hanyň ölen ata-enesiniň
we dost-ýarlarynyň dilinden gelşirip hat ýazýar, onda şeýle diýilýär:
“Ýurt bu ýurt, jaý bu jaý, oglum gelsin. Balam, men bu taýda hanlygy
oňaramok, garrapdyryn. Oglum hökman gelsin” diýip ýazypdyr.
Üç-dört gün geçensoň Mämmet hanyň ýanyna haty alyp baryp:
– Ynha, han aga – diýip, haty beripdir. Han:
– Mämmet, nähili geldiň? – diýip, geň galyp sorapdyr.
– Meniň nähili gelenim bilen işiň bolmasyn, seniň ataň hatyny
getirip berdimmi ýa-da ýokmy? – diýip, ol jogap beripdir.
Han haty okap, atasynyň ýanyna gitmek hyýalyna düşýär. Ol oduny
has köpräk ýygdyryp, dost-ýarlary bilen üstüne çykýar-da, aşagyndan
otlatdyrýar. Han töweregini tüsse gabsap başlandan:
– Waý, çykyp bolanok-la? – diýip, gygyryp dat edýär.
Mämmet:
– Entek howlukma, ýalyn bilen uçarsyň – diýip gygyrýar. Han we
hanyň dostlary oda ýanyp ölýärler. Mämmet ilata:
– Siz indi kimi han tutsaňyz tutuň, olar gelerden geçdi, meni otdan
alyp giden bolsa şu perilerdi – diýip düşündirýär.
Jemagat Mämmetjany han saýlaýarlar. Mämmet han bolýar, emma
bir gün zalym peri bilen ýatyrka, “ah” çekýär. Zalym peri, muny duýup:
– Näme sen beýle “ah” çekdiň? – diýipdir.
99
Mämmetjan başyndan geçen günleri bir ýanyndan gürrüň berýär.
Garry atasyny göçürip getirmegi soraýar. Zalym peri perilere:
– Baryň, Mämmetjanyň ata-enesini ynjytman göçürip geliň – diýip
buýurýar.
Periler baryp Düýe Bahawetdin bilen aýalyny ukuda ýatan ýerinden
duýdurman alyp, gelip, ýagşy jaýda ýerleşdirýärler. Düýe Bahawetdin
gözüni açyp:
– Ah, keýwany, keýwany ölüp, o dünýä barypdyrys welin, jaýymyz
duşupdyr öýdýän – diýýär.
Periler bularyň üstüne her hili zatlardan sepipdirler.
Aýaly Bahawetdine:
– Mämmet bizi bir oňat öýe getiripdir öýdýän, görmeýämiň, her
hili zatlaryň ýakymly ysy gelýär – diýýär.
Bahawetdin bolsa:
– Aý, ýokla, biz ölüpdiris, ýöne uçmaha düşüpdiris – diýip eňek
bermändir.
Birsalym geçenden soň, periler bilen Mämmetjan gelipdir, bular
ata-enesi bilen görşüp, hal-ahwal soraşypdyrlar.
Bahawetdin:
– Oglum, garyndaşlarymyz gurgunmy? – diýip soraýar.
Mämmet ona:
– Ata, men garyndaşlarymy senden sorajak, gaýta sen menden
soraýarsyň-la – diýip jogap beripdir.
Bahawetdin:
– Bu gelen ýerimiz o dünýä dälmi? Biz ölemizokmy? – diýip
sorapdyr.
Onda Mämmet:
– Ýok, ata siz ölen dälsiňiz, gezip ýören ýeriňiz şu dünýädir –
diýip, ata-ogul we hemmeler şatlanyp toý tutmaga başlapdyrlar.
100
100
101
B
ir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir kempir bar eken.
Onuň hem üç sany ogly bar eken. Onuň iň kiçi ogly şeýle bir ýalta
eken. Biri bir zat diýse, ýöne: “Ernemen” diýip, jogap beräýärmiş. Onsoň
uly il muňa: “Ernemen kel” adyny dakanmyşlar. Günleriň birinde
doganlar oduna gitmekçi bolýarlar.
Iň uly agasy münýär atyna, ortanjysy münýär eşegine, iň kiçisinede: “Saýlan!” diýýärler welin, ol “Ernemen” diýip, jogap berýär. Ikinji
gezek aýdanlarynda, ýene şeý diýýär, üçünji sapar aýdanlarynda, ýenede şeý diýýär welin, uly agasy üç gezek gamçy bilen ýaňkyň gulagynyň
düýbüne gelşirýär-de, öz münüp oturan atynyň syrtyna alýar.
