Latin

Leýli–Mejnun - 02

Total number of words is 3740
Total number of unique words is 1922
25.0 of words are in the 2000 most common words
36.3 of words are in the 5000 most common words
43.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Biçäre husnuňy göreý, tapgaýmy men, ýa Rep seni.19
Bu ýerde Zunubynyň adynyň getirilmegi eseriň Zunuba degişlidigini
aňlatmaýar, tersine, bu mysallar eserlerde gabat gelýän her bir adyň şol eseriň
ýazary bolup bilmejekdigini subut edýär.
Şu ýerde eger, dessanyň aýry-aýry nusgalarynda atlary gabat gelýän
şahsyýetleriň ikisi-de dessanyň kätibi bolsa, onda bu dessanyň haýsy-da bolsa bir
18
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 3-nji bukja, 112 b warak. Geljekde
gysgaldylan «MGI» görnüşinde alnar.
19
MGI 129-njy bukja, 32b warak.
14
nusgasynyň Andalyba degişlidigini ykrar edýän deliller barmy? diýen sowalyň
ýüze çykmagy bolup biläýjek zat. Hawa, alymlar B. Ahundow20 bilen N.
Gullaýew21 dagylar muny öz işlerinde ýeterlik delilleriň üsti bilen subut etdiler.
Emma olar az-kem bärden gaýtmalara ýol beripdirler iki nusgany biri-birinden
tapawutlandyrman, olary bir nusga hasaplapdyrlar. Hut şonuň üçin-de haýsy
nusganyň Andalyba degişlidigini kesgitlemändirler. Elbetde, muňa Mollamurtuň
iki nusgadan üçünji bir nusga döretmeginiň täsir eden bolmagy-da mümkin.
Mundan başga-da Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar
institutyndaky 847-nji bukjada dessanyň Andalyba degişliligi bilen bagly şeýle
maglumat bar: «Andalybyň özi, asly Hywa, Daşoguz türkmenlerinden bolan.
...Hywa şäherinde birnäçe ýyl okan Orazguly ahundan eşitdim: «Andalyp şahyryň
«Ýusup–Züleýha» we «Zeýnelarap» kitabyny we «Leýli-Mejnun» we «Sagdy
Wakgasy», gaýry-da birnäçe kitaplary düzen, ýazyp halkyň arasyna ýaýradan
Andalypdyr» diýip aýtdy. ...Isgender obaly, asly türkmen Seýitjan Kazy oglunyň
dilinden ýazyldy. Ýaşy 70 çenli, garry adam. Ýazan molla Püri Abam ogly, 23-nji
iýulda 41-nji ýylda». Ýene şol bukjada saklanýan Andalyp bilen baglanyşykly
ikinji bir maglumat: «Gyzylarbat obaly, asly türkmen Durdy molla Öwezgylyç
oglunyň aýtmagyna görä, (gyzylarbatly Annamyrat ahundan eşitdim): «Andalyp
diýen şahyryň asly Hywa adamsy. ...Zeýnelarap, Ýusup–Züleýha hakynda, Leýli–
Mejnun, başga çykaran kitaplary barmyş diýip eşitmedim». Gyzylarbat obaly
Durdy molla Öwezgylyç ogly, aksakal, garry adamyň dilinden ýazyldy. Ýazan
molla Püri Abam ogly. 27-nji iýulda 1941-nji ýylda.»22 Bu maglumatlardan
Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessanyny ýazandygy belli bolýar. Diýmek, iki
nusganyň biri Andalybyň ýazan dessany. Derňewler bolsa, ýokarda belleýşimiz
ýaly Sebatyly nusganyň däl-de Naryly nusganyň Andalyba degişlidigini görkezýär.
Hut şonuň üçin-de neşire Naryly nusga esas edilip alyndy.
Ýokarda «Leýli-Mejnun» dessanynyň iki nusgasy barada-da, olaryň kätipleri
barada-da, käbir çaklamalar aýdyldy. Emma Sebatyly nusganyň Naryly nusga,
ýagny, Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessany bilen neneňsi baglanyşygynyň
bardygyny, neneňsi aýratynlyklarynyň ýa-da täsirleriniň bolandygyny, dessanyň
ýazarynyň bardygyny ýa-da «Şasenem-Garyp» ýaly halk döredijiliginiň
önümidigini doly bilmek üçin iki nusganyň hem tankydy tekstiniň düzülmegi
zerur. Çünki iki dessandaky çeperçilik serişdeleriniň, söz oýnatmalarynyň we aýryaýry söz toparlarynyň ulanylyşyndaky baglanyşyklar we aýratynlyklar golýazmalar
esasynda düýpli seljerilse, bu sowallaryň köpüsine jogap tapylmagy mümkin.
Ýöne, iki nusganyň teksti bilen tanşylanda Sebatyly nysganyň Andalybyň
dessanyndan soň dörändigi belli bolýar. Sebatyly nusga has sada, onuň dili häzirki
zaman gepleşigine has ýakyn. Mundan başga-da aşyk-magşuklaryň mekdep
döwürleri bilen baglanyşykly wakalarda, esasan hem, çeperçilik serişdeleridir söz
oýnatmalarynda Mollanepesiň «Zöhre-Tahyryna» kybapdaşlyk duýulýar. Bu bolsa,
dessana «Zöhre-Tahyryň» hem täsir edendiginiň ähtimallygyny görkezýär. Eger bu
20
Ahundow B. «Leýli–Mejnunyň» awtory Andalyp bolupdyr. «Edebiýat we sungat» gazeti, 1965, 9-njy iýun;
Ahundow B. «Edebiýat we sungatyň» redaksiýasyna. «Edebiýat we sungat» gazeti, 1965, 14-nji iýul.
