Latin

Leýli–Mejnun - 06

Total number of words is 3893
Total number of unique words is 1816
20.7 of words are in the 2000 most common words
30.9 of words are in the 5000 most common words
36.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Pendiň almaý hezretiňe asy boldum biedep,
69
Istiganat isterem häki-şeripiňi düýnäp,
Istesem, indi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Her kaýana ýüz öwürsem, sen rahberlik eýlediň,
Jan bilen esräp meni, huny-jigerlik eýlediň,
Köp muşakgatlary tartyp, hakgüzarlyk eýlediň,
Sylaýy-rehmiňi katg etmeý, pederlik eýlediň,
Istesem, indi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
..................................................................
.................................................................29
Her kaýu halata düşsem men, sen olduň ba habar,
Bu junun kerdaryma käbäm bolup huny-jiger,
Istesem, indi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Eý gözümiň röwşeni, magzy-dili janym idiň,
Kyblagähim, mähribanym, derde dermanym idiň,
Gähi-gähi külbämde yzzatly myhmanym idiň,
Imdi köňlüm tagty weýran boldy, soltanym idiň,
Istesem, indi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Ger seniň pendiň meniň ýadyma düşse nägehan,
Örtenip çykgaý nehadymdan çenan otlug pygan,
Derbe-der bolgan men üçin, kyblagähim, mähriban,
Zindeganyňdan seniň tapgaýmy men nam-u nyşan,
Istesem, indi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Tabgyňa laýyk sözi dünýäde, käbäm, kylmadym,
Kattyg aldym sözleriňi, derde derman kylmadym,
Bir gije hoşwagt gujagyňda parahat kylmadym,
Merhemi-janym bilip, pendiňi mäkäm kylmadym,
Istesem, indi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Köňlüň agyrtdym, seni azurda kyldym, kyblagäh,
Bolmasaň razy ne kylgaý men imdi roýy-syýah,
Häkiňi ruhsaryma sürtmäge gelip men uzrhah,
Öt günähim, bolmaýyn şermendeýi-rozy-jeza,
Istesem, indi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Dary-dünýäden sapar kyldyň baka rahtyn düzüp,
Haýl-u hyş, akrabalardan, barçadan mähriň üzüp,
«Gelmedi Mejnun belakeş» diýp, ýoluma göz süzüp,
Intizarlyk birle jan berdiň, käbäm, köňlüň bozup,
29
Bu bent bir golýazmada gabat gelip, golýazmanyň sahypalarynyň ýyrtylandygy sebäpli başky setirleri tapylmady.
70
Istesem, indi seni kaýdan tapaý, aly nesep!
Elkyssa, Mejnuny-dilefgar bu sözleri aýdyp ýyglap, atasynyň gabrynda üç
gije-gündiz durup, atasynyň arwahyna dogaýy-fatyha okap, hatmy-Gurhan kyldy.
Ondan soň zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, ýene mesti-biygtyýar bolup, çölbeýewana ýüz urup, kuhbe-kuh, deştbe-deşt ýörüberdi. Tabgy-mübäregi hahyş
kylgan ýerde karar tutdy we ýene zar-zar ýyglap ýola düşdi.
Nägäh bir wadyga ýetişdi. Emma köňlüniň joşy endek karar kylyp, birniçe
wagt ol ýerde karar aldy.
Indi iki keleme sözi Leýliden eşidiň, kim Leýli Bagdat welaýatyna bardy, gije
-gündiz Mejnunyň pyragynda köýüp-ýanyp, ýyglap, gury ustuhan bolup erdi.
Elkyssa, Leýli bu halda perişan bolup, ýedi ýyl rozygär ötürip, ömri beser
kyldy. Emma Leýliniň şerapatyndan Hudaýtagala bir perini Leýli suratynda kylyp,
Ibn Salama görkezdi. Eset Ibn Salam onuň bilen jübut bolaryn diýip, gol uzatsa, ol
peri: «Sen meniň jynsym ermes sen» diýip, jeň salar erdi. Elgaraz, Ibn Salamyň
ýüregi howul kylyp, gorkup, gol uzatmaz erdi. Elkyssa, Ibn Salama ne Leýliden we
ne periden-ikisiden hem nesibe bolmady. Elgaraz, Leýliniň halyny zebun görüp,
howp eder erdi: «Mebada, Mejnunyň eleminden munda ölmesin, her niçik bolsa
hem ata-enesine tabşyraýyn» diýip, eltip ata-enesine tabşyryp gaýtdy.
Elkyssa, Leýlä gün-günden Mejnunyň yşky zor kylyp, renjurlygy gün-günden
zyýada bolup, läle dek ruhsarasy sargaryp, syhhatlyk umydyndan we serbelentlik
sururyndan düşüp, renjurlyk zyndanyna giriftar bolup, baharystan ömrüne badyhazan ýeli tapança urup, zähm saldy. Gün-günden ataşy-yşk müstewli bolup,
suwsuz giýa dek guryp, gury ustuhan dek agaryp, köýen peýkerine tep lerze
apatyndan şikest berip, nalyşa saldy. Elkyssa, enesini çagyrdy. Enesi gyzyny bu
halatda görüp, ýüzüne gözlerini sürtüp, ýyglar erdi. Leýli dilaram enesini nermi-dil
halatda görüp, uzr-nyýaz işigin açyp, raz aýdyp:
– Eý, ene jan, eý, maderi-mähriban, waý, Käbeýi-maksudy-arman, ne çäre we
ne alaç kylaýyn her çent syrymy pynhan kylyp, çendan-çendan we pynhan-pynhan
huny-jigerler ýuwtdum, indi jan damaga ýakyn gelipdir. Bu gün ýa taňla Mejnunyň
hijrinden öler men, indi Mejnunyň hijrinden ölsem, atam bilen sen zamun bolar siz.
