Latin

Ýusup–Züleýha - 2

Total number of words is 3908
Total number of unique words is 1713
24.0 of words are in the 2000 most common words
36.3 of words are in the 5000 most common words
43.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Elkyssa, ata-ogul bu söz üstünde erdiler. Işikde Şemgunyň enesi habardar
erdi. Tamam sözi bilip, öýüne baryp oturdy. Sähradan oglanlary geldi. Şemgunyň
enesi oturyp, Ýakup birle Ýusubyň düýş görenin bir-bir beýan kyldy. Olaryň
janyga ýanar ot düşdi. Ýene täkit kylyp sordular. Ol hatyn burunkydan zyýadarak
beýan kylyp, kasam ýat kyldy. On agasy ittifak kylyp, ant içip, Ýusuby
«Öldürgeýmiz» diýip, maslahat kyldylar. Onda Ýehuda aýtdy:
16
- Atamyz hiç wagt ýanyndan aýyrmas, ony niçik sähraga çykaryp öldürer
sizler? – diýdi. Onda Rubil aýtdy:
- Men hile kylaýyn, täki atamyz bizlere goşup ibergeý – diýip, tä daň
atgynça maslahat birle bularyň gözlerige uky haram boldy. Bundag birle daň atdy.
Ir daň bile jemg bolup, Ýusubyň gaşyga bardylar. Her kaýsy aldyga alyp söýdüler.
Kineleri içinde erdi. Ýusuby bir pynhan jaýa alyp bardylar. «Inim, janym, senden
hiç ýalan söz sadyr bolan ermes. Imdi rast sözlegil. Ne düýş gördüň? Bizlere beýan
kyl! Düýşüň mübärek bolsun» diýgeç. Ýusup haýran bolup ýere bakdy. Hiç sözläre
mejaly galmady. Agalary ezber kylyp: «Eger düýşüňi aýmasaň, bizler senden razy
imesmiz» diýdi. Ýusup bildi, kim iş dur-u deraz boldy. Aýtmasa, agalary goýmas.
Aýtsa, atasyga näpermanlyk bolar. Haýran bolup, ne diýerin bilmän, bu jogap birle
agalaryny teskin kylar boldy. Jogaby-hezret Ýusup alaýhyssalam bu turar:
Öten halaýykdan galan bir söz bar,
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
Köňülde müň hyýal gije-gündiz bar,
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
Diýmesem, ýalançy diýrler adyma,
Diýsem, näpermanlyk asyl zatyma,
Agalarym, goýuň köňül şadyma,
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
Är oldur, dünýäge köňül goýmasa,
Syryn bu al bilen ol il duýmasa,
Nebsi-şeýtan duşmanyna uýmasa,
Gördügiň ört, görmedigiň söýleme.
Agalarym bu gün hyjalat etmäň,
Atam bile maňa hyýanat etmäň,
Mundan artyk düýşden rowaýat etmäň,
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
Gudraty güýçlüdir, ne kylsa Jepbar,
Ýusup biçärede bolmas ygtyýar,
Muhannesler kylar syryny äşgär,
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
Emma Ýusup alaýhyssalamyň agalary eşitdi, erse bildi, kim gören düýşi
takyk durar. Her haýsysy andag gazapnäk boldular kim, älemi harap kylgaýlar.
Olaryň her haýsy dergahar bolup nagra tartsa, eger polat bolsa bedenidäki tüýleri
misli naýza dek öter erdi. Nagrasyndan bir niçeleriň zähresi ýarylyp öler erdi. Eger
dergahar bolup gylyç ursa, dag-daşy misli suw dek keser erdi. Eger ýüz-müň leşger
bolsa, bir demde nabut kylar erdi. Emma bularyň bir syry bar erdi – kim Ýakup
alaýhyssalamyň öwldyndan bir kimerse olaryň arkasyny sypasa, gahary gidip,
17
dermany geler erdi.
Elkyssa, Ýusupdan agalary bu jogaby eşitdi. Erse ýüz hileýi-mekir birle
atasynyň gaşyga baryp, tagzym-towazyg kylyp aýtdylar:
- Eý ata, pasly-bahar bolup güller açylyp, bilbiller saýrap, suwlar her tarapa
akyp, düýeler botalap, goýunlar guzlap, bulaklar her tarapa akar. Ýusuby bizlere
goşup ibergeý sen. Siz täki gyz oglan dek hemişe öýde saklar siz. Sähralary gezip
köňli hoş bolgaý – diýgeç. Ýakup pygamberiň teninde titreme peýda boldy.
- Eý, oglanlarym, siz ýaş erdiňizler, sizleri mundan hem ýagşy perweriş
