Latin

Bahar bulaklary - 03

Total number of words is 3696
Total number of unique words is 2157
31.2 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýatyrdy. Sanin bolşundan zyýat aýratyn bir bähbidem talap etmän, ertirki gün hakdada oýlanman, düýnki günem ýatlaman şu güne uly lezzet bilen berlipdi. Jemma ýaly
ajaýyp maşgalanyň golaýynda bolmagyň özi nämä degmeýär! Ol bahym Jemmadan
jyda düşer, aýralygyň hemişelik bolaýmagy-da ahmaldyr. Häzirlikçe bolsa
Ulandonyň romansyndaky ýaly şol bir durmuş naýçasy olary sapagyna baglap, öz
akymy bilen alyp barýar — şatlan, keýp çek, syýahatçy ýigit! Bagtyýar syýahatça
hemme zat ýakymly, eziz bolup duýulýardy. Frau Lenore Sanini özi hem Pantaleone
bilen italýanlaryň «tresette» diýilýän kart oýnuny oýnamaga çagyrdy, öwrenmesi kyn
däl oýnuň oýnalyşyny öwretdi hem myhmanyň birnäçe kreýser puluny utdy. Sanin
hoş boldy. Pantaleone Emiliň haýyşy bilen tüýlek Tartalýany başarýan zatlaryny
görkezmäge mejbur etdi. Item taýagyň üstünden bökdi, «gepledi», ýagny üýrdi,
asgyrdy, açyk duran gapyny burny bile ýapdy, hojaýynynyň geýilme kemi galmadyk
köne köwşüni getirdi, iň soňunda-da, esgerleriň beýik depeli, gaşsyz başgabyny
kellesine geýip, dönüklik edeni üçin Napoleon imperatoryň ýowuz ýazgarmasyna
sezewar bolan Bernadott marşala meňzän boldy, Napoleonyň keşbini bolsa, elbetde,
Pantaleone döretdi. Ol ellerini döşünde çalşyryp, üçburç başgabyny gözüne çenli
çümre geýip, gödek hem edepsiz fransuzça, onda-da, — eý, Hudaý, nähili derejede
fransuzça — geplemek bilen imperatora meňzemänem durmady. Tartalýa
hojaýynynyň öňünde günäkär ýaly tutuş göwresi bilen ýygrylyp, guýrugyny ýamzyna
gysyp, gyşyk geýlen başgabyň aşagyndan süzülen gözlerini gyrpyldadyp otyrdy.
Wagtal-wagtal Napoleon sesini gataldanda, «Bernadott» art aýaklarynyň üstüne
galýardy. Ahyr Napoleon ganygyzmalykdan ýaňa özüniň fransuz häsiýetini ahyryna
çenli görkezmelidigini hem unudyp: italýança «Fuori, traditore!» («Güm bol,
dönük!») — diýip gygyranda, «Bernadott» aldyrany bar ýaly howlukmaçlyk bilen
diwanyň aşagyna sümlüp, derrewem, oýnuň gutarandygyny habar berýän ýaly, ol
ýerden begençli ses bilen üýrüp daşyna çykdy. Tomaşaçylar uzak wagt gülüşdiler.
Sanin hemmedenem kän güldi.
Jemmanyň bolsa aýratyn ýakymly, dyngysyz hem keltejik jyňňyrdaýan jaň ýaly
özüne çekiji gülküsi bardy. Şol gülki Saniniň kalbyny lerzana getirdi. Eger şeýtmek
mümkin bolsa, ýaş ýigit şol ýakymly gülküsi üçin gyzy höwes bilen ogşardy.
Ahyr, gije-de gelip ýetdi. Herki zatda bolşy ýaly, hormatlanmakda-da serhet bar,
çeniňem bilmeli! Öýdäkileriň hemmesi bilen birnäçe gezek sagbollaşyp, hemmelere
birnäçe gezek «Ertire çenli!» diýip (Emil bilen-ä ol ogşaşdam), myhmanhana ugran
Sanin kä gülýän, kä pikire batýan, kä parahat, käte hatda hemme zada göwnübir ýaly,
nähili-de bolsa hemişe özüne çekiji gyzyň keşbini hem özi bilen alyp gitdi.
Jemmanyň kä edil gündizlik ýaly giňden açyk, aýdyň, şadyýan, käte ýary kirpikleri
bilen örtülen, gijäniň garaňkysy ýaly gara gözleri başga görnüşlerdir göz öňüne
getirmelere-de mylaýymlyk, täsinlik bilen aralaşyp, Saniniň nazarynyň öňünde durdy.
Jenap Klýuber hakda-da, özüni Frankfurtda galmaga iteklän sebäpler barada-da,
gepiň keltesi, dek düýn biynjalyk eden zatlar barada-da Sanin bir gezegem
oýlanmady.
XIV
21
Saniniň özi hakynda-da birki söz aýtmaly ahyryn.