Meniň ganym siziň boýnuňyza galar – diýdi. Ýene-de:
– Eý, maderi-mähriban, zynhar, be set zynhar birniçe wesýetim bar – diýip,
aýagyna gözün sürtüp, nalyşa girip ýyglar erdi. Emma, her gözünden on katra ýaş
jary bolup, zar-zar ýyglap, Mejnunyň hasby-halyndan aýdyp enesine wesýetnama
kylyp bu muhammesi okady:
Men ölen soň ki eşidip, Mejnun gamhana gelgeými,
Talap eýläp wysalymy ki bir janana gelgeými.
Elem aýdyp saňa ol gün, ýörüp, hemhana gelgeými,
Pyragym oduna köýüp ki ol perwana gelgeými,
Bolup sergeşte-ýu sersan ki bir diwana gelgeými.
Bolup nerkesleri jary, döküp hunabaýy-ýaşy,
Ýyglap, urup özün her dem, goýup bosagaga başy,
71
Ýüregi ýüz jerahatdyr urup başyna çün daşy,
Daryg edip diýgeý: «Ölsem bolup kim, onda ýoldaşy»,
Başyma «Waý, Leýli!» diýip ki bir diwana gelgeými.
Itiň ýaňlyg geler ol gün ölesi ahylar tartyp,
Jigerni paralar eýläp, ýakasyny çäklär ýyrtyp,
Bu dünýäniň pygan-u nalasyny başyna artyp,
Lahat topragyna başyn urar çün didesin sürtüp,
Bolup sergeşte-ýu sersan ki bir diwana gelgeými.
Işigiň aldyna andak geler kim, çekibän üýni,
Pyganyndan deşiler ki göýä bu çarhy-gerduny,
Kylyp ganlyg ýaşyndan jamasyn andak ki gülgüni,
Jahan awarasy bolgan men üçin, belki, mejnuny,
Bolup sergeşteýi-sersan ki bir diwana gelgeými.
Pelegiň jebrinden başyn uruban, bidatlar eýläp,
Eşiden janawerleriň baryny näşatlar eýläp,
Pygan eýläp, belent owaz ile ki perýatlar eýläp,
Mazarym häkini görse, başyna berbatlar eýläp,
Başyma «Waý Leýli!» diýip ki bir diwana gelgeými.
Elkyssa, ondan soň enesi Leýliden bu sözi eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar
ýyglap:
– Eý, janym, balam, waý, nury-çeşmim, dilbendim, ýüregimiň kuwwaty,
ýalňyz balam, men ne alaç kylaýyn, meniň sözüm jaý tutmasa... ataň diýen zalyma
aýtsam, «Men perzendimi ol diwana bermez men» diýip, kabul kylmaýdyr. Eý,
Leýli jan, gözümiň ak-garasy balam, her sözüň bolsa aýtgyl, jan-dilim bilen kabul
kylaýyn! – diýdi. Onda Leýli:
– Eý, enejan, ne söz aýdaýyn... Indi bir söz aýdaýyn, meniň wesýetimi berjaý
kylgaý sen. Indi men bu gün şu derd-u elem bilen öler men. Eger şol diwana ýarym
haçan gelse, sen ony ynjytmagaý sen. Eger ynjytsaň, meniň ruhum senden näşat
bolar. Meni razy kylar bolsaň, hergiz ynjytmagaý sen! – diýip, zar-zar, çün ebrinowbahar ýyglap, bir söz aýtdy:
Meniň wesiýýetim saňa, jan enem!
Haçan gelse, söwer ýarym ynjytma!
Meniň üçin gara bagry gan enem,
Ýaman söz diýp, gamgusarym ynjytma!
Hiç kim ony menden gaýry görmesin,
Ýaşly gözün topraklara sürmesin,
Intizarlyk çekip, garap durmasyn,
Hasratymda har-u zarym ynjytma!
72
Belli sözüm enem, saňa söýledim,
Hak azabyn ýada salyp oýladym,
Tiriklikde waslyn arman eýledim,
Zynhar gelse, Mejnun ýarym ynjytma!
Meniň ýarym, çarhy-pelek mahydyr,
Meniň bilen ölmek köňül hahydyr,
Ady Mejnun, aşyklaryň şahydyr,
Merdi-meýdan, şasuwarym ynjytma!
Dünýä sapasyna köňül goýmagan,
Mähnet çekip, ýar waslyna doýmagan,
Leýli aýdar, menden gaýra uýmagan,
Meniň üçin dilefgarym ynjytma!
