Latin

Leýli–Mejnun - 09

Total number of words is 3457
Total number of unique words is 2341
20.8 of words are in the 2000 most common words
33.0 of words are in the 5000 most common words
40.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Har (har:) II — pes, pese düşen, kemsidilen, ezilen, harlanan, gadyrsyz,
gymmatsyz.
Haram –– gadagan, rowa däl, mynasyp däl, laýyk däl, rugsat edilmedik.
Harem (haram) — 1. Mukaddes, eldegrilmesiz, mukaddes zat, mukaddes ýer,
eldegrilmesiz ýer, Käbe. 2. Aýallaryň ýaşaýan otagy, haremhana. Metjidi-Harem –
– mukaddes metjit, Käbe metjidi. Bagy-harem –– 1. Mukaddes bag, eldegrilmesiz
bag. 2. Çarbag, goragly bag, birine degişli bag.
Hargäh –– çadyr, kepbe, küme, çatma.
110
Harut-Marut –– ynsanlaryň tertip-düzginlerine seretmek üçin iberilen
perişdeler. Rowaýata görä, olaryň özleri azgynlyk edendikleri üçin. Babylda bir
guýuda başaşak asylyp goýlupmyş.
Haryf –– basdaş, deň-duş, ýoldaş; bäsdeş, rakyp.
Has (ha:ss) –– 1. Ýokary gatlak, ýökary synp 2. Intelligensiýa. 3. Aýratyn,
üýtgeşik. 4. Saýlama, saýlantgy. 5. Mahsus, häsiýetli. Has-u a:m — ýokary gatlak
we garyplar; bilimliler we sowatsyzlar, alymlar we düşünjesizler.
Has — 1. Çöp-çalam, saman, sypal. 2. Bozgak, ýaramaz adam. Has-u haşak ––
çöp-çalam, hapa-haşal otlar.
Hasby-hal –– hal-ýagdaýyňy düşündirme, beýan etme.
Hasrat –– gam, gaýgy, gussa, tukatlyk. Desti-hasrat –– hasrat eli, gam-gussa
eli.
Hassa –– 1. Ýadaw, gamly, gussaly, gamgyn. 2. Keselli, syrkaw, sökel. Hassa
dil –– gamly, gaýgyly, ýüregi ýaraly, kalby gam-gussadan doly. Hassa nema ––
hassa şekilli, hassa ýaly, kesellä meňzeş.
Hastgärlik kylmak –– sawçylyk etmek, söz aýdyjy barmak.
Hasyl bolmak –– berjaý bolmak, ýerine ýetmek, bitmek.
Hasyl kylmak –– berjaý etmek, ýerine ýetirmek.
Hasylgäh –– 1. Hasyl alynýan ýer, hasyl ýetişdirilýän ýer. 2. Dünýä, älem,
jahan.
Haşak –– 1. Hapa-haşal otlar. 2. Taşlanan zatlar, zibil.
Haş-haş –– göknar. Däneýi-haş-haş –– göknar dänesi.
Hatm –– Hatmy-Gurhan
Hatm –– 1. Tamamlamaklyk, gutarmaklyk. 2. Soň, yz, ahyry. Hatmy-Gurhan –
– Gurhany başdan-aýak okap, biriniň ruhuna bagş etmeklik.
Hawanyş kylmak –– ysnyşmak, ýanaşmak, jübütleşmek.
Haýat –– 1. Diri, janly. 2. Durmuş, ýaşaýyş, ömür, dirilik.
Haýl-u hyş –– nökerler we garyndaşlar, hyzmatkärler we dogan-garyndaşlar,
kowum-garyndaşlar.
Haýma –– çadyr, kepbe, küme, çatma.
Haýrat I — haýyr sözüň köplük sany, haýyr-yhsanlar, ýagşylyklar.
Haýrat II — geň galmaklyk, haýran galmaklyk, aljyraňňylyk.
Hazan –– 1. Aýazly güýz, ýapraklaryň düşýän wagty; güýzüň aýazly, aňzakly
günlerinde öwüsýän ýakymsyz sowuk şemal. 2. Gyş, sowuk. 3. Betbagtlyk, belabeter. 4. Tupan, gala-gopluk. Hazan bady –– güýzüň çapgyn şemaly.
Hazyra –– 1.Aýlaw, germew. 2. Agyl.
Heder (hezer) — gorky, howp,ätiýaç, çekinme, saklanma, gorkma, habardar
bolma.
Helal (hilal) — 1. Täze dogan Aý, dolmadyk Aý, doluşmadyk, gyýma Aý. 2.
Gaş, gyýma gaş, magşugyň egri gaşy, söýgüliniň gyýma gaşy.
Hemaguş –– gujaklaşma, gujaklaşyk.
Heman — 1. Şol, ol, bu, şu, özi. 2. Häzir, hut şu wagt.
Hembester –– ýassykdaş, är-aýal.
Hemduş –– 1. Ýoldaş, hemra, ýaran. 2. Ýaşytdaş, deň-duş, deňemik.
Hemhana — bir öýde bile ýaşama, ýoldaş; hemdem.
111
Hemraz –– syrdaş, ýürekdeş, göwündeş.
Hemrazlyk –– ýürekdeşlik, syrdaşlyk, göwündeşlik.
Hemreň –– reňkdeş, ýürekdeş, pikirdeş.
Hemsaýa –– goňşy, ýanaşyk ýaşaýan.
Her çent –– her näçe, şunça.
Her kalaý –– her heneňsi, her hili.
Het –– çäk, araçäk, gaçy, raýyş, çil. Hetdi-belagat –– kämillik ýaşy, kämillik
çägi.
Heýli –– köp, kän, köpçülik, örän kän, örän köp, artyk, zyýat.
Hezar –– 1. Müň. 2. Bilbil. Hezar-hezar –– müň-müň, million.
