Latin

Bahar bulaklary - 02

Total number of words is 3707
Total number of unique words is 2142
31.1 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
52.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
(Ykbalyň gazabyndan men indi gorkman) — diýip gygyranda, teatr tutuş durky bilen
titrärdi. Menem pes oturmazdym. Men onuň yzyndan:
L’ i... ra da ver... so da ver... so il fato
Temer piü non dovro!
(Ykbalyň gazabyndan men indi gorkmaly däl) — diýip gygyrardym. Birdenem ol
ýyldyrym çakyp, gaplaň arlaýan ýaly sesini doly goýbererdi:
«Morro!.. ma vendicato...
(Ölerin! Ýöne arymy ýerine salyp ölerin...)
— Ynha, ol ýene... Ynha, ol ýene... Ol ýene «Matrimonio segreto»-dan («Pynhan
nika») belli Pria she spunti-ni («Peýda bolmazyndan öň») aýdanda... Ol şu ýerde, il
gran Garсia, I сavalli di galoppo (Atlary öňürdikledip...) sözlerden soň Senza posa
сассеra (Atlary dynç bermän öňürdikletmek)... diňläň, nähili ajaýyp, som’ e
stupendo! Ol şu ýerde şeýderdi, — Goja gysga çekimli ses bilen aýdylýan üýtgeşik
bir heňe tutanda, onunjy nota ýetip sakynmaly boldy. Ol üsgürindi, elini silkip
aňyrsyna bakdy-da samyrdady: «Näme üçin siz meni köseýäňiz?» Şol mahal
oturgyçdan syçrap turan Jemma ellerini gaty çarpyp: «Ajap! Ajap!» diýip gygyrdy-
11
da, işden, hünärden daşlaşan biçäre Ýagonyň ýanyna baryp, iki eli bilenem onuň
eginlerinden tutdy, mähir bilen silkişdirdi. Diňe Emil rehimsizlik bilen gülýärdi. Get
äge est sans pitie — ol ýaşda rehim-şepagat bolmaýar — diýip, Lafonten ozal aýdyp
geçipdir.
Sanin gojaman aýdymçyny köşeşdirmek isläp, soňky syýahaty mahaly azda-kände
geplemegi öwrenen italýan dilinde ony birneme mahabatlandyrdy. «Si» sözi
ýaňlanýan Dantä ýurdy barada «paese del Dante, dove il si sionadan» gep açdy. Ol
sözlem «Lasсiate ogni speranza» (ähli umytdan el üzüň) bilen ýaş syýahatçynyň
şahyrana italýan dilinden ýygnan gory çäklenýärdi. Ýöne Pantaleone onuň ugrundan
gopmak isläp atan çeňňegine ilmedi. Eňegini öňkülerindenem beter ýakabagynyň
aňyrsynda gizläp, yzgytsyz guşa, onda-da, gargamy ýa çaýkele meňzedi. Şol arada,
adaty läliksiredilen çagalarda bolşy ýaly, Emil çalaja gyzardy-da, Jemma eger
myhmanyň göwnüni açmak isleýän bolsa, oňa Malsyň gülküli sahna oýunlaryndan
birini okap bermekden gowy çykalga tapmajakdygyny ýatlatdy. Umuman, Jemma
oňat okamagy-da başarýardy. Gyz güldi-de, mydama şolar ýaly bir zat tapýandygy
üçin jigisiniň eline kakyp goýberdi. Bolsa-da, ol öz otagyna gitdi-de, derrewem eli
kiçeňräk kitaply yzyna dolandy, stol başynda çyranyň öňüne geçip oturdy. Jemma
töweregine garanjaklady-da, tüýs italýan hereketi bilen «geplemäň» diýýän manyda
barmagyny çommaltdy, şondan soňam kitap okamaga başlady.
VII
Mals Frankfurtyň 30-njy ýyllardaky edebiýatçysydy. Ol özüniň ýerli şiwede
gysgajyk, ýeňil okalýan gülküli sahna eserlerinde, düýpli bolmasa-da, täsin, şüweleňli
gülki bilen Frankfurtyň käbir ýerli adamlarynyň keşplerini açyp görkezýärdi. Asyl
Jemma-da artistlerçe okamaga diýseň ökde eken. Ol özüne italýan ganyndan geçen
ýüz hereketleri, el hereketleri ulanmak ukyby bilen her gahrymanyň aýratynlygyny,
hüý-häsiýetini açýardy. Ol gerek ýerinde öz näzik sesine-de, owadan ýüzüne-de
dözümsizlik etmeýärdi... Haçan-da, akylyndan azaşan kempir ýa-da samsyk
burgomistr diňleýji bilen tanyşdyrylanda ýüzüni gülkünç kürşerdýärdi, gaşlaryny
bürüşdirýärdi, seňrigini ýygyrýardy, peltekleýärdi, çyňsaýan ýaly ses edýärdi...
Okaýan mahaly onuň özi gülmeýärdi, ýöne diňleýjileriň o quel ferroflucto Tedesсo
(haýsydyr bir lagnat siňen nemes) barada gürrüň giden badyna närazylyk bilen otagy
terk eden Pantaleoneden başgasy okalyşyň arasyny şowhunly gülki bilen
bölenlerinde, kitaby dyzynyň üstünde goýan Jemmanyň özi-de gülkä goşulýardy.