Elkyssa, ondan soň enesi Leýliden bu sözi eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar
ýyglap:
– Eý, janym, balam, waý görer gözümiň röwşeni, ýalňyz balam, sen bu
dünýäden rihlet kylgu dek bolsaň, men niçik takat kylar men! Eý, jan gyzym, waý
görer gözüm, sözlär sözüm, ol gara günde seniň tagzyýetiňe – ýasyňa köp halkhalaýyk jem bolarlar, men olaryň arasynda seniň Mejnunyňy niçik tanyp, wesýetiňi
niçik berjaý getirer men? – diýip, perýat we pygan kylar erdi. Onda Leýli zar-zar,
çün ebri-nowbahar ýyglap, enesine Mejnunyň nyşanalaryny aýdyp, «Bu suratda
durar» diýip, Mejnunyň hasby-halyndan habar berip, bir söz aýdar boldy:
Oda düşüp, şerarasy, suw bolup akar jigeri.
Elemniň ýok şumarasy, ne özünden bar habary.
Bereýin diýp Hak salamyn, çöl-muganyň keýikleri,
Goşup kylar nala pygan, daýyma budur hünäri.
Başy açyk, berehne-pa, yzy topragy – totuýa,
Hem köp ezize rahnema, bu ýere düşse güzeri.
Munda geler pygan kylyp, topragymy nyşan kylyp,
Bahar ömrün hazan kylyp, tapmady myrat eseri.
Ismim öwrenip, Leýli diýp, ýat edip geler agtaryp,
Köňlüni awlagyn tapyp, nepi bar ýokdur zereri.
Elkyssa, Leýli dilaram enesine bu wesýetini aýdyp, tamam kyldy. Erse, enesi
eşidip, nowhaýy-zary birle boldy. Leýli dilaramyň gülüstan aryzy kem-kem sola
başlady. Tamam agzalary sus bolup, zagyplyk meýdanynda gala başlady, bir tarapa
ýatsa, bu tarapa tura bilmez erdi. Nerkesleri her tarapa bakyp, intizarlyk tartyp,
73
ýyglar erdi. Onuň intizarlyk tartany üçin Hudaý tebärek we tagala gudraty bilen
Mejnunyň ruhuny bir munakgaş guş suratynda kylyp, Leýli dilaramyň alnyna
iberdi we bir kepderi kylyp görsetdi. Emma Leýli dilaram besteri-meriz üzre erdi
kim, bir kepderi gelip işigiň aldynda bir şaha gonup, Leýliniň nazarynda perýad-u
zary kyla başlady. Leýli dilaramyň gözi ol kepderä düşüp renjurlyk besaty üzre
oturyp, aýny-halaty-nezgde ol guşa garap, bu müstezady okady:
Eý suraty ankaýy-ajaýyp janawer guş!
Jaýyň idi gülşen.
Neçün men dek hassa nema sen dili-nähoş?
Şah üzre neşin!
Baly-periňe atasy-hijran eser etgen,
Pežmurda teni efgar.
Haýran-serasyma bolup, sen nige medhuş!
Öz halyňa ýok sen.
Syngan görüner seniň melamatda ganatyň,
Perwaz ede almaň!
Göýä ki sapar wagty bolup sen maňa hemduş,
Kyl gaşymda mesgen!
Gelgil meniň ýanyma, bolaly demi hemduş,
Göwsüm saňa mesgen.
Mejnun başynda bal-u per urgan görüner sen,
Gandyr jigeriň çäk!
Eý totuýy-gülşen, ne üçin talhy-semer sen?
Halyňy beýan et!
Bu çarhy-pelek mähnetine bolduň hemaguş,
Bes, haýsy zamandan?
Eý murgy-säherhyz, saňa Leýli elem aýdar,
Mejnuna beýan kyl!
Her ýerde gonup-uçsaň, meni kylma peramuş!
Aýdym saňa bir pent!
«Endek meniň derdime dowa sen» diýdi Leýli,
Eý murgy-säherhyz
Elkyssa, ondan soň Leýli bu sözleri aýdyp, tamam kylar-kylmaz «Waý,
Mejnun!» «Waý, Mejnun!» diýip, hyýalyny munda goýup bir ah tartyp, jan berdi.
Elgaraz, enesi gyzynyň bu halyny görüp, zar-zar ýyglap, perýat we dady-bidat kyla
başlady. Göýä kyýamat äşgäre bolan dek mygjaryny başyndan alyp, semensa
saçlaryny ýaýyp, ýüzün ýyrtyp, başyna toprak saçyp, «Waý, myradyna ýetmeý
ölen gyzym, waý, ýalňyz balam!» diýip, nerkes gözleriniň ýaşyny jary kylyp,
ýüzüni-ýüzüne sürtüp, pygan kylar erdi.
Emma Leýli ölenden soň, atasy etraby-jowanyba habar berip, ekabyrlar,
ulamalar we uluglar – jemi arap halky hemme jem bolup gelip, jynazasyny okyp,
depin kyldylar.