kylgan men. Sizler ulug bolduňyz, indi nobat Ýusuba ýetdi we hem eneden ýetim
galdy. Sizleriň eneňiz häzir turar. Muny sizlere goşup ibermen. Beýewar bir
hadysa roý berip, Ýusuby böri iýse, ne alaç kylarmyz. Dag-sähralaryň börüsi köp
turar. Sizler awa meşgul bolsaňyz bir iş bolmagaý – diýip, oglanlaryna garap bir
söz diýdi:
Oglanlarym meniň pendim alyňlar,
Sözlär sözüm, Ýusup jandan aýrylmam.
Ýusuby sähraga alyp barmaňlar,
Görer gözüm, Ýusup jandan aýrylmam.
Nije ýyl sizleriň çekdim jepaňyz,
Imdi görsem gerek mähri-wepaňyz,
Ýusup ýaşdyr araňyzda sapaňyz,
Söwer guzym Ýusup jandan aýrylmam.
Gül açylmyş bolsa jümle jahana,
Ýusup gitse sizler bile ýabana,
Gelerden gelmezi erer gümana,
Ryzk-rozum, Ýusup jandan aýrylmam.
Rugsat bersem, gam oduna düşer men,
Nalana galar men, aklym çaşyr men,
Jemalyn bir görsem, ýüz müň ýaşyr men,
Pasly-ýazym, Ýusup jandan aýrylmam.
Ýakup diýr, Hudaýym aman eýlese,
Ýusup baryp, seýri-jahan eýlese,
Surur iş ýa ýaman pygan eýlese,
Serwi-näzim, Ýusup jandan aýrylmam.
Onda oglanlary aýtdy:
- Wadaryga, bizler hem perzent bolsak, Ýusuby niçik bizlere gowşurmaý siz.
Bizler sizden hem muşfyk-mähriban turarmyz – diýip, dubara kasam ýat kyldylar.
Birniçesi küşeş kyldylar. Elkyssa, Ýakup nebi Ýusuby bermedi. Oglanlary näumyt
bolup, daşaryga çykdylar. Oturyp, ýene bir hile kyldylar. Ýusuby ýanyna çagyryp
aýtdylar:
18
- Eý, gözümiziň röwşeni Ýusup jan, sährada ajaýyp we garaýyp köpdür.
Koýlar guzlap, düýeler botalap, güller açylyp, pasly-bahardyr. Adam ogly görse,
çehresi açylar. Ne üçin bizler birle siz sähra çykyp seýri-sähra kylmas siz? Bargyl,
ataňdan ejazat algyl. Ejazat bermese ýyglagyl. Ataň seniň ýyglanyňa dözmes.
Bizler birle iberer – diýip, müň hile birle aldadylar. Ýusup bularyň mekrine
ynanyp, atasynyň gaşyna baryp, boýnun burup, elin gowşuryp, bu jogaby aýdyp,
ejaza dilär erdi:
Ejazat berseňiz käbäm,
Bir iş düşdi hyýalyma.
Düşüpdir bag era şebnem,
Bolup pasly-baharyma.
Tomaşa eýlärem sähra,
Köňül ondan tapar bähra,
Agalarym kylar perwa,
Meniň husny-jemalyma.
Kapasada bilbil şeýda,
Ne bähre tapgaý ol onda,
Meniň başyma ne söwda,
Zehi kaddy-kemalyma.
Rakyplarym oda ýansyn,
Musahyp jamy-Jem sunsun,
Ki ýüz-müň teşneler gansyn,
Içip aby-zulalyma.
Ýusup biçäräge pursat,
Ata janym, beriň rugsat,
Agalarym maňa ülpet,
Habardar olsa halyma.
Emma Ýakup alaýhyssalam gördi, kim haly özge turar, Ýusuba bu jogaby
beýan kyldy:
Görmesem bir zaman takatym ýokdur,
Meni zar eňredip, guzym, aýrylma!
Bu gören düýşümiň belasy çohdur,
Sözlär sözüm, görer gözüm, aýrylma!
Sen gideňde, men galaram zar aglap,
Hijran ody birle bagrymy daglap,
Haýsy bir äşýandan seni soraglap,
Şuňkarym, laçynym, bazym, aýrylma!
19
Bilmenem bir hikmet düşdi başyma,
Rehm eýlegil gözden akan ýaşyma
Zäher salma meniň içen aşyma,
Janym içre serwi-näzim, aýrylma!
Zerre gam ýok idi gülüm barynda,
Gije-gündiz onuň intizarynda,
Andalyp deý saýrap gülgüzarynda,
Ýüz elwan nagmaly sazym, aýrylma!
Ýakubyň ne geçer haly-ahwaly,
Görmese Ýusubyň kaddy-nahaly,
Gözümiň röwşeni, husny-jemaly,
Hakdan ýeten ryzky-rozum aýrylma!
Elkyssa, Ýakyp alaýhyssalam bu jogaby aýtdy. Erse, ýene Ýusup ýerinden
turup, ýüz nalaýy-pygan birle elin gowşuryp, atasyndan ejazat diläp, bu gazaly
okar erdi. Atasy nesihat berer erdi. Jogaby-Ýusup alaýhyssalam we nesihatyÝakup alaýhyssalam bu turar:
Ýusup:
Ejazat berseňiz, şahym,
Tomaşa eýlesem sähra.
Agalarym mähribandyr,
Kylar anlar maňa perwa.
Ýakup:
Guzym, köp ezber eýlediň
Näge bir bela bolmasyn.
Hudaýyň hökmüdir her iş,
Ýamanlyk rowa bolmasyn.

