LatinEach bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýusup–Züleýha - 5
Total number of words is 3987
Total number of unique words is 1733
23.2 of words are in the 2000 most common words
35.3 of words are in the 5000 most common words
42.4 of words are in the 8000 most common words
Gerdişi-pelek jebriden ol aýra düşüpdir,
Der nalaýy-efgan.
Şam-u säher ýadyň ile bolgusy bidar,
Ryzwanyň emesmi?
Kasyt getirip, Ýusup üçin Ýakuba nama,
Ol şähri-Müsürden.
Daşaryda pygan etdi kim görseler agýar,
Weýranyň emesmi?
Ýakup alaýhyssalam kasytdan bu sözi eşidip, bir ahy-serdi dartdy, perýat
kyldy kim:
63
- Her kim bolsaň içeri girgil, senden damagyma ýagşy ys geler – diýgeç,
kasyt içeri girdi. Ýusubyň salamyn berip, bir-bir beýan kyldy. Ýakup aýtdy:
- Ileri gelgil.
Ol kimerse ileri geldi. Ýakup:
- Ýusuby şul gözleriň bile gördüňi? – diýip, gözlerinden öpdi. Ýene täkit
kylyp, sordular kim:
- Niçik gördüň? Ne suratda gördüň?
Ol kimerse:
- Bu suratda gördüm. Boýny bagly, ýüregi dagly, gözi nemli, köňli gaýgyly,
elemde, ýüz gaýgy-gamda, özi bende, hemişe bikarar turar – diýip beýan kyldy:
Ýakup nebi, bardym Müsür şährige,
Ýusuby soraglap zyndanda gördüm.
Nägäh barar erdim kerwensaraýga,
Ýakup diýp ýyglaýyr, pyganda gördüm.
Sordum ondan «Janym näge ýyglar sen,
Ýanyp, köýüp, jiger-bagryň daglar sen,
Ýakup diýip, her dembe-dem uwlar sen»,
Toty kimin kapas içinde gördüm.
Bardym garşysyna perwana bolup,
Halyn bileý diýip, diwana bolup,
Jany-tenim köýdi perzana bolup,
Haly harap, köňli weýranda gördüm.
Bilbil kibi saýrap, köp nala kyldy,
Gözünde ýaş döküp, silaby kyldy,
Lagly-meýin süzüp, pyýala kyldy,
Gözi girýan, bagry birýanda gördüm.
Bizden salam diýdi Ýakup nebige,
Şol ýüregi dagly Kengan welige,
Jeren seýran eden hijran çölige,
Mundag diýdi size, men onda gördüm.
Elkyssa, ol kişi bu jogaby aýtdy, erse Ýakup alaýhyssalam oglanlaryn
çagyryp:
- Eý, oglanlar, bu kişi ne diýer. Sizler Ýusuby böri iýdi diýip erdiňiz. Elhal
bu kişi peýamyn getiripdir – diýdi.
Onda oglanlary:
- Eý, ata, heniz Ýusupdan umyt edersiz. Bular jögi turar. Ýalan sözläp sizden
bir nemerse almak üçin hile kylyp turar. Bu sözlere ynanmaň – diýgeç, ol kimerse
kasam ýat etdi kim:
- Ýusuby görenim Hak turar – diýdi. Onda olar haýý urdular.
64
- Eý, haramzada, çapylar sen, mutamallykan jögi, ýalan sözläp atamyzy
serasyma kylyp, oduny täze kyldyň. Waý eger ýene bir şundag diýseň, postykäseýi-seriňden dartarmyz – diýip, urup kowladylar. Ýakup umydyn üzüp ýyglar
erdi.
Indi sözi Züleýhadan eşidiň. Ýusuby ýüz jilweýi-şiwe bile aldar erdi. Ýetmiş
dürli lybasy-gunagun taýýar kylyp, her günde birin geýdirip, tomaşa kylar erdi.
Gähi söz bilen, gähi näz bilen, gähi hoş owaz bilen Ýusuba özün görkezer erdi.
Ýusup onuň sözüne gulak salmaz erdi. Züleýha aýdar erdi:
- Eý, Ýusup, ne üçin meniň halyma rehim kylmaz sen? Tä keý meni yşk
odyna örtär sen. Maňa rastyňy aýgyl, seniň ne hyýalyň bar? Eger hoşwagtçylyk
bile myrat hasyl kylgyl, ýok erse, bendäm turar sen, saňa azap buýurar men.
Goluňa pil berer men, daýhançylyk kyldyrar men. Ýusup:
- Seniň köp duzuň iýdim. Mälik Ryýan öýe mährem kyldy. Men niçik
mundag näşaýysta iş kylgaý men. Beýewar patyşa eşitse, gabahat bolar, menden bu
işleri hergiz tama kylma. Men pygamberzada erer men. Mundag işler menden
sadyr bolmaz. Her ne kylsaň ygtyýaryň turar – diýdi.
Züleýhanyň bir çarbagy bar erdi. Ol:
- Oşol baga baryp, ýetimler bile iş kylgyl – diýgeç, Ýusup alaýhyssalam
goluna pil alyp, oşol bag içine baryp girdi. Gördi, erse ajap bag turar, kim, her dürli
miweler elwan-elwan bişip turar. Bulaklar her tarapa rowan bolan. Ýusup üstünden
lybasy-şahanany taşlap, bir köne şal geýip, eline pil alyp, iş kylar boldy. Nägäh
bagbanlar Ýusuby görüp:
- Ajap husny-zyba ki, hergiz dünýäge ondag näzenin gelen ermes. Ajap
mundag näzenin oglana iş buýrar – diýip, Ýusubyň golundan pili aldylar we:
- Eý, näzenin oglan, waý, nury-zemin-u asman, mundag işlere laýyk imes
sen. Seniň üçin bizler hyzmat kylarmyz. Sen oturgyl. Bizlere doga kylgyl.
