Latin

Türkmen Halk ertekileri - 08

Total number of words is 3844
Total number of unique words is 1822
36.3 of words are in the 2000 most common words
49.8 of words are in the 5000 most common words
57.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
– Ýeri, indi nätjek, aýtmadymmy men saňa? – diýip, pişik igenip
ugrapdyr.
– Gygyrma, barybam eýämize aýdaýsaň, işiňi görerin – diýip, it
gaýta haýbat atypdyr.
Onsoň bular näderini bilmän, şol ýerde otyryberipdirler.
Ol ýerde bolsa, balyk tutýan köp adam bar eken-de, tutan
balyklaryny öldürip, iç goşlaryny meýdana – bir ýere döküp durlar
diýýär. Pişigem baryp, şolary dörüşdirip ugrapdyr. Dörüp-dörüp, ahyry
ýene-de ýüzügi tapaýypdyr – bir balyk ýuwdan eken-de, olam tora
düşüpdir-dä garaz. Özem indi ýüzügi tapanyny ite aýtmandyr. Gaýta:
– Aý halypa, indi gaýdaly, bize indi ýüzügem tapdyrmaz, zadam,
gowusy: “Tapmadyk” diýeli baraýaly – diýipdir.
– Baryp: “It ýüzügi gaçyrdy” diýip aýtjak bolsaň-a şu wagt aýt,
dyňdarjak ötägitjek – diýip, it ýene-de haýbat atypdyr.
Pişigem:
– Ýok, o dünýe, bu dünýe “it ýüzügi gaçyrdy” diýib-ä aýtmaýyn –
diýipdir.
– Aý, aýtmajagyň çynyň bolsa, äkideýin onda – diýip, item
razylaşypdyr.
Onsoň ikisi ýene-de ýola düşüpdirler. Şol gaýdyşlaryna obaň ýakyn
ýanyna gelipdirler. Görseler, bir çatma bar eken. Şoňa çykaýsa, pişige
it kär edip biljek däl diýýär. Onsoň öýe ýetmänkäler, meýdanda
oturypdyrlar welin, şol wagt pişik birden eňipdir-de:
– Ynha, ýüzüg-ä mende, janyň çykýan bolsa, çykaýsyn – diýip,
zut gaçypdyr.
135
Item topulýar welin, pişik derrew ýaňky çatma dyrmaşyp, üstüne
çykyp oturyberipdir. Onýança-da hälki oglan – bularyň eýesi öýden
çykyp gelipdir. Pişigem ýüzügi eýesine berip, itiň eden işlerini oňa
aýdyp beripdir.
Eýesi ite garap:
– Gaýdyp pişige “wöwf” edäýseňem, dünýäň sowuk şemalyndan
dyndaryn. Agzyň başyňy iýsin, tohumy kesilen, bolmanda-da şol erniň
bilen sen almalam däl ahyry ýüzügi – diýip, käýäpdir.
Ana, onsoň ýüzüge garap, ol oglan:
– Öýi getir – diýýär. Öý welin, bürgüt ýaly, parlap gelýär diýýär.
Hälki ýüzügi ogurlan garry aýalam öý bärräk gelende, patylap ýere
gaçdy diýýär. Jany çykaýanam bolsa ahmal! Onsoň öý ýetip gelipdir,
içinde gelinem aý ýaly bolup otyr eken. Şeýdip bular ahyr maksatmyrada ýetip, ýaňandandan toý bermäge başlapdyrlar.
136
136
137
B
ir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanda bir patyşa bar eken.
Onuň bir ogly bar eken. Ol patyşa ogly ýedi ýaşansoň, ony on iki ýyllap
bir jaýdan çykarman okatdyrypdyr. Oglan on dokuz ýaşapdyr.
Günleriň birinde aýnasyz-gapysyz altyndan bir jaý saldyrypdyr.
Diňe bir diwarda kiçijik deşik goýupdyr. Onuň diwarlaryny tekjeläp,
şol tekjeleri kitapdan doldurypdyr. Aýsyz garaňky gijeleriň birinde bolsa,
ogluny şol jaýa göçüripdir. Oglan şol jaýda kitap okap ýatyrmyş. Aý
yzyndan aý, ýyl yzyndan ýyl geçip, oglan ýigrimi bäş ýaşapdyr. Şeýlelikde
oglan ýigrimi bäş ýaşaýança ene-atasyndan başga ynsan ýüzüni
görmändir.
Günleriň birinde patyşa şol ogluny öýermekçi bolupdyr. Oglan
öýlenmäge garşy bolupdyr. Oňa iki-üç gezek töwella edipdirler, emma
oglan edilen töwellany almandyr.
Ahyrda patyşa nä alaç etjegini bilmän, oglana nahar äberýän edip
ýaşajyk owadan gyzlary goýupdyr. Oglan muny duýup, nahary hälki
deşikden alanda, ýüzüne gara matadan perde çekipdir.
Patyşa bu ýagdaýy bilip, oda-köze düşüpdir. Onda-da başga alaç
tapman, ähli münejimlerini, gurrandazlaryny, palçylaryny ýygnapdyrda: “Ogluma öýlenmezek keseli degipdir. Näme edeňde oglumy şol
keselden sabadyp boljak? Şonuň alajyny tapyň!” diýip, gyssamaga
başlapdyr. Olar alaç tapmandyrlar.
Soňra patyşa ähli ilata jar çekdiripdir, goňşy welaýatlara çapar
ýollapdyr.
Başga bir welaýatda bir jadygöý kempir ýaşaýan eken. Günleriň
birinde ol patyşanyň jaryny eşidip: “Sylagymy ýetirse, patyşanyň
hyzmatyny men bitirip bererin” diýip, ol patyşanyň ýanyna gelipdir.
