Latin

Bahar bulaklary - 10

Total number of words is 3735
Total number of unique words is 2076
32.4 of words are in the 2000 most common words
46.8 of words are in the 5000 most common words
54.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
edemok. Birinjiden-ä, oýlanmak, birhili, keýpli bolmaga iterýär, soňam akyl
oýlanmak üçin berlipdir ahyryn. Öz edýän işlerimiň netijesi hakynda-ha özüm hiç
mahal oýlanmaýaryn, oýlanmaly bolsa welin, janymy sähelçe-de gaýgyrmaýaryn,
gaýgyrmagyň geregi hem ýok. Mende bir nakyl bar: «Cela ne tire pas à
conséquence».28— Ony rus dilinde nädip aýdyp boljagyny bilmedim. Ol gaty dogry:
tire à conséquence? Menden bu dünýede, şu toprakda hasabat-a soralmaýar, o ýerde
bolsa (ol barmagyny ýokary göterdi), bilenlerinden galmasynlar, halanlaryny etsinler.
Ol ýerde sorag edenlerinde, men başga biri bolaryn. Siz meni diňleýäňizmi? Içiňiz
gysýamy?
Eglip oturan Sanin başyny galdyrdy.
— Birjigem içim gysanok, Mariýa Nikolaýewna. Siziň aýdýanlaryňyzy gyzyklanma
bilen diňläp otyryn. Ýöne boýnuma alaýyn... siz maňa bu zatlaryň baryny näme üçin
aýdýarkaňyz diýip, öz-özüme sowal berýärin.
Mariýa Nikolaýewna az-kem gobsundy.
— Siz özüňizden soraýarsyňyz... Siz beýle aňmazak adammy? Ýa-da şeýle
sadamysyňyz?
Sanin kellesini has ýokary tutdy.
— Bu zatlaryň baryny size aýdyp berýänimiň sebäbimi? — diýip, Mariýa
Nikolaýewna gepini asudalyk bilen dowam etdi. Ýöne onuň ýüzüniň aňladýan
manysy sesiniň parahatlygy bilen bap gelmedi. — Sebäbi siz maňa gaty
ýaraýarsyňyz; hawa, geň galmaň. Bilip goýuň, men oýun edýän däldirin. Sebäbi biziň
duşuşygymyzdan soň, sizde özüm barada ýakymsyz ýatlama galmagynyň pikirini
etmek maňa agyr degerdi ýa-da hatda gowy pikiriňem maňa, barybir, hiç hili täsiri
bolmaz. Şol sebäplem sizi bu ýere alyp geldim hem ikiçäk galdym, açykdan-açygam
gürrüň edýän... Hawa, hawa, açyk gürrüň edýän. Galat zat aýtmaýaryn. Bir zady
belläň, Dimitriý Pawlowiç, men siziň başga birine göwün berendigiňizi bilýärin, oňa
öýlenmekçidigiňizi-de bilýärin... Meniň akgöwünliligime, öz peýdama
çapmaýanlygyma mynasyp baha beriň. Indi bolsa öz nobatyňyzda «Cela ne tire pas à
conséquence!», ýagny «ondan hiç hili zyýan gelmez» diýmeli pursadyňyz geldi.
Ol güldi. Ýöne gülki birden togtady, öz sözleri özüne ok bolup degen ýaly zenan
doňup galdy, adaty wagtlar gözlerinde görünýän şadyýanlyga hem doguma derek
çekinjeňligiňmi ýa-da gamgynlygyňmy alamatlaryna meňzeýän bir zatlar
uçganaklady.
«Ýylan! Bu ýylan bolmaly! — Sanin içini gepletdi. — Ýöne nähili owadan ýylan!»
— Lornetkämi29 äberiň! — diýip, Mariýa Nikolaýewna garaşylmadyk haýyş etdi. —
Şol jeune première30,dogrudanam, göz eglenmez ýaly derejede bigörkmükä? Şony
biläýsem diýýän. Eýsem, görmegeý däl aktrisany ahlakly bolmagyň aladasyny edýän
hökümet ýaşlar hetden aşmazlary ýaly ýörite belleýärmikä?
Sanin dürbini uzatdy. Mariýa Nikolaýewna çalt hereket etdi-de, emaý bilen onuň elini
iki eli bilenem tutdy.
28
«Yzynyň ideljek gümany ýok».
Ulaldyp görkezýän hem eplenýän dürbi (terjimeçiniň belligi.)
30
Başgahrymany oýnaýan aktrisa.
29
90
— Agras bolmazlyga-da ýol goýuň! — diýip, zenan ýylgyryp pyşyrdady. —
Bilýäňizmi, näme, meni zynjyrlamak-ha mümkin däl, ýöne özümem hiç kimiň
boýnundan zynjyr daňamok. Men erkinligi söýýän, tabyn bolmagy halamaýaryn. Bu
diňe özüm babatda-da däl... Indi bolsa bir tarapa süýşüň, oýun göreliň!
Mariýa Nikolaýewna dürbini sahna gönükdirdi. Sanin hem ložanyň ýarym
garaňkylygynda yz taraprakda öňe garap oturyşyna zenanyň ajaýyp bedeninden
bölünip gaýdýan ýakymly mylaýymlylykdan hem hoşboý ysdan dem alyp, özünden
erksiz dem alyp, onuň düýn uzyn günüň dowamynda, has beterem, soňky minutlarda
aýdan zatlaryny kellesinde aýlady.
