Latin

Leýli–Mejnun - 04

Total number of words is 3874
Total number of unique words is 1850
21.6 of words are in the 2000 most common words
31.4 of words are in the 5000 most common words
37.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Algyl sözüm, tutdum ýüzüm, aldanma.
Emma Seýit Beni Amyry bu warsakysyny tamam kyldy. Erse, Mejnunyhatyry-perişan atasyndan bu sözi eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap:
– Eý şahy-älem, eý, käbäm, waý, mahy-müsellem, waý, asmany-şukuhy-arap,
seniň häki-dergahyň sejdeýi-maksudym, kyblaýy-sujudym turar. Meniň bu köýgen
janyma, para-para bolgan ýüregime sen merhem agtarmagyl, maňa takdyryezelden şul bolsa, men ne çäre kylaýyn – diýdi. Emma Seýit Beni Amyrydan
syryny ýaşyrmady we:
– Ol gün ki, maňa ussat tarykat öwredip erdi, «Syryňy efşa kylmagyl» diýip
erdi. Imdi men size bolan syrymy aýdaýyn. Bu köýmegim ýeke Leýli üçin ermes.
Men Wajyptagala mesti-biygtyýar boldum. Leýli hem sebäp boldy tä men didaryWajyptagaladan doýmasam, diwanalykdan aýrylmas men – diýip, atasyna garap,
arzyny aýdyp, bu müstezady aýdar erdi:
Eý kyblagähim, hökmi-Hudawent çenindir,
Kysmata ryza bar.
Öz aldyna ýol başlamagy her kime kyndyr,
Görsetmese Jepbar.
Ne çäre kylaý bagty gara, täleýi kem men,
Döwran meni depgen.
Diýmäň meni diwanaýy-biakyl çenindir,
Ser tä serim efgar.
Ýalňyz men imes mähnet, gam hassasy bolan,
Köpdür ýüregi gan.
Her ýerde söýgüli guly apata ýakyndyr,
Hem bagryndadyr har.
Ger ýetse golum, çarhy-pelek atyny tutsam,
Köňlüm höwes eýlär.
Muhtar ola bilmez, kişi, takdyry-ezeldir,
Eý ataýy-gamhor.
Bihuda kim eken özün oda salyp alan,
Neý kysmaty-takdyr.
Ha çarhy-pelek astyda, ha ziri-zemindir,
Onsuz imes Ülker.
Bu jany-garyp ataşy-yşk içre ýanadyr,
Hahy hoş-u nähoş.
41
Ýogsa meniň köňlümde gam-u gussa çigindir,
Men beýle giriftar.
Mejnuny-sütemkeş men il agzyna düşen,
Kesbim meniň perýat.
Öz halyma goý, käbäm atam, köňlüm dyndyr,
Men gama sezawar.
Emma Mejnun bu müstezady tamam kyldy. Erse, atasy zar-zar ýyglap,
nalaýy-pygan çekdi.
Elkyssa, muhteser hiç alaç we tedbir birle Mejnuny ýola salyp bolmaz erdi.
Emma Seýit Beni Amyry Mejnuny öz halyna goýmady. Ýene özüçe bu endişäni
kylyp, «Ýalan hekaýat birle alyp baraýyn» diýip, meramy-tabgy-Mejnun atasy bir
gazal okady:
Ýör, Mejnun, öýe baraly,
Ajap bezmi-döwran olmuş.
Eşret üçin oturaly,
Leýli bize myhman olmuş.
Her tarap çeşmeler akdy,
Duşman yraga byrakdy,
Leýli bag seýrine çykdy,
Gül açylyp, handan olmuş.
Hak Özi berdi myradyň,
Ýygyşdyr ah-u perýadyň,
Leýli tutmuş seniň adyň,
Mähribanlyk nyşan olmuş.
Ýar seniň gadryňy bildi,
Bezmiňe Mina egildi,
Söwdügiň görmäge geldi,
Maksadyň bes rowan olmuş.
Hiç kuwwat barmy janyňda,
Ataň zar ýyglar ýanyňda,
Dost eşreti mekanyňda,
Seniň zowkuň pygan olmuş.
Emma Mejnun bu sözi eşitgeç, jaýyndan biygtyýar turup, atasy alnyna düşdi.
Emma Seýit Beni Amyry bu hile birle Mejnuny-hatyry-perişany alyp, öz menziline
ýöräberdi. Öýüne alyp gelip hanadan dostlaryna eltip goşdy we şahy-mejnunyň
mübärek aýagyna zynjyr salyp goýdular. Emma hyş we tebarlary Mejnunyň bu
ahwalyny görüp, zar-zar ýyglaşyp gider erdiler. Onuň ah-u pyganyna hiç kim tap
we takat tuta bilmez erdi. Elgaraz, bara-bara Mejnunyň yşk höwesi zor kylyp,
42
bendi-paýyny üzüp, beýewana çykyp, çarh urup bidir gitdi. Dirilik apaty ötüp,
renji-natuwanlyk birle yşk odundan germ bolup: «Waý, Leýli, waý, Leýli!» diýip
zar-zar ýyglap, çöllerde gezer erdi. Bir gün neşatgähi Nejt dagynyň damanasyna
baryp, çün şiri-ner ah-wah tartar erdi, goluna daşlar alyp, synasyna gürse-gürse
urup, mest bolup, Leýliniň çadyryna bakyp, birniçe aşygana sözler aýdyp, zar-zar,
çün ebri-nowbahar ýyglap, durar erdi.
