Latin

Leýli–Mejnun - 10

Total number of words is 3449
Total number of unique words is 2216
20.4 of words are in the 2000 most common words
34.2 of words are in the 5000 most common words
41.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Now –– täze, ter. Güli-now şeküfte –– täze açylan gül, ter gül. Now nahal –– 1.
Täze agaç, ýaşajyk agaç, täze ekilen agaç, täze ýetişen daragt. 2. Perzent, çaga.
Now gül –– täze gül, ter gül.
Nowazyş (newazyş) — 1. Eziz görme, söýme, söýgi, mähir bilen bakma, süýji
sözli bolma, mylaýymlyk, sypaýylyk etme,
gadyrdanlyk, güler ýüzlülik,
hoşamaýlyk, hoşniýetli bolma. 2. Sypalama, ezizleme, başyny-gözüni öpme.
Nowg –– 1. Hil, kysym, görnüş, tär. 2. Dürli görnüşli, dürli hilli.
Nowha — ahy-nala, agy, eňreme.
Nowhyz — 1. Ýaňy açylan gül, ter gül. 2. Ýaş, ýaşajyk, näzik, nepis, eýjejik,
enaýy. 3. Ýaňy gögeren, täze çykan, ýaşajyk, ter.
Nowreste (newreste) — 1. Ýaňy dörän, ýaňy emele gelen, ýaňy hasyl bolan,
ýaşajyk, täze ýetişen. 2. Ýaş, ýetginjek, juwan.
Nuh — pygamberleriň biri. Ol agaç ussaçylyk (neçjarlyk) käri bilen
meşgullanyp, elli ýaşynda özüni pygamber diýip yglan edýär, emma halk onuň bu
sözüne ynanmandan soň, ol Hudaýyň emrine görä, uly gämi ýasap, Kengan atly bir
oglundan başga ähli maşgalasyny we yzyna eýerenleri hem-de ähli haýwanlardan
bir jübütini alyp, öz ýasan gämisine salýar. Nuh pygamber gämä münenden soň,
Allanyň emri bilen kyrk gije-gündiz ýagyş ýagýar, bütin ýer ýüzüni suw alýar.
Adamlaryň we haýwanlaryň hemmesi suwa gark bolup, heläk bolýarlar. Soňra
Nuhuň gämisi Ararat (Juhud) dagyna barýar we içindäki adamlar, haýwanlar ýere
çykýarlar. Nuh örän uzak ömür sürýär. Oňa ikinji Adam diýlipdir.
Nukra — kümüş.
Nukta –– 1. Nokat. 2. Owunjak hallar.
Nun — 1. Arap elipbiýsiniň 25-nji harpy. 2. Ebjet hasabynda 50-ni aňladýar. 3.
Bükük.
Nur –– ýagtylyk, yşyk, şöhle, ýalkym. Nury-çeşm –– 1. Göz nury, göreç,
bäbenek. 2. Perzent, çaga.
Nusrat — 1. Ýeňiş, üstünlik. 2. Ýardam, kömek, goldaw, medet.
Nükte –– ýiti, manyly, çeper. Nükte söz –– ýiti, çuň manyly söz, çeper söz.
Nüktedan –– 1. Gepe çeper, dilewar, suhanwer. 2. Ýiti sözli, düşbi, sözleriň
inçeliklerine düşünýän, her bir zadyň abyny-tabyny bilýän, inçeden saýgarýan,
paýhasly, parasatly.
O
Owrat — 1. Adamyň uýat ýerleri. 2. Aýal, zenan. 3. Utançly, uýatly, aýp,
masgaraçylyk. 4. Galanyň ýa berkitmäniň gowşak ýeri.
Owzag — wazg sözüniň köplük sany. Ýagdaýlar, hallar, ahwallar.
Ö
122
Öwlat — welet sözüniň köplük sany. 1. Ogullar, perzentler. 2. Çaga, perzent,
nesil, nesil-nebere.
Öýe –– höwürtge, ketek.
P
Pa (paý) –– aýak. Paýy beste –– aýagy daňylgy, aýagy baglanan, duşakly,
bagly, bent edilen. Paýy-bent –– 1. Seret: Paýy beste. 2. Zynjyr, gandal, künde,
bent, ýüp, bag. Zynjyry-pa –– Seret: Paýy bent. 2.
Ser-u pa — baş we aýak.
Pany — 1. Hemişelik däl, wagytlaýyn, dowamsyz, durnuksyz, wepasyz, ýok
bolup gidýän, ötýän. 2. Şu dünýä.
Parsa — 1. Terkidünýä, zahyt, dünýä bilen hoşy ýok. 2. Sopy, diňe ybadat
bilen meşgul bolýan adam. Parsagine –– eýjejik terkidünýä, eýjejik sopy, näzijek
ybadatçy.
Pasyban (pasban) — 1. Sakçy, goragçy, garawul, gözegçi. 2. Ýasawul, nöker.
Paýymal –– depelenen, aýak astyna alnan, ezilen, basgylanan, aýak astyna
düşen.
Paýz (feýz) — 1. Bol, köp, artyk, zyýat (gözýaş, suw hakynda). 2. Mähirlilik,
merhemet, rehimlilik, abadanlyk. 3. Peýda, nep, bereket, nygmat. Paýzy-säher ––
säheriň bereketi, daňdanyň bereketi, nygmaty.
Peder — kaka, ata, däde.
Pežmurda — 1. Solan, sülleren, saralan. 2. Hor-homsy, horlanan.
Pelek — 1. Asman, gök. 2. Ýedi ýa-da dokuz gat hasaplanýan asmanyň her bir
gaty. 3. Bagt, ykbal, täleý, ýazgyt.
Pena (penah) — gaçalga, bukalga, gaçybatalga, daýanç, gorag, arkadaýanç.