Doganyň bereketinden bizlere kuwwat peýda bolar – diýgeç, Ýusup alaýhyssalam:
- Men niçik öz işimi sizlere rowa görer men – diýdi.
Ondan soň Ýusup alaýhyssalam doga kyldylar. Işe meşgul boldular.
Ýusubyň bereketinden on günlük işi bir günde kyldylar. Züleýha bir gün Ýusuby
görmedi. Derdi zyýada boldy. Ýusubyň pyrakyndan zar-zar ýyglap bu jogaby
aýtdy:
Şul pyrakyňda seniň bagrym doly gandyr neteý,
Iştiýakyňdan bu gün dide girýandyr neteý.
Men saňa janym diýdim, ne boldy görsetseň ýüzüň,
Çekmegeý ol biwepanyň yşkydan jandyr neteý.
Hasratyňdan, ah, neteý, içgenim hunabadyr,
Artdyryp ahy-pyganym, dagy-hijrandyr neteý.
Görgeli bagy-letapat içre ýüzüňi gözüm,
Dembe-dem ýaz ýagmyry dek, çeşmi-barandyr neteý.
65
Salsalar bagy-çemen içre meni ýalňyz eger,
Sensiz ol hüýri-jennet ki bize zyndandyr neteý.
Aýdar erdim gül ýüzüň hijrinde men gurban olaý,
Set hezar men dek kimse ýoluňda gurbandyr neteý.
............................................................................*
Men wysalyň istäbän köňlümde armandyr neteý.
Elkyssa, Züleýha bu jogaby aýdyp, ne alaç ederin bilmedi. Tap we takaty
galmady. Ahyry saraýyndan daşary çykdy. Baga baryp, derejeden açyp gördi,
Ýusup namaz okar, husny burunkydan zyýada bolup turar. Züleýhanyň ýüregi
howlady, kim, özün baga taşlagaý. Müň muşakgat bile ret kylyp özün saklady. Tä
Ýusup namazdan paryg boldy. Züleýha perýat etdi kim:
- Eý, bagbany-päkize bagbanlyk ygtyýar kylarmy sen? Bu niçik biakyllyk
turar. Özüňe mundag mähneti rowa görmegil. Myradymy hasyl kylgyl, öz eşretiňe
meşgul bolgul – diýdi. Ýusup aýtdy:
- Eý, Züleýha, menden bu işleri hergiz tama kylmagyl. Herne jepa kylsaň,
kylgyl – diýgeç, Züleýha pikri-endişe kyldy. Beýtil-keram atly lagly-jöwahyr bilen
bina kylan jaý saldyryp erdi. Ýusup-Züleýha suratyn nagyş eden erdi. Ýusuby oşol
saraýa elter boldy, Züleýha özi baryp saraýa girip, lybas-gunagun geýip, birniçe
gat lybasdan bedenleri görnüp, ýüz-müň näz bile, jilwe bile, Ýusuby çagyrdy.
Züleýha Huraýna diýen kenizin çagyryp, «Ýusuby bu saraýa alyp gel» diýip aýdan
sözi bu turar:
Huraýna jan, bu saraýa,
Diýgil Ýusup janym gelsin.
Şahynşadyr asyl zady,
Dünýede armanym gelsin.
Bir görmeli patyşadyr,
Kerem etse bibahadyr,
Ýüzi şemsi-wazzuhadyr,
Derdime dermanym gelsin.
Köşki-eýwanyma çykyp,
Ýoluna garar men bakyp,
Agramyna altyn çekip,
Şol mahy-Kenganym gelsin.
Gije-gündiz, şeb-ruzum,
Gol üstünde bahar-ýazym,
Şirin janymdan ezizim,
*
Bu setir golýazmada ýok.
66
Arzuwly myhmanym gelsin.
Züleýha diýer, majera,
Gözi ahu, gaşy gara,
Jiger bagrym para-para,
Hem dinim, imanym gelsin.
Elkyssa, Züleýha bu jogaby aýtdy. Erse, Hyraýna atly kenizek baryp
Ýusuba:
- Eý, Ýusup, seni Züleýha çagyrar, ýörgil – diýgeç, Ýusup ýerinden turup,
oşol saraýa gadam goýdy. Erse, içeri girdi. Kenizekler işikleri bent kylyp gitdi.
Ýusup gördi kim, Züleýha saraý içinde ýüz näz-jilwe bilen ýerinden turup salam
berip, bu jogaby aýtdy:
Seýir jahana kylyp,
Görgeli didar geler.
Zowk ile sapa kylyp,
Oýnagaly ýar geler.
Bir-birge golun salyp,
Hemme syrlary alyp,
Bir-birge gujaklaşyp,
Ýördigi dildar geler.
Dünýäde dilruba özi,
Janyma bir bela özi,
Aşyga rahnema özi,
Ýusuby-dildar geler.
Ýüzleri gül, agzy gunça,
Galmanam ondan ölinçä,
Lebleriň balyn sorynça,
Bile-bile hoş ýar geler.
Ýar geledir gülüşmäge,
Syrry-nehan bilişmäge,
Gujaklaşyp görüşmäge,
Sallanyban ol ýar geler.
Geledir dilberim meniň,
Dünýäde sözlerim meniň,
Rahber-u rahnemam meniň,
Andalyby-hawar geler.
