Latin

Leýli–Mejnun - 05

Total number of words is 3995
Total number of unique words is 1780
23.3 of words are in the 2000 most common words
33.4 of words are in the 5000 most common words
39.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hatyny okap görüp, muttalyg bolup, neň we namys kylyp: «Leýlini Mejnuna asla
bermesmiz, Nowfyl gelse gelsin, golundan her ne gelse kylsyn, biziň Nowfyldan
zerre perwaýymyz ýok» diýip, ilçini yza we hakaratlar bilen gaýtaryp iberdiler. Ilçi
gelip, olaryň sözlerini we hakaratlaryny Nowfyla bir-bir beýan kyldy. Erse,
Nowfylyň gahary gelip, kernaý we surnaý goýup, leşger tartyp, Beni Haý
taýpasynyň üstüne rowana boldy. Beni Haý jemagasy hem hemme ilatyny jem
kylyp, otuz müň gara keltek we ýigrimi müň suwara hemme Arabystan jem bolup,
Nowfylyň barabarynda sap tartyp durdular. Elgaraz, birniçe gün bir-birleri bilen
andak uruşlar kyldylar kim, suw ornuna gan akdy. Jeňi-magluba bolup, köp
adamlar gyryldy. Emma, Mejnun boýnuna reda salyp, nusrat we zafary Leýliniň
jemagasyna diläp, Hudaýa ýyglar erdi. Eger Leýli tarapyndan bendi düşse, başyngözün sylyp, ýüzlerinden gerdi-gubaryn artyp: «Sen Leýlini görgendir sen, munuň
nazary Leýlä düşendir» diýip, gözleriden posa kylar erdi. Emma Nowfylyň leşgeri
Mejnunyň bu ahwalyny görüp:
– Eý Mejnun, biz seniň üçin baş berip, gan dökermiz, seniň ýaryňy alyp
bermek üçin jepa tartyp, jan üzermiz. Sen duşmanlara ýary diläp, dostlary azurda
kylar sen! – diýdiler. Erse, Mejnun olara:
55
– Eger Leýliniň jemagasy şikest tapsa, Leýliniň perişan bolar, Leýli perişan
bolsa, men perişan bolar men. Her ýerde Leýli bolsa, men onda durar men, meniň
ruhy-rowanym Leýli bilen hemra durar – diýer erdi.
Elkyssa, Beni Haý jemagasydan köp kişi gyryldy. Elgaraz Nowfyl patyşa
zorluk kylyp, köp adamlary nabut kyldy. Leýliniň jemagasy şikest tapdy. Emma
Leýli hem fathy-nusraty we abraýy Nowfyl patyşa diläp, Hudaýa zary kylyp,
ýalbarar erdi. Elgaraz, Leýliniň atasy we jemagasy ejiz bolup: El aman, el aman,
bilä zowalyl-iman we min şerriş-şeýtan bagys el emn wel aman!27 «Musulman kişä
bu niçik huny-nähak turar» diýip, gylyçlaryn gerdenlerine asyp, Nowfyl patyşanyň
alnyna geldiler we:
– Eý şahy-alem, ne muddagaňyz bar, ne üçin biziň ili munça huny-nähak
kylyp, gyrar siz? Eger muddagaňyz Leýli bolsa, eger gyzymy Mejnun diwana
bermeseňiz ýüz gyzym bolsa pidaýy we sadkaýy-bir tary-muýuňyz kylar men,
meger Leýlini Mejnun diwana bermeseňiz. Leýken Leýlini Mejnuna berseňiz
behakky-Aferidegär we behakky-Käbe meniň golum seniň etegiň bolar. Senden tä
kyýamata çenli agyrar – ynjar men. Çünki Mejnun diwanaýy-perişan hatyr turar.
Perzendimi öldürer. Biz asla razy imesmiz, we illa siz biler siz – diýdiler. Onda
Nowfyl:
– Leýlini Mejnundan ýagşy kişä berermi siz? – diýdi. Onda olar:
– Eý, şahy-alem, Mejnun diwana turar, nep-u zererin bilmes, elbetde, Leýlini
nabut kylar – diýdiler. Nowfylyň adamlaryndan hem bir para kişi:
–Eý, şahy-alem, bular rast diýýärler, Mejnun nep-zererin bilmez. Uruş
günlerinde boýnuna reda salyp, fathy-nusraty Beni Haý jemagasyna diläp, biziň
şikestimizi Hudaýdan talap kylar erdi. Bu diwana turar, elbetde, Leýlä zerer ýetirer
we ýene hem Hudaý tebärek we tagala: «Eý, Mejnun, magşar güni hemme halaýyk
jem bolarlar, ol gün Ýeri göterip duran öküzi soýup, seniň toýuň bolar. Soltan
Hüseýin Mürze we Mir Alyşir bagşy bolarlar, ol gün hemme halaýyga tomaşa
görkezip, Özüm kazy bolup, nikah kylar Men, onda Leýlini saňa berer Men, ondan
soň myradyňa ýeter sen» diýip aýdyp ermiş – diýdiler. Onuň üçin olaryň sözleri
Nowfyla makul boldy. Nowfyl bu sözi eşidip, «Bar imdi gyzyňy kime berseň
bergil» diýip, Leýlini atasyna tabşyrdy we leşgerini göçürip, Mejnuna garamaý
gidiberdi. Elgaraz, Mejnun binowa ýene näumyt bolup, Nowfyl gidenden soň
göwni galyp, Nowfyla garap, bir söz diýdi:
Eý Nowfyl, pygl-u kowly bet,
Şul erdimi ryzalygyň?