Emma onuň sözlerinden birniçe uşşak oglanlar öwrenip, ýat alyp aýdar
erdiler. Elgaraz, kem-kem Mejnunyň şöhraty tamamy afaky-äleme ýaýyldy. Onuň
yşky eser kylyp, hemme aşyklar bährement boldular.
Emma Mejnuny-dilefgary Nejt, üstünde goýuň, otursyn, imdi bir-iki keleme
sözi Leýliden eşidiň. Emma Leýliniň atasy oşol gün kim edep saraýyndan –
mekdephanadan meng kyldy, öýden çykgaly goýmas erdi, Leýli dilaram sezewaryenduhy-pyrak bolup, külbeýi-ahzanynda bolup erdi. Kem-kem oňa hem Mejnunyň
yşk höwesi zor kyla başlady. Ah tartyp, diwanawar öýden çykyp, özüni köýköçelere urup gider erdi. Emma enesi golundan tutup, öýe salar erdi. Leýken
Leýliniň enesi Leýliniň bu nowg belalara giriftar bolanyna zar-zar ýyglar erdi.
Elgaraz, Leýli dilaram arzy-dilin efşa kylyp, mesti-biygtyýar bolup, zary-nezar
ýyglap, enesine garap arzy-nyýazyny aýdyp, bir söz diýdi:
Arzym eşit, mähribanym, jan enem!
Eziz başyň, meni ýardan gizleme.
Hasrat çekip ýuwdadyr men gan, enem!
Goý, baraýyn, meniň yzym yzlama.
Bilbil uçdy, gül şahasy boşady,
Otlug ahdan gaty köňül ýumşady,
Jydalykdan jismi-janym joşady,
Mundan artyk ýürek-bagrym duzlama.
Goýgul, enem, ýarym, istäp baraýyn,
Ýar jemalyn gaýta-gaýta göreýin,
Atam bilse, özüm jogap bereýin,
Ýakmaz sözi, enem, maňa sözleme.
Yşk odundan suw dek erip akmyşam,
Ýar ýolunda günde müň ýol bakmyşam,
Merdi-meýdan yşk ýoluna çykmyşam,
Tiriklikden imdi meni gözleme.
Leýli perýat etse köňlüň bozular,
Galam gaşyň, nerkes gözüň süzüler,
Sabr eýlesem ýürek-bagrym eziler,
Hijran okun köp eýläbän tizleme.
43
Elkyssa, Leýli dilaram bu gazaly tamam kyldy. Erse, enesi zar-zar çün ebrinowbahar ýyglap:
– Eý gözümiň röwşeni, Leýli jan, waý köňlümiň mydary, balam, meni bisýar
azurda kylmagyl, men ne çäre kylaýyn, bu arap kabylasy bisýar namy-neň, we ar
talap turarlar, benägäh ataň bu halyňy eşidip, urup-ýaryp, janyňy azurda kylmasyn,
owazyňy çykarmagyl. Öýdäki syrymyz daşary çykmasyn, syrymyzy hiç kişi
bilmesin – diýip, köp nesihatlar kyldy. Emma sut kylmady, bu nesihatlar bolmaz
erdi. Elgaraz, Leýli:
– Eý ene jan, hiç bolmasa bir sagat meni goýgul, mekdebe baryp, mollama we
duganalaryma salam berip, görüp geleýin, menden başga gyzlar mekdepde
okyýadyrlar, hiç kim melamat kylmaýdyrlar – diýdi. Erse, enesi:
– Eý Leýli jan, zynhar mollaň we duganalaryň bilen hergiz bir-iki keleme
sözden zyýat sözleşip, haýal kylma, binägäh ataň bilmesin – diýip, rugsat berdi.
Erse, Leýli dilaram başyna çadyr salyp, halaýyk gözünden pynhan özüni
ýaşyndyryp, Mejnuny-binowany istäp, göýä uçar guş dek bolup, edep saraýyna
bardy. Mekdebe baryp, mollasyna garap salam berip, tagzym kylyp, gördi kim,
hemme oglanlar edephanada ylym okyrlar. Olaryň arasynda Mejnun ýok turar.
Elgaraz, Leýli takaty tak bolup, şerm-u haýany taşlap, zar-zar ýyglap, ussadyna
bakyp, mollasyndan Mejnuny soraglap, perýat kylyp bir söz aýtdy:
Mollam, size arz eýläýin,
Köňlüm alan ýarym hany?
Birniçe bolan hemnişin,
Mejnun dilefgarym hany?
Şul erdi mekdephanasy,
Ol şemg, men perwanasy,
Aşyklaryň diwanasy,
Aşufta etwarym hany?
Gülzary janymyň güli,
Bagy-dilimiň bilbili,
Kim kowlady ol bidili,
Biçäreýi-zarym hany?
Ýok erdi asla hemdemi,
Jüz nalasyndan mähremi,
Dagy-dilimiň merhemi,
Sergeşte dildarym hany?
Men – jisim, ol – ruhy-rowan,
Men bir post men ol – magzy-jan,
Dem-dem çekip ahy-pygan,
Gan ýuwtgyjy ýarym hany?
44
Kylmaga geldim merhaba,
Ol ýar janymadyr dowa,
Didäme goýsun gerdi-pa,
Ol totuýagärim hany?
Leýli diýer wagt ötmesin,
Duşman ýoluny tutmasyn,
Ýollar adaşyp gitmesin,
Waslym talapkärim hany?
