Latin

Leýli–Mejnun - 03

Total number of words is 4032
Total number of unique words is 1822
22.0 of words are in the 2000 most common words
32.2 of words are in the 5000 most common words
39.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
artyp, birniçe nalalar tartyp çykar erdi. Nägäh birniçe uşak oglanlar bilen KuhyNejdiň üstüne çykdy. Erse, Leýliniň haýma we hargählerini görüp perýat kylyp,
ýyglap durup erdi:
Nägäh Leýli tarapyndan bir şemal gelip, Mejnuna ondag rahatlyk ýetirdi kim,
göýäki ölükge täze jan giren dek boldy. Elgaraz Mejnuny-dilefgar bu häsiýeti
görüp şemala garap bir söz diýdi:
Saba, hargähi-Leýliden güzer kylsaň, doga ýetir,
Meni-sergeşteden jananyma müň merhaba ýetir.
Oşol mahpara hakydan saňa bes gullugym çendan,
Itiniň häki-paýyndan gözüme totyýa ýetir.
27
Bu köňlüm muddagasydyr, salam ýetir, saba, menden,
Dogamy destigäh eltip, salamym aşyna ýetir.
Zamana çeşmiden bal-u perime degmesin apat,
Gubary-rahgüzeri-Leýliden bir zerre ja ýetir.
Weli jemgyýetim kyldy perişan ol gara zülpi,
Ol anbardan damagymga meniň buýy-saba ýetir.
Kaýerde ýolda galganlaryň bolan hakgüzary sen,
Hudanyň hormatyndan uşbu hajatym rowa ýetir,
Sezewary-jepa her gün, tenim otlug, adym Mejnun,
Bir yşk uftadasy bu gün umydym ba wepa ýetir.
Elkyssa, ondan soň Mejnun bu sözleri aýdyp, takaty tak bolup, bir-iki jorasy
bilen Leýliniň haýmasyna bardy. Emma Leýli haýmada öli dek ýatar erdi. Nägäh
Mejnunyň ysy damagyna ýetişip, tenine täze jan girip, ýerinden turup, katdyny rast
kyldy. Erse, uzakdan gözi Mejnuna düşdi, derhal haýmadan çykyp, gülaby-didesi
bilen ýüzün ýuwup, jigergähinden ahy-sert tartyp, çün güli-now şeküfte dek serwihuraman huny-hasrat ýuwdup, bakyp durdy. Emma Mejnun Leýlini görüp, göýä
perwana şeme özüni uran dek köýer erdi. Emma Leýli apat görmegen çemene
ogşap, jilwe berip, durar erdi. Mejnun hem hazan bady degen topraga ogşap, titräp
durar erdi.
Elgaraz, bara-bara bu iki belakeşleriň yşklary zor kylyp derdi-elemleri zyýada
bolup, piçi-taba düşüp, ýylan dek towlanar erdiler. Elgaraz, bu halatda birniçe
pursat zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglaşyp durup erdiler. Emma Leýliniň atasy
Leýlini bu halda görüp, goluna hanjary-abdar alyp, Leýlä garap, ýöriş kyldy.
Emma Leýli hem atasyndan ters edip we rakyplar tagnasydan, heder kylyp,
haýmasyna girdi. Mejnun hem zar-zar ýyglap gaýdyp, Nejt dagyna bardy. Gijeler
halaýygyň gözünden pynhan baryp, Leýliniň haýma we hargählerinden gerd-ä gert
aýlanyp, «Şul ýerlerden ýörügen sen!» diýip, ýerleriň topraklaryn posa kylyp,
gözlerine sürter erdi we ýene Leýliniň garap duran ýerine başyn goýup, ýüz-gözün
ýerlere sürtäp, ah tartar erdi, «Şul ýerde sen garap durup erdiň!» diýip, ýeri
gujaklap, bihuş bolup ýykylar erdi. Daň atynça müň ölüp, müň diriler erdi. Emma
daň atandan soň naçar, gaýdyp gider erdi. Bu röwüş bilen hur-u hap we aram-u
karary ýok erdi. Diwanawar her tarapda ýörüp, «Mejnun» at göterdi.
Emma Mejnunyň hyş-u tebarlary we akrabalary Mejnuny bu halda görüp,
gamgyn bolar erdiler. Leýkin Mejnunyň atasy bilmeä erdi kim, bir eziz perzendi ne
sebäpden bela mübtela bolup turar. Bir gün Mejnunyň enesinden sorady:
– Bilermi sen, Mejnunyň hasby-halyndan habar bergin, muňa ne bela
bolupdyr, nige munça diwanalyk kylar. Eger bilseň, aýtgyl, onuň alajy ne bolar
eken, alajyna küşeş kylaýyn!
28
Onda Mejnunyň enesi Mejnunyň atasyna garap, Mejnunyň halyny beýan
kylyp, niçe ýerlerden tymsal getirip, bu muhammesi okap, bir söz diýdi, görüň
näme diýýär. Muhammesi-zagypaýy-biçäre bu turar:
Arzym eşit, aýdaý heman, eý Seýit Beni Amyry,
Bulmuş Beni Haýdan rowan bir mahy-peýker dilberi.
Leýli erer ady, çenan nowreste bir hup duhtary,
Dogmaz eneden bigüman soňdan ýene zyba peri,
Onuň üçindir her zaman ogluňyň bu derdeseri.
