Latin

Türkmen Halk ertekileri - 05

Total number of words is 3851
Total number of unique words is 1743
35.2 of words are in the 2000 most common words
49.2 of words are in the 5000 most common words
57.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
durandyr. Sen bar-da taý bolar weli, esbapla-da mün. Onsoň, bar-da
aýalyňy alyp gaýt. Döw yzyňdan kowup ýeter weli, sen oňa: “Meniň
atymyň esbaplary gyzyldan, seniň atyň esbaplary gara gurumdan” - diýip
gyjalat ber. Şonda onuň aty döwi ýykyp öldürer –diýýär.
Mämmet ýolbarsyň diýşi ýaly edip, taýy münüp, aýalyny alyp
gaýdýar. Döw yzyndan kowup ýetende, ýolbarsyň aýdyşy ýaly edip,
gyjalat berýär welin, döwüň aty muny eşidip, dik ýokaryk uçup ugraýar.
Uçup-uçup: “Ýer görünýärmi?” diýýär.
Döw:
– Çala görünýär – diýipdir. At ýene ýokaryk gidip: “Ýer
görünýärmi?” diýen.
Döw bu sapar ýeri görmänsoň:
– Ýok görünmeýär – diýen.
At: “Örän gowy-da” diýip, döwi şol ýerden başaşak goýberýär.
Döw: “Ýa suw ýa saman” diýip gaýdyşyna, ýylçyr gaýa degip, çympytyrak bolýar.
Mämmet ýolbarsyňka baryp, alty gün toý edýär, gaplaňyňka baryp
alty gün toý edýär. Mцjegiňkд baryp alty gьn toý edýär. Öýüne gelip,
toýuny jemleýär. Uly toý tutýar. Ol 40 günläp dowam edýär.
Mämmet toýuny sowup, il-gününi hoş edip, bagtly durmuşda
ýaşamaga başlaýar.
79
80
B
ir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir patyşa bar eken. Bu
patyşanyň çyna berimsiz gurrandazlary bar eken. Olar gurra taşlap,
ýurtda bolýan ahwalatlary, patyşalyga garşy adamlary biler eken.
Günlerde bir gün gurrandazlaryň başlygy patyşanyň ýanyna baryp:
– Patyşahym, arzym bar – diýipdir.
– Aýt arzyňy?
– Aýtmaga dilim baranok. Bir çemçe ganymy geçseňiz aýtjak.
– Geçdim.
– Patyşahym, şu ýurtda siziň tagtyňyzy eýelejek oglan dünýä inipdir.
– Haçan?
– On bäş ýyl ozal.
– Nan ýagylary, şu çaka çenli onuň bardygyny bilmän näme etdiňiz?
– diýip, patyşa oda-köze düşüpdir. Köşeşenden soň gurrandazlaryň
başlygyndan:
– Kimiň ogly? – diýip sorapdyr. Gurrandaz gurra taşlap, kimiň
oglydygyny bilipdir-de:
– Pylan dükançynyň ogly – diýipdir. Oda-köze düşen patyşa:
– Ondan nädip dynmak bolar? – diýip sorapdyr.
– Pylan diýen ýurtda bir beýik gaýa bar. Gaýanyň üsti laglymerjenden, altyn-kümüşden doly. Şol gaýa kim çyksa, gaýdyp yzyna
düşme ýok. Onuň şol ýerde peýmanasy dolýar. Oglany şol gaýa
çykarmaly. Çykandan soň, şol ýerde ölüp gider – diýip, gurrandazlaryň
başlygy bu işi öz üstüne alypdyr.
Gurrandazyň başarmajak işi barmy? Ol bir togalanyp jady bilen
uly söwdagäre öwrülipdir. Dükançynyň ýanyna baryp, özüniň uzak
ýurda söwda gidýändigini aýdypdyr. Dükançy hem:
– Bili bekäp, zehini bekemedik bir oglum bar. Ol bir meniň ýaly
dükançy bolmasyn. Söwdany öwrensin, ýurt görsün. Şony hem özüň
bilen äkit – diýip ýalbarypdyr. Gurrandazlaryň başlygyna-da geregi şol.
Ol razy bolan bolup kerwen gurap oglan bilen ýola düşüpdir. Ol ýol
boýy “Oglan gaýa çykyp, lagly-merjen, altyn-kümüş oklasa, tüçjar baý
bolaryn. Patyşadan hem uly serpaý alaryn” diýip, pikir öwrüp barýan
eken.
Olar gidip baryşlaryna çölden geçipdirler, dagdan ötüpdirler,
ýurtdan-ýurt aşyp, uly deňizden geçmeli bolupdyrlar. Bu deňiziň
81
ortasynda bir ada bar eken. Ol adada döwler mekan tutunandan soňra
söwdagärler gündizine geçmäge gorkar ekenler. Gurrandazlaryň
başlygy bolsa muny bilip, deňizden gije geçipdir.
Az ýöräp, köp ýöräp, ahyry lagly-merjenli, altyn-kümüşli gaýa
ýetipdirler. Gurrandazlaryň başlygy:
– Oglum, ýol üçin göteren pulumyz gutaryp barýar. Şu gaýa
hazynalar gaýasydyr. Eger gaýa çykyp, şolary oklasaň, sen-de baý
bolarsyň, men-de baý bolaryn. Gaýadan düşeniňden soň, deň paýlaşarys
– diýip, oglany alyna çolapdyr. Oglan:
– Bolýa, agam, ýöne gaýa nädip çykyp-düşüp bolar? – diýip
sorapdyr.