Hezin (hazyn) –– gaýgyly, gamly, gamgyn, gussaly, keýpsiz, ünjüli, lapy keç.
Hezret –– 1. Huzury, ýany, golaýy, gaşy, öňi. 2. Işigi, dergähi. 3Allatagalanyň,
pygamberleriň, ymamlaryň, pirleriň, patyşalaryň we uly mertebeli adamlaryň
atlarynyň öňünden hormatlanyp aýdylýan ýa-da şolaryň atlaryna derek ulanylýan
söz, jenap.
Häk –– toprak, ýer, gum. Häki-dergah –– işiginiň çaňy, bosagasynyň tozy.
Häki-pa (paý) — aýak tozy, aýagyndan çykýan çaň, tozan. Häki-gurbat ––
aýralyk çaňy, jydalyk tozy. Häki-mezellet — peslik, harlyk mertebesizlik çaňy.
Häki-rahy –– ýol tozany, ýörän ýolunyň, aýagynyň astynyň çaňy.
Häkister –– kül.
Hijran –– aýralyk, jydalyk. Dagy-hijran — aýralyk ody, aýralyk derdi.
Holkum –– bokurdak, damak, çekirdek.
Horram –– şat, şadyýan, keýpi kök, hoşal, şatlykly.
Hoş ykbal –– bagtly, bagtyýar, maňlaýly.
Hoş ynan –– tabyn, diýenediji; baş öwredilen at.
Hoş hyram –– näz-kereşmeli ýöreme, owadan, salyhatly ýöreýiş.
Hoşnut –– 1. Keýpi kök, şat, şadyýan, razy bolan, göwni biten.
Hoş reň –– al-ýaşyl reňkli, göwne ýakymly reňk, özüne çekiji reňk.
Howul (howl) — gorky, howp, howpa düşme.
Höşkbentlik kylmak –– saramak, gury mata bilen ýaralaryny saramak.
Hubap –– köpürjik, köpük. Hubap öýi –– köpürjik, köpük, köpük gümmezjigi.
Hun –– gan. Huny-hasrat –– hasrat gany. Huny-jiger –– bagyr gany.
Hun alut –– gana bulaşan.
Hunaba –– 1. Ganly gözýaş. 2. Azap çekmeklik, gan ýuwutmaklyk.
Hunhar –– ganhor, gan döküji, jellat, peşşap.
Hunriz –– gan dökme, zulum etme.
Hup –– 1. Gowy, ýagşy, oňat. 2. Gözel, owadan, ajaýyp.
Hursant –– şat, şadyýan, keýpi kök, begençli, guwançly.
Hurşyt — 1. Gün, Kuýaş, Güneş. 2. Owadan, gözel, görmekli. Hurşydy-hawer
— Gündogar Güni, Gündogar güneşi, Gündogardan dogan Gün. Hurşydy-yşk ––
yşk Güni, yşkyň Kuýaşy.
Hur-u hab –– 1. Iýgi-içgi we uky, iýip-içme we uklama. 2. Rahatlyk, asudalyk.
Husn –– görk, görmek, görmegeýlik, owadanlyk, gözellik.
Husul –– 1. Hasyl bolma, netijesini alma, ele geçirme, amala aşyrma. 2.
Paýhas, akyl ýetirme.
112
Hüjjet –– 1. Subutnama, delil, tutaryk, subut etme, argument. 2. Dokument,
şahadatnama, akt, güwä geçme. 3. Eýe bolmaga hukuk berýän akt.
Hümmet — 1. Rehimdar, hoşniýetlilik, akýüreklilik, goldaw, kömek,
hossarçylyk. 2. Gujur, gaýrat, güýç kuwwat, gurp, mertlik, çydamlylyk.
Hüý –– gylyk, gylyk-häsiýet. Hüý-mezajy –– hüý-häsiýeti, gylyk- häsiýeti.
Hüýr –– jennetde bolýan owadan gyz, jennet gyzy, peri-peýker.
Hyjalat –– utanç, haýa, uýat.
Hyna –– el we aýagyň dyrnaklaryna, saça-sakgala çalynýan gyzyl reňk.
Hyram ––– näzli ýöreme, näzli ýöreýiş, sallanjyrap ýöreme.
Hysar –– 1. Gala, diwar, berkitme. 2. Gadymy mukamyň ady.
Hysrow –– patyşa, şa, Sasanly şalarynyň umumy ady.
Hyş –– kowum-gardaş, garyndaş. Hyş-u heýli (haýly) –– garyndaşlary we
nökerleri. Hyş-u tebar –– kowum-gardaşlar, garyndaşlar, nebereler.
Hyz kylmak –– 1. Towusmak, bökjeklemek, çapmak, ylgamak. 2. Ekstaz
ýagdaýa düşmek, hala düşmek.
I
Iba –– 1. Çekilme, daşlaşma, saklanma, çekinme. 2. Inkär etme, boýun
gaçyrma, ret etme, ýüz dönderme. Iba eýlemek — ret etmek, ýüz döndermek.
Ibaly –– inkär eden, ýüz dönderen.
Ibn (bin) –– ogul, ogly, perzendi.
Ihtimam — yhlas, alada, tagalla, jan etme, çalyşma.
Illa — 1. Özge, başga. 2. Hergiz, asla. 3. Bolmasa, bolmasa-da.
Ima —üm, yşarat, alamat, yşarat etme, ümleme.
Intizar — garaşma, gözüň ýolda bolma.
Ism –– 1. At, jyns at, bir zadyň ady, isim. 2. At, abraý, şöhrat.
Işwe –– näz, kereşme. Işweýi-näz –– näz-u kereşme, näz bilen kereşme, näz
etme.
Ittifak — birlikde, birleşme, bileleşik, birleşik.
J
Jahan ara –– jahany bezeýän, älemi zynatlandyrýan, äleme zynat berýän.
