Latin

Ýusup–Züleýha - 7

Total number of words is 3941
Total number of unique words is 1710
24.6 of words are in the 2000 most common words
35.1 of words are in the 5000 most common words
42.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Özümi mert eýläp, seni gyrmasam,
Şermendelik söwdasyna galyp men.
92
Ýalan wada bilen aldar sen meni,
Bu ýalan wadanyň bolarmy çeni?
Züleýha diýr, uşadaryn men seni,
Gahar-gazap, kine bile dolup men.
Elkyssa, Züleýha bu jogaby aýdyp, butlaryna bir çent garap durdy. Butlardan
hiç seda çykmady. Züleýhanyň ahyrgahary gelip:
- Eý, butlar, bu dünýäde senden ne peýda gördüm, ahyrýetde ne peýda
görgeý men – diýip, barçasyn urup, uşadyp, oda ýakdy. Öten ömründen toba kylyp,
bu mynajaty aýdar erdi:
- Eý, Ýusubyň Hudaýy, seni bir bildim. Ýusubyň atasyny pygamberi-berhak
bildim. Öten küfür we zelalatdaky ömrümden toba kyldym – diýip iki rekagat
namaz okap, Hudaýtagalaga sydky-dili bile mynajat kyldy:
- Päk-ä Perwerdigär-ä! Meniň halyma rehim kylgaý sen – diýip, bu mynajaty
aýdar erdi:
Hudawent, tejelli bile,
Köňlümi aşyna eýle.
Jemalyna ýetişinçä,
Ýusuby muktada eýle.
Niçe ýyldyr hata kyldym,
Bu janyma jepa kyldym,
Özümi mübtela kyldym,
Maňa nuruň hüdä eýle.
Bolup küfür zelalatda,
Ötüp ömrüm muşakgatda,
Hemişe derdi-mähnetde,
Umyt oldur eda eýle.
Hudaý-a dadyma ýetgil,
Günäm köpdür afuw etgil,
Ýykyldym men, elim tutgul,
Dilegimi rowa eýle.
Myradymdyr Ýusup Syddyk,
Kylypdyr Sen, meni aşyk,
Ynansyn, görsün ol takyk,
Ki hätifden neda eýle.
Züleýhaga enaýat kyl,
Dogasyny ejabat kyl,
Ki dogry ýol hidaýat kyl,
Bu derdime dowa eýle.
93
Elkyssa, bu mynajaty okap, zar-zar, çün ebri-nowbahar ýaňlyg ýyglap, tä
Ýusup gaýdynça ol käzesinde oturdy. Nägäh Ýusup alaýhyssalam seýri-sähra
kylyp gaýtdy, Züleýhaga ýakyn ýetdi. Erse, Hudaý tebarek we tagala, hezreti
Jebraýyla: «Bargyl, Ýusuba aýgyl, Züleýhanyň gaşyna barsyn, wagty ýakyn turar.
Onuň her ne sözi bolsa kabul kylsyn. Meniň permanym turar, ne myrady bolsa
ýetirsin» diýip perman kyldy. Jebraýyl gelip, Ýusup alaýhyssalama habar berdi:
- Eý, Ýusup, Hudaýyň «Züleýhanyň gaşyna barsyn. Kyrk ýyldan bäri galan
köňlüni awlasyn. Ony serefraz kylyp, her ne myrady bolsa ýetirsin we hoşwagt
kylsyn» diýdi – diýip beýan kyldy. Ýusup alaýhyssalam Huda emrin eşidip, atdan
düşüp, Züleýha sary pyýada ýöriş kyldy. Gyzlar Züleýha aýtdylar:
-Ýusup sen tarapa pyýada ýöriş kylyp gele turar. Züleýha ýyglap:
- Men biçäräni heniz masgara tutar siz – diýip, perýat kyldy. Gyzlar «Bu
sözümiz ýalan ermez» diýip, kasam ýat kyldylar. Züleýha eşdip çüsti-çapyk
ýerinden turdy. Ýusup alaýhyssalam gelip:
- Eý, Züleýha, ne halyň bar? – diýip sordy. Züleýha pygan göterip, perýat
kyldy:
- Eý, Ýusup, meniň ne halymy sorar sen. Kyrk ýyldan bäri jan-u dilim ataşyhijranyňdan ýanar. Heniz kül bolmaz. Ýusup eger bawer kylmasaň goluňda her
nimerse bar bolsa, meniň agzyma ýakyn getirgil, ne görer sen – diýgeç, Ýusup
alaýhyssalam golunda altyn saply gamçysy bar erdi. Züleýhanyň agzyna ýakyn
eltdi. Erse, Züleýha bir ah dartdy, agzyndan bir parça ot çykyp, lowlap gamça
ýapyşdy. Ýusup filhal gamçyny ýere taşlady. Bildi kim, yşky-hakykat erken.
Mähremlerine buýurdy:
- Züleýhany magaffa alyp saraýa eltiň!
Mähremler Züleýhany saraýa eltdiler. Ýusup alaýhyssalam Züleýhanyň
gaşyna baryp:
- Eý, Züleýha, aýgyl, ne söz bar? Tä menden her iş bolsa, golumdan gelençe
kylaýyn – diýdi. Züleýha:
- Aýtsam, sen kylmasaň, ýene köňlüm mundan beter harap bolar – diýdi.
Ýusup:
- Her ne myradyň bolsa kylaýyn – diýdi:
Züleýha zar-zar ýyglap, bu jogaby aýdar erdi. Jogap bu turar:
Kyrk ýyl boldy yşk oduna ýanmyşam,
Myradym, maksadym ýara ýetirse.
