Latin

Bahar bulaklary - 08

Total number of words is 3691
Total number of unique words is 2052
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.7 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Bu syýahat örän geň. Dek düýnüň özünde, edil Hytaý imperatory barada pikir
etmeýşim ýaly, seni hem ýatlamandym. Bu gün bolsa ikimiz, ony asla tanamaýanam
bolsam, meniň mülkümi satmak üçin seň aýalyň üstüne gidip barýarys.
— Jahanda her hili zat bolýandyr! — diýip, Polozow jogap berdi. — Uzagrak
ýaşasaň, kän zada sataşarsyň. Mysal üçin, sen meni serkerdäniň öňünden geçip
barýan esger diýip göz öňüne getirip bilermiň? Men şeýle esger bolup gördüm. Beýik
knýaz Mihail Pawlowiç bolsa: «Gorgun sür, şol semiz kornet gorgunyna sürsün!
Gatyrak gorgunlat!» diýip buýruk berýärdi.
Sanin gulagynyň ýeňsesini gaşady.
— Seň aýalyň niçiksi adam bolmaly, Ippolit Sidorowiç? Hüý-häsiýeti nähilidir? Men
ony bilsem gowy-da.
— Oňa «Gorgunyna sür!» diýip buýruk bermek aňsat — diýip, Polozow
garaşylmadyk gyzmalyk bilen gepledi. — Eýsem, meň üçin nähili? Men içimden:
«Serkerdelik derejäňiz bilen seçekli pagonyňyz özüňize nesip etsin, maňa olar nämä
gerek» diýýän... Wiý, sen asyl meň aýalym hakda soradyňmy? Aýalymmy? Hemme
adam ýaly adam olam. Ýöne agzyna barmagyňy welin sokma. Şony ol halamaýar. Iň
esasy zat, nämedir bir zadyň üstünden güleri ýaly, köpräk ýaňra. Öz söýgiň hakda
aýtmalymy... täsinräk bolsun-da... özüň bilýäň.
— O nähili täsinlik?
— Gyzykly-da. Sen maňa birine aşyk bolandygyňy, öýlenmekçidigiňi gürrüň
beripdiň ahyryn? Sen, ana, şo zatlary suratlandyryber.
— Sen o gürrüňden nähili gülkünç zat tapýaň? — diýip, Sanin gaty görjek boldy.
Polozow diňe gözüni aýlady. Onuň eňegine pyrtykalyň suwy syrykdy.
— Seni Frankfurta zat almaga aýalyň iberdimi? — diýip, az salym geçensoň, Sanin
ýene sowal berdi.
— Edil özi.
— Onsoň sen nämeler aldyň?
— Belli zat — birtopar oýunjak.
— Oýunjak? Seň çagaňam barmy?
Polozow, hatda Saninden biraz çekildem.
— Ana! Çaga nireden bolsun mende... Oýunjak diýýänimem aýallara gerek zatlar.
Özüni bezemek üçin ýüze-göze çalynýan närseler.
— Näme, seň ol zatlardanam başyň çykýamy?
— Çykýa.
— Onda näme «Aýalymyň işlerine gatyşamok» diýdiň?
— Şondan gaýry işine goşulamok. O zatlar hiç-le, hälki bir, içiň gyssa güýmenjelikdä. Şo meselede aýalymam meniň edenimi goldaýa. Men söwda etmäge-de ökde.
Polozow indi sözleriniň arasyny bölüp-bölüp gepleýärdi, ýadapdy.
— Aýalyň gaty baýmy?
— Baýlygyna-ha baý welin, esasan, özi üçin baý.
— Oňa garamazdan, senem garyplykdan zeýrenip ýöreňok dälmi?
— Baý aýalyň äri bolup garyplykdan zeýrenilermi? Men nä ol baýlykdan
peýdalanmaly dälmi?! Onsoňam men oň üçin bähbitli adam ahyryn. Meň bilen
ýaşamak oňa ýeňil, hezil. Men oň üçin amatly.
70
Polozow ýukajyk ýüpek ýaglyk bilen ýüzüni çaldy-da, uludan haşşyldady. «Maňa
haýpyň gelsin. Indi beri geplemäge mejbur etme. Maňa geplemegiň kyn düşýändigini
özüň görüp dursuň-a!»
Oňa päsgel bermek islemedik Sanin, ýene pikire çümdi.
***
Paýtunyňgelip öňünde saklanan Wisbadendäki myhmanhana özüne köşkdür
öýtdürýärdi. Derrew onuň içindäki jaňlar jaňňyrdady, aljyraňňy gaýda-gaýmalaşyk
başlandy, gara frakly, edepli adamlar esasy girelgäniň öňünde begenişip durdular,
üst-başy altyn öwsüp lowurdaýan nobatçy haýdap gelişine, paýtunyň gapysyny açdy.
Söweşden ýeňiş bilen dolanyp gelen serkerdä meňzän Polozow haly düşelen, hoşboý
ys gelip duran basgançak bilen ýokaryk ädimläp ugrady. Örän kaşaň geýnüwli, ýüz
keşbi rus adamlarynyňka meňzeş biri onuň ýanyna haýdap geldi. Ol Polozowyň ýan
kömekçisidi. Polozow oňa indi nirä gitse-de, ýanyndan goýmajakdygyny aýtdy.
Sebäbi düýn Frankfurtda özüni tutuş gije ýyly suwsuz goýupdyrlar. Beýle habary
eşidip, haýrangalyjylyk duýgularyna gaplanan kömekçi çalasynlyk bilen eglip, onuň
galoşyny çykardy.
