Latin

Ýusup–Züleýha - 6

Total number of words is 4044
Total number of unique words is 1704
25.4 of words are in the 2000 most common words
38.8 of words are in the 5000 most common words
46.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Elkyssa, bu jogaby aýdyp bolup, söwdagär çüsti-çapyk ýola rowana boldy.
Birniçe katgy-menäzil kylyp, Kengana baryp, Ýusubyň peýamyn Ýakup
alaýhyssalamyň aldynda goýup, gören wakasyn bir-bir beýan kyldy. Ýakup sordy:
- Ne suratda gördüň? Ady ne turar?
Söwdagär:
- Müsür patyşasynyň zyndanynda gördüm. Eli bagly, ýüregi dagly, ýedi ýyl
bolupdyr zyndan içinde giriftar ermiş. Ýol üstünde öter erdim, zyndandan
kyçgyrdy. Mübärek ýüzüniň şuglasy penjireýi-zyndany münewwer kylar, leýken
ýagşy göre bilmedim. Adyny soradym «Elhal perman ýok turar adymy aýtsam»
diýip, zynhar kylyp: «Ýakuba aýtgyl, ýiten bir guzusy bar eken, ony ýadyna salyp
doga kylsyn, täki Hudaýtagala meni zyndandan halas kylgaý» diýip, ýyglap, ýüzmüň sütem bile haly-dilin aýdyp iberdi – diýip, bir-bir beýan kyldy. Ýakup
alaýhyssalam eşidip, bihuş bolup ýykyldy. Bir sagatdan soň özüne gelip, ýerinden
turup, nagra jigergähinden dartyp, nowha kyla başlady. Barça wuhuş-u tuýur, ynsu jyns hemme nala girip, ýyglaý başladylar. Ýakup zar-zar ýyglap, Hudaýa nalaýyzar-u tezarrug bile bu jogaby aýtdylar. Jogaby-Ýakup alaýhyssalam bu turar:
Ne iş kylsaň yrzadyr men,
Meni beýle zar eýleme!
Ýusuby görmeý öler men,
Beýle intizar eýleme!
Ýa meniň Ýusubym bergil,
Ýa bu amanatyň algyl,
Ýüzüm tutdum, kabul kylgyl,
Meni köp naçar eýleme!
Ýusuby sakla her kanda,
Eger çöl, çahy-zyndanda,
Ýüregim ýüz müň armanda,
Beýle giriftar eýleme!
Aý, Ýusubym, waý, Ýusubym,
Suraty humaý Ýusubym,
Kylmady perwaý Ýusubym,
Meni oňa zar eýleme!
79
Käkili sünbül Ýusubym,
Ki ýüzleri gül Ýusubym,
Owazy bilbil Ýusubym,
Kapas içre har eýleme!
Derdime derman Ýusubym,
Gözleri messan Ýusubym,
Ýygladadyr gan Ýusubym,
Köňlümi bimar eýleme!
Jennet içre hüýr Ýusubym,
Barça ýeri nur Ýusubym,
Ýakup aýdar: «Ber Ýusubym!»,
Zyndana duçar eýleme!
Emma Ýakup alaýhyssalamyň pygan-nalasyn eşidip, oglanlary we ähli
öwlady häzir boldular. Aýtdylar:
- Eý, ata, ne waka boldy? Munça perýat kylar siz? Nalaňyzdan äleme gulgula ýetişdi.
Onda Ýakup:
- Eý, oglanlarym, Ýusupdan peýam eşidip durar men. Bu oturan kişi
Ýusupdan habar getirip turar – diýgeç, Ýehuda, Şemgun, Rubil barçasy birden
pygan göterdiler. «Eý, haramzada, niçe ýyldan bäri böri iýen Ýusuby gördüm
diýip, ýalan sözläp, atamyzyň oduny täze kylyp, haýran-serasyma kylyp sen»
diýip, her haýsysy bir ýumruk urar boldy. Ol kimerse janyndan gorkup, bidir
gaçdy. Ibni Ýemin, Ýakup bu wakany görüp, onça ýyglaşdylar, kim ýedi gat
asman arş, kürs we lowh, galam hemme der nala boldular. Ondan soň ogullary
atalaryna gelip aýtdylar:
- Eý, ata, bu bir ýalançy we jögi turar. Sizden bir nimerse almak üçin hile
kylyp gelipdir, bu sözlere ynanmaň – diýip, ýene umydyny üzdürdiler. Ondan soň
Ýakup alaýhyssalam ýene umydyny üzüp: «Wa hasrat-a, wa nedamat-a» – diýip bu
gazaly aýdar erdi. Gazaly-Ýakup alaýhyssalam:
Ahymdan daglar dumandyr,
Balam senden aýrylgaly.
Jisimde janym gümandyr,
Balam senden aýrylgaly.
Ne hikmet geldi başyma,
Kimse rehm etmez ýaşyma,
Awy gatyldy aşyma,
Balam senden aýrylgaly.
Barmy mundeý derde ýangan,
80
Maňa haram boldy Kengan,
Subh-u şam işimdir efgan,
Balam senden aýrylgaly.
Seniň zikriň dilde ýadym,
Ýüregimde ýanar odum,
Ýetişer göge perýadym,
Balam senden aýrylgaly.
Takdyr Hudaýyň permany,
Sen idiň köňlüm harmany,
Tapylmaz derdim dermany,
Balam senden aýrylgaly.
