Latin

Ýusup–Züleýha - 8

Total number of words is 4015
Total number of unique words is 1563
25.6 of words are in the 2000 most common words
38.3 of words are in the 5000 most common words
45.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Elkyssa, Ibni Ýemini kerwensaraýa eltip gaýtdy. Ol tarapdan hem agalary
ýetişdiler. Ýusup alaýhyssalam zar-zar ýyglaý, tagtynda karar etdi.
Ibni Ýemin oşol ýerde agalarynyň gaşyna bardy. Agalary:
- Niçik bu jaýlary tapdyň? – diýdiler. Onda Ibni Ýemin bolan wakalary
beýan kylyp, halka düri agalaryna görkezdi. Ýehuda:
- Bu halkany sen saklaý bilmez sen – diýip, alyp saklady. Bir zamandan
soňra ýitirip, oýan-buýany görse, halka Ibni Ýeminiň golunda turar. Elgaraz, her
agasy alyp sakladylar. Olarda karar etmeý Ibni Ýeminiň golunda durar erdi.
Birniçe wagtlap karar etdiler. Bir gün Ýusup tagam taýýar kylyp, agalaryn
çagyrdy. Olaryň on biri jem bolup, Ýusup alaýhyssalamyň saraýyna bardylar. Içeri
girip, tagzym-towazyg bilen gol gowşuryp durdylar. Ýusup perde keýninde, Ibni
Ýemini görüp, zar-zar ýyglap, özüne teskin berip, olardan sowal kylyp, aýtdy:
- Ataňyzyň hatyny alyp geldiňizmi?
Olar aýtdylar:
- Alyp geldik.
Ýusup aýtdy:
- Kiçi iniňizi hem alyp geldiňizmi?
Olar:
- Alyp geldik. Atamyz namasyny hem size iberdi – diýip, Ýakup
alaýhyssalamyň namasyn çykaryp berdiler. Ýusup namany okap, pynhan ýyglar
erdi. Ýusup alaýhyssalam aýtdy:
- Eý, Ýakubyň oglanlary, ataňyz «Ýusup salamat ermiş» diýip, nama ýazyp
ýollap turar. Rast habar beriň. Eger diri bolsa, tapar maslahatyn kylalyň.
Onda olar aýtdylar:
- Tagsyr, şahy-älem, takyk turar böri iýeni we eger sözümize bawer
kylmasaňyz, inisi Ibni Ýeminden soraňyz.
Ýusup aýtdy:
108
- Ibni Ýemin agaňyzy böri iýdimi?
Ibni Ýemin ýyglap, sözläre myrady galmady, özün rast kyldy. Aýtdy:
- Eý, şahy-bakerem, bize güman turar, agalarym bile sähra gidip erdi,
gaýdyp gelmedi. Bilmedim ne waka boldy?
Ýusup sorady:
- Eý, Ibni Ýemin, agaň ogry erdimi, ýalançy erdimi?
Ibni Ýemin:
- Hergiz ömründe bir ýalan söz aýdan ermes erdi. Bir ýerde oturyp nahar
kylar erdik. Bir lukma tapsa, öz ülüşinden golunda pynhan saklap, özi üç gün aç
bolsa-da, özge bir saýyla berer erdi. Onuň hulky misli perişdeden zyýada erdi.
Bular onuň ondag ýagşy pyglyn we ýagşy hulkun reşk edip, ýaman görer we ogry
diýer erdiler – diýdi.
Ýusup:
- Ondag bolsa, bu agalaryň ogry, ýalançy erken. Indi mälim boldy, atalary
Ýusup aman diýip, nama iberip turar – diýdi. Agalary Ibni Ýemine gahar gözleri
bile bakyp: «Gör, kim, seni hem Ýusupdan beter belaga giriftar kylarys» diýer
erdiler. Ýusup alaýhyssalam:
- Bulary saraýa eltip, tagam beriň – diýdi. Emma Ýusup özüniň suraty bile
agalarynyň suratyn kyldyryp bir saraý saldyryp erdi. Onda özüniň goly bagly,
boýnyda zynjyr, agalarynyň golunda hanjar, Ýusuby öldürmegi kast ederler. Ýusup
gaçyp her agasyna bir ýalbaryp, ýapyşyp ýyglar, olar her haýsysy urup ýykar erdi.
Oşol saraýa girip, bu suratlary görüp, kylan işleri ýadyna gelip, çökdüler.
Agyzlarynda sözläre dilleri tutuldy. Agalary şermende bolup, ýüzün goýup
ýykyldylar. Huşy başyndan gidip, haýran serasyma bolup, ne diýerin bilmediler.
Ibni Ýemin hem özün her ýere urar erdi we ýene zar-zar ýyglar erdi. Ýusup bir
derejeden tomaşa kylar erdi. Ýusup bu wakany görüp, baryp, agalaryn çagyrdy.
Birniçe söz bile mähribanlyk kylyp, tagam dartdylar. Her ikige bir tabak dartdylar.
Ibni Ýemin tenha galdy. Oňa ýeke tabak dartdylar. Agalary birew-birewe ittifak
kylyp, tagama el uzatdylar. Ibni Ýemin gördi, erse, hemme jübüt-jübüt, aga-ini
tagama mukaýýyt boldular:
Ibni Ýeminiň Ýusup agasy ýadyna düşüp, zar-zar ýyglap, tagama garamaý,
nala kyla başlady. Ýusup alaýhyssalam bulardan habardar erdi. Perde keýninden
kyçgyrdy:
- Eý, kenganly kiçi oglan, ne üçin tagamy manzur kylmaý sen, meger
diwana sen, ýyglar sen – diýgeç, Ibni Ýemin zyýada pygan kylyp, ody täze boldy.