Ol onda perýat eýlese, bul munda müň eýlär pygan,
Geçmiş tiriklikden hem ol, bu munda eýläp terki-jan,
Enduhy-hasrat birle ol, munda munuň içgisi gan,
Biçäreler awaradyr yşkdan tapypdyrlar nyşan,
Leýli, Mejnuny jana-jan, uşşaklarynyň serweri.
Ýaşlykda aldyran köňül awaraýy-jananasy,
Bolmas nesihat birle sag yşk ähliniň diwanasy,
Köýdürse jismin şem özi, köýmezmi bes perwanasy,
Mähnet biriniň hemdemi, külpet birniň hemhanasy,
Mundag olara ýazylan «Kalu belanyň» depderi.
Her çent eger pent eýlesem «Leýli!» diýbän, salmaz gulak,
Silaby-eşki-çeşmiden Nejt dagynda salmyş bulak,
Gögsüde neşteri-Leýli mejruh erer başdan-aýak,
Jan bilen gül dek esresem, tartar özün ilden yrak,
Ryzwanmydyr bergen nyşan, jennetmidir bargan ýeri.
Rakkas dek, öýden çykyban, dynmaý uradyr desti-pa,
Agzyndadyr mähr-u wepa, bagryndadyr tiri-jepa,
Başdan uçan akyl-huşy, ruhsarydan – şerm-u haýa,
Men bilgenim aýdym saňa mundan nary bilgeý Huda,
Ha ýagşy bolsun, ha ýaman peýwendi-janyň göwheri.
Elkyssa, ondan soň Mejnunyň enesi atasynyň aldynda bu muhammesi okap,
sözüni tamam kyldy. Erse, ondak raýy-şeripi tutdy kim, gül çehresiden gertlerini
arytsa we oşol düri ki jahan memleketi ondan münewwer, özüniň başyna otursa.
Elkyssa, muhteser, Seýit Beni Amyry bu sözi eşidip, ulug-kiçik hemme
jemagasyny haýkyryp ýygyp, maslahat kylyp, geňeş saldy we:
– Hemme küşeş kylalyň, şaýet, Mejnun – aşufta hal – biçäräni perişanlykdan
gutargaýmyz, musulmanlyk bilen miýesser kylalyň – diýdi. Tamam hyştebarlarynyň raýlary ondak boldy kim: «Eger nika ýoly birle miýesser bolsa, her
kalaý kylyp, oşol aşuftany bu perişanlygyndan çykargaýmyz» diýip, maslahata
enjam berdiler we birniçe raýat jem bolup, Leýliniň atasyna sawçylyga barmaga
razy boldular. Seýit Beni Amyra bu maslahat hoş gelip, özüne manent birniçe ähli29
şukuhy alyp, ýola düşdüler we Leýlä sawçylyga bardylar. Elgaraz, ol dilaramyň
kabylasy hem habar tapyp, has-u-aam aldlaryna pişwaz çykyp, yzzat-ekramlar birle
bu ähli-şukuhy Leýliniň işigine eltip oturtdylar. Doga we senadan soňra bulara
myhmandarlyk kylyp, birniçe aby-tagamlar tartyp, hyzmat kyldy. Leýliniň atasy
sorady we aýtdy:
– Eý, ezizler, eý Seýit Beni Amyry, ne matlap bilen bu pakyrlary ýoklap,
mähribanlyk birle gadam renjide kylyp sizler, her ne hyzmat bolsa, emr kylyň, eger
golumyzdan gelse, hyzmat kylalyň, muddagaňyz bolsa hasyl kylalyň! Onda Seýit
Beni Amyry maksadyny nazm birle beýan kylyp, bir söz aýtdy.
Jan bagynda bir bilbilim bar idi,
Perwaz edip, arzuw-arman istemiş.
Gül şowkunda çeşmi girýan, zar idi,
Täze gül-u täze bossan istemiş.
Hiç kimsäniň nesihatyn almagan,
Mähnet çekip, rahatyny görmegen,
Göz ýaşyna gark olganyn bilmegen,
Wamyk sypat Uzra nyşan istemiş.
Yşkyň ody ruhsaryny zert etgen,
Sagat-sagat dert üstüne dert etgen,
Hijran bilen jismi-janyn fert etgen,
Jan bilbilim aramy-jan istemiş.
Ýaş ornuna gözlerinden gan akyp,
Jan köýdürip, süňeklerin ot ýakyp,
Nejt dagynda didban bolup, ýol bakyp,
Züleýha dek mahy-Kengan istemiş.
Seýit seniň öwladyňy gözledi,
«Sözüň nedir, dostum» diýbän sözledi,
Gije-gündiz bu sebäpden bozlady,
Leýli atly mahy-taban istemiş.