XL
Oýun ýene bir sagatdanam gowrak dowam etdi, ýöne Mariýa Nikolaýewna bilen
Sanin sahna uzak seredip oturmady. Ikiçäk gürrüň ýene gyzyşdy, ol hem öňküje ýoda
düşdi, ýöne bu gezek Sanin kän dymmady. Ol özündenem, Mariýa
Nikolaýewnadanam gaty görýärdi. Ol Mariýa Nikolaýewnany nazaryýet baradaky
düşünjeler gyzyklandyryp barýan ýaly onuň «nazaryýetiň» başdan-aýak
esassyzdygyny tekrarlamagyň aladasyny etdi, jedelleşmäge başlady. Mariýa
Nikolaýewna bolsa jedeliň döremegine öz ýanyndan begendi. Sebäbi jedelleşige
giren adamyň ýa-ha özi ýan bermelidi, ýa-da ol garşydaşyny dyza çökermelidi.
Sypjyk balyk çeňňegiň ujundaky aldawaja tarap ýüzüp başlady, howsala düşüp
ugrady, ýüzi birneme açyldy. Mariýa Nikolaýewna onuň käbir aýdanlaryna garşy
gopdy, käbirlerini goldady, oýlandy, käte garşylyk görkezdi... Şol bir mahalyň
özünde-de ol ikisiniň ýüzi barha golaýlaşýardy, Saniniň gözleri indi Mariýa
Nikolaýewnanyň nazaryndan sowuljak bolmaýardy. Zenanyň gözleri ýigidiň ýüz
keşbiniň üstünde azaşana, gezim edýäne meňzeýärdi. Sanin oňa jogap hökmünde
ýylgyrýardy. Saniniň indi başga zatlara aralaşyp, mysal üçin, özara gatnaşyklar, borç,
söýginiň hem nikanyň keramatlylygy hakda pikir edip ugramagy Mariýa
Nikolaýewna üçin peýdady. Ol ýagdaý başlangyç badalga edinmekde-de, soňky
nokady goýmakda-da derwaýysdy...
Mariýa Nikolaýewnany ýakyndan tanaýan adamlar zandy güýçli, durky berk bu
zenanyň kalbynda birden näzikligiň, asyllylygyň, hatda gyz ejabyna ýakyn
utanjaňlygyň döräp bilýändigini — beýle üýtgeşme nireden peýda bolýar o-da belli
däl — ana, şonda ýagdaýyň gaty howply bolýandygyny aýdýardylar.
Sanin üçinem ýagdaý şol howply öwrüme baraýýan ýalydy. Egerýekeje pursat
pikirini jemlemegi başarsady, ol öz-özüni ýigrenerdi welin, pikirini jemlemäge-de,
özüni ýigrenmäge-de ýetişmeýärdi, netijede, öz bolşuny hem ýigrenmeýärdi.
Mariýa Nikolaýewna wagt ýitirmeýärdi. Bu zatlaryň bary-da Saniniň zenan gözi
eglenmezçe ýigit däldiginden gelip çykýardy. Ýagdaý «Nirede tapyp, nirede
ýitirjegiň bellisi ýok» diýmäge mejbur edýär.
Sahna oýny tamam boldy. Mariýa Nikolaýewna Saninden boýnuna şalyny atmagy
haýyş etdi, ýumşak ýaglyk ajaýyp eginlere dolanýança gymyldaman durdy. Soň ol
Saniniň elinden tutdy-da, otagdan çykdy, birdenem, ložanyň edil bosagasynyň daş
tarapynda düýşe giren ýaly bolup Döngofyň duranyny görüp, tas gygyrypdy. Onuň
91
ýeňsesinde hem Wisbaden tankytçysynyň nejis sypaty göründi. «Litteratanyň»
ýagjymak ýüzi ýigrenç bilen gülümsireýärdi.
— Paýtunyňyzy tapmagy maňa buýurmarsyňyzmy, hanym? — diýip, sesindäki
gazabyny oňat ýaşyryp hem bilmeýän ýaş serkerde Mariýa Nikolaýewna ýüzlendi.
Zenan:
— Ýok. Sag boluň! — diýen jogap gaýtardy. — Öz hammalym paýtuny getirer.
Galaýyň! — Buýruk beriji pyşyrdysy eşidilen zenan Sanini hem ýany bilen alyp, ol
ýerden derrew gitdi.
— Güm boluň! Näme söbügimi basyp ýörsüňiz? — diýip, gaharyny kimdenem bolsa
birinden çykarmaly Döngof birden litteratyň ýüzüne jabjyndy.
— Sehr gut! Sehr gut! — diýip samran litterat şol bada ýumlukdy.
Aşakda garaşýan hammal Mariýa Nikolaýewnanyň paýtunyny derrew gözläp tapdy.
Hanym ulaga çakganlyk bilen mündi, Sanin hem gapdalynda ornaşdy. Paýtunyň
gapysy ýapylan badyna, Mariýa Nikolaýewna uzak wagtlap, gara çyny bilen güldi.
— Siz beýle nämä gülýäňiz? — diýip, Sanin gyzyklandy.
— Meni bagyşlaň welin, eger Döngof meň üçinem siz bilen atyşmaly bolaýsa diýen
pikir kelläme geldi-de... Nähili geň zat!
— Siz onuň bilen ýakyndan tanyşmysyňyz? — diýen Sanin soraman oturyp bilmedi.
— Şoň bilenmi? Şol oglanjyk bilenmi? Ol meň üçin ýumuş oglany. Siz biynjalyk
bolmaň!