Münüp-düşmesi ap-aňsat. Iki öküzi öldürip, hamyndan halta
ederis. Halta girersiň welin, agzyny gaýym daňarys. Ho-ol guşlar
öküzüň maslygydyr öýdüp, seni göterip gaýa çykararlar. Dumly-duşdan
tüýdüp başlarlar. Ham ýyrtylandan soň çykyp, lagly-merjenleri, altynkümüşleri oklarsyň. Düşmek münmekden hem aňsatdyr. Seniň biliňe
ýüp daňarys. Sallanyp düşersiň.
Gürrandazlaryň başlygy oglany öldürilen öküziň hamynyň içine
salyp, agzyny gaýym tikipdir. Äpet-äpet gara guşlar ony göterip, gaýa
çykaryp taşlapdyrlar. Bir salymdan öküziň hamy tüýdüm-tüýdüm
bolupdyr. Oglan depedäki lagly-merjenleriň, altyn-kümüşleriň ählisini
ýere oklapdyr. Gurrandazlaryň başlygy oglanyň taşlan zatlaryny kerwene
ýükläpdir. Oglan gaýada duran ýerinden:
– Bu ýerden nädip düşeýin? – diýip gygyrypdyr.
– Bu gaýa çykan gaýdyp ýere düşýän däldir. Ho-ol äpet gara guşlary
görýäňmi?
– Görýän.
– Şol guşlar seniň ajalyňdyr. Daş-töweregiňde çaşyp ýatan adam
süňkleri barmy?
– Bar.
– Bar bolsa, sen hem şolaryň hataryna goşularsyň – diýip,
gurrandazlaryň başlygy bir togalanyp, öňki kaddyna gelipdir. Ol
kerwenlerini tirkäp, ýurduna rowana bolupdyr.
Oglan aglapdyr, eňräpdir. Aglamakdan, eňremekden ne peýda. Bu
ýerden, ol ýerden düşjek bolupdyr. Başarmandyr. Bilindäki iki gulaç
ýüpi sallap görüpdir. O-da zordan gaýanyň ýokarky kemerine ýetipdir.
82
Oglan öküziň hamyna girjek bolupdyr. Ony-da guşlar tüýt – müýt
edipdir. Galan bölegem sanaç ýaly gatap galypdyr.
Dükançynyň ogly ýatyp oýlanypdyr, turup oýlanypdyr. Ahyry
çykalga tapypdyr. Ýüpi duzak edip, bir ujuny biline daňyp, öküziň gatap
galan hamyny daşyna üýşürip ýatyberipdir. Äpet gara guşlaryň biri
birmahal gelip, duzagyň üstüne gonupdyr. Oglan ýüpi çekip goýberipdir.
Guş pasyrdap asmana galypdyr. Oglanyň agramyna çydamadyk guş gaty
uçup bilmän assa-assa uçup ýere gonupdyr.
Horluk – zarlyk görmedik, ejesiniň gaýnadan ýarmasyny,
dükançynyň getiren halwasyny iýip, erke ösen oglan. Bu kynçylyklara
çydaman, ölümden galanyna begenjegini-de, gynanjagyny-da bilmän,
möňňüriberipdir. Aglapdyr, eňräpdir. Ahyry ýüregi düşüp ýola rowana
bolupdyr.
Çölden geçipdir, dagdan ötüpdir. Ahyry uly deňize gelip ýetipdir.
Oglanda gaýyk barmy, gämi barmy? Bir gury agajyň üstüne münüp,
ýüzüp başlapdyr. Ol döwli ada gündiz däl-de, gije baryp ýetipdir. Görse,
hatar-hatar jaýlar biri-birinden owadanmyş. Dükançynyň ogly döwleriň
bir jaýynyň gapysyny açypdyr. Içinde hiç kim ýokmuş. Ikinji jaýyň
gapysyny açan. Onuň hem içinde hiç kim ýokmuş. Oglan otuz dokuz
jaýyň gapysyny açypdyr. Jaýlaryň içinde hiç zat tapmandyr. Kyrkynjy
jaýyň gapysyny itipdir. Gözi öýi dolduryp oturan aý ýaly perä düşüpdir.
Oglan salam beripdir. Gyz salamyny alypdyr. Oglan başyndan geçen
ahwalaty birin-birin perä aýdyp beripdir. Onuň oglana rehmi gelipdir.
Ol:
– Häzir kakamyň gelýän wagty boldy. Sen gizlen. Bolmasa ol seni
iýer – diýip, oglany iňňä öwürip goýupdyr.
Bir wagtlar ýer-gök titräp, tupan turup, jöwenek ýagyp başlapdyr.
Soň ýagyş ýagypdyr. Bu jöwenek hem däl eken, ýagyş hem däl eken.
Döwüň ala-zenzelesi eken. Ol öýe girip girmän:
– Öýde adam ysy bar. Kim meniň mekanyma gadam urdy? – diýip,
gyzyndan soranmyş. Gyzy oglanyň başyndan geçiren ahwalatyny döwe
aýdyp berenmiş. Döwüň oglana rehmi inipdir.
