Latin

Bahar bulaklary - 06

Total number of words is 3755
Total number of unique words is 2121
31.7 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
54.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
nämäniň nämedigine düşünýändiris» diýýän ýaly syrly many bardygyny aňladyp:
— Hiç kim bilmeli däl-dä? — diýdi.
— Hawa, gadyrdanym! — diýen Sanin birneme utanjyrasa-da, oglanyň ýaňaklaryna
kakyşdyrdy. — Eger jogap bolsa-da... Siz jogaby maňa ýetirersiňiz. Şeýle dälmi?
Men öýde bolaryn.
— Oň üçin welin biynjalyk bolmaň — diýip, Emil şadyýan seslendi-de, aňyrlygyna
ylgap gitdi. Barýarka hem yzyna gaňrylyp ýene bir gezek baş atdy.
Öýüne dolanan Sanin şemi hem ýakman, özüni diwana taşlady, iki elini hem
kellesiniň ýeňsesinde goýup, ýazyp beýan edip oturanyňa degmeýän söýginiň
döreden duýgusyna çümdi. Ol duýgynyň niçiksi gudratdygyny beýan etmegiň
zerurlygy-da ýok — sataşan adam onuň çekmesi kyn ezýetdigini hem süýji
lezzetdigini bilýändir, sataşmadyklara bolsa onuň nämedigini söz bilen düşündirip
bilmersiň.
Gapy açyldy-da, Emiliň kellesi göründi.
— Getirdim — diýip, ol pyşyrdady. — Jogab-a ynha!
Ol dolangy haty görkezip, depesine galdyrdy.
Sanin diwandan atylyp turdy-da, haty Emiliň elinden kakyp aldy. Dyňzap gelen
joşgun erkini şeýle derejede elinden aldy welin, gyzyň dogany bolan ýetginjegiň
öňünde syr saklamak, edep-ekrama eýermek diýen zatlar Saniniň ýadyna-da düşmedi.
Elbetde, başaryp bilse, Sanin syr hem saklardy, oglandanam uýalardy. Ýöne başaryp
bilmedi. Häzir onuň erki öz elinde däldi.
Ol daşardaky çyranyň ýagtysy düşüp duran penjiräniň öňüne bardy-da, şeýle setirleri
okady:
«Men sizden haýyş edýärin, men size ýalbarýaryn — ertir uzynly günüň dowamynda
bize gara bermäň! Siziň gelmezligiňiz maňa derwaýys şert. Ertir geçensoň hemme
mesele çözüler. Meniň islegime garşy gitmejekdigiňize ynanýaryn, sebäbi...
Jemma».
Sanin şojagaz ýazgyny iki gezek okady. Gyzyň elinden çykan harplaram şeýlebir
täsirli, şeýlebir ýakymly bolup duýuldy welin... Az-kem oýlanan Sanin özüni edepli,
sada ýaş ýigit edip görkezmek üçin gaty gygyryp aňyrsyna öwrülip, dyrnagy bilen
diwary dyrmap duran Emiliň adyny batly tutdy.
Emil şol pursat haýdap onuň ýanyna geldi.
— Näme tabşyryk bar?
— Gulak goýuň, gadyrdan...
— Mister Dimitriý — diýip, Emil onuň sözüni böldi. — Siz näme üçin maňa «sen»
diýip ýüzlenmeýärsiňiz?
Sanin gülüp goýberdi.
50
— Ýeri, bolýa-da. Gulak goý, gadyrdan (Emil begenmekden ýaňa az-kem
towusdam), gulak goý, sen, ol ýerde, düşünýäňmi... sen ol ýerde... hemme zadyň edil
aýdylyşy ýaly ediljekdigini ynandyrarsyň (dodaklaryny gysan Emil gopbamsyrap baş
atdy). — Eýse, sen... Seň özüň ertir näme işleýäň?
— Men? Men näme edýän? Siz meniň näme etmegimi isleýärsiňiz?
— Mümkin bolsa, ertir irgözinden ýanyma gel. Ikimiz tä agşama çenli Frankfurtyň
eteklerinde gezelenç edeli... Razymyň?
Emil ýene towsaklady.
— Garşy däl. Dünýäde gezelenç etmekden gowy zat bolarmy? Onda-da siz bilen bile
gezmek... Hökman gelerin!
— Goýbermeseler nädersiň?
— Goýbererler!
— Gulak goý... Tutuş bir günlük çagyranymy o ýerde aýdybam durmagyn.
— Näme üçin aýtmalymyşym? Sesimi çykarman gaýdybererin. Ol kyn iş däl-ä...
Emil Sanini mäkäm ogşady-da, ylgap gitdi.
Oglan gideninden soň, Sanin otagyň içinde kän gezmeledi. Giç ýatdy. Ol täze
durmuşyň öň ýanyndaky aýylganç hem şirin duýgularyň şatlykly hyýalyna çümdi.
Sanin ertir Emili çagyrmak pikiriniň kellesine geleni üçin özünden hoş boldy. Emil
gyz doganyna çalymdaşdy. «Ol maňa Jemmany ýatladar».
Ýöne Sanini has geňirgendirýän ýagdaý düýn onuň şu günküsinden başgaça bolup
bilmegidi. Ol Jemmany «ömürboýy», onda-da edil şu günki ýaly söýgüsi bilen söýüp
gelendirin öýdýärdi.