Puşty-pena — arkadaýanç, daýanç, penakär
Peramuş — unutma, ýatdan çykarma.
Perawan — köp, zyýat, kän, artyk.
Perde puş –– 1. Örtgi, nikap, çadra, baş örtüsi. 2. Syrly, syr saklaýn.
Perhat — Gündogarda giň ýaýran «Şirin—Perhat»
ýordumynyň baş
gahrymany. Rowaýatlara görä, ol daş ussasy bolup, Hysrow Perwiziň döwründe
Şirin diýen gyza aşyk bolup, onuň tabşyrygy boýunça daglary gazyp, ýol arçapdyr.
Peri — 1. Asly otdan hasaplanýan owadan hyýaly gyz, hüýr. 2. Ajaýyp, gözel,
owadan, gelşikli, syratly.
Periweş — peri sypat, peri ýaly, owadan, gözel.
Perrende (perende) — guşlar, ganatlylar.
Perwa (perwaý) — 1. Gorky, howp, wehim, çekinme. 2. Güýç-kuwwat, tap,
gaýrat. 3. Isleg, meýil, höwes, üns. 4. Pikir, oý, endişe, alada.
Perwana — kebelek.
Perwaz — uçuş, uçma, ganat kakma, howa göterilme, uçmaklyk.
Perwerde — terbiýelenen, ekdi edilen.
Perwerdigär — 1. Terbiýe beriji, terbiýeleýji, ekleýji, idediji, ryzk beriji,
terbiýeçi. 2. Alla, Hudaý, Taňry, Ýaradan. Perwerdigäri-hijdeh hezar älem –– on
sekiz müň älemiň Perwerdigäri, Terbiýe berijisi.
Perweriş –– 1. Idedilen, ösdürilip kemala getirilen. 2. Terbiýeleme, aladasyny
etme, ekläp-saklama, gözegçilik etme, idetme, ýetişdirme, ösdürme, ulaltma.
123
Perýat — gykylyk, galmagal, çirkin ses, dat-bidat. Perýat künan ––
gygylyklap, çirkin ses bilen dat-bidat edýän.
Peser –– ogul, perzent.
Peşe — çybyn.
Peýker — 1. Surat, keşp, sypat, obraz, daşky görnüş. 2. Endam, ten, beden. 3.
Heýkel, keşp.
Peýwent — 1. Bag, ýüp. 2. Birleşdirme, sapma, sapylma, çatma. 2. Birigen,
birleşen, bagly, baglanyşykly, sapylan, daňylgy.
Pälwan surat –– daýaw, haýbatly, syratly, kuwwatly.
Piç –– towlam, towlanan, burulan, örülen, bulanan. Piç-u tap –– 1. Kyn ýagdaý,
çykgynsyz ýagdaý. 2. Burulma, towlanma.
Pir –– 1. Garry, ak saç, ýaşuly adam. 2. Pir, sopularyň baştutany, ruhy
ýolbaşçysy. Piri-zal –– garry adam, goja, ak saç garry, kempir, ak sakgal garry.
Pirahen — köýnek.
Pişana –– maňlaý, alyn, öň. Pişanasy kattyg –– maňlaýy gaty, betbagt,
bagtygara, ters täleý.
Pişwaz — garşylama, öňden çykma.
Pitne engiz — pitneçi, öjükdiriji, meçew bepiji.
gozgalaňa salyjy,
tolgundyryjy, arabozar, şugul, gizlin jansyz, haýyn, duşmançylygy tutaşdyryjy.
Posa –– opme, opüş, ogşama.
Post –– 1. Ham, deri. 2. Gabyk.
Puşt — 1. Arka, ýagyrny. 2. Nesil, urug, asyl, gelip çykyş. 3. Goraýjy, sakçy,
uly mertebeli adamyň ýany bilen gidýän goragçy nökerler, howandar, arkadaýanç,
söýget, goldaw. 4. Bir zadyň daş ýüzi. Puşty-pena — 1. Arkadaýanç, ýaran,
goraýjy, goldaw beriji, penakär, gorap saklama. 2. Gaçybatalga, bukalga.
Puýe urmak –– 1. Ýöremek, yortmak, ýorgalamak. 2. Ylgamak, ýüwürmek.
Pür — doly. Pür hun –– gandan doly. Pür hunter –– gandan dos-doly, püre-pür.
Pygan — dady-perýat, nala, agy, eňreme, ahy-nala, iňňildi.
Pygl ––1. Iş, etmiş. 2. Niýet, päl.
Pyrag –– parahatlyk, asudalyk, rahatlyk.
Pyrak –– aýralyk, jydalyk, aýra düşme. Pyrak şiddeti –– aýralyk derdi,
aýralygyň azaby, jydalyk ody.
Pyrkat –– aýralyk, aýra düşmeklik. Pyrkat şamy –– aýralyk agşamy, jydalyk
gijesi. Tiri-pyrkat –– aýralyk oky, jydalyk peýkamy.
Pyýal –– pyýala, käse, bulgur.
R
Rafyk — ýoldaş, hemra, dost, ýaran, gürrüňdeş.
Ragna — 1. Owadan, näzik, gelşikli, zyba, syratly, söýgüli. 2. Gul ady. 3. Diňe
özüni bezeýän we özgelere gowy, owadan görünjek bolýan ýeňilkelle aýal. Güliragna – owadan gül, zyba gül; owadan magşuk, söýgüli. Ragnaýy-zyba –– owadan
we görmekli, zyba we nepis, gözel we syratly.
Rah –– 1. Ýol, ýoda, sokmak 1. Ugur, ýörelge. Rahy-wysal –– duşuşyk ýoly,
birleşme ýoly. Rahy-çeşm –– göz ýoly,
124
Rahberlik –– 1. Ýol beletlik, ýol görkezmeklik. 2. Ýolbaşçylyk, baştutanlyk,
serdarlyk, serkerdelik.