Muny eşiden patyşa kempiri köşgüne getirip, ony sylap, oňa iň
gymmat baha halat-serpaýlardan, lagly-göwherlerden berip bilenini
beripdir. Munuň bilen hem kanagatlanman, oňa köşgüň iň oňat
otaglarynyň birini ýaşamaga beripdir.
Kempir berlen sowgatlary beýlesine geçirip, jady kitabyny açyp,
ýer diňlemäge durupdyr. Görse, başga bir welaýatda bir ýetişen gyz
özbaşyna jaý saldyryp, edil şu patyşanyň ogly ýaly, il-güne görünmän
otyrmyş. Özem şol ýurduň patyşasynyň gyzymyş. Ol gyzam atasynyň:
138
“Islän ýigidiňe durmuşa çykaraýyn” diýen teklibine razy bolman otyrmyş.
“Asla durmuşa çykjak däl” diýýärmiş.
Jadygöý kempiriň güni gelipdir. Ol jady edip, özüni guş sypatyna
geçiripdir-de: “Niredesiň şol gyzyň ýurdy?” diýip, uçup ötägidipdir.
Az uçup, köp uçup, ençeme ýurduň, deňizleriň, derýalaryň
üstünden geçip, ol gyzyň ýaşaýan mekanyna baryp görse, köçede bir
jarçy gygyryp ýörmüş. Gulak asyp diňlese, patyşa gyzyny durmuşa
çykmaga göwnedip bilen adama ähli baýlygynyň deň ýarysyny
eçiljekmiş.
Muny eşiden kempir: “Hop, ýagşy” diýipdir-de, duran ýerinde
gurçuga öwrülip, gyzyň ýaşaýan otagyna giripdir. Baryp gyzy elýaglyga
öwrüpdir-de ýany bilen alyp, oglanyň ýaşaýan ýerine getiripdir. Ony
oglanyň ýanynda ýatyryp, oglany huşundan gideripdir-de, gyza jan
beripdir. Gyz huşuna gelip görse, ynha, ýüzi gül ýaly öwşün atyp duran
oglanyň ýanyndamyş. Ol: “Meger, ýer ýüzünde bir ýigidi söýýän bolsam,
ol şu oglan bolsa gerek” diýip, oňa derrew aşyk bolupdyr.
Gyzyň oglana aşyk bolanyny aňan kempir şol wagt gyzy huşundan
gideripdir-de, oglany huşuna getiripdir. Oglan huşuna gelip görse, ynha,
onuň gapdalynda aý diýseň agyzly, gün diýseň görkli bir gyz ýatyrmyş.
Olam oňa derrew aşyk bolupdyr-da, öz elindäki ýüzügini gyzyň
barmagyna ötüripdir.
Kempir olary biri-biri bilen duşuşdyrandan soň, oglany huşundan
giderip, gyzy onuň gapdalyndan alyp gidipdir-de, öňki alyp gaýdan
ýerinde goýup gaýdypdyr.
Ertesi aşyk-magşuklar özlerine gelipdirler. Olar gören zatlarynyň
düýşüdigine ýa huşudygyna akyl ýetirip bilmän, işdäden kesilipdirler.
Özlerem şeýle bir horlanypdyrlar weli, diýip-aýdar ýaly dälmiş.
Ikisiniňem dodaklaryny yşkyň heseri ýakypdyr.
Perzentleriniň bu hala düşendiklerini gören patyşalaryň ogully
oglunyň, gyzlysy hem gyzynyň agyr kesele duçar bolandyklary, olary
şol keselden halas eden adama sylag-serpaý ýapjakdyklary hakynda
jarçylaryna jar çekdirmäge başlapdyrlar.
Jadygöý kempir bolsa ilki oglanyň atasynyň, soňra bolsa gyzyň
atasynyň ýanyna baryp: “Perzentleriňiz biri-birine aşyk bolupdyrlar”
diýipdir.
139
Oglanyň atasy kempirden oglunyň haýsy gyza aşyk bolandygyny
sorapdyr weli, kempir oňa: “Pylan ýurduň patyşasynyň gyzyna” diýip,
ýaňky jadylan gyzyny salgy beripdir.
Patyşa kempire garap:
– Eger sen ol gyzyň ata-enesini göwnedip, şol gyzy ogluma alyp
berseň, saňa şunça zat bereýin – diýip, bir topar engam beripdir. Kempir
oňa razy bolupdyr.
Soňra kempir ýigidiň ýanyna baryp:
– Sen şähdiňi açyk tut, gaýgy-gam çekme, gyzy hökman getirerin
– diýipdir-de, özi gyzyň kakasynyň ýanyna ugrapdyr.
Kempir gyzyň kakasynyň ýanyna barsa, ol hem:
– Eger sen şol oglany gyzymyň ýanyna getirseň, seni bir welaýata
häkim edeýin – diýip, oglanyň kakasynyň beren zadyndan hem köp zat
bermegi wada edipdir.
“Zat bereýin” diýseň bu kempirleň jany barmy näme?! Ol derrew
gyzyň ýanyna barypdyr-da:
– Sen beýdip perişan bolup oturma, ýigit seniňki bolar – diýip,
ýigidi jadylapdyr-da alyp gaçypdyr. Getiribem dykypdyr gyzyň gujagyna.
Pah, ýetişen ýigit bilen ötüşen gyz özüňize belli, ýylan ýaly çyrmaşyp
ýatyberipdirler.
Aýdan aý, günden gün geçipdir. Bir gün säher wagty ýigit bir ah
urupdyr weli, gyz ýigidiň çeken ahyna ukudan oýanypdyr.
Gyz:
– Mähribanym, sen altyn köşkde ýaşaýaň. Daş-töweregiň
gülzarlyk. Näme kemiň bolup ah çekdiň? – diýipdir.
