Latin

Bahar bulaklary - 05

Total number of words is 3785
Total number of unique words is 1986
33.9 of words are in the 2000 most common words
47.9 of words are in the 5000 most common words
55.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tutdy.
10
Una... due... e tre! — (Bir, iki, üç!).
39
Dartgynly ümsümlik ara düşdi. Hiç kim duran ýerindenem butnamady. Pantaleone
çalarak ah çekdi.
— Dowam etmäge buýruk berýäňizmi? — diýip, Döngof ýagdaýy bilmek isledi.
— Siz näme üçin ýokaryk atdyňyz? — diýip, Sanin gygyrdy.
— Ol siziň işiňiz däl.
— Siz ikinji gezegem ýokaryk atmakçy bolýaňyzmy? — diýip, Sanin ýene sowal
berdi.
— Belki, şeýle bolar. Ony öňünden aýdyp biljek däl.
— Bir bellik etmäge rugsat beriň, jenaplar! Garşydaşlara özara gepleşmek bolmaýar.
— diýip, fon Rihter kadanyň bozulýandygyny duýdurdy.
— Men öz atmak nobatymdan ýüz öwürýärin! — diýip, Sanin sapançasyny ýere
taşlady.
— Menem çaknyşygy dowam etdirmekçi däl — diýip, gygyran Döngof hem
sapançasyny zyňyp goýberdi. — Ondanam başga men indi özümiň üç gün mundan
ozalky pikirimiň ýalňyş ekendigini hem boýnuma alýaryn.
Ol aýagynyň astyndaky otlary basgylap, esli duransoň, elini öňe uzatdy. Sanin derrew
garşydaşyna golaý bardy-da, onuň elini gysdy. Iki ýaş ýigit birek-birege ýylgyryp
seredişdiler. Olaryň ikisiniň-de ýüzi gyzyl reňke boýaldy.
— Bravi! Bravi! — diýip, Pantaleone birden akylyndan azaşan ýaly bolup gygyrdy,
ellerini çarpdy. Ol gizlenen ýerinden çal kepderi ýaly bolup çykdy. Bir tarapda
ýykylan agajyň üstünde oturan lukman derrew ýerinden turdy-da, küýzesindäki suwy
dökdi. Soňra ol haýal-ýagallyk bilen iki tarapa çaýkanyp, tokaýyň gyrasyna tarap
ýöneldi.
— Namys astynda galmadyk. Çaknyşyk tamam boldy! — diýip, fon Rihter netijäni
yglan etdi.
— Fuori! Goltgy beriň! — diýip, Pantaleone köne endigine görä, ýene haýkyryp
goýberdi.
***
Jenap serkerdeler bilen baş egip hoşlaşylandan soň, paýtuna münen Sanin tutuş
durkunda, dogrusy, kanagatlanma bolmasa-da, çydamlylyk görkezilip geçirilen
synagdan soňky ýagdaý ýaly bir ýeňillik duýdy. Ýöne onuň kalbynda utanja meňzeş
bir duýgy hem özüniň bardygyny bildirdi. Bolup geçen ýalan, serkerde ýasamalygy,
talyplyk oýny ýaly bir zatda Sanin özüni keşbi ýerine ýetiren adam hasaplady. Ol
äwmezek lukmany hem ýatlady. Sanin özüniň Döngof bilen gol tutuşyp diýen ýaly
tokaýdan çykyp gelýärkä, lukmanyň ýylgyranyny, dogrusy, seňrigini ýygranyny göz
öňüne getirdi. Soňra hut şol lukmana tölenmeli dört onlugy Pantaleone sanap berende
içini gepletdi. «Ah! Ýakymsyz ýagdaý!»
Hawa, bolan işiň netijesi Sanine utanç, aýyp bolup täsir etdi. Ýöne, beýleki tarapdan
garasaň welin, Sanin şondan başga näme edip biljekdi? Ýaş serkerdäniň
dogumlysyran bolşuny jogapsyz goýup Klýubere meňzäýmeli däldi ahyryn. Sanin
Jemmanyň tarapyny çaldy. Sanin Jemmanyň abraýyny gorady. Dogry, ol şeýle. Ýöne,
barybir, onuň kalbyny bir zat dyrnaçaklaýan ýalydy, ol utanýardy, ol bolan ýagdaýy
hatda aýyp iş hasaplaýardy.
40
Oňa derek Pantaleone guş bolup uçýardy! Ony birden tekepbirlik gurşady. Söweş
meýdanyndan uly ýeňiş bilen dolanyp gelýän general hem eden işi üçin
Pantaleonäniň häzirki gomparyşy ýaly gabarylyp bilmezdi. Saniniň darkaş mahaly
özüni alyp barşy gojanyň kalbyny buýsanç duýgusy bilen doldurdy. Goja ony
gahryman diýip atlandyrdy, öz ýalbar-ýakaryna, töwellasyna gulak gabartmandygyna
begendi. Ol Sanini «Don-Žuandaky» komandoryň mermerden ýa-da bürünçden
ýasalan heýkeli bilen deňedi. Goja özüniň welin az-kem aljyraňňylyk duýandygyny
boýun aldy. «Men artist ahyryn. Meň gurluşym joşgunly, kalbym göçgünli, siz bolsa
garyň ogly, dagyň granit gaýasynyň ogly!»
Sanin halys göçen artisti nähili ýol bilen köşeşdirjegini bilmedi.