ХХVI
Şol günüň ertesi ir sagat sekizde, Tartalýany hem ýany bilen getiren Emil, Saniniň
otagynda peýda boldy. Eger ene-atasy nemes bolan bolsa, ol eden wadasyna beýle
wepaly bolmazdy. Öýde ol ertirlik nahara çenli Sanin bilen gezelenç edip, soňam
dükana giderin diýip ýalan sözledi. Öý eýesi geýinýänçä, Jemma hakynda, onuň
Klýuber bilen adaglanyşy hakynda ýaýdanybrak gürrüň etmekçi bolanda, Sanin laljim bolup duransoň, şol esasy ugurdan, ýüzleýrägem bolsa, söz açmagyň ýerlikli
däldigine düşünýän kişi bolan Emil hem gepini diňletmäge döwtalap bolup durmady,
meselä gaýdyp dolanmady. Ol indi kä agras, kä dykgat bilen oýlanýan adam ýaly
bolýardy.
Kofe içip bolan iki ýoldaş pyýadalap Gauzen diýilýän oba tarap ugrady. Daşy tokaý
bilen gurşalan oba Frankfurtdan onçakly uzakda-da däldi. Taunus dagynyň hemme
gollary ol ýerden edil eliň aýasynda ýaly bolup görünýärdi. Howa-da diýseň oňatdy;
ýalpyldap duran Gün gyzdyrsa-da, ýakyp barýan yssy ýokdy; tämiz şemal ýaşyl
ýapraklara degip, ses edýärdi; al-asmandaky tegelejikden topbajyk bulutlaryň
ýollaýan kölegeleri ýukajyk tagma meňzäp, ýeriň ýüzünden çaltlyk bilen taýyp
barýardy. Sanin bilen Emil şäherden tiz saýlanyp, tekiz hem arassa ýodadan keýpleri
kök, ýeňil ädimläp ugrady. Olar tokaýa girensoňlar, azaşybam kän gezdiler, ahyram
obanyň garbanyşhanasyndan ykjam naharlanyp, daga çykdylar, dünýä belentden ser
salmakdan lezzet aldylar, pesden kimdir bir göze görünmeýän kişi şaňňy sesi bilen
parhsyz sögünýänçä, ýokardan daş zyňdylar, daşlaryň towşana meňzäp, geň-enaýy
51
atylyp gidişini synladylar, soňra guran, sarymtyldan benewşe reňkli garaharsaňyň
üstünde çäşerilişip ýatdylar, başga bir garbanyşhana baryp, arpa suwuny içdiler, kim
öňbarmaşak edip ylgaşdylar, uzaga bökmekde ýaryşdylar, ýaň bilen ses alyşdylar,
aýdym aýdyşdylar, «ehe-he-eý» edişip gygyryşdylar, göreş tutdular, şaha döwdüler,
paporotnigiň11 baldaklary bilen başgaplaryny bezediler, hatda tans hem etdiler. Şol
hereketleriň hemmesine Tartalýa-da başaryp bildigiçe goşuldy. Dogry, ol daş
zyňmady, ýöne zyňlan daşlaryň yzyndan welin, ýumak bolup togalandy, ýigitler
aýdym aýdanda uwlady, waňkyrdy. Ol halaman, ýüzüni çytanam bolsa, arpa suwuny
hem içdi. Ite ol endigi öňki talyp eýesi öwreden eken. Gep ugruna aýtsak, Tartalýa öz
eýesi Pantaleonäniň hemme diýenini etse-de, Emile onçakly tabyn bolmaýardy.
Şonuň üçinem Emil «okamagy» ýa-da «ýazmagy» buýranda, Tartalýa diňe
guýrugyny bulaýlaýardy hem dilini turbajyk ýaly edip agzyndan çykarýardy.
Iki ýoldaş özara gürrüň hem edişdi. Gezelenjiň başynda, Sanin ýaşy uly bolany üçin,
takdyr, täleý barada ýa-da adamyň maksada okgunlylygynyň nämedigi, nähili
bolmalydygy hakda has akylly-başly gürrüňe başlajak boldy welin, gürrüň entek
ugrukmanka başga, onçakly ähmiýeti ýok ugra gönügip gitdi. Emil öz dosty hem
pikirdeşi bolan Saninden Russiýa, ol ýerde dawagärleriň duelde — ikiçäk, ýüzbe-ýüz
atyşykda ýarag ulanyşlary, aýallaryň görk-görmekliligi, rus dilini derrew öwrenip
bolýandygy-bolmaýandygy, darkaşa çykylyp, serkerde ýarag çenän mahaly özüniň
näme pikir edendigini soraşdyrdy. Sanin hem öz gezeginde Jemmanyň pikirini edýän
hem bolsa, adyny dile getirmejek bolup, Emilden kakasy, ejesi, umuman, maşgala
ýagdaýlary barada soraşdyrdy. Hakykatda welin, ol Jemma hakda däl, syrly ertirki
gün hakda, özüne nähilidigi, nämedigi näbelli, görülmedik bagt getirmeli gün hakda
oýlanýardy. Onuň akyl ýetiriş nazarynyň öňünde çalaja tolkunyp, ýukadan ýeňiljek
bir tuty gerilgi duran ýalydy. Şol tutynyň... şol tutynyň aňyrsynda ol ýaş, hiç hili
hereketsiz, dodagy mylaýym ýylgyryşly, agras, emeli agraslyk bilen süzülen kirpikli
ajaýyp ýüzüň bardygyny duýýardy. Ol Jemmanyň ýüzi däl, ol bagtyň ýüzi. Ine,
ahyrynda-da, onuň islegi hasyl boldy: tuty serpildi, dodaklar ýazyldy, kirpikler
ýokary galdy, ajaýyp keşp ony gördi. Şonuň netijesinde-de eýýäm Günüň şöhlesiýaly
aýdyň ýagtylyk — tükeniksiz şatlyk peýda boldy. Ol ertirki boljak şatlykly günleri
barada oňlanýar welin, ýene onuň kalbyny begençden ýaňa güýçli tolgunma gaplap
alýar.