– Öldürmäýin, gyzym, şu gezek seniň üçin oglanyň günäsini bagyş
etdim. Ol nirede? – diýipdir. Gyz iňňä dem salyp, Oglany kaddyna
getiripdir. Döw hem:
– Näme hyzmatyň bolsa aýt. Ýerine ýetireýin – diýipdir.
83
Horluk – zarlyk görmedik oglanda, tälim – terbiýe almadyk
oglanda hyzmat bolarmy? Ýere seredip durmuş. Gyz, özem kyrk gyzyň
akyly jemlenen gyz muny duýupdyr. Ol:
– Däde, bu oglana öz bilýän ýetmiş iki hünäriňi öwret. Hünärli
ýigit bolsa, beýle hor-zar bolmaz – diýipdir.
Döw gyzy bilen dükançynyň ogluna ýetmiş iki hünäri öwredipdir.
Oglan bu ýerde ýaşaberipdir.
Oglan günlerde bir gün ah çekipdir. Gyz:
– Iýjegiň öňüňde. Ýeter-ýetmeziň ýok. Öýde ähli zat bar. Näme ah
çekýäň? – diýip sorapdyr. Dükançynyň ogly ýurduny, dogangaryndaşyny göresi gelýändigini aýdypdyr.
Bu döwüň kyrk ogly bar eken. Olar “Gyza ýetmiş iki hünäri öwretdi
bize öwretmedi” diýip, dädelerinden öýkeläp, başga ýerde mesgen tutan
eken. Gyzyň dädesi olardan maslahatsyz oglana gyzyny berip, ikisini
hem guşa öwrüp, ýola salypdyr. Bu sapar döwüň oglanlary armanly
bolup galypdyrlar.
Dükançynyň ogly aýaly bilen ýurduna barypdyr. Görse dükançynyň
öýünden nyşan galmandyr. Dükançy amanadyny tabşyrypdyr. Ejesiniň
iki gözi kör bolupdyr. Ol hem biriniň gapysynda ölmez – ödi gününi
görüp ýör eken. Ýetmiş iki hünärli oglan, peri aýally oglan indi hor –
zar boljakmy? Oglan peri aýaly bilen ökde ussalary jemläp, şäheriň
çetinden köşk saldyran. Aýaly gaýyn enesiniň gözüni açan. Oglan
dädesiniň dükanyny açyp, gül ýaly gününi görüp başlaberenmiş.
Günlerde bir gün, patyşanyň gyzy gezelenje çykypdyr. Ol bularyň öýüniň
ýanyna gelende oglanyň peri aýalyny görüpdir. Aý ýaly owadan aýal
patyşanyň gyzyna şol bada ýarapdyr. Ol:
– Sen kim? – diýip sorapdyr.
– Men dükançynyň aýaly, pylan döwüň peri gyzy.
– Senden peri bolarmy? Peri bolsaň, hany kenizleriň, hany köşgüň?
Men peri. Kyrk kenizim bar. Kyrk hyzmatkärim bar. – diýip, munuň
üstünden gülüpdir.
Dükançynyň oglunyň aýaly gahar edip, perilik döwri ýadyna düşüp,
togalanyp kepderi bolupdyr. “Hoş, ene” diýip, öz ýurduna uçup gidipdir.
Uçupdyr, uçupdyr. Köp ýurtdan ötüp, öz ýurduna ýetipdir. Birbada
dädesiniň ýanyna barmaga ejap edip, kyrk agasynyň ýanyna barypdyr.
Öň näderini bilmän, gahar-gazaba münüp ýören döw oglanlary peri
84
jigileriniň ahy-zaryna garaman, el-aýagyny baglap, zyndana taşlapdyrlar.
Goý, gyz zyndanda ýatybersin. Indi habary dükançynyň oglundan
eşideliň.
Dükançynyň ogly söwdasyny gutaryp, öýüne gelse, ejesi gözýaş
döküp otyr. Ol:
– Eje, näme üçin gözýaş dökýäň? – diýip sorapdyr.
– Men aglaman, kim aglasyn? Gelin gitdi.
– Nirä gitdi?
– Döwüň ýurduna gitdi.
Ejesi bolan ahwalaty birin-birin ogluna aýdyp beripdir. Ýetmiş
iki hünäri öwrenen oglan, tälim-terbiýe alan oglan, bir togalanyp kepderi
bolup: “Nirdesiň garry döwüň öýi” diýip, ýola düşüpdir.
Az ýöräp, köp ýöräp, bir gün garry döwüň öňünde häzir bolupdyr.
Garry döw gyzynyň zyndanda ýatanyndan habarly eken. Ol:
– Gyzymy halas etmäge kiçi oglum kömek eder. Şonuň öýüne
bar. – diýip, oglunyň öýüni salgy beripdir. Oglan döwüň kiçi oglunyň
öýüne barsa, ynha bir haýat. Haýatyň daş-töweregi gyzyl ot. Içine
ýerden-gökden girer ýaly däl. Dükançynyň ogly garry döwüň öwreden
dogasyny okapdyr. Ot öçüp, derweze açylypdyr. Oglan kiçi döwüň
ýanyna baryp, tanyşlyk beripdir. “Döwüň, onda-da kiçi döwüň akyly
gysga bolar” diýenleri. Bu döw eýleki agasynyň öýüni salgy beripdir
we “diňe şol gyzy boşadyp biler” diýip sargyt edipdir.