Gülen mahaly gyz kellesini arkan taşlaýardy welin, buýra-buýra gara saçlary ýumşak
halkalar ýaly bolup boýnunda, titreýän eginleriniň üstünde oýnaýardy. Gülki sesi
ýatyşansoň bolsa, Jemma kitaby ýokaryk galdyrýardy-da, zerur keşbe girip, ýene-de
çyny bilen okamagyny dowam edýärdi. Sanin baka-baka onuň bolşuna haýran
galmak duýgusyny köşeşdirip bilmedi. Myhmany geň galdyrýan esasy zat hem
«Şeýle ajaýyp gyz ýüzi nähili ýol bilen birden-ä gülkünç, birdenem beýle ýadaw
keşbe girip bilýärkä?» diýen sowalyň jogabydy. Jemma — jeunes premieres — ýaş
gyzlaryň sözlerini welin, onçakly ussatlyk bilen okap bilmeýärdi. Aýratyn-da, söýgi
sahnajyklary oňa başartmaýardy. Onuň şeýledigini özi-de duýýardy, şonuň üçinem
gyzlaryň sözlerini okanda, dabara bilen berlen wadalara, badyhowa sözlere
12
ynanmaýan ýaly, oňa az-kem ýaňsyly gülki äheňini goşup okaýardy. Ýöne şol
pagtabent sözlerden ýazaryň özi-de mümkingadar çeke durýan ýalydy.
Sanin agşamyň geçip gidenini hem duýman galdy. Özüniň ýolagçydygyny sagat
eýýäm onuň zaňyny çalanda ýadyna saldy. Ol bir zat çakan ýaly bolup, oturgyçdan
syçrap turdy.
— Size näme boldy beýle? — diýip, onuň bolşuny gören frau Lenore sowal bermän
oturyp bilmedi.
— Men bu gün Berline ugramalydym-a. Diližansa petek alypdym.
— Diližans haçan ugraýar?
— On biriň ýarynda.
— Onda siz indi, barybir, ýetişmeýäňiz — diýip, Jemma gepe goşuldy. — Gowusy,
galaýyň. Men size ýene kitap okap bererin.
— Siz petegiň doly bahasyny tölediňizmi ýa-da diňe ujundan az-kem berdiňizmi? —
diýip, frau Lenore bilesigelijilik bilen sorady.
— Tutuş töledim-le — diýip, Sanin ýüzüni çytyp jogap gaýtardy.
Sanine gözlerini süzüp sereden Jemma gülüp goýberdi, ejesi onuň bolşuna närazylyk
bildirdi.
— Ýaş ýigid-ä puluny köýdüripdir, senem gülýärsiň.
— Zeleli ýok — diýip, Jemma ýylgyrdy. — Ýaş ýigit oň üçin garyp galmaz. Biz
bolsak ony köşeşdirmegiň aladasyny ederis... Limonad içesiňiz gelýärmi?
Sanin bir bulgur limonad içdi. Jemma ýaňadandan kitaba ýapyşdy, hemme zat ýene
öňki akymyna akdy.
Sagat on ikiniň zaňyny urdy. Sanin öý eýeleri bilen hoşlaşmaga durdy.
— Siz indi birnäçe gün Frankfurtda galmaly bolarsyňyz — diýip, Jemma myhmana
habar berdi. — Onsoňam, siz nirä howlugýarsyňyz? Başga şäher hem bu ýerden
üýtgeşik däldir. — Az-kem dymansoň, ol ýylgyryp gepledi. — Dogrudanam, ol
ýerde-de üýtgeşik hezillik bolmaz.
Gyza hiç hili jogap gaýtarmadyk Sanin oýlandy. Gitme diýilmäninde-de, jübüsi gara
şaýysyz gitjek ýeri ýokdy, ýüz tutmak islän Berlinde ýaşaýan heserdeşinden jogap
gelýänçä, Sanin Frankfurtda bialaç galaýmalydy...
— Galyň, galyň! — diýip, frau Lenore hem dillendi. — Sizi Jemmanyň adaglysy
jenap Karl Klýuber bilenem tanyşdyrarys. Dükanda işi agdyk bolany sebäpli, bu gün
bärik gelip bilmedi... Siz, megerem, şeýledäki mawut bilen ýüpek matalar satylýan iň
uly dükany görensiňizem. Ol şo dükanda esasy adam. Ol siz bilen tanyşlyk açmagyna
örän begener.
Frau Lenoräniň aýdan habary, näme üçindigini Hudaý bilýär welin, Sanini birneme
aljyratdy. Onuň kellesine: «Adagly ýigit gaty bagtly eken» — diýen pikir geldi. Ol
Jemma seredende, gyzyň gözlerinde ýaňsyly ýylgyryş alamaty dörän ýaly boldy.
Sanin öýdäkiler bilen baş atyp hoşlaşdy.
— Ertire çenlimi? Dogrudanam, ertire çenli hoşlaşýarys dälmi? — diýip, frau Lenore
sowal berdi.
— Ertire çenli! — diýip, Jemma, hantamaçylyk bilen däl-de, öz aýdany hökman
bolaýmaly ýaly, tassyklaýjy äheňde gepledi.
Sanine:
— Ertire çenli! — diýmekden başga söz tapylmady.
13
Emil, Pantaleone, tüýlek Tartalýa üçüsi ony köçäniň çatrygyna çenli ugratdylar.