Elkyssa, Leýli dilaram bu sözi aýdyp tamam kyldy. Erse, mollasy, ussadytarykat zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, gözünden şeş katar ýaş jary bolup
ýyglaberdi. Leýli hem perýad-u pygan birle nowha düzdi. Edep saraýynyň içi
çeşmi-silaby birle doldy. Bes ki Mejnunyň ahwaly hemme halaýyga meşhur erdi.
Ahyryl-emr mugallym, ussady-tarykat Mejnunyň hasby-halyndan, ahwalyndan
şemmeýi beýan kylyp, Leýli dilarama bir muhammes okydy:
Mejnun ki jyda bolgaly bagy-haremiňden,
Her ýan ýüwürerdi seniň söwdaýy-gamyňdam,
Umyt edibän waslyňy lutpy-keremiňden,
Sergeşte gezer her sary istäp çemeniňden,
Awara bolupdyr Mejnun seniň elemiňden.
Bilmez kişi onuň watany haýsy güzergäh,
Bes saýasydyr mähremi, kim, hemdemidir – ah,
Kim haýsy görüstanda tikildi oňa hargäh,
Ne tuşe alypdyr, ne tutup rahylaýy-rah,
Awara bolupdyr Mejnun seniň elemiňden.
Birniçe zaman erdi işi nalaýy-efgan,
Janlar dalaşyp gussa bilen walaýy-haýran,
Bagrynda jerahat, gözi – girýan, özi – nalan,
Ne ata-ýu ne ene onuň derdine derman,
Awara bolupdyr Mejnun seniň elemiňden.
Yşk – perdesini aldy ýüzden, gitdi haýasy,
Janyna düşüpdir ki, bar älemiň belasy,
Kaýdan ýetedir, bilmem, onuň aby-nowasy,
Başynda onuň murgy-beýewanyň öýesi,
Awara bolupdyr Mejnun seniň elemiňden.
Molla diýdi: aşyk kişi bir dem dura almas,
Kim kaýda baryp duranyny hiç kim göre almas,
Takat getirip derdine adam dura almas,
Bir adamydan rahy-wysalyň sora almas,
45
Awara bolupdyr Mejnun seniň elemiňden.
Elkyssa, Leýli mollasydan bu sözi eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap:
«Waý, Mejnun, waý, Mejnun!» diýip, ahy-aşygana tartyp: «Waý, ýarywepadarym, biz ikewe kimiň gözi degdi erken, bir-birimizden jyda bolduk» diýip,
bihut bolup ýykyldy, özüni bilmeý ýatar erdi.
Emma Leýli gideninden Leýliniň enesi birniçe sagat durdy, Leýli gelibermedi.
Soň enesiniň ýüregine howul düşüp, Leýliniň arkasyndan mekdephana baryp gördi
kim, Leýli bihuş bolup, bir nowgda ýatypdyr. Enesi Leýliniň, başyny göterip,
dyzynyň üstüne alyp, ýüzüne telmuryp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bitakat
bolup, bir söz diýdi:
Owwal başdan rugsat alyp,
Gelip erdiň oýla meňzäp.
Kimden seniň köňlüň galyp,
Hazan uran güle meňzäp.
Çarhy-pelek oň ýörmedi,
Döwranyn hiç kim sürmedi,
Alla myradyň bermedi,
Talaň düşen ile meňzäp.
Gurbanam galam gaşyňa,
Gözden akan gan ýaşyňa,
Istäp geldim men başyňa,
Nalyşym bilbile meňzäp.
Mesti-mestana ýatyp sen,
Neden bu hala ýetip sen,
Özüňden nige gidip sen,
Sözle, balam, bala meňzäp.
Gurydy bul dem haýatym,
Bilmesin ulus uýatym,
Bolarmy gamdan nejatym,
Ýansam, öçsem küle meňzäp.
Elkyssa, ondan soň Leýliniň enesi bu sözleri aýdyp ýyglar erdi. Nägäh Leýli
gözüni açyp gördi, kim, enesi başyny dyzynyň üstüne alyp ýyglap oturyp durar.
Emma Leýli enesini bu halda görüp zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bir söz
aýtdy:
Köýme gyzyňyň halyna,
Kysmaty-Haktagal eken.
Barça muhabbet ähline,
46
Bolmagy uşbu hal eken.
Yşk ähline zaman-zaman,
Nala-ýu nowha-ýu pygan,
Öwji-pelekdedir heman,
Ýagşyga şul kemal eken.
Kuhy-şejerde köp jepa,
Aby-nowasydyr wepa,
Ähli-zamanadan tep-ä,
Kylgyjy now nahal eken.
Bihabar ähli-dil pyrag,
Dagy-dile yşk ähli dag,
Ähli-şerep ýalaň aýag,
Geýgeni köne şal eken.
Leýli gamy-jahan bilen,
Ýok işi jismi-jan bilen,
Güli görüň, tiken bilen,
Ikisi paýymal eken.
Elkyssa, ondan soň enesi Leýlini öz halyna goýmaý, töwellaýy-bisýar bilen
öýüne getirdi. Emma Mejnunyň yşky Leýlä ondak zor kyldy kim, gije-gündiz,
subh-u şam, belki, alad-dowam haýma we hargähden çykyp, «Waý, Mejnunydilefgarym!» diýip, Mejnunyň ýoluna garap, her tarapa bakar we ýüwürer erdi.
