Latin

Türkmen Halk ertekileri - 02

Total number of words is 3877
Total number of unique words is 1709
35.6 of words are in the 2000 most common words
50.4 of words are in the 5000 most common words
58.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Akpamygyň ejesi bir köke edip beripdir. Akpamyk kökejigini öňüne
salyp, tigirläp ugrapdyr. Akpamygyň bir pişigi bar eken, olam
Akpamygyň yzyna düşüp, üc tirkeş bolup ýola düşüpdirler. Akpamyk
dem-dynjyny almak üçin ýol ugrunda birazajyk irkilipdir. Şol wagt
pişigi kökejigiň bir gyrasyny gädipdir. Akpamyk ýene tigirläpdir,
bolmandyr. Ahyry aglamaga başlapdyr. Birden palçyk edip, gädigi
beklemek ýadyna düşüpdir. Derrew palçyk edip, kökäniň gädik ýerini
bekläpdir. Ondan soň tigirläp barýarka, bir dagyň gowagyna barypdyr.
Görse, gowagyň içi bütin ganly geýimden doly eken, köp et asylyp
goýlupyr. Akpamyk bu geýimleri ýuwup, etden nahar bişirip, taýyn edip
goýan. Bir görse, bir topar adam gelýär. Akpamyk bir ýere girip,
bukulypdyr. Doganlary gelip görseler, hemişeki ýaly däl, nahar bişirilgi,
geýimler ýuwulgy eken. Bular bu gije geýimlerini çalşyryp, arkaýyn
ýatypdyrlar. Ertir ýene awa gidipdirler. Akpamyk ýene ganly geýimleri
ýuwup, nahar taýyn edip bukulypdyr. Bular gelip görseler, düýnkiden
hem artyk edilip goýlupdyr. Doganlar maslahatlaşyp, günde biri
nobatçylyk etmek kararyna gelipdirler. Birinji gezek iň ulusy galyp
saklapdyr welin, ýadaw awçy tiz uklapdyr. Akpamyk onuň uka gidenini
bilip, bukulan ýerinden çykyp, geýimleri ýuwup, nahar bişirip, ýene
bukulypdyr. Doganlary gelip görseler, nahar taýyn, geýim ýuwulgy.
Olar: “Kim edýän eken?” diýip sorasalar, uly doganlary: “Men uklap
galypdyryn” diýipdir. Ertir ondan kiçisi saklapdyr. Bu hem uka gidip
galypdyr. Bularyň altysy gezegine durup, hiç zat bilip bilmändir. Ahyry
iň kiçisi galypdyr. Ol uklamazlyk ьзin külbike barmagyny dilip, duz
sepipdir, welin gözüne asyl uky gelmändir. Birden bir gyz çykyp,
geýimleri ýuwup, nahar atarmaga duranda, ýaňky gowagy saklamaga
galan dogany bukulan ýerinden çykypdyr-da:
– Ynsam bolsaň, jynsam bolsaň, dur-da, nämedigiňi tanat-diýipdir.
– Men yns-da däl, jyns-da, öz doganyňyz – diýip, Akpamyk jogap
beripdir.
Bular tanşyp, beýleki doganlary gelýänçä, nahar taýyn edipdirler.
Soňra kiçi dogany uly agalarynyň öňünden buşlap çykypdyr. Gyz
doganlarynyň yzlaryndan gelenine olar köp şat bolupdyrlar. Bular
Akpamygy keýgiň ýiligi bilen bakypdyrlar. Aradan birnäçe gün geçipdir.
22
23
Akpamyk bir gün içerini süpürip otyrka, bir kişmiş tapypdyr. “Pişpişim” diýip, pişigini çagyrypdyr. Pişigi gelmändir welin, özi iýäýipdir.
Birsalymdan soň pişigi gelip:
– Näme diýip çagyrdyň? – diýip sorapdyr.
– Bir kişmişjik tapdym, şonuň üçin çagyrdym – diýip, Akpamyk
aýdypdyr.
– Hany, ony nätdiň?
– Gelmäňsoň iýäýdim.
– Onda oduňa buşugaryn – diýip, pişik oda buşukjak bolupdyr.
– Buşukma, men çakmak bilen ot alyp bilmerin, indi tapsam
beräýerin – diýip, Akpamyk ýalbaryp, zordan goýdurypdyr.
Soň ýene bir gün öý süpürip ýörkä, ol bir igde tapyp, “piş-piş”
diýip çagyrypdyr. Pişik gelmänsoň, igdänem özi iýipdir. Birsalymdan
soň pişik gelip:
– Meni näme diýip çagyrdyň? – diýip sorapdyr.
– Bir igde tapdym.
– Hany igde?
– Iýdim.
– Onda oduňy söndüreýin – diýip, pişik oda buşugyp, Akpamygyň
oduny söndüripdir.
Akpamyk çakmak bilen, ot aljak bolup synanyşsa-da oňarmandyr,
naharam gijä galyp barýar ekeni. Ahyry nalaç bolup, töweregine garasa,
bir ýerden tüsse çykýar ekeni. Akpamyk şol tüsseden ot getireýin diýip
ugrapdyr. Baryp, gapydan salam berip girýär welin, görse, bir çal döw
oturan ekeni. Döw Akpamygy görüp:
– Şunça salam bermedik bolsaň, iki üzüp, bir ýalmardym. Gel,
gyzym, meniň başymyň bitini gözle – diýipdir.