Pantaleone özüniň Jemmanyň kitap okaýşyndan närazylygyny aýtman kanagat edip
bilmedi.
— Utanmaly ahyryn! Ýüz-gözüni gyşardan bolýar, jyňňyldan bolýar — una
сarriсatura! Meron ýa-da Klitemnestra ýaly beýik, gynançly keşpleri şekillendirmäge
derek ol haýsydyr bir nejis nemes aýalynyň agzyna öýkünen bolýar. Beýtmegi
menem başarýan... — Ol öňe seredip, barmaklaryny ýazyp, boguk sesi bilen: —
Mers, kers, smers — diýdi. Tartalýa onuň bolşuna üýrüp goýberdi, Emil bolsa güldi.
Goja hyrra yzyna aýlandy.
Sanin mazaly bulaşyk keýp bilen «Ak guw» myhmanhanasyna dolanyp geldi. Ol
myhmanhananyň umumy zalynda goş-golamlaryny goýupdy. Nemes-fransuz dilinde
edilen gep-gürrüňler henizem onuň gulagynda ýaňlanyp durdy. Ol özüne berlen
sadaja otagdaky düşeginde ýatyrka-da:
— Gelinlik! — diýip pyşyrdady. — Owadanlygyna-ha söz ýok! Ýöne men näme üçin
ýoldan galmaly boldumkam?
Dilinde näme diýse-de, ertesi Sanin Berlindäki heserdeşine hat ýollady.
VIII
Ol irden, entek geýinmäge-de ýetişmänkä, myhmanhananyň hyzmatçysy iki sany
jenabyň gelendigini habar berdi. Olaryň biri Emil eken. Beýleki uzyn boýly, syratly,
ýüzi nurana ýaş ýigit gerr5 Karl Klýuber, ajaýyp gyz Jemmanyň adaglysy bolup
çykdy.
Şol döwürde tutuş Frankfurtyň ýekeje dükanynda-da jenap Klýuber ýaly, şeýle
edepli, şeýle tekepbir, şeýle ýumşak kommi ýokdur diýip çaklamaly bolsa gerek.
Onuň kemçiligi tapylmajak eşikleri sypatynyň, kaşaňlygynyň, özüni haýran ediji oňat
alyp barşynyň derejesine bap gelýärdi. Dogry, onda iňlislere mahsus bolan (ol iki
ýylyny Angliýada geçiripdi) az-kem hondan bärsilik, özüne erk etmäge başarnyk
bardy. Ilkinji gezek nazar salanyňda-da ol görmegeý, birneme talabediji görünýän,
gowy terbiýe alan, ýuwlan käşir ýaly arassa ýaş ýigidiň bolşy, özünden belende baş
egmäge, özünden pese höküm etmäge öwrenişendir diýen netijä getirýärdi. Ol
dükanyň germewiniň aňyrsynda duranda, hökmany suratda alyjynyň ynamyny,
hormatyny gazanmalydy. Gowy edilip krahmallanan ýakasyna gözüň düşenden,
beýle adamyň aňrybaş päkdigine müňkürlik etmäge hiç hili esas bolmaly däldi. Onuň
sesi hem daş sypatyna kybapdaşlykda garaşaýmaly sesdi: ýognasdan ynamlydy,
ýakymlydy, äheňi mylaýymdy, onçakly ýiti hem däldi. Beýle ses bilen eliňde
işleýänlere: «Şol ýiti gyrmyzy reňkli lion mahmalyny görkeziň!» ýa-da: «Bu hanyma
oturgyç süýşüriň!» diýen ýalyrak görkezme berseň ýerine düşerdi.
Jenap Klýuber duşuşygy özüni tanyşdyrmakdan başlady. Ol şeýlebir asyllylyk bilen
baş egdi, aýaklaryny edep bilen süýşürdi, gelşikli hem mylaýymlyk bilen köwşüniň
ökjelerini biri-birine degirdi welin, onuň beýle inçe hereketlerini gören her kimde:
«Bu adamyň içki geýimleri-de, kalby-da aňrybaş päkizedir» diýen duýgy
döräýmelidi. Onuň sadalyk, ýöne ynam bilen uzadan ýalaňaç sag eliniň (şwed ellikli
5
Gerr — jenap.