Ol şatlykly pursada garaşmaklyk, ol alada hiç zada azar bermeýär. Ol alada onuň ähli
hereketinde, hemme gymyldysynda duýulýar, duýulsa-da zeper ýetirmeýär. Ol alada
onuň ýene bir garbanyşhana baryp, Emil bilen üçünji gezek kemsiz naharlanmagynada päsgel bermeýär. Diňe käte onuň kellesine keltejik çakan ýyldyrym ýaly bolup,
älem-jahanda kimdir biri bu ýagdaýy bilsedi diýen pikir gelip gidýär. Alada, tukatlyk
nahardan soň oňa Emil bilen eşekmündi oýnamaga-da päsgel bermeýärdi. Olar oýny
gök öwüsýän giň meýdanda oýnaýardylar. Tartalýa gaharly üýrüp, ýaplanyp ýatan
Emiliň üstünden aýaklarynyň arasyny çakganlyk bilen açyp, guş ýaly eýläk-beýläk
böküp ýörkä, meýdançanyň edil gyrasynda birden iki sany serkerdä gözi düşüp
geňirgenen Sanin olaryň öňünde gelşiksiz ýagdaýda galdy. Ol gelýänleriň düýnki
garşydaşy jenap fon Döngof bilen araçy emin fon Rihterdigini şobada tanady. Olaryň
11
Paporotnik — gyrymsy agaç.
52
ikisi-de gözlerine bölejik çüýşe dakyp, Sanine ýaňsyly ýylgyryş bilen seredýärler.
Sanin derrew dyza çökýär-de, gapdalda ýatan paltosyny tiz geýýär, Emile-de üzlemsaplam söz gatýar. Oglan hem keltekçesini geýensoň, ikisi-de ol ýerden daşlaşmak
bilen bolýar.
Olar Frankfurta giç dolandylar.
— Öýe baramsoň käýinj-ä eşitmeli bolaryn welin — diýip, Emil hoşlaşanda Sanine
ýüzlendi. — Käýeseler käýäbersinler. Oňa derek uzyn günümi heziller edip geçirdim.
Myhmanhana dolanan Sanin Jemmadan hat gelenini bildi. Ol Sanini ertir ir sagat
ýedä Frankfurtyň daş-töweregini gurşan köpçülik seýilbaglarynyň birinde duşuşmaga
çagyrýardy.
Saniniň ýüregi gobsunyp gitdi. Ol şu gün gara bermezlik barada gyzyň haýyşyny
garşylyksyz berjaý edeni üçin özünden razy boldy. Eý, Hudaý! Bolmazlygy mümkin,
şol bir wagtyň özünde bolmagy-da gutulgysyz ertirki ol ajaýyp gün bize nämeleri
wada berýär, nämeleri wada berenok.
Onuň nazary Jemmanyň hatynyň içine siňip gitdi. Sahypanyň ahyryndaky «S»
harpynyň — onuň adynyň başky harpynyň uzyndan owadan guýrujagy Jemmanyň
nepis barmaklaryny ýatlatdy... Sanin şol owadan barmaklara henize çenli bir gezek
hem dodaklaryny degirmändigi hakynda oýlandy...
«Owazasy dag aşýanam bolsa, italýan gyzlary hem uýatly hem asylly — diýip, Sanin
içini gepletdi. — Jemma-ha ol meselede tarypa mätäç däl. Ajaýyp, gözel, päk... Ýöne
wagt geler. Ol wagt uzakda-da däl...»
Şol gije tutuş Frankfurtda ýeke-täk bagtyýar adam bardy... Ol uklady, ýöne ol özi
barada şahyryň sözleri bilen:
Men uklap ýatyryn... ýöne duýgur ýüregim ýatmaýar... — diýip bilerdi.
Dogrudanam, ol ýürek edil tomus gününiň şöhlesine beslenen güljagaza galtaşan
kebelejigiň näzik ganatynyň ýelpenişi ýaly ýeňiljek urýardy.
ХХVII
Sanin ir sagat bäşde oýandy, altyda eýýäm geýindi, ýediň ýarynda bolsa Jemmanyň
hatynda aýdan seýilgähdäki çaklaňja bassyrmanyň töwereginde gezmeläp ýördi.
Ertiriň howasy asudady, maýyldy, asman tutugrakdy. Hä diýmän ýagyş ýagaýjak ýaly
hem bolsa, eliň-ýüzüň, bedeniň açyk ýerleri çyg duýmaýardy, ýeňiňe garasaň welin,
maýdaja hünji ýaly tegmilleri saýgarmak bolýardy, ýöne ol hem ýagmasyny derrew
bes etdi. Şemal welin, tebigatda asla bolmadyk, bolmaýan zat ýalydy. Tebigatdaky
hiç bir ses, owaz ýitip gitmeýärdi, olar töwerege siňýärdi, aňyrda agymtyl bug azkem topbak tutup durdy, howada syýagyň12 hem ak akasiýanyň gülleriniň ýakymly
ysy bardy.