Panynyň wepasy bolmaz,
Baky mesgen kimse galmaz,
Bu dünýä gözüme ilmez,
Balam senden aýrylgaly.
Ýakup aýdar ýandym oda,
Men kime gideýin dada,
Şatlygymy berdim bada,
Balam senden aýrylgaly.
Elkyssa, bu sözden soň ata-ogul ikisi onça perýat edip agladylar.
Hudaýtagala Jebraýyl alaýhyssalama perman kyldy: «Bargyl, Ýakuba aýgyl, sabyr
kylsyn, köp bitakat bolmasyn. Ýusup diýip meni unutmasyn, her ne buýrugyma
razy bolsun. Hoşwagtçylyk işigi sabyr bile açylar. Eger ýyglasa, pygamberligini
alar men. Sabyr kylsa, myradyna tiz ýetirer men» diýdi. Onda Ýakup aýtdy:
- Eý, Jebraýyl, meniň Ýusubymdan habar barmy? Bu dünýäde dirimi ýa
ölümi, rast aýgyl – diýgeç, Jebraýyl alaýhyssalam:
- Men Ezraýyldan soradym, «Ýusubyň janyn aldyňmy?» diýip. Ezraýyl:
«Heniz janyny almadym» diýdi. Indi mundan zyýada sormagyl, näpermanlyk bolar
– diýip, näpedit boldy. Ýakup alaýhyssalam näumyt bolup, külbeýi-ahzanynda
karar etdi.
Indi söz Ýusup birle han salaryň Müsür ezizi patyşanyň betgüman bolup,
zyndana düşüp, düýş göreniniň beýanynda turar:
Emma rawylar mundag rowaýat kylarlar kim, Magryp zeminiň patyşasy
Mälik Ryýana ýagy erdi. Bir gün weziri bile: «Mälik Ryýanyň saky mähremi bile
han salar mähremine, zäher bile köp mal iberseň, ony Mälik Ryýana berip öldürse,
olary Mäligiň ornuna häkim kylsak» diýip, geňeş kylyp, köp dür we jöwahyr bilen
jansyz iberdiler. Jansyz baryp, saky mähremi bile han salar mähremine bu
wakalary beýan kylyp, zäher bile maly olara berdi. Olar kabul kyldy. Saky bile han
salar ikisi zäheri bölüp alyp gitdiler. Saky köňlünde: «Men niçe ýyldan bäri duzun
içip men. Bu ýamanlygy niçik kylgaý men» diýip, endişe kyldy. Han salar zäheri
81
gant alyp ýugrup, tagama salyp, taýýar kyldy. Saky bu endişe bile patyşa baryp
tagzym kyldy:
- Şah-a, serwer-ä, jahan perwer-ä, hawatyry-derýaýy-mukatyr bendeýikeminäniň bir günähi bar turar. Bir kaşyk ganymy behil kylsaňyz aýdar men?
Patyşa:
- Aýgyl, her ne günä bolsa ötdüm – diýgeç, saky tamam wakalary han
salaryň zäher alyp, ganda ýugrup, tagama salanyny bir-bir beýan kyldy. Patyşa
eşidip, gazapnäk bolup, han salara kişi iberdi. Ýasawullar ony baryp, özi bilen alyp
geldiler. Han salar bildi kim, bu işleri saky mälim kylyp turar, ýüz-müň hawatyr
bilen patyşa baş urup:
- Eý, şahy-älem, waý, soltany-bakerem, bu günä sakydan turar, zäheri size
bermekçi bolup, özi alyp galdy – diýip aýtdy we kasam ýat kyldy. Patyşa bu söz
bilen gümanda boldy. Ahyr ikisini hem tutup, Ýusubyň ýatan zyndanyna saldy.
Olar görseler, hemme zyndandakylar Ýusup alaýhyssalama gol gowşuryp hyzmat
kylar erdiler. Han salar bilen saky Ýusuby gördüler ajap näzenin bir ýigit turar
kim, ondag nimerse äleme gelen ermes. Onuň husnuna tagajjup galyp, özleriniň
öýündäki eşretlerin halys unudyp, paramuş kyldylar. Birniçe gün owkat geçirdiler.
Nägäh saky bir düýş gördi. Ýusubyň gaşyna baryp:
- Eý, päk zat, men bir düýş gördüm, tagbyr kylgaý siz. Düýşümde engur
şerabyndan patyşa sundum. Patyşa noş kylyp maňa sundy, men hem alyp noş
kyldym – diýgeç, Ýusup alaýhyssalam onuň düýşün ýorup:
- Üç günden soň zyndandan çykar sen. Patyşa seni öňküden hem zyýada
begler begi kylyp, mährem kylar – diýip düýşün ýordy. Onda han salar «Men hem
bir ýalan aýdaýyn» diýip aýtdy:
- Gije düýşümde zenbile birniçe nan salyp, patyşa alyp barar erdim, nägä
asmandan bir bölek guşlar gelip, alyp gitdiler.
Onda Ýusup alaýhyssalam:
- Seni hem üç günden soň zyndandan çykararlar. Eltip dara asarlar. Guşlar
göşüňi üzüp-üzüp alyp giderler – diýip ýordy. Han salar pygan kylyp:
- Men şundag düýş gören ermes erdim, ýalandan aýdyp erdim – diýip, perýat
kyldy.
Ýusup:
- Indi agyzdan çykdy, hergiz tebdil bolmaz – diýgeç, han salar ýyglap iman
getirdi. Musulman boldy.
