Latin

Leýli–Mejnun - 01

Total number of words is 3531
Total number of unique words is 1665
29.4 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
48.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
1
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Milli golýazmalar instituty
Nurmuhammet Andalyp
Leýli - Mejnun
Çapa taýýarlan
Godarow Rahmanberdi
Aşgabat – TYAMGI 2010 ý.
2
Milli golýazmalar instituty
Nurmuhammet Andalyp
Leýli - Mejnun
Çapa taýýarlan
Godarow Rahmanberdi
Aşgabat – TYAMGI 2010 ý.
3
UOK 894.361
A67
M67
Nurmuhammet Andalyp, Leyli-Mejnun. A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Milli golýazmalar instituty, 2010 – 142 s.
REDAKTOR
Annagurban Aşyrow, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üznüksiz
tagallalary netijesinde türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, şahyrlarynyň we
alymlarynyň eserleri yzygiderli halka ýetirilýär we olaryň ýubileýleri halkara derejesinde
bellenilýär. 2011– nji ýylda hem ajaýyp türkmen dessançy şahyry Nurmuhammet
Andalybyň 350 ýyllyk toýy halkara derejesinde belleniler. Şahyryň «Leyli Mejnun»
dessany hem şu toýa niýetlenilip taýýarlanyldy. Bu dessanda ahlak päkligi, ene-ata bolan
hormat-sylag, birek-birege söýgi, ygrarlylyk ýaly ruhy gymmatlyklar ündelýär.
Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenildi.
TDKP № 323
2010
KBK 84 Türk1
© Milli golýazmalar instituty, 2010 ý.
4
«Leýli-Mejnun» dessanynynyň öwreniliş taryhy hakynda kelam agyz
Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň bimäçber tagallalary netijesinde Täze
galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanynda türkmen döwletiniň ykdysady
kuwwaty, halkyň durmuş-ýaşaýyş derejeleri günsaýyn ýokarlanýar, halkyň
medeni-ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna hyzmat edýän milli mirasymyzy ylmy
esasda öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak babatda hem uly öňegidişlikler
amala aşyrylýar. Dünýäniň çar künjüne ýaýran türkmeniň milli mirasyny –
geçmişde ýaşan meşhur alymlarymyzdyr şahyrlarymyzyň ylmy we edebi
miraslaryny toplamak üçin daşary ýurtlara ýörite ylmy saparlar gurnalýar, olaryň
eserleri ylmy esasda öwrenilip, dürli dillerde neşir edilýär. Yzygiderli halkara
derejesinde ýubileý toýlary, ömür-döredijiligini has çuň we hemmetaraplaýyn
öwrenmek maksady bilen ylmy maslahatlar geçirilýär. Muňa Hormatly
Prezidentimiziň türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli dessançy şahyry
Nurmuhammet Andalybyň 350 ýyllyk toýuny halkara derejesinde toýlamak hemde 2011-nji ýylyň 10-12-nji martynda «Nurmuhammet Andalyp we Gündogaryň
XVII-XVIII asyrlardaky edebi-medeni durmuşy» atly halkara ylmy maslahaty
geçirmek baradaky ýörite Karary hem aýdyň subutnamadyr.
Nurmuhammet Andalyp diňe bir özünden soňky türkmen nusgawy
edebiýatyna däl, eýsem Merkezi Aziýa halklarynyň nusgawy edebiýatlaryna hem
özüniň täsirini ýetiripdir, olaryň täze ugur saýlap almagyna, halkyň gepleşik diline
ýakynlaşmagyna itergi beripdir. Ol türkmen edebiýatynyň dessançylyk däbini
gaýtadan dikeltmek bilen olarda arap, pars we türki-çagataý sözleriniň ulanylyşyny
belli derejede azaldyp, ony türkmen gepleşik diline has ýakynlaşdyrdyr. Bu bolsa,
şondan soňky nusgawy edebiýatymyzyň öz ugruny kesgitlemäge belli bir derejede
täsir edipdir
Andalybyň döredijiliginde dessançylyk däbi esasy orny tutýar. Ol öz
dessanlaryny esasan göçme ýordumlar esasynda döredipdir. Muňa şahyryň
«Ýusup-Züleýha», «Leýli-Mejnun» we beýleki dessanlary aýdyň mysaldyr.
Dessanyň ilkinji neşirleri hakynda.
Türkmen halkynyň görnükli nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň ömür
beýany, döredijiligi, hususan-da, «Leýli-Mejnun» dessany hakynda N. Hojaýew,
A. Ulugberdiýew, B. Şamyradow, B. Ahundow, B.A. Garryýew, M. Kösäýew, R.
Rejebow, H. G. Görogly, G. A. Garryýew, A. Nurýagdyýew, A. Meredow,
A.Annanurow, N.Gullaýew, A. Mülkamanow ýaly belli alymlar köp işler etdiler.
Alym N. Gullaýew «Andalybyň iň meşhur eseri onuň ...«Leýli-Mejnun»
dessanydyr» diýip nygtap geçýär.1 Hakykatdan-da, Andalybyň «Leýli-Mejnun»
dessany golýazmalarydyr daşbasmalaryny hasap etmäniňde-de iň köp neşir edilen
dessanlaryň biridir. «Leýli-Mejnun» dessany daşbasma usulynda «1910-1916-njy
ýyllar aralygynda 4 gezek neşir edilipdir».2
1
2
Gullaýew. N. «Leýli hem Mejnun hakda söhbet». Aşgabat, «Magaryf»–1986, 341 sah.
