Latin

Türkmen Halk ertekileri - 09

Total number of words is 3810
Total number of unique words is 1662
37.5 of words are in the 2000 most common words
51.7 of words are in the 5000 most common words
59.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şol gün aždarhanyň giren yzy bar-da, çykan yzy ýok eken. Sebäbi urkaçy
aždarhanyň yzy erkek aždarhanyň yzyndan inliräk eken. Horezmin dagy
awçy bolanlary üçin, haýwanlaryň yzyny hem biler ekenler. Horezmin
töweregine seretse, elli-altmyş sany goýun otlap ýören ekeni. Bu
goýunlar aždarhanyň getirip goýberen goýunlary eken. Eger-de bular
daş ýere gitse, aždarha şaglap baryp, goýunlary dolap getirýär eken.
Horezmin Hebeşä:
– Urganyň bir ujuny bilimize daňyp, birimiz guýa gireli. Ýa sen
gir, ýa-da men gireýin – diýen.
Hebeşi:
– Aga, men gireýin – diýýär.
Onda Horezmin:
– Bolýar, gir, abraý alar ýaly bolsaň, al, almaz ýaly bolsaň, derrew
tanapy silk, men seni dartyp alaryn – diýen.
Hebeşi tanapy biline dakyp, guýa girip ugrady. Guýynyň düýbüne
ýetmäge bäş gulaç ýaly galanda görse, bir aždarha ýatyrmyş. Guýynyň
içi uzyn bir dalan ekeni. Aždarha kellesini oýa goýup, guýrugyny dalanyň
düýbünde ýokary uzadyp, uklap ýatan ekeni. Onuň göwresi öňki
ýylandan bir ýarym esse ullakan ekeni. Onuň ýanynda erkek aždarhanyň
153
eltip beren gyzlarynyň biri eline ullakan bir ýaglygy alyp, onuň ýüzüne
gonýan siňeşleri gorap oturan ekeni. Gyz asmana seredip görse,
depesinde bir hasyrdy barmyş. Ynha görse, bir ýigit bilinde tanap, elinde
gylyç sallanyp gelýärmiş. Gyz oňa:
– Sadagaň gideýin, munuň eline düşen bir men bolaýyn, seni
dessine gajyr-gujur iýer, gideweri – diýýär.
Hebeşi gorkup, derrew tanapy silkýär. Horezmin hem ony çekip,
ýokary çykarýar.
Horezmin oňa:
– Hany, näme waka bar? – diýende, Hebeşi:
– Öňküden bir ýarym esse uly bir aždarha ýatan eken. Bir gyz hem
onuň ýüzüni gorap otyr. Ol gyz: “Munuň eline düşen bir men bolaýyn,
sen adamzat bolsaň, ýalmap gajyr-gujur iýer, tiz çyk-da gideweri diýdi”
– diýýär.
Horezmin:
– Pahaý, sen-ä oňarmansyň, hany bäri al tanapyň ujuny bakaly –
diýip, biline daňyp, gylyjy hem eline alyp, guýa sallanýar.
Guýynyň düýbüne gulaç ýaly galanda, Hebeşiniň ýanyna bir ak
sakgal gelipdir-de:
– Maňlaýy gara Hebeşi, Horezmini häzir aždarha çeýnäp gutaryp
barýar. Sen häziriň özünde tanapy taşla-da gaç, ýogsam çykaýsa seni
hem diri goýmaz – diýýär. Hebeşi hem gorkusyndan tanapy taşlap
gaçýar. Horezmin ýylanyň ýeňsesine, gyzyň arkasyna pöküläp düşýär.
Aždarha munuň güpbüldisine agzyndan tüsse çykaryp, bir towlanyp,
ýene aňyrsyny bakyp, uklap galýar. Horezmin aždarhanyň derrew
boýnuny kesýär. Aždarha jan howluna guýrugyny diwaryň ýüzüne urýar.
Şonda ýer-gök lerzana gelýär. Horezmin onuň kelle taýynyň bir gulaç
ýaly beýle taýyndan ýene-de bir ýola gylyjy salýar. Ol şol barmana ýylany
ýedi bölek edýär. Soň ýylandan arkaýyn bolup, ol gyzdan habar soraýar:
– Sen kimiň gyzy? – diýýär.
Ol gyz hem:
– Men patyşanyň gassabynyň gyzy – diýýär.
– Seni nädip aždarha iýmedi?
– Aždarha menden: “Ataň näme kärdedi?” diýip sorady. Men hem:
“Atam gassapdy” diýdim. “Eýse, sen goýun öldürmäni bilýärmiň?”
154
diýdi. Men hem gorkunjyma bilmesem hem: “Bilýärin” diýdim. Ýene:
“Goýny kaklap, adamzat gowy kebap edip iýýämişin, sen ony bilýäňmi?”
diýdi. Menem: “Bilýän” diýdim. “Eger sen maňa kebap bişirip berseň,
ýatamda ýüzümi gorasaň, seni iýmäýin” diýdi. Menem günüm üçin:
“Bolýar” diýdim. Ýatsa, ýüzüni gorap, nahar diýse, kebap bişirip berip,
özümem iýip, aý garaz, şeýdip gün görüp ýörün – diýýär.
– Sen, onda, adamzat bolsaň, bu ýylanyň näme käri bar? – diýip
soraýar.