Elkyssa, Züleýha bu jogaby aýdyp, Ýusuby gujaklar boldy. Ýusup ýüz
67
gaýtaryp, diwara garady. Özüniň suraty bile Züleýhanyň suratyn gördi. Ondan ýere
garady. Besatlarda hem oşol suraty gördi. Haýran-serasyma bolup, hamuş boldy.
Züleýha:
- Eý, Ýusup, görgül, bu saraýy seniň üçin bina kyldym. Tä oýnap-gülüp,
magyşet kylgaýmyz – diýdi.
Ýusup:
- Naguzy-billah min zälik1, mundag işden bizar men. Atam wesýet kylyp
erdi, «Her ýerde, her jaýda bolsaň, Hudaýy ýadyňdan aýyrmagaý sen. Huda zahyr
nazyr turar» diýip erdi. Indi men niçik günä kylar men – diýdi.
Züleýha:
- Ondag bolsa, men seniň Hudaýyňyň ýoluna köp mal sadaka kylaýyn.
Günäňe keffarat bolgaý – diýdi.
Ýusup:
- Eger dünýä malynyň baryny sadaka kylsaň, meniň günäme keffaret bolmaz
– diýdi.
Züleýha:
- Bolmasa, seniň diniňi kabul kylaýyn, meniň myradymy hasyl kylgyl –
diýgeç, Ýusup:
- Seniň myradyňy Mälik Ryýan hasyl kylsyn – diýip, uçguryn ýedi ýerinden
düwün kyldy. Mebada nebis galaba kylmasyn diýip ihtiýat kyldy. Züleýha goluna
pyçak alyp, özün öldürer bolup, «Meniň ganym seniň boýnuňa» diýip, bu jogaby
aýdar erdi. Jogaby-Züleýha bu turar:
Galmady tende kararym,
Gel, myradym hasyl eýle.
Saňa berdim ygtyýarym,
Gel, myradym hasyl eýle.
Hydra ýetir aby-haýwan,
Pejmurdaga ber täze jan,
Toty tapsyn şekeristan,
Gel, myradym hasyl eýle.
Eşitmişem asyl zatyň,
Synama ýazmyşam adyň,
Saklamyşam amanatyň,
Gel, myradym hasyl eýle.
Çoh derdime eýle derman,
Bu başym ýoluňda gurban,
Sadap deýin aby-neýsan,
Gel, myradym hasyl eýle.
1
Munuň ýaly zatdan Allanyň Özi gorasyn.
68
Synam üzre goýup hanjar,
Öler men bigüman dilber,
Ýusup jan, eýleme ezber,
Gel, myradym hasyl eýle.
Al indi, ganyma galdyň,
Züleýhanyň halyn bildiň,
Ýeter, jan munça uýaldyň,
Gel, myradym hasyl eýle.
Züleýha bu gazaly okap:
- Eý, Ýusup, eger sen meniň myradymy hasyl etmeseň, bu pyçak bile özümi
öldürer men. Ganym seniň boýnuňa – diýip, özüne pyçak urar boldy. Ýusup bildi
kim, özün öldürere ýetdi. Jan howul jan pyçagy golundan alyp, birniçe hekaýat
aýdyp, Züleýhany teskin kyldy. Züleýha:
- Eý, Ýusup, hiç bolmasa, agzalaryma bir garagyl. Şaýet, köňlüm aram
bolgaý – diýgeç, Ýusubyň köňli erip, Züleýhanyň ýüzüne bakdy. Erse gözi ahu,
ýüzi gül, dişi dür, al ýaňak, badam gabak näzenine gözi düşüp, mähri gitdi.
Züleýha bildi kim, Ýusup meýil kylar. Tamam göwher dek bedenlerin Ýusuba
görkezer erdi. Ýusup zowk ýetip uçguryndan bir düwüni çöşdi. Gaýypdan
«Hudany häzir görgül» diýip, neda geldi. Ýusup oňa hem bakmady, ýene bir
düwüni çöşdi. «Eý, Ýusup, zyna kylmagyl. Uly günä turar» diýip, ýene bir neda
geldi. Ýusup oňa hem baka bilmedi. Zyýada ýene bir düwüni çöşdi. Züleýha ondag
jilwe berip, Ýusuby söýüp, tolganyp näz kyldy. Erse dördülenji düwüni çöşdi.
Ýene: «Eý, Ýusup, eger zyna kylsaň adyňy pygamberlikden çykarar men» diýip,
hatyfdan neda geldi. Ony hem eşitmedi, bäşinji düwüni çöşdi. Ýene neda geldi:
«Özüňi melamata salma» – diýip. Ýusup altynjy düwüni çöşdi. Ýene: «Musulman
bolan zyna kylmas, meger kapyr kylgaý» diýip seda geldi. Ýusup oňa hem
bakmady, kast etdi kim, myrat hasyl kylgaý. Nägäh Hudaý Jebraýyla perman
kylyp: «Bargyl, Ýusup Syddygymy tutgyl» diýgeç, Jebraýyl alaýhyssalam Ýakup
pygamber suratynda bolup, häzir boldy. Mübärek barmaklaryn dişläp:
- Pygamberzadadan hem mundag iş sadyr bolupmy? – diýgeç, Ýusubyň gözi
atasyna düşdi, bihuş bolup ýykyldy. Erse bir sagatdan soň özüne gelip, ýerinden
turup, çüsti-çapyk daşary çykdy. Züleýha ardyndan ýüwürdi. Ýusup her işige ýetdi,
erse işikler açyldy. Ýusup daşary çykdy. Züleýha onuň ardyndan ýetip, Ýusubyň
arkasyndan tutup dartdy. Erse köýneginiň etegi para-para boldy. Ýusup gaçdy.