Elkyssa, üç günden soň, ikisini patyşa zyndandan çykardy. Saky zyndandan
çykarda Ýusup bile hoşlaşdy. Ýusup:
- Eý, saky, meniň arzymy Müsür ezizine beýan kylgyl. Züleýha töhmet bile
meni zyndana salan turar – diýip, täkit kyldy. Saky «Ajap bolar» diýip, zyndandan
çykyp, patyşa hyzmatyna bardy. Patyşa bir kişige buýurdy:
- Sakynyň şerabyn alyp geliňler, han salaryň tagamyn alyp geliňler – diýdi.
Derhal alyp geldiler. Şerapdan ite berdiler. Her çent içse hem kär kylmady.
Tagamdan ite berdiler, bir lukma iýgeç filhal ýarylyp öldi. Sakyny begler-begi
kyldy, özüne burunkydan zyýada mährem kyldy. Han salary tutup dara çekdiler.
Birniçe günler darda asylyp durdy. Göşüni guşlar üzüp-üzüp alyp gitdiler. Her ne
Ýusup alaýhyssalam aýdyp erdi, ondag boldy. Saky patyşanyň hyzmatynda
82
mährem bolup, Hudaýtagalanyň takdyry bilen Ýusubyň aýdan sözün ýadyndan
paramuş kyldy.
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam kyrk ýyl zyndanda ýatdy. Hiç aramy-karary
galmady. Garyp biçäre bolup jemi zyndanda ýatan adamlar hemme perýat-pygan
kylyp ýyglardylar. Ýusup alaýhyssalam olara rehm kylyp:
- Eý, garyp we biçäreler, ämin diýiňler, men doga kylaýyn – diýip, Hudaýa
ýyglap zary-tazarrug kylyp, mynajat kylar erdi. Olar hemme el açyp «Ämin» diýip
ýygladylar:
Kyrk ýyl oldy, gözde ýaşym sylynmaz,
Ämin diýiň, doga ejabat olgaý.
Garaňky zyndanda aý-gün bilinmez,
Umyt eýläň Hakdan enaýat olgaý.
Sabr eýläň ýakyndyr zowky-sapamyz,
Unut bolar, gören jebri-jepamyz,
Bir-birewe beren wada-wepamyz,
Enşa Alla, bu gün karabat olgaý.
Gam iýmäňiz, wagty-wada bolandyr,
Ybraýym, Ysmaýyl jeddim gelendir,
Ötün edip bizi Hakdan alandyr,
Bigüman olardan şepagat olgaý.
Meniň babalarym olsa ýaryňyz,
Sydky-dilden ýyglasaňyz baryňyz,
Kabul bolgaý siziň ahy-zaryňyz,
Olar iki dünýä hemaýat olgaý.
Ýusup aýdar, bir gül idim solmuşam,
Aýralyk oduna zebun bolmuşam,
Ýyglap gerdenime reda salmyşam,
Rehm etmeseň maňa kyýamat olgaý.
Ýusup alaýhyssalam bu jogaby aýtdy, erse, hezreti Jebraýyl alaýhyssalam
häzir boldy.
Aýtdy:
- Ýa, Ýusup, seni agalaryň öldürer wagtda kim saklady? Ýusup aýtdy:
- Allatagala saklady.
- Mälik Ryýan töhmet bilen seni öldürer wagtda kim saklady? Aýtdy:
- Allatagala saklady.
Jebraýyl aýtdy:
- Ondag bolsa, mundag belalardan aman saklan Hudaýym, seni zyndandan
çykarara gudraty ýok turarmy, kim, sakydan pena istäp, meniň dadyma ýetsin diýip
Mälik Ryýana söz aýdyp iberdiň,. Bu sebäpden Hudaýtagala saňa azap etdi, ýene
83
çendan ýyllar zyndanda ýatdyň – diýdi. Ýusup alaýhyssalam bu sözi eşidip, kylan
işine puşeýman bolup toba kyldy. Hudaýtagala tobasyn kabul kyldy. Hezreti
Jebraýyl öz mekanyna perwaz kyldy.
Indi söz Mälik Ryýan düýş görüp, Ýusup alaýhyssalam zyndandan çykyp,
patyşa bolanynyň beýanynda turar:
Emma rawylar ondag rowaýat kylarlar kim, Müsür halkynyň her ýylda bir
aýdy bar erdi. Nägäh aýtlary ýakyn geldi. Erse Müsür ezizi, tamam wezir-u wekil,
atalyk ynak, nekip, şyhylyslam, uly we kiçi hemme aýtgähe baryp, seraperde
gurdular. Tamam halaýyk baryp jaýly-jaýynda karar tapdylar. Her kim öz halyna
laýyk nagmaperdazlyk kylyp, dutar we sitar, sentur we kanun, gyjak, barbat, çeň,
naý, ud bilen nagmaperdazlyk kyldylar. Saba boldy. Mälik Ryýan gyz-u juwan,
mugannyýy-zaman birniçe zenanlara saz kyldyryp, şerap içip, mest bolup ýatdy.
Ýedi gije-gündiz eşretde boldular. Nägäh Mälik Ryýan bir düýş gördi. Düýşünde
derýaýy-Nilden ýedi semiz sygyr we ýedi arryk sygyr peýda boldy. Ýedi arryk
sygyr ýedi semiz sygyry iýdi. Ýene tafarruçda garap durup erdi. Ýene ýedi başsyz
öl bugdaý we ýedi gury bugdaý peýda boldy. Bu on dört bugdaý bir-birine
çolandy. Gury bugdaý öl bugdaýy iýdi. Mälik Ryýan bu işi görüp, huşy başyndan
uçup, syçrap oýandy. Tamam müneçjimlerini we gurrandazlaryny we
tagbyrçylaryny çyrlap, düýşüni beýan kyldy. Tagbyrçylar eşidip, haýran boldular.
