Latin

Bahar bulaklary - 09

Total number of words is 3708
Total number of unique words is 2080
31.5 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Fransuz dilinde-de kössüz gepleýär... Bu nähili geň zenan!»
***
Mariýa Nikolaýewna ýalňyşman eken. Sanini hem ýanyna alyp, öýüne baran wagty
«onuň adamsy» ýa-da «pökgüjesi» hiç wagt ýadyndan çykarmaýan başgabyny hem
geýip, üsti naharly stoluň başynda otyrdy.
— Men saňa garaşyp ýadadym — diýip, ol ýüzüni turşadyp bürjeşdirdi. — Kofäni
sensiz içerin diýip otyrdym.
— Aýyby ýok, aýyby ýok — Mariýa Nikolaýewna şadyýan ses bilen jogap berdi. —
Gaty gördüňmi? Şol gowy-da: ýogsam sen doňup galarsyň. Ynha, men myhman
getirdim. Tizräk jaň edip buýur, gar ýaly ak saçagyň başyna kofe getirsinler, iň
gowusyny, özem sakson gabyna guýsunlar...
Ol saýawanyny, elliklerini taşlady-da, ellerini çarpdy. Polozow oňa gür gaşlarynyň
astyndan garady.
— Bu gün näme jylawy erkine goýberdiň-le, Mariýa Nikolaýewna? — diýip, ol
pessaý ses bilen sowal berdi.
— Ol siziň işiňiz däl, Ippolit Sidorowiç. Hyzmatkäre jaň et. Oturyň, Dimitriý
Pawlowiç. Belki, ýene kofe içersiňiz. Ah, buýruk bermek nähili hezil! Jahanda
şondan gowy keýp ýok!
— Buýruk diňlense, keýp bolar-da — diýip, Polozow hüňürdedi.
— Dogry, diňlense keýp bolar. Şonuň üçinem häzir meniň keýpim kök-dä. Hasam
seň bilen. Dogry aýdýan dälmi, pökgüje? Ana, kofe-de geldi!
Ullakan mejimäniň üstünde teatryň bildirişi hem bardy. Mariýa Nikolaýewna derrew
oňa ýapyşdy-da:
— Drama! — diýip, närazylyk bilen dillendi. — Nemes dramasy. Barybir, nemes
komediýasyndan gowurakdyr. Maňa loža — benuar ýa-da, ýok... gowusy, FremdenLoge21 petek buýruň! — diýip, ol hyzmatkäre ýüzlendi. — Eşitdiňizmi? Hökman
Fremde- Loge bolmalydyr.
— Eger Fremden-Loge onuň alyjenabyna şäher başlygy tarapyndan eýelenen bolsa
(seine Ehcellenz der Herr Stadt-Director) — diýip, hyzmatkär habar bermäge ýürek
etdi.
— Ložany maňa goýary ýaly onuň alyjenabyna on teler töläýiň.
Hyzmatkär tabynlyk bilen, ýöne keýpsiz baş atdy.
— Dimitriý Pawlowiç, siz meň bilen teatra gidersiňizmi? Nemes aktýorlary-ha
dereksizdir welin, ýöne siz gidersiňiz gerek? Hawa! Siz nähili sypaýy adam! Pökgüje,
sen gideňokmy?
21
Daşary ýurtlularyň ložasy.
80
— Buýruşyňa görä-dä. — Polozow agzyna elten kofesinden dodagyny aýyrman
gepledi.
— Bilýäňmi, näme, sen, gowusy, gitme. Oýny uklap geçirýäň ahyryn. Onsoňam
nemes dilini hem ibaly bileňok. Gowusy, sen näme et diýsene! Biziň habarymyz
hakdaky mesele bilen, ýadyňdadyr-a, iş dolandyryja jogap ýaz. Daýhanlaň
bugdaýyny üwemek barada. Men şony islämok, islämok, ýene bir gezek islämok!
Ana, şol hem saňa tutuş agşam güýmener ýaly iş bolar.
— Düşündim — diýip, Polozow baş atdy.
— Düşünen bolsaň örän oňat. Sen meň akyllyjam ahyryn! Indi bolsa, iş
dolandyryjyny ýatlan bolsak, esasy meselä geçeliň, jenaplar. Hyzmatkär stoluň
üstündäki zatlary aýrar welin, Dimitriý Pawlowiç, siz öz mülküňiz hakda, näçe nyrh
kesjekdigiňizi, bahasynyň ujundan öňünden näçe almak isleýändigiňizi, gepiň keltesi
hemme zat hakda aýdarsyňyz. («Ahyr mesele çözüljeg-ow! — diýip, Sanin içini
gepletdi. — Hudaýa şükür!») Siz eýýäm maňa käbir zatlary aýtdyňyz, ýadyma düşýär
welin, mülküňizdäki bagy gowy edip suratlandyranyňyzda «pökgüje» ýanymyzda
ýokdy, goý, ol hem eşitsin. Belki, nämedir bir zatlar samrar. Siziň öýlenmegiňize
ýardam edip biljekdigim barada oýlansamam, özümden hoşal boluberýärin. Size
ertirlik nahardan soň, meselä dolanaryn diýip söz beripdim ahyryn. Men mydama-da
beren sözümde tapylýandyryn. Hakykaty aýdýan dälmi, Ippolit Sidorowiç?
Polozow eliniň aýasy bilen maňlaýynyň derini syldy.