Zar-zar ýyglap çün ebri-nowbahar ýaňlyg ýyglap, bu jogaby aýdar erdi. Ýusup
alaýhyssalam köňül berip, bu jogaby diýer erdi:
Ibni Ýemin:
Men garyby aýp eýlemäň, ezizim,
Pelek atam ömrün tamam edipdir.
Süýt emişen agam, gije-gündizim,
Görer gözüm, Ýusup agam gidipdir.
Ýusup:
Ýakup ogly, ýyglamaňyz bu ýerde,
Maksadyňy diýgil, köňlüň alaýyn.
109
Patşa bolan dowa kylar her derde,
Ýyglamagyl, bu gün, agaň bolaýyn.

Bular hemme aga-ini amandyr,
Kylan işi bir-birine aýandyr,
Aýp eýlemäň, maňa ahyrzamandyr,
Görer gözüm, Ýusup agam gidipdir.

Kimse görer bu dünýäniň jepasyn,
Ahyrynda görer mähri-wepasyn,
Gel gaşyma, görgül zowky-sapasyn,
Gam iýmegil, bu gün agaň bolaýyn.

Men biler men, bu gün agam bolur siz,
Süýt emişen agam haçan bulur siz,
Kim garypdyr, mähribanlyk kylur siz,
Bagrym kebap, Ýusup agam gidipdir.

Agaň niçik, pygly, hulkun beýan et,
Ýene husny-jemalyny aýan et,
Umyt eýläp, şaýet, agaň güman et,
Ibni Ýemin, bu gün, agaň bolaýyn.

Agam hulky perişdeden zyýada,
Ýüzün görse, şalar bolar pyýada,
Müsür ezizi, ýalan söz ýok arada,
Men ýyglaram, Ýusup agam gidipdir.

Zebun olar agam diýip ýyglama,
Hijran ody bile jiger daglama,
Umyt eýle, ýaman sözi çaglama,
Gel bäri, men Ýusup agaň bolaýyn.

Men dözmenem, ýyglar onuň atasy,
Gözünde ýaş, bagrynda daş apasy,
Hetden zyýadadyr, gören jepasy,
Ibni Ýemin ýyglar: «Agam gidipdir».

Kengany ýaş oglan, saňa ne arman,
Müsür ezizi bolsa saňa mähriban,
Engam eýläp, maly-dünýä perewan,
Gam iýmegil, Ýusup agaň bolaýyn.
Ýusup alaýhyssalam bu jogaby aýdyp bolgaç, Ibni Ýemini çadyr içine aldy.
Ýehuda, Şemgun muny görüp, damaklaryndan nan-aş ötmediler. «Haladan bolan,
110
her ýerde sahyp gaýrat bolup durar» diýip, ýaman gördüler.
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam Ibni Ýemin bile tagam iýer boldular. Ýusup
mübärek gollaryn tagama uzatdy. Erse Ibni Ýeminiň mübärek gözleri Ýusubyň
goluna düşdi. Bir ah dartyp ýyglaý başlady: «Meger, Ýusup agam bolgaý sen»
diýip, ýüregi urnup, bu gazaly aýtdy:
Aýp eýlemäň patyşahym,
Goluň meňzär gardaşyma,
Älemi ýandyrar ahym,
Gan dolupdyr gözýaşyma.
Kuwwatymdyr bilde kemer,
Şahasyndan düşdi semer,
Asman, zemin, şems-u kamar,
Lerzan urar ýyglaşyma.
Gam derýasy doldy-daşdy,
Girdap aldy, syndy kişti,
Aýralyk söwdasy daşdy,
Ýykylsyn meniň başyma.
Kenganyň şährinden gelip,
Agalarma goşçy bolup,
Gerdenime hyrka salyp,
Geze bilmen öz hoşuma.
Ýamandyr bagry paralyk,
Namarda ýüzi garalyk,
Ibni Ýemin diýr aýralyk,
Zäher salypdyr aşyma.
Elkyssa, Ibni Ýemin bu jogaby aýtdy, erse, Ýusup aýtdy:
- Meger sen diwana sen, agalaryň gaşynda tagam iýmeý ýyglar sen. Men
Müsür ezizi patyşahy-zaman bolsam, saňa ne döwletdir, meniň bile hemtabak
bolmak?!
Ibni Ýemin:
- Rast aýdar siz, her wagt ki tagama el uzatsaňyz, mübärek goluňyz misli
agam goluna ogşadar men. Bu sebäpden ýyglar men, magzur tutuň – diýdi. Ýusup
aýtdy:
- Tagama mukaýýyt bolgul, agaň jemalyn tiz görer sen – diýgeç, Ibni
Ýeminiň köňlüne ajaýyp röwşenlik peýda boldy, «Ýüzünden perde göterilse,
jemalyn görsem – diýip, hyýal kyldy kim, nägä saraý içinde bir şemal peýda bolup,
Ýusup alaýhyssalamyň ýüzünden perdäni göterip taşlady. Mübärek ýüzüniň
şuglasy hurşydy-hawer dek jela berdi.