Züleýha ardyndan çykdy. Oşol wagt Müsür ezizi patyşa daşaryda sypa üstünde
oturyp erdi. Ýusup bile Züleýha gözi düşdi. Züleýha perýat kyldy:
- Eý, Müsür ezizi, patyşahy-älem, kenganly guly satyn aldyň, öýüňe mährem
kyldyň. Bu gün zorlyk kyldy. Dat onuň golundan. Tä ony öldürmeseň, meniň
munda durarym ýok – diýip zar-zar ýyglady. Patyşa dergahar, dergazap bolup,
«Jellat, jellat!» – diýip munady kyldy:
- Ýusuby tutuň, elin-aýagyn baglaň, çarmyha geriň. Tä ölinçä uruňlar –
diýgeç, Ýusubyň huşy başyndan gitdi. Aýtdy:
- Eý, patyşa, men päk turar men. Günä mende ermes, Züleýhadan turar. Bu
69
işi bilip kylyň, huny-nähak kylmaň, ahyrýetde puşeýman kylar siz!
Mälik Ryýan onyň sözüne bakmady. Azap buýrar boldy. Ýusup bildi kim
patyşa zyýada dergazapda turar. Ýusup janyndan umyt üzüp, Hudaýa nalaýy-zary
kylyp, bu mynajaty okar erdi. Mynajaty-Ýusup bu turar:
Hudaý-a zaty-päkinden,
Guluňy läjerem kylma.
Bu zalym derdinäkinden,
Ýüregimde elem kylma.
Maňa Sensiz pena ýokdur,
Meniň deý binowa ýokdur,
Bu derdime dowa ýokdur,
Zyýada derd-u gam kylma.
Babam Ybraýym, Ysmaýyl,
Olaryň hormatyn kylgyl,
Bu zalyma rehim salgyl,
Garybyň men, sütem kylma.
Resulyňdyr babam Yshak,
Atam Ýakup nebi berhak,
Olaryň hakyndan ançak,
Gözümi munça nem kylma.
Hudaý-a binowadyr men,
Belaga mübteladyr men,
Neteý, neýleý ryswadyr men,
Ýusuby zir-u -bem kylma.
Ýusup bu mynajaty okady. Erse Hudaýtagala Jebraýyla perman kylyp: «Ol
oglanyň dilinden möhrüni götergil, guýa bolsun» diýdi. Emma ol saraýda Mälik
Ryýanyň halesiniň kyrk günlük beçjesi bar erdi bişikde ýatar erdi. Ýusup bile
Züleýhanyň işinden habardar erdi. Hezreti Jebraýyl beçjäniň dilinden möhrüni
göterdi. Beçje guýa bolup, şahadat aýdyp, güwälik berip, bu jogaby aýdar erdi.
Jogaby-beçje bu turar:
Töhmet eýläp oňa şikaýat etme,
Taňry gazap eýlär, Müsür ezizim.
Ýusupda günä diýip, rowaýat etme,
Adalat kyl, rastlyk bile, ezizim.
Taňry meni oňa güwä eýledi,
Ýusup Hudaýyna sena eýledi,
Züleýha Ýusuba jepa eýledi,
70
Ýusubyň arzyny eşit, ezizim.
Patşa bolan garar derdinäkine,
Nazar kyl Ýusubyň köýnek çäkine,
Ileri ýa keýin, asyl päkine,
Ýagşy bilip iş kyl, Müsür ezizim.
Çäk aldynda bolsa, Ýusup ýamandyr,
Züleýha töhmetden, belki, amandyr,
Çäk ardynda bolsa, belaýy-jandyr,
Günä Züleýhadan biliň, ezizim.
Kudek diýr, töhmetden hezer eýläňiz,
Budur güwäligim bawer eýläňiz,
Ýusuby hurşydy-hawer eýläňiz,
Hakyň resulydyr aýdan, ezizim.
Elkyssa, kudek bu jogaby aýtdy, erse patyşa köýnegi gördi. Çägi
ardyndadyr. Patyşa bildi kim günä Züleýhadadyr. Patyşa Ýusuba:
- Bu syry pynhan saklagyl – diýip. Züleýha hiç dem urmady. Onuň üçin kim,
ulular bir günä, iki günäni öter ermişler. Ýene Ýusuby burunkydan zyýada hyzmat
kylar diýip, Züleýhanyň hyzmatynda goýdy. Patyşa köňül gubardan halas bolup,
bu işler peramuş boldy.
Züleýha:
- Eý, Ýusup maňa patyşa ne kyldy? Ne ygtyýar kylsam kylar men. Gel
meniň myradymy hasyl kylgyl – diýdi. Ýusup:
- Menden bu tamany üzgül. Tä janym bar mundag işleri kylmas men – diýdi.
Indi bir sözi wezir, mährem, ýasawullaryň zagypalaryndan eşidiňler. Ýusup
bile Züleýhanyň hekaýatyny weziriň hatyny, ýasawulyň hatyny, han salaryň
hatyny, mähremiň hatyny eşidip, bu bäş hatynlar Züleýhaga tagn edip, masgara
kylar erdiler. «Ýetim saklap, öz hyzmatkärine aşyk bolmak, ne ýaman işdir» diýip,
Züleýha melamat kylar erdiler. Bu sözler Züleýhanyň gulagyna ýetişdi. Zyýapat
üçin ol zagypalary çagyrdy. Olar Züleýhanyň hyzmatyna bardylar. Züleýha her
haýsysynyň aldynda tabak doly göşt, bürünç goýdy. Her tabagyň üstünde altyn
saply pyçak goýdy. Ondan soň Ýusup alaýhyssalam mulukana serpaý geýip,
gumgan, silapça alyp, bularyň gollaryn ýuwduryp, hyzmatda boldy.