14
çep elindäki arassalykdan ýaňa lowurdaýan saýawanly başgabyň içinde ikinji ellik
ýatyrdy) ýeňine edilen bezeg görlenden däldi, timarlanan dyrnaklarynyň her haýsysy
özbaşdak, gutarnykly kämillikdi. Soňra ol saýlama nemes sözleri bilen özüniň
geljekki garyndaşyna, gelinliginiň doganyna bahasyna ýetip bolmajak ýagşylyk edeni
üçin daşary ýurtly jenaba hormat goýýandygyny, minnetdarlyk bildirmek
isleýändigini beýan etdi. Adagly ýigit ýaňky sözleri aýdan mahaly başgaply elini
Emile tarap salgap goýberdi. Emil bolsa, utanýan ýaly bolup, aýna tarap öwrüldi-de,
barmagyny agzyna ýetirdi. Jenap Klýuber eger daşary ýurtly jenaba öz tarapyndan bir
ýakymly ýagşylyk edip biläýse, özüni bagtyýar saýjakdygyny nygtady. Sanin hem, ol
dilde geplemek onçakly aňsat düşmese-de, nemesçeläp, özüniň eden ýagşylygy uly iş
bolmasa-da, oňa şatdygyny aýdyp, myhmanlaryna oturmaklaryny haýyş etdi. Gerr
Klýuber mürehede minnetdarlyk bildirip, örän tiz hereket bilen fragynyň etegini bir
tarapa çekdi-de, oturgyja geçdi. Ol şeýle ýeňillik bilen geçişi ýaly, oturyşy-da
wagtlaýyn, amanat ýaly bolup göründi. Kesesinden garasaň: «Ol adam edeplilik
görkezýäni üçin mürehedi kabul eden bolmaly, häziriň özünde turup gider» diýen
ýaly çaklama oýarýardy. Dogrudanam, ol derrew atylyp turdy, ýygralyk bilen tans
edýäne meňzäp, iki ädim ätledi-de, bu ýerden gitmek höwesi bolmasa-da,
gitmelidigini, dükanynda aladanyň başdan agdykdygyny, iş diýilýän zadyň ilkinji
nobatdaky närsedigini, ýöne ertir ýekşenbe bolansoň, frau Lenore hem freýleýn6
Jemmanyň razylygy bilen Sodende göwün açyş gezelenjini gurýandygyny, oňa
daşary ýurtly jenaby hem çagyrmagy bagt hasap edýändigini, onuň şol gezelenji
özüniň gatnaşmagy bilen bezemekden ýüz öwürmejegine umyt bildirýändigini beýan
etdi. Sanin gezelenji bezemekden ýüz öwürmedi. Şonluk bilenem, gerr Klýuber ikinji
gezek hoşlaşyk hereketlerini gaýtalansoň, ýakymly nohut reňkli pantalonyny owadan
galgadyp, täzeje köwşüniň ökjesini täsin jygyldadyp çykyp gitdi.
IX
Äpişgä tarap ýüzüni öwrüp duran Emil, Sanin oturgyç hödürläninden soň, çep
egniniň üstaşyry yza aýlandy-da, gelejekki giýewsi çykan badyna, çaga ýaly ýüzgözüni oýnadyp, gyzaryp, özüniň bu ýerde ýene bir salym galmagyna Saninden
rugsat sorady. «Bu gün men özümi hasam oňat duýýan — diýip, ol ýagdaýyny beýan
etdi. — Ýöne lukman maňa iş etmezligi tabşyrdy».
— Galasyňyz gelse, galyberiň! Siz maňa asla päsgel bereňizok — diýip, Sanin özi
nämedir bir iş etmek zeruryýetliginden sypjak bolsa, ilkinji gabat gelen ýapyşalgadan
peýdalanmaga höwesek hakyky rus adamy ýaly, oglanyň haýyşyny bada-bat
kanagatlandyrdy.
Oňa minnetdarlyk bildiren Emil örän gysga wagtyň içinde Sanin bilenem, onuň otagy
bilenem öwrenişdi. Ol içerdäki zatlary gözden geçirdi, hersiniň diýen ýaly nireden
satyn alnandygy, olaryň näme aýratynlygynyň, näme gymmatynyň bardygy barada
soraşdyrdy. Ol öý eýesi sakgalyny syranda kömekleşdi, oňa murt goýbertmän
ýalňyşýandygyny aýtdy, ahyrynda-da ejesi hakynda, gyz dogany hakynda,
Pantaleone, hatda tüýlek Tartalýe hakynda-da, olaryň ýaşaýyşlary hakynda kän zatlar
6
Freýleýn — nemeslerde gyz maşgala hormatly ýüzleniş (terjimeçiniň belligi).
15
habar berdi. Emiliň ýygralygy derrew ýom-ýok boldy, birdenem ol düýn özüni
howpdan halas edeni üçin däl-de, örän ýakymly adamdygy sebäpli, Sanin bilen
çakdanaşa içgin gyzyklandy. Ol öz pynhan syrlaryny oňa ynanmagy-da soňa goýup
oturmady. Emil ejesiniň ony täjir edip ýetişdirmek isleýändigini, özüniň welin,
suratkeş bolup, sazanda bolup, aýdymçy bolup doglandygyny, hut şol hünärler üçin
dünýä inendigini, hakyky höwesiniň teatrdygyny, ony hatda Pantaleonäniň hem
goldaýandygyny joşgun bilen gürrüň berdi. Ejesiniň Emili söwdagär edip ýetişdirmek
maksadyny sözi geçginli jenap Klýuber hem goldaýar eken. Aslynda, oglany täjirlik
ýoluna gönükdirmek gürrüňini ilki tapan hem täjirlik hünäri bilen dünýäde bäsleşip
biljek hiç hili käriň ýokdugyna gaty ynanýan jenap Klýuber bolupdyr. Mawut,
mahmal satyp, köpçüligi aldamak ýa-da «Narren, oder Russen Preise7», ýagny
ruslaryň goýan biderek bahasyndan nep görmek hem onuň esasy matlabydy.
— Indi bolsa bize gitmeli — diýip, Emil özüne timar bermegi tamamlan, Berline-de
hat ýazyp bolan Sanine öz teklibini aýtdy.
— Size gitmäge entek ir ahyryn.
— Ir bolanda näme? — Emil Sanine mähremlik bilen seretdi. — Gideliň! Ýüzugra
poçta sowlarys-da, ýöräbereris. Siz barsaňyz, Jemma örän begener. Bizde ertirlik
edinersiňiz... ejeme-de men hakda, meniň gelejegim barada bir zatlar aýdarsyňyz...