— Men asla biynjalyk bolamok.
Mariýa Nikolaýewna uludan dem aldy.
— Wah, siziň biynjalyk bolmaýandygyňyzy men bilýän-le. Ýöne gulak asyň,
bilýäňizmi, näme: siz şeýlebir mylaýym ýigit, şonuň üçinem meniň iň soňky
haýyşymy berjaý etmekden ýüz öwürmäň. Ýene üç günden men-ä Pariže gidýän,
sizem Frankfurta dolanýarsyňyz... Biz haçan duşuşarys?
— Ol haýyşmy näme?
— Siz. Elbetde, at münüp bilýänsiňiz?
— Hawa.
— Onda şeýle. Ertir irden men sizi ýanym bilen alyp gidýän. Ikimiz şäheriň daşyna
gezelenje çykarys. Atlaryňam iň gowularyny müneris. Gezelençden gelibem siziň
mülkli meseläňizi gutarnykly çözeris. Amin! Meniň bolşuma geň galmaň, ynjyklyk
hasaplamaň, akylyndan azaşyp ýörendir öýtmäň — bularyňam bolaýmagy ahmaldyr
welin. Näme çaklasaňyz çaklaň, ýöne «gitjek däl» diýmäň.
Mariýa Nikolaýewna Sanine ýüzüni öwürdi. Paýtunyň içi garaňkydy, emma şol
garaňkylykda-da zenan gözleriniň lowurdysy göründi.
Sanin uludan dem alyp jogap gaýtardy.
— Baş üstüne! Men razy.
— Ana, siz uludan dem aldyňyz!
Mariýa Nikolaýewna ony öjükdirdi. — «Başlan işiňi gutarman goýma» diýipdirler.
Ýöne ýok, ýok... Siz gowy ýigit bolanyňyz üçin... menem beren wadamda duraryn.
Ynha, meň elim, özi-de elliksiz, ýalaňaç. Üstesine-de, sag elim — işe gaýym el. Şu
eli alyň-da, onuň gysyşyna ynanyň. Men özümiň niçiksi zenandygymy bilemok, ýöne
adam hökmünde päkdirin. Iş salşaňda maňa bil baglap bolar.
92
Sanin edýän hereketi hakynda düýpli oýlanman, onuň elini dodagyna ýetirdi. Mariýa
Nikolaýewna elini yzyna alansoň, dymdy, tä paýtun saklanýança-da geplemän
oturdy.
Ol ulagdan düşüp ugranda... Bu nämäniň alamaty? Ýa-ha Saniniň göwnüne şeýle
bolup duýuldy, ýa-da hakykatdanam, ýaňagy ýiti köz basylan ýaly bolup, ýanyp gitdi.
— Ertir duşuşýançak, sag boluň! — diýip, özi geleni sebäpli, altyn suwy berlen ýaly
eşik geýnen gapy sakçysynyň üsti dört şaha şemli ullakan şemdany alyp çykmagy
bilen ýagtylan basgançaga ýeten Mariýa Nikolaýewna dillendi. Onuň nazary aşak
bakýardy. — «Ertire çenli!»
Öz otagyna dolanyp gelen Sanin stoluň üstünde Jemmadan gelen hatyň ýatandygyny
gördi. Ol ilki bir pursat gorky astyna düşdi, öz öňünde öz gorkusynyň üstüni çaltrak
basyrmak üçinem begendi. Hat bary-ýogy birnäçe setirden ybaratdy. Jemma tutulan
işiň başynyň şowunadygyna begenýändigini belläp, söýgülisine kanagatly bolmagy
maslahat berýärdi, yzyndanam öýdäkileriň hemmesiniň sag-salamatdygyny, olaryň
Saniniň dolanyp gelmegine öňünden begenip garaşýandyklaryny ýazýardy. Ol gyzyň
hatyny birneme guraksy hasap etdi, ýöne kagyz-galama welin ýapyşdy... başga
aladany taşlady. «Näme ýazmaly? Ertir özüm dolanýan. Çak boldy, çak boldy!»
Ol derrew ýorgana girdi-de, tizräk uklamagyň aladasyny etdi. Ýorgana girmän, aýak
üstünde gezip ýören bolsa, belki, ol Jemma hakda pikir ederdi, häzir welin,
söýgülisini ýatlamak, näme üçindir... utançdy. Belkem, wyždany az-kem oýanandyr.
Ol ertir bu zatlaryň hemmesiniň ömürlik soňuna çykylýandygy bilen öz-özüni
köşeşdirýärdi, ertir şol kakabaş zenan bilenem hemişelik hoşlaşyp, bu bolgusyz
zatlary hakydasyndan çykarar.
Ejiz adamlar içini gepledenlerinde güýç beriji aňlatmalary höwes bilen ulanýarlar.
Et puis... cela ne tire pas à conséquence!
XLI
Sanin ýorgana girende şeýle pikir etdi. Ýöne ertesi gamçysynyň merjen sapy bilen
gapyny sabyr-takatsyz kakyp, at münülende geýilýän garamtyl ýaşyl eşiginiň uzyn art
etegini eline alan Mariýa Nikolaýewna bosagada durdy. Onuň ýogyn örülen buýra
saçlarynyň depesinde erkek adamynyň kiçijik papagy bardy, egnine ýuka nykap mata
taşlanandy. Onuň dodaklaryny, gözlerini, özüne çekiji ýylgyryşlaryny gören pursady
Saniniň näme pikir edendigi barada welin taryh dymýar.