Akpamyk biraz salym döwüň bitini gözläp:
– Men ot diýip geldim, gaýtjak – diýipdir.
– Onda sen etegiňi tut – diýip, döw Akpamygyň etegine ilki bir
köz atyp, yzyndan kül guýup, soňra ot guýupdyr-da: – Bar, gyzym –
diýip ugradypdyr.
Akpamyk ody alyp ugrapdyr, emma ýaňky külüň aşagyna atylan
köz onuň etegini çalaja deşipdir, ondan kül az-azdan dökülip, yz bolup
gelipdir. Emma Akpamyk mundan bihabar gelip, nahar bişirip, taýyn
24
edip goýupdyr. Doganlary awdan gelip, ertesi ýene awa gidýärler welin,
döw külüň yzyny yzarlap gowaga gelipdir. Akpamyk döwüň gelýänini
görüp, gapyny içinden bekläp oturypdyr.
Döw gelip:
– Gapyny aç – diýipdir.
– Ýok, açsam doganlarym käýärler – diýip, Akpamyk aýdypdyr.
– Onda barmagyň birini gapynyň arasyndan çykar – diýip, döw
ýalbarypdyr.
Akpamyk barmagyny çykarypdyr. Döw barmakdan pugta tutup,
bir temen bilen deşip, ganyny sorupdyr-da:
– Doganlaryňa aýtsaň iýerin – diýip Akpamygy gorkuzup, öýüne
gaýdypdyr.
Akpamyk gorkusyndan bolan wakany doganlaryna aýdyp
bilmändir. Şondan soň döw her gün gelip, Akpamygyň barmagyndan
ganyny sorup gaýdýar ekeni. Akpamyk gün-günden horlanypdyr.
Doganlary “näme bolýar?” diýseler hem: “Maňa zat bolanok” diýip
jogap beripdir.
– Geliň munuň emmasyny bileliň – diýşip, doganlary awa ugran
bolup, bir ýerde bukulyp ýatýarlar.
Akpamyk hemme işlerini jaýba-jaý edip, döwüň geler wagty
bolanda, gapyny içinden bekläp oturýar. Hemişe gan içmäge öwrenen
döw gelip, gapyny kakýar welin, ýedi dogan ýedi ýerden topulyp, döwüň
janyny asmanda kakýarlar. Onuň kellesi “Çöpden-çörden kän bolaryn”
diýip togalanyp gidipdir. Akpamygyň doganlary onuň yzyndan ýetip
bilmän galypdyrlar. Birnäçe wagt geçensoň ol kelle birnäçe döw bolup
gelip, ýedi doganyň ýedisini hem öldürip, etlerini iýip, süňklerini
taşlapdyrlar. Akpamyk bolsa keýik derisiniň aşagyna girip bukulypdyr.
Döwler muny görmändirler. Akpamyk aman galypdyr. Döwler
ganlaryny alyp, öz mekanlaryna gidipdirler. Akpamyk döwler gidensoň
bukulan ýerinden çykyp, doganlarynyň süňklerini bir ýere ýygnap, üstüni
keýik hamlary bilen basyryp, bir ata münüp, galama-gala aýlanyp,
bilimli adamlardan doganlaryny nädip direltmegiň alajyny sorap ýörkä,
ahyry bir garry aýalyň üstünden barypdyr.
– Gyzym, seniň doganlaryňy döw öldüren bolsa, ony direltmegiň
alajy bolar, emma gaty kyndyr – diýip, garry aýdypdyr. Onda Akpamyk:
– Ýeri, garry ene, kyn hem bolsa aýt – diýipdir.
25
– Akmaýa diýen bir düýe bardyr, şonuň süýdünden getirip
doganlaryň süňklerini ýerli-ýerinde goýup üstüne sepseň, jana geler,
emma Akmaýa adam görse iýýär, köşegi welin, adamy gaty gowy görýär
– diýip, garry aýdypdyr.
Akpamyk şol ýerden eline ýanlyk alyp, Akmaýanyň ugruny
gözläp, ýola düşüpdir.
Ahyry bir gün Akmaýanyň köşeginiň üstünden barypdyr. Köşek
Akpamygy görüp, oýnap, bökjekläp ýanyna gelipdir. Akpamyk köşegiň
ýüzünden, gözünden sypap, ogşap, köp mähribanlyk edip, ahyry arzyhalyny aýdypdyr welin, köşek:
- Bolýar, emma enem bilse, ikimizi hem iýer, gel, sen meniň
goltugymyň aşagyna girip, tüýe gabsanyp bar. Men emip, könege1
guýaýyn – diýipdir. Sebäbi köşegiň garnynyň aşagynyň we gapdalynyň
tüýi ýerden süýrenip barýar ekeni.
– Bolýar – diýip, Akpamyk köşegiň tüýüne gabsanyp, görünmän
gelipdir.
– Adam ysy bar – diýip, Akmaýa çarp urup başlapdyr.
– Eje jan, adam näme işlesin – diýip, köşegi ýalbarandan soň,
Akmaýa köşeşip, köşegini emdirmäge başlapdyr. Akmaýanyň könegi
dolansoň, köşek usullyk bilen aýrylyp, otlan bolup, arany açyp ugrapdyr.