Maňa kimden jepa ýetgeý,
Kim bize ýamanlyk etgeý,
Ne kimsedir sizden ötgeý,
Niçe zalym bolsa ryswa.

Hudadan gorkmagan adam,
Seni-meni bilmez balam,
Ýüregimde goýup ýüz gam,
Ýene bir söwda bolmasyn.

Agalarym bardyr pälwan,
Her birisi Rüstem Destan,
Kylar duşmanlary ýegsan,
Bolup üstümde ýüz şeýda.
20
Gorkunjym ýok hiç kişiden,
Gorkaram Taňry işiden,
Agalaryň duş-duşudan,
Başyňa gowga bolmasyn.

Huda hökmi özge bolmaz,
Takdyrdan gaçyp gutulmaz,
Muhannesdir – sabyr kylmaz,
Başa düşse ýüz müň söwda.

Guzym senden jyda bolsam,
Ardyňja telmuryp galsam,
Pyrakyňdan köýüp-ýansam,
Beýle mübtela bolmasyn.

Ýusup aýdar, kararym ýok,
Imdi lahza durarym ýok,
Ata, sizden bizarym ýok,
Geler men bu gun ýa taňla.

Ýakup aýdar, neteý janym,
Rugsat berdim, mähribanym,
Artdyrma, ahy-pyganym,
Şu gün gel, taňla bolmasyn.
Elkyssa, bular bu jogaplary aýdyşyp bolgaç, agalary işikden häzir boldular.
Tagzym we towazyg birle Ýusuby dilediler. Aýtdylar:
- Eý, mähriban atamyz, Ýusuby bize goşuň. Tä sähra baryp, tomaşa kylyp
gaýdyp geleli. Ýakup nebi aýtdylar:
- Eý, oglanlarym, baryňlar, sizleri Hudaýa tabşyrdym, Ýusuby sizlere
tabşyrdym – diýip iberer boldy. Hezreti Ybraýym pygamberden galan köýneklerini
çykaryp, Ýusuba geýdirip, kemeri-Ysmaýyly biline baglap, başyna ammamaýyzernigärini çolap, esbi-semendere mündürip, özüne andag ara berip durdy kim,
yns-jyns, wagşy, tuýur, melaýyk täsin galyp tomaşa kylar erdi. Ýakup Ýusubyň
husnuna we oglanlaryna bakyp, nesihat berip, bu jogaby aýdar erdi. Jogaby-Ýakup
alaýhyssalam bu turar:
Gözümiň röwşeni, janym oglanlar,
Ýusuby tiziräk alyp gelgeý siz!
Jandan artyk mähribanym, oglanlar,
Ataňyzyň hakyn eda kylgaý siz!
Gidende Ýusubym pyýada goýmaň,
Suwsatmaň, aç etmäň, ýaman söz aýmaň,
21
Haky häzir görüň, şeýtana uýmaň,
Men garypdan ýagşy doga algaý siz!
Ýusubym näzikdir, perdede saklaň,
Tiz getiriň, peýşin wagtyny çaklaň,
Nesihatym tutup, duzumy haklaň,
Bir-biriň gadryny ýagşy bilgeý siz!
Ýusuby görmesem kararym olmaz,
Ýerimden turara mydarym olmaz,
Onsuz bu dünýäde durarym olmaz,
Men ýyglasam, ýaman ada galgaý siz!
Ýakup diýr, sizleri Haka tabşyrdym,
Giç galsaňyz, ahym hetden aşyrdym,
Ýusupdan aýrylyp, aklym çaşyrdym,
Meniň bu halyma rehim kylgaý siz!
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam on dördi gijelik aý dek bolup, agalaryna
goşulyp, atasy birle widaglaşyp, seýri-sähra kylar boldy. Ýakup alaýhyssalam ýene
zar-zar ýyglap, Ýusuba bakyp, gözlerinden ýaş akydyp, bu jogaby aýdar erdi.
Gazaly-Ýakup alaýhyssalam bu turar:
Gözüm nury hoş gal imdi,
Galmady hiç ygtyýarym.
Jydalykdan bagrym ýandy,
Eşit imdi ahy-zarym.
Senden aýry bu janym ýok,
Hassa galdym, amanym ýok,
Geler diýip gümanym ýok,
Tiz ýetişgil gülgüzarym.
Bilmen ne söwda görer sen,
Başda ýüz gowga görer sen,
Bu gün ýa taňla görer sen,
Bu sebäpden ýok kararym.
Haly goýduň täze bagy,
Kaýdan alar men soragy,
Ýüregime saldyň dagy,
Hijran salma, Biribarym.
Ýakup aýdar, balam, hoş bar,
Ýoluňda gözüm intizar,
22
Allahym bolsun saňa ýar,
Tiz gelip, görgül didarym.
Emma Ýakup bu jogaby aýdyp bolgaç, agalary berdar-berdar göterip,
Ýusuby düýäge mündürip, ýola rowan boldular. Ýusup biendişe, hoş wagt ýöriş
kyldylar. Ýakyp alaýhyssalam bitakat bolup, ardynja zar-zar ýyglap, bir meýdan
ýol ýöredi we tä olar gözden gaýyp bolgunça garap dury. Olar gözden gaýyp
bolgaç, Ýakyp gaýtdy. Gelip bir daragtyň teýinde, oturyp, ýyglaý başlady. Nägäh
ol daragtdan owaz peýda bolup: «Ýa Ýakup, kyrk, kyrk!» diýen. Ýakup sorady:
«Waý, daragt, Ýusuby haçan görer men?». Ol daragtdan ýene owaz gelip: «Ýa
Ýakup, kyrk, kyrk!» diýen. Ýakyp alaýhyssalam täkit etdi, hiç söz bilirmedi. Bu
sözi eşidip, köňülleri dilteň, hallary özge bolup bu gazaly aýtdy. Gazaly-Ýakup
alaýhyssalam:
Bu ne talygdyr maňa, eý ýar, senden aýrylyp,
Gaýgy külpetdir maňa, dildar, senden aýrylyp.