Elkyssa, ondan soň Seýit Beni Amyry bu sözüni tamam kyldy. Erse, Leýliniň
jemagasy bildi kim, bular Leýli üçin sawçylyga gelmiş we hastgärlik kylyp
turarlar. Leýliniň atasy Seýit Beni Amyrydan bu sözi eşidip:
– Eý, Seýit Beni Amyry, sözüňizi bisýar abdar görer men, ony jan-dil bilen
kabul kylar erdim. Weliken eşidermiz, siziň ogluňyz diwana we aşufta ahwal,
hatyry-perişan we jynly ermiş. Diwana biziň haryfymyz ermes. Özüňiz hem hup
biler siz kim, kabylaýy-arap aýypjuý adamlar turarlar, özümizi göre-bile, ýanar oda
urmas biz. Tä ogluňyz diwanalykdan çykmasa maňa bu sözleri yzhar kylmaňyz,
sözüňizi kabul kylmas biz. Eger ogluňyz diwanalykdan we hatyry-perişanlykdan
syhhat bolsa, bu sözi kabul kylar biz – diýip, bir-bir beýan kyldy. Elgaraz,
30
jemagaýy-Seýit Beni Amyry olaryň bu nowg tagna sözlerine gahary gelip
gaýtdylar. Her haýsy we menzeleýi-garyby-gamreside bolup, yzlaryna ýanyp geler
erken: «Bu diwananyň bir alajyny kylalyň» diýip bir pikir etdiler. Öýüne baryp,
Mejnuny-jigerhuny çagyryp, nesihat birle:
– Eý, Mejnuny-jigerpara, Leýlini unutgyl, öz kabylamyzdan haýsy gyzy
halasaň, saňa miýesser kylalyň! – diýdiler. Erse, Mejnuny-binowa bu sözler nähoş
gelip, öz jemagasyna garap, bir muhammes okady, beýany bu turar.
Bir hassa menem, derdime derman geregim ýok,
Aşuftalygym bes maňa saman geregim ýok.
Bu hyş-u tebardan maňa yhsan geregim ýok,
Zowk etgeli bir özge gülüstan geregim ýok,
Leýli geregim, jismim üçin jan geregim ýok.
Yşk ýolunda bu janym üçin birr dilemeý men,
Gowgasy düşüp başyma, efser dilemeý men,
Perwaz edeýin diýip, özüme per dilemeý men,
Gulmany-behişt-u peri-peýker dilemeý men,
Leýli geregim, jismim üçin jan geregim ýok.
Azurda suhan birle eritmäň jigerimi,
Syndyrmak üçin tagna bile bal-u perimi,
Bihuda kelam ile sowutmaň ýüregimi,
Hak beren Özi lutp ile eden dilegimi,
Leýli geregim, jismim üçin jan geregim ýok.
Bihuda gider – pendiňi diwana ne bilsin,
Jugz ülkesi weýrana bu weýrana ne bilsin,
Çün köýmeginden özgäni perwana ne bilsin,
Köňülde ne söz baryny bigäne ne bilsin,
Leýli geregim, jismim üçin jan geregim ýok.
Her ýan akyzyp ýyglaýyram çeşmimiň seýli,
Derdime dowa ýok, ne kylaý hyş ile heýli,
Köňlüme düşüpdir meniň, bes, Leýliniň meýli,
Leýlige gerek Mejnun, Mejnunyga hem Leýli,
Leýli geregim, jismim üçin jan geregim ýok.
Elkyssa, ondan soň Mejnundan bu sözleri eşidip, hemme hyş-tebarlary birden
ýüz öwürdiler we onuň ahwalyna zar-zar ýygladylar. Ondan soň, Seýit Beni
Amyra:
– Eý, Seýit Beni Amyry! Imdi ogluňdan syhhatlyk umydyny üzgül, nesihat
birle tedärigi bolmaz, imdi sen bilgil! – diýip, her haýsylary bir tagna kylyp,
öýlerine gitdiler. Elkyssa, muhteser, Seýit Beni Amyry ogluna ýene pendi-nesihat
kylyp:
31
– Eý, oglum, Leýli üçin köp köýmegil, biz seniň üçin Leýlä köp küşeşler
kyldyk. Leýli seni diýmedi. Sen hem Leýlini unutgyl, ol seni unutdy. Leýli seni
söýmez, sen hem ondan geçgil! – diýip, birniçe ýerlerden tymsal geltirip, bir söz
aýtdy, görüň näme diýýär:
Arzuw-arman bilen bardyk ýaryňa,
Leýli geçdi, sen hem ondan geç imdi.
Rehm etmedi perýadyňa, zaryňa,
Leýli geçdi, sen hem ondan geç imdi.
Arzyň aýtdyk, köňlün asla bozmady,
Meger kysmat ony saňa ýazmady,
Köňli söýmez güli bagban üzmedi,
Leýli geçdi, sen hem ondan geç imdi.
Akyl özün ýanar oda urmady,
Atyň julun ite laýyk görmedi,
Çarhy-pelek myradyňça ýörmedi,
Leýli geçdi, sen hem ondan geç imdi.
Rahat ýolun gözden salyp zar etme,
Eziz başyň jepa bilen har etme,
Biwepadyr ýaryň, guzym ar etme,
Leýli geçdi, sen hem ondan geç imdi.
Ataň aýdar saňa pendi-nesihat,
Wepasyzdyr, başdan boldy alamat,
Reýgan gider çekseň ah-u nedamat,
Leýli geçdi, sen hem ondan geç imdi.