Jama — eşik, geýim, lybas.
Jan feza –– jana jan goşýan, köňle giňlik beriji, kalby rahatlandyryjy, göwün
açyjy.
Jan separlyk –– jan aýamazlyk, gaýduwsyzlyk, pidakärlik, janypkeşlik biri
üçin ölüme taýyn bolmaklyk.
Jansuz –– jan ýakyjy, janyňy oda salyjy, yşka düşüriji. Suraty-jansuz –– yşka
düşüriji surat, kalba ot salyjy şekil, heýjana salyjy gözellik.
Janyp –– tarap, ugur.
Jary bolmak — 1. Akmak, rowan bolmak. 2. Ýerine ýetirilmek, durmuşa
geçirilmek, hakykat ýüzünde amala aşyrylmak.
Jawydan — 1. Ebedi, hemişelik, mydamalyk, ömürlik, baky, ölmez-ýitmez.
2. Üznüksiz, yzygider, dowamly.
Jebhe —1. Uruş, söweş meýdany. 2. Öň hatar, maňlaý, alyn. 3. Butuň ady.
Jebin –– alyn, maňlaý. Mahy-baýza jebin ––1. Ak maňlaýly Aý, alny nurly Aý,
alny ak Aý. 2. Owadan, gözel, görmekli, gelşikli, görkli
113
Jemaga (jemagat) — köpçülik, taýpa, märeke, topar, ýygyndy, halk.
Jennet –– behişt, uçma. Jennet asa –– jennet ýaly, jennete meňzeş. Jennetilmägwa (jenneti-mäwa) — 1. Ýedi jennetiň biriniň ady. 2. Jennet öýi, rahatlyk
jenneti.
Jeňi-magluba –– aldym-berdimli söweş, gazaply uruş, ýeňişli söweş.
Jerahat — ýara, baş.
Jewarlyk –– goňşulyk, ýakynlyk, hossarlyk, gorama.
Jeza — muzd, zähmetiňe, eden işiňe, etmişiňe görä berilýän sylag ýa-da
azap. Rozy-jeza –– kyýamat güni, etmişiňe görä jeza ýa-da sogap berilýän hasap
güni. Şermendeýi-rozy-jeza –– kyýamat gününde masgara bolma, hasap gününde
günäkär bolma.
Jäht — yhlas, jan çekme, çalyşma, dyrjaşma, tagalla, janypkeşlik.
Jiger — bagyr. Jiger köşe (jigergüwşe) — 1. Bagryň başy, iň söýgüli adam, iň
ýakyn adam. 2. Perzent, çaga.
Jigerhun –– bagry gan öýen, bagry ganly, kalby otly.
Jigerpara –– bagry paralanan, bagry para-para bolan, ýüregi ýanan
Jilwe — 1. Nur, ýalkym, şugla, şöhle, ýalkym. 2. Görünme, özüňi görkezme,
şowhunly görnüş, dabaraly, näzli görnüş. 3. Näzlenme, näzli seretme, näz etme.
Jirjis — dini düşünjelere görä, keramatly hasaplanýan bir şahs (hristian
dinindäki Swýatoý Georgiý). Duşmanlary ony ýüz para etseler-de ol ýaňadan
direlipdir.
Jisim —1. Göwre, endam, jeset, ten, beden. 2. Madda, materiýa.
Jowanyp –– janyp sözüniň köplük sany. Taraplar, ugurlar.
Jowwalawar –– pyrlampaç, çalt aýlanýan, jöwlan urýan.
Jöwahyr — jöwher sözüniň köplük sany. yymmatbaha daşlar, göwherler.
Jöwza –– ýyldyzlar toparynyň biriniň ady. .
Jugz (jugd) — baýguş
Julide –– 1. Perişan, bulaşan, bulam-bujar bolan, haly harap. Julide mu ––
saçlary bulaşan, zülpleri bulam-bujar bolan. Julide ser (Julideýi-ser) –– 1. Aňy
garyşan, başy çaşan, perişan, yşka düşüp, akylyny aldyran.
Junun — dälilik, diwana bolma, akylyndan azaşma, mejnun bolma. Junun
etwar –– däli häsiýetli, däli, jynly.
Juýbar –– 1. Aryk, akar, uly ýap, derýa. 2. Joýa, salma. Juýbary-gam –– gam
derýasy, gam-gussa arygy.
Jübtek –– sarç haýwanlaryň iki aýagyny birden darsyldadyp ýere urmagy,
depme, toýnak salma, şallaklama, hyzzynlama.
Jümleýi-afakdan –– 1. Sahawatly, jomart kişileriň biri, sahylardan biri.
Jüstüjuý –– gözleme, agtarma, tapma.
Jüz –– başga, özge, gaýry.
K
Kabyl ––1. Ýakyn, ýakynlaşýan, eýerji, kabul ediji. 2. Ukyply, talantly, akylly,
paýhasly, biliji, ökde, tejribeli, köpi gören. 3. Mynasyp, laýyk. Kabyly-zynjyr ––
zynjyra laýyk, zynjyrlanmaga mynasyp, bent edilmäge laýyk.
Kabyla — taýpa, tire, nesil, hebere, topar.
Kadah — meý içilýän gap, bulgur, jam, pyýala, käse.
114
Kadyr — 1. Güýçli, gudratly, kuwwatly, gurply. 2. Hudaý, Alla, Taňry.
Kadyry-Gafyr — gudratly hem ýalkaýjy, kuwwatly hem bagyşlaýjy. Allatagalanyň
sypatlary.
Kaknus — rowaýat edilşine görä, örän ajaýyp reňkli we hoş owazly bir bir guş
bolup, onuň çüňkünde 360 deşik barmyş. Ol belent dagda, şemalyň garşysynda
oturýarmyş we burnundaky deşiklerden ajaýyp, şirin, geň-täsin owazlar
çykarýarmyşyn. Şu guşuň owazy göýä, sazyň tapylmagyna sebäp bolanmyş.
