Latin

Bahar bulaklary - 04

Total number of words is 3756
Total number of unique words is 2140
32.0 of words are in the 2000 most common words
45.4 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Goja seresaplyk bilen haty goltuk jübüsine salyp, ýene: «Bir sagatdan!» diýensoň,
gapa tarap ýöneldi-de, birdenem hyrra yzyna öwrüldi, haýdap Saniniň ýanyna geldi,
elinden ýapyşdy, ony özüniň bezegli ýakasyna gysdy, gözlerini ýokaryk dikdi:
«Adamkärçilikli ýetginjek! Uly ýürek! — (Nobil giovanotto! Gran сuore! — Sandan
galan goja (a un vecchiotto) — öz merdana goluňyzy gysmaga rugsat ediň! (la vostra
valorosa destra!)» Soňra ol biraz yza tesip, iki elini hem dabara bilen ýokaryk
göterdi-de, çykyp gitdi.
Sanin onuň yzyndan garady... gazeti alyp, okamaga başlady. Ýöne gözleri setirleriň
üstünden manysyz hereket etdi. Ol hiç zada düşünmeýärdi.
XVIII
Bir sagatdan soň hyzmatkär ýene Saniniň ýanyna geldi, ýüzüne: «Warezeli
Pantaleone Çippatola (сantante di сamera). Onuň aly hezreti gersog Modenskiniň
köşk aýdymçysy» diýlip ýazylan, onçakly arassa bolmadyk tanyşlyk petegini berdi.
Hyzmatkäriň ýanyndanam Pantaleonäniň özi hem peýda boldy. Ol depesinden
dabanyna çenli öňküsinden başga eşik geýnendi. Egninde reňki saralyp ugran gara
frak, ak pikeden9 tikilen keltekçe, onuň üstünde-de sinkiň ergininden haşamlanyp
edilen tompak zynjyrjygy tolkun atýan ýalydy, hakyk gaşly agyr möhür inçeden gara
pantalonynyň uzaboýuna aşak düşüp durdy. Gojanyň sag elinde gara towşanyň
derisinden edilen saýawanly başgaby, çepinde iki sany galyň zamşa elligi bardy,
ýakabagyny bolsa adatdakysyndanam ýokardan daňyp, düwnünem has-da uly
düwüpdi, krahmallanan bezegli ýakasyna «pişik göz» (oeil de сhat) diýlip
atlandyrylýan daşly iňňebagjyk ildirilendi, sag eliniň süýem barmagynda atanaklaýyn
goýlan eliň şekiliniň üstünde ot bolup ýanýan ýürek gaşly ýüzük bardy. Gojanyň üstbaşyndan zaýa bolan zadyň, kamfaranyň, müşgüň ysy gelip durdy. Onuň göwresiniň
ynjalyksyz titreýşi iň bir biperwaý tomaşaçyny-da aňk etmelidi. Sanin oňa tarap
ýöneldi.
— Men siziň araçy eminiňiz! — diýip, fransuzça geplän Pantaleone tansçylaryň
edişleri ýaly daraklyklarynyň arasyny giňden goýup, tutuş göwresi bilen öňe egildi.
— Tabşyrygyňyzy diňlemek üçin geldim. Siz rehim-şepagatsyz çaknyşmak
isleýäňizmi?
— Näme üçin rehimsizlik bilen, meniň gadyrly jenabym Çippatola? Men dünýä
malyny berselerem, düýnki gepimi yzyna alman. Ýöne, oňa garamazdan, ganhoram
9
Matanyň görnüşi.
30
däldirin! Biraz garaşyň, häzir garşydaşymyň araçy emini geler welin, men goňşy jaýa
geçerin, siz hem onuň bilen hemme zady şertleşersiňiz. Eden hyzmatyňyzy hiç mahal
unutmajagyma-da ynanyň. Men size ýürekden minnetdar!
— Namys ähli zatdan belentdir! — diýen Pantaleone öý eýesiniň mürähet ederine-de
garaşman, oturgyja özüni goýberdi, derrewem fransuzça bilen italýançany garyşdyryp
gepläp başlady. — Eger şol täjir Kluberio ferroflukto spiçebubbio özüniň gönümel
borjunyň nämedigine düşünmedik bolsa ýa-da gorkup namartlan bolsa, özi üçin
erbetlik. Olar ýaly ejiziň gyzan bazardaky bahasy gara şaýydyr. Bolany şol! Darkaşyň
şerti hakynda aýtsamam — men siziň sekundantyňyz, siziň bähbidiňizem meniň üçin
mukaddeslikdir. Men Paduýede ýaşan mahalym ol ýerde ak dragunlaryň polky hem
ýerleşýärdi. Serkerdeleriň köpüsini oňat tanaýardym. Siziň ynanç diýýän närsäňiz
(prinçip) barada-da Tarbuskiý ikimiz kän gürrüň edipdik.... Ol araçy diýýäniň bahym
gelmelimi?
— Men oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Ana, gelýärem-le! — diýip, köçä tarap
sereden Sanin habar berdi.
Pantaleone ýerinden turdy, sagadyna garady, käkil saçyny düzetdi, pantalonynyň
aşagynda galgap duran jähegini howlukmaçlyk bilen aýakgabynyň gonjuna sokdy.
Podporuçik ýigit ozalkysy ýaly gyzaryp hem utanjyrap içerik girdi.