Şeýdip, oglan otuz sekiz döwüň öýüne girip çykypdyr. Bu
döwlerden netije çykmandyr. Dükançynyň ogly otuz dokuzynjy döwüň
gapysyny itipdir. Içeri girip görse, iki döw-giripdir gyzyl ýumruga. Garsda-gars, gürp-de-gürp. Bularyň badyna ýer titireýär, diwarlar sarsyp
ýykyljak bolýar. Oglan iki döwüň arasyna düşüpdir.
– Nämäniň üstünde uruşýarsyňyz?
– Bizde Musanyň saçagy, Musanyň ýüpi, Musanyň tokmagy bar,
şony paýlaşyp bilemizok.
– Saçak, ýüp, tokmak üçin gyzyl – ýumruga girmek nämä gerek?
– Wah, munuň ýaly saçak, ýüp, tokmak hiç kimde ýok. Saçaga:
“Açyl saçagym, açyl. Dürli nygmatlar seçil” diýseň, saçak açylyp, islän
nygmatyň üstünde häzir bolýar. Ýüpe: “Şulary kössekle” diýseň bolany,
nähili goşun bolsa-da, kössekläp çykýar. Tokmaga hem: “Ur tokmagym,
ur” diýseň, gözüne görnen zady weýran edýär.
85
– Dawa – jenjel ite ýaraşypdyr. Men bulary aňsat paýlap bereýin.
Siz pylan ýere baryp, şol ýerden ylgap gaýdyň. Kim öň gelse saçak,
ýüp, tokmak şonuňky bolar – diýip, oglan iki döwi aldap, ýola salypdyr.
Döwleriň garasy ýitenden oglan aýalynyň bolýan zyndanyny tapyp,
gyzy ýagty dünýä çykarypdyr. “Niredesiň ata mekan” diýip, iki kepderi
bolup uçup gaýdyberipdirler. Goý, bular gaçybersin. Habary iki döwden
alalyň.
Iki döw hymmyl- symmyl gürleşip, mytdyl-mytdyl ýöreşip, oglanyň
aýdan ýerine ýetipdirler. Ol ýerde dynç alypdyrlar. Birden “ýüp, tokmak,
saçak meniňki-hä, meniňki” bolşup, beripdirler ýazzyny. Ýel, guşlar
bularyň yzyndan ýetip bilmän, yzda galypdyr. Öýe gelseler, ne oglan
bar, ne saçak, ne-de tokmak, ne-hä ýüp, hiç zat ýok. Öň kakasynyň
işine, soň jigisiniň işine, iň soňda-da ýek ýigrenýän giýewileriniň işine
jany ýanan döwler ala-wagyrdy bolup, gahar-gazaba münüpdirler.
Olaryň gaharyna janly-jandarlar, dagy-düzler çydaman
endireşiberipdirler. Olar “Durandan ne peýda, ikisini hem tutup, oda
taşlalyň” diýşip, oglan bilen gyzyň yzyndan kowup ötägidipdirler.
Kow-ha-kow, ýet-hä-ýet dag-düzden iki böküp, deňizdir derýadan
üç böküp, oglan bilen gyzyň yzyndan ýetipdirler. Gyz zalym agalaryny
görüp howsala düşüpdir. “Peýmanamyz şu ýerde bolsa gerek” diýip,
kepderiden gyza öwrülip duruberipdir. Oglan:
– Güýç bar, gaýrat bar, ýetmiş iki hünär bizde bar. Ýüp bilen tokmak
elde bar. Gaýgy etme. Bir alajy bolar – diýip, gyza göwünlik beripdir.
Ol ýüpi haltadan çykaryp:
– Şulary kössekle – diýipdir. Ýüp döwleri bir demde kössekläp
çykypdyr. Gyz seretse, ýaňky dabyr-dabyr edip duran döwler dag
bölekleri ýaly, her ýerde düňderilip ýatanmyş. Dükançynyň ogly döwler
aman dileýänçä boşatmandyr. Bir mahal gany sowan kyrk döw kyrk
ýerden “aman” diýip gygyrypdyr. Olaryň sesine ýer lerzana gelen, dag
titrän.
Oglan ýüpe:
– Bulary boşat. – diýip, döwleri ýüp belasyndan dyndarypdyr.
Döwler:
– Bizde akyl ýok-ha, bizde akyl ýok – bolşup, ala-zenzele
edipdirler. Uly agasy:
86
– Dädem osal adam däl-how. Bu oglan oňa-da gudrat görkezipdir.
Biziň mekana ýöne-möne adam gelesi ýok. Biziň ýurda at gelse
toýnakdan aýrylar, guş gelse ganatdan aýrylar, adam gelse kelleden
aýrylar diýen ýurt. Gyz jigimizde kyrk gyzyň akly, segsen gyzyň görki
bar. O-da bilip-bilmän birine baryp oturybermez. Gudrat diýseň munda
bar, gaýrat diýseň munda bar – diýip, dükançynyň oglunyň aýagyna
ýykylypdyr. Galan otuz dokuz inisi hem diň gaýdan ýaly aşak
gaýdypdyrlar. Goý, bular düňderilen gazan ýaly bolup, garalyşyp
ýatybersinler. Habary dükançynyň oglunyň ýurdundan eşideliň.
Bu bolýan ahwalaty gurrandazlar gurra taşlap, şol demde
bilipdirler. Patyşa uly howsala düşüpdir. Ol gurrandazlaryň başlygyny
çagyryp, ona maslahat salypdyr.