Köňli diline näpisint,
Ne eýlediň aşnalygyň?
Gaýta işimi kyn kylyp,
Köňlüme müň çigin salyp,
Derdi-dilim görüp, bilip,
Bolmady bir dowalygyň!
27
„Imany ýitirmekden we şeýtanyň şerinden aman, aman! Howpsuzlyk we dynçlyk ber!”
56
Owwal-a beýle lap urup,
Adamy munça öldürip,
Ähli-ryýa sen ýüz görüp,
Ar ededir sypahlygyň.
Söz ura sen düreň-düreň,
Ýok eken asla ar-u neň,
Ýol gide sen ýeleň-ýeleň,
Şeýle bolarmy şalygyň?
Mejnun diýdi: «Sen, eý şaky,
Derdimi gozgadyň taky,
Hun kylyban benähaky,
Bes zehi näsezalygyň!»
Elkyssa, Mejnuny-dilefgär bu sözleri aýdyp, beýewana baryp, ahy-efgan
tartyp, yssyk gumlary başyna sowrup, kuhbe-kuh, deştbe-deşt çarh urup ýörer erdi.
Benägäh aldyndan bir piri-saýýat çykdy, iki ahu beçjäni tutup, başyn kesermen
bolup duranda, Mejnun üstüne bardy. Ahu beçjelere rehimi gelip:
– Eý saýýat, bu biçäreleri azat kylyp goýbergin, meniň başymy kesgin – diýip,
saýýada bu gazaly aýdar erdi:
Eý piri-saýýat şul zaman,
Bu ahulary kyl reha.
Biçäreler tapsyn aman,
Men hem saňa eýleý doga.
Goýber diýdim, goýber heman,
Eý piri-saýýat, şul zaman,
Biçäreler tapsyn aman,
Salma bulara majera.
Nerkesleriniň haby ýok,
Işkençe berseň taby ýok,
Öldürmegiňiň huby ýok,
Azada kyl bähri-Huda.
Bagrynda onuň teb-u tap,
Rehm eýlegil, kylma kebap,
Kem nafe bolsa müşki-nap,
Gana boýalmak ýok rowa.
Rehm eýlegil näzik tene,
57
Bolgul garyplara pena,
Dökseň bu gün gan bigünä,
Magşarda bolguň rusyýa.
Nerkesleridir hup abdar,
Leýliden algan ýadygär,
Naçar-u dilsiz janawer,
Ermes garyplar biwepa.
Goýber ki, jany tendedir,
Gitsin ýoly her kandadyr,
Bu sürmeli göz mundadyr,
Topraga bulatsaň hata.
Biçäreler köp ýaş eken,
Mähnete garyndaş eken,
Mejnun bilen syrdaş eken,
Bul binowa, men binowa.
Elkyssa, Mejnun bu sözleri tamam kyldy. Erse, saýýat aýtdy:
– Eý diwana jan, sözüňi jan-dil birle kabul kylar erdim, leýken beçjelerim aç
durarlar. Men bulary olara kut kylar men – diýdi. Mejnun Nowfylyň beren atyny
saýýada berdi. Saýýat hem ahu beçjeleri Mejnuna berip gitdi: Emma Mejnuny-dil
şikeste ahu beçjeleriň aýaklaryndan bentlerini çöçüp, başyn-ýüzün sypap,
ýüzlerinden-gözlerinden öpüp:
– Eý janawarlar, gözleriňiz Leýliniň gözüne ogşar. Leýliden ýadygärim turar
siz – diýip, azat kylyp göýberdi. Elgaraz, Ondan soň, özi ýene ýüz beýewana urup
barar erdi. Emma bu ahu beçjeler hem arkasydan ergeşip barar erdiler, hergiz
Mejnundan galmaz we jyda bolmaz erdiler. Kem-kem olaryň sebäbinden birniçe
köp janawerler Mejnuna ram boldular we arkasyndan ergeşip barar erdiler.
Elkyssa, Mejnun bu ahwalda ýene bir menzile ýetdi. Erse, gördi kim, bir saýýat bir
gewezni tutup, damyna aýlap, boýnuna ýüp salyp, başyn keseýin diýip duran
wagtynda, Mejnun üstüne bardy we:
– Eý saýýat, bu janaweri öldürmegil, azat kylgyl damyňy boýnundan algyl! –
diýip, bir söz diýdi:
Saýdyň goýaber, saýýat, dilpara eken men dek,
Çöllerde gezip ýörgen seýýara eken men dek.
Ser tä seri hijrandan köp ýara eken men dek,
Sergeşte jahan bolgan awara eken men dek,
Al damyňy boýnundan, biçäre eken men dek.
Bäş gün seniň döwrüňde biçäre hyram etsin,
Köňlündäki gamlarny ýüz katla haram etsin,
Her kaýda gadam tartyp, ýol tapsa, makam etsin,
58
Tä takaty tak bolmaý, ýaryna salam etsin,
Al damyňy boýnundan, biçäre eken men dek.