Ýazberdiýew. A. «Gündogar metbeçiligi we köne türkmen basma kitaplary». Aşgabat, 2002. 313 sah.
5
Bu dessan ilkinji gezek 1948-njy ýylda N. Hojaýew tarapyndan neşire
taýýarlanyp, halk köpçüligine ýetirilýär. Soňra filologiýa ylymlarynyň kandidatlary
A. Ulugberdiýew we B. Ahundow tarapyndan 1956-njy3 hem-de 1963-nji
ýyllarda4, şeýle-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty A. Mülkamanow tarapyndan
1991-nji ýylda neşir edilýär.
Andalyp bu dessanyny ýazanda esasan Nowaýydan (dogry, onuň Fuzulydan
we beýlekilerden hem ýiti täsirlenendigini inkär etmek bolmaz) täsirlenipdir.
Mejnunyň zynjyrlanyşy we zynjyrdan boşap, çöle gaçyşy bilen bagly wakalara
«...ilkinji gezek Nowaýyda gabat gelýäris».5 Bu ýagdaý Andalypda has-da aýdyň
berlipdir. Nowfyl bilen bagly wakalarda hem bu täsir öz yzyny duýarlykly derejede
galdyrypdyr. Meselem, Nowaýyda Mejnun Nowfyldan urşy bes etmegi haýyş etse,
Andalypda Nowfylyň söweşde ýeňilmegini Alladan dileýär, ýagny bu söweşde
Nowfyla garşy bolýar. Umuman, Andalybyň diňe bir «Leýli-Mejnun» dessanynda
däl, eýsem, tutuş döredijiliginde Nowaýydan has köp täsirlenendigini, onuň bilen
deňleşmäge ýykgyn edendigini onuň tahmyslary hem belli edýär. Andalyp Nowaýa
17 tahmys, 1 sany tezmin (sekiz setirli goşgy) ýazypdyr, özge şahyrlara hemmesini
goşanyňda 6 sany tahmys ýazypdyr. Şundan ugur alsaň, Andalyp Nowaýynyň
täsirinde ilki bilen «Leýli-Mejnun» dessanyny döredipdir diýip çaklasa bolar.
Çünki şahyr «Ýusup-Züleýhanyň» girişinde:
«Nije mahal erer parahat işim,
Ýok idi hiç kimse birle danyşym.
Geldi ýene birniçe hemdertler,
Kurb-u şujagatda şiri-mertler.
…Diýdi olar: «Eý, Andalyp, binowa,
Köňlümize düşdi ajap majera.
Bar «Kysas» içre ajaýyp dessan,
Ne bolar kylsaň ony gülüstan?!
Ýusup Syddyky-ýu Züleýhany sen,
Türki halaýyga kylyp enjümen….»
...Uşbu sözi kyldy hekaýat olar,
Ýusup Syddykydan rowaýat olar.
Andalybyň maksadydyr ki bossan,
Köňlüge hoş geldi ajaýyp dessan.
Eýledi türki til ile ibtida,
3
Andalyp. «Leýli-Mejnun». Aşgabat, Türkmenistan döwlet neşirýaty, 1956.
Andalyp. Saýlanan eserler. Aşgabat, Türkmenistan döwlet neşirýaty, 1963.
5
Gullaýew. N. «Leýli hem Mejnun hakda söhbet». Aşgabat, «Magaryf»–1986, 216 sah.
4
6
Gähi nasr, gähi gazal hoş nowa» –
diýip, «Ýusup-Züleýha» dessanyny birnäçe sarpaly adamlaryň haýyşy boýunça
döredendigini belleýär. Bu bolsa, Andalybyň eýýäm azyndan bir, belki birnäçe eser
döredip, halkyň arasynda abraý alandygy barada pikir ýöretmäge esas berýär.
Dünýewi yşkmy ýa-da Ylahy yşk?
Andalyp özüniň «Leýli-Mejnun» dessanyny ilkibaşda Nowaýynyň (şol bir
wagtyň özünde beýleki şahyrlaram göz öňünde tutmaly) täsirinde öňden gelýän
sýužet esasynda döredipdir, emma ony däp bolşy ýaly tutuş şygyr bilen däl-de,
türkmen halkynyň öňden gelýän edebi däbine eýerip, halkyň söýgüsini gazanan
dessan žanrynda ýazypdyr. Emma sýužete laýyklykda Mejnunyň Leýli üçin çölsähralarda bolup ýörşi onuň edebi pikirine ýaramandyr. Çünki her näme diýseňem,
Mejnunyň bolup ýörşi, onuň öz söýgülisine ýetmegine hiç hili haýyr etmejekdigi,
tersine zyýan etjekdigi öz-özünden görnüp dur. Bu bolsa, şahyry
kanagatlandyrmandyr. Onsoň şahyr Mejnunyň bolup ýörşüne sopuçylyk äheňini
çaýmagy ýerlikli hasaplapdyr. Bu äheň Nowaýyda-da, Fuzulyda-da we «LeýliMejnun» sýužetinden eser ýazan beýleki şahyrlarda-da duýulýar. Emma Andalyp
bu äheňi has aýdyňlaşdyrypdyr. Dogry, B. Ahundow, N.Gullaýew,
A.Mülkamanow, A. Annanurow we beýlekiler ýaly «Leýli–Mejnun» dessany
babatda köp işleri eden belli alymlar öz işlerinde bu dessany, esasan, yşky
mazmunly dessan hökmünde derňediler. Elbetde, bu şol döwrüň talaby bilen hem
baglydy. Emma, «Leýli-Mejnun» dessany yşky dessanlardan sopuçylyk
dessanlaryna has ýakyndyr.