Elkyssa, Seýit Beni Amyry bu jogaby aýdandan soň Mejnuny-binowa
atasyndan bu sözi eşidip, zar-zar ýyglap, gol urup, köýnegini eteginden tä
ýakasynaça para-para kyldy, ýüregine ot düşüp, gaýta beter elemi täze bolup,
janhowlundan lybaslaryny para-para kylyp, başyny ýalaň kylyp desti-hasrat başyna
urup, «Waý, Leýli, waý, Leýli!» diýip, diwanawar her tarapa ýüwürip, gähi
gursagyna urup, zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglap, nalyşyna dag-daşlary erider
erdi. Ýüz-gözlerine ýollaryň topragyndan sürter erdi: «Eý, ýary-mähribanym, waý,
aramy-jan bikararym, meniň bitakat-u biaramlygym we diwanalygym seniň üçin
turar. Sen ne üçin hyşy-tebarlaryň we akrabalaryň bilen ar kylyp, nükte söz aýdar
sen we ataňy öz töwrine goýar sen, ony ýola salmaz sen. Seniň hyş-u tebarlaryň
nükte sözleri aýdanyna meniň hyş-u tebarlarymyň zehini käýinip, ar kylyp,
menden ýüzlerini öwürdiler, meniň bu bihanymanlygym we biçäreligim sen ýar
üçin!» diýip, zar-zar ýyglap, ýaryny ýat kylyp, bir muhammes okady:
Yşk ýolunda, eý dilruba goýdum gadam sen ýar üçin,
32
Her tün çekip men binowa ah-u nedem sen ýar üçin.
Bilmem saňa ne muddoga mende elem sen ýar üçin,
Başymda müň jebr-u jepa, zulum, sütem sen ýar üçin,
Janymda müň derdi-bela, ýüz ança gam sen ýar üçin.
Almazmy sen menden habar, yşkyňda boldum derbe-der,
Tünler çekip ahy-säher ýuwtmak işim huny-jiger,
Ursam beýewanlara ser men bagry birýan, çeşmi ter,
Synama sanjyp tiri-yşk, kyldym tiriklikden güzer,
Janymda müň derdi-bela, ýüz ança gam sen ýar üçin.
Nalama itler ýyglaşar, eý ýar, eşitmeňmi seda,
Gelgil meniň golumy tut, galdym aýakdan men geda,
«Geçgil nigäriňden» diýbän kim, urdular zynjyry-pa,
Maksat saňa bilmem nedir, men mübtela, men mübtela,
Janymda müň derdi-bela, ýüz ança gam sen ýar üçin.
Lutp eýläbän eý mähriban, sorsaň ne bolgaý hasby-hal,
Holkum guryp, derman gidip, yşkyňda galdym bimejal,
Hunaba-hasratlar ýuwdup, il tagnasyndan paýymal,
Külpetde älemden ötüp, boldum hazan, eý now nahal,
Janymda müň derdi-bela, ýüz ança gam sen ýar üçin.
Mejnuny-yşk awarasy boldum ajap zaryň seniň,
Köňlümde hasrat ýarasy, tä men giriftaryň seniň,
Derdimiň bolmaz çäresi, bolaly bimaryň seniň,
Başdan-aýagym ýarasy ser tä ser efgaryň seniň,
Janymda müň derdi-bela, ýüz ança gam sen ýar üçin.
Elkyssa, ondan soň, Mejnuny-aşufta hal bu sözleri aýdar erdi, gördi kim,
Mejnunyň derdi-yşky we jununy gün-günden zyýada bola başlady. Erse, atasy
«Her diwana aşuftalyk galyp, kabyly-zynjyr bolar. Munuň aýagyna zynjyr
urmasam bolmaz, beýewanlara ulaşyp gider» diýip, aýagyna zynjyr we gerdenine
risman baglap goýdular. Emma Mejnuny-binowa aýagynda zynjyr, boýnunda ýüp,
köňlünde gamy-Leýli, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, biçärelik bilen Hudaýa
bu mynajaty okydy:
Rahman Eýäm, berip jany,
Ýokdan meni bar eýlediň.
Aşyklara giň jahany,
Mähnet berip, dar eýlediň.
Hiç bolmady bähbit işim,
Gün-günden artar käýişim,
33
Gurbat içre galyp başym,
Ajap müşgil kär eýlediň.
Duşman boldy dost diýenim,
Awy boldy her iýenim,
Semender dek jismi-janym,
Köýmek üçin nar eýlediň.
Hazan öýi boldy jaýym,
Nejat bergin, eý Hudaýym,
Her dem artar ah-u waýym,
Köp jepaga ýar eýlediň.
Arzyn saňa aýdy Mejnun,
Çeşmi ― girýan, derdi ― efzun,
Züleýha dek Ýusup üçin,
Gan ýygladyp, zar eýlediň.
Elkyssa, Mejnun bu gazaly tamam kyldy. Ondan soň, Mejnuny-jigerhundan
bu sözleri eşidip, ata-enesi jüstüjuýa düşüp, her ýerden we her hajatgähden doga
diläp geler erdiler. Hyş-tebarlarynyň her haýsy bir çäre üçin, her tarapa ýüwürip,
derdine dowa agtarar erdiler. Her ýerde bir şerapatly büzürg kişi görseler, aýagyna
ýykylyp, ondan hajat dilär erdiler we ýene öwlüýälere ys we çyrag kylyp,
arwahlardan Mejnunyň derdine şypa dilär erdiler. Emma hiç alaç tapylmaz we hiç
ýerden gollaryna dürri-maksut girmez erdi.