21
Gullaýew N. «Leýli hem Mejnun hakda söhbet». Aşgabat, «Magaryf» 1986, 346-348 sah.
22
MGI 847 e bukja.
15
çaklama dogry bolsa, eser XIX asyryň ikinji ýarymynda ýazylan bolýar. Onda
munuň ýazary belli bolaýjak ýaly? Bu deliller we çaklamalar entek bu nusga
barada belli bir netijä gelmekden irräkdigini aňladýar.
Häzirki neşiriň öňki neşirlerden tapawutly tarapy, munda iki nusga biribirinden tapawutlandyryldy hem-de dessana kätipler tarapyndan goşulan
goşgulardyr çeperçilik serişdeleri aýrylyp, mümkin boldugyndan asyl nusga
saklanylmaga çalyşyldy. Bu dessany 1991-nji ýylda neşir eden A. Mülkamanow
bolsa, iki nusgany biri-birinden aýyl-saýyl etse-de dessandaky Nara degişli
goşgulary-da neşire girizipdir. «Leýli-Mejnun» dessanyny 1956-njy we 1963-nji
ýyllarda neşir eden alymlaryň bolsa, (1940-njy ýyldaky neşir elimize düşmedi)
döwrüň talabyna seslenmekden ötri, bu dessanyň tekstine erkin çemeleşen ýerleride bolupdyr. Olar Mollamurtuň göçüren nusgasyny (3-nji bukja) esas hökmünde
alyp, Mollamurt tarapyndan goşulan birnäçe bent goşgyny almasalar-da, onuň
dessanyň tekstine goşan degişme we satiriki äheňli jümlelerini nesire salypdyrlar.
Çünki goşgularyň arasynda gelýän şol bentler dessana degişli däldigini açyk-aýdyň
bildirip dur. Emma, Mollamurt tarapyndan dessana soň goşulan tekst tüýs, şol
döwrüň ideologiýasyna bap. Mysal üçin iki neşirde-de aşakdaky ýaly şol bir
sözlere gabat gelýäris:
«Azaýymhonlardan biri: «Bu dertge Leýliden özge derman ýokdur» diýdi.
Onda eýlekiler oňa: «Sen söwdaýy, nämäni bilýärsiň?» diýip, ony kowdular, ol
biçäre gitdi. Ondan soň ikinji biri: «Endamynda öli gan bar» diýip, basyp gan aldy.
Üçünji biri: «Meýnisi sarsypdyr» diýip, başyna şor kepek ýapdy. Tördünji biri:
«Ýel örgündir» diýip köne daşyň suwuny içirdi. Haýdar işan: «Käpir periden
zahym ýetipdir, ýedi gün okamak gerek» diýip, tasma gamçy birle urup: «Bir gara
goýun uçugy bar» diýip, dem salyp başlady. Abyt işan hem «Ebjet» hasabyn
görüp: «Musulman periden zyýan ýetipdir. Bir ak towuk birle kakmak gerek»
diýip, bu hem zor berdi23. Emma, bu alymlar Mollamurtuň goşan tekstiniň sepini
bildirmezlik üçin, ony-da özüçe işlemeli bolupdyrlar. Çünki bu metin 3-nji, ýagny
Mollamurtuň iki golýazmany birleşdirip, özüçe döredijilikli işlän nusgasynda şeýle
berilýär: «Elgaraz Mejnun sözün tamam etdi. Abyt işan aýdy: «Bu dertge Leýliden
özge derman ýokdur» diýdi. Ony «Sen söwdaýy, nämäni biler sen?» diýip
kowdular. Biçäräniň söwdasy tutup, bidir gitdi. Ondan soň Aşyr Hajy:
«Endamynda öli gan bar» diýip, basyp gan aldy. Gylyçnyýaz çoluk: «Meýnisi
sarsypdyr» diýip, başyna şor kepek ýapdy. Rahman Halyl: «Bat uraýdyr (ýel
urupdyr)» diýip, köne daşyň ununy içirdi. Haýdar işan: «Kapyr periden zähmet
ýetipdir, ýedi gün okamak gerek» diýip, jelal (badyhowalyk?) birle, tasma gamçy
birle urup: «Bir gara goýun uçugy bar» diýip, dem sala başlady. Mollamurt hem
ebjet hasabyn görüp: «Musulman periden zyýan ýetipdir. Bir ak towuk birle
kakmak gerek» diýip, bu hem zor berdi’24. Bu adamlar Mollamurtuň öz
döwürdeşleri bolsa gerek. Çünki Mollamurt şol ýerde «Bu derdime çäre ýokdur»
atly goşguda:
Mollamurt, sen gaýra durgul,
23
Andalyp. Leýli-Mejnun. Aşgabat, Türkmenistan döwlet neşirýaty, 1956, 34 sah; Andalyp. Saýlanan eserler.
Aşgabat, Türkmenistan, 1963, 69 sah.
