Latin

Ýusup–Züleýha - 3

Total number of words is 4043
Total number of unique words is 1781
24.3 of words are in the 2000 most common words
35.5 of words are in the 5000 most common words
42.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nala kylan sowalyny bir görem.
Çün söwer dostuňdyr Ýusubyň özi,
Onuň jemalyna ýetirgil bizi,
Şekerden hem şirin onuň her sözi,
Lebleriniň zülalyny bir görem.
Danyşy diýer, ne hoşlugyň hahende,
Bir kişi durarmyş jahan babynda,
Kyssasyn okadym Şis kitabynda,
Hakyň dosty helalyny bir görem.
Elkyssa, Danyş bu jogaby aýdyp:
- Päk-ä, Perwerdigär-ä ömrümi uzak kylsaň – diýip doga kyldy. Hudaý
tebärek we tagala ol zahydyň dogasyn kabul kyldy. Hätifden:
- Eý, zahyt, bargyl! Oşol Şeddat gazdyran gudugyň teýinde maňa ybadat
kylyp ýatgyl. Tä müň iki ýüz elli ýyldan soň Ýusubyň jemalyny görer sen – diýip
neda geldi. Oşol zahyt ol guduk teýinde Allatagala ybadat kylar erdi. Allatagala ol
ýerde bir enar gögerdip erdi. Onuň ryzky günde ol enardan erdi. Ýusuby agalary
guduga taşladylar, erse ol zahyt çykyp, Ýusup alaýhyssalama salam berdi. Ýusup
aleýk aldy. Aýtdy:
- Ne kişi turar sen, mundag wehimnäk ýerde adam ogly dura bilmez – diýdi.
Onda ol zahyt aýtdy:
34
- Eý, Ýusup, seni bu guduga kim saldy?
Ýusup aýtdy:
- Meni agalarym zulum edip bu guduga saldy.
Onda ol zahyt aýtdy:
- Eý, Ýusup, bu işi agalaryňdan görmegeý sen, onuň üçin kim, Allatagaladan
diläp, Ýusubyň mübärek jemalyny görsem diýip arzuw kyldym. Allatagala senden
ileri meni bu guduga saldy. Şükür alhamdililla didaryňa arzuwment bolup, müň iki
ýüz elli ýyldan bäri didaryňa muştak erdim. Indi zerre armanym galmady – diýip
bu gazaly aýtdy:
Gözel Hakyň sungundan, bu gün myrada ýetdim,
Misli magşar gün gopup, puly-Syrata ýetdim.
Nije ýyllar göz tutup, Hakdan erada ýetdim,
Terk edip zyndan imdi , (men ol) berata ýetdim.
Şükür Alla men bu gün maksat-myrada ýetdim.
Nije ýyllar Ýusup diýp, gözde ýaşym sil eýläp,
Terk edip bu hijrany, müşgillerim hel eýläp,
Arzuw eden wysalym, men bu gün hasyl eýläp,
Sarp edip bu janymy, oňa men wasyl eýläp,
Şükür Alla men bu gün maksat-myrada ýetdim.
«Kalu belä» depderde arzuw eýläp bu şahy,
Töwekgel eýläp Haka, säherler kylyp ahy,
Saýýat olup saýt üçin dam eýledim bu çahy,
Bent olup bu dam içre düşdi huplaryň şahy,
Şükür Alla men bu gün maksat-myrada ýetdim.
Nije ýyllar çah içre onça çekdim jepany,
Sabyr eýläp akybet gördüm ondan wepany,
Wadaňa wepa eýläp, berdiň jana şypany,
Maksat tapyp ýar bile, sürdüm zowky-sapany,
Şükür Alla men bu gün maksat-myrada ýetdim.
Goja diýr: «Bar Allahym, hasyl eýläp permanyň,
Tende müň janym bolsa, jümle seniň gurbanyň»,
Ata eýläp sen maňa, görsetip mähribanyň,
Dergahyňda ryza men, alar bolsaň bu janyň,
Şükür Alla men bu gün maksat-myrada ýetdim.
Elkyssa, zahyt bu sözi tabşyryp bolandan, filhal jan berdi. Ýusup
alaýhyssalam guduk içre ýene tenha galyp, zar-zar ýyglap, Hudaýa bir mynajat
okady:
Asy gul men, dergahyňa ýüz tutdum,
Kadyr Alla, Senden özge kimim bar?!
35
Bu gün seniň rehmetiňe göz tutdum,
Kadyr Alla, Senden özge kimim bar?!
Agalarym aldap, alyp geldiler,
Jepa tygyn şirin jana kyldylar,
El-aýagym baglap, çaha saldylar,
Kadyr Alla, Senden özge kimim bar?!
Bir gül erdim, şahasyndan gyryldym,
Zalymlar jebrinden çaha taýryldym,
Mysapyr men diýarymdan aýryldym,
Kadyr Alla, Senden özge kimim bar?!
Kanda barsam, Biribarym Sen meniň,
Ýykylanda medetkärim Sen meniň,
Golum tutar desti-ýarym Sen meniň,
Kadyr Alla, Senden özge kimin bar?!
Atam aýdar: Ýusup begim amandyr,
Öz köňlüme diriligim gümandyr,
Zyndan içre hemram ýylan-çiýandyr,
Kadyr Alla, Senden özge kimim bar?!