Öldürmek üçin hanjar her dem kyla sen engiz,
Tut pendimi hem bolsaň ýa Hysrowy ýa Çingiz,
Gurhanda bitiglikdir usýany-ulug – hunriz,
Eşgin muny sen saýýat jübtüne gowuşsyn tiz,
Al damyňy boýnundan biçäre eken men dek.
Hyz eýlesin janawer ahu dek urup jübtek,
Barsyn suw sypat akyp, gitsin ýanyban ot dek,
Gam-gussadan aýrylsyn, jöwzada biten tut dek,
Bir-birge goşulsynlar Harut ile Marut dek,
Al damyňy boýnundan, biçäre eken men dek.
Yşk apatydan, Mejnun, julideýi-ser boldum,
Owzagymy il bilmez, ahwaly-diger boldum,
Nezr et muny sen maňa birewni dilär boldum,
Göýä ki kyýamatlyk men saňa peser boldum,
Al damyňy boýnundan biçäre eken men dek.
Elkyssa, Mejnun bu sözlerini aýtdy, erse, saýýat Mejnundan bu sözi eşidip:
– Eý diwana jan, sözüňi jan-dil bilen kabul kylar erdim, leýken men ne
kylaýyn, köp aýalment we kaşşak turar men. Muny ähli-aýalyma we beçjelerime
kut kylar men – diýdi.
Erse, Mejnun Nowfylyň beren ahlyhlaryny çykaryp saýýada berdi. Saýýat
hem ol gewezni Mejnuna berip gitdi. Mejnun göýä ata perzendini ýitirip tapan dek
ol gewezniň gerdinden aýlanyp, zähmlerini höşkbentlik kylyp, zarp tapan jaýlaryny
malyş kylyp, ýüz-gözünden posa alyp, bendi-paýyny eşip goýberdi. Emma ol
gewezn hem Mejnunyň arkasyndan galmaz erdi. Onuň sebäbinden hem birniçe
janawerler heder kylmaý, munys tutup, Mejnundan aýrylmaz erdiler.
Elkyssa, Mejnuny-şuride ahwal bu sypat birle kuhbe-kuh mesti-biygtyýar
barar erken, bir dagystana baryp, bir çeşmä gözi düşdi. Gördi kim, bir çeşmeýi-aly,
göýä ki aýnal-haýat çeşmesi dek, suwy Köwser suwy dek, ýene bir çynary-aly bar,
göýä ki daragty-Tuby dek. Ol çeşmäniň boýunda oturyp, suwundan endek noş
kylyp, ol daragtyň saýasynda endek bährement bolup, aram alyp, bir pursat karar
kyldy. Nägäh gözi ol daragtyň şahasyna düşdi, gördi kim, daragtyň şahasynda bir
gara zag oturmyş. Mejnun ol zagyň gara perin gara lybas akyda kylyp:
Eý, zag, azalykmy sen, gara lybas geýip sen? – diýip, ol zaga garap, bir söz
diýdi:
Şah üstünde duran gara donly guş,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Köňlüň gamly gördüm, özüň bes, nähoş,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
59
Suwlukda dek gördüm ýören ýerleriň,
Söwdasydan çykyp bahr-u berleriň,
Başdan-aýak gara gunduz perleriň,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Geýdigiň gara don, bilip sen ki hap,
Amalsyz sopy dek durup sen garap,
Diliň bolsa, maňa belli ber jogap,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Saýramaz sen, zagym, yzalykmy sen,
Däne-suwdan kemräk mazaklykmy sen,
Perleriň garadyr, azalykmy sen,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Mejnun aýdar, men dek garadyr teniň,
Sözlär men dost bilip gara guş seniň,
Aýralyga saldy Allahym meniň,
Sen hem men dek ýardan jyda düşgenmi?
Elkyssa, Mejnun bu sözleri aýdyp, zagdan belli jogap eşitmeý, haýran boldy.
Elgaraz, Mejnun ol ýerden ötüp, dide girýan, syna birýan barar erdi. Bir kabylaýyaraba dahyl boldy. Nägäh gördi kim, bir piri-zal bir adamyň boýnuna ýüp dakyp,
idegläp ýörüpdir. Mejnun:
– Eý, mama jan, ne üçin bu biçäräni ýesir kylyp, boýnuna ýüp dakyp südräp
ýörüp sen – diýdi. Onda mama:
– Rast aýtsam bu bendi ermez, kör durar, men hem biwe we kaşşak durar
men. Hiç nimersämiz ýok turar, ikimiz äht kylypmyz, işiklerde gedaýlyk kylarmyz,
her näme peýda bolsa, behem görermiz we ikimiz barabar taksym kylyp alarmyz –
diýdi. Erse, Mejnun:
– Eý, mama jan, meniň hem boýnuma ýüp dakyp, alyp ýörgül, her näme
peýda bolsa, men sizlere berer men – diýip, wada kyldy. Erse, ol piri-zal Mejnunyň
boýnuna ýüp dakyp, arap kabylasynda goşba-goş, öýbe-öý idegläp eltip, «Bu
körlere bir nimerse haýrat kylyňlar» diýip ýörer erdi. Elkyssa, bu merätipde
Leýliniň çadyryna ýakyn ýetdiler. Birniçe ýaş oglanlar daş we kesekler bilen urar
erdiler. Bedenleri jerahat bolup, ganlar her ýan akar erdi. Elgaraz, buýy-muhabbet
ösüp, Mejnunyň damagyna Leýliniň ysy gelip, buýy-Leýli bilen meşamy muattar
bolup, köňlüne farahlyk roý berip aýtdy:
– Mama jan, endek sabyr kylgyl, bu ajap, hoşboý menzil erken – diýdi. Emma
mama:
– Bul ýerde dursam, bähbidimden galar men – diýip iteläp, südräp goýmaz
erdi. Elkyssa, Mejnun:
60
– Mama jan, endek sabyr kylgyl – diýip, takat synasyndan gidip, bir söz
aýtdy:
Tomaşa eýläýin, durgul,
Ajaýyp jaý eken bul jaý.