– Patyşahym, şol gezek ol oglan ölümden sypypdyr. Nädip
hazynalar gaýasyndan sypanyny bilýän ýok. Indi oňa ajal hem ýok, çärede. Ýöne “ýatyp galandan atyp gal” diýipdirler. Goşun ýygna. Bir uruş
edeli. Gan-gana, läşe-läşe goşulsyn. Gurrada ýeňenimiz görnenok. Belki
ýeňäýedik-dä.
Patyşada kyrk adamyň akly bolar diýeni. Bu patyşa hem ep-esli
adamyň akly bardy. Ol gurrandazyň sözüni eşidip, pikir edipdir. “Bu
gurrandazyň gepine gidip, öň-ä bir topar çykdajy etdim. “Oglany
öldürdim” diýip, meni aldapdyr. Hem oglandan, hem menden hak alyp
tutjar baý bolupdyr. Indem goşuny gyrgynçylyga berjek. Bir topar döwüň,
aýýardyr jadynyň, peri-peýkeriň zoruna çydajak goşun barmy? Ýok.
Goşun-a bir gyrylar, üstesine menem amanadymy tabşyraryn. Onsoňam
goşunsyz patyşadan patyşa bolarmy? Gel, ilki şunuň ýoguna ýanaýyn”
diýip, gurrandazlaryň başlygynyň kellesini kakdyryp, derwezeden
asypdyr. Oglan geler çaglary wezir-wekillerini, köşk emeldarlaryny alyp,
saçakly-duzly öňünden çykypdyr. Görse, ýumruk ýaly iki sany kepderi
pel-pelläp uçup gelýär. Patyşa “Wah, gurrandaz ýalňyşypdyr. Ne döw
bar, ne gudrat. Onuň nähak ganyna galypdyryn. Tutuň bu kepderleri.
“Janyny jähenneme ibereýin” diýip, nökerlerine buýrupdyr. Dabara
garaşyp duran märeke birden “tut-ha-tut” bolşup, uly basga düşüpdir.
Kim gylyjyny ýokary bulaýlaýa, kim ýaýy atýa. Garaz – şäher halky
bolmajysyny bolupdyr. Dükançynyň ogly:
– Kim günäkär bolsa kössekle.– diýipdir. Ýüp patyşa bilen wezir,
wekillerini, köşk emeldarlaryny şol demde kössekläpdir. Tokmagy
87
çykaryp:
– Kim günäkär bolsa ýepbekle. – diýipdir. Tokmak şol demde
ýüpüň kösseklän adamlaryny ýepbekläp, ýer bilen ýegsan edipdir.
Zalym patyşadan dynyp bilmän ýören halk bu ahwalaty görüp, suw
ýaly bolup dükançynyň ogly tarapa eňipdir. Olar oglany aýaly bilen
göterip tagtda oturdypdyrlar. Dükançynyň ogly ejesini hem köşge
getirip, kyrk gije-gündiz toý beripdir. Toýuň dabarasy dag aşyp,
dükançynyň oglunyň taryhyny dile ýazypdyr.
88
88
8989
B
ir bar eken, bir ýok eken, öň zamanlarda Düýe Bahawetdin
diýen bir adam bar eken, munuň ogly-gyzy ýok eken. Bir günden bir
gün aýaly bilen maslahat edip: “Mal-garamyzy satyp, käbä gideli” diýip,
agşam ýatypdyrlar welin, gije ýarymdan geçensoň bir adam:
– Huw hak, eý, Bahawetdin, sen näme gam çekýäň? – diýipdir.
Onda Bahawetdin:
– Meniň oglum-gyzym ýok, malym düňýä syganok, şonuň üçin
gam çekýän – diýipdir.
Onda ýaňky adam:
– Hudaý saňa bir ogul berýär, adyna Mämmetjan goýmaly – diýip
gözünden gaýyp bolýar.
Dokuz aý, on gün tamam bolansoň, bir ogly bolýar, adyna
Mämmetjan goýýarlar. Atasy Bahawetdin malyny az görüp, düýe
bakmaga gidýär, yzynda Mämmetjan sekiz ýaşyna girensoň, oýnamaga
çykýar welin, oglanlar:
– Sen kemally bolsaň, kakaň düýe bakmaga gidermidi? – diýip
aýdýarlar.
Mämmetjan öýlerine gelip:
– Eý, eje, meniň kakam barmy? – diýip soraýar.
Ejesi:
– Kakaň bar welin, düýe bakýandyr – diýip jogap berýär.
Mämmetjan eline taýak alyp, arkasyna çörek daňyp, kakasynyň
yzyndan gidýär. Üç gün ýol ýöräp, bir topar düýäniň üstünden baryp:
– Bu düýeler kimiňki? – diýýär.
Çopan:
– Bu düýeler Düýe Bahawetdiniňki – diýýär.
Mämmetjan mundan hem geçip gidiberýär welin, ýene öňünden
bir süri çykýar, seretse, süriniň birýan ýakasynda bir ýaşuly garry düýä
logala berip otyr, ýanyna baryp salam berýär, ol hem salam alýar, ikisi
görşüp oturýar, ýaşuly oglandan:
– Nireden gelip, niräk barýarsyň? – diýip soraýar.
Oglan:
– Meniň atam düýe bakmaga gaýdypdyr, men şonuň yzyndan
barýaryn – diýýär.
