Latin

Bahar bulaklary - 01

Total number of words is 3697
Total number of unique words is 2214
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
1
Iwan TURGENEW
BAHAR BULAKLARY
(Powest)
Şagalaňly ýyllam,
Bagtyýar günlem.
Bahar bulagy deý,
Geçdi deňimden.
(Köne romandan)
Ol gije sagat ikilerde öz iş otagyna dolanyp, şem ýakýan hyzmatkäri gapydan
çykaransoň, pejiň golaýyndaky kürsä özüni goýberdi-de, iki eli bilenem ýüzüni tutdy.
Henize çenli ol beýle derejedäki beden ýadawlygyna-da, ruhy argynlyga-da
sataşmandy; tutuş agşam göze ýakymly zenanlaryň, medeniýetli kişileriň arasynda
boldy. Zenanlaryň käbiri owadandy, erkekleriň bolsa hemmesi diýen ýaly akyllydy,
zehinlidi, onuň özi-de gürrüňdeşlerinden asgyn däl, gaýtam, belent bolup göründi.
Oňa garamazdan, rimlileriň bireýýäm aýdyp gidişi ýaly, «taýedium witaýe» —
«beýle durmuşa bolan ýigrenç» onuň kalbynda henize çenli häzirkisi ýaly möwç
almandy, beýdip demligini gysmandy. Şu mahal ýaşy birneme bärräk bolaýan bolsa,
ol hasratdan, içgysgynçlykdan, öjükmeden ýaňa gözýaş ederdi. Ýowşanyň ysy ýaly
ýiti hem ajy tagam onuň gursagyny doldurdy, haýsydyr bir ýapyşyp ýatan ýigrenji
agyr zat güýzüň garaňky gijesi ýaly gysyp-gowrup barýardy. Şol garaňkylykdan, şol
ajylykdan ol nädip ara açjakdygyny bilmedi. Ýatmagyň-a pikirini-de edip oturmaly
däldi, uklanmajakdygyny ol anyk bilýärdi.
Ol oýlanmaga başlady, özi-de howlukman, ýöne ary köýen ýaly gazaply oýlandy,
adamzat ähliniň başagaýlygy hakda, gerekmezligi hakda, pes ahlagy hakda pikir
aýlady. Dürli ýaşdaky adamlar onuň aň derňewinden geçdi (özüniňem ýakynda 52
ýaşy dolupdy). Göz öňünden geçirenleriniň ýekejesine-de ol rehimdarlyk etmedi.
Hemme ýerde hemme zat hemişeki bolşy ýaly, manysyzlykdan bimanylyga
akdyrylýar, ýumşak suw gaýtadan ýumşadylýar, ýarym sapýüreklilik, ýarym
düşünjelilik bilen şol bir özüňi köşeşdirmek. «Çaga nämä güýmense, şoňa güýmensin
— aglamasa bolany, derrewem — şeýle boljagy hakykat — depäňden gar ýagan ýaly
bolup garrylyk basar» diýip, ýagdaýa gözi ýetip duran halatynda-da adam öz-özüni
aldaýar. Garrylyk bilen birlikde-de, kem-kemden güýjeýän, barha igledýän, ýuwaşýuwaşdan iýip gutaryp barýan ölüm howpy abanar welin, sen-men ýok, düýpsüz
gorpa agdarylyp gidersiň. Üstesine-de, ömür şeýle oýun bilen gutarsa-ha ne ýagşy,
ýogsam ýoluň ahyrynda, demre degen posa meňzäp güýç-kuwwatsyzlygyň,
görginiň... ýaran bolmagy-da ahmaldyr. Adam durmuş deňzini, şahyrlaryň beýan
edişi ýaly, apy-tupanly gomlara bürenendir öýtmän, keýpiňi bozmaýan, parahat, tä
garaňky düýbüne çenli-de lowurdap duran närse hasaplaýar, özüni hem çala yraň
atýan gaýygyň üstünde oturan ýaly göz öňüne getirýär. Aşakda, deňziň gyrmança
basan düýbünde ullakan balyga çalymdaş aýylgançdan howply jandarlar çala göze
2
kaklyşýar. Olar durmuşyň ähli ýakymsyzlyklaryny, keselini, hasratyny,
bimanylygyny, ýaramazlygyny, pukaralygyny, körlügini... aňladýar. Adam garap otyr
welin, şol elhenç nägehanlaryň biri tümlükden saýlanýar-da, kem-kemden ýokaryk
galýar, kem-kemden hem aýylgançlygy, örän aýylgançlygy aýyl-saýyl görnüp
başlaýar. Sähel salymdan onuň gelip uran gaýygy agdarylýar. Ýöne ol wagşy jandar
ýene reňkini ýitirýän ýaly bolup barha ara açyp, deňziň düýbüne ýetensoň, ýüzgüjini
çalaja gymyldadyp ýatmak bilen bolýar. Ýöne takdyryň bellän güni gelip ýeter welin,
ol nägehan gaýygy düňderip taşlar.