— Dogry zada dogry diýmeli. Siz hiç haçan adam ogluny aldan dälsiňiz.
— Hiç haçan aldan däldirin. Hiç haçan, hiç kimi aldamanam. Hany, Dimitriý
Pawlowiç, biziň senat maslahatynda aýdyşymyz ýaly, meseläni beýan ediň!
ХХХVII
Sanin meseläni beýan etmäge, ýagny öz mülküni ýaňadandan suratlandyrmaga
başlady, emma ikinji gezek ol ýeriň tebigatynyň gözelligine ýanaşmady. Ýöne ol
aýdan käbir «sanlaryny hem närselerini» tassyklajak janly şaýat hökmünde käte-käte
Polozowa seredýärdi. Ol bolsa diňe hümmüldäp başyny yralaýardy. Onuň şol hereket
bilen aýdylany goldaýanyndan ýa-da goldamaýanyndan baş alyp çykjak gümanyň
ýokdy. Dogrusy, Mariýa Nikolaýewna onuň gürrüňe goşulmagyna mätäjem däldi. Ol
täjirlik hem ýolbaşçylyk babatda özüniň şeýlebir ýokary ukybyny görkezýärdi welin,
diňe aňk bolup, agzyňy açyp oturaýmalysy galýardy. Gizlin hojalyk, hojalygyň
pynhan bolmaly syrlary onuň üçin açyk, aýan zatlardy. Şoňa görä-de berýän
sowallary mülküň ähli maýda-çüýdesine çenli baryp ýetýärdi, her sözi, her pikiri-de
nyşananyň ortarasyna göni baryp degýärdi. Sanin beýle-beýle synaga sezewar
edilmegiň öňünde durmaga taýýarlyk görmändi. Şonuň üçinem ol synag tutuş sagat
ýaryma çekdi. Sanin özüni oba ýeriniň ýowuz kazysynyň öňündäki kiçijik kürsüde
oturan günäkär ýaly duýdy: «Bu kazynyň demine düşmek bolýar!» — diýip öz
ýanyndan gussaly pyşyrdady. Mariýa Nikolaýewna bolsa başdan-aýak oýun edýän
ýaly gülümjireýärdi, bälçireýärdi. Ýöne onuň üçin Saniniň ýüki ýeňlemeýärdi.
«Synagdan» geçmegiň dowamynda eşiden «täzeden paýlama», «sürme» sözleriň-ä
Sanin näme many aňladýandyklaryna-da düşünmedi. Şol sebäpli hem ony der basyp
gitdi.
81
— Ýeri, bolýa-da! — Mariýa Nikolaýewna ahyr çözgüde geldi. — Mülküňizi indi
men siziň özüňizçe bilýän... Jan başyna näçe nyrh kesýäňiz? (Ol döwürlerde ýermülk söwdasynda nyrh şol ýerdäki bar bolan adam sanyna görä kesgitlenýärdi.
— Meniň çakyma görä, jan başyna bäş ýüz manatdan az diýmek bolmaz. — Şony
aýtmaga Saniniň zordan dili aýlandy. (Wah, Pantaleone, Pantaleone! Sen nirede?
Nirede? Şu mahal ýanymda bolan bolsaň, sen ýene «Barbari!» diýip gygyrmaly
bolardyň).
Mariýa Nikolaýewna pikire çümýän ýaly bolup ýüzüni ýokaryk tutdy.
— Ýeri, bolýa-da! — diýip ahyram dillendi. — Men ol nyrhy çökder hasap edemok.
Ýöne sizden iki gün puryja sorapdym. Meseläniň aýgytly çözülmegi üçin ertire çenli
garaşmaly bolar. Mesele oňyn çözülermikä öýdýän. Şondan soň siz öňünden näçe
talap edýändigiňizi aýdarsyňyz. — Saniniň bir zat diýjek bolanyny aňybam: — Indi
bolsa, basta così!22 — diýdi. — Ýigrenji metala kän wagtymyzy giderdik... à, demain
les affaires.23 Indi men siziň eliňizi boşadýan. (Ol bilguşagyna gysdyrylgy syrçaly
sagatjygyna seretdi). Sagat üçe çenli... Size dynç hem bermeli ahyryn. Gidiň-de,
ruletka oýnaň!
— Men göçgünli oýunlary oýnamaýaryn — diýip, Sanin jogap gaýtardy.
— Dogrudanam, oýnaňzokmy? Siz aňrybaş derejedäki kämil adam! Dile geldi — bile
geldi — menem şony oýnamok. Puly ýeliň ugruna sowurmak akmaklyk. Göçgünli
oýun oýnalýan zala baryp, oýunçylaryň ýüzlerine bir seredip görüň: gülkünçlerine,
aýylgançlaryna gabat gelersiňiz. Şol ýerde alyn saçynyň üstüne şaý dakan murtly bir
kempir bar. Barypýatan täsinlik! Şol ýere barýan biziň bir knýazymyzam ondan oňly
däl. Göwresi-hä dagyň bir bölegi ýaly, burny hem edil bürgüdiňki ýaly, oýna
başlanda, gursakçasyna bukulyp, gizlin çokunar... Žurnal okaň, gezim ediň —
nätseňiz şeýdiň... Sagat üçde bolsa, men size de pied ferme24 hökman garaşýan.
Nahary irräk edinmeli bolar. Gülkünç nemesleriň spektakly ýediniň ýarynda
başlanýar. — Ol elini uzatdy. — Sans rancune n’est-ce pas?25
— Bagyşlaň welin, Mariýa Nikolaýewna, sizden nämä göwnüm galmalymyşyn?