Ibn Ýemin agasynyň ýüzün görgeç, bihuş bolup ýykyldy. Baz huşuna gelip,
111
ýene bihuş bolup ýykyldy. Ýusup Ibni Ýeminiň başyn dyzy üstüne alyp, ýüzüne
däri-derman suwun saçyp aklyna getirdi we haremhana eltip, gujaklaşyp, görşüp,
ondag üýn salşyp ýyglaşdylar, kim tamam melaýyk, arş-u kürs, wuhuş-u tuýur
hemme lerzana gelip ýyglaşdylar. Ondan soň Ýusup Ibni Ýeminiň boýnundan
gujaklap, zar-zar ýyglap, özün mälim kylyp, bu jogaby aýtdy:
Aýra düşdüm, şähri Kengan ýurdundan,
Zary-girýan boldum, Ibni Ýemin jan!
Niçe wagtlar agalarym jebrinden,
Hanaweýran boldum, Ibni Ýemin jan!
Köýnegim egnimden soýup aldylar,
On ýerden janyma hanjar çaldylar,
Ahyr Şeddat gazan çaha saldylar,
Bendi-zyndan boldum, Ibni Ýemin jan!
Çah içinde niçe günler giriftar,
Hiç kimse bolmasyn men dek dilefgar,
Ýene rehm eýledi keremli Gaffar,
Gamdan reha boldum, Ibni Ýemin jan!
Agalarym ýene gelip tutdular,
Bu garyp janyma sütem etdiler,
Ýesir edip, bir tüçjara satdylar,
Bagry birýan boldum, Ibni Ýemin jan!
Agalaryň duşmanlygyn bildirdi,
Jepa bile gül harmanym soldurdy,
Gara gözüm toprak bile doldurdy,
Reňňi hazan boldum, Ibni Ýemin jan!
Urup, ýaryp, tagma salyp tenime,
Ýaman günler düşdi garyp janyma,
Rehm etmezler gözden akan ganyma,
Ajap sersan boldum, Ibni Ýemin jan!
Ýusup aýdar, ýandym-bişdim, kül boldum.
Müsür ilinde niçe ýyllar gul boldum,
Jydalykda niçe aý-u ýyl boldum,
Ahyr soltan boldum, Ibni Ýemin jan!
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam bu jogaby aýdyp, Ibni Ýemin bile hal-ahwal
soraşyp aýtdy:
- Eý, inim janym, köňlüňe geran gelmesin, men seni bir hile bilen olardan
alyp galaýyn.
112
Ibni Ýemin:
- Meniň hem myradym oşol turar – diýdi. Maslahat kylyp, daşary çykdylar.
Ibni Ýemin bu syrlary içinde pynhan saklap, agalarynyň gaşyna bardylar. Ýusup
alaýhyssalam buýurdy:
- Kenganlylara galla beriň. Bular jaýlaryna gaýtsynlar – diýgeç, mähremleri
galla berer boldular.
Patyşanyň bir altyn ölçeg jamy bar erdi. Oşol jam bile ölçäp galla berdiler.
Ýükleri tamam tapandan soňra, jamy Ibni Ýeminiň ýükünde jaý kyldylar. Olar
düýelerine ýükläp Kengana rowana boldular. Bir-iki menzil ýol ýörip erdiler.
Ýusup alaýhyssalam. «Patyşanyň ölçeg jamyny ogurlap gidip turarlar» diýip,
olaryň ardyndan birniçe atly iberdi. Kyrk-elli atly yzyndan ýörüş kylyp ýetdiler.
Birniçe syýasat kylyp, aýtdylar:
- Eý, kenganlylar, sizler ogry eken sizler, patyşanyň ölçeg jamyn ogurlap
gidip turar sizler – diýdiler.
Ýehuda, Şemgun barçasy pygan kylyp, gol göterip: «Bizler hergiz mundag iş
kylanymyz ýok turar. Ynanmasaňyz ýüklerimizi agtargyl» diýdiler. Baran
ýasawullar ýüklerin garadylar. Ahyr soňda Ibni Ýeminiň ýüklerin gördüler. Jam
Ibni Ýeminiň ýükünden çykdy . Ibni Ýemini baglap, tutup alyp ýöriberdiler.
Agalary pygan göterip, ardyndan baryp, patyşa baş urup, perýat etdiler. Ýusup
aýtdy:
- Eý, kenganlylar, ne üçin mundag işler kylar siz, pygamberzada bolsaňyz,
niçik ogurlyk kylar siz? Olar pygan kylyp:
- Bizler hergiz mundag işler kylan ermesmiz. Bu ýaş oglan turar. Agasy
Ýusup hem mundag işleri kylar erdi. Bizleri şermende kyldy. Siz patyşa siz. Her
niçik atamyzyň hatyr-şeripleri üçin bu oglanyň günäsin bagyş kylyň – diýip, nala
kyldylar.
Patyşa dergahar bolup aýtdy:
- Her niçe sözlär siz, ýalan sözlär siz. Indi bu iniňizi öldürmek gerek.
Onda olar:
- Eý, şahy-bakerem, ony öldürmäň. Biziň atamyzyň hormaty bu turar, kim,
bir kimerse ogurlyk kylsa, şol ogry mal eýesine bende bolar. Atamyzyň hormaty
üçin ony bende kylyp saklaň. Biz atamyza bolan wakalary baryp aýdalyň. Onuň
her ne permany bolsa, ony kylalyň – diýdiler.