Gäh-gäh ah tartyp bihuş bolup ýykylar erdi. Birniçe gün mundak rozygär geçirdi.
Elkyssa, bu röwüşde köp ryýazat tartyp gury post we ustuhan bolup erdi.
Leýken, bu merätipde hetdi-belagata ýetişdi. Erse, ýüz esse husny-melahat peýda
kyldy we melahat huplarynyň niku huplaryndan boldy. Letapet bossanynyň
huplarynyň şahynşasy, tamam magşuklaryň serdepderi boldy. Ruhsary Aý birle
Günden, hurşydy-mahdan mergat ala başlady. Emma owwalkydan müň dereje
yşky zyýada boldy. Şul melahat birle bethüý rakyplardan gijeler Mejnunyň hasbyhalyndan söz aýdyp, ýyglar erdi. Emma gün-günden derdi-elemi zyýada bolar erdi.
Emma bir gije paýzy-säher wagty Leýliniň ýüzüne bir şemal öwsüp degdi. Erse, ol
şemaldan bedeni endek rahat tapdy. Emma Leýli zar-zar ýyglap, ol şemala garap,
arzy-hal aýdyp: «Meniň arzymy ýaryma ýetirgil» diýip, şemaldan Mejnuna salam
iberip, ýalbaryp, bu muhammesi okap, bir söz diýdi, muhammesi-Leýli jan budur:
Eý bady-saba, arzym gülzaryma ýetirgil,
Çöllerde watan kylgan efgaryma ýetirgil.
Bagry doly gan, köňli azaryma ýetirgil,
Söwdaýy-gamym barsaň, bazaryma ýetirgil,
Zynhar bu salamymy gül ýaryma ýetirgil.
47
Hunaby-jigerimden nagş eýleýiban depter,
Şaýet ki açyp görse ol Mejnuny-dilebter,
Yşk ähline duşan ýok Mejnun kibi pür hunter,
Ruhsaryma gan akdy gördüňmi gözümde ter,
Zynhar bu salamymy gül ýaryma ýetirgil.
Gelsin bu taraplarga, ýüz garalygyn goýsun,
Derdime dowa kylsyn, biçäreligin goýsun,
Wagşyýy-beýewana gamhoralygyn goýsun,
Sergeşteligin taşlap, awaralygyn goýsun,
Zynhar bu salamymy gül ýaryma ýetirgil.
Men munda elem birle bagrym eridip galdym,
Bir suraty-diwar dek dermany gidip galdym,
Jananadan aýryldym, aklym unudyp galdym,
Jan holkuma gelipdir, ölmäge ýetip galdym,
Zynhar bu salamymy gül ýaryma ýetirgil.
Hunabaýy-gam guýdy saky doly jamyma,
Salgyn çü gulagyňny, zynhar, bu kelamyma,
Mejnuny-garyp gelse, Leýli bu makamyma,
Müň ýola bolaý gurban ol serwi-hyramyma,
Zynhar bu salamymy gül ýaryma ýetirgil.
Elkyssa, Leýli dilaram bu sözleri aýdyp, zar-zar ýyglar erdi. Emma bu
sözlerni eşiden we gören oglanlar bitip alyp, baryp, Nejt dagynda Mejnunydilefgara aýdar erdiler. Mejnun bu sözleri eşidip, dert-elemi täze bolup, ataşy-yşky
zyýada bolup, birniçe aşygana sözler aýdyp, zar-zar ýyglar erdi. Olar Mejnunyň
aýdan sözlerini ýazyp, ýat kylar erdiler.
Mollada Mejnun bilen bir mekdepde bile okan birniçe oglanlar Mejnunyň
aýdan sözlerini Leýlä ýazyp elter erdiler. Leýli hem görüp, hatlary posa kylyp,
gözlerine sürtüp: «Eý Mejnuny-zarym, waý, ýary-wepadarym, dilefgarym, seniň
näzik gollaryň şu kagyzlara degendir» diýip, zar-zar ýyglar erdi. Elgaraz Leýliniň
yşky gün-günden efzun bolup, renjur boldy.
Bir gün Leýliniň ata-enesi Leýliniň ahwalyny zebun görüp:
– Eý, Leýli jan, birniçe duganalaryň bilen seýri-çarbag barsaň, şaýet köňlüň
açylyp, renjurlygyň tesgin we damagyň täze bolgaý – diýdi.
Atasy Leýlä bir hup nahalystan bina kyldyryp erdi. Zyýada çarbagy-dilgüşa
erdi. Emma Leýli birniçe duhtar beçje bilen tomaşaýy-seýri nahalystana barar
boldy. Elgaraz Leýli birniçe näzenin, periweş, mah lyka gyzlar bilen çarbaga
baryp, ýüz işweýi-näz bilen tomaşa kyldylar. Gördüler, kim, reňbe-reň güller
açylyp, çeşmeler her tarapa akyp barar erdi. Her haýsy, her terzi janawerler öz jübti
bilen hawanyş kylyp, sebzeler we sebergler üstünde gonup, oýnap, aýş-u eşret
kylar erdiler. Sebzeýi-reýhanlar we gül-sünbüller horram bolup, sebergler güllere
çyrmaşyp ýatyrlar.
