Latin

Türkmen Halk ertekileri - 03

Total number of words is 3996
Total number of unique words is 1658
37.0 of words are in the 2000 most common words
51.1 of words are in the 5000 most common words
58.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýetipdirler. Bu ýerde düşläpdirler.
Jeýhun:
– Men biraz uklap turýançam, şu ojardan ýyg – diýip, oglana
sargapdyr-da, özi ýatypdyr. Oglan hem haýdap, ojar ýygmaga başlapdyr.
Bir sagatda iki goltuk odun ýygypdyr.
Jeýhun ukudan oýanyp:
– Baý-ba, hemme ýygan ojaryň hem şulmy? – diýen.
Oglan hem: – Hawa, – diýen.
Ondan soň, Jeýhun elini eýläk-beýläk aýlapdyr, her aýlanda hem
bir öýüň garasy ýaly ojar ýygypdyr. Ondan soň oglana bakyp:
– Oglum, sen şu agaçlaryň biri gutarsa, birini otla, men häzir
Aýperini alyp geleýin – diýen. Oglan hem: – Bolýar – diýipdir.
Jeýhun Aýperini almaga gidipdir. Baryp Aýperiniň bolýan jaýyna
seretse, Aýperi sandygyň içinde gulply, onuň bir sim, bir pişik, ýedi
sany döw we bir garry aýal saklawy bar eken.
Jeýhun tüýnükden girip, ýuwaşlyk bilen sandygy göterip gaçypdyr
weli, sim zyryň edipdir, pişik maw edipdir, döwler gygyrypdyr. Garry
kempir hem adamlara habar bermäge gidipdir.
Jeýhun Aýperini oglanyň ýanyna getirse, ol iki üýşmek ojary hem
ýakyp, uklap galypdyr. Gürji bolsa, onuň töwereginde pyr-pyr aýlanyp
43
durmuş, tokmajyk ojar ýygýarmyş, ýelmaýa hem onuň ýygan ojarlaryny
bir ýere daşaýarmyş.
Jeýhun oglany turzup, oňa:
– Men bir ýere baryp gelýänçäm, sen şu ýerde gymyldaman otur.
Ileriňden bir gara at geler, gaýraňdan hem bir gara at geler, olar biribiri bilen urşar, biri-biriniň teninden ýolup alyp, eýläk-beýläk zyňar.
Olara eliňi-aýagyňy gymyldadaýmagyn. Olar döwdür, eger
gymyldaýsaň, olar sandygy alyp giderler – diýen. Oglan hem „bolýar”
diýen.
Şeý diýip, Jeýhun öz işine gidipdir.
Oglan otyrka eýlesinden bir gara at, beýlesinden bir gara at gelip,
uruşmaga başlapdyr. Olar bir-birleriniň hamlaryny ýolup alyp, eýläkbeýläk zyňmaga duran.
Oglan ahyry dözmän elini galgadyp, baryň, gidiň – diýip, olary
kowupdyram weli, gapdalyndaky sandyga seretse, ol eýýäm ýokmyş.
Oglan oturyp, aglamaga başlapdyr. Birnäçe wagtdan soň, Jeýhun
gelip görse, oglan aglap otyr: „Näme üçin aglaýarsyň?” diýip, sorasa:
„Men ol janawerlere dözmän, kowdum weli, sandygy alyp gidipdirler”
– diýen. Jeýhun:
– Zeleli ýok, men ýene gidip getirerin, sen ony gaýgy etme – diýen.
Ondan soň Jeýhun ýene öýüň garasy ýaly ojar ýygyp berip, Aýperini
getirmäge gidipdir.
Baryp görse, saklawy öňküden iki esse köp goýlupdyr.
Jeýhun Aýperini alyp gaýdýar weli, iki sim waryň edip ses eden.
Iki pişik biri-biri bilen uruşmaga başlan, on dört döw ýeri depip, tamy
ýykýarlar, iki garry hem: “Men öň aýtjakda, men öň aýtjak” – diýşip,
bir-biriniň kellesini ýaranmyş.
Jeýhun Aýperini oglanyň ýanyna getirenden soň, oglany bir ýere
iberip şeýle diýen:
– Bu ýerden gidip bir jaýa bararsyň, şonuň bir çakyrym bäri ýanyna
baraňda, Jeýhun kakam iberdi diýgin, ýogsa bir aýal seni derrew iýer –
diýen. Ol aýalyň ýanyna baryp, bir tamdyr nan bişirip ber diýersiň.
Bişirip berer weli, öýleriniň ýanynda bir derýa bardyr. Eliňe bir pil
alyp, şol derýanyň kenarynda oturarsyň. Soň şol bir tamdyr nanyň
hemmesini döwüm-döwümden derýa atar oturarsyň. Ahyrynda bir el
ýaly bölek nanyň galar. Şol wagt aňyrdan suwuň içi bilen suwy iki
44
tarapa bölüp, bir zat gelýändir, bu balykdyr. Ýaňky galan nanyňy hem
suwuň içine atman, bir gyrasyna atarsyň. Bu balyk hem ony aljak bolup,
kenara çykar weli, ýaňky piliň bilen ony çaparsyň. Şol balygyň içinde
bir gapyrjak bardyr, ony açarsyň, ol dört gatdyr. Şonuň iň kiçi
gapyrjagyny meniň ýanyma alyp gel – diýip, aýdan.