Bu söz patyşa hoş gelip, makul kyldy. Ibni Ýeminiň boýnuna zynjyr salyp,
zyndana buýurdylar. Ýasawullar alyp ýöriberdiler. Eltip bir pynhan jaýda ygzaz-u
ekram bile goýdular.
Agalary Ýehuda, Şemgun, Rubil – barçasy bir çete çykyp, maslahat
kyldylar. Ýehuda aýtdy:
- Sizler barçaňyz, her haýsyňyz bir köçä baryp duruň. Şemgun zyndana
baryp, Ibni Ýemini çykarsyn. Men patyşanyň dergähinde bir nagra jigergähimden
dartar men. Zemin, zaman mekin-u mekan bir bolsun, sizler her haýsyňyz meniň
nagramy eşitseňiz, köçeme-köçe meýmene we meýsere läş-läş kylyp taşlaberiň –
diýip, her haýsysy bir köçä baryp, özi nagra dartar boldy.
Emma bu syrdan hezreti Ýusup habardar erdi. «Ýehuda nagra dartsa,
halaýygyň zähresi ýarylyp öler, beýewbar gylyç ursa şäheri weýran kylar» diýip,
113
endişe kyldy.
Emma rawylar ondag rowaýat kylarlar kim, her wagty bularyň gahary gelse
Ýakubyň öwladyndan bir kimerse gelip arkasyn sypasa, gahary gidip, agzasy sust
bolup, dermany kesiler erdi. Ýusup alaýhyssalam oglanlaryna buýurdy:
- Bargyl, Ýehuda babaň arkasyn sypagyl, gahary gidip dermany kesilsin –
diýdi.
Ýusubyň perzentleri baryp, babalarynyň arkasyny sypady. Erse, gahary
gidip, agzasy sust bolup, dermany galmady. Ýusubyň agalary bildi kim: «Ýakup
öwladyndan bir kimerse bar turar» diýip güman kyldy. Inileri gulak tutup, bir
sagat, iki sagat durdular. Ýehudadan hiç nagra çykmady. Gaýdyp Ýehuda gaşyna
geldiler. Ýehuda:
- Meger, bu säherde Ýakubyň öwladyndan kişi bar bolgaý. Bir oglan gelip,
arkamy sypady. Erse, tamam kuwwatym gidip, hiç dem urara mejalym galmady.
Geliň, indi her niçik bolsa müwessa kylmak gerek. Ibni Ýemininiň gaşynda
Şemguny goýup gitsek ýagşy bolar. Ýok erse, atamyz bize ynanmaz. «Ony hem
Ýusup dek ýok etdiňiz» diýip, serzeniş kylar – diýip maslahat bilen Ýusubyň
gaşyna bardylar:
- Eý, şahy-bakerem, Ibni Ýemini tenha goýup barsak, atamyz ynanmaz, oňa
ne jogap berermiz. Indi Şemguny hem gaşyňyzda goýarmyz. Mübärek namaňyzy
hem atamyza alyp bararmyz. Täki bizler hem istihaladan gutulgaýmyz – diýip,
hemme baş urdular.
Ýusup alaýhyssalam bu sözleri hoş görüp, nama bitdi. Tamam bolan
wakalary aýdyp, Ibni Ýeminiň bu jamy ogurlanyny, mähremleriň tapyp alanyny,
ýene herne ki Ibni Ýeminiň ýüküne lagyl we jöwahyr salanyny aýdyp, bu gazaly
aýtdy:
Bu pyglymdan boldum däli haýrana,
Kalaý, bu işimiň aslyn bilmedim.
Bu köňlüm külbesi boldy weýrana,
Bu işimiň aslyn bile bilmedim.
Sahyp zulum diýmez kimse adymy,
Halklar istär meniň adyl dadymy,
Berk etmesem saňa ygtykadymy,
Kalaý, bu işimiň aslyn bilmedim.
Senden maňa pygan geldi nyşana,
Bular kowly-bedun, gelmez amana,
Müňkür olup köňlüm boldy gümana,
Bu işimiň aslyn bile bilmedim.
Diýip sen «Ýusupdan boluň ba habar»,
Bular saňa hylap perdesin ýapar,
Her kim öz kesbinden mazany tapar,
Kalaý, bu işimiň aslyn bilmedim.
114
Sen Ýusup derdinden bolup bikarar,
Men amal eýleýip sözüňe tekrar,
Bular «Gurt iýdi» diýp, kyldylar ykrar,
Niçik işdir aslyn bile bilmedim.
Bu halymdan köňlüm tapdy gümany,
Bu sözler örtükdir, galyp dumany,
Bu dünýä hiç kime bermez amany,
Bu işimiň aslyn bile bilmedim.
Müsür eziziýem, dilimde ýadyň,
Hak asan eýlesin – müşgilgüşadyň,
Meniň maksadymdyr, seniň myradyň,
Kalaý, bu işimiň aslyn bilmedim.
Elkyssa Ýusup alaýhyssalam bu sözi tabşyryp bolandan soň bular ol namany
alyp, Kengan welaýatyna rowana boldular. Birniçe menzil ýol ýörip, Kengana
ýetişdiler. Müsür patyşasynyň namasyny atasyna berdiler. Atasy okap gördi, erse
Ibni Ýemini ogry diýgeç söz çykdy. Ýusup alaýhyssalam ýagşy tafahhus edip
görse, namadan Ýusubyň ysy geler. Köňlünde «Meger şul Müsür ezizi meniň
Ýusubym bolgaý» diýip, güman kylyp, Ibni Ýeminiň galanyna bitakat bolmady.
