Latin

Türkmen Halk ertekileri - 01

Total number of words is 3595
Total number of unique words is 1978
32.4 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
53.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝANYNDAKY
YLYM WE TEHNIKA BARADAKY ÝOKARY GEŇEŞ
MAGTYMGULY ADYNDAKY DIL WE EDEBIÝAT
INSTITUTY
TÜRKMEN
HALK ERTEKILERI
Aşgabat. Ylym. 2008 ý.
Türkmen halk ertekileri. – Aşgabat: Ylym, 2008. – 464 sah.
“Türkmen halk ertekileri” dana paýhasyň eýeleri bolan biziň atababalarymyzyň öz nesillerine galdyran taýsyz miraslarynyň biridir.
Çünki türkmen halk ertekilerinde biziň dana pederlerimiziň geçen
şöhratly taryhy ýoly, halkymyzyň dünýägaraýşy, pelsepesi, ahlagy, uýan
dini ynançlary şöhlelenýär. Ertekilerde gahrymanlaryň her bir
kynçylyklardan paýhasly baş alyp çykyp bilmegi, her tüýsli gara güýçleriň
ynsana gulluk etdirilmegi adam paýhasynyň belentliginiň waspy
hökmünde dabaralandyrylýar.
Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dil üsti bilen geçip,
timarlanyp, her döwrüň ruhuny özüne siňdirip gelen türkmen halk
ertekileri ýaş nesliň terbiýesinde uly ähmiýete eýedir. Çünki biziň halk
döredijilik eserlerimiziň her bir nusgasy ata-babalarymyzyň milli
terbiýeçilik mekdebiniň esasy sütünleriniň biri bolup hyzmat edýär.
Hut şonuň üçinem bu kitap biziň körpeje neslimiziň kalbynda milli
watansöýüjiligi, gahrymançylygy, ahlaklylygy döretmekde hem
özboluşly ruhy baýlyk bolup hyzmat eder.
©YTÝG-niň “Ylym” neşirýaty, 2008 ý.
ERTEKILERIŇ TÄSIN DÜNÝÄSI
Ertekiler ata-babalarymyzyň halk hökmünde kemala gelip başlan
döwürlerinden bäri däbini, dilini, dinini, edim-gylymlaryny, tebigatyny,
haýwanat dünýäsini, jemgyýetçilik şertlerini, umuman, türkmeniň milli
ruhuna mahsus bolan ähli sypatlary özünde jemläp, özbaşyna syrly
dünýä bolup duran halk döredijiliginiň iň baý we gadymy görnüşleriniň
biridir.
Beýleki halky eserlere garanda ertekiler şu günki güne çenli has
giňişleýin öwrenildi. Türkmen halkynyň unudylyp barýan edebi
mirasyny, däbini, gadymy medeniýetini dikeltmäge, türkmen halkynyň
egsilmez ruhy baýlygy bolan halk döredijiligini öwrenmäge berilýän
üns Garaşsyzlyk zamanamyzda has hem güýçlendirildi.
Ertekiler dünýäsi aýratyn özboluşly terbiýe mekdebidir. Olar öz
okyjysyny terbiýelemekden ötri, oňa öz taryhynam, şu gününem,
ertirinem ilik-düwme öwredip bilýär. Ertekilerdäki bu uly gudrat halk
paýhasynyň önümidir. Ol ata-babalarymyzyň geljekki nesil üçin eden
aladalarynyň netijesi. Tutuşlygyna alanyňda halkyň müň ýyllyklaryň
dowamynda durmuşa synçylygy, tebigy hadysalara hem haýwanat
älemine nazary, hut şolar bilen şertlendirilen dürli ynançlary we
jemgyýete gatnaşygy bilen berçinlenen baý edebi tejribesiniň önümi
bolan ol nusgalyk eserler halkyň şahyrana söz sungatynyň iňňän köp
hem örän sagdyn mysallaryny özünde jemleýär. Şunlukda, olaryň her
biri aýry-aýrylykda-da, ählisi bütewilikde hem halk paýhasynyň asyrlar
boýy kemsiz syntgylanan şahyrana eserleri bolup durýarlar. Aslynda,
ertekileriň ajaýyp nusgalarynyň hut biziň günlerimizde-de giň
köpçüligiň islegine, gyzgyn söýgüsine beslenen edebi eserler hatarynda
dilden düşmän aýdylyp, elden düşmän okalyp ýörülmeginiň düýp sebäbi
hem şol hakykat bilen düşündirilýär.
Ertekiler häzire çenli özüniň öwreniliş taryhy boýunça üç topara
bölünýär:
5
1. Durmuşy ertekiler.
2. Jadyly ertekiler.
3. Haýwanlar hakdaky ertekiler.
Elbetde, ertekileriň bu hili toparlara bölünmegi hem tötänden
däldir. Bu ýagdaýa ertekini okan her bir adam ýokarky toparlaryň içki
tebigatynyň biri-birine garanda tapawutlydygyna göz ýetirer. Bu barada
häzire çenli edilen ylmy işleriň ählisinde diýen ýaly aýdylyp geçilendigini
göz öňünde tutup, bu toparlaryň her biri hakynda aýratynlykda durup
geçmän, ertekileriň umumy mazmunyndan gelip çykýan netijeler,
ondaky türkmeniň milli häsiýetleri, türkmen halkynyň başdan geçiren
taryhy döwürleriniň yzlary we medeniýeti barada gürrüň etsek has
ýerlikli bolar.