Onda ýigit:
– Bu aýdýan zatlaryň hemmesi dogry. Ýöne men pylan ýurduň
patyşasynyň ýeke perzendi. Kakam, ejem, ilim-günüm ýadyma düşdide, şolary göresim gelip, ah çekäýdim – diýipdir.
Gyz ertir turanlaryndan soň, adamsynyň diýen zatlaryny öz kakasyna
aýdypdyr weli:
– Siziň ikiňizem meniň jan ýaly perzentlerim bolduňyz. Nirede
ýaşasaňyzam, nirede gezseňizem, başyňyz dik bolsa bolany. Isläň o ýerde
ýaşaň, isläňem bu ýerde, meniň üçin parhy ýok – diýip, olara oglanyň
watanyna gitmäge rugsat beripdir.
140
Ol kyrk düýäni altyn-kümüşden ýükläp, öňüne serkerde salyp, olary
ýola salypdyr: olar ugraberenlerinde, gyzyň ejesi yzlaryndan ýetip:
– Gyzym, sag-aman baryň. Gezen ýeriňizde sag geziň, agzybir
boluň. Ine, şu gülýakany hem al-da dakyn. Ony ahmal etme. Eger şu
gülýakany ýitiräýseň, öz mähriban ýaryňdan aýrylarsyň – diýipdir-de,
gyzynyň boýnuna gülýaka dakypdyr. Onsoň bular ýoluny dowam
etdiripdirler.
Oglandyr gyz ýanyndaky adamlar bilen ençeme gün ýol ýöräp,
ahyrda bir ýerde dynç almak üçin düşläpdirler.
Täze çatynjalara päsgel bermezlik üçin serkerde olaryň çadyryny
bir çetden gurnadypdyr.
Telim günüň ýadawlygy süňlerine aralaşan ýigitdir gyz az
salymdan soň ýatyp galypdyrlar.
Ýarygije boluberende olaryň çadyrynyň üstünde bir guş saýramaga
başlapdyr. Guşuň sesine ýigit oýanypdyr. Görse, çadyryň içi ýap-ýagty
eken. Aýyň ýagtysy gyzyň boýnundaky gülýakanyň gaşlaryna şöhle salyp,
çadyryň içini ýagtyldyp dur eken.
Ýigit gülýakany elläp görmekçi bolupdyr. Ýene hem gyzy
turuzmakdan ätiýäç edip, onuň bagyny kesipdir-de, ony gyzyň
boýnundan alyp, daşarda aýyň ýagtysyna, ony synlamaga durupdyr.
Şol wagt çadyryň depesinde saýrap oturan guş ganatlaryny gerip
gelipdir-de, oglanyň elindäki gülýakany alyp gaçypdyr. Ýigit hem gijäniň
içi ýoldaşlaryny örüzmekden çekinip, ýaňky guşy kowalamaga
başlapdyr. Olar bir gije-gündiz kowalaşypdyrlar. Şol gidip baryşlaryna
guş bir deňziň üstünden uçup geçende, oglanam bir gämä münüpdir.
Ahyrda guş şol gaçyp gidişine baryp, bir dagyň gowagyna giripdir.
Ol gowakda oglana bir adam duşupdyr. Ol adam oňa:
– Bu ýere at gelse toýnakdan, adam gelse aýakdan galýandyr, inim.
Men hem aşpez bolamsoň, diri gezip ýörün. Sen nädip bu ýerlere
düşdüň? – diýipdir.
Oglan bolan işleri ol adama gürrüň beripdir.
Onda ol adam:
– Seniň bu ýere geleniňi bilseler döwler her tikäňi gulagyň ýaly
ederler. Onuň üçin seniň ysyňy döw ysyna öwrüp, seni gizläýin, şonda
döwler bilmezler – diýipdir-de, oglany döwleriň suwa düşünýän
141
gazanyna eşigi-zady bilen salyp çykarypdyr-da, ony bir buky ýerde
gizläpdir.
Ertesi ir bilen döwler işli-işine gidipdirler. Olaryň gidenine mazaly
göz ýetiren oglan aşpeze garap:
– Agam, gülýaka tapylmasa men bu ýerden gitmerin. Ýöne sen
gaýrat et-de, maňa kömek et – diýip, ýalbarmaga başlapdyr.
Aşpeziň oňa rehimi gelip, döwleriň goýup giden gülýakasyny
alypdyr-da, oglanyň eline tutdurypdyr.
Oglan gülýakany alyp begenjinden ýaňa aşpez bilenem hoşlaşmanyda, oňa minnetdarlyk bildirmäni hem ýadyndan çykaryp, gowakdan
çykyp gaýdypdyr. Ol ylgawyny ýazdyrman, hälki gämä münüp geçen
deňziniň kenaryna gelipdir. Gelse deňizde gämi ugrajak bolup durmuş.
Ol hasyr-husur oňa münüp, mazaly jaýlaşypdyr. Diňe şol mahal onuň
aşpez bilen hoşlaşman gaýdandygy ýadyna düşüpdir.
Ol ähli zadyny gämide goýup, gäminiň hojaýynynyň ýanyna baryp,
aşpez bilen hoşlaşyp gelýänçä özüne az-owlak garaşmaklaryny haýyş
edipdir. Gämiçi oňa razy bolupdyr.
Oglan ýene-de yzyna – aşpeziň ýanyna gidipdir. Gowaga baryp
görse, gülýakany bereni üçin döwler aşpezi öldüripdirler-de, özleri
hem çykyp gidipdirler.
Oglan bu ýagdaýa gynanyp: “Indi aýagym bilen gelipdirin.
Gelenime görä bu bendäniň jesedini topraga duwlap ötägideýin” –
diýip, ony jaýlamaga durupdyr.