Derdi-mähnet belasyndan köýmüşem,
Arman galmaz ygtyýara ýetirse.
Tenim ýaňy başdan olsa gülçemen,
Gözlerim Hak ýene eýlese röwşen,
Hyzmatymda ýagşy-ýaman enjümen,
Gol gowşuryp, ahy-zara ýetirse.
Ýaşym on tört, on bäş elmydam olsun,
94
Dilimde Hak zirki hem Kelam olsun,
Maksadym, Ýusup jan kethudam olsun,
Jan guşuny per-u bala ýetirse.
Ömr ötürsem hyzmatyňda, Ýusup jan,
Eziz janym kylsam ýoluňda gurban,
Öten ömre kylmaz erdim puşeýman,
Andalyby gülgüzara ýetirse.
Züleýha syryny yzhar eýledi,
Niçe ýyldyr, arzuw-didar eýledi,
Eziz janyn pida-dildar eýledi,
Indi arman ýokdur ýara ýetirse.
Elkyssa, Züleýha bu jogaby aýtgaý, Ýusup alaýhyssalam zar-zar ýyglap:
- Eý, Züleýha, täret kylyp, namaz okap, «Ämin» diýgil. Men doga kylaýyn,
Subhana we Tagala myradyňy hasyl kylgaý inşa Allatagala – diýip, Ýusup doga
kyldy, Züleýha el açyp «Ämin» diýdi. Ýusup bu jogaby aýtdy:
Ýaradan Biribar, Kadyr Oganym,
Meniň arzym bu gün sen agaz eýle.
Hajat istäp, Saňa kylan pyganym,
Züleýhanyň köňlün serefraz eýle.
Şepagat eýleýip sorgul halyny,
Towpyky-hidaýat eýle ýoluny,
Miýesser eýleýip döwlet kölüni,
Ýaşylbaşly sonalary, gaz bile.
Dostlaryn şat, duşmanlaryn ýaşyryp,
Afuw eýle, hatasyny geçirip,
Ömür berip, aby-haýat içirip,
Dowam köňlün zikriň bile saz eýle.
Rehm edip syl, gözden akan sillerin,
Küşat eýle batyl galan ýollaryn,
Köňül bossanynda açyp güllerin,
Gyş günlerin taşlap, bahar-ýaz eýle.
Buýy-hoşboý kylyp müşki-anbar ber,
Baglarynda güli-reýhan semer ber,
Bagyş eýläp ýene täze ömür ber,
Tenini dürst, özün hoşowaz eýle.
Zikr edilsin aşyklaryň başynda,
95
Gören haýran galyp degre-daşynda,
Ýaşy bolsun on dördünde, bäşinde,
Ýüz öwürip garrylykdan baz eýle.
Biçäre Ýusubyň eşitgil zaryn,
Kabul eýle Züleýhanyň habaryn,
Berip iki dünýä maksadyň baryn,
Hem kaddy nahalyn serwi-näz eýle.
Elkyssa, Ýusup mynajat kylyp:
- Päk-ä, Perwerdigär-ä! Züleýha her ne dilese, dogasyny ejabat kylgyl –
diýgeç, tarfatyl-aýn içre Züleýhanyň üstüne nury-Ilähini dökdüler. Ýüzi on dört
gijelik aý dek bolup, jemaly şowky-şugla berip, jahany musahhar kyldy. Ýüzünden
perdäni göterip, rowajy-älem-sufladan älemi-ulwa uruç kylyp, nury tejellisine
garky-mustagrak bolup, jemaly-jahan era älemi-hurşyt hüweýda boldy. Ýüzüniň
şuglasy gijäni münewwer kyldy. Gözi owalkydan zyýada röwşen boldy. Ýusup
alaýhyssalam görüp, bitakat-biaram bolup, Züleýhanyň boýnuna asyldy. Züleýha:
- Eý, Ýusup, dek durgul! Hudaýtagala häzir, nazyr turar, bendeden şerim
kylgyl, Hudadan uýalgyl – diýip, bu jogaby aýdar erdi. Jogaby-Züleýha bu turar,
gel eşit, diňlegil:
Hakykat oldy yşkymyz,
Mejaza ýokdur ygtybar.
Dowany tapdy derdimiz,
Miýesser oldy gülgüzar.
Ýetişdi Haka dadymyz,
Berdi biziň myradymyz,
Bu erdi köňül şadymyz,
Nuruny saldy Biribar.
Ýetişdi Huda zarymyz,
Jenneti-agla jaýymyz,
Ýok imdi hiç perwaýymyz,
Gitdi köňlümden bikarar.
Gitdi köňlümiň gubary,
Nedir dünýä ygtybary,
Çekmenem hiç ahy-zary,
Haneýn kylsak ygtyýar.
Aşyk erdim jemalyňa,
Mushaby ýüzde halyňa,
Lebi şeker zülalyňa,
Boldy bu köňlüm intizar.
96
Züleýha bildi halyny,
Gördi ýaňy helalyny,
Tejelliden jemalyny,
Ýusuby kylmaz ygtyýar.