— Taýynmysyňyz? — diýen şadyýan ses ýaňlandy.
Penjeginiň iliklerini ildiren Sanin sesini çykarman, papagyny aldy. Mariýa
Nikolaýewna oňa ýakymly nazar aýlap baş atdy-da, basgançak bilen haýdap aşak
gitdi. Sanin hem onuň yzyndan ylgady.
Kelle süňki bildirip duran eti ýuka, gara gözleri hanasyna sygmajak bolýan, sugun
aýakly, biraz hortaň, ýöne sarç, owadan, altyn öwüsýän al reňkli tohum baýtal Mariýa
Nikolaýewna niýetlenendi. Daýaw, üsti ýaýbaň, göwresi agyr, hiç hili tegmilsiz gara
at Sanin üçindi, üçünji at hyzmatkär ýigidiňkidi. Mariýa Nikolaýewna baýtalynyň
eýerine ýeňillik bilen gondy. Haýwan aýaklaryny tapyrdadyp, duran ýerinde aýlanyp
başlady, guýrugyny jaýtardyp, sagrysyny ýygyrdy. Ýöne Mariýa Nikolaýewna jylaw
tutmaga ökde bolansoň, oňa erk etmegi başardy. Balahanada peýda bolan şol bir
93
başgaply, egni öýde geýilýän eşikli, döşi açyk Polozow bilen sagbollaşmak gerekdi.
Ol duran ýerinden elýaglygyny bulaýlaýardy, ýylgyrmaýardam, ýyrşarmaýardam,
gaýtam ýüzüni çytýardy. Sanin hem atlandy. Mariýa Nikolaýewna Polozow bilen
gamçysyny galdyryp sagbollaşdy, soňam gamçy bilen baýtalyň ýaý berip duran tekiz
boýnuna urdy, ol çarpaýa galyp, öňe atyldy-da ozal öwredilişi ýaly ýygjam ädimläp,
ähli damarlaryny titredip, demir agyzdyrygy bilen howa çeýnäp, burnuny batly
parryldadyp ýöräp ugrady. Yzdan atly gelýän Sanin Mariýa Nikolaýewnany
synlaýardy. Onuň inçemik, kemer bilen mäkäm guşalan çeýe bedeni baýtalyň
hereketi bilen sazlaşykly hereket edýärdi. Ýüzüni yza öwren zenan ýoldaşyny gözleri
bilen yşarat edip golaýyna çagyrdy. Sanin onuň bilen deňleşdi.
— Görýäňizmi, nähili oňat! Men size soňky pursat, aýralygyň öň ýanynda aýdýan:
siz ajaýyp adam, hem puşmanda galmarsyňyz.
Şol iň soňky sözler agzyndan çykansoň, aýdanyny hereket bilenem tassyklamak hem
onuň gymmatyny Saniniň duýmagyny gazanmak üçin Mariýa Nikolaýewna kellesini
aşak-ýokaryk yrady.
Onuň şeýle bagtyýar görünýändigine Sanin haýran galýardy. Hatda Mariýa
Nikolaýewnanyň ýüzünde edil çaga häsiýetlerine meňzeş şatlykly hoşallyk ýaly
duýgy döredi.
Olar golaý aralykda ýerleşýän harby çäkara çenli atlary maýdalyna sürüp, ondan
aňryk, şaýola düşülensoň, gorgunyna goýberdiler. Howa diýseň oňat, tomsuň güni
ýalydy. Garşydan öwüsýän şemal gapdalyňdan ýakymly ses bilen pessaý sykylyk
çalyp geçýärdi. Keýpiköklük, ýaş, sagat bedeniň, erkin, okgunly öňe barýan
hereketiniň duýgusy at üstündäkileriň ikisini-de gurşap alypdy. Ol duýgy pursat
geçdigi saýy güýjeýärdi.
Mariýa Nikolaýewna jylawy çekdi, ýaby ýene öz peýwagtyna ýöräp başlady. Sanin
hem ýoldaşynyň göreldesine eýermeli boldy.
— Ine, — diýip, Mariýa Nikolaýewna gepi çuň, lezzetli dem almakdan başlady. —
Ine, diňe şuň üçinem ýaşasaň bolýa! Amal etmegi mümkin däl islegiňi amal etmegi
başardyňmy, şondanam, baş üstüne, artykmajy bilen peýdalanmagy oňar. — Ol elini
kekirdegine keseligine goýdy. — Şonda adam özüni şeýle rehimdar, açyk,
adamçylykly duýýar! Ynha, häzir men nähili hoşniýetli! Älem jahany gujaklaberesim
gelýär. Ýok, tutuş älemi däl... Ana, şony welin, men gujaklamazdym. — Ol gamçysy
bilen gapdaldan peýda bolan gyşarylyp barýan, gaty çüprek geýnen gojany görkezdi.
— Ýöne men ony bagtyýar etmäge welin taýyn. Me, şuny alyň! — diýip, gaty
gygyran zenan gojanyň aýagynyň astyna pul haltajygyny zyňyp goýberdi.
Göwrümlije içi pully haltajyk (o mahallar aýallaryň göterýän gapjygy ýokdy) ýola
gütläp düşdi. Aňk bolan garyp ýolagçy aýak çekdi, Mariýa Nikolaýewna bolsa
ýabysyny öňürdigine goýberdi.
— At münmek size şeýle hoş ýakýamy? — diýip, onuň yzyndan ýeten Sanin sowal
berdi.