Oglan aşpezi jaýlap bolandan soň, gäminiň duralgasyna gelse,
gämi bireýýäm ugrapdyr. Onuň ähli goşy-golamy hem şol gämi bilen
gidipdir. Şeýdip, oglan kenarda galyberipdir.
Ýigit şu ýerde galybersin, indi habary kimden eşit? Uklap ýatan
gelinden eşit!
Ol daňa golaý oýansa, ne gülýakasy bar, ne-de äri. Onsoň ol gelin
hiç kime bildirmän, ýeke özi äriniň gözlegine çykypdyr. Ol ýolda bir
çopanyň goşuna baryp, ol yerdäki garry çopandan bir laý erkek eşigini
alyp, olary geýip, ýoluny dowam etdiripdir.
Ol başga bir patyşalyga baryp, şol ýerde ownuk-uşak söwda-satyk
işleri bilen meşgullanmaga başlapdyr. Gyz erkek eşiginde bolany sebäpli
hiç kim onuň aýal maşgaladygyny tanamaýar eken.
142
Welaýatdaky adamlar bolsa onuň owadanlygyny görmäge geler
ekenler. Gyzlar gitse oglanlar gelipdir, oglanlar gitse gyzlar gelipdir.
Şeýdip onuň söwda-satyk işleri hem kem-kemden ugrugyp başlapdyr.
Aý yzyna aý, ýyl yzyna ýyl geçipdir. Günleriň birinde bu owadan
“ýigidiň” tarypy patyşanyň gyzyna baryp ýetipdir. Patyşanyň gyzy bu
habary eşidenden, bezenip-beslenip ol “ýigidi” görmäge gelipdir. Görse,
ynha, bir owadan ýigit. Patyşanyň gyzy bu “ýigidi” görenden, oňa aşyk
bolupdyr. Barybam derrew kakasyna buşlapdyr.
Gyzynyň aşyk bolandygyny eşiden patyşa ol “ýigidi” köşgüne
çagyrypdyr-da:
– Meniň gyzym saňa aşyk bolupdyr. Şonuň üçin sen ony özüňe
aýal edinip al. Bolmasa-da men seniň ýurduňda ýel öwüsdirip, özüňi
hem dara çekdirerin – diýip, haýbat atmaga başlapdyr.
Onda ol “ýigit”:
– Maňa üç ýyla çenli öýlenmek bolmaýar. Eger şu möhlete razy
bolsaňyz alaýaryn – diýipdir.
Patyşadyr gyzy “ýigidiň” bu teklibine razy bolup, ýedi gije-gündiz
toý tutupdyrlar. Toý sowlandan soň, “ýigidi” şol patyşalygyň başga bir
welaýatyna häkim edipdirler. Şeýdip olar ýaşaberipdirler.
Aradan bir ýyl çemesi wagt geçipdir. Bir gün oglan eşigindäki gyz
häkimlik edýän welaýatynyň ýanyndan geçýän uly derýäniň kenaryna
barypdyr. Şol wagtam derýa bilen bir topar gämi ýüzüp, kenara gelipdir.
“Oglan” gämidäki adamlara salam berip:
– Ýeri, myhmanlar, gezen ýerleriňizde näme taň zat gördüňiz? –
diýipdir.
Onda gämiçileriň biri:
– A, üýtgeşik görüp-eşiden zadymyz ýok. Ýöne pylan welaýata
ýüzüp gelenimizde, üýtgeşik owadan bir adam gördük. Ol döwleriň
mekanynda ýaşaýan eken. Onsoň ol biziň gämimize mündi-de, goşgolamyny gämide goýup: “Men biri bilen hoşlaşyp geljek weli, goşlarym
şu ýerde dursun. Bir az-owlak garaşaweriň, özümem tiz öwrülerin”
diýdi-de, şol gidişi boldy. Öwrülip gara bermedi. Ynha-da onuň goşlary
– diýip, oglan eşikli gyzyň adamsynyň goýup giden zatlaryny
görkezipdir.
143
“Ýigit” gülýakany gören dessine onuň öz gülýakasydygyny
tanapdyr. Ýene hem ol şol gämiçä garap:
– Eger sen şol galan adamyny şu ýere alyp gelseň, saňa islän zadyňy
bereýin – diýip, ýalbar-ýakar etmäge başlapdyr.
Gämiçi gyzyň teklibine razy bolupdyr. Ol yzyna öwrülip alty aýlyk
ýoly alty günde geçipdir-de, gyzyň adamsyny getiripdir.
Edil şol wagt oglan eşikli gyza baran gyzyň kakasy ölen eken. Ol
ölmezinden öň: “Meniň ýerime giýewimi patyşa ediň” diýip, wesýet
eden eken. Patyşanyň wesýetini berjaý edip, onuň “giýewisini” patyşa
etjek bolupdyrlar welin, ol “oglan” bolan işleriň hemmesini ähli
jemagata gürrüň beripdir. Jemagat onuň gürrüňini diňläp, bolan işlere
haýran galypdyr.
Soňra bolsa ölen patyşanyň gyzyny başga bir oglana durmuşa
çykarypdyrlar. Özlerine patyşa edip bolsa, gülýakaly gelniň adamsyny
saýlapdyrlar.
Gülýaka bagtly maşgalalarda häzir hem saklanýar diýýärler. Belki,
onuň häzire çenli saklanyp gelmegi şu ertekidäki ýaly, hakyky aşykmagşugy maksat-myrada ýetirendigi üçindir.