Hiç jogabyny bilmediler. Patyşa gazap kyldy:
- Bir aý möhlet berdim. Waý, eger her jaý ki düýşümiň tagbyryn bilmeseňiz,
muň para kylar men – diýip, dergahar boldy. Hemme lerzana girdiler. Hiç kim
alajyn tapmady. Barça tagbyrçylar ölüme razy boldular. Birniçe eýýam ötdi, erse
sakynyň ýadyna düşdi kim, zyndanda Ýusup alaýhyssalam düýş görenleriň
wakasyn ýorup erdi. Herne aýdany bolup erdi. Bu sözi saky Mälik Ryýana beýan
kyldy. Mälik Ryýan sakyny iberdi:
- Bargyl, bu düýşümiň wakasyn ondan sorgul – diýdi. Saky zyndana baryp,
hezreti Ýusubyň aýagyna ýykyldy:
- Magzur tutuň, eý, päk zat. Siziň mübärek sözüňiz ýadymdan paramuş
bolan eken. Ýene hem bir düýş gördüm, eknun hyzmatyňyza geldim – diýip, köp
magzurdarlyk kyldy. Ýusup alaýhyssalam sordylar kim:
- Ne düýş gördüň?
Saky beýan kyldy. Ýusup:
- Bu düýş seniň düýşüň ermes, meger Mälik Ryýanyň düýşi bolgaý – diýdi.
Saky bu keramaty görüp, ýene aýaklaryna ýykyldy, aýtdy:
- Nazaryňyz bar bolsun. Bu düýşi Mälik Ryýan gördi. Hiç kim tagbyryn
bilmedi. Mälik Ryýan: «Barçany öldürer men» diýip gazap kyldy. Ondan soň siziň
aýdanyňyz ýadyma geldi. Ýusup alaýhyssalam:
- Munuň tabgyryn hiç kim bilmez. Bilse hem aýda bilmez. Ýedi semiz sygyr
– ýedi ýyl dokçulyk bolar. Ondag aýşy-eşretde bolarlar kim, hemme il parahat
bolarlar. Ondan soň ýedi ýyl ondag bolar kim, asmandan katra nem düşmez,
ýerden giýa gögermez. Derýalaryň suwy gurar. Ondag açlyk bolgaý kim, hemme
halaýyk «Eljug-eljug» diýip, jan bererler. Onuň tedärigin hiç kim bilmez. Meger
pakyr bende biler – diýip, saky bir-bir beýan kyldy. Saky baryp, Ýusup
alaýhyssalamyň tagbyr aýdanyn Mälik Ryýana beýan kyldy. Erse Mälik Ryýanyň
84
içine ot düşüp, bikarar boldy:
- Men munuň alajyn niçik görgeý men – diýip, Patyşa:
- Eý, saky, bargyl, oşol bendini alyp gelgil, tä ki özüm agzyndan eşdeýin –
diýdi. Saky çüsti-çapyk zyndana rowana boldy. Baryp Ýusuba:
- Patyşa sizi istär. Öz agzyňyzdan eşider, ta ki köňli jaý bolgaý – diýdi.
Ýusup:
- Elhal, iş uly turar. Mälik Ryýan ýaşlyk kylar. Kyrk ýyl bolup turar, men
zyndanda ýatar men. Ol hakykat patyşa bolsa erdi, elbetde, meniň dadyma ýeter
erdi. Meni ne günä bilen zyndana salan eken, hakykatyna ýetsin, günä menden
turarmy ýa Züleýhadan turarmy? Ol bäş hatyndan sorasyn. Eger günä menden
bolsa, öldürsin. Ýok, eger günä Züleýhada bolsa, onuň dadyna ýetsin – diýip
gaýtardy. Saky baryp patyşa bir-bir beýan kyldy. Patyşa Züleýhany we ol bäş
hatyny çyrlap sordy. Erse, «Hemme günä Züleýhada» diýip, güwälik berdiler.
Züleýha hem günäsin boýnuna alyp, uzur aýtdy. Mälik Ryýan Züleýha
maksadynça mal berip, talak kyldy. Ondan soňra sakyny ýene iberdi:
- Ýusup tiz gelsin – diýdi. Saky baryp bu dady beýan kyldy. Aýtdy:
- Sizi şa istär. Muştagy-jemalyňyz turar.
Ýusup alaýhyssalam:
- Eý, saky, bu iş uly iş turar. Bargyl patyşa aýgyl, biziň bilen köp kişi
zyndanda hemra turar. Olara hem rugsat berse, barçamyz birden çykarmyz – diýdi.
Saky baryp bu jogaby aýtdy. Mälik Ryýan bildi kim, Ýusup zyýada akyl we dana
turar. Patyşa özüniň at-serpaýyny Ýusuba iberdi. Ýusup:
- Men atly bolsam, bu biçäreler pyýada bolsa, niçik laýyk bolar – diýip, ýene
iberdi. Saky baryp aýtdy. Mälik Ryýan müň kişige müň at-serpaý iberdi.