Sanin araçylary bir-biri bilen tanyşdyrdy.
— M-r Riсhter, souslieutenant! — M-r Zippatola artiste! (jenap Rihter podporuçik!
— jenap Çippatola, artist!)
Goja gözi düşen podporuçik az-kem geňirgendi. Artist diýlip tanyşdyrylan gojanyň
öz işiniň daşyndan aşpezlik sungaty bilenem meşgullanýandygyny şu pursat
podporuçigiň gulagyna kimdir biri pyşyrdap habar beräýse, ol näme diýerdikä?..
Ýöne Pantaleone welin, beýle garpyşyklary gurmak, olara gatnaşmak özi üçin adaty
bir iş ýaly sypata girdi. Belki, häzirki ýagdaýda-da geçen artistlik tejribesini
ýatlamagy oňa kömek eden bolsa gerek. Belki-de, ol araçy emin bolmagy teatrda
oýnalýan keşp diýip kabul edendir. Podporuçigem, Pantaleone-de esli salym dymyp
oturdy.
— Başlaýasmy indi? — diýip, öňündäki hakyk daşly möhrüni oýnap oturan
Pantaleone öňürti gepledi.
— Başlaýas! — diýip, podporuçik jogap gaýtardy. — Ýöne... diňe bir garşydaşyň
gatnaşmagynda...
— Men häziriň özünde sizi ikiçäk goýaryn, jenaplar — diýen Sanin, baş egdi-de, içki
— ýatylýan otaga geçip, gapyny içinden gulplady.
Ol özüni ýatalga taşlap, Jemma hakda oýlanmaga başlady... ýöne eminleriň edýän
gürrüňi ýapyk gapynyň aňyrsyndanam eşidilip durdy. Olar fransuz dilinde
gepleşýärdiler, ikisiniň-de ol dili bilişleri gaty ýüzleýdi, iki dilbilmez bolup hersi
özüçe zaýalansoň, ýakymly fransuzçanyň şireliliginden nam-nyşan galmaýardy.
Pantaleone ýene Paduýedäki dragunlary, Tarbuskanyň prinçipini, podporuçik bolsa
«eхghizes leсheres» hem «goups â i’amiaple» ýatlady. Emma goja haýsydyr bir
«eхghizes!» barada eşitmegem islemedi. Birdenem ol Sanini aňk edip, gürrüňdeşine
diňe külbike barmagynyň dünýädäki ähli serkerdelere... (oune zeune damigella
innоuсenta, du’a ella sola dans soun pêti doa vale piu gue toutt le zouffissie del
mondo!) degýän käbir päk gyzlaryň bardygyny belledi hem birnäçe gezek «Ol
31
masgaraçylyk! Ol masgaraçylyk!» (E ouna onta, ouna onta!) diýen sözleri gaýtalady.
Başda poruçik gürrüňdeşine hiç hili garşylyk görkezmedi, soň welin onuň sesinde
gaharly sandyrama duýuldy hem ol bu ýere ahlak barada düşündiriş diňlemek üçin
gelmändigini ýaňzytdy.
— Siziň ýaşyňyzdaky adama dürs gürrüňleri diňlemek mydama peýdalydyr! —diýip,
Pantaleone nygtady.
Jenap eminleriň arasyndaky gepleşik birnäçe gezek dartgynly derejä çenli baryp
ýetdi. Bir sagatdanam gowraga çeken gepleşigiň ahyrky netijesi şeýle boldy: «baron
fon Döngof bilen jenap de Sanin ertir sagat 10-da Ganaunyň golaýyndaky kiçeňräk
tokaýda ýigrimi ädim aralykdan atyşmaly. Her kimiň, araçynyň yşaraty bilen, iki
gezek ok atmaga haky bar. Sapança el bilen herekete getirilýän bolmaly, nili hyrsyz
bolmaly. Jenap fon Rihter çykyp giden badyna, ýatylýan jaýyň gapysyny uly şagalaň
bilen açan Pantaleone gepleşigiň netijesini beýan etdi. Ol ýene: Sanine «Brawo,
Russo! Brawo, giovanotto!» (Gerçek rus! Gerçek ýaş ýigit!) Sen ýeňiji bolarsyň!»
diýip ýüzlendi.
Birnäçe minut geçenden soň, olaryň ikisi-de Rozellileriň süýji-köke dükanyna tarap
ugrady. Sanin atyşyk hakyndaky syry örän berk saklamagy hakda Pantaleone
tabşyrdy. Jogaba derek diňe barmagyny ýokaryk galdyran goja gözlerini süzdi-de:
Sergedezza! (Pynhanlyk!) diýip iki sapar pyşyrdady. Ol biraz ýigdelen ýalydy,
arkaýyn hereket edýärdi. Bolup geçýän, ýakymsyzam bolsa, adatdan daşary wakalar,
gojanyň oý-hyýallaryny garşydaşynyň başa-baş çaknyşyga çakylygyny kabul eden
döwürlerine alyp gitdi. Ýöne ol çaknyşyga çakylygyň kabul etmeklik hakyky
durmuşda däl-de, sahnada bolup geçipdi. Umuman, bariton sesli aýdymçylar sahnada
keşp döredenlerinde hekgermegi, herrelmegi gowy görýärler.