Gül idim, sen bilbilim, uçduň gonar zag-u zagan,
Haýsy söhbetdir maňa, dildar, senden aýrylyp.
Goýmady döwrany-şerh öz halyma horram meni,
Neýleýin düşdüm ýyrak, naçar, senden aýrylyp.
Jan gitdi, men galyp men, tagnaýy agýar olup,
Ne melamatdyr maňa, gülzar, senden aýrylyp.
Hesretiňde galdy Ýakup, nalaýy-efgan edip,
Men şikeste hassaýam, dildar, senden aýrylyp.
Elkyssa, bu sözi tabşyryp bolandan soň, Ýakup ýene sorady:
- Kyrk günmi , ýa kyrk aýmy, ýa kyrk ýylmy? Daragtdan hiç seda çykmady.
Ýakup alaýhyssalam bihuş bolup ýykyldy. Bir niçe sagatdan soň, turup huşuna
gelip, biaram bolup, öýe gaýtdy. Geler erdi. Ýusubyň apasy saçyn ýaýyp, gol
göterip, pygan tartyp:
- Wa hasrat-a, wa nedamet-a, wa Ýusup – diýip, atasynyň aldyga çykyp:
- Eý, ata, meniň Ýusubym hany, nury-didäm hany? Janymyň kuwwaty
hany? Syrdaşym hany? Men ýaman düýş gördüm, kim Ýusuby on böri orta alyp,
her haýsysy bir dişläp, alyp ýöriberdiler. Imdi Ýusuby görmesem, özümi öldürer
men – diýip, bu jogaby aýdar erdi:
Wa hasrat-a, Ýusubymy görmedim,
Didar kyýamata galdy neýläýin.
Syrlaşyban haly-dilin sormadym,
Didar kyýamata galdy neýläýin.
23
Gapyl bolup, kerwenimi göçürdim,
Golumdaky şuňkar guşum uçurdym,
Aýralygyň şerabyny içirdim,
Didar kyýamata galdy neýläýin.
Imdi görsem, jan içinde gizlesem,
Tapylarmy saýýah bolup yzlasam,
Tä gelinçä giden ýolun gözlesem,
Didar kyýamata galdy neýläýin.
Nutkumyz tutuldy gunça dahanda,
Arman galdy sowsan bilen semende,
Andalyp dek pygan eýläp çemende,
Didar kyýamata galdy neýläýin.
Naçar apasyga syryn aýtmady,
Arman galdy, bir hoşlaşyp gitmedi,
Wa hasrat-a, myradyna ýetmedi,
Didar kyýamata galdy neýläýin.
Ýakup alaýhyssalam gyzyndan bu jogaby eşdip, zar-zar ýyglap, köňül berip
bu gazaly okar erdi. Gazaly-Ýakup alaýhyssalam bu turar:
Nala kylyp ýüregimi köýdürme,
Hazan urup, harmanymy ýel aldy.
Gaýgy bile gyzyl ýüzüň soldurma,
Täze bagym, ymaratym sil aldy.
Bar umydym, gözüm ýolda, geler diýp,
Oglanlarym meniň halym biler diýp,
Bir-birine mähribanlyk kylar diýp,
Onuň üçin wada kylyp, el aldy.
Gidende eglenip, guzym gelmese,
Meniň pendu-nesihatym almasa,
Bu aýgan sözüme gulak salmasa,
Çeşmelerim guryp, göýä çöl aldy.
Ondan galyp, meniň ne halym geçer,
Elimdäki ýanan çyragym öçer,
Jandan artyk gören kerwenim göçer,
Göýä hijran menziline ýol aldy.
Ýakup aýdar, saby et, Ýusup amandyr,
Geleri-gelmezi, belki, gümandyr,
24
Aýra düşse, bize ahyrzamandyr,
Bakjalarym hazan urup ýel aldy.
Ýakup alaýhyssalam bu jogaby aýdyp, sordy kim:
- Eý, gyzym, ne üçin Ýusuby sorar sen? Gyzy aýtdy:
- Eý, ata, men ýatyr erdim, nägäh bir düýş gördüm. Düýşümde Ýusuby on
böri orta alyp, her haýsysy bir dişläp, alyp gitdiler. Gorkup oýandym – diýip beýan
kyldy. Ýüz gam-gussa bile öýlerine bardylar. «Ýusup haçan geler» diýip, Ýakup
alaýhyssalamyň iki gözleri ýolda erdi.
Imdi söz eşidiň kim, Ýusuby agalary aldap alyp gitdiler. Bir menzil ýol
ýöridiler. Nägäh çöl-beýawana we hary-mugylana ýetişdiler. Şemgun çüsti-çapyk
baryp, Ýusuby düýäniň üstünden göterip, ýere urdy. Iki golun baglap, goluna
almaz hanjar alyp, kellesin keser boldular. Nägäh asmandan bir guş peýda boldy,
aýtdy: «Eý Ýakubyň perzentleri, pygamberzada hem rehim kylmaý byradaryny
öldürermi? Mundag işi kim kylyp turar, ki sizler kylgaýsiz? Hudaýyň gahr-u
gazabyndan gorkuň. Bu işi kylmaňlar» diýgeç, ol ýerden alyp gitdiler, tä özge
ýerde öldürgeýler. Ol guş gaýyp boldy. Rubil Ýusubyň aýagyndan tutup, ýüzüngoýun südrär erdi. Mübärek ýüzlerini, gözgi dek bedenlerini tikenler ýyrtyp,
tamam agzasy gyzyl gan bolup, jerahat boldy. Ýusup ýyglap bu mynajaty kyldylar:
Kadyr Eýäm, bu gün elim almasaň,
Adyrlara gelip galar ogşadym.
Agamyň köňlüne rehim salmasaň,
Zalymlar jebrinden öler ogşadym.
Atam pendi-nesihatyn almadym,
«Gal» diýende ganlar ýyglap, galmadym,
Şum kysmatda ne baryny bilmedim,
Rakyplar jebrinden öler ogşadym.