Aýdylşyna görä, bu guşuň jübüti bolmaýarmyş we müň ýyl ýaşap, garran mahaly,
özüni oda ýakyp küle öwürýärmiş. Şol külüň aşagyndan hem geljekde guş
döremeli ýumurtga peýda bolýarmyş.
Kalaý — nähili, neneň, niçik, neneňsi.
Kalu belä –– «Hawa» diýdiler. Gurhany-Kerimiň 7-nji («Agraf» süresiniň 172nji aýatynda gelşine görä, Allatagala Adam ata ýaradylmazdan öň tä kyýamat
ahyra çenli adam perzentleriniň billerinden dünýä injek barça nesillerini
(ruhlaryny) toplap: «Men Perwerdigäriňiz dälmi?!» diýip soranda, olar: «Hawa»
diýip, jogap berýärler. Bu ýerde şu jümle göz öňünde tutulýar.
Kamat –– boý, syrat, kat. Kamaty-zyba –– uzyn boýly, syratly, owadan,
görmegeý.
Kamys — pagtadan dokalýan nepis parça, köýnek.
Karar kylmak –– 1. Ornaşmak, mekan tutmak, ýurt tutmak. 2. Köşeşmek,
teselli tapmak, aramlaşmak.
Karargäh — 1. Jaý, öý, mekan, orun, dynç alynýan ýer, rahatlyk öýi. 2. mazar,
gabyr, aramgäh.
Karyp –– ýakyn, golaý, ýakynlaşma, golaýlaşma.
Kaşşak — 1. Garyp, pukara. 2. Kezzap, ýalançy, süýthor, kişi hakyny iýýän.
Katg etmek — kesmek, ýolmak, arasyny üzmek, bes etmek.
Katla –– gaýta, gezek, sapar.
Katra –– damja. Katra-katra –– damja-damja, yzygiderli, üznüksiz.
Kaýan — nirä, haýsy ýana, haýsy tarapa.
Kaýerde –– nirede, haýsy ýerde.
Keç –– gyşyk, egri, ters. Çarhy-keç –– keç pelek, ters täleý.
Keduret –– 1. Hapa, bulanyk, dury dällik, bulançaklyk. 2. Gaýgy-gam, hasrat,
ynjy, dert, azar, ezýet. 3. Göwnüň galma, ynjama, ýokuş görme, gaty görme. 4.
Kine, kitüw, duşmançylyk.
Kemer –– 1. Guşak, pota. 2. Bil, guşaklyk. 3. Dagyň ýapgydy.
Kerdar (kirdar) — 1. Edilen iş, iş, amal, etmiş. 2. Durmuşda özüni alyp baryş.
Kerr-u ferr — kowma-gaçma, ilki kowalap, soň hile bilen yza çekilme,
söweşme we gaçma.
Keýumers — Eýran mifologiýasyna görä, ilkinji adam hem ilkinji hökümdar.
Käm (kam) ––1. Isleg, arzuw, maksat, küýseg, meýil, höwes. 2. Agyz
kentlewük. Kämi-dil –– köňül islegi, köňül küýsegi, ýürek arzuwy.
Kişti — gämi, taýmyl, gaýyk.
Kowl –– 1. Söz, gep, gürrüň. 2. Wada, söz berme, lebiz.
Köwser — jennetden akýan bir çeşme.
Köý — 1. Köçe, mähelle, töwerek. 2. Oba, mähelle.
115
Kuds –– päk, mukaddes. Ruhanaýy-kudsy –– mukaddes ruhlar, päk ruhlar.
Kuh — dag. Kuhbe-kuh –– dagma-dag, dagdan-daga. Kuhy-gam –– gam dagy,
gam-gussa dagy. Kuhy-mähnet –– mähnet dagy, azap dagy, muşakgat dagy. KuhyNejt — Nejt dagy.
Kut — iýmit, hörek, nahar, rysgal.
Külbe –– öý, jaý, kepbe, höwürtge, ketek. Külbeýi-ahzan –– gam-gussa öýi,
hasrat külbesi.
Külpet — 1. Görgi, azap, kynçylyk, mähnet, muşakgat. 2. Gyrnak, çory, keniz,
hyzmatkär aýal.
Küre — 1. Küre, ojak, peç. 2. Kerpiç bişirilýän, agaç egreldilýän ýa
dograldylýan, metal eredilýän ýer. Küreýi-şowk –– hyjuw ojagy, yşk ojagy, yşk
ody.
Küşeş –– tagalla, jan etme, jan çekme, yhlas etme.
Kütah –– gysga, kelte.
Kütah kylmak –– gysgaltmak, kelteltmek, kiçeltmek. 2. El çekmek, el
ýuwmak, umyt üzmek, kaýyl bolmak.
Kybla –– 1. Ýönelinýän tarap, ýüz tutulýan tarap, sejde edilýän tarap. 2. Mekkä
tarap, Käbä tarap. Kyblaýy-sujut –– sejde edýänleriň kyblasy, sejde edilýän tarap.
Kyblagäh — 1. Sejde edilýän tarap, sejde edilýän zat. 2. Daýanç, direg, arka,
arkadaýanç, goragçy. 3. Kaka-ata.
Kysmat — 1. Bölek, paý. 2. Ýazgyt, täleý, ykbal, maňlaý.
L
Lagl — 1. Gyzyl (gyrmyzy) reňkli gymmatbaha daş, gyzlymtyl lowurdawuk
gymmatbaha daş, merjen, dür. 2. Magşugyň dodagy, gyrmyzy lebi. Gündogar
edebiýatynda magşugyň gyzyl dodagy lagla meňzedilipdir. Lagly-meýgun ––
gyzyl leb, gyrmyzy dodak, gyrmyzy meýe meňzeş dodak.