Elgaraz, hyş-tebarlary jem bolup, ittifak kylyp, Mejnunyň atasyna:
– Eý, Seýit Beni Amyry, ogluňy hanaýy-Käbeýi-mugazzama alyp barsaň,
şaýet ol hanaýy-şeripiň şerapatlaryndan bu jununlyk belasy munuň başyndan dep
bolgaý – diýip, ýol görkezdiler. Elkyssa, muhteser, Seýit Beni Amyra bu sözler
makul boldy. Haj möwsümi bolup erdi. Seýit Beni Amyry perzendi-dilbendini bir
düýä mündürip, Mekgeýi-mugazzama rowana boldy. Elkyssa, hanaýy-Käbä baryp,
oglunyň golundan tutup girizip oturtdy we:
– Eý, janym, balam, Mejnuny-dilefgarym, eý gözümiň nury, ýüregimiň
peýwendi, bu jaý bazy oýnamak, gülmek we diwanalyk kylmak jaý ermez, bu ýer
tazarrug we zary jaýydyr. Bu ýerde her kim hajat dilese, rowa bolar, päk köňül we
sydky-yhlasyň bilen bu mübtelalyk we perişanlykdan gutulmak üçin Hudaýdan
derman diläp «Meni bu mübtelalykdan halas kylgyl» diýip, ýyglagyl, enşa
Allatagala, bu belalardan halas bolar sen! – diýip, nesihat kyldy. Emma Mejnunyaşufta ahwal atasyndan bu sözi eşidip bildi kim, bul ýerde hajat rowa bolar we
doga müstejap bolar, arkasyny diwary-metjidi-Hareme sürtüp:
– Iläh-ä, derdimi ýüz esse owwalkydan zyýada kyl – diýip, öz köňlüne
nesihat kylyp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bu mynajaty okady:
Mähnet çekip geldim bu gün bu jaýa,
34
Akyl adam haýran bolan jaýydyr.
Sabr eýlärem ýardan gelen jepaýa,
Müşgil derde derman bolan jaýydyr.
Bir dilberiň bolup köňlüm maýyly,
Çöller gezip, boldum yşkyň saýyly,
Hakyň kysmatyna bolup kaýyly,
Ysmaýyl dek gurban bolan jaýydyr.
Ýowuz gün bar är ýigidiň başyna,
Başyň urgun bu Käbäniň daşyna,
El sunawer Halyl Rahman işine,
Söwer gullar myhman bolan jaýydyr.
Dost golundan gülgün şerap içilsin,
Ýazygymyz her ne bolsa geçilsin,
Joş uruban Hak rehmeti seçilsin,
Katra gelse, umman bolan jaýydyr.
Haktagala kysmatyna eg başyň,
Jepalara sabr et, çytmagyl gaşyň,
Hetden zyýat bolsa eger kylmyşyň,
Gaffar Eýäm afw eýlegen jaýydyr.
Ýürek dag-u derdin açyp ýyglagyn,
Şirin jandan belli geçip ýyglagyn,
Gözden ganly ýaşyň seçip ýyglagyn,
Aşyklaryň girýan bolan jaýydyr.
Mejnun gul, sen Haka eýle mynajat,
Uzruň aýdyp, ýyglap dilegin hajat.
Yşkdan köňül aldyrmagyň ne uýat,
Geda guluň soltan bolan jaýydyr.
Emma Mejnuny-zar bu sözleri tamam kylyp, puşt bediwary-Käbe kylyp,
«Waý, Leýli, waý, Leýli» diýip, zar-zar ýyglap durar erdi. Atasy:
– Eý oglum, eý Mejnuny-dilefgarym, balam, bu sözleri goýgul, bu aşuftalyga
Hudaýdan syhhatlyk diläp, zary kylgyl, bu hanaýy-şeripiň hormatyndan
Perwerdigäri-älemden «Bu perişan hatyrlykdan gutgargyl!» diýip, ýyglasaň ne
bolgaý. Meni namys-neňden we halaýygyň tagnasydan gutarsaň ne bolgaý! –
diýip, ýyglap, töwella kylar erdi, bu eziz perzendi üçin ýüregi köýer erdi. Bu derdibidowaga köp derman diläp, nowhaýy-zary kylar erdi.
Emma Mejnun atasyndan bu sözleri eşidip, atasyny bu ahwalda görüp, gaýta
beter elemi zyýada bolup we derdi gozgalyp, halkaýy-deri-Käbeýi-mugazzama gol
urup, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bir muhammes okady:
35
Be hakky zaty-päkiň derdimni bisýar kyl, ýa Rep,
Alajy bolmasyn andak ki zar-u zar kyl, ýa Rep.
Gözüm ýaşyn jiger gany bilen gülnar kyl, ýa Rep,
Sera-pa peýkerim Leýli üçin, efgar kyl, ýa Rep,
Başyma rehmeti-yşkyňy bes serşar kyl, ýa Rep.
Şeraby-yşkdan doýynça ber andag ki mest eýläp,
Hyýaly-zülpi-Leýli birle akylym paýy-best eýläp,
Miýesser eýlegin hümmet semendin ziri-dest eýläp,
Iläh-ä, aşyk-magşuklary goşgun destbe-dest eýläp,
Hyýalym guşlaryn Leýli üçin bisýar kyl, ýa Rep.
Gamyndan şem dek çyksyn meniň ser tä serimden ot,
Semender dek zamany bolmasyn kim peýkerimden ot,
Köýen perwana dek joş eýlesin bal-u perimden ot,
Çü kaknus, nala başlap çykaly häkisterimden ot,
Munuň dek derdi-biderman, bilen bimar kyl, ýa Rep.
Iläh-ä, dert ber andag ki bes huny-jiger birlen,
Bolaý awaraýy-bihanyman julide ser birlen,
Lahat topragyna başym urgaý ruhsary zer birlen,
Kepen ýyrtyp, gopaý magşar güni bu derdeser birlen,
Talattup birle ol güni laýyky-didar kyl, ýa Rep.