— Mariýa Nikolaýewna öýdemi?
— Öýde. Üst-başyna serenjam berýär. Grafinýa Lasunskaýalara nahara gitmekçi.
— Hä, olara diýsene!.. Saklan! Paýtunda zatlar bardyr. Hemmesini özüň düşür, özüň
elt. Sen bolsa, Dimitriý Pawlowiç — Polozow Sanine ýüzlendi. — Özüňe bir otag
edin-de, ýene kyrk bäş minutdanam gel. Bile nahar edineris.
Polozow aňyrlygyna gitdi, Sanin bolsa özüne ýönekeýräk otag berilmegini haýyş
etdi. Ol üst-başyna seredip, az-kem dynç hem aldy, soňam onuň alyhezreti
(Durchlaucht) knýaz fon Polozof tarapyndan eýelenen äpet otaga tarap ugrady.
Sanin knýazy mähnet otagda, diýseň kaşaň mahmal örtülen kürsüde abşarylyp,
gomparylyp oturan ýerinden tapdy. Saniniň hemme zada göwnübir, parhsyz duýgy
bilen garaýan ýoldaşy eýýäm suwa düşünmäge-de ýetişip, atlazdan tikilen öý
ýapynjasyna çolanyp otyrdy, kellesinde bolsa, käbir arap ýurtlarynda geýilýän depesi
çüri feska diýilýän başgaby bardy. Sanin golaýlaşdy-da, ony esli salym synlady.
Polozow butparazlaryň hudaýynyň heýkeline meňzäp, doňan ýaly bolup oturyşyna,
Sanine tarap ýüzünem öwürmedi, hatda gaşlarynam gymyldatmady, ses-üýnem
çykarmady. Beýle görnüş diýseň beýik dabaralylykdy. Iki minut çemesi ony synlap,
keýp çeken Sanin bir zatlar diýip, bu mukaddes ümsümligi bozmak islände, goňşy
otagyň gapysy birden açylyp, bosagada ak ýüpek köýnegi örme gara nagyşly, elleri,
boýny göwher monjukly ýaş, owadan zenan — Mariýa Nikolaýewna Polozowanyň
hut özi peýda boldy. Onuň örülen, ýöne ýokaryk ýygnalmadyk gür mele saçlary iki
çekgesinden dökülip durdy.
ХХХIV
— Ah, bagyşlaweriň! — diýip, bir tarapky saçynyň ujuny derrew eline alan zenan azkem utançly, az-kem ýaňsyly ýylgyryp, ullakan mele gözlerini Sanine dikdi. — Men
sizi eýýäm gelensiňizem öýtmändim.
71
— Sanin Dimitriý Pawlowiç! Meniň oglanlyk ýoldaşym — diýip, Polozow
ýerindenem turman, öňki oturyşyny hem üýtgetmän, myhmanhana diňe barmagyny
çommaltdy.
— Bilýän. Sen eýýäm maňa ol hakda aýdypdyň. Tanşanymyza begenýän. Ýöne,
Ippolit Sidorowiç, senden bir zat haýyş etmek isleýän... Hyzmatkärimiň şu gün,
birhili, iş bilen seri ýok ýaly...
— Seň saçyňy tertipleşdirmelimi?
— Hawa, bildiň. Haýyş edýän... Bagyşlaň! — diýip, Mariýa Nikolaýewna öňki
ýylgyryşyny gaýtalap, Sanine başyny atdy-da, yzyna çalt aýlanyp, näzik boýnunyň,
owadan eginleriniň, ajaýyp bedeniniň ýakymly duýgusyny gapynyň bärsinde
galdyryp, özi aňyrsynda gözden ýitdi.
Polozow ýerinden turdy-da, iki tarapa çaýkanyp, aýalynyň çykan gapysyna tarap
ýöneldi.
Sanin özüniň bu ýere gelmegi bilen Mariýa Nikolaýewnanyň öňünden mazaly
habardar edilendigine asla ynanmazçylyk etmedi. Ähli oýnuň manysy onuň saçyny
güjeňlemek islegi bilen baglydy. Mariýa Nikolaýewnanyň saçy welin, dogrudanam,
ajaýypdanam ajaýypdy. Hanym Polozowanyň eden ojagaz oýnuna Sanin öz
ýanyndan begenmänem durmady. Belkem, meni haýran etmek, maňa görünmek
isländirler. Belki. Kim bilýär! Belki-de, şeýdip, mülki arzanrak almagyň kül-külüne
düşýändirler. Saniniň kalbynda bolsa Jemmadan gaýry hiç bir zenana orun ýokdy,
başga zenanlar onuň üçin manysyzdy, olar çala gözüne ilýärdiler. Ine, bu gezegem ol
diňe: «Bu zenan-a hiç neneň däldir» diýip baha berip, dogry aýdan ekenler — diýmek
bilen çäklendi.
Eger şu mahalkysy ýaly adatdan daşary ruhy joşgunda bolmadyk bolsa, Sanin,
megerem, başgaça oýlanardy. Çünki Mariýa Nikolaýewna Polozowa — durmuşa
çykmanka Kolyşkina — örän ajaýyp maşgalady, ajaýyplygy bolsa barypýatan
owadanlygy sebäpli hem däldi-de, aslynyň gelip-çykyşy bilen baglydy. Mariýa
Nikolaýewnanyň aňyrsy knýazdan, dworýandan bolman, aşaky, garamaýak
gatlakdandy. Sada gatlagyň hüý-häsiýetlerindenem, daş sypatyndanam oňa geçen
zatlar kändi: maňlaýy dardy, burny az-kem etlegräkdi hem çalarak jaýtarlyp durdy.