48
Şekufeler daragtyň astynda misli pyýaly meý içip, germi-meýdan bolan
näzeninler mysaly ýüz gyzardyp, gülüp durarlar. Gadam astyndaky gara toprak
gülleriň jemalyna mutarra salgan, sebzeleriň nowhyzlary zümerret amiz bolup,
täzeýi-ter bolgan. Benewşeleriň baş egip durşy misli dilrubalaryň zülplerini
goýberip, işweýi-näz bilen oýnagan wagtynda aýagynyň ýüzüne düşüşi mysaly,
gunçalara garasaňyz, misli kemer ustuwar kylyp, tikenlere ok-ýaýdan peýkam
tartan mysaly. Arguwanlary görseňiz, reg urup, jismi gyzyl gana boýalan
näzeninleriň bedenine ogşaş, nerkesleri mysaly ýaňy ýatyp, ukydan doýmaýyn
bidar goýulan dilrubalara ogşaş, sünbülleri seri-nafesini çeşip, jahany muattar
kylyp we gül oňa gol uzadyp durana ogşaş. Şemşatlar özüni daraga arasta kylyp,
käkillerini daraýyn diýip durar, sowsanlara garasaňyz, dokuz dilini çykaryp, uzrmagzur aýdyp duran «ýar-ýara» ogşaş. Murgy-hoşhanlary dil çykaryp, bagyň
yşkyndan bir-birewe owaz goşup, nala-ýu perýat kylan gedalara ogşaş. Fahteler
çynar üstüne gonup, ýar tarapyndan hadys aýdyp oturan ilçilere meňzär. Bilbiller
gül büteleriniň içinden başyny çykaryp, mejnunwar ah-u pygan tartana ogşaş.
Elkyssa, Leýli dilaram bu gülüstanyň seýrinden bährement bolmaý, nalaýy-bilbil
eser kylyp, şowky-zowky artdy. Leýli olary görüp: «Bu janawerler, serwisünbüller we semenler her haýsy öz jynsy bilen hemdem we hemraz bolup
ýörerler, men näge ýarym bilen hemdem we hemraz bolmaz men» diýip, ýyglap
durup erdi. Nägäh, Leýliniň gözi bir bilbile düşdi, gördi, kim, gül şahasy üzre
perýad-u pygan kylar we nala tartar. Leýli ol bilbili özüne hemraz kylyp: «Eý,
janawer, seniň nalyşyň ajapdyr, näge munça perýat-pygan kylar sen? Gije-gündiz
oturyşyň gül bilen bolsa, sen näge nalaýy-pygan kylar sen?! Dagy-hijran
mendedir» diýip, bilbile garap bir söz diýdi:
Nedir bilbil munça ahy-pyganyň,
Ne ýyglar sen gül pyragy bolmasa?
Perwaz etseň güle deger nehanyň,
Ne ýyglar sen gül pyragy bolmasa?
Perwaýyň ýok seniň sagy-u sol bilen,
Hepde-ýu gün bilen aý-u ýyl bilen,
Oturyp sen bagda gyzyl gül bilen,
Ne ýyglar sen gül pyragy bolmasa?
Mende durar Mejnun ýarym pyragy,
Guryp galdy ýar diýp jismim bulagy,
Aýagyň astynda gülüň ýapragy,
Ne ýyglar sen gül pyragy bolmasa?
Perýat etme wagty-hazan imesdir,
Wysal günüň rozy-hijran imesdir,
Gül jemaly senden pynhan imesdir,
Ne ýyglar sen gül pyragy bolmasa?
49
Men ýyglar men gözden ganly ýaş guýup,
Sabr etmişem bagrym üzre daş goýup,
Sen ýatar sen gül üstüne baş goýup,
Ne ýyglar sen gül pyragy bolmasa?
Hetdiň ýokdur men dek köýüp ýanmaga,
Aýralygyň şerabyna ganmaga,
Ganatyň bar seniň uçup gonmaga,
Ne ýyglar sen gül pyragy bolmasa?
Gül bilen zowk edip, ýokdyr eşretiň,
Öz-özüňden artyp gaýgy, mähnetiň,
Zyýat eýläp öz başyňa külpetiň,
Ne ýyglar sen gül pyragy bolmasa?
Leýli diýr mendedir hijrany-elem,
Hasrat çekip gan ýutmuşam dembe-dem,
Dowamat gül seniň daşyňda hemdem,
Ne ýyglar sen gül pyragy bolmasa?
Elkyssa, ondan soň Leýli bilbile bu sözi aýdyp, bu çemenden özge bir çemene
bardy. Garazy bul erdi kim, gaşyndaky gyzlar bir ýerde galsa, özi tenha galyp,
Mejnunyň hasby-halyndan söz aýdyp ýyglasa, emma gyzlardan jyda bola almaz
erdi. Elgaraz, gyzlara:
– Eý, duganalar, her haýsyňyz bir özge çemenden gül alyp, gül tiriň,
güldesseler baglaň, hany göreliň, kimiň güli ýagşy görner! – diýdi. Ondan soň
gyzlaryň her haýsysy bir çemene gül tirmäge gitdiler. Elkyssa, Leýli gyzlary bir
tarapa iberip, özi tenha galyp, bir gül-bütesiniň teýine girip, Mejnuny ýoklap, zarzar çün ebri-nowbahar ýyglap, bir gazal aýtdy, görüň näme diýýär:
Sen üçin seýri-bag etdim, gel eý, ýary-wepadary,
Mynasyp men saňa erdim, maňa sen, sen sezawary.
Myrady-dil ikewe bir seýri-bag-u bossan etsek,
Bir adam bolmasa jüz saýamyzdan özge jandary,
Ne bolgaý erdi alsaň dagy-derdimi ýüregimden,
Eý-ä, eý serweri-aşyk heman şalar şahynşahy.