Elkyssa, Ýusup ýyglar erdi. Onuň nalasyga yns-jyns wuhuş-u tuýur hemme
lerzana geler erdi.
Indi sözi Ýusubyň agalaryndan eşidiňler. Ýusuby guduga salandan soň,
oturyp bir ýerde maslahat kylyp, koýlarynyň gaşyna bardylar. Bir owlagy soýup,
Ýusubyň köýnegin gana bulap, birniçe hileýi-mekir bile «Ýusuby böri iýdi» diýip,
bu sypat bile atasyna barar boldular. Ýehuda «Men olardan galyp, Ýusuby
gudukdan çykaryp, hiç kime bildirmeý, atamyň gaşyna alyp baryp dogaýy-haýryn
alaýyn» diýip, pikir kyldy we olara aýtdy:
- Eý, inilerim, meniň bir sözüm bar. Eger kabul kylsaňyz aýdar men – diýdi.
Onda olar:
- Ne sözüň bar aýgyl – diýdi. Ýehuda aýtdy:
- Sizler baryňlar, men munda galaýyn, mebada Ýusuby birniçe kerwen gelip,
atamyzyň gaşyna alyp baryp, bizleri şermende kylmasynlar. Onuň nalasyn bir
ýerden halaýyk eşiderler – diýdi. Bu söz baryna makul geldi we:
-Ýagşy aýdar sen, sen munda durgul – diýip, Ýehudany goýup gitdiler.
Baryp bir ýerde «Ýehuda ne kylar» diýip, pynhan bolup durdular. Emma Ýehuda
guduk başyna bardy. Destaryn çöşüp içeri saldy.
- Ýa Ýusup, sag-salamat barmy sen – diýdi.
Ýusupdan: Alhamdulilla, salamat bar men – diýip, owaz geldi. Ýehudanyň
işinden Şemgun habardar erdi. Baryp olara aýtdy. Olar gelip Ýehuda azar berip:
«Bu ne işdir, sen kylar sen, Ýusuby çykaryp, ataňa alyp baryp, özüň ýagşy kişi
bolup, bizleri şermende kylar ermiş sen. Seni indi özümiz bile alyp gidermiz. Eger
36
«Ýok» diýseň, Ýusuby çykaryp öldürermiz» diýgeç, Ýehuda olar bile gider boldy.
Barçasy ittifak bile ýola rowan boldular.
Indi Ýakup alaýhyssalamdan söz eşidiň. Emma Ýakup alaýhyssalam
ogullaryny sähra iberenden soň, bikarar we biaram bolup ýyglap otyrdy. Tä
namazy-diger boldy, gelmedi. Hemişe kadalary bu erdi kim, wagty-namazydigerde gaýdyp geler erdiler. Ýakup alaýhyssalamyň «Haçan geler»– diýip, iki
gözleri ýolda erdi. Namazy-şam boldy, gelmedi. Ýakup alaýhyssalam ileri çykdy,
tä huptan boldy, gelmedi. Ýakup alaýhyssalam bildi, kim bir waka roý berdi,
«Wadaryga gözümiň röwşeninden aýrylan boldum» diýip, bu gazaly okar erdi:
Pelek aýra saldy mähribanymdan,
Eziz tende şirin janym gelmedi.
Geçer men dünýäde hanymanymdan,
Jandan artyk mähribanym gelmedi.
Bir iş boldy ahy-zara ugrady,
Zäher aludaly mara ugrady,
Meger täze gülüm hara ugrady,
Galdy içde ýüz armanym, gelmedi.
Bilbil erdi, saýrar idi bagynda,
Ýüz elwan dil bile gül pudagynda,
Gije-gündiz dynmaý, men soragynda,
Haly galdy, gülüstanym gelmedi.
Andalyp hezret Ýusuby ýat eýläp,
Onuň zikri bile köňlün şat eýläp,
Hijran ýaman dertdir dat-perýat eýläp,
Mülkümiň eýesi hanym gelmedi.
Ýakup aýdar, Ýusubyma ne söwda,
Düşdi meger onuň başyna gowga,
Bilmen niçik gamda, bilmen ne bela,
Hazan urdy, bag-bossanym gelmedi.
Emma hezreti Ýakup alaýhyssalam bu jogaby aýdyp ýyglar erdi. Nägäh
gulagyna owaz geldi, ýagşy tafahhus kyldy. Erse, oglanlarynyň tawuşy turar.
Oglanlary atasyny görüp, Ýusubyň ganly köýnegin gollaryna alyp, ýüz ah-pygan
bile: «Wa hasrat- a, wa nedamet-a, Ýusup» diýip, ýetişdiler. Gelip atasynyň aldyna
ýüz goýup, ýykyldylar. Ýakup sordy:
- Ne waka boldy? Ýusuby ne kyldyňyz?
Oglanlary:
- Wa-daryga, bizler koýlary bakar erdik. Nägäh Ýusuby böri iýip turar.
Köýnegin tapyp aldyk - diýgeç, Ýakup alaýhyssalam bir ah dartyp, bihuş boldy. Tä
ir daňaça misli öli dek bolup ýatdy. Oglanlary bir-birine puşman kylyp: «Bu işi sen
37
kyldyň. Atamyzdan aýrylar bolduk» diýerler erdiler. Ýakup alaýhyssalam özlerine
geldi. Ýusubyň köýnegin alyp gördi, hiç bir ýeri ýyrtylan ermes idi.