Ol başyny silkdi, kürsüden laňňa galdy, otagyň içinde biraz gezmeledi, ahyram
ýazuw stolunyň başyna geçdi-de, tahyllary gezek-gezegine açyşdyryp, öz köne,
esasanam, köpüsi aýallaryň ýazan hatlaryndan ybarat kagyzlaryny dörüşdirmäge
başlady. Bu hereketi näme üçin edýändigini onuň özi-de bilmeýärdi, hiç zat
gözlemeýärdem-de, haýsydyr bir gapdaldan dörän güýmenjä ünsüni bölüp, özüni
halys eden oý-pikirlerden daşlaşmak isleýärdi. Gabat gelen hatlaryň birnäçesini açyp
(olaryň birinde daşy reňki solup giden mata bilen daňlan güljagaz bar eken), ol egnini
gysdy, buhary peje seretdi-de, hatlary bir gyra süýşürdi. Çaky, ol saralan kagyzlaryň
gerekmejeklerini oda taşlamak isleýärdi. Tahyllaryň kä birine, kä beýlekisine
howlukmaçlyk bilen elini sokuşdyryp, birdenem ol gözlerini giňden açdy-da, sekiz
burçly çaklaňja gadymy gutyny howlukman çekip aldy, emaý bilen onuň gapagyny
galdyrdy. Gutuda iki gat edilip goýlan nah matanyň aşagynda kiçijik gyrmyzy haç bar
eken.
Ol az salym haçy aňk-taňk bolup synlady, birdenem duýdansyz gygyryp goýberdi,
ýüzüne şatlygyňmy ýa ahmyryňmy alamaty çaýyldy. Adam kän wagt bäri gözünden
gaýyp bolan, birmahal örän eý gören, ýyllaryň geçmegi bilen daş sypaty özgeren,
ýöne şol köne tanşy bolup, garaşman durka gabat gelende şeýle ýagdaýa düşýär.
Ol ýerinden turup, pejiň ýanyna dolandy-da, oturgyja özüni goýberensoň, ýene
ýüzüni tutdy. Aňynda: «Näme üçin şu gün? Hut şu gün?» diýen sowal döredi. Şol
sowal hem bireýýäm bolup geçen kän-kän wakany onuň ýadyna saldy.
Ine, onuň ýatlan wakalary...
Ýöne, öňürti ol adamyň kimdigini aýtmak gerek. Ol Dimitriý Pawlowiç Sanin. Onuň
ýatlan wakalary bolsa, ine, şulardan ybarat:
I
Waka 1840-njy ýylyň tomsunda bolupdy. 22 ýaşyny dolduran Sanin Italiýadan
Russiýa dolanyp gelýärkä, Frankfurtda düşledi. Ol aňyrsynda tükenmez baýlygy
bolmasa-da, erkindi, entek öý-işik-de bolmandy diýen ýalydy. Ol işe durmanka,
uzadan ýeriňe eliňi ýetirip ýaşamagyň ýalňyz serişdesi hasaplaýan edara
gullukçysynyň hamydyny boýnuna ildirmänkä, dünýäden öten daşkyrak
garyndaşyndan miras galan birnäçe müň manadyna daşary ýurtlary aýlanmak isledi.
Sanin bu maksadyny aňry ýany bilen amala aşyrdy. Ol Frankfurta gelip düşen güni
jübüsinde laýyk Peterburga ýetýänçä oňaýar ýaly sanalgyja pul galypdy. 1840-njy
ýylda demir ýoluň mümkinçiligi hem çäklidi. Şonuň üçinem syýahatçy jenaplar
diližanslardanam peýdalanýardylar. Sanin özüne agşam sagat 11-lerde ugraýan
«beýwagenden» (diližana goşmaça tirkew) orun aldy. Ulagyň ugramagyna entek
3
wagt kändi. Howa-da diýseň ýakymlydy. Şol sebäpli öz döwrüniň belli
myhmanhanasynyň restorany bolan «Ak guwda» naharlanan Sanin şähere gezelenje
çykdy. Gaty bir islemese-de, Dannekerowyň Ariadnasyny görmäge bardy.
Eserlerinden diňe «Werteri», onda-da fransuzçasyny okanam bolsa, ol Gýotäniň
öýüne hem aýlandy, Maýn derýasynyň kenarynda gezim etdi, edepli syýahatçylarda
adat bolşy ýaly, onuňam içi gysdy, ahyr soňunda-da, agşam sagat altylarda, tot-tozan
siňen köwşüni süýräp, ýadaw halda, Frankfurtyň kiçeňräk köçeleriniň birine gadam
basdy. Sanin soň ol köçäni kän wagtlap hakydasyndan çykaryp bilmedi. Ol köçäniň
az sanly jaýlarynyň biriniň maňlaýyndaky ötegçilere «Jiowanni Rozelliniň italýan
süýji-köke kärhanasy» diýen habary ýetirýän ýazgyny gördi. Ol hem-ä kiçeňräk
kärhanady, hemem ýaşalýan öýdi. Sanin bir bulgur limonad içmek meýli bilen ol
jaýyň bosagasyndan ätledi. Ýöne girilen ilkinji otagda sadaja kapasanyň aňyrsyndaky
reňklenen şkafyň tekjesinde diňe altynsow reňkli belgi ýelmenen, dermanhanany
ýatladýan birnäçe çüýşe, olaryň gapdalynda-da içi kakadylan çörekli, şokolad
kökejikli, mampasaly aýna gapjagazlar bardy. Otagda bir çal pişikden gaýry janlyjandar görünmeýärdi. Çal pişik aýnanyň gapdalyndaky beýik örme oturgyjyň üstünde
aýaklaryny çalşyryp ädimläp ýörşüne, gözlerini süzüp myrlaýardy we ol ýaşyp
barýan Günüň içerik düşýän ýagtysyna aýdyň görünýärdi. Gyzyl ýüňden egrilen
ullakan ýumak haşamly agaçdan ýasalan, agdarylan sebediň gapdalynda ýatyrdy.