Gyz:
– Bu aždarha ýedi guzyny bir oturyşyna iýip, ýedi gije-gündiz hem
uklaýar. Ýatan wagty hem düýş görüp, nirede köne galalar bolsa, dag
bolsa, bilip, olardaky altyn-kümüşleriň baryny getirip, şu galanyň içinde
görünýän on iki işikli jaýyň içini gyzyl-kümüş bilen doldurdy. Beýleki
ýylanyň käri bolsa, günde bir gyz bilen ýene gören ýerinden goýun
sürüp getirýärdi – diýýär.
Horezmin gyzdan:
– Bu jaýlaryň açary nirede bolýar? – diýip soraýar.
Gyz:
– Hanha, düýpde tazy ýaly bir gök pişik ýatyr, açarlaryny şonuň
boýnuna dakyp goýýar. Ol pişik hem häzir uklap ýatyr. Eger oýansa, ol
hem seni heläk eder – diýýär.
Horezmin deňäbräge-de, pişigiň orta bilinden almaz gylyjyny salyp,
ony hem iki bölüp taşlaýar. Jaýlaryň açaryny alyp, içini açyp görse, köp
dünýä-hazyna bar eken. Şondan iki batman ýaly gyzyly bir gaba salyp,
ýaňky tanapyň ujuna baglap, gyza aýdýar:
– Men ýokary çykyp, ilki bu gaby alaryn, sen hem kömekleşip,
ýokary galdyr. Soň men seni hem çykararyn – diýýär.
Horezmin pälwan bolany üçin, her aýagyny guýynyň bir diwaryna
basyp, özi çykýar. Soň tanap bilen gyzyly we gyzy çykarýar. Şol ýerde
gyz bilen oturyp, çörek iýip, suw içip, soň teňňäni arkasyna alyp, gyz
bilen gaýdyberýär. Olar bir meýdan ýöränlerinden soň, bir tokaýyň
içinden Hebeşi çykýar. Horezmin ondan:
– Sen näme üçin tanapy taşlap gaçdyň, nirede bolduň? – diýip
soraýar.
155
Hebeşi:
– Bir aksakgal gelip, aždarha Horezmini çeýnäp, az goýdy, ol çyksa,
seni hem iýer diýdi. Menem gorkunjymdan tanapy taşlap gaçdym. Men
ony ýagşyzadamyka diýip, ynanyp gaçdym weli, emma ol şeýtan
bolmaga çemeli – diýýär.
Soň bularyň üçüsi hem oturyp, nahar edinip, ýene ýola düşýärler.
Bular patyşanyň ýanyna gelýärler. Patyşa mundan örän wagty hoş bolup:
– Indi sen menden näme gerek bolsa dile – diýýär.
Horezmin:
– Maňa seniň hiç zadyň gerek däl. Dünýä özümde köp, ýöne, meni
sylasaň, dört sany daýaw ýigit bilen otuza ýakyn düýe ber, men öz
dünýälerimi getirjek – diýýär.
Patyşa munuň aýdan zatlaryny berýär. Horezmin hem baryp,
aždarhanyň jaýyndaky bolan hazynany ýükläp alyp getirýär. Şäherde
patyşa bir gala saldyran eken, işleýän adamlara kyrk günde bir altyn
berip saldyran eken. Horezmin hem şony görüp, patyşa ýamanlyk edip,
adam jemläp, bir gala saldyrmaga başlapdyr. Galany salmak üçin işleýän
ussalaryna hem:
– Patyşa galany saldyrmak üçin size kyrk günde bir altyn beren
bolsa, men size her günde bir altyn berjek – diýýär.
Şeýdip Horezminiň saldyran galasy dünýädäki ähli galalaryň
barysyndan gözel bolupdyr. Patyşanyň galasy bolsa munuň ýanynda
towugyň ketegi ýaly bolup galýar. Soň Horezmin ilaty ýygnap, bir
hepdeläp toý edip, pahyr-pukaralara hem köp pul, aş, nan berýär.
– Bir maslahatym bar – diýip, Horezmin ýene-de ilaty ýygnaýar.
Olara dürli tagamlar berýär. Ondan soň:
– Hany, indi bizem bir gözli-başly etseňiz nädýär – diýýär.
Şonda Köneürgenjiň patyşasy:
– Beýle bolsa, men gyzymy Horezmine bereýin, başga ýerden gyz
soramaň – diýýär.
Gassap hem:
– Men gyzymy Hebeşä bereýin, özge ýerden gyz soramaň – diýýär.
Şeýdip iki toýy goşup, kyrk gije-gündiz toý-tomaşa edip, olar
maksat-myratlaryna ýetýärler. Çörek diýene çörek, don diýene don
156
berýärler, altyn kümüşler seçýärler, at çapdyryp, göreş tutdurýarlar.
Birnäçe wagtdan soň patyşa agyr keselläpdir. Ol:
– Men ölemsoň, meniň patyşalygymy Horezmine beriň, meniň
ondan başga oglum ýok. Şu ýurduň hem belli ady ýok. Horezmin hem
halky belalardan gutarany üçin goý şu ýurduň ady hem “Horezmin”
bolsun – diýýär.
Ine, Horezm ady hem şondan galanmyş.
157
158
B
ir bar eken, bir ýok eken. Hudaýberdi diýen bir adam bar eken.