— Gynanym üçin. Entek nämäni görýäňiz? Beterrägem bardyr! — Mariýa
Nikolaýewna gözüni süzende al öwüsýän ýaňaklarynda adaty ýüze çykýan
çukanaklarynyň hemmesi birden peýda boldy. — Sag boluň!
Baş atan Sanin çykyp gitdi. Şol pursat yzdan peýda bolan joşgunly gülkini eşiden
myhman gapdalyndan geçip barýarka aýna garanda şeýle görnüşi synlady: Mariýa
Nikolaýewnanyň «pökgüjesiniň» başgabyny gözüniň üstüne çenli çekipdir welin,
Ippolit Sidorowiç ýüzüni açyp bilmän, urunýan ýaly bolup, ellerini kelemenledýärdi.
ХХХVIII
Öz otagyna dolanan badyna, Sanin begenip, uludan dem aldy! Çyna çyn diýmeli.
Mariýa Nikolaýewna ýöne ýere dynç almagy maslahat bermän ekeni. Kellesine hem
kalbyna baryp dolan täze tanyşlyklardan, çaknyşyklardan, gep-gürrüňlerden,
22
Gep gutardy!
Ertiremiş kän.
24
Gürrüňsiz.
25
Ozalky öýke-kinäni unudalyň. Dogry dälmi? — fr.
23
82
humarlardan, duýdansyz ýerden, garaşylmadyk ýagdaýda, özüne ýat bolan häsiýetli
zenan bilen ysnyşykdan soň, Sanin dynç almalydy, diňe dynç almalydy. Haçan bu
zatlaryň soňy gelerkä? Jemmanyň özüni söýýändigini bilen gününiň hut ertesi diýen
ýaly, Sanin onuň adaglysyna öwrüldi. Ol mukaddeslik bolýar ahyryn! Özüni
gönertlemäge hiç hili tutarygy bolmasa-da, ol päk, ajaýyp gözelden hyýalynda
müňlerçe gezek ötünç sorady, onuň beren haçyny müňlerçe gezek ogşady. Eger
Wisbadene ýörite şol mesele bilen gelip, başyny başlan işiniň bähbitli gutarjagyna
umyt baglamaýan bolsa, yzyna, Frankfurta tarap howlukmaçlyk bilen ýola düşerdi,
indi özi üçin iň yssy ojaga öwrülen jaýa girip, söýgülisiniň aýagyna ýykylardy...
Etjek zadyň ýok! Başyny başlan işiňi ahyryna ýetirmeli: geýinmeli, nahara barmaly,
nahardan soňam teatra gitmeli... Ertir beri Mariýa Nikolaýewna ony tizräk boşadaýsa
ýagşydyr.
Sanini ýene bir zat utandyrýardy, gaharlandyrýardy: ol Jemmany çuň söýgi bilen,
mähir bilen, adamçylygyna haýran galyjylygy bilen ýatlaýar, garaşylýan bile ýaşaljak
bagtly günleri göz öňüne getirýär. Oňa garamazdan, bu geň hem düşnüksiz zenan —
ol hanym Polozowa — bir ädim hem gapdala tesmän, yzyna düşüp ýör. Ýok, yzyna
düşmek däl, hut ýelmeşip ýör. — Sanin başganyň begenjine gynanýan adam ýaly
bolup pikir etdi. Sanin ol zenanyň gözüniň içindedi, görejindedi, Sanin ol gözlerden,
ol göreçlerden sypyp, gutulyp bilmeýärdi, sesini eşitmän, aýdan sözlerini ýatlaman
durup bilmeýärdi, hatda onuň eşiklerinden töwerege ýaýraýan sary leýligüliniň ysy
ýaly näzik, melul ediji, ýakymly ysy hem unutmagy başarmaýardy. Ol zenan Saniniň
başyny aýlaýardy, şeýtmek üçinem her hili ýol tapýardy. Beýle bolmak nämä gerek?
Ol näme isleýär? Eýsem, bu zatlar läliksiredilen, ahlaklylyk taýdanam meňki bolsun
diýerligi ýok baý hatynyň diňe näz-kereşmäniň lezzeti üçin tapýan oýunlarymyka?
Ýeri, ol ärsumaga näme diýjek? Edil haýwan ýaly zat. Ol öz aýalyna nähili
garaýarka? Jenap Polozowa-da, onuň aýalyna-da hiç hili dahyly bolmadyk Saniniň
kellesine beýle sowallar nireden gelýär? Tutuş durky bilen Taňrynyň güni ýaly
aýdyň, päkize birine berilýärkä-de, ol özünden el çekmeýän bu keşpden näme üçin
çürt-kesik arany açyp bilmeýärkä? Ol keşp şol mukaddeslik ýaly berlen keşbini neneň
edip böwsüp geçip bilýärkä? Diňe geçmek däl, pitjiňem atýar. Şol çalymtyl wagşy
gözler, ýaňakdaky çukanaklar, şamar saçlar... bularyň bary Sanine ýelmeşen deý.
Näme üçin ol bulary eliniň tersi bilen zyňyp, saplanyp bilmeýärkä?
Bidereklik! Bidereklik! Hutertiriň özünde bularyň hemmesi nam-nyşan galdyrman
ýitip gider. Ýöne ertir bu zenan ol ýigidi gününe goýarmyka?