Şundan soň oglan ýola düşüp ugran we hemmesini Jeýhunyň
tabşyryşy ýaly edip, iň kiçi gapyrjagy alyp, Jeýhunyň ýanyna baran.
Jeýhun bu gapyrjagy açsa, içinde bir çüýşe bar ekeni. Bu çüýşäni döwüp
görse, ol kyrk gat ekeni. Iň kiçi gatynda on dört sany gurçuk bar ekeni.
Bu gurçuklaryň içinde bir ulusy bar ekeni. Jeýhun şu uly gurçugy
gysýar weli, ýaňky Aýperiniň soňky saklawynda duran döwler:
– Waý aga, näme hyzmat bar? – diýşip, haşlaşyp gelenler.
Bu gurçuklar döwleriň jany eken.
Jeýhun olara:
– Bizi pylan patyşanyň (oglanyň kakasynyň) ýurduna näçe wagtda
eltersiňiz? – diýen.
Döwler:
– Iki sagatda – diýen. Jeýhun ýene ýaňky gurçugy gysyberen weli,
döwler ýarym sagatda elteli, waý, öldürmäweri, zalywat – diýenler.
Bularyň her biri bir döwe münüp, göz açyp-ýumasy salymda
patyşanyň ýurduna gelenmiş.
Jeýhun derrew döwlere kyrk gat jaý gurduran. Soňra Aýperini hem
sandygyndan çykaryp, kyrk gat jaýyň iň ýokarsyna mündürip, oglany
hem ýanyna eltenler.
Jeýhun bulara nika gyýyp, döwlere hem jogap beren. Oglana hem:
– Men öz ýurduma bir aýlaň-çaýlaň edeýin, size hem üç döwüň
janyny bereýin, gerek wagty gysarsyňyz – diýip, ýola düşüp, öz ýurduna
giden.
Oglan bütin gije uklaman, Aýperiniň aý ýaly ýüzüne seredip ýatan.
Aýperi hem oglany söýen. Olar bütin gijäni aýşy-eşretde geçirenler.
Ertir patyşa tursa, iki tarapyndan hem gün dogupdyr. Patyşa:
– Bu gün-ä, öz günümiz, ol gün nämekä? Baryň, görüň – diýip,
bir adam iberen.
Adamlar gelip görse, patyşanyň ogly Aýperi bilen gujaklaşyp otyr.
45
Olar patyşanyň ýanyna gelip:
– Seniň ogluň Aýperi bilen gujaklaşyp otyr eken. Bu ýagty şonuň
ýalkymy eken – diýip, habar berenler.
Patyşa muňa gaty gazaplanan.
– Meniň alyp bilmedik perimi oglum alypdyr, men ony öldürip,
perini özüm alaýyn – diýen pikir bilen derrew urşa taýýarlanmaga duran.
Şol wagt mekir kenizleriň biri patyşanyň ýanyna gelip:
– Adamlary gyrgyna berip alýançaň, ony gowy gören bolup,
myhmançylyga çagyr-da, awy berip öldür, ol gelse, biz onuň oturjak
ýerine iňňe dürteris, şonuň bilen, ony öldüreris – diýen.
Patyşa: Meniň oglum ertir myhmançylyga gelsin – diýip, adam
iberen.
Oglan: – Bolýar, ertir bararyn – diýip jogap beripdir.
Agşam Aýperi oglana:
– Sen baranyňda, öýleriniň dulunda bir sübse bardyr, oturanyňda
şony aşagyňa goýup oturgyn, bolmasa, hemme ýere iňňe dürtendirler,
otursaň çümer. Soňra saňa patyşa bilen palaw bererler welin, sen
patyşanyň öňünden iýgin, öz öňüň awulydyr. Iýseň, ölersiň – diýip,
bir-bir tabşyran.
Oglan ertir turup, patyşanyň jaýyna baran. Patyşa ony garşylan.
Öýlerine girip görse, üsti körpekçeli, per ýassykly ýer bar, patyşa hem
ogluna:
– Geç, ine, myhmanyň ýeri – diýen bolup, hödür eden.
Oglan duldaky sübsäni alyp, şonuň üstünde oturan.
Ondan soň palaw getirenler. Oglan hem alyp, patyşanyň öňünden
iýmäge başlan. Soň turup, öýüne gaýdan.
Patyşa: „Munuň bilen-ä bolmady” diýip, ýene wezirleriniň birine
maslahat salan. Ol wezir:
– Muny iki sany adam bilen awa ibermeli. Suwsuz äkitmeli. Soň
mazaly suwsanda, gözüni oýdursa, suw bermeli, bolmasa bermeli däl.
Gözüni alanlaryndan soň bolsa, gurruga taşlap gaýtmaly – diýen.
Ertesi patyşanyň awçylaryndan biri oglanyň ýanyna baryp:
– Ýör, dost, aw awlamaga gideli – diýen. Oglan hem awa gitmäge
razy bolup, ertir gitmäge söz beren. Awçy gowusy şu gün gideli –
diýen. Oglan razy bolup, gürjüsini alyp, soň suw göterinjek bolan.
46
Onda awçy:
– Biz suwy köp aldyk, sen almasaň hem bolar – diýen.