74
Emma ol jemagatyň arasynda Zeýt diýen bir adam bar erdi. Ol Mejnun bilen
bir mekdepde okan erdi. Ol owwaldan tä ahyr Leýli bilen Mejnunyň hasbyhalyndan habardar erdi. Ol Leýliniň jynazasyn okandan soň, goluna hasaýynatuwany alyp, «Baryp, Mejnuna Leýliniň wepatyny habar bereýin» diýip,
Mejnuny agtaryp, ýola rowana boldy. Ýüz beýewana urup: «Waý, Mejnuny-aşykypäk!» diýip çeşmi-girýan barar erdi. Elgaraz, bir dagyň damanasynda köp wuhuş
we tuýur bilen Mejnun: «Waý Leýli!», «Waý Leýli!» diýip, perýat-pygan kylyp
durup erdi.
Mejnunyň daşynda guş-gumrular, perrendeden derrende, bütin beýewan
janawerleri üýşüp «Aşyky-päkler!» diýip, matamzedelik bilen nala kylarlar. Emma
Zeýt hem olara goşulyp, «Waý, aşyky-päkler, aşyky-namyratlar!» diýip, nowha
kylyp, ýyglar erdi.
Mejnun gördi kim, kamaty ham bolgan, ýoluň çaňy ýüzüne urgan, golunda
hasa, agzyndan ot-ýalyn saçyp bir pir geler.
Elgaraz, Zeýt baryp, Hakyň salamyn berip ýanynda oturdy. Emma Mejnunyň
ahwalyn görüp, zar-zar ýyglar erdi. Onda Mejnuny-dilefgar Zeýde garap, bir söz
aýtdy:
Saňa kaýdan sütem ýetdi?
Bu ýaňlyg ahy-zaryň bar.
Nepes çekseň, ýalyn çykdy,
Ajap otlug şeraryň bar.
Içiň gamdan dolup, daşan,
Başyňdan sili-gam aşan,
Ýaman kattyg işe duşan,
Bu ýerlere güzeriň bar.
Hazan uran ýüzüň bagy,
Ötüpdir döwletiň çagy,
Ýüregiňde hijran dagy,
Bu ýerlerde gezeriň bar.
Gözüň silabasy jary,
Kylar sen dembe-dem zary,
Katdyňy ham kylyp bary,
Hazanlyk gülgüzaryň bar.
Lybasyňdyr gara gunduz,
Ýüwüren gijemi-gündiz,
Maňa dilsuz olup ýalňyz,
Ne pikr-u ne hyýalyň bar?
Ki bir ýerde duralmaz sen,
Jowaby-hoş beralmaz sen,
75
Parahat oturalmaz sen,
Ne sabr-u ne kararyň bar.
Meni diwanaýy-Mejnun,
Elem aguştasy mahzun,
Munuň dek gamda sen neçün,
Letapatsyz baharyň bar?
Elkyssa, Mejnuny-dilefgar bu gazaly okyp tamam kyldy. Erse, Zeýdi-bethal
we güň-u lal Mejnundan bu sözleri eşidip, hezar-hezar ejiz we biçärelik birle zarzar ýyglap wepaty-Leýli dilaramdan habar berip, Leýliniň ölenin beýan kylyp bir
söz diýdi:
Seniň kim, täleýiň wajgun, boluban uşbu gün şeýda,
Solup gül aryzy, bilbile düşdi ah-u waweýla.
Nepes çekinçe bir endaza bilen ötdi bu dünýä,
Adem mülküne laýyk boldy bu gün kamaty-zyba,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
«Jahan bagyna apat ýetdi, bes» diýp, Leýli peri gitdi,
Eýesiz gülzarynyň biten gülbergi-teri gitdi,
Köňül şabazy uçmakdan galyp, bal-u peri gitdi,
Süreýýa döwründen çarhy-pelegiň enweri gitdi,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Gamyňdan baglady ýükni «Baka söwdagäri men» diýp,
«Zamyry-päki-talgat kim, aşyklar serweri men» diýp,
«Gamy-Mejnuny-ýarymy çekip, ahyr öler men» diýp,
«Bu dünýäde wepa görmeý, ahyr pany bolar men» diýp,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Saňa arzymy eýlesem yzhar eý, aşyky-şeýda,
Muhabbet ählinden kütah bolupdyr dameni-dünýä,
Başyňa täze boldy gaýta başdan külpeti-söwda,
Jahan gülzaryndan çykana ogşaýdyr güli-ragna,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Sera pa ot düşüp jismiňe baly-perden aýryldyň,
Garardy rozygäriň, sürmeýi-enwerden aýryldyň,
Tutar halatda eliň sen, säherden – irden aýryldyň,
Gözelleriň şasy Leýli diýen dilberden aýryldyň,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Baka mülküne rahtyn çekmişdir ol şirin jan, Mejnun,
Goýup başyňa täji-hysrowy ahy-pygan, Mejnun,
76
Gam derdine sen warys bolup galdyň çenan, Mejnun,
Gidip magşugy, aşyk galany kattyg ýaman, Mejnun,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Özi dilşat-horram gitdi, galdy ki matamy artyp,
Serenjamy-wepa weýran bolup galdy gamy artyp,
Wesýetnama goýdy saňa (köýüp) otlug demi artyp,
Ýüregi dagyndan hem gözlerinden şebnemi artyp,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Çemenden serwi ragnalar gamyňdan katdy ham gitdi,
Galyp ziri-zemine bu jahan bernalary, gitdi,
Tazallumdan dürri-efşanlar pelek ragnalary gitdi,
Niçik yhfa kylaý saňa jahandan ol senem gitdi,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Men biçäredir men hassa dil, hatyry-perişanyň,
Onuň haýsy bir dagyn aýdaýyn men zary-haýranyň,
Meniň bagrymy örtär nala çekseň otlug efganyň,
Ulus halyň görüp, bes bolmaganmy çeşmi-girýanyň,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Seniň ýaryň «Wepadarym» diýdi, mähnetlerin goýdy,
Ýygyşdyran muhabbetden hemme külpetlerin goýdy,
Pyrak eýýamynda jem eýlegen hüjjetlerin goýdy,
Meni-Zeýd-u sen Mejnuna hemme zilletlerin goýdy,
Saňa tabşyrdy dagy-dilni, dünýäden ötüp Leýla.