Lahat —gör, mazar. Gabyr, gubyr.
Lahza — 1. Göz açyp ýumasy salym, bir pursat. 2. Nazar, garaýyş, bakyş.
Lazym — gerek, zerur, gerekli.
Lerze — titreme, gagşama, gymyldy, sandyrama, jümşüldeme. Tep lerze ––
gyzdyryp sandyrama, ini üşetme.
Leşger –– goşun. Leşger şiken –– duşman goşunyny dargadýan, batyr,
edermen, gaýduwsyz.
Letapat –– nepis näzik; ýumşak.
Letapatlyk –– 1. Mähirlilik, ýakymlylyk, gözellik, näziklik, ýumşaklyk,
nepislik. 2. Görmegeýlik, syratlylyk, owadanlyk, gözellik.
Leýken — emma, ýöne, şeýle-de bolsa.
Läle –– gyzyl reňkli gül ady, çigildem, gülälek. Lälefam –– läle reňk, gyrmyzy
reňk. Now güli-bagy-lälefam –– gyrmyzy reňk gülli bagyň täze güli, gyzyl gülli
bagyň ýaňy açylan güli.
Lowh — 1. Tagta, daş; ýüzüne hat ýazmak üçin köne mekdeplerde ulanylýan
tagtajyk. 2. Ýagtylyk. 3. Dini düşünjelere görä, asmanda Alla tarapyndan her
bendäniň görjegi, ykbaly, her bir boljak hadysa hakynda ýazylyp goýlan tagta. Oňa
«ykbal (ýazgyt) kitaby» hem diýilýär.
116
Lutp — 1. Rehimdarlyk, mähribanlyk, rehim-şepagat, mylaýymlyk,
mähremlik. 2. Näziklik, gözellik, ajaýyplyk.
M
Mader –– eje, ene. Maderi-mähriban –– mähriban ene, mährem eje.
Magfyret –– ýalkama, günäni bagyşlama, günäni geçme.
Magmur — 1. Ymarat edilen, abadanlaşdyrylan, bejerilen, timarlanan. 2. Doly,
köp, bol, kän, ummasyz, baý; gülläp ösýän, pajarlaýan. 3. Medeni taýdan ösen.
Magşar (mahşar) — 1. Sorag edilýän, hasap soralýan gün. 2. Kyýamat, ahyret.
Magz — beýni, nerw, ýülük, maňyz. Magzy-ustuhan––süňk ýülügi. Magzy-jan
–– jan ýülügi, jan damary.
Magzur — günäsi ötülen, günäsi geçilmäge mynasyp, bagyşlanan. Uzr-magzur
etmek –– ötünç dilemek, günäň geçilmegini soramak, haýyş etmek, ýalbarmak.
Magzur tutmak –– günäsini ötmek, günäsini bagyşlamak.
Magzyret — 1. Günä geçme, bagyşlama. 2. Ötünç sorama, ötünç dileme.
Mah — 1. Aý (wagt). 2. Aý (seýýara). Mahy-enwer — nurly Aý, parlak, on
dördi gijäniň lowurdawuk Aýy. Mah para — Aýyň bölegi, Aý bölegi ýaly
owadan, gözel. Mah lyka — Aý ýüzli, Aý dek, gözel görkli. Mahy-Kengan ––
Kenganyň aýy. Ýusup pygamberiň lakamy. Mahy-taban –– dolan Aý, nurly Aý.
Mahweş — 1. Aý ýaly, Aý kimin, Aýa meňzeş. 2. Owadan, görmegeý,
söýgüli.
Mahzun — gamgyn, gaýgyly, gussaly, hasrat çekýän, gama batan, gussa
çümen. Harmany-mahzun — hasrat çekýänleriň öýjügi, gam-gussanyň öýjügi.
Majera –– waka, hadysa, başdan geçirmeler.
Maksut — maksat, myrat, isleg.
Malyş kylmak — sypalamak, sürtmek, owkalamak, süpürmek.
Manent — ýaly, kimin, dek, misli, meňzeş, laýyk. Manendi-döw — döw ýaly,
döw kimin. Manendi-hoşa –– hoşa kimin, hoşa ýaly.
Mar — ýylan, apy.
Markat — mazar, gabyr, gubyr.
Maşk — 1. Titreme, sandyrama, şybyrdama (ýaprak hakynda). 2. Gamçylama,
saýgylama, ýençme, urma. 3. Türgenleşme, türgenleşik, taýýarlyk.
Maşryk — gündogar tarap, Gündogar.
Matam — ýas, ýas tutma.
Matamsara — ýashana, gamhana.
Matamzedelik — ýas tutmaklyk, ýas baglamaklyk.
Matlap — isleg, maksat, arzuw, küýseg.
Mebada –– 1. Birden, birdenkä. 2. Bolmawersin, bolaýmasyn.
Medhuş — 1. Huşuny ýitiren, özünden giden, essi aýylan. 2.Gorkuzylan,
gözüniň ody alnan, gorkan, aljyran, özüni ýitiren.
Mehjur — aýrylan, aýra düşen, jyda düşen.
Mejnun — 1. Jynly, akylyndan azaşan, diwana, däli, tentek, telbe. 2. VII
asyryň ikinji ýarymynda ýaşap öten, özüniň Leýlä bolan söýgüsini beýan edip,
ajaýyp şygyrlar ýazan arap şahyry Kaýs ibn Mülewweh Amyrynyň lakamy.
Mejnunwar — däli ýaly, diwana dek, tentek kimin.
Mejruh — 1.Ýaraly, maýyp, müjrip. 2.Biabraý, masgaralanan betnam bolan.
117
Mekgara — mekir, hilegär, aldawçy, kezzap.