24
MGI 3-nji bukja, 112a-b warak.
16
Haýdar Jelal assa urgul,
Ýa Ýaradan towpyk bergil,
Men dek bagty gara ýokdur.
Daşyň uny demim tutdy,
Şor kepek meýnime ötdi,
Ýary görmeý ajal ýetdi,
Sizler deý mekgara ýokdur.25
-diýip getirýär. Mundan başga-da bu adamlaryň atlaryny «Meniň jogabym» atly
goşguda hem getirýär:
Getirgil her ýerde bolsa, dert bilen,
Işim bolmaz şäher, ülke, ýurt bilen,
Haýdar işan gelsin Mollamurt bilen,
Owwalky jogapdyr meniň jogabym.
Tebip bolsa getir ha gazak, galpak,
Gädikde Gylyçnyýaz aýagy ýalpak,
Rahman Halyl, Aşyr Hajy çiş telpek,
Owwalky jogapdyr meniň jogabym.
Derman diläp çagyrar men Hudaýy,
Ýar ýoluna janym bolsun pidaýy,
Derdim bilse Abyt işan söwdaýy,
Owwalky jogapdyr meniň jogabym26.
Emma dessany neşire taýýarlaýjylar oňa ähmiýet bermän, Mollamurtuň öz adyny
aýryp, atlary az-kem üýtgedip dessanyň metinine goşupdyrlar.
Bu dessan taýýarlanylanda 930-njy bukjadaky golýazma esas edilip alynsa-da,
697-nji we 1803-nji bukjalardaky golýazma nusgalaryndan hem peýdalanyldy. Bu
nusgalardan iň ygtybarlysy we gadymysy 930-njy bukjadyr. Emma bu bukja
hogsanly bolup, başynda-da, aýagynda-da iki-üç waragy ýyrtylypdyr. Golýazma
«Aýyrma yşkdan» atly muhammes bilen başlanyp, «Leýli atlyg ýary şul» atly
muhammes bilen tamamlanýar. Golýazma nestalyk usulynda gara syýa bilen
owadan we düşnükli edilip ýazylypdyr. Golýazmada sene bolmasa-da kagyzyndan
we ýazuwyndan XIX asyryň ortalaryna degişlidigini aňsa bolýar. Kagyzy-da,
sahaby-da gündogar önümine degişli bolup, hiç ýerinde möhürdir bellik alamatlary
ýok. Bu golýazma metindäki çeperçilik aňlatmalarynyň has dürs we kämil
berlenligi bilen beýleki golýazmalardan tapawutlanýar. 697-nji bukjadaky
golýazma has soňky döwre degişli. Golýazmanyň başyndan 5-6 warak gopup
aýrylypdyr. Tekst Mejnunyň hossarlarynyň leýli üçin sawçylyga barýan wakasy
bilen başlanýar. Soňy doly, temmetden soň «Sene 1324» diýlip ýazylypdyr. Bu
25
26
MGI 3-nji bukja, 112b warak.
MGI 3-nji bukja, 109b warak.
17
1906-njy ýyla gabat gelýär. Bu golýazma 930-njy golýazma örän meňzeş bolsa-da,
çeperçilik aňlatmalary az ulanylyp, kä halatlarda wakalar gönümel berlipdir, birki
sany goşgy, käbir goşgulardan bentler we setirler galdyrylan ýeri bar. 1803-nji
bukjadaky golýazmada hem sene gelmese-de, kagyzyndan we ýazuwyndan XIX
asyryň II ýarymyna degişlidigi belli bolýar. Golýazmanyň başynda 5-6 warak,
soňunda bolsa bir warak ýok bolup, başy Mejnunyň ejesiniň «Bir mahy-peýker
dilberi» atly muhammesi bilen başlanyp, «Leýli bolsa, dagy-yşky bolmazmy?»
diýen goşgy bilen tamamlanýar. Golýazmanyň sahaby ýok, metini hem çyg çekip,
örän zaýalanypdyr. Golýazma arap hatyndan başy çykmaýan biri tarapyndan
çatylypdyr, waraklary ýerli-ýerinde däl, munuň üstesine-de ortalaryndan hem
ençeme warak gopup ýitipdir.