Emma Züleýha bu jogaby aýdyp, turup ýöriberdi. Ýusup pygan dartyp:
«Züleýha jan, meniň arzymy eşit» diýip, keýinden ýalbaryp, bu jogaby aýtdy:
Tutaşdy, ýandy janymyz,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Gurydy tende ganymyz,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Gara bu ýana söwdügim,
Bir bak bu ýana söwdügim,
Galar sen gana söwdügim,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Al bu dünýä hyrajyny,
Maňa ber husnuň pajyny,
Bagş etdim tagt-u täjini,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Ýandyrma eziz janymy,
Artdyrmagyl pyganymy,
Eşit meniň kelamymy,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Goýma meni ahy-zara,
Yşkyňdan boldum bizara,
Dözmenem beýle azara,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Çekdiň sen başda jepany,
Görmediň menden wepany,
Sen indi etme jepany,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Ýetip sen maksat çagyňa,
Salmagyl meni dagyňa,
Bagban eýlegil bagyňa,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Gel indi wepa eýlegil,
97
Rakyba jepa eýlegil,
Wadaňa wepa eýlegil,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Galdy Ýusup jepaýyga,
Hijr otydan belaýyga,
Rehim eýle gedaýyga,
Züleýha jan, jigi-jigi.
Emma Ýusup birniçe ýalbarar erdi. Erse Züleýha kabul kylmady. Züleýha
Hudaýyň zowku-şowky ondag düşüp erdi, kim perwaýy Ýusupdan we gaýry
nimerseden ýok erdi. Züleýha ýüz näz-kereşme bile burulyp, gaşy süzülip, bili
üzülip, tawus dek jilwe kylyp, humaý dek şiwe kylyp, Ýusuby giriftar kylyp bidir
gaçdy. Baryp bir saraý içine girip, işigi mäkäm kyldy. Ybadata meşgul boldy.
Ýusup ardyndan baryp, işikde durup, zar-zar bolup, bitakat we biaram bolup bu
gazaly aýdar erdi. Gazaly-Ýusup alaýhyssalam bu turar:
Dözmenem yşk oduna, belki, bu janym ýanadyr,
Täze bagym, nowbaharym, gülgüzarym ýanadyr.
Ger kabul eýlemese, ah ile efganymy,
Döze bilmen, neýleýin, sabr-u kararym ýanadyr.
Hormaty-zatyň üçin, maksadymy hasyl kyl,
Kylmyşam külbeýi-ahzan, güli zarym ýanadyr.
Züleýha çekdi meniň jebri-jepamy kyrk ýyl,
Mende ýok sabr-u karar, namysy-arym ýanadyr.
Käkil-zülpi-syýahyňa meni bu gün baglagyl,
Düýdi-ahyma meniň, bu hany-manym ýanadyr.
Eý, Hudaý, salma Ýusup köňlüne hijran dagyny,
Dembe-dem, lahzaba lahza ygtyýarym ýanadyr.
Ýusup alaýhyssalam bu jogaby aýdyp, ýyglar erdi. Züleýha kabul kylmaz
erdi. Ahyr Ýusup gaýdyp gelip, külbeýi-ahzan kylyp, bagryn sowuk ýere berip, hiç
kişi bile sözleşmedi. Halaýyga görnüş bermeý, subh-u şam, belki aladdowam
ýyglar erdi.
Elkyssa, aradan kyrk gün ötdi. Züleýhanyň kyrk ýyl dartan jepasyn Ýusup
kyrk günde tamam çekdi. Nägäh Jebraýyl alaýhyssalam gelip Ýusuba habar berdi:
«Ýa, Ýusup, Hudaýyň Züleýha bile seniň nikaňy kyldy we halaýyk arasynda urpy-merdüminçe toý kylyp alsyn» diýdi. Ýusup hoşwagt bolup, Mälik Ryýany
çagyrdy. Bu wakalary beýan kylyp, Mälik Ryýany Züleýha sawçy kylyp iberdi.
Mälik baryp Hudaýtagalanyň permanyny bir-bir beýan kyldy. Züleýha eşidip jan-u
98
dil bile kabul kyldy. Ýusup alaýhyssalam bir saraý saldyrdy, göýä behişdiň saraýy
dek, ol saraýyň adyna Beýtil-ekram diýer erdiler. Müsür şäherine aýyn baglap,
ýedi gije-gündiz toý-tomaşa kylyp, nika bile aldy. Aşyk-magşuk myradyna ýetip
parahat ýatdylar. Ilähi barça mömin musulmanlar maksat-myradyna ýetgeýler.
Andalyp biçäre bularyň şanynda bir gazal aýtdy:
Ne hoş gündir musahyplar,
Kişi jananyna ýetse.
Görüp dürli melamatlar,
Ahyr dildaryna ýetse.
Çekip renji-muşakgatlar,
Ki yşk ýolunda apatlar,
Görüp ýüz-müň alamatlar,
Köňül armanyna ýetse.
Pelek ursa oňa şebhun,
Ýykylsa başyna gerdun,
Görüp ýüz derd-u gam efzun,
Ýene dermanyna ýetse.
Dil-u jany harap olsa,
Ýanyp bagry kebap olsa,
Ýolunda müň azap bolsa,
Ne arman janyna ýetse.
Ýürekde galmady arman,
Miýesser eýledi sen jan,
Kylyp bir-bire jan gurban,
Ýusup dildaryna ýetse.
Melek sima, kaddy zyba,
Gözi ahu, ýüzi hamra,
Bolup çun Andalyp şeýda,
Güli-handanyna ýetse.
Indi sözi Ýusup alaýhyssalamyň agalaryndan we atalary Ýakup
alaýhyssalamdan eşidiň.