144
144
145
145
G
adym zamanda, Köneürgenjiň patyşalygy wagtynda, onuň
üstüne ýagy çozýar. Ol ýagy şäher halkynyň köpüsini öldürýär, ilatyň
galanlary bolsa çöle, guma gaçyp çykypdyrlar. Onsoň bäş-alty günden
soň, ýaraşyk bolup, gaçanlara: “Indi jaýly-jaýyňyza geliň” diýipdirler.
Şol wagtlar özem gaty açlyk bolan ekeni. Öýün-ilin taşlap gidenleriň
hemmesi jaýly-jaýyna gaýdyp gelip başlapdyrlar.
Guma gaçyşlyk wagtynda, häki ýagy iki sany är-aýaly öldürýär.
Olardan iki sany ýaş oglan ýetim bolup galan. Bäri gaýdylyşykda bu
iki ýetim çaga hem aglap-eňräp, göçüň yzyna düşüp, adamlar nirä gelip,
haýsy ýerde düşseler, olar hem şolaryň ýanyna gelýärler. Soň açlygy,
horlugy gören birnäçe rehimdar adamlar rehim edip, olara ölmez ýaly
azajyk iýmek-içmek berýärler. Şeýdip olar hem adamlaryň yzyna düşüp,
sag-aman ýurda gaýdyp gelýärler. Bularyň ýaşaýan obasynyň ýeňsesinde
bir igdelik tokaý bar ekeni, onuň bir ýany hem köl ekeni. Bir garyp
adam bu iki ýetimi görüp, olara rehimi inip, size bereýin diýsem,
“mende-de zat ýok” diýip, her haýsynyň bir elinden tutup, igdeleri
dökülip ýatan igde agaçlarynyň aşagyndan olara bir ýerküme gazyp
berýär. Ol oglanlaryň biri üç ýaşynda, biri hem dört ýaşynda eken. Ol
garyp adam ýerkümäniň içine saman düşäp, üstlerine ýapynar ýaly
köneje ýorgan berip jaýlaşdyrýar. Kölden balyk tutýan adamlara hem:
“Şu oglanlara günde birneme, haýyr-sogap üçin, tutan balygyňyzdan
bereweriň” diýip tabşyrypdyr. Soň oglanlara göwünlik berip:
– Siz indi şu dökülip ýatan igdelerden hem iýiberiň. Balykçylar
hem balyk berer, şonuň bilen eklenersiňiz – diýip, özi gaýdýar.
Bu oglanlar ýaşlykdan ene-atadan aýrylanlaryny üçin, öz atlaryny
bilmeýär ekenler. Bular haçan-da biri-birini çagyrjak bolsalar “häý”
diýip aýdýan ekenler. Bular soňa baka: “Adymyzyň nämedigini
bilemzok” diýip, atlarynyň ýokdugyna haýran galyp, ikisi özara maslahat
edip: “Men saňa at goýaýyn, sen hem maňa at goý” diýişýärler. Şundan
soň, ulusy kiçisine: “Seniň adyň Hebeşe, meniň adym Horezmin
bolaýsyn” diýip aýdypdyr. Bular şeýdip güzeran görüp ýörüberipdirler.
Birneme ulalansoňlar, özleri agaçdan ok-ýaý ýasap, ýatan towşanlary,
sülgünleri awlap başlapdyrlar. Bularyň üst-başdan beýlekiden hiç zatlary
bolmandyr. Emma häki jaý bejerip beren adam her haýsyna bir könesana üst-başlardan tapyşdyryp, olara eltip berýän ekeni. Käwagtlar hem:
146
“Eý ogullarym, ertir pylan baýyň hudaýýolusy bar, şoňa baryp, garnyňyzy
doýrup gaýdyň” diýip, olary çagyrar ekeni. Ol oglanlar hem üst-başlary
ýyrtyk bolany üçin, märekäniň bir çetinden gelip, utanar oturar ekenler.
Hudaýýoly berýän baýlar bolsa, olara barmysyňyzam diýmän, iň
soňundan özleriniň galan-gaçanlaryndan birazajyk berýän ekenler. Olar
şol galan-gaçandan iýip, uýala-uýala, özleriniň ýerkümesine gaýdýar
ekenler. Soňa baka bular kem-kemden awy has köpräk edip, satypsowup, ýigit bolup ýetişipdirler. Kiçisi-Hebeşi ýigrimi ýaşap, ulusyHorezmin ýigrimi bir ýaşapdyr. Horezmin has hem pälwan bolupdyr.
Olar bir gün bir baýyň toýuna baryp, göreşýänlere seredip oturan
ekenler. Bular özleriniň ara çykyp göreşýän pälwanlary ýykjaklaryna
açyk gözleri ýetýär, emma üst-başlary bolmansoň, orta çykmaga uýalyp
oturýarlar. Şeýdip bular göreşip bilmän, özleriniň garypdyklaryndan
zeýrenişip, ah çekip gaýdar ekenler.
Bir gün bularyň öňlerinden bir keýik, bir hem gulan gaçýar,
ellerindäki ok-ýaýy çenäp atsalar, orta ýoluna düşüp, ýetmän galýar.
Onsoň bular bir ýerde bir demirçi ussanyň bardygyny eşidip, ellerine
iki sany sülgün alyp, ussaňka baryp, sülgünleri onuň öňüne taşlap:
– Eý ussa aga, bize gulan, keýik atar ýaly ok ýasap ber – diýipdirler.
Ussa hem olara ýedi sany ujy çiş oňat ok ýasap beripdir. Bular
ussa bilen bolup, gerek oklaryny her wagt baryp, ýasadyp durupdyrlar.
Ussa hem bulara:
– Näme işiňiz bolsa, çekinmäň-de geliberiň – diýip aýdypdyr.
Şeýdip bular uly mergen bolup ýetişýärler. Bular aw awlanlarynda,
guşy uçuryp, beýleki awlary hem gaçyryp atar ekenler.