— Ýeri, bolýa-da! — diýip, Sanin oglan bilen ylalaşdy. Olar tirkeşip daş çykdylar.
X
Saniniň peýda bolmagyna Jemma, dogrudanam, şatlandy, frau Lenore-de ony örän
mähremlik bilen garşy aldy. Çaky, Sanin öten agşam olaryň ikisiniňem göwnünden
turan bolmalydy. Emil otagdan çykmazyndan öňürti, Saniniň gulagyna «Ýadyňyzdan
çykaraýmaň!» diýip pyşyrdady-da, ertirlik naharyny taýýarlamagyň aladasy bilen
gitdi.
Sanin oňa:
— Çykarman — diýip jogap gaýtardy.
Frau Lenore onçakly sagat aýalam däldi, çakyzalydy. Şonuň üçinem ol häzir
gymyldamajak bolup, kürsüde gyşaryp otyrdy. Jemmanyň egninde bili gara gaýyş
kemer bilen guşaklanan, sary reňkli giň biçüw öý eşigi bardy. Olam ýadaw
görünýärdi, reňki hem solgundy, gözleriniň daşyna gararak halka aýlanypdy, ýöne
nazary öçügsi däldi, aksowuldraklygy bolsa gyzyň asyllydan ýakymly ýüzüne
nähilidir bir täsin pynhanlyk goşýardy. Aýratynam, gyzyň näzik elleri şol gezek
Sanini has-da haýran etdi. Jemma buýra-buýra bolup, ýaldyrap öwşün atýan gara
saçlaryny düzedişdireninde ýa-da ýokaryk galdyranynda, Rafaeliň Fornarinasynyňky
ýaly aralary açygrak, uzyndan inçe hem nepisden çeýe barmaklaryndan Sanin
gözlerini aýryp bilmeýärdi.
Howa örän yssydy. Ertirlik naharyndan soň, Sanin gaýtmakçy bolanda, bular ýaly
günde, gowusy, hiç ýere çykmazlykdyr diýdiler. Ol maslahaty kabul edip öýde galdy.
Saniniň hem eneli-gyzyň oturan, aýnalary akasiýa agaçlary ösüp oturan kiçeňräk baga
7
Öňler, soň-soňlaram, maý aýyndan başlap, ruslaryň kän gelmegi bilen Frankfurtyň dükanlarynda harytlaryň nyrhy
ýokarlanypdyr. «Rus» nyrhy diýen gep şol ýagdaýdan gelip çykýar (awtyoryň belligi).
16
tarap bakýan düýpdäki otag örän salkyndy. Agaçlaryň altyn güllere beslenen gür
şahalarynyň töwereginde balarydyr sary ary, eşegarylar güw berýärdi. Tutusy
goýberilen ýarym açyk aýnalardan arylaryň dyngysyz owazy eşidilýärdi. Ýagdaý
daşardaky howanyň jöwzalydygyndan habar berýärdi. Şol sebäpli-de ýapyk hem
ýaraşykly otagdaky salkyn howanyň gadyry has-da bildirýärdi.
Sanin öten agşamkysy ýaly köp gepledi, ýöne gürrüň Russiýa hakynda-da, rus
durmuşy hakynda-da bolmady. Ol täze dostunyň göwnünden turmak üçin ertirlikden
soň hasaphanada iş öwrenmegi üçin jenap Klýuberiň dükanyna ugradylan Emiliň
haýyşyny ýatlap, suratkeş bilen täjirligiň bähbitli hem bähbitsiz taraplaryndan gep
açdy. Ol frau Lenoräniň täjirçiligiň tarapyny çalanyna — garaşan zady bolany üçin
— geňirgenibem durmady. Ýöne Jemma-da ejesiniň pikirine goşuldy oturyberdi.
— Eger-de sen suratkeş, has beterem, aýdymçy bolsaň — diýip, elini aşak-ýokaryk
hereketlendirip, gyz öz aýdanyny tekrarlady — hökmany suratda birinji orunda bol!
Ikinji ýerden netije ýok. Seniň birinji ýere ýetjegiňi öňünden aýdyp biljek barmy?
Umuman, italýanlaryň adam alalamak meselesine onçakly üns bermeýändigi sebäpli,
bu ýerde köpden bäri hyzmat edýändigi hem garry adam bolandygy üçin Pantaleonede öý eýeleri bilen bir stol başynda oturmaga rugsat edilýärdi. Ol hem edilýän
gürrüňe goşulyp, çeper döredijiligiň tarapynda dag bolup durdy. Ýöne, dogrusyny
aýtsaň, onuň getiren tutaryklary düýpli däldi. Ol başga zatdan öňürti ylhamyň
joşgunynyň — d’un сerto eсtro d’ ispirazione — bolmalydygy barada gep açdy. Frau
Lenore hem onda şol «estro»-yň, elbetde, bolandygyny ýatlady.
Şol ikaralykda:
— Meňem duşmanlarym bardy — diýip, Pantaleone keýpsiz dillendi.
— Eger-de Emilde şol «estro» döräýende-de, duşmanlarynyň bolmajagyny sen
(mälim bolşy ýaly, italýanlar kän «siz-biz» diýşip durmaýarlar) nireden bilýäň?