Goňşy otagdan howsalaly ses gelýärdi. Esli garaşan Sanin gapynyň jaňyny uzak
jaňňyrdadansoň: «Bu jaýda habarlaşmaga hiç kim ýokmy?» diýip, gaty ses bilen
gygyrdy. Şol pursat hem goňşy otagyň gapysynyň açylmagy bilen dörän ýagdaý
Sanini biygtyýar gaty geňirgendirdi.
II
Burum-burum gara saçlary seçelenip, ýalaňaç eginlerine dökülip duran on dokuz
ýaşlaryndaky gyz, haraý isleýän ýaly, iki elini hem öňe uzadyp, tüweleý ýaly bolup
otaga atylyp girdi-de, Sanine gözi düşensoň, derrew oňa tarap okduryldy. Nätanyş
kişiniň elinden ýapyşan gyz, sojap-sojap: «Tizräk boluň! Halas ediň!» diýip, ony öz
yzy bilen goňşy otaga tarap çekip başlady. Tabyn bolmagy islemezlikden däl-de,
çakdanaşa haýran galýandygy sebäpli, Sanin desbi-dähel gyzyň yzyna düşübermän,
bir duran ýerinde durdy. Ol şu ömründe beýle gözel gyza gabat gelmändi. Sesinde,
seredişinde, solgun ýaňagyna elten sandyraýan barmaklaryndan, eliniň
hereketlerinden örän aljyraňňydygy duýlup duran gyz nätanşa tarap ýüzüni öwrüp:
«Ýöräň ahyryn, ýörüň-ä!» diýen badyna, Sanin onuň yzy bilen gyssanmaç açyk gapa
ýöneldi.
Giren otagynda atyň ýalyndan, guýrugyndan alnyp edilen köne biçüw diwanyň
üstünde sypatynda adam ruhy galmadyk on dört ýaşlaryndaky ýigdekçe ýatyrdy.
Onuň sarymtyl menekli aksowult ýüzi mumy ýa-da gadymy mermeri ýatladýardy.
Ýetginjek aljyrap ýören gyza şeýlebir meňzeşdi welin, haýran galaýmalydy. Ol gyzyň
jigisi bolmaga çemeli. Oglanyň gözleri ýumukdy, gür gara saçlary gataňsy
maňlaýynyň hem gyýlan hereketsiz, inçe gaşlarynyň üstünde tegmil ýaly bolup
durdy, göm-gök dodaklarynyň arasyndan gysylan dişleri görünýärdi. Ol dem almaýan
ýalydy, bir eli ýere sallanyp ýatyrdy, beýlekisi bolsa kellesiniň aşagyndady. Oglan
4
geýnüwlidi, ilik-düwmeleri hem ildirilendi, gaty çekilen ýakabagy bolsa boýnuny
mäkäm gysyp durdy.
Biçäre gyz pelesaň urup, perýat edilip, oglana tarap okduryldy:
— Bu ölendir! Ölendir! Ýap-ýaňyja-da ol şu ýerde meň bilen gürrüňleşip otyrdy,
birdenem ýykyldy-da, gymyldaman ýatyberdi, Eý, Hudaý! Indi muňa kömek edip
bolmazmyka? Pantaleone! Pantaleone, lukman hany? — diýip, gyz birdenem
italýança gepledi. — Sen lukmanyň yzyndan gitmediňmi?
Gapynyň aňyrsyndan:
— Sinýora1, özüm gitmedim-de, Luizany iberdim — diýen boguk ses eşidilenden
soň, müçesi ownuk bir goja, gyşyk aýaklaryny süýräp içerik girdi. Ol egni ilikleri
gara, melewşe frakly2, ýogyn düwlen ak ýakabagly, gysga pantalonly, aýagy gök ýüň
joraplydy. Onuň naşyja ýüzi demir reňk, çal sepen gür saçynyň astyndan çala
görünýärdi. Çar tarapdan hüžžerip ýokaryk galan, uçlary ýene aşak sallanan örme
saçlary gojany hüpükli towuga meňzeş edip görkezýärdi. Ýüzüne dökülip duran şol
çalymtyl hüžžük saçlarynyň aňyrsyndan görünýän jüýk bilen tegelejikden sary
gözjagazlary bolsa ony towuga meňzedýärdi.
— Luiza menden tiz gidip geler. Men ylgabam bilemok ahyryn — diýip, beýik ökjeli
köwüş geýen, ýasy dabanly, bogunlary agyryly aýaklaryny gezek-gezegine ýokaryk
galdyran ýaşuly gepini italýança dowam etdi. — Men, ynha, suwam getirdim.
Ol gataňsy hem tagaşyksyz barmaklary bilen elindäki çüýşäniň uzyn bokurdagyndan
gysymlap durdy.
— Ýöne lukman gelýänçä Emil öler! — diýip, aljyraňňy gyz Sanine elini uzatdy. —
Eý, jenabym — o meýin Herr! — Eýsem, sizdenem delalat ýokmy?
— Gan almaly. Beýle ýagdaý ganjoşmanyň urgusydyr — diýip, Pantaleone diýilýän
goja öz pikirini beýan etdi.