Şu ýerde bu golýazma bilen baglylykda ýene bir zat bellenip geçilse ýerlikli
bolsa gerek. Ýokarda-da az-kem ýaňzydyp geçişimiz ýaly, bu dessan bilen bagly
«Naryly nusga» diýen düşünje hem hut şu golýazma bilen baglanyşyklydyr. Bu
golýazmada «Naryly nusga» bilen bagly bolan beýleki golýazmalarda gabat
gelmeýän we ahyrynda Narynyň ady geçýän 20 töweregi goşgy bar. Bu goşgular
beýleki golýazmalarda yzygiderli dowam edýän tekstiň aralaryna täze bir waka
getirilmezden, diňe, käbir ýerde belli bir derejede çeperçilik serişdeleri artdyrylyp
salnypdyr. Mysal üçin Leýliniň ejesi Leýliniň ölendigini Mejnuna habar berip:
«Gel, eý ýigit, ýyglaşaly sen bir zaman, men bir zaman!» diýen muhammesi
aýdandan soň Mejnunyň ahwaly beýan edilende bu golýazmada Narynyň adyndan
şu aňlatmalar we beýtler artdyrylýar:
«Emma Zeýt biçäre ahwal bul gazaly okyp tamam kyldy. Erse, Mejnuny
binowa eşidip, andak nalyşa girdi kim, süňekleri joş uryberdi, tamam peýkerleri
mysaly jowwalawar ot saçaberdi, nerkesleriniň silaby tugýan edip, fowwaraýymöwje durdy, kim, göýä kim, Nuh tupany gaýta başdan berpa boldy. Nalaýy
pygany halk-halaýygy andak gulgula saldy kim, göýä kyýamat äşgäre boldy we
tahaýýur derýasyna andak gark boldy kim, zemin, asman we köwni-mekandan
habary bolmady. Pyrkat ataşyna andak örtendi kim, tendürstlük äleminden çykyp,
hyrman beýewanyga düşdi, huş-hyret başyndan uçdy we belli-külli ýas meýdanyna
ýüz urdy. Zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, Nejdi-pür jepadan düşüp, neşatgähiLeýli dilaramyň hargähi-haýmasy sary garap, bir gazal okady:
Gözümge jilwe bergen Leýli hargähi, hany Leýli?
Gije-gündiz ýatan ýyglap, neşatgähi, hany Leýli?
...Garyp jismini andak Nary pyrkat örtedi ýakyp,
Bu Mejnuny-binowanyň ýagşy hemrahy, hany Leýli?»
Ýa-da, Leýli hassa ýatyrka bir kepderini görüp, «Jaýyň idi gülşen» atly
müstezady aýdandan soň, Nary Leýliniň ahwalyny beýan edip, aşakdaky çeperçilik
serişdelerini we beýtleri getiripdir:
«Leýli dilaramyň sagatba-sagat derdi zyýada bolup, derdi-gamnäk, gussaýyelemnäk, çeşmi-nemnäk tebi-taby efzun, dide-pür hun, be ýady-Mejnun: «Haý
18
daryg!, Haý daryg!» tartyp, galgan razy-dilini kyýamata howala kylyp: «Ah, yşk!»,
«Ah, Mejnun!» diýip, jan be Hak teslim kylar halynda bir gazal okugany:
Didar galdy kyýamat, gelmediň, eý ýar, jan Mejnun!
Oşol gün äşkäre olgusy razy-nahan, Mejnun!
...Diýdi Leýli bakada intizaryň kylma köp, Nary,
Ýetişgil tiz, goşulgaý onda bul ruhy-rowan, Mejnun!»
Nary tarapyndan goşulan goşgular dessanyň başlarynda däl-de, eýsem eseriň
dörtden biri ýazylyp bolandan soň başlanypdyr, artdyrylan çeperçilik serişdeleri
bolsa dessanyň ýarysyndan soň goşulyp başlanypdyr. Bu bolsa, Narynyň bu
dessany göçürende soňabaka öz içki joşgunyna bäs gelip bilmän, dessana öz
şygyrlaryny-da, has soň bolsa, dürli çeperçilik serişdelerini-de goşandygyny
aňladýar. Beýle ýagdaý nusgawy edbiýatda gabat gelýän ýagdaý. Muny bu
dessanyň Sebatyly nusgasy, şeýle-de şahyr we hatdat Mollamurtuň «LeýliMejnunyň» iki nusgasyndan (sýužetinden) täze bir nusga ýasap, döredijilikli
göçüren nusgasy hem tassyklaýar. Ýöne, şu ýerde bir bellemeli ýagdaý, Sebaty-da,
Mollamurt-da kyssa bilen täze çeperçilik serişdelerini-de, täze goşgular-da
goşmandyrlar. Sebaty esasan şygryň ahyrynda öz ady bilen gelýän bent
artdyrypdyr, Mollamurt bolsa, öz setirlerini goşgynyň arasynda getiripdir. Kätipler
bilen baglanyşykly bolup geçen bu ýagdaýlary şeýle düşündirmek mümkin.
«Leýli-Mejnun» sýužeti gadymdan bäri ähli edebiýatçylaryň ünsüni özüne çekip
gelipdir. Nurmuhammet Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessany bolsa, diňe bir
şahyrlary däl, eýsem kätipleri-de öz erkine göýmandyr. Kätipler-de içki
joşgunlaryna bäs gelip bilmän, şahyryň bu ajaýyp eserine öz seslerini goşupdyrlar.
Bir söz bilen aýdanyňda Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessany «Leýli-Mejnun»
sýužetinde döredilen eserleriň arasynda iň ajaýyp nusgalaryň biridir.
Milli mirasymyzyň çyn howandary Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary
esasynda ýakynda türkmeniň nusgawy dessançy şahyryNurmuhammet Andalybyň
350 ýyllyk toýy toýlanar. Hut şol toý mynasybetli şahyryň Täze galkynyş we
beýik özgertmeler zamanasynyň ýaşlarynyň terbiýeli we ruhlarynyň belent bolup
ýetişmeklerine oňaýly täsir etjek eserleri – filosofik we milli mazmunly şygyrlar
ýygyndysy, ynsanperwerlige we adamkärçilige ýugrulan, söýginiň we adalatyň
dabaralanmagyna çagyrýan «Leýli-Mejnun we beýleki dessanlary neşir ediler. Bu
bolsa, Andalybyň döredijiligini we dünýägaraýşyny ylmy nukdaýnazardan açyp
görkezmeklige itergi berer.