Ýaman eken aýralygyň pyragy,
Täze boldy ýene atamyň dagy,
Talaňa düşüpdir çemenli bagy,
Gunça ýaňlyg janym solar ogşadym.
Her biri bir hanjar çeker janyma,
Rehim etmeý gözden akan ganyma,
Arwahlarym gelip gider ýanyma,
Murdalara hemra bolar ogşadym.
Ýusup aýdar, arman galdy dilimde,
Bir nije gün sapa sürmek ilimde,
Atamyň gözleri meniň ýolumda,
Men bu ýerde mesgen kylar ogşadym.
25
Ýusup ýyglap aýtdy:
- Eý, agalarym, men ne günä kyldym? Meni mundag kylar sizler! Ataňyz
birle wadalaryňyza wepa kylmas sizler, meniň halyma rehim kylyň – diýip ýyglar
erdi. Onda agalary aýtdylar:
- Bu gün seniň ol gören düýşüň dadyňa ýetsin! Imdi bizlerden hiç ýagşylyk
umyt etmegil! Seni öldürermiz – diýip, her haýsysy bir taýak urup, südräp alyp
gitdiler. Bir belent depäniň üstüne çykyp, öldürer boldular. Bogazyna pyçak
goýup, kellesin keser boldular. Ýusup ýyglap, ýene agalaryna ýalbaryp, bu gazaly
aýdar boldy:
Eý, agalar, bu gün nurbat amandyr,
Öldürip, galmaňyz nähak ganyma!
Imdi meniň tirikligim gümandyr,
Öldürip, galmaňyz nähak ganyma!
Atam size niçik etdi permany,
Niçe günler meni size bermäni,
Bir dem karar etmez meni görmäni,
Öldürip, galmaňyz nähak ganyma!
Atam sözi hysar imiş daşyma,
Men gapylam iş getirip başyma,
Rehim eýläň gözden akan ýaşyma,
Öldürip, galmaňyz nähak ganyma!
Wedaglaşyp galdy onda ataňyz,
Daryg-a bu sözden çykdy hataňyz,
Geliňler bolmasa meni satyňyz,
Öldürip, galmaňyz nähak ganyma!
Dünýäde bet işdir rakyplyk, menlik,
Hakyň söýgeni – rastlyk, gönülik,
Şunuň deý bolarmy aga-inilik,
Öldürip, galmaňyz nähak ganyma!
Möminler dünýäde gapyl ýatamy,
Afuw ediň mende bolsa hatamy,
Baryp sizler niçik kylgaý atamy,
Öldürip, galmaňyz nähak ganyma!
Bu kysmatlar maňa Hakdan eradat,
Bir köňül awlamak – Käbä zyýarat,
Şikeste köňlümi kylyň ymarat,
Öldürip, galmaňyz nähak ganyma!
26
Garybam, eşitmez hiç kimse nalam,
Maňa hasathorlyk eýlemiş halam,
Rozy-magşar bolmaň ryswaýy-älem,
Öldürip, galmaňyz nähak ganyma!
Ýusup aýdar, bu ne tersendelikdir,
Bilmen ne pyglymdan, ne gendelikdir,
Kyýamat gün niçik şermendelikdir,
Öldürip, galmaňyz nähak ganyma!
Elkyssa, Ýusup bu jogaby aýtdy, erse oňa hiç kim gulak salmady. Ýusup
ýyglap ýene aýtdy:
- Eý, agalarym, maňa bir içgi dek suw beriň, içeýin, içim köýüp turar –
diýgeç, agalary suwy ýere dökdüler we aýtdylar:
- Biz seni öldürermiz. Sen heniz suw talap kylar sen – diýgeç, ol depeden
neda geldi: «Eý, Ýakubyň perzentleri, Hudaýyň gaharyndan gorkuňlar.
Byradaryňyza mundag jepa kylmaňlar. Ataşy-dowzaha giriftar bolar sizler» diýdi.
Olar bakmaý öldürer boldular. Ol depeden ýene neda gelip: «Eý, Ýakubyň
perzentleri, eger sizler Ýusuby meniň üstümde öldürseňiz, sizleri bir demde
ýuwdar men» diýgeç, gorkup özge ýere alyp gitdiler. Ýene bir ýerde maslahat
kylyp, öldürer boldular. Ýusup bildi kim, takyk öldürerler, ýyglap, Rubil agasyna
ýapyşyp:
- Meni halas kylgyl – diýdi. Rubil agasy ýüzüne bir şapbat urdy, ýüz
ýykyldy. Syçrap turup, Şemgun agasyna ýapyşdy, ol hem urup ýykdy. Elkyssa, her
agasyna ýalbaryp ýapyşsa, olar urup ýykdylar. Hiç dadyna ýetmediler. Ahyry
Ýehuda agasynyň aýagyna baş goýup, zar-zar ýyglap, bu gazaly okar erdi. GazalyÝusup alaýhyssalam bu turar:
Gözüm nury ulug agam,
Bulara mübtela kylma!
Salyp atama ýüz müň gam,
Onuň bagtyn gara kylma!
Meň halyma rehim etgil,
Atam perýadyna ýetgil,
Günähim bolsa, sen ötgül,
Maňa mundag jepa kylma!
Men hem Hakyň guly erdim,
Atamyň bilbili erdim,
Onuň jan-u dili erdim,
Bu işleri rowa kylma!
Pelek urdy maňa şebhun,
Ýykyldy başyma gerdun,
27
Agalyk hakyny bu gün,
Aga janym eda kylma!
Ýusup biçäredir haýran,
Atamy eýlemäň girýan,
Aga jan, başyňa gurban,
Meni mundag geda kylma.
Elgaraz, Ýusup bu jogaby aýtdy, erse, ýedi gat asmanyň işigi açylyp, tamam
perişdeler nezzara kylyp, zar-zar ýyglap, Hudaýa mynajat kylyp aýtdylar:
- Päk-ä Perwerdigär-ä, bu ne hikmet turar. Ýusup Syddyk başyna Arş, Kürs,