- Eý, oglanlarym, eger Ýusuby böri iýse erdi, köýnegi para-para ýyrtylar idi.
Bu niçik böri turar, kim Ýusuba rehm etmeý, köýnegine rehm edip ýyrtmaý –
diýip, bir belent jaýa çykyp, bir nagra jigergähinden tartyp, tamam börüleri
çagyrdy. Kenganly börüler barça Ýakup alaýhyssalamyň aldynda häzir boldular.
Ýakup aýtdy:
- Eý, janawarlar, Hudaýyň gahar-gazabyndan gorkmadyňyzmy? Meniň
Ýusubymy iýipsizler – diýdi. Onda Hudaýtagala börülere dili-guýalyk berdi.
Börüler birden pygan göterip aýtdylar: Lä ilähe illellahu, wahdahu lä şerike leh,
lehul-mulku we lehul-hamdu we huwe ala külli şeý-in Kadyr1. Ýa Ýakup alaýhys-salam, pygamberleriň göşi bizlere haram durar. Bizler mundag işi kylsak,
kyýamatda ne jogap berermiz – diýip, Alladan kasam ýat kyldylar.
Onda Ýakup oglanlaryna bakyp aýtdy:
- Sizler böri iýdi diýdiňiz, ne üçin ýalan sözlärsiňiz, rast aýdyňyz, Ýusuby ne
kyldyňyz? – diýip, zar-zar ýyglap, aýdan sözleri bu turar:
Ýaradan Biribar, Taňry haky üçin,
Rast aýdyňlar, meniň Ýusubym hany?
Barçanyň atasy Adam safy çün,
Rast sözläňler, meniň Ýusubym hany?
Mundan gidip peýmanasy doldymy?
Açlyk-suwsuzlykdan çölde galdymy?
Açylmaýyn gül harmany soldumy?
Täze gülüstanym, Ýusubym hany?
Agalary bile gezip ýörmegen,
Deň-duşlary bile mejlis gurmagan,
Kenganyň şährinde döwran sürmegen,
Keremli soltanym, Ýusubym hany?
Owwal başda gördüm hikmetli düýşi,
Eýäm saldy maňa beýle teşwişi,
Janymyň rahaty, köňlümiň hoşy,
Derdimiň dermany Ýusubym hany?
Indi bu ülkede geze bilmenem,
Ýusup jan dagyna döze bilmenem,
Jan balamdan köňül üze bilmenem,
Jenneti-ryzwanym, Ýusubym hany?
1
Alladan başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur, Ol ýeke-täkdir, Onuň şärigi ýokdur, mülk Onuňkydyr, hamdy-sena
Onuň üçindir we Ol ähli zady başarýandyr (kadyrdyr).
38
Ýakubyň ne geçer haly-ahwaly,
Görmese Ýusubyň kaddy-kemaly,
Gözümiň röwşeni husny-jemaly,
Hurşydy-jahanym, Ýusubym hany?
Elkyssa, Ýakup alaýhyssalam bu sözleri aýtdy, erse, oglanlary birden pygan
göterip: «Eý, ata, bizleriň sözümize ynanmasaňyz, bizler iýen börüni tutup geleliň»
diýip, gollaryna taýak alyp, sähra çykyp gitdiler. Baryp bir bihabar ýerden bir
börüni tutup, dişlerni syndyryp, agzyn-burnun gana bulap, alyp geldiler. Ýakup
sordy:
- Eý, janawar, meniň Ýusubymy ne üçin iýdiň. Hudaýdan gorkmadyňmy? –
diýip, bu gazaly aýtdylar:
Arzym budur, meniň sözden pähm eýle,
Gel janawar, Ýusubymdan habar ber!
Ýada salyp, ahyrýetiň wehm eýle,
Gel janawar, Ýusubymdan habar ber!
Müňkür olup Haka asy bolmagyn,
Ýusubymyň webalyna galmagyn,
Meniň deý perzentden jyda bolmagyn,
Gel janawar, Ýusubymdan habar ber!
Owwal Alla, säni meni diýip sen,
Wehm eýläp ahyrýet gamyn iýip sen,
Rastyň diý, Ýusubym neçün iýip sen,
Wehm eýleme, gel Ýusupdan habar ber!
Oňa kysmat derdi-elem boldumy?
Bilmen dirimi ýa ölüm boldumy?
Ýa saňa Ýusupdan zulum boldumy?
Gel janawar, Ýusubymdan habar ber!
Bilmenem Ýusuba ne boldy kysmat,
Ol goýup janyma müň dürli zähmet,
Bu zalymlar saňa kyldymy töhmet,
Gel janawar, Ýusubymdan habar ber!
Men bilmenem, niçik boldy bu efgal,
Saňa menden beter bolup kylu-kal,
Agzyň bagly bolup, diliň güň-u lal,
Gel janawar, Ýusubymdan habar ber!
Ýakup diýer, Hak eşitgil perýadym,
Gaýry kime meniň ýetişer dadym,
39
Senden bir yşarat meniň myradym,
Gel janawar, Ýusubymdan habar ber!