Ol örän gorkak eken. Möjekdir şagal-a beýle-de dursun, hatda tilkiden
dagam gorkar eken. Onuň iki sany aýaly bar eken. Bir günden bir gün
munuň aýallarynyň her haýsy bir alaça dokapdyr. Hudaýberdi bu
alaçalary satmak üçin ýabysyny münüp, bazara ugranda, aýallary halwa
hem süýji sargapdyrlar. Ol ýabysyny loňkuldadyp barýarka, öňünden
bir tilki çykyp:
– Hudaýberdi, nirä gitjek, how – diýýär.
Hudaýberdi gorkak tilkiden çekinjiräp, dogrusyndan gelipdir:
– Aý, aýallarym bir-iki sany alaça dokapdyrlar-da, şony “Satyp
gel” diýip iberdiler – diýýär.
Onda tilki:
– Bazarda satjak bolup ýörme-de, maňa sataý, häli bazardan
gaýdanda, puluny öňünden çykarar-da beräýerin – diýýär.
Hudaýberdi gorkak bolsa:
– Boljak onda, ýöne sen meni köp garaşdyraýmagyn, bazardan
gelýänçäm, öňümden çykaryp, taýyn edip durgun – diýýär.
Tilki:
– Aý, sen arkaýyn bolaý, öňünden puluny taýýar edip goýaryn –
diýýär.
Hudaýberdi gorkak munuň sözüne ynanyp, bazara gidip, baryp
bazarda gezen bolup ýörmüş. Bazary pulsuz bazarlap, ol aýallarynyň
sargan zatlaryny hem alyp bilmeýär. Onsoň ýabyjygyny münüp, ýene
yzyna gaýdýar. Ýolda tilkiden pul aljak adam, ýabynyň üstünden
telpegini gyşyjak atan bolup, hiňlenip gelýärmiş. Hälki alaçasyny satan
ýerine gelse, tilki nirede, zat nirede, pul nirede – gum-gukluk.
Hudaýberdi gorkak aňalyp, durup-durup, kän garaşyp, ahyry öýüne
gaýdýar. Gelip, boş horjuny goltuklap öýüne girýär.
Aýallarynyň her haýsy bir ýerden:
– Süýji äkeldiňmi? Halwa äkeldiňmi? – diýşip, munuň horjunyny
alyp görseler, ine, öňküsi ýaly boş horjun.
Olar:
– Ýeri, näme, sargan zadymyzy almansyň. Ýa alaçany satyp
bilmediňmi? – diýip soraýarlar.
159
Hudaýberdi gorkak:
– Aý, heleýjanlar, biler bolsaňyz, bazara barýarkam, öňümden bir
tilki çykdy. Ol: “Gaýdyşyn gelýärkäň, puluňy ýolundan çykararyn” diýip,
alaçalary alyp galdy. Bazardan dolanyp gelsem tilkem ýok, zadam ýok
– diýýär.
Onsoň aýallary onuň üstüne gygyryp başlanlar:
– Sen nähili adam? Ýogsam bolmanda, heý, tilkidenem pul
alarmyň? Tilki bilen söwda edeni, heý, mundan ozal eşidipmidiň? Sen
ol tilkä özüňi oýnadyp, aldatdyrypsyň – diýenler.
Soňra aýallary ony synamak üçin soňky bazara çenli ýene iki sany
alaça dokaýarlar. Olary hem horjuna salyp, agzyny köjeşdirip, onuň
ýabysynyň syrtyna bökderip, özüni-de ýabysyna mündürip, bazara
ugradýarlar. Hudaýberdiniň bazara barýanyny gören hälki tilki hasyrhusur guma agynapdyr-da, ýene onuň öňünden çykypdyr.
– Haý, Hudaýberdi, nirä barýarsyň, how? – diýip gygyrýar.
Hudaýberdi gorkak:
– Men-ä bazara alaça satmaga barýaryn – diýýär.
Onda tilki:
– Aý, bazara äkidip berenden, maňa sataý – diýýär.
Hudaýberdi gorkak:
– Ýok, ýok, men saňa alaçamy bermen, ozal hem aldap, pulumy
bermediň – diýýär.
Onda tilki:
– Men seni hiç mahal aldan däldirin. Men bir sözümde
durýandyryn. Ol seniň hakyňy iýen kül tilkisidir, men bolsa – gum
tilkisi ahyry – diýip, munuň alaçasyny elinden alýar-da:
– Häli bazardan gelýärkäň, şu ýerde durubergin, men puluny getirip
bererin – diýýär.
Hudaýberdi gorkak alaçaňy tilkä nesýe berip, bazara gidiberýär.
Hudaýberdi bazara baryp, ýabysyny daňyp, ýolda alaçamy aňsat satdym
diýip, bazarda arkaýyn gezip ýör eken. Birden jübüsiniň pulsuzdygy
ýadyna düşüp, ýaňky alaçasyny satan ýerine – yzyna gaýtmakçy bolýar.
Hudaýberdi gorkak derrew ýabyjygyny münýär-de, bazarlap bärik
gaýdýar. Ol hälki alaçasyny satan ýerine gelip görse, ýene tilki ýok.