Parahat ýer tapa almam ýyglara hasby-hal aýdyp,
Ne perwaýy maňa bagy-Erem, Firdöwsi-gülzary.
Meni Leýli, sergerdany-elem, awaraýy-haýran,
Hudaý-a, ýarymyň bolgaýmykan waslynyň mukdary.
50
Elkyssa, Leýli bu sözleri aýdyp, gözüniň ýaşy bilen çemenistan güllerine suw
sepip, zülpi-tapdary gereh baglap, benewşe dek tap berer erdi. Nafesi gunçagüllerden paç alar erdi we pelek çemeninden hyraç talap kylar erdi. Haýsy bossana
gadam goýsa, nesimi bilen güller açylar erdi, her güle gol uzatsa, şemşat, serwi,
semen, we ragnaýy-zyba her reň güller «Leýli meni alsyn hoşlap» diýip, katdykamatlaryn ýazyp, ham kylar erdiler. Sebzeler we reýhanlar hoş we horram bolup
Leýliniň aýagynyň astyna paýmal bolar erdiler. «Leýli meniň üstüme gadam
goýsun» diýip, özlerin düzedip, durar erdiler.
Ekyssa Leýli bu merätipde seýr kylyp ýörer erdi, nägäh bir rahgüzer çarbagyň
daşgarysyndan Mejnunyň bu gazalyny aýdyp öterdi. Mejnundan öwrenen
müstezady bu turar:
Şemşat katdyň turpa gülüstana düşüpdir,
Eý Leýliýi – ragna.
Göýä ki gözüm jenneti-ryzwana düşüpdir,
Eý kamaty zyba.
Mejnuny belakeş elemiňde, sütemiňde,
Bagryna urup daş.
Näzik bedeni hary-mugeýlana düşüpdir,
Awaraýy-sähra.
Leýlide heman näz-u edaýy-lutp-u letapat,
Ryzwan hüýri ýaňlyg.
Ahu berre kim, sebzeýi-reýhana düşüpdir,
Görene tomaşa.
Mejnun, başyňa bäşi uçup, ony gonadyr,
Guşlar öýesidir.
Ne wehmi onuň jismimindäki jana düşüpdir.
Agzyndadyr «Leýla!»
Leýli aýagyn sowsan-u sünbül öpeýin diýp,
Başyn ýere urdy.
Mähri höwesi Ýusuby-Kengana düşüpdir,
Göýä ki Züleýha.
Dagy-dili-Mejnuna bu dem adam çydaý almas,
Pişanasy kattyg.
Zowky onuň kim Leýli, beýewana düşüpdir,
Hem biser-u bipa.
Bir rahgüzeri ýat alyban uşbu gazaly –
Mejnuny okyr erdi.
Ýagşy gazaly ýagşy gazalhana duşupdyr,
Pür gamy – dil derýa.
Emma Leýli Mejnunyň bu gazalyny eşidip, tomaşaýy-çarbagdan geçip, zarzar, çün ebri-nowbahar ýyglar erdi. Çemenistan janawerleri bitakat bolup, nalyşa
girdiler. Elkyssa, Leýlä Mejnunyň yşky zor kylyp, bihuş bolup ýykyldy. Niçe
müddetden soň huşuna gelip, mesti-biygtyýar öýüne geldi. Erse, enesi gördi kim
51
Leýliniň derdi-elemi owwalkydan ýüz esse zyýada bolupdyr. Enesi: «Eý Leýli jan,
çarbaga baryp, seýr kylyp, dilşatlyk tapmadyňmy?» diýip sorady. Onda Leýli zarzar, çün ebri-nowbahar ýyglap, enesine bu gazaly aýtdy:
Bag seýrine bardym dilşat bolaý diýp,
Dagy-derdim gaýta boldy zyýada.
Ýüzüm açdym güle hijran salaý diýp,
Gaýta bilbil bilen düşdüm perýada.
Gün-günden artadyr ahy-perýadym,
Hijran sili ýykdy jismi-binýadym,
Hasyl bolmas bag seýrinden myradym,
Meger imdi öler boldum jepada.
Bilbil guşuň gülzarynda zary bar,
Köňli söwer göz aldynda ýary bar,
Ýüregimde bu hijranyň nary bar,
Bilmen, niçik gün görer men dünýäde.
Baga bardym, bardyr gülüň wepasy,
Başdan aşdy aýralygyň jepasy,
Janym aldy her bir guşuň nedasy,
Çyn aşyklar daýym derdi-belada.
Hijr odundan gül dek ýüzüm sargardy,
Yşkyň ody meni jandan doýgardy,
Leýli aýdar nerkes gözüm garardy,
Şirin deýin galdym dagy-Perhada.
Elkyssa, Leýli bu sözleri aýdyp, perişanlygyndan külbeýi-ahzana girip oturdy.
Leýken bu elem bilen gün-günden renjurlygy zyýada bolup, zar-zar ýyglap,
enesine: «Eý, ene, men bu elem bilen öler men, eger derdimiň dowasyny
kylmasaň, meniň ganyma atam bilen sen zamun bolar sen» diýip, ýyglar erdi.
Gözünden ýaş ornuna katra-katra gan akar erdi, jigergähinden ahy-ataşyn tartyp,
haýma we hargählerini köýdürer erdi.