Elkyssa, Ýakup alaýhyssalam bu sözi tabşyryp bolandan soň, böri dile gelip
kasam ýat kyldy:
- Eý, Ýakup nebi, Hudaýtagala bir turar, hergiz Ýusuby görmedim. Men
mysapyr turar men. Meniň mesgenim Müsür şäherinde turar. Üç gün bolup turar,
bu şähere dahyl boldum. Meniň bir byradarym bar erdi. Ony ýitirip turar men. On
sekiz gün bolup turar. Men ony yzlaý munda geldim. On sekiz günden bäri aç turar
men. Kengan börülerinden soradym. Olar aýtdylar «Üç gün boldy patyşa saýt edip,
tutup aldy gerek, öldüreni ýok turar» diýip, maňa habar berdiler. Men onuň
pyrakynda köýüp ýyglar idim, agyz-burnumy gan kylyp, dişlerimi syndyryp size
alyp geldiler.
Ýakup pygamber aýtdylar:
- Eý, janawar, meniň Ýusubymy bilermi sen?
Böri:
- Biler men, leýkin aýtmas men. Eger aýtsam ähli-gammazalardan bolar
men. Gammazalaryň jaýy dowzah turar, gammaza diýip şuguly, sözçini aýdarlar.
Ýa Resulalla, siz meniň hajatymy rowa kylyp, doga kylsaňyz, men bir doga
kylaýyn, Hudaýtagala siziň hem hajatyňyzy rowa kylgaý – diýgeç, Ýakup
alaýhyssalam oşol böriniň byradaryny patyşadan diläp aldylar. Ikisi bir-birege
goşuldylar. Jydalyk belasyndan gutulyp, Ýakup hakynda ýyglap:
«Päk-ä, Perwerdigär-a, Hudawend-a, Ýakup alaýhyssalam bizlere sebäp bolup,
ikimizi goşdy. Onuň Ýusup ogluny hem goşgaý Sen – diýip mynajat kyldylar.
Elkyssa, Ýakup alaýhyssalam Ýusubyň hasratyndan bir külbeýi-ahzanda
subhy-aladdowam ýyglap, nala kylar erdi.
Indi bir keleme sözi Mälik ibn Zugardan eşidiň.
Mälik ibn Zugaryň Ýusuby düýşünde görüp, istegeniniň beýany bu turar:
Emma Müsür şäherinde Mälik ibn Zugar diýen söwdagär bar erdi. Bir gije
düýş gördi. Düýşünde bir hüýr ýaly oglan, käkili pür reň, lagyl-jöwahyr bidereň
gelip, aldynda oturdy. Onuň bereketinden Mälik Ibn Zugaryň goýny, etegi laglyjöwahyra doldy. Goluna daş-toprak alsa, hemmesi zer boldy. Bu düýşi gördi,
şadyman bolup, ýerinden turup, tagbyrça bu düýşi beýan kyldy:
Bu gije görüp men säher wagtynda,
Köňlüm guşy uçup seýran eýledi.
Gülüstan açylan bahar wagtynda,
Bilbiller zowk edip efgan eýledi.
Mynajat eýläbän biliňi baglan,
Ýagşy kyýas, ýagşy pähm edip çaglan,
Bu janyma jellat gelip bir oglan,
Kastymda ol meniň jowlan eýledi.
Bilmenem rastmy ýa galat bu efgal,
40
Sungundan ýaradyp ony Züljelal,
Gaşlary münewwer, ýüzleri helal,
Bu köňlüm külbesin weýran eýledi.
Bir zaman meniň-le ol boldy ülpet,
Dep edip köňlümden bu gaýgy, külpet,
Afytap talgatly-ýu mahy-surat,
Rozugärim meniň hijran eýledi.
Bu sözi görmäňler menden ajaýyp,
Dil ura bilmedim aslyn soraýyp,
Men bilmenem niçik boldy ajaýyp,
Bilmen kaýan sary rowan eýledi.
Mälik aýdar, indi galyp men derde,
Aklym gidip, huşum galmady serde,
Bilmenem asmanda, bilmenem ýerde,
Taparmenmi, özün pynhan eýledi.
Elkyssa, Mälik bu sözi tabşyryp bolandan soň, tagbyrçy:
- Sen maňa bir nemerse bergil, ýok erse, aýtmas men – diýdi. Mälik tagbyrça
köp nimerse berdi. Tagbyrçy aýtdy:
- Eý, Mälik, sen mundan Kengan barar sen, Kengandan bir gul satyn alar
sen. Onuň bereketinden dünýä we ahyryýetiň magmur bolar. Tä kyýamata çenli
puştba-puşt ähli öwladyň hor-zar bolmasyn – diýip, düýşüni ýordy. Mälik ibn
Zugar hoşwagt bolup, bu umyt bile ýylda Kengana geler erdi. Hiç myrady hasyl
bolmady. Mäligiň garyp ömri ahyr boldy. Köňlünde: «Bu ýyl hem baraýyn, şaýet,
maksat hasyl bolgaý» diýip, Kengana ýöriş kyldy. Üç gün bolup erdi kim, Ýusuby
agalary guduga taşlap erdi. Mydam nala bile ýyglar erdi. Mälik ibn Zugar birniçe
gafylaýy-söwdagär bile gelip guduk başyna düşdüler. Bir guluny guduga suw
almaga iberdi. Gul gelip, guduga gowa saldy. Hudaýtagala perman kylyp, hezreti
Jebraýyla: «Bar Ýusubyma aýgyl, oşol gowaga ýapyşsyn. Özüniň bahasyn bilsin,
ne mukdar bahasy bar erken» diýdi, onuň üçin kim hezreti Ýusup aýnada öz ýüzün
görüp köňlünde ondag kylyp erdi kim: «Eger men gul bolsam, meni bazara
salsalar, meniň bahamy hiç kim ýetire bilmez» diýip erdi. Bu söz ýadyna düşüp
toba kyldy. Ýusup gowaga ýapyşdy. Gul dartsa, gowa agyr geldi. Gul zor kyldy,
ala bilmedi. Ýene bir gul geldi, ol hem ala bilmedi. Mälik ibn Zugaryň özi geldi.