Umuman, ertekileriň haýsy birini alyp görseň, onda türkmen
häsiýetiniň iň irki döwürlerden başlap, hamyrmaýasy halallykdan,
ynsaplylykdan, lebzi halallykdan, arassa ahlakdan kemala gelendigini
synlamak bolýar. Ynsapsyzlyk, ygrarsyzlyk, lebzi haramlyk, açgözlük,
husytlyk ýaly ýaramaz ynsan sypatlarynyň türkmeniň ahlak düzgünlerine
sygyşmaýandygy bolsa, diňe bir durmuşy ertekilerde däl, eýsem, jadyly
we haýwanlar hakdaky ertekileriň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ýokarda sanalyp geçilen arassa ahlak sypatlaryny özünde jemläp
bilen ynsanlaryň adalatly, beýik jemgyýeti gurup biljekdigine, şol
jemgyýetiň hem öz köküni asyrlaryň çuňluklaryna urup, baky
ýaşajakdygyna pederlerimiz göz ýetiripdirler. Şol sebäpli-de, olar
özleriniň nesil dowamaty bolan çaga terbiýesine aýratyn ähmiýet
beripdirler. Olar özleriniň geljekki nesilleriniň edepli-terbiýeli, akyllypaýhasly, öňdengörüjilikli, sabyr-kanagatly hereket etmeklerini
arzuwlap, “Akylyň bolsa akyla eýer, akylyň bolmasa nakyla” diýip,
özleriniň nusga alarlyk durmuş tejribelerini ündäpdirler.
Ynsan terbiýesinde möhüm orun tutýan watansöýüjilik, edeplilik,
dogruçyllyk, paýhaslylyk, agzybirlik, zähmetsöýerlik ýaly meseleler
türkmen halk ertekileriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Oňa “Akylly
daýhan”, “Dogruçyl oglan”, “Döwlet we gelinler”, “Garynja we
gurbaga”, “Ýeri ýeňen daýhan” we ş.m. başga-da birnäçe ertekiler mysal
bolup biler. Şeýle ertekileriň üsti bilen hem ata-babalarymyz öz unan,
6
uýan ahlak sypatlaryny nesillerine geçiripdirler. Parasatly pederlerimiz
ynsanyň içki hem daşky gözelliginiň jemaly bolup durýan
ruhubelentligiň ýaşlaryň durmuşyna, edebine, terbiýesine, ahlagyna täsir
edýändigine hem oňat göz ýetiripdirler.
Ata-babalarymyzyň döreden bu kämil eserlerinde biz türkmen
halkynyň milli tebigatyna bap gelýän ösen medeniýetiň, sungatyň, ylmyň
yzlaryny görýäris. Ertekilerde öý edebiniň düzgünlerinde terbiýäniň
esasy ugurlary anyk kesgitlenilýär:
1. Ulyny sylamak.
2. Kiçini söýmek.
3. Ata-enäni arzylamak.
4. Arassa hem ykjam geýinmek (daşky biçim).
5. Öýde öz gazanan, der saçan zadyňy saklamak.
6. Öýüň bezegi, ýerli-ýerindeligi, göze gelimliligi, arassalygy.
7. Öýüňi, öýüň içindäkileri, öýüň daşyny-goňşularyňy, golaýlaryňy,
syrgynyňy goramak.
8. Ruhubelentlik.
9. Gyz-gelin bezegi.
Ertekiler halkyň urp-adatyny, däp-dessuryny yzarlamakda
ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär.
Türkmenler ody keramatly hasaplap oňa çokunyşlary ýaly, suwada aýratyn sarpa goýupdyrlar. Ony zer dänesine deňäp, “Suw damjasy,
altyn dänesi” diýen nakyly döredipdirler. Türkmen halkynyň suwa
goýýan sarpasynyň belentligini olaryň:
“Essalawmaleýkim, suw aga,
Elim-ýüzüm ýuw aga,
Öýümize bir myhman geldi,
Bir azajyk suw ber aga!”
- diýip, aýdýan aýtgylary-da subut edýär. Suwuň gymmatyny, onuň her
bir damjasynyň zer dänesine deňelmegini türkmen halk ertekileriniň
mysalynda-da görmek bolýar. “Salyh baý” ertekisinden alnan bölek oňa
mysal bolup biler:
7
- Salyh baý bilen gyz, kölüň aňry çetine ýetip barýarkalar, gyz:
- Ur suwa penjäňi, eliňe ileni özüňki - diýen. Salyh baý atyň
üstünden eglip, suwa penjäni urupdyr weli, gysymy göwherden dolup
çykýar. Bu pursat türkmen halkynyň suwa, onuň gudratyna garaýşyny
kesgitleýär. Türkmen halkynyň suwa goýýan sarpasy, hormaty ýurt
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň has-da artdy.