Rahgüzer –– ýolagçy, ýoldan geçip barýan.
Rahnemun –– ýol görkeziji, ýol görkezýän, ýolbelet.
Raht — 1. Eşik, lybas, köýnek, geýim-gejim, egin-eşik. 2. Öý goşlary. 3. Ýol
azygy, ýola gerek zatlar. Rahty-sapar –– sapar azygy, ýol azygy.
Rahyla –– 1. Göçmek, göç etmek. 2. Gitmek, hereket etmek, ugramak. 3.
Ölmek, dünýäden göç etmek. 4. Azyk, ýol azygy, ýol goşy, ýola gerek zatlar.
Rahylaýy-rah –– ýol azygy, ýola gerek zatlar.
Rakkas –– tansçy, oýunçy, tans edýän.
Raks –– tans, oýun.
Rakyp –– 1. Gözegçi, goragçy. 2. Bäsdeş, garşydaş, bir gyza (zada) aşyk
bolýan iki sany bäsdeş. 3. Duşman, ýagy, ýow, garşydaş.
Ram — boýun bolma, tabyn bolma, ekdi bolma.
Rawy— gürrüňçi, rowaýatçy, rowaýat aýdyjy, rowaýat edýän, hekaýatçy,
gürrüň beriji.
Raý — 1. Isleg, meýil, göwneme. 2. Pikir, garaýyş, ses berme, nazar. 3. Karar,
höküm. 4. Ýol, ýoda. 5. Hindi häkimleriniň lakamy. Raýy-şerip — 1. Hormatlynyň
islegi, häkimiň hökümi, gudratlynyň meýli. 2. Beýik pikir, hormatly-sarpaly
garaýyş, parasatly düşünje, paýhasly nazar.
Raz — syr, gizlin pikir, gizlin gürrüň. Razy-dil –– ýürek syry, köňül syry.
Razdan —syr beriji, syr berilýän, syr ynanylýan, syryňy bilýän, syr
aýdyşylýan, syr saklaýan, syrdaş.
Razgäh — syr aýdylýan ýer, gizlin gürrüň edilýän ýer, ikiçäk gepleşilýän ýer.
Reftar —ýöriş, ýöreme, hereket etme. Reftary-älem –– älemiň nereketi,
dünýäniň gylyk-häsiýeti, boluşy.
Reg urmak –– damarlaryny tarsyldatmak, joşmak, möwjemek.
Reha –– 1. Azat, erkin, boş. 2. Azat bolma, halas bolma, boşama.
Rehim –– 1. Rehimli, rehimdar. 2. Rehimlilik, rehimdarlyk. Sylaýy-rehim ––
ýakynlaryňa rehimdarlyk etmek, dogan-garyndaşlardan gatnaşygy kesmezlik we
rehim etmeklik. Rehim dil — ýüregi ýuka, rehimli, rehimdar, dözümsiz.
Rehne — 1. Köwek, çukur, guýy, deşik, jaýryk. 2. Döwük, omrulan, zeper
ýeten. 3. Äpişge, aýna.
Rem –– 1. gorkma, ürkme, gaçma, tazykma. 2. Ýigrenme, halamazlyk.
Remide — gorkan, ürken, gaçan, tazygan. Remide tabg –– gorkuly, gorkak,
gorkak häsiýetli.
Renjur –– 1. Ynjyly, nähoş, hassa, keselli, syrkaw, sökel. 2. Ejiz, ysgynsyz,
güýçsüz, biçäre.
Reňňi-lagl –– lagl reňk, gyzyl reňk, gyrmyzy reňk.
Repbil-älemin –– 1. Älemleriň Eýesi. 2. Alla, Taňry, Hudaý.
Reýgan — puç, boş, biderek, ýerliksiz, peýdasyz, netijesiz.
Reýhan — 1. Ysly otlaryň umumy ady. 2. Gül ady (bazilik).
Rihlet — 1. Ölüm, ölme, ýok bolma, dünýäden göç etme. 2. Ugrama, ýollanma,
gitme, göçme, göç etme. 3. Syýahat, gezelenç.
Risman –– ýüp, tanap, bag, sapak, tar, eriş, ýüplük.
125
Riş — 1. Ýara, baş, düwürtik. 2. Sakgal.
Rowa — 1. Rugsat berlen, ýol berlen, rugsatly, ýol bererli, mümkin. 2.
Ýaramly, gelşikli.
Rowaýat –– hekaýat, kyssa, gürrüň.
Rowza — 1. Bag-bossan, gülzar, otluk ýer, çemenlik, gülzarlyk. 2. Behişt,
jennet. 3. Mazar, gabyr, gubyr (pygamberlere, pirlere, keramatly adamlara degişli
mazarlar). 4. Ymamlaryň pajygaly ölümi hakyndaky gürrüň.
Rowzagäh — 1. Kimdir biriniň (pygamberler, pirler, keramatlylar) mazarynyň
ýerleşen ýeri, biriniň jaýlanan ýeri. 2. Bagyň ýerleşen ýeri, çemenzarlygyň tutýan
meýdany.
Roý –– ýüz, ýaňak. Roýy-hoş –– 1. Güler ýüzli, açyk ýüzli, mylaýym, mährem,
mähirli. 2. Owadan ýüzli, görmegeý, owadan, zyba.
Roz (ruz) — gün, gündiz. Roz-u şeb — gije-gündiz. Rozy-jeza (ruzy-jeza) —
kyýamat güni, sorag-jogap güni, etmişiňe görä jeza ýa-da sogap berilýän hasap
güni.
Rozygär (ruzygär) — 1. Ýaşaýyş, durmuş. 2. Zaman, döwür. 3. Şemal, ýel.