Elkyssa, Mejnun Zeýtden bu sözleri eşidip zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap,
başyna daş urdy, daşa özüni urdy. Erse, başy ýarylyp, gan aýagyna jary boldy.
Huşundan gidip ýykyldy, ölük dek nepesi gelmeý ýatar erdi.
Elgaraz, Zeýt Mejnunyň başyny dyzyna alyp, başujunda zar-zar ýyglap,
başynyň ganlaryn artyp, oturyp erdi. Birniçe sagatdan soň, Mejnun özüne gelip,
«Waý, Leýli!», «Waý, Leýli!» diýip, Leýliniň mähellesi tarapa ýüz öwrüp rowana
boldy. Zeýt arkasyndan barar erdi. Elgaraz Leýliniň mähellesine ýetişdi.
Emma Leýli dilaramyň enesi Leýliniň elemninden söz aýdyp, ýyglap oturyp
erdi. Nägäh gördi kim, bir şuride hal, julide mu diwana geler, gury ustuhan, näzik
bedenleri para-para bolgan, hemme ýeri öz gany birlen hemreň öwsüp duran, baş
açyk, aýak ýalaň gözünde ýaş, bagrynda daş, dilinde Leýli, göýä başyna kyýamat
bolan dek nalaýy-perýat kylyp, «Waý, Leýli!», «Waý, Leýli!» diýip, ýyglap, çün
bady-sarsar puýe urup andak geler kim, bu dehri-bimydardan dest kütah kylan dek
erdi. Emma Leýliniň enesi ol diwanany özi dek köýen görüp: «Şol Leýli dilaramyň
Mejnuny bolgaý diýip» alnyna pişwaz baryp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap,
bir söz aýtdy:
77
Kim sen, maňa adyňy aýt ki munça eýlär sen pygan,
Arzy-dilim, dadym eşit, neden erer sen bagry gan!
Sözlegil derdiňi bu dem, kyl imdi halyňy beýan,
Otur, maňa dadyňy aýt, ki doldy gamyňdan asman,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Sen çarha ki çekseň eger otlug tütün dek ahyny,
Men köýdüreý ahym bilen dokuz pelek hargähini,
Saldym gara ýer astyna gerdunyň enwer-mahyny,
Sen agtaryp tapmaň nyşan tagty-köňülniň şahyny,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Pynhan lahat topragyna, eý mähribanym bir balam,
Bady-hazan urdy bu gün, aramy-janym bir balam,
Men munda pyrkat şamynda, ýere nahanym bir balam,
Bilmem bu gün barsam kaýan, eý binyşanym bir balam,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Kaýdan geler sen eý ýigit haly-diliň kylgyl beýan,
Maksat saňa bilmem nedir eýläp sesi afy-pygan,
Ahyňdan älem ýyglaşar titrär ki zemin-u asman,
Sen dady-perýat eýleseň men örtener men bigüman,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman.
Geldiň ne matlap birle sen kim, maksadyňy eýle paş,
Bul zaman kimden aýrylyp her dem urar sen ýere baş,
Ahyňa janym kim köýer, çeşmimde mundak ganly ýaş,
Nalaňa ýokdur takaty ger bolsa her kim bagry gaş,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Nalyşyň äleme sygmaz kim tutaşypdyr peýkeriň,
Bu älemi paýmal eder berbat urup häkisteriň,
Boldy derýa ki akyban göýä seniň çeşmi-teriň,
Menden hem artykmy durar, oglum, seniň derdeseriň,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Men kuhy-gam uftadasy sen deşti-gam awarasy,
Men derdi-dil biçäresi, sen dagy-dil seýýarasy,
Men hijriniň dil parasy, sen tiri-pyrkat ýarasy,
Men Leýliniň gamhorasy, sen bagty bet ýüz garasy,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Sen ýyglasaň boýnuň burup, jismimde janym örtener,
Otlug pyganyňdan seniň ruhy-rowanym örtener,
Sabyr eýlesem bu derde, menzil-mekanym örtener,
78
Kaknus dek ursam baly-per, bu äşiýanym örtener,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Leýli pyrakydan maňa ýuwtmak işim huny-jiger,
Baksam seniň ahwalyňa, sen hem weli menden beter,
Men külbeýi-ahzan era, sen derbe-der, sen derbe-der,
Bilmem myradyňy seniň, Mejnunmy sen, hahy diger,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Biçäre misgin men zagyp derdimiň bolmaz çäresi,
Girdi gara ýer astyna jan-u dilimiň parasy,
Gitdi jahan eýwanyndan iki gözümiň garasy,
Sen nige ýyglar sen balam, bolduň kimiň awarasy,
Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!