Ondan soňra ýüklerin açyp görseler, Ibni Ýeminiň ýükünden tamam lagl we
jöwahyr çykdy. Ondan hem güman kylyp, parahat boldy.
Elkyssa, birnäçe günden soň Ýusup alaýhyssalama nama ýazyp,
oglanlaryndan iberer boldy. Namada ondag ýazdy, kim: «Owwal be namy-Alla,
duwwum be namy-Ybraýym Halylylla, siwwum be namy-Yshak Nebiýulla, çarum
pakyr Ýakup bolgaý men.
Eý, Müsür ezizi, meniň Ýusubymdan habar beriň. Bu namadan Ýusubymyň
ysy geler. Meniň takatym tak bolup durar, hiç kararym galmady. Ibni Ýemin
ogrulyk kişiden ermes. Onuň üçin kim pygamberzada turar. Ondan ýamanlyk
güman etmäň. Ýusup gideli, ülpetim oşol Ibni Ýemin turar. Ony tizräk iberiň,
meniň dogaýy-haýrymy alyň» diýip, nama bitip oglanlarynyň goluna berip iberdi.
Olar atasyndan rugsat alyp, Müsüre rowana boldular. Birniçe eýýam ýol ýörip,
Müsüre ýetişdiler. Görnüşhana baryp, atasynyň namasyn çykaryp berdiler. Ýusup
pynhan okap ýylgar erdi:
- Eý, Ýakubyň perzentleri, ataňyz namasynda «Ýusup oglum salamat ermiş»
diýip, ýazyp turar. Sizler böri iýdi diýersizler, meger Ýusuba sizler jepa kylan
bolgaý siz, ataňyz mundag ifada kylyp turar. Indi rast aýdyň Ýusuby ne kyldyňyz?
Olar:
- Ýusuby böri iýen turar – diýip, kasam ýat kyldylar.
Onda Ýusup aýtdy:
- Ondag bolsa bize bir hat düşüp turar. Oşol hatda ne çyksa ykrarmy sizler?
Onda olar:
- Ondag bolsun – diýdiler.
115
Ýusup Syddyk buýurdy:
- Pylan saraýyň ortasynda bir hat asygly durar. Oşol haty alyp geliň –
diýgeç, baryp haty alyp geldiler. Okadylar, erse, hat ondagdyr kim: «Ýehuda
Şemgun, Rubil – on agasy atba-at aýtyp, «Bir araby gul Kengany, ady Ýusup, özi
ogry, ýalançy we gaçgak, on sekiz gara pula Mälik ibn Zugara satdyk. Hiç kimiň
dawasy, dahyly bolmasyn» diýen hat turar.
Agalary muny görüp aýtdylar:
- Biziň bir ýaman gulumyz bar erdi. Ady Ýusup erdi. Ony satyp erdik. Siziň
aýdanyňyz oşol gul turar.
Ýusup aýtdy:
- Ibni Ýemin, sizleriň Ýusup diýen ogry guluňyz bar erdimi?
Ibn Ýemin aýtdy:
- Ondag gulumyz ýok erdi.
Bu sözler bile ýene ýalançylyk bularyň boýnuna düşdi.
Ýusup aýtdy:
- Eý, kenganlylar, munça ýalan sözlär siz, mende gadymyl-eýýamdan galan
bir jam bar turar, her kim ömründe ýagşylyk we ýa ýamanlyk kylsa, oşol jam
beýan kylar. Ony bawer kylarmy sizler?
Olar aýtdylar:
- Kabul kyldyk.
Baryp jamy getirdiler. Ýusup alaýhyssalam:
- Eý, jam, rast sözlegil, bu kenganlylar Ýusup inisine ne jepa kyldy – diýip,
jamy bir urdy. Jam nagma bile seda kyldy. Seda arasynda Ýusup ogluna aýtdy:
- Eý, oglum, bu jam ne aýdar?
Ogly:
- Eý, ata, jam aýdar, Ýusup bir düýş gördi. Atasyna ýuratdy (ýordurdy).
Ondan Şemgunyň enesi habardar erdi. Baryp oglanlaryna aýtdy. Olar reşk edip,
ýaman görüp, sähra aldap alyp çykdy. Ondan soň öldürer boldular. Ýehuda agasy
öldürmäge razy bolmady. Ondan soň guduga saldylar – diýip jogap berdi.
Ýene Ýusup jamy urdy. Jam ýene seda kyldy. Ýusup ýene sordy:
- Eý, oglum, jam ne aýdar?
Ogullary:
- Eý, ata, jam aýdar, Ýusuby agalary guduga salandan soň, bir owlagy
soýup, Ýusubyň köýnegini gana bulap, «Böri iýdi» diýip, ýalan sözläp, atasyna
baryp ant içip, Hudaýa asy bolup, atadan bizar bolup geldiler – diýip, jogap berdi.
Ýusup jamy ýene bir urdy. Jam ýene seda kyldy. Seda arasynda Ýusup
kyçgyrdy:
- Eý, oglum, jam ne aýdar?