— Onda Emili täjire öwrüberiň! — diýip, Pantaleone gepini gyşartdy. — Ýöne özi
süýji-köke çykarmak bilen meşgul bolanam bolsa, Jiowan Battista bu meseläni
başgaça çözerdi.
— Meniň ýanýoldaşym Jiowan Battista dana adamdy. Ol ýaşlygynda gyzyklananam
bolsa...
Hiç zat eşitmek islemedik goja turup gidip barýarka-da:
— A! Jiowan Battista!.. — diýip, teýene bilen gaýtalady.
Jemma bolsa, eger Emil watanperwer bolup, Italiýany azat etmäge ähli güýjüni sarp
etmek islese, beýle beýik hem mukaddes maksat üçin, elbetde, geljekki bolelin
ýaşaýşyňdan geçse bolar, ýöne teatr üçin welin, ertirki gowy günüňden ýüz öwrüp
bolmaz — diýip gygyrdy. Frau Lenore birden tolgundy. Ol gyzyna özüniň
respublikaçylygy bilen kanagatlanyp, iň bolmanda, doganyny bir ýoldan
sowmazlygyny ýalbaryp haýyş etdi. Şol sözleri aýdansoň, frau Lenore ah-wah edip
başlady, «ýarylmaga taýýar» kellesiniň şatlap durandygyndan zeýrendi. (Frau Lenore
myhmana sarpa goýup, gyzy bilen fransuz dilinde gepleşdi).
Jemma şol dem ejesiniň ugruna seretmäge başlady; maňlaýyna ilki atyr çalyp, soňam
ýuwaşjadan üfledi, emaý bilen ýaňagyndan ogşady, kellesini ýassyga goýdy,
geplemegi gadagan etdi, soň ýene ogşady. Şol hereketleriň yzyndanam ol Sanine
ýüzlendi-de, ýarym degişme, ýarym göçgünli äheň bilen ejesiniň nähili gowudygyny,
17
nähili owadan bolandygyny, «owadan bolan» diýip, geçen zamanda aýtsa-da, onuň şu
mahalam ajaýypdygyny belledi: «Nähili owadan gözleri bar! Görüň, serediň!»
Jemma jübüsinden derrew bir akja ýaglyk çykardy-da, ejesiniň ýüzüni ýapdy, soň
ýaglygy gyrasyndan tutup, ýuwaşjadan aşak süýşürdi. Şeýdibem, ol kem-kemden
ejesiniň maňlaýyny, gaşlaryny, gözlerini açdy, az-kem garaşybam fraudan
gabaklaryny galdyrmagy haýyş etdi. Ene gyzynyň aýdanyny berjaý etdi... (Frau
Lenoräniň gözleri, dogrudanam, örän owadandy). Jemma haýran galmakdan ýaňa
gygyryp goýberdi hem ýaglygy ejesiniň ýüzüniň onçakly owadan däl aşaky bölegi
açylýança çekdi-de, ony ýene ogşamaga başlady. Frau Lenore güldi, ýüzüni çalarak
bir tarapa sowdy, gyzyny oýun-henek bilen ýalandan iteklän boldy. Gyzy hem enesi
bilen gidişýänden bolup, at oýnatdy, oňa tarap pişigiň ýa-da fransuzlaryň ýasama
edähedi ýaly däl-de, mydama güýjüň ýeterlikdigi duýulýan italýan gözelligi bilen
gysmyljyrady.
Ahyry frau Lenore özüniň ýadandygyny aýtdy... Jemma derrew oňa oturan ýerinde
biraz ymyzganmaklygy maslahat berdi. «Biz bolsak jenap rus ikimiz — «awes le
monsieur russe» şeýlebir ümsüm, şeýlebir ümsüm, edil kiçijik syçan ýaly —«сomme
des petites souris» — ümsümje oturarys. Frau Lenore jogaba derek ýylgyrdy,
gözlerini ýumdy, az-kem tukatlanyp irkildi. Jemma çakganlyk bilen onuň
gapdalyndaky oturgyçda ornaşansoň, gymyldaman oturdy. Ol diňe kä mahal bir
eliniň barmagyny dodagyna ýetirdi, beýleki eli bilen bolsa ejesiniň kellesiniň
aşagyndaky ýassygy saklady, Sanin sähelçe gymyldaýsa-da, oňa göz gytagyny aýlap,
«ýuwaş» diýen manyda «çüşş!» etdi. Beýle ýagdaý myhmanyň jadylanan ýaly bolup,
doňup oturmagyna getirdi. Sanin kalbynyň ähli duýgurlygyny ulanyp, o ýerinde-bu
ýerinde gadymy ýaşyl bulgurlarda oturdylan, gyzyl nokat bolup, gyzaryp görünýän
ýaşajyk kaşaň bägülli ýarym garaňky otagdan, ak gar ýaly ýassyk bilen töweregine ak
jähek aýlanan, ýadawam bolsa, ýüzi mähirli zenanyň elini sadalyk bilen özüne tarap
çekip, uklap ýatyşyny synlamakdan, ýaş, seresaply, duýgur, mylaýym, akylly, päkize,
gara kölege örtülenem bolsa, barybir, lowurdap duran gara gözleriniň ajaýyplygyny
wasp etmäge söz tapylmajak näzeniniň töwerege ýaýran täsin gözelliginden lezzet
aldy... Bu nä boluş? Düýşmi? Ertekimi? Ol nähili kysmat bilen bu ýerlere düşüp ýör?