Emma Akmaýa-da müňkür bolup, yzyndan seredýän eken. Köşek otlan
bolup, gyzyň atyny gizläp goýan ýerine golaýlanda, Akpamyk çykyp,
ata bakan ugrapdyr. Akmaýa muny görüp, yzyndan topulypdyr. Akpamyk
hem zordan ata münüp gaçypdyr. Akmaýa kowup, ýetip bilmändir.
Akmaýa dolanyp gelýärkä, köşegine: “Gara daşlar bolgaý sen, balam”
diýip gargyş edipdir. Köşegi şo taýda gara daş bolup, doňup galypdyr.
Akpamyk Akmaýanyň süýdüni getirenden soň, doganlarynyň
süňklerini ýerbe-ýer goýupdyr welin, biriniň ýagyrnysynyň süňküni
tapmandyr, ony döw çeýnäpmi, garaz, ýokmyş. Bar süňküniň hemmesini
ýerbe-ýer goýup, süýdi üstüne sepip, bir gara keçä dolapdyr. Soňrak
doganlary asgyryşyp:
– Bä, kän ýatypdyrys – diýip, ýerlerinden galypdyrlar.
Akpamyk bulara hemme bolan işleri aýdyp beripdir. Bular
doganlarynyň jepa çekip, uly iş bitirenine gaty guwanypdyrlar. Emma
özgesi bitin bolup, iň kiçileriniň ýagyrny süňküniň birjigi kem bolupdyr.
1 Könek-düýe saglanda bedre deregine ulanylýan deri gap
26
Ýedi dogan täzeden öňki ýaly aw awlap ýörüpdirler. Soň Akpamyk
ýedi doganyny öýerip, her haýsyna gelin alyp beripdir. Doganlaryň ýedisi
hem doganlaryny gaty gowy görer ekenler. Olaryň aýallary: “Biziň
ärlerimiz bizi Akpamykça görmeýärler, geliň, bir maslahat edeliň”
diýenler. Onda iň uly doganynyň aýaly:
– Geliň, şuny basyp, bogazyna we gulagyna gurşun guýalyň –
diýipdir.
Iň kiçi doganynyň aýalyndan başgasy bu maslahata goşulypdyr,
emma iň kiçi doganynyň aýaly:
– Beýle iş etmek bolmaz – diýip, garşylyk görkezende:
– Seniňem bogazyňa gurşun guýarys – diýip,ony gorkuzypdyrlar.
Bular Akpamygy basyp, bogazyna we gulaklaryna gurşun guýupdyrlar.
Şonda iň kiçi doganynyň aýaly hem gorkusyna Akpamygyň külem
barmagyndan tutupdyr. Akpamygy şeýdip lal we güň edipdirler.
Akpamyk gün geçdikçe horlanypdyr.
– Näme bolýar? – diýip, doganlary sorasalar hem jogap bermändir.
Ahyry ýeňňeleriniň iň ulusy:
– Muňa näme bolýanyny men bilýän – diýipdir.
– Ýeri, bilseň näme bolýar ?
– Akpamyga är gerek, ýürejigine kär gerek – diýip, aýallar
aýdypdyrlar.
– Kimi halasa baraýsyn.
Onda ýeňňeleriniň kiçisi:
– Muny bir düýä mündürip goýberiň, kimi halasa, özi barar –
diýipdir.
Doganlary bir maýany kejebeläp, bezäp, Akpamygy mündürip
goýberýärler. Şol wagtlarda patyşanyň ogly bilen weziriň ogly awa
çykan ekenler, görseler, çölüstanyň bir çetinden bir gara görünýär.
Ýakyn baryp seretseler, üsti bezegli kejebeli maýa öz ugruna otlap
ýör ekeni.
Patyşanyň ogly:
– Içi meniňki – diýipdir.
Weziriň ogly :
– Daşy meniňki – diýipdir.
27
Ikisi at salyp barýarlar welin, ine bir maýa, üstündäki kejebäniň
içinde hem bir gyz bar, iýme-içme-de, seret-de otur.
Bular baryp:
– Aý, gyz, ynsmysyň, jynsmysyň? Dillen – diýipdir.
Hiç jogap bolmandyr: “Lal bolsa-da bolýar” diýip, ony patyşanyň
ogly özüne aýal edinipdir.
Aradan bir ýyl geçýär, bir ogly bolýar. Bu oglan dört– bäş ýaşaýar.
Akpamyk geplemändir.
Patyşanyň ogly :
– Gel, ýene-de bir aýal alaýyn, ýogsam boljak däl– diýip, aýal
gözlemäge çykypdyr.
Akpamyk öz içinden: “Bu kembagtlyk hemme ýerde maňa zyýan
ýetirýär” diýip, çörek zat bişirmän oturypdyr.
Akpamygyň ogly gelip :
– Eje, çörek – diýýär.
Öňki dilsizliginiň üstüne äriniň başga aýal almaga gidenligi üçin
gamgyn bolup oturan Akpamyk ogluna çörek bermändir. Ogly
ýeňsesinden itip, kakyp: “Eje, çörek” diýip iteläpdir welin, bogazyndaky
gurşun lark edip gaçypdyr we dili açylypdyr.
Ondan soň ol:
– Gulagyma-da ur – diýipdir .