Ilki bilen-ä, ol görmeksiz hem däldi, uzyn boýly, syrdam, ýüz şekili onçakly açyk däl,
mylaýymdan mawy gözli, altyn öwüsýän saçly, akýagyz ýigitdi. Iň esasy bolsa, ol
sadadan mylaýym, ynanjaň, açyk, ilki başda birneme samsyklaç-şadyýan ýaly daş
görnüşli bolup göze ilýärdi. Beýle daş sypatly adamy ozallar derrew agramly begzada
maşgalasynyň çagasydyr, «atasynyň» — gowy bariniň ogludyr, biziň giň giden
ýarym sähra ülkämizde bol-telkilikde ösen diýip çaklaýar ekenler. Ýöreýşi säginipsäginip ýöreýän, sakanaklap geplegen, ýylgyryşy sereden badyňa ýylgyrýan
çaganyňky ýaly, iň soňunda-da, terlik, sagatlyk hemem mylaýymlyk, mylaýymlyk,
mylaýymlyk — ine, Sanin depesinden-dabanyna çenli şu aýdylanlardan ybarat.
Ikinjiden bolsa, ol kemakyl hem däldi, ýuwaş-ýuwaşdan öwrenen zady kändi. Daşary
ýurda aýlanyp gelýänem bolsa, şähdaçykdy: şol döwrüň ýaşlarynyň iň gowy bölegini
gurşap alan biynjalyk duýgulardan ol känbir habardaram däldi.
Soňky mahallarda biziň edebiýatymyzda «täze adamlar» üns bilen gözlenensoň,
niçiksi ýol bilenem bolsa tämiz, onda-da S. Peterburgdan getirilýän flensburg
ustrisasy ýaly arassa bolmak isleýän ýaş ýigitleriň keşbini öňe sürüp başladylar,
Sanin ol ýaşlardan däldi. Gürrüň deňeşdirmä ýeten bolsa, Sanin biziň gara toprakly
ýerlerimiziň baglarynda ösüp oturan topbak-topbak ýaprakly, sapylan alma agajyny
ýada salýardy ýa-da, has takygy, öňki «hojaýynlaryň» athanalaryndaky ýap-ýaňy
boýnuna tanap atylyp, münüş öwredilýän, gowy seredilip läliksiredilen, ýogynaýak,
arassa, hamy ýylmanak, üçýaşar aty ýada salýardy. Soňky wagtlarda durmuş mazaly
ýepbekläp, ençeme kynçylykly, synagly ýollardan geçensoň, onuň bilen iş salşan
adamlar Sanin diýip, düýpden başga adamy gördüler.
Şol günüň ertesi Sanin entek ýorganda ýatyrka, bezemen geýnüwli, eli taýaklyja, ýüzgözüne çalyp bilen zadyny çalan Emil otaga kürsäp girdi-de, gerr Klýubertiň häzir
paýtun getirýändigini, howanyňam gowy boljakdygyny, hemme zadyň ýola düşmek
üçin taýyn edilendigini, ejesiniň gezelenje gitmeýändiginiň sebäbiniň bolsa ýene
çakyzasynyň gozgamagyndan gorkýandygyny habar berdi. Ol ýeke minuty hem
ýitirmeli däldigini ynandyryp, Sanini gyssamaga başlady. Dogrudanam, jenap
Klýuber, Sanin entek üst-başyna serenjam bermegi tamamlamanka, üstüni basdy. Ol
gapyny kakdy, içerik girdi, hormat goýýandygyny aňladyp, öý eýesine bilini epip baş
atdy, dyzynda goýan saýawanly başgabynyň üstüne gelşiklilik bilen elini goýup
oturdy, näçe garaşmaly bolsa-da, garaşjakdygyny aýtdy. Çakdanaşa bezemen
bolansoň, ýeňles görkezýän eşik geýnen ýüzi nurana ýigit, soňuna garaman, üstüne
atyr baryny sepinensoň, her bir hereketinde ýiti, hoşboý ys göterilýärdi. Ol owadan
bolmasa-da, iki sany daýaw güýçli at goşulan, «lando» diýlip atlandyrylýan giň
paýtunly gelen eken. On bäş minut geçenden soň, Sanin, Klýuber hem Emil üçüsi şol
paýtun bilen süýji-köke dükanynyň öňüne dabara bilen baryp saklandylar. Rozelli
hanym gezelenje gitmekden kes-kelläm boýun towlady, Jemma onuň ýanynda
galmak isledi, ýöne ejesi ony öz ýanyndan «kowdy».
— Men höwre mätäç däl, ýatjak. Pantaleonäni-de siz bilen ibererdim welin, dükanda
söwda etmäge adam galjak däl.
— Tartalýany äkitmek bolýarmy? — diýip, Emil ejesine sowal berdi.
— Äkidiberiň!
22
Tartaliýa, gepe düşünýän ýaly, begençli hereketler bilen dyrmaşyp, derrew paýtunyň
oturgyjyna mündi-de, gabat gelen zady ýalaşdyrmaga başlady. Çaky, it paýtuna
birinji gezek münmeýän bolarly. Jemma etegi mele ýüpli ullakan sypal saýawanly
başgap geýipdi. Başgabyň aşak eplenen öň tarapy Günden goramak üçin onuň ýüzüni
tutuş diýen ýaly ýapýardy. Başgapdan düşýän kölegäniň bir tarapy gyzyň dodagynyň
üstüne çenli baryp ýetýärdi, päkize dodaklar bolsa ýüzi ýaprakly bägüliň gülýapragy
ýaly näziklik bilen gyzaryp lowurdaýardy. Neresse çaganyňky ýaly päkize dişler
ajaýyp dodaklaryň arasyndan ogryn garaýardy. Jemma paýtunyň yzky ornunda
Saniniň gapdalynda oturdy, Klýuber bilen Emil hem olaryň garşysyna geçdiler.