Ýüzüniň hamynyň näzikligi, el-aýaklarynyň enaýylygy bilenem onda öwnere zat
ýokdy. Beýle ýagdaýdan nähili many çykýar? Mariýa Nikolaýewnanyň Puşkiniň
aýdýan «gözellik keramatynyň» däl-de, rusuňky ýalymy, syganyňky ýalymy gujurly
bedeniniň maýyl ediji çuňňur mähirliliginiň öňünde gabat gelen adam... onuň özi-de
aýak çekerdi.
Ýöne Jemmanyň keşbi, şygyr ýazýanlar aýtmyşlaýyn, üç gat sowuda öwrülip,
Saniniň daşyny goraýardy.
On minut çemesi geçensoň, Mariýa Nikolaýewna adamsy bilen ýene peýda boldy. Ol
Sanine tarap gaýtdy. Onuň şeýlebir ýöreýşi bardy welin, şuňa meňzeş ýöreýişler
bireýýäm dünýeden ötüp giden käbir ýeňles adamlaryň kalbyny hem lerzana getiren
bolmalydy. Olardan biri: «Ol zenan saňa tarap gaýdanda, durmuşyňdaky
bagtyýarlygyň hemmesini özi bilen alyp gelýär» diýerdi. Ol Sanine elini uzatdy-da
ýakymly, birneme goýry äheň bilen rusçalap: «Siz maňa garaşarsyňyz ahyryn, şeýle
dälmi? Men tiz dolanaryn» diýdi.
72
Sanin hormat bilen baş egdi, Mariýa Nikolaýewna bolsa daşky gapynyň galyň
tutusynyň aňyrsyna dulanyberende, egniniň üstaşyry yzyna garap, ýene ýylgyrdy we
çykyp barýan otagynda ýakymly duýgy galdyrdy.
Ýylgyran wagty onuň her ýaňagynda bir däl, iki däl, tutuş üç çukurjyk emele geldi,
dodaklaryndan al öwüsýän, çep tarapy kiçijik haljagazly ýaýbaň dodaklaryndan beter
gözleri gülýärdi.
Polozow otaga kürsäp girdi-de, ýene özüni kürsä goýberdi. Ol öňküsi ýaly dymýardy,
ýöne mahal-mahal peýda bolýan kinaýaly täsin ýylgyrmasy reňksiz, eýýäm ýygyrt
düşüp ugran ýaňaklaryny ýellendirýärdi.
Polozow Saninden bary-ýogy üç ýaş uly hem bolsa, garry kakuw görünýärdi.
Polozowyň myhmanyna hödürlän nahary iýmek-içmäge gezek gelende gaty talapkär
kişileri-de kanagatlandyrmalydy, ýöne Sanin welin, ony soňy gelmeýän, iýerligi bar
owkat hökmünde kabul etdi. Polozow «tagamyny bilmek bilen, nahara düşünmek
bilen, tertip bilen, gabyň üstüne dykgatly eglip, alan her bölek zadyny diýen ýaly
ysgap, öňürti hem çakyr bilen agzyny çaýkansoň, dodaklaryny şapbyldadyp, agzyna
salanyny ýuwudýar. Gyzgyn nahar iýilmäge başlananda ol birden gepläp ugrady.
Näme barada? Merinos diýilýän inçe ýüňli goýundan tutuş bir sürüsini edinmek
hakynda. Özi-de her ady, her sözi mylaýym sesi bilen süýjüdip, jikme-jik gürrüň etdi.
Gaýnap duran suw ýaly gyzgyn kofeni içip, öňki gezek buz ýaly, edil buz ýaly kofe
berlendigini gözýaşlynyň, janyýangynlynyň sesi bilen hyzmatkäre birnäçe gezek
duýduryş etdirensoň, gawana çilimini gyşyk sary dişleriniň arasynda gysyp, adaty
endigine görä, oturan ýerinde irkildi. Polozowyň irkilmegi halys göwnünden turan
Sanin bolsa, ýumşak halynyň üstünde iki ýana ýuwaş gezmeläp, Jemma bilen nähili
ýaşajakdygynyň arzuwyna çümdi hem oňa niçiksi jogap alyp barjakdygynyň pikirini
etdi. Ýöne Polozow, öz aýtmagyna görä, adaty ýatmaly wagtymy ýatman — ol baryýogy sagat ýarymjyk uklapdy — oýandy, hyzmatkäriň getiren gögümtil gara reňkli
hakyky «kiýew» çüýşe gabyndaky, öz aýtmagyna görä, «şonsuz oňmaýan» miwe
balyndan, rus miwe balyndan sekiz çemçesini bokurdagyndan geçirdi, bir bulgur
buzly zelter suwuny içdi. Şondan soň ol gabagy çişip giden gözüni Sanine tarap
aýlady-da, onuň kart oýnasynyň gelýäni-gelmeýäni bilen gyzyklandy. Sanin
Polozowyň öňki agdyk düşen naharyň üstesine ýene ýagly guýruk, guzy etini,
ýaroçka19 dagy getirilmegini buýraýmazy ýaly, derrew kart oýnalmagyna razy boldy.