Türkmen halk ertekilerinde türkmeniň uçar ganaty, syrdaşy, ýoldaşy
bolan bedew atlara uly orun berilýär. Türkmeniň bedew atynyň naýbaşy
keşbi Göroglynyň Gyratynda jemlenýär. Garaşsyzlyk zamanamyzyň
milli nyşany bolan Tugramyzyň merkezinde türkmeniň göz-guwanjyna
öwrülen Ýanardag atly bedewiň şekiliniň goýulmagynda-da uly many
bar. Atlarymyzyň asyl gelip çykyşy suw atlary bilen baglanyşdyrylýar.
Suw aty baradaky düşünje gadymy ata-babalarymyzyň ynançlaryndan
gelip çykypdyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Muny Göroglynyň atasy
Jygalybegiň: “Alla, suw aty bolýar diýip eşidýärdim, çyn boldy-ow”
diýen sözlerinden hem aňmak bolýar. Ertekilerde bu ýagdaýlar has-da
anyk yzarlanýar. “Dilli at” ertekisinde suw atynyň nesli bolan dilli at,
öz eýesine kömek etmek üçin, öz atasy bilen söweşe girýär. Söweş
suwuň içinde bolýar. Bu bolýan söweşde atlaryň başdan geçirýän
ýagdaýlary suwuň üsti bilen çeper suratlandyrylýar. Atlar söweşe
başlanda suw ýuwaş-ýuwaşdan tolkunýar, haçan-da söweşi
goýanlarynda suw pessaý akyp başlaýar. Bu ýagdaý tebigatdaky janly,
jansyz zatlaryň biri-biri bilen sazlaşykdadygynyň we bütewidiginiň ýüze
çykarylmasydyr. Sebäbi adamyň we beýleki jandarlaryň içki duýgusynyň
tebigy hadysalar bilen baglanyşdyrylyp, özara gatnaşykda berilmegi
türkmen halk döredijiliginde ýörgünli ulanylan däpleriň biri bolup
durýar. Muny “Hutdy – Humar” ertekisindäki garry atanyň gyzyny
ýylana bermeli bolan pursatynda başdan geçirýän duýgularynyň üsti
bilen hem görmek bolýar.
Ertekileriň tutuş süňňüne täsir edip bilýän zatlaryň biri-de söz
oýnatmalarydyr. Ertekilerde söz oýnatmalarynyň manysyny tirmek,
çözgüdini tapmak üçin kesgir akyl, ýiti zehin, bimöçber paýhas gerek
bolupdyr. “Akylly gyz” ertekisinde zenan akylynyň, paýhasynyň ýitiligi
şany pikirinden el çekmäge mejbur edýär. Ertekide patyşa özi üçin bir
garybyň 18 ýaşly gyzyna wezir-wekillerini ýygnap, sawçy iberýär.
8
Sawçylar örän hoş bolup, yzyna gaýdyp gelýärler we patyşa: “Toý şaýyňy
tutuber, gyz razy, onuň salan galyňyny hem biz eýýäm jemledik” diýýärler. Şa gyzyň salan galyňy bilen gyzyklananda nämäniň nämedigine
göz ýetirýär.
Ol wezir-wekillerine:
- Gyz kyn şert goýupdyr. Ol içden urupdyr - diýýär. - Gyzyň on
sekiz öküzçe diýdigi, “patyşa on sekiz ýaşynda bolsady” diýdigi. Ýigrimi
bäş öküz diýdigi, “iň bolmanda ýigrimi bäş ýaşy bolsady, şol ýaşda
adam garadan gaýtmaz bolýandyr” diýdigi. Altmyş nogtasam “patyşa
altmyş ýaşapdyr. Ol nogtalanan garry öküz ýalydyr” diýdigi. Ýetmiş
agta diýdigem, “ol garrap ýetmişe ýeter. Ondan soň ol biçilen garry
öküze döner” - diýdigi diýip, gyzyň salgydynyň manysyny çözläpdir.
Ertekiniň mazmunyndan görnüşi ýaly, bu hili syrly sözleriň manysyny
tirmegiň her bir adama başardyp durmaýandygy, onuň üçin ýiti pähimpaýhasyň zerurlygy ertekiniň gahrymanlarynyň üsti bilen
suratlandyrylýar. Bu ýagdaýy “Bagtly kel” ertekisindäki patyşanyň üç
gyzynyň mysalynda-da görmek bolýar. Gyzlar bir içi düşen, bir hal
atan, birem ter, suwy süýjän gawuny kakalaryna sowgat etmek bilen
öz ýagdaýlaryny atalaryna mälim edýärler.
Ýokarda getirilen mysallarda biri-birine meňzedilýän dürli zatlar,
närseler deňeşdirilse, “Hutdy-Humarda” biri-birine düýbünden gapmagarşy bolan ýagdaýlar, pursatlar suratlandyrylýar. Ertekide Humaryň
gelni Jemala onuň gaýny her hili kyn ýumuşlary buýurýar. Onuň eline
gara keçe berip, şony agart, ak keçe berip, ony gara keçä öwür diýýär.