Mariýa Nikolaýewna ýabysyny ýene duşaklanan ýaly edip, sakga saklady. Zenan ony
başga hili edip duruzmaýardy.
— Men ýaňky garybyň minnetdarlygyndan gaçmak üçin ýaba gamçy çalypdym.
Eden ýagşylygym üçin minnetdarlyk bildirilse, alýan lezzetim bozulýar. Sebäbi ol
ýagşylygy ýagşylyk edýänim üçin däl-de, özüm üçin edýän ahyryn. Özüme ýagşylyk
94
bolsun diýip edýän işim üçin maňa minnetdar bolmaga oň nä haky barmyş! Siziň
näme soranyňyzy men eşitmändirin...
— Men neme diýip soradym... men şu gün keýpiňiziň şeýle gowudygynyň sebäbini
bilmek isledim.
— Bilýäňizmi, näme... — Ol ýa-ha Saniniň sowalyny eşitmedi, ýa-da oňa jogap
gaýtarmak gerek hem däl hasaplady. — Yzymyzdan sokulyp gelýän hammal meni
halys irizdi. Özi-de ol: «Bular haçan öýe dolanarkalar?» diýen sowalyň jogabyndan
gaýry zadyň pikirini etmeýän bolsa gerek. Şondan nädip sypyp bolarka? — Ol
jübüsinden çaltlyk bilen ýazgy depderjigini çykardy. — Oňa şähere hat äkitmegi
buýurmalymy? Ýok, ol-a bolmaz. He! Bu başga gep. Öňden görünýän näme?
Garbanyşhana dälmi?
Sanin onuň görkezýän tarapyna seretdi.
— Hawa, garbanyşhana ýaly.
— Garbanyşhana bolsa gowy-da. Men oňa tä biz dolanyp gelýänçäk, şol ýerde arpa
suwuny iç-de, otur diýip buýruk bererin.
— Ol birhili pikir etmezmi?
— Onuň nähili pikir edeniniň bize näme dahyly bar! Aslynda-ha, ol hiç zadyň, arpa
suwundan başga hiç zadyň pikirini hem etmez. Hany, Sanin (ol ilkinji gezek onuň
diňe familiýasyny tutdy), gorgun sür!
Garbanyşhanaň deňine barlanda, Mariýa Nikolaýewna hyzmatkär ýigidini ýanyna
çagyrdy-da, talabyny aýtdy. Asly iňlis, iňlis joşgunly hyzmatkär sesini çykarman elini
çekgesine ýetirip, tagzym etdi, münüp oturan atyndan düşdi-de, rişmesini eline aldy...
— Indi biz erkin guş mysaly! — diýip, Mariýa Nikolaýewna hoş bolup dillendi. —
Hanja uçýas — demirgazygamy, günortamy, gündogaramy, günbataramy? Men edil
wenger korolynyň täç geýdiriş dabarasyndaky ýalydyryn (ol gamçynyň ujy bilen
dünýäň dört tarapyny hem görkezdi). Hemme zat özümiziňki. Ýok, bilýäňizmi,
näme... nähili ajaýyp dag, nähili owadan tokaý. Görýäňizmi? Daga süreli, daga!
In die Berge, wo die Freiheit thront!31
Ol şaýoldan sowlup, dogrudanam, daga barýan, ýörelip torç edilmedik ýoljagaza
düşdi. Sanin hem atyny onuň yzyndan sürdi.
XLII
Ol ýoljagaz bahym ýoda öwrüldi, ahyrynda-da salmanyň kesip geçmegi bilen ýitip
gitdi. Sanin yza dolanmagy maslahat berdi welin, Mariýa Nikolaýewna unamady:
«Ýok, meň daga barasym gelýä. Guşlaň uçuşy ýaly göni sürýäs!» Ol öz ýabysyny
ýapjagazdan böküp geçmäge mejbur etdi. Sanin hem ol hereketi gaýtalamaly boldy.
Ýapjagazyň aňyrsyndan otluk düz meýdan başlanýardy. Meýdan başda gup-gurudy
welin, soň çygly boldy, ahyrynda-da mazaly batgalyk ýere öwrüldi, basan ýeriňden
suw çykýardy, çukanaklaram suwdan doludy. Mariýa Nikolaýewna ýabysyny
31
Erkinligiň döwran sürýän ýeri bolan daga!
95
bilgeşleýinden suwly çukurjyklaryň üstünden sürýärdi-de, «jak-jak» urup gülýärdi,
arasynda-da: «Hany, garagollyk edeli-le!» — diýýärdi.
— Siz «syçrantgy awlamak» diýmegiň nämedigini bilýäňizmi? — diýip, Mariýa
Nikolaýewna Saninden sorady.
Sanin:
— Bilýän — diýip jogap gaýtardy.
— Meň daýym tazy bilen aw edýärdi. — Mariýa Nikolaýewna dowam etdi. — Bahar
aýlary awa çykanda, menem kän gezek oň ýany bilen gidipdim. Duranja gudrat-da!
Ine, ikimizem şol çisňeýän ýagşyň astynda. Ýöne görýän welin, siz rus adamy
bolsaňyzam, italýan gyzyna öýlenmek isleýärsiňiz. Ýeri bolýa-da, ol siziň
gaýgyňyz... Bu näme? Ýene garym barmy?.. Hop!