Öý eýesi bilen onuň ýoldaşy myhman otaga geçdi. Hyzmatkär kart getirdi. Oýun
başlandy, elbetde, pulsuz oýun başlandy.
Ol azarsyz-zepersiz sada güýmenjäniň üstüne-de grafinýa Zasunskaýalara
myhmançylyga giden Mariýa Nikolaýewna geldi. Ol otaga giren badyna kart
oýnalýan lomber stoluna gözi düşüp, çasly gülüp goýberdi. Sanin böküp ýerinden
turdy, ýöne Mariýa Nikolaýewna:
— Oturyň, oýnaberiň! — diýdi. — Eşiklerimi çalşyrnamsoň, menem ýanyňyza
gelerin. — Ol köýnegini şowurdadyp gidip barýarka, elliklerini çykaryp gözden ýitdi.
Mariýa Nikolaýewna, dogrudanam, derrew dolandy. Ol öňki kaşaň geýimini melewşe
reňkli, sallanyp ýatan açyk ýeňli ýüpek üstköýnegi bilen çalşyrypdy, biline
bükdürilen ýüp aýlapdy. Owadan zenan äriniň ýanynda oturdy-da, ol utulýança
19
Ýaroçka — işşek goýnuň etinden bişirilýän nahar (terjimeçiniň belligi.)
73
garaşyp: «Hany, pökgüje («pökgüje» sözüni eşiden Sanin Mariýa Nikolaýewnanyň
ýüzüne haýran galyjylyk bilen seretdi, ol bolsa myhmanyň manyly nazaryna keýpli
ýylgyryş bilen jogap gaýtaryp, owadan ýaňaklaryndaky çukurjyklary görkezdi), seňki
boldy indi. Syn edýän welin, seň ukyň tutýan ýaly. Elimi öp-de, gidiber. Biz jenap
Sanin bilen ikiçäk gürleşeris.
— Ukym-a gelip duranok welin... — diýen Polozow agyr göwresini zordan kürsüden
göterdi. — Gitmeli bolsa giderin, eljagazyňam ogşaryn. — Aýaly Sanine seredip,
ýylgyrmasyny dowam edip oturyşyna, ärine eliniň aýasyny uzatdy. Polozow hem
Sanine seretdi, ýöne, sagbollaşman çykyp gitdi.
— Aýdyberiň, aýdyberiň! — diýip, ýalaňaç tirseginiň ikisini-de birmahalyň özünde
stola dirän Mariýa Nikolaýewna bir eliniň dyrnaklaryny beýleki eliniň dyrnaklaryna
irginsizlik bilen urup oturyşyna, gyssanýan ýaly çalt gepledi. — Size öýlenýär
diýýänleri çynmy?
Şol sowaldan soň, Mariýa Nikolaýewna Saniniň gözlerine gowy seretmek üçin, hatda
kellesini-de biraz gapdala gyşartdy.
ХХХV
Adamlar bilen gatnaşyp, durmuşynda käbir çarşenbäni başyndan geçirmedik bolsa
hemem dörän ýagdaýdan öz işiniň bähbidini aramasa, hanym Polozowanyň edepsiz
hereketleri Sanini birbada düýrükdirerdi. «Bu baý aýalyň ynjyk häsiýetlerine
çydamaly bolar» — diýip, oýlanan Sanin öý eýesiniň erkinlik bilen berýän
sowallaryna onuň öz äheňinde jogap gaýtardy.
— Hawa, men öýlenmekçi.
— Kime? Daşary ýurtlumy?
— Hawa.
— Siz oň bilen täzelikde tanyşdyňyzmy? Frankfurtdamy?
— Edil aýdyşyňyz ýaly.
— Kim ol? Kimdigini bilmek mümkinmi?
— Mümkin. Ol süýji-kökeçiniň gyzy.
Mariýa Nikolaýewnanyň gözleri hanasyndan çykaýjak bolup gaşlary gerildi.
— Täsin ýagdaý! — Ol howlukman gepledi. — Örän täsin ýagdaý! Men siz ýaly ýaş
ýigitler jahanda indi gabat gelmez öýdýärdim. Süýji-kökeçiniň gyzy!
— Görýän welin, ol ýagdaý sizi geňirgendiräýýän ýaly — diýip, Sanin öz
mertebesini hem kiçeltmän dillendi. — Birinjiden-ä, mende beýle yza galak düşünje
ýok...
— Birinjiden-ä, ol ýagdaý meni asla-da geňirgendirmeýär — diýip, Mariýa
Nikolaýewna gürrüňdeşiniň gepiniň arasyny böldi. — Mende-de köne düşünje ýok.
Özümem daýhan gyzy. Düşünýäňizmi? Meni adamyň söýmekden gorkmaýandygy
hem geňirgendirýär, hem begendirýär. Siz ony söýýänsiňiz ahyryn?
— Hawa.
— Görk-görmekli maşgalamy?
Soňky sowal Saninde az-kem ýakymsyz duýgy döretdi... Oňa garamazdan, yza
gaýdylmady.
74
— Bilýäňizmi, näme, Mariýa Nikolaýewna, öňýeten adam öz söýenini başgalardan
owadan hasaplaýar. Ýöne meň gelinligim welin, dogrudanam, örän ajaýyp.
— Hakykatdanam, şeýlemi? Haýsy manyda? Italýanlaryň düşünjesi bilenmi,
antikleriňki bilenmi?
— Hawa. Ol örän owadan.
— Ýanyňyzda suraty ýokmy?
— Ýok.