Üç kişi bolup bazor dartyp aldylar. Gördüler kim bir näzenin mahjebin, aftap
talgat, hoş sypat çaherdehi-mahy-enwer, jahany nura dolduryp, bir oglan çykdy.
Mälik gördi, erse, özüniň düýşünde gören oglany turar. Ony kerwen halky görüp,
akly-huşun ýitirdiler. Olar: «Eý, Mälik, bu gula bizler hem şärik turarmyz, tenha
saňa bermesmiz» diýip, birniçe munazara kylyp, köp gowga boldy.
Ýusubyň agalary her gün gelip, habar alar erdiler. Nägäh owaz – gulgula
çykdy. Barça birden ýüwürdiler. Gelip gördüler, erse, Ýusuby gudukdan çykaryp,
üstünde uruş-gowga bolup turar. Bular baryp, Ýusuby tutdylar:
41
- Bu gul biziň gulumyz turar. Niçe günden bäri gaçyryp erdik. Bu gudukda
erken – diýip, Ýusuba haý urdular. Ýusup bulardan gorkup, zagpyran dek sargaryp
durdy. Ýehuda agasy Ýusubyň gulagyga:
- Eý, inim, zynhar «Gul men» diýgeý sen. Onuň bile ýalançy bolmas sen.
Barça Hudaýa gul bolarmyz. Ýok erse, bu agalaryň seni öldürer. Her niçik
ölmegeniň ýagşy turar – diýdi.
Kerwenler Ýusupdan sordy:
- Sen gulmy sen?
Ýusup aýtdy:
- Ary gul men, ol ýigitler meniň mürzäm turar.
Mälik aýtdy:
- Eý, ýigitler, bu guluňyzy satarmy siz?
Onda olar aýtdylar:
- Bu gul hem aýypdar, hem ýalançy, gaçgak, ogry erer. Oşol aýyplary bile
kabul kylsaňyz, satarmyz.
Mälik aýtdy:
- Herne bolsa, aýby bile alarmyz. Bahasyn aýdyňlar – diýgeç, agalary
ýigrimi teňňe baha goýdular.
Mälik:
- Kabul kyldym – diýip, on sekiz ötmez gara teňňe berip aldylar.
Mälik aýtdy:
- Eý, ýigitler, indi maňa diliňizden atba-at hat beriňler. Tä ki bir ýere alyp
barsam, satsam, hiç kim dawa kylmasynlar diýgeç, Ýusubyň agalary atba-at hat
kylyp berdiler. Hatda ondag ýazdylar, kim: «Bir gul araby, Kengany, özi ýalançy,
ogry, gaçgak, ady Ýusup, on sekiz gara teňňä satdyk. Hiç kimiň dawasy, dahyly
bolmasyn» diýip, haty Ýusubyň boýnyna bagladylar. Mälige tabşyrdylar. Bu ýerde
bir gije ýatdylar. Ir daň turdular. Ýusubyň agalary aýtdylar:
- Eý, Mälik, habardar bol, bu gul zyýada gaçgak turar. Gol-aýagyn zynhar,
zynjyr bilen baglagaý sen, habardar bolgaý sen – diýip, rowan boldular. Ýusup
olaryň gidenin görüp, Mälige aýtdy:
- Meni endek goýgul, mürzelerime bir-iki söz aýdyp geleýin – diýdi. Mälik
aýtdy:
- Bargyl.
Ýusup agalarynyň keýinden nala-pygan kylyp ýüwürdi. Her agasyga bir
telmuryp, zar-zar ýyglap, bu jogaby aýtyp, hoşlaşar erdi. Onuň nalasyna yns-jyns,
wuhuş, tuýur lerzana geler erdi. Gazaly-hezreti Ýusup bu turar:
Men giderem, hoş gal, Ýehuda agam,
Indi dynmaz gözde ýaşym, aman bol!
Ýetişdi Hudadan maňa beýle gam,
Ot alypdyr degre-daşym, aman bol!
Mundan gider bolsam, belki, gelmenem,
Başyma ne söwda düşer bilmenem,
Niçe ýyllar, niçe aýlar gelmenem,
42
Agalarym, deňim-duşum, aman bol!
Atam sorsa, Ýusup aman diýgeý siz,
Bu gün oňa ahyrzaman diýgeý siz,
Ibni Ýemin jana salam diýgeý siz,
Naçar apam, emekdeşim, aman bol!
Aýralyk odunyň derdi ýamandyr,
Atamyň başyna ahyrzamandyr,
Bu gitmekden indi gelmek gümandyr,
Ilim, halkym, garyndaşym, aman bol!