Sanin, lukmançylykdan düýpden başy çykmasa-da, on dört ýaşly ýetginjekde
ganjoşma urgusynyň bolmaýandygyny anyk bilýärdi.
— Bu urgy däl. Oglan özünden gidipdir — diýip, Sanin goja seredip gepledi. —
Sizde çotga barmydyr?
Goja Pantaleone ýüzjagazyny göterdi.
— Näme diýdiňiz-ä?
— Çotga, çotga — diýip, Sanin hem nemesçe, hem fransuzça gaýtalady. Ýene-de bir
gezek çotga sözüni aýdyp, onuň eşik arassalanýan zatdygyny elleriniň hereketi bilen
düşündirdi.
Goja ahyr gepe düşündi.
— Çotga diýsene! Spazzette! Çotgasyz öý bolarmy!
— Bar bolsa, getiriň-dä! Biz oglanyň eşiklerini çykaryp, endamyna çotga sürteris.
— Ýagşy.... Wenone! Kellesine suw akytmak hökman dälmi?
— Ýok. Ol soň. Ýöne çotgany tiz getiriň!
— Elindäki çüýşäni ýerde goýan Pantaleone otagdan howlukmaç çykdy-da,
derrewem bir eli saç daralýan, beýlekisi geýim arassalanýan çotgaly dolanyp geldi.
Gojanyň yzyna düşüp ýören buýra-buýra tüýli öýdeçi it hem içerde gopýan
1
Sinýora—hanym — italýança aýal maşgala hormatly ýüzleniş.
Frak—uzyn eteginiň öň tarapy dilik,erkek adamyň daşky eşigi (tejimeçiniň belligi).
2
5
aljyraňňylygyň manysyny aňjak bolýan ýaly, guýrugyny bulap, kä garra, kä gyza,
käte hem Sanine bilesigelijilik bilen seredýärdi.
Sanin oglanyň iki tarapy-da hatar ilikli uzyn syýly daşky eşigini çakganlyk bilen
çykaryp, köýneginiňem ýeňlerini çermeşdirenden soň, onuň döşüni, ellerini
dogumlylyk bilen çotgalamaga başlady. Pantaleone bolsa saç daralýan çotgany
oglanyň ädigine, eşiklerine yhlas bilen sürtmäge durdy. Diwanyň gapdalynda dyza
çöküp, iki eli bilenem kellesini tutup oturan gyz gabaklaryny gymyldatman, ähli
ünsüni doganynyň ýüzüne gönükdiripdi.
Sanin hem çotga işledýärdi, hem-de assyrynlyk bilen gyzy göz astyndan synlaýardy:
«Eý, Taňrym! Bu gyzyň beýle owadandygyny!»
III
Gyzyň burny adaty burundan birneme ulurakdy, ýöne örän owadandy,
«bürgütburun» diýilýänlerdendi, örän ownujak tüýjagazlar ýokarky dodagynyň
üstünde çalaja bildirýärdi, oňa derek, ýalpyldap duran bolmasa-da, pil süňküne ýa-da
süýtreňk ýantara juda meňzeş ýüzüniň reňki dup-durudy, ýalpyldap duran buýra saçy
Palasso-Pittdäki Ýudifi Alloriýewanyňky ýalydy. Aýratynam, onuň göreçleriniň
töweregi keşde bilen jäheklenen garamtyl çal gözleriniň şatlyk nuruny kalbyna
aralaşan gorkudyr hasrat hem peseldip bilmändi... Sanin syýahat edip gelen ajaýyp
ýerlerini özünden erksiz ýatlamaly boldy... Ol hatda Italiýada-da beýle gözellige
gabat gelmändi! Tolgunýany sebäpli gyz demini haýal hem sojap-sojap alýardy, her
dem alanda, doganynyňam dem almagyna garaşýan ýalydy.
Sanin ýigdekçäniň döşüne çotga sürtüp durşuna, diňe gyzy-da synlamaýardy.
Pantaleonäniň özboluşly keşbi hem onuň ünsüni çekýärdi. Goja indi halys gurpdan
gaçan kişidi, demini-de haşlap alýardy, elindäki çotgany her gezek aýlanda-da
tisginip gidýärdi, gaty-gaty hyklaýardy, der siňip agralan örülgi saçlary bolsa ullakan
agajyň suwuň akymyna açylan kökleri ýaly bolup, saga-sola hallan atýardy.
Sanin oňa:
— Iň bolmanda, onuň ädiklerini beri çykaryň ahyryn! — diýmek isledi.
Bolup geçýän ýagdaýyň adaty däldigini aňyp, howsala tapan it birden öň aýaklarynyň
üstünde oturdy-da, üýrmäge başlady.
Goja:
— Tartaglia — sanaglia3! — diýip, «ýuwaş» diýen manyda ite ýüzlendi.
Hut şol pursat hem gyzyň ýüzi ýagtylyp gitdi, çytyk gaşlary ýokaryk galdy,
öňküsindenem ulalan gözlerinde şatlyk uçgunlary peýda boldy.
Sanin ýigdekçä garady, onuň aksowult ýüzüne gan inip başlandygy göründi,
gabaklary gymyldady, burun deşikleriniň gyralary titredi. Ol entegem gysylyp duran
dişleriniň arasyndan howa sorup, uludan dem aldy.