Hudaý-a, dembe-dem pür derdi-yşk etgin sereştimni,
Muhabbetden zamany haly kylma sernewiştimni,
Münewweri yşkdan kylgyl berri-sähraýy-deştimni,
Miýesser eýle, ýa Rep, däneýi-maksat-kiştimni,
Men Mejnuny-sergerdanyň ýaryny ýar kyl, ýa Rep.
Emma Mejnun bu muhammesi tamam kyldy, erse, atasy owwaldan tä ahyr
hekaýatyn eşidip oturyp erdi, görüp bildi kim, bu kyssaýy-müşgil bu ýerde hem
açylmaz. Naçar we näalaç, mäýus bolup gaýtdy.
Elkyssa, Mejnun bu sözleri aýdyp, gije bilen hanaýy-Käbeden çykyp,
beýewanlara sary ýüz urup, mesti-biygtyýar bolup bidir gitdi. Emma atasy ogluny
ýitirip, tapa bilmeý, hanaýy-Käbeden çykyp, birniçe gün ýol ýörip, öýüne bardy.
Elgaraz, Mejnunyň ahwalyny hyş-u tebaryna beýan kyldy, olar hem eşidip,
naçar we näalaç bolup, hamuş boldular, ondan syhhatlyk umydyny üzdüler.
Elkyssa, Mejnun hanaýy-Käbeden çykyp, mesti-biygtyýar baryp, bir
kabylaýy-arapa dahyl boldy. Gursagyna urup, Leýliniň yşkyndan bitakat bolup,
birniçe gazallar, kasyda we bediheler aýdar erdi. Emma eşiden, adamlar Mejnunyň
gazalyny ýat tutup, gören halaýyklar guruh-guruh gelip, ýazyp alyp, okap, öwrener
erdiler.
36
Elgaraz, aradan birniçe muddet ötdi. Mejnunyň bu ahwalyny bir kişi görüp,
baryp, Leýliniň jemagasyna: «Pylan ýerde bir diwana «Waý, Leýli, waý, Leýli»
diýip gars kakyp, gursak urup, Leýliniň şanyna birniçe gazallar aýdýar, men hem
öwrendim» diýip, onuň aýdan gazalyndan birniçe gazallar aýtdy. Ýene hem
«Birniçe oglanlar öwrenip, Leýlini dillerinden goýmazlar, weliken bir ajaýyp jynly
diwana durar» diýdi. Erse, Mejnunyň yşky halaýyk agzyna düşdi, bu söz äleme
owaza boldy.
Emma Leýliden söz eşidiň. Bu söz Leýliniň gulagyna degdi. Elgaraz, Leýli
hem Mejnunyň pyrakynda köýüp, ýanyp, gury post we ustuhan bolup, külbeýiahzanda bimar we renjur bolup erdi. Emma bu habary eşidip, endek tenine täze jan
girip, «Waý Mejnuny-dilefgarym, waý ýaşlykda köňül aldyran nigarym, sen hem
men dek köýüp, ýanyp, yşk ataşyna düşüp, Mejnun bolup ýören eken sen. Men
hem külbeýi-ahzanda bimar we bikarar turar men. Rakyplar tagnasyndan dem alara
mejalym ýok erdi, öler halata ýetişip erdim. Ýüz şükür kim, seniň at-owazaňy
eşidip, tenime täze jan girdi» diýip ýyglar erdi.
Elkyssa, Leýliniň atasy, hyşy-tebary we ähli kabylasy bu wakany eşidip, neň
kylyp, patyşa baryp, arz kyldylar kim: «Dat, patyşamyz, pylan deştden biziň
diýarymyza bir jynly diwana ýigit gelip, köp sibbe-sutuhlary aýdyp, gyzlarymyzy
melamatzede kylarlar Leýlini betnam kylmak üçin baş açyk, aýak ýalaň, gäh raks
we gäh ýeri posa kylar. Ýene sagat-sagat gazalhanlyklar kylar we hoş owaz birle
okar, il ondan ýat alar. Leýli hem onuň pyrakynda gury post we ustuhan bolup
ýanyp turar. Şul wagt alajyny kylmasaňyz bolmaz. Meniň gyzymy halaýyga
betnam kylyp ýörer. Halaýyk tagna kylar. Bizler ulusyň tagnasynda galdyk» diýip,
soltanlaryna perýat kyldylar we ol jemagat maslahat birle sylahy-hunrizlik alyp
onuň depi üçin küşeşde boldular.
Erse, patyşa dergazap bolup, bir kişä: «Ol ýigii tapyp alyp geliň, onuň hup
yhtymamyny kylaýyn!» diýip buýurdy.
Emma Seýit Beni Amyry öwladyndan bir kişi bar erdi, ol aňlap baryp bu
jemagaty habardar kylyp: «Eý, Seýit Beni Amyry, seniň ogluňyň golundan patyşa
arz kyldylar, patyşa hem dergazap bolup, kişi buýurdy, mebada bir hadysa
bolmagaý we ony nabut kylmagaýlar» diýdi.