(Ol mahallar fotografiýa diýilýän zat bilinmeýärdi. Dagerrotipler ýaňy ýaýrap
başlapdy. — Ýazaryň belligi).
— Gelinligiň ady näme?
— Ady Jemma.
— Siziňki näme?
— Dimitriý.
— Ata tarapdan?
— Pawlowiç.
— Bilýäňizmi, näme — diýip, Mariýa Nikolaýewna gep ugruna öňküleri ýaly
haýallyk bilen aýdyp goýberdi. — Size synym oturýar, Dimitriý Pawlowiç, Siz gowy
adamsyňyz. Hany, maňa eliňizi beriň. Ýakyndan tanşalyň!
Ol owadan, ak, güýçli barmaklary bilen Saniniň elini mäkäm gysdy. Onuň eli
Saniniňkiden juda kiçidi, emma has gyzgyndy, tekizdi, ýumşakdy.
— Ýöne meniň kelläme nähili pikir gelýändigini bilýäňizmi?
— Nähili pikir?
— Gaty görmersiňizmi? Hä? Siz oňa öz gelinligim diýýäňiz. Beýle agyr ädimi ätmek
eýsem... eýsem, hökman gerekmidi?
Sanin ýüzüni çytdy.
— Men size düşünmeýärin, Mariýa Nikolaýewna.
Mariýa Nikolaýewna ýuwaşja güldi-de, kellesini silkip, ýaňagyna dökülen saçyny
ýokaryk galdyrdy.
— Dogrudanam, bu ajaýyp ýigit! — diýip, Mariýa Nikolaýewna pikire çümen ýa-da
aljyraňňy ýaly halda gepledi. — Gaýduwsyz! Mundan soň arzuwçyl adamlar indi ýok
diýýänleriň gepine ynanyp bilseň ynan-da!
Mariýa Nikolaýewna başdan-aýak diňe rusça, geň galaýmaly, arassa rusça, dworýan
kakuwynda-da däl, Moskwanyň halk dilinde gepledi.
— Siz, megerem, öýde, köne garaýyşly, hudaýhon maşgalada terbiýe alan bolsaňyz
gerek? — diýip, ol sowal berdi. — Özüňiz haýsy guberniýadan?
— Tula guberniýasyndan.
— Onda-ha ikimiz bir «paýtundan» bolýas. Meň kakam... Kakamyň kim bolanyny siz
bilýäňiz ahyryn.
— Hawa, habarly.
— Ol Tulada doglan. Tulaly. Ýeri, bolýa... (Mariýa Nikolaýewna soňky sözüni ýörite
meşşanlaryň şiwesinde; «bolýa-a» görnüşinde aýtdy). Hany, indi esasy meselä
geçeliň.
— Düşünmedim... Meselägeçmek diýip nämäni göz öňünde tutýarsyňyz?
Mariýa Nikolaýewna gözlerini süzdi.
75
— Siz bu ýere näme maksat bilen geldiňiz? (Ol gözlerini süzen mahaly garaýşy örän
mylaýymlaşardy hem onda az-kem kinaýa duýulardy. Gaýtadan öňki ululygynda
açylanda bolsa zenan gözleriniň mähirsiz şöhlesinde düýrükdiriji howp peýda
bolardy. Onuň gözlerine aralary ýakyn, gür, samyr reňk gara gaşlary aýratyn
owadanlyk goşýardy). — Siz mülküňizi satyn almagymy isleýäňizmi? Size
nikalaşmak üçin harajat gerek-dä? Şeýle dälmi?
— Hawa.
— Känmi?
— Başda-ha birki müň frank bilen oňmaly bolar. Siziň adamyňyz meniň mülkümden
habardar. Öňürti siz şoň bilen maslahatlaşaýyň. Nyrhynam birneme arzanrak keserindä.
Mariýa Nikolaýewna kellesini saga-sola aýlady.
— Birinjiden-ä — diýip, ol sözüne dyngy berip, barmaklarynyň ujuny Saniniň ýeňine
urup gepledi. — Diňe öz üst-başyma gerek maýda-çüýde zatlar bolaýmasa, ärim bilen
maslahatlaşmak endigim ýok. Şol ownuk-uşak zatlardan welin, oň başy çykýar.
Ikinjiden bolsa, siz bahasyny arzan kesmek diýen sözi näme üçin diliňize alýaňyz?
Men siziň çynyňyz bilen söýgä berlip, her hili ylalaşyga gitmäge, öz bähbidiňizi pida
etmäge taýyndygyňyzdan peýda aramak islämok. Men sizden hiç hili sadaka alman.
Nädip alaýyn? Serpaý ýapylmaga mynasyp halyňyza... nähili oňadrak edip
aýtsamkam... parasatly duýgudaşlyga derekmi, nämemi... men sizi towuk üten ýaly
ütmelimi? Mende beýle edähet ýok. Adamlara rehimdarlyk etmeýän wagtlarymam
bolýar, ýöne ony-da beýle ýol bilen etmeýärin.
Sanin öz üstünden gülünýändigine-de, çyn bilen gepleşilýändigine-de düşünip
bilmedi. Ol diňe: «Sen ýalynyň atymyna golaýlaýmaly däl-ow!» diýip oýlandy.
Üstüne rus semewary, çaý üçin gap-gaçlar, gaýmak, kakadylan çörek bölejikleri
goýlan mejimäni alyp hyzmatkär peýda boldy. Ol getiren zatlarynyň hemmesini öý
eýesi bilen myhmanyň arasynda goýdy-da, çykyp gitdi.