Aslynda sopuçylyk akymynda pir bolup ýetişen meşhur adamlaryň köpüsi
ýaşaýşa, Allanyň syrlaryna düşünmek, dünýewi pikirlerden el üzüp, tutuş durkuny
Allatagala bagyşlamak ýaly duýgular bilen ýaşlykda Mejnuna meňzäp, halaýygyň
arasyndan çykyp, çöl-sähralarda ýeke gezipdirler, ýeke özi zawyýada (kümede)
tagat-ybadat edipdirler, çillede oturypdyrlar. Meselem, Mäne Babanyň ýuwlugy
Muhammet Münewweriň Mäne Baba hakdaky berýän maglumatlaryna ser salalyň:
«...öz kalbynda Haktagala we Subhanyň syrlaryndan başga zada orun bermeýärdi,
ol köpçülikden doly çetleşipdi. Şeýle ýagdaýyň uzak wagtlap dowam edenligi sebäpli, adamlar bilen gürleşmäge sabyr-kanagaty galmandy, adamlar bilen
görüşmek hem onuň üçin güzapdy. Ol hemişe çölüstanlykda we daglarda ýeke
gezer ýörerdi».6 Diýmek, Mejnunyň Leýli üçin çöllerde gezmegi ynandyryjy däl,
ol Hudaýa aşyk, Allany gözleýär, ine, bu ynandyryjy düşündirişdir. Ýene-de Mäne
Babanyň ýaşlykdaky hereketleri bilen Andalybyň dessanyndaky Mejnunyň
hereketleriniň meňzeşligine üns bereliň. «Ol (Mäne Baba - G.R.) bir gezek bir aý
ýigrimi gün çölüstanlykda ýitipdir we hiç kim ony görmändir. Kakasy ony taparyn
diýen umyt bilen gije-gündiz gözlese-de, oňa gabat gelmändir, Mänäniň ekerançylyk ýa-da çarwadarçylyk maksady bilen ýaýlaga çykýan çomrularyndanmyçarwalaryndanmy, gelýän kerwenlerdenmi biri şyhymyzy görüp, kakasyna habar
6
Muhammet Münewwer. Mäne Babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlar. Aşgabat, «Miras» 2005,
sah 25.
7
beripdirler. Ol şyhymyzy yzyna alyp gelipdir we şyhymyz atasynyň razylygy üçin
öýüne dolanypdyr. Ony her gezek şeýdip alyp gelmeli bolýardy, çünki ol adamlar
bilen öwrenişip bilmän, daglara we sähra gaçyp gidýärdi»7. Beýle ýagdaýy biz
Mejnunda-da görýäris, ýiten Mejnuny atasy gözläp ýörkä, oňa bir awçy habar
berýär, öýüne getirip, zynjyrlap saklasa-da, Mäne Babanyň dilinden aýtsak:
«Haçan-da kalbymy gam-gussa we howsala gaplap alsa, çöl-beýewanlara» gaçyp
gidýärdi8. Käte guşlardyr ýyrtyjy haýwanlar bilen hemra bolsa, käte Mäne
Babanyň çuňňur guýyda tagat-ybadat edişi ýaly, gowagyň iň çuň we iň garaňky
ýerinde ýatýardy. Andalybyň sopuçylyk akymlaryndan, pirleriň, aýratyn hem
Nejmeddin Kubranyň, Mäne Babanyň we beýlekileriň ömür-beýanlaryndan
habarsyz bolmagy mümkin däl. Hut şonuň üçin hem Andalyp, bu dessanyny
ýazanda, Mejnunyň yşkyny, diňe bir Leýlä bolan yşk, dünýewi yşk hökmünde
beýan etmän, ony Ylahy yşka syrykdyrypdyr. Muny näme bilen delillendirse bolar.
Eser başlanandan, eýýäm, Kaýsyň – Mejnunyň adyndan berilýän ilkinji, tertip
boýunça ikinji goşguda şeýle setirler getirilýär:
Eý Huda, Öz şowkuňa ýar et, aýyrma yşkdan,
Zaty-päkiň hormaty, zat et, aýyrma yşkdan.
Tä ser-u pa peýkerim har et, aýyrma yşkdan,
Gunçaýy-köňlümni efgar et, aýyrma yşkdan,
Derdi-mähnetden ne mukdar et, aýyrma yşkdan.
Bu bolsa, eýýäm eseriň esasan, haýsy ugra ýykgyn etjekdigini aňladýar. Mundan
başga-da:
Sakyýy-yşky-ezel berdi ki bu gün jam maňa,
Gussaýydyr elemiden niçeýi engam maňa.