Aýnanyň aňyrsyndan frau Lenoräniň aksowult ýüzi göründi, Jemma oňa ýaglyk
bulady, atlar ýöräp ugradylar.
XV
Kiçeňräk şäherçe Soden Frankfurtdan ýarym sagatlyk ýolda ýerleşýär. Ol Russiýada
suwy döş kapasasy näsag adamlara, göýä, nepi degýändigi sebäpli, meşhur bolan
Taunus dagynyň eteginde owadan ýerde ýerleşýär. Frankfurtlylar ol ýere, köplenç
dynç almak üçin gidýärler. Çünki ajaýyp seýilgähli Soden şäherçesinde ösüp
oturankerkawlaryň hem lipalaryň saýasynda ýerleşýän garbanyşhanalardan piwodyr
kofe içmek diýseň lezzetlidi. Frankfurtdan Sodene barýan ýol Maýn derýasynyň sag
kenaryny syryp gidýär, tä barýançaňam, iki tarapyňy-da miweli daragtlar bezeýär.
Paýtun öran oňat ýol bilen assaja gidip barýarka, Sanin Jemmanyň öz adaglysyna
bolan garaýşyny assyrynlyk bilen synlady. Sanin olary ilkinji gezek bile görýärdi.
Gyz özüni sadalyk bilen parahat, adatdakylaryndan-da has sabyrly hem agras alyp
barýardy. Klýuber bolsa Jemma golunyň astyndakylara sadadan ýakymly lezzet
almaga rugsat beren tekepbir terbiýeçi ýaly bolup seredýärdi. Onuň Jemmanyň
ugrundan gopmak üçin, fransuzlar aýtmyşlaýyn, «duýduryş hereketlerini» edişi-de
Saniniň gözüne ilmedi. Çaky, jenap Klýuber adaglanan gyzy bilen mesele çürt-kesik
çözülen hasap edýändigi sebäpli, gyzyň göwnünden turmagyň, onuň üçin alada galyp
ýörmegiň geregi-de ýokdur öýdýärdi. Barybir, tekepbirlik endigi ondan sähelçe-de
daşlaşmaýardy. Hatda Sodeniň tokaýly daglaryna, jülgelerine, nahara çenli edilen
gezelençde tebigatyň gözelliginden lezzet alyp ýören mahalynda Klýuber tebigata-da
şol öňki, käte içinde adaty hojaýynlyk talabedijiligi hem peýda bolýan tekepbirligi
bilen garaýardy. Mysal üçin, ol bir çeşmäniň ýalpagrak oý ýerden owadanlyk üçin
saga-çepe gyşarmaga derek örän göni akym bilen akýandygyna närazylyk bildirdi,
zýablik diýilýän saýraýan tokaý guşunyň aýaklaryny çalşyryşyny hem halamady.
Jemmanyň içi gysmaýardy, gaýtam tersine, häzirki ýagdaýdan lezzet alýardy. Ýöne,
Saniniň baha berşine görä, ol ozalky Jemma däldi. Ol ýüzüniň kölege örtülen
ýalydygyndanam bolman (onuň gözelligi öňem lowurdap şöhle saçyp duran gözellik
däldi), Jemmanyň joşgunly ruhy kalbynyň teýine çümüp giden ýalydy. Ol
saýawanyny açyp, elligini hem çykarman, sowatly gyzlaryň boluşlary ýaly, agraslyk
bilen gezim edýärdi, kän geplemeýärdi. Sanin hakynda-ha aýdybam durmaly däl
welin, Emil hem özüni onçakly erkin duýmaýardy. Üstesine-de, özara gürrüňiň
mydama nemes dilinde edilmegi-de Sanini gelşiksiz ýagdaýa salýardy. Diňe Tartalýa
tapdan düşmeýärdi. Ol gabat gelen jokjokylaryň yzyndan kowalap, gaty-gaty
23
üýrýärdi, çuň çukurlaryň, töňňeleriň, küýze ýaly bolup ýatan daşlaryň üstünden
böküp geçýärdi, ylgap barşyna, suwa özüni oklap, çalt-çaltdan içýärdi, silkinýärdi,
çyňsaýardy, gyp-gyzyl dilini eginlerine çenli ýetirip, ýene ok ýaly bolup atylyp
gidýärdi. Jenap Klýuber gezelenje gelenleriň içi gysmaz ýaly, elinden gelenini
edýärdi. Ol adamlaryň ýaýbaň şahaly gaba çam agajynyň kölegesinde oturmaklaryny
haýyş etdi-de, gapdal jübüsinden çaklaňja bir kitap çykardy. Ol ady «Knallerbsen,
oder Du sollst und wirst laсhen!» («Petardy, ýa-da Sen gülmeli, hökman gülmeli
bolarsyň!») diýen, başdan-aýak gülküli degişmelerden düzülen kitaby okamaga
başlady. Degişmelerden on ikisi dagy okaldy, ýöne adamlaryň keýpiniň üstüne
ullakan keýpiköklük goşulmady. Diňe Sanin edeplilik görkezip, çalarak ýyrşardy
hemem jenap Klýuberiň özi, her degişme okalandan soň gysgajyk, çyndanam bolsa
gedemlik bilen güldi. Güldi. Sagat on ikilerde adamlar Sodeniň iň gowy
garbanyşhanasyna geldiler.