Bu näzeninleriniň gözleri Ýusup alaýhyssalamyň ýüzlerinde boldular.
Hemme beýhuş bolup ýykylara meýil etdiler. Züleýha ýüzlerine gülap serpip, olary
bidar kyldy. Nägäh tagama el uzatdylar. Erse pyçak alyp etlerini dograr boldular.
Hemme gözleri Ýusupda erdiler. Özlerinden biygtyýar bolup, barmaklaryny parapara kylyp, maýyp boldular. Züleýha Ýusuba «Daşary çykgyl» diýip, yşarat kyldy.
Ýusup daşary çykdy. Zagypalar özlerinden habardar bolsalar, elleri kesilip, maýyp
bolup turarlar. Birniçesiniň golunyň barysy kesilipdir. Birniçesiniň ýarysy
kesilipdir. Gollarynyň yzasy bile hemme ýyglaşar erdiler. Züleýha olara bakyp
güler erdi. Olar:
71
- Eý, Züleýha bizler hata kylan ekenimiz. Saňa aýyp edip, masgara tutar
erdik. Indi bizler şermende bolduk. Magzur tutgaý sen – diýip baş urdular.
Züleýha:
- Eý, janlar, niçe ýyl bolup turar, bu ot meniň ýüregimde gaýnar. Siz bir
sapara takat kyla bilmediňiz – diýip, olara bu jogaby aýdar erdi. Jogaby-Züleýha
bu turar:
Bu gün şerhi-dilim aýdyp,
Ony jan bile söýer men.
Mydama yşk odun tartyp,
Köýüp misli semender men.
Niçe ýyldyr budur halym,
Tükenmez başda hyýalym,
Açylmasdyr bu eşkalym,
Ýolunda bir galandar men.
Ýüz elwan dilde söýlär men,
Ýusubyň medhin eýlär men,
Periden täzeýi-ter men,
Tä ölinçä suhanwer men.
Meni aýp etmäňiz janlar,
Eziz jan içre myhmanlar,
Ýüzi gül, gözi messanlar,
Dil-u jany mükedder men.
Züleýha hijride ýyglar,
Ýusup diýip, bagryn daglar,
Haçan bir wagtyny çaglar,
Bu söz ile musahhar men.
Züleýha bu jogaby aýtdy. Erse, ol hatynlar her biri Ýusuby çagyryp,
«Züleýha bile maksat hasyl kylgyl» diýip nesihat kyldylar. Ýene pynhan Ýusubyň
elin tutup: «Eý, Ýusup jan, biz Züleýhadan set hezar ýagşyrak turarmyz. Bizler bile
myrat hasyl kylgyl. Ýok erse, seni zyndana saldyrarmyz» diýgeç, Ýusup köňlünde
aýtdy: «Owwal biriniň jenjeli ýagşy erdi. Indi alty aždarhaga niçik jogap berer
men» diýip ýyglar erdi.
Ýusup:
- Eý, näzeninler, menden bu tamany kylmaňlar, eger men mundag kylsam
erdi, Züleýha bile kylar erdim. Zira ki niçe ýyldan bäri Züleýha meniň oduma
köýer, jemi hazyna-gençlerin meniň ýolumda berbat kyldy. Men ölüme razy men.
Zyndana düşere razy men, mundag işden bizar turar men – diýip, bu jogaby aýdar
erdi. Jogaby-Ýusup bu turar:
72
Näzeninler beýle yza eýlemäň,
Munça ýeter gördügiňiz jemalym.
Zebun işe meni rowa eýlemäň,
Yrzadyr men Hak eýlese halalym.
Kenganyň bilbili Ýakuba dilber,
Menem Ibni Ýemin jana byradar,
Öten babalarym hurşydy-hawer,
Äleme röwşendir nury-jemalym.
Sabr eýlärem herne jepa ýetişse,
Hahy bela, hahy ata ýetişse,
Ezelde bagtyma gara ýetişse,
Ýetişmez hiç ýere pikri-hyýalym.
Menden umyt etmäň hijran dagyýam,
El degmedik pygamberiň bagyýam,
Ahyrynda Züleýhanyň agyýam,
Sizlere ýetişmez aby-zülalym.
Awçyýam, awçyýam Hakyň awçysy,
Maral ilen jeren imes injisi,
Allanyň nurudyr Ýusup ýolçysy,
Gaýry bilen ýokdur meniň kemalym.
Elkyssa, Ýusup Syddyk bu jogaby aýtdy. Erse hatynlar dergahar bolup
Züleýha: «Ýusuby zyndana salmak gerek. Täki özün bilgeý» diýip, geňeş berip
gitdiler. Züleýha olaryň sözlerine ynanyp, Müsür ezizine:
- Eý, şahy-älem, «Kengany guluny öýe mährem kylypdyr» diýip, halaýyk
melamat kylar ermiş. Ony zyndana salgyl. Birniçe ýyl ýatsyn, täki halaýygyň
melamaty gitsin – diýdi. Bu söz Mälik Ryýana hoş gelip, jellada «Ýusuby zyndana
salgyl!» diýip buýurdy. Jellat gelip Ýusubyň mübärek goluna zynjyr baglap,
boýnuna demir halka salyp keş-ä keşi bilen zyndana alyp gitdiler, iteläp zyndana
taşladylar. Ýusup alaýhyssalam bu kelemäni okap: «Bismillähi-r-Rahmany-rRahym. Elhamdu lillähi Rebbil-älemin, we rehmetullahy we berekätüh» diýip
zyndana gadam goýdular.