...Berdi ussady-tarykat maňa taglymy-wepa,
Gerçe, görsetse, bu ýaňlyg ýene hem jebr-u jepa,
Hab-u hur hajat imes huny-jiger maňa geza,
...Be hakky zaty-päkiň derdimni bisýar kyl, ýa Rep,
Alajy bolmasyn andak ki zar-u zar kyl, ýa Rep.
Ýa-da: «Meniň bu köýgen janyma, para-para bolgan ýüregime sen merhem
agtarmagyl, maňa takdyry-ezelden şul bolsa, men ne çäre kylaýyn – diýdi. Emma
Seýit Beni Amyrydan syryny ýaşyrmady we:
– Ol gün ki, maňa ussat tarykat öwredip erdi, «Syryňy efşa kylmagyl» diýip
erdi. Imdi men size bolan syrymy aýdaýyn. Bu köýmegim ýeke Leýli üçin ermes.
Men Wajyptagala mesti-biygtyýar boldum. Leýli hem sebäp boldy tä men didaryWajyptagaladan doýmasam, diwanalykdan aýrylmas men:
7
8
Şol ýerde, sah 26.
Şol ýerde, sah 40.
8
...Eý kyblagähim, hökmi-Hudawent çenindir,
Kysmata ryza bar.
Öz aldyna ýol başlamagy her kime kyndyr,
Görsetmese Jepbar.
– diýip aýdan setirleri «Leýli-Mejnun» dessanynyň yşky dessanlardan sopuçylyk
dessanlaryna has ýakyndygyny görkezýär. Oňa ussady tarykat ylmyny öwredipdir.
Aslynda türkmen dessanlaryna mahsus bolan mekdep, mugallym, okuwçy, hut
okuw okalyp ýörkä yşka uçramaklyk, soňra aýra düşüp, sergezdanlyk etmeklik,
bularyň bary sopuçylyk ýörelgeleriniň alamatlarydyr. Emma, beýle diýildigi, bu
dessanyň tutuşlygyna sopuçylyk dessany diýildigini aňlatmaýar.
«Leýli-Mejnun» dessanynyň golýazma nusgalary ýa-da «Sebatyly» we
«Naryly nusgalar» hakynda.
Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessanyň golýazmalar hazynasynda bar bolan
nusgalary bilen bagly meseleler hakyndaky jedelli gürrüňler ylmy jemgyýetçilige
öň hem azda-kände mälimdir. Andalybyň galamyna degişli edilýän «LeýliMejnun» dessany iki görnüşde (wersiýada) gabat gelýär. Özlerem biri-birlerinden
düýpli tapawutly. Başlanyşlary-da soňlanyşlary-da başgaça. Birinji nusga (180-nji,
1383-nji, 1457-nji, 2131-nji we 8498-nji bukjalar) az-kem söz tapawutlyklaryna
garamazdan esasan: «Emma rawylar andag rowaýat kylarlar, kim, Bagdat birle
Basra şäheriniň arasynda bir kabylaýy-arap bar erdi. Ol şäheriň (?) iki häkimi bar
erdi. Olaryň ikileriniň hem perzentleri ýok erdi. Günlerde bir gün Allatagala
birisine bir perzendi-gyz berdi» diýip, başlaýar we Mejnun Leýliden has soň dünýä
inýär. Soňlananda bolsa: «...üstlerine ýagşy ymarat kylyp, metjit-astanalar bina
kylyp, ...her ýerde kör, şel bolsa, ... zyýarat kylsalar nejat tapar erdiler. Her ýylda
bahary-älemde, güýzde Basra birle Bagdat arasynda, ner niçe tabystanlarda
(tomusda) ...«Wa Leýli, ah Leýli» diýip, her ýerde «Ah Mejnun, wah Mejnun»
diýip seda çykar ermiş» diýen sözlerden soň Zeýdiň olaryň mazaryna müjewür
bolandygy beýan edilýär. Ikinji nusga bolsa: «Emma rawylar andag rowaýat
kylarlar kim, Bagdat welaýatynyň suhanwerleri andak habar bererler kim, arap
yklymynda Amyry diýgen bir jemagat bar erdi. Olaryň ulugyna Seýit Beni Amyry
diýr erdiler» diýip başlanýar we şondan soň Kaýsyň dünýä inişi beýan edilýär.
Emma Leýliniň dünýä inişi hakda kelam agyz aýdylmaýar. Mejnun bolsa, Leýli
bilen diňe mekdepde duşuşýar. Bu nusganyň soňlanyşy-da düýpgöter başga: «Aşyk
bilen magşuk myradyna ýetdiler. Ilähi, barça-ymmaty-Muhammedi myradyna
ýetirgeý Sen» diýip tamamlanýar. Bu iki nusganyň birinjisine şertli «Sebatyly
nusga», beýlekisine bolsa, «Naryly nusga» diýip at berse bolar. Çünki olaryň
birinde käbir şygyrlaryň ahyrynda Sebaty, ikinjisinde bolsa, Nary diýen at gabat
gelýär. Bu dessany 1948, 1956 we 1963-nji ýyllarda neşir eden alymlar Naryly
nusgadan peýdalanyp, belli-belli wakalardyr şygyrlary alsalar-da esasan, Sebatyly
nusgany, has dogrusy Mollamurtuň iki nusgany birleşdirip, täze bir nusga döreden
3-nji bukjadaky golýazmasyny esas edinipdirler. Olar Naryly nusga barada, iki
nusganyň biri-birinden düýpli tapawutlanýandygy barada, hem-de näme üçin iki
9
nusganyň haýsam bolsa birini däl-de üçünji bukjadaky birleşdirilen nusgany esas
edinendikleriniň sebäpleri barada kelam agyz düşündiriş bermändirler. A.