Günlerde bir gün bu iki dogan özara maslahatlaşýarlar. Horezmin
Hebeşä:
– Indi sen balykçylyk ediber, ikimiz iki ýerden talap edeli – diýýär.
Hebeşi hem:
– Bolýar – diýýär.
Onsoň Hebeşi ussa dostunyň ýanyna baryp, balyk tutulýan çeňňek
ýasadyp, balyk tutup, Horezmin hem aw awlap, bu ikisi iki ýerden
girdeji edip, oňat ýaşamaga başlaýarlar.
Günlerde bir gün Köneürgenjiň patyşasynyň arz soraýan jaýyna
uzynlygy ýarym tanap, kellesi gazan ýaly, agzy tamdyryň agzy ýaly, dişleri
kerki ýaly, göwresi dagyň bölegi ýaly bir aždarha gelip:
147
148
– Men siziň hemmäňizi ýuwdup gitmäge geldim – diýipdir.
Patyşa we onuň nökerleri ondan gorkup, dilleri tutulypdyr. Bular
muny görüp yzanda-çuwan bolşup:
– Mal diýseň, mal bereli, altyn-kümüş diýseň, altyn-kümüş bereli
– diýip, aždarha ýalbaryp başlaýarlar.
Aždarha bularyň bolşuna dözmän:
– Meniň adam etini iýesim gelýär, maňa her günde bir semiz gyz
berseňiz, men gideýin, size zyýan ýetirmäýin – diýen.
Patyşa muňa derrew bir gyz berip ugradýar. Ertesi ýaňky aždarha
ýene gelýär, olar ýene bir gyz berip ugradýarlar. Gyzlaryň ene-atalary
aglaşyp-eňreşip galýarlar. Soň bu aždarha ol gyzlaryň ene-atasynyň
aglaýşyna dözmän:
– Maňa şäheriň içinde gyz bermäň, ene-atasy görmez ýaly, şäheriň
arka ýüzündäki beýik gumuň üstünde bir düýp ýylgyn bardyr, elini
syrtyna daňyp, gün dogmanka eltip, şol ýylgyna daňyp goýuň, ertir gün
dogandan soň, özüm baryp alyp giderin – diýýär.
Şunuň ýaly edip, her gün bir gyzy şol ýere eltip, daňyp goýupdyrlar.
Aždarha hem her gün baryp alyp gidip durýar eken. Şeýlelik bilen, bu
şäheriň bar gyzyny bu aždarha iýip gutarypdyr. Soň bir gün patyşanyň
atlylary ata münüp, çar tarapa aýlanyp, aždarha berer ýaly gyz
tapmandyrlar. Patyşanyň hem dünýä ýüzünde ýekeje bir gyzy bar eken.
Ony ýigrimi bäş ýaşyna çenli hiç kime bermän gelýär eken. Patyşanyň
atly nökerleri gelip:
– Eý tagsyr, biz-ä bu gün gyz tapmadyk, öz gyzyňyzy beräýmeseňiz,
başga alaç ýok – diýýärler.
Patyşa hem:
– Beýle bolsa, alaç ýok, hemmämiz gyrlandan, baryň, meniň
gyzymy hem alyp gidiň – diýip, gyzyny berip goýberipdir.
Ony hem äkidip, ýylgyna daňyp gaýdypdyrlar. Patyşanyň gyzynyň
işi aglamak bolupdyr. Häzir bu gyz ol ýerde ýylgyna daňylgy dursun.
Indi habary Horezmin bile Hebeşiden alyň.
Bular ertir turup, çaý-çöreklerini iýip-içenlerinden soň, Horezmin
Hebeşä:
– Inim, sen bu gün balyga gitjekmi? – diýip sorapdyr.
Hebeşi hem:
– Men balyga gideýin, sen hem guma awa git – diýipdir.
149
Şunluk bilen, Horezmin ýedi sany okuny goltugyna alyp, guma
awa çykypdyr. Şol gelşine ýaňky patyşanyň gyzynyň daňylgy duran
ýylgynynyň üstünden gelipdir. Görse, bir gyz aglap otyrmyş.
Horezmin:
– Ýeri gyz, sen kimiň gyzy, sen bu ýerde näme işleýärsiň? – diýen.
– Men patyşanyň gyzy, meni ýylana goýdular – diýipdir.
Ýaňky gyzyň reňki sap-sary bolan ekeni. Şindiki kesel adama:
“Ýylana goýlan ýaly bolupsyň” diýilmegi hem şondan galypdyr. Munuň
ahwalyna Horezminiň ýüregi awap, öz-özüne: “Şu gyzyň üstünde
ölemde näme, gel, men şuny halas edeýin” diýýär. Bilinden pyçagy
çykaryp, gyzyň gapdalyndan bir çukur gazyp, gün dogýança aždarhanyň
geljek ugruna garap oturypdyr. Gün dogup, ýokary galyberende ýaňky
aždarha süýnüp geliberipdir. Horezmin alty okuny ýanynda goýup, bir
okuny hem ýaýa dolduryp, aždarha garap ýatyberipdir. Horezmin ýüz
ädim ýaly aždarha ýakyna gelinçä gozganman ýatypdyr. Ýylan hem gyzy
görüp, wagty hoş bolup, kellesini ýokary galdyryp çekräpdir. Aždarha
agzyny açyp çekräp duran wagty Horezmin bir okuny edil onuň agzyndan
atypdyr, ok ýylanyň agzyndan geçip, kellesini pytradyp, beýnisini
çogdurdy. Ýylan awusyna guýrugyny ýokary galdyryp, bir eplenipdir.