Erse, Seýit Beni Amyry ol kişiden bu sözi eşidip, içine ot düşüp, Mejnuny
agtaryp, ogluny istäp, çölbe-çöl kydyryp barar erdi. Nägäh Beni Sagt jemagasydan
bir kişi şikar kylyp ýörüp erdi. Nägäh ýoly Abu Kaýs dagynyň garyna düşdi. Erse,
gördi kim, gar içinde, bir kenarda mesti-biygtyýar we agzyny mur, mar watan
kylan bir adam ýatypdyr kim, nepesi gähi geler we gähi gelmez. Bir saýasydan
özge hemdemi we mähremi ýok erdi, ah-u naladan başga pişesi ýok erdi. Emma
şol Beni Sagtly saýýat ol mahzunyň halyny görüp, şapakat birle baş ujunda oturyp,
halyny sorap, bu müstezady okady:
Ne jan sen, eý-ä ähli-beşer, eý mahy-mahweş,
Messana ýatyp sen.
Janymdan ezizräk görüner sen şahy-dilkeş,
Mähnete batyp sen.
Ahy-dili-şereriň bilen janyň tutaşypdyr,
37
Otlug nepesiň bar.
Neden seniň päkize diliň boldy müşewweş,
Aýtgyl, ne edip sen?
Bagryň erip, halkyň guryp, agzyň doly zährap
Ganly jigeriň suw.
Kaýsy senem elinden içip badaýy-ba yşk,
Aklyň unudyp sen.
Hemsaýa – pygan, nala – rafyk, gam – hemdem,
Eý aşyky-şeýda.
Aýtgyl maňa kim, derdi-diliňni – kime gaş-gaş,
Neçün uýatyp sen?
Älem gözüňe teňmi kylyp sen, watanyň gar,
Özüňden habaryň ýok.
Jismiň köýedir, başdan-aýagyň bary, meger,
Älemden ötüp sen.
Döwrany-zamandan habaryň ýok, eseriň ýok,
Nedir saňa bu hal?
Gan boldy jiger suz bile, saňa eý nere ahfaş,
Goldan güw gidip sen.
Sagdy seniň ahwalyňa takat kyla almas,
Eý serweri-älem!
Alem gözüňe teňmidi çün däneýi-haş-haş,
Tahtyga ýetip sen.
Elkyssa, ondan soň ol Sagdy diýen saýýat bu sözi aýdyp, her çent söz sorady,
ol Mejnuny-mahzundan hiç eseri-jogap bolmady. Ahyr näalaç-naçar munuň
diriliginden umyt üzüp ýandy we ol ýerden güzer kylyp ötüp barar erdi, nägäh
alnyndan Seýit Beni Amyry ýolukdy. Ol golunda hasaýy-natuwany, gäh ýykylyp,
gäh turup, «Waý Mejnunym, balam!» diýip, agtaryp perişan ýörer erdi. Erse,
Sagdy bilen mulakat kyldy. Sagdy aýtdy:
– Eý baba jan, bu çölde ne yzlar, ne işlär siz?
Onda Seýit Amyry:
– Eý saýýat, Mejnun diýen oglumy agtarar men. Eý byradar, Mejnun
balamdan bilermi sen? – diýip, başdan-aýak oglunyň etwaryn we ahwalyn aýdyp,
zar-zar ýyglar erdi. Emma Sagdy:
– Eý, baba jan, waý natuwan, men Abu Kaýs dagynyň garynda bir mejruhy
gördüm, andak ýatyr kim, bir ajaýyp dertmendi-renjur, özünden bihabar, özünden
özgeden hergiz habary ýok, zahyr dünýäden tamasyn üzen we magzy-ustuhany
erip akan dek, meger, seniň Mejnun ogluň şol bolgaý – diýdi:
Elgaraz ondan soň Seýit Beni Amyry biçäre watan tarapyndan ýüz öwrüp,
manendi-döw beýewan-sähralary gezip, Abu Kaýs dagyna baryp, her ýerde bir
çukur, jar we gar bar bolsa, görüp öz diwanasyny oşol gardan yzlap, agtaryp ýörer
erdi. Nägäh bir gara ýetdi, kim ýeriň taryk jaýynda karar tapypdyr, mur, mar,
andak karar tuta bilmez. Gördi kim, bir teň we taryk ýerinde bir adam görüner,
38
mysaly bir murça karar kylgan dek, ruhy bedeninden ferar kylgan dek. Emma ol
ýerde hiç jandar dura bilmez, Mejnundan başga hiç kişi, dura bilmez erdi.
Seýit Beni Amyry gördi kim, gäh-gäh nalaýy-efgan tartar, ahy-sert tartar.
Badaýy-bihudydan andak mesti-biygtyýar erdi kim, bu älemden asla habary ýok
erdi, bir gury post we ustuhan erdi. Seýit Beni Amyry baryp, baş ujunda oturyp,
ýagşy tafahhus kylyp gördi. Erse, nury-çeşmi we jiger köşesi – ogly turar. Nägäh
atasynyň gözünden bir-iki katra ýaş Mejnunyň ýüzüne damdy. Erse, Mejnunybelakeş gözüni açyp gördi, başynyň üstünde birew perýat kylyp ýyglap durupdyr.
Mejnun:
– Ne adam durar sen, Leýlimi ? – diýdi.
– Onda Seýit Beni Amyry:
– Eý Mejnun balam, ne halyň bar? – diýdi: Mejnun:
– Hal sorar bolsaň Leýliden sözlegil, özge sözden maňa aýtmagyl – diýdi.