Ki ser tä pa letapatlyk,
Ne hoş mägwa eken bul jaý.
Ýeşibän gol-aýagymy,
Alaý bir dem feragymy,
Ysy tutdy damagymy,
Behişt asa eken bul jaý.
Ötüp gamym, şatlyk ýetdi,
Tamam derdi-gamym gitdi,
Damagymy ysy tutdy,
Farah efza eken bul jaý.
Der-u diwary mermerden,
Işigiň gerdi zagpardan,
Öýüň-hargähi enwerden,
Jahan ara eken bul jaý.
Akar suw-çeşmeler her suý,
Jahan doldurdy gülden buý,
Meger Leýligedir bul köý,
Ajap tugra eken bul jaý.
Pelekde haýma-hargähi,
Içinde bir senem mahy,
Bu dem Mejnuna dergahy
Ne hup diljuý eken bul jaý.
Myradymy Hudaý berdi,
Tün-u gün maksadym erdi,
Ölük jismime jan girdi,
Ki ruh efza eken bul jaý.
Gara topragy anbarmy,
Has-u haşagy şekermi,
Rowany aby-Köwsermi,
Jahan ara eken bul jaý.
Eýäm şükrüni kyl, Mejnun,
Bu ýere ýol tapyp bul gün,
61
Görüner haýma çün gerdun,
Ne hoş sähra eken bul jaý.
Elkyssa, Mejnun bu sözleri aýdyp, zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglap durup
erdi. Leýli hargähde ýüz gam-hasrat, müň gaýgy-külpet bilen oturyp erdi. Erse,
Leýli dilaram haýma-hargähden çykdy, nägäh gözi Mejnuna düşdi. Gördi kim,
Mejnun biçäräniň boýnunda ýüp, zar-zar ýyglap, intizar garap durupdyr. Emma
Leýli derhal ýüzünden nikabyn alyp, ýyglap durup, özün Mejnuna görsetdi we
myhmanyna zekaty-ruhsaryndan sadaka kyldy. Bu bahana bilen bir-birewlerinden
buýy-muhabbet aldylar. Elgaraz, Mejnuny-mahzun şeme uran perwana dek özüni
köýdürer erdi:
Elkyssa, Leýli hem akyl we huşdan jyda bolan diwana dek ygtyýarsyz we
kararsyz erdi, zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglap, alaç kyla bilmeý durup erdi.
Mejnuny-dilefgär hem başy açyk, bedeni şikeste, gözi girýan, bagry birýan ýyglap
durup erdi. Leýli aýagynyň topragyndan bir gysym alyp, Mejnuny-dilefgäriň
gözüne sürtdi. Emma dura-dura Mejnunyň ataşy-yşky zor kylyp, jununy artyp,
mesti-biygtyýar ah tartyp, piri-zalyň ýüplerini para-para kylyp, ýüz beýewana
urup, «Waý, Leýli! Waý, Leýli!» diýip, bidir gitdi. Elkyssa, çöllerde gerdinde
wagşy, başynda guşlar öýesi «Waý, Leýli!» diýip, pygan-nala bilen çölleri bihuzur
kylyp ýörer erdi.
Indi Leýliden bir keleme söz eşidiň. Leýliniň atasy Ibn Salama wada kylyp
erdi. Elgaraz, wada kylan müddetleri doldy, erse, birniçe düýä zer-ziwer ýükläp,
tamam lagl-jöwahyrlary alyp gelip, Leýliniň atasyna teslim kyldylar. Bul hem
Ammary ülkesini arasta kylyp, aýyn baglap, be resmi-arap oturyp, akd baglap,
resm-kadalaryn berjaý kylyp, Leýlini Ibn Salama nika kyldylar. Leýliniň oturan
hargähini şeker-şerbet birle dolduryp, ud-anbar ýakyp, be hezar zowk-tomaşa birle
Leýlini Ibn Salama tabşyrdylar. Ibn Salam şady-horram bolup, bir gije Leýliniň
hargäh – haýmasyna girer boldy. Şol halatda Leýli dilaram özün Hudaýtagala
howala eýläp, pena istäp bir mynajat okady:
Hudawendi – Kerim-u Jüljelal-a,
Özümi zatyňa kyldym howala.