Mariýa Nikolaýewna Sanine bir bulgur çaý guýdy. Ol maýda-çüýde zatlar tutulýan
gural bar hem bolsa, myhmanyň çaýyna eli bilen gant atdy-da:
— Keşdiňiz çekmän durmaz-a? — diýip sorady.
— Aýdýanyňyz näme!.. Şeýle ajaýyp barmaklardan...
Ol pikirini aýdyp gutarmanka, tas owurtlan çaýyna düwnüpdi, garşysynda oturan
zenan bolsa oňa üns bilen seretdi.
— Meniň mülküme pesräk nyrh goýjak diýýänime häzir siziň öz watanymyzda
däldigiňiz sebäp boldy — diýip, Sanin içki duýgusyny beýan etmäge başlady. —
Daşary ýurtdadygyňyz üçin ýanyňyzda maýda-çüýde haryda niýetlenenden zyýat pul
hem bardyr öýtmeýärin. Onsoňam şeýle ýagdaýda aluw-satuw etmegem adaty iş
bolmazmyka diýýän. Şony-da men unutmaly däl.
Sanin bulaşýardy, ýalňyşýardy. Mariýa Nikolaýewna bolsa, usullyk bilen kürsiniň
arkasyna ýaplanyp, elini eliniň üstünde goýup, Sanine öňki gyzyklanmasy hem açyk
nazary bilen garap otyrdy.
Sanin ahyr geplemesini goýdy.
Öý eýesi onuň geplemegine goltgy berýän ýaly:
— Zeleli ýok, aýdyberiň, aýdyberiň! — diýdi. — Men diňleýän. Sizi diňlemekden
men lezzet alýan, gepläberiň.
76
Sanin öz mülküniň nähilidigini, näçe desýatin (desýatin — bir gektardan sähel
gowrak) ýeriniň bardygyny onuň näçe möçberdäkisiniň ekin ekmäge amatlydygyny,
nähili bähbit görüp boljakdygyny aýdyşdyrdy, owadan meýdanda ýerleşýändigine
çenli belledi. Mariýa Nikolaýewna bolsa oňa şo-ol seredip otyrdy, seredişiniň bolsa
gitdikçe dykgatlylygy artýardy, bakyşy barha nurlanýardy, dodaklary ýylgyrmasa-da,
çalaja hereket edýärdi, dişleri aşaky dodagyň üstünden basýardy. Sanin ahyr özüni,
birhili, oňaýsyz halda duýdy, şonuň üçinem ikinji gezek dymdy.
— Dimitriý Pawlowiç! — diýen Mariýa Nikolaýewna oýlandy-da, ýene aýdanyny
gaýtalady. — Dimitriý Pawlowiç, siziň mülküňizi satyn almak meň üçin bähbitli
geleşik, söwdamyzyň ylalaşykly çözüljekdigine ynanýan. Ýöne siz maňa iki gün,
hawa, iki gün puryja bermeli bolarsyňyz. Siz gelinligiňizden iki gün dagy aýra düşüp
bilersiňiz ahyryn? Özüňiz galmak islemeseňiz, erkiňiziň garşysyna gidip, men sizi şol
iki günden zyýat saklaman, anyk söz berýän. Ýöne size häzir bäş-alty müň frank
gerek bolsa, men ony uly höwes bilen karz berip bilerin. Soň hasaplaşylar ýörler-dä.
Sanin ýerinden turdy.
— Men asla tanamaýan adamyňyza-da güler ýüz bilen, hoşamaýlyk bilen ýardam
etmägä taýýardygyňyz üçinem size minnetdar bolmalydyryn, Mariýa Nikolaýewna...
Ýöne eger şeýtmegiň juda zeruryýetligi bar bolsa, men öz mülkli meselämiň
çözülmegine garaşmagy zerur hasaplardym hem bu ýerde iki gün galardym.
— Hawa; şol şert meň üçin oňaýly bolýar, Dimitriý Pawlowiç. Size bu ýerde galmak
örän agyr düşermikä? Gaty kyn bolarmyka, ä?
— Men öz gelinligimi söýýän, Mariýa Nikolaýewna, aýralyk maňa ýeňil düşmez.
— Ah, siz nähili ajaýyp adam! — Mariýa Nikolaýewna uludan dem aldy. — Sizi
onçakly heläk etmejegime wada berýän. Siz eýýäm gidip barýaňyzmy?
— Wagtam bir çene bardy-da.
— Ýol ýadawlygyny çykarmak üçin, adamym bilen kart oýnamakdan soň dynç
alarsyňyz. Siz Ippolit Sidorowiçiň, ýagny meniň adamymyň gaty ýakyn
dostumysyňyz?
— Ikimiz bir pansionda terbiýelendik.
— Ol şol mahallaram şu wagtkysy ýalymydy?
— O nähili şu mahalky ýaly?
Mariýa Nikolaýewna birden güldi, ýüzüniň ähli ýeri gyzaryp gidýänçä güldi,
ýaglygyny dodagyna ýetirdi, kürsüden turdy-da, argyn adam ýaly yranyp, Saniniň
ýanyna bardy, elini uzatdy.
Ör turan Sanin baş atyp, tagzym etdi-de, gapa tarap ýöneldi.
— Ertir irgözinden geleweriň! — diýip, Mariýa Nikolaýewna onuň yzyndan gygyrdy.