Zyndanylar hemme birden at münüp, serpaý geýip Ýusup alaýhyssalamy orta alyp,
misli aftap dek ýüzi-älemi röwşen kylyp, gören kişiniň akly haýran bolup, depitekäwür kylyp, ýöriş kyldylar. Mälik Ryýan Ýusubyň aldyna pişwaz çykyp,
ýetmiş dil bilen sowal kyldy. Ýusup barça sowalyna jogap berdi. Mälik Ryýan
täsin we aperin galdy. «Hergiz mundag näzenin oglan gören ermes men» diýip,
salam berdi. Ýusup salamyn alyp, patyşa bir söz gatdy. Mälik Ryýan bu sözüne
düşmedi. Haýran galdy. Mälik aýtdy:
- Bu ne dil turar?
Ýusup:
- Bu kengany dili turar – diýdi. Patyşa baryp, görşüp, saraýa düşürdi. Mälik
Ryýanyň altyn tagty bar erdi. Ýusuba altyn tagty yşarat kyldy. Ýusup tagta çykyp
oturdy. Birniçe sözden we ab-tagamdan soň, Mälik dathah ornunda oturyp, düýşüni
beýan kyldy. Ýusup alaýhyssalam düýşün ýorup:
- Ýedi ýyl parahatda bolgaý. Koý bile gurt bir ýerden suw içip, koý üstünde
torgaý ýumurtgalagaý. Ondan soň, ýedi ýyl ondag açlyk bolgaý, kim, aýdyp rast
gelmez. Meger onuň alajyn inşa Allatagala, biz pakyr görgeýmiz – diýgeç, Mälik
Ryýanyň huşy başyndan gidip:
- Eý, Ýusup, bu Müsüri, täji-tagtymy we mal-rahtymy saňa tabşyrdym –
diýip, zar-zar ýyglap, haýran bolup, bu gazaly okar erdi, gazal bu turar:
Eý, Ýusup jan, adyň olsun Müsür ezizi, patyşa,
85
Hyzmatyňda biz duraly gije-gündizi majera.
Ger mübärek tagtym olsun garrygynça elmydam,
Barça halk, uly-kiçi sanjar başyna zer jyga.
Şatyry aldyňda ýörmüş, zynat eýläp bu kibi –
Ardyňa tazy eýerdip, öň golunda garçga.
Günbe-gün olsun zyýada zynat ile şöwketiň,
Ak ýüzüňden bark uraýdy talgaty-nury-Huda.
Uşbu düýşüm wehmiden zagpyr kibi soldy ýüzüm,
Eýläňiz gelen belany başymyzdan siz jyda.
Ol Züleýha töhmetinden köp jepa kyldym size,
Ne diýrem magşar güni bolsa eger rozy-jeza.
Toba kyldym dergähiňde afuw edip magzur tut,
Paýy-gerdiň ýüzüne sürtüp, Mälik roýy-syýa.
Elkyssa, Mälik Ryýan tagt-u täç, memleket patyşalygyny Ýusuba tabşyrdy.
Ýusup alaýhyssalam kabul kylyp, Müsür şäherine patyşa boldy. Ýedi ýyl parahatda
boldy we eşretde boldular. Ýedi ýyldan soňra Ýusup jar kyldyrdy. «Hiç bir haly
ýer goýmaňlar. Her dürli tohum salsynlar. Galla perawan bolsun. Gahatçylyk
belasy ýakyn gelip turar» diýgeç, Müsür halky daýhançylyk bisýar kyldylar.
Ýusup alaýhyssalam bir şähri-azym bina kyldy, anbarhanalary galla bilen
doldurdylar. Her burçunda ýüz kişi müwekkel goýdular. Bu röwüşde ýedi ýyl
tamam boldy. Ýusup ýene munady kyldy:
- Ýa, eýýühel-halaýyk, bu gün ägäh-binah boluň, bu gije ýarym agşamdan
soň gahatçylyk belasy peýda bolar.
Mälik Ryýan sordy:
- Niçik peýda bolar?
Ýusup alaýhyssalam:
- Ýarym gije hemme ýeriňizden tursaňyz, aç bolup turar siz. Eger jahanyň
tagamyn iýseňiz doýmas siz. «Eljug» diýip jan bergeý siz. Ondan soňra ýerden
giýa gögermez, derýalaryň suwy gurar. Birew-birewe mähir-muhabbet bolmaz,
birew-birewe mähir we şepagat galmaz. Ondag bolgaý kim, aýdyp rast gelmez –
diýip, Ýusup beýan kyldy. Nägäh ýarym gije erdi. Mälik Ryýan ýerinden aç bolup
turdy. Aldyga aş-nan geldi. Iýdi, doýmady, supra we sanaç, kädi-kuşel, destmal we
jemi herne aldyga duçar gelse, iýdi, doýmady. Ahyry «Wa nedamat-a!» diýip,
saraýdan daşary çykdy. Görse, hemme Müsür halky top-top bolup, birew-birewe
ýapyşyp, misli köpek dek hüjüm kylarlar. Ýusup alaýhyssalamyň aldyga gelip
pygan göterdiler. Ýusup olary görüp mynajat kyldy:
- Hudawend-a, kanagat bergeý sen diýgeç – Allatagala endek kanagat berdi.