ХI
Daşky gapynyň jaňy jyňňyrdady. Başy sütük telpekli, egni gyzyl keltekçeli, daýhan
ýigit dükana girdi. Ir ertirden bäri bu ýere ýekeje alyjy-da boýnuny uzatmandy.
«Biziň söwda etjek bolşumyzam, ynha, şeýleräk-dä!» diýip, uludan dem alan frau
Lenore ertirlik nahary wagtynda Sanine ýagdaýyny aýdypdy. Zenan oýaly-ukuly
ýatyrdy. Jemma onuň ýassygyndan elini aýryp bilmeýäni üçin pyşyrdap, Sanine:
«Baryň, gelen bilen maňa derek söwda ediň!» diýdi. Sanin daraklygyna basyp,
derrew dükana geçdi. Ýaş ýigide üç ýüz gram ýaly narpyzly köke gerek eken.
— Mundan näçe pul almaly? — diýip, içerä boýnuny uzadan Sanin Jemmadan
pyşyrdap sorady.
18
— Alty kreýser8 — Jemma hem Saniniňki ýaly pyşyrdy bilen jogap gaýtardy. Sanin
dörtden bir funt kökäni çekensoň, kagyz gözläp tapdy, kökäni kagyzdan ýasan
guýgujyna guýdy. Ony alyja uzadyp, puluny aldy... Ýaş ýigit elindäki telpegini
döşüniň üstünde goýup mynçgap durşuna, Sanine geň galyjylyk bilen garady. Goňşy
otagdan dükana tarap seredip oturan Jemma bolsa agzyny berk ýumup, gülmekden
zordan saklanýardy. Ýaňky alyjy gapydan çykyp-çykmanka, ýene bir alyjy, soň
üçünjisi peýda boldy... «Meň elim ýeňil bolsa gerek!» diýip, Sanin içini gepletdi.
Ikinji alyja bir bulgur orşad, üçünjä ýarym funt süýji gerek eken. Sanin gapjagazlary
eýläk-beýläk süýşürişdirip, çemçäni höwes bilen kakyşdyryp, barmaklaryny
çakganlyk bilen bankalara, gaplara sokuşdyryp, alyjylaryň haýyşlaryny bitirdi.
Hasaplaşygyň netijesinde ol orşady öz nyrhyndan arzan satyp, süýji üçin bolsa iki
kreýseri artyk alypdyr. Jemma ýuwaşlyk bilen gülmesini dowam edýärdi. Saniniň
özi-de üýtgeşik bir keýpiçaglyk duýdy, süňňünde aýratyn bir ýeňillik peýda
bolandygyny bildi. Göräýmäge, ol, şeýdip, germewiň aňyrsynda asyr boýy durup,
orşaddyr, süýji sataýjak ýalydy. Şol mahal hem beýleki otagdaky gözüň doýmaýan
ajaýyp bir gözellik oňa tarap kinaýaly ýylgyryş, dostlukly nazar bilen seredýärdi.
Penjireleriň öňünde ösüp oturan kaştanlaryň uly ýapraklarynyň arasyndan jyklaýan
tomus Gününiň şöhlesiniň ýaşylsow reňki, günortanyň kölegesi tutuş otagy
bezeýärdi, argyn ýürek bolsa ýaşlygyň ýakymly gamsyz-gussasyzlygyndan,
aladasyzlygyndan ýaňa meýmireýärdi.
Dördünji bolup gelen adam dükana kofe içmäge sowlany üçin Pantaleonä ýüz
tutmaly boldy (Emil jenap Klýuberiň dükanyndan entek gaýdyp gelmändi). Sanin
ýene Jemmanyň ýanyna baryp oturdy. Frau Lenore henizem irkilip ýatyrdy, gyzy
bolsa onuň ýatyşyndan çäksiz lezzet alýardy.
— Ukuda mahaly ejemiň çakyzasy köşeşýär — diýip, Jemma habar berdi.
Sanin öz söwda edişi barada pyşyrdy bilen gepe başlady, süýji-köke önümleriniň
bahalary bilen gara çyndan gyzyklandy. Jemma hem Saniniň sowallaryna jikme-jik
jogap gaýtardy. Şonuň bilen birlikde-de, olaryň ikisi-de, örän gyzykly oýun
oýnaýandyklaryna düşünip, içlerinden güldüler. Birdenem köçe tarapda peýda bolan
şarmanka «Freýşýusadan»: «Durch die Felder, durch die Auen» («Jülgeler üstünden,
meýdan üstünden») diýen ariýanyň heňini çalmaga başlady. Naýynjar ses hem
sandyrap, hem sykylyk atyp dymyk howada zarynlady. Şarmanka saz guralynyň
sesine Jemma tisginip gitdi: «Ejemi oýarar!» Sanin derrew daşaryk çykdy-da,
şarmankaçynyň eline birnäçe kreýser tutdurdy. Şeýlelik bilenem, ony saz çalmagy
goýup, bu ýerden gitmäge mejbur etdi. Sanin öýe dolananda, Jemma çalaja baş atmak
bilen minnetdarlyk bildirdi. Ol oýa batyp ýylgyrdy-da, Weberiň örän gowy
mukamynyň üsti bilen Maksyň başky söýginiň ähli düşnüksizligini ýüze çykarýan
sözlerine çala eşidilýän ses bilen hiňlendi. Soňra ol Saninden «Freýşýusy» bilýäninibilmeýänini, Weberi halaýanyny-halamaýanyny sorady, özi italýan bolsa-da, şeýle
sazy has gowy görýändigini nygtady. Weberden başlanan gürrüň şygryýete,
romantizme, şol mahallar hemmeler tarapyndan okalýan Gofmanyň üstünden düşdi...