Ogly gulagyna hem urupdyr, gulagyndaky gurşun hem gaçypdyr.
“Beýleki gulagyma hem ur” diýse, ogly ol gulagyna hem: “Eje, çörek”
diýip urupdyr, beýleki gulagyndaky gurşun hem gaçyp, Akpamyk sag
adam bolupdyr. Patyşanyň ogly hem baryp, bir aýal alyp gelipdir. Şol
mahal Akpamyk aýran gaýnadyp oturan eken. Aýran çogup, dökülip
duran eken. Täze gelen gelin atyň üstünden:
– Mesdi haýran, döküldi aýran – diýip gygyrypdyr.
Heniz gelip, atdan düşmedik gelniň beýle zäherli sözüne:
– Geline bak, geline,
– Gele-gelmän diline,
– Özi eýer gaşynda,
– Gözi ojak başynda
- diýip, Akpamyk jogap beripdir.
28
29
“Patyşanyň oglunyň gelniniň dili açyldy” diýip, jar-jaryň üstüne
çekilýär. Patyşanyň ogly Akpamygyň diliniň açylanlygyny görüp, soňky
alyp gelen aýalyny şol wagt, atdanam düşürmän, yzyna iberip, Akpamyk
bilen ýaşaşyp başlapdyr.
Akpamyk doganlaryndan umydygär bolup, ogluna altyn aşyk
ýasadyp, özüne hem: – Aşygyňy atan wagtyň:
Akpamygyň ogly men,
Ýekýagyrnyň ýegeni men,
Altyn aşygym, alçy gop,
Ýedi daýymyň başy üçin,
Iň kiçisi Baýramdyr,
Baýram daýymyň başy üçin
– diýgin – diýip öwredipdir.
Indi habary Akpamygyň ýedi doganyndan alyň. Olaryň iň kiçisi
Baýram: “Biz şeýle ýagşylyk eden doganymyzy düýä mündirip
goýberdik, indi bäş ýyl boldy, ölümi, dirimi, biziň habarymyz ýok, geliň
şonuň ugruna çykyp gözläliň” diýip, bir maslahat tapypdyr. Başgalary
hem muny dogry bilip, ýedi doganyň her haýsy bir şäherden başlap
ugraýar. Ýekýagyrny bir şähere barsa, bir topar oglan aşyk oýnaýar
eken. Bir oglanyň elinde altyndan aşyk, ol her atanda :
Akpamygyň ogly men,
Ýekýagyrnyň ýegeni men,
Altyn aşygym, alçy gop,
– diýýär eken.
Ýekýagyrny ýegeniniň ýanyna gelip :
– Oglanjyga, hany sanawajyňy ýene bir gezek aýt – diýýär.
Akpamygyň ogly ýene aşygyny atyp:
Akpamygyň ogly men,
Ýekýagyrnyň ýegeni men,
Altyn aşygym, alçy gop.
Ýedi daýymyň başy üçin,
Iň kiçisi Baýramdyr,
30
Baýram daýymyň başy üçin,
Altyn aşygym, alçy gop.
– diýýär welin, daýysy muny tanap:
– Hany, oglan, ýör, öýüňizi görkez – diýipdir.
Oglanjygyň yzyna düşüp barýar welin, Akpamyk doganyny
tanapdyr, dogany hem Akpamygy tanapdyr. Ikisi hal-ahwal
soraşanlaryndan soň, Akpamyk başyndan geçen hupbatlary aýdyp
beripdir. Ondan soň bir gün dogany gaýtmakçy bolupdyr. Akpamyk
obadan möý, içýan tutduryp, ýedi halta tikip, ol haltalary möý-içýandan
dolduryp, birini nohutly kismişden dolduryp, onuň agzyna ýekeje içýan
salypdyr-da :
– Her gelnejeme birini ber, şuny hem iň kiçi gelnejeme ber – diýip,
nohutly kişmiş salnan haltany berýär.
31
Ýekýagyrny obalaryna gelip, her gelne bir haltany berýär.
– Baldyzymyz sowgat iberipdir – diýşip, gelinler haltalara ellerini
sokupdyr welin, ellerinden möý-içyan çakypdyr. Olar “waý-da-waý”
bolýarlar. Olary möý-içýän çakyp öldire getirýär. Iň kiçi doganynyň
aýaly hem özüne iberilen haltany açyp görse, içi doly nohutly kişmiş,
iň üstünde-de ýekeje içýan eken. Ol içýan onuň külem barmagyndan
çakypdyr-da, gaçypdyr. Ol gelin iberilen sowgada guwanypdyr.
Ýekýagyrny hemme doganlaryny çagyryp:
– Geliň, men Akpamygy tapdym, ony pylan patyşanyň ogly alypdyr
– diýip habar beripdir. Yzyndan hem Akpamygyň başyndan geçiren
günlerini aýdypdyr. Ýedi dogan: “Bize şeýle ýagşylyk eden doganymyzy
şeýle eden bolsalar, bulary ýok etmek gerek” diýip, maslahat edipdirler.
On-ýigrimi ýük odun ýygnap, Baýramyň aýalyndan başgasyny odunyň
üstüne çykaryp, el-aýaklaryny daňyp, aşagyndan ot berip goýberipdirler.
Akpamyk şol tarapa seredip, ýaşyl-gyzyl tüsse çykýandygyny görüp,
doganlaryndan razy bolupdyr.