***
Edil iki sagat çemesi mundan ozal ýoluň ugrunda, öňki sataşan ýerinde, ýene Emil
gabat geldi. Öňki gezekkisi ýaly agaçlaryň aňyrsyndan çykan, ýüz-gözi begençden
doly oglan gaşly papagyny bulaýlap, şadyýan gygyryp, göni paýtuna tarap atylanda,
tas tigriň aşagyna düşüpdi. Ol atlaryň saklanmagyna-da garaşman, ulagyň ýapyk
gapysynyň üstünden aşyp, Sanin bilen bir göwrä öwrüldi.
— Siz dirimisiňiz? Ýara düşen ýeriňiz ýokmy? — diýip, oglan gyssanmaç sowal
berdi. — Töwellaňyza gulak asman, Frakfurta dolanmanym üçin, siz meni bagyşlaň!
Yza gaýtmaga aýagym ädilmedi. Men size şu ýerde garaşmaly etdim. Çaknyşyk
nähili geçdi? Aýdyň-da. Siz ony öldürdiňizmi?
Sanin oglany zordan köşeşdirip, ýerinde oturtdy.
Pantaleone artykmajy bilen ýaňrap, çaknyşygyň wakalaryny jikme-jikligi bilen Emile
aýdyp berdi. Ol gürrüňiniň arasynda bürünçden edilen şekili, komandoryň
ýadygärligini ýene bir gezek ýatlamagy-da, elbetde, unutmady! Hatda ýerinden turan
goja, paýtun yraň atanda, deňagramlylyk saklaman ýykylmazy ýaly, aýaklarynyň
arasyny giňden açdy, ellerini döşünde goýdy, birinemi, bir ýeremi egniniň üstaşyry
ýigrenji nazary bilen seretdi, şeýdip, ol komandor Sanini hakykata öwrüp
şekillendirdi! Käte ýa özi geplän wagty bolmasa, ýa-da tiz ýerinden turup, çaltlyk
bilenem gahryman dostuny ogşan pursady ünsüni böläýmese, Emil aýdylýan zatlary
üns bilen, sarpa goýup diňleýärdi.
Daş düşelen köçä düşen paýtun ahyr Saniniň ýaşaýan myhmanhanasynyň öňünde
saklandy.
Ol Emil bilen gojany hem ýanyna alyp, basgançak bilen ikinji gata galanda, birden
garaňky dälizde çalasyn ädim urup gelýän aýal maşgalanyň sudury göründi. Onuň
ýüzi ýuka matadan edilen nykap bilen örtülendi. Ol Saniniň öňüne gelip saklandy,
çalarak çaýkandy, sandyrap dem aldy, derrewem aşak, köçä tarap ylgap gözden
gaýyp boldy. Myhmanhana hyzmatkäriniň geň galyp habar bermegine görä, ol zenan
bir sagatdanam kän wagtdan bäri daşary ýurtly jenaba garaşypdyr. Zenan bir
pursatlyk gara berenem bolsa, Sanin onuň Jemmadygyny aňmaga ýetişdi. Ol syk
dokalan goňur ýüpek perdäniň aňyrsyndanam gyzyň gözlerini tanady.
— Eýsem, freýleýn Jemma-da bu wakalardan habarlymydy? — diýip, sözleri
süýndürip, närazy äheň bilen nemesçelän Sanin yz ýanyndan gelýän Emil bilen
Pantaleonä nazar aýlady.
41
Aljyran Emiliň ýüzi gyzardy.
— Men oňa hemme zady aýtmaga mejbur boldum — oglan gümmi-sümmi etdi. —
Ol ýagdaýy aňýandygy üçin men saklanyp bilmedim. Indi onuň aýdylanynyňaýdylmanynyň parhy ýok ahyryn? — diýip, Emil birden janlandy. — Hemme zat
oňatlyk bilen gutardy, Jemma-da siziň baş bitindigiňizi öz gözi bilen gördi.
Sanin ýüzüni sowdy.
— Siziň ikiňizem ýaňra ekeniňiz! — Bu sözleri haýpygelijilik bilen aýdan Sanin
otaga girdi-de, oturgyja geçdi.
— Gaty görmäň, haýyş edýän — diýip, Emil ýalbaryjy äheň bilen dillendi.
— Bolýa. Men gaty görmäýin. (Sanin, dogrudanam, gaty görmeýärdi. Onsoňam,
diýse-diýmese-de, onuň Jemmanyň hiç zat bilmezligini islemeginden islemezligi
ýakyndy). Ýeri, bolýa-da gujaklaşyp durmalyň. Ýagşy. Indi siz gaýdyberiň! Häzir
men ýeke özüm bolmak isleýän. Ýatjak. Ýadapdyryn.
— Ajaýyp pikir! — diýip, Pantaleone gygyrdy. — Size rahatlanmak gerek. Siz gowy
dynç almaga doly hukuk gazandyňyz, pähimli sinýore! Gideli, Emilio! Özümizem
daraklygymyza basyp, ýuwaş ýöremeli! Daraklyga basyp... Ýuwaş-ş!
Sanin ýatmakçydygyny aýtmak bilen ýoldaşlaryndan sypmak isleýärdi. Ýöne ýeke
galanyndan soň welin, ol, dogrudanam, bedeniniň ähli ýerinde ýadawlyk duýup
ugrady. Öten agşam ol uzynly gijäni gözüni ýumman geçirdi diýen ýaly, şonuň
üçinem ýassyga başyny goýan badyna uka gitdi.