Sähra baransoňlar, agalary odun ýygýarlar. Bu bolsa, ýatyberýär
sazagyň saýasynda. Agalary: “Odun ýyg” diýse-de ol: “Ernemen” diýýär.
Onsoň odun ýygyp bolup: “Gel, ýükleş” diýselerem, “Men ernemen”
diýip ýatan. Ahyry ulaglaryny odundan ýükläp, öýlerine gaýtmakçy
bolup: “Hany, ýör, gideli” diýselerem, ýene: “Ernemen” diýip ýatan.
Agalarynyň hem gahary gelip: “Sen kel, erinýän bolsaň, şeýt-de
ýat” diýýäler-de, muny taşlap gaýdyberýärler.
Munuň şo ýatyşyna, gün ikindi bolýar. Keliň içi ajygýar, mundada ýaltanyp ýatan, gün ýaşyp ugraýar – onda-da ýatyr diýýär. Onsoň:
“Iýer ýaly bir zat bolaýsady” diýip, pikirlenip ugraýar. Şol wagtam
ilerden bir tüweleý turýar. Ernemen kel ýatan ýerinden çalaja kellesini
göterip seretse, uly tozan turuzyp, bir äpet gara ýylan gelýär. Ýene bir
seretse, onuň öňünden bir kiçijik ak ýylan aýakaldygyna gaçyp gelýär.
Ol şol gelşine düýrügip, Ernemen keliň goltugyna girip, ýygrylýar
ýatyberýär.
Munuň yzyny çalyp, kowup gelýän gara ýylan birdenkä ýaňkyň
yzyny ýitirýär-de, Ernemen kele garap:
– Aý, oglan, sen ak ýylany gördüňmi? Gören bolsaň, şonuň geçen
ugruny maňa salgy ber – diýýär.
Oglan hem şol ýatyşyna başyny aşak salyp:
– Aý ernemen – diýýär.
Gara ýylan:
– Aýt how, ak ýylany gördüňmi?
– Goýsana, ernemen.
102
Gara ýylan gaharlanyp:
– Heý, ýer çeken ýalta, saňa wagtymy sarp etmedik bolsam, bir
eýýäm ýeterdim-de, ony awlardym – diýýär-de, ýene tozan turuzyp
gidiberýär.
Şondan soň, ak ýylan oglanyň goltugyndan çykyp, owadan bir peri
gyza öwrülýär. Soňra hem:
– Eý adamzat, bir ýerde arzuw-islegiň bolsa aýt, dilejek zadyň
bolsa dile. Hemmesini edeýin. Sen meni gara döwden gutardyň – diýýär.
Ol bolsa ýene:
– Ernemen – diýip, jogap berýär.
Peri gyz:
– Oglan, sen ulumsylyk etme, dile, dilejek zadyň bolsa! – diýýär.
Oglan:
– Aý, ernemen! – diýip aýdýar.
Peri:
– Onda, her haçan başyňa iş düşse, ýa bir arzuw-islegiň bolsa:
“Ak ýylanyň permany bilen, meniň islän zadym bolsun!” diýgin. Şonda
myradyň hasyl bolar.
Oglan ýene:
– Ernemen – diýen.
Onýança-da perizat gyz gözden gaýyp bolup gidiberen.
Ernemen kel gün batansoň, hasam gaty ajygýar. Ýatan ýerinden
öz-özüne: “Aý, kel, agalaryň-a taşlap gitdi, garnyňam aç, açlygyňdan
ýaňa gözüňem gögerip gitdi. Indi ýatyp, ýekeje amanadyňy
tabşyraýmagyň galýar. Goý, maslygyňy-da möjekler iýsin. Hemmeside ýaltalygyňdan. Ýeri beýdip ýatanymdan ak ýylanyň öwredenini aýdyp
görenimde näme bolýar diýsene?!” diýýär.
Oglan ondan soňam esli wagt ýatyp, üşäp, ajygyp, ahyrsoňy:
– Ak ýylanyň permany bilen, bir şahy düşekçe, bir mawut ýassyk,
bir mahmal ýorgan gelsin – diýýär. Göz açyp-ýumasy salymda özi şol
aýdan zatlarynyň arasynda ýatyrmyş.
Özi özüne haýran galyp, akyly çaşyp, bu gudrata begenip, arkaýyn
uka gidýär.
Ir bilen tursa, öz ýatyşyna özi ynanman, açlygyndan ýene-de ýylany
ýatlap.
103
Ak ýylanyň permany bilen, bir tabak süzme palaw, bir datly gürbek
gawun, iki sany petir nan häzir bolsun – diýýär.
Göz açyp-ýumasy salymda bular-da peýda bolýar. Ömründe
görmedik zadyny gören Ernemen kel begenjinden ýaňa ýüregi içine
sygman, iki-baka ylgap başlaýar.