Röwşen — ýagty,yagtylyk, nur, yşyk.
Röwüş — 1. Boluş, häsiýet, özüňi alyp baryş, aýak basyş. 2. Usul, tär, düzgün,
kada, ýol, ýörelge.
Ruh — jan, esas. Ruh efza — ruhlandyryjy, janlandyryjy, ruh göteriji,
şatlandyryjy. Ruhy-rowan –– 1. Jan we ruh. 2. Perzent, ogul, çaga. 3. Söýgüli,
magşuk, aşyk.
Ruhana –– ruhy, ruha degişli, ruhy ýolbaşçy, dini hadym.
Ruhsar (ruhsara) — ýüz, ýaňak, keşp, ýüz-keşp, çekge.
Rusyýa (roýy-syýah) — uýatly, ýüzügara, biabraý, ryswa, masgara, utançly.
Ryswa (ruswa) –– masgara, şermende, garalanan, ýüzigara, utanja galan,
biabraý, betnam.
Ryswalyk –– masgaralyk, biabraýlyk, ýüzigaralyk.
Ryýazat — 1. Terkidünýälik, dünýäni unudyp, ybadat etmek, asketizm, berhiz.
2. Kynçylyk, muşakgat.
Ryzk — gündelik iýmit, azyk, rysgal. Ryzky-rozy –– gündelik iýmiti, rysgaly.
Ryzwan — 1. Uçmahyň gapysynda duran perişde, jennetiň sakçysynyň ady. 2.
Uçmah, behişt.
S
Saba — 1. Säher, daň, daňdan, ir ertir, ir bilen. 2. Mylaýym, ýuwaş ösýän
ýel, säher şemaly, ýakymly şemal.
Sabry-seň –– sabyr daşy, kanagat daşy, takat daşy.
Sagadat –– 1. Bagt, bagtlylyk, bagtyýarlyk, şowlulyk, rowaçlylyk. 2. Şatlyk,
keýpi –– sapalyk.
Sahyp –– 1. Eýe, hojaýyn. 2. Patyşa, hökümdar. 3. Ýokary wezipedäki şahs.
Sahyp hal –– hal eýesi, hala düşýän adam, keramatly pir, sopy, halatly kişi. Sahyp
adalat –– adalatly, adyl. Sahyp hünär –– hünär eýesi, hünärli, ussat, ökde, zehinli.
Sakf –– 1.Potolok, jaýyň üsti, üçek, petik, gümmez. 2. Iň ýokary belentlik
126
Saky –– 1. Meýlisde käselere şerap guýup paýlaýan adam, şerap beriji, käse
aýlandyryjy. 2. Suw paýlaýan, suw berýän. Sakyýy-yşky-ezel –– ezeli yşkyň
sakysy, ezeli yşkyň şerap paýlaýjysy, Allatagala, Taňry, Hudaý.
Salar –– serkerde, serdar, baştutan, başlyk, ýaşuly, aksakgal, öňbaşçy,
ýolbaşçy. Salary-jahan –– jahanyň serkerdesi, älemiň serdary, dünýäniň
hökümdary.
Saman — 1. Kömek, ýardam. 2. Öý-öwzar. 3. Hasyl. 4. Tertip-düzgün, 5.
Güýç, kuwwat, gudrat. 6. Baýlyk, döwlet, emläk.
Sapar –– 1. Syýahat etme, gaýry ýurda gitme, ýola düşme. 2. Ölme,
dünýäden ötme. Zady-sapar –– ýola gerek zatlar, ýol azygy, ýol harajatlary.
Sary –– tarap, ýan, ugur.
Saýawar –– saýa ýaly, kölegä meňzeş.
Saýt –– aw, awlanýan aw, şikar.
Saýyl — gedaý, dilegçi, ykmanda, sergezdan.
Saýýat –– awçy, mergen.
Sebat –– berklik, mäkämlik, gaýymlyk, pugtalyk. Sebaty-älem –– älemiň
durnuklylygy, mäkämligi, gaýymlygy.
Sebbe –– 1. Sögme, käýeme. 2. Näletleme, gargama, gargyş aýtma. 3. Nälaýyk
zar aýtma, nämynasyp zat aýtma, kiçeltme, kemsitme. Sebbe-sutuh –– nälaýyk
sögünç, gama batyryjy käýinç, ýürege düşgünç gargyş, nämynasyp sözler.
Seberg –– gül ady.
Sebze –– gök maýsa, gyrymsyja otjagazlar, gök ot, ösümlik.
Seda –– ses, owaz, üýn.
Sejde –– 1. Çokunma, baş egme, maňlaýyňy ýere goýup, doga-dileg etme. 2.
Namaz okalanda namazlyga maňlaýyň goýulýan ýer. Sejdeýi-maksut –– maksat
sejdesi, dileg sejdesi. Baş maksat üçin edilýän sejde.
Sekender (Isgender) — Aleksandr Makedonly (b. e. öň 356 — 323 ý.)
Makedoniýa patyşasy Filip ikinjiniň ogludyr. Ol Eýran, Hindistan, Arabystan ýaly
ençeme ýurtlary basyp alypdyr. Gündogar halklarynyň köpüsiniň folklorynda we
edebiýatynda onuň şahsyýeti bilen baglanyşykly birtopar rowaýatlar we çeper
eserler döredilipdir. Rowaýata görä, Isgenderiň iki gulpagy ýa-da iki şahy
bolupdyr. Şol sebäpli oňa Zülkarneýn lakamy berlipdir. Birnäçe rowaýatda we
Nowaýynyň «Seddi Iskenderi» («Isgenderiň diwary») diýen eserinde Isgenderiň iki
bolandygy tassyklanylýar. Rowaýatlarda aýdylşyna görä, beýleki Isgender göýä iki
asyr ýaşapmyş. Şonuň üçin hem oňa Isgender Zulkarneýn diýlenmiş.