86
Bu sypat boldy kim, asmandan katra nem düşmedi. Ýerden giýa gögermedi,
tamam derýalaryň suwy gurap, hemme dal-daragtlar gurady. Halaýyk ondag
wehimde boldy kim, iýip-içip doýmadylar. Owwalky ýylyň tamam gallalaryn
iýdiler. Anbarhanalar boş galdy. Ikilenji ýyly tamam diri mallaryny iýip, owkat
kyldylar. Üçülenji ýyly tamam altyn-kümüşlerini iýip, owkat kyldylar. Dördülenji
ýyly tamam mülk we esbabyn satyp, owkat kyldylar. Barçasyny Ýusup
alaýhyssalam satyn aldy. Bäşilenji ýyly oglan-uşagyn satyp, owkat kyldylar.
Hezreti Ýusup alaýhyssalam satyn aldy. Ýusup alaýhyssalama hemmesi bende
boldular. Indi arada bir ýyl galdy. Alty aý Ýusup alaýhyssalam halaýyga özleri
napaka berdiler.
Indi sözi Züleýhadan eşidiň. Ýusup zyndandan çykyp, patyşa bolandan
soňra, Züleýha Ýusupdan gorkup, bir ýerde pynhan bolup oturyp erdi. Bir gün
Züleýha:
- Ne bolgaý Ýusubyň mübärek jemalyn görsem, ýene bir arzymy beýan
kylsam – diýip, Ýusup alaýhyssalamyň bargähine rowana boldy.
- Dat men, perýat men! – diýip, perýat urup, nala kyldy. Ýusup eşidip,
çagyryp aldy. Züleýha dathah ornunda oturyp, aýtdy:
- Ajab-a, bu ne hikmet turar. Patyşalar geda boldy, gedalar patyşa boldy –
diýip, bu jogaby aýdar erdi:
Ajap pelegiň gerdişi,
Gerdiş jebir-jepa kyldy.
«Ýusup» diýip, gije-gündiz,
Eziz ömrüm eda kyldy.
Gözümde galmady nury,
Sütem kyldy pelek döwri,
Bu ne hasrat, bu ne jebri,
Ýolunda mübtela kyldy.
Tenimde galmady kuwwat,
Çekip yşkynda ýüz hasrat,
Ýusup jan, bir zaman pursat,
Eşit, bagtym gara boldy.
Men erdim şahy-hursanda,
Ýusup erdi maňa bende,
Niçe ýyl dagy-yşkynda,
Garyb-u binowa kyldy.
Züleýha dag-u hasratda,
Hemişe derd-u mähnetde,
Ýusup jan aýş-u eşretde,
Züleýhany geda kyldy.
87
Züleýha bu jogaby aýtdy. Erse, Ýusup alaýhyssalam sordylar:
- Kim tutar sen, mundag jogaplary diýer sen?
Züleýha:
- Men bir dagy-elemli, gaýgyly-gamly, jepakeşli, gözi ýaşly Züleýha bendäň
turar men – diýip, zar-zar ýyglap, çün ebri-nowbahar ýaňlyg perýat etdi. Erse
Ýusup onuň yşkyny ret kylyp gazal aýtdy:
Ne boldy Züleýha saňa,
Köňlüňde ýazyň galmandyr.
Ýüzüň görüp galdym taňa,
Lezzetiň, duzuň galmandyr.
Har olupdyr bakja-gülüň,
Bagda saýramaz bilbiliň,
Bemden aýrylypdyr ziliň,
Çalmaga sazyň galmandyr.
Haýyp ol ömrüň ötürdiň,
Zulm iş edip ne bitirdiň,
Özüň üçin at göterdiň,
Özge bir zadyň galmandyr.
Döwranyňy ötürip sen,
Köňlüň gama batyryp sen,
Husnuň görkün gutaryp sen,
Gyşyň çoh, ýazyň galmandyr.
Yşk derýasyn boýlamaga,
Mekan tutup ýaýlamaga,
Jebr-u jepa eýlemäge,
Hiç kime näziň galmandyr.
Onça özüňi bat etdiň,
Maňa töhmetden at etdiň,
Rakyplar köňlün şat etdiň,
Dost bile razyň galmandyr.
Ýüz öwür batyl guluňdan,
Dön indi esgi ýoluňdan,
Sonalar uçup köluňden,
Ördegiň-gazyň galmandyr.
Terk eýle batyl sözleriň,
Gert bolupdyr gül ýüzleriň,
Batyl galyp çöl-düzleriň,
88
Jereniň, tazyň galmandyr.
Hatardan aýrylyp neriň,
Tenden dökülipdir periň,
Şor alyp zeragat ýeriň,
Ekmäge düzüň galmandyr.
Ençe sen gezdiň messana,
Maňa zulm etdiň kasdana,
Nowça çagyň zemistana,
Dönüpdir ýazyň galmandyr.
Harabat olupdyr şähriň,
Tenden dökülipdir periň,
Gel, bize salma sen mähriň,
Kimsäge sözüň galmandyr.
Ýetmez patyşaga arzyň,
Al Ýusupdan jepa karzyň,
Berjaý getir sypat parzyň,
Diýanat sözüň galmandyr.
Elkyssa, Ýusup bu sözi tabşyryp bolandan soň aýtdy:
- Eý, Züleýha, ondan bäri kaýda erdiň?
Züleýha:
- Wagty ki sen zyndandan çykyp, patyşa bolduň, men gorkup, ýer teýinde
gezdim. Eknun ýaňy geldim – diýgeç, Ýusup aýtdy:
Züleýha tagam alyp geliňler, her niçe myradynça iýip doýsun – diýdi.
Züleýha:
- Men garyp bolup turar men. Terki tagam bolup turar men – diýip, Züleýha
öz jaýlaryna gaýtdylar.