Naharlanmak aladasyny etmelidi.
Jenap Klýuber nahara daş-töweregi ýapyk bassyrmanyň aşagynda oturmagy maslahat
bermekçi bolanda, Jemma birden oňa garşy boldy. Ol diňe çar tarapdan şemal gelip
duran açyk ýer — garbanyşhananyň öňündäki bagda goýlan kiçijik stollaryň birinde
oturylmasa nahar iýmejekdigini, sebäbi diňe tanyş ýüzleri görmekden irendigini,
başga-başga adamlary hem görmek isleýändigini aýtdy. Käbir stollaryň başynda
bolsa eýýäm täze gelen adamlar otyrdylar.
Giňgursaklyga salyp, gelinliginiň ynjyklygyna boýun bolan jenap Klýuber stol eýesi
bilen gepleşmäge gidende, Saniniň özüne gözüni aýyrman, soragly
seredýänligindenmi, nämemi, Jemma ýüzüni aşak salyp, dodaklaryny gysyp durdy.
Saniniň bolşy onuň gaharyny getirýän ýalydy. Yzyna dolanyp gelen jenap Klýuber
naharyň ýene ýarym sagatdan taýýar boljakdygyny aýdyp, oňa çenli goýlan şekilleri
şar bilen ýykmaly kegli diýilýän oýny oýnamagy teklip etdi. Ol, birhili, gelşiksizräk
«he-he-he» etdi-de, oýnuň işdäň açylmagyna-da kömek edýändigini habar berdi.
Onuň özi kegli oýnamaga ussat eken. Ol gopbamlyk bilen muskullaryny oýnadyp,
şary zyňanda, edermenlik eden ýaly geň görnüşe girýärdi, aýaklaryny tapyrdadýardy.
Ol pälwan kysymdy, beden gurluşy iňňän gelşiklidi, owadan ak ellerine altyn
öwüşginli hindi fulýaryny çalýardy.
Nahar iýilmeli pursat geldi, adamlar kiçijik stoluň daşyna aýlandylar.
XVI
Nemes naharynyň nähilidigini kim bilmeýär? Içinde düwün-düwün hamyrly belke
gaýyp ýören, tropik ýurtlarda bitýän dalgan agajynyň ysly köki atylan şurruk kürtük
çorba. Ýanyna ýumşap giden köne ýeralmasy, myssyk kelem, gyrlan ajy hren goýlan
ak ýagy gurap, daş ýaly bolup giden gaýnadylan sygyr eti. Köneliginden ýaňa heňläp
ugran, kaporsaly, sirkeli, miwe baly bilen gowrulan ýylanbalyk hem hökmany suratda
berilýän üstüne gyzyl reňkli turşurak suwuklyk guýlan pudinge meňzeş
«Mehlspeise». Ana, Soden garbanyşhanaçysy öz myhmanlaryny edil şonuň ýaly
nahar bilen hezzetledi. Oňa derek arpa suwy bilen çakyr welin erbet däldi. Ýöne,
aýratyn bir şowhun bolmasa-da, naharlanyşygyň özi oňat ýagdaýda geçdi. Hatda
jenap Klýuberiň bada göterende «biziň söýýänligimiz üçin» («was wir lieben!»)
24
diýen sözleri-de joşgun döretmedi. Naharlanyşygyň wagty edeplilige, agraslyga
ýugrulan ýalydy. Nahardan soň sarymtyl, suwuk — tüýs nemes kofesini berdiler.
Jenap Klýuber edeplilik bilen Jemmadan çilim çekmäge-de rugsat sorady. Ýöne şol
pursat asla garaşylmadyk hem ýakymsyz, hatda ýaramaz bir ýagdaý ýüze çykdy.
Goňşy stollaryň biriniň başynda Maýns goşun galasynyň birnäçe serkerdesi otyrdy.
Seredişlerinden hem özara pyşyrdylaryndan many alsaň, olary Jemmanyň
owadanlygy aňk eden bolmalydy. Çaky, serkerdelerden öň Frankfurtda bolan biri
gyzy tanaýan ýaly bolup seredýärdi, Jemmanyň kimdigini bilýän ýalydy. Ol birden
eli bulgurly (jenap serkerdeler örän içgilidiler, stollaryň üsti hem çüýşeden doludy)
ýerinden turdy-da, Jemmanyň oturan stoluna golaý bardy. Ol agymtyl sary saçly,
görk-görmekli ýigitdi. Ýöne aşa köp içmegi onuň ýüz-gözüni üýtgedipdi. Onuň
ýaňaklary titreýärdi, gabaklary çişip giden gözleri elek-çelekdi, gaýduwsyzdy.
Ilkibada ýoldaşlary ony saklajak boldular, soňam näme bolsa — şol bolsun edip,
goýberdiler.