Seýit Beni Amyry:
– Eý, Mejnuny-dilefgar, balam, turgul, men zary-belakeş Seýit Beni Amyry –
ataň bolar men. Seni istäp munda gelip men. Seniň goluňdan patyşa arz kylyp
durarlar, seni öýe alyp gider men, turgul beýewar, seni bu halda nabut kylmasynlar
– diýip, zar-zar ýyglar erdi. Emma Mejnun atasyndan bu sözleri eşidip:
– Käşki Leýliniň ýolunda ölsem, ýürekde arman galmaz erdi – diýip, nala
kylar erdi.
Elgaraz, Seýit Beni Amyry zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap: «Ýörgün,
balam!» diýip, gözüne gözün sürter erdi. Mejnun atasyndan bu sözleri eşidip, zarzar, çün ebri-nowbahar ýyglap, atasyna garap, uzry-bisýar edip, bu gazaly aýtdy:
Hoş gelip siz, täji-serim,
Men natuwany sorgaly.
Halym budur, eý serwerim,
Ýok mende halat turgaly.
Reňňimi gör, halymy sor,
Gögsüme dep, başyma ur,
Bir dem meniň alnymda dur,
Kuwwat hany men bargaly.
Uzrum saňa bisýar erer,
Ser tä serim efgar erer,
Jany-ezizim har erer,
Mende mejal ýok ýörgeli.
Men hyzmatyňda rusyýah,
Başyma tapmaz men penah,
Halym tebah, eý nikihah,
Oturgaly ýa durgaly.
Mejnun köýer köýeniňe,
39
Gulaga söz aýanyňa,
Her bir gadam goýanyňa,
Ýüz ýok gözümi sürgeli.
Elkyssa, Mejnun bu sözi aýdyp, hasrat daşyny başyna urup ýyglar erdi. Ol
gije, ýarym gije nalyşa giren gumry ýaly «Waý Leýli, waý Leýli!» diýip, nalyşa
girdi. Emma nalyşyna daglar seda berse, bitakat bolar erdi. Elgaraz atasy eşidip,
perzendiniň halyny digergun görüp, ymamasyny başyndan alyp, mysaly murgysähergäh nalyşa girdi, gündizi mysaly gije boldy. «Waý, Mejnuny-belakeş, balam,
dilefgarym balam, ýalňyzym, saňa kimiň gözi degdi, kimiň çeşmi-husudy eser
kyldy sen bu nowg bela giriftar bolduň. Waý ezizim, perzendim, nury-çeşmim,
ýüregimiň mydary, balam, tä keý mundak bikararlyk kylyp ýörer sen, saňa kim
sowuk we husut kylyp eken, bu mübtelalykdan çykmaz sen we melamatdan
gutulmaz sen. Hiç zaman ýar gamyndan we eleminden armadyň we hiç nebis
tagnasydan we melamatdan faryg bal bolmadyň! «Eý perzent, bu gylyk we bu
efgal ýaşlykda zynat berer, imdi ulug bolup sen, bu kerdaryň begaýat aýyp turar,
Leýli ýaryň biwepadyr, onuň üçin munça köýüp-ýanyp, munça harabalarda ulagyp,
harlyk tartyp ýörmegil!» diýip, ogluna pendi-nesihat kylyp, bir söz diýdi:
Çekme munça jepalary ýar üçin,
Biwepadyr Leýli, guzym, aldanma.
El uzatma gül diýp ýanan nar üçin,
Algyl meniň pendi-sözüm, aldanma.
Owwal mährin köňlüň içre jaý eder,
Myradyňy bermek üçin raý eder,
Ahyr işiň perýat ile waý eder,
Galam gaşym, gara gözüm, aldanma.
Hasrat çekip, gan aglamak sendedir,
Jepa tartyp, rahat görmek kandadyr,
Rakyplardan tagna çekmek mendedir,
Menden geçip, ryzky-rozum, aldanma.
Gurban bolaý perýadyňa, dadyňa,
Ömrüm ötdi, men düşmedim ýadyňa,
Biwepany alma köňül şadyňa,
Now nahalym, serwi näzim, aldanma.
Gyz-oglany ýaşadykça ýaş bolar,
Efsanasy il içinde paş bolar,
Biwepanyň köňli gara daş bolar,
Şunkar guşum, laçyn-bazym, aldanma.
40
Ýagşy ýaryň köňli ajap hoş bolar,
Bir niçäniň köňli göýä gyş bolar,
Köňül diýen göýä uçar guş bolar,
Gyş bolmasyn, pasly-ýazym, aldanma.
Seýit aýdar, Mejnun, gaýtgyn ýoluňdan,
Ýüz öwürme kowum-gardaş, iliňden,
Gurban olam, bir ykrar et diliňden,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Leýli–Mejnun - 04
  • Parts
  • Leýli–Mejnun - 01
    Total number of words is 3531
    Total number of unique words is 1665
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 02
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1922
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 03
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1822
    22.0 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 04
    Total number of words is 3874
    Total number of unique words is 1850
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 05
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1780
    23.3 of words are in the 2000 most common words
    33.4 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 06
    Total number of words is 3893
    Total number of unique words is 1816
    20.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 07
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2117
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 08
    Total number of words is 3405
    Total number of unique words is 2185
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 09
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 2341
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    33.0 of words are in the 5000 most common words
    40.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 10
    Total number of words is 3449
    Total number of unique words is 2216
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    34.2 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 11
    Total number of words is 1554
    Total number of unique words is 1167
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.