ХХIII
Sanin birnäçe sagatlap oýanman ýatdy. Soňra çaknyşyk düýşüne girdi. Ýöne bu
gezek ol garşydaş hökmünde jenap Klýuber bilen duşuşýardy. Darkaş meýdanyndaky
arçanyň üstünde bir totuguş otyrdy. Ol Pantaleone bolmaly. Totuguş — Pantaleone
çüňküni silkip: «Bir-bir-bir! Bir-bir-bir!» diýip gygyrýar.
«Bir... bir... bir!» soňabaka Saniniň gulagyna has aýdyň eşidildi. Öl gözüni açdy-da,
başyny ýassykdan göterdi. Kimdir biri onuň gapysyny kakýardy.
— Giriberiň! — diýip, Sanin garjaşyk ses bilen gygyrdy.
Myhmanhananyň hyzmatkäri peýda boldy-da, bir aýal maşgalanyň ony görmegiň
örän möhümdigini habar berdi.
Saniniň kellesinde Jemma hakyndaky pikir uçganaklap gidenem bolsa, özi bilen
görüşmek isleýän aýal maşgala Jemmanyň ejesi frau Lenore bolup çykdy.
Frau Lenore gapydan giren badyna özüni oturgyja goýberdi-de, ur-tut aglamaga
başlady.
— Size näme boldy, meniň eýjejik mähriban Rozellim? — diýip, onuň gapdalyna
baryp oturan Sanin myhmanynyň elini mähir bilen sypalady. — Näme boldy? Haýyş
edýän, hany, köşeşiň!
— Wah, Herr Dimitri, men örän... gaty betbagt ekenim!
— Siz betbagtmy?
— Wah, tüýs betbagt ekenim! Beýle bolar öýtmändim. Ynha, birdenem bulutsyz
asmanda ýyldyrym çakan ýaly bolup...
Ol zordan demini dürsedi.
— Näme boldy? Düşündiriň ahyryn! Bir owurt suw bereýinmi size?
42
— Ýok. Minnetdar! — Ýaglygy bilen gözlerini süpüren frau Lenore öňküsindenem
beter aglamaga başlady. — Men hemme zatdan habarly ahyryn! Hemme zady bilýän!
— O nähili hemme zat?
— Şu gün näme bolup geçenini... Onuň sebäbini hem bilýän. Siz asylly, terbiýeli
adam hökmünde özüňizi alyp bardyňyz. Ýöne beýle betbagtlygyň ýüze çykaýşyny
diýsene! Şol Sodene gidişligiň meň maňzyma batmazlygy ýöne ýere däl eken. Ýöne
ýere däl eken. (Frau Lenore gezelenje gidilen gün-ä şu mahalky aýdýanlaryna meňzeş
zatlary asla aýtmady. Indi bolsa ol geçen wakalary öňünden duýan adam bolýar).
Ilkinji gezek bary-ýogy bäş gün mundan ozal görenem bolsam, siziň ýanyňyza asylly,
parasatly adamyň, dostumyň ýanyna geldim hasap edýän. Men ýalňyz galan dul
zenan ahyryn. Gyzym...
Gözýaş frau Lenoräniň sesini basdy. Sanin näme pikir etjegini bilmän:
— Siziň gyzyňyzmy?
— Meniň gyzym, Jemma... — öl-myžžyk bolan ýaglygynyň aňyrsyndan frau
Lenoräniň sesi ahy-nala bolup eşidildi. — Gyzym şu gün maňa jenap Klýubere
durmuşa çykmajakdygyny mälim etdi. Menem şony adaglysyna aýtmalymyşym.
Sanin yza tesip gitdi. Ol beýle-beýle habara asla garaşmandy.
— Men bu ýagdaýyň masgaraçylykdygy hakda aýdybam oturamok — diýip, frau
Lenore sözüni dowam etdi. — Gelinligiň adaglysyndan ýüz öwürmegi dünýäde hiç
mahal bolan iş däl hem diýemok. Ýöne Jemmanyň bu hereketi bizi tozgunçylyga
eltýär ahyryn, Herr Dimitri! — Frau Lenore ähli derdi-hasratyny bir ýere ýygnaýan
ýaly, ýaglygyny alada bilen epläp-epläp kiçijik ýumak ýaly etdi. — Dükanymyzyň
getirýän gazanjy bilen biz mundan beýläk ýaşap bilmeris, Herr Dimitri. Jenap
Klýuber bolsa häzirem örän baý welin, entegem baýar. Şeýle bolansoň, ondan näme
üçin ýüz öwürmeli? Öz gelinliginiň tarapyny çalmandygy üçinmi? Beýle hereket
jenap Klýuberiň abraýyna abraý goşmaýar diýeliň. Ýöne ol uniwersitet terbiýesini
almadyk adaty adam ahyryn. Ol agramly täjir bolansoň, haýsydyr bir serkerdejigiň
ýeňilkellelik bilen eden bimazalygyny ýigrenmeli ekeni. Ýöne bi iki ortada öýke-kine
edip ýörer ýaly näme barmyşyn, Herr Dimitri?
— Bagyşlaň welin, frau Lenore, siziň bolşuňyz meni ýazgarjak bolýana meňzeýär.
— Men sizi asla ýazgaramok, asla! Siz düýpden başga gürrüň. Siz her bir rus harby
adamy ýaly...
— Bagyşlaň, men asla harby adam.