Frau Lenoräniň bolsa, arasynda käte çalaja hor çekip, şol irkilip ýatyşydy. Aýnanyň
gyralaryndan inçejik çyzyk bolup girýän Gün şöhlesi hem, bildirmän, ýöne
8
Kreýser — Germaniýada XIX asyra çenli dowam eden maýda pul (terjimeçiniň belligi).
19
togtamaýan hereket bilen poluň ýüzüne, öý goşlarynyň, Jemmanyň köýneginiň,
gülleriň, ýapraklaryň üstüne syýahat edýärdi.
ХII
Asyl Jemma Gofmana uly sarpa-da goýmaýanlygy bilen birlikde, onuň döredijiligini
hem gyzyksyz hasaplaýar eken. Onuň hyýaly, bulaşyk hekaýalary demirgazyk
häsiýetli günortaly gyzyň göwnaçyk hüý-häsiýetine bap gelmeýärdi. Ol eserlere
hormat goýman: «Olaryň hemmesi erteki, çagalar üçin ýazylan zatlar» diýip,
töweregindäkilere ynandyrýardy. Jemma Gofmanda inçe şahyranalygyň ýokdugyny
hem, garjaşyk duýgy bilenem bolsa, aňýardy. Ýöne onuň adyny unudan bir powesti
bardy welin, şony Jemma örän halapdy. Dogrusyny aýtsaň-a, gyza ol powestiň diňe
başlanyşy ýarapdy, soňuny bolsa ol ýa okamandy, ýa-da okanam bolsa, unudypdy.
Eserde gürrüň bir ýaş ýigidiň süýji-köke satylýan dükanda çakdanaşa owadan grek
gyzyna gabat gelşi hakda gidýär. Gyzyň ýanynda oňa göz-gulak bolup ýören syrly,
gaharjaň hem geň goja bar. Ýaş ýigit bir bakyşda gyza aşyk bolýar. Gyz edil
bendilikden boşatmagyny haýyş edýän ýaly, oňa şeýlebir naýynjar seredýär welin...
Az salymlyk daş çykan ýaş ýigit yzyna dolananda, dükanda gyza-da, goja-da gözi
ilmeýär. Ol gözlege başlaýar, täzeje yzlarynyň üstünden barsa-da, olary hiç ýerden
tapmaýar, hiç wagt tapyljaga-da meňzemeýär. Gözel gyz ýigit üçin ömürlik ýitene
dönýär. Ýigit ilki gören naýynjar garaýşyny unutmaga özünde güýç, erk tapmaýar,
ömrüniň bagt guşy bolmaly gözel hemişelik elinden gidendir diýen pikir ony jebirjepa çekmäge mejbur edýär...
Gofman, megerem, powestini edil şol çözgüt bilen tamamlaýan däldirem welin,
Jemma ony öz tapan netijesi bilen gutarýandyr diýip pikir edýär, şolam aňynda
galypdyr.
— Şolar ýaly sataşmak, şeýdip aýra düşmek durmuşda biziň çak edişimizden has kän
gabat gelýär — diýip, Jemma ýagdaýa öz baha berşini aýtdy.
Dymyp oturan Sanin esli wagtdan soň... jenap Klýuber hakynda dil ýardy. Häzire
çenli Klýuberi ýatlamadyk kişi ilkinji gezek onuň adyny tutdy.
Süýem barmagynyň dyrnagyny çalarak dişlän Jemma nazaryny bir tarapa dikip, oýa
batdy. Soňra ol ertirki gurýan gyzykly bolmaly gezelenji üçin adaglysyny öwensoň,
çaltlyk bilen Sanine seretdi-de, ýene dymdy.
Sanin gürrüňi nämeden başlajagyny bilmedi.
Içerik öz galmagal-şowhuny bilen giren Emil ejesiniň oýanmagyna sebäp boldy.
Sanin onuň gelmegine begendi.
Frau Jenore kürsüden turdy. Peýda bolan Pantaleone naharyň taýyndygyny habar
berdi. Maşgalanyň dosty, ozalky aýdymçy, hyzmatçy bu öýüň nahar-şoruna-da
seredýärdi.
ХIII
Sanin nahardan soňam bu ýerde galdy. Ony ýene-de aýylganç jöwza bahanasy bilen
sakladylar, yssy halys basmarlanda bolsa, akasiýanyň saýasynda kofe içip oturmak
üçin baga çagyrdylar. Sanin teklipden ýüz öwürmedi. Ýagdaý onuň göwnünden
20
turdy. Birmeňzeş, gyzyksyz durmuş akymynyň aňyrsynda ajaýyp gözellikler gizlenip
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Bahar bulaklary - 03
  • Parts
  • Bahar bulaklary - 01
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2214
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 02
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2142
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 03
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2157
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 04
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2140
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 05
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 1986
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 06
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 07
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2039
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 08
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2052
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 09
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2080
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 10
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2076
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 11
    Total number of words is 1747
    Total number of unique words is 1185
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.