32
32
33
B
ir bar eken, bir ýok eken. Öň zamanda bir ýurduň bir patyşasy
bar eken. Onuň adyna-da Leke şa diýer ekenler. Onuň on bir sany aýaly,
her birinden hem on ogly bar eken. Kiçi aýaly bolsa göwreli eken.
Patyşa kiçi aýalynyň çagasy bolmanka, awa-şikara gidýär. Şonda
patyşa:
– Eger yzymda, ýene oglum bolaýsa, ony enesi bilen çöle taşlaň.
Eger gyzym bolsa, söýünjiläp baryň! – diýip tabşyran. Aý ötüp, gün
ýetip, möhleti dolup, şanyň kiçi aýalynyň hem ogly bolupdyr.
Wezir-wekiller alaç tapman patyşanyň buýrugy bilen bir gije olary
çöl-beýewana taşlap gaýdypdyrlar.
Aýal biçäre ýaş çagasy bilen çölde daňylgy ýaly bolup oturan.
Töwerege göz aýlasa, bir uly köşge gözi düşen. Baryp görse, giden
çarbaglyk, depesi asmana ýetip duran köşk eken.
Bu köşk bir giden döwüň köşgi eken. Gelip girýärler weli, olary
bir uly döw garşylaýar. Olar döw bilen urşup, döwden üstün çykýarlar.
Döwi köşgüň içindäki daşguýa taşlaýarlar. Olar şeýdip, köşkde
ýaşaberipdirler. Günleriň birinde oglanyň enesi ol döwi guýudan
çykaryp alýar. Olar oglandan gizlin duşuşyp ugraýarlar.
Basym döwden bir ogul bolýar. Aýal nätjegini bilmän, döw bilen
dilleşip, bir gün:
– Oglum, ine, bu oglanjyk pylan ýerde ýatan eken. Men-ä senem
ýeke bolaňsoň: “Ýekelik ýigide kemlikdir” diýip, alyp gaýdyberdim.
Maslahat bilmeseň-ä eltip, öňki ýerine taşlap gaýdaýyn – diýip, onuň
içine-daşyna geçipdir.
Oglan bir ýüregi ýuka ýigit eken, oýlanyp: “Dogrudanam, ýekelik
ýaman zat. Hä diýmän ýetişse, awda ýoldaş, öýde syrdaş, hor düşsem
gardaş boljak” diýip, pikir edipdir. Soňra:
– Ene, ony taşlama, oňat seret, bak-bejer, idet – diýýär. Onuň
enesine-de geregi şol eken. Hasyr-husur alyp, ony idedip başlaýar.
Ol aýal ýene bir gün:
– Wah, oglum, muňa emmejik berdim weli, maňa süýdem inäýdi
– diýen bolup, oglany ynandyrýar.
Aradan aý geçýär, ýyl geçýär. Döw bilen bu aýal indi uly
ogullaryndan dynyp, arkaýyn ýaşamak hakynda maslahat edýärler.
34
Döw:
– Sen ogluňa meniň gawun iýesim gelýär, maňa ternejik-tüwelejik
bolsa hem bir zat tapyp ber diý. Meniň Döwmama atly garry enem
bardyr. Onuň 40 tanap gawuny bardyr. Ol şoňa barar. Şonda ol muny
öldürer – diýýär.
Enesi oglana islegini aýdýar. Göreniň göwni ýuka, sypaýy oglan,
hiç zat diýmän, gawun gözlegine ugraýar.
Oglan şol barşyna bir jaýa duşýar. Görse, içinde owadan gyz otyr.
Habar sorasa ol gyz:
– Meni şu gün aždarha ýuwutmaly, men bir patyşanyň gyzy.
Ýurdumyza betbagtlyk indi. Bir aždarha gelip, günde bir gyzy ýuwdup
gidýär. Eger bolmasa adamlaryň agyz suwluk derýasynyň başyna böwet
bolup, olary suwdan kesýär. Ana, şonuň üçin hem günde bir gyz bermeli
bolýar. Şu gün meniň gezegim. Sen ýigit, bu ýerde durma, gaç, hä
diýmän, aždarha geler – diýen.
Onda oglan:
– Ýok, men gitmerin, häzir men ýoldan ýadap geldim. Azrak
ýataýyn. Aždarha gelip golaýlanda, meni oýar – diýip, donuny gyýa
ýapynyp, bir çetde ýatyberýär.
Bir wagtlar ýüzüne gyzyň göz ýaşy damyp, tisginip oýanýar. Görse,
ýer sarsdyryp, apy-tupan turzup, aždarha ýetip gelýär eken.
Oglan ýerinden turup, gylyjyny öňünde keseligine tutýar-da,
aždarhanyň geljek ugrunda duruberýär.
Aždarha agzyny açyp gelşine gyz-oglandygyny saýgarman, ony
demine çekip, ýuwdup başlaýar. Oglany ýuwdanda, gylyjyň tenini kesip,
iki bölüp barýanyny hem duýmandyr. Oglan aždarhany uzynlygyna iki
bölüp taşlaýar. Ol aždarhany öldürip: “Ýene bir azajyk gyşaraýyn”
diýýär-de, uka gidýär. Gyz hem onuň ýanynda ýüzüni ýelpäp oturýar.