— Siz daşary ýurtly, geçegçi, men size minnetdar! — Frau Lenore Saniniň gepine
gulak asman, dowam etdi. Ol hopukdy, demikdi, ellerini hereketlendirdi, eplengi
ýaglygyny gaýtadan açyp, burnuny süpürdi. Diňe hasratynyň ýüze çykyşyndan many
alsaňam, onuň demirgazyk ýurdunyň asmanynyň aşagynda dogulmandygy belli
bolýardy.
— Eger alyjylary bilen ýaka tutuşyp ýörse, jenap Klýuber dükanynda nädip işlär? Ol
pähimsizlik bolardy ahyryn. Indi hem men ondan ýüz öwürmeli! Biz onsoň nämäniň
hasabyna ýaşamaly bolarys? Ozal «gyz gaýmagy» ýa-da pisse maňzy goşulan nogul
kökäni diňe özümiz edýändigimiz sebäpli, alyjylaryň hemmesi biziň dükanymyza
gelýärdi. Indi hemme kişi şol zatlary taýýarlaýar. Özüňiz oýlanyp görüň welin,
onsuzam, siziň ikitaraplaýyn atyşygyňyz hakynda tutuş şäher gürrüň eder. Ony gizläp
saklajak gümanyň barmy? Birdenem toý bozulýar! Ol masgaraçylyk ahyryn,
43
galmagal ahyryn. Jemma gowy gyz. Ol meni diýseň gowy görýär. Ýöne hötjet
respublikaçy bolany sebäpli, başga kişiniň pikirini hasaba almaýar, öz diýenini tutýar.
Ony diňe siz yryp bilersiňiz.
Sanin öňküsindenem beter haýran galdy.
— Menmi, frau Lenore?!
— Hawa, diňe siz... Ýeke siz. Hut şonuň üçinem üstüňize geldim; men şundan gaýry
çözgüt oýlap tapyp bilmedim! Siz şeýle köp bilýän adam, şeýle gowy adam! Siz
Jemmanyň tarapyny çaldyňyz ahyryn. Ol size ynanar. Ol size hökman ynanmaly. Siz
töwekgellik edip, janyňyzy orta goýduňyz ahyryn. Siz ony ynandyryp bilersiňiz.
Meniň welin, indi elimden gelýän zat ýok. Siz oňa özünem, biziň hemmämizem agyr
güne goýjakdygyny aýdyň. Siz meniň oglumy halas etdiňiz, indi gyzyma-da
hossarlyk ediň! Sizi Hudaýyň özi bu ýere biz üçin ýollandyr. Men öňüňizde dyza
çöküp ýalbarmaga-da taýyn.
Frau Lenore Saniniň öňünde dyzyna çökjek bolýan ýaly göwresiniň ýaryny
oturgyçdan galdyrdy. Sanin ony saklady.
— Frau Lenore! Hudaýyň haky üçin, siz näme beýle...
Ol sandyraýan elleri bilen Sanine ýapyşdy.
— Söz berýäňizmi?
— Frau Lenore, özüňiz oýlanyp görüň, men nireden...
— Siz söz berýäňizmi? Siz meniň hut häziriň özünde, şu ýerde, siziň öňüňizde jan
bermegimi isläňizokmy?
Sanin özüni ýitirdi. Oňa ömründe birinji gezek gyzgyn italýan gany bilen iş salyşmak
miýesser boldy. Şonuň üçinem ol:
— Size näme bähbitli bolsa, men şony hem edeýin. Men freýleýn Jemma bilen
gepleşip göreýin — diýmäge mejbur boldy.
Kalby umyda dolan frau Lenore begenmekden ýaňa gygyryp goýberdi.
— Ýöne, gönimden gelsem, ol hereketiň nähili netije berjegini-hä bilemok — diýip,
Sanin gepiniň üstüni ýetirdi.
Frau Lenoräniň:
— Ah, boýun gaçyrmaň, boýun gaçyrmaň! — diýen sözleri naýynjar ýaňlandy. —
Siz eýýäm razylaşdyňyz. Netije gaty oňat bolar. Nähili-de bolsa, meniň şundan başga
zada umydym ýok. Jemma meň diýenimi etmez.
— Jemma jenap Klýubere durmuşa çykmajakdygynyň gutarnykly çözgütdigini size
açyk aýtdymy? — diýip, Sanin az-kem dymandan soň sorady.
— Edil çöp döwen ýaly etdi. Ol düýrmegi bilen kakasy Jiowan Battiste çeken-dä,
garadan gaýtmaz, edermen-dä.
— Edermen? Jemmamy? — diýip, Sanin sesini süýkdürip sorady.
— Hawa, hawa, ýöne ol perişde ýalydyr. Size gulak asar. Siz bararsyňyzmy? Tiz
bararsyňyzmy, gadyrdanym? Eý, meniň eziz rus gardaşym! — Frau Lenore stuldan
tüweleý bolup turşy ýaly, tüweleý bolubam öňünde oturan Saniniň kellesinden tutdy.
— Enelik patasyny kabul ediň! Maňa bir owurt suw äberiň!
Sanin oňa bir bulgur suw getirdi-de, Jemmanyň ýanyna gaty tiz barmaga wada etdi.
Ol Rozelli hanymy köçä çenli ugratdy-da, yzyna dolandy. Ol ýagdaýa geň galmakdan
ýaňa, hatda ellerini şarpyldadyp, gözlerini petretdi.