Hawa... Beýle sowallaryň hemmesini Sanin öz öňünde goýup gördi, sagadyň dili
bolsa belleşilen üçe tarap süýşýärdi. Sanin gara fragyny geýip, bagda biraz gezim
edeninden soň, Polozowlara tarap ugrady.
***
Sanin Polozowlaryň myhman otagynda çakdanaşa uzyn boýly, at ýüzli, aksowult
saçy ýeňseden açylan (şol wagtlar ol entek täzelikdi), nemes ilçihanasynyň kätibine
hem... bu gudraty!.. kimdir öýdýäňiz?.. Fon Döngofa, birnäçe gün mundan ozal özi
bilen atyşan serkerdä gabat geldi! Sanin oňa edil şu ýerde sataşaryn öýdüp, eger-eger
pikir hem etmändi. Ol serkerdeden utandy, bolsa-da, başyny atdy.
83
Saniniň düşen ýagdaýyny aňan Mariýa Nikolaýewna:
— Siz tanyşmydyňyz? — diýip sorady.
— Hawa, onuň bilen ozal bir gezek görüşmek nesip edipdi — diýip, Mariýa
Nikolaýewna tarap çalarak baş egip, ýylgyran Döngof pessaý ses bilen jogabynyň
üstüni ýetirdi. — Gürrüň beripdim-ä... Siziň ildeşiňiz... rus...
— Mümkin däl! — diýip, Mariýa Nikolaýewna hem pessaý ses bilen gepledi.
Serkerdä barmagyny çommaldyp, haýbat atan boldy, derrewem onuň bilenem, uzyn
myhman bilenem hoşlaşdy. Uzyn nemes, Mariýa Nikolaýewna ölemen aşyk bolmaga
çemeli. Sebäbi her gezek oňa tarap seredende-de, agzyny açyp seredýärdi. Özünden
näme talap edilýändigine maşgalanyň dosty hökmünde ýarym sözde düşünýän
Döngof sypaýy tabynlygyny edip, tiz çykyp gitdi. Kätip myhman gitmejek bolup,
kesirlige ýüz urmak isledi welin, öý eýesi ony hiç hili höre-köşesiz ugradyp goýberdi.
— Öz ýokary mertebeli zenanyňyzyň ýanyna baryň! — diýip, Mariýa Nikolaýewna
gidende oňa ýüzlendi (şol wagtlar Wisbadende di Monako atly, «şa zenan» lakamly
azgyn aýala örän çalymdaş biri ýaşaýardy). — Size men ýaly garamaýak zenanyň
ýanynda oturmak nämä gerek?
— Bagyşlaň, hanym — diýip, bagtygara kätip özüni aklamaga çalyşdy. —Dünýäniň
ähli şa...
Barybir, Mariýa Nikolaýewna birehimdi. Kätip ýeňsesi açyk saçy bilen bile gelen
ýerini terk etmeli boldy.
Mariýa Nikolaýewna şol gün, biziň garry enelerimiziň aýdyşlary ýaly, öz
«artykmaçlygyna» mynasyp kaşaň geýnüwlidi. Egninde àla Fontanges görnüşde
tikilen ýeňli, açyk gülgün reňkli ýüpek köýnegi, her gulagynda-da ullakan göwher
gulakhalkasy bardy. Onuň gözleriniň lowurdysy hem şol göwher gulakhalkalaryň
lowurdysyndan pes däldi, ruhubelentdi, keýplidi.
Ol Sanini gapdalynda oturtdy-da, ýene birnäçe günden gidýän şäheri Pariž hakda,
özüni nemesleriň halys bizar edendikleri, olaryň akyl satanlarynda akmak
bolýandyklary, akmaklyk edenlerinde hem ýerliksiz akyllydyklary hakda gürrüň
berdi. Birdenem ol «göni ýüzüne bakyp» — àbrule pourpoint — diýlişi ýaly, ýaňy şu
ýerden giden serkerde bilen birki gün mundan ozal zenan sebäpli çaknyşygyň
çyndygyny-ýalandygyny bilmek üçin Sanine gönümel sowal berdi.
— Siz ony nireden bilýärsiňiz? — diýip, Sanin geň galyp sorady.
— Dünýäň gep-gürrüňden ýüki ýetik, Dimitriý Pawlowiç. Ýöne welin, men siziň
mamladygyňyzy, onda-da müň keren mamladygyňyzy, özüňizi hem gaýratly ýigit
hökmünde görkezendigiňizi bilýärin. Şol zenan siziň gelinligiňizmidi?
Sanin gaşlaryny çytdy...
— Ýeri, soramadygym bolsun, soramadygym eken-dä — diýip, Mariýa Nikolaýewna
gyssandy. — Sowalym göwnüňize ýakmady, meni bagyşlaň, gaty görmäň! — Eli bir
bölek gazetli Polozow goňşy otagdan çykdy. — Näme? Ýa nahar taýynmy?
— Nahary häzir äberjekler welin, «Demirgazyk balarysynda» meniň näme okanyma
bir seret... Gromoboý knýaz ýogalypdyr.
Mariýa Nikolaýewna başyny galdyrdy.
— He-e! Ýatan ýeri ýagty bolsun! Ol maňa her ýyl ýüz tutardy. — Ol Sanine
ýüzlendi. — Fewralda, meniň doglan günüme gabatlap, hemme otagymy ajaýyp ysly
84
kameliýa güli bilen bezeýärdi. Ýöne munuň üçin gyşda Peterburgda ýaşanyňa
degenok. Megerem, ol ýetmiş ýaşan bolsa gerek? — Ol adamsyna garady.