Sema –– asman, gök, pelek. Semaýy-nyşana –– nyşana asmany, göni nyşana,
onluga.
Semen –– gyzlymtyl ak reňkli, hoşboý ysly gül bolup, oňa seberg hem diýilýär.
Semender — hyýaly bir haýwanyň ady. Göýä ol hemişe otda ýaşaýarmyş.
Otdan çykanda ölýärmiş. Göýä, olaryň derisinden telpek we başatgyç tikinipmişler.
Kirlän mahaly bolsa, olar oda taşlananda, göýä, kiri ýanyp, arassa bolýanmyşyn.
Käbir maglumata görä, semender öz-özüni otlaýan hyýaly bir guş hasap edilýär.
Ýunança bu at salamandra görnüşinde bolup, oda wekillik edýän perişde manysyny
aňladypdyr.
Semensa –– semen ysly, hoşboý ysly, müşk ysly.
127
Sement — at, dor at.
Semer –– 1. Miwe, hasyl, gök önüm, iýmit. 2. Peýda, netije. 3. Sylag 4.
Baýlygyň dürli görnüşi: altyn, kümüş. 5. Nesil, nebere.
Sena — 1. Öwgi, taryp, wasp etme, magtama, taryplama. 2. Doga, alkyş, şükür
etme.
Senem — 1. But, butparazlaryň ýasama hudaýy, çokunylýan hyýaly bir zat,
doňdurylan daş. 2. Söýgüli, söýülýän.
Seň –– daş. Syýa seň –– gara daş. Seňňi-hara — gara daş, harsaň daş, gaty
daş, berk daş, granit. Seňňi-felahan –– sapan daşy, sapana salynyp atylýan daş.
Gadym döwürde ýarag hökmünde sapana ýörite daş salyp atypdyrlar.
Seňňin –– 1. Daşdan, daşdan edilen, daş ýaly, gaty, berk. 2. Agyr.
Ser –– 1. Baş, kelle. 2. Serkerde, serdar, öňbaşçy, ýolbaşçy. 3. Pikir, oý, endişe.
Seri-nafe –– 1. Müşk haltasynyň başy, agzy. 2. Gunçanyň agzy, gunçanyň başy.
Ser tä pa –– başdan-aýak, boýdan-başa, tutuş, durşuna, bütinleý. Ser tä ser ––
Seret: Ser tä pa. Sera-pa (ser-u pa) –– Seret: Ser tä pa
Serasyma –– haýran, aljyraňňy özüni ýitirmeklik, başy aýlanmaklyk.
Sereşk –– ýaş, gözýaş.
Sereşt –– tebigat, ýaradylyş, hüý-häsiýet, boluş, özen, esas.
Sergerdan — perişan, başy aýlanan, aňk bolan, aňkow.
Sergeşte — sergezdan, ykmanda, azaşan, başy çaşan, ugruny ýitiren.
Serir –– tagt. Seriri-gam — gam-gussa tagty.
Serniwişt –– täleý, ykbal, ýazgyt, maňlaý, takdyr.
Sersam –– 1. Kelle agyry, baş agyry. 2. Däli, tentek, diwana. 3. Samrama,
ýaňrama.
Sersan –– Seret: Sersam.
Serşar –– 1. Doly, püre-pür, dos-doly, gyrma. 2. Serhoş, humarly.
Serw (serwi) –– 1. Göni ösýän, uzyn boýly owadan agaç. 2. Uzyn boýly gözel.
Serwi kat –– 1. Serwi boýly, dik boýly, uzyn boýly. 2. Owadan, gözel, gelşikli,
syratly. Serwi-ragnaýy-jahan –– jahanyň owadan serwisi, älemiň näz-kereşmeli,
gözel serwisi.
Serwer — 1. Başlyk, ýolbaşçy, baştutan, serdar, serkerde, aga, eýe, jenap,
görnükli şahsyýet. 2. Muhammet pygamberiň lakamy.
Serzeniş –– garalama, ýazgarma, käýinç, sögünç, ýazgaryş, temmi, çäre.
Serzenişi-halaýyk –– halaýygyň ýazgaryşy, köpçüligiň käýinji, masgaralaýyşy.
Set –– ýüz (san). Be set –– ýüz gezek, ýüz sapar.
Seýr ––seýil etme, gezelenç etme, hereket etme, ýöriş etme. Seýri-çarbag ––
bagda gezelenç etme.
Seýl –– 1. Sil, güýçli ýagyş esasynda emele gelýän suw akymy. 2. Gözýaş.
Seýýara –– aýlanyp ýören, seýil edip ýören, bir ýerde durmaýan ýyldyz,
planeta.
Seza –– 1. Temmi, jeza, çäre, ýazgarma. 2. Sylag, muzd, hak.
Sezawar –– 1. Mynasyp, laýyk. 2. Uçrama, duçar bolma, sezewar bolma.
Sezawary-enduh –– 1. Gam-gussa sataşma, gaýgy-gama ulaşma, gaýgy-gussa
duçar bolma. 2. Gam-gussa laýyk, gaýgy-gama mynasyp.
Säherhyz –– ir turýan, säher oýanýan, säher bilen turýan.
128
Säkin –– 1. Hereketsiz, bir ýerde duran, gymyldysyz duran. 2. Ornaşan, mekan
tutan, ýer tutan, bir ýerde ýerleşen, oturymly bolan. 3. Arap elipbiýinde ýapyk
bognuň ahyryndaky çekimsiz harpyň üstünde goýulýan alamat.
Silaba –– Seret: Silap.
Silap ––1. Sil, güýçli ýagyş esasynda emele gelýän suw akymy. 2. Gözýaş. 3.
Gan, söweş meýdanynda dökülen ganlar.