Şonda Hutdy Jemala şeýle sargyt edýär: “Öňüňden egri söwüt agajy
çykar, oňa göni diý, göni tal agajyna egri diý, açyk gapyny ýap, ýapyk
gapyny aç, bulanyk suw çykar, oňa dury diý, dury suw çykar, oňa bulanyk
– diý” we ş.m. diýýär. Biziň pikirimizçe, şu ýerde halk hakydasy özüniň
ynsany terbiýelemekde ýörgünli bolan usullarynyň birini göçme manyda
ulanypdyr. Ertekidäki egri agaja göni ýa-da bulanyk suwa dury
diýilmegi, käbir häsiýeti pesräk ýa-da ýaramaz gylykly adama hoşamaý,
öwgüli sözleri aýtmagyň käwagtlarda gowy netijelere getirýändigi
nygtalýar.
Türkmen halk ertekilerine mahsus bolan häsiýetli aýratynlygyň
ýene-de biri ertekiler bilen nakyllaryň inçeden gatnaşygynyň bolmagydyr.
9
Nakyllar, köplenç halatlarda ertekiniň ady bolup gelýär (“Dil bela –
diş gala”), käwagtlarda bolsa ýagdaý onuň tersine bolup çykýar. Şu
hili ertekileriň terbiýeçilik ähmiýeti has-da güýçli bolýar we ertekiniň
esasynda nakyl döräpdir ýa-da, tersine, nakylyň esasynda erteki döräpdir
diýen netijä gelmek kyn. Sebäbi halk döredijiliginiň bu iki görnüşi
özüniň mana baýlygy, türkmeniň ýiti paýhasynyň, owazly, baý diliniň
önümi bolmak bilen, öz gözbaşlaryny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp
gaýdýar. Türkmen halkynyň söz manysyny oýlap, ölçäp sözlemegi
başaran halkdygyny “Abdylla baý” ertekisiniň mysalynda görmek bolýar.
Patyşa Abdylla baýyň peri aýalyny özüne aýal edinip almak maksady
bilen, Abdylla baýa çözülmesi kyn bolan, asla ynsanyň başaryp bilmejek
ýumşuny tabşyrýar. Patyşa Abdylla baýa: “Sen maňa başlygy teletinden,
gonjy gumdan tikilen ädigi getir… Getirmeseň başyň ölümli, malyň
talaňly” diýýär.
Abdylla baý gözýaş döküp, aýalynyň ýanyna gelýär.
Perizat aýaly:
– Näme boldy? Gözýaşyň gül ýüzüňi soldurypdyr? - diýip soraýar.
Abdylla baý patyşanyň şertini ganyny ýere damdyrman aýdyp beripdir”.
Getirilen mysalda halk arasynda ýörgünli ulanylýan “Gylyny
gyşartman”, “Gylyny gymyldatman” diýen aňlatmalar, bu ýerde “Ganyny
ýere damdyrman” görnüşinde ulanylýar. Sebäbi her bir aýtjak sözüni,
etjek işini “ýedi ölçäp, bir kesýän”, oýlanyşykly gepleýän halk patyşanyň
bu sözlerinden “gan ysynyň” gelýändigini nazarda tutup, “Ganyny ýere
damdyrman” diýen aňlatmany ulanypdyrlar.
Ertekilerde şeýle paýhasly pikirler, bitirmesi kyn bolan ýumuşlar,
çözgüdi tapylmaýan jogaplar, köplenç, gelin-gyzlar tarapyndan bitirilýär,
çözülýär. Bu ýagdaý türkmen gelin-gyzlarynyň diňe bir eli çeper, dili
şeker, ojak eýesi bolman, eýsem ýiti pähimiň hem dury akylyň eýesi
bolanlygyndan habar berýär. “Hudaýberdi gorkak” ertekisinde
Hudaýberdi atly gaty gorkak adamynyň keşbi janlandyrylýar. Ýöne ony
aýaly ýuwaş-ýuwaşdan özüni oňarar ýaly derejede terbiýeleýär. Soňra
Hudaýberdi dogumlanyp, döwleri göreşde ýeňýär, batyr bolup ýetişýär.
Ertekiniň mazmunyndan görnüşi ýaly, zenan paýhasynyň ynsan
terbiýesindäki orny ýokary derejä ýetirilýär. Bu ýagdaýy “Temmel ýalta”
10
ertekisinde-de görmek bolýar. Ertekide öz iýjek çöregini baryp alyp
iýmäge ýaltanýan oglany gelni ýuwaş-ýuwaşdan işe werdiş edip, gurply
hojalykçy edip ýetişdirýär.
Ertekilerde ýene-de bir ünsi özüne çekýän ýagdaý, oňa gatnaşýan
gahrymanlaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmegi üçin her bir
gara güýje, kynçylykly ýollara gitmekleridir. Mysal üçin, türkmen halk
ertekilerinde, şeýle-de, dessanlarda duş gelýän: “Gitse geler”, “Geljegi,
gelmejegi gumana”, “Gitse gelmez” diýen ýollaryň çatrygy we hemişe
“Gitse gelmez” ýoluna iň kiçi doganyň goýberilmegidir. Ertekileriň
we dessanlaryň mazmunyndan görnüşi ýaly, “Gitse gelmeze” giden
hemişe özüniň edermenligi, ýiti paýhasy, kesgir akyly, ugurtapyjylygy,
gujur-gaýraty bilen ýeňiş gazanyp, myradyna ýetip yzyna dolanýar. Diňe
bir özi maksadyna ýetmek bilen çäklenmän, gahryman ýolda kynçylyga
düşen doganlaryny hem halas edip, ýeňiş bilen sag-aman ene-atasyna
gowuşýar. Şu ýerde, birinjiden, “Azapsyz ýeriň ady ýok” diýlişi ýaly,
aňsat ýoldan ýöräp, hiç bir kynçylyksyz maksada ýetmegiň miwesiniň
datly bolmaýandygy görkezilýär.
