Latin

Bahar bulaklary - 11

Total number of words is 1747
Total number of unique words is 1185
34.5 of words are in the 2000 most common words
47.6 of words are in the 5000 most common words
55.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
barýardy. Hakydasyna dymmagy buýurmasa, ol ýeňip geçip bilmeýän, özüne bolan
ýigrenjiniň möwç urup, beýleki duýgularynyň ählisini, şübhesiz gark etjekdiginden
gorkýardy. Ýöne peýda bolýan ýatlamalardan hernäçe ýüz öwürse-de, gutarnykly
daşlaşmak welin başartmaýardy. Ol Jemma ýazan, ýöne jogapsyz galan gözýaşdan,
galplykdan, ejizlikden doldurylan bolgusyz hatyny ýatlady. Eden beýle
dönükliginden, kezzaplygyndan soň onuň üstüne barmak... Ýok! Ýok! Şoňa
düşünmäge ýeter ýaly onda entek az-owlak utanç-haýa galan ýaly. Üstesine-de, ol
özüne ynamyny gaçyrdy, hormatyny ýitirdi. Indi onda çigit ýaly zada-da kepil geçip
biler ýaly agram ýokdy. Sanin soň Polozowyň hammalyny Frankfurta ýollap (Nähili
ejizlik!), öz zatlaryny getirdişini, gorkuşyny, namartlaýşyny, diňe bir zadyň — tizräk
Pariže, Pariže gitmegiň pikirini edendigini, Mariýa Nikolaýewnanyň buýrugy bilen
Ippolit Sidorowiçe meňzemeli bolandygyny, barmagynda hanymyň edil özüne
sowgat eden demir ýüzügi ýaly ýüzügi bolan Döngof bilenem arany sazlamaga çenli
ýetendigini ýatlady. Ol zatlaryň yzyndan, olardanam beter, olardanam has
masgaraçylykly ýatlamalar aňynda janlandy. Hyzmatkär oňa «tanytgyç petegini»
getirýär. Tanytgyçda onuň hökmürowanlyk alyhezreti gersog Modenskiniň köşk
aýdymçysy Pantaleone Çippatolanyň ady bar. Ol gojadan gaçyp gezýär, ýöne
duşuşmakdan gaçyp gutulyp bilmeýär, myhmanhananyň dälizinde ikisi biri-birine
pete-pet gelýär. Saniniň öňünde janyýangynly adamynyň ýüzi, ýokaryk hüžžerip
duran çal saç, daşkömür közi ýaly bolup ýanyp duran garry gözler peýda bolýar,
gulagyna haýbatly ýigrenji, ondanam beterräk «Maledizione!34» diýen ses eşidilýär.
Hatda ondanam has aýylganç: «Codardo! Infame traditore!35»... Sanin gözlerini
süzüp, başyny silkeýär, zol-zol ýüzüni bir tarapa sowýar. Barybir, özüniň paýtunyň
öň tarapyndaky darajyk ýerde oturandygyny görýär... Yzky, has ynjalykly orunda
Mariýa Nikolaýewna bilen Ippolit Sidorowiç ikisi otyr. Dört at sazlaşykly gorgun
bilen paýtuny Wisbadeniň daş düşelen köçesi bilen Pariže, Pariže tarap alyp barýar!
Ippolit Sidorowiç Saniniň arassalap beren armydyny iýýärdi. Mariýa Nikolaýewna
bolsa oňa şol tanyş — hökmürowan hojaýynyň özüne tabyn bolan adamyň üstünden
gülüşi ýaly, äsgermezçilikli ýylgyryşy bilen seredýärdi...
Eý, Hudaýym! Şäherden çykylýan ýerde köçäniň çatrygynda duran ýene Pantaleonä
däldir-dä? Onuň ýanyndaky kimkä? Emiliomyka? Edil özi. Gojanyň ýanyndaky şol
şadyýan hem wepaly ýigdekçe Emil-dä. Oglanyň juwan kalbynyň Sanine uýan, oňa
ynanan, Sanini gahryman derejesinde kabul eden mahalyndan bäri kän wagt geçdimi?
34
Näletkerde!
Bigaýrat, dönük nejis!