Simin — 1. Kümüşden, kümüşden ýasalan, kümüşden edilen zat, kümüş
ýaly. 2. Ak. Simin ten — ak bedenli, kümüş beden, ak endam, ak ten.
Sina — Arabystanyň demirgazygynda, Müsür bilen Arabystanyň aralygynda
ýerleşýän bir ýarymadanyň ady. Musa pygamber bilen baglanyşykly gelýän Tur
ýa-da Sina (Sinaý) dagy şol ýerde ýerleşýär.
Sirap — 1. Ganma, suwdan ganma, teşneligiňi gandyrma, suwdan gandyrylma.
2. Öl, çyg, suwarylan.
Soltan –– patyşa, şahynşa, şalar şasy. Soltany-ekber –– beýik soltan, uly han,
şahynşa, şalar şasy.
Sowal künende –– sorag soraýjy, soragçy.
Sowsan –– gül, mawy reňkli, ýakymly ysly gül, liliýa, suw liliýasy, iris (gül).
Subh –– ir ertir, säher, daňdan, irden, saba, säher çagy. Subhy-şam –– ertiragşam, gije-gündiz.
Suhan –– söz, gep, gürrüň.
Suhanwer — dilewar, söze çeper, gepe çeper, aýdyjy, orator, süýji sözli;
ýazyjy, şahyr.
Sung –– 1. Ýaratma, döretme, emele getirme, ýaradyş, dörediş. 2. Amal, iş,
eser, döredijilik, emele getirme, önümçilik.. 3. Ýagşylyk etmek, haýyr-yhsan
etmek.
Surat — 1. Şekil, keşp, sypat, obraz, daşky görnüş. 2. Heýkel, keşp. Pälwan
surat –– daýaw, haýbatly, syratly, kuwwatly. Suraty-bijan –– 1. Jansyz şekil,
heýkel. 2. Doňup galma, haýran bolup durma. Suraty-diwar –– diwara çekilen
surat.
Surur –– şatlyk, begenç, guwanç, şadyýanlyk.
Sus –– 1. Gowşak, ysgynsyz, haýal, ejiz. 2. Ýuwaş, ümsüm. 3. Keýpsiz.
Susmar –– 1. Zool. Hažžyk, kelpeze. 2. Deýýus, myrryh, nejis, pis. Susmarypiçide –– towlam-towlam bolan hažžyk, burum-burum bolan kelpeze.
Sut (sud) — peýda, haýyr, nep, gazanç, girdeji.
Sutuh –– 1. Hassalyk, syrkawlyk, sökellik. 2. Ejizlik, biçärelik, naýynjarlyk. 3.
Gam, gussa, gaýgy, gama batmaklyk, ýüregiň gysmaklyk. Sebbe-sutuh –– nälaýyk
sögünç, ýürege düşgünç gargyş, nämynasyp paýyş sözler.
Suwara –– atly, ulagly, atly goşun.
Suý –– 1. Suw. 2. Tarap, ugur, ýan. Suýy-asman — asmana tarap, göge bakan,
asman tarapa. Suýy-rowzagähi-Leýli –– Leýliniň gabryna tarap, Leýliniň mazary
tarapa. Suýy-baka –– ebedilige tarap, bakylyga tarap, ahyrete bakan.
Suz –– 1. Ýanma, köýme, bişme, örtenme. 2. Ýakyjy, ýandyryjy, köýdüriji.
Suzy-yşk — yşk ody. Suzy-dil –– ýürek ody, yşk ody.
Suzan –– 1. Ýakyjy, ýandyryjy, köýdüriji. 2. Ýanan, köýen; ýanyp duran.
129
Süleýman (Solomon) — Dawudyň ogly, ýehudy pygamberleriniň biri.
Rowaýatlara görä, ol tebigatdaky hemme zatlaryň –– ynsanyň, haýwanlaryň we
mör-möjekleriň, ähli janly-jandaryň patyşasy bolup, olaryň diline hem düşünenmiş.
Ýele-suwa hökümi ýöräpdir. Şeýle hem ol sebet örmek işi bilen-de
meşgullanypdyr diýilýär. Şonuň üçin bolsa gerek, rowaýatlarda, ol musulmanlaryň
arasynda, halyçylygyň piri-de hasap edilýär.Ol b. e. öňki 1001-nji (käbir
maglumatda 1016-njy) ýylda tagta çykýar we b.e. öň 962-nji (976-njy) ýylda
aradan çykypdyr.
Sünbül –– 1. Arpa, bugdaýyň başy. 2. Saç, zülp.
Süňek –– süňk, süýek.
Süreýýa –– Ülker.
Sürme –– göze çalynýan gögümtil-gara reňk, kirpigi garaltmak üçin ulanylýan
gözellik serişdesi.
Sürmese –– sürme ýaly, sürme kysym, sürme kimin.
Sütem –– zulum, jebir, ejir.
Sütem reside –– zulum ýeten, sütem ýeten, jebir gören, ejir çeken.
Sütemkeş –– Seret: Sütem reside.
Syhhat –– saglyk, salamatlyk, sagatlyk, sagdynlyk.
Syhhatlyk –– sagdynlyk, sagat bolmaklyk.
Sylah –– ýarag. Sylahy-hunrizlik –– gan döküji ýarag
Sylmak –– 1. Teperrik etmek, mukaddes hasaplap maňlaýyňa degirmek, togap
etmek, ýüzüňe sylmak. 2. Süpürmek, gözüň ýaşyny süpürmek
Syna –– 1. Gursak, kükrek, döş. 2. Ýürek, kalp, köňül. 3. Tutuş eden. Synaýyçäk (syna çäk) –– gursagy açyk, ýakasy ýyrtyk, gam-gussadan ýakasyny ýyrtan,
gursagyny paralan.
Sypah –– esger, urşujy, nöker, ýasawul.