Godarow Rahmanberdi
TYA-nyň Milli golýazmalar
institutynyň ylmy işgäri
19
LEÝLI-MEJNUN
Emma rawylar andag rowaýat kylarlar kim, Bagdat welaýatynyň suhanwerleri
andak habar bererler kim, arap yklymynda Amyry diýgen bir jemagat bar erdi.
Olaryň ulugyna Seýit Beni Amyry diýr erdiler. Zyýada ulug-büzürgwar erdi,
welaýaty hem magmur we abadan erdi. Seýit Beni Amyry zyýada sahyp-hünär we
jümleýi-afakdan şaýeste, derwişnowaz, myhmandost, hoş ykbal erdi. Her çent ki,
özi halypawarlykda meşhurdy, leýken bihalaplykdan mysaly şemgi-binur, halaýyk
gözüne tire görünir erdi, manendi-hoşa kim, dänäge arzuwment erdi. Seýit Beni
Amyry perzende andak muştak erdi. Emma bu hasrat birle umyt eýlär erdi kim,
şaýet, desti-bagtym şahaýy-daragty-ömrümden miýesser kylarmykan diýip, bu
tama birle saýyl we derwişlere köp-köp haýyr we yhsan kylyp, zary we tazarrug
birle dergahy-Wajybyl-Wujuda ýüz urup, ýyglar erdi. Emma sagatlardan bir sagat
tiri-doga semaýy-nyşana degip, kylan dogasy dergahy-Wajybyl-Wujuda kabul
düşüp, Şeýit Beni Amyra bir ogul berdi. Onuň adyna Kaýs goýdular. Seýit Beni
Amyry onuň hursantlygyndan hazynasynyň işigin açyp, zer we nukradan Hudaýyň
ýoluna tasaddukatlar berdi. Emma bir gün Kaýsyň jemalyna muhabbet birle tomaşa
kyldy kim, göýä aftaby-jahan ara dek eksi-jemaly jahany münewwer kylar erdi,
lebleriden şeker saçylar erdi. Onuň kamatyny gören we eşiden arzuwynda bolar
erdi. Emma Seýit Beni Amyry bu nowg perzendi Hudaýtagala ata kylany üçin sena
edip, Perwerdigäri-hiždeh hezar äleme şükür kylyp, bu sözi aýtdy:
Hudaý-a, gudratyň güýçlük,
Tenime jan ata kyldyň.
Dili gamgyny şat eýläp,
Ajap myhman ata kyldyň.
Guş erdim baly syndyran,
Haýy-nebsimi öldüren,
Öýüm rehmete dolduran,
Mahy-taban ata kyldyň.
Başymda fahry täji hem,
Dest kütahym uzyn bul dem,
............. Müsür ömrüm,
Tuhfa Kengan ata kyldyň.
Ferehlik müjdesi ýetdi,
Sagadat elgimi tutdy,
Tamamy derdi-gam gitdi,
Maňa derman ata kyldyň.
Semendi-bagt astymda,
20
Hökümet ziri-destimde,
Ne matlap bolsa kastymda,
Tükenmez kän ata kyldyň.
Ýüzünde nury-Rahmany,
Münewwer ondan imany,
Munuň dek täzeýi-jany,
Kime yhsan ata kyldyň.
Kelamyň bes, Beni Amyr,
Hudaga şükür kyl wafyr,
Eý-ä, eý Kadyry-Gafyr,
Ne diýsem, an ata kyldyň.
Elkyssa, Seýit Beni Amyry bu sözi tamam kylandan soň, tamam raýat we
tabygatlaryna toý berip, hamdy-sena birle meşgul boldy. Emma Kaýs bir ýaşyna
ýetdi. Yşk daýasy gelip, suw guýdy we hurşydy-yşk peýkerine tap bere başlady.
Kaýs iki ýaş bolanda, bir-iki ülpet birle dilnowazlyk kylar boldy. Elkyssa,
muhteser, gün-günden jemaly tarawet tapyp, efsanaýy-halaýyk bola başlady. Her
kişi kim, onuň mübärek ýüzüni görse, çün bady-nesim ýüzüne dogaýy-dem salar
erdi. Emma Kaýsyň dili çykyp, tekellüm kylarda Hudaýtagala gulply dilini açyp,
bu ebýat birle kelamy agaz kylyp, bu muhammesi aýtdy:
Eý Huda, Öz şowkuňa ýar et, aýyrma yşkdan,
Zaty-päkiň hormaty, zat et, aýyrma yşkdan.
Tä ser-u pa peýkerim har et, aýyrma yşkdan,
Gunçaýy-köňlümni efgar et, aýyrma yşkdan,
Derdi-mähnetden ne mukdar et, aýyrma yşkdan.
Sözlesin janym erip, bagrym köýüp çeksin pygan,
Ustuhanym oda ýansyn galmasyn namy-nyşan,
Juýybary gam bolup aksyn gözüm ýaşy rowan,
Asyýa bolsun başyma Ýer bile Gök her zaman,
Günbe-gün derdimi bisýar et, aýyrma yşkdan.