— Ýetmişe ýetipdir. Onuň jaýlanyşyny gazetler beýan edýärler. Köşk adamlarynyň
ählisi gatnaşypdyr. Şol sebäpli knýaz Kowrişkiniň ýazan goşgusynam çap edipdirler.
— Gaty gowy-da.
— Okap bereýinmi? Knýaz ony geňeşiň är kişisi diýip atlandyrýar.
— Okama. O nähili geňeşiň är kişisimiş? Ol diňe Tatýana Ýuriýewnanyň äri
bolupdy. Ýörüň, naharlanalyň! Dok başa döwlet ýagar. Eliňizi beriň, Dimitriý
Pawlowiç.
***
Nahar düýnki ýalydy, deňli-derejelidi, özi-de şüweleňli geçdi. Mariýa
Nikolaýewnada aýallara, onda-da rus aýallaryna mahsus bolmadyk gürrüňçillik
bardy. Ol gürlän mahaly gödegräk sözlerdenem sowlup geçjek bolmaýardy,
aýratynam, öz watandaş aýallarynyň üstünden düşende garadangaýtmazdy. Onuň
batyrgaý hem nyşana göni degýän ýiti sözjagazlary Sanini kän gezek gülmäge-de
mejbur edipdi. Has beterem, ol ikiýüzlüligi, boş gepi, ýalan sözlenmegi halamaýardy,
şol zatlary hemme ýerde derrew tutýardy. Ol özüniň tanymal däl gelip-çykyşy bilen
öwünýän ýalydy, ýaşlyk döwründäki garyndaşlarynyň durmuşyndan örän geň
degişmeleri-de ýatlaýardy, özüni Nataliýa Kirillowna Naryşkinaça yzagalak hasaplan
bolýardy. Sanin Mariýa Nikolaýewnanyň kän-kän deň-duşlarynyň ýörän ýoly bilen
deňeşdireniňde has köp çarşenbäni başyndan geçirendigine göz ýetirdi.
Polozowyň bolsa ähli ünsi nahardady, diňe, göräýmäge, körjümek ýaly bolsa-da,
agymtyldan sary örän görgür gözlerini kä aýalyna, käte-de Sanine tarap aýlap
goýberýärdi.
— Sen meň akyllyjam! — diýip, Mariýa Nikolaýewna adamsyna ýüzlendi. —
Frankfurta gideňde meň ähli tabşyryklarymy artykmajy bilen bitiripsiň. Şoň üçin men
seň maňlaýjygyňdan ogşardym welin, sen o zatlary küýsäbem duraňok-da.
— Küýsämok — diýen Polozow kümüş pyçagy aldy-da, ananas kesmäge başlady.
Mariýa Nikolaýewna oňa garap, barmaklary bilen stoly tykkyldatdy.
— Jedelimiz güýjünde galýarmy?
— Galýar.
— Bolýar. Ýöne welin, sen utularsyň.
Polozow eňegini öňe uzatdy.
— Bu gezek hernäçe özüňe ynam etseňem, Mariýa Nikolaýewna, meň çakyma görä,
sen utularsyň.
— Jedel näme hakda? Bilmek mümkinmi? — diýip, Sanin hem gyzyklandy.
— Ýok. Indi bilmek bolanok. — Mariýa Nikolaýewna gülüp goýberdi.
Sagat ýediniň zaňy ýaňlandy. Hyzmatkär ulagyň taýýardygyny habar berdi. Aýalyny
ugradan badyna, Polozow süýrenip yzyna geldi-de, derrew oturgyjyna çökdi.
— Iş dolandyryja hat ýazmagy unudaýmagyn! — diýip, Mariýa Nikolaýewna daşky
otagdan gygyrdy.
— Biynjalyk bolma, ýazaryn. Men tertipli adamdyryn.
85
ХХХIХ
1840-njy ýylda Wisbaden teatry jaýynyň daş görnüşi boýunça-da ibaly däldi welin,
artistleri hem sahnada sözleri ulanyşlary bilenem, ukyplarynyň ortahallygy bilenem,
ahlaksyz köneçillige ýykgyn edişleri bilenem soňky wagtlarda ähli german
teatrlarynyň kämilliginiň ýeten derejesiniň görkezijisi hasaplanýan jenap Dewriýentiň
«tanymal» ýolbaşçylygyndaky Karlsruedäki topardan saçyň tary ýaly-da gowulyga
tapawutlanmaýardy. Hyzmatkäriň «onuň alyhezreti hanym Polozowa» üçin ol ýeri
nädip eýeländigini (dogrudanam, ştat-müdiri satyn alan däldir-ä) Hudaý bilsin.
Ložanyň ýeňsesinde içinde diwan goýlan kiçeňräk otag bardy. Otaga girilmezinden
ozal, Mariýa Nikolaýewna Saninden teatr bilen ložanyň arasyna perde bolýan tutyny
galdyrmagyny haýyş etdi.
— Hiç kimiň gözüne görünmek islämok — diýip, Mariýa Nikolaýewna ýagdaýy
düşündirdi. — Göräýseler, üstüme çozarlar.
Ol Sanine hem öz ýanynda, ložanyň boş ýaly bolup görünmegi üçin arkasyny zala
öwrüp oturmagyny tabşyrdy.