Oglanlary aýtdylar:
- Eý, ata, jam aýdar, Ýusuby Mälik Zugar gudukdan çykardy. Agalary baryp,
Ýusuby Mälik Zugara on sekiz ýarmaga – gara teňňä satdylar – diýip jogap berdi.
Ýehuda on agasy golun başyna urup, sakalyn ýolup pygan göterip:
- Waý, Ýusubym sen bolgaý sen! Bizler şermende bolduk. Hudaýyň birligi
üçin, babam Ybraýym, Ysmaýyl, Yshagyň haky-hormaty üçin günämi ötgeý sen! –
diýip, ýerinden turup, Ýusubyň aýagyna sejdeýi-tahyýýat kylyp, ýyglaşdylar.
116
Hemme melaýyk yns-u jyns, wuhuş-u tuýur ýygladylar.
Ýehuda, Şemgun on agasy bu jogaby aýdyp, ýyglar erdiler.
Gazaly-deh ýar bu turar:
Ýehuda ýyglady, Ýusup jan inim!
Köpdür günähimiz bu gün bagş ediň!
Toba kyldyk, afw et mähriban inim,
Herne jebr eýledik, bu gün bagş ediň!
Seni saldyk jepa bilen belaga,
Razy bolup sabr eýlediň kazaga,
Bu kylmyşdan asy bolduk Hudaga,
Herne jebr eýledik, bu gün bagş ediň!
Owwal Huda birliginiň hormaty,
Ybraýym, Ysmaýyl babam kurbaty,
Atamyz Ýakupdyr – onuň hormaty,
Herne jebr eýledik, bu gün bagş ediň!
Salmagyl ýadyňa öten jepany,
Biz garyba eýle mähri-wepany,
Hatamyz ornuna eýläň atany,
Herne jebr eýledik, bu gün bagş ediň!
Iblise ýol berip, nebse uýanym,
Artdyrmagyl meniň ahy-pyganym,
Afuwny afw eder Kadyr Oganym,
Gel indi bu säwi bize bagş ediň.
Hyjalatdan gyzyl ýüzüm solgusy,
Tä kyýamat köňlüňde dag galgusy,
Ýehuda işikde guluň bolgusy,
Herne jebr eýledik, bu gün bagş ediň!
Emma Ýusup alaýhyssalamyň köňülleride hiç gubar ýok erdi. Mähz bulary
synamak üçin bu jogaby aýdar erdi. Gazaly-hezreti Ýusup alaýhyssalam bu turar:
Agalar ýadyma düşse jepaňyz,
Külbeýi-ahzanda gülüp gezmenem.
Serzeniş eýlebän tagna-etmäňiz,
Bagş eýlesem, hergiz oňa dözmenem.
Her işikde meni geda kyldyňyz,
Hijr oduna ýakyp, eda kyldyňyz,
Kyrk ýyl atamyzdan jyda kyldyňyz,
117
Bagş eýlesem, hergiz oňa dözmenem.
Agalyk, inilik beja kylmadyň,
Ataňyň hakyny eda kylmadyň,
Häzir Hudaýyňdan eba kylmadyň,
Bagş eýlesem, hergiz oňa dözmenem.
Güman eýläp meni öler çagladyň,
Öten babalaryň bagryn dagladyň,
Ne sebäpden gol-aýagym bagladyň,
Bagş eýlesem, hergiz oňa dözmenem.
«Ýalançy, ogry» diýip, böhtan etdiňiz,
Ataňyz hanasyn weýran etdiňiz,
Ýusup aýdar görmez güman etdiňiz,
Bagş eýlesem, hergiz oňa dözmenem.
Emma Ýusup alaýhyssalamdan agalary bu jogaby eşidip, barçasy
janlaryndan umyt üzüp, kylan işlerine püşeýman bolup, barça ýüzin-guýyn
ýykyldylar. Perýat edip ençe ýygladylar. Tamam Müsür halky olaryň halyn görüp,
perişan boldular. Hezreti Züleýha perde keýninde durup, agalarynyň günäsin diläp,
bu jogaby aýdar erdi. Jogaby-hezreti Züleýha bu turar:
Züleýha perdede perýat eýleýir,
Herne günä bolsa, ötüp, at ediň.
Gul gaçsa, hojasy azat eýleýir,
Müsür ezizi, agalarňyz şat ediň.
Arzym budur owwal Huda hormaty,
Säni, Adam atamyzyň gurbaty,
Şis nebiniň, Lut nebiniň zynaty,
Müsür ezizi, agalarňyz şat ediň.
Idris ile Nuh nebiniň hakyndan,
Ybraýym, Ysmaýyl babaň hakyndan,
Babaň Yshak, ataň Ýakup hakyndan,
Müsür ezizi, agalarňyz şat ediň.
Mülküň harap bolar bular ýyglasa,
El göterip, Haka doga çaglasa,
Siz ötüňiz bular sizi daglasa,
Müsür ezizi, agalarňyz şat ediň.
Şükr et, gözüň gandy Ibni Ýeminden,
Bu hadyslar yzhar olsun keminden,
118
Tapawutdyr adam asman-zeminden,
Müsür ezizi, agalarňyz şat ediň.
Geçirme üstüňden möhlet-zamany,
Bir iş kylyp, soň çekmegil puşmany,
Terhos almaz adamlaryň ýamany,
Müsür ezizi, agalarňyz şat ediň.
Salmagyl ýadyňa öten jepany,
Serzeniş eýleme tagna tepany,
Bulara mydama eýle wepany,
Müsür ezizi, agalarňyz şat ediň.