lowh-galam hemme lerzana geler. Ýusuba rehim kylgaý Sen.
Onda Hudaýtagaladan neda geldi:
- Eý, Arş, Kürs, melaýyklar! Ýusup meniň syddygym turar. Onuň halyny
Men biler Men, sizler bilmes siz, ümsüm duruň diýgeç, hemme deň turdular.
Ýusubyň nalasyna Ýehuda başyn guýy saldy. Olar öldürer boldular.
Ýusubyň gaşyna geldiler. Ýusup kah-kah urup bir güldi. Ýehuda aýtdy:
- Biakyl, bu jaý ölüm jaýydyr. Sen ne üçin güler sen? Ýusup aýtdy:
- Meniň gülenimiň bir sebäbi bar turar. Bir gün men oglanlar bile oýnar
erdim. Sizler gaşymda tomaşa kylar erdiňiz. Sizlere gözüm düşdi. Her haýsyňyz
pälwany-bahaýbat. Ol wagt köňlüme geldi: «Meniň şir dek agalarym bar. Bularyň
amanlygynda, maňa duşman kim bar bolgaý». Bu gün Hudaýtagalanyň takdyry
birle duşman sizler bolduňyz – diýip, bu jogaby aýtdy.
Agalarym ham sözüne ynanyp,
Şiri-ner dek agalarym bar diýdim.
Şekli-şemaýylyn görüp-guwanyp,
Şiri-ner dek agalarym bar diýdim.
Deňi-duşum birle oýnap gülerdim,
Goşulyşyp zowky-sapa sürerdim,
Her haýsyňyz bir menzilden görerdim,
Şiri-ner dek agalarym bar diýdim.
Kimse duşman bolsa, keser başyny,
Itlere aş eder onuň läşini,
Hiç kim bilmez eken takdyr işini,
Şiri-ner dek agalarym bar diýdim.
On agam bar diýip, aldym sanyny
Duşmanyň her ýerde döker ganyny,
Meniň üçin kylar pida janyny,
Şiri-ner dek agalarym bar diýdim.
Ýusup aýdar, peýmanamyz dolupdyr,
28
Gunça gülüm açylmaýyn solupdyr,
Takdyr, duşman agalarym bolupdyr.
Şiri-ner dek agalarym bar diýdim.
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam:
- Bu söz ýadyma düşüp, şu sebäpden güler men – diýgeç, Ýehudanyň köňli
erip, gözünden katra-katra ýaş akyp, Ýusuby gujagyna gysyp aýtdy:
- Eý, Ýusup jan, gorkmagyl, tä janym barlygynda seni öldürmäge goýmas
men. Owwal meni öldürerler, ondan soň seni – diýip, olara bakyp aýtdy:
- Eý, ýigitler, Ýusuby öldürmäňler, ataňyzyň dogaýy-betine galmaň – diýdi.
Onda olar aýtdylar:
- Owwal ne wada kylyp erdiň, imdi mundag diýer sen. Bizler goýmasmyz,
öldürermiz – diýip hemle kyldylar. Ýehuda öldürere goýmady. Olar kast kyldylar,
Ýehudany hem tutgaýlar. Ýehuda dergahar bolup aýtdy:
- Owwal meni öldürer siz, ondan soň Ýusuby öldürer siz – diýdi. Olar aýtdy:
- Andag bolsa, ne maslahat kylar siz? Ýehuda aýtdy:
Maslahat ol turar. Ýusuby guduga salmak gerek. Huny-nähak bolmasyn.
Huda takdyry birle birnäçe gün görsün. Ajaly ýetse ölsün – diýgeç, barça ony
makul gördüler.
Elgaraz, Ýusuby guduga salar boldular. Gadymyl-eýýamda Şeddat
gazdyrgan bir guduk bar erdi. Zyýada çukur erdi. Müsür kerweni oşol gudukdan
suw içip öter erdi. Ýusup alaýhyssalamy oşol gudukyň başyna alyp bardylar. Oşol
wagt Ýusup alaýhyssalam agalaryna ýalbaryp, bu jogaby aýdar boldy:
Agalarym, öldürseňiz razyýam,
Meni beýle çaha salyp gitmäňiz!
Ülpeti atamyň gyşu-ýazyýam,
Men garyba beýle jepa etmäňiz!
Taňla Huda kazy bolar kyýamat,
Ýamanlyk, ýagşylyk bolar alamat,
Sizlere bolmasyn ol gün melamat,
Ady-Şeddat pişesini tutmaňyz!
Ne sebäpden maňa azap eder siz,
Ýygladyp, gözýaşym silap eder siz,
Garyp ataňyzy harap eder siz,
Nebsi-şeýtan sözlerine uýmaňyz!
Hudaýym saklasa bir gün görer men,
Tä ölinçä birniçe gün durar men,
Enşa-Alla, ýene döwran sürer men,
Beýle jepaňyzy hiç unutmaňyz!
Ýusup aýdar, tabşyryp men Hudaga,
29
Razy bolup, sabr eder men belaga,
Maňa nesip bolsa düşmek bu çaha,
Özüm düşeý, maňa eliň gatmaňyz!
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam bu jogaby aýtdylar, erse oňa hiç kim gulak
salmady. Mübärek bedenlerinden köýnegini çykaryp aldylar. Gollaryn baglap,
biline urgan salyp, iberer boldular. Ýusup alaýhyssalam şirin janyndan umyt üzüp,
bu jogaby aýtdy:
El degirmäň, özüm düşem bu çaha,
Gitdi garyndaşlyk, birehm agalar!
Atamy goýduňyz ýüz-müň belaga!
Gitdi garyndaşlyk, birehm agalar!
Beýle jepa Huda hökümi bolgaý,
Ajaýyp, garaýyp gudraty bolgaý,
Umydym bu, şaýet, rehmeti bolgaý,