Men biler men, meniň arzym ýetişmez,
Şam oldy atama, hergiz daň atmaz,
Ibni Ýemin, naçar apam unutmaz,
Ýusup aýdar, deň-duşlarym aman bol!
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam bu jogaby aýdyp bolgaç, agalarynyň gözlerine
ýaş gelip, eden işlerine puşman bolup, ýene hem köňülleri perişan bolup, hemme
ýyglaşdylar. Mälik bir guluny iberdi. Erse Ýusuby alyp geldiler. Gol-aýagyn
baglap düýä mündirip, ýola rowan boldular.
Birniçe menzil ýol ýördüler. Nägäh ýoly bir gabrystandan düşdi. Ybraýym,
Ysmaýyl, Yshak pygamber alaýhyssalamyň rowzalary onda erdi. Ýusup
alaýhyssalamyň enesiniň mazary ýol üstünde erdi. Nägäh Ýusubyň gözi enesiniň
mazaryna düşdi. Düýeden özün taşlap, mazary-maderin gujaklap, biygtyýar bolup:
- Eý, käbäm enem, munysym, mähribanym, gamhorym, enem, sen öldüň,
men ýetimlik jebrinden uftada, natuwan boldum diýip, bu gazaly aýtur:
Bu gün arzy-dilim aýdaý, meniň otly pyganym bar,
Tükenmezdir gyş-u ýazy, gije-gündiz dessanym bar.
Jyda boldum apa-ýu hem ata, Ibni Ýemin jandan,
Neteý, neýleý, açylmaz gunça-gül bady-hazanym bar.
Ki ýokdur dagy-hijrandan meniň dek binowa bolan,
Pyrakyň odyna köýdüm, bir garyby-dessanym bar.
Golum bagly, ýürek dagly, ýene boýnumda zynjyrym,
Neteý, neýleý satylan, bendelikde bu nyşanym bar.
Ene jan, bir nazar salgyl, meniň şikeste halyma,
Seni ýat eýlärem men, tä ýyglaram tende janym bar.
Göter başyňy gabryňdan, meniň bu halymy görgül,
Gözümden dynmaýyn akan, bu gün eşki-rowanym bar.
43
Atadan aýrylyp, Ýusup, giriban çäk edip ýyglar,
Rakyplar jebrinden ýüz-müň köňülde ki armanym bar.
Bu sözleri diýip, Ýusup alaýhyssalam ýyglar erdi. Oşol wagt nala kylyp,
enesiniň gabryndan bu owaz çykdy:
Bu gülüstan husnuňa kaýdan ýetip hara, ogul,
Aryzyň bolmuş saryg, başňa düşüp söwda, ogul.
Öwrüleý ýüz-u gözüňden läleýi-hamra, ogul,
Sizi bu gamda goýanlar bolgusy gümra ogul,
Sekiz uçmah içre sen-sen, bir güli-ragna, ogul!
Eýleýin dady-pygan, bolsun Huda ýaryň seniň,
Dagy-çöllerim beýawan içre gamhoryň seniň,
Men garyp her dem kylar men, dagy-azaryň seniň,
Ah, beýle ki örtedi, jany-tenim naryň seniň,
Saýraban bossan içinde totyýy-guýa, ogul!
Kadyr Alla bagtyňy rahatga tebdil eýlesin,
Iki dünýä rehmetin Hak saňa tenzil eýlesin,
Köňlüňi nur sapasy bile kandyl eýlesin,
Dünýäde duşmanlaryňy hor-u teňdil eýlesin,
Çün mübärekdir saňa bu seýir ile sähra, ogul!
Janym içre saklaram hijriňi pynhan, oglanym,
Sen, sen iki dünýäde derdime derman, oglanym,
Gözleriňden ýaş döküp, sen kylma nalan, oglanym,
Kylmagaý sen men garyby zary-haýran, oglanym,
Al eneňden bu dogaýy kamaty-zyba ogul!
Ýyglama, janym balam, eneň ne kylsyn bu zaman,
Saklasyn Taňrym seni ki jümle beladan aman,
Aba-ýu ejdadyň saňa destgir bolgaý bigüman,
Örtenip jany-teniňi, kylma köp ahy-pygan,
Rahylany her dogada ýady kyl jana, ogul!
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam bu owazy eşidip, mazary gujaklap ýatyp erdi.
Mälik görse Ýusup düýäniň üstünde ýok bolup turar. Jan-howul, jan-perýat edip
kyçgyrdy:
- Kengandan alan araby gul gaçyp turar. Hojalarynyň aýdan sözleri rast
eken. «Gaçgak gul» diýip, aýdyp erdiler – diýip, her haýsysy bir tarapa gitdiler.
Nägäh bir guly istäp ýörer erdi. Görse, Ýusup bir gabyry gujaklap, zar-zar ýyglap
oturar. Mäligiň guly baryp, Ýusuby tutup, mübärek ýüzlerine bir şapbat urdy. Erse
gözleri dönüp, bihuş boldy. Baz huşuna gelip, asmana bakyp, gözlerinden ýaş
44
akyp, perýat urup munajat kyldy. Mynajaty-Ýusup bu turar:
Hudawend-a, ki men neýleý,
Belaga mübtela kyldyň.