Ýamanlyga ýagşylyk kyl, parz erer,
Patşalara kerem sypat parz erer,
Müsür ezizi, Züleýhadan arz erer,
Ýusup janym, agalarňyz şat ediň.
Elkyssa, Züleýha bu jogaby aýtdy, erse, hezreti Jebraýyl alaýhyssalam häzir
boldy we: «Eý, Ýusup, Hudaýyň «Agalary her çent jepa kylsa, ol wepa kylsyn. Uly
bolan – jemagat güzer bolar. Her ne işler Meniň takdyrymdan daşary ermes, Meniň
emrime razy bolsun. Olaryň günäsin ötsün. Atasyna köýnegin ibersin. Gözüne
sürtse gözi bina bolar. Tamam hyş-u tebaryn göçürip, Müsüre gelsin» diýdi diýip,
habar berdi. Ýusup alaýhyssalam Hudaýyň emrin eşidip, ýerinden syçrap turdy.
Aýtdy:
- Eý, jiger güşelerim, sizlerden zerre giläm ýok turar. Sizler her iş kyldyňyz,
meniň derejäm zyýada boldy. Herne Hudaýyň takdyry bile bolar, Allatagaladan
izinsiz ermes. Indi ýeriňizden turuň. Herne jepa gördüm, Hudaý ryzasy üçin bagş
kyldym – diýgeç, hemme birden pygan kylyp, ýerinden turup, ýene Ýusup
alaýhyssalamyň aýaklaryna baş goýup ýykyldylar. Ýusup olary gujaklap, görüşip,
zar-zar ýyglaşyp, hal-ahwal soraşyp, Müsür şäherine aýyn baglap, kus, surnaý,
kernaý, şadyýana kakdyryp, ondag zowk we sapa kyldylar, ki ýedi gat asman
perişdeleri tarapbazy kylar erdiler.
Ýusup alaýhyssalama atasynyň zowk we şowky düşüp turar we hiç nimerse
ýadyna gelmes erdi. Agalary bile maslahat kylyp, atasyna kişi iberer boldy.
Aýtdylar:
- Kim bolgaý baryp, bu habary atamyza aýdyp, Ýusubyň köýnegin eltip
gözlerine sürtse, gözleri açylyp, ähli öwladyn Müsüre göçürip gelse – diýgeç, her
agasy aýtdy:
- Men barar men.
Onda Ýusup aýtdy:
- Barçaňyz biler siz, sizlerden ileri Beşer barsyn. Köýnegin eltip gözlerine
sürtse, gözi açylar – diýdi.
Indi Beşerden söz eşidiň.
Ýakup alaýhyssalamyň bir kenizi bar erdi. Oşol keniziň Beşer diýgeç ogly
119
bar erdi. Bir gün Ýakubyň zehinleri käýinip, oşol keniziň ogly Beşeri satyp erdi.
Beşeriň enesi ýyglap, asmana bakyp, perýat kylyp, mynajat kylyp:
- Eý, Perwerdigärim! Meni Ýakup Beşerimden jyda kyldy. Onuň hem söwer
ogluny jyda kylgaý Sen – diýdi. Onda hätifden neda gelip:
- Eý, keniz, gam iýmegil. Onuň hem söwer ogluny jyda kylar Men. Tä seniň
Beşeriň gelip saňa gowuşmagynça, onuň ogly Ýusuby hem gowuşdyrman – diýip,
Allatagala keniz bile wada kyldy.
Beşeri satandan soňra, Müsür welaýatyna düşüp erdi. Ýusup ony tapyp,
satyn alyp erdi. Onuň üçin Beşeri iberer boldular. Beşer birniçe katgy-menäzil
kylyp, Kengana ýetişdi. Ýakup alaýhyssalamyň haremlerine ýakyn geldi, nägäh
görsel, bir piri-zen keniz gollarynda küýze, rud boýuna barar. Beşer görüp, salam
berip aýtdy:
- Eý, mama, Ýakubyň öýleri haýsy turar?
Onda ol garry zen aýtdy:
- Ýakuby sorap, ne kylar sen?
Beşer aýtdy:
- Ogly Ýusupdan müjde getirip men.
Keniz aýtdy:
- Kyrk ýyldan bäri böri iýen Ýusupdan ne habar getirip sen?
Beşer aýtdy:
- Ogly Ýusup Müsür şährinde patyşa turar. Aga-ini hemme tanyşdylar. Meni
iberdiler. «Bargyl, atamyz Ýusubyň köýnegin gözüne sürtse, gözleri açylar»
diýdiler. Onuň üçin munda gelip turar men.
Keniz aýtdy:
- Meger diwana sen, ýa ýalançy sen. Hudaýtagala meniň bile wada kylyp
turar. Tä meniň Beşerim gelmeginçä, onuň Ýusup ogly gelmez – diýip, asmana
bakyp nala kyldy.
Beşer:
- Eý, ene, men ogluň Beşer turar men – diýip, özün atdan taşlap, enesiniň
boýnuna asyldy. Enesi bihuş bolup ýykyldy. Baz huşuna gelip, hal-ahwal
soraşdylar. Ondan soňra Ýakup alaýhyssalam gaşlaryna bardylar. Bu wakalary ez
owwal tä ahyr beýan kyldylar. Ýakup ýerinden syçrap turup, Beşeri gujaklap,
bihuş bolup, ýene özüne geldi. Aýtdy:
- Eý, Beşer, Ýusuby niçik gördüň?