Emma Ýusubyň şöhraty älemi tutdy. Etrap-eknafdan hemme «Müsür
şäheriniň patyşasy adyl ermiş. Zyýada hoşzyban ermiş, mübärek jemalyn gören
kişi hergiz betbagt bolmaz ermiş» diýip eşidip, çar etrapdan gelip, Ýusuby zyýarat
kylar erdiler.
Şam bile Kengan welaýaty bu habary eşitdiler. Leýken Kengan zyýada
gahatçylyk erdi. Ýakup alaýhyssalam oglanlaryn çarlap, aýtdy:
- Eý, oglanlarym, men eşitdim, Müsür welaýaty zyýada dokçulyk ermiş.
99
Patyşasy adyl ermiş. Her niçik kişä mähribanlyk kylar ermiş. Ne bolgaý, sizler hem
barsaňyz, patyşasyn görseňiz, sizlere hem, inşa Allatagala, mähribanlyk kylar erdi
– diýdiler. Oglanlary aýtdylar:
- Eý, ata, bizlerde ýagşy peşgeş we ýagşy mata ýok. Patyşa alyp barsak we
söwda- satyk etsek – diýdiler. Ýakup alaýhyssalam:
- Eý, oglanlarym, her ne besatyňyzda bolan nimerseleri alyp, baryňyz, şaýet,
kabul kylgaý. Eger kabul kylmasa, aba we eždadyňyzy, asyl we nesliňizi beýan
kylyňlar, olaryň bereketinden sizleri ýagşy görüp, mähribanlyk kylgaý – diýdi.
Oglanlaryna bu söz makul gelip, bir az ýüň, bir para nimerselerinden alyp, gider
boldular. Ýakup pendi-nesihat kylyp aýtdylar:
- Zynhar patyşalaryň hyzmatyna barsaňyz, edep-ekram bile turup-oturyň. Tä
otur diýmeginçä, oturmaň, söz sormagynça, sözlemäň. Her ne permanynça iş
kylyňlar we ýene meniň Ýusubymdan habar soraňlar. Uly patyşa ermiş, her ýerden
habardar ermiş. Meniň doga-haýrymy ýagşy ýetiriň – diýip, Ýusuba bu gazaly
aýdyp iberdi:
Eý, Müsür şahy, meniň ýiten guzymdan ber habar,
Ady Ýusup, serwi kat, görer gözümden ber habar.
Kyrk ýyl oldy, eý, şahym, ogul pyrakyn çekmişem,
Çehresi hurşydy-hawer, aý ýüzümden ber habar.
Kör bolupdyr ýyglaban, derd-u pyrakyndan gözüm,
Şubhy-şam oldy garaňky, gündizimden ber habar.
Talygym bet, hasratym bihet bolupdyr waý-waý,
Aftab-u Zöhre ýaňlyg, ýyldyzymdan ber habar.
Ýakubyň sözde senasy, dilde zikridir Ýusup,
Rahaty-janym meniň, şirin sözümden ber habar.
Elkyssa, Ýakup alaýhyssalam bu namany ýazyp, oglanlary bile iberdi.
Oglanlary atasyndan pata alyp, ýola rowana boldular. Birniçe katgy-menäzil kylyp,
Müsür welaýatyna ýetişdiler. Ýusup welaýatynyň dört tarapyna toksawul goýup
erdi. Her ýerden söwdagär gelip, patyşadan ejazatsyz öte bilmez erdiler. Ýusubyň
agalary oşol toksawullara uçrady. Ondan öter boldular. Onda ýasawullar aýtdylar:
- Tä patyşadan höküm bolmagynça, patyşadan rugsatsyz ötgermezmiz–
diýip, bulary bir ýerde saklap, Ýusup alaýhyssalama hat kylyp iberdiler we
«Kengandan on kişi gelip turar, her biri bir Rüstem Dessan kibi» diýip habar
berdiler.
Ýusup alaýhyssalam kim ekenin bilmeý turup erdi. Hezreti Jebraýyl
alaýhyssalam häzir bolup: «Eý, Ýusup, habardar bol, seni satan agalaryň geldi.
Olar bile ýagşy danyş» diýip, näpedit boldy. Ýusup alaýhyssalam wezirin çagyryp,
bu syrlary bir-bir beýan kyldy. «Meni gul diýip satan agalarym gelip turar» diýip
bu gazaly okady:
100
Wezir, Kenganyň şährinden,
Meniň agalarym gelmiş.
Mähnet çekip ýol derdinden,
Meniň agalarym gelmiş.
Aldap sähra alyp baran,
Jepa tygyn jana uran,
«Aga» diýsem, ýüz öwüren,
Meniň agalarym gelmiş.
Ýatyryp elim baglagan,
Köýnegim gana bulagan,
Şeddat çahyna taşlagan,
Meniň agalarym gelmiş.
Müsür tüçjaryna satan,
Ogry diýip böhtan eden,
«Gurt iýdi» diýip, ýalan aýdan,
Meniň agalarym gelmiş.
Ýusup gözden döküp ýaşyn,
Wezir, gör, takdyryň işin,
Pelek beýle öwrüp başyn,
Meniň agalarym gelmiş.
Onda wezir aýtdy:
- Eý, şahy-älem, olara niçik kasas kylar siz?
Ýusup:
- Olar jepa kyldy, biz wepa kylarmyz. Olar hata kyldy, biz ata kylarmyz –
diýdi. Ýusubyň weziri mähir-mürewwetine we ýagşy sözüne täsin, aperin galdy.