Ýaby ýapdan towsup geçende, Mariýa Nikolaýewnanyň başgaby ýere gaçyp, togar
saçlary eginleriniň üstüne döküldi. Sanin atdan düşüp, başgaby almakçy bolanda,
Mariýa Nikolaýewna: «Azara galmaň, özüm alaryn!» diýip gygyrdy. Ol eýer gaşynda
oturan ýerinden aşak eglip, elindäki taýajygynyň sapyny ýukajyk mata işligine ildirip,
başgaby ýokaryk göterdi-de, kellesine geýdi, ýöne saçlaryny welin ýygnaşdyrman,
gykuwlap, ýabysyna gamçy urdy. Sanin hem yza galmady, onuň bilen bile
joýalardan, päsgelçiliklerden, suwly çukurlardan geçdi. Onuň aty süssenekleýärdi,
ýene galýardy, şeýdip, daga tarap eňip barýardy. Sanin şol ýagdaýda-da Mariýa
Nikolaýewnanyň ýüzünden gözüni aýyrmaýardy. Ol nähili ýüzdi? Ol ýüz açyk aýdyň
ýalydy: ýagty, teşnewi, jylawsyz erkin nazarlar, dodaklar... burnunyň giňän deşikleri
nebsewürlik bilen dem alýar, ol gözler göni öňe seredýärler, ol gözler dikanlap
seredýärler, şol gözleriň görýän zatlarynyň hemmesine: ýere, asmana, Güne, hatda
howa-da ol zenanyň özi eýelik etmek isleýär, ol diňe bir zada — howpuň az gabat
gelmeýändigine ahmyr edýär. Howp näçe bolsa-da, ol zenan ýan bermezdi. «Sanin!
— diýip, ol gygyrýar. — Bu ýagdaý edil Býurerowanyň «Lenoresindäki» ýaly
bolýar. Diňe siz öli däl diýäýmesek. Şeýle dälmi? Öli däl gerek?.. Men-ä diri!» Onuň
damarlarynda gaýduwsyz güýç joş urdy. Bu eýýäm at üstündäki aýalyň aty öňürdige
goýberişi däldi-de, at çapýan ýaş kentawr32 zenandy, ýarym wagşy, ýarym hudaýdy.
Zenanyň göçgünlilik bilen üstünde dabyrap ýörşüne, giň hem agras dem alýan sähra
haýran galýardy.
Mariýa Nikolaýewna derden ýaňa endamyna ak köpürjik çykan, üsti hapa
syçrantgydan dolan ýabysyny ahyr duruzdy. Ol janawar zenanyň aşagynda yraň
atýardy, Saniniň agyr göwreli ýaş atynyňam demi-demine ýetişmeýärdi.
— Nähili? Hezilmi? — diýip, Mariýa Nikolaýewna aýratyn bir jadyly pyşyrdy bilen
sorady.
— Jennet! — diýip, Sanin joşgunly ses bilen jogap gaýtardy. Onuňam gany damarda
at saldy.
— Tagapyl ediň, entek nämäni görýäňiz! — Ol elini uzatdy. Ellik dagy ýyrtylyp
giden eken.
— Men sizi hem daga, hem tokaýa elterin diýipdim. Ynha, size dag. — Aýdylýan
hakykatdy: ýeser atlylaryň gelip saklanan ýerinden iki ýüz ädim çemesi öňde belent
32
Kentawr — gadymy grek miflerindäki göwresiniň ýary adam, ýary at jandar (terjimeçiniň belligi.)
96
başly, tokaýa bürenen dag bardy. — Serediň, anha-da ýol. Az-kem demimizi dürsäp,
gidibereris, atlary-da indi gaty gyssamaly däl. Biraz dynç bermeli.
Olar öňe gitdiler. Elini bir gezek batly silkip, Mariýa Nikolaýewna buýra saçlaryny
arkasyna taşlap goýberdi, soňra ellerine garady-da, elliklerini çykardy.
— Elimden gaýşyň ysy geler durar. Ýa oň siz üçin parhy ýokmy? Ä?.. —Mariýa
Nikolaýewna ýylgyrdy, Sanin hem oňa, ýylgyryş bilen jogap berdi. Şu günki
göçgünli at münüşlik olary gutarnykly ýakynlaşan ýaly etdi, dostlaşyga getirdi.
— Siz näçe ýaşyňyzda? — diýip, Mariýa Nikolaýewna birden sowal berdi.
— Ýigrimi iki.
— Beýle däl bolaýmasa. Menem ýigrimi ikimde! Ömrüň gowy çagy-da. Ikimiziň
ýaşymyzy birleşdirseňem, garrylyga çenli kän wagt galýar. Howa yssy. Meň ýüzüm
gyzardymy?
— Edil haş-haşyň güli ýaly bolup gyzardy.
Mariýa Nikolaýewna ýaglygy bilen ýüzüni syldy.
— Tokaýa ýetip biläýsek... Agaçlaryň arasy salkyndyr. Köne tokaý köne dost ýaly
bolýarmyş. Siziň dost-ýaryňyz barmy?
Sanin az-kem oýlanyp jogap gaýtardy.
— Bar... ýöne kän däl. Çyn dostum ýok.
— Mende hakyky dostlar bar, emma hemmesem ýaş. Ynha, at hem dost. Ol seni
barjak ýeriňe ynjytman eltýär... Bu ýerler nähili ajaýyp! Eýsem, men birigün Pariže
gidýärmikäm?
— Dogrudanam, gidýäňizmi? — diýip, Sanin hem gepi alyp göterdi.