Emma leýli dilaramnyň enesi bul muhammesi tamam kyldy. Erse, Mejnunyhatyry-perişan, zary-nalan we çeşmi-girýan Leýli dilaramyň enesiniň aýagyna
düşdi we gözlerinden akan eşki-nedamaty başyndan aşdy, hary-näumytlyk gelip,
bagryny deşdi. Elkyssa, muhteser, Mejnuny-dilefgar zar-zar, çün ebri-nowbahar
ýyglap, Leýli dilaramyň enesine garap bir gazal okady:
Eger yzhary-hal aýtsam,
Eý-ä-eý, ene, Mejnun men!
Weger Leýli adyn tutsam,
Ki bir diwana-Mejnun men.
Jepasy hetdinden aşan,
Pygany asmany deşen,
Halaýyk agzyna düşen,
Ajap efsana Mejnun men.
Saňa Leýli erer perzent,
Maňa jananaýy-dilbent,
Jepasy bolsa hem her çent,
Oňa messana-Mejnun men.
Gelip yşk aklyny alan,
Muhabbet deştine salan,
Başynda guş öýe kylan,
Öýi weýrana Mejnun men.
Şeraby-bihudy içen,
Özüniň janyndan geçen,
Gähi ýanan, gähi öçen,
Çün ataşhana Mejnun men.
79
Jahan söwdasyndan çykan,
Teni-jany erip akan,
Hyýal şemi ile ýakan,
Peri perwana Mejnun men.
Ne dünýä lezzetin bildim,
Ne pikri-ahyret kyldym,
Sygynyp, Leýli diýp geldim,
Ne men bigana, Mejnun men.
Emma Mejnuny-dilefgar bu gazaly okap tamam kyldy. Erse, Mejnun bildi
kim, bul zagypa Leýliniň enesidir. Emma Mejnun zar-zar, çün ebri-nowbahar
ýyglap, Leýli dilaramyň enesiniň aýagyna başyny urup, etegini ýüz-gözüne sürtüp,
başyny ýere urdy. Emma Leýli dilaramyň enesiniň ýadyna Leýliniň kylan wesýeti
düşüp, zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglap, merhemet bilen: «Fetile-fetile bolan
saçlaryny ýuwup daraýyn» diýip, engiz kyla başlady. Mejnuny-remide tabg
«Tizräk Leýli dilarama jan tabşyraýyn» diýip, hyz kyla başlady. Elkyssa, muhteser,
Mejnun Leýli dilaramyň enesine garap, bu sözi aýtdy:
Arzym eşit, gözi ýaşly, jan enem!
Gulak salgyl, men bir zaman ýyglaýyn.
Ulug ýaşly, bagry daşly, jan enem!
Dagy-derdim edip nyşan, ýyglaýyn.
Dünýä geldim, yşk merkinde tutuldym,
Pelek bilen humar oýnap utuldym,
Panydan bakyga men hem atyldym,
Bu hijrandan tapmaý aman, ýyglaýyn.
Ýagşy söze – uçar guşlar il bolar,
Ýaman söze – peşe güýçli pil bolar,
Bu ahwala niçe aý-u ýyl bolar,
Örtär meni dagy-hijran, ýyglaýyn.
Talaň salyp bady-hazan baharym,
Gül şowkuna artar meniň humarym,
Sabr eýlesem, pelek bermez kararym,
Ýakam ýyrtyp, dide girýan ýyglaýyn.
Gül açyldy, bilbil gany saçyldy,
Başdan bary muşakgatlar geçildi,
Suw akmaga göz bulagy açyldy,
Jismim öýün kylyp weýran, ýyglaýyn,
80
Pelek mahy ýer goýnuna batypdyr,
Senden, menden sabry-takat gidipdir,
Imdi pyçak ustuhana ýetipdir,
Imdi tapmam derde derman, ýyglaýyn.
Takatym ýok imdi muňa bakmaga,
Hyjalatdan suw bolmuş men akmaga,
Jäht eder men pany öýden çykmaga
Aşyklara dünýä zyndan, ýyglaýyn.
Çarhy-pelek jebri meni garrytdy,
Aýralygyň derdi-dagy eritdi,
Mejnun aýdar, imdi nobatym ýetdi,
Imdi gitdi bizden döwran, ýyglaýyn.