Şol eplenen ýerine ýene bir ok atan. Bu ok onuň iki ýerinden geçip
gidýär. Onsoň ýylan janynyň awusyna özüni göterip urup, togalanyp,
bir oýa bakan gidiberipdir. Horezmin galan bäş okuny alyp, ýylanyň
yzyndan ýetip, ýeke-ýekeden ýylanyň içinden geçiripdir.
Şunluk bilen, Horezmin bu ýylany öldürip, soň bilinden pyçagyny
alyp, ýylanyň arkasyndan çeki ýaly tasma kesip alýar-da, gelip, gyzyň
el-aýagyny çözüp boşadýar. Tasmany hem gyzyň egnine taşlaýar-da:
“Bar, şu tasmany ataňa eltip ber” diýýär. Gyz hamy alyp, atasynyň ýanyna
gaýdyberýär. Gelse, ata-enesi yzanda-çuwan bolup, goýun soýduryp,
patasyny alyp oturan ekenler. Ähli galanyň adamsy hem şu ýere
ýygnanan. Şol wagt patyşanyň gyzy gelip, elindäki hamy atasynyň öňüne
zyňypdyr. Muňa hemmeler begenişip: “Buşluk-ha-buşluk! Gözüň
aýdyň-da, gözüň aýdyň” diýişiberýärler.
Atasy hem:
– Bu näme boldugy? – diýip soraýar.
150
Gyzy:
– Horezmin mergen aždarhany meniň üçin öldürdi-de: “Bar, şu
ýylanyň tasmasyny ataňa eltip ber-de, ynandyr” diýdi – diýen.
Patyşa:
– Beýle bolsa, şol Horezmini derrew getiriň! – diýip, perman beren.
Emma patyşanyň emeldarlary ony tanamaýan ekeni. Olaryň
hemmesi:
– Biz Horezmini tanamaýarys – diýipdir.
Onda patyşa:
– How, daýhanlar, siz Horezmini tanamaýarsyňyzmy? – diýen.
Garyplar:
– Biz tanaýarys, pylan ýyly uruş bolup, guma gaçyşlykda ýetim
galan iki sany oglandyrlar. Olaryň birine Horezmin, birine hem Hebeşi
diýerler – diýip aýdýarlar.
Patyşa derrew äkeliň diýip buýurýar. Bir atly gidip, Horezmini
patyşanyň ýanyna getirýär.
Patyşa muňa:
– Berekella, inim, aždarhany öldüren senmi? – diýip soraýar.
Ol hem:
– Hawa men – diýýär.
Patyşa:
– Eýse, muňa derrew bir ala gaýyşly at taýýarlaň, halat geýdiriň –
diýip aýdýar. Hazynaçy öňi bilen iki batman ýaly teňňäni Horezminiň
öňünde getirip goýýar. Horezmin hem gabyň agzyndan tutup, depesinden
aýlap-aýlap, ras daş köçäniň ýüzüne ýapýar. Eliniň güýjüniň zarbyna
gap ýarylyp, ýarym tanap ýaly ýere pytrap gidýär. Muňa patyşanyň gahary
gelip:
– Be, bu nätdigiň boldy? – diýen.
Horezmin:
– Bu zäher, merez boldugy, sen patyşa bolýan bolsaň, halkyň ataenesi bolýan bolsaň, şol gyrgynçylykda biziň atamyzam ölüpdir,
enemizem. Birimiz dört ýaşynda, birimiz üç ýaşynda ýetim galypdyrys.
Şol gumdan bäriligine gaýdanymyzda, elimizden çekip, ýör, oglum,
diýen bolmady. Özümiz agladyk, özümiz goýduk. Ýykylyp sürşüp,
göçüň yzy bilen bizem geliberdik. Gelsek, sizden we başga baýlardan
151
bize haýyr bolmady, habarymyzy hem alan bolmady. Garyplar bize rehim
edip, ölmez ödi berip durdular. Patyşa bolan adam ýurduň ene-atasy
bolmaly, garybyň halyny soramaly. Emma siz biziň hal-ahwalymyzy
soramadyňyz. Biz köp wagtlap entäp, horlanyp gezdik, senden bize
ýekeje-de haýyr bolmady. Ahyry bir garyp adam biziň bolup ýörşümize
dözmän: “Wah, ogullarym, size berer ýaly mende-de zat ýok” diýip,
biziň elimizden tutup, bir igdelik tokaýa eltdi. Onuň bir ýanynda-da
bir köl bar ekeni, onuň hem balygy köp ekeni. Ol garyp igdeleriň
aşagynda bize bir küme gazyp, içine saman, köne letdelerden düşäp
berip: “Ogullarym, şu igdelerden iýiberiň” diýip, elimizden tutup,
balykçylaryň goşuna eltdi. Balykçylara hem: “Şularyň ene-atalary ýok.
Sen hem eliňizden gelse, şulara kömek edeweriň” diýip tabşyryp gaýtdy.
Soň hem her gün tapan-tupanyndan bir döwüm nan getirip berip, bize
şunça garaşyk etdi. Biz oba oglanlarynyň ok-ýaý atanyny görüp, agaçdan
ok-ýaý ýasap, şonuň bilen ýatan towşany hem-de tokaýyň sülgünini
awlap başlapdyk. Olam bize delalat boldy. Onsoň men mergen boldum.