Ertesi patyşa gyzyndan habar almak üçin adam ýollaýar. Adamlar
golaýrak gelip, gyzyň adyny tutup gygyrýarlar. Soň ýuwaş-ýuwaşdan
ýakynrak gelip seredýärler. Görseler, aždarhanyň guýrugy görünýär.
Birbada gaýra çekilýärler, ýaýdanyşyp durýarlar. Ahyrda ýüreklirägi:
– Geliň, bir belli habar bilip gideliň – diýýär.
Ýene gaçarak durup, daş atyp görýärler, ok atyp görýärler, aždarha
gymyldamaýar. Soň ogry basyşyny edip gelip görseler, aždarha iki
bölünip ýatyr. Gyz bolsa bir ýigidiň ýüzüni ýelpäp otyr.
35
Bu habary derrew patyşa ýetirýärler. Şa gelip, bulary alyp gidýär.
Şonluk bilen oglan patyşanyňkyda 40 gün myhman bolýar.
Gyz bilen dogan okaşýar.
Soň ýene Döwmamanyňka gawun äkelmäge ugraýar. Ol döw 7770
ýaşly bir päliýaman kempir eken.
Oglanyň iki sany tazysy bar eken. Olar her mahal oňa kömek eder
ekenler. Oglan Döwmamany görüp, onuň bilen göreşip başlaýar.
Ýeňiliberende tazylary gelip, oňa kömek edipdirler. Şeýdip bular
Döwmamany öldürýärler.
Oglan gawun alyp, yzyna gaýdýar. Hälki oglanyň enesi oglunyň
ýene-de aman-sag dolanyp gelenini görüp, näderini bilmeýär. Şonda
döw aýala garap:
– Bu gezegem bolmady, sen bir gaýrat et-de ogluň elini daň,
galanyny men özüm oňararyn – diýen. Enesi oglanyň daşyna geçip,
eýdip-beýdip, başyny aýlap, mekir-hile bilen elini baglaýar. Eli daňlan
oglanyň ýanyna hasanaklap, hälki guýa taşlanan döw gelýär. Ol oglanyň
gözüni oýup, bir ata mündürip, jylawyny ota ýetmez ýaly, eýeriň gaşyna
kelteräk daňyp, kowup goýberýär.
Bu at patyşanyň oglana sowgat beren aty bolany üçin, öňki gelenje
ýerine dogry gaýdyberýär.
Oglanyň bu halyny häki ölümden gutaryp, dogan okaşan patyşanyň
gyzy görýär. Gyz ony derrew tanaýar.
Oglany derrew atdan düşürýärler. Dessine halyndan habar alýarlar.
Oglan ähli başyndan geçirenlerini aýdyp berýär. Enesi bilen döwüň
aldap, elini daňyp, gözüni oýandygyny, olaryň nirede ýaşaýandygyny,
garaz, hemmesini habar berýär.
Soňra patyşanyň gyzy oglanyň gözüni tapmak üçin erkek eşigine
girip, bir eşeg oduk-buduk satlyk zatdan ýükläp, assa-ýuwaş ýola düşýär.
Az ýöräp, köp ýöräp, ençe dagdan aşyp, ençe çöli söküp, aryk gelse
böküp, alaň gelse çykyp, döw bilen oglanyň enesiniň ýaşaýan köşgüniň
ýanyna gelýär-de:
– How... Ownuk-uşak zat satýan, gerekliň geliň, how!!! – diýip
gygyrýar.
36
Bu sözi eşidip, oglanyň enesi etek alty, ýeň ýedi, özi bilen sekiz
bolup, hasanaklap gelýär. Oduk-buduk zat saýlap alýar-da, oňa pul
bermekçi bolýar. Ol pul almaýar-da:
– Meniň bir doganym bardy, onuň gözi batyl boldy. Siz bolsa bu
giden köşgüň eýesi, belki, sizde bir göz tapylar. Maňa pul bermäň-de,
alan zatlaryňyzyň ýerine şony tapyp beräýiň – diýen.
Onda häki heleý şol oglanyň gözüniň bir tekjede ýatany ýadyna
düşüp:
– Buý-a, oňat boldy – diýip, oglunyň iki gözüni hem getirip, ýaňky
satyja berýär.
Ol gyza geregi hem şoldy, gerekli zady eline düşenden soňra, yzyna
dolanyp, eşegi hem öňüne salyp: “Niredesiň kyýamatlyk doganym?!”
diýip, yzyna döndi-de, ýelk ýasaýdy.
Hä diýmän öýlerine ýetip, oglanyň gözlerini ýuwup-arassalap,
ýerine saldy. Ýüpek desmal we gül ýapragy bilen gezekli sapar sypady
weli, az wagtdan oglanyň gözi ýerine baryp, öňküsi ýaly ýalpyldap
açyldy.
Oglan dem-dynjyny alandan soň, ýene enesi bilen döwüň üstüne
ugrady. Yssyda ýatyp, salkynda maýdalyna sürüp gidiberdi. Şol baryşda
dokuz aýdan soň, döwüň köşgüniň öňünde oglanyň tazylary peýda
boldy. Olary döwden bolan ýigit garşy alypdyr. Iki dogan görüşýärler.