ХIХ
Bir sagatdan hem gowrak wagt ýoluny garawullap duran Emil Saniniň öňünden
haýdap çykdy-da, gulagyna gyssanmaç pyşyrdap, düýnki bolan ýakymsyzlykdan
ejesiniň bihabardygyny, ol hakda ýaňzytmagyňam gerek däldigini, ony ýene jenap
Klýuberiň dükanyna iberýändigini, ýöne gitmejekdigini, nirededir bir ýerde
gizlenjekdigini habar berdi. Aýtjagyny birki sekundyň içinde aýdyp gutaran oglan
egninden ýapyşyp, Sanini gyssanmaç ogşady-da, köçäniň ugry bilen aşak ylgap gitdi.
Dükanda Sanini garşylan Jemma oňa bir zat aýtjak boldy-da, başarmady. Onuň
dodaklary çalaja tibirdeýärdi, süzük gözleri ýalt-ýult edip oýnaklaýardy. Ol gyzy
ynam bilen köşeşdirmek üçin dörän ýagdaýyň soňunyň netijesiz gutarandygyny
aýtdy.
— Şu gün siziň ýanyňyza gara beren bolmadymy?
— Biri geldi. Ol ikimiz düşünişdik... biz onsoň... kanagatlanarly netijä geldik.
Jemma dükanyň germewiniň aňyrsyna dolanyp bardy.
«Meň aýdanlaryma ynanmady» diýip, Sanin pikir etdi, bolsa-da, ol goňşy otaga
geçdi. Ol ýerde frau Lenore bar eken.
Çakyzasy geçenem bolsa, ol örän göwnüçökgün görünýärdi. Ol Sanini görüp,
begençli ýylgyrdy, ýöne bu gün hiç hili täsin zat bilen güýmäp bilmejekdigi üçin öz
32
ýanynda içgysgynç boljakdygyny duýdurdy. Ýanyna baryp oturan Sanin frau
Lenoräniň gözleriniň gyzarandygyny, gabaklarynyň ýellenendigini gördi.
— Size näme bolýar, frau Lenore? Aglaýan-a dälsiňiz?
— Ýuwaş-ş! — diýip, ol süýem barmagyny agzyna ýetirdi-de, başyny atyp, gyzynyň
bolýan goňşy otagyna tarap ümledi. — Olar ýaly sözleri Jemma beri eşidäýmesin...
— Ol aýdýanyňyzy goldaýan welin, siz näme üçin gözýaş etdiňiz?
— Ah, mosýe Sanin, näme üçin aglanymy özüm bilmesem nädeýin!
— Kimdir biri keýpiňizi bozan-a däldir-dä?
— Ýok-la. Birden kejebäm darygyberdi. Jiowan Battist ýadyma düşdi... öz
ýaşlygymy ýatladym. Onsoňam, neme... hemme zat gaty tiz geçdi ötägitdi,
gadyrdanym. Kem-kemden garrap barýan... Şol ýagdaý bilen asla ylalaşyp bilemok.
Öz göwnüme özümi öňkim ýalymykam öýdýän. Garrylyk bolsa.. ine, ol, ine, ol! —
frau Lenoräniň gözleri nemlendi. — Görýän welin, siz maňa garap haýran galyp
otyrsyňyz öýdýän? Ynha, sizem gojalarsyňyz, ezizim. Garrylygyň neneňsi ajy
ezýetdigine şonda düşünersiňiz.
Sanin ony hoşamaý sözler eşitmäge hantamadyr öýdüp, enäniň ýaşlygynyň
çagalarynda gaýtalanýandygyny ýatlatdy, hatda köşeşdirmek meýline täsiri ýeter
öýdüp, ol tarypa mynasyp diýip bälçireşmek hem isledi. Ýöne frau Lenore ol
hereketlere gara çyny bilen garşy boldy. Şeýlelikde, Sanin beýle sussupesligiň
manysyna düşünip, garrylygyň döreden göwnüçökgünligidigine, ony hiç zat bilen
köşeşdirmegiň, ünsüni sowmagyň mümkin däldigine, öz-özünden ýok bolup
gidäýýänçä garaşmalydygyna akyl ýetirdi. Oňa özi bilen kartyň tressette diýilýän
görnüşini oýnamagy hödürlemekden gaýry hiç hili çykalga Saniniň kellesine
gelmedi. Kart oýnamaga bada-bat razylyk beren aýalyň, birhili, keýpi hem göterilen
ýaly boldy.
Sanin onuň bilen nahara çenli, nahardan soňam kart oýnady. Oýna Pantaleone hem
gatnaşdy. Onuň aýallaryňky ýaly zülpi hiç mahal maňlaýyna, beýle aşak düşmändi,
eňegi hiç mahal ýakabagynyň aňyrsynda beýle derejede gizlenmändi! Onuň her bir
hereketi şeýlebir ünslülige, dykgatlyga ýugrulandy welin, synlanyňda bu adam beýle
erjellik bilen nädip syr saklap bilýärkä diýen pikir biygtyýar kelläňe gelýärdi.
Ýöne — sergedezza! Sergedezza!
Pantaleone şol gezek uzynly günüň dowamynda Sanine hertaraplaýyn yhlas
görkezmek bilen boldy. Stol başyna geçilende, zenanlardanam öňürti nahary ilki
Saniniň öňünde goýdy, kart oýnalanda-da, ondan ýörite utulýardy, garşydaşynyň
göçümine päsgelçilik döretmeýärdi, aýdan gepi şu mahal ýerine düşmese-de, ruslaryň
dünýädäki iň rehimli, iň batyr, iň kesgin adamlardygyny nygtaýardy.