90
Onda garry:
– Ataň kim? – diýip soraýar.
Oglan:
– Atam Düýe Bahawetdin, enem Bibi – diýýär.
Onda Düýe Bahawetdin oglunyň boýnundan gujaklap, ýüzgözünden ogşaýar.
– Eý, oglum, bu taýda näme işiň bar? Bar, obada bir jübiňe tylla,
bir jübiňe kümüş sal-da, töweregiňe seçip geziber – diýýär.
Ogly:
– Ata, sen bu taýda düýe bakyp ýörseň, menem obada gezip ýörsem,
niçik bolýar? – diýýär.
Onda atasy oglunyň sözüni makul görüp gaýtmakçy bolýar, ogly
hem atasynyň şaýyny tutup ugradýar.
Atasy:
– Oglum, iner sat, maýa sat, düýe sat welin, şu garry düýäni satma
– diýip tabşyrýar.
Atasy oba gidenden soň, bir ýabyly gelip:
– Mal satjakmy? – diýip soraýar.
Onda Mämmetjan:
– Satjak däl – diýýär.
Ýabyly:
– Kän satmasaň hem, üç-dört sanysyny sat – diýýär.
Onda Mämmetjan:
– Bolýar – diýýär.
Ýabyly düýeleriň içine aýlanyp, hälki garry düýäni tutýar.
Mämmetjan ony görüp:
– Atam şu düýäni satma diýipdi, şuny satybiljek däl – diýipdir.
Ýabyly ýene gelýär-de, hälki düýäni tutýar. Mämmetjan:
“Şu aýagynyň aşagyndaky atyny, horjunyny tyllasy bilen berse,
beräýsem näderkä?” diýip oýlanýar-da:
– Eý, atly atyňdan düşüp, aty durşuna berseň, bereýin – diýýär.
Atly bolýar diýip, atyndan düşüp, aty durşuna berip, garry düýäni
alyp ugraýar welin, galan düýeler hem şonuň yzyna düşüp ugraberýär.
Mämmetjan atyny ýüzin salyp, düýäň bir beýlesini gaýtarýar, bir eýlesini
gaýtarýar, ahyry hem bolmaýar, aty çişip, daljygyp ölýär. Düýeleriň beýle
dargap gitmeginiň sebäbi – şol garry düýe hemme düýeleriň enesi eken,
91
şol süri hem şondan önen eken. Mämmetjan çöl-beýewanyň içinde
pyýada galýar-da: “Men neneňsi baryp, atama jogap bereýin” diýip,
ýüzüniň ugruna gidip barýarka, öňünden bir şäher çykýar. Mämmetjan
gijäniň ýarym wagty, aýsyz garaňkyda derwezäň agzyna gelýär. Bu
şäheriň hanynyň gyzy Mämmet atly bir oglan bilen şäher derwezesiniň
agzyny belleşik edipdirler. Mämmediň kellesi oýna gyzyp, wadasy
ýadyndan çykyp, bu ýere gelmändir. Mämmetjan şäheriň derwezesine
ýeten wagty, içinden biri: “Mämmetjan, al şulary” diýipdir. Mämmetjan
baryp alsa, bir horjun tylla eken, töweregine garasa, iki sany at bar.
Mämmetjan sesini çykarmaýar. Gyz-da öz içinden: “Mämmet näme
maňa söz gatanok” diýip, pikir edip barýar. Ahyry gün dogandan soň
seredip görse, başga Mämmet eken. Gyz muňa razy bolup, baryp bir
şäherde jaý tutýarlar. Mämmetjan bir gün daşaryk çykanda, bir monjuk
tapýar. Içerik girip aýalyna görkezýär welin, aýaly:
– Munuň ýaly monjuk handa, patyşada ýokdur – diýýär.
Mämmetjan:
– Beýle bolsa, men muny şu şäheriň hanyna sowgat eltip, tanyş
bolaýyn – diýip, bir tabaga her hili zatlardan salyp, üstüne hem şol
monjugy goýup, hanyň ýanyna ugraýar.
Han onuň öňünden çykyp:
– Täze nökerim Mämmetjan ilde ýok zady maňa sowgat getirýär
– diýip, Mämmetjana ýagşy ýerden jaý berip, ýagşy halat berip ugradýar.
Mämmetjan aýaly bilen dynçlykda ýaşaberýär.
Mämmetjanyň bu şäherde bir ýagşy görýän dosty bolupdyr. Bir
gün ýagyş ýagýar welin, Mämmetjan aýalyna:
– Serpigi çek – diýýär.
Aýaly serpigi çekmäge daşary çykanda, hanyň gözi Mämmetjanyň
aýalyna düşüp, özünden gidýär, soň huşuna gelip nökerlerine:
– Men bir aýal gördüm, şony hökman maňa tapyp beriň, ýogsam
hemmäňizi gyraryn – diýip aýdýar.
“Bu kimiň aýalyka?” diýip durkalar. Mämmediň dosty:
– Men bilýän, ol Mämmediň aýalydyr – diýýär.
Han:
– Derrew maňa getirip beriň – diýip höküm edýär.
92
Köpçülik bolsa:
– Han aga, biriniň aýalyny güýç bilen almak bolmaz, bir delil bilen
almak gerek – diýip aýdýar.
Han:
– Meniň iki gyzym bar, şol monjugyň üstünde oňuşmaýarlar.