Bular ýola düşýärler. Örän uzaga gidenler. Ahyry oglan suwsap,
suw dilän, emma oňa suw bermändirler. Oglan gidip-gidip, halys
çydaman, ýene suw diläpdir:
Şonda awçylar:
– Bir gözüňi berseň, bir käse suw berjek, iki gözüňi berseň, iki
käse suw berjek – diýenler. Oglan nalaç bir gözüni berip, suw içen.
Ýene aňry giden, ýene oglan suw dilän. Şeýdip, suw berip, onuň beýleki
gözüni hem oýupdyrlar. Soňra awçylar ony gurruk guýa taşlap, oba
gelenmiş.
Indi sözi Jeýhundan eşidiň.
Jeýhun gelip, oglany sorasa, Aýperi: „Awa gitdi” diýip, jogap beren.
Soňra Jeýhun şolarda ýaşaberipdir.
Patyşa awçylar gelenden soň, Aýperä hüjüm etmäge başlan. Emma
Jeýhun olara berk jogap beren.
Patyşa näme etjegini bilmän, sansyz goşun ýygnap, Aýperini güýç
bilen almagy karar eden.
Indi habary guýa atylan oglandan eşidiň. Bir gün oglanyň gürjüsi
Aýperiniň ýanyna gelip, hasylap duran. Aýperi oňa ýarty nan beren.
Gürji ony iýmän, getirip oglanyň bolýan guýusynyň içine taşlan. Oglan
oňa adamdyr öýdüp: „Kaka” diýse, gürjüsi waňk-waňk edýär.
– Gürjim eken-ow – diýip, nany iýiberen.
Ertesi ýene gürji Aýperiniň ýanyna gelen. Ol hem ýene bir ýarty
nan berip, bir sanaçjygy hem tikip suwdan doldurýar-da, gürjüniň agzyna
tutduran. Gürji hem ýene gidiberen. Olary hem eltip, oglana beren.
Ertesi gürji gelmänkä, Aýperi Jeýhuna:
– Seniň ogluňa bir zat bolandyr, onuň gürjüsi günde gelýär, nan
bersem hem, iýmän äkidýär. Belkäm, ol ony ogluňa äkidýändir.
Şu gün geler welin, sen garama-gara yzyna düşüp git, belki, bir
ýerde ýatandyr – diýen.
Ýene-de gürji gelen. Jeýhun hem onuň agzyna ýarty nan beren-de,
yzyna düşüp ugran.
Gürji baryp, guýynyň agzyndan ýarty çöregi taşlan. Jeýhun baryp:
„Oglum” diýse, oglan içinde ýatan eken.
47
Soň oglany çykaryp, öýe alyp gelen. Aýperi:
– Wah, şu wagt munuň gözi bolsa, bejerip bolardy – diýen. Şol
wagt gürji agzyndan oglanyň iki gözüni hem çykaryp beren.
Aýperi hem gözleri alyp, ýerinde oturdan, üstünden bir sypan weli,
oglanyň gözi öňküsinden hem ýagty bolan.
Oglan Jeýhuna patyşa kakasyny öldürmegi maslahat beren, hemde kakasyna hat ýazyp, şeýle habar eden: „Akmak patyşa, sen kim bilen
oýun salýanlygyňy bil, ertir urşa taýar bol, bolmasa, men seniň düýpteýkaryňa sogan ekerin”.
Soň oglan bu haty gürjüsinden iberen. Ertesi patyşa goşunyny
sürüp gelen.
Jeýhun döwlere maslyklary çekmegi we olary iýip ýok etmekligi
tabşyran, tokmajyk duşmanlary urup öldürmeli. Gürji hem tokmaga
kömek bermeli. Jeýhun bilen oglan ikisi hem söweşe girmeli. Aýperi
bolsa, oňa tomaşa edip oturmaly.
Uruş başlanan. Jeýhun bilen oglan gylyçly duşman bilen söweşe
girýärler, emma tokmajyk bulara zat ýetirmeýär. Ol duşmanyň her biriniň
kellesine bir „tok” edýär weli, duşman ölüp ýatyberýär eken. Şeýdip,
ol „tok, tok” edip, duşmany paýhynlap barýarmyş. Ahyry ol duşmanyň
hemme goşunyny gyran. Tokmak patyşany hem öldürip, onuň iň uly
bölegini gulagy ýaly eden. Şunluk bilen uruş gutaran.
Oglan kakasynyň ýerine patyşa bolup, Aýperi bilen döwran
sürmäge başlanmyş.
48
48
49
49
B
ir bar eken, bir yok eken. Gadym zamanda biriniň bir adamdan
iki teňňe algysy bar eken. Ony almanka, ýaňky bergidar öläýipdir. Ol
ölensoň häki algydar:
– Aý, kepenini soýup alaýaýyn-la – diýip, onuň kepenini sypyryp
ugrapdyr. Şol wagt hol beýleräkden bir kerwen geçip barýar eken.
Kerwenden biri onuň edip duran işini görüp, ýanyna gelip:
– Be-e, öleňsoňam goýjak däller-ow. O-how, bu bolup durşuň
nähili, öli soýmaň näme? – diýipdir.
– Aý, şu ýatan kişide iki teňňe algym bardy, bermän öldi, indi
kepenini sypyrsamam şoňa derek bolar diýip durşum.