35
100
Häzir bolsa onuň reňki öçük aksowult, asylly, görmegeý, örän görmegeý ýüzi — şol
arada görmegeýligini saýgarmaga ýetişen Mariýa Nikolaýewna paýtunyň aýnasyndan
boýnuny çykaryp, ýol üstünde duran ýigdekçä seretmeli boldy — ýigrenje, gazaba
dolup durdy, şo-ol gözlere meňzeş gözler Saniniň içinden geçip barýardy, bir-birine
gapyşan dodaklary birdenem öýkeli ýazylýardy...
Pantaleone bolsa elini uzadyp birine Sanini görkezýär. Kime? Gapdalynda duran
Tartalýa, ol hem Sanine üýrýär. Bigünä, wyždanly itiň üýrmesi oňa diýseň agyr
degýärdi. Murdarlyk!
Ol ýerdäki — Pariždäki durmuşy hem tutuş kemsitmeden, nägile bolmaga,
gabanmaga ygtyýarsyz, ahyrynda-da geýlip şylhasy çykarylan gerekmez eşik ýaly,
zyňylýan guluň aýylganç görgülerinden ybarat boldy.
Soň — Watana dolanyş, awuly hem eleşan durmuş, maýda hysyrdy, netijesiz hem
hasratly puşman, edil şonuň ýaly hem, göze görünmese-de, agyr däl, ýöne
bejerilmeýän, dermansyz kesel ýaly minut saýy törpüleýän zat — adamlar tarapyndan
ünsden düşürilmek — aňyrsy görünmeýän, sanardan zyýat bergiňi ýeke teňňeden
tölemek...
Sabyr käsesi pürepür boldy — bes indi!
***
Jemmanyň Sanine beren haçjagazy nähililik bilen ýitmän galypdyr, näme üçin yzyna
gaýtarylmandyr, nädip şu güne çenli onuň üstünden barylmandyr? Ol pikire-oýa
çümüp kän oturdy, köp-köp çarşenbäniň ajy tejribesini öwrenenem bolsa, şunça
ýyllardan soňam asla söýmedik zenanynyň mekru-alyna aldanyp, şeýle ýürekden,
şeýle mähir bilen söýen Jemmasyny terk etmeginiň sebäbine düşünmäge özünde güýç
tapmaýardy. Şol günüň ertesi ol daşary ýurda gidýändiginiň habaryny ýaýratmak
bilen ýoldaşlaryny haýran etdi.
Jemgyýetçilige düşnüksizlik aralaşdy. Sanin Peterburgy ak gyşyň örküjinde terk
edýärdi, ýap-ýaňy eýelän, ýap-ýaňy içini düzeden, kebşirlän jaýyny, hatda hanym
Pattiniň özüniň, hanym Pattiniň hut özüniň gatnaşýan italýan operasyna öňünden alan
peteklerini hem taşlap gidýärdi. Saniniň dostlary, ony tanaýanlar muny geňlediler.
Emma adamlara, umuman, özlerine dahylsyz bolmadyk işler bilen uzak
meşgullanmak mahsus däl. Şeýlelikde, daşary ýurda ugranda Sanini ýola salmak üçin
demir ýol menziline ýekeje fransuz tikinçisi geldi. Ol hem ony ugratmak üçin däl-de,
«pour un saute-en-barque en velours noir, tout à fait chic» — şol mahallar ýörgünli
bolan gara mahmaldan tikilýän deňizçi penjegini tikdirende bahasyndan galan
algysyndan hantama bolup gelipdi.
XLIV
Sanin öz dostlaryna daşary ýurda gidýändigini aýtsa-da, hut nirädigini welin
ýaşyrypdy, ýöne okyjylar bolsa onuň göni Frankfurty nazarlaýandygyny çaklaýandyr.