Emma zyndan içre köp adamlar bar erdi. Ýusup alaýhyssalam salam berdi,
hemme Ýusuba gol gowşuryp birden salam berdiler. Ýusup salama jogap berip, bir
köşede oturyp namaza meşgul boldy. Hudaýtagala oşol zyndan içinde bir daragt
peýda kyldy. Bir şahasyndan şerbet, bir şahasyndan tagam hasyl boldy. Zyndanylar
halasalar her dürli tagam iýerler we halasalar şerbet içerler erdi. Ýusup
alaýhyssalamdan bu keramaty görüp, hemme permanberdar-mutyg boldylar.
Keleme aýdyp musulman boldular.
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam zyndanda zindeganlyk kylyp, ybadat kylar
erdi. Züleýha rozy-şeb, subhy-şam, belki, aladdowam ýyglar erdi. Hiç çäre
73
tapmady. Eden işinden puşeýman bolup, aýdan sözi bu turar:
Kuýaş ýüzlüm, şirin sözlim, bu işime puşeýman men,
Ýusup janym, nedir halyň, öten işe puşeýman men.
Hata kyldym, çaýa saldym, seni, eý, mahy-Kenganym,
Seriňden öwrüleý daýym, bu işlere puşeýman men.
Ýürek bagrym kebap oldy, ýaryg köňlüm gara boldy,
Meniň halym harap boldy, bu işlere puşeýman men.
Züleýha diýr, Ýusup janym, seniň waslyňdyr armanym,
Köýer meniň ustuhanym, bolan işe puşeýman men.
Züleýha Ýusuby bir görmäge zar boldy. Ahyry bir bahana kyldy. Patyşanyň
tamam lybaslaryn geýip, ýaraglaryn baglap, erkek adam suratynda bolup, birniçe
keniz bile zyndan işigine baryp, zyndanbana syýasat kyldy:
- Ýusuby ne üçin gol-aýagyn baglamaý, boş goýup, turar sen – diýgeç,
zyndanban jan-howul jan gorkup, Ýusubyň gol-aýagyn baglap, boýnuna zynjyr
salyp, daşary alyp çykdylar. Züleýha mübärek jemalyn görüp, ondag aram boldy.
Ýene öýe gaýtdy. Baryp bir külbeýi-ahzanda bagryn sowuk ýere berip, nalaýyefgan bile ýyglar erdi:
Eý, ýaranlar, musulmanlar,
Men bu gün şeýle har oldum.
Ýusup janyň jemalyna,
Doýmadym, bihumar oldum.
Salyp şalar lybasyna,
Başym urdum söwdasyna,
Düşüp yşkyň gowgasyna,
Illere şermisar oldum.
Görüp dilberiň hasyny,
Berip aldym bahasyny,
Çekip yşkyň jepasyny,
Ýanyp yşkynda nar oldum.
Tagbyry ters boldy düýşüň,
Ahmaly köpdür bu işiň,
Atam-enem, kowum-hyşym,
Barçasyndan bizar boldum.
Ölümden ýamandyr pyrak,
Düşüp men ilimden yrak,
Häli hem umyt ýagşyrak,
74
Ajap husnuna zar boldum.
Gelip men Müsür ýurduna,
Gözüm kör boldy gerdine,
Köýüp bir ýaryň derdine,
Ahu gözli marar oldum.
Züleýha diýr, men basapa,
Hiç kimden bolmady wepa,
Men Ýusuba kyldym jepa,
Ýene hem men agýar oldum.
Elkyssa, Züleýha bu jogaby aýdyp, zar-zar ýyglap, özüne aýtdy: «Men
Ýusuba her ne jepa kyldym, sabyr kylar. Ne bolgaý men hem endek sabyr kylsam»
diýip Ýusubyň Hudaýyndan sabyr-kanagat diledi.
Bir gün Züleýhanyň yşky zor kylyp, öýünden çykyp, «Ýusuby günde bir
mertebe zyndandan çykaryp taýaklasyn, nala we pygan kylsyn. Tä onuň owazyn
eşidip, şaýet, meniň köňlüm jaý bolgaý!» diýip, zyndanbana kişi goýdy. Ýusuby
zyndandan çykaryp, günde taýaklar erdiler. Nala we efgan bile Ýusup ýyglap, bu
gazaly aýtdy:
Nije jebr etdiň maňa, perýat, eliňden pelek!
Dadyma hiç ýetmediň, perýat, eliňden pelek!
Takat-u sabr-u kararym galmady bu hijriden,
Boldy köňlüm hoş genji berbat, eliňden pelek!
Ýar-u hemdemim ýokdur, haly-dilim arz eýlesem,
Şat köňlümi eýlediň näşat eliňden pelek!
Jümleýi-jan-u tenimi örtedi nary-pyrak,
Hijr oduda bolmasyn, binýat, eliňden pelek!
Diýdi Ýusup, bu pelek, köpleri gamnäk eýledi,
Ýetmediň hiç dadyma, heýhat, eliňden pelek!