– Munyň-a ýalňyşdyr, beýtme, men saňa iki ýüz teňňe bereýin
welin, sen muňa degme-de, öýüňe gaýt! – diýipdir.
– Wah, bir ýüz teňňe berseňem gaýtjak-la!
– Ýok, me, ynha, şu iki ýüz teňňäni al-da, gaýt! – diýip, muny
ugradyp goýberipdir-de, özem ýoluna gidermen bolupdyr.
Onýança ýaňky mazardaky ýatan asgyryp galypdyr-da:
– Be-eý, adamzat, maňa munça ýagşylyk etdiň, menem saňa
ýagşylyk edeýin. Git-de maňa bir köýnek-balak getirip ber – diýipdir.
Ol muňa egin-eşik getirip berýär welin, bu hem geýnip, ýaňky
bilen tirkeşip, kerwene barýar. Onsoň ýaňky öli adam aýdýar:
– Meniň ozal iki teňňe bergim bolan bolsa, indi iki ýüz teňňe
bergili boldum. Üzmesem, görümde parahat ýatyp bilmerin. Meni
kerwene hyzmatçy edip alyň. Hakyma-da ýolda ýolugan zadyň ýaryny
berseňiz bolar – diýýär.
Kerwenbaşam:
– Ondan başga özüňe hakam belläýeris, ýörüber gitseň – diýýär.
Şeýdip, bular ýola düşüp gidiberýärler. Ine, onsoň, az ýöräp, köp
ýöräp, ahyr baryp, bir ýerde düşleýärler. Hemmeler ýatdy welin, häki
öliň gözüne hiç uky gelenok diýýär.
Bir seretse, gijäniň bir mahaly jyňňyrt-jyňňyrt edip, bir perizat geldi
diýýär bularyň goşuna. Öňünde-de bir zat ýalpyldap duranmyş. Ana,
onsoň ýaňky perizat gelip, ýatanlaryň burnuna beýhuş derman ysgadyp
başlapdyr. Bu hem özüniň oýalygyny bildirmän, sesini çykarman, şol
seredip ýatanmyş. Ahyrsoňy perizat munuňam ýanyna gelipdir welin,
görse, häki öliň boýnundan gylyç asylgy diýýär. Onsoň perizat:
50
– Aý, şu oýanyp, birden bar zady bulaşdyraýmasyn. Bir adam
nämemiş?! Galanlar-a erte öýläne çenli galmasalar gerek. Gidip, kyrk
nökerime habar edeýin – diýip, öz ýoluna ugraberýär.
Bu adam hem garama-gara yzyna düşüberýär. Şeýdip barýarkalar,
ahyr baryp bir takyrda perizady ýer ýuwdan ýaly bolupdyr. Ol eýlesinebeýlesine esewan edipdir. Görse, ynha bir ýerde adam sümüp ötägitmeli
bir deşigiň agzy garalyp duran eken. Baryp, şondan aşak garap görse,
giden ilat diýýär. Ýaňky perizat hem daşyna kyrk sany garakçyny
üýşüripdir-de:
– Ho-ol ýerde ýüz düýe ýükli kerwen eýeleriniň ählisini beýhuş
edip gaýtdym, gidiň-de zatlaryny alyp gaýdyň – diýip, gürrüň berýär
diýýär.
Bu bolsa deşigiň agzyndan garap:
– Iki-ikiden-ä sygmasaňyz gerek, ýeke-ýeke çykanyňyzyň hem
kelläňizi alaryn – diýip, eli ýalaňaç gylyçly häzir bolup duran.
Garakçylar ýeke-ýekeden çykmakçy bolýarlar. Ol biri çykandan,
beýlekisi gelip ýetişmänkä, kellesini alyp oturan. Şeýdip ahyry
kyrkysynyňam kellesini şalgam alan ýaly edipdir-de:
– Hany, indi özümem bir baryp göreýin-le – diýip, aşak düşüpdir
welin, hälki perizat töweregine ýalkym saçyp otyr diýýär. Muny gören
perizat:
– A-how, adamzat, bolup ýörşüň nähili, bu ýerlere guş gelseganaty, gulan gelse – toýnagy gyrylýar. Meniň kyrk garakçym bardyr –
diýip, sözüni soňlamanka, ol:
– Haý, samsyk peri, ol kyrkyň-a men eýýäm segsen etdim. Ynha,
indi seňem janyň bokurdagyňda – diýip, gylyjy ýalpyldadyp syryberdi
diýýär.
Onda perizat:
– Haý, duraweri, adamzat, garakçylary beýden bolsaň, onda menem
seň ygtyýaryňda – diýip gygyryberen.
– Beýle bolsa, aýt kerwendäkiler haçan galarlar?
– Ertir gün çäş galanda turuzaryn.
– Turuzjak bolsaň, ýör, düş. Ýogsa-da deriňi boýnuňa ýygyryn.
Şol gaýdyşlaryna ýaňky kerweniň ýanyna gelipdirler welin, olar
öli ýaly bolup ýatan ekenler. Ýaňky adam perizada:
51
– Seň häzirki etmeli işiň: tüňçeleri oturdyşdyr-da, ilki bir çaý
gaýnat, onsoňam, adamlary çalt turuz, indi men seň bilen kän gepleşip
durjak däl – diýýär.