Sanin otagdan çykyp barýarka, yzyna gaňrylyp, zenanyň ýene kürsä geçip iki elini
hem ýeňsesine goýup oturanyny gördi. Köýneginiň giň ýeňleri hem egnine çenli
diýen ýaly syrygypdyr. Onuň elleriniň ýatyşynyň, asyl tutuş bedeniniň ajaýyplygyny
boýun almazlyk mümkin däldi.
ХХХVI
Gije ýarymdan agansoňam, Saniniň otagynyň çyrasy ýanyp durdy. Ol stol başynda
oturyp, «öz Jemmasyna» hat ýazýardy. Oňa ähli zady beýan etdi; är-aýal
77
Polozowlaryň kimdikleri bilen tanyşdyrdy, hatyň esasy manysy hem şahsy duýga
syrykdy, ahyry hem duşuşyk wagty bellendi: ýene üç günden!!! (Özi-de üç sany
ýüzlenme belgisi bilen). Ertesi irden haty poçta elten Sanin Kurgauzanyň eýýäm saz
sesi gelip ugran bagyna gezim etmäge gitdi. Bagda entek adam kän däldi. Ol
aşagynda orkestr ýerleşýän bassyrmanyň öňünde aýak çekdi, «Iblis-Robertden» belli
heňleri diňledi, kofe içensoňam gapdaldaky çolarak seýilgähe baryp, uzyn oturgyçda
oturdy-da, oýa batdy.
Saýawanyň tutaýy onuň egnine mazaly agram saldy. Sanin tisginip gitdi... Onuň
öňünde ýuka, ýaşylymtyl boz köýnekli, týuldan edilen ak başgaply, şwed ellikli, reňki
gülgün öwüsýän, tomus ertiriniň säheri ýaly tämiz, ýöne aladasyz-ünjüsiz ukynyň
beren entek öçmedik şatlykly lezzeti hereketinde-de, nazarynda-da duýulýan Mariýa
Nikolaýewna durdy.
— Salam, Dimitriý Pawlowiç! — diýip, zenan öňürti dillendi. — Men irden
yzyňyzdan adam iberdim welin, siz eýýäm giden ekeniňiz. Men hut ýaňyja ikinji
bulgur suwumy içdim. Bilýäňizmi, näme, meni bu ýerde, näme üçindiginem Hudaý
bilýändir welin, şol suwy içmäge mejbur edýäler... ýa keselläp ýörmükäm? Indem
tutuş bir sagatlap gezmeli. Maňa ýoldaş bolmak isläňzokmy? Soňam kofe içeris.
— Men ertirlik kofämi içip geldim — diýip, ýerinden turan Sanin dillendi. — Ýöne
size welin, höwes bilen ýoldaş bolardym.
— Hany, onda maňa eliňizi beriň-dä... Gorkmaň: bu ýerde gelinligiňiz ýok — ol sizi
görmez.
Sanin ýylgyrmaga mejbur boldy. Her gezek Mariýa Nikolaýewna Jemmany ýatlanda,
Saninde, birhili, ýakymsyz duýgy döreýärdi. Oňa garamazdan, häzirem ol hem
howlugyp, hem tabynlyk bilen baş egdi... Mariýa Nikolaýewnanyň eli ýuwaşlyk bilen
uzady-da, taýýan ýaly bolup, onuň eliniň üstünde saklandy.
— Ine, şu tarapa gideliň — diýip, açyk saýawanyny arkasyna taşlan Mariýa
Nikolaýewna Sanine ýüzlendi. — Bu seýilbaga men öz öýüm ýaly belet bolup
gitdim. Sizi iň owadan ýerlere aýlaýyn. Bilýäňizmi, näme, (şu iki sözi ol örän kän
gaýtalaýardy) häzir biz şol edilmeli söwda barada gürrüňe dolanmalyň, ol hakda
nahardan soň gutarnykly gepleşeris. Indi men sizi ýakyndan tanarym ýaly, kim bilen
iş salyşýanymy bilerim ýaly, özüňiz hakda aýtmaly bolarsyňyz. Onuň yzyndanam,
isleseňiz size özüm hakda gürrüň bereýin. Bolýamy?
— Ýöne Mariýa Nikolaýewna, men hakda näme gyzykly zat...
— Duruň, duruň! Siz maňa başgaça düşündiňiz. Men siz bilen näz-kereşme edişmek
islämok. — Mariýa Nikolaýewna eginlerini gysdy. — Gadymy ýadygärlik ýaly
ajaýyp gelinligi bar ýigit bilen men näz-kereşme edişmelimişimmi?! Siz satyjy, men
alyjy. Men siziň harydyňyzyň niçiksidigini bilmek isleýän. Hany, onuň nähilidigini
görkeziň. Men diňe näme alýanymy däl, «nämäni» kimden alýanymy hem bilmek
isleýän. Ol meniň kakamyň endigidi. Hany, başlaň!.. Çagalykdan bolmasa-da... Siz
kän wagt bäri daşary ýurtdamysyňyz? Şu mahala çenli nirelerde bolduňyz? Özüňizem
haýalrak ýöräň, gyssanýan ýeriňiz ýok.
— Men bu ýere Italiýadan geldim. O ýerde-de birnäçe aý boldum.
— Görýän welin, sizi Italiýa bilen bagly zatlar özüne çekäýýän ýaly. Özüňize gerek
zady garaşylmadyk ýerden tapýanyňyz geň zat. Siz çeper sungaty — suratlary
halaýaňyzmy? Ýa-da sazy ondanam gowy görýäňizmi?