Durup-durup, halys peti – bizary çykýar, hiç gelýän hat ýok, ol ýene
160
nälaç bolup öýüne baka gaýdýar. Ol öýüne ýetip gelýärkä, onuň
aýallarynyň biri muny görüp, ylgap öňünden çykyp:
– Ýeri, alaçaňy sag-aman satdyňmy? – diýip soraýar.
Hudaýberdi:
– Aý, heleý, ýene bolan däldir, wah, ýene tilki aldady – diýip, ýüzüni
aşak salyp oturyberýär.
Onsoň onuň aýallary “Indi muny nätsekkäk?” diýip pikir edýärler.
Ahyry ikisi dil düwşüp, muňa batyrlygy öwretjek bolup başlaýarlar.
Bir gün agşam Hudaýberdi aýallaryna:
– Men tilkiden gorkýan. Meni meýdana äkidip geliň – diýýär.
Aýallary hem:
– Bolýar – diýip, muny meýdana äkidýärler.
Ony öýünden gaýrarak çykarýarlar. Hudaýberdi gorkak meýdana
oturýar. Aýallary hersi bir gapdalynda duran bolup, birden, ikisi hem
gaçyp gaýdýarlar. Ikisi-de öýe girýär-de, şark-şurk işigiň içinden urup,
Hudaýberdini öýe salmaýarlar. Hudaýberdi gorkak bolsa daşarda: “Waý
heleý, işigi aç, tilki meni öldürýär-le” diýip gygyrýar. Aýallary bolsa
işigi açman, öýüň deşiginden syrygy uzadyp:
– Al, şunuň bilen tilkini uruber – diýýärler.
Hudaýberdi ony alyp, daş-töweregine bulaýlap, tilkini ýanyna
getirmändir. Onsoň:
– Aý heleýler, indi işigi açaýyň, indi meniň batyrlykda kemim
galmady – diýip gygyrýar.
Aýallary bolsa bir haýukdan soň, işigi açýarlar. Hudaýberdi gorkak
öýüne girip:
– Ah, heleýler, şeýle batyr boldum, indi men hiç zatdan gorkman
– diýýär.
Hudaýberdiň bolup durşyny gören aýallary:
– Muny nätsekkäk? Biziň zähmet çekip eden zadymyzy ýoga
çykarýar – diýip, maslahat edýärler. Ahyry ýol tapmansoň, Hudaýberdä
ýüzlenýär-de:
– Seniň batyr bolanyňam bilemizok, gorkak bolanyňam, Näme
etseň et-de tilkiden hakyňy alyp gel – diýýärler.
– Aýdýanyňyz näme? – diýip, Hudaýberdi zähresi ýarylan ýaly bolup
jogap berýär. – Eger döwleriň üstüne git diýseň, gideýin weli, maňa
tilkiniň üstüne git diýme. Tilki meni ýene-de aldar.
161
– Aldan, aldanma bilemizok. Nirä gitseň git, ýöne pul getir – diýip,
aýallary Hudaýberdiniň üstüne sürünipdirler – Senden pul getirenem
bolmaz, zadam bolmaz. Tilkiden gorkanyň döwüň ýanynda nä işi bar?
– Ynha, görersiň, näme edýänimi? – diýip, Hudaýberdi ýola
düşüpdir.
Ol gidip barýarka, öňünden bir eşegiň türresi çykypdyr. Ol muny
alýarda, goltugyna salýar. Ýene-de gidiberýär weli, öňünden bir pyşbaga
çykýar, muny hem alýar-da, goltugyna salýar. Ýene barýarka, öňünden
bir meýdan horazy çykýar, muny hem goltugyna salýar. Ýene ýöräberýär,
öňünden bir ýumurtga çykýar, muny hem goltugyna salýar. Gidip
barýarka ýene-de öňünden bir külter ýüp çykýar. Ony hem goltugyna
salýar. Hudaýberdi bu zatlary goltugyna salyp, gidip barýarka, birnäçe
döwüň üstünden barýar.
Döwler mundan:
– Adyň näme? – diýip soraýarlar.
– Adyma Hudaýberdi pälwan diýerler.
– Gel, onda otur.
Ol oturýar. Muňa döwler:
– Biziňem bir pälwanymyz bar, şonuň bilen göreşip bilermiň? –
diýýärler.
Hudaýberdi:
– Göreşerin – diýýär.
Döwler öz diýýän pälwanyny çagyryp, Hudaýberdi bilen göreş
tutdurmaga başlaýarlar. Bular göreş tutup ugraýarlar. Döwleriň
pälwany Hudaýberdi pälwany gysyp, owradyp barýar diýýär. Munuň
gözi petiräp, asmana dikilip ugranda, döwleriň pälwany:
– Ýeri, Hudaýberdi batyr, näme ýokaryna garaýarsyň? – diýýär.
– Ýokaryk garaýanymyň sebäbi, seni asmandaky haýsy ýyldyzyň
ýanyndan gaýtarsamkam, şol hakda oýlanýaryn – diýýär.
Onda döwleriň pälwany:
– Aýrylaweri, sen meni öldürjek ekeniň, tüýs pälwan ekeniň, näme
gerek bolsa aýt, ýöne meni goýberseň bolýar – diýip aýdýar.
Bular onsoň, Hudaýberdi gorkaga birnäçe zatlar berýärler. Onsoň
Hudaýberdi:
– Siz meniň bilen bitiňizi deňeşdirip bilermisiňiz? – diýýär.