Emma, arap kabylasyndan Eset ibn Salam diýen bir ýigit bar erdi, zyýada
zyba ýigit erdi. Atasyna Abdus-Salam diýer erdiler, zyýada gany-döwletment erdi.
Leýli çarbagdan çykyp gele duranda Leýlini görüp, onuň tiri-yşky Eset ibn
Salamyň synasyna jaý boldy. Erse, atasyna kişi iberip: «Atam maňa Leýlini alyp
bersin, ýogsa öler men» diýdi. Elgaraz, Eset ibn Salamyň sözüni Abdus-Salama
aýtdylar. Abdus-Salamyň hyşy-tebarlary we akrabasy zyýada köp erdi. Elkyssa,
Abdus-Salam hemmesini jem kylyp: «Gyzyny ogluma bersin» diýip, Leýliniň
atasyna sawçylyga iberdi. Onda Leýliniň atasy hem jemagasyny jem kylyp,
maslahat etdi. Emma Leýliniň jemagasy ittifak olup, maslahat kylyp: «Leýlini
52
Abdys Salamyň ogly Eset ibn Salama fatyha kylsak, şaýet ki, Mejnuny unutsa»
diýip, umyt kylar erdiler. Aralarynda sawçylar gatnaşyp, kadalaryn berjaý kylyp,
Eset ibn Salama Leýlini fatyha kyldylar. Emma Leýli eşidip, ýüregine daş urup,
gül dek bedenini para-para kyla başlady. Elgaraz, goluna hanjary-abdar alyp, özüni
öldürmekçi bolanda, enesi gujaklap tutup, goýmady. Ahyr özüni nabut kylmasyn
diýip tylla zynjyr bilen mäkäm kyldylar. Elgaraz, naçar Leýli öz zülpi dek piç-u
taba tüşdi. Bihab-u hur we bikarar bolup, külbeýi-ahzana girip, oturdy, köňlünde
Mejnun, didesi pürhun, owwalkydan ýüz esse elemi zyýada bolup, efgan kylar
erdi.
Emma Mejnun bir gije düýşüne girip: «Eý, ýary-wepadarym, rakyplar rehne
salmazdan burun tiz ýetişgin» diýip gaýyp boldy. Erse, Leýli syçrap turup,
jigergähinden ah tartyp, bendi-paýna zor kyldy, alaç kyla bilmedi. Ahyr nälaç
bolup, zar-zar ýyglap, oturdy.
Indi Mejnundan söz eşidiň, emma Mejnun kuhy-Nejdiň gyragynda Leýliniň
pyragynda ýyglap ýörep erdi.
Şol asyrda Nowfyl atly bir patyşa bar erdi, zyýada sahyp-adalat ähli şujagat,
pälwan surat, leşger şiken, şir terkip, tagatparaz mähri-gazal we şiri-gazap patyşa
erdi. Benägäh şikar kylyp, nahjir agtaryp ýörüp erdi, Mejnun alnyndan çykdy.
Gördi kim, bir diwana nalaýy-perýat kylyp derdi-hasrat başyna urup, beýewan
gumlaryn başyna saçyp, gurbat we mähnetzede dost-ýardan, muhyplardan aýrylan,
hyş-tebardan jyda bolan, dert-elemlere duçar bolan, renjur we garyp, duşman
kämine karyp ýörip turar. Birniçe wagşylar etrapyny alyp, birniçe adamy-aşufta
hatyr oturyp turar. Elgaraz, patyşanyň ol diwana gözi düşdi. Erse, ol diwananyň bu
ahwalyny görüp, rehmi gelip, bir hyzmatkärine «Alyp gelgil!» diýip buýurdy we
«Bul biçäre ne sebäpden mundak kylyp ýörer?. Bu ýatan kimdir, munuň ahwalyny
biledurgan kişi barmy?» diýdi. Emma onda Zeýt atly bir adam bar erdi. Ol: «Eý,
şahy-älem, eý soltany-ekberim, munuň ahwalyny men ýagşy biler men, munuň
adyna Mejnun diýerler, Leýli diýen gyza aşyk turar» diýip, Nowfyl patyşa garap,
bir söz diýdi:
Eý şahy-jahan, aşyky-Mejnun şuny diýrler,
Şurideýi-derýa, dili-pürhun şuny diýrler.
Magzy-jigerin ataşy-gam birlen eriden,
Rahaty kem-u mähneti efzun, şuny diýrler.
Hem ülpeti guşdur onuň, hem söhbeti wahşy,
Köňlünde elem, harmany-mahzun, şuny diýrler.
Diwana arap mülkünde bir türpe gazalhon,
Mestanaýy-derýa, dili-Jeýhun, şuny diýrler.
Her gün uruban Leýli üçin göwsüne müň daş,
Gurbatzedeýi-seňňi-felahan, şuny diýerler.
53
Perhat kibi zähmi-teber jismine urulan,
Öz gany birlen jamasy gülgün şuny diýrler.
Zeýt aýtdy: jahandan – tamasyn – jandan üzendir,
Bigabr-u lahat zindeýi-medfun şuny diýrler.
Elkyssa, Zeýt bu sözleri aýtdy. Nowfyl şa bisýar rehim dil adam erdi, köňli
nerm bolup, Mejnunyň aldyna baryp, köp nowazyşlar kylyp, mylaýymlyk birle
özüne ram kyldy, dünýä lezzetinden we dünýä tagamyndan tamasyn üzen adama
niçe şirin sözler bilen endek ab-tagam iýdirip:
– Eý, Mejnuny-belakeş, imdi sen hiç gam iýmegil, inşa Allatagala Leýlini
saňa miýesser kylar men. Eger howadaky guş bolsa, miýesser kylar men, tä seniň
myradyň miýesser eýlenmese, golumy ondan kütah kylmagaý men – diýip söz etdi.