Ýusup:
- Eý, wezir, bu sözleri içiňde pynhan saklagaý sen – diýdi. Ondan soň Ýusup
kişi iberdi. «Kengandan gelen söwdagärler gelsin» diýip, baryp habar berdiler.
Ýehuda, Şemgun, Rubil on agasy ýöriş kyldylar. Gelip, saraýa düşdüler.
Birniçe gün dem parahatlaryn aldylar. Ondan soň, Ýusup alaýhyssalam çagyryp
aldy. On agasy içeri girdi. Görseler, bir patyşa jahan tagtyna laýyk, ýüzünde nikap,
dokuz perdäniň keýinden ýüzüniň şuglasy jahana bark urar. Sag tarapynda birniçe
hanlar, sol tarapynda niçe ýüz ähli-hökümetler, ileri we keýinde niçe soltanlar.
Olary görüp agalarynyň huşy başyndan gitdi. Tagzym-towazyg bile ýer öpüp, elin
gowşuryp, boýnun burup, kengany dili bile salam berdiler. Ýusup aleýik aldy.
Agalaryn görüp, zar-zar ýyglap, perde keýninde oturyp, gäh gahary gelip, kylan
işleri, jepalary ýadyna düşüp, ýylan dek towlanar erdi. Ýene garyndaşlyk mähri
ýadyna düşüp, köňli erip, takat-karary galmaz erdi. Ýusup alaýhyssalam özün rast
kylyp:
101
- Haýsy bagyň güli siz, haýsy çemeniň bilbili siz, haýsy äşýandan uçup,
haýsy gülgüzara gonar siz? – diýdi. Onda tagzym-towazyg bilen jogap berdiler:
- Şah-a, serwer-ä, jahan perwer-a, hawatyry-derýaýy-mukatyr hyzmatyňyzda
arz bu kim, biz bir Hudaýa bende bolarmyz. Ybraýym, Ysmaýyl, Yshak
pygambere nebere bolarmyz we Ýakup alaýhyssalamyň oglanlary bolarmyz.
Welaýatymyz Şam bile Kengan turar – diýip beýan kyldylar. Ýusup alaýhyssalam:
- Ýakup pygamberiň niçe ogly bar turar? Özleri niçik kişi turar – diýip,
pynhan ýyglar erdiler. Olar:
- Atamyzyň on iki ogly bar erdi. Elhal oglanlary on bir turar – diýdiler.
Ýusup aýtdy:
- Ýene biri kanda turar?
Olar:
- Kiçilikde böri iýip turar. Atamyz onuň pyrakynda ýyglap, iki gözleri ajyz
bolup turar gije-gündiz, aladdowam ýyglar. Siziň ýagşy adyňyzy eşdip, size nama
iberdi – diýip, Ýakup pygamberiň peýamyn çykaryp, Ýusup alaýhyssalamyň
goluna berdiler.
Ýusup namany alyp, perdäniň keýninde okap, zar-zar çün ebri-nowbahar
ýaňlyg ýyglap, bihuş boldy. Baz huşuna gelip, sowal aýtdy:
- Eý, Ýakubyň oglanlary, ataňyz namada iniňizi böri iýen nyşanasy ýok
diýip, turar?
Onda olar:
- Takyk turar, böri iýende bizler gaşynda erdik. Börini tutup, kowlap,
atamyzyň gaşyna alyp bardyk – diýip, kasam ýat kyldylar. Onda Ýusup aýtdy:
- Bizler eşidip turarmyz, kim pygamberleriň göşi janawarlara iýmek haram
turar. Niçik böri turar ony iýgeý?
Onda olar aýtdylar:
- Ýene hem bir güman kyldyk, garakçy öldürdi bolgaý.
Ýusup ýene sordy:
- Iniňiziň ady ne turar?
Olar:
- Ýusup turar. Ibni Ýemin diýgen bir inisi hem bar turar. Bir gyz bile üçüsi
bir eneden turar erdi. Elhal Ibni Ýemin bar. Ýusuby böri iýdi ýa garakçy öldürdi
bolgaý. Atamyz owwal Ýusuby söýer erdi. Ol hem ýok boldy. Indi ornuna Ibni
Ýemini söýer – diýdiler.
Ýusup aýtdy:
- Eý, ýalançylar, pygamberzadany hem böri iýermi? Niçik bimany söz turar?
Onda olar:
- Ýusup hem ogry erdi hem ýalançy erdi, meger ol sebäpden böri iýen
bolgaý – diýdiler. Bu sözi Ýusup eşidip, dergahar bolup, ýylan dek towlandy:
- Waý-waý, eý ýalançylar, waý, kezzaplar, bir aýdarsyz böri iýdi we bir
aýdarsyz garakçy öldürdi. Meger sizler jansyz bolgaý siz. Meniň şäherimiň ýagşyýamanyn bilip gitmek üçin gelipsiz. Ýakup pygamberiň oglanlary bolmagaý siz –
diýip, syýasat kylyp, ýasawullara buýurdy:
- Bulary kerwensaraýa eltiň.
Ýasawullar eltip saraýbana tabşyrdylar. Ýusup alaýhyssalam:
102
- Olara ýagşy perwaý kylyň, her ne ýagşy tagam bolsa, eltiň – diýip buýurdy.
Ýusubyň iki ogly bar erdi, uly oglunyň ady Ybraýym erdi, kiçi oglunyň ady Menşä
erdi. Ogullaryna aýtdy:
- Baryň, barçasy seniň babalaryň turar. Ataňyzyň gol-aýagyn baglap, guduga
salan we on sekiz gara teňňä satan bular turar. Ogullary:
- Eý, ata, ondag bolsa, olara ne üçin sütem kylmaý siz, mähribanlyk kylar siz
– diýdi.