Indi ähli ýere ýaýran demir ýoluň kömegi bilen Peterburgdan ugran Sanin dördünji
gün diýlende eýýäm barmaly menziline ýetdi. Ol Frankfurta 1840-njy ýyldan bäri
gelip görmändi. «Ak guw» myhmanhanasy öňki ýerinde durdy. Indi ol ýokary
101
derejeli hasaplanmasa-da, örän oňatdy. Frankfurtyň baş köçesi bolan Seýliň ullakan
üýtgän zady ýokdy, ýöne diňe bir hanym Rozelliniň jaýy däl, köçäniň gyrasyndaky
süýji-köke satylýan dükanyň duran ýeriniň töweregindäki binalardanam nam-nyşan
galman eken. Sanin birmahallar şeýle tanyş bolan ýerlerde makaw ýaly bolup gezdi,
ýöne ozal gören zadyna gabat gelmedi. Öňki binalar ýok edilip, olaryň ýerinde
mähnet-mähnet jaýly, ykjamja, sypaýy öýjagazly täze köçeler gurlupdyr. Hatda
Saniniň Jemma bilen iň soňky duşuşan jemgyýetçilik bagy hem şeýlebir özgeripdir
welin, onda özüne «Bu şol bagmyka beri?» — diýip sowal bermäge-de esas boldy.
Sanin näme etmelidi? Ýitigiňi nireden, kimden soraglajak? Ondan bäri tutuş otuz ýyl
geçdi ahyryn... Beýle gözlegden uç tapmak aňsatmy näme... Onuň ýüzlenen
adamlarynyň hiç biri, hatda Rozelli diýen ady hem eşitmän ekenler. Myhmanhananyň
eýesi näme netije çykjagyny aýdyp bilmese-de, Sanine jemgyýetçilik kitaphanasyna
ýüz tutup, şol ýerdäki köne gazetleri dörüşdirmegi maslahat berdi. Kelebiň ujuny
ýitiren Sanin, hatda jenap Klýuberiňem ideg-soragyny etdi. Onuň ady
myhmanhananyň hojaýynyna belli eken, ýöne belli bolsa-da, bähbitli netije çykmady.
Işi rowaç alyp, kapitalist derejesine ýetensoň, Klýuber, söwdasy batyp, garyp
galypdyr, ahyram türmä düşüp, şol ýerde hem ölüpdir... Ol habar Sanini birjik-de
gamlandyrmady... Soň ol öz başlan syýahatyny oýlanyşyksyz ädilen ädim diýip hasap
etdi. Bir öwra Frankfurtyň salgy kitapçasyny agtaryşdyryp oturan Sanin ozalky
maýor Döngofyň (Maýor a.D.) adyna gabat geldi. Ol at şol Döngofyňkymy ýa-da
onuň atdaşynyňkymy, şol bolaýanda-da Döngof Rozellileriň maşgalasyny nireden
tanamalymyş — parhy ýok, Sanin derrew paýtun tutup, ozalky maýoryň üstüne eňdi.
Hawa-da, gark bolýan sypaldanam dalda islär diýleni-dä.
Sanin ozalky maýor fon Döngofy öýünden tapdy — özüni kabul eden çal saç jenabyň
öňki garşydaşydygyny ol derrew tanady. Ol hem Sanini tanady, hatda onuň
gelmegine begendem. Duşuşyk oňa ýaşlygyny, ýaşlyk bezzatlygyny ýatlatdy. Döngof
Sanine Rozellileriň maşgalasynyň bireýýäm Amerika, Nýu-Ýorka göçendigini,
Jemmanyň bir täjire durmuşa çykandygyny, onuň, ýagny Döngofyň Amerika bilen iş
salyşýan täjir tanşynyň bardygyny, onuňam Jemmanyň äriniň salgyny bilýän
bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. Sanin öý eýesinden şol täjiriň üstüne gidip
gelmegini haýyş etdi. Ana, saňa çüwmek — Döngof Jemmanyň äri jenap Iýeremin
Slokomyň salgysyny anyklady: M-r J.Slocum, New York, Broadway, № 501. Ýöne
ele salnan salgy 1863-nji ýyla degişli eken.
— Biziň birmahalky frankfurtly perizadymyz entek ýaşap ýörendir hemem NýuÝorkdan göçen däldir diýip umyt edeliň! — Ol sesini peseldip, geçmişden sowal
berdi. — Wisbadende bir rus zenanymyhmançylykda bolupdy, ýadyňyzdamy?
Hanym fon Bo... fon Bozolof... şol entek dirimi?
— Ýok — diýip, Sanin jogap gaýtardy. — Ol bireýýäm dünýäden ötdi.