Pelegiň elinden ýyglaý,
Eda bolmaz, jepa kyldyň.
Maňa rehm eýle, eý, Rahman,
Işimdir nalaýy-efgan,
Bu köňlüm ýer bile ýegsan,
Garyb-u binowa kyldyň.
Bu ýaşlykdan ýetim galdym,
Açylmaý gunça dek soldum,
Wepa istäp ke telmurdym,
Hemmäni binowa kyldyň.
Atam hijrinde ýyglar men,
Bilim gulluga baglar men,
Ýürek-bagrymy daglar men,
Garyby-majera kyldyň.
Jyda saldyň ol atamdan,
Salyp atama matamdan,
Köňül üzmeý men apamdan,
Eziz janym pena kyldyň.
Bolup men bendeýi-zary,
Jepalara giriftary,
Maňa ýok indi gamhory,
Bu ýerde ki aşna kyldyň.
Garyp biçäre Ýusupdyr,
Umydyn elden üzüpdir,
Pelek şureşi gurupdyr,
Jahandan mäsewa kyldyň.
Bu jogaby diýip, mynajat kyldy, erse aftap tutuldy. Asman gahry şiddete
münüp,, bulutlar şureňňiz kylyp, gar-ýagmyr ýaga başlady. Älem-jahan garaňky
boldy. Birew-birewi görmedi. Her kim öz başy bile boldy. Kerwen haýran
serasimide ne kylaryn bilmeý, bir-birinden sordular: «Bu ne hikmet turar, ne günä
kyldyňyzlar?». Onda Mäligiň guly aýtdy:
- Men Ýusuby istär erdim, bir mazar üstünde gördüm. Dergahar bolup,
ýüzüne bir şapbat urdum. Erse, Ýusup asmana bakyp, nala kyldy, erse, aftap
tutuldy, mundag waka peýda boldy. Meger meniň şumlugymdan bolgaý – diýdi.
45
Elkyssa, guly getirip Ýusubyň aýagyna ýykdylar. Mälik Ýusubyň gol-aýagyn
çöşüp, ýyglap bu gazaly aýtdy:
Hakyň dergähinde ýaman iş etdim,
Günähim bagş ediň, eziz soltanym.
Göýä pasly-baharymy gyş etdim,
Günähim bagş ediň, eziz soltanym.
Owwal düýşde görüp seni sorardym,
Her ülkede hekaýatyň kylardym,
Kyrk ýyl oldy sizi istäp gelerdim,
Günähim bagş ediň, eziz soltanym.
Bir guluň jebrinden gelip dada sen,
Perwerdigäriňi salyp ýada sen,
Men bilmedim niçik asylzada sen,
Günähim bagş ediň, eziz soltanym.
Özüm beýle sergendana salyp men,
Şermendelik söwdasyna galyp men,
Beşeri gul diýip, satyn alyp men,
Günähim bagş ediň, eziz soltanym.
Mälik aýdar, günälerim geçilsin,
Hudaýyň rehmeti her ýan saçylsyn,
Doga kylyň, ýeriň ýüzi açylsyn,
Günähim bagş ediň, eziz soltanym.
Elkyssa, Mälik Zugar bu jogaby aýtdy. Erse, Ýusup alaýhyssalam olaryň
günäsini ötüp, Hudaýtagalaga mynajat kyldy. Erse howa açylyp, gert-gubar gidip,
tamamy älem münewwer boldy. Jemi kerwen halky muny görüp, Ýusubyň
aýagyna ýykyldylar. Mälik Ýusupdan bu keramaty görüp, mulukana serpaý
geýdirip, bir ýagşy düýä mündürip, ýola rowan boldy.
Hudaýtagala bir ak buluda perman kyldy, Ýusubyň başynda saýa kylyp ýörir
erdi. Muny kerwen halky görüp, Ýusup alaýhyssalama hemme bendewar hyzmat
kylar erdiler. Hemişe sapar kylanda kerwen halky suwsap, ajyrgap, mallary
gyrylyp, köp azaplar bile geler erdi. Bu sapar hezreti Ýusubyň bereketinden
mallary semräp, özleri aýşy-eşret bilen hiç bir mähnet-jepa görmeý, Müsüre ýakyn
ýetdiler.
Indi söz eşidiň kim Züleýhadan.
Züleýha Ýusup alaýhyssalamy düýşünde görüp, aşyk bolanynyň baýany bu
turar:
Emma Züleýha Magryp zemin patyşasynyň gyzy erdi. Zyýada hoş surat erdi.
Ýüzüniň jelasyndan jahan münewwer bolar erdi. Jahan patyşalary dilärler erdi.
Atasy bermes erdi. Atasynyň ady Taýmus şa erdi.
46
Züleýha ýedi ýaşynda erdi, nägäh bir gije düýş gördi. Düýşünde bir aftap
talgat, hoş sypat, hüýr ýüzli, şirin sözli, perizatlardan müň esse zyýada, jahany nura
dolduryp bir ýigit geldi. Züleýhanyň gözi düşdi, erse filhal bihuş bolup ýykyldy.