— Sizem Frankfurta gidýäňizmi?
— Men hökman Frankfurta barmaly.
— Nätjek-dä! Taňry ýaranyňyz bolsun! Oňa derek şu günki gün biziňki... biziňki...
biziňki!
***
Atlar tokaýyň gyrasyna baryp ýetdiler. Agaçlaryň goýy kölegesi olary ýumşak,
salkyn ýapynja bolup töwerekleýin gurşady.
— Bu ýeri jennet eken! — diýip, Mariýa Nikolaýewna dillendi. — Aňyrrak,
kölegäniň has goýy ýerine gitmeli, Sanin.
Atlar zordan yranyp, burunlaryny parryldadyp, «kölegäniň has goýy ýerine» tarap
ýörediler. Olaryň barýan ýodajygy birden gapdala öwrüldi-de, örän darajyk jülgä
eltdi. Mawumtyl gyzyl reňkli wereskanyň33, paporotnigiň, çam şepbiginiň, geçen ýyl
düşen ýapraklaryň tutuk ysy mäjum bolup, melul ediji agyrlyk döredýärdi. Ullakan
guba daşlaryň çat açan ýerlerinden arassa salkyn howa urýardy. Ýodajygyň iki
tarapyndaky ýaşyl moha bürenen tümmejikler güberlişip ýatyrdylar.
— Saklanyň! — diýip, Mariýa Nikolaýewna Sanine ýüzlendi. — Şu mahmallaň
üstünde oturyp dynç alasym gelýär. Maňa atdan düşmäge kömek ediň!
33
Wereska — gyrymsy agajyň ady.
97
Atdan towsup düşen Sanin oňa tarap atyldy. Mariýa Nikolaýewna onuň egnine
ýapyşyp derrew ýere bökdi-de, mahmal moh ýapynan tümmejikleriň biriniň üstünde
oturdy. Sanin bolsa onuň öňünde iki atyň jylawuny hem elinde saklap durdy.
Zenan oňa gözüni aýlady.
— Siz unutmagy başarýaňyzmy, Sanin?
Düýn paýtunyň üstünde bolan waka Saniniň ýadyna düşdi.
— O näme diýdigiňiz boldy... sowalmy ýa gyjalatmy?
— Men enemden dogup, hiç kime gyjalat beren däldirin. Siz jadygöýlige
ynanýaňyzmy?
— O nähili?
— Jadygöýlik-dä.. Bilýäňizmi, biziň aýdymlarymyzda-da agzalýar. Sada rus halk
aýdymlarynda.
— He-e! Ony diýýäňizmi? — Sanin sesini süýükdirdi.
— Şol hakda aýdýan. Men ynanýan, sizem ynanarsyňyz.
— Jadygöýlik... Jahanda hemme zat bolup biler. Beýle zatlara men ozal
ynanmaýardym welin, indi ynanýan. Şoň üçinem özüm-özümi tanamok.
Mariýa Nikolaýewna esli oýlanyp, oňa garady.
— Göwnüme bolmasa, bu ýerler maňa ozaldan tanyş ýaly. Hany, Sanin. Şol ýaşyl
meşe agajynyň arkasyna serediň, agaçdan ýasalan gyzyl haç barmyka ýa-da ýok?
Sanin gapdala birki ädim ätledi-de:
— Bar — diýdi.
Mariýa Nikolaýewna oýlanyp, töwerege garanjaklady.
— A, bolýa... Indi nirededigimizi bildim. Entek azaşamzok. Bu düňk-düňk näme?
Agaç çapylýamy?
Sanin bir tarapa seretdi.
— Hawa, ho ýerde bir adam gury şahalary çapyşdyryp ýör.
— Del adam bar bolsa, saçymy bir tertipleşdireýin. Birden, erbet zadyň pikirini
edäýmesinler onsoň. — Ol başgabyny aýryp, ses-üýnüni çykarman, tekepbir görnüşe
girip, uzyn saçyny örmäge başlady. Sanin bolsa öňünde oňa seredip durdy. Kä ýerine
mohuň gulpaklary ýelmeşen garamtyl begresiniň epinleriniň aňyrsyndan zenanyň
syratly bedeniniň sudurlary mese-mälim bildirip durdy.
Saniniň arka tarapynda duran atlaryň biri birden silkindi welin, onuň özi hem
özünden biygtyýar başdan-aýak titräp gitdi. Saniniň aňynda ähli zat bulaşypdy,
damarlary çekilen tar ýaly dartyldy. Onuň öz-özümi tanamok diýmesi hem ýöne ýere
däldi... Ol, dogrudanam, jadylanandy, tutuş durky bir, diňe bir pikir, diňe bir höwes
bilen gurşalandy. Mariýa Nikolaýewna oňaýiti nazaryny aýlady.
— Indi hemme zat ýerbe-ýer boldy — diýip, ol başgabyny geýdi. — Siz oturjak
dälmisiňiz? Ine, şu ýere! Ýok, garaşyň... oturmaň... Bu näme boldugy?
Agaçlaryň depesinde, tokaý howasynda güňleç sarsgyn gümmürdäp gitdi.
— Gök gübürdeýämikä?
— Dogrudanam, edil gök gürlän ýaly...
— Wiý, bu baýramçylyk, ýönekeý baýramçylyk. Bir ýetmezimiz şoldy. —
Gümmürdi ikinji gezek hem asmana göterildi-de, sarsgyn bilen aşak düşdi. — Ajap!