Elkyssa alty aý galdy. Iýmek-içmäge hiç bir nimerse galmady. Halaýyk
guruh-guruh bolup, Ýusup alaýhyssalamyň bargähine gelip «Eljug, eljug» diýip,
perýat eder erdiler. Ýusup alaýhyssalam olary görüp, köp bitakat bolup, mynajat
kylar erdi:
Hudawend-a, garyp biçärelere,
Tarahhym eýle köňli paralara,
Ýaratdyň katradan bendeleriňi,
Nazar kyl lutp ile bimaralara.
Göterdim ýüz tutup iki bilegi,
Kabul eýle, Hudawend-a, dilegi,
Götergil nebatat ähli çeçegi,
Döküp rehmet bu seňňi-haralara.
89
Ilähi Kadyr-a, Perwerdigär-ä,
Pazlyň erer hemme kişä äşgärä,
Gelipmiz dergähiňe Biribar-a,
Ki rehm eýle, bu bagry paralara.
Bolupdyr halymyz teň şahy-älem,
Kabul eýle meniň perýady-nalam,
Be hakky-hormaty-öwlady-Adam,
Doga kyl, biz garyp-bimaralara.
Be hakky Şis, Idris, Nuh pygamber,
Babam Ybraýym, Yshak ruhy-perwer,
Atam Ýakup nebi şahy-suhanwer,
Olar haky, nazar kyl nalalara .
Elkyssa, Ýusup bu mynajaty okap:
- Päk-ä Perwerdigär-ä! Bu ne ajap iş turar. Hudaýym Özüňden özge hiç
penahymyz ýok turar. Hemme Saňa bende turarmyz, her ne halasaň kylar Sen. Biz
biçäreleriň halyna rehim kylgaý Sen – diýip ýyglady Hudaýtagala Ýusubyň
mynajatyn kabul kyldy. Hezreti Jebraýyla perman kyldy. «Bargyl, Ýusup
Syddygyma aýgyl. Onuň jemalyny ryzky-rozy kylan men, her günde bir mertebe
jemalyn görseler, mest bolup, aş-nan iýmek-içmek ýatlaryndan çykar» diýip aýtdy.
Jebraýyl alaýhyssalam gelip Ýusuba habar berdi. Ýusup bu syrdan ägä bolup, saba
halaýyga jar kyldyrdy kim: «Ir daň bilen barça halaýyk pylan ýere çyksyn, olara
zyýapat kylar men» diýgeç, halaýyk top-top bolup ýöriş kyldylar. Baryp meýdanda
jem boldular. Ýusup lybasy-hana geýip, lagly-jöwherden kemer baglap, Tumag
atyna münüp, ýüzlerinden nikabyn göterip, älemi nura dolduryp, baryp meýdanda
munady kyldy, kim:
- Ýa, eýýül-alaýyk, maňa garaňlar! Ýagşy nazar kylyňlar! Meniň jemalymy
Hudaýtagala sizlere ryzk edip berip turar, aç bolsaňyz nahary-şerbet kylyp, her ne
myradyňyz bolsa we her niçe maksadyňyz bolsa meniň jemalymdan hasyl bolar –
diýgeç, jem halaýyk Ýusup alaýhyssalamyň ýüzine birden garadylar. Erse hemme
mest bolup ýykyldylar. Ýene huşuna geldi . Tamam Müsür halkynyň açlyk we
suwsuzlyk aklyndan paramuş bolup turar.
Elkyssa, gahatçylyk eda bolynça, Ýusup alaýhyssalam bu hile bile halaýygy
dokçulyga çykardylar. Ýedi ýyl tamam boldy. Erse derýanyň suwlary rowan bolup,
asmandan baran ýagdy we ýerden giýa gögerdi, filhal bag-bossanlarda miweýigunagun peýda boldy. Hemme apatdan gutulyp, rahatlyga çykdylar. Ondag parahat
boldular, kim, zerre gam-gaýgy galmady. Her tohumdan zeragat aldylar. Ondag
galla perawan boldy. Ondan soň, jem Müsür halky – zenan, merdan, uly-kiçi,
soltan, beg, begzada, atalyk, ynak Mälik Ryýan başlyk gelip, Ýusup
alaýhyssalamyň aýaklaryna baş goýup:
- Şah-a, serwer-ä, jahanperwer-ä, atyry-derýaýy-makatyr bendeleriňiziň siziň
hyzmatyňyzda arzy bu, kim, ne bolgaý bendeleriňizi azady-mutlak kylsaňyz –
90
diýip, el gowşuryp, boýun sunyp durdular. Ýusup alaýhyssalam:
- Eý, halaýyklar. Men sizleri bir Hudaýtagala üçin azat kyldym. Sizler arşykürsi, zemini-asmany, aýy-güni ýaradan bir Hudaýa iman getirseňiz we Ýakup
pygamber alaýhyssalamy pygamberi-berhak bilseňiz – diýgeç, barça birden pygan
kylyp, aýdylar:
- Aýgyl, ne diýsek musulman bolarmyz. Onda Ýusup alaýhyssalam
kelemäni aýtdy. «Lä ilähe illalla, Ýakup ysraýyl Alla» diýip, hemme birden iman
getirip musulman boldular. Hemme Ýusup alaýhyssalama mutyg bolup durdular.
Emma Züleýha daýym Ýusup üçin ýyglar erdi. Onuň hiç kim dadyna ýetmes
erdi. Züleýha yşkyň zorundan ýüreginiň gany gözünden akyp kör boldy. Zyýada
haly harap boldy. Hiç kim onuň sözüne gulak salmady, her kim görse masgara
tutar erdi. Dowam hasrat bile ýyglar erdi. Ýusup alaýhyssalamyň bir aty bar erdi.