Mämmedi çagyryň – diýýär.
Ýasawul Mämmedi çagyrýar. Mämmet gapydan girenden, han:
– Mämmetjan, sen maňa bir monjuk getirip berdiň, şonuň üstünde
gyzlar oňuşmaýarlar. Ýene birini getirip bermeseň boljak däl – diýýär.
Mämmet:
– Bolýar, han aga – diýip, öýüne gelýär welin aýaly:
– Mämmet, näme ýüzüň salyk? – diýip soraýar.
– Han aga düýnki monjugyň taýyny tapyp ber diýýär – diýip,
Mämmetjan tukatlanypdyr.
Onda aýaly:
– Eltme diýsem etmediň, indi özüňden gör – diýýär.
Mämmet atyny eýerläp, ýola düşüp ugraberýär. Barýarka öňünden
bir dere çykýar, görse, bu deräň daşy tutuş şol monjukdan eken.
Mämmet begenip, baryp horjunyny dolduryp ugrajak bolýar welin, görse
bir ýerden gan akyp gelip, monjuk bolup duran eken. Mämmet “Şunuň
syryny bileýin” diýip barsa ynha, bir gyz ölüp ýatyr. Yzyna gaýtjak bolýar
welin, döwüň tilsimi goýbermeýär. Mämmetjan haýran bolup, aýlanyp
ýörkä, gün ýaşaýar. Mämmet bir ýerde ýatyp uklamakçy bolýar. Oýalyukuly ýatyrka, birden görse, bir döw gelýär-de, bir çüýşäni çykaryp
kakýar welin, gyz direlýär. Döw gyz bilen keýp-sapa çekýär-de, daň
atansoň turup, gyzy ýene öňki ýaly öldürip, çüýşäni gizläp, bir tarapa
baka gidýär. Mämmetjan hem baryp, döwüň gizlän ýerinden çüýşäni
alyp, gapdalyna kakýar, gyza jan gelýär-de:
– Eý, adamzat, bu taýyk gulan gelse toýnakdan, guş gelse ganatdan
bolýandyr, sen neneň düşdüň? – diýýär.
Mämmet:
– Nesip boldy, geldim. Emma sen indi döw geler welin: “Döwüň
jany başga ýerde bolýarmyş, seniň janyň nirede?” diýip sora, gaharlansada agla-eňre, ondan soň aýdar – diýip, Mämmet ýene çüýşäni öňki
ýerinde goýup, üstüne hem daş goýar welin, gyz ölüp ýatyberýär.
93
Mämmet baryp uklaýar. Döw Mämmetjandan bihabar gelip, keýp
çekip otyrka, gyz:
– Döw janyny başga ýerde goýarmyş diýip men atamdan
eşidýärdim. Seniň janyň nirede? – diýip soraýar.
Döw:
– Meniň janymy sorarça sen kim bolupsyň? – diýip, gyzyň dulugyna
şapbat bilen urýar.
Gyz aglamjyrap:
– Atamdan-enemden aýryldym. Bu taýda başga hiç kimim ýok –
diýýär.
Döw gyza ynanyp:
– Onda sen derrew owmaç et – diýýär. Gyz derrew owmaç edýär
welin, döw baryp, bir daşy galdyrýar, aşagyndan bir çanagyň agzy ýaly
ýerden suw çykýar, owmajy suwa dökýärler welin bir burny halkaly
balyk gelýär.
Döw:
– Ine, meniň janym şu – diýip, gyza görkezýär.
Ertesi döw awa gidýär weli, Mämmet baryp gyzy direldýär-de,
yzyndan baryp: “Ýa pirim Weýsel gara” diýip, daşy galdyryp, suwa
çörek taşlap, balygy tutýar. Şol wagt döw hem hars urup ýetişýär.
Mämmet döw ýetmänkä balygy öldürýär. Döw çynar ýaly bolup ýykylýar.
Bir sagat harasat gopup, garaňky bolup, soň howa açylýar. Mämmet
perini alyp, bir horjunam monjuk alyp öýüne gelýär. Mämmet bazardan
mata alyp, öňki aýalyna:
– Bu peri geýim tikmäni bilmeýär, sen tikip ber – diýýär.
Öňki aýaly:
– Özi tikinibersin, el-aýagy ýokmy? – diýip jogap berýär.
Mämmet hanyň monjuklaryny eltip: “Ynha, han aga” diýýär-de
öýüne gaýdýar. Ýolda gelýärkä bir garry kempire:
– Ýeňňe, bize baryp, bir geýim tikip berip gaýt, saňa birki gyran
bereris – diýýär.
Garry:
– Bolýar, balam – diýip, Mämmediň öýüne gelip, mata bilen
gaýçyny eline alyp, mata ýerine barmaklaryny kesip otyrmyş. Şol perä
seredip, huşy başyndan göçäýenmiş.
94
Barmaklarynyň awusy ýüregine düşensoň, mundan çykyp, hanyň
ýanyna barýar-da.
– Han aga, öýüň ýykylsyn, Mämmediň aýaly öň bir bolsa, indi iki
bolupdyr, gör, owadanlygyna seredip, elimi kesenimi duýman galdym
– diýip, elini görkezýär.
Han:
– Baryň, Mämmedi çagyryň – diýip buýrýar.
Mämmedi çagyryp gelýärler.