Synaýy-çägime merhem tapmagaý men agtaryp,
Tyfly-nadan dek özüm müň katla ýyglap, ýalbaryp,
Küreýi-şowk içre jismim aksa, ahen dek erip,
Her kaýana telmuryp galsam tegi-pa men garyp,
Çün semender peýkerim nar et, aýyrma yşkdan.
Ýylba-ýyl awaralyk kesp eýlesem bidatlap,
Ýol ýörip, çöller gezip, daglar aşyp perýatlap,
Halky-älemi belent owaz ile näşatlap,
Bargaly ýol tapmasam ädip, emekläp, datlap,
21
Bikes-u biçäre, naçar et, aýyrma yşkdan.
Kaýs adym, il içre çün meşhur Mejnun bolsa hem,
Magzy-janym tagna daşy birle pür hun bolsa hem,
Jebri-derdiden egerçe başlarym un bolsa hem,
Bir gamym her dem alynça ýüz müň efzun bolsa hem,
Köp belalara meni ýar et, aýyrma yşkdan.
Emma Kaýs bu mynajaty okap, zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglar erdi. Nägäh
enesi bu sözleri eşidip, wehm edip, muny mekdebe goýar boldy. Elkyssa, şenbe
güni Seýit Beni Amyry Kaýsy ulug kadalar bilen mekdebe eltip, mugallymyň
aldyna tabşyrdy. Emma mekdephanada birniçe näzenin gyzlar we birniçe periweş
oglanlar mugallymdan ylym öwrener erdiler. Elgaraz, Kaýs gördi kim,
mekdephanada bir mahy-enwer we hurşydy-hawer, bir apaty-jan, ýeganaýydöwran, ýyldyzlar içre Aýa ohşaş birniçe gyzlar bilen Leýli bir tarapda oturyp
turar. Ýene bir tarapda jennet içindäki gulmana ogşaş, periweş oglanlar oturyp
turarlar. Göýä ki mekdephana jennetil-mägwa erdi we bular hüýr bilen gulman
erdiler. Ýa ki bir menzili-aly we bular barça suraty-jansuz erdiler. Emma Kaýs bu
suratlary görüp, göýä bir suraty-bijan boldy we ýene gözi Leýliniň suratyna düşdi,
oňa müň köňül birlen aşyky-bikarar boldy. Emma Leýliniň synasya hem Kaýsyň
tiri-yşky jaý boldy. Erse, tap-takaty galmady. Elgaraz, be her hal bu güni agşam
kylyp, azat boldular. Erse, bu iki dilbent biri-birlerinden aýrylyp, tä garalary
gözlerinden gaýyp bolynça, bir-birlerine garap barar erdiler. Emma garalary birbirleriniň gözlerinden gaýyp bolandan soň, ajap hallar bilen öýlerine bardylar.
Erse, Kaýsyň enesi hursant bolup, Kaýsyň golundan tagtasyny alyp:
– Eý Kaýs, jan balam, bu gün mekdebe baryp näme okadyň? – diýip sorady.
Erse, Kaýs enesine gören we eşidenin beýan kylyp, bir söz aýtdy:
Bardym edep saraýyga,
Şenbe güni saba bilen.
Düşdi gözlerim bir aýga,
Birniçe dilruba bilen.
Lowhun açyp okar sapak,
Her sapagydyr üç warak,
Nur döküler tabak-tabak,
Agzy doly sena bilen.
Bir peri näz ile bakar,
Bakyşy janyma ýakar,
Sözlese şekeri akar –
Leblerinden, wepa bilen.
Bir peri täze, hoş-hyram,
22
Nowgüli-bagy-lälefam,
Käkili müşkdür, Leýli – nam,
Ýüz ýaşyrar haýa bilen.
Sözleşedir birin-birin,
Lezzeti janymdan şirin,
Ýüzünde zülpi-anbaryn,
Ak goşulyp gara bilen.
Gaşy, gözi garaşadyr,
Gol salyban dolaşadyr,
Oýnasa, hup ýaraşadyr,
Bir-birine ima bilen.
Kaýsy oda saldylar,
Köňlüni elden aldylar,
Tagzym edip egildiler,
«Hoş!» diýdiler ryza bilen.
Elkyssa, enesi Kaýsdan bu sözleri eşidip bildi kim, ogly yşk söwdasyna
ulaşypdyr. Enesi:
– Eý, jan oglum, sen hälä näreside turar sen, bu sözleri goýgul, ylym we edep
öwrengil. Yşkbazlykdan hälä saňa hiç peýda ýokdur – diýip, birniçe nesihatlar
berip, erte bilen ýene mekdebe iberdi. Erse, Kaýs biçäre baradyrgan ýerinde dilberi
ýadyna düşüp, bir söz aýtdy:
Höwes bilen barsam edephanaga,
Aklym alar ol dilberiň allary.
Zülpi heniz ýeten imes şanaga,
Meger Huda uzak salmaz ýollary.
Müjgänleri jandan öter gözlese,
Tapmas kişi istäp ony yzlasa,
Şeker damar leblerinden, sözlese,
Totumydyr, bilbilmidir dilleri.
Hak aşygam, Ýusup nebi çyn pirim,
Käşki meniň bolsa idi destgirim,
Barsam bu gün, ýat öwretse dilberim,
Elip – katdy, nuktamydyr hallary.