Sanin onuň bolşuna: «Ah sen, jögi goja!» diýip, öz ýanyndan baha berdi.
Ol frau Rozelliniň garaşylmadyk ýerden keýpiniň göterilmegine geň galmak däl-de,
esasanam, onuň gyzynyň özüne bolan gatnaşygyna üns berdi. Ýok, gyz ondan
daşlaşman, gaýtam, tersine, mydama Saniniň golaýjygyna gelip oturýardy, onuň
gepine-sözüne üns berýärdi, synlaýardy, oňa garamazdan, Jemma Sanine söz
diýmeýärdi, myhmanyň özi gepbaşy tapsa-da, ol ýerinden turup, ýuwaşjadan
daşlaşmak bilen bolýardy. Jemma ýene yzyna dolanyp, ýene haýsydyr bir künçde
oturýardy, özi-de bir zat barada oýa batýana meňzeýärdi, has takygy, ýagdaýa
33
düşünmeýän ýaly bolup dymýardy. Frau Lenoräniň özi gyzynyň ýagdaýynyň adaty
däldigini aňyp, näme bolýandygyny telim gezek sorady.
— Hiç zadam bolanok, eje — diýip, gyzy jogap gaýtardy. — Sen meniň käte-käte
şeýle ýagdaýa düşýändigimi bilýärsiň ahyryn.
— Ol aýdýanyň-a dogry! — diýip, enesi gyzynyň jogaby bilen ylalaşdy.
Uzynly gün şunuň ýaly ne şagalaňly, ne sus, ne begençli, ne gynançly ýagdaýda
geçip gitdi. Jemma özüni başgarak alyp baranlygynda, Sanin, belkem, ýigitlik isleghöwesiniň erkine hötde gelip bilmän, az-kem özüni görkezmekçi bolardy ýa-da,
belkem, soňunyň baky aýralyga sapmagy ahmal ýagdaý sebäpli, hasrat duýgusynyň
öňünde ýan bererdi... Ýöne ol Jemma bilen hatda gürleşibem bilmänsoň, agşamky
kofe içişligiň öň ýany peýda bolan ýarym sagat wagty sazyň tutuk heň çykarýan
perdelerini basmaly boldy.
Emil öýe giç dolandy hem jenap Klýuber baradaky beriljek sowallardan gaçmak üçin
içerdäkilerden tiz ara açmaly diýen pikire geldi. Saniniňem hoşlaşmaly wagty ýetdi.
Ol Jemma bilen sagbollaşmaga durdy. Sanin, näme üçindir, «Onegindäki» Lenskiý
bilen Olganyň aýrylyşyklaryny ýadyna saldy. Ol elini mäkäm gysyp durka,
Jemmanyň ýüzüne garajak boldy, ýöne ol ýüzüni çalarak bir tarapa sowup, elini çekip
aldy.
ХХ
Sanin eýwana çykan mahaly asman eýýäm ýyldyzdan dolan eken. Uly, kiçi, sary,
gyzyl, gök, ak ýyldyz näçe diýseň bardy. Olar üýşüp, biri-birinden öňürdip göge
şeýlebir şöhle saçýardylar. Asmanda Aý ýokdy, ýöne onsuzam ýarym ýagty,
kölegesiz alagaraňkylykda her bir jisim aýdyň bolup görünýärdi. Ýaşaýan otagyna
barmaga höwessiz Sanin köçäniň ahyryna çenli gitdi. Onuň kalby, öýe girmän, arassa
howada gezim edilmegini isleýärdi. Ol yzyna aýlanyp, heniz süýji-köke dükanly
öýüň deňine hem ýetmänkä, Rozellileriň jaýynyň köçä tarap çykýan aýnalarynyň biri
garaşylmadyk ýerden takyrdap açyldy. Aýnanyň garaňky dörtburçlugynda (içerde
çyra ýanmaýardy) zenan sudury peýda boldy, yzyndanam «Monsieur Dimitri!» diýen
ses eşidildi.
Sanin şol pursadyň özünde aýna tarap atyldy... Jemma!
Jemma aýnanyň aşaky erňegine tirsegini diräp, eglip durşuna:
— Monsieur Dimitriý — diýip, ägä bolýan ýaly ses bilen ýuwaş gepledi. —Günüň
dowamynda men size nämedir bir zat... gowşurmak isledim, ýöne başarmadym, ynha,
indi... size birden gözüm düşdi-de, şeýtmek nesibede bolan eken diýen netijä geldim.
Nesibe-dä...
Jemma şol söze ýetende erksiz saklandy. Ol gepläp bilmedi. Edil şol pursadyň
özünde-de adaty däl bir ýagdaý döredi.