Ýusup alaýhyssalam aýtdy:
- Eý, oglum, jepa ornuna wepa kylmak gerek. Bargyl olaryň hyzmatynda gol
gowşuryp durgul. Suw dilese, şerbet bergil. Her ne hyzmat buýursa, jan bile kabul
kylgyl – diýip nesihat berdi. Olar baryp babalarynyň hyzmatynda boldular.
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam agalaryna hoş jogap bermediler. Birniçe wagt
aradan ötdi. Olar bile gelen söwdagärler söwdasyn bitirip gaýtdylar. Köp howatyr
boldular. Bir gün Ýusup olary aldyna çagyryp, sordular:
- Eý, ýigitler, siz pygamberzada bolsaňyz ne üçin ýalan sözlärsiňiz? Ataňyz
«Ýusup aman» diýip turar. Sizler «Böri iýdi» diýip turar siz. Indi bu sözleriňizden
köp hylap tapdyk. Bize güman boldy. Sözleriňizi rast sözläň. Bir kişiňizi munda
goýup, özgeleriňiz baryp, ataňyzyň hat-galamyn alyp we ýene kiçi iniňizi hem alyp
geliň. Tä rastyňyz, ýalanyňyz mälim bolsun. Ýok erse sizleri bu sözler bile
ibermesmiz – diýdi. Onda olar:
- Eý, şahy-bakeram, bizleriň ýaş oglan-uşagymyz köp turar. Olar açlykdan
köp teň erdiler. Ýene atamyz hem köp howatyrda galyp erdi. Ne bolgaý bizlere
ejazat berseňiz – diýdiler. Ýusup alaýhyssalam:
- Söz bir turar. Dek durgyl, köp söz hajat ermez – diýdi.
Ahyr olar maslahat kylyp, Şemguny goýar boldular. Gelip patyşa habar
berdiler:
- Şemguny hyzmatyňyzda goýar bolduk. Siz hem indi mübärek namaňyzy
atamyza aýdyp iberiň. Tä atamyz sözlerimize bawer kylgaý.
Ýusup nama ýazyp iberer boldy: «Owwal ba namy-Allatagala, duwwum ba
namy-Ybraýym Halylylla, siwwum ba namy-Ýakup alaýhyssalam, oglanlaryňyza
ynanmaý turarmyz. Owwal aýtdylar: «Inimizi böri iýdi». Ondan soň: «Garakçy
öldürdi» diýdiler. Ýene: «Ýusup ogry, ýalançy erdi. Onuň üçin böri iýdi» diýdiler.
Bu sözlerden köp hylap tapdyk. Indi Şemguny alyp galdyk. Hatyry-şeriplerine hiç
melul gelmesin. Inşa Allatagala, Ýusuby her ýerde bolsa jüsti-juý kylyp, olara
gowuşdyrarmyz. Ondan gam iýmesinler, Ibni Ýemini munda ibersinler. Ibni
Ýemin tarapyndan hem parahat bolsun» diýip, bu namany ýazyp iberdiler.
Namaýy-hezreti Ýusup alaýhyssalam bu turar:
Töwekgel kyl, Ýakup nebi Hudaga,
Sabr eýlegil, Ýusup guzyň amandyr.
Razy bol belaga, sabr et kazaga,
Görer sen gül ýüzün, Ýusup amandyr.
Aşyk olan myradyna ýetendir,
Beýle jeza her kimseden ötendir,
103
Kimseleri pelek oýnap utandyr,
Ýyglamagyl görer gözüň amandyr.
«Ýusup – diýr – sen görer gözüm röwşeni»,
Gül açylyp, täze bolar gülşeni,
Hyzmatyňda geýip jüpbe-jöwşeni,
Geler, sözlär sözüň, Ýusup amandyr.
Gam iýmegil, Ýusup aman bar imiş,
Oňa Hakyň tejellisi ýar imiş,
Atasynyň jemalyna zar imiş,
Hoş talyg ýyldyzyň, Ýusup amandyr.
Bu Müsür şasynyň eşit senasyn,
Hiç kimseden daryg etmez wepasyn,
Afw eýlesin Ýakup nebi günäsin,
Gam iýme, gündiziň, Ýusup amandyr.
Elkyssa, agalary Şemguny Müsürde goýup, Ýusubyň namasyn alyp,
Kengana rowan boldular. Birniçe katgy-menäzil kylyp, Kengana ýetişdiler. Baryp
atasyny zyýarat kylar erdiler. Ne bolan wakalary bir-bir beýan kyldylar. Ýusubyň
namasyn atasyna çykaryp berdiler. Ýakup alaýhyssalam namany algaç, Ýusubyň
ysy damagyna ýaýyldy. Ýakup namany ysgap:
- Eý, oglanlarym, bu namadan Ýusubymyň ysy geler – diýdi:
Namasy köňlümi alan mähribanym gelmedi,
Gülşen içre gül idi, ol gülgüzarym gelmedi.
Her zaman perýat edip, başymy ursam daşyna,
Ol gyzyl gül, sözi bilbil, şasuwarym gelmedi.
Intizar ile ýörir men, gije-gündiz ýat edip,
Ah urup men her zaman, ol tende janym gelmedi.
Yşkydan her dem oşol kim, dilberi-janym idi,
Bes pyrak oduna köýen jismi-janym idi.