Ertekilerde bu hili milli häsiýetleriň açylyp görkezilmegi geçmişde
türkmen halkynyň gaýtalanmajak milli mirasynyň, medeniýetiniň,
sungatynyň, adatynyň, däp-dessurynyň bolanlygyndan nyşandyr.
Ertekileriň haýsy birini alyp görseň hem olarda adamzat
jemgyýetiniň ösüşinde, onuň medeniýetinde yz galdyran birnäçe
adatlaryň, däp-dessurlaryň yzlaryny görmek bolýar. Biziň günlerimize
çenli özleriniň ýörgünliligini, gymmatyny we zerurlygyny ýitirmän
gelen birnäçe yrym-ynançlary we däp-dessurlary täzeden öwrenmekde
ertekiler esasy çeşme bolup hyzmat edýär.
Türkmen halk ertekileriniň mazmunyndan görnüşi ýaly, olardan
unudylan däp-dessurlaryň, yrym-ynançlaryň hem yzlaryny tapmak
mümkin. Bu bolsa biziň häzirki millilige ýykgyn edýän Garaşsyz
döwrümizde öwrenilmesi iň derwaýys meseleleriň biridir.
Eliňizdäki ýygynda türkmeniň milli mirasyny, geçmiş taryhyny,
urp-adatyny, däp-dessuryny, yrym-ynanjyny, milli ahlagyny özüne
siňdiren halk döredijiliginiň gorly hazynasynyň önümi bolan türkmen
halk ertekileri girizildi. Bu ertekileriň many-mazmunyndan gelip çykýan
11
öwüt-ündewler türkmeniň XXI – Altyn asyrynda terbiye alyan,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gelejegi bolan türkmen
ýaşlaryny döwrebap terbiýelemekde, olara öz edebi taryhyny, baý
mirasyny öwretmekde milli mekdepdir.
Magtymguly adyndaky
Dil we edebiýat instituty
12 12
13
13
B
ir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanlarda bir çopan bar eken.
Ol çöl-beýewanlarda mal bakyp gezer eken. Günleriň birinde ol çopan
mal bakyp ýörkä, uly bir tüweleý turupdyr. Tüweleý aýlanyp-aýlanyp,
ahyrda çopanyň ýanynda köşeşipdir weli, onuň içinden bir peri çykypdyr.
Peri çopanyň ýanyna gelip:
– Meniň üç şertim bar, şol şertlerimi bitirseň, men saňa aýal boljak
– diýipdir.
Dulsurap ýören çopan özüňe belli:
– Aýdaweri, keýgim, şertleriňi. Hudaý halap, belki, bitiräýedim –
diýipdir.
Onda peri:
– Aýtsam, birinji şertim – ikimizden bolan çagaň ugruna-da,
seretmeli däl, ýoluna-da. Ikinji şertim – başymy daramda-da, seretmeli
däl. Üçünji şertim – meýdana gidemde, yzymdan garamaly däl – diýipdir.
– Bu şertleriň el ujundan düzelýän şertler-le, men razy – diýip,
çopan begenjinden ýaňa diriň-diriň böküberipdir.
Onsoň bular är-aýal bolup ýaşaberipdirler. Aýdan aý, günden gün
geçip, bularyň çagalary bolup başlapdyr weli, ýaňky peri bolan çagalaryň
ugruna seretmeden-ä geçen, gaýtam, gezip ýören itleriň agzyna berip
goýberýärmiş.
Çopan görgüli bolsa, ozal şert edensoň, şol şertini bozmajak bolup,
oňa “Edýäniň näme?” hem diýmeýärmiş.
Günleriň birinde bolsa, ýaňky çopanyň ejesi agyr syrkawlap, ahyrda
hem şol keselinden aýňalman, aradan çykypdyr. Goňşy-golam, dogangaryndaş, dost-ýar ol pahyry jaýlamaga gelipdirler.
Emma periniň weli, azaryna-da dälmiş. Hamala gaýyn enesi
ölmedik ýaly, diri gezip ýörändäkiden hem şatmyş. Olam owarram
diýseler, ol peri oturanda-da galdyrylgy ýüküň üstüne çykyp otyrmyş.
Adamlar çopanyň ejesiniň jesedi salnan tabydy göterip ugrapdyrlar
weli, ol peri jakgyldap gülmäge başlapdyr. Olar tä gonamçylykdan
gaýdyp gelinçäler hezil edip gülüpdir.
Adamlar öýli-öýüne dargapdyrlar. Çopan görgüli galyberipdir aýaly
bilen. Öz ýassykdaşynyň gelşiksiz hereketlerini bilesi gelip, çopanyň
içini it ýyrtyp barýarmyş. Onda-da soramanyň ugruny tapman otyrmyş.