— Emil! — diýip, gyz çasly gygyrdy. — Emilio mio!
Ýuwaş-ýuwaşdan açylan ullakan gara gözler, entek öçügsi garaýanam bolsalar,
olarda şatlyk alamatlarynyň uçganaklaýandygyny aňyp bolýardy. Şol gowşaksy
3
Myrryh (ital).
6
şatlyk solgun dodaklara-da baryp ýetdi. Soňra ýigdekçe sallanyp ýatan elini galdyrdyda, ony gerim bilen aýlap, döşüniň üstünde goýdy.
— Emilio! — diýip gaýtalan gyz birneme dikeldi. Onuň ýüzi şeýlebir täsir ediji
ýagdaýdady welin, edil häzir gözýaş dökmekligiň ýa-da ulili bilen gülüp
goýbermekligiň nyşany bardy.
Gapynyň aňyrsyndan:
— Emil, bu nä boluş? Emil! — diýen sözler eşidildi-de, gowy geýnüwli kümüşsöw
saçly, bugdaýreňk bir aýal haýdap içerik girdi. Onuň yzyndanam ýaşy durugşan erkek
adam peýda boldy, soňky geleniň ýeňsesindenem hyzmatçynyň kellesi görnüp gitdi.
Gyz gelenlere tarap ylgady.
— Ol halas edildi, eje! Ol diri! — diýip, sandyraýan eli bilen gelen aýaly gujaklap,
gyz begençli habaryny aýtdy.
— Näme boldy asyl? — diýip, aýal öňki sowalyny gaýtalady. — Men dolanyp
gelýärkäm, jenap lukman bilen Luiza gabat geldim...
Gyz bolan ahwalaty beýan etmäge durdy, lukman hem kem-kemden özüni dürsäp
başlan, henizem ýylgyrmasyny dowam edýän näsagyň golaýyna bardy. Ýetginjegiň
bolşy adamlary azara goýanyndan uýalýan ýalydy.
— Görýän welin, siz näsagyň bedenine çotga sürten ýaly-la? — diýip, lukman hem
Sanine, hemem Pantaleonä ýüzlendi. — Örän oňat edipsiňiz. Gaty dogry çözgüt.
Ynha, bizem niçiksi däri-derman etmelidigini anyklarys... — Ol oglanyň ýüreginiň
urşuny diňledi. — Hm-m! Hany, diliňizi görkeziň!
Aýal uly alada bilen oglana tarap egildi. Oglan öňküsindenem janly ýylgyryp, zenana
nazar aýlanda ýüzi gyzardy.
Özüniň bu ýerde artykmaç adam bolup barýandygy baradaky pikir kellesine gelen
Sanin süýji-köke satylýan dükana çykmak isledi, emma daşky gapynyň tutawajyna
elini ýetirip-ýetirmänkä, haýdap gelen gyz ony saklady.
— Siz gidýäňizmi? — diýip, ol Saniniň ýüzüne mähirli nazaryny aýlady. — Men
häzir sizi saklamaýyn, ýöne şu gün agşam bize gürrüňsiz gelmeli bolarsyňyz. Biz size
şeýlebir minnetdar... belki-de, siz meniň doganymy göni gelen ajaldan halas
edensiňiz. Minnetdarlyk bildirmek isleýäs. Ejemiň şeýtmek höwesi bar. Siz özüňizi
tanyşdyryp, biziň bilen şatlanmaly bolarsyňyz...
Sanin:
— Ýöne men şu gün Berline ugraýaryn — diýen habaryny aýdyp-aýtmanka;
— Gitmäge ýetişersiňiz — diýip, gyz derrew onuň sözüni böldi. — Ýene bir sagatdan
şokoladly içgini içmäge geliň. Söz berýäňizmi? Men-ä ýene onuň ýanyna barmaly.
Gelersiňizmi?
Sanine gyzyň garaşýan ýeke sözüni aýtmakdan gaýry ýol galmady.
— Gelerin.
Owadan gyz çalt hereketleri bilen onuň elini gysdy-da, şol demde gözden gaýyp
gitdi.
Sanin eýýäm köçede peýda boldy.