Pena bergin Özüň men natuwana
Kyla men dergähiňde ahy-nala
Amanata hyýanat kylma ýa Rep,
Zowal ýetirme ýa Rep bu kemala.
Ýüzüm tutdum namut kylma Liläh-ä
...........................................................28
Ne müşgil gül gaşynda bolsa ýüz har,
28
Bu goşgy diňe bir golýazmada gabat gelip, golýazmanyň waragynyň zaýalanandygy sebäpli okap bolmady
62
Bolar bilbil guşy haýran-u wala.
Bu Leýli hassa Mejnun dilefgäri,
Ilähi Sen meni ýetir wysala.
Emma Leýli dilaram bu sözi tamam kyldy. Erse, Ibn Salam oşol wagt
haýmaýy-Leýlä girip, kämi-dil hasyl kylar boldy. Leýli dilaram bu hiläni aýtdy:
«Eý Ibn Salam, men mekdepde okyp ýörer halatymda bir perizat hemra bolup
aýtdy kim: «Eý Leýli dilaram, bir günden bir gün birew bilen hembester bolsaň,
ine şemşiri-abdar, seni hem hembesteriňi hem zaýa kylar men» diýip erdi. Hälä
oşol perizat başym üstünde şemşir howala bolup, oturyp durar» diýip, aýtdy. Ibn
Salam sada dil: «Iş gabahat boldy» diýip, halaýyk namysyndan gorkup, jemalyna
hursant bolup, her niçe günde bir salama geler erdi. Emma Leýli dilaram her sagat
haýmadan çykyp, Nejt tarapa bakyp oturyp, hijrany-pyrak eleminde zar-zar ýyglap,
nala urup hargähiň içini gözüniň ýaşy birle doldurar erdi. Yşky-pynhany bara-bara
halaýygyň agzyna düşüp, meşhur bolup, ryswalyga aýyt kyla başlady. Ondan soň
Ibn Salam Leýlini Bagdada alyp gider boldy. Erse, Leýli Bekir diýen bir adamyň
goluna nama ýazyp berip: «Eý, Bekir, men gidenden soň, bu haty Mejnuna eltip
bergeý sen!» diýdi. Emma hatda andak aýtdy kim: «Eý, ýary-mähribanym, waý
aramy-janym, eý bikararym, men bul bethah we bethüý rakyplaryň jebirzulumyndan we sütemiden Bagdat şährine gitdim. Ruhy-rowanymy saňa goýup,
gury jismimi alyp gitdim. Emma köňlüňe hiç gubary-keduret getirme, tä men
gelinçä sabyr kylgyl. Tä tenimde janym bar, men seni unutman, eý ýary-janym, sen
hem meni unutmagyl, bu namam nyşanym durar, saňa razdan bolsun. Zynhar eý,
ýary-wepadarym, sabyr kylgyl!» diýip, namany ýazyp, bükläp Bekire berdi. Ondan
soň, Bekire garap, bir söz diýdi:
Saňa yzhar kylaý razy-dilni,
Muhabbet birle taý kylgyl bu ýolny,
Kaý ýerde görseň ol awara gulny,
Tahammulda geçirsin aýy-ýylny,
Perişan eýlemeý tumary – gülni,
Amanatdaryna tabşyr hatymny.
Ki tä men gelenimçe sabyr kylsyn,
Özi gamda, gözi ýollarda bolsun,
Keduret gerdini köňlünden alsyn,
Kişi pişanada baryn ne bilsin,
Perişan eýlemeý tumary – gülni,
Amanatdaryna tabşyr hatymny.
Meniň derdim ony awara kyldy,
Onuň derdi meni biçäre kyldy,
Pelek jebri ýene set para kyldy,
Onuň zähmi zebun, hem ýara kyldy,
63
Perişan eýlemeý tumary – gülni,
Amanatdaryna tabşyr hatymny.
Unutmasyn meni, men hem unutmam,
Hyýalyndan demi köňlüm sowutmam,
Pelek kärin serenjamyna bitmem,
Kim ondan özgäniň adyny tutmam,
Perişan eýlemeý tumary – gülni,
Amanatdaryna tabşyr hatymny.
Gidip jismi, saňa galdy rowany,
Diýgil, eý ýary-jany-mähribany,
Alyp bargyl oňa menden nyşany,
Nyşany-Leýli boldy razdany,
Perişan eýlemeý tumary – gülni,
Amanatdaryna tabşyr hatymny.
Elkyssa, Leýli gidenden soň, Bekir namany alyp, rowana boldy. Elgaraz,
Bekir Mejnuny bir dagyň damanasynda tapdy. Mejnuny-aşufta ahwal, jiger kebap,
dil harap «ahdan» başga munys we rafygy ýok erdi. Rahgüzerleriň topragyna
gurbal urup: «Leýli dilaramy tapar menmi» diýip agtaryp oturyp erdi. Mejnunyň
nalaýy-efganyny görüp, ýesiri-betbagt diýip, köňlünde: «Muňa bir söz aýdaýyn,
şaýet Leýlini unutgaý» diýip:
– Eý, Mejnuny-aşufta ahwal, mähnetiň reýgan boldy. Seniň söýüp köňül
baglan dilberiň duşman boldy. Sen Leýlini wepadar diýip erdiň, indi biwepalyk
kylyp, Ibn Salam Bagdady diýen ýigide degip – tenini bagyşlap, şad-u horram
bolup, Bagdat şährine gitdi. Sen heniz Leýli diýip nala kylar sen – diýdi. Mejnunyaşufta hal Bekirden bu sözi eşidip, goluna daş alyp, başyna urup, başyny daşa urup,
para-para kyldy. Mübärek başyndan gan akyp mysaly juýbar bedenlerine rowana
boldy. «Waý, Leýli, waý, Leýli!» diýip ýykyldy, we terki-jan kylmaga ýakyn geldi.