Beşer aýtdy:
- Ogluňyz Ýusup Müsür şäherinde patyşa turar, aga-ini hemme tanyşdylar.
Mübärek köýnegin «Gözlerine sürtse, gözleri açylar» diýip, bizden size iberdiler.
«Kengandan ähli-öwlatlaryn göçürip, Müsüre gelsinler» diýip aýtdylar.
Ýakup köýnegi alyp ysgady, ondan soň gözlerine sürtdi. Gözleri owalkydan
zyýada röwşen boldy. Agzasyna ondag kuwwat peýda boldy kim, misli ýigrimi bäş
ýaşyndaky dek boldy. Hudaýa şükür-sena edip, Ýusubyň jemalyna muştak bolup,
bu jogaby aýdar erdi. Gazal bu turar:
Şükri- lilla geldi kim, ol gülgüzarymdan habar,
Kyrk ýyl oldy aýra düşen şasuwarymdan habar.
120
Takatyn tak eýlegen sabr-u kararymdan habar,
Hijriden zar aglagan leýl-u naharymdan habar,
Ýusup atly gyrmyzy ýüzlük enarymdan habar.
Bilmenem ne wakyga ýa rast bolgaýmy, ýa hyýal,
Takatym ýokdur ýüzün tä görmeginça mahy-sal,
Men Saňa tabşyrmyşam, sakla ony, ýa Züljelal,
Şükri-lilla, bar umydym, görkezer ondan jemal,
Geldi Ýusup gyrmyzy ýüzlük enarymdan habar.
Bu habar kaýdan geler, Hakdan enaýat bolmasa,
Maksada ýetmez kişi, ondan hidaýat bolmasa,
Ybraýym, Ysmaýyl, Yshakdan şepagat bolmasa,
Duşman-u agýarydan ýene melamat bolmasa,
Geldi Ýusup gyrmyzy ýüzlük enarymdan habar.
Wasla ýetmez hiç kişi, tä dagy-hijran olmady,
Ýokdurar bir abatlyk, tä hanaweýran olmady,
Dostlarym köňlümde bir zerre puşeýman olmady,
Çekmedi hiç kimse bir derdine derman olmady,
Geldi Ýusup gyrmyzy ýüzlük enarymdan habar.
Ýakub-a, şükr et Hudaýa, gitdi gaýgy, geldi şat,
Haktagala Ýusubymyň ömrüni kylsyn zyýat,
Akyl oldur kylmagaý Hakdan digere ygtymat,
Sabr edip, bil bagladym, kyldym Hudaýa ygtykat,
Geldi Ýusup gyrmyzy ýüzlük enarymdan habar.
Elkyssa, Ýakup alaýhyssalam bu jogaby aýdyp, Ýusubyň jemalyna intizar
bolup:
- Oglanlarym haçan geler – diýip, oturyp erdi. Emma Ýusup alaýhyssalam
hem Beşer gidenden soňra, atasyna agalaryn iberdi. Ýene bu namany ýazyp iberdi.
Bolan wakalary, gören jepalaryny aýdyp, agalarynyň goluna berdi.
Namaýy-Ýusup bu turar:
Hudaýyň emridir bize, eý ata,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Geçiriňler bizde bolsa her hata,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Aldyňyzda agalarym ýyglady,
Alyp çykyp el-aýagym baglady,
Guduga salmaga meni çaglady,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
121
Birniçe gün guýy boldy menzilim,
Eşitmez hiç kimse bu zary-dilim,
Ýene Huda asan kyldy müşgilim,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Agalarym ýene baryp tutdular,
On sekiz teňňäge meni satdylar,
Meni Müsür diýaryna eltdiler,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Tüçjar eltip meni bazara saldy,
Müsür ezizi berip bahamy aldy,
Gaýgy-gamdan ilki ýüzüm saraldy,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Niçe ýyllar bende bolup zar idim,
Gije-gündiz bela bile ýar idim,
Gaýgy-gam, dert ile giriftar idim,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Barçasyndan dagy-hijran ýamandyr,
Sizden aýrylgaly işim pygandyr,
Ata jan aýralyk ahyrzamandyr.
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Töhmet bile Müsür ezizi gümana,
Elimi baglady bakmaý amana,
Men garyby saldy ýene zyndana,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Zyndan içre kyrk ýyl oldum karabat,
Rehm eýledi Huda, kyldy enaýat,
Boldy meniň müşgil işim kipaýat,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Ybraýym, Ysmaýyl, Yshak babamyz,
Şepagat eýledi görüp nalamyz,
Ata jan ýyglagyl, okap namamyz,
Magzur tutuň, özüm bara bilmedim.
Siziň dogaňyzdan Ýusup myrada,
Gün-günden hormaty boldy zyýada,
Ýene bilmen bir syr bardyr arada,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýusup–Züleýha - 9
  • Parts
  • Ýusup–Züleýha - 1
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2084
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 2
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1713
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 3
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1781
    24.3 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 4
    Total number of words is 3975
    Total number of unique words is 1754
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 5
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 1733
    23.2 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 6
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1704
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    38.8 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 7
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1710
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 8
    Total number of words is 4015
    Total number of unique words is 1563
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 9
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2114
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 10
    Total number of words is 2617
    Total number of unique words is 1911
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    42.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.