Köçelerdäki dükanjyklar entek açylmandy, ýöne birdir-ikidir adam-gara göze ilýärdi;
kämahal-kämahal paýtunyň takyrdysy gelýärdi... Bagda gezim edip ýören adam
ýokdy. Eli pilli äwmezek bagban howlukman ýoljagazy arassalaýardy hemem gara
mawut paltoly, tapdan düşen bir kempir bagyň içini kesip süýrenip barýardy. Sanin
şol halsyz garryny bir pursatlyk-da Jemmadyr öýdüp pikirem edip biljek däldi. Bolsa12
Syýak — bir ýyllyk ysly ösümlik.
53
da, onuň ýüregi jigläp gitdi. Ol kem-kemden daşlaşyp barýan gara nokadyň yzyndan
garap galdy.
Diňiň sagady ýediniň zaňyny urdy.
Gezmeläp ýören Sanin aýak çekdi. Eýsem, ol gelmezmi? Birdenem sowuk galpyldy
onuň tutuş endamyndan at salyp geçdi. Bir pursat ötüp-ötmänkä-de, galpyldy ýene
gaýtalandy.Ýöne bu gezekki galpyldynyň döremeginiň sebäbi başgady. Sanin ýeňse
tarapdan ýeňiljek basylýan ädimiň hem ýuka köýnegiň şowurdysyny eşitdi... Ol yza
bakdy. Şol, edil özi!
Jemma ýodajykdan Saniniň yzy bilen gelýärdi. Onuň egninde sarymtyl ýapynja,
başynda gara başgaby bardy. Ol Sanine garady-da, deňine ýetensoň, ýüzüni bir
gapdala sowup, derrew geçdi-de ötägitdi.
Sanin adaja ses bilen:
— Jemma! — diýdi.
Gyz oňa çalarak baş atdy-da, aňyrlygyna gidiberdi. Sanin onuň yzyndan ýöredi.
Ol arasyny kesip-kesip dem aldy. Aýaklary diýen etmedi.
Jemma bassyrma sowulman, saga dolandy, içinde başagaý serçe şalpyldap ýören
ýalpaň howzuňam gapdalyndan geçip, beýik leglekgülüň aňyrsyndaky oturgyja özüni
goýberdi. Ol ýer owadandy hem görer gözden goraglydy. Sanin gyzyň gapdalynda
oturdy.
Bir minut dagy geçse-de, olaryň hiç haýsyndan ses-seda çykmady, Jemma-ha Sanine
tarap seretmedem, ol hem gyzyň ýüzüne däl-de, kiçijik saýawan tutup, bir-biriniň
üstünde duran ellerine garady. Nämeden gep açmaly? Ikisiniň bu ýerde, birek-birege
şeýle ýakyn oturmaklarynyň manysyna mynasyp derejede näme aýdyp bolar?
— Siz menden öýkeläňzokmy? — diýip, ahyr Sanin dillenmeli boldy.
Şu mahal ol şeýle sowaldan has samsyk gep hem tapyp biljek däldi. Hakykatyň
şeýledigine onuň özi-de akyl ýetirdi... Nähili-de bolsa, şol sowal bilen dymyşlygyň
gapysy açyldy.
— Men öýkeleýänmi? — diýip, gyz geňirgendi. — Ýok-la. Nämä öýkelemelimişim?
— Siz maňa ynanýaňyzmy? — diýip, Sanin ýene sowal berdi.
— Ýazan hatyňyzamy?
— Hawa.
Aşak bakan Jemmadan söz bolmady, saýawan onuň elinden sypdy. Ýöne ýere
gaçyrman, gyz ony derrew tutdy.
— Maňa ynanyň, näme ýazan bolsam, şoňa ynanyň! — diýip, Sanin dabaraly äheň
bilen aýtdy, şonuň bilenem onuň ähli ýygralygy zym-zyýat bolup, höwesli gepläp
başlady. — Eger bu dünýäde doly hakykat, keramatly hakykat bar bolsa — ol meniň
sizi ýürekden söýýänligimiň çyndygy baradaky hakykatdyr, Jemma.
Sanine gözüniň gytagyny aýlan gyz tas ýene saýawanyny elinden gaçyrypdy.
— Maňa ynanyň, maňa ynanyň — diýip, Sanin öz sözüni gaýtalap, gyza tarap elini
uzatdy, uzatsa-da, oňa batyrnyp bilmedi. — Siziň göwnüňizi tapmak üçin, meniň
näme etmelidigimi aýtsaňyz-laň!
Jemma ýene oňa seredip:
— Jogap beriň, monsieur Dimitri! — diýdi. — Öňňin meni yrmak üçin ýanyma baran
mahalyňyz... siz... entek... sizde entek hiç hili duýgy...
54
— Duýgym bardy — diýip, Sanin ol gepi derrew ýapyşalga hökmünde alyp göterdi.
— Duýgym bar eken. Ýöne ony şol mahal duýmandyryn. Men sizi ilki gören
pursadym söýdüm. Ýöne siziň özüm üçin kim bolandygyňyza şol mahal
düşünmändirin. Onsoňam siz adaglanan gelinlik ekeniňiz-ä... Siziň ejeňiziň haýyşy
hakda oýlansagam... men... birinjiden-ä, men, nädip boýun towlamalydym?
Ikinjidenem, haýyşymy aýdyşymdan siz many alarsyňyz öýdüpdim.