78
— Men sungaty söýýän... Owadan zatlaň hemmesinem gowy görýän.
— Sazammy?
— Sazy-da halaýan.
— Ana, şony welin, men asla halamok. Maňa diňe rus aýdymlary ýaraýar, onda-da
obadakam, üstesine-de, bilýäňizmi, ýany bilen tans edilip aýdylýan aýdymlary
halaýan... Näzik maýsa bilen bezelen owadan meýdan, al-elwan güller, burnuň
tüssäniň ýeňiljek ysyny duýýar... gözellik... Men geplemeli däl, siziň gezegiňiz
ahyryn. Aýdyberiň!
Mariýa Nikolaýewna ýöräp barýardy, ýöräp barýarka-da, zol-zol Sanine seredýärdi,
boýy hem uzyn bolansoň, onuň egni Saniniň tas ýüzüniň deňine ýetýärdi..
Sanin başda kynlyk bilen, oňaýsyz gepledi, soň welin, ýüzi açylyp, hatda ýaňrabam
ugrady. Mariýa Nikolaýewna gürrüňi örän agraslyk bilen, çyny bilen diňledi.
Onsoňam özi örän açyk ýaly bolup görnensoň, başgalar hem onuň bilen özlerinden
erksiz açyk gepleşmeli bolýardylar. Onda kardinal Retsiň ýatlaýan täsin
«ugurtapyjylyk» — le terrible donde la familiarité — ukyby bardy. Sanin eden
syýahatlary hakda, Peterburgyň durmuşy hakda, öz ýaşlygy hakda gürrüň berdi...
Mariýa Nikolaýewna inçe duýguly, ýokary gatlak wekili bolanlygynda Sanin hiç
mahal onuň öňünde häzirkisi ýaly derejede asla açylmazdy. Ýöne Mariýa
Nikolaýewna özi-özüni göze dürtülip duran ýasama sypaýyçylyga takat edip
bilmeýän «hoşniýetli juwan» diýip atlandyrýardy. Ol başda Sanine özüni hut şeýle
pikirli adam edip görkezipdi. Şol bir wagtda-da, ojagaz «hoşniýetli juwan» ýaş zenan
keşbine girip, gapdalyndan pişik basyşy bilen ýöräp barşyna, oňa çalarak
ýaplanýardy, ýüzüne garaýardy.Şeýle zenanyň tutuş durkundan biziň doganymyz
bolan günäkär, özüne buýrup bilmeýän erkegiň käbirini, onda-da arassa ganlysyny
däl-de, gany gatyşyk slawýan asyllysyny saýlap-seçiji, hesretli, ýuwaş hem köýdüriji
aldawa maýyl edýän duýgy öwüsýärdi.
Sanin bilen Mariýa Nikolaýewnanyň gezelenji we gürrüňdeşligi bir sagatdanam
uzaga çekdi. Olar gezim edýän mahallary ýeke ýerde-de säginmän, seýilgähiň
tükeniksiz ýodalaryndan ýörediler, käte belentliklere çykyp baryşlaryna
töweregisynladylar, käte-de aşak, jülgä düşüp, hemme ýerde-de el-ele berişip, Gün
geçmez kölegelere siňdiler.Saniniň Jemmasy, özüniň mylaýym Jemmasy bilen hiç
mahal, şeýdip uzak wagtlap, el-ele berip gezmändigine haýpy geldi... bu ýerde bolsa
başga bir zenan erkini öz eline aldy — iş tamam!
Sanin:
— Ýadaňzokmy? — diýen sowalyny telim gezek gaýtalady.
— Men hiç mahal ýadamaýaryn — diýen jogap hem şonça gezek ýaňlandy.
Seýregem bolsa, käte gezim edip ýörenler gabat gelýärdi. Olaryň hemmesi diýen ýaly
Mariýa Nikolaýewna salam berýärdiler, käbirleri bolsa ýalynjaňlyk bildirýän ýaly,
hasam aşak eglip, tagzym edýärdiler. Bezenmegi halaýandygy bildirip duran, kaşaň
geýnen, gara saçly örän görmegeý bir adama Mariýa Nikolaýewna, ara uzagrak
bolsa-da, gowy pariž şiwesinde: «Comte, vous sawez, il he faut pas venir me voir —
ni aujourd’hui, ni demain20»— diýip gygyrdy. Graf diýilýän başgabyny çykardy-da,
söz diýmän, tagzym etdi.
20
«Bilýäňizmi, graf, şu günem, ertirem meniň ýanyma barmak bolýan däldir».
79
— Kim ol? — diýip, Sanin ruslaryň hemmesine mahsus bolan gelşiksiz
«bilesigelijilik» etdi.
— Olmy? Bir tanyş fransuzjyk. Olaryň bu ýerde köw-söw edip ýörenleri kän. Meň
göwnümi tapjak bolýa olam. Kofe içmäge-de wagt boldy. Öýe gideliň. Siz, belkem,
ajygansyňyz. Meniň wepadarym indi gözüň açylandyr.
«Wepadarym! Gözüň açylandyr!» — diýen sözleri Sanin içinden gaýtalady...»
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Bahar bulaklary - 09
  • Parts
  • Bahar bulaklary - 01
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2214
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 02
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2142
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 03
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2157
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 04
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2140
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 05
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 1986
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 06
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 07
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2039
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 08
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2052
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 09
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2080
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 10
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2076
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 11
    Total number of words is 1747
    Total number of unique words is 1185
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.