Ümsümligini söz bilen beýan etmek mümkin däl parahat agşamda, bulutsyz, kirkimirsiz aýdyň asmanyň astynda tüweleý ýaly bolup şeýlebir çapgyn şemal turdy
welin, dabanyň astyndaky ýer hem sandyraýan ýaly boldy, ýyldyzlaryň inçe şöhlesi
titräp, akyp barýan suwa meňzedi, howanyň özi hem tüsse bolup burugsady. Sowuk
däl-de, gyzgyna golaý tüweleý agaçlar bilen garpyşdy, jaýlaryň üçegine, diwarlaryna,
köçelere özüni urdy. Ol göz açyp ýumasy salymda Saniniň başyndaky başgabyny
34
sypyryp, asmana alyp gitdi, Jemmanyň gara togar saçlaryny ilki burum-burum etdi,
yzyndanam ýokarlygyna seçelendirdi. Saniniň kellesi penjiräniň aşaky erňegi bilen
deňleşip durdy. Ol özünden erksiz penjirä tarap başyny egmeli boldy welin, Jemma
iki eli bilenem Saniniň egninden tutdy, onuň kellesini öz döşüne goýdy. Gohgalmagal, zenzele bir minut çemesi dowam etdi. Harasat, goh baryny turzan tüweleý
äpet guşlaryň sürüsi ýaly bolup aňyrlygyna ýol saldy... Älemiň öňki imisalalygy ýene
gaýdyp geldi.
Başyny galdyryp, depesindäki şeýlebir näzik, biraz biynjalyk, tolgunýan ýüzi,
şeýlebir ullakan, aýylganç, ajaýyp gözleri, şeýlebir owadan gyzy nazary bilen
gujaklanda Saniniň ýüregi doňup galdy, öz döşüne dökülen burum-burum ýüpek
saçlary ýüzüne sylyp öpdi. Şeýle ýagdaýda hem ol zordan:
— O Jemma! — diýmegi başardy.
— Näme bold-a? Ýyldyrym çakdymy? — diýip, ýalaňaç ellerini Saniniň egninden
aýyrman, ala gözlerini ýuwaşlyk bilen töwerege aýlan gyz sowal berdi.
Sowalyň jogabyna derek:
— Jemma! — diýen mylaýym söz gaýtalandy.
Gyz titräp gitdi, yza, otagyň içine göz aýlady, köýneginiň üstündäki keltekçäniň
aşagyndan çykaran, eýýäm süllerip giden bägüli Sanine tarap zyňdy.
— Men şu güli size bermek isläpdim...
Sanin onuň düýn edepsiz serkerdäniň öňünden öz alyp gaýdan bägülidigini bildi...
Ýöne penjire eýýäm ýapyldy, garaňky aýnanyň aňyrsyndan hiç zat görünmedi,
ýagtylyk, yşyk duýulmady.
Sanin öýüne başgapsyz dolandy. Ol başgabyny tüweleýiň alyp gidendigini hem
aňmady.
ХХI
Ol Gün dogmazynyň öň ýany uka gitdi. Tomus tüweleýiniň täsiri bilen Sanin
Jemmanyň çaksyz owadandygyny, onuň özüne ýaraýandygyny (şeýledigini ol öňem
bilýärdi) bilmek däl, asyl edil şonuň ýaly garaşylmadyk halda söýmegiň bäri ýanyna
ýetendigini hem duýdy. Oňa bolan söýgi hakdaky pikirleri, edil tüweleý ýaly, şol
pursat zym-zyýat boldy. Ýeri, şu pursadam çaknyşyk bilen öýke ýazmak meselesi
nireden döräp ýör diýsene! Gamgyn duýgy ony heläkläp başlady. Hany, Saniniň
çaknyşykda ok degip ölmedik ýagdaýyny göz öňüne getireliň. Şeýle bolanda-da,
onuň başga biriniň gelinligine bolan söýgüsinden näme netije çykarka? Aýdaly, şol
«başga birinden» garaw hem ýokmuş-da, Jemmanyň özi hem Sanini söýjekmiş ýa-da
eýýäm söýýärmişinem-dä. Şeýle bolaýanda näme? Bolaýanda näme! Ol örän gözel
gyz ahyryn.
Sanin otagyň içinde gezmeledi, stol başyna geçdi, bir tagta kagyz alyp, birnäçe setir
hat ýazdy, derrewem ýazanlarynyň üstüni çyzym-çyzym edip garalady... Garaňky
penjiräniň öňünde, ýyldyzlaryň şöhlesine saçlary ýaýylan gyzyň ajaýyp bedenini göz
öňüne getirdi, onuň mifiki aýal hudaýlarynyň ellerine meňzeş mermerden ýasalan
ýaly ellerini ýatlady. Ol eller häzirem täsirli agramy bilen Saniniň egninden basyp
duran ýaly boldy. Soňra ol öňüne zyňlan bägüli eline aldy. Onuň süllerip giden
35
ýapraklaryndan indi başga, bägüliň özünde bolmalysyndanam has täsirli, has
ýakymly ys göterilýän ýaly boldy.
«Birdenem ol öldürilse ýa-da maýyp ediläýse?»
Ol ýorgana-da geçmän, eşiklerini hem çykarman, oturan kürsüsiniň üstünde uka gitdi.
***
Kimdir biri ony egninden tutup silteşdirdi.
Gözüni açan Sanin Pantaleonäni gördi.
— Aleksandr Makedonskiniň Babyl darkaşynyň öňüsyrasynda ýatyşy ýaly ýatyr-ow!
— Sagat näçe boldy? — diýip, Sanin sowal berdi.
— On bäş minuty kem ýedi. Ganauwa çenli hem iki sagatlyk ýol geçmeli. Biz
belleşilen ýere olardan öň barmaly. Ruslar mydama duşmandan öňürdýärler. Men
Frankfurtyň iň gowy paýtunyny hem getirdim!
Sanin ýuwunmaga durdy.
— Sapançalar nirede?
— Olary şol ferroflukto tedesko eltýär. Lukmanam şol alyp barýar.