Agyr ädimlenýän aýak sesi geldi. Egni goşhaltaly — daşary ýurtly bolsa gerek —
dolmuşrak bir jenap gülleriň aňyrsyndan peýda bolup, geldi-geçer syýahatçylaryň
edepsizligi bilen oturan ýigitdir gyza nazaryny dikip, gaty-gaty üsgürindi-de geçip
gitdi.
Agyr ädimleriň sesi daşlaşandan soň, Sanin gepläp başlady.
— Ejeňiz maňa siziň Klýuberden ýüz döndermegiňiziň yzynyň dawa ýazjakdygy
barada aýdypdy (Jemma ýüzüni çalarak çytdy). Şeýle ýagdaýyň döremeginde
özümiňem birneme günäm bar bolansoň... menem sizi yrmaga... adaglyňyzdan ýüz
öwürmezligiňiz üçin haýsydyr bir möçberde alada etmäge borçly ýalydym.
— Monsieur Dimitriý — diýip, Jemma Sanin tarapyndaky çekgesinden elini ýöretdi.
— Sizden bir haýyşym bar: jenap Klýuberiň adyny meniň adaglym diýip tutmaň.
Men hiç mahal oňa aýal bolman. Ol barada onuň özüne-de aýtdym.
— Siz ondan ýüz öwürdiňizmi? Haçan?
— Düýn.
— Hut özüne duýdurdyňyzmy?
— Hut özüne. Öýe gelende aýtdym.
— Onda siz meni söýýäňiz-dä. Şeýlemi?
Jemma oňa tarap öwrüldi.
— Şeýle bolmasa... bu ýere gelermidim? — diýip, gyz pyşyrdanda, onuň iki eli-de
oturgyjyň üstüne düşdi.
Sanin aýalary açyk ellerini derrew ýokaryk göterdi-de, dodaklaryny, gözlerini
sypaşdyrdy. Düýn onuň öňünde salgym bolup duran tuty serpilende şeýle ýagdaý
döräpdi! Ine, bagt! Ine, bagtyň nurana ýüzi!
Ol başyny göterdi-de, gyzyň ýüzüne çekinmän göni seretdi. Gyz hem oňa başdanaýak göz aýlady. Onuň süzülen gözleriniň nazary ýeňiljek, şatlyk gözýaşynyň
aňyrsyndan çalaja ýyldyraýardy. Ýöne ýüzi welin ýylgyrmaýardy-da, sessizem bolsa,
şadyýan gülýärdi.
Sanin Jemmany özüne tarap çekmek isledi, ýöne şol sessiz gülküsini dowam edýän
gyz ýigidiň islegini kanagatlandyrmajakdygyny aňladyp, başyny ýaýkady. Onuň
bagtyýar gözleri «Tagapyl et!» diýýän ýalydy.
— Ah, Jemma! — diýip, Sanin sesini süýkdürdi. — Sen meni (dodaklary ilkinji
gezek «sen» diýende onuň ýüreginiň inçe damarlary dartylan tar ýaly bolup
sandyrady) söýersiň öýdüp hyýalyma beri getirjekmidim!
— Özümem şeýle bolar öýdüp garaşmandym. — Jemmanyň sesi pessaý çykdy.
— Frankfurtda birnäçe sagat saklanmak meýli bilen gelýärkäm, bu şäherde öz
ömrümiň hemişelik bagtyny taparyn öýdüp oýlanmandym.
— Tutuş ömrüňmi? Ol hakykatmy? — diýip, Jemma sowal berdi.
— Tutuş ömrümiň — diýip, ýaňadandan möwç alan Sanin, hopugýan ýaly bolup,
jogap gaýtardy. — Baky. Ömürlik.
55
Bagbanyň ýoda arassalaýan pili olaryň oturgyjynyň iki ädimliginde peýda boldy.
— Bize gidýäsmi? — diýip, Jemma pyşyrdady. — Bile gideli, bolýarmy?
Jemma şol pursat «Özüňi deňze taşlarmyň?» diýen sowalynyň yzyndan «Bolýarmy?»
sözüni aýdyp-aýtmanka, Sanin özüni uçut gaýadan düýpsüz ummana başaşak
goýbererdi.
Olar bagdan tirkeşip çykyp, şäheriň köçeleri bilen däl-de, öýlerine aýlanyp, şäherýaka
ýol bilen gitdiler.
ХХVIII
Sanin kä gapdalyndan, kä birneme yzrakdan ýöräp, Jemmadan gözüni aýyrman
gelýärdi, ýylgyrmasyny hem bes etmeýärdi. Gyz, bir görseň howlugýana
meňzeýärdi... birdenem aýak çekýän ýalydy. Hakykaty aýtsaň, olaryň ikisi-de
birhilidi; — ýigidiň-ä reňki öçügsidi, gyzyňam tolgunmakdan ýaňa ýüzi al
öwüsýärdi, özi-de başy aýlanan ýaly bolup, öňe dyzaýardy. Ol ikisiniň sähel salym
mundan ozal öz kalbyny başga biriniň kalbyna bermek barada eden aýgydy örän
täsirlidi, täzeçedi, gorkulydy. Olaryň durmuşynda, asla garaşman duran halatlarynda,
ähli zat birden beýleligine öwrüldi welin, ikisi-de hiç zat saýgarman galdy. Olar diňe
şol özlerini tas biri-biriniň gujagyna zyňan gijeki tupana meňzeş bir zadyň bolup
geçendigini aňşyrdylar. Sanin gidip barýarka, Jemma indi başgaça nazar bilen
seredýändigini syzdy. Ol bir pursatda gyzyň ýöreýşinde, hereketinde birnäçe
aýratynlyklaryň peýda bolandygyna göz ýetirdi. Eý, Hudaý! Ol hereketler, ol
aýratynlyklar, ol ädim uruş. Sanin üçin nähili mähirlidi, gymmatlydy! Gyz hem onuň
nähili nazar bilen garaýandygyny aňýardy.