Melahat — owadanlyk, görmegeýlik, mylaýymlyk, ýaraşyklylyk. Husnymelahat — owadan görk, ýaraşykly görk.
Melamat — käýinç, ýazgarma, aýyplama, gyjyt, gyjalat, igenç, teýene.
Melamatzede — käýinç alan, ýazgarylan, aýyplanan.
Melaýyk –– melek sözüniň köplük sany. Perişdeler, melekler. Melaýyky-sowal
künende –– sorag edýän perişdeler, hasap soraýan perişdeler, Müňker we Nekir.
Melek –– perişde
Melgun — näletlenen, nälet siňen, şeýtan.
Melul — gaýgyly, gamly, gussaly, gamgyn, hapa.
Melul bolmak — gaýgylanmak, gussa batmak, gamly, hapa bolmak.
Memleket — yurt, ülke, döwlet, watan.
Meng — böwet bolma, saklama, gadagan etme.
Menzele –– 1. Dereje, mertebe. 2. Mekan, menzil. Menzeleýi-garybygamreside –– gam-gussa gark bolan garyp mertebesinde, gaýgy-gama duçar bolan
garyp derejesinde.
Meram –– maksat, myrat, isleg-arzuw. Meramy-tabgy –– köňül myrady,
göwün islegi.
Merätip –– mertebe sözüniň köplük sany. Mertebeler, derejeler, orunlar.
Mergat –– 1. Şöhle, şugla, ýalkym. 2. Aýna.
Mergub — söýgüli, islegli, owadan, gelşikli, özüne çekiji, göwne ýaramly.
Merhaba — salam, baş üstüne, ajap, berekella, hoş geldiňiz, rowaç bolsun.
Merhem (melhem) — derman, ýara çalynýan derman, ýapgy.
Meriz ––hassa, syrkaw, sökel, bimar, ýarawsyz. Besteri-meriz –– hassa düşegi.
Merk –– (merg) — ölüm, gyrgyn. Yşk merki –– yşk keseli, yşkyň öldüriji
derdi.
Mesiha — Isa pygamberiň lakamy. Ol adamlara mesh edip, ýagny sypap şypa
berendigi üçin, oňa şeýle lakam beripdirler. Mesiha dem — 1. Isanyň demi.
Rowaýat edilşine görä, Isa pygamberiň demi degende, hassalar sagalyp, ölüler
direlipdir. 2. Şypaly dem, jana şypa beriji dem, ruhlandyryjy dem.
Mest –– serhoş, humarly, yşga düşüp özüni ýitiren aşyk. Mesti-hab — serhoş
ukysy. Mesti-mustagrak –– serhoş, mestlige gark bolan, serhoşluga çümen.
Meşam –– 1. Burun, ys alyş agzasy. 2. Beýni.
Meý –– çakyr, şerap.
Meýgun — meý reňk, gyzylymtyl reňk.
Mezellet –– peslik, mertebesizlik, harlyk, kemsidilmeklik.
Mägwa — 1. Penagäh, gaçybatalga. 2. Ýer, mesgen.
Mähnet — kynçylyk, azap, görgi, dert, zähmet, jebir. Derdi-mähnet ––
kynçylyk derdi, kynçylygyň ejiri.
Mähnetzede — görgüli, azap görýän, horlanýan, kynçylyga duçar bolan.
Mäýus — göwnі çökgün, pessimist, pespäl, biçäre, alaçsyz, göwni çökgün,
ruhdan düşen, ähli zatdan umydyny üzen.
Mina –– 1. Mawy, gök reňk, gök syrça. 2. Çüýşe, hrustal. 3. Asman, gök,
pelek.
118
Mina –– Mekgäniň gündogaryndaky daglykda, Arafata gidilýän ýoluň ugrunda
ýerleşýän bir ýer bolup, hajylar ol ýerde gurban aýynyň onuna gurban kesýärler.
Möwlam (Möwla) — 1. Hudaýyň bir ady. 2. Jenap, aga, hojaýyn. 3. Ýaran,
arka tutujy, dost, hossar, hemaýat beriji. 3. Gul, bende.
Muattar — ýakymly ysly, atyrly, hoşboý ysly, burk urup duran.
Muddaga — 1. Dawa-jedele sebäp bolan, talap edýän. 2. Talap, isleg, meýil,
maksat, myrat, dileg. 3. Talap, närazylyk, şikaýat.
Mugan –– Azerbaýjanda bir welaýatyň we şol welaýatyň merkezi şäheriniň
ady. Çöli-Mugan –– rowaýatlara görä, şol welaýatda we şol şäheriň eteginde bir
çöl hem sähra bolup, ol örän sap-tämiz, al-ýaşyl öwsüp duran keýpi-sapaly bir ýer
bolupdyr.
Mugazzama ––1. Belent edilen, beýgeldilen, ulaldylan, asmana göterilen, uly,
äpet, iň ýokary. 2. Hormatly, belent mertebeli, uly abraýly.
Muhabbet –– söýgi, mähir. Buýy-muhabbet –– söýginiň hoşboý ysy, söýgi
alamaty, söýgi nyşany.
Muhalyf ––1. Garşy, garşydaş, ters, oňşuksyz, oňuşmaýan. 2. Duşman, ýagy,
ýow.
Muhammes — bäşleme, bäş setirli, esasan, şygryň on dört, on bäş bogunly
bolýan bir görnüşi.
Muhaýýar — 1. Bir işi etmekde ýa etmezlikde öz ygtyýarly, öz erkli.2. Haýyryhsan ediji, sahy, jomart.
Muhtar — 1. Ygtyýarly, erkli, özygtyýarly, özbaşdak, azat. 2. Saýlanan,
ygtyýar edilen.
Muhteser –– gysga, kelte, jontuk, gysgaldylan; kepiň keltesi, sözüň gysgasy.
Muhyp — dost, söýýän, söýüji, söýülen, ak ýürekli, mähriban.