Uzakdan bir eşekli gelýän eken welin, ylgap şoň ýanyna gidýär.
Görse, ýaşy birçene baran aksakgal eken. Ol Was tarapa barýar eken.
Ernemen kel oňa:
– Ýaşuly, taýýarja palaw bar, siziňem nesibäňiz bardyr, ýörüň, iýip
geçiň – diýýär.
Aksakgal Ernemen keli jyndyr öýdüp, eşeginden mäkämje ýapyşyp,
bilýänje doga dileglerini samrap ugraýar. Emma ahyry onuň adam
ekenligine göz ýetirýär. Şondan soň, ýalbaryp duransoň, yzyna düşüp,
şo palawly ýere barýar. Iýip-içip, Kele alkyş baryny aýdyp, ýoluna rowana
bolýar.
Ernemen keliň özüni enesiniň oduna iberenligi ýadyna düşüp: “Ak
ýylanyň permany bilen, çar tarapdan çar küde odun gelsin!” diýýär welin,
on alty küde yzly-yzyna tüweleý ýaly bolup gelip, soňam bary bir ýere
üýşüp, öňünde uly bir küde bolýar duruberýär.
Indi Ernemen kel ak ýylanyň gudratyna açyk ynanýar. Onuň
öwreden zadyna-da, özüne hem göwni ýetýär. Soňra ýene: “Ak ýylanyň
permany bilen, çowdur palasyny ýazyp, şol küdäniň üstünde otursak”
diýýär welin, özüni şonuň üstünde görýär. Soňam: “Indi muny nädip
öýmüze alyp giderkäm?!” diýip oýlanýar. Köp kelle döwüp, birdenem
ýene ak ýylanyň aýdanyny ýadyna salyp:
– Ak ýylanyň permany bilen, şu odunlar dop-dogry obamyza tarap
ýöresin! – diýýär.
Şol wagt odun raýyş diýmän, salma diýmän, ýap diýmän, çil
diýmän, öý-çukur diýmän, zowlap keliň obasyna tarap ýyndam at ýaly
bolup, eňip ötägiden. Göz açyp-ýumasy salymda galanyň köçesiniň
gyrasyndan baryberipdir welin, iller gorkusyndan ýaňa, öýli-öýüne
sümüp gidipdir. Öýsüzler özlerini çukurlara taşlap, gizlenipdirler,
bazarlar dargap, dükanlar boş galypdyr, diňe hanyň gyzy balahanada
duran ýerinden:
– Eje, eje, bu gelýän peläkedi gör. At-da ýok, düýe-de ýok, ulagda ýok, hiç zat-da: ýöne bir giden odun özünden özi ýöräp gelýär.
104
Enekeleri çagyr, bu gudraty görsünler – diýip gygyryberipdir. Munuň
sesine hemme adamlar çykyp başlapdyrlar. Olar odunyň üstünde oturan
Ernemen kele ilki haýran galýarlar, soň gülüşýärler, bezzat oglanlar
bolsa, keli kesekläp ugraýarlar.
Hanyň gyzy balahandan ýykylaýjak-ýykylaýjak bolup, aşak egilip,
Ernemen kele çiňerlip seredýär eken. Çar tarapyndan keliň üstüne
ýagýan keseklere palak bolan ýumurtgalar hem goşulup başlaýar. Kel
hem han gyzyna gahar edýär-de:
– Ak ýylanyň permany bilen, hanymyzyň gyzy şu durşuna meňki
bolup, özem derrew hamyla bolsun – diýýär.
Şeý diýýärem welin, hanyň gyzy göwreli bolýar oturyberýär. Üç
günden soň, onuň aý ýaly owadan, daýaw, pälwan sypat bir ogly bolýar.
Han beýle habary eşidip, gaty gaharlanyp, gyzy dardan asmaga
höküm edýär. Hanyň baş weziri gaty akylly adam eken. Ol gelip:
– Han aga, bu bir täsin we görlüp-eşidilmedik zat. Megerem
munuň astynda bir gudrat bardyr, gel, onuň aslyna ýeteli. Han bolan
adam pähim-paýhasly, giň bolar, gaharly halda höküm çykarmaz. Eger
meniň aýdanymy etseň, bu işiň sebäpkärini gözläli. Tapyp temmisini
bereli – diýýär.
Han gahar bilen:
– Sebäpkärini tapmak seniň işiň. Bu işi sen ýerine ýetir. Emma
günäkär-de, gyz hem öldürilsin – diýýär.
Wezir jarçylary çagyryp, şeýle buýruk berýär:
– Bazar güni han agamyz toý berýär. Ähli ilat ýygnanmaly.