44
«Ana, indi durmuş çarhy aýlanyp başlady! — diýip, Sanin içini gepletdi. — Şeýlebir
aýlandy welin, kelläň bilen bile pyrlanýar». Ol öz içki dünýäsine ser salmaga-da
synanyşmady, şol dünýäde näme bolup geçýändigine-de düşünmek islemedi: bulambujarlyk «Nähili gün boldy! — Onuň dodaklary biygtyýar gymyldady. — Ejesi
dogumly, edermen diýýär. Menem şol dogumla maslahat bermelimi? Nähili maslahat
bermeli?!».
Saniniň diýseň başy aýlandy: kalbyny mähriban duýgulara dolduran şol ajaýyp
agşamyň täsiri, aýdylmadyk sözleriň jadylaýjy tüweleýi, şol garaňky penjiräniň
öňünde, şol üýşmek ýyldyzlaryň ýagtysynyň astynda öçmez duýgy bolup onuň aňyna
ornan Jemmanyň keşbi aýlanyp ýördi.
ХХIV
Sanin hanym Rozelliniň öýüne ynamsyz ädimler bilen golaýlady. Onuň ýüreginiň
gürsüldisi gataldy. Ol ýüreginiň öz kapasasynyň diwaryna urluşyny mese-mälim
duýýardy, hatda eşidýärdi. Ol Jemma näme diýer, näme aýdar, gürrüňi nämeden
başlar? Sanin içerik süýji-köke dükanynyň üstünden däl-de, ýeňseki eýwanjyk
tarapdan girdi. Eýwan tarapdaky kiçeňräk otagda ol frau Lenorä gabatgeldi.
Garaşýanam bolsa, Saniniň birden peýda bolmagy ony hem tisgindirdi, hem
begendirdi.
— Men size garaşdym, garaşdym — diýip, ol myhmanynyň elini iki eli bilen gysyp
durka pyşyrdap gepledi. — Jemma bagyň içinde. Baryň! Men size gaty bil
baglaýandyryn.
Sanin baga tarap gitdi.
Jemma ýodajygyň golaýyndaky uzyn oturgyçda ullakan sebetdäki üljeleriň oňat
bişenlerini saýlap gaba geçirip otyrdy. Sagat ýedi töweregi bolansoň, Günüň hem
eňegi mazaly aşak sallanypdy. Rozelli hanymyň kiçijik bagyny Günüň töwerekleýin
düşýän şöhleleri gözellige gark edipdi. Altynsow reňkiň üstüni çymgyzyl reňk
basýardy. Käte-käte aram şemala sähel gymyldaýan ýapraklar özara pyşyrdaşýan
ýaly pessaý şybyrdaşýardylar, bir gülden başgasyna gonup ýören giçki balarylary
mahal-mahal wyzzyldaşýardylar, aňyrrakda bolsa birmeňzeş äheňde irginsizlik bilen
gumry gugurdaýardy.
Jemmanyň başynda Sogdene gidilende geýen başgaby bardy. Ol başgabynyň
astyndan Sanine garady-da, ýene sebediň üstüne egildi.
Sanin her ädiminiň arasyny özünden erksiz gysgaldyp, gyza golaý bardy. Ol üljeleriň
näme üçin saýlanýandygynyň sebäbini soramakdan başga gep-söz tapmady.
Jemma wagty bilen jogap gaýtarmady.
— Bular oňat bişenleri! — diýip, ol ahyr üljeli gaba tarap elini salgady. — Mürepbe
gaýnatsaň ýa-da bally işlekli edeňde gerek bolýar. Bilýäňizmi näme, biz içi süýjüli
tegelek işlekli satýarys.
Şol sözleri aýdanyndan soň, Jemma kellesini has-da aşak egdi welin, barmagyna iki
sany ülje ýelmeşen sag eli üljeli gap bilen sebet aralykda howada saklandy.
— Ýanyňyzda oturmak mümkinmi? — diýip, Sanin sowal berdi.
— Oturyň! — diýen gyz birneme gapdala süýşdi. Onuň ýanynda ornaşan ýigidiň
kellesine «Nämeden başlamaly?» diýen sowal geldi. Jemma oňa kömege ýetişdi.
45
— Şu gün siz atyşyga gatnaşdyňyzmy? — Ol utançdan gyzaran owadan ýüzüni
derrew Sanine tarap öwürdi. Onuň gözleri minnetdarlyk şöhlesi bilen lowurdady. —
Şonda-da şeýle parahat görünýärsiňiz welin, diýmek, siz howp diýilýän zady
bilmeýärsiňiz-dä?
— Bagyşlaň welin, men hiç hili howpa sataşmadym. Hemme zat oňuna, zepersiz
bolup geçdi.
Jemma gözleriniň öňünden iki tarapa barmagyny ýöretdi... Bu-da italýanlaryň bir
däbi bolmalydy.
— Ýok, beýle däl. Meni aldap bilmersiňiz. Pantaleone bolan işleriň hemmesini aýdyp
berdi.
— Ynanjak adamyňyzy tapdyňyz! Ol meni komandoryň heýkeli bilen deňemedimi?
— Onuň aýdýanlary, belki, gülkünçdir. Ýöne onuň duýgusy welin, siziň şu günki
eden hereketiňizden tapawutlylykda gülkünç däl. O zatlaryň hemmesi men sebäpli,
meň üçin... Men ony hiç mahal unutman.