162
Döwler:
– Gel, deňeşdirseň – diýýärler.
Döwler bir bit çykarypdyr hakyt ýumruk ýaly gök. Hudaýberdi
pälwan bolsa, hälki ýoldan alan pyşbagasyny çykaryp goýberiberýär.
Döwler:
– Bä, bu biziňkiň çeni-çaky däl eken-ow, gapak dagy baglap
gidipdir-aý – diýşip, içlerini çekip, geň görüp, haýran bolup duranlar.
Ondan soň Hudaýberdi:
– Geliň, indi bürämizi deňeşdireliň – diýýär.
Döwler:
– Geliň-de, geliň – boluşýarlar.
Döwler büresini çykarýarlar weli, bu hem ýumruk ýaly bolup,
pasyrdap uçup gidýär. Hudaýberdi bolsa: “Büre diýip, ine muňa
aýdarlar” diýýärde, hälki horazy çykarýar weli, döwleriň gözi
hanasyndan çykaýjak bolýar.
Döwler:
– Bä, buýa kekeç-mekeç baglap gidipdir, biziňki dagy munuň
çagasyça-da ýok – diýişýärler.
Soňra Hudaýberdi döwlere:
– Belki goltugyňyzyň gylyny deňeşdirersiňiz – diýýär.
Döwler hem:
– Deňeşdiräýeris – diýýärler.
Döwler çykaryp görkezýärler weli, uzynlygy bir sere dagy bar
diýýär. Hudaýberdi bolsa hälki eşegiň türresini çykarýar-da: “Ine, meň
goltugymyň gyly-ha şunuň ýaly” diýýär.
Döwler haýran galyp:
– Bä, munuňky türre-mürre baglap gidipdir-how – diýişýärler.
Ýene-de Hudaýberdi:
– Siz meniň bilen ýeriň ýagyny çykaryşjakmysyňyz? – diýýär.
Döwler:
– Çykaryşjak – diýýärler.
Döwler ýerlerinden turup, aýaklary bilen ýeri depip başlaýarlar.
Şol aralykda Hudaýberdi hälki ýumurtgany görkezmän, ýere gömüp
goýar-da, döwlerden:
– Hany çykaran ýagyňyz? – diýip soraýar.
163
Döwler has hem batly depip başlaýarlar. Ýer sarsyp, gadym wagtdan
bäri ösüp oturan çynarlar döwülere gelýär. Emma ýerden ýag çykmaýar.
– Haý, sizden hem bir ýeriň ýagyny çykaran bolarmy? Maňa serediň
– diýip, Hudaýberdi gömen ýumurtgasynyň üstünden depip goýberýär.
Ýumurtganyň sarysy çogup çykýar.
Döwler haýran galyp:
– Päheý, ine, güýç diýip şuna diýäýseň. Bir depende ýeriň ýagyny
çykardy – diýişýärler.
Hudaýberdi ýene-de:
– Geliň, indi agaç ýykyşalyň – diýýär.
Döwler:
– Geliň-de, geliň – boluşýarlar.
Döwler bir depip goýberýärler welin, bir agaç ýykylýar.
Hudaýberdi bolsa gelýärkä, ýoldan tapan bir külter ýüpi alýar-da,
ähli agaçlaryň daşyna aýlaşdyryp başlaberýär.
Döwler muny görüp:
– Ýeri, Hudaýberdi pälwan, sen näme iş etjek bolýarsyň? –
diýýärler.
– Men siz ýaly ýeke-ýekeden ýykyp durman, barsyny birden ýykjak
oturyberjek – diýýär.
Döwler:
– Aý, zalywat Hudaýberdi pälwan, goýaweri, biziň atamyzdan galan
saýalyk agajymyzyň baryndan dyndarjak bolýarmyň – diýşip, muny
aýyrýarlar.
Onsoň döwler:
– Indi sen biziň bilen nahar hem iýşip, şonda-da utsaň, biz saňa
boýun – diýýärler.
Hudaýberdi:
– Geliň bäri, men taýýar – diýýär.
Onsoň kyrk gulak gazany palawdan dolduryp, döwler birigip, iýip
ugraýarlar weli, hiç tükedip bilmeýärler. Gazany Hudaýberdiniň öňünde
getirip goýýarlar. Olam iýen bolup ugraýar-da, döwler çykan wagty
çukur köwüp, gazanyň içindäki aşy şoňa dökýär-de oturyberýär. Döwler
işikden gelenlerinde gazanyň düýbüni ýalan bolup durýar. Döwler muny
görüp, “Be-e, büý-ä eýýäm iýäýipdir” diýip, haýran galýarlar.
164
Onsoň döwler:
– Muny agşam ýatanda öldüreliň, şeýdip, agzybirlik bilen ýok
edäýmesek bu bize hezil bermez – diýip, özara maslahatlaşýarlar.
Agşam ýatar wagty bolýar welin, Hudaýberdi hem possuny ýapynyp
ýatyberýär. Ol gije uka gidensoň, döwleriň öldürmäge barjagyny bilip,
possunyň aşagyna bir uly daşy salyp, üstüni ýapyp goýar-da, özi beýle
ýanynda ýatýar. Gijäniň bir wagty döwler baryp, ýaňky ýatan possunly
daşy taýak bilen urmaga başlaýarlar. Olar urup, urup: “Indi-hä öldüren
bolsak gerek” diýşipdirler.