Gelmedigiň başy ölümli, maly talaňly bolar diýip, jar çekiň!
Jarçylar jar çeken soň, ilat bary hanyň köşgüniň töweregine
toplanypdyrlar. Wezir gelenleri tegeläp, üç hatar oturdypdyr. Emma bu
ýerde Ernemen kel ýok eken. Wezir goltugyna täze doglan çagajygy
alyp, onuň eline bir omaçany berýär welin, üç günlük çagajyk ýaňky
omaçany işdä bilen gemrip başlaýar.
Bu wagtda Ernemen keliň enesi:
– Aý, kel, sen biziň başymyza ölüm, malymyza talaň getirjek
bolýaňmy? Näme üçin hanyň çakylygyna baraňok? – diýip, depip-depip,
ýerinden turzup, ony hem toýa iberýär. Kel baryp ýetýänçä, wezir
adamlaryň hataryny iki gezek aýlanyp çykan eken. Iller oturyp, iýipiçýär ekenler. Ine, soň hatara Ernemen kel hem gelip, bir saçagyň
105
gyrasynda oturyp, iýip-içip başlapdyr. Şol wagt wezir oglanjyga ýene
bir omaça berip, ýene-de adamlaryň arasyna aýlanyp ugraýar. Ol
şübhelenen adamyna oglany uzadyp barýar. Emma oglanjygyň hiç kime
seredesi gelmeýär. Wezir Ernemen keliň duşuna gelende, oglanjyk
başyny şo tarapa öwüräýýär. Wezir aýak çekip, bir saçagyň başynda üç
bolup oturan adamlara ýakynlaşýar welin, oglanjyk olara tarap ymtylyp
ugraýar. Ernemen kele gözi düşen bada bolsa, elindäki omaçany taşlap
goýberýär-de, iki eljagazynam oňa uzadyp, baryp onuň boýnundan
gujaklapdyr.
Wezir Ernemen keli şatyrdadyp tutup, orta çykarypdyr. Ony hana
görkezip:
– Ine, çagaň atasy – diýen.
Han:
– Aý, peläket, bu nä boluş. Öýden çykman, gün görmän, öl çalman,
enekesinden başga del adam ýanyna barman oturan gyzy sen nädip
azdyrdyň? – diýip soraýar.
Onda ol:
– Aý, ernemen – diýen.
Han:
– Aklyňa aýlan, jogap bermeseň, men seň hamyňy soýduraryn –
diýen.
Ernemen kel ýene:
– Men ernemen – diýen.
Eden işine göwni ýetip, özünden hoşal bolup duran wezir hem
Ernemen keli her edip-hesip edip, mekir bilen, hile bilen, akyl bilen,
paýhas bilen, gepletjek bolýar eken. Ol bolsa, diňe şol: “Ernemen”
diýmekden başga zat aýtman duran eken.
Şondan soň, wezir hanyň emrini berjaý etmek bilen bolupdyr. Ol
bir düýäni öldürip, onuň hamyndan uly halta tikdiripdir. Çagany, hanyň
gyzyny we Erňemen keli haltanyň içine salyp, ýanlaryna-da iki sany
daýaw pişik goşup, haltanyň agzyny berk çatypdyrlar.
Soňra ol haltany üç sany düýäniň guýrugyna baglap, ilden çykaryp,
welaýatyň iň uly şorluk meýdanynyň ortarasynda goýup gaýdypdyrlar.
Bu üçüsi, pişikler bilen bäş bolup, haltada ýatyr ekenler. Gün
ýokary galyp ugranda, ham halta gurap, kem-kem ýygrylyp, olary gysyp
başlapdyr. Pişikler ajygyp dyrnajaklaşyp ugrapdyrlar.
106
Hanyň gyzy Ernemen kele:
– Eý adam, sen erkek kişi, nätseň-de bu haltadan çykmagyň bir
çäresini tap – diýýär.
Ol bolsa, şol bir heňi:
– Aý, men-ä Ernemen – diýýär.
Şeýdip, gün öýle agýança ýatypdyrlar welin, oglanjyk aglap, pişikler
mawlap, halys azar berip başlapdyrlar. Hanyň gyzy ýene-de kele
ýüzlenip, haýyşyny aýdypdyr welin, ondan ýene: “Aý, ernemenden” başga
söz eşitmändir.
Gün batyberende, keliň özem ajygypdyr, hopugypdyr we han
gyzynyň iňirdisinden bizar bolup:
– Ak ýylanyň emri bilen, halta kyrk para bolsun – diýipdir welin,
halta paýyrdap ýarylyp gidipdir. Iki pişik iki tarapa ökje göteripdir.