Gitdi garyndaşlyk, birehm agalar!
Bendesinden umyt, Hudadan rehmet,
Ata hem babadan bolsa şepagat,
Atamyň başyna düşdi kyýamat,
Gitdi garyndaşlyk, birehm agalar!
Ibni-Ýemin janym meni ýoklagaý,
Ony belalardan Huda saklagaý,
Kim ýamanlyk etse Huda haklagaý,
Gitdi garyndaşlyk, birehm agalar!
Gorkmadyňyz kylyp jebri-jepalar,
Ne günähim bardyr meniň agalar?
Ýusupdadyr heniz mähri-wepalar,
Gitdi garyndaşlyk, birehm agalar!
Elkyssa, Ýusubyň bu sözüne hiç kim gulak salmady. Ýusup alaýhyssalamy
gowa kimin guduga salladylar. Nägäh biri gelip, «Ýusup daşa degip ölsün» diýip
urgany kesip iberdi. Ýusup zar-zar ýyglap, Hudaýa mynajat kyldy:
Owwal ýat eýläýin, Kadyr Allahym,
Müşgil oldy işim, şu dem goldawer!
Garyba gamhor Sen, eşit bu ahym,
Hezreti atamyz Adam, goldawer!
Her kimse meniň dek bolsa binowa,
Ähli-ejdat bolar derdine dowa,
30
Atam Abulbeşer, ýa enem Howa,
Ejiz dileg eýlär, bu dem goldawer!
Owwal başda gördüm bir hikmetli düýş,
Hakyň senasyny eýleýip werziş,
Soňra wahy gelen, ýa hezreti Şis,
Rehim eýläp, golum tutup, goldawer!
Ah eýlesem, göge çykar perýadym,
Siziň didaryňyz meniň myradym,
Ybraýym, Ysmaýyl ähli-ejdadym,
Hezret Yshak babam, şu dem goldawer.
Hak ýolunda yhlasyny baglagan,
Hijran ody birle bagryn daglagan,
Ýusup aýdar, meniň üçin aglagan,
Ýakup nebi – nury-didäm goldawer.
Elkyssa, Ýusup bu mynajaty aýdyp barar erdi. Allatagala Jebraýyl
alaýhyssalama perman kyldy: «Eý, Jebraýyl, Ýusubymy tutgul» diýgeç, Jebraýyl
sidretil-müntehada erdi, filhal, guduk içinde tutdy. Lut kowmuny heläk kylgan
daşlardan bir daş gelip, guduga düşüp erdi. Jebraýyl alaýhyssalam oşol daşy suw
ýüzünde misli tagta dek goýdy. Ýusup alaýhyssalam oşol tagtanyň üstünde oturdy.
Hudaýa sena aýdyp we ýene şükür kylyp, bu gazaly aýtdy:
Şükür edeýin Hudaýymyň işine
Garaňky çah bu gün münewwer oldy.
Ynanmadym, atam gören düýşüne,
Maňa beýle jepa miýesser oldy.
Kelam ýokdur hiç kişiden bu derde,
Eşitmez nalamy hiç kim bu ýerde,
Kimse takat kylar bu ahy-serde?,
Maňa ülpet bu gün bir aždar oldy.
Takatym ýok, kararym ýok bu çaýda,
Dert üstüne bu dert boldy zyýada,
Sabyr ederem, Hak eýlese erada,
Solan güller açylyban ter oldy.
Sabr et Ýusup, ýaman güni ýat etme,
Hakdan özgelere ygtymat etme,
Köňlüň hergiz dünýä bilen şat etme,
Kim dünýäni söýdi, oňa şer oldy.
31
Galdyň Ýusup, guduk içre yzaýa,
Nala kylyp ýyglar erdi Hudaýa,
Ne kylmyşdan galdym beýle belaýa,
Atam meniň üçin galandar oldy.
Ýusup alaýhyssalam bu mynajaty okap ýyglar erdi. Gudugyň içi tamam
ýylan-içýan erdi. Jebraýyl alaýhyssalam bir nagra urdy, tamam haşarat ýer teýine
girdiler. Jebraýyl Ýusuba köňül berip, öz jaýyna perwaz kyldy. Ýusup tenha galyp,
ýene nalaýy-zar kylyp, mynajat okap ýyglar erdi. Mynajaty-Ýusup alaýhyssalam
bu turar:
Meň üçin ýüz elem tartyp,
Atam bagry kebap oldý.
Ýusup diýip, ýaka ýyrtyp,
Neteý, neýleý harap oldy.
Başyna düşdi müň söwda,
Garryganda bu ne gowga,
Huda-ýa, goýmagyl gamda,
Atam ýüz yztarap oldy.
Atamy binowa kylma,
Perzendiň dagyny salma,
Elinden söwerin alma,
Ýüregim piç-u tap oldy.
Maňa görsetdi ýol dogry,
Men etmedim oňa sabry,
Pyrakymdan köýer bagry,
Hemmeden ijtinap oldy.
Onuň kaddy-kemalyny,
Ýetişeý derdi-halyny,
Ýene görset jemalyny,
Ýusup bagry kebap oldy.
Elkyssa, Ýusup bu sözi tabşyryp bolup erdi. Bir garry kişi sumgadan çykyp
salamlaşdy. Onda soraşyp: «Kim sen?» diýip bu gazaly aýtdy. Ýusup alaýhyssalam
hem jogap berdi. Sowal-jogap bu turar:
Garry:
Essalam aleýkim balam,
Inşalla, Ýusup bola sen.
Arşa çykyp meniň nalam,
Meger sen Ýusup bola sen.
32
Ýusup:
_
Aleýk olsun goja baba,
Men bir mazlum biçäre men.
Jebr eýledi pelek gahba,
Sorsaňyz men biçäre men.
Ýusup sen, men hyrydaryň,
Nije ýyllar giriftaryň,
Diýgil maňa ahy-zaryň,
Eger sen Ýusup bola sen.
_
Agalarym zulm etdiler,
Şatlygym gama satdylar,
Şul çaha meni atdylar,
Men şeýle bir biçäre men.