Annanurow bu hakda şeýle ýazýar: «...Bu, elbetde çapa taýýarlaýjylaryň öz işi,
onuň üçin biz olary ýazgarmak işlemeýäris. Ýöne kitabyň sözbaşysynda bu barada
agzalyp geçiläýen bolsa, kem bolmazdy»9. Gyzykly ýeri, alymlaryň hemmesi
diýen ýaly «...Türkmenistanyň çäklerinde «Leýli-Mejnun» temasynda döredilen
türkmen dilindäki edebi wersiýanyň awtory, öňden hem aýdylyp gelnişi ýaly,
Nurmuhammet Andalypdyr»10 diýip çaklaýarlar. Diýmek, olar nusgalaryň ikisinide tapawutsyz bir eser hasaplapdyrlar. 1991-nji ýyldaky neşirde bolsa, A.
Mülkamanow öňkülerden tapawutlylykda diňe Naryly nusgany esas edip alypdyr
hem-de bu nusgany şahyryň «Ýusup-Züleýha» dessany bilen deňeşdirip, derňäp:
«Ýusup-Züleýha» dessanynyň Andalyba degişlidigine şek-şübhe ýok. Şu
hakykatdan ugur alyp, «Ýusup-Züleýha» dessanynda ulanylan bir topar jümläniň,
ençeme meňzetmeleriň «Leýli-Mejnunyň» Naryly wersiýasynda hem känbir
tapawutsyz ulanylandygyna ünsi çekesimiz gelýär»11 diýip, köp sanly mysallaryň
üsti bilen hut şu nusganyň Andalyba degişlidigini nygtapdyr. Diýmek, alymyň
pikiriçe birinji, ýagny Sebatyly nusga Andalyba degişli däl. Emma alym bu
nusganyň kime degişlidigi, ýazarynyň ýa-da kätibiniň kimdigi barada dil
ýarmandyr.
Bu biri-birine çapraz gelýän iki pikir bilen tanyşanyňda, eýsem, bu iki
nusganyň haýsysy Andalybyňkyka diýen sowalyň ýüze çykmagy bolup biläýjek
zat. Şu ýerde her nusga barada, olar hakda alymlaryň garaýyşlary barada
aýratynlykda az-kem durlup geçilse ýerlikli bolsa gerek.
Şu wagta çenli edebiýaty öwreniş ylmynda «Leýli-Mejnun» dessanynyň
Sebatyly nusgasy bilen bagly meselelerde: Sebaty kim bolupdyr, ol bu dessanyň
ýazarymy, kätibimi diýen ýaly sowallar orta atylypdyr. A. Annanurow «LeýliMejnunyň» awtory kim bolupdyr?» diýen makalasynda köp sanly mysallar
getirmek bilen: «Biziň çaklamamyz boýunça «Leýli-Mejnun» dessanynyň awtory
Sebaty lakamly bir şahyr bolmaly. ... «Leýli-Mejnun» dessanynyň ýedi sany
golýazmasynyň bäşisinde «Sebaty» lakamy duş gelýär: olardan 697, 1383, 2131nji inwentarly golýazmalaryň hersinde bir ýerde, 3-nji golýazmada – bäş ýerde,
1457-nji golýazmada hem dokuz ýerde duş gelýär. Ol köplenç şygyrlaryň soňky
jemleýji bendinde gelýär, meselem, 697-nji golýazmanyň 71-nji sahypasynda
şygryň ahyrky bendi şeýle gutarýar:
Sebaty, älem ötgünçe,
Mydary dähir gitginçe,
Kyýamat daňy atgynça,
Ýüzüň bostan olsun.
...Sebatynyň ady köplenç doly hukukly awtor hökmünde türkmen klassyky
poeziýasyndaky tradision formada – «Sebaty diýr» ýaly formada gelýär. ...Ýokarda
getirilen faktlar «Leýli-Mejnun» dessanynyň türkmen wariantyny Sebaty lakamly
9
Annanurow A. «Leýli–Mejnunyň» awtory kim bolupdyr. «Edebiýat we sungat» gazeti, 1965, 14-nji aprel.
Gullaýew N. «Leýli hem Mejnun hakda söhbet». Aşgabat, «Magaryf» 1986, 348 sah.
11
Andalyp. Dessanlar. Aşgabat, Türkmenistan, 1991, 8-9 sah.
10
10
bir şahyr ýazandyr diýen netijä gelmäge mümkinçilik berýär»12 diýip, Sebatyny bu
dessanyň ýazary hasaplapdyr. Emma filologiýa ylymlarynyň kandidaty B.
Ahundow birnäçe mysallardyr deliller getirenden soň «Eger bardy-geldi, A.