Uly oglan kiçi inisine enesiniň bar eden işini aýdyp berýär. Özüni
öldürtmek üçin telim gezek agyr ýumuş buýrandygyny, ahyrda hem
aldap, elini daňyp, gözüni çykarandygyna çenli aýdýar.
Oglanyň aýdanlaryna inisiniň ýaman gahary gelýär. Enesinden
käýinýär. Soňra bu iki dogan köşge gelip, döw bilen enesini bölekbölek edip, gylyçdan geçirýärler. Bir pil bilen, bir kätmen ýasanyp,
köşkden çykyp gidýärler. Az ýöräp, köp ýöräp, bir boz meýdana gelip,
giden meýdana gawun ekýärler.
Bir gün agşam ýatyp, ertir turýarlar weli, gün iki tarapdan dogup
dur diýýär.
Uly dogany bu günleriň günbatarda doganyndan habar almaga
giden. Baryp görse, ine-de bir giden gawunlyk meýdan. Bir ýan çetinde
bir jaý bar, işigi-de durnanyň gözi ýaly dury suwly howuz, töweregi
bolsa salkyn saýa.
37
Oglan oturyp, dynç almakçy bolýar, bir ýerden bir görmegeý gyz
peýda bolýar. Ol oglana özüniň döwüň gyzydygyny, atasynyň öýde
ýokdugyny aýdan. Oglan gyza aşyk bolýar. Soň döw gelende, oňa-da
ýagdaýyny aýdýar.
Onda döw:
– Üç şertim bar: On sekiz tanap ýere ekilen gawuny iý. On sekiz
pagsa beýiklikdäki içi çörekden doly jaýyň nanyny iý. Şu howzuň
suwuny iç – diýen.
Bu oglan ol şertleriň ýaryny ýerine ýetirýär. Soňra kiçi dogany
gelip, galan ýarysyny ýerine ýetirýär. Şeýdip döwüň şertlerini ýerine
ýetirýärler. Oglanlaryň ulusy gyzy alýar. Uly toý edýärler. Menem şol
toýa bardym. Toý paý diýip, iki aşyk, bir döş, dört petir berdiler. Ýolda
aryp-ýadap, dem-dynjymy alaýyn diýip, bir salmanyň boýunda oturdym
welin, ýanymdaky Alabaý atly güjügim alyp iýäýipdir.
38
38
39
39
B
ir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda, dünýäniň ýüzünde
ýeke täk bir patyşa bar eken. Bu patyşanyň hem bir ogly, bir aýaly bolup,
başga maşgalasy ýok eken.
Patyşanyň ogly ulalyp, ep-esli bolansoň, kakasyna:
– Meni bazara äkit – diýen. Patyşa oňa: – Indiki bazar güni
äkiderin – diýip, söz beripdir.
Bu patyşanyň ýedi gat jaýy bar eken, emma patyşa ol jaýlaryň
açaryny ogluna bermän, aýalynyň saçynyň arasynda gizläp goýýamyşyn.
Oglan ol açary aljak bolup, ejesinden şu bela dilese-de, ejesi
bermez eken.
Bir gün ejesi öýde uklap ýatyrka, oglan ejesiniň saçyndan ýedi gat
jaýyň açaryny alyp, tamlary açmaga başlapdyr.
Açyp görse, birinji tam durşy bilen gyzyl, ikinjisi kümüş,
üçünjisinde iki sany at bar eken, dördünji tam durşuna patyşanyň
geýimlerinden doly eken. Bäşinji jaýda patyşanyň özüniň, aýalynyň hem
oglunyň kümüşden suraty bar eken.
Altynjy jaýda hiç zat ýok eken, emma ol örän oňat bezelip
goýlanmyş. Oglan ýedinji tamyň gapysyny açanda, tas çaşan eken. Jaýyň
bir diwarynda bir periniň suraty bar eken. Oglan ony görüp, beýhuş
bolup ýykylypdyr.
Oglanyň ejesi turup saçyna seretse, açar ýok. Ol: „Işim gaýtdy”
diýip, jaýa tarap ylgan. Görse, tam açyk dur. Ýedinji tama barsa, ýaňky
suraty görüp, hem çaşyp ýykylan.
Şol wagt patyşa aýaly bilen ogluny gözlemäge duran, emma
tapman, bu hem ýedinji jaýa gelip görse, ogly bilen aýaly, beýhuş bolup
ýatyrlar.
Patyşa bulara derman berip, huşuna getiripdir.
Oglan huşuna gelip, kakasyndan ýüz tümen pul sorapdyr. Ol ýüz
tümen puly alyp, bazara aýlanyp ýörkä, bir adam kiçijik bir gürjüjik
satyp ýör eken.
Oglan gürji satýandan:
– Güjügiňi satjakmy? – diýip, soran.
Ol adam:
– Hawa, satjak – diýen.
– Näme häsiýeti bar?
40
– Munuň häsiýeti ýaman däl, elmydama yzyňa düşer ýörer, başyňa
bir iş düşse hem kömegi deger.
– Bahasy näçe?
– Ýüz tümen.
Ol oglan muny satyn alypdyr. Öýlerine getirip, öz itleriniň arasyna
goýberipdir.
Ertesi oglan ýene kakasyndan ýüz tümen alyp, bazarlamaga gaýdýar.
Ýene bir adam eline bir kiçijik tokmajyk alyp, ony satjak bolup
aýlanyp ýör ekeni. Oglan muny hem satyn aljak bolupdyr.