Hudaýberdi bolsa, ertir irden döwleriň işiginden gelip:
– Beý, agşam ýagyşjagaz şytyr-pytyr edäýdi öýdýän, hiç arkaýyn
ýatyp bilmedim-aý – diýýär.
Döwler:
– Şony hem şytyr-pytyr bilýän bolsa, muňa näme alaç etmek
bolarka? – diýşip pikirlenýärler.
Ertesi agşam Hudaýberdi pälwan küde edip basylan çöpüň içinde
ýatýar. Ýene döwleriň barjagyny bilip, içinde uly bir daşy goýup, özi
beýlede ýatýar. Döwler baryp, çöpi otlaýarlar.
Özlerem: “Indi-hä dynaýan bolsak gerek” diýişýärler. Hudaýberdi
pälwan bolsa ertesi ýene döwleriň ýanyna barýar-da:
– Bä, agşam inim gaty gyzdy-ow, men näsaglaýypdyryn öýdýän –
diýýär.
Döwler:
– Islän zadyny berip, şuny aman-sag öýüne eltip geleliň – diýşip,
horjuny zatdan dolduryp, bir döwüňem üstüne mündürip,
Hudaýberdiniň öýüne ugradýarlar. Ony göterip alyp gelýän döw:
– Hudaýberdi pälwan, sen şunça iýýärsiň weli, hiç agramyň ýokla?
– diýýär.
Onda ol:
– Agramymy salamok, gökde ýüpüm bar, şondan aslyşyp gelýärin
– diýýär.
Onda döw:
– Hany, ýüpden aslyşman, agrymyňy at, göreýin – diýýär.
Hudaýberdiniň bilinde bir jonnujak pyçagy bar eken. Alýar-da
şonuň bilen döwüň gerşine basyberýär.
165
Döw:
– Haý, zalywat, ýüpüňe ýapyşaweri – diýip gygyryberen.
Ana onsoň, Hudaýberdi pälwan döwi münüp, öýüne baran.
Döw bolsa muny düşüripdir-de, yzyna gaýdan. Gelýärkä, ol döwüň
öňünden hälki mekir tilki çykyp:
– Ýeri-ow, döw dost, nireden gelýärsiň? – diýip soraýar.
Döw:
– Hudaýberdi pälwany öýüne eltip gelýärin – diýýär.
Tilki:
– O nähili pälwan bolýarmyş, ol-a bir baryp ýatan gorkak ahyry.
– Aý, ýok, ol zor how, biz-ä oňa bir topar zat berip, zordan sypdyk.
– Beýle bolsa, ýör ondan zadyňyzy alyp bereýin, siz oňa Hudaýberdi
pälwan diýýän bolsaňyz, biz oňa Hudaýberdi gorkak diýýäris. Men onuň
alaçasyny bazara barýarka her gezek aldap elinden alypdym – diýen.
Döw onda-da ynanmaýar.
Tilki döwe:
– Ynanmasaň, boýnuma ýüp sal-da, bir ujuny özüňe daňaý – diýýär.
Tilki şeýdip, boýnundan ýüp saldyryp, döwüň öňüne düşüp,
Hudaýberdiň öýüne tarap ugraýar. Şol wagt Hudaýberdi tamyň üstüne
çykyp duran eken. Ol döwi yzyna tirkäp gelýän tilkini görüp:
– Haý, tilki – diýip gygyrýar.
Tilki Hudaýberdä hä berýär.
Hudaýberdi:
– Ataň maňa üç döw bergisi barka, getirýäniň ýekeje döwmi? –
diýip gygyran.
Ýaňky döw:
– Sen meniň ataň bergisine bermek üçin getirýän ekeniň – diýip,
tilkiniň boýnuna daňylgy ýüpi özüne tarap çekýär-de, ony penjesine
alyp, ras ýeriň ýüzüne bulap urýar-da, ökjäni göterýär.
Hudaýberdi şeýdip, pälwan hem batyr adyny alanmyş.
166166
167
167
B
ir bar eken, bir ýok eken. Gadym eýýamda bir garryja aýal bar
eken. Onuň ýekeje oglundan başga hiç zady ýok eken. Olar gaty garyp
ýaşaýar ekenler.
Garryja ene gije diýmän, gündiz diýmän baýlaryň işiginde hyzmat
edip, ölmez-ödi gazanar eken. Soňabaka ol has garrap, ojagaz
hyzmatyndan hem galypdyr. Onsoň olaryň güzerany öňküden hem beter
kynlaşypdyr.
Onsoň bir gün garry enäniň ogly odun satyp, gazanç etmegi
ýüregine düwen. Şonluk bilen, ol günde bir-iki halta jagrama getirip,
biraz gazanç edip ugran. Garry enesi muňa begenip, depesi gök diräpdir.
Oglan bir gün odun ýygyp gelýärkä, bir giden çaganyň bir pişigi
tutup, urup duranlaryny görýär. Onsoň ýaňky oglan göterip gelýän
odunyny berip, ol pişigi satyn alýar. Soň pişigi öýlerine alyp gelýär.
Şol gün odunyň puly bolmansoň, garry enesi bilen ogly aç ýatýarlar.