Sypahlyk –– esgerlik, nökerlik.
Syýa (syýah) –– gara.
Ş
Şabaz (şahbaz) — 1. Laçyn, algyr, bürgüt. 2. Batyr, edermen.
Şafyg — şepagat ediji, günäsiniň ötülmegini dileýji, goraýjy, tarapyny tutujy,
arka durujy; Muhammet pygamberiň lakamy.
Şah –– 1. Patyşa, şa, han. 2. Seret: Şaha.
Şaha –– dal, pudak, çybyk. Şahaýy-daragty-ömür –– ömür daragtynyň şahasy.
Şaky –– 1. Doňýürek, rehimsiz, zalym, betkär, ganhor. 2. Betbagt, bagtygara,
ters täleý, Hudaý uran.
Şal –– irimçik ýüň mata. Eski-şal –– köne mata.
Şam –– 1. Agşam, gije. 2. Agşam nahary. Pyrkat şamy –– aýralyk agşamy,
aýralyk gijesi. Şam-u säher — ertir-agşam, gije-gündiz.
Şamçyrag (şebçyrag) — Gündogar edebiýatynda gelşine görä, gijelerine çyra
ýaly yşyk berýän dür, almaz, göwher, şöhle saçýan gymmatbaha daş; gijelerine
yşyk berýän çyra.
Şana –– darak, baş darak.
Şapakat — mähremlik, mähribanlyk, rehim-şepagat.
Şaýeste –– mynasyp, laýyk, bahasyna degýän zat.
130
Şaýet — belki, ähtimal, mümkin.
Şebnem –– gije çygy, çyg, gyraw.
Şeker bar –– 1. Şeker pürkýän, şeker sepýän. 2. Süýji dilli, şirin sözli.
Şeker feşan –– Seret: Şeker bar.
Şekufe –– 1. Gül, gunça, çiçek. 2. Gözýaş, ýaş.
Şeküfte –– 1. Açylan, güllän. 2. Şadyýan, şat, şatlykly. 3. Gülüp duran, güler
ýüzli.
Şemg –– şem, çyra, yşyk. Şemgi-binur –– yşyksyz şem, nursuz çyra, öçen şem.
Şemgi-çyrag –– şem we çyra, nurly çyra.
Şemme (şemmeýi) –– 1. Biraz, birneme, azajyk, ujypsyz, birnäçe, bölek,
bölejik, bir bölek, käbir zatlar. 2. Ys, ys-kok, ýakymly ys.
Şemşat –– hemişe al-ýaşyl öwsüp duran, örän gaty, beýik we nepis agaç.
Şemşir –– gylyç.
Şerapat — hormat, sarpa, abraý, gadyr, gymmat.
Şerar –– «şerara» sözüniň köplük sany. Otlar, ýalynlar, uçgunlar. Pür şerar ––
köp uçgunly, uçgundan doly, otdan püre-pür.
Şerara –– ot, ýalyn, alaw, uçgun.
Şerm — utanç, uýat-haýa.
Şermende — 1. Utançly, münli, utandyrylan, utanan, utanýan, masgara. 2.
Şerraý, bihaýa, utançsyz.
Şermisar — masgara, utançly, müýnli, ýüzügara, biabraý, masgara.
Şeş –– alty, altylyk san. Şeş hatar –– alty hatar
Şeýda — 1. Telbe, däli, mejnun. 2. Hetden aşa yşka düşen, mejnun bolup
söýen, akylyny aldyran. Bilbili-şeýda — yşka düşen, mejnuna dönen bilbil.
Aşyky-şeýda — akylyny aldyran aşyk, tüýs ýürekden aşyk bolan.
Şähla — mawy göz, goýun göz, göge maýyl garamtyl göz, owadan göz.
Şitdet (şidde) — 1. Berklik, gatylyk, ýowuzlyk, zalymlyk, gazaplylyk,
täsirlilik. 2. Gam, gussa, gaýgy, alada, görgi, azap. Tebi-tap şitdeti –– gyzgynlygyň
gazaply howry.
Şiken — 1. Döwülme, synma. 2. Ýygyrt, gasyn.
Şikest bermek –– ýeňmek, üstün çykmak.
Şikeste –– döwük, synyk, döwülen, synan.
Şikest tapmak –– ýeňilmek, asgyn gelmek, ýeňlişe sezewar bolmak.
Şir –– ýolbars, arslan, şir. Şir terkip –– ýolbars sypat, ýolbars şekilli, arslan
keşpli. Şiri-gazap –– gazaply ýolbars, ýolbars ýaly gazaply, arslan ýaly haýbatly.
Şiri-ner –– erkek ýolbars.
Şis (Şiş) — Keýümers zamanynda ýaşan şahs; çeşmeler ony gadymy
pygamberleriň biri, şeýle-de Adam ata bilen How enäniň üçünji ogly hasaplaýarlar.
Şujagat — edermenlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk, gaýratlylyk.
Şukuh –– 1. Şan, şöwket, dabara. 2. Haýbatlylyk, derejelilik. mahabatlylyk.
Asmany-şukuhy-arap –– araplaryň şan-şöhrat asmany, araplaryň mertebe asmany.
Şuňkar –– laçyn, gyrgylar maşgalasyndan bolan ýyrtyjy guş.
Şuride –– 1. Tolgunýan, howsalalay, perişan, bulam-bujar bolan, harasatly. 2.
Gozgalaňçy, pitneçi, bulagaý. 3. Aşyk, yşka düşen, mejnun bolan. Şuride ahwal ––
131
1. Perişan, haly harap, däli, mejnun, akylyny aldyran. 2. Aşyk, yşka düşen. Şuride
hal –– Seret: Şuride ahwal.
Şüst-u şuw –– ýuwma, arassalama, päklendirme, tämizleme, päkleme.