Ýakup aýtdy, münşiler, bu namany sizler okaň,
Ýusubyň ysy geler bildim ki, janym gelmedi.
Elkyssa, Ýakup alaýhyssalam bu jogaby aýdyp, zar-zar ýyglap, namany
okap bilmeý aýdy:
- Eý, münşiler, bu namany sizler okaň – diýip, namany okatdylar. Ýakup
alaýhyssalam eşidip, zar-zar ýyglap, bihuş boldy. Baz huşuna gelip, sordy:
- Şemgun hany?
104
Oglanlary:
- Müsür ezizi bizleri jansyz diýip, biziň sözümize ynanmady. Şemguny alyp
galdy. «Baryp ataňyzyň namasyn alyp geliň we kiçi iniňizi hem alyp geliň» diýdi.
Özi ajap patyşa, adyl, dokuz gat perdeden jemalynyň şuglasy jela berer – diýip,
hup taryp kyldylar. Herne beren gallalaryn açyp görseler özleriniň alyp baran
nimerselerin we ýüňlerin salyp iberip turar. Ony görüp, täsin galdylar. Olar:
- Müsür ezizi biziň nimerselerimizi pisint kylmaý turar – diýdiler.
Elkyssa, Ýakup oglanlaryna nesihat kylyp, Ibni Ýemini hem goşup iberdi.
Ýene hem aýtdy:
- Eý, gözümiň nury oglanlarym, Ibni Ýemin bile sizleri Hudaýa tabşyrdym.
Muny hem Ýusup dek kylyp gelmäňler, dogaýy-betime uçrar siz. Barsaňyz, oşol
patyşadan soraň. Meger meniň Ýusubymdan habar bilgeý. Ýok erse namada
mundag aýtmagaý erdi – diýip, oglanlaryna pata berip, bu namany ýazyp, Ýusup
alaýhyssalama iberer boldy. Namaýy-hezreti Ýakup alaýhyssalam bu turar:
Babam Ybraýymdyr, atamyz Yshak,
Kyrk ýyl oldy, awy maňa noş oldy,
Bile bilmen kaýda Ýusup, ýol yrak,
Eşidip namaňyz köňlüm hoş oldy.
Çäre ýokdur pyrakyna dözmenem,
Umyt eýläp ondan köňül üzmenem,
Gije-gündiz gaýgy bile gezmenem,
Külbeýi-ahzanda gözüm ýaş oldy.
Bagyr ganym gözden akyp ýyglaram,
Hijran ody bile jiger daglaram,
Tä ölinça ýolunda bil baglaram,
Jebri-jepa ýüregimde daş oldy.
Aýralygyň ody ýaman dert olar,
Kimse dözer pyrakyna mert olar,
Şeb-ruz çekdigim ahy-sert olar,
Her kimsäge derd-u bela duş oldy.
Müsür ezizi, sözüň şeker-balmydyr,
«Ýusup bar» diýeniň merk-u almydyr,
Gorkaram diýdigiň kylu-kalmydyr,
Ýakup görüp namaňyzy hoş oldy.
Ýakup alaýhyssalam bu jogaby aýdyp, namada ondag diýdi kim: «Şah-a,
serwer-ä, jahan perwer-ä, siziň ýagşy adyňyzy eşidip turarmyz. Owwal dogamyz
bu, kim, Ýusupdan maňa habar bergeý siz. Ondan soňra oglanlaryma mähribanlyk
kylgaý siz. Hususan Ýusubyň inisi Ibni Ýemini hyzmatyňyza iberdim. Ýusupdan
jyda bolandan soň, meniň ülpetim Ibni Ýemin erdi. Ony menden jyda kylmaň.
105
Aba-ýu ejdatlarymyň hormaty üçin tizräk gaýtaryp ibergeý siz» diýip nama bitdi
we ýene oglanlaryna:
- Eý, perzentlerim, her biriňiz bir derwezeden giriň. Ýok erse, gözdendilden, dişden zyýan ýetgeý – diýip, pendi-nesihat kylyp, pata berip iberdiler.
Birniçe menzilleri taý kylyp, Müsür diýaryna ýetişdiler. Ýol üstünde duran
toksawullar Müsür ezizine baryp, ýarlyk alyp geldiler. Patyşanyň ejazaty bilen
Şemgun aldyna çykyp, şähere ýakyn ýetdiler. Erse, atalarynyň nesihatyn tutup, ikiiki bolup, derwezeden ýöriş kyldylar. Ibni Ýemin tenha galdy. Ýusup agasy
ýadyna düşüp, zar-zar çun ebri-nowbahar ýaňlyg ýyglap, bu gazaly okar erdi.
Gazaly-Ibni Ýemin bu turar:
Mysapyrlykda ýoldaşlyk,
Aga jan Ýusubym bolsa,
Maňa eýlärdi janbazlyk,
Huraman Ýusubym bolsa.
Ki bilmez men kaýan baram,
Ýeke-ýalňyz güman baram,
Garyby-natuwan baram,
Hany jan Ýusubym bolsa.
Ýolum kimden sorag eýleý,
Bu ömrüm oňa bag eýleý,
Dil-u janymy dag eýleý,
Gülüstan Ýusubym bolsa.
Galyp tenha harap oldum,
Jydalykdan kebap oldum,
Agam diýp, yztyrap oldum,
Ne arman Ýusubym bolsa.
Galyp Ibni Ýemin tenha,
Düşüpdir başyma söwda,
Hudaý-a, goýmagyl gamda,
Aga jan Ýusubym bolsa.