Orkestr «Figaronyň öýlenişiniň» giriş sazyny çaldy, perde göterildi, oýun başlandy.
Ol bolgusyz eserleriň biri bolan sahna eserinden okumyş, emma elinden hiç zat
gelmeýän ýazarlaryň, saýlantgy sözli bolsa-da, dili jansyz, ugur-utgasyz haýsydyr bir
«düýpli» ýa-da «wajyp» taglymaty, pajygaly çaknyşyk diýilýän zady erjellik bilen
orta çykaryp,aziýa mergisi ýaly içgysgynçlyk döredýän oýundy. Mariýa Nikolaýewna
sabyrlylyk bilen, oýnuň ýaryny diňledi. Ýöne birinji oýnaş söýýäniniň özüne
dönüklik edendigini bilensoň (ol ýörite gasyn-gasyn edilen ýeňli gara üstki eşiklidi.
Ýakasy mahmala meňzeş matadan edilendi, ýany sadap ilikler bilen bezelen
gursakçaly, laklanan gaýyşdan edilen ýaşyl pantalonly hem ak zamyş elliklidi), oýnaş
iki ýumrugyny hem döşüne diräp, tirsekleriniň çiş ýaly bolup duran ýiti uçlaryny öňe
çykaryp, edil it ýaly uwlady welin, Mariýa Nikolaýewna saklanyp bilmedi.
— Iň bir ukypsyz fransuz aktýory iň bir yzagalak, ilatynyň gözýetimi çäkli şäherjikde
hem nemesleriň iň tanymal ussadyndan gowy oýnaýar — diýip, ol gaharlandy-da,
yzdaky otaga geçip oturdy. — Sizem bärik geçiň! — Mariýa Nikolaýewna Sanine
ýüzlendi-de, öz gapdalyndan orun görkezip diwany kakdy. — Beýle oýun göreniňden
lakgyldaşanyň gowy bolaýmasa...
Sanin aýdylany berjaý etdi.
Mariýa Nikolaýewna oňa seretdi.
— Görýän welin, siz ýüpek ýaly ýumşak adam bolmaly! Aýalyňyza siz bilen
ýaşamak kyn düşmez. Ol masgarabaz (artist öý mugallymynyň keşbini döredýärdi)
maňa ýaşlygymy ýatlatdy — diýip, Mariýa Nikolaýewna elindäki ýelpewajynyň
ujuny sahnada uwlap ýörene tarap öwürdi. — Menem mugallyma aşyk bolupdym.
Özem ol birinji, ýok, ikinji söýgimdi. Ilkinji sapar men Don keşişhanasynyň
hyzmatkärini söýdüm. Şol wagt on iki ýaşymdadym. Men ony diňe ýekşenbe günleri
görýärdim. Ol dindarlaryň uzyn ýapynjasynyň aşagyndan mahmal eşik geýýärdi,
üstüne odelawan atyr sepinýärdi, märekäniň arasynda eli kadilaly26 aýlanyp ýörkä,
zenanlara fransuzçalap: «pardon, ekskýuze» diýýärdi, hiç mahalam ýüzüni
26
Ybadat mahaly içinde ýakymly ysly şepbik ýakylýan gap (terjimeçiniň belligi.)
86
galdyrmaýardy, a onuň kirpikleri dagy, ine, şeýledi! — Mariýa Nikolaýewna başam
barmagynyň dyrnagy bilen külbikesiniň tutuş ýaryny ölçäp Sanine görkezdi. —
Mugallymymyň ady — monsieur Gastondy. Özi şweýsariýaly ol mugallymyň güýçli
alymdygyny hem tüýs talapkär adamdygyny men size aýtmalydyryn. Özi hem
şeýlebir dogumlydy. Sakgalsapysy gara şepbik ýaly garady, gapdalyndan garasaň
grege çalym edýärdi, dodaklary demirden guýlana meňzeýärdi. Men ondan
çekinýärdim, ömrüm boýy diňe şol adamdan eýmenipdim. Ol doganyma hojalyk
işlerinde geňeşçi hem bolýardy. Doganym soň gark boldy... Bir sygan aýal maňa-da
öz ajalyma ölmejegimi aýtdy, ýöne ol ýalan bolar. Men oňa ynanmaýaryn. Siz Ippolit
Sidorowiçi eli hanjarly göz öňüne getirip bilersiňizmi?
— Diňe hanjar däl, ölüme başga zatlaram sebäp bolup biler ahyryn...
— Hemmesi galat. Siz yryma uýýaňyzmy? Men birjik-de ynanamok o zatlara.
Bolmaly zat bolar. Öňi aldyrmaz. Monsieur Gaston biziň jaýymyzda, ikinji gatda
meň depämde ýaşady. Käte gije oýanyp, onuň aýagynyň sesini eşidýän mahallarym
hem bolýardy, ol giç ýatýardy. Şonda oňa bolan yhlasdanmy ýa-da başga bir
zatdanmy, ýüregim doňýan ýaly bolýardy. Kakam çalasowatdy, ýöne bize gowy
terbiýe bermegiň welin hötdesinden geldi. Bilýäňizmi, meň latyn dilinden başym
çykýar.
— Siz? Latyndan?
— Hawa, men. Ol dili monsieur Gaston öwretdi. Men onuň bilen «Eneidany» okap
çykdym. Içgysgynç zat welin, oňat ýerleri hem bar. Didon bilen Eneýiň tokaýa
baryşlary ýadyňyzdamy?