IV
7
Sagat ýarym çemesi geçensoň, Rozelliniň süýji-kökeli dükanyna dolanyp gelende,
Sanini iň ýakyn adam hökmünde kabul etdiler. Emilio endamyny çotgaladan ýerinde,
diwanynyň üstünde otyrdy. Däri-derman bellän lukman oňa «duýga-joşguna gezek
gelende örän ägä bolmalydygyny» tabşyrdy. Onuň hyjuwlylygynyň degna ýakynlygy
üçin, ýürek kesellilere ýaramsyz täsirini ýetirmegiň mümkindigini belledi. Oglan ozal
hem birnäçe gezek özünden gidipdi, emma tutgaýynyň şu günki ýaly uzaga çekip,
agyr geçen gezegi bolmandy. Ýöne lukman howply ýagdaýyň yzda galandygyny
aýtdy. Dertlerinden saplanyp ugran Emiliň egninde özüne gelşip duran giň biçüwli
eşikleri bardy, ejesi bolsa onuň boýnuna mawy ýüň ýaglyk orapdy. Daşyndan
garanyňda, Emiliň ýagdaýy oňatdy, şähdaçykdy, keýpiçag adama meňzeýärdi. Asyl
tutuş içeri hem baýramçylyk howasyna dolan ýalydy. Diwanyň öňündäki arassa mata
örtülen tegelek stoluň üstünde töweregi gap-gaç bilen, biskwitdir kökeler, hatda
güller bilenem gurşalan, içi hoşboý ysy gelip duran şokoladly içgiden doldurylan
ullakan farfor kofedan durdy. Iki sany gadymy şemdanyň hersinde inçejik mumly
şemiň altysy ýanýardy. Diwanyň bir tarapynda ýumşak wolter kürsüsi birine «gujak
açyp» garaşýardy. Şol «biri» hem Sanin bolup çykdy. Ony şol hormatly orunda
oturtdylar. Onuň dükanda tanşanlarynyň hemmesi, şol sanda, Tartalýa atly it bilen
pişik hem bu ýerdedi. Her kim özüni diýseň bagtyýar saýýardy, it, hatda keýpiniň
çaglygyndan ýaňa asgyrybam goýberdi, diňe näz-kereşme edýäne meňzeýän pişik
adaty bolşy ýaly ýüzüni çytýardy. Sanine özüniň kimdigini, nirede önüp-ösendigini,
adyny aýtmaga mejbur etdiler. Ol milletiniň rusdugyny aýdanda, eneli-gyzyň ikisi-de,
hut içlerini çekip geňirgendiler. Şol pursat olar Saniniň nemes dilinde örän oňat
gepleýändigini, eger myhmanyň özi üçin amatly bolsa, eneli-gyz oňa fransuzça
geplese-de garşy bolmajakdyklaryny nygtadylar. Sanin olaryň teklibinden
peýdalanmaly diýen netijä geldi.
«Sanin! Sanin!». Eneli-gyz rus atlarynda-da beýle aňsat aýdyp bolýanynyň
bardygyna haýran galdylar. Saniniň ady Dimitriý. Ony hem öý eýeleri juda haladylar.
Öý bikesi ýaş mahallary «Demetrio e Polibio» diýen ajaýyp opera tomaşa edendigini
ýatlap, «Dimitriniň» «Demetriodan» has gowudygyny belledi. Şeýlelikde, Sanin olar
bilen bir sagat çemesi gürleşip oturdy. Eneli-gyz öz şahsy durmuşlarynyň hemme
taraplary bilen Sanini jikme-jik tanyşdyrdylar. Gyzyň çal saçly ejesi has-da kän
gepledi. Sanin oňa Leonora Rozelli diýilýändigini, ýigrimi bäş ýyl mundan ozal asly
Wiçensden bolan, Frankfurta göçüp gelibem süýji-köke taýýarlamak hünärini dowam
eden Jiowanni Battista Rozelli atly, az-kem gyzmarakdygyna, tekepbirräkdigine
garamazdan, örän oňat adam, üstesine-de, respublikaçy bolan äriniň ýogalyp, dul
galandygyny bildi. Şol habarlary aýdanda Rozelli hanym diwanyň ýokarsyndan
asylgy, ýagly reňk bilen çekilen surata elini salgady. Çaky, respublikaçy
hasaplanmaly suratkeş hem, Rozelli hanymyň uludan dem alyp bellemegine görä,
suraty çekilýän bilen şekiliň meňzeşligini tutup bilmändir. Sebäbi merhum Jiowanni
Battista suratda, birhili, gamgyn, Rinaldo Rinaldini ýaly ýowuz briganta meňzäpdir.
Rozelli hanymyň özüniň dünýä inen ýeri bolsa «ölmez-ýitmez Korrejio tarapyndan
haşamlanan şeýle täsin gümmezli gadymdan gelýän ajaýyp şäher Parmi» eken. Ýöne
Germaniýa göçülip gelneli bäri kän wagtyň geçmegi bilen onuň özi-de nemese
öwrüliberipdir. Soň hem ol hasrat bilen başyny ýaýkap, indi onuň göz dikip
oturanynyň «diňe şu gyz bilen şu oguldygyny» (ol ogly bilen gyzyna tarap gezek-
8
gezegine barmagyny uzatdy) hemem gyzyna Jemma, ogluna-da Emilio
diýilýändigini, olaryň ikisiniňem ýumşakdygyny, aýdylana gulak asýandyklaryny,
aýratynam, Emilionyň şeýledigini nygtady. («Men ýumşak däl-dä?» diýip, Jemma
derrew suňşurdy. «Ah, sen respublikaçy!» diýip, ene hem tiz jogap gaýtardy). Ol indi
işiň süýji-köke öndürmegiň beýik ussady bolan adamsynyň diri döwründäkisi ýaly
şowuna däldigini («Un grand’ iomo!» diýip, Pantaleone ýowuz sypata girip, aýdylany
alyp göterdi), oňa garamazdan, entek, Hudaýa şükür, ýaşap boljakdygyny nygtap,
öňki aýdylanlaryň üstüne goşdy.