Pantaleone düýnki ýagdaýdan soň gujurlyjady, ýöne Sanin bilen ulaga müneninden
soň, paýtunçy gamçysyny şuwwulladanda atlar atylyp gitdiler welin, ozalky aýdymçy
hem Paduý dragunlarynyň dosty bilen garaşylmadyk ýagdaý boldy. Ol birden alada
galdy. Bir zatdan çekinýän ýaly boldy. Onuň içinde nädogry dikeldilen diwar ýaly bir
zat agdarylana meňzedi.
Ol birden inçejik sesi bilen:
— Biziň bu edip ýören zadymyz näme? Eý, Hudaý, santissima Madonna!
(«Keramatly Madonna!») — diýdi-de, saçlaryny penjeledi. — Sen nämeler edip
ýörsüň, samsyk garry köpek, däli, frenetico?
Ýagdaýa geň galyp gülen Sanin gojanyň bilinden gujaklady-da, oňa fransuz nakylyny
ýatlatdy: «Le vin est tire — il faut le boire» («Bir işe başladyňmy, soňlaman
goýma!»)
Goja:
— Hawa, hawa — diýdi. — Ikimiz bulgurymyzy bu gezek götereris welin, barybir,
men sähne. Men sähne! Hemme zat ýerbe-ýerdi, ümsümlikdi, birdenem: tark-tark,
tatyr-tadyr.
— Edil orkestrdäki titti ýaly — diýip, Sanin ýylgyryp durka gepledi. — Ýöne bu işde
siz günäkär däl ahyryn.
— Özüm däldigimi bilýän. Ýogsa näme! Barybir, bu hereket eden-etdilik bolýar,
Diavolo! Diavolo! — diýip, iki gezek gaýtalan Pantaleone, uludan dem alyp,
saçlaryny selkildetdi.
Paýtun bolsa şol gidip barýardy, gidip barýardy.
***
Ertiriň howasy ajaýypdy. Frankfurtyň ýaňy janlanyp ugran köçeleri örän arassa hem
owadan bolup görünýärdi, jaýlaryň aýnalary ak gurşun ýaly lowurdaýardylar. Diňe
paýtun şäheriň derwezesinden çykandan soň, mawy, ýöne entek tutuk asmandan
36
torgaý sürüsiniň ýiti sesi eşidildi durdy. Birden köçäniň öwrüminde, belent deregiň
aňyrsyndan görnen tanyş göwre birnäçe ädim ýöräp aýak çekdi. Sanin şol tarapa üns
bilen seretdi. Eý, Hudaý! Emil!
— Eýsem, ol hem bu wakadan habarlymy? — diýip, ol Pantaleone ýüzlendi.
— Men özümiň samsykdygymy size ýol boýy aýdyp gelýärin ahyryn — diýip,
aljyran italýan gaty sesi bilen jogap gaýtardy. — Ol garamaňlaý oglan maňa uzynly
gije ýatuw bermedi. Şu gün ir bilen men oňa ähli syry açmaly boldum.
«Ana, saňa gerek bolsa segredezza!» diýip, Sanin içini gepletdi.
Paýtun Emiliň deňine bardy. Paýtunça atlaryň jylawyny çekmegi tabşyran Sanin
garamaňlaý oglany ýanyna çagyrdy. Ýüz-gözi özünden gidip ýykylan günündäki ýaly
örän solgun görünýän gözgyny haldaky oglan uýala-gorka ädimläp, paýtunyň ýanyna
geldi. Ol aýak üstünde-de zordan saklanýardy.
— Siz bu ýerde näme işläp ýörsüňiz? — Sanin haýbat bile sowal berdi. — Näme üçin
öýden gaýtdyňyz?
— Maňa... maňa özüňiz bilen gitmäge rugsat beriň! — Emil howsalaly ses bilen
bazzyk-buzzuk gepläp, ellerini gowşurdy. Onuň dişleri hem ysytma tutýanyňky ýaly
şat-şat edip durdy. — Menem äkidiň. Men size azar bermen!
— Eger-de siz meni sähelçe hormatlaýan, sylaýan bolsaňyz, häzir yza, öýüňize ýa-da
jenap Klýuberiň dükanyna gidiň! — diýip, Sanin oglanyň asla eşitmek islemedik
jogabyny berdi. — Hiç kime-de hiç zat aýtman, dolanyp gelerime garaşyň!
— Siziň dolanmagyňyzamy? — diýip, düwünýän ýaly kynlyk bilen geplän Emiliň
ýaňlanan sesiniň arasy üzlüp-üzlüp gitdi. — Birdenem sizi...
— Emil! — diýip, oglanyň gepiniň arasyny bölen Sanin paýtunça gözi bile yşarat
etdi. — Özüňizi ele alyň, Emil. Öýüňize tarap ugraň! Haýyş edýän, maňa «hä» diýiň,
gadyrdanym! Siz meni sylaýandygyňyzy aýdýarsyňyz. Çyndan sylaýan bolsaňyz,
diýenimi ediň-de, öýe gaýdyň! Haýyş edýän.
Sanin Emile elini uzatdy. Hamsygan oglan yraň atyp, öňe egildi-de, Saniniň elini
dodagyna ýetirdi. Şondan soň ol ýoldan aýryldy-da, düz meýdana düşüp, yza,
Frankfurta tarap ylgady.