Han:
– Mämmet, sen baryp, şir-peleňiň süýdüni getirmeli, meniň eneme
şol derman, özüňe hem üç gün möhlet berýän, getirmeseň, başyň
ölümli, malyň talaňly – diýýär.
Mämmet aglap, aýalynyň ýanyna gelýär.
Peri:
– Näme diýip aglaýarsyň? – diýip soraýar.
Mämmetjan:
– Patyşa, maňa şir-peleňiň süýdi gerek – diýipdir.
Onda peri:
– Şonuň üçin hem aglarlarmy, pylan ýere barsaň, bir garry gaplaňyň
aýagyna agaç batyp ýatandyr, bir atagzy bilen biz alyp baryp, şol ýerde
bukular ýaly ýer et-de, baryp şol agajy çykaryp bukul, her zat diýse-de
çykma. “Süleýmandan ýetsin” diýensoň çykaý, ondan soň zat diýmez,
hemme işiňi şol bitirer – diýip ugradýar.
Baryp, periniň aýdyşy ýaly, şol ýerde bukulyp gaplanyň aýagyndan
agajy sogurýar.
Gaplaň:
– Eý, kim sen? Ol ýerde ölüp gidersiň – diýýär, emma Mämmet
çykmandyr, ahyry: “Süleýmandan ýetsin” diýýär welin, Mämmet ýanyna
barýar.
– Ýeri, adamzat, sen maňa şeýle ýagşylyk etdiň, näme işiň bolsa
aýt, men bitirip bereýin – diýýär.
Mämmet:
– Şir-peleň süýdi gerek – diýýär.
Gaplaň “şir” diýip gygyrýar weli, bir topar şir gelýär, “peleň” diýip
gygyrýar weli, bir topar peleň gelýär. Mämmediň eline iki sany ýanlyk
berip:
95
– Doldur – diýýär.
Mämmet ikisini hem dolduransoň, ýanlyklary bir gaplaň bilen bir
ýolbarsa ýükleýär-de, birnäçe peleňleri hem Mämmede ýoldaş edip:
“Baransoň yzyna gaýtararsyň” diýip, ýanyna goşýar. Mämmet şähere
golaý gelende, adamlar görüp gaçypdyrlar, baryp hana habar beripdirler.
Han munuň öňünden çykyp:
– Waý, enem gutuldy – diýip, gygyrmaga başlapdyr.
Mämmet:
– Gutulan bolsa, on goýun tapyp, bulary naharlap goýber – diýip
peleňleri naharlap, ýola salyp goýberipdir.
Han ýene bir gün özi syrkawlan bolup:
– Baryň, Mämmet gelsin – diýýär.
Mämmedi derrew çagyrypdyrlar.
Mämmet gelensoň han:
– Men halys bolup barýan, bir doga barmyş, şony maňa getirip
bermeseň öljek. Şo doga seretseň, alma aglap, nar gülüp durmuş –
diýýär.
Mämmet “bolýar” diýip, öýüne gelip: “Han maňa şeýle ýumuş
buýurýar” diýipdir. Onda peri:
– Ol doga diýýäniň zalym periniň elinde bolup, mundan ýüz ýyllyk
ýoldur, baryp geljegiň hem gümanadyr, onuň üçinem sen barda, hana:
“Şu ýumşuňy men-ä oňarjak däl, garaz, meni öldüresiň gelýäniň çynyň
bolsa öldüräý” diý-de oturyber, onuň maksady seni öldürip, bizi
almakdyr – diýýär.
Mämmet:
– Men hana wada etdim, gitjek ýolumy salgy ber – diýipdir. Peri
hat ýazyp, eline berip:
– Eger barsaň, şo taýda gapynyň saklawy meniň doganymdyr,
gapydan giren badyňa öldürjek bolar welin, şu haty ber – diýip aýdýar
we ýoluny salgy berýär.
Mämmetjan ýol alyp barýarka, öňünden bir weýran küňre çykýar.
Mämmetjan baryp, şo küňrede ýatýar. Gijäniň ýarymyndan bir mele
atly gelip, Mämmede “eliňi ber” diýipdir, Mämmet elini beripdir. Atly:
“Gözüňi ýum” diýende, gözüni ýumup, “gözüňi aç” diýende hem
açypdyr.
96
– Ynha, zalym periniň jaýy – diýip, ol atly gözden gaýyp bolupdyr.
Mämmet eýläk-beýläk seredip, bir gapy görüpdir. Mämmet baryp
giripdir weli, bir peri ony öldürjek bolupdyr. Mämmet derrew haty
beripdir. Peri haty okapdyr-da, doganyna dişlerini gyjap:
– Heý, şunuň ýaly owadan oglany hem ölüme ibererlermi? – diýip
käýinipdir. Soň bolsa:
– Sen iýme-içme-de, şu taýda ýat, eger iýip-içip, täret etseň, bilerler
we ikimizi hem öldürerler – diýip, bir jaýa eltip gizledipdir.
Agşam bolýar, periler jaý salyp, her hili naharlar bişirip goýup
gidýärler. Zalym peri bolsa gelip ýatýar. Mämmet çykyp naharlardan
iýip, keýpini kökläp ýene ýerinde ýatyberýär. Gije zalym peri nahar
iýjek bolup görse, nahar ýok. Ertir perileri gyssap başlaýar. Periler
“dat-bidat” diýip, bu sapar başlaryndan sowýarlar. Ertir periler ýene
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 06
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.