Onuň adyna Tumag at diýer erdiler. Her wagty ki oşol atyna eýer goýsa, oşol at bir
kişňär erdi, Magrypdan tä Maşrygaça leşger bolsa, eşider erdi. Ýusup
alaýhyssalamyň atlananyn bilip, hemme leşger häzir bolup, awa çykar erdiler. Ony
Züleýha hem eşider erdi. Bir gün Ýusup atlandylar. Züleýha ýol üstünde bir öý
düzedip erdi. Daýym oşol öýde perýat eder erdi. Ýusubyň atynyň yzyny gözüne
bir-bir sürter erdi. Hemişe bu sypat bile ýyglar erdi. Ýusup alaýhyssalam bir gün
atlanyp, leşger bile çar etrapyna ser kylyp, wagyz we nesihat edip, seýri-sähra
kylyp, Züleýhanyň üstüne asabaýy-debdebe, kus we kernaý, surnaý, gulgula we
zelzele bile rowana boldular. Züleýha: «Ýusup gele turar» diýip habar berdiler.
Züleýha ýerinden turup: «Dat men, perýat men bu yşkyň golundan!» diýip pygan
göterip, ýüz nala bile, hezreti Züleýha bu jogaby aýdar erdi. Gazaly-Züleýha jan bu
turar:
Dad-u perýat yşk elinden neýläýin,
Meniň ahy-zarym ýara ýetişmez.
Bagyr ganym gözden akdy neýläýin,
Derdi-halym ol dildara ýetişmez.
Kyrk ýyl boldy dag üstüne dag saldy,
Bäş günlük ömrümi ýar eda kyldy,
Jan çykmaga tenden indi ne galdy,
Gorkaram men gülgüzara ýetişmez.
Ömrüm ahyr boldy, umyt egsilmez,
Meniň bu halymy hiç kimse bilmez,
Tä kyýamat meniň köňlüm üzülmez,
Gije-gündiz intizara ýetişmez.
Meni eltiň ýol üstünde duraýyn,
Atynyň tozuny sürme kylaýyn,
Ne hyýaly bardyr ony bileýin,
Bu yşk ody namys-ara ýetişmez.
91
Ýа bir nazar eýläp, meni güldürsin,
Ýа bolmasa aty depip öldürsin,
Ýа meger, ol köňlündäkin bildirsin,
Züleýhany ygtyýara ýetişmez.
Elkyssa, Züleýha bu jogaby aýtdy, erse, gaşyndaky alyp gelenler ony ýol
üstünde eltip goýdular. Emma Ýusup alaýhyssalam atyny segredip geler erdi. Gözi
Züleýhaga düşdi. Ýusubyň ysy Züleýhanyň damagyna ýaýyldy. Biygtyýar ah
dartdy. Ýusup aýtdy:
- Kim sen? Ýol üstünde pygan kylar sen. Kimden saňa sütem ýetdi? Meniň
eýýamymda hiç kişiniň kişi bile işi ýok turar.
Züleýha aýtdy:
- Maňa hiç kişiden sütem ýetmedi, meger, Ýusupdan özge.
Ýusup aýtdy:
- Sen kim sen, menden saňa sütem ýetgeý?
Züleýha aýtdy:
- Men Züleýha bendäň turar men. Kyrk ýyl bolup turar, seniň jepaňy dartar
men. Meniň halyma rehim kylmaz sen – diýgeç, Ýusup alaýhyssalam dergahar
bolup, atyna bir tazyýana urup, «Heniz yşkdan söz aýdar» diýip, ýola rowana
boldy. Birniçe sähralary gezip, aw awlap gaýtdylar. Erse Züleýha mäýus bolup,
Ýusubyň atynyň basan ýerlerini öpüp, ýyglap, öýe baryp butlaryna sežde kyldy:
- Eý, ata-babalarymdan galan hudaýlarym, maňa bu gün bir gaty müşgil iş
düşüp turar. Maňa medet kylyp, Ýusupdan habar beriň, ahyr, akybet, Ýusup maňa
mähribanlyk kylarmy ýa ýok? – diýip, aýdan jogaby bu turar:
Atam-babam ýüzün gören butlarym,
Medet beriň maňa ejiz galyp men.
Öz-özümi ýakar boldy otlarym,
Ýapraklarym guryp, kül dek solup men.
Bir günde ýüz kerem eýlär men togap,
Ýara aşyk bolup, jan bermek sogap,
Jan çykmazdan burun, maňa ber jogap,
Magryp zemin ülkesinden gelip men.
Perwana dek yşkyň oduna köýüp,
Bu öten ömrüme meniň «Waý» haýyp,
Pyrakyň oduny synama goýup,
Jiger-bagrym ýüz-müň para kylyp men.
Hiç karar etmedim seni görmesem,
Günde ýüz baş egip salam bermesem,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýusup–Züleýha - 7
  • Parts
  • Ýusup–Züleýha - 1
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2084
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 2
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1713
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 3
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1781
    24.3 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 4
    Total number of words is 3975
    Total number of unique words is 1754
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 5
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 1733
    23.2 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 6
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1704
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    38.8 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 7
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1710
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 8
    Total number of words is 4015
    Total number of unique words is 1563
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 9
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2114
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 10
    Total number of words is 2617
    Total number of unique words is 1911
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    42.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.