Emma Ibn Ýemin bu gazaly okap, ýol tapmaý ýyglap durup erdi. Hezreti
Jebraýyl alaýhyssalam häzir bolup: «Eý, Ýusup, Ibni Ýemin tenha ýol tapmaý
durup, kaýan bararyn bilmeý sergerdan bolup durar. Bargyl ony özüň bile alyp
gelgil» diýgeç, Ýusup alaýhyssalam syçrap ýerinden turup, gözlerinden sil dek
ýaşyn akyzyp, bir düýä münüp, sähraýy lybasyn geýip, Ibni Ýeminiň aldyna
çykdy. Görseler derwezede ýyglap, her tarapa bakyp, kaýan bararyn bilmeý, her
kime bir telmuryp, söz aýdyp, ýol sorar erdi. Halk onuň sözüne düşmeý haýran
bolup durar erdi. Ýusup gelip, düýe üstünden el gowşuryp, araby dili bile salam
berdi. Ibni Ýemin aleýik aldy. Ibni Ýemin gördi kim, bir türpe ýigit, ýüzüne nikap
106
dartylan, ajap hoz owaz, hoş boý, yslary jahany muattar kylyp turar. Ýusup ýakyn
gelip sorap:
- Eý, ýigit, kaýu ýerden geler sen,kaýu ýeriň perzendi sen, kaýu ýere barar
sen – diýgeç, Ibni Ýemin Ýusubyň owazyn eşidip, gözünden ýaş jary bolup,
hyýalynda: «Bu owaz Ýusup agamyň owazyna ohşaş turar» diýip ýyglady.
Ýusup aýdy:
- Eý, oglan, nägä ýyglar sen, ne ýeriň perzendi bolar sen?
Ibni Ýemin aýtdy:
- Bir Hudaýa bende bolarmyz. Ybraýym, Ysmaýyl, Yshak pygamberiň
neberesi bolarmyz. Ýakup pygamberiň ogullary bolarmyz. Adym Ibni Ýemin turar.
Ýusup sordy:
- Ýakup pygamberiň niçe ogly bar turar?
Ibni Ýemin aýtdy:
- On iki ogly bar erdi. Elhal on bir turar. On biri hemme munda geldiler. Her
ikisi bir eneden erdiler. Aga-ini ikisi bir derwezeden gitdiler. Men tenha galyp
durup erdim. Hiç kim meniň sözüme düşmez. Kaýan bararymy bilmeý durup
erdim. Biziň hem Ýusup agamyz bolsa idi, biz hem hemra bolup birge gider erdik.
Ol agam ýadyma düşüp aglarmyz. Alhamdulillä, siziň mübärek jemalyňyzy
gördüm. Meniň sözüme düşer siz. Janym ondan aram boldy.
Ýusup:
- Seniň agaň gelmedimi – diýgeç, Ibni Ýemin perýat urup ýyglaýberdi:
Hijr odunyň täze boldy bu dagy,
Gije-gündiz dady-pygan ýyglaram.
Hazan urup soldy gülüm ýapragy,
Hijr elinden aman-aman ýyglaram.
Kyrk ýyl oldy akyl-huşum çaşyrdym,
Ýyglap pyganymy hetden aşyrdym,
Onuň odun synam içre ýaşyrdym,
Pyrakynda zaman-zaman ýyglaram.
Aýralykdan idräkimi ýitirdim,
Noh pelekden pyganymy ötürdim,
Atamyzyň namasyny getirdim,
Agam waspyn aýdyp, beýan ýyglaram.
Atasy gijeler guzym diýp ýatmaz,
Hijr odundan göýä hergiz daň atmaz,
Onuň perýadyna hiç kimse ýetmez,
Boldy bu gün ahyrzaman, ýyglaram.
Ibni Ýemin ýyglar agasy ýokdur,
Dostlar bu derdimiň dowasy ýokdur,
Bu dünýä panydyr, wepasy ýokdur,
107
Bakjalarym urdy hazan, ýyglaram.
Ýusup aýtdy:
- Ne çün ýyglar sen?
Onda Ibni Ýemin aýtdy:
- Meniň agamy kiçilikde böri iýip erdi. Agalarym atamyza aýdyp geldi.
Atam olaryň sözün kabul kylmaý, heniz umyt eder – diýip ýyglady. Ýusup:
- Ýyglamagyl, agaň jemalyny Hudaýtagala görkezse, ajap ermez – diýip,
köňül berdi.
Ýene:
- Men seni agalaryň baran saraýyna elteýin – diýip, Ibni Ýeminiň goluna bir
halka dür berdi.
- Şuny hergiz kişige bermegeý sen.
Ibni Ýemin:
- Bu negä gerek turar? – diýdi. Ýusup alaýhyssalam Ibni Ýeminiň dürüň
gadryny bilmegeni üçin güldi we ýene aýtdy:
- Muny ýagşy saklagyl, zyýada gymmat bahaly nimerse turar.
Ibni Ýemin halka alyp goluna saldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýusup–Züleýha - 8
  • Parts
  • Ýusup–Züleýha - 1
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2084
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 2
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1713
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 3
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1781
    24.3 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 4
    Total number of words is 3975
    Total number of unique words is 1754
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 5
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 1733
    23.2 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 6
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1704
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    38.8 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 7
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1710
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 8
    Total number of words is 4015
    Total number of unique words is 1563
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 9
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2114
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 10
    Total number of words is 2617
    Total number of unique words is 1911
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    42.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.