Döngof gabagyny galdyrdy, ýöne Saniniň ýüzüni sowup, gaşlaryny çytanyny
görensoň, ýeke söz hem diýmän, turmak bilen boldy.
***
Sanin şol günüň özünde Nýu-Ýorka Jemma Slokom hanyma hat ýollady. Haty ol
Frankfurtdan, diňe bir maksat bilen, onuň yzyny çalmak üçin gelen ýerinden
102
iberýändigini; özüniň gysgajyk jogap gaýtarylmak hukugyndanam nähili derejede
mahrumdygyna örän oňat düşünýändigini; günäsiniň ötülmegine hiç hili tutaryk
ýokdugyny, diňe bir zada — bagtyýar durmuşda ýaşaýanlygy sebäpli, özümi
unudandyr diýip çak edýändigini ýazdy. Ol tötänden dörän mümkinçiligiň geçmişini
aňynda gaýtadan janlandyrandygy sebäpli, özi hakynda ýatlatmak aýgydyna
gelendigini hatyna goşdy; hatynda ýalňyz, maşgalasyz, hasratly durmuşyny beýan
etdi; özüne ýüzlenmeginiň sebäbine düşünmegini, bireýýäm derdini çeken, ýöne
bagyşlanmadyk ajy ýazygyny mazara alyp gitmegine ýol bermezligini, baran täze
dünýäsinde neneňsi ýaşaýandygy barada gysgajyk hat ýazyp, begendirmegini sorady.
Sanin hatyny şeýle tamamlady: «Iň bolmanda, ýekeje söz ýazsaňyzam öz päk
kalbyňyza mynasyp, ajaýyp iş etdigiňiz bolardy. Men hem tä iň soňky demime çenli
size minnetdar bolardym. Men «Ak guw» (bu iki sözüň aşagyny çyzdy)
myhmanhanasynda düşledim. Indiki bahara çenli, ýagny tä sizden hatyma jogap
gelýänçä, şu ýerde garaşaryn».
Haty ugradan Sanin jogaba garaşmak bilen ýaşady. Ol tutuş alty hepdeläp otagdan
çykman, hiç kimi görmän diýen ýaly oňdy. Russiýadanam, başga ýerlerdenem hiç
kim oňa hat ýazyp bilmeýärdi, oňa geregi-de şoldy, öz adyna ýeke hat geläýse
kimden, nireden gelenini şol bada biljekdi. Ol ertirden tä agşama çenli okaýardy.
Okaýanlary-da žurnal däldi-de, düýpli — taryhy ýygyndylardy. Beýdip uzak wagtlap
okamaklyk — dym-dyrslyk, balykgulagyň içindäki ýapyk ýaşaýşa meňzeýärdi. Ýöne
beýle ýagdaý onuň häzirki ruhy durmuşyna, içki dünýäsine gaýym bap gelýän
ýaşaýyşdy. Jemma diňe şonuň üçinem minnetdar bolaýmalydy. Ýöne ol dirimikä?
Hata jogap gaýtararmyka?
Ahyrsoňy onuň adyna Nýu-Ýorkdan Amerikanyň poçta möhüri basylan hat geldi.