Birneme çaýkanyp gelýän serkerde Jemmanyň öňünde saklandy-da, erkiniň
garşysyna, özüni ele aljak bolýandygy duýulýan haýbatly sesine bat berip: «Tutuş
Frankfurtdaky, tutuş dünýädäki iň ajaýyp kofe taýýarlaýanyň saglygyna içýärin! (Ol
bulguryny başyna çekdi) Aýdan sözümiň öwezini dolmak üçinem onuň ajaýyp
barmajyklary bilen ýolnan şu bägüli alýaryn!». Serkerde stoluň üstünde, Jemmanyň
öňünde ýatan bägüli aldy. Jemma ilkibada bolýan ýagdaýa geň galdy, gorkdy, gany
gaçan ýaly bolup, ýüzi agardy... Soňra-da gorkusy gahar-gazap bilen çalyşdy, birden
tutuş, saçlaryna çenli gyzardy, onuň özüni kemsidene tarap gönügen gözleri,
birwagtyň içinde garaňkyrady hem ýaldyrady, tümlüge büreldi, öňi alnyp bolunmajak
ýigrenç ataşy bilen lowurdady. Gyzyň beýle nazary serkerdäni utandyrana meňzedi:
ol düşnüksiz bir zatlary samrady-da, baş egenden soň yzyna öz ýoldaşlarynyň ýanyna
gitdi. Ýoldaşlary ony ýeňiljek gülki hem el çarpma bilen garşyladylar.
Jenap Klýuber ýerinden laňňa galdy-da, dim-dik duran ýerinden başgabyny geýdi, öz
mertebesini saklap, onçakly gaty ses bilenem däl-de: «Bu görlen ahwalat däl!
Görülmedik gödeklik!» («Unerhört! Unerhörte! Frechheit!») diýdi, derrewem agras
ses bilen hyzmatçyny çagyrdy-da, tizden-tiz hasaplaşylmagyny talap etdi. Olam hiç,
üstesine, jenap Klýuber paýtuny häzir çagyrmagy tabşyrdy, yzyndanam adamlar
kemsidilýänligi üçin bu ýere edepli kişileriň gelmeli däl ekendiginem nygtady. Jenap
Klýuber şol sözleri aýdan mahaly öz ornunda gymyldaman oturan, döşi galkyjaklan
Jemma uludan dem aldy. Ol öz adaglysyna edil serkerdä seredişindäkisi ýaly
dykgatly nazaryny dikdi. Emil gahar-gazapdan ýaňa galpyldaýardy.
— Turuň, freýleýnim! — diýip, jenap Klýuber öňki talabediji äheňi bilen gepledi. —
Size bu ýerde oturmak gelşikli däl. Biz garbanyşhananyň içine girmeli bolarys.
Jemma sesini çykarman ýerinden turdy, Klýuber oňa tirsegini hödürledi, gyz
adaglysyna elini uzatmaly boldy. Klýuber apaň-apaň basyp, garbanyşhana tarap
ýönelende, nahar iýlen ýerden daşlaşylýanlygy sebäpli, ol has ulumsy görnüşe girdi.
Emil neresse-de olaryň yzyndan mytdyldap ugrady.
Jenap Klýuber eden hyzmaty üçin stol eýesine arak baha-da bermän, hasap-hesibe
güýmenýänçä, çalt-çalt ädimläp giden Sanin serkerdeleriň oturan stolunyň ýanyna
bardy-da, Jemmanyň göwnüne degene (şol pursat ol alyp gaýdan bägülüni
ýoldaşlaryna gezek-gezegine ysgadýardy) fransuzça pert-pert äheň bilen ýüzlendi:
25
— Siziň ýaňky eden hereketiňiz, merhemetli hökümdar, edepli adama, siziň
egniňizdäki serkerde eşigine mynasyp däl. Şonuň üçinem men ýanyňyza siziň edepekram görmedik, bihaýa adamdygyňyzy aýtmaga geldim.
Ýaş ýigit aýak üstüne galdy, ýöne beýleki, harby derejesi ulurak serkerde eliniň
hereketi bilen ony aşak oturmaga mejbur edensoň, fransuz dilinde Sanine ýüzlendi:
— Siz ol gyzyň nämesi, garyndaşymy, doganymy ýa-da adaglysymy?
— Men ol gyza düýpden ýat adam — diýip, Sanin jogap gaýtardy. — Men rus, ýöne
men beýle gödeklige göwnübir garap bilmeýärin. Ýöne, gerek bolsam, meni tapyp
bilersiňiz, ynha, salgym, jenap serkerde.
Aýtjagyny aýdan Sanin öz salgysy ýazylan petegi stoluň üstüne taşlady, şol pursat
harbylaryň biri Jemmanyň gülüni öňündäki nahar gabyna gaçyrdy welin, Sanin ony
derrew garbap aldy. Ýaş ýigit ýene oturgyjyndan gobsunanda ýoldaşy: «Döngof,
ýuwaş!» («Dönhof, sei still!») diýip, ony ýene saklady hem özi ýerinden turup,
çekgesine harbylarça elini ýetirip, hereketinde-de, sesinde-de hormat alamatyny
aňladyp, ertir irden olaryň polkundan bir serkerdäniň Saniniň ýaşaýan ýerine
barmagyny özüne hormat hasap etjekdigini aýtdy. Sanin çalarak baş egip,
özüniňkileriň ýanyna ýetmäge gyssandy.