Annanurowyň pikirini goldaýamyzda-da, Sebatynyň özi Leýlini söýüp ýören adam
bolup çykýar. ...Ol Leýliniň özüne bolan söýgüsiniň sagatma-sagat artmagyny
Taňrydan dileýär. ...Heý-de «Leýli-Mejnunyň» awtory şeýle dileg edermi? Biziň
pikirimizçe, bu akyla sygmaýar. Şoňa görä, käbir golýazmalarda gabat gelýän
Sebaty sözüne göçürijiniň özünden yz galdyrmak maksady bilen eden işi diýip
düşünmeli bolýarys»13 diýip, belleýär. Şeýlelikde B. Ahundow, N Gullaýew14 we
beýleki alymlar Sebatynyň bu dessanyň ýazary däldigini inkär edip bolmajak
degerli delilleriň üsti bilen subut etdiler. Diýmek bu mesele belli bir derejede
çözülen mesele. «Leýli-Mejnunyň» bu nusgasy Sebatynyň galamyna degişli däl.
Sebaty döredijilik işinden oňat baş çykaran kätip bolmaly. Emma henize çenli
Sebatynyň kimligi, ömür-döredijiligi, başga haýsy eserleri göçürendigi, diňe
kätiplik bilen meşgullanandygy ýa-da eser hem döredendigi barada degerli
maglumat ýok. Ýöne, aýratyn şygyrlar we çynlakaý bir eser döreden däldir diýip
çaklasa bolar, çünki eser döreden bolsa, kätiplik eden wagtlary öz eserlerini-de
ýazaýjak ýaly, iň bolmanda halk arasynda onuň ady bilen birdir-ýarymdyr goşgy
tapylaýjak ýaly. Munuň üstesine-de aýratyn eser döretmezden, goşgy-gazal
ýazmazdan göni dessan ýazybermegi kän bir ynandyryjy däl. A. Annanurowyň
ýokarda getiren mysalyndaky «sebaty» sözüniň hem bu ýerde adam ady däl-de
mäkäm, berk, durnukly manylarda gelýän sözdügini bu bendiň ikinji setiri subut
edýär:
Sebaty-älem ötinçä,
Mydary-dehri gidinçä.
Bu ýerde «Mydary-dehri» jümlesi ýaly «Sebaty-älem» jümlesi-de biri-biri
bilen baglanyşyp getirilipdir hem-de älem durnuklylygyny ýitirinçä, ýer öz
okundan sypynça, ýagny ahyrzaman bolynça diýen manyda ulanylypdyr. Mundan
başga-da bu bent diňe 697 bukjada gabat gelýär, has ygtybarly bolan 930-njy we
beýleki bukjalarda duş gelmeýär. Munuň üstesine-de bu bent «soňky jemleýji
bendinde» däl-de ondan ýokarky bentde gabat gelýär we Mejnunyň ady bilen
tamamlanýar. Bu bolsa, bu ýerdäki «sebaty» sözüniň adam adydygyny
aňladaýanda-da awtor däl-de özünden yz galdyrmak islän kätipdigini aňladýar.
Onsoňam 930-njy, 697-nji we 1803-nji bukjalar «Naryly nusga» bolup, onuň
«Sebatyly nusga» bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur. Bu nusgalar biri-birinden
düýpgöter tapawutly. Şeýlelikde, eger, Sebaty bu dessanyň kätibi bolsa, onda onuň
ýazary kim? Häzirlikçe muňa belli bir jogap bermek kyn. Ýöne, onuň Andalyp
däldigi belli. Çünki Sebatyly nusga Andalybyň beýleki eserleri bilen
deňeşdireniňde, has sadalaç bolup, şahyryň galamyna ýat görünýär. Dogry, A.
Annanurow dessandaky «Emma onuň sözlerinden birniçe uşşak (aşyk sözüniň
12
Annanurow A. «Leýli–Mejnunyň» awtory kim bolupdyr. «Edebiýat we sungat» gazeti, 1965, 14-nji aprel.
Ahundow B. «Leýli–Mejnunyň» awtory Andalyp bolupdyr. «Edebiýat we sungat» gazeti, 1965, 9-njy iýun;
Ahundow B. «Edebiýat we sungatyň» redaksiýasyna . «Edebiýat we sungat» gazeti, 1965, 14-nji iýul.
14
Gullaýew N. «Leýli hem Mejnun hakda söhbet». Aşgabat, «Magaryf» 1986, 346-348 sah.
13
11
köplük sany) oglanlar öwrenip, ýat alyp aýdar erdiler» diýlen jümledäki «uşşak»
sözüni Sebatynyň tiresi bilen baglanyşdyryp, «uşak»15 görnüşinde «...okasaň, onda
ony etnonim hökmünde kabul edip, türkmen halkynyň bir tiresi, ýagny,
demirgazyk ýomutlarynyň «uşak» tiresi bilen baglanyşdyrmak boljak» diýen
çaklamany orta atýar. Emma bu çaklama yrga görünýär, çünki bu söz «uşak»
diýlip okalanda-da tire manysynda däl-de ýaş ýigitler, ýetginjekler manysynda
gelýär hem-de bu çaklamanyň esassyzdygyny görkezýär.