Ahyry ol gaharyna bäs gelip bilmän, heleýiniň ýanyna baryp:
14
– Sen näme üçin meň ejem ölende, ýüke çykyp oturdyň? – diýip
sorapdyr.
Onda aýaly:
– Içeri bütin gandan doldy, men ýüke çykmasam boljak däl –
diýipdir.
– Ejemi jaýlamaga ugranymyzda näme üçin güldüň?
– Gülmez ýalymy näme? Ejeň asyl dünýä çykdajy etmändir, yzynda
ýeke sübse barýa, şoňa güldüm – diýipdir.
Onda çopan:
– Munça bolanyna görä, beýleki syrlaryňy hem soraýjak – diýipdir.
– Eger eden şertiňi bozasyň gelse, soraber – diýipdir.
– Sorasam näme üçin çagalarymy ite berýäň?
– Aý, samsyk, olar it däl ahyry. Olar meniň enem-atam ahyry.
Ýöne beýdip sorajak bolsaň, çagalaryňy getirer-de, maňlaýyňa berer
ötäýderin – diýipdir.
Indi çopan soramasyny bes edip: “Beýleki syrlaryny özüne
bildirmänem bilip bilerin-le” diýip oňaýypdyr.
Onsoň çopan aýaly meýdana gidende, yzyndan seredipdir weli,
görse aýalynyň bagyr-öýkeni yzynda süýrenip barýarmyş. Soň bir günem
aýaly başyny daranda seredipdir weli, ol kellesini aýryp, beýlede darap
otyrmyş.
Perizat äriniň eden şertlerini bozandygyny bilip:
– Ynha, çagalaň! – diýip, çopanyň çagalaryny getirip beripdir.
Çopan garap görse, iki sanjak bir eýjejik çagamyş. Biri ogul,
beýlekisi gyzmyş. Özlerem şaýlyja çagamyş.
Perizat:
– Çagalaňňy özüňdenem gowy saklardym welin, eden şertiňde
durup bilmediň – diýipdir-de, duran ýerinde tüweleýe цwrьlip, asmana
gaýyp bolanmyş.
Çopan nälaç etjegini bilmän, çagalaryny garry enesine tabşyryp
geziberipdir. Emma hiç ýerde karar tapmandyr. Ýetim çagajyklaryna
gözi düşende bolsa, ýüregi gyýym-gyýym bolýarmyş.
Ahyry bolmansoň:
– Etdim-etdim özüme etdim – diýipdir-de, başyny alyp obadan
çykyp gidipdir. Ol baryp, bir daglykda mesgen tutunyp, gylyjyny
15
boýnundan asyp, daglaryň arasynda geziberipdir. Gezeniň bilen perizat
tapdyrjakmy?!
Ol şeýdip aýlanyp ýörkä, daş-töweregine garasa, hol beýleräkde
iki sany aždarha urşup durmuş. Aždarhalaryň biri beýlekisini alarlymyş.
Çopan bu ýagdaýy uzak synlap durman, derrew ylgap, olaryň
ýanyna barypdyr-da:
– Ýa haýyrdyr, ýa şerdir – diýip, salypdyr gylyjyny ýokarky
aždarhanyň kellesinden. Almaz ýaly ýiti gylyç daş-töweregi gyzyl gana
boýap, ýokarky aždarhanyň kellesini honda zyňyp taşlapdyr. Emma şol
aralykda aşakdakynyňam garnyna birazajyk zeper ýeten eken.
Indi ýokarky aždarha-ha ölüpdir, aşakdaka-da dil çykypdyr:
– Haý, adamzat, eden kömegiňe Taňry ýalkasyn! Sen maňa uly
ýagşylyk etdiň welin, şu düşenje ýaranam gutarybilseň, menem saňa
uly ýagşylyk edeýin – diýipdir.
Onda çopan:
– Men ol ýarany nädip gutararkam?
– Onuň işi aňsat-la. Sen git-de obalara aýlanyp, bir päk aýalyň
süýdüni getir. Şol süýdi şu ýara çalarys weli, ýaraň öz-özi biter, eger
ýaramaz aýalyň süýdüni getirip çalsaň weli, ýara öz-özünden azyp
beterlär – diýipdir.
Çopan:
– Alla, sen maňa kyn ýumuş buýurdyň-ow! Men süýt aljak
aýalymyň päkdigini ýa beýlekidigini näbilermişim? – diýipdir.
Onda aždarha:
– Ondan arkaýyn bol. Men saňa şu monjugy nyşan bererin. Sen
monjugyň deşiginden haýsy aýala seretseň-de, onuň nähilidigi mälim
bolar. Eger ol ýaramaz bolsa, onda onuň duşuşan adamlary ol aýalyň
yzynda häzirem ogar-ogar oýnaşyp ýörendirler. Ýene hem şol monjugy
ol aýalyň ýüzüne tutsaň, eger ol ýaramaz bolsa, onuň ýüzi gara ört
bolup görner – diýipdir.
Çopan monjugy alyp, oba tarap gaýdyberipdir. Az ýöräp, köp ýöräp
oba gelip: “Gel, gowsy, men suw alynýan güzeriň başynda
gizlenibrägeden ýatybereýin. Aýallar ir ertir, giç agşam suwa gelerler.