Biz enemiz-atamyz öleni üçin, öz atlarymyzy hem bilmedik. Biz ilki
bir-birimize “Häý” diýip gepleşýärdik. Soň iki dogan ikimiz maslahat
edip, men kiçi doganyma Hebeşi diýip at goýdum, özüme hem
Horezmin diýip at goýdum. Biz mergen bolanymyz üçin, awa giden
wagtymyzda öňümizden keýik hem çykdy, gulan-da çykdy, emma biziň
ýasan ok-ýaýymyz olara kär etmedi. Onsoň bir ýerde bir demirçi ussa
bardygyny eşidip, şol ussanyň ýanyna iki sany sülgüni haky üçin diýip,
alyp baryp, oňat demir ok ýasap ber diýdim. Ol hem maňa haçan barsam
bäş-alty ok ýasap berdi. Bizem şondan soň, keýik diýip, gulan diýip,
öňümizden çykan awy atyberdik. Şeýdip-şeýdip, birimiz ýigrimi bir,
birimiz hem ýigrimi ýaşa ýetdik. Özümiz hem mergen bolduk, balykçy
bolduk. Ikimiz iki ýerden aw awlap, balyk tutup, üst-başymyz täzeledik.
Indi güýjümize hem girip, pälwanam bolduk. Sen indi teňňäni başyňa
ýap, seniň hiç bir zadyň bize gerek däl. Biz öz günümizi özümiz görer
ýaly bolduk, seniň baýlygyňa mätäç däl. Men şu gün aždarhanyň erkegini
öldürip, seniň gyzyňy azat etdim. Indi aždarhanyň urkaçysy galdy, oňa
her gün ýüz gyz berseňiz hem kanagat etmän, baryňyzy gyryp gider.
Sen entek näme gördüň, seniň görjek günüň entek öňündedir. Biziň
seniňki ýaly ala bagly çarbagymyz galmaýar. Biz-ä nire bolsa gidiberýäs,
152
aždarhanyň bolsa, biziň üstümize iberiber, biziň ondan gorkymyz ýok
– diýip aýdan.
Bu sözleri eşiden patyşanyň ýüregine howp düşdi. Indi patyşa ähli
emeldarlary bilen Horezmine ýalbaryp: “Jan Horezmin, ol aždarhanyň
çäresini özüň göreweri!” diýip, Horezminiň boýnundan gujaklap, bir
gije-gündizläp aglaşdylar. “Saňa näme diýseň bereli, sen bir gaýrat et”
diýenler. Horezmin olara:
– Başga zatlaryňyzy başyňyza uruň, ýöne maňa elli gulaç urgan
tapyp beriň, ýene gowy bir almaz gylyç, her haýsymyza-da bir tamdyr
çörek, ýene her haýsymyza bir mytara tapyp ber, onsoň biziň bilen işiňiz
bolmasyn – diýýär.
Patyşa bolsa bu zatlary derrew tapdyryp berýär. Horezmin hem bu
zatlary alyp, dogany bilen ikisi tirkeşip, şol gyzyň daňylan ýerine baryp,
häki aždarhanyň yzyny yzarlap, üç gije-gündiz diýlende ýylanyň hininiň
agzyndan barypdyrlar. Görse, dik aşak gazylan bir guýy ýaly çukur eken.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen Halk ertekileri - 09
  • Parts
  • Türkmen Halk ertekileri - 01
    Total number of words is 3595
    Total number of unique words is 1978
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 02
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1709
    35.6 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 03
    Total number of words is 3996
    Total number of unique words is 1658
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.1 of words are in the 5000 most common words
    58.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 04
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1623
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 05
    Total number of words is 3851
    Total number of unique words is 1743
    35.2 of words are in the 2000 most common words
    49.2 of words are in the 5000 most common words
    57.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 06
    Total number of words is 3896
    Total number of unique words is 1659
    37.4 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 07
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 1649
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    58.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 08
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 1822
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    49.8 of words are in the 5000 most common words
    57.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 09
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 1662
    37.5 of words are in the 2000 most common words
    51.7 of words are in the 5000 most common words
    59.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 10
    Total number of words is 3939
    Total number of unique words is 1794
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 11
    Total number of words is 4010
    Total number of unique words is 1767
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    51.8 of words are in the 5000 most common words
    60.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 12
    Total number of words is 3880
    Total number of unique words is 1774
    35.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 13
    Total number of words is 3877
    Total number of unique words is 1595
    34.9 of words are in the 2000 most common words
    50.0 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 14
    Total number of words is 4019
    Total number of unique words is 1588
    36.8 of words are in the 2000 most common words
    51.6 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 15
    Total number of words is 3926
    Total number of unique words is 1762
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.6 of words are in the 5000 most common words
    55.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 16
    Total number of words is 3984
    Total number of unique words is 1650
    36.6 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    60.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 17
    Total number of words is 4050
    Total number of unique words is 1299
    42.3 of words are in the 2000 most common words
    55.0 of words are in the 5000 most common words
    62.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 18
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1645
    38.3 of words are in the 2000 most common words
    52.3 of words are in the 5000 most common words
    59.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 19
    Total number of words is 3933
    Total number of unique words is 1646
    35.8 of words are in the 2000 most common words
    50.7 of words are in the 5000 most common words
    58.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 20
    Total number of words is 3972
    Total number of unique words is 1911
    38.1 of words are in the 2000 most common words
    52.6 of words are in the 5000 most common words
    60.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 21
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1880
    33.6 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 22
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1795
    35.1 of words are in the 2000 most common words
    51.2 of words are in the 5000 most common words
    59.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 23
    Total number of words is 3824
    Total number of unique words is 1620
    36.5 of words are in the 2000 most common words
    50.1 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 24
    Total number of words is 3722
    Total number of unique words is 1738
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 25
    Total number of words is 3966
    Total number of unique words is 1582
    40.2 of words are in the 2000 most common words
    54.6 of words are in the 5000 most common words
    61.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 26
    Total number of words is 4074
    Total number of unique words is 1625
    37.0 of words are in the 2000 most common words
    51.3 of words are in the 5000 most common words
    57.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen Halk ertekileri - 27
    Total number of words is 1376
    Total number of unique words is 762
    45.5 of words are in the 2000 most common words
    61.5 of words are in the 5000 most common words
    67.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.