Bu üçüsi görse, giden bir uly şorlugyň içinde otyrlar diýýä, ne
suw bar, ne saýa. Onsoň hanyň gyzy:
– Eý, oglumyň kakasy, hany indi şeýder otyrysmy? Bir çertekçadyr dagy gur ahyry! – diýen.
Kel ýene:
– Aý, men-ä ernemen – diýip, jogap beren.
Gün batyp, bularyň töweregine gözlerini ýaldyradyp, şagallar üýşüp
başlaýarlar. Diňe şonda Ernemen kel:
– Ak ýylanyň permany bilen, şu ýerde kyrk gat jaýly köşk bolsun!
– diýen.
Göz açyp-ýumasy salymda köşk peýda bolupdyr. Ähli gerek
zatlaram onuň içinde taýar bolup durmuş. Onsoň bular köşge baryp
giripdirler-de, arkaýyn ýaşap başlaberipdirler diýýä. Şundan üç gün
geçen soň, hanyň aýaly:
– Gyzymyzyň hiç günäsi ýokdy, men onuň süňklerini ýygnap, ýere
bermek isleýän – diýip, hanyň gulagyny gazap ugrapdyr.
Han nökerlerinden üç sanysyna: “Hiç kime bildirmän, welaýat
şorunyň ortarasyna taşlanan haltadan bir habar tutuň!” diýip, buýruk
berýär. Nökerler atlanyp, üç gün ýol ýöräp, şoruň gyrasyndan barýarlar
welin, iki sany günüň şöhlesinden gözleri gamaşyp ugraýar. Görseler,
bir-ä gün, birem görülmedik-eşidilmedik läheň bir köşgüň altyn
gupbasynyň şöhlesi eken.
107
Bular geň-taň galyp, bu habary hana ýetirýärler. Han ynanman,
kyrk sany iň ýakyn adamlaryny alyp: “Niredesiň welaýatyň şory?” diýip,
ýola rowana bolupdyr.
Baryp görse, aýdyşlaryndanam zyýada eken. Onsoň:
– Meniň ýurdumda kimkä bu köşgi guran? – diýip, atlara gamçy
urup, şol köşge tarap sürüp baryberen welin, ogluny dyzyna alyp
balahananyň üstünde Ernemen kele çaý guýup berip oturan han gyzynyň
gözi atlylara düşüpdir. Ol kele garap:
– Kakam gelýär, öňünden çyk! – diýen.
Kelden jogap bolmandyr. Gyz iki-üç ýola gaýtalandan soň, bolsa:
“Aý, men-ä ernemen” diýen. Aýaly onda-da erkine goýmandyr. Ondan
soň, kel gören görgülerini ýadyna salyp:
– Ak ýylanyň permany bilen, şol gelýän adamlar-a at bolsun,
atlaram adam bolsun. Şeýdibem, şu köşgüň töweregine ýedi ýola
aýlansynlar – diýen.
Hä diýmän, han atdan agypdyr-da, özi ata, aty hem hana öwrülip,
ony münüpdir. Beýlekilerem şeýle bolupdyr. Bu sypatda bular köşgüň
töweregine bir aýlananda, gyz kele ýalbaryp ugrapdyr. Kelden jogap
bolmandyr. Ikinji aýlawda gyz ýene ýalbarypdyr. Kel: “Aý, ernemen”
diýipdir. Üçünji aýlawda ýene ýalbaranda, gyzyň zaryna dözmän, kel:
– Ak ýylanyň permany bilen, bular öňki sypatyna gelip, öýli-öýünde
bolsunlar – diýen.
Şol zaman han özüni öz tagtynyň üstünde görüpdir. Özem ol bu
işlere geň galyp, derini on alty ýaglyk bilen süpürip, dynyp bilmeýär
eken. Köşgüň ähli tebipleri ýygnanyp, eýeriň ýagyr edip, salan ýarasyny
bejerip ugrapdyrlar.
Soňra han bu gudratyň eýesiniň hut öz giýewisi ekenligine düşünip
galypdyr. Onuň bilen ýaraşmagyň tärini gözläp başlapdyr. Wezirini onuň
üstüne iberipdir. Ernemen kel bolsa, ony diňe üçünji gezek baranda,
kabul edip, hany myhmançylyga çagyrypdyr. Hanyň nökerleri:
– Han aga, şoňa gitmäli, ozal gidip, näme gördük? – diýip,
ýalbarypdyrlar.
Han başga kyrk ýigidini alyp, şoruň gyrasyndan barsa, şordan namnyşanam ýok diýýä. Hemme ýer gür bagy-bossanlyga öwrülipdir. Almaarmytlar, erik-şetdalylar miweläp otyrmyşlar.