Mulakat kylmak — duşmak, sataşmak, gabat gelmek.
Munakgaş –– nagyşly, bezegli, owadan, nagyşlanan, bezelen, beslenen,
zynatlanan.
Munys –– dost, ülpet, ysnyşan, ýoldaş, gürrüňdeş.
Mur — garynja. Mury-hassa –– hassa garynja.
Murça –– garynja, garynjajyk, çaga garynja.
Murg –– guş, towuk. Murgy-säher — bilbil. Murgy-beýewan –– çöl-sähra
guşy, erkin, ýabany guş, ýyrtyjy guş. Murgy-hoşhan –– hoş owazly guş, saýrak
guş, bilbil. Murgy-sütem reside –– sütem gören guş. Murgy-nowasyz ––
saýramaýan guş, sessiz guş. Murgy-sähergäh –– säher saýraýan guş, bilbil. Murgysäherhyz –– Seret: murgy- sähergäh.
Musa — Biziň eýýamymyzdan 1571 ýyl öň Ramses ikinjiniň patyşalyk eden
döwründe eneden bolan pygamberleriň biri. Onuň «Kelimulla» («Hudaýyň
gürrüňdeşi») diýen lakamy hem bar. Musa ady iki sany «mu» we «sa» diýen
sözlerden düzülipdir. Siriýa dilinde «mu» — tabyt we «sa» — suw diýmekdir.
Pyrgaun ony Nil , derýasyndan akyp barýan tabydyň içinden tapanlygy üçin, oňa
şeýle at goýupdyr.
Mustagrak — 1. Gark bolan, çümen, gark edilen. 2. Bir zada gümra
bolmaklyk, çuň pikire batmak.
Muşakgat — azap, görgi, kynçylyk, ejir.
119
Muşfyk — kömek ediji, rehimli, mährem, mähirli, mähriban, merhemetli.
Mutalyga –– okamak, okap görmek, gözden geçirmek.
Mutarra –– 1. Täze, ter; päkize. 2. Sap, arassa; sapaly.
Muttalyg –– habardar, habarly, ägä.
Muý — gyl, saç, zülp, tüý.
Mübtela — bir zada duçar bolmaklyk, bela uçramaklyk, agyr ýagdaýa
düşmeklik.
Müflis — garyp, ejiz, biçäre, pese düşen, üflis ýagdaýa düşen.
Müjerret — 1. Ýeke, ýalňyz, täk, bir özi. 2. Öýlenmedik, durmuşa çykmadyk.
Müjgän — kirpik.
Münewwer — nurly, ýagty, yşykly, ýalkymly.
Münheni –– 1. Egri, gyşyk, egrelen, eplenen. 2. Bükük, egik, bükür, epilen,
egilen. 3. Ejiz, gowşak, biçäre, natuwan. Münheni kamat –– bili bükülen, bili
epilen.
Müňker-Nekir — adam dünýäden ötenden soň, gabyrda ynsanlaryň dünýäde
eden işleri boýunça hasap sorajak iki perişdäniň ady.
Müsellem –– anyk, belli, subut bolan. Mahy-müsellem –– ýagty Aý, nurly Aý.
Müstejap — kabul bolan, talaby kabul edilen, dilegi kabul bolan, haýyşy biten,
möhümi biten.
Müstewli bolmak –– üstün bolmak, eýelemek, ele almak.
Müstezat –– türki halklaryň orta asyr we nusgawy edebiýatynda duş gelýän
şahyrana şygyr görnüşleriniň biri.
Müşewweş –– perişan, başagaý, howsala düşen, aljyraňňy.
Müşgil — kyn, çetin, aňsat däl, kynçylyk.
Mydar –– 1. Aýlaw, öwrüm, aýlaw edilýän ýer. 2. Aýlanma, öwrülme, hereket
etme. 3. Meridian, ok, öwrümiň merkezi. 4. Düzgün-tertip, ýol-ýörelge. 5.
Güzeran, durmuş, ýaşaýyş, gün geçirme. Mydary-dehr –– meridian, Ýeriň oky.
Mygjar –– 1. Nikap, örtük, perde. 2. Çadra, oramak, zenanlaryň başdaňysy. 3.
Selle.
Myhmandost — myhmanparaz, myhmansöýer, gelim-gidimli.
Mynajat ( munajat) — 1. Ýekelikde okalýan doga, doga-dileg, gije okalýan
doga, ikiçäk gürrüň. 2.Hudaýa ýalbaryp, doga-dileg etme, Hudaýa nalyş bilen
ýüzlenme.
N
Nabut — ýitme, ýok bolma, ölme.
Nabut kylmak — ýok etmek, ýoklamak, öldürmek.
Nafe — 1. Bir jyns keýigiň (Hytaý keýiginiň) göbeginde, derisiniň astynda
ýerleşýän we müşk suwuklygy ýygnanýan ýumurtga möçberindäki haltajygy 2.
Gözel gyzyň zülpi, owadan zülp.
Nahalystan –– bag, çarbag, baglyk.
Nahjir –– aw, awlanýan aw.
Nahl –– 1. Hurma, hurma agajy, palma. 2. Şitil, nahal. Nahly-ömrüm ––
ömrimiň nahali, ömrümiň şitili.
Nala –– agy, aglama, yňranma, ah çekme, zarynlama, iňňildeme, iňleme,
Nalaýy-bilbil –– bilbiliň zarynlap saýramasy.
120
Nam –– at, ism. Namy-neň –– at-abraý, ar-namys. Ba namy-Allatgala ––
Allatagalanyň ady bilen. Behakky-namy-Perwerdigäri-hijdeh hezar älem –– on
sekiz müň älemiň Perwerdigäriniň adynyň haky üçin.
Nar — 1. Ot, ýalyn, alaw, köz. 2. Bot. Nar (enar). 3. Dowzah ody. 4. Tagma.