Emma Bekir aýdan sözüne puşeýman kylyp: «Eý Mejnun, men hata kyldym, ýalan
söz diýdim, turgul, Leýli wepadar durar!» diýip, Mejnuna teselli berip, bu gazaly
aýtdy:
Bir söz birlen köňlüň melul eýledim,
Arzym eşit, şahy-mejnun, aglama.
Hata kyldym beýle sözi söýledim,
Perýat urup, köňli mahzun aglama.
Leýli seniň perýadyňa dözmedi,
Galam gaşyn, gara gözün süzmedi,
Heniz senden köňül mährin üzmedi,
Sargarmasyn lagly-meýgun, aglama.
Uzrun aýtmak üçin geldim yzyňdan,
64
Ýalan sözläp, uýatlyg men ýüzüňden,
Ganlar akyp gara nerkes gözüňden,
Donuň eýläp gandan gülgün, aglama.
Mejnun adyň daýym onuň dilinde,
Janyn pida edip seniň ýoluňda,
Ýaryň üçin munça hijran çölünde,
Tartyp efgan, atyp efsun, aglama.
Bekir aýdar, beýle gamgyn ýörmegin,
Gül ýüzüňe ýol gubaryn sürmegin,
Gaty daşy näzik tene urmagyn,
Çeşmi ganly, jismi pürhun aglama.
Elkyssa, Bekir bu sözleri aýdyp, Mejnunyň goluna Leýliniň beren hatyny
çykaryp berdi we ýene dilinden aýdan sözlerini we uzrlaryny beýan kyldy. Mejnun
namany alyp, gözüne sürtüp, «Leýliniň goly degen we nazary düşen nama» diýip,
hatyndan tanyp, hatyny posa kylyp, namany açyp, mutalyga kylyp gördi kim,
«Leýli Ibn Salama nikah boldy» diýen hat çykdy. Emma Mejnun bu haty görüp,
Leýlini Ibn Salama akd kylanlaryny bilip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap,
Leýlini biwepa bilip, çün murgy-baly-şikeste bir söz diýdi:
Mundag ermes muddagaýy-aşynalyk, ýarlyk,
Aýyrdy bir-birden ryzaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Her saba müň merhabaýy-aşynalyk, ýarlyk,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Ýagşy ermes ähd-u peýmanyňny bes syndyrmagyň,
Ýüz öwürip aşnalykdan köňüli tändirmegiň,
Dosty mahzun edip, agýara mähr indirmegiň,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Men seniň hijriňde ýyglap, gije-gündiz zar-zar,
Ýortmuşam Nejt dagynda, yşkyňda ýok bir dem karar,
Ölmeýin tirik tapyp görmek bolarmy bir didar,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Gaýryga baglap köňül, tutduň rahy-Bagdatny,
Mähetim zaýyg kylyp, tahryp edip abatny,
Köňli gatyg sen eşitmeý sen hezin perýatny,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Bimürewwet – çarhy-keç, reftary-älem – ynkylap,
Padyşahy-dil gedalyk birle, ten mülki harap,
Dostlar mehjury-mahzun boldy, duşman kämýap,
65
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Kyblagähim maňa köp pendi-nesihat etdiler,
Meniň üçin daýyma şam-u säher gan ýuwtdular,
«Leýlini taşla!» diýibän hyş-tebarym aýtdylar,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Köňli seňňin, rehmi ýok hunhar eken sen, eý peri,
Men seni ýarym diýsem, sen nar eken sen, eý peri,
Ýar diýip berdim köňül, agýar eken sen, eý peri,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Aýtmadyňmy: «Men seniň ýoluňda-köňlüm bagladym»,
Senden aýra bolmas ahyr jismi-janym çagladym,
Men seniň waslyň üçin umyt edip gan ýygladym,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Bul meniň iki gözüm gan ýyglady «Leýli!» diýip,
Jany-jismim para boldy wasly-umyt isteýip,
Taňla magşar rozy kylsa «Ente Allamul-guýub»,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Men seniň dek ýar diýip kim, başga janan istemem,
Rozy-magşar rozy kylsa, hüýr-u gulman istemem,
Ger behişt-anbar sereşt, tagty-Süleýman istemem,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Gözlerim düşse seniň gaşyň bilen gözleriňe,
Janymy gurban kylar men her zaman ýüzleriňe,
Toty şirin tekellüm dek bes şeker sözleriňe,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Men seniň hijriň bilen iki gözümdir şamçyrag,
Gijeler bidar bolup, Leýli diýip dag üzre dag,
Gije-gündiz sagaty bir dem tapalmas men pyrag,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Owwal-a köňlümi gül deý şady-handan etdigiň,
Müň mürewwet birle her gün haýry-yhsan etdigiň,
Ýok mynasyp imdi bagrymy meniň gan etdigiň,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Hupmydyr agýar ile eşret şerabyn içmegiň,
Tyfyllar dek her tarap lazym imes göz açmagyň,
Täze ýaryň-len bolup, bizden ne lazym geçmegiň,
66
Şulmudyr, zalym wepaýy-aşynalyk, ýarlyk.