Elkyssa, Leýliniň enesi Mejnundan bu sözleri eşidip, bildi kim, gyzynyň
aýdan Mejnuny şuldur. Onda «Gyzymyň wesýetin berjaý getireýin» diýip, zar-zar,
çün ebri-nowbahar ýyglap:
– Eý, Mejnun, janym balam, dilefgär balam, gyzym seni bir zaman dilinden
terk etmedi. Öler wagty «Waý, Mejnun!» diýip, jan berdi. Seniň bütin şuride halsuratlaryňy gyzym maňa bir-bir beýan kyldy. Leýli maňa wesýet kylyp: «Meniň
ölenimi eşidip bir elinde daş, göwsüne urup, çöl gumuny başyna sowrup,
ýalançyny teň kylyp, bir mejnun gelgeý, oňa hup perwa kylyp, yzzat-ekram bilen
köňlüni alawergin, ony hoşnut edip ibergeý sen, zynhar ynjytmagaý sen» diýip
erdi. Tura gelgil, öýüme ýörgül, egin-başyňy päk kylyp, ýüzüňi, sakallaryňy, fetile
käkilleriňi, saçlaryňy ýuwup, darak urup darap, gol-aýagyňy ýaglap, saňa
arusdarlyk kylaýyn kim, tä ki gyzym Leýliniň arwahy menden şad-u hoşwagt
bolsun! – diýdi. Erse, Mejnun Leýliniň bu wesýetin enesinden eşidip:
– Eý, ene jan, Hudaýtagalanyň hormatyndan mundag sözi maňa diýme, bu
ýörişim, bu halym hem bu dünýäge köp. Eý, ene jan, gelgil, maňa Leýliniň
mazaryny nyşan bergin! – diýip, bu sözleri aýdar erdi:
Eý, ene, goý bu zarlykdan,
Söz aýtma hakgüzarlykdan.
Bu nowg ermes ki ýarlykdan,
Gutar bu intizarlykdan.
Hazan ýetdi, gülüm ötdi,
Gözüm ýaşy ýolum tutdy,
Ki ölmekden nyşan ýetdi,
Ýok afzal kim, bu barlykdan.
Her çent perweriş kylar sen,
Tabga muhalyf iş kylar sen,
81
Leýlä meni iş kylar sen,
Mergup erermi ýarlykdan.
Eý, ene, mähriban janan,
Jan bermek çün ýolda men an,
Rah talapda goýma haýran,
Goý, öleýin bu harlykdan.
Başa suw guýma gün ötdi,
Rah talabym ýolun tutdy,
Yşk ody jismim eritdi,
Çykdym gam ygtybarlykdan.
Muşfyky-Leýli, eneýi-zar,
Kyl rowzaýy-Leýliden habar,
Maksada halel ýetmesin bar,
Jan tabşyraý mazarlykdan.
Munça maňa zar eýleme,
Bigana diýp har eýleme,
Maksat göwnün dar eýleme,
Öldürme bet humarlykdan.
Maňa aýd-u saňa nowruz,
Köýdürdi bu yşky-dilsuz,
Ýagşy mahal, ötmesin ruz,
Aýrylmaýyn jewarlykdan.
Azmym idi bes penahy,
Göz sürmesi häki-rahy,
Matlap-maňa rowzagähi.
Geldim ki jan separlykdan.
Sen ene, men aşyky-zar,
Sen syna çäk, men dilefgar,
Miýesser etse Biribar,
Leýli birle hemrazlykdan.
Mejnun şikeste dest-pa men,
Gurbatzede binowa men,
Eýlegeý ähde wepa men,
Messan çykyp humarlykdan.
Elkyssa, Mejnun dilefgar zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bu sözleri aýdyp,
tamam kyldy. Erse, mesti-biygtyýar ahy-pür şerar tartyp, raks edip, çün bady82
sarsar dek her tarapa bakyp, ýüz suýy-rowzagähi-Leýli urup, Leýliniň mazaryny
istäp, ýüwürer erdi. Elkyssa, Zeýt Leýliniň mazaryny nyşan berdi. Erse, Mejnun
Leýliniň gabryny görüp nalan-nalan we girýan-girýan, çün saýawar Leýli
dilaramyň mazarynyň üstüne ýykyldy. Başyny daşa urdy, başy ýarylyp, gany
aýagynyň ýüzüne jary boldy. Gubary-markadyndan gözlerine totuýa ornuna sürtüp,
nala-ýu pygana durdy kim, hiç tap-takaty galmady. Suzy-dili bara-bara hetden aşdy
we pyrak şiddeti zor ede başlady. Elkyssa, muhteser, bu merätipde mesti-bihal
birniçe sagat özüni bilmedi. Bir müddetden soň özüne gelip, nala-ýu pygan birle
özüni Leýliniň gabryna taşlap, rowzagähi-Leýlini guçup, pelekden şikaýat kylyp,
zar-zar ýyglap, bir söz diýdi:
Hiç kimsäniň sende işi bitmedi,
Munça hem jebirli-jepaly pelek.
Myrat tapyp senden birew ötmedi,
Mähnetli, külpetli, belaly pelek.
Müflisleri wepa bile görmegen,
Ganylary husut bile görmegen,
Wada kylyp, ykrarynda durmagan,
Günbe-günden artyk yzaly pelek.
Çemenleri hazan bilen solduryp,
Bilbil köňlün perýat bilen dolduryp,
Birniçäni töhmet bilen öldürip,
Nähak gandan goly hynaly pelek.
Birniçäni şady-horram eýleýip,
Birniçäni ýara mährem eýleýip,
Birniçäni gama hemdem eýleýip,
Elemli, hijranly, jepaly pelek.
Birniçäniniň myradyna ýörmedi,
Birniçäniň gyşy-ýazyn sormady,
Birniçäniň köňli külpet görmedi,
Birniçeden köňli ibaly pelek.