108
Ernemen kel bolsa, balahananyň üstünde oturan ýerinden atlylaryň
garasy görnenden bir parsah ýere paýandaz düşedýär. Atlylar gelende,
olaryň atlarynyň başyny tutmaga kyrk bir sany gara gul däl-de, altyn
gazykly çykýar. Hezzet-hormat bilen bulary kabul edýärler.
Hyzmatkärleriň biri olara mürähet edip, keliň köşgüne seýil edip
görmäge çagyrypdyr.
Han we onuň adamlary görseler, kyrk gat köşgüň bir otagynda
şamçyrag, bir otagynda lagly jöwher, bir otagynda ýakut we merjen,
bir otagynda altyn-kümüş hazynalar püre-pür bolup, dolup duranmyş.
Nahar-owkat wagtynda Ernemen kel:
– Ak ýylanyň permany bilen, bulara kyrk dürli näzi-nygmatly
tagamlar çekilsin – diýen.
Hanyň adamlary göz açyp-ýumup ýetişmänkäler, keliň aýdyşy ýaly
bolupdyr. Hanyň nökerleri bu zatlary görüp, geň-taň bolup, haýran
galanlar.
Han gaýtjak wagtynda Ernemen kele:
– Gadyrly giýewim, biziň köşgümize-de myhman bolsaňyz şat
bolardyk. Siz bazar güni maşgalaňyz bilen biziňkä baryň – diýipdir.
Onsoň bular hanyň köşgüne myhmançylyga barypdyrlar. Han köp
şat bolup, bulara elinden gelen hyzmaty edipdir.
109
110
B
ir bar eken, bir ýok eken, öň zamanda bir gara baýtal bar eken.
Günleriň bir güni ol gara baýtal ýelä bakyp ýelinläpdir, ygyna bakyp
gulunlapdyr. Ondan bir oglan bolupdyr. Bir günde bir ýaşan, iki günde
iki ýaşapdyr.
Günleriň bir güni ol oglan obanyň ilatynyň bir ýana barýanyny
görüp, ol hem adamlaryň yzyna düşüp gidiberipdir.
Agzy boş adamyň biri ondan:
– Sen nirä gidip barýarsyň? – diýip, sorapdyr.
Oglan:
– Siz nirä barýarsyňyz? – diýipdir.
Ol adamlar:
– Biz toýa baryp, kyrk gulakly gazan düşürip, aş iýjek, göreşip
pälwan ýykjak – diýipdirler.
Ondan soň az ýöräp, köp ýöräp, toý ýerine barypdyrlar. Kyrk adam
bolup, kyrk gulakly gazany düşürip bilenokmyşlar. Ýaňky oglanyň
ýekeje özi kyrk gulakly gazany düşürip, depäniň üstüne äkidipdir-de,
aşyny iýmäge durupdyr.
Toý eýesi ol oglany aldap-ogşap, onuň elinden aşyny alypdyr.
Soň göreş başlanypdyr.
Oglan göreşmäge başlapdyr. Oglan toýa ýygnanan pälwanlaryň
hemmesini ýykanmyş.
Şol wagt bir adam:
– Gara daş galdyrany getirsek, seni ýyldyzlaryň ýanyndan gaýtarardy
– diýip, gygyryp aýdypdyr. Oglan ap-arkaýyn:
– Baryň, alyp geliň – diýipdir.
Ondan soň Gara daş galdyrany alyp gelipdirler. Oglan oňa – gezegi
saňa berdim diýipdir.
Onsoň, Gara daş galdyran bir silkipdir, emma ýykyp bilmändir.
Yzyndan oglan nobat alyp, ony bir silkip goýberipdir. Gara daş galdyran
ýere ýazylaýypdyr. Oglan ony ýykyp, damagyna pyçak goýupdyr. Şol
wagt Gara daş galdyran:
– Waý, sen owal atadan näçe dogandyň? – diýipdir. Oglan:
– Owal atadan ýeke dogandym – diýipdir. Gara daş galdyran:
– Onda bolsa, iki dogan bolaly – diýipdir. Oglan: – bolýar –
diýipdir.
111
Şol wagt duran adamlaryň ýene biri:
– Demir daş galdyrany alyp gelsek, seni ýyldyzlaryň ýanyna zyňyp
goýbererdi – diýipdir. Oglan: – Baryň, ony alyp geliň – diýipdir.
Oglan muny-da ýykypdyr, soň onuň damagyna pyçak goýupdyr.
Demir daş galdyran oňa:
– Waý, owal atadan näçe dogandyň? – diýipdir.