***
Jenap Klýuber Saniniň esli salym eglenmegine, onuň serkerdeler bilen gep alşanyna
üns bermedik boldy. Ol atlary paýtuna goşanda haýal-ýagallyk edýänine erbet
gaharlanyp, paýtunçyny gyssady. Jemma-da Sanine hiç zat diýmedi, hatda oňa
seretmedem. Çytyk gaşlaryndan, gapyşyp duran gansyz dodaklaryndan, göwresiniň
doňan ýalylygyndan many alsaň, gyzyň kalbynda şatlyk ýokdy. Sanin bilen diňe
Emiliň gepleşesiniň gelip durandygy bildirýärdi. Ol Saniniň serkerdeleriň stolunyň
ýanyna barmagyny, olaryň öňüne bölejik ak kagyza edilen ýazgyny taşlap gaýdanyny
görensoň, sebäbini soramakçydy... Emil neressäniň ýüregi gürsüldeýärdi, ýaňaklary
gyzarypdy. Ol Saniniň boýnuna bökmäge, gözýaş dökmäge ýa-da häziriň özünde
onuň bilen gidip nejis serkerdeleri suwasalma ýençmäge taýyndy. Ýöne ol özüni ele
alyp, asylly rus dostunyň her bir hereketini üns berip synlamak bilen çäklendi.
Paýtunçy atlary ahyr paýtuna goşdy, gezelenje gelenleriň hemmesi ýerli-ýerine geçdi.
Emil Tartalýanyň yzy bilen paýtunçynyň gapdalynda ornaşdy. Oglan ol ýerde özüni
erkin duýýardy, üstesine-de, asla görmek islemeýän kişisi Klýuber hem öňünde
gözüne dürtülip oturmaýardy.
***
Klýuber ýol boýy boş ýaňrap geldi... ýeke özi ýaňrady... hiç kim oňa garşy hem
gitmedi, aýdanlaryny goldanam bolmady. Ol töweregi ýapyk teläriň astynda
naharlanmagy ündände gulak asylmanyny aýratyn nygtady. Onuň islegine garşy
gidilmedik bolsa, hiç hili ýakymsyzlyk hem döremezdi! Soňra, serkerdelere gezek
gelende, döwletiň bagyşlanmaz ýaly derejede geçirimlilik edýändigi, olaryň özlerini
alyp baryşlaryna göz-gulak bolunmaýandygy, jemgyýetiň harby däl adamlaryna
geregiçe sarpa goýmaýandygy barada (das bürgerliсhe Element in der Soсietät)
26
birnäçe gödek, hatda liberal pikirleri-de aýtdy. Şol zatlaryň netijesinde-de, wagt
geçmegi bilen soňy rewolýusiýa baryp ýetjek närazylyk döreýärmiş. Klýuber oňa
ýakymsyz tutaryk hökmünde-de Fransiýany mysal getirip, duýgudaşlyk bilen bolsada agras dem aldy. Şonuň bilen birlikde-de ol özüniň-ä häkimiýete ýürekden hormat
goýýandygyny, hiç mahal, hiç haçan rewolýusioner bolmajakdygyny, olar ýaly
bibaşlygy görse, öz närazylygyny beýan etmän durup bilmejekdigini aýtmak bilen
öňküleriniň üstüni ýetirdi. Soň hem jenap Klýuber ahlaklylyk, ahlaksyzlyk barada,
edep-ekram, mertebe duýgusy barada birnäçe umumy bellik etdi.
Nahardan ozalky gezelenç wagtynda-da Klýuberiň bolşuny gaty goldamany sebäpli
Sanindenem birneme daşrakda duran, onuň şaýat bolýan zatlaryndanam utanan
Jemma adaglysynyň häzirki ýaňramalaryndan soň-a, uýalyp, ýere girip bilmedi.
Sanin bilen gepleşmän gelse-de, gyzyň hasratynyň yzasy gezelenjiň ahyrynda lezzetli
duýga öwrüldi. Ol birden Sanine naýynjar nazar aýlady... Saniniň kalbyndaky Jemma
bolan nebsagyryjylykly duýgy jenap Klýubere bolan närazylykdan güýçlüdi. Ol
edýän pikirlerine doly aňy bilen baha bermese-de, ertir nähili ýagdaýyň gopjagy
näbelli bolsa-da, başa-baş söweşe çakylyk almagy mümkin bolsa-da, şu günüň
dowamynda dörän wakalara içinden begenmänem durmady.
Ezýet baryny beren (partie de plaisir) gezelenç ahyr tamam boldy. Öý dükanynyň
öňünde Jemmany paýtundan düşüren Sanin onuň gaýtarylyp alnan bägülini hiç hili
söz diýmän, eline berdi. Jemma tutuş göwresi bilen ot alan ýaly boldy-da, Saniniň
elini gysyp, bägüli derrew gizledi. Agşam ýaňy düşüp ugranam bolsa, Sanin öýe
girmek islemedi. Eýwanda peýda bolan Pantaleone frau Lenoräniň ýatandygyny
habar berse-de, Jemma Sanini öýe çagyrmady. Emil müýnli ýaly, Sanin bilen utançly
halda hoşlaşdy. Oglan ýadyrgaýan ýaly onuň bolşuna geň galdy. Klýuber Sanini
ýaşaýan ýerine çenli ugradyp, hoşlaşanda-da tekepbirlik bilen baş atdy. Edepekramly, özünden göwni suw içýän nemes üçin (hernäçe tekepbirlik etse-de) bu
günki bolan waka gelşiksizdi. Ol hemme kişi üçinem şeýle bolupdy.
Ýöne welin Saniniň kalbynda şol duýgy, ýagny gelşiksizlik duýgusy bahym ýitip
gitdi. Onuň ornuny näbelli, gümürtik bolsa-da, ýakymly, hatda gaty begençli
keýpiçaglyk eýeledi. Sanin otagyň içinde eýläk-beýläk gezmeledi, hiç zadyň pikirini
hem etmek islemedi, sykylyk atdy. Ol özünden örän hoşaldy.