Ertesi oduna gidende ýene-de gaýdyşyn oglanlaryň üýşüp, bir iti
urup duranlaryny görýär. Bu gezek hem ýygyp gelýän odunyny berip,
ol iti özi bilen öýlerine alyp gaýdýar. Üçünji gün ýaňky oglan odun
alyp gelýärkä, bir ýylany hem öňküleri ýaly edip, ölümden gutaryp,
öýlerine alyp gaýdýar. Ýöne şeýdip, üç günläp gazanç edip bilmeýär.
Onsoň öýe gelende garry enesi ýaňky ogluna üç gün bäri aç ýatmaly
bolýandyklaryny aýdyp zeýrenýär. Oglan bolsa enesine göwünlik berýär:
– Eje, olar her gün bir janaweri urup durmazlar ahyry. Ertir odun
alyp gelerin. Onsoň, öňkülerimiz ýaly ýene-de satyp, pullanarys – diýen.
Eneli – ogluň gürrüňini eşidip ýatan ýylanyň bulara nebsi agyrýar.
Ol ozaldan hem oglanyň eden ýagşylygyny nädip gaýtarsamkam diýip
ýatan eken. Onsoň bu oglana bir ýagşylyk etmek isleýär-de, oňa:
– Sen meni ertir görkezen ýolum bilen alyp git. Men aždarhalaryň
patyşasynyň ýekeje ogly. Saý-sebäp bilen ol garagol oglanlaryň eline
düşdüm. Olaram tas öldüripdiler. Senem janyma ýetişdiň. Şeýdip maňa
uly ýagşylyk etdiň. Kakamyň ýanyna baranda, meni elteniňi görüp, örän
begener. Ol: “Dünýäde näme isleseň dile” diýer. Şonda başga zat
diýmän, diňe: “Sizde bir hutudaş barmyşyn, şony maňa beräýiň” diýgin
168
durgun. Ýerine köp zat hödürlär, ýöne almajagyna gözi ýetensoň, ahyry
berer – diýen.
Oglan garry enesi bilen hoşlaşyp, ýylany goltugyna salýar-da
ugraberýär. Ýolda uly-uly, akly-garaly aždarhalar gabat gelýär. Olar
owsunyp, haýbat atyp ugranlarynda, goltugyndan şazada ýylanyň
kellesini çykaryp görkezýär weli, birisi hem degmeýär. Bular şunluk
bilen, aždarhalaryň patyşasynyň ýurduna ýetýärler. Ýylanlaryň patyşasy
ogluny görüp, gaty begenýär, ony alyp gelen ýaňky oglana köp minnetdar
bolýar. Onsoň şazada ýylan bir dagyň owadan jülgesine girip, gaýa
dyrmyşýar-da ýaňky oglana bir daşy görkezip: “Şuny göterip aýyr”
diýýär. Ýaňky oglan aýryp görse, aňrysy tutuş şäher bolup ýatan eken.
Şazada ýylan ikisi girip gidýärler.
Aždarhalaryň patyşasy oglunyň gelenine begenip, hemme ýylanlary
üýşürip, toý edýär. Şunlukda üç gün geçýär. Şondan soň, patyşa ýylan
oglana hormat edip, sylag-enjam hödürläp ugraýar. Köp zat hödürleýär,
emma oglan hiç birinem almaýar.
Ahyrynda patyşa:
– Eý oglan, sen näme isleýärsiň, diliň diýen zady tapylar, bereýin –
diýýär.
Oglan şazada ýylanyň aýdan hutudaşyny soraýar.
Patyşa uludan bir demini alyp:
– Oglum iki bolan bolsa, ol daşy bermezdim, ony yzyna alyp gidäý
diýerdim. Ýöne ýekeje oglumy halas edip getirip bereniň üçin şony ak
ýürek bilen bagyşlaýaryn – diýen.
Patyşa hyzmatkärlerine buýrup, çuň ýerzeminde gizläp goýan
hutudaşyny getiridip, oglana berýär.
Soňra:
– Bu hünärini bilýärmiň? – diýip soraýar.
Oglan:
– Ýok – diýip jogap berýär.
Patyşa hutudaşynyň syryny aýdyp, ony hiç kime görkezmeli
däldigini we ol hakda hiç kime hiç zat aýtmaly däldigini berk sargaýar.
Daş bolsa, dünýäde göwnüň islän zadyny bitirip bilýän gudrat daşy
eken.
169
Oglan hutudaşyny alýar-da, ýylan bilen hoşlaşyp, garry enesiniň
ýanyna dolanyp gelýär.
Ýigit çykan oglan basym obanyň uly baýynyň gyzyna aşyk bolýar.
Emma ol baý gaty köp ýigitlere göwni ýetmän, olaryň iberen sawçysyny
gaýtaryp ýören eken.
Bu ýigit hem garry enesini şol baýa sawçylyga ugratmakçy bolýar.
Emma enesi:
– Oglum, ol biziň barjak gapymyz däldir. Ady belli baýlaryň gör
näçesi urnup, ol gapydan boş gaýtdy. Biz olara nä ýüzümize baraly –
diýip, oglunyň maslahatyna garşy bolýar. Bolsa-da ýigit enesini yryp,
sawçylyga iberýär.