Bukjanyň daşyndaky ýazgy iňlis dilindedi. Harplary tanamansoň, Saniniň ýüregi
jigläp gitdi, bukjany derrew açmaga bogny ysmady, haty ýollanyň goluna garady:
Jemma! Owalar derrew gözýaşdan doldy. Jemmanyň familiýasyny görkezmän, diňe
adyny ýazmagynyň özi hem Sanin üçin ýaraşmaklygyň, bagyşlamaklygyň alamaty
bolup duýuldy. Ol aragatnaşyk bukjasynyň ýukajyk gök kagyzynyň arasyny açdy
welin, ol ýerden bir surat gaçdy. Ony gyssagly galdyran Sanin haýran bolmakdan
ýaňa doňup galdy: Jemma! Hut Jemmanyň özi! Ýaşajyk Jemma! Saniniň otuz ýyl
myndan ozal tanşan Jemmasy! Şol mähriban gözler, şol bägül dodaklar, şol öňki
keşp! Suratyň arka tarapynda: «Meniň gyzym Marianna» diýlen ýazgy bardy. Hat
başdan-aýak mylaýym, sada äheň bilen ýazylandy. Jemma özüne ynanmazçylyk
etmän, ýüz tutany üçin Sanine minnetdarlyk bildirýärdi, ol sergezdançylyk döwründe
agyr pursatlary başdan geçirendigini-de gizlemeýärdi, şol bada hem onuň bilen
duşuşmagyny bagtlylyk hasaplandygyny, hemişe-de hasaplaýandygyny, sebäbi ol
duşuşygyň özüni jenap Klýubere aýal bolmakdan halas edendigini, şeýlelik bilenem,
indi ýigrimi sekizinji ýyl bile bagtyýarlykda, bolelinlikde, agzybirlikde, Nýu-Ýorka
belli jaýda ýaşaşyp ýören adamsyna sataşmagyna-da, gönümel bolmasa-da, aýlawly
täsir ýetirendigi üçin hoşal bolýardy. Jemma Sanine bäş çagasynyň, dört oglunyň hem
ejesine örän meňzeş hasaplaýandyklary üçin suratyny ýollan, on sekiz ýaşly durmuşa
çykjak gelinlik gyzynyň bardygyny habar berýärdi. Gamgyn habarlary Jemma hatyň
soňuna goýupdyr. Frau Lenore gyzy bilen giýewisiniň yzyndan gelensoň, NýuÝorkda ýogalypdyr, ýöne çagalaryna guwanmaga, agtyklaryny hüwdülemäge
103
ýetişipdir. Pantaleone hem Amerika gelmekçi eken, ýöne ugramazynyň edil öň ýany
Frankfurtda ýogalypdyr. «Biziň Emiliomyz, mähriban, deňsiz-taýsyz Emiliomyz
bolsa, beýik Garibaldiniň öňbaşçylygyndaky «müňleriň» biri bolup, Watanyň
garaşsyzlygy ugrundaky söweşde, Sisiliýada gahrymanlarça wepat boldy. Gerçek
ýigidiň ölümi zerarly gaty kän gözýaş dökdük, ýöne gözýaş etmek bilen birlikde biz
hemişe onuň ruhuna hormat goýup, mertligine buýsanyp ýaşarys. Onuň belent hem
öz peýdasyna çapmadyk kalby jepaly ölümiň täjine mynasypdy». Soňra Jemma, çaky,
bişeýkel bolan durmuşy üçin, Sanine haýpynyň gelýändigini aýdyp, oňa hemme
zatdan ozal sabyr-takatlylyk, dünýesiniň abat bolmagyny dileýärdi, görüşmeklige
tamanyň gaty ujypsyzdygyna garamazdan, duşuşsa begenjekdigini beýan edýärdi...
Şol haty okan mahaly Saniniň başyndan geçiren duýgusyny ýazmakdan çeke
durýarys. Beýle duýgularyň kanagatlanarly aňlatmasy ýok, ol duýgy söz bilen beýan
ederden çuň hem güýçli. Ony diňe saz beýan edip bilerdi.
Sanin hata derrew jogap ýazdy, «Marianna Slokoma näbelli dostundan» diýen
sözleriýazyp, dür bilen bezelen ajaýyp gyrmyzy haçjagazy gelinlige sowgat iberdi.
Sowgat örän gymmatbaha bolsa-da, onuň üçin Sanin garyp galmaýardy. Sebäbi
Frankfurta ilkinji gezek gadam basaly bäri geçen otuz ýylyň dowamynda ol ep-esli
baýlyk toplapdy. Ol maý aýynyň ilkinji günlerinde Peterburga dolandy. Ýöne uzak
wagtlyk däl bolsa gerek. Il arasynda Sanin ähli emlägini satyp, Amerika gidýärmişin
diýen gürrüň peýda boldy.
SOŇY.
Rus dilinden terjime eden
Atajan TAGAN
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Bahar bulaklary - 01
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2214
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 02
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2142
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 03
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2157
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 04
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2140
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 05
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 1986
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 06
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 07
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2039
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 08
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2052
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 09
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2080
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 10
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2076
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 11
    Total number of words is 1747
    Total number of unique words is 1185
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.