Peri diýşi ýaly edip, çaý gaýnadyp, bulary-da, oýarýar welin, bularyň
perizada gözi düşüp, agyzlaryny öweldişip otyrlar diýýär.
Onsoň ýaňky adam öz bergisini üzüp berene bakyp:
– Aý, ýagşy ýigit, ikimiz indi Hywa gidibem oturmaly, kerweni
ýoluna ugradaý, bu taýda zat gaty kän – diýýär.
Ol hem munuň diýeni bilen bolýar. Bergilisiniň bäş-alty sany düýesi
bar eken welin, olary mas ýükläp berýär-de: “Ýeriň aşagyndan başgada gerek zadyňyz bolsa alyň” diýýär.
Ana, onsoň ýaňky oglan, hälki öli, bu perizat üçüsi geregini edinip,
ýüklenişip, yzlaryna gaýdyberipdirler. Şol gaýdyşlaryna bular ýene bir
patyşalyk ýurda gelýärler. Bu ýurduň patyşasynyň bir gyzy bar eken-de,
günde birine durmuşa çykarýarmyşlar welin, baran oglany ertesi öli
çykaýýarmyş. Bu habary eşidenlerinden soň, perizat ol oglana aýdýar:
– Sen: “Öňem bir aýalym bar, şonuň bilen bile gyzyň ýanynda
ýatyrsaň, gyzyňy men alaýyn” diý-de, patyşa aýt. Munuň bir emmasy
bardyr, men seni öldürmen – diýýär.
Onsoň bu habary patyşa ýetirýärler welin, patyşa hem:
– Bolýar, on aýaly bolsa-da, men razy – diýýär.
Şeýdip patyşa nika gyýyp, muňa-da gyzyny beripdir-de, bularyň
daşyna hem kyrk adam sakçy belläpdir.
Bu oglan hem perizady-da ýanyna alyp, patyşa gyzynyň bolýan
jaýyna barypdyr. Oglan bilen şa gyzy derrew uka gidipdirler. Perizat
welin, uklar ýaly däl diýýär. Ol uklap ýatan oglan bilen gyzy oýaraýman,
biri-birinden aralaryny ep-esli açypdyr-da: “Näme bolýarka?!” diýip,
seredip oturyberipdir. Bir salymdan görse, gyzyň agzyndan bir aždarha
çykyp, oglana tarap kellesini uzadyp gelýär diýýär. Perizadam almaz
gylyjy salýar-da, onuň kellesini kesýär-de taşlaýar. Göwresi bolsa ýene
içine çekilýär galyberýär. Şeýdip bularyň bary ertire sag-aman çykýarlar.
Muňa begenişip:
– Haý, aman-sag çykdylar, patyşa! – diýşip, patyşanyň adamlary
patyşa söýünjileýärler.
Patyşa hem şatlanyp, toý tomaşa tutup, hezil edipdir.
52
– Muny öz öýüňe äkit – diýip, gyzyny oňa bagyşlapdyr.Üstüne-de
altyn-kümüşi, öýi beýlekisi bilen dünýä zadyny berip, kyrk atlynam
sakçy belläpdir.
Ine, şeýdip bular öz ýollaryna ugrapdyrlar. Ep-esli ýöränlerinden
soň, ýaňky atlylara jogap berip goýberýärler-de, bular dört bolýar
galyberýärler.
Ana, onsoň häki öli öz bergisini üzen oglana garap:
– Ýolda ýolugan zatlara şular, indi bulary paýlaşjak bolsak, deňderman paýlaşaýsak – diýipdir.
– Aý, özüň, ynha, haýsyny halasaň alaý! – diýipdir.
– Ýok, bu bolmaz, perizad-a arrygrak, şa gyzy bolsa semiz, onsoň
herimiz birini alsak bolmaýar, bulary deňlemesek bolmaz.
– Onda bolýa-da, özüň näme etseň, edersiň-dä – diýip, bu oglan
düýelerine seretmäge ötägidipdir.
Şol wagt öňki öli ýaňky gyzlara garap:
– Ikiňizem deňje bolup duruň, semiziňizden alyp, beýlekiňize goşup
deňlejek diýipdir.
Gyzlar hem diýşi ýaly edip durýalar. Ol bolsa, gylyjyny ýalaňaçlap,
patyşa gyzyna tarap, bat bilen topulýar. Gorkup, ýüregi ýarylara gelen
şa gyzy: “Wä-ä” edip, aýylganç bir gygyrýar welin, aždarhanyň göwresi
şalkyldap, onuň agzyndan gaçýar ýatyberýär.
– Ana, indi deňlendiňiz, arkaýyn bolaýyň!- diýýär-de, oglany hem
çagyrýar. Bular ýene:
– Haýsyny alsaň, alaý – bolşup, bir salym çekeleşýärler. Iň soňunda
öli adam.
– Mysal üçin, şularyň haýsam bolsa biri meňki diýeli. Men şonam
saňa bagyş edýän. Öňki tapan baýlyklarymyzdan-da düşýän paýymy saňa
durşuna geçýärin. Sen şol meniň bergidaryma beren iki ýüz teňňäňe
razy bolsaň, maňa bolýar. Meniň bu dünýäde durarlygym ýok, ýöne
seni razy etjek bolup, gezip ýörün diýipdir. Oglan hem:
– Men ýüz-müň razy – diýen.