— Siz maňa ynanyň, freýleýn Jemma.
— Men muny unutman — diýip, sözleriň arasyna dyngy berip geplän gyz, ýene bir
gezek oňa siňe seretdi-de, ýüzüni sowdy.
Indi oňa gyzyň nepisden näzik, päkize ýaňagy görünýärdi... Sanin şol ýüze meňzeş
ajaýyplygy görmändigine, şu pursatdaky ýaly kalbyny heýjana getirýän duýga heniz
sataşmandygyna ynandy. Ol kalby ot alan ýaly bolup tolgundy.
«Beren wadaň hany?» Jemmanyň ejesiniň özünden eden haýyşy onuň ýadyna düşdi.
— Freýleýn Jemma... — diýip, Sanin biraz ýaýdanyp oturanyndan soň gepläp
başlady.
— Näme?
Gyz oňa tarap ýüzüni öwürmän ülje saýlamasyny dowam etdi. Ol üljäniň sapagyny
barmaklarynyň ujunda saklap, ýaprajyklaryny yhlas bilen ýokaryk galdyrýardy.
Jemmanyň «Näme?» diýen ýeke sözi şeýlebir ynançly mähire ýugrulyp ýaňlandy
welin...
— Ejeňiz... neme barada... size hiç zat aýtmadymy?
— Näme «barada»?
— Men hakda.
Jemma eline alan üljelerini birden yza, sebede taşlady.
— Ejem siz bilen gepleşdimi?
— Hawa.
— Ol size beýle näme aýtdy?
— Ol maňa... siziň... ozalky maksadyňyzy garaşylmadyk ýerden... üýtgedendigiňizi
aýtdy.
Jemma ýene başyny aşak saldy. Onuň kellesi gelşikli zenan başgabynyň aňyrsynda
gizlendi welin, näzik baldakly ullakan güle meňzäp, diňe boýny göründi.
— O nähili maksatmyş?
— Siziň maksadyňyz. Durmuş gurmagyňyza degişli...
— Ýagny siz ony jenap Klýuber bilen baglanyşdyryp aýdýarsyňyz-da? Şeýlemi?
— Hawa.
— Ejem size meniň jenap Klýubere aýal bolmak islemeýändigimi aýtdymy?
— Hawa, şony aýtdy.
46
Jemma oturan ýerinden gobsundy welin, gyşaran sebet ýere gaçdy, birki sany ülje
hem ýodajygyň üstüne togalanyp gitdi. Aradan birki minut geçdi...
Gyzyň:
— Ejem ony size näme üçin aýtdy? — diýen sowaly ýaňlandy.
Sanine henizem Jemmanyň diňe boýny görünýärdi. Onuň döşi öňkülerinden has çalt
hereket bilen aşak ýokaryk galyp düşýärdi.
— Näme üçin diýip soraýaňyzmy? Ikimiz az salym gatnaşanam bolsak, ejeňiz meni
siziň ynamyňyza giren hasaplap, bähbitli maslahatyma gulak asarsyňyz öýdýär.
Jemmanyň eli ýuwaşjadan dyzynyň üstüne baryp saklandy. Ol köýneginiň
ýygyrtlaryny sypaşdyrdy.
— Siz maňa nähili maslahat bermekçi bolýaňyz, monsieur Dimitri? — diýip, gyz az
salym dymandan soň sowal berdi.
Sanin onuň barmaklarynyň sandyraýandygyny gördi... Ol köýneginiň ýygyrtlaryny
elleşdirmek bilen, barmaklarynyň sandyraýandygyny gizlejek bolýardy. Gyzyň
sandyraýan hem reňki öçen barmaklarynyň üstünde Sanin öz elini goýdy.
— Jemma, siz näme üçin maňa tarap seretmeýärsiňiz?
Gyz çalt hereket bilen saýawanly zenan başgabyny egniniň üstaşyry arkasyna taşlap
goýberdi-de, ozalkysy ýaly sada hem minnetdar nazaryny Sanine gönükdirdi. Ol
Saniniň geplemegine garaşdy... Ýöne gyzyň ýüzüne garanda dili tutulyp, gözleri
baglanan ýaly ýagdaýa düşen Sanin utandy. Ýaşyp barýan Günüň mylaýym şöhlesi
gyzyň ýüzüne, kellesine düşýärdi, ýöne ol kelläniň döredýän manyly täsiri bolsa, şol
şöhläniň özünden hem aýdyňdy, hem ýagtydy.
Myssa ýylgyran Jemma gaşlaryny galdyrdy:
— Men size gulak asýan, monsieur Dimitri! Siz maňa nähili maslahat bermekçi
bolýaňyz?
— O nähili maslahat? — diýip, Sanin gyzyň sowalyny gaýtalady. — Bilýäňizmi
näme, üç gün ozal batyrlyk görkezip bilmäni üçin, jenap Klýuberden ýüz öwürmegi
siziň ejeňiz...
— Diňe şonuň üçinmi? — diýip, howlukmaç sowal beren Jemma, aşak eglip
galdyran sebedini öz gapdalynda, oturgyjyň üstünde goýdy.
— Umuman, neme... adaglyňyzdan ýüz öwürmek... siz tarapdan paýhaslylyk däl. Ol
hereket, birhili... Beýle hereketden gelip çykjak netijäni her tarapdan sallarlap
görmeli. Onsoňam siziň meseläňiz maşgalaňyzyň her bir agzasyny öz üstüne bellibir
mukdarda ýük almaga borçly edýär...