Enesi baryp, baýyň işigini syryp-süpürip ugraýar. Baý işigini syrýan
garryny görýär-de, muňa namys edip, bolmajysy bolýar. Ol gaharyndan
ýaňa çişip ýarylara gelýär. Garrynyň sübsesini elinden alýar-da, özüni
bolsa ýedi ýoluň ortasynda agaç dikdirip, saradyp goýýar. Boşadyp alyp
gitmäge synanan adamyny hem: “Öldir ýaly, uruň” diýip, ýörite garawul
goýýar.
Garrynyň ýedi ýoluň ortasynda agaja daýlyp goýlandygy hakdaky
habar gelip ýigide gowuşýar. Ýigit şol gije hutudaşyň üsti bilen enesini
boşadyp, ýerine baýy daňyp goýýar. Özi hem ýüpüni çözüp
başlanlarynda, çözläp-çözläp, iň soňky aýlawy galanda ýene-de saralyp
daňlar ýaly edýär.
Bütin oba muny görüp begenýär. Onýança-da baýyň hossarlary
gelip, ony boşadyp äkitmekçi bolýarlar. Olar ýüpi çöşläp ugraýarlar. Iň
soňky aýlaw galanda, ýüp ýene-de öňküsi ýaly saralyp duruberýär. Ýüpi
ýene çöşleýärler, ahyrky aýlawa ýetende, ol ýene saralýar. Ýüpi ýene
çöşläp, ujuny allaowarra çekip äkidip, saklap durýarlar, iň soňky aýlawa
gezek gelende ýüp ýene-de duranlaryň elinden sypyp, öňki ýerine baryp,
saralyp durýar. Ony saklaýan adamlary köpeldip görýärler, çöşlän
ýerlerini kesip görýärler, hiç bolmaýar, her näme etselerem ýüp iň soňky
aýlawa gezek gelende, öňküsi ýaly saralyp duruberýär eken.
Ahyrky gezek synanyşanlarynda, baýyň adamlara gahary gelip,
galanja ýeke aýlawdan özi sypmakçy bolup, aşaklygyna dyzaýar weli,
170
ol aýlaw süýşüp, baýyň boýnundan ilýär we şatyrdadyp gysyp başlaýar.
Baý iki eli bilen çekip, zordan dem almaga mümkinçilik tapýar.
Bu täsin alamatyň sebäbine hiç kim akyl ýetirip bilmeýär. Ahyrda
il ýaşulusy bir garry adam baýyň hossarlaryna:
– Munuň maslahatyny, baý kime zulum edip, şu güne düşüren
bolsa, şondan soramak gerek – diýip, ýol salgy berýär.
Baý derrew hälki garrynyň üstüne ibermegi buýurýar. Özüne-de
aýdyň: “Eger meni halas etseler, gyzymy bereýin, ýörite köşk salyp
bereýin” diýýär. Baýyň adamlary ýalbaryp gelensoňlar, ýigit hutudaşa
aýdyp, ony boşadýar. Baý ýörite köşk salyp, toý tutup, ýigide gyzyny
berýär.
Ýigit garry enesi we gelni bilen bagtly ýaşap başlaýar. Iti bilen
pişigi hem ýigidiň ýanyndan aýrylmaýar. Emma zalym baý şol güne
düşürilenine ahmyr edip ýören eken. Ol ar almagyň ýoluny agtarypdyr.
Günlerde bir gün, şol oýlanyp ýörşüne baý ýigidiň syryny gyzynyň
üsti bilen bilip biljekdigine göz ýetirýär. Ol bir gün gyzyny
myhmançylyga çagyryp, adamsyndan öz enesini nädip boşadandygyny
sorap bilmegi tabşyrýar.
Baýyň gyzy amatyny tapyp, ýigitden öz enesini daňlan agajyndan
nähili edip boşadandygyny soraýar. Ýigit bolsa, oňa syrly daşynyň
bardygyny, şoňa näme buýursa edýändigini aýdýar. Aýalyna geregi hem
şol, eşidenini baryp, kakasyna aýdýar.
Baý bolsa aňtap, ahyry şol daşy ogurlaýar. Onsoň ýaňky baý
hutudaşa ol ýigidi öňküsi ýaly garyp etmegi, özüni bolsa derýadan
aňyrky ýurda patyşa edip, köşge göçürmegini buýurýar. Şol pursatda
aýdyşy ýaly bolýar. Ýigit garry enesi bilen garyp düşýär. Baý derýanyň
aňyrsyndaky ýurtda patyşa bolýar, şeýdip ýaşap başlaýarlar.
It bilen pişik bu wakadan habardar bolansoň, nämäniň nämedigine
düşünip ýören ekenler. Olar öz aralarynda maslahat edişýärler.
Pişik aýdýar:
– It dost, ýylan-a ýigide hyzmat görkezip, eden ýagşylygyny ýerine
saldy. Ikimiz indi şeýdişer ýörerismi?
171
Onda it:
– Pişik dost, bir gowy pikiriň bolsa aýdyp otur – diýýär.
Onda pişik:
– Aýtsam, ikimiz ýigidiň hutudaşyny gaýtaryp getirip bereli –
diýýär.
Onda it:
– Dost men-ä nirä gideli diýseň taýýardyryn – diýýär.
Şeýdişip dostlar hutudaşy indi patyşa bolan şol zalym baýdan
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 10
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.