Kim Abu Kaýs adym erdi, yşk bilen Mejnun bolup,
Men seniň hijriň bilen her gije-gündiz ýyglaýyp,
Ataşy-yşkyň bilen näzik tenim gülgün bolup,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Tutmadyň «Biçäre Mejnun!» diýp birer gün adymy,
Gaýtadan bozduň bu weýran hatyry-näşadymy.
Ýar ile bolduň eşitmeý sen meniň perýadymy,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Eý ajal, gel indi bu dünýäde ýörmek ýok rowa,
Mejnuny-dil hassa men, derdime tapmaz men dowa,
Men saňa köp dat eder men, dadyma ýet, eý Huda,
Şulmudyr, zalym, wepaýy-aşynalyk, ýarlyk!
Elkyssa, Mejnun bu sözleri aýdyp, ýene Leýliniň «Sabyr kylgyl!» diýenine
razy bolup, sabyr eder erdi. Jebri-yşk tartyp, ýyglar erdi. Elkyssa, Mejnun tä ýedi
ýyl derdi-yşk tartyp, nalaýy-pygan birle sabyr kyldy. Emma başynda guşlar öýe
goýup, tohum açyp beçje kylar erdi. Beýewan janawerleri heder kylmaý gerdinde
ýörer erdiler. Erse, ýene zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, başyny daşlara urup,
bikarar, bisabyr bolup, ýene bir gara girip, nalaýy-perýat birle bir post, ustuhan
bolup ýatdy.
Emma Mejnuny-dilefgaryň atasy Seýit Beni Amyry Leýlini ibn Salamyň
Bagdat şäherine alyp gidenin eşidip, «Mebada, Mejnun hem ulagyp, Leýliniň
arkasydan Bagdada gitmesin!» diýip, tuşeýi-rah taýýar kylyp, mysaly natuwanlar
dek, goluna hasa alyp, umydy-desti-pa urup ýörüberdi. «Diwana şuridäniň
ahwalyndan bir habar taparmenmikäm?» diýip, ogluny kuhbe-kuh, deştbe-deşt
sährama-sähra agtaryp ýörer erdi. Nägäh bir gün bir daga ýetişdi. Gördi kim, bir
dameni-kuhdan bir para ot şerara urup, düýt birle çyka durar. «Şol otdan habar
alaýyn, meger, çopan bolsa soraýyn» diýip ýetişdi. Gördi kim, bir dagyň garynda
adam heder kylgu dek bir teň teriň jaýda, bir adam ýatypdyr. Emma Seýit Beni
Amyry bir ismi-agzam okyp, özüne dem salyp, ol jaýa bardy. Mejnun mestimustagrak ýatar erdi. Seýit Beni Amyry alnyna baryp, ýüzüne ýagşy nazar salyp
gördi kim, erse, bildi, jiger parasy we nury-çeşmi eziz perzendi turar. Emma Seýit
Beni Amyry ogluny bu ahwalda görüp gözünden katra-katra ýaş rowana bolup,
ýyglar erdi. Emma bir katra ýaş Mejnuny-belakeşiň ýüzüne damdy. Mejnun gözüni
açyp bakdy, gördi kim, bir adam başujunda ýüzüne bakyp ýyglap durar. Mejnun
atasyny tanaman, «Niçik adam sen, menden ne sorar sen, bu ýerde ne iş kylar sen,
beýan kyl!» diýip, bir söz diýdi:
Ne adam sen melek hüýli,
Nazar eýläp mähribana.
67
Çemen ýüzli, serwi boýly,
Saýa saldyň köýen jana.
Kaýdan geldiň eziz kişi,
Beýle bolar pelek işi,
Gan garyşan gözüň ýaşy,
Sebäp nedir, kyl beýana.
Natuwan sen hasa alyp,
Muhabbet köňlüňe salyp,
Sen istär sen menden, gelip,
Gan ýyglar sen garybana.
Ne sözüň bar arap şahy,
Her dem çekip otlug ahy,
Köp kylar sen ahy-wahy,
Sebäp nedir bul pygana.
Mejnun aýdar, men neýleýin,
Sözüň nedir, aýt bileýin,
Öz halyma goý, öleýin,
Sen o ýana, men bu ýana.
Elkyssa, Mejnun bu sözleri aýdandan soň atasy:
– Eý Mejnuny-belakeş balam, waý, mähneti reýgan eziz perzendim, nuryçeşmim, Mejnun jan, balam, men seniň Seýit Beni Amyry diýen ataň bolar men! –
diýip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, bir donun çykaryp, egnine salyp,
owratlaryny ýapyp ýyglar erdi. Emma Mejnun ser tä pa açyk we berehne erdi.