Mejnun aýdar, perýadymy eşitmäň,
Gulak salyp bul dadymy eşitmäň,
Magşar güni bolmagynça eşitmäň,
Gara daşdan gaty gabaly pelek
Elkyssa, Mejnun bu sözleri aýdyp, Leýliniň gabryna ýüzüni sürtüp, zar-zar,
çün ebri-nowbahar ýyglar erdi. Emma Zeýt:
83
– Eý, Mejnun, turgul, başyňy götergil, ýaryňyň arwahyna dogaýy-patyha
kylyp, zyýaratyny berjaý getirgil! – diýdi. Mejnun derhal tura gelip Leýliniň
mazaryna bakyp bu sözi aýtdy:
Bagy-ajal eden hazan, eý gülüstanym, sen kalaý?
Rahty-sapar baglap çenan aramy-janym, sen kalaý?
Daryl-bakaga myhman sen, eý, hoş ynanym, sen kalaý?
Bir tende iki jan idik, ruhy-rowanym, sen kalaý?
Häki-mezellete nahan bolan nyşanym, sen kalaý?
Bardyň hamuşan şährine, kim birle kyldyň sen ýarlyk,
Eýlär niçik toprak era messana gözleriň harlyk.
Çün eksi-ruhuňy görset tur, munda güli-gülzarlyk,
Şeker diliň kimiň birle bolupdyr şirin güftarlyk,
Eý läle fam, aramy-jan, şeker feşanym, sen kalaý?
Perde puşy eýläp jahan era jemalyňy bu gün,
Ýadygär eýleýip maňa haby-hyýalyňy bu gün,
Ýaşyryp sen ýer goýnunda ebru helalyňy bu gün,
Arzuw eýläp gelipdir men seniň wysalyňy bu gün,
Istesem tapmam ki seni, eý, binyşanym, sen kalaý?
Jismi gül-werdiň gara ýer birle sen hemduş eýlediň,
Hem kenary-jennet asa birle sen aguş eýlediň,
Jaýy-baka rahtyn düzüp, bizi peramuş eýlediň,
Eý Mesiha dem, melekler wagtyny sen hoş eýlediň,
Tuhfa taşlaýyp wirdiňi, eý-ä razdanym, sen kalaý?
Zülpi-anbarynyň gubar alut edip, eý näzenin,
Ýary-hemdemsiz sen kalaý bolduň mehi-baýza jebin,
Iki şehla birle bolduň sen pitne eňňizi-zemin,
Ýa saňa hemdemlik eýlär ki hüýr-u gulmany-berin,
Bu dary-dünýäden ötüp, jennet mekanym, sen kalaý?
Sürmesa gözleriňi doldurdyň lahat topragyna,
Şöwr uruban ýanan jerahatlyk ýüregiň dagyna,
Guş boluban uçduň güli-firdöwsi-jennet bagyna,
Ot goýup geldiň ki araplaryň tümen salagyna,
Gussasy gamdan perawan, eý mähribanym, sen kalaý?
Bagladyň sen azm eýleýip, suýy-baka yhramyny,
Ki bada noş eýläp, ajalyň elinden ser jamyny,
Bul sapar wagtynda kylmaý dostuňa bir yglamyny,
Taşlaýyban tenha meni, urduň bakaga gamyny,
84
Ýüz goýup, ki gelen gaçyp, daryl-amanym, sen kalaý?
Mensiz eý ýary-dilaram, aramy-janym sen kalaý,
Häki-gurbat içre galan serwi-rowanym sen kalaý,
Nahly-ömrüm ýele beren bagy-bossanym sen kalaý,
Dagy-derdin maňa goýan eý dilistanym sen kalaý,
Köýdürip iki älemi, şahy-jahanym sen kalaý.
Mejnun-u dilhassa gabryň üzre ýyglaýyr men zar-zar,
Tabşyraý saňa janymy tende ruhum bikarar,
Gelmişem men bir görgeli, waslyň gülüne intizar,
Hasrat-u gam birle galan köňül mahzun-u dilfigar,
Arş üstünde mekan tutan belent äşýanym sen kalaý.
Serwi katdyňyň saýasy tapdy zemin astynda ja,
Niçe janawer eýlegen näzik bedenlerden jyda,
Görgeç melekler suratyň, açdymykan desti-doga,
Geldim mazaryň başyna kylmaga janym «Merhaba!»
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Leýli–Mejnun - 07
  • Parts
  • Leýli–Mejnun - 01
    Total number of words is 3531
    Total number of unique words is 1665
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 02
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1922
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 03
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1822
    22.0 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 04
    Total number of words is 3874
    Total number of unique words is 1850
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 05
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1780
    23.3 of words are in the 2000 most common words
    33.4 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 06
    Total number of words is 3893
    Total number of unique words is 1816
    20.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 07
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2117
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 08
    Total number of words is 3405
    Total number of unique words is 2185
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 09
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 2341
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    33.0 of words are in the 5000 most common words
    40.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 10
    Total number of words is 3449
    Total number of unique words is 2216
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    34.2 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 11
    Total number of words is 1554
    Total number of unique words is 1167
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.