Oglan:
– Owal atadan iki dogandym – diýip, jogap beripdir. Onda Demir
daş galdyran:
– Gel, onda üç dogan bolaýly – diýip, haýyş edipdir. Oglan - bolýar
- diýipdir.
Ondan soň toý gutarypdyr. Olar üç dogan bolup ugrapdyrlar. Gidip
barýarkalar, öňlerinden uly şor ýer çykypdyr. Şol şorluk bilen olar iki
gije, iki gündiz ýol ýöräpdirler. Üçünji güni ertir bilen gidip barýarkalar,
uzakdan bir tüsse görnüpdir. Köp ýöräp, az ýöräp, şol tüssä barypdyrlar.
Barsalar, ol bir guýy eken. Doganlary guýynyň içine öňi bilen Gara daş
galdyrany sallapdyrlar. Ol sallanan badyna – Waý ýandym, waý bişdim
– diýip, gygyrypdyr. Ony yzyna çekip alypdyrlar. Soň Demir daş
galdyrany sallapdyrlar. Bu hem şonuň ýaly – Waý ýandym, waý bişdim
– diýip, gygyrypdyr.
Ondan soň oglan öz doganlaryna:
– Meni sallaň, eger men ýandym diýip gygyrsam, çekip alyň, emma
bişdim – diýip, gygyrsam, arkaýyn sallaberiň diýipdir.
Doganlary muny guýa sallapdyrlar. Oglan, bişdim, bişdim diýip,
gygyryp, guýynyň düýbüne düşüpdir. Görse, guýynyň düýbünde içen
suwy alkymyndan görnüp duran bir owadan gyzyň dyzyny bir gara döw
ýassanyp ýatan ekeni. Bu gyz bu oglana:
– Bu ýerik guş gelse ganaty gyrylýandyr, keýik gelse toýnagy
düşýändir, sen nire, bu ýeri nire? Gelen yzyň ýitmänkä, gidiber – diýipdir.
Oglan bu sözi eşidip, ýatan döwüň budunyň iç ýüzünden ep-esli
kesip alypdyr.
Döw turup:
– Adamzadyň ysy bar – diýipdir.
Onda oglan:
– Men adamzat – diýipdir.
112
Döw oňa:
– Atyş gerekmi, tutuş – diýipdir.
Oglan:
– Atyş ataň başyna, tutuş gerek – diýipdir.
Soň ikisi tutuşypdyrlar. Oglan bu döwi ýykypdyr-da, onuň
damagyny çalypdyr.
Şol wagt gyz:
– Ine, mal, ine mülk, ine ok, ýaý, gel, ikimiz şu ýerde ýaşabereli –
diýipdir.
Onda oglan:
– Malyň-mülküň bolsa, ýygnap oturyber – diýipdir. Gyz oňa:
– Mundan beýle-de bu döwden hem güýçli döwler bardyr, seni
öldürer olar – diýipdir.
Oglan:
– Ýok, öldürmezler – diýipdir. Soň ikinji döwüň bolýan ýerine
barypdyr. Barsa bir döw, bir aýalyň dyzyny ýassanyp ýatyr. Bu aýal hem
ýaňky gyzyň aýdanyny aýdypdyr.
Oglan baryp, bu döwüň hem budunyň iç ýüzünden kesip alypdyr.
Döw turup:
– Atyş gerekmi ýa-da tutuş – diýipdir.
Oglan:
– Atyş ataň başyny iýsin, tutuş gerek – diýipdir.
Soň bularyň ikisi tutluşypdyrlar. Oglan bu döwi hem ýykyp
damagyny çalypdyr.
Ol aýal bu oglana:
– Gel, ikimiz bu ýerde bolubereli – diýipdir.
Oglan:
– Ýok, sen oturyber, ine men gaýdyp gelerin – diýipdir. Aýal oňa:
– Mundan beýlede bu döwden-de güýçli bir döw bardyr – diýipdir.
Oglan:
– Men hiç kimden gorkmaýaryn - diýip, ýene-de gidiberipdir. Az
ýöräp, köp ýöräp, üçünji döwüň ýanyna barypdyr. Barsa, bir öleýin
diýip duran garryja aýalyň dyzyny öňki öldüren döwleriniň üçüsiçe bar
bir döw ýassanyp ýatan ekeni.
113
Garryja aýal oňa:
– Bu nire, sen nire, gelen yzyň ýitmänkä, gidiber – diýipdir.
Oglan ol döwüň budunyň iç ýüzünden öňkülerden-de köp hamy
kesip alypdyr.
Döw turup:
– Atyş gerekmi ýa-da tutuş? – diýipdir.