XVII
«Jenap serkerdä sagat on bolýança garaşaryn — diýip, ertesi irden ýuwnup-ardynyp
bolansoň, Sanin aýgyt etdi. — Şoňa çenli gelmese, goý, onuň özi meni gözlesin!»
Ýöne nemesler üstüne Gün dogrup ýatmaýarlar. Sagat entek dokuz hem bolmanka,
nobatçy gelip, jenap fon Rihter atly podporuçigiň (der Herr Seconde Lieutenant)
Sanini görmek isleýändiginiň habaryny getirdi. Sanin çalasynlyk bilen uzyn syýly, iki
ýanlaýyn iliklenen daşky geýimini geýip, myhmanyň getirilmegini buýurdy. Jenap
Rihter Saniniň garaşyşynyň tersine, juda ýaş ýigit, asyl entek oglanragam eken. Ol
özüniň sakgalsyz, murtsuz ýüzüne wajyp agraslyk bermegiň aladasyny etse-de,
isleginden netije çykmaýardy, hatda özüniň utanýandygyny hem ýaşyrmagy
başarmaýardy, oturgyçda oturjak bolanda-da, gylyjyna büdräp, tas ýykylypdy.
Poruçik sakynyp, sakawlap, gowşak fransuzçalap, öz dosty baron fon Döngofyň
27
tabşyrygy bilen gelendigini, tabşyrygyň bolsa jenap fon Saninden düýn onuň adyna
aýdan kemsidiji sözleri üçin ötünç soramagy talap etmekden, bardy-geldi, ol isleg
jenap fon Sanin tarapyndan ret ediläýse, baron fon Döngof özüni kemsideni başa-baş
darkaşa çagyrmaga taýyndygyny habar bermekden ybaratdygyny beýan etdi. Sanin
ötünç soramaklyga meýliniň ýokdugyny, ikiçäk darkaşa çykmaga taýyndygyny
aýtdy. Ol jogapdan soň jenap fon Rihter öňküsi ýaly sakynyp-sakynyp, garpyşygy
taýýarlamak üçin kim bilen, haçan, nirede gepleşik geçirmelidigini sorady. Sanin iki
sagat çemesi geçensoň, gepleşik geçirmäge fon Rihteriň ýanyna özüniň
barmagynyňam ahmaldygyny, şoňa çenli özüniň araçy emin tapmagyň aladasyny
etjekdigini aýtdy. (Şol iki aralykda-da ol: «Jähennem bolmuş, ol araçy emini men
nireden tapaýyn?» — diýip içini gepletdi. Ýerinden turup baş egip ugran jenap fon
Rihter, wyždany ezýet berýän ýaly, bosaga ýetip saklanansoň, yza öwrülip, dosty
baron fon Döngofyň düýnki bolan wakada haýsydyr bir möçberde özüniňem
günäsiniň bardygyny boýun alýandygyny, şonuň üçinem sähelçe ötünç soralsa-da —
«des eхghizes leсheres — köşeşjekdigini Sanine habar berdi. Sanin ol habara «ýeňilu-agyr» hiç hili ötünç soramak meýliniň ýokdugyny, çünki ol özüni günäli
hasaplamaýandygyny duýdurmak bilen jogap gaýtardy.
— Beýle boljak bolsa... — diýip, jogapdan göwni suw içmedik jenap fon Rihteriň
ýüzi öňküsindenem gyzardy. — Onda iki tarapdanam «dostluk okuny» — des goups
de bisdolet a i’amiaple! — atyşaýmaly bolar.
— Beýle gepiň manysyna men asla düşünmeýärin — diýensoň, Sanin jenap fon
Rihtere sowal berdi: — Ol aýdanyňyzy oky asmana atmak diýip kabul etmelimi?
— Ýok, olar ýaly däl, beýle däl — diýip, halys aljyran fon Rihter düşnüksiz gepläp
başlady. — Ýöne men oňa şeýle düşünip... Dartgynlygyň iki sany medeniýetli
adamyň arasynda döränligi sebäpli... Men siziň araçy eminiňiz bilen gepleşerin...
Şeýdip, ol öz sözüni soňlaman böldi-de, çykyp gitdi.
Ol bosagadan aňryk ätlän badyna oturgyja özüni goýberen Sanin ýere bakyp oýa
çümdi: «Bu näme boldugy? Durmuş nädip birden çepbe çöwrüldi duruberdi? Geçmiş,
geljek seljerilmez ýaly bulaşyp, ýok bolup barýar, diňe meniň Frankfurtda kimdir biri
bilen, nämedir bir zat üçin garpyşýanym galýar». Bir däli daýzasy Saniniň ýadyna
düşdi. Ol daýzanyň tans edip, aýdyma hiňlenmesi bardy:
Podporuçik,
Sen eýjejik
Amurjygym.
Meň bilen tans et, kepderijik!
Sanin uly ili bilen güldi-de, däli daýza öýkünip hiňlendi: «Podporuçik, meň bilen tans
et, kepderijik!»
— Bolsa-da, wagt ýitirmän hereket etmeli — diýip, Sanin gaty sesi bilen gepläp
ýerinden turanda, öňünde eli kagyzly Pantaleonäniň durandygyny gördi.