— Ana saňa ýüregi ýukalyk! — diýip, Pantaleone ýaňsyly samrady. Sanin oňa
ýüzüni çytyp seretdi. Goja paýtunyň burçuna gysyldy. Ol öz günäsiniň manysyna
düşünýärdi. Üstesine-de, wagt geçdigi saýy goja özüniň, dogrudanam, araçy emin
bolandygyna has beter geňirgenýärdi. Ulag tapanam, ähli etmeli zatlary ýola
goýanam, özüniň asuda tünegini ir sagat altyda terk edip gaýdanam onuň özüdi.
Üstesine, onuň aýaklary hem syrkyrap agyryp başlady.
Sanin Pantaleonä az-kem goltgy bermek isledi. Onuň atan oky nyşana degdi, gojanyň
inçe damary tapyldy.
— Hany, siziň öňki ruhubelentligiňiz, merhemetli sinýor Çippatola? Il, antico valor
— nirede?
Sinýor Çippatola birneme dikelip, ýüzüni çytdy-da:
— Il atico valor? — diýip, ýogyn ses bilen sowal berdi. — Non e ansora spento (ol
entek gutarnykly ýitirilmedik) — il antico valor!
Ol hekgerdi, dogumlandy, özüniň geçmişdäki ýeten derejesini, operany, tenor sesli
beýik aýdymçy Garsiany ýatlady. Şeýlelik bilenem, ol ýetilmeli ýere keýpikök bolup
37
bardy. Oýlanyp görýärsiň welin, jümle-jahanda sözden güýçli, sözden ejiz zat ýok
ýaly!
ХХII
Darkaşyň geçmeli tokaýy Ganaudan dörtden bir mil aralykdady. Pantaleone bilen
Sanin, gojanyň ozal aýdyşy ýaly, bu ýere garşydaşlardan öňürti geldi. Olar paýtunça
ulagy tokaýyň gyrasynda goýmagy tabşyryp, özleri hem gür agaçlaryň içine sümlüp,
goýy kölegede aýak çekdiler. Garşydaşlara bir sagat çemesi garaşmaly boldy.
Garaşmaklyk Sanine onçakly agyr hem bolup duýulmady. Ol ýodajykdan öňe-yza
ýöräp, guşlaryň owazyna gulak asdy, olaryň hatar gurap uçuşlaryny synlady, şeýle
ýagdaýa düşýän rus adamlarynyň köpüsiniň bolşy ýaly, hiç zadyň pikirini etmezlige
synanyşdy. Bu gezek welin, ol oýlanmaly boldy: agşamky tüweleý ýykan bolmagyda ahmal, agdarylyp ýatan ýaşajyk lipa agajynyň üstünden bardy. Lipanyň ömrüniň
üzüleni bellidi: ähli ýapraklary süllerip, jansyzlygyň nyşanyny alamatlandyrýardy. Bu
ýagdaý Sanini oýlanmaga mejbur etdi, kellesine «Bu nämekä? Bu nämäniň
alamatyka?» — diýen ýakymsyz pikir geldi. Derrewem ol sykylyk atdy-da, ýatan
agajyň üstünden ätläp, aňyrlygyna ýöredi. Pantaleone bolsa nemeslere hüňürdeýärdi,
gargynýardy, hyklaýardy, kä arkasyny, kä dyzlaryny gaşaýardy. Ol hatda
tolgunmakdan ýaňa pallap hem goýberdi welin, pallamak onuň kiçijik hem bürşük
ýüzüne täsin görnüş berdi. Ol ýagdaýy synlan Sanin tas ulili bilen gülüpdi.
Ahyr gumak ýoldan gelýän paýtunyň tigirleriniň sesi eşidildi. «Şolar!» diýen
Pantaleone az-kem tolgunma bilen dikeldi-de, hüşgär bolup durdy. Ol öz
tolgunmasynyň üstüni «brrrr!» diýen ses hem tämiz howasynda diýseň dury
eşidilýärdi. Bol düşen gyraw ot-çöpleri hem agaçlaryň üstüni mazaly örtenem bolsa
tokaýa eýýäm yssy aralaşypdy. Kän mahal geçmänkä, serkerdeleriň ikisi-de tokaýyň
belent agaçlarynyň astynda peýda boldy. Olaryň ýanynda pes boýly, dolmuş,
äwmezek, ýüzi ukuly ýaly harby lukman bardy. Onuň bir elinde, gerek bolaýsa diýlip
alnan, palçykdan edilen içi suwly küýze bardy, çep egninde bolsa hirurgiýa enjamly
hem hasaly torbasy hallan atyp gelýärdi. Daşyndan göräýmäge, ol şu günki bolmaly
waka ýaly işlere gaty öwrenişen hem şondan gelýän girdeji onuň gazanç çeşmeleriniň
biri ýalydy. Lukman darkaşa girýänleriň hersinden dört sany, ikisinden sekiz sany
onluk alýardy. Jenap fon Rihter sapançaly gutyny göterip gelýärdi, jenap fon Döngof
hem — «göz üçin» şeýdýän bolmagam ahmal — ýörände-de, elindäki kiçijik çybygy
oýnaýardy.
— Pantaleone! — diýip, Sanin birden pyşyrdady. — Bardy-geldi, meni öldüräýseler
— hemme zadyň bolmagy ahmaldyr, — gapdal jübimdäki kagyzy alyň. Oňa bägül
dolangydyr. Şol kagyzy güli bilen sinýorina Jemma gowşuryň! Eşidýäňizmi? Söz
berýäňizmi?