Oglan:
– Atyş ataň başyny iýsin, tutuş gerek – diýipdir. Bu ikisi
tutuşypdyrlar. Ýedi gije-gündiz tutuşyp, bir-birini ýykyp bilmändirler.
Ahyrda oglan asgynlap başlapdyr. Muňa ýaňky garryja aýalyň rehimi
gelip: “Bu adamzat tohumy, döw muny ýyksa, öldürer” diýip, döwüň
aýagynyň aşagyna dary sepipdir. Döwüň aýagy taýyp ýykylypdyr. Oglanda munuň damagyny çalypdyr.
Soň oglan garryja aýala:
– Malyňy, mülküňi, goşuňy al-da, ýör – diýipdir. Ikinji aýalyň
ýanyna gelip, oňa hem şeý diýipdir. Soň olaryň hemmesi birinji gyzyň
ýanyna barypdyrlar.
Ilki bilen mallary we beýleki zatlary ýokardaky doganlary çekip
alypdyrlar. Soň garryja aýaly çekip alypdyrlar. Onuň yzyndan ýaş aýaly
çekip alypdyrlar.
Soň oglan gyza:
– Sen öňürti çyk, yzyňdan men-de çykaryn – diýipdir. Onda gyz:
– Ýok, men öňürti çyksam, seniň ýüpüňi kesip çykarmazlar –
diýipdir.
Oglan:
– Ýok, olar meniň doganymdyr, meniň ýüpümi kesmez – diýipdir.
Gyz ahyry:
– Eger-de bardy-geldi ýüpüňi kesäýseler, iki sany goç bardyr, ak
goçuň üstünden düşseň ýokaryk, gök goçuň üstüne düşseň ýedi gat
ýeriň aşagyna gidersiň – diýipdir.
Soň gyz oglana:
– Eger-de seniň ýüpüň kesilse, men näderin? – diýipdir.
Oglan:
– Şu ok ýaýyň başyny bir ýerik getiren bolsa, şoňa bararsyň –
diýipdir.
Soň gyzy-da ýokary çekip alypdyrlar.
114
Gyzy görüp, doganlaryň agzy alarypdyr.
Demir daş galdyran:
– Biz ony çekeýli, soň ýakynlanda, ýüpüni keseýli – diýipdir. Gara
daş galdyran “bolýar” diýipdir.
Soň olar bu oglany çekip, guýyň agzyna ýakynlaşanda, ýüpüni
kesipdirler. Oglan şol gaýdyşyna gök goçuň üstünden düşüp, ýedi gat
ýeriň aşagyna düşüpdir. Oglan ol ýerde bir näçe gün gezipdir.
Bir gün görse iki sany ýolbars gelýärmiş. Oglan munuň birini
münüp, birini goltugyna alyp ýöräberipdir. Gidip barýarka öňünden
ýer sürüp ýören bir daýhan çykypdyr.
Oglan oňa:
– Daýhan aga, maňa bir çörek getirip ber – diýipdir. Daýhan hem
oňa çörek beren. Oglan ýene gidiberipdir. Barýarka, egin-eşigi sal-sal
bir oglan çykyp oňa:
– Heý adam, seni patyşa çagyrýar – diýipdir. Oglan:
– Patyşa bolan ibermäge senden başga adam tapmadymyka? Bar
şony patyşaňa aýt – diýipdir.
Eşigi sal-sal oglan ony patyşa aýdypdyr. Soň patyşa ýedi sany atly
nöker iberip: – Baryň, ony çagyryp geliň – diýipdir. Bu atlylar-da oglanyň
ýanyna gelmäge gorkup, hol beýlede köwejekleşip:
– Heý adam, seni patyşa çagyrýar – diýipdirler. Oglan ýolbarsyň
birine kyrk gamçy urup, kowup goýberipdir. Soň adamlara:
– Patyşa çagyrýan bolsa, barmaly bor – diýip, patyşanyň ýanyna
barypdyr.
Patyşa oglandan:
– Seniň dünýäniň ýüzünde näme dilegiň bar? – diýipdir.
Oglan:
– Ýeriň ýüzünde birje dilegim, ol-da bolsa, men ýedi gat ýeriň
üstüne çyksam – diýipdir.
Onda patyşa:
– Men seniň bu dilegiňi bitirip biljek däl. Emma pylan ýerde bir
guş bardyr, şol guş bitirse, bitirer – diýipdir.
Oglan az ýöräp, köp ýöräp, şol guşuň bolýan ýerine barypdyr. Görse,
üç sany guş bar ekeni, bularyň biri gülüp otyr, biri aglap otyr, ýene biri
gan aglap otyr.
115
Oglan olara:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 07
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.