Elkyssa, ol jigerhun oglunyň golundan tutup, köp pendi-nesihatlar kyldy we:
– Eý janym balam, sen Leýlini wepadar diýip erdiň! Hany wepa kylany? Indi
biwepa Leýli üçin ustuhanyňy agartyryp ýörmegin. Leýli seni unudyp, Ibn Salam
bilen Bagdat şäherine gidipdir. Men aýtmadymmy «Leýli biwepadyr» diýip?!
Onuň üçin munça harlyk-zarlyk tartyp, çöllerde ulagyp ýörmegil! Indi men seni
istäp gelip men, ýörgün öýe alyp baraýyn. Leýliden saňa hiç peýda bolmady! –
diýip, köp nesihatlar kyldy.
Emma tobaýy-yşk gelip, gulagyny taplady. Erse, Mejnun atasyndan bu sözleri
eşidip, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap:
– Eý, ata jan, siz gelip, maňa tagna kylyp, köýen ýüregime gaýta beter ot salar
siz, indi meni öz halyma goýmaz siz! Eý Möwlam, waý, babam, kyblagähim,
Käbeýi-puşty-penahym, sözüňizi eşidip şunça biler men kim, siz meniň
kyblagähim bolar siz, emma bilmez men atam kim we enem kim durar, özümi
bilmez men niçik durar men! – diýdi. Erse, Seýit Beni Amyry oglundan syhhatlyk
umydyn üzüp, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, nala kylyp, pygan tartyp, bu
sözleri ýyglap aýdar erdi. Muhammesi-Seýit Beni Amyry bu turar:
68
Kysmaty-möwlüdi-ýaman, bagty zebun-belaginäm,
Mähneti barçasy reýgan, gussalara aşnaginäm.
Apaty-hijrine nyşan, derbe-deri-gedaginäm,
Mähremi-hemdemi pygan, gam bilen aşnaginäm,
Leýli üçin heläki-jan, hem täleýi şum-narginäm!
It watan etdi jaýyňy, indi saňa watan hany?
Ol heme kerr-u ferr bilen rahaty-enjümen hany?
Bir gury ustuhan bolup, ol näziki beden hany?
Uşbu hemme elem bilen ölseň eger kepen hany?
Gülşeni-ömürdir hazan, eý güli-bibakaginäm!
Murgy-sütem reside dek bal-u peri şikeste sen,
Hiç gamy ýok zamanadan – derdiňe paýy beste sen,
Her nepes ýüz pygan çekip, döwr ile näşikeste sen,
Halaty-nezgde, balam, indi kaýu höwesde sen?
Indi diriligiň güman, kysmatyna ryzaginäm!
Sen idiň, eý guzym, maňa dähr içinde abyruý,
Men sen üçin jiger kebap, sende jiger ganydyr suw,
Synaýy-häkiňe seniň men nige kylmadym wuzuw,
Birgine matlabyň sary kylmagan idim men arzuw,
Başynda mähneti-jahan, eý aşyky-näbigänäm!
Seýidi Amyry diýdi bes boldy ölmegim ýakyn,
Düşdi seniň gamyň bilen rişteýi-janyma çigin,
Rozy-ezelde serniweşt uşbu gamy-elemmiken,
Ataň seniň hijriň bilen ahyry kim ölermiken,
Rahy-talapda öle sen, waý, aşyky-parsaginäm!
Elkyssa, Seýit Beni Amyry bu sözleri aýdyp, oglundan syhhatlyk umydyny
üzüp, Mejnun bilen widaglaşyp öýüne geldi. Elgaraz, oglunyň derdini içine alyp,
renjur bolup, birniçe günden soň dünýäden rihlet kyldy.
Elkyssa, ondan soň Zeýt diýen bir kişi baryp, Mejnuny-aşufta hala habar
berdi:
– Eý, Mejnun, ataň wepat kyldy, habaryň barmy? Indi ataňyň hormatyny
berjaý getirip, zyýarata barmarsyňmy? – diýdi. Mejnun atasynyň ölenini eşidip,
zar-zar, çün ebri-nowbahar ýyglap, ýola düşüp, rowana boldy. Emma Zeýt
Mejnuny atasynyň gabryna getirdi. Erse, Mejnun atasynyň gabryny gujaklap, bu
muhammesi okap, bir söz diýdi:
Bary-mähnete karyp erdim men, eý şahy-arap,
Dagy-derdim üstüne zam boldy, haýran men ajap,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Leýli–Mejnun - 06
  • Parts
  • Leýli–Mejnun - 01
    Total number of words is 3531
    Total number of unique words is 1665
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 02
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1922
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 03
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1822
    22.0 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 04
    Total number of words is 3874
    Total number of unique words is 1850
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 05
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1780
    23.3 of words are in the 2000 most common words
    33.4 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 06
    Total number of words is 3893
    Total number of unique words is 1816
    20.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 07
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2117
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 08
    Total number of words is 3405
    Total number of unique words is 2185
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 09
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 2341
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    33.0 of words are in the 5000 most common words
    40.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 10
    Total number of words is 3449
    Total number of unique words is 2216
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    34.2 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 11
    Total number of words is 1554
    Total number of unique words is 1167
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.