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalamyň bu perýatlaryny eşidip, Züleýhanyň köňli
ondag aram bolar erdi. Birniçe mahal mundag ömür ötürdi. Ahyry bolmady. Özüne
endişe kyldy: «Ýusup munça sabyr eder. Men hem birniçe ýyl sabyr edeýin» diýip,
«Eý, Ýusubyň Hudaýy, maňa hem sabyr-karar bergeý Sen, ýok erse bu amanady
algaý Sen» diýip, zar-zar ýyglar erdi. Çün, ebri-nowbahar ýaňlyg ýyglap, bu
mynajaty okar erdi. Mynajat bu turar:
Eý, Ýusubyň Allahy, arzym saňa, ýarym ber,
Hem gunça dahan ýaňlyg, bag içre enarym ber.
75
Ömrüme hazan ýetmeý, ol bag-u baharym ber,
Bakyşy jeren gözli, gül ýüzli nigarym ber,
Ýа al bu amanaty, ýa sabr-u kararym ber!
Sut eýlemedi ahym, her çent ki pygan eýläp,
Yşkynda köýüp janym, ryswaýy-jahan eýläp,
Ömrümi kylyp berbat, gözýaşymy gan eýläp,
Köýünde meni goýma, çäki-giriban eýläp,

Men ýanyp eda boldum, ki munça harap etme,
Bir zerre wujudym bar, gahr ile ytap etme,
Indi maňa takat ýok, artykça azap etme,
Köňlüme salyp mährin, bagrymy kebap etme,

Hijr ataşydan ahyr janyma ýetip hanjar,
Zähm etdi senan eýläp, müjgäni peri-peýker,
Her dem ýüzüni görgeç, dert ile bela artar,
Hijr ile wysalyňdan çun ataşy-päk örtär,

Eý, wahyd-u külli hal, ryzk eýle kanagaty,
Başyma meniň salma, daýym bu kyýamaty,
Hem derd-u jepasyndan gördüm ýüz alamaty,
Her demde Ýusup jandan istäp bu şepagaty,

Daýym-a, pyrkat-yza, goýduň maňa mähneti,
Wysaly köňle gelse, ata etdiň jenneti,
Ne boldugym bilmezem, içden çykmaz zilleti,
Penasyndan Allahym, maňa eýle minneti,

Züleýhanyň hajatyn hasyl eýle, Ýа Jepbar,
Rakyplaryň tagnasyn batyl eýle, Ýа Jepbar,
Ejizlere şafkatyň wasyl eýle, Ýа Jepbar,
Maňa beren jepaňy katyl eýle, Ýа Jepbar,
Ýa al bu amanaty, ýa sabr-u kararym ber!
Züleýha bu jogaby aýdyp, öz dininde tagata meşgul boldy. Hudaýtagala
mynajatyn kabul kylyp, oňa sabyr-karar berdi.
Elkyssa, birniçe ýyl Ýusup alaýhyssalam zyndanda boldy. Aýdarlar kim
Ýusup alaýhyssalam bir kowulda üç ýyl, ýene bir kowulda on ýyl zyndanda
ýatdylar. Bir gün Ýusup alaýhyssalam zyýada dilteň erdi. Roýy kybla bolup,
76
Hudaýtagala mynajat kylyp, bu jogaby aýdar boldy. Jogaby-Ýusup alaýhyssalam
bu turar:
Niçe ýyl çahy-zyndanda ajaýyp menzil eýläp men,
Özümi sagatba sagat, günbe-gün tebdil eýläp men.
Ryza men çah-zyndana, atam hijrine dözmes men,
Apam, Ibni Ýemin jandan, özümi bidil eýläp men.
Hudawend-a atamyň halydan bir müžde ýetirgil,
Ki ýokdur indi takatym, hijrinde müşgil eýläp men.
Ýanyp perwana dek şem üzre takat galmady hergiz,
Pyrakyň ataşyn bu köňlüm içre kandyl eýläp men.
Apam, Ibni Ýemin janyň pyrakynda köýer janym,
Ýusup efgan eder gül diýp, özümi bilbil eýläp men.
Ýusup alaýhyssalam bu mynajaty okap ýyglar erdi. Hudaýtagala hezreti
Jebraýyla perman kyldy: «Bargyl, Ýusup Syddygyma aýgyl, köp bitakat bolmasyn.
Wagty ýakyn turar» diýgeç, Jebraýyl alaýhyssalam gelip Ýusuba habar berdi:
- Hudaýyň emr kyldy kim: «Ýusup köp gam iýmesin, wagt ýakyn turar,
äleme soltan kylar Men. Müsür halky barça oňa bende bolar. Gul diýiban satan
agalaryň gelip, seniň aldyňda şermisar bolar. Ýene, onuň puştundan dört müň nebi
peýda bolar». Ýene hem, düýş tagbyryn saňa bildirdi. Her ne seniň agzyňdan
çykaran sözüňi Allatagala kabul kyldy – diýip, bir dür dek nimersäni Ýusup
alaýhyssalamyň agzyna saldy. Köňli ondag röwşen boldy kim, tamam älem
hikmeti we düýş tagbyry hemme köňlünde jaý boldy. Ýusup alaýhyssalamyň
bereketinden zyndandakylaryň goly çöşüldi. Ýusup zyndandakylara:
- Eger gider bolsaňyz, zyndandan çykyp öýleriňize baryňlar – diýdi. Onda
olar:
- Bizleri mirşepler tanyp, mundan beter belaga giriftar kylar, gorkarmyz –
diýdiler. Hezreti Ýusup alaýhyssalam:
- Men doga kylaýyn, hiç kim sizleri tanamasynlar – diýdi. Olar:
- Siz bilersizler – diýdi. Zyndanda müň dört ýüz kişi bar erdi. Müňi gaşynda
erdi, dört ýüzi Ýusupdan rugsat alyp öýlerine gitdiler.