– Tokmagyňy satjakmy?
– Hawa, satýaryn.
– Näçä satarsyň?
– Aý, ýüz tümen dagy bolsa beräýerin.
– Onuň näme häsiýeti bar?
– Bir adamyny ur diýseň, derrew baryp tokuladyp, urup öldürýär.
– Bolýar, men alaýyn – diýip, oglan bu tokmajygy hem alan.
Öýlerine getirip, dullaryna oklan.
Kakasy ogluna: – Bu bolgusyz zatlary alyp näme etjek? – diýen.
Onda oglan:
– Munuň hem peýdasynyň degen ýeri bolar – diýip, aýdan.
Erte bazara gidende bu oglan kakasyndan bir müň tümen alan.
Ýene bazara aýlanyp ýören. Görse, bir adam bir ýelmaýany
owsarlap, satmak üçin aýlanyp ýör.
Bu oglan onuň ýanyna baryp:
– Ýelmaýaňy näçä satjak? – diýen.
– Bir müň tümen bolsa beräýerin.
– Bu ýelmaýaň näme häsiýeti bar?
– Bir göz açyp, ýumasy salymda, birnäçe menzil ýoly geçýär.
Oglan bu ýelmaýany hem bir müň tümen berip satyn alyp, ony
öýlerine getirip, daňýar. Soň ejesinden bir tamdyr işlekli nan bişirip
bermegini haýyş edýär. Ejesi hem bişirip beren. Soň bir uly horjun
hem tikdiren.
Ertesi ir bilen turup, ýelmaýanyň üstüne horjuny atýar. Horjunyň
bir tarapyny gyzyldan doldurup, beýleki tarapyna hem ejesiniň bişirip
beren işlekli nanyny salyp, Aýperiniň gözlegine çykan.
41
Patyşa bu perä aşyk bolsa-da, ony hiç alyp bilmändir. Onuň ugrunda
birnäçe müň goşuny gyrdyrypdyr.
Oglan gidip barýarka, öňünden üç sany adam bir adamyny çişe
düzüp alyp barýan ekenler. Oglan bularyň hem gapdalyndan dazyrdadyp
geçiberen.
Ep-esli gidensoň öz-özünden:
– Men näme üçin ýaňkylardan habar almadymkam? – diýip, pikir
edip, soň ýelmaýany yzyna öwrüp gelýär-de, ol adamlardan:
– Bu pahyr adamy beýle horlap, nirä alyp barýarsyňyz? – diýen.
Olaryň biri:
– Seniň nä işiň nirä alyp baranymyzda? – diýse, ýene biri:
– Bar, öz işiň bilen boluber, biz bilen näme işiň bar? – diýipdir.
Üçünjisi:
– Muňa Jeýhun diýerler, bu dünýäde hiç kime tutdurmaz hem
dünýäde hiç kime ot ýakdyrmaz, biz şindem muny uklap ýatyrka tutduk
– diýenler.
Oglan:
– Şu adamyny goýberiň, men size gyzyl bereýin – diýen.
Olaryň biri:
– Seniň ýalakyda hem gyzyl bolarmy? – diýip, göwniýetmezçilik
eden.
Ýene biri:
– Aý ýok, muny goýbermek bolmaz – diýen.
Onda oglan:
– Hany ýaglygyňyzy ýere ýazyň, men size näçe isleseňiz gyzyl
bereýin – diýen. Bularyň birisi ýaglygy ýazypdyr weli, oglan onuň
ýaglygyna üç goşawuç gyzyl guýupdyr. Bular indi Jeýhundan bizar
bolup, maňa ýetenok-da, maňa ýetenok – diýip, uruşmaga başlapdyrlar.
Jeýhun bolsa olaryň ellerinden sypyp gaçypdyr. Bu oglan hem öz ugruna
gidiberipdir.
Gidip barýarka, öňünden ýaňky Jeýhun çykyp:
– Eý, oglan, sen nirä barýarsyň? – diýip, soran. Oglan muňa:
– Men Aýperini almaga barýaryn – diýip jogap beripdir.
42
Jeýhun ýene:
– Eý, oglum, men seniň eden ýagşylyklaryň üçin, seni özüme
ogullyk alynjak, sen hem meni ataň hasap et, her näçe kyn hem bolsa,
men saňa Aýperini alyp bererin – diýipdir.
Bu oglan hem munuň diýenini kabul edipdir. Oglan:
– Atam, gel, onda sen bir salym ýelmaýa mün, men ýöräýin, sen
hem dynjyňy alarsyň – diýipdir. Onda Jeýhun:
– Ýok, oglum, sen arkaýyn bolaý, men ýöresem hem seniň
ýelmaýaňdan galmaryn – diýip, jogap beren.
Oglan ýene ýelmaýasyna münüp, ýola düşüp ugrapdyr.
Gidip barýarka, oglan öňe seretse, müň çakyrym öňünden bir zat
barýarmyş. Ýelmaýany her näçe sürhä-sür edip haýdasa-da, hiç yzyndan
ýetip bilmändir.
Ahyrynda gygyrypdyr weli, bu gara zat ýaňky Jeýhun eken-ä.
Bular kyrk gije-gündiz ýol ýöräpdirler. Ahyry bir ojarlyk ýere
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 03
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.