— Hawa, hawa, ýadymda — diýip, Sanin gyssanyp jogap gaýtardy. Onuň özi-hä
latyny bireýýäm unudypdy welin, «Eneida-da» düşünişi gaty bärden gaýdýardy.
Mariýa Nikolaýewna adaty endigine görä, oňa birneme gapdalragyndan, aşakdan
ýokaryk seretdi.
— Ol ýatlamalardan soň, siz meni alymdyr öýdäýmäň. Wah, Hudaýym, men alym-a
däl welin, hiç hili ukybymam ýok. Haty zordan ýazýan... dogrusy! Sesli okamagy
başaramok; pianino çalamok, surat çekmekden, tikin tikmekden — dynç! Meniň bar
bolşum, ine, şu ýerde görüp durşuňyz ýaly.
Ol ellerini ýazdy-da:
— Şol akmaklary (ol sahna tarap elini salgady. Şol pursat aýal aktýor hem tirseklerini
öňe uzadyp uwlaýardy) diňlemezlik üçin men size hemme zadyň gürrüňini berýän —
diýip dowam etdi. — Ikinjidenem, men size bergidar. Siz öten agşam maňa özüňiz
barada gürrüň berdiňiz...
— Siziň men hakda bilesiňiz geldi-dä.
Mariýa Nikolaýewna birden oňa tarap öwrüldi.
— Sizde meniň nähili zenandygymy bilmek höwesi oýanmadymy? — Ol ýene
diwanyň ýassygyna tirsegini goýdy. — Hawa-da, onsoňam öýlenjek bolup ýören
adamdan, çyn söýgi bilen söýýän adamdan, o söýgi üçin atyşmadanam gaýtmaýan
adamdan nämä garaşjak?.. Beýle kişi başga biri barada nädip pikir etsin!
Mariýa Nikolaýewna oýa batdy, ýöne göni hatar, süýt ýaly ak dişleri bilen
ýelpewajynyň sapyny dişlemäge başlady.
Saniniň bolsa iki gün bäri daşlaşyp bilmän ýören humary ýene kellesine dolan ýaly
boldy.
87
Mariýa Nikolaýewna ikisiniň arasyndaky gürrüň pessaý, pyşyrdy bolup eşidilýärdi, ol
hem Sanini öňküsindenem beter gyjyndyrýardy, ozalkysyndanam beter
tolgundyrýardy...
Bu ýagdaý haçan gutararka?
Saly gowşak adamlar beýle ahwalaty hiç wagt özleri gutarmaýarlar, onuň özi
soňlanaryna garaşýarlar. Sahnada kimdir biri asgyrdy. Asgyrmak oýnuň ýazary
tarapyndan esere «gülkünç pursat» ýa-da närse diýlip goşulandy, eserde şondan başga
gülkünç zat, elbetde, ýokdy, tomaşaçylar bolsa şol pursatdan kanagatlanma
tapýardylar, gülüşýärdiler.
Ol gülki Saniniň gaharyny getirýärdi.
Şeýlebir pursatlar boldy welin, Sanin şol mahallar özüniň gaharlanýandygyndanam,
begenýändigindenem, içiniň gysýandygyndanam, şatlanýandygyndanam gutarnykly
baş çykarmaýardy. Onuň şeýle ýagdaýyny Jemma bir bilsedi.
***
— Dogrudanam, bu geň — diýip, Mariýa Nikolaýewna birden dil ýardy. — Biri size
şeýle parahat ses bilen: «Meň öýlenmek meýlim bar» — diýip habar berýär, ýöne hiç
kim welin: «Meň özümi suwa taşlamak islegim bar» diýmeýär. Ýogsam şol iki
habarda näme parh bar? Dogrudanam, geň ahwalat.
Sanini çaklama gurşap aldy.
— Uly parh bar, Mariýa Nikolaýewna! Käbir adama özüni suwa taşlamak howply
hem däl — ýüzüp bilýär, ondanam başga... nikalaşmagyň geň-taňlygy hakda
oýlansak welin... gürrüňi şoňa ýazdyrjak bolsak...
Ol birden dymdy-da, dilini dişledi.
Mariýa Nikolaýewna bir elindäki ýelpewajyny beýleki eliniň aýasyna urup goýberdi.
— «Dile geldi — bile geldi» Dimitriý Pawlowiç, saklanmaň. Men siziň näme diýjek
bolýandygyňyzy bilýän. «Ony aýtjak bolsaňyz, merhemetli hanym Mariýa
Nikolaýewna Polozowa, siziň nikalaşmagyňyzdan has geň zady göz öňüne
getirmegem mümkin däl. Sebäbi men siziň adamyňyza oglanlykdan bäri gaty belet
ahyryn!» Ine, siz şuny diýmek islediňiz. Siz ýüzmegi başarýaňyz!
— Rugsat beriň... — diýip, Sanin geplemäge başlajak boldy welin:
— Eýsem, şol nädogrumy? — diýip, Mariýa Nikolaýewna erjellik bilen sowal berdi.
— Eýsem, şol hakykat dälmi? Aýdanymyň çyndygyny meniň ýüzüme seredibem
kesgitläp bolar ahyryn?
Sanin öz nazaryny nirede gizlejegini bilmedi.
— Jogaby gürrüňsiz talap edýän bolsaňyz, aýdýanyňyz hakykat — diýip, ahyr ol
ýüregini açmaly boldy.
Mariýa Nikolaýewna başyny yrady.