Bu Saniniňem, Jemmanyňam birinji söýgüsidi. Ilkinji söýginiň ähli ajaýyplyklary
olaryň başyndady. Ilkinji söýgi hem rewolýusiýa ýaly bir zatdy. Durmuşyň ozaldan
gelýän birsydyrgyn, düzüw gurluşy bozulyp, dargadylýar, ýaşlyk diwarynyň aňyrsyna
geçýär. Aýdyň baýdak asmanda pasyrdaýar, öňde ölümmi ýa täze durmuşmy —
näme garaşsa-da, ýaşlyk oňa öz salamyny gönderýär.
— O kim? Ol biziň gojamyza meňzeýän ýaly-la? — diýip, özüniň tanalmagyny
islemeýän ýaly bir zatlara dolanan hem beýleräkden geçip barýan göwrä gözi düşen
Sanin oňa tarap barmagyny uzatdy. Bagtyýar duýgulara gaplanan Sanin Jemma bilen
eýýäm meselesi çözülen söýgi, mukaddeslik hakda däl-de, başga bir zat hakda gep
açyşmak islegine berildi.
— Hawa, ol Pantaleone — diýip, Jemma begenip jogap gaýtardy. — Ol meni
aňtamak üçin yzym bilen öýden çykan bolmaly, düýn hem uzynly gün her ädimimi
derňäp gezdi. Ol bu bolýan zatlary çaklaýar.
— Çaklaýandyr! — diýip, Sanin aýdylany höwes bilen gaýtalady. Bu wagt Jemma
agzyndan çykanyny Saniniň höwes bilen gaýtalamajak nähili gepini tapsyn!
Soňra Sanin Jemmadan düýn näme bolup geçendigini doly aýtmagyny sorady.
Jemma arasynda bulaşyp, çalt-çaltdan dem alyp, tolgunyp, käte Sanin bilenem birbirege ýakymly nazar aýlaşyp geplemäge başlady. Ol üç gün mundan ozalky
gepleşikden soň, ejesiniň gyzyndan özi üçin nähili-de bolsa bir kanagatlanarly jogap
almagyň aladasyny edenligi, onuň bir gije-gündiziň dowamynda jogap berjekdigini
aýdyp, frau Lenoreden az salymlyk başyny gutarandygy, şol möhleti nädip alandygy,
56
ony almagyň örän kyn bolandygy, asla garaşylman duran wagty jenap Klýuberiň
öňkülerindenem beter krahmallanan eşik geýip, hondan bärsi bolup gelendigi,
nätanyş rus ýigidiniň çaganyň hereketi ýaly bagyşlamasyz hereket bilen ony, ýagny
Klýuberi aýylganç kemsidendigi (ol hut şol sözleri diline getirdi), ol seniň atyşyga
çykmagyňy göz öňünde tutýardy — aýdyşy hakynda gürrüň berdi. Jemmanyň
nygtamagyna görä, jenap Klýuber «nätanyş rus ýigidini Rozellileriň gapysyndan
goýbermezligi» talap edendigini.«Sebäbi…—JemmaKlýuberiň sözlerini gaýtalanda
onuň sesine hem hereketlerine az-kem öýkündi: — Sebäbi bumeniň abraýyma şek
ýetirýär, gerekýerindeöz gelinligimiň mertebesini goramagam başarmajak ýaly
görkezýär. Meniň gelinligimiň arkasyny alyp keseki biriniň serkerde bilen atyşyga
girendigi hakynda ertiriň özünde tutuş Frankfurt gürrüň eder.Bu ýagdaý nämä
syrygýar? Bu ýagdaý meniň mertebämi püçege çykarýar!»... Göz öňüne getirýäňmi?
Ejem onuň aýdanlaryny goldady. Gürrüň şol ýere ýetende, birden men oňa öz abraýy,
derejesi hakynda biderek aladalanýandygyny, gelinligi hakynda ediljek gürrüňler üçin
janyny ýakyp ýörmegiň hajatynyň ýokdugyny, sebäbi indiden beýläk men onuň
gelinligi däldigimi, hiç mahalam onuň aýaly bolmajakdygymy beýan etdim.
Dogrymy aýtsam, oňa gutarnykly jogap bermezimden öň, men siz bilen... seň bilen
gürleşmekçidim... Ýöne ol-a geldi, menem saklanyp bilmedim. Ejem gorkusyndan
ýaňa, hatda gykylygam etdi. Beýleki otaga geçdim-de, Klýuberiň beren nika ýüzügini
getirip, özüne gaýtardym. Sen iki gün mundan ozal şol ýüzügi barmagymdan
aýrandygyma ünsem beren dälsiň. Ol şeýlebir gaty gördi welin... Ýöne örän tekepbir
hem gopbam bolansoň, kän geplemänem çykyp gitdi. Elbetde, eden işim üçin
ejemden kötek baryny iýmeli boldum. Onuň perişan halyna nebsim-janym agyrdy.