Biz ýokarda «Leýli-Mejnun» dessanynyň iki görnüşiniň (wersiýasynyň)
bardygyny, Mollamurtuň hem şol iki nusgadan bir nusga döredendigini (3-nji
bukja) aýdypdyk. Munuň üstesine halk wariantynyň, şeýle-de diňe kyssa bilen
ýazylan görnüşiniň (909 we 1652-nji bukjadaky golýazmalar, 2704 we 2792-nji
bukjadaky daşbasmalar) hem bardygyny aýtmalydyrys. Emma biz dessanyň diňe
Andalyba degişli hasaplanýan nusgalary barada gürrüň etmegi, beýleki nusgalary
geljege goýmagy müwessa bildik.
Sebatyly nusga bilen bagly sowallar belli bir derejede çözülenden soň, eger
Sebatyly nusga Andalybyňky däl bolsa, onda Naryly, ýagny, ikinji nusga (697, 930
we 1803-nji bukjalar) kimiň galamyna degişli, Nary kim? Dessanyň ýazarymy ýada kätibi? diýen sowallaryň ýüze çykmagy adaty ýagdaý.
Ýokarda hem ýaňzydyp geçişimiz ýaly geçen asyryň 90-njy ýyllaryna çenli,
esasan, diňe Mollamurtuň göçüren 3-nji bukjadaky golýazmasy esas edilip, Naryly
nusga barada kesgitli ylmy pikirler aýdylmandyr. Ähli aýdylan pikirler esasan,
Sebatynyň we Sebatyly nusganyň töwereginde jemlenipdir. Emma Andalybyň
dessanlarynyň 1991-nji ýylda çykan neşirinde filologiýa ylymlarynyň kandidaty,
görnükli edebiýatçy Abdyrahman Mülkamanow: «Sebatyly wersiýa has sadalaç,
onuň dili häzirki zaman gepleşigine has golaý, çylşyrymly arap-pars we türki
sözler hem az duşýar. Naryly wersiýa Andalybyň lirikasyna häsiýetli agraslyk,
saldamlylyk, goýazylyk mahsusdyr»16 diýip, Sebatyly nusganyň däl-de hut şu
nusganyň Andalyba degişlidigini tassyklaýar. Nary barada bolsa: «...697, 930,
1652, 1803 golýazmalarda Kaýysa Mejnun adyndan başga, Nary tahallusy hem
berlipdir. Munuň şeýledigine göz ýetirmek üçin Mejnunyň özi tarapyndan aýdylan
şygyr setirlerini synlalyň:
Mejnun-Nary, garyp, ýyglap ah ursam,
...Diýdi Mejnun-Nary: Hasby-halym fähm edip Leýli,
...Mejnun-Nary, görme hiç-kimden işi,
...Huda salmyş söwda, Nary, başyňa,
diýen setirleri hem Nary tahallusynyň Kaýysa degişlidigini görkezýär»17
diýip, başga-da birnäçe mysallar arkaly Naryny Kaýsyň ikinji bir tahallusy
hökmünde getirýär (Ýogsam bu getirilen mysallaryň birnäçesi golýazmalarda diňe
Mejnunyň adyndan däl-de başga gahrymanlaryň adyndan hem aýdylypdyr.).
Emma golýazmalar içgin öwrenilende munuň beýle däldigi, 697-nji we 930-njy
bukjalarda Nary bilen bagly goşgulardyr çeperçilik serişdeleriniň asla ýokdugy,
1652-nji bukjanyň bolsa, halk wariantydygy belli bolýar. Nary bilen bagly şygyrlar
15
Bu söz TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň 930-njy bukjasynda hakykatdan-da «uşak» görnüşinde gelýär.
Andalyp. Dessanlar. Aşgabat, Türkmenistan, 1991, 8 sah.
17
Andalyp. Dessanlar. Aşgabat, Türkmenistan, 1991, 7 sah.
16
12
bolsa, diňe 1803-nji bukjadaky golýazmada gabat gelýär. Özem bu goşgular diňe
bir Mejnun bilen bagly goşgularda däl, eýsem dessanyň beýleki gahrymanlary
bilen bagly şygyrlarda-da gabat gelýär. Mysal üçin:
«...Nary, pyrakyda çekibän ahy, (Seýit Beni Amyrynyň öwlatlarynyň
biri);
Saňa berdi habar ondan, eşitgil, Nary-hijrany,
Diýdi Sagdy bakyp gördüm, teni-jany ýakan ogşar. (Beni Sagtly bir
awçy);
Seýit Beni Amyr gelip gaşyňa,
...Huda salmyş söwda, Nary, başyňa, (Mejnunyň kakasy);
Eneň pyganyňa döze bilmedi,
...Nary, oýnap-gülüp geze bilmedi, (Leýliniň ejesi);
Eda bolmas aýtsam hasby-halym Nary-ýu zara,
Eý-ä eý, intizary-Leýli, Mejnun atly ýarym gel. (Leýli)
Yşkyň elemine örtendi Nary, (bir suhanwer);
Ibn Salam gider boldy ýoluna,
...Dözmez Nary-Mejnun garyp halyna, (Ibn Salam)
Ýokardaky mysallardan görnüşi ýaly bu goşgular diňe Mejnun bilen bagly
goşgularda däl, eýsem, dessanyň dürli gahrymanlarynyň ady bilen gelen
şygyrlarda-da gabat gelýär eken. Munuň üstesine-de Nary bilen bagly goşgular bäş
ýerde Mejnunyň ady bilen gabat gelse, Leýliniň ady bilen alty ýerde gabat gelýär.