— Men birnäçe gezek gapyny kaksamam, siz jogap bermediňiz welin, öýde
ýokmukaňyz öýtdüm — diýen goja haty uzatdy. — Sinýorina Jemma ýollady.
28
Sanin, aljyramakdan ýaňa näme edýänini hem aňşyrmaýan ýaly bolup, haty desbidähil açdy-da, okady, Jemma Saniniň özüne belli mesele boýunça örän biynjalyk,
bolýandygyny hem gaty tiz duşuşmak isleýändigini ýazýardy.
— Senýorina biynjalyk bolýar — diýip, göräýmäge, hatyň mazmuny bilen tanyş
Pantaleone gepläp başlady. — Ol maňa siziň näme bilen meşgullanýandygyňyzy
bilmegimi hem sizi öz ýanyna alyp barmagymy tabşyrdy.
Goja italýana sereden Sanin oýa batdy. Onuň kellesine derrew bir pikir geldi. Ilki
pursat ol pikir düýpden geň bolup duýuldy...
«Oňa garamazdan... näme üçin bu emin bolmaly däl?» diýip, ol özüne sowal berdide:
— Jenap Pantaleone! — diýip, batly seslendi.
Goja tisginip gitdi, eňegini ýakabagy bilen gizledi, Sanine nazaryny dikdi.
— Düýn näme bolanyndan siz habarlymy? — diýip, Sanin sowal berdi.
Dodaklaryny ýalaşdyran Pantaleone gür saçlaryny silkip:
— Hawa — diýdi.
(Emil gelen badyna bolan wakalary oňa aýdypdy).
— Bilýäňiz-dä onda. Näme diýseňizläň? Ýaňy bir serkerde ýanymdan gitdi. Ol
utançsyz meni başa-baş çaknyşyga çagyrýar. Men çagyryşy kabul etdim. Ýöne araçyeminim ýok. Siz ol işi boýnuňyza almarsyňyzmy?
Ol habara tisginip giden Pantaleone gaşlaryny şeýlebir ýokaryk gerdi welin, olar
maňlaýa düşüp duran saçlaryň aşagynda gizlendiler.
— Siz darkaşa gürrüňsiz giräýmelimi? — diýip, şol pursada çenli fransuzça geplän
goja ahyr italýan diline geçdi.
— Gürrüňsiz. Şeýtmesem, ömrüm boýy masgaraçylygyň astynda galaryn.
— Hüm. Eger men ol işi göwnemesem, siz başga emin gözlemeli bolýaňyzmy?
— Ýogsa näme. Hökman.
Pantaleone utanyp aşak bakdy.
— Soramaga ejaza beriň, sinýor, de Sanini!. Siziň ol başa-baş çaknyşygyňyz bir
şahsyň abraýynyň üstüne gelşiksiz kölege bolup şek ýetirmezmi?
— Beýle çak etmeýärin. Ýöne, nähili-de bolsa, gaýry çykalga ýok. Atylan ok daşdan
gaýtmaz.
— Hüm, — eden Pantaleone tutuşlygyna diýen ýaly ýakabagynyň aňyrsyna bukuldy.
— A, ol ferreflukto Kluberio, näme etsem diýýä? — Goja birdenem ýüzüni ýokaryk
tutup gepledi.
— Olmy? Ol hiç zadam edenok.
— Ol-a bolmaýar. — Pantaleone ýigrenç bilen eginlerini gysdy. — Nähili-de bolsa,
men size minnetdarlygymy aýtmaly. Şu mahalky çöken ýagdaýymda-da meni
agramly, päk adam saýyp, — un galant’uomo! — kabul edeniňiz üçin, nähili-de
bolsa, men size minnetdar bolmaly. Şeýtmek bilen, siz özüňizi — galant’uomo —
sypaýy adam hökmünde äşgär etdiňiz. Ýöne men siziň teklibiňiz hakda oýlanyp
görmeli.
— Oýlanmaga wagt ýok, gadyrly jenap Çi... çippa...
— Tola, — diýip, goja Saniniň yzyny aýdyp bilmän goýan sözüniň üstüni ýetirdi. —
Maňa oýlanmak üçin aňyrsy bir sagat gerek bolar. Ol mesele meniň rehim-şepagatly
29
dostlarymyň gyzyna baryp direýär... Şonuň üçinem men oýlanmaga borçly. Ýene bir
sagatdan, asyl kyrk bäş minutdan siz meniň gelen netijämi bilersiňiz.
— Ýagşy. Men garaşaryn.
— Indi bolsa... Men sinýorina Jemma näme jogap bermeli?
Sanin bir tagta kagyz aldy-da, şeýle sözleri ýazdy: «Örän arkaýyn boluň, meniň
gadyrly tanşym! Men ýene üç sagatdan ýanyňyza baranymdan soň, size hemme zat
düşnükli bolar. Ýagdaýym bilen gyzyklanýanyňyz üçin size ýürekden
minnetdardyryn».
Sanin ýazan hatyny Pantaleone berdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Bahar bulaklary - 04
  • Parts
  • Bahar bulaklary - 01
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2214
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 02
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2142
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 03
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2157
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 04
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2140
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 05
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 1986
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 06
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 07
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2039
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 08
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2052
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 09
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2080
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 10
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2076
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 11
    Total number of words is 1747
    Total number of unique words is 1185
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.