Şondan soň öňki öli ak guş bolup uçup ötägidipdir.
Oglan hem, gyzlar-da maksat-myratlaryna ýetipdirler.
53
54
B
ir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamda çar bagly Çandybil
ýurdunda bir patyşa bar eken. Oňa Ahmet şa diýer ekenler. Onuň hiç
perzendi bolmaýan eken. Ol şol perzentsizligi bilen kyrk ýyl patyşalyk
sürüpdir. Soňra: „Maňa bir perzent ber” diýip, Hudaýdan dileg edip,
ýedi gije-gündizläp hudaýoly berýär. Bu hudaýola garyp-pukaralar hem
gatnaşýar. Şeýlelik bilen patyşa gije ýatanda düýş görýär. Düýşünde
oňa ogluň boljak diýýärler, şondan soň aý-gün geçip, onuň aýaly göwreli
bolýar. Dokuz aý, dokuz güni dolansoň, ondan bir ogul bolýar. Ahmet
şa muňa begenip, şol gün ogullary bolan ähli ene-atalary öz ýanyna
çagyryp:
– Siziň oglanlaryňyz hem meniň oglumyň bolan güni bolany üçin,
olar hem siziň ogluňyz bolar, hem meniň oglum bolar. Mundan buýana
siziň ähli iýjek-içjekleriňiz hem menden bolar – diýip, bulary razy edýär.
Patyşanyň ogly bolan güni dört sany pukaranyň hem ogly bolan
eken. Patyşa şundan soň ýaňky pukaralary hem öz howlusyna göçürip
getirdi, Ahmet şa oglanlara sereder ýaly bäş sany eneke tutdy. Şeýlelik
bilen, bu oglanlaryň hemmesini bir ýerde terbiýeletmäge başlady.
Oglanlar ýedi ýaşyna barandan soň, bu bäş doganyň her haýsy bir hili
okuw-hünär öwrendiler. Bular on dört ýaşlaryna ýetdiler. On dört
ýaşlaryna ýetenlerinden soňra, bularyň her haýsy bir ata münüp, keýp
çekip geziberdiler.
Bir günden bir gün patyşa köşgünde otyrka, bir söwdagär bir sandyk
getirip, patyşanyň öňünde goýdy.
Patyşa:
– Bu näme? – diýip sorag berdi welin, söwdagär:
– Bu sandyk satlyk – diýip, jogap berdi.
– Onda sandygyň agzyny aç, içinde näme bar, göreli.
– Bu sandygyň agzy açylmaz.
– Onda özümiz alanymyzdan soňra açaýarys – diýip, puluny berip,
açyp görse, sandygyň içinde bir ýüpek köýnek bar eken.
Patyşa:
– Wah, meni aldapdyr – diýip, ýüpek köýnegi açyp gördi welin,
ýüpek köýnegiň ýüzünde bir surat bar, iýmän-içmän, ýüzüne seredip
oturmaly.
55
Patyşa bu suraty görüp, beýhuş bolup ýykyldy. Soňra huşuna gelip,
ýaňky köýnegiň ýüzüne ýagşy seretdi welin, bir hata gözi düşdi. Haty
okap görse: „Men Hytaý patyşasynyň gyzy Güljemile” diýip ýazylypdyr.
Şol wagtda mollaçylyk ýoluny okan ogly patyşanyň ýanynda otyrdy. Ol
bu işleriň hemmesinden habardar bolup galdy.
Patyşa:
– Bu suraty oglum görmesin – diýip, başga bir tama sandygy bilen
äkidip, tamyň agzyny gulplap, açaryny hem aýalyna berdi.
Indi habary patyşanyň beýleki ogullaryndan eşit. Patyşanyň tüýs
öz ogly beýleki doganlaryna baş bolup seýle gidipdiler. Bular seýilden
gaýdyp geldiler. Olar bäş-üç gün dynçlaryny alanlaryndan soň, patyşa
hem wezir-wekillerini öz ýanyna alyp, patyşalygyny hem ogluna
tabşyryp, awa çykdy.
Indi habary hälki patyşanyň molla oglundan eşit. Ol patyşanyň öz
oglunyň ýanyna gelip, bu gizlin syrlaryň hemmesini ýekän-ýekän aýtdy.
Patyşanyň ogly bolsa görmesizden şol gyza aşyk bolup, ejesinden açary
sorady welin, ejesi açary bermedi. Patyşanyň ogly doganlary bilen
maslahat edip, gapyny döwüp, tama girdi. Girse hälki sandyk bar,
patyşanyň ogly sandygy açyp görse, gyzyň suratyna gözi düşüp, jany
dili bilen aşyk bolýar. Ol atasynyň gelmegine howlugyp, şol gyzyň
yzyndan gitjek boldy. Onda hem doganlary goýbermän sakladylar. Ol
atasy gaýdyp gelende:
– Maňa şol gyzy alyp ber – diýdi.
Atasy:
– Ol patyşa bize gyzyny bermez, urşaly diýsek-de, güýjümiz asgyn
– diýdi.
Onda ogly:
– Maňa rugsat berseň, özüm alaryn – diýdi.