Bir gün Ýusup alaýhyssalam atasy Ýakup, inisi Ibn Ýemin we jemi kengany
halky ýadyna düşüp, zar-zar çün ebri-nowbahar ýaňlyg ýyglap, «Kengandan gelen
bir kişi bolsa, atamdan bir habar sorsam» diýip, penjirä bakdy. Zyndan ýol üstünde
erdi. Gördi düýä münen, suraty kenganla ogşaş bir kimerse ötüp bara turar. Ýusup
alaýhyssalam nagra dartdy:
- Heý, heý söwdagär, durgul. Senden birniçe sowalym bar, sowalyma jogap
bergeý – diýgeç, söwdagär oşol ýerde durup, düýäniň meharyn dartyp, zyndana
garady. Hiç bir nimerse görmedi. Ondan penjirä bakdy, erse, bir kimsäni gördi,
aftap dek şuglasy zyndan içinde bark urar. Söwdagär:
77
- Ýigit ne sowalyň bar, aýgyl, men jogap bereýin – diýgeç, Ýusup
alaýhyssalam zar-zar ýyglap, söwdagärden sordy, söwdagär oňa jogap berdi.
Gazaly-sowal-jogap bu turar:
Ýusup:
Kerwen durgul, senden habar alaýyn,
Munça şetap etme, iller amanmy?
Sözle seniň mekanyňy bileýin,
Ne ýerden geldigiň, ýerler amanmy?
Söwdagär: Kim sen, janym, menden habar sorar sen,
Tawuşyň jezagly, fezagly gördüm.
Telmuryp ýüzüme bakyp durar sen,
Ýa bir binowa sen, jepaly gördüm.
–
Ýedi ýyldyr zyndan içredir bagym,
Awlap alan müsür ezizi agym,
Kenganda bir garry kişide dagym,
Beni-ysraýylly pirler amanmy.
–
Menden habar sorsaň Şam ile Kengan,
Onda mekanymdyr, Müsürde myhman,
Diýgil sözüň, içde galmasyn arman,
Seniň bu halyňy belaly gördüm.
–
Niçe ýyldyr aýry düşdüm atamdan,
Ibni Ýemin birle naçar apamdan,
Takatym ýok zyndan içre yzamdan,
Ol Ýakup pygamber, iller amanmy?
–
Sorsaň, Ýakyp nebi intizar özi,
Ogly Ýusup üçin giriftar özi,
Rozy-şep, subhy-şam köp ýyglar gözi,
Seni ondan beter yzaly gördüm.
–
Ýakuba diý barsaň: «Bir kişiň barmyş,
Zyndan içre iki gözi gararmyş,
Seniň üçin gyzyl ýüzi sararmyş»,
Ýehuda, Şemgun deý şirler amanmy?
–
Sözle janym kim sen, Ýakup diýer sen,
Onuň üçin gam-gussalar iýer sen,
Ýa ýitiren guzusymy meger sen,
Şekerden her sözüň mazaly gördüm.
–
Asyl zatym aýtsam, perman aňlanmaz,
78
Meniň bu derdime derman aňlanmaz,
Diýseň, Ýakup biler, zaman eglenmez,
Ibni Ýemin gunça-güller amanmy?
–
Sabr eýle namaňy aman elter men,
Rozy kylsa, Ýakup elin tutar men,
Hoş gal, janym, ýolum uzak, gider men,
Ýüzüň nurdur, diliň senaly gördüm.

You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýusup–Züleýha - 6
- Parts
- Ýusup–Züleýha - 1Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3620Total number of unique words is 208426.1 of words are in the 2000 most common words40.2 of words are in the 5000 most common words47.2 of words are in the 8000 most common words
- Ýusup–Züleýha - 2Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3908Total number of unique words is 171324.0 of words are in the 2000 most common words36.3 of words are in the 5000 most common words43.0 of words are in the 8000 most common words
- Ýusup–Züleýha - 3Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 4043Total number of unique words is 178124.3 of words are in the 2000 most common words35.5 of words are in the 5000 most common words42.4 of words are in the 8000 most common words
- Ýusup–Züleýha - 4Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3975Total number of unique words is 175423.9 of words are in the 2000 most common words37.1 of words are in the 5000 most common words44.6 of words are in the 8000 most common words
- Ýusup–Züleýha - 5Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3987Total number of unique words is 173323.2 of words are in the 2000 most common words35.3 of words are in the 5000 most common words42.4 of words are in the 8000 most common words
- Ýusup–Züleýha - 6Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 4044Total number of unique words is 170425.4 of words are in the 2000 most common words38.8 of words are in the 5000 most common words46.5 of words are in the 8000 most common words
- Ýusup–Züleýha - 7Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3941Total number of unique words is 171024.6 of words are in the 2000 most common words35.1 of words are in the 5000 most common words42.2 of words are in the 8000 most common words
- Ýusup–Züleýha - 8Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 4015Total number of unique words is 156325.6 of words are in the 2000 most common words38.3 of words are in the 5000 most common words45.4 of words are in the 8000 most common words
- Ýusup–Züleýha - 9Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 3661Total number of unique words is 211423.5 of words are in the 2000 most common words35.3 of words are in the 5000 most common words42.6 of words are in the 8000 most common words
- Ýusup–Züleýha - 10Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.Total number of words is 2617Total number of unique words is 191121.4 of words are in the 2000 most common words34.6 of words are in the 5000 most common words42.3 of words are in the 8000 most common words