Şony synlar ýataryn” diýipdir-de, ýatyberipdir güzeriň başynda.
16
Ol şeýdip, gelen aýaly görüp otyrmyş. Şol barmana güzere bir
aýal gelipdir weli, onuň yzynda arlyk ýuwýan tasyndan başga zat
ýokmuş.
Aýal küýzelerini suwdan dolduryp, öýüne tarap ugrapdyr welin,
ýaňky ýatan çopanam:
– Alla, şu aýalyň çagasy bar bolaýbilseýdir – diýip, onuň yzyna
garaba-garaba düşüberipdir.
Aýalyň giren öýüni bek belläp, az wagt geçirip:
– Salawmaleýkim! – diýip, çopanam şol öýe giripdir.
– Aleýik salam. Geleweri, myhman, geç, otur – diýip, ýaňky aýal
çopana mürähet edipdir.
Çopan sesini çykaryp bilmän, ep-esli wagt oturypdyr.
Öý eýesi aýal bolsa munuň bir habarynyň bardygyny bilip:
– Myhman, näme habaryň bolsa çekinme-de aýdyber, bitiribilsemä özüm bitirin, bolmasa-da giçlik öý eýesi geler, şoňa diýäýeris –
diýipdir.
Aýaldan bu sözleri eşiden çopan çekine-çekine ahyry habaryny
beripdir.
– Hä... şeýle diýsene. Bu ýumşuň biziň elimizden geljek zat däl.
Ynha, giçlik adamym gelsin, men şoňa geňeşip göreýin, eger ol razy
bolsa, möhümiňi bitireris – diýipdir.
Giçlik adamsy gelensoň, ýaňky aýal:
– Şu myhman saňa ertirden bäri garaşyp otyr. Özem şeýle ýumuş
bilen gelipdir – diýip, ärine geňeş salypdyr weli, äri:
– Dermanlyk üçin gerek bolsa, berip goýber, geňeşmek nämä
gerekdi – diýipdir.
Çopan işini bitirip, är-aýala minnetdarlyk bildirip: “Niredesiň
aždarhanyň ýany?...” diýipdir-de, ýola düşüpdir.
Az ýöräp, köp ýöräp, aždarhanyň ýanyna baryp, onuň ýarasyna
getiren süýdüni çalypdyr weli, asyl aždarhanyň tenine hiç hili şikes
ýetmedik ýalymyş. Şobada gutulypdyr.
Ýarasyndan gutulan aždarha çopana garap:
– Sen-ä maňa ýagşylyk etdiň weli, menem saňa ýagşylyk edeýin.
Dünýäde näme isleseň, aýt?! – diýipdir.
17
Onda çopan:
– Meniň ejem pahyr öldi welin, pylan obada bir garry enem bilen
iki sany ýetim çagam bar. Şolara-da, özüme-de göz-gulak bolar ýaly
bir rakyply, ynsaply, owadan, päkize gyz alyp berseň, başga dilegim
ýok – diýipdir.
Aždarha çopana ýene bir monjuk berip:
– Şu monjugyň gözünden oba gyzlaryna seret. Haýsy biri göwnüňe
ýarasa, geläý, salgydy meniň boýnuma – diýipdir.
Çopan monjugy alyp, oba gyzlaryna seredýärmiş weli, hiç
bolmandyr, her biriniň öz halaýan ýigidi bar bolara çemeli. Ahyry bir
gyza seredipdir weli, ol gyzyň töwereginde hiç kim ýokmuş.
– H-ä-ä-ä, büýä, tüýs meniň islän maşgalam bolsa gerek – diýip,
garry enesiniň ýanyna barypdyr-da:
– Ene, ho pylanlaryň gapysyny süpürip gaýt – diýipdir.
Onda enesi:
– Aý, oglum, olar bir baýdyr, biz bolsak, bir garyp. Ömürem
bermezler, kowarlar – diýipdir.
– Aý, süpür-de dur, görübereris. Salgydyndan çekinme – diýipdir.
Enesi agtygynyň aýdyşy ýaly edip, şol baýyň gapysyny günde
süpürip durupdyr.
Ahyry bu habary baýa ýetiripdirler. Baý bolsa:
– Aý, garybyňam göwni bardyr. Köpräk salgyt salyp kowup
goýberseňiz-le – diýipdir.
Garryny çagyryp, agyr salgyt salypdyrlar weli, garry olara garap:
– Hata ýazyp beräýiň, men bir akyl-huşy giden garrydyryn, onsoň
ýalňyşyp oturmaýyn – diýipdir.
Garrynyň aýdyşy ýaly edip, salgyt köküni salyp, ýazyp beripdirler
weli, garry hem ol ýazgyny agtygynyň eline getirip beripdir.
Çopanam haty alyp, aždarhanyň ýanyna gidipdir.
Aždarha-da çopana şol ýazgydaky zatlary artygy bilen tapyp
beripdir.
Şeýdip çopan ol baýyň gyzyny alyp, uly toý tutup, myratmaksadyna ýetipdir.
18
18
19
19
B
ir bar eken, bir ýok eken, gadym wagtda bir adamyň ýedi ogly
bar eken. Olaryň käri aw awlamak eken. Olaryň aýal dogany ýok eken.