T
Tabg –– tebigat, häsiýet, boluş, temperament, ukyp, talant
Tabygat –– tabynlar, raýatlar.
Tafahhus –– barlama, derňeme, gözleg geçirme, agtarmaklyk. Tafahhus
kylmak –– agtarmak, barlamak.
Tagatparaz –– tagat-ybadat edýän, hemişe Hudaýa gulluk edýän.
Tagatpezir –– ybadat eden, tagat-ybadaty berjaý eden.
Taglym –– 1. Tälim, okuw, ylym, öwrenme. 2. Öwretme, okatma. Taglym
bermek –– öwretmek, sapak bermek, tälim bermek, okatmak.
Tagna –– käýinç, ýazgarma, igenç, teýene, gyjyt, gyjalat, masgaralama,
kemsitme, ýaňsylama.
Tagzyýet –– ýas, matam, agy.
Tahammul –– çydama, kynçylyga döz gelme, sabyr etme.
Tahammul kylmak — sabyr etmek, takat etmek, çydamak.
Tahryp –– harap, weýran etme, ýykma, bozma, döwme.
Tahsyl –– 1. Ele alma, gazanma, eýeleme, hasyl etme. 2. Okuw, öwrenme.
Taht — ast, aşak, bir zadyň aşagy; düýp, düýbi.
Tak I — 1. Tabarystanda bir gala. 2. Sistanda bir şäher. 3. Arka (ýaý
görnüşinde gurlan jaý), gümmez, eýwan,. Taky-mina –– mawy asman, mawy
gümmez.
Tak II –– gutarma, tükenme, tamam bolma. Takaty tak bolmak –– sabyr-takaty
galmazlyk.
Takat — 1. Güýç-kuwwat, tap. 2. Çydam, sabyr, çydamlylyk, sabyr-takat.
Takatpezir — çydarlyk, döz getirerlik, güýç ýeterlik, sabyr-takat ederlik.
Taksym kylmak –– 1. Bölmek, üleşdirmek, paýlamak. 2. Bölüşmek,
paýlaşmak.
Talattup –– mähremlik, mähribanlyk, merhemetlilik, mylaýymlyk.
Talgat –– 1. Görmek, seretmek, bakmak. 2. Dogmak, peýda bolmak, çykmak
(Gün, Aý). 3. Ýüz, keşp, ýüz-keşp, sypat, daş görnüş. 4. Jemal, görk, gözellik,
owadanlyk. Zamyry-päki-talgat –– kalby ajaýyp görnüşli, ýüregi päk sypatly.
Talh –– 1. Ajy, şor. 2. Gamly, gam-gussaly, gamgyn, tukat. Talhy-käm ––
gaýgyly, gamly, tukat. Talhy-semer –– gussaly netije, netijesi ýaramaz bolan
ýagdaý.
Taňla — 1. Erte, ertir, geljek gün. 2. Kyýamat, ahyrzaman, magşar.
Tap I –– 1. Towlama, burma, işleme, tow berme, örüm, tow, halka. 2.
Gyzgynlyk, yssylyk, howur, ýalyn. 4. Nur, ýagtylyk, ýalkym.
Tap II — kuwwat, güýç, gudrat, ukyp, başarnyk. Tap-takat –– sabyr-kanagat,
çydam, dözüm, güýç-kuwwat.
Tapança –– şarpyk, şapbat.
Tarawet –– 1. Ter, täze, täzeje. 2. Terlik, täzelik.
Taryk — 1. Ýol, ýörelge, ýoda, usul, däp-dessur, röwüş, kada, düzgün. 2.
Mezhep, meslek, ýol.
132
Tarykat (taryka) –– 1. Ýol, ýoda, ýörelge. 2. Usul, düzgün kada. 3. Meslek,
sopuçylykda ruhy kämillik derejesine çenli geçilmeli ýollaryň ikinjisi. Ussadytarykat –– ýol görkeziji ussat, sopulyk düzgünlerini öwrediji, pir.
Tary-muý –– saçyň tary, zülpüň bir gyly.
Tasaddukat –– tasadduk sözüniň köplük sany. Sadakalar, gurban bermeler.
Taýakdarlyk kylmak –– 1. Urmak, ýençmek. 2. Taýaklap kowalamak, urup
kowmak. 3. Goramak, gorap saklamak.
Tazallum –– 1. Perýat etme, zulumdan dady-bidat etme. 2. Şikaýat etme, arz
etme.
Tazarrug –– 1. Boýun bolma, boýun sunma, razy bolma, kaýyl bolma. 2. Nalyş
etme, ýalbarma, ýalynma, aglama, eňreme, nalyş bilen doga-dileg etme.
Tebah –– zaýa, harap bolma.
Tebessüm –– ýylgyrma, ýylgyryş, gülmek, ýylgyrmak.
Teber — palta, aýpalta. Zähmi-teber –– palta urgusynyň ýarasy, palta
zarbasynyň ýarasy.
Tedbir — 1. Karar, meýilhana. 2. Çäre, alaç. 3. Pikir, aňlaýyş, oýlanyş.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Leýli–Mejnun - 11
  • Parts
  • Leýli–Mejnun - 01
    Total number of words is 3531
    Total number of unique words is 1665
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 02
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1922
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 03
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1822
    22.0 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 04
    Total number of words is 3874
    Total number of unique words is 1850
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 05
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1780
    23.3 of words are in the 2000 most common words
    33.4 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 06
    Total number of words is 3893
    Total number of unique words is 1816
    20.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 07
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2117
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 08
    Total number of words is 3405
    Total number of unique words is 2185
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 09
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 2341
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    33.0 of words are in the 5000 most common words
    40.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 10
    Total number of words is 3449
    Total number of unique words is 2216
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    34.2 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 11
    Total number of words is 1554
    Total number of unique words is 1167
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.