Bular bäş dogan bolup, atalaryndan rugsat alyp, galandar geýimine
girip, pyýada, Hytaý patyşasynyň şäherine dahyl boldular. Bular baryp,
bir saraýdan jaý tutup, şonda boluberdiler. Emma bular patyşanyň
gyzyny nähili görjeklerini bilmeýärler. Ahyry maslahat edip:
– Her haýsymyz bir işe meşgul bolalyň – diýdiler.
Şo halatda suratkeşlik ýoluny okan doganlary:
– Men kagyzdan şekildir gül ýasaýyn – diýdi.
56
Ondan soň surat ýasamaga başlap, kagyzdan bir gül ýasady, muny
hem saraýmanyň goluna berip, satdyryp, saraýmanyň ogluna hem gülüň
pulunyň ýarysyny berdiler. Bu oglanyň güli şeýle geçgin boldy, hatda
bular başga iş etmän, ýeke gül satyp, iýip-içip ýatyrlar.
Bir gün oglana gaty ýagşy gül ýasap berdiler-de:
– Muny ýüz tümenden aşaga berme – diýdiler.
Saraýmanyň ogly hem bolýar diýip, güli alyp, köçä çykdy welin,
köçede uly galmagal bar eken. Oglan bu nämekä diýip durdy welin,
patyşanyň ýasawullary adamlary köçeden kowup gelýär, yzyndan hem
bir topar ýüzi perdeli aýal-gyzlar gelýär.
– Bu näme? – diýip sorady.
Ýasawullaryň biri:
– Patyşanyň gyzy bag seýline barýar, aýryl köçeden! – diýip gygyrdy.
Bu-da köçäniň bir ýanyna sowlup durdy. Şol halatda-da aýnaly
paýtunda gelýän patyşa gyzynyň gözi ol oglana düşdi. Görse, onuň
elinde bir owadan gül bar. Patyşanyň gyzy paýtuny saklady, ol oglany
çagyryp:
– Gülüňi satjakmy? – diýdi.
O-da:
– Hawa – diýip, gülüni ýüz teňňä satdy.
Patyşanyň gyzy:
– Bu güli kim ýasaýar? – diýip sorady.
Onda ol oglan:
– Men ýasaýan – diýip, jogap berdi. Patyşaň gyzy:
– Sen ýasaýan bolsaň, her günki gülüňi maňa getirde dur – diýdi.
Ol-da bolýar diýip aýtdy. Patyşanyň gyzy bolsa seýle-de gitmän,
owadan güli alyp, yzyna gaýtdy. Şeýlelik bilen, bu oglan gül ýasap, her
günki ýasan gülüni patyşanyň gyzyna satmaga başlady. Bir gün bu surat
ýasaýan şazada gaty owadan bir gül ýasady. Ol başga bir kagyzyň ýüzüne
howza akyp barýan derýanyň suratyny çekip, şol gülüň ýapragynyň
aşagynda bir gyrasyny çykaryp goýdy-da, patyşanyň gyzyna äkidip ber
diýip, saraýmanyň ogluny iberdi. Saraýmanyň ogly bu güli äkidip,
patyşanyň gyzyna alty ýüz teňňä satdy. Patyşanyň gyzy bu gülüň edilişini
beýleki güllerden ýagşy görüp, eline alyp seredip durka, birden şol
kagyza gözi düşdi. „Bu kagyz nämekä?” diýip, eline alyp, kagyzy açyp
57
görse, gyzyň köşgüniň ýanyndaky derýanyň suratyny hem çekipdirler.
Gyz dessine ýaňky saraýmanyň ogluna:
– Dogryňy aýt, bu gülleri, bu kagyzy kim ýasady? – diýip sorady.
Saraýmanyň ogly:
– Muny özüm ýasadym – diýip, jogap berdi.
Onda gyz:
– Seniň özüň ýasaýan bolsaň, onda meniň gözümiň alnynda hem
ýasa. Hany, gaýçy we kagyz getiriň – diýip buýurdy.
Kenizler hem kagyz, gaýçy getirdiler welin, bu oglan hiç bir zat
edip bilmedi. Gyz ýene:
– Sen dogryňy aýt, bu güli kim ýasaýar? – diýdi.
Onda saraýmanyň ogly:
– Maňa aýtma diýip sargapdylar – diýdi.
Gyz saraýmanyň ogluny gyssady welin, ol ähli bilen zatlaryny
aýtmaga başlady:
– Biziň saraýymyzda bäş sany galandar bar, şolaryň biri ýasaýar –
diýdi.
58
Ondan soň gyz eline kagyz, galam alyp, bu galandarlara hat ýazyp,
saraýmanyň oglundan iberdi. Saraýmanyň ogly eline bir hat alyp geldi.
Galandarlar bu haty okap görseler, gyz hatynda: „Siz nireden geldiňiz,
näme üçin gül ýasap satýarsyňyz?” diýip ýazypdyr. Bu haty okap, bular
şat bolup, molla agalaryna:
– Senem bir hat ýaz, mollalygyňy şu ýerde görkez – diýdiler.