— Olaryň hemmesi ejemiň pikiri — diýip, Jemma Saniniň gepiniň arasyny böldi. —
Ol ejemiň sözleri. Ony men bilýän. Ýöne siziň pikiriňiz nähili?
— Meniň pikirimmi? — Sanin dymdy. Onuň bokurdagyna bir zat dykylana meňzäp,
demini gysdyrýan ýaly boldy. — Menem şony... — diýip, ol özüne zor salyp gepledi.
Jemma dikeldi.
— Sizem? Sizemmi?..
— Hawa... ýagny... — Sanin başlan gepiniň üstüne ýekeje-de kesgitli söz goşup
bilmedi.
Jemma:
— Ýagşy — diýdi. — Eger-de siz dost hökmünde maňa gelen netijämden dönmegi,
ýagny başky maksadymdan ýüz öwürmezligi maslahat berýän bolsaňyz, oýlanyp
47
göreýin. — Ol edýän hereketinden özi bihabar bolup, üljeleri yzyna, saýlanyp salnan
gapdan sebede geçirmäge başlady... — Ejem men size «hä» diýerin öýdüp umyt
edýär... Etse etsin. Men, belkem, dogrudanam, siziň aýdanyňyzy makul bilerin.
— Ýöne, freýleýn Jemma, bagyşlaň welin, men öňi bilen siziň näme matlap bilen...
— Men size gulak asmakçy — diýip, gyz öňki aýdanyny gaýtalady welin, gaşlary
çytylyp, ýaňaklarynyň reňki öçdi. Ol aşaky dodagyny dişledi. — Siz meň üçin
abyrsyz iş etdiňiz. Şoňa görä-de, men, siz näme isleseňiz, aýdanyňyzy berjaý etmäge
borçly. Men ejeme aýdaryn... men oýlanaýyn. Ana, — gurt agzasaň, gurt geler —
ejemiň özem bärik gelýär.
Dogrudanam, öýden baga tarap çykýan gapynyň bosagasynda frau Lenore göründi.
Içerde parahat oturmaga kanagaty çatmadyk zenanyň hasabyna görä, Sanin öz
düşündirişini bireýýäm tamamlan bolmalydy. Ýogsam gyz bilen ýigidiň duşuşanlary
bäri heniz ýarym sagadam geçmändi.
— Ýok, ýok, ýok, Hudaýyň haky üçin, entek oňa hiç zat aýtmaň! — diýip, Sanin
gyssanmaç, özi-de howpurgaýan ýaly bolup gepledi. — Entek saklanyň!... men size
aýdaryn... men aýtjagymy size ýazmaça beräýerin. Siz şoňa çenli hiç hili çözgüt
etmäň! Garaşyň!
Ol Jemmanyň elini berk gysyp, oturgyçdan turdy hem-de frau Lenoräni haýran edip,
onuň gapdalyndan başgabyny galdyryp, düşnüksiz bir zatlary hem samrap geçdi-de,
gözden ýitdi.
Frau Lenore gyzynyň ýanyna geldi.
— Maňa bir zady aýtsana, Jemma...
Birden ýerinden turan gyz ejesini gujaklady...
— Mähriban ejem, siz ýene azajyk, sähelçejik... ertire çenli sabyr edip bilermisiňiz?
Şony başararmysyňyz? Özi-de ertire çenli biragyz geplemezlik şerti bilen... Ah!..
Özi-de şeýle bolar öýdüp garaşmadykdanmy, gyzyň gözlerinden paýrap ýaş döküldi.
Jemma aglaýan mahaly ýüzünde döremeli gam-hasrat alamatyna derek, gaýtam,
şatlyk uçgunlarynyň peýda bolmagy frau Lenoräni has-da haýrana goýdy.
— Saňa näme boldy? — diýip, ene sowal bermän saklanyp bilmedi. — Sen hiç mahal
beýdip gözýaş edýän dälsiň welin... birdenem...
— Hiç zat bolanok, eje, hiç zat bolanok. Diňe siz biraz garaşyň. Ikimizem az-owlak
sabyr etmeli. Ertire çenli menden hiç zat soramaň, gowusy, geliň, Gün ýaşýança ülje
saýlalyň!
— Ülje-hä saýlanar welin, sen paýhaslyja hereket edermiň?
— Gürrüňi näme! Men örän paýhasly bolaryn. — Jemma hormat bilen baş atdy. Ol
çaklaňja ülje hoşalaryny özüniň gyzaran ýüzüniň deňinde tutup biri-birine çatdy.
Ýöne gyz gözýaşyny süpürmedi. Gözýaş damjalary onuň ýaňagynda gurap galdy.