Bu bolsa, Narynyň Kaýsyň ikinji bir tahallusy däldigini aňladýar. Diýmek Nary
Kaýsyň ikinji bir tahallusy –– edebi lakamy däl.
Naryly nusganyň 697-nji we 930-njy bukjalaryndaky golýazmalarda Nary
bilen bagly şygyrlaryň ýokdugy, ol goşgularyň diňe 1803-nji bukjadaky
golýazmada gabat gelýändigi, bu golýazmanyň hem Nary bilen bagly şygyrlarydyr
käbir çeperçilik serişdelerini aýyrsaň
ýokarky bukjalardaky (697, 930)
golýazmalar bilen sözme-söz diýen ýaly gabat gelýändigi, şeýle-de Narynyň
dessanyň diňe bir gahrymanynyň dilinden däl-de, eýsem, dürli gahrymanlarynyň
dilinden şygyr düzendigi onuň bu dessanyň awtory däldigini bildirýän zatlaryň
biridir. Nary diňe, bu dessany göçüren wagty içki joşgunyna bäs gelip bilmän,
dessana öz şygyrlaryny goşupdyr. Diýmek, awtorly meselede biz hem belli alym
A. Mülkamanowyň pikirine goşulýarys. Dessanyň Sebatyly ýa-da Mollamurtly
nusgasy däl-de hut Naryly nusgasy Andalybyňky. Çünki Andalybyň biri-birinden
düýpgöter tapawutlanýan iki sany «Leýli-Mejnun» dessanyny ýazmajakdygy köre
hasa.
Eger şeýle bolsa, Nary-da Sebaty ýaly döredijilik işinden has oňat baş çykaran
kätip bolmaly. Çünki, 1803-nji bukjadaky golýazmada Narynyň ady bilen dessana
13
goşulan şygyrlar örän çeper we sazlaşykly berlipdir. Emma Narynyň hem kimligi,
ömür-döredijiligi, başga haýsy eserleri göçürendigi, diňe kätiplik bilen
meşgullanandygy ýa-da eser hem döredendigi barada degerli maglumat ýok. Belki
ol hem Sebaty ýaly diňe kätiplik bilen meşgullanandyr.
Haýsydyr bir şahyryň edebi eserlerini, esasan hem, dessan ýaly uly göwrümli
eserlerini göçürende döredijilikden oňat baş çykarýan kätipleriň öz içki
joşgunlaryna bäs gelip bilmän, özleriçe bent, beýt, setir goşýandyklary, öz atlaryny
getirýändikleri, ýa-da ýalňyşlyk bilen özüne has ýakyn durýan bir şahyrynyň adyny
özge bir şahyryň adyna derek ulanýandyklary nusgawy edebiýat, esasan hem
golýazma bilen iş salyşýan adamlara mälimdir. Magtymgulynyň goşgularynyň käte
Magrupynyň, Şabendäniň, Keminäniň, Talybynyň, Mandy Küçegiň adyna, käte
bolsa, tersine gelýändigi muňa delildir. Andalybyň «Leýli-Mejnun» dessanyny
göçüren Nary atly kätip barada-da şuny aýtsa bolar. Bu türkmen nusgawy
edebiýatynda köp duşýan ýagdaý. Muňa ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly Sebaty-da,
iki eserden döredijilikli işläp bir nusga döreden Mollamurt-da aýdyň şaýatlyk
edýär. Mollamurt bu dessany göçüren wagty döwürdeşleri, gündelik durmuşy bilen
bagly zatlary degişme (satira) äheňinde «Bu derdime çäre ýokdur» atly we beýleki
goşgularda getirip, şeýle diýýär:
Mollamurt, sen gaýra durgul,
Haýdar Jelal assa urgul,
Ýa Ýaradan towpyk bergil,
Men dek bagty gara ýokdur. 18
Beýle ýagdaýy MGI-niň golýazmalar hazynasynda saklanýan 129-njy belgili
bukjadaky Seýitmuhammet Saýadynyň «Zöhre-Tahyr» dessanyny göçüren
kätipde-de görýäris. Ony Magtymguly bilen şygyr aýdyşan belli şahyr Zunuby
göçüripdir. Bu bukjanyň 33b waragynda şahyr:
Eý, Zunuby, gapyl olma bir nepes Hak ýadyndan,
Mundan artyk hamdyn aýdara şirin güftara ýok.
- diýip, öz adyny getiripdir. Şu bukjada Zunubynyň ady başga ýerde-de gabat
gelýär:
Misgin Zunuby, tä be keý (haçana çenli), nala kylar sen misli neý,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Leýli–Mejnun - 02
  • Parts
  • Leýli–Mejnun - 01
    Total number of words is 3531
    Total number of unique words is 1665
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 02
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1922
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 03
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1822
    22.0 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 04
    Total number of words is 3874
    Total number of unique words is 1850
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 05
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1780
    23.3 of words are in the 2000 most common words
    33.4 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 06
    Total number of words is 3893
    Total number of unique words is 1816
    20.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 07
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2117
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 08
    Total number of words is 3405
    Total number of unique words is 2185
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 09
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 2341
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    33.0 of words are in the 5000 most common words
    40.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 10
    Total number of words is 3449
    Total number of unique words is 2216
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    34.2 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 11
    Total number of words is 1554
    Total number of unique words is 1167
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.