Mejnuny-binowaýy-aşufta ahwal umydwar bolup:
– Eý, patyşahy-älem, eý, şahy-arap, waý, daraýy-soltanat, waý, Sekender
etwar, bu myradymy atam-enem hasyl kylmady, şaýet ki, siziň ulug güýçlük
döwletiňiz destgirim bolup, maňa Leýli miýesser bolsa – diýip ýyglady. Patyşa:
– Eý, Mejnun, sen meniň gaşymdan bir zaman aýrylma we diwanalygyňy
taşlap, meniň bilen goşulyp ýörgül, at-ýarag we serpaý berip, özümge hemra
kylaýyn – diýdi.
Elkyssa, Mejnuny-dil remide köňlünde: «Bular bilen hemra bolaýyn, şaýet ki,
wada wepa kylgaý» diýip, birniçe gün Nowfyl bilen birge ýördi. Emma bir gün
Mejnun Nowfyla:
– Eý, şahy-alem, maňa haçan ýarymy miýesser kylar sen? – diýdi. Onda
Nowfyl:
– Eý, Mejnun, sabyr kylgyl – diýdi. Nowfylyň garazy Mejnunyň sözlerini
eşidip, halawat kylmak erdi. Emma Mejnun Leýliniň yşkynda birniçe aşygyna
sözleri aýdar erdi, Nowfyl zowk kylar erdi.
Elgaraz, bir gün Leýliniň yşky Mejnuna zor kyldy. Erse, Nowfyla aýtdy:
– Sen meniň ýarymy haçan miýesser kylar sen? Nowfyl:
– Eý, Mejnun, sabyr kylgyl – diýdi. Onda Mejnun bikarar bolup, takat kyla
bilmeý, sabyr synasynda takat galmaý:
– Eý, Nowfyl, sen menden ötenin ne biler sen, derdimi bilmeseň, dowa niçik
kylar sen? – diýip, mesti-biygtyýar bolup, bu muhammesi okar erdi, Nowfyl eşider
erdi:
Arzy-ahwalymy yzhar eýlesem men, eý habyp,
Sabr-u aramymy aldyrdym galyp men sargaryp,
Men saňa hemdem bolup men, sen şa sen, men bir garyp,
Barmykan Leýli nigarymdan nesibim, ýa nesip,
Bilmeseň derdim, ne kylgaý sen dowasyn, eý tebip.
Otlug efganym fuzun, perýady-ahym derdinäk,
Riş – köňlüm, para – bagrym, magzy-synam – çäk-çäk.
Damenim ter boldy-ýu efsurda jismim boldy häk,
54
Zahyr-u batyny bilmez men, hany bir ruhy-päk,
Bilmeseň derdim, ne kylgaý sen dowasyn, eý tebip.
Dehr meýdanynda bir murgy-nowasyz men ajap,
Mähir kem tapgan garyp dil aşynasyz men ajap,
Mübtela bolgan belalara rehasyz men ajap,
Derdi-gam uftadasy bolgan dowasyz men ajap,
Bilmeseň derdim, ne kylgaý sen dowasyn, eý tebip.
Sen kim-u derdim meniň derdime derman kylgaly,
Ýagşy sen bir sözi aýdyp, soňra puşman kylgaly,
Galmady takat jahan mülkünde döwran kylgaly,
Matlabymdan ýüz öwürdiň sözi pynhan kylgaly,
Bilmeseň derdim, ne kylgaý sen dowasyn, eý tebip.
Aýdy Mejnun, sen eşit arzymy, eý mürze ýigit,
Patyşa bolgan halaýyga şahy-dana ýigit,
Bagty-ykbalym zebun, kem täleýim, zyba ýigit,
Renji-bihuda çekme sen eý, güli-ragna ýigit,
Bilmeseň derdim, ne kylgaý sen dowasyn, eý tebip.
Elkyssa, Mejnun bu sözleri aýtdy, erse, Nowfyl Mejnundan bu sözi eşidip,
gahary gelip, Leýliniň atasyna sawçy iberip: «Leýlini munda ibersin, Mejnuna
berer men. Eger ibermese, leşger tartyp, üstüne baryp, zarby-şemşir bilen alyp,
Mejnuna berer men» diýip, ilçi rowana kyldy. Ilçi baryp, Nowfylyň hatyny olara
berdi. Weliken Beni Haý jemagasy köp ten mezaj erdiler. Ol jemagat Nowfylyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Leýli–Mejnun - 05
  • Parts
  • Leýli–Mejnun - 01
    Total number of words is 3531
    Total number of unique words is 1665
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 02
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1922
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 03
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1822
    22.0 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 04
    Total number of words is 3874
    Total number of unique words is 1850
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 05
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1780
    23.3 of words are in the 2000 most common words
    33.4 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 06
    Total number of words is 3893
    Total number of unique words is 1816
    20.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 07
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2117
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 08
    Total number of words is 3405
    Total number of unique words is 2185
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 09
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 2341
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    33.0 of words are in the 5000 most common words
    40.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 10
    Total number of words is 3449
    Total number of unique words is 2216
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    34.2 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 11
    Total number of words is 1554
    Total number of unique words is 1167
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.