V
Ejesiniň aýdýanlaryny diňläp oturan Jemma kä gülýärdi, kä uludan dem alýardy, kä
onuň egninden sypalaýardy, kä barmagyny çommaldyp haýbat atýardy, käte-de
Sanine seredýärdi. Iň soňunda-da, ol ýerinden turdy-da, boýnundan gujaklap,
çukanakly ýaňagyndan ogşady. Gyjygy tutan ene şyg-şyglap uzak güldi. Pantaleone
bilenem Sanini tanyşdyrdy. Asyl ol goja birmahallar bariton sesli opera aýdymçysy
bolan eken. Teatrda işlemesini goýanyndan soň ol Rozellileriň maşgalasynda dost
hem hyzmatkär aralykdaky adam bolup galyberýär. Germaniýada köp ýyllar bäri
ýaşaýanam bolsa, Pantaleonäniň nemes dilini bilşi ýabygorludy, hatda paýyş sözlerini
hem ýoýup ulanýardy. Ol öňýeten nemese diýen ýaly «Ferroflukto spiççebubbio»
(«nälet siňen dereksiz») diýip gargynýardy, italýan dilini bolsa, dogduk mekany
«lingua toscano in bocca romana» («Toskan dili Rimiň agzynda») sözleri ulanylýan
Sinigali bolany üçin, köstsüz bilýärdi. Emilio bolsa ýap-ýaňy uly howpdan sypan ýada näsaglykdan saplanyp ugran adam ýaly ýakymly duýgulara beslenip, läliksireýäne
meňzeýärdi. Içerdäki häzirki ýagdaý-da onuň maşgala agzalary tarapyndan
läliksiredilýändiginden habar berýärdi. Ol Sanine uýaljyrap minnetdarlyk bildirse-de,
süýji bilen şerbete hüjüm etmekde welin utanmaýardam, çekinmeýärdem. Sanin
ullakan gapdaky ergin şokolady iki gezek götermäge hem örän tagamly biskwiti köp
iýmäge mejbur boldy. Ol bir bölek biskwiti ýuwdup-ýuwutmanka, Jemma ikinjisini
hödürleýärdi, gyzyň hödürinden ýüz öwürmek hem gelşiksizdi. Kän mahal
geçmänkä, Sanin özüni öýünde ýaly duýup başlady, sagat dili bolsa diýseň çalt
aýlanýardy. Ol, umuman, Russiýa we onuň howasy hakda, rus daýhany, jemgyýeti,
aýratynam, kazaklar hakda, on ikinji ýylyň urşy hakda, Beýik Pýotr barada, Kreml,
rus aýdymlary, jaňlary hakda kän gürrüň bermeli boldy. Eneli-gyzyň ikisiniň-de
Russiýa diýilýän uzakdaky giň ülke barada bilýän zatlary ujypsyz eken. Rozelli
hanym ýa-da başgaça atlandyrylyşyna görä frau4 Lenoräniň merhum ärinden galan
kitaplaryň birindäki «Sungat gözelligi» diýen täsin makalada okan habarynda, geçen
asyrda Peterburgda buzdan gurlan tanymal köşgüň häzir bardygyny-ýokdugyny
soramagy Sanini haýran etdi.
Onuň:
— Eýsem, siz Russiýada hiç mahal tomus bolýan däldir öýdýärsiňizmi? — diýen
sowalyna frau Lenore şu mahala çenli şeýle pikir edendigini, ol ýurtda hemişe gyş
bolup, adamlar hem harbylar ýylboýy possun geýýändir öýdendigini boýun alyp,
4
Frau — nemes hem käbir başga günbatar milletlerde aýallara hormatly ýüzleniş (terjimeçiniň belligi).
9
ýöne myhmanparazlygyň ýokary derejededigini, daýhanlaryň hiç zada baş
galdyrman, örän ümsümdiklerini bilýändigini aýtdy. Sanin eneli-gyza Russiýa barada
has takyk maglumatlar bermäge çalyşdy. Gürrüň rus sazynyň üstünden baranda,
Saninden derrew haýsydyr bir aýdym aýtmak haýyş edildi hemem içerdäki garasyna
derek ak, agyna derek hem gara düwmeler goýlan kiçijik fortepiano görkezildi. Sanin
ýalbar-ýakar hem etdirip durman, fortepianonyň başyna geçdi. Ol sag eliniň iki, çep
eliniňem üç (başam, orta, külbike) barmagy bilen saz çalyp, inçeden belent sesde ilki
«Sarafan», soň hem «Daş düşelen köçeden» diýen aýdymy aýtdy. Enesi bilen gyzy
onuň sesinem, aýdan aýdymlarynam magtadylar, ýöne hemme zatdan beter rus
diliniň owazlylygy, ýakymlylygy olaryň hasda göwnünden turdy. Öý eýeleri
myhmandan aýdymyň sözleriniň manysyny düşündirmegi haýyş etdiler. Sanin olaryň
haýyşyny bitirdi, ýöne «Sarafanyň», aýratynam, «Daş düşelen köçedäki» («Daş
düşelen köçeden ýaş gyz suw almaga barýardy») rus poeziýasynyň belent derejesi
eneli-gyza düşnüksizligi sebäpli, Sanin Glinkanyň Puşkiniň sözlerine döreden «Şol
ajaýyp pursat meniň ýadymda» diýen aýdymyny ilki goşgy, soň aýdym görnüşinde
aýdyp, yzyndanam setirlerini, ýüzleýrägem bolsa, manysyna görä, nemesçä terjime
etdi. Ol aýdym eneli-gyzyň göwnünden turdy. Frau Lenore rus dilindäki «pursat»
sözüniň italýan dilinde-de bardygyny belledi. Ol Puşkini Pussekin diýip aýtmak
bilen, Glinka ikisiniň adynyň ýaňlanyşynyň hem özi üçin has ýakyn bolup
duýulýandygyny nygtady. Sanin hem öz gezeginde öý eýeleriniň haýsy-da bolsa, bir
aýdym aýtmaklaryny haýyş etdi. Olaram näzlerini çekdirjek bolup durmadylar. Frau
Lenore fortepianonyň başyna geçdi-de, Jemma bilen bilelikde iki bolup aýdylýan bir
aýdym hem «stornello» aýtdy. Frau Lenoräniň ýaş mahallary gowy, owadan pessaý
sesi bolan eken. Jemmanyňam sesi, birneme pesrägem bolsa, ýakymlydy.