Men özümi biraz gyssanmaç hereket edendirin hasapladym. Ýöne mende seň hatyň
bardy ahyryn. Men ol haty almankamam, manysyny eýýäm aňýardym...
— Seni söýýänimiňmi? — diýip, Sanin alyp göterdi.
— Hawa... seniň meni söýendigiňi.
Jemma, şeýdip, ýylgyryp, bulaşyp, aljyrap, aňyrdan biri görünse sesini peseldip ýa-da
kimdir biri bilen deňleşilende gürrüňiniň arasyny kesdi. Sanin bolsa düýn onuň ýazan
hatynyň harplaryna seredip lezzet alşy ýaly, häzir gürrüňinden, sesinden,
gepleýşinden lezzet alyp, hoş bolup diňleýärdi.
— Ejem çakdanaşa gama batdy — diýip, Jemma dowam edende, agzy-agzyna
ýetişmän, aýdýan sözleri bir-birini gyssap gelýärdi. — Men ony söýmän, ýalbarýakarlaryň täsiri bilen äre çykaýsam, Klýuberiň maňa özüni ýigrenji görkezjekdigini
ejem hiç aňyna getirip bilenok. Ol size... saňa müňkür bolýar... dogrusyny aýtsaň,
ejem meniň saňa aşyk bolandygyma gaty ynanýar. Üstesine-de, üç gün mundan ozal
beýle çaklamanyň aňyna gelmändigini häzir hasam ýokuş görýär, özüni kötekleýär,
maňa ýalbar-ýakar etmekligi-de saňa tabşyrýar. Beren tabşyrygy hem gaty geň
tabşyryk. Dogry dälmi? Indi ol seni... sizi mekir diýip atlandyrýar, at oýnadan,
misginsokar adam hasap edýär. Siz onuň ynamyny ödemänsiňiz. Meni-de aldarsyňyz
öýdüp çak edýär.
— Eýsem, sen oňa hiç zat aýtmanmydyň?
— Aýdamok. Ilki siz bilen gürleşmän, oňa belli zat aýdyp bilmezdim-ä.
Sanin ellerini serip goýberdi.
57
— Indi beri, sen, Jemma, hemme hakykaty boýun alarsyň-a? Sen meni ejeň ýanyna
alyp bararmyň? Men ejeňe özümiň ýalançy däldigimi ynandyrmak isleýän.
Saniniň kükregi akgöwünlilik hem hyjuw duýgusynyň joşup gelmeginden ýaňa batly
gürsüldäp gitdi.
Jemma oňa gözlerini petredip garady.
— «Ikiňiziň araňyzda hiç zat bolmaz, siziň maksadyňyz hiç mahal amala aşmaz»
diýip ynandyrýan ejemiň üstüne meň bilen bile barjagyňyz çynyňyzmy?
Jemmanyň diline getirmäge bogny ysmaýan bir sözi bardy, ony aýdasy gelip, dili
gijäp dursa-da, aýdyp bilmeýärdi.
— Seň bilen durmuş gurmakdan, saňa ýar bolmakdan belent eşretiň bardygyny
bilmeýärin, Jemma.
Sanin öz söýgüsiniň, öz joşgunynyň, aýgytlylygynyň serhedi bardyr öýtmeýärdi.
Şol sözleri eşidip, aýak çekmäge meýillenen Jemma, gaýtam öňküsindenem çalt
ýöremäge başlady. Ol çakdanaşa belent, garaşylmadyk erjel peýda bolan bagtdan
tizräk ara açmak isleýäne meňzeýärdi.
Birdenem ol aýagyna badak salnan ýaly boldy. Ýan köçäniň burçundan, birki
ädimlikde başy täze başgaply, egni bekeşaly13 saçy pudeliň14 tüýi ýaly burum-burum,
peýkam ýaly gös-göni bolup, jenap Klýuber peýda boldy. Ol Jemmany görüp, Sanini
görüp, birhili, göwnüýetmezçilik bilen öz ýanyndan pyňkyrdy-da, çeýe göwresini
çala gaýşartdy-da, gedem ädimläp olara tarap gaýtdy.Onuň bolup gelişi Saninde
ýaramaz duýgy oýardy. Ýöne ýigrençli geň galyjylygynybaşardygyça görner ýaly
edip, hatda olara haýpy gelýän ýaly keşbe giren Klýuberiňal öwüsýän utançsyz
ýüzüni gören Sanin, birdenkä özünde gaharyň möwç urup başlandygyny duýup, öňe
ädim urdy.
Jemma onuň elinden ýapyşdy. Parahat, aýgytly hereket bilen oňa öz elini berdi-de,
ozalky adaglysynyň gözüne göni garady.Klýuber gözlerini süzdi, ýüzüni bürjeşdirdi,
gapdala öwrülip, dişinden syzdyrdy-da: «Aýdymjyk adatça şeýdip gutarýar!» (Das
alte Ende vom Liede!) — diýdi. Soň hem öňki gedem ädimleri bilen, ýeňiljek
bökjekleýän ýaly bolup, arany açdy.
— Näme samrady şol myrryh? — diýip, Klýuberiň yzyndan eňmek islän Sanin sowal
berdi. Ýöne Jemma oňa gitmäge ýol bermedi, elinden elini hem aýyrman, Sanini
aňryk alyp gitdi.
Öňden Rozellileriň süýji-köke dükany göründi.