Örän ajap! Düýn size «Eneida» hakda aýdanym ýadyňyzdamy? Olaram tokaýda
harasada gabat gelýäler. Bolsa-da, ýola düşmeli. — Ol derrew ýerinden turdy. —
98
Meň ýabymy getiriň... Eliňizi hem maňa basgançak ediň. Hawa, şeýle. Men onçakly
agyr hem däldirin-le.
Ol ýeňil guş ýaly bolup eýere gondy. Sanin hem atlandy.
— Siz öýe gidýäňizmi? — diýip, Sanin gowşaksy ses bilen sorady.
— Öýemi? — diýip, sesini süýndüren zenan jylawy eline aldy. Soňundanam. — Meň
yzymdan sürüň! — diýip, gödegräk äheň bilen buýruk berdi.
Ol ýola düşdi, gyzyl haçyň hem gapdalyndan öwrülip, oý ýere çykdy, çatryga ýetdi,
saga sowuldy, ondanam daga tarap ýöneldi... Çaky, ol hanja tarap ýola düşenini gowy
bilýäne meňzeýärdi. Ýol barha tokaýyň jümmüşine aralaşýardy. Zenan hiç zat
diýmeýärdi, hiç zada garamaýardy, diňe hökümdar görnüşi bilen öňe barýardy.
Özündäki erk uçgunlary sönen, ýüregi doňan Sanin hem tabynlyk bilen, sesini
çykarman, onuň yzyndan sürüp otyrdy. Ýagyş şitirdäp başlady. Zenan ýabysyny
gyssady, Sanin hem ondan galmady. Ahyr hem arçalaryň garamtyl ýaşyl şahalarynyň
arasyndan, telär ýaly bolup duran gaýanyň aşagyndan pessejik gapysy örme diwara
ýelmenen pukaraja garawulhana meňzeş jaý göründi... Mariýa Nikolaýewna
ýabysyny çöp-çalamlyklary, şahalaryň arasyny böwsüp geçmäge mejbur etdi. Ol
eýerden syrylyp düşdi, birdenem garawulhananyň gapysynyň öňüne baransoň, yzyna
gaňryldy-da, Sanine «Eneý» diýip pyşyrdady.
***
Dört sagat geçenden soň, Mariýa Nikolaýewna bilen Sanin eýer gaşynda irkiljiräp
oturan hyzmatkäri hem yzlaryna tirkäp, Wisbadene geldiler. Iş dolandyryja ýazan
hatyny hem alyp çykan jenap Polozow aýalyny myhmanhananyň öňünde garşy aldy.
Oňa has üns bilen sereden jenabyň ýüzünde az-kem närazylyk alamaty döredi, hatda
ol:
— Be, jedelde utulaýdymmykam? — diýdi.
Mariýa Nikolaýewna jogaba derek diňe eginlerini gysdy.
***
Hut şol günüň özünde, iki sagat geçenden soň, Sanin öz otagynda Mariýa
Nikolaýewnanyň öňünde perişan halda, tapdan düşen adam ýaly bolup durdy...
— Nirä gitmeli etdiň? — diýip, ol Sanine sowal berdi. — Parižemi ýa Frankfurta?
— Men seň bolýan ýeriňe gidýän — tä kowýançaňam ýanyňda bolýan — diýip,
çykgynsyz ýagdaýdaky Sanin öz bendiwanynyň elleriniň üstünde başyny goýdy. Ol
çekip alan ellerini Saniniň kellesine eltdi-de, on barmagynyň onusy bilenem onuň
saçyny penjeledi, näme etse-de garşylyk görkezilmeýän zenan, saçlary howlukman
dörüşdirdi, towlaşdyrdy, özi bolsa dikeldi, dodaklarynda söweşde üstün çykan
ýylanyň dabara beslenişi ýaly görnüş döredi, giňden açyk ýagty gözleri bolsa, diňe
rehimsiz çöňňelgi, ýeňşi hem doklugy aňlatdy. Tutan awuny penjeleri bilen
parçalaýan gyrgynyň gözleri şeýle görnüşde bolýardy.
XLIII
99
Ümsüm iş otagynda köne kagyzlaryny dörüşdirip otyrka, olaryň arasyndan goýy
gyrmyzy reňkli haç tapan Dimitriý Sanin, ana, şol ýokarky beýan edilen zatlar barada
oýlandy. Biziň aýdyp beren wakalarymyz onuň aň garaýşynyň öňünden yzly-yzyna,
hakykat ýaly bolup geçip gitdi. Ýöne ol şeýle kiçelip hanym Polozowa ýalbaran
pursadyny, tekepbirligini onuň aýagynyň astyna taşlan gezegini, oňatabynçylygynyň
başlanan wagtyny ýatlanda göz öňüne gelen görnüşleri aňyndan kowdy, olary
gaýtadan ýatlamak islemedi. Gep hakydanyň ýukalmagynda, wakalaryň ýatdan
çykmagynda däldi. Şol pursatdan soň nämeleriň bolup geçeni onuň ýadyndady, gaty
oňat ýadyndady, ýöne utanjy häzirem, nijeme ýyllar geçensoňam, bogup alyp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Bahar bulaklary - 11
  • Parts
  • Bahar bulaklary - 01
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2214
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 02
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2142
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 03
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2157
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 04
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2140
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 05
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 1986
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 06
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 07
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2039
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 08
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2052
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 09
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2080
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 10
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2076
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 11
    Total number of words is 1747
    Total number of unique words is 1185
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.