Mert başyny namardyna egmesin,
Namart özün halk içinde ögmesin,
Ýar bagyna hazan ýeli degmesin,
Hoşreň bolsun çemen-çemen gülleri.
23
Kaýs baradyr mekdebine hoş bolup,
Ýaryn görmek üçin köňli joş bolup,
Meniň ömrüm ýar ömrüne goşulyp,
Zyýat bolsun aý-u gün-u ýyllary.
Elkyssa, Kaýs mekdephana baryp, mollasyna salam berip, bir tarapda oturdy
we ýene bir tarapda Leýli – iki dilber köňül guşlaryny perwaza salyp, bir-birlerine
gaş we gözlerini ilçi kylyp oturdylar. Elgaraz, tamam ähli-mekdep ylym tahsylyna
dem ursalar, bu iki näzenin yşk husulyna nepes urar erdiler.
Emma Kaýs her zaman bir bahana bilen Leýlä: «Galatymy aýtgyl!» diýip,
hemdem bolup, aldyna baryp, birniçe sözler aýdar erdi. Emma Leýli hem Kaýsyň
bahana kylyp, sapagyn soraganyn bilip, tebessüm kylyp, Kaýsyň janyna ot ýakar
erdi we ýene köňlüne ot salyp, takatyn alar erdi. Gähi Kaýs maşkyny Leýlä eltip,
«Taglym ber» diýip, gösterende, ýene Leýli gaş we gözün jilwä girizip, akyl-huşun
alar erdi.
Elkyssa, bu röwüş bilen birniçe gün ömür ötürdiler. Bularyň yşk we
muhabbetleri gün-günden zyýada bolup, kem-kem arap kabylasyna äşkäre bola
başlady. Her tarapdan gybat we şikaýat kyla başladylar.
Elkyssa, Kaýs ol dilrubanyň yşkyndan bikarar bolup, ahy-jigersuz tartar erdi.
Emma bir gün enesi:
– Eý, janym balam, nige munça ah tartar sen, bisabyr we biaram erer sen, ne
üçin mundag bikarar bolup sen? – diýdi. Erse, Kaýs enesine garap, perýat kylyp,
yşk jamyn noş kylganyn beýan kylyp, jan-u dilden bir muhammes okady. Okagany
bu turar:
Sakyýy-yşky-ezel berdi ki bu gün jam maňa,
Gussaýydyr elemiden niçeýi engam maňa.
Çarhydan ýetdi zereri subhy bilen şam maňa,
Şire ornuna berip ki zäher-zäher kam maňa,
Wagşy köňlüme ne sabyr-u ne aram maňa.
Kim niçik oda urar suw bile topraga şerar,
Ne üçin kim umar ot suw bile topraga garar,
Daş eger bolsa, onuň ençe ki köýdürmegi bar,
Zerre dek jismimi ýandyrmak üçin mahy-uzar,
Açdy ýüz, ýapdy ýene wadaýy berip ham maňa.
Yşkyndan munça ki apatzede boldum, ne kylaý,
Ýaşlygymdan bäri mähnetzede boldum, ne kylaý,
Ýuwtganym gan meniň, yllatzede boldum, ne kylaý,
Halky-älemde melamatzede boldum, ne kylaý,
Akylydan galmady bir zerre serenjam maňa.
24
Nägehan bir buty-nowrestäge düşdi nazarym,
Paýy-bent oldum ki ondan öte almaý güzerim,
Rahy-çeşmimden akyp çeşmeýi-huny-jigerim,
Ertäni şam kylyban, gozgalyp ahy-säherim,
Bes barabar görünedir erte bilen şam maňa.
Berdi ussady-tarykat maňa taglymy-wepa,
Gerçe, görsetse, bu ýaňlyg ýene hem jebr-u jepa,
Hab-u hur hajat imes huny-jiger maňa geza,
Açdy il agzyny ki, bes Leýli, Mejnun neba,
Diýse ger janyma çi ol Leýliýi-gülfam maňa.
Elkyssa, ondan soň Kaýsdan enesi bu sözleri eşidip:
– Eý, janym, balam, bu sözleri aýtmagyl, yşkyňy pynhan saklagyl. Birewiň
gyzyna melamat kylmagyl. Mebada, Leýliniň atasy eşidip, ataň bilen adawat
kylmasyn. Ataň hem eşitse, seni bu halda goýmas – diýip, her çent nesihatlar berip,
köp täkidler kylyp, ýene mekdebe iberdi. Elkyssa, Kaýsyň yşky zor kylyp, Leýliniň
yşkyndan hüý-mezajy başga bola başlady. Elgaraz, diwanawar her tarapa gider
erdi, gäh ahy-sert tartar erdi. Elgaraz, Kaýsyň ahwaly halaýyga meşhur boluberdi,
tagnadan iki tarapda namy-neň peýda boldy. Pelek adaty-gadymysyna başlap,
jydalyga sebäp boluberdi.
Leýli hem arap kabylasynyň Beni Haý diýen jemagasyndan erdi. JemagaýyBeni Haý zyýada ten mezaj erdiler. Leýken ol jemaga Ýemen bilen Şamyň
arasynda Kuhy-Nejt diýen bir dag bar erdi, şol dagda säkin erdiler.