Nary — aňry, beýle tarap, daş, uzak.
Natuwan — güýçsüz, ýarawsyz, kuwwatsyz, biçäre, hor, ejiz, kesel, bitap.
Nazm — 1. Şygyr, goşgy, kapyýaly we ölçegli sözler. 2. Tertip, düzgün.
Neba –– 1. Söz, gürrüň, gybat. 2. Habar, maglumat, habar berme. 3. Gurhan.
Nedamat — puşman, ökünç, gynanç, ahmyr, arman. Ah-u nedamat — gaýgyly,
puşmanly, ökünçli ah, ahmyrly ah çekme.
Nedem — ökünç, puşman, ahmyr, gynanç, alaçsyzlyk, çäresizlik.
Nehat — 1. Tebigat, boluş, häsiýet, hulk. 2. Iç, içi, içki. 3. Köňül, göwün, kalp.
Nejat — gutulma, dynma, halas bolma, azat bolma, gutulyş,çäre, alaç.
Neň kylmak –– ar etmek, namys etmek, ar-namys etmek.
Nepes — I. Dem, dem alma. 2. Göz açyp-ýumasy salym.
Nere –– erkek, ner. Nere ahfaş –– erkek ýarganat, erkek gijekör.
Nerkes (Nerges) — 1. Sary ýaprakly owadan gul, narsiss. 2. Gözeliň gözi,
owadan göz. Bu gülüň gunçalary göze meňzeş bolany üçin, ol edebiýatda
meňzetme hökmünde göz manysynda hem ulanylýar.
Nerm — 1. Ýumşak, mylaýym, mähriban, ýakymly, näzik. 2. Kämil däl,
ýetişmedik, kemakyl, akylsyz, akmak. Nermi-dil — ýüregi ýuwka, dözümsiz, nebsi
agyryjy.
Nesim — säheriň mylaýym ýeli, daňyň mymyjak şemaly, mylaýym we
ýakymly şemal.
Neşatgäh — göwün açyjy, şatlandyryjy ýer, göwün göteriji, ruhlandyryjy ýer.
Neşin — oturan, oturýan.
Neşter — 1. Iňňe, temen, biýz. 2. Arynyň iňňesi, çakyjy agza (ary, içýan...)
Neý –– ne, nä, däl, ýok.
Nezg (nazg) –– jan ajygy, jan bermegiň öň ýany, ölüm halaty.
Nezr — 1. Hudaýýoly, sadaka. 2. Äht, kasam, ant içme.
Nägäh (nagah) — 1. Tötänden, birden, duýdansyz, garaşylmazdan,
oslanmazdan. 2. Bimahal, ýerliksiz.
Nägüzir –– alaçsyz, çäresiz, bialaç.
Nämakdur — mümkin däl, başa barmajak zat, amala aşmajak iş.
Näpisint –– 1. Ýerliksiz, nälaýyk, unalmaýan, pisindiň oturmaýan, synyň
oturmaýan.
Näreside –– 1. Ýetişmedik, bişmedik, çig, gök. 2. Ýetişmedik, ejiz, neresse,
çaga.
Näseza — 1. Mynasyp däl, nälaýyk, nämynasyp, gelşiksiz, ýerliksiz. 2. Sögünç,
gargyş, käýinç.
Nige — näme üçin, näme sebäbe görä, heçün.
Nikap –– ýüz örtüsi, perde, ýaşmak, bürenjek.
Nikihah — ýagşylyk isleýji, päk ýürekli, hoşniýetli.
Niku –– ýagşy, oňat, gowy.
Nim — 1. Ýarty; ýarym, bir zadyň ýarysy. 2. Bir zadyň ortasy
121
Nimerse –– zat, bir zat.
Nisar — 1. Pida, gurban. 2. . Gurban etme, pida bolma, jandan geçme, janyňy
bagyş etme. 3. Saçma, seçme, paýlama.
Niş — 1. Iňňe, temen, çiş, tiken, bir zadyň ýiti ujy. 2. Alyn dişi. 3. Dişleme,
sançma. 4. ýiti ýaňsyly söz sarkazm. Nişi-hara — 1.Granitiň gyýçaklary, gaty
daşyň gyýçaklary. 2. Tiken, tikeniň ujy, demirtikeniň ýiti ujy.
Noş –– 1. Içiş, içme. 2. Tagamly, datly, süýji. 3. Bal, asal.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Leýli–Mejnun - 10
  • Parts
  • Leýli–Mejnun - 01
    Total number of words is 3531
    Total number of unique words is 1665
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 02
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1922
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 03
    Total number of words is 4032
    Total number of unique words is 1822
    22.0 of words are in the 2000 most common words
    32.2 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 04
    Total number of words is 3874
    Total number of unique words is 1850
    21.6 of words are in the 2000 most common words
    31.4 of words are in the 5000 most common words
    37.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 05
    Total number of words is 3995
    Total number of unique words is 1780
    23.3 of words are in the 2000 most common words
    33.4 of words are in the 5000 most common words
    39.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 06
    Total number of words is 3893
    Total number of unique words is 1816
    20.7 of words are in the 2000 most common words
    30.9 of words are in the 5000 most common words
    36.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 07
    Total number of words is 3778
    Total number of unique words is 2117
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    32.9 of words are in the 5000 most common words
    39.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 08
    Total number of words is 3405
    Total number of unique words is 2185
    21.2 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 09
    Total number of words is 3457
    Total number of unique words is 2341
    20.8 of words are in the 2000 most common words
    33.0 of words are in the 5000 most common words
    40.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 10
    Total number of words is 3449
    Total number of unique words is 2216
    20.4 of words are in the 2000 most common words
    34.2 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Leýli–Mejnun - 11
    Total number of words is 1554
    Total number of unique words is 1167
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.