Goja oňa sessiz nazar aýlap, tassyklaýjy manyda baş atdy. Ýöne onuň Saniniň eden
haýyşyna düşünenini-düşünmänini welin, bir Hudaý bilýärdi.
Garşydaşlar hem araçy eminler, düzgüne görä, baş atyşdylar. Lukman welin, gaşynyda gymyldatmady. Ol: «Maňa medeniýetli adamlaryň edebiniň dahyly ýok» diýýän
ýaly, äwmezlik bilen pallap, otuň üstüne çökdi. Jenap fon Rihter jenap «Tşibadola»
atyşyk üçin ýer saýlamalydygyny aýdýar. Jenap «Tşibadola» bolsa zordan aýlanýan
38
dili bilen (onuň ýene «diwary ýykylypdyr»): «Özüňiz hereket ediberiň, men
kesesinden seredäýerin» diýip jogap gaýtarýar.
Jenap fon Rihter hereket edip başlady. Ol uzaga-da gitmän, tokaýyň içinden gülgülälege bezenip ýatan boş ýerini tapdy, aralygy ädimi bilen ölçäp, iki tarapyň
serhedini-de, ujy gyssagara çişlenen taýajyklardan gazyk edip belledi. Ol gutudan
sapançalary çykaransoň, çommalyp oturdy-da, ýaraglara ok saldy, bir sözde aýtsaň,
derçigen ýüzüni akja ýaglyk bilen birsyhly süpürip, güýjünde baryny edip, jan çekip
işledi. Onuň ýanynda edilýän hereketi synlap ýören Pantaleone bolsa gaty üşän
adama meňzeýärdi. Çaknyşmaly iki adam darkaşa taýynlygyň bütin dowamynda
temmi üçin terbiýeçiden öýkeläp duran iki sany mekdep okuwçysy ýaly bolup,
aňyrrakda durdular.
Aýgytly pursat gelip ýetdi.Her kim öz sapançasyny aldy.
Şu ýerde hem jenap fon Rihter Pantaleone çaknyşygyň umumy kabul edilen
düzgünine görä, iki araçynyň ýaşulusy hökmünde, ediljek beýle hereket hiç mahal,
hiç hili netije bermedigem bolsa, onuň hälki bir durmuşa geçmeýän boş düzgündigine
garamazdan: «Bir, iki, üç» diýen howply sany aýtmazyndan öň, garşydaşlara
ýaraşmaklyk baradaky soňky teklip hem haýyş bilen ýüz tutmalydygyny ýatlatdy.
Haýyşyň, teklibiň netijesizdigine garamazdan, ol ýüzleniş çaknyşygyň adalatly
araçysy hasaplanýan şaýadyň (unparteischer Zeuge) gönümel borjy hasaplanýar.
Üstesine-de, şol düzgüne eýermek bilen jenap Çippatola jogapkärçiligiň käbir
bölegini hem öz üstünden aýyrýardy. Dogry, garşydaşlara ýüzlenmegi bitarap,
adalatly şaýat amala aşyrmalydy. Şeýle şaýadyň bu çaknyşykda ýokdugy sebäpli,
jenap fon Rihter ol aýratyn hukugy öz hormatly kärdeşine berýändigini aýtdy. Sanini
çaknyşyga çagyran serkerdäni görmegem islemeýän Pantaleone bolsa eýýäm
agaçlaryň şahalaryny özüne pena edinip, gizlenip duransoň, jenap fon Rihteriň
aýdanlarynyň hemmesine birbada düşünmän galdy. Onsoňam jenap fon Rihteriň
burnuna salybrak gepleýändigi zerarly, onuň sözlerine düşünmegem aňsat däldi.
Ýöne birden tisginen goja, haýdap öňe çykdy-da, ellerini titredip döşüne urdy hem-de
öz garym-gatym dilinde, boguk sesi bilen: «A-la-la-la... Che bestialita! Deuх
zeun’ommes comme ça que si battono — perche? Che diavolo? Andate a casa!» (Bu
nä wagşylyk! Iki ýaş ýigit garpyşýar — nämüçin? Öýli öýüňize gidiň!) — diýip
gygyrdy.
— Men ýaraşmak islämok! — Sanin howlugyp gepledi.
— Menem razy däl! — Saniniň yzy bilen garşydaşy hem dillendi.
Jenap fon Rihter aljyraňňy hala düşüp duran Pantaleonä ýüzlendi:
— Beýle bolsa, «Bir, iki, üç!» diýip gygyryň!
Goja ýene derrew çöp-çalamlyga kürsäp urdy, şol ýerdenem üç eplenip, gözlerini
süzüp, ýüzüni bir tarapa sowup, bogazyna sygdygyndan gygyrdy:
— Una... due... e tre!10
Ilkinji bolup Sanin atdy. Onuň garşydaşyndan sowa geçen oky agaja degip ses etdi.
Baron Döngof Saniniň yzysüre atsa-da, sapançanyň nilini bilgeşleýinden ýokaryk
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Bahar bulaklary - 05
  • Parts
  • Bahar bulaklary - 01
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2214
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 02
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2142
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 03
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2157
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 04
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2140
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 05
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 1986
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 06
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 07
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2039
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 08
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2052
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 09
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2080
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 10
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2076
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 11
    Total number of words is 1747
    Total number of unique words is 1185
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.