XXV
Sanin ylgap diýen ýaly jaýyna dolandy. Ol diňe şu ýerde, diňe täk özi bilen bolanda
duýmagy, aňmagy başarýardy. Ahyrsoňy, ol indi ýagdaýynyň nähilidigini, özi bilen
nämeleriň bolup geçýändigini aýdyň eder. Dogrudanam, ol öz otagyna girip-girmän,
hat stolunyň başyna geçip-geçmän, stola iki tirsegini diräp, ýaňaklaryny aýalarynyň
üstüne basyp, hasrat bilen güňleç dillendi: «Men ony söýýän! Çensiz-çaksyz
48
söýýän!» Ol üstünden sönen küli birden üflenip aýrylan köz ýaly, tutuş içki dünýäsi
bilen lowlap ýandy. Bir pursat... eýýäm ol onuň, hut onuň gapdalynda nädip
oturanyna, nädip gep-söz alşanyna, näme üçindir, eşikleriniň gyralaryny-da halanyny
duýmandygyna, ýaş ýigitleriň aýdyşlary ýaly, «öňünde baş egip, ölmäge
kaýyldygyna» düşünmäge-de güýji çatmady. Bagda bolup geçen soňky duşuşyk
meseläni çürt-kesik etdi. Ol hakda pikir edende, Sanin indi ýyldyzlaryň yşygynda
ygşyldap oýnaýan togar saçly gyzy göz öňüne getirmän, uzyn oturgyçda oturan
gözeliň bagjykly başgabyny arkan taşlap, özüne ynanjaň nazar bilen garaýanyny
görýärdi, yşk näzikliginiň, söýgi teşneliginiň duýgusy damarlarynyň ählisinden at
salyp geçýärdi. Ol üç gün bäri jübüsinde göterip ýören bägülüni ýatlady, ony eline
alyp, howsalaly güýç bilen dodaklaryna basdy, gül tikeniniň beren yzasyndan ýaňa
ýüzüni çytdy. Indi ol hiç zadyň pikirinem etmeýärdi, hiç zat aňşyrmaýardam, hiç
zadyň hasabyny hem ýöretmeýärdi, hiç zada umyt hem baglamaýardy. Ol tutuş
geçmişinden arany açdy, geljege, öňe aýgyt aldy, özüniň sus, ýalňyz hem sallah
durmuşyndan örküni üzüp, joşup-joşup möwç urýan äpet siliň akymyna taşlady, gamhasraty duýmady, akymyň nirä alyp gitjekdiginiňem, kenaryň gaýasyna eltip
urjakdygynyňam pikirini etmedi. Bu akym ony ýap-ýaňy hem hüwdülän
Ulandowskiý romansynyň ýuwaşja akymy däldi... Ol akym öňünde durup
bolunmajak güýjüň tolkunlarydy. Ol tolkunlar çyrpynyp, asmana göterilýärdi. Sanin
hem tolkunlara goşulyp, ganat açyp barýardy.
Ol bir tagta kagyz aldy-da, çyzyşdyrman, garalaman, galamyň bir gezekki zarbasy
bilen diýen ýaly şeýle sözleri ýazdy:
«Eziz Jemma!
Size bu haty ýazmak üçin meniň üstüme nähili borç alandygymy özüňiz bilýärsiňiz,
ejeňiziň näme isleýändigini, menden näme haýyş edendigini hem bilýärsiňiz. Ýöne
indi men siziň bilmeýän bir zadyňyzy, sizi söýýändigimi, kalbymyň ähli hyjuwy
bilen, ilkinji gezek aşyk bolanyň söýgüsi bilen söýýändigimi aýtmaga borçludyryn.
Yşk ataşy meniň kalbymda birden döredi.Ýöne ol şeýlebir güýçli howur bilen tutaşdy
welin, beýan etmäge söz tapmaýaryn! Siziň ejeňiz ýanyma haýyş bilen gelen mahaly
söýgi ody ýaňy köräp başlapdy. Ýogsam men hakyky mert adam hökmünde onuň
islegini bitirmekden, megerem, ýüz döndererdim... Şu mahalky size ýollaýan
beýanym päk ýürekli adamyň ýüreginiň teýinden çykýan hakykatdyr. Siz kim bilen iş
salyşýandygyňyzy bilmelisiňiz, aramyzda düşnüksizlik bolmaly däldir. Görýäňizmi,
men size hiç hili maslahat berip bilmeýärin... Men sizi söýýän, söýýän, söýýän.
Şondan gaýry meniň aňymda-da, ýüregimde-de hiç zat ýok!
Dm. Sanin».
Sanin epläp bukja salan hatyny, hyzmatkäre jaň edäge-de, ýollamak isledi... Ýok!
Beýtmek ýerlikli däl... Emiliň üsti bilen gowşurmalymy? Ýöne dükana baryp, beýleki
işgärleriň arasyndan ony gözläp ýörmegem gelşikli bolmaz. Üstesine, eýýäm garaňky
düşdi, Emil ol ýerden gidendir. Şeýle oý-pikirlere çümüp, başgabyny başyna çeken
Sanin köçä çykyp, o künçden beýleki künje aýlandy. Ol özüniň begenjini beýan edip
49
bolmajak derejä ýetiren Emile sataşdy. Goltugy goşhaltaly, eli kagyz düwünçekli
ruhubelent ýetginjek öýe tarap haýdap barýardy.
«Her aşygyň öz ýyldyzy bar» diýen gep ýöne ýere aýdylmaýan bolarly!» diýip içini
gepleden Sanin ony ýanyna çagyrdy.
Emil öwrüldi-de, derrew Sanine tarap eňdi.
Sanin ony uzak begenip durmaly etmedi, haty berdi-de, kime nähili edip
gowşurmalydygyny düşündirdi... Emil ony üns bilen diňläp, ýüz keşbinde «biz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Bahar bulaklary - 06
  • Parts
  • Bahar bulaklary - 01
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2214
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 02
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2142
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 03
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2157
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 04
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2140
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 05
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 1986
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 06
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 07
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2039
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 08
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2052
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 09
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2080
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 10
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2076
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 11
    Total number of words is 1747
    Total number of unique words is 1185
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.