VI
Ýöne Saninde Jemmanyň sesi däl-de, özi mähir oýardy. Ol yzyrakda, bir gapdalda
oturyşyna, hiç hili gözelligiň, hatda şol döwrüň iň ýörgünli şahyry bolan
Benediktowyň şygyrlarynda keşbi çekilýän ajaýyp palma daragtynyň-da Jemmanyň
syratly bedeni bilen bäsleşip bilmejekdigi barada oýlanýardy. Jemma aýdymyň has
duýguly ýerlerinde nazaryny ýokaryk aýlanda, Saniniň baha berşiçe, ol nazaryň täsiri
bilen para-para bolup pytramajak asman bolmaly däldi. Hatda gapynyň söýesine
egnini ýaplap, eňegi bilen agzyny ullakan ýakabagynyň aňyrsynda gizläp, şol
ugurdan hünärmen ýaly hondan bärsi bolup saz diňleýän Pantaleone goja-da, gyzyň
ajaýyp gözelligine höwes bilen seredýärdi, oňa haýran galýardy. Ýogsam ol bir ýerde
ýaşap, günde görüp ýören gözelligi bilen bireýýäm öwrenişip gidäýmeli ýalydy
welin... Gyzy bilen bileleşip aýdan aýdymyny tamamlan frau Lenore Emiliň hem
örän oňat «hakyky kümüş» sesiniň bardygyny, ýöne onuň häzir adamyň sesiniň
özgerýän döwrüne gadam basandygyny (Emilio, dogrudanam, arasy kesilmeýän ba:s
sesi bilen durman gepleýärdi), şonuň üçinem oglana şu mahal aýdym aýtmaklygyň
gadagandygyny belledi. Oňa derek Pantaleonäniň welin, myhmany hormatlap,
ýaşlygyny ýatlamagynyň mümkindigini ýaňzytdy. Şol pursat hem ýüzüniň terzi
üýtgän Pantaleone närazy sypata geçdi, gaşlary çytyldy, saçlary hüžžerdi. Ol ýaş
mahaly bir adamça aýdym aýdandygyny, häzir sesi bolmasa-da, ozal şu mahal öňe
10
çykýan aýdymçysumaklara meňzemeýän hakyky ussatlygyň mekdebini döreden
nusgawy aýdymçylaryň ýörgünli döwrüne degişli bolan adamdygyny, bu günki
bogazyny ýyrtýan mähirsiz seslilerden däldigini nygtady. Modenede özüne, ýagny
Werezadan bolan Pantaleone Çippatola bir öwre lawr ýapraklaryndan gurnalan täç
geýdirendiklerini, hatda şol mynasybetli teatrda birnäçe ak kepderini
uçurandyklaryny-da, Tarbisskiý — «il principe Tarbusski» — diýen ýakyndan
gatnaşýan bir rus knýazynyň her gezek agşam naharyndan soň özüni Russiýa
çagyrandygyny, üýşmek-üýşmek altyn wada berendigini, ýöne Dantäniň watany
bolan — il paese del Dante — Italiýadan daşlaşyp bilmändigini beýan etdi. Ondan
soň hem... özüniň ägä bolmany sebäpli, bir betbagtçylyga uçrapdy... Gürrüň şu ýere
ýetende goja sözüniň arasyny böldi, iki gezek uludan dem aldy, utanyp, ýüzüni aşak
saldy, ýene aýdym aýtmaklygyň ajap zamanasyna dolandy, çäksiz hormat, ýürekden
sarpa goýýany belent sesli tanymal aýdymçy Garsiany ýatlady.
«Ana, ol adamdy! Beýik Garsia — «il gran Garsia» — häzirki tenorjyklar —
tenoracci — ýaly kiçi dilden bärden aýdym aýdyp, özüni kemsitmezdi, ol sesi
döşden, döşden — voce di petto, si! — çykarardy». Goja kiçijik, guraksy ýumrugy
bilen kükregine urdy.
— Şu ýerden! Eý, Hudaý, üstesine-de, ol nähili aktýordy! Edil ýanardagyň bardy,
signori miei, ýanardag, un Vesuvio! Maňa onuň bilen bile oýnamak bagty miýesser
edipdi. Tanymal ussat Rossininiň «Otello» operasynda Garsia Otellonyň keşbini
ýerine ýetiripdi, menem Ýagonyňkyny. Ol:
L’ i... ra da ver... so da ver... so il fato
Io piü no...no...no... non temero!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Bahar bulaklary - 02
  • Parts
  • Bahar bulaklary - 01
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2214
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 02
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2142
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 03
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2157
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 04
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2140
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 05
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 1986
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 06
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 07
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2039
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 08
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2052
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 09
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2080
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 10
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2076
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 11
    Total number of words is 1747
    Total number of unique words is 1185
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.