Elgaraz, Leýli birle Kaýsyň şöhraty we yşky olaryň gulaklaryna ýetişdi. Erse,
Leýliniň atasy neň kylyp, Leýliniň enesine:
– Indi gyzyňy mekdebe ibermegil we daşary çykarmagyl. Eger sözümi terk
kylsaň, gyzyňy hem özüňi iki nime barabar kylar men – diýip gitdi.
Elkyssa, Leýli erte birlen mekdebe rowana boldy. Enesi:
– Eý, nury-didäm, balam, Leýli jan! Indi mekdebe barmagyl, öýde oturyp,
ylmy-keşde öwrengil – diýdi. Erse, Leýli piç-u taba düşüp:
– Eý, ene jan, her erte ukydan oýadyp, mekdebe iberer erdiň, bu gün nige
goýmaz sen? – diýdi. Onda enesi:
– Eý, janym balam, gyz-ogul gözügenden soň daşary çyksa, tagna kylarlar.
Ataň hem: «Indi Leýli mekdebe barmasyn» diýip gitdi – diýdi. Erse, Leýlä
Mejnunyň yşky zor kylyp, yztyraba düşüp, kitabyn goluna alyp, enesine bakmaý
gidiberdi. Emma enesi Leýliniň etegiden uşlap goýmady. Onda Leýli jan enesine
ýalbaryp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, simap dek titräp, ýylan dek towlanyp
bir söz aýtdy, enesi «Barmagyl!» diýdi. Ene we gyz bu sözi aýdyşdylar:
Leýli: Arzym eşit, eý, ene jan,
Köýdürme janym, goýberäý!
Başyma ýykmagyl asman,
Eý, mähribanym, goýberäý!
25
Enesi: Eý gülşeni-jany-jahan,
Bagy-baharym barmagyl!
Ruhy-rowan, aramy-jan,
Şeker nisarym barmagyl!
–––
Kylawer derdime derman,
Ýüregimde goýma arman,
Käbäm enem, sen mähriban,
Jennet mekanym, goýberäý!
–––
Gelmiş halaýykdan seza,
Ataň maňa berer yza,
Bir-bir kelamyň jan feza,
Şeker nisarym barmagyl!
–––
Bolsa halaýygyň üýni,
Atam niçik ýyggaý meni,
Meng eýleme bu gün meni,
Ruhy-rowanym, goýberäý!
–––
Ruhsaryňa tartyp nikap,
Otur mysaly afytap,
Mekdebe mundag mesti-hap,
Çeşmi-humarym, barmagyl!
–––
Çeksem ýüzüme bes nikap,
Öýe sygarmy afytap,
Men terk kyldym hur-u hap,
Eý pasybanym, goýberäý!
–––
Açma çemenniň naryny,
Ýyg käkiliňniň taryny,
Goýgul junun etwaryny,
Aşuftawarym, barmagyl!
–––
Yşk açdy husnumdan gülüm,
Neçün ýygylsyn käkilim,
Başyň üçin tutma ýolum,
Hoş nüktedanym, goýberäý!
–––
Eý, serwi katd-u simin-ten,
Gül-berehne näzik beden,
Gül çehre-ýu bergi-semen,
Hoş lälezarym, barmagyl!
26
–––
Ziba – katdym, simin – tenim,
Ot dek ýanar pirahenim,
Goý bu goluňdan damenim,
Jennet mekanym, goýberäý!
–––
Ähli arapda namy-neň,
Ataňyň haly boldy teň,
Synaga baglap sabry-seň,
Eý nogly-narym, barmagyl!
–––
Ähli arapda bolsa ar,
Käbäm maňa bol hakgüzar,
Hiç galmady sabry-karar,
Eý razdanym, goýberäý!
–––
Biçäre eneňden doga,
Her subhy-şam köp merhaba,
Her dyrnagyň müň hun baha,
Desti-nigarym, barmagyl!
–––
Leýli gyzyňdan köp doga,
Jan birle her şam, her saba,
Gel, hajatym kylgyl rowa,
Eý, hoş enanym, goýberäý!
Elkyssa, Leýli birle enesi bu gazaly tamam etdiler. Ondan soň Leýli dilaram
ýüregine sabyr daşyny baglap, külbeýi-ahzana girip oturdy. Emma Mejnunybinowa birniçe byradarlar, waka eşidenler bilen her sähergähi nala we pygan birle
oşol mahy-dilaramyň towaby-köýüne barar erdi. Her kişi kim, Leýliniň
wakasyndan özge söz ursa, oňa gulak salmaz erdi.
Kuhy-Nejt karargähi-Leýli erdi. Mejnunyň bara-bara yşky zor kylyp, jununy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Leýli–Mejnun - 03
  • Parts
  • Leýli–Mejnun - 01
    Total number of words is 3531
    Total number of unique words is 1665
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 02
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1922
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 03
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1822
    22.0 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 04
    Total number of words is 3874
    Total number of unique words is 1850
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 05
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1780
    23.3 of words are in the 2000 most common words
    33.4 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 06
    Total number of words is 3893
    Total number of unique words is 1816
    20.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 07
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2117
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 08
    Total number of words is 3405
    Total number of unique words is 2185
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 09
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 2341
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    33.0 of words are in the 5000 most common words
    40.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 10
    Total number of words is 3449
    Total number of unique words is 2216
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    34.2 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 11
    Total number of words is 1554
    Total number of unique words is 1167
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.