Ol hem eline döwet galamyny alyp: „Biziň şazadamyz size aşyk
boldy, şonuň üçin geldik” diýip, başdan geçenlerini birin-birin edip
ýazdy. Bu suratçy dogany hem täzeden bir gül ýasady. Şundan öňki
ýasan gülleri bir ýana, bu gül hem bir ýana. Ondan başga hem şazada
bilen gyzyň suratyny bir ýere çekip, muny hem gülüň arasyna salyp,
ýaňky saraýmanyň oglundan iberdiler. Saraýmanyň ogly bu güli hem
gyza getirip berdi. Gyz güli alyp seretdi welin, içinde ýene kagyz bar.
Görse, bir hat. Haty okap görse, ýene-de bir kagyz göründi, muny hem
alyp seretdi welin, öz suraty bilen bir şazadanyň suraty bar. Gyz suraty
görüp: “Bir şonuň bilen görüşdirseňiz!” diýip hat ýazdy. Bu haty hem
saraýmanyň ogly getirip, galandarlara berdi. Ondan soň ýene bir gül
ýasap, dogany kärizgen aýal geýimine girip, gyzyň köşgüne bardy. Baryp,
gyz bilen tanşyp, özleriniň näme üçin gelenlerini ýeke-ýeke aýtdy.
Gyz ondan:
– Nähili edip şazada bilen tiz tapyşyp bileris? – diýdi.
Onda kärizgen:
– Siz meniň gazan gumumy çekip ýetişseňiz, men seniň üçin jaýyň
içinden käriz gazyp başlap, on bäş günde saraýdaky hüjrämiziň içinden
çykaryn – diýdi.
Onda gyz: „Bolýar” diýip, öz bolýan öýünden käriz gazdyrmaga
başlady. Ýaňky kärizgen käriz gazýar, gyzyň kenizleri hem onuň gazan
gumuny çekýärler, gumuny hem köşgüň ýakasyndan geçýän derýa
dökýärler. Şeýlelik bilen, ol on bäş günde öz bolýan hüjreleriniň içinden
çykyp, gyza habar berdi.
Gyz:
– Şazadany alyp gel – diýdi.
Ondan soň şazadany gyzyň köşgüne alyp getirdiler. Bular bir-birine
duşup, alty aý döwran sürdüler.
Bir günden bir gün patyşanyň gulagyna: “Pylan saraýda bäş sany
galandar bir ýyl bäri iýip-içip ýatyrlar. Özleriniň hem edýän işleri ýok.
59
Näme işe gelenleri hem mälim däl” diýen bir myş gulagyna degdi.
Patyşa bu habary eşidip, wezirine:
– Şu gije biz galandar geýimine girip, şolary barlap geleli – diýdi.
Wezir hem:
– Bolýar, kyblaýy älem – diýdi. Olar agşam il ýatansoň galandar
geýimine girip, ýola düşdüler.
Barsalar, olaryň bolýan hüjresinden yşyk görünýär. Ýuwaşja baryp,
gapydan yşyklap gördüler welin, patyşanyň gyzy şazada bilen, kenizleri
hem doganlary bilen aýşy-eşret sürýärler. Patyşa bu işleri görüp, içine
ot düşüp, gylyjyny syryp, gapydan girjek boldy welin, weziri ony
goýbermän saklady. Ol:
– Dur patyşahy älem, ilde meňzeş gyz köp, bularyň öz aýallary
bolaýmasyn, öňürti bir gyzyň bolýan jaýyny barlap gel, onýança men
gapyda garawul duraýyn – diýdi.
Patyşa:
– Sen onda, bir ýana butnaman, gapydan adam çykarman dur, men
gyzymy barlap geleýin – diýdi.
Wezir hem: “Bolýar” diýdi. Patyşa barlamaga gitdi welin, wezir
olaryň gapylaryny urdy. Olar hem:
– Kimsiň? – diýdiler.
Onda wezir:
– Men size ýagşylyga geldim, ýamanlyga gelmedim – diýip, içerik
girdi:
– Patyşa ikimiz sizi barlamaga geldik welin, patyşa gyzyny we
kenizlerini siziň ýanyňyzda görüp, gahary gelip, içerik girjek boldy
welin, men: „Ilde meňzeş gyz köp, ilki bile gyzyňy barlap gör, gyzyň
ýerinde bolmasa, gel-de, näme etseň edäý” diýdim.
Ol şu wagt barlamaga gitdi. Indi ol aýlanyp barýança, siziň ýakyn
ýoluňyz bolsa, tizlik bilen ýeriňizde tapylyň, ýene patyşa barmanka
patyşadan öňürti şu taýdan tapylyň – diýdi.
Dessine gyzlar şol gazylan nagym bilen gidip, patyşadan öňürti
baryp, öz ýerlerine geçip, uklan bolup ýatdylar. Patyşa gelip görse,
gyzy ýerinde uklap ýatyr.
60
Patyşa:
– Dünýäde öz gyzyma meňzeş adam köp eken, tas men bir nähak
gana galjak ekenim, meni mundan Alla gutardy – diýip, ýene-de yzyna
gaýtdy.
Gyz ýene kenizleri bilen şol nagym bilen gelip, ýene aýşy-eşrete
oturdylar.
Patyşa bir haýukdan soň gelip görse, wezir gapyda gylyjyny syryp
dur, patyşa gapydan yşyklap görse, gyzy ýene bu taýda keýp çekip otyr.
Patyşanyň içine ot düşüp: „Ýene bir barlap geleýin” diýip gitdi. Baryp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 04
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.