— Şeýle... şeýle-e... A, eýsem, siz özüňize: «Şol ýagdaý näme sebäp bilen ýüze
çykdyka?» diýen sowaly berip görmediňizmi, ýüzüp bilýän gadyrdan? Garybam däl,
akmagam däl, ýaramazam däl zenanyň beýle geň ädim ätmegine näme sebäp bolup
bildikä? Sizi beýle sowal gyzyklandyrýanam däldir welin, bolsa-da, ony size häzir
däl, arakesme gutaransoň düşündirerin. Men kimdir biri bu ýere geläýermikä öýdüp
biynjalyk bolýan...
88
Mariýa Nikolaýewna iň soňky sözüni aýdyp-aýtmanka, dogrudanam, daşky gapynyň
ýary açylyp, loža derläp duran, semizden owadan kelle sokuldy. Ol kelle entek ýaş
hem bolsa eýýäm dişsizdi, ýelmeşip duran uzyn saçly, sallanyp duran burunly,
ýarganatyňky ýaly ullakan gulakly, özüne çekiji manysyz gözleriniň üsti — pince-nez
— altyn çaýylan äýneklidi. Içerä ser salan kelle, Mariýa Nikolaýewnany görensoň,
gelşiksiz ýyrşarylyp, aşak-ýokaryk hereket etdi, damarlak boýun hem şol herekete
goşuldy...
Mariýa Nikolaýewna «gelme» diýen manyda elýaglygyny galgatdy.
— Men öýde ýok! Ich bin nicht zu Hause, Herr P...! Ich bin nicht zu Hause...
Küş! Küş!
Kelle alan jogabyny geň gördi, mejbury gülen boldy, birmahal öňünde ýalynjaňlyk
eden kompozitory Liste öýkünip, hamsygýan ýaly ses bilen: Sehr gut! Sehr gut!27—
diýip ýitip gitdi.
— Kim ol şübheli ýaly adam?
— Olmy? Ol Wisbadeniň «Litterat» gazetiniň tankytçysy ýa-da, başgaça aýtsaň,
hakynatutma hammal. Haýsy adyny tutasyň gelse tutubermeli. Ol şu jaýyň
kireýkeşiniň elinde işe güýmenýär. Şonuň üçinem onuň hemme zadyny öwmeli,
hemme zadyna haýran galmaly. Özüniňem öthaltasy ödüň iň zäherlisinden
doldurylan. Ony daşyna çykarmagy-da başaranok. Men ony gybatçydyr öýdüp hem
gorkýan. Häzir eňip gider-de, meň teatrdadygymy ile buşlar. Aý, nätse, şeýtsin!
Orkestr wals sazyny çaldy, perde ýene açyldy... Sahnada şol kelpez näz, ýene şol
ýüregedüşgünç aglamjyrama başlandy.
— Ýagşy-y! — diýen Mariýa Nikolaýewna ýene özüni diwana goýberdi. —
Gelinligiňiz bilen ýanaşyk oturmaly halyňyza, maňa gabat gelen bolsaňyz, indi meň
bilenem oturmaly bolarsyňyz... gözüňizem elek-çelek etmäň, ganyňyzam gyzdyrjak
bolmaň. Ýagdaýyňyza düşünýän, men siziň çar tarapyňyzy açyk etjekdigime ozal
wada beripdim. Indi bolsa meniň kalbymyň teýinden çykýan sözlere gulak asyň. Iň
gowy görýän zadymyň nämedigini bilmek isleýäňizmi?
— Erkinlik — diýip, Sanin derrew jogap gaýtardy.
Mariýa Nikolaýewna onuň eliniň üstünde elini goýdy.
— Hawa, Dimitriý Pawlowiç — diýen zenanyň sesi özboluşly, nähilidir bir
şübhesizlik hem möhümlik bilen ýaňlandy. — Hemme zatdan ozal esasy, wajyby
erkinlik. Ýöne siz meni şonuň bilen magtanýandyr öýdüp pikir edäýmäň. Ol
häsiýetde öwünmek üçin hiç zat ýok — diňe şol häsiýet bar. Ol mydama bolupdy,
soňky demime çenli hem bolar. Men çagalygymda gulçulygyň nämedigini göre-göre,
gelýän. Şol zerarlam azap baryny çekýän. Ahyram monsieur Gaston — öz
mugallymym meniň gözümi açdy. Bu gürrüňlerden soň, siz meniň näme sebäp bilen
Ippolit Sidorowiçe äre çykmagymyň manysyna-da, belki, düşünensiňiz? Onuň bilen
ýaşasam men — erkin, düýrmegim bilen erkin, edil howa ýaly, edil şemal ýaly erkin.
Şeýle boljagyna men toýuň öňinçäsi göz ýetirdim. Onuň bilen ýaşasam, erkin kazak
ýaly azat boljakdygyma-da ynandym.
Mariýa Nikolaýewna dymdy-da, ýelpewajyny bir gapdala taşlady.
27
Örän oňat! Örän oňat!
89
— Size ýene bir zat aýdaýyn. Men oý-pikir bilen meşgullanmakdanam gaçalak
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Bahar bulaklary - 10
  • Parts
  • Bahar bulaklary - 01
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2214
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 02
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2142
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 03
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2157
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 04
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2140
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 05
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 1986
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 06
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 07
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2039
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 08
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2052
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 09
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2080
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 10
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2076
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 11
    Total number of words is 1747
    Total number of unique words is 1185
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.