— Dimitri, monsieur Dimitri — diýip, Jemma ýene aýak çekdi. — Biz entek öýe
giremzok. Biz entek ejemi göremzok... Eger-de siz ýene oýlanmak isleýän bolsaňyz...
entek gaçara-kowara wagtyňyz bar, Dimitriý.
Jogaba derek Sanin onuň elini döşüne gysdy-da, öňe ýöredi.
Frau Lenoräniň oturan otagyna girlensoň, Jemma ejesine ýüzlendi.
— Eje, men indi hakyky adaglymy getirdim!
ХХIХ
13
Bekeşaly — erkek adamynyň bili büzük, yz tarapy dilnen palto şekilli eşigi (terj. bel.).
Pudel — tüýi burum-burum it tohumy (terj. bel.).
14
58
Eger-de Jemma özi bilen mergi keselini ýa-da hut ajal alyp geldim diýenem bolsa,
meger, frau Lenore eşiden habaryny şu mahalkysyndan beter lapykeçlik bilen kabul
etmezdi. Ol burça çekilip, ýüzüni diwara tarap öwrüp oturdy-da, edil rus daýhan
aýalynyň äriniň ýa-da oglunyň tabydynyň başynda bolşy ýaly gözýaş baryny döküp,
ses etdi. Jemma birbada şeýlebir utandy welin, hatda ejesiniň ýanyna-da barman,
otagyň ortasynda heýkel ýaly doňňaradaş bolup galdy. Sanin bolsa aljyramakdan,
özüni ýitirmekden ýaňa hatda hünübirýan aglamaga-da taýyndy. Köşeşmäge teselli
tapmaýan zenan bir sagatlap, tutuş bir sagatlap gözýaş dökdi. Pantaleone bolsa,
haýsydyr bir keseki adamynyň bu ýakymsyz ýagdaýa şaýat bolaýmazy ýaly (entek
wagtyň irdigi hem tutaryk) dükanyň daşky gapysyny ýapmagy dürs çözgüt hasaplady.
Gojanyň özi-de biraz aňk-taňkdy. Ol, nähili-de bolsa, Jemma bilen Saniniň beýle
gyssanmaç gelen aýgydyny goldamady, ýöne olary ýazgarybam durmady. Oňa
garamazdan, eger möhüm bolsa, ýaşlara howandarlyk etmäge-de taýyndy, çünki
Pantaleone Klýuberi asla halamaýardy. Emil bolsa özüni dosty bilen gyz doganynyň
arasyndaky ýardamçy hasaplaýardy, şonuň üçinem meseläniň oňuna çözülýändigine
gabarylmanam durmaýardy. Ol ejesiniň beýdip özüni gynaýşynyň manysyna asla
düşünmeýärdi. Şonuň üçinem oglan aýallaryň, hatda iň gowy aýallaryňam düşbülik
ukybyndan mahrumdygyna ynandy. Saniniň ýagdaýy beýlekileriňkidenem kyn boldy.
Ol golaýyna baranyndan frau Lenore ellerini kelemenledip, sesini gataltdy. Şonuň
üçinem Saniniň daşrakda durup, «Gyzyňyzyň elini soraýaryn!» diýip, telim gezek
gygyrmagyndanam peýda bolmady. Frau Lenore gyzynyň garaşylmadyk ädim
ätmegini görmez ýaly, şeýle derejede kör bolandygy üçin öz-özüni törpüledi. Ol
gözýaşynyň arasy bilenem: «Jiowan Battista diri bolan bolsa, bu zatlar ýüze
çykmazdy» diýip ahmyr etdi. «Eý, Hudaý, bu nä boluş? — diýip, Sanin içini gepletdi.
— Bu akmaklyk bolýar ahyryn!» Ol-a Jemmanyň ýüzüne garap bilmeýärdi, Jemmada oňa gözüni aýlap bilmeýärdi. Ejesi ýanyna eltmejek bolup itekleşdirse-de, Jemma
kanagat damaryna daýanyp, oňa kömek etjek bolýardy.
Ahyrsoňy, frau Lenoräniň turzan harasady kem-kemden kiparlady. Ol gözýaş
dökmesini goýup, özüni burçdan penjiräniň öňündäki oturgyja geçmäge kömek
etmegini hem suw äbermegini gyzyndan haýyş etdi. Sanine-de golaýyna getirmek
däl, diňe öýde galmaga rugsat berdi. (Öň bir gezek ol Saniniň bu öýden gitmegini
talap edipdi). Sanin geplese, frau Lenore onuň sözünem bölmedi. Sanin az-kem
imisalalyk aralaşmagyndan derrew peýdalandy. Şu mahal öz maksadyny, duýgusyny
söýgülisine ýüzlenip aýtmaly bolsa-da, tapmajak hyjuwly, ynandyryjylykly, täsirli
sözler onuň diline geldi. Beýan edilýän duýgular «Sewil dellegindäki» Almawiwiňki
ýaly päk duýgulardy, aýdylýan sözler çyn ýürekden çykýan sözlerdi. Sanin edýän
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Bahar bulaklary - 07
  • Parts
  • Bahar bulaklary - 01
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2214
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 02
    Total number of words is 3707
    Total number of unique words is 2142
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 03
    Total number of words is 3696
    Total number of unique words is 2157
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 04
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2140
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 05
    Total number of words is 3785
    Total number of unique words is 1986
    33.9 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 06
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2121
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 07
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2039
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    54.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 08
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2052
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 09
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2080
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 10
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2076
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    46.8 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Bahar bulaklary - 11
    Total number of words is 1747
    Total number of unique words is 1185
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.