Bir uýa arzuwynda gezip ýören doganlaryň eneleri göwreli bolupdyr.
Eneleriniň aý-güni dolan wagty, bular awa gitmekçi bolup, atasyna:
– Biziň gyz doganymyz bolsa, howlymyzyň agzyndan gurjak asyp
goýuň, erkek doganymyz bolsa, ok-ýaý asyp goýuň – diýip awa
gidipdirler.
Bularyň yzynda gyz dogany bolupdyr. Atasy derwezeden gurjak
asyp goýupdyr. Emma goňşulary ýamanlyk edip, muny aýryp, ýerine
ok-ýaý asyp goýupdyrlar. Bular awdan gelenlerinde ok-ýaýa gözleri
düşüp: “Hudaý bize gyz dogan bermändir” diýip öýkeläp, bir dagyň
gowagynda jaý tutup, aw awlamak bilen gün görüp başlapdyrlar. Indi
bular bu taýda galsynlar, habary täze bolan gyzdan alyň.
Ata-enesi täze bolan gyzyň adyna Akpamyk dakyp, oglanlarynyň
ýoluna göz dikipdirler. Bir gün geçipdir – gelmändirler, bir aý geçipdir
– gelmändirler, bir ýyl geçipdyr – gelmändirler. Olar garry bolansoňlar
oglanlarynyň ugruna çykyp bilmändirler, gyza hem aýtmandyrlar.
Şeýdibem ata-ene öz oglanlaryndan tamalaryny üzüpdirler.
Aý geçip, ýyl geçip, gyz dokuz-on ýaşyna ýetipdir. Bir gün
goňşulary üme edipdir. Akpamygyň enesine hem gelip:
– Gyzyňy ümä goýber – diýip sorapdyrlar.
– Honha, özi razy bolsa, gidibersin, özüne aýdyň – diýip, enesi
jogap beripdir.
Akpamyk hem göwünli bolup, ümä barypdyr. Ümä baran gelinleriň
biri Akpamygy synap görmek üçin we oňa gizlin bolan bir syryň üstüni
açmak üçin şeýle diýipdir:
– Kimiň erkek dogany bolsa, törde otursyn, kimiň erkek dogany
bolmasa, aşakda, külüň üstünde otursyn.
Bu sözden soň Akpamyk hem baryp, külüň üstüne geçip, gyzlaryň
arasynda oturypdyr.
Bir garry kempir Akpamyga:
– Weý, keýgim, sen ýokarrak geç – diýipdir.
– Weý, ene, meniň erkek doganym ýok ahyry.
– Aý, ýüzügara, iliň birki dogany bolsa, seniň ýedi sany aždarha
ýaly doganlaryň bardyr, ýokaryk geç, ýokaryk.
20
– Men şu wagta çenli muny atamdan – enemden eşitmedim.
Onda garry ene:
– Keýgim, eneň-ataň garry bolansoň, doganlaryň gözlegine özlerä gidip bilenoklar. Aýtsalaram sen gidersiň öýdüp gorkup aýdyp bilýän
däldirler. Seniň doganlaryň pylan dagyň gowagynda ýaşaýarlar. Isleseň
men saňa eneňe aýtdyrmagyň tärini öwredeýin. Sen baryp : “Ene, maňa
gowurga gowrup ber” diý, gowrup berer welin, her zat bilen berse-da
alma, “eliň bilen ber” diý. Gazanyň üstünden eli bilen “al” diýip berer
welin, eliniň daşyndan tutup gysyp sorasaň aýdar. Ýogsam aýtmaz –
diýipdir.
Akpamyk ümeden gaýdyp, öýlerine gelip:
-Aý, eje, meniň kelläm agyrýar – diýipdir.
– Balam, näme iýip-içjek zadyň bar? – diýip, ejesi sorapdyr.
Akpamyk hem:
– Eje, sen birazajyk gowurga gowrup ber, kelläm şonda gowy
bolmazmy? – diýipdir .
Ejesi gowurga gowurmaga oturypdyr, welin,
Akpamyk ejesine :
– Eje, maňa oduň üstündekä ber diýipdir.
Ejesi gowurgany çemçe bilen uzadýar, Akpamyk:
– Ýok, eliň bilen ber – diýipdir.
Ejesi pahyr eli bilen berende, Akpamyk ejesiniň eliniň daşyndan
pugta tutupdyr. Ejesi bolsa :
– Waý, elim ýandy – diýip gygyrypdyr.
– Eje, meniň erkek doganym barmy ýa ýokmy, aýt? – diýip,
Akpamyk sorapdyr.
Ejesi gyzgyna çydaman:
– Bardyr, emma sen bolanyňda gidişleridir – diýipdir.
– Heý, barmyş sesi eşidilýärmi?
– Pylan dagyň gowagynda barmyş diýýärler.
Akpamyk ejesiniň elini goýberip:
– Men agalarymyň yzyndan gitjek – diýipdir.
– Sen şeýle gitseň-ä tapmarsyň, men saňa köke edip bereýin, şony
tigirle-de git, nirä baryp dursa, doganlaryň şo taýda bolar – diýip, ejesi
aýdypdyr.
21
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 02
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.