Menzil eýledim bu çahy,
Her säherler kylyp ahy,
Husn iliniň patşahy,
Eger sen Ýusup bola sen.

Zulm edip aldylar pajy,
Bu hesret ölümden ajy,
Bilmen, gamhor sen jepaçy,
Men beýle bir biçäre men.

Bar myradyň iste Hakdan,
Hak bizi bar etdi ýokdan,
Kimse zulm etmez nähakdan,
Eger sen Ýusup bola sen.

Terk eýledim namys-arym,
Bir kimse eşitmez zarym,
Hakdan gaýry ýok gamhorym,
Men şeýle bir biçäre men.

Goja baba, sözüm alsaň,
Rehm edip gözýaşym sylsaň,
Maksadym sen Ýusup bolsaň,
Rastyň diý Ýusupmy sen?

Gülem – şejerde bitilen,
Jepa damynda tutulan,
Ölsün diýp çaha atylan,
Sorsaň, Ýusup biçäre men.
33
Elkyssa, bu sözleri tabşyryp bolandan soň Ýusup alaýhyssalam aýtdy:
- Sen kim sen?
Emma hezret Şis alaýhyssalamyň zamanynda Danyş diýen bir zahyt bar erdi.
Bir gün Şis alaýhyssalamyň kitabyn okar erdi. Nägäh hezreti Ýusubyň kyssasy
çykdy. Onuň jemaly-husny-melahatyn Allatagala zyýada taryp kylyp turar, akylzirek haýran galgu dek. Zahyt görüp bihuş boldy. Baz huşuna gelip:
- Şuny bir görsem, dünýäde armanym ýok – diýip Hudaýtagalaga mynajat
kyldy:
Ýa Iläh-ä, meniň ömrüm tawyl et,
Ol Ýusubyň jemalyny bir görem.
Asy gul men, dilegimi kabul et,
Onuň şekli-şemaýylny bir görem.
Ýakup nebi ýyglar bagryn baş edip,
Gije-gündiz didelerin ýaş edip,
Dokuz husny bir Ýusuba duş edip,
Onuň husny-kemalyny bir görem.
Bir gül idi atasynyň destinde,
Agalary gezer onuň kastynda,
Şeddat gazan uzyn çahyň astynda,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýusup–Züleýha - 3
  • Parts
  • Ýusup–Züleýha - 1
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2084
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 2
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1713
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 3
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1781
    24.3 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 4
    Total number of words is 3975
    Total number of unique words is 1754
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 5
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 1733
    23.2 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 6
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1704
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    38.8 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 7
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1710
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 8
    Total number of words is 4015
    Total number of unique words is 1563
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 9
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2114
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 10
    Total number of words is 2617
    Total number of unique words is 1911
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    42.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.