Baz huşuna gelip sordy:
- Haýsy bagyň güli sen, haýsy çemeniň bilbili sen? Munda gelmekden
maksat ne turar – diýgeç, Ýusup aýtdy:
- Men Müsür patyşasy turar men, Mälik Ryýan hem diýerler, Müsür ezizi
hem diýerler. Munda gelmekden myrat, seni alar men. Eger biz derkar bolsak, tiz
Müsüre bargaý sen – diýip, gaýyp boldy. Züleýha ah dartyp, mesti-humar, uýkudan
bidar boldy. Gözüne hiç jandar görünmedi. Ýusubyň tiri-yşky Züleýhanyň
ýüreginde jaý boldy. Biaram, bitakat bolup, zar-zar ýyglap, bu gazaly okar erdi:
Ajaýyp näzenin gördüm, nesibäm bolsa, ýarym bar,
Ýüregimi tiri-yşky para kyldy, ah-zarym bar.
Tamamy hüýr-u jennet reşk eder gül arzyn görgeç,
Tomaşa kylgaly, seýran edere gülgüzarym bar.
Ýüzün görkezdi, başyma saldy ki türpe söwdany,
Kararym, sabrym aldy, gije-gündiz intizarym bar.
Geçip men jan-u dilden görmeginçe husny-ragnasyn,
Ýitirdim göz açyp-ýumgynça, bir sahypkyranym bar.
Muhabbet odundan köýdi, dil-u janym musulmanlar,
Meni aýyp etmäňiz, ýyglasam tä ygtyýarym bar.
Ezel sakylary sundy şeraby-yşkyň jamydan,
Içip serhoş olup ýar-u diýarymdan güzarym bar.
Degip yşk ataşy, ýandyrdy, aýp etmäň, Züleýhany,
Umydy-waslydan ondag, ýene pasly-baharym bar.
Elkyssa, Züleýha Ýusup Syddyk alaýhyssalamyň yşkyndan ondag boldy
kim, hiç kimse bile işi ýok erdi. Mejnun boldy. Her ne agzyna gelse aýdar erdi.
Ab-u tagam iýmes erdi. Hemişe ahy-pygan dartyp ýyglar erdi. Nägäh baryp
Taýmus şaha habar berdiler: «Şah-a serwer-ä, jahan perwer-ä, gyzyňyz Züleýha
mejnun bolup turar. Niçe günden bäri ab-u tagam iýmes, hemişe ah-pygan tartyp
ýyglar. Mübärek ýüzleri zagpyran dek sargaryp turar. Ölmäge ýakyn ýetip turar»
diýgeç, Taýmus şa ýerinden syçrap turdy. Huşy başyndan gitdi, onuň üçin kim,
ondan artyk perzendi ýok erdi. Uftan-u hyzan gelip Züleýhany gördi. Erse Züleýha
misli öli dek ýatar. Gäh ahy-serdi dartar. Atasy: «Züleýha!» diýip, seda kyldy.
Jogap bermedi. Taýmus şa tamam müneçjimlerini çagyryp:
- Gurra taşlaň. Züleýha ne wakyga bolup turar – diýgeç, remmallar remil
atdylar. Remilde ondag diýerler, kim Züleýhanyň hiç çahar anasyrdan derdi-elemi
47
ýok turar. Meger yşk söwdasyndan bolgaý diýip, hemme müneçjimler ittifak bile
aýtdylar. Patyşa aýtdy:
- Ondag bolsa, bu sözi agzyňyzdan çykarmaň. Ýok erse agzyňyza gurşun
guýar men – diýip, müneçjimlerini iberdiler. Özi tagt üstüne çykyp, haýran
serasymada boldy.
Elkyssa, bu sypat bile birniçe ýyl aradan ötdi. Züleýha dowam perýat edip,
nala bile ýyglar erdi. Ýaka weýran, çeşmi-girýan bolup, özün her ýere urar erdi.
Bir gije Züleýha ýene düýş gördi. Düýşünde Ýusup alaýhyssalam häzir boldy:
- Eý, Züleýha, ne üçin Müsüre barmas sen? Tizräk ýetişgil! Meniň jemalymy
görgeý sen – diýgeç, Züleýha bihuş bolup ýykyldy. Ýene huşuna gelip, nazar
kyldy. Erse ýüzüniň şuglasyndan gözi hyra boldy. Takaty galmady. Biygtyýar ah
jigergähinden dartyp, ukudan bidar boldy we ýene yşky owalkydan müň esse zyýat
bolup, bu jogaby aýdar erdi. Gazaly-Züleýha bu turar:
Akyl-huşum aldy bir peri-peýker,
Gaçyrdym gül üzmeý täze bagyndan.
Serwi kat, gül ýüzli lebleri şeker,
Öpmedim müşk ysly al ýaňagyndan.
Zülpi, çyn käkili aklymy aldy,
Şems-u kamar gül ýüzüne gul oldy,
Gaýgyly köňlüme nuruny saldy,
Ýandy janym dostlar, ýar pyragyndan.
Pida kylsam onuň ýolunda janym,
Gitdi meniň elimdäki myhmanym,
Ajal birniçe gün goýsa amanym,
Çemenler baglasam gül ýapragyndan.
Içmişem bir käse onuň golundan,
«Ýaryň men» diýp, hüjjet berdi dilinden,
Dat eýläýin çarhy-pelek elinden,
Indi men geçmişem köňül çagymdan.
Bady-saba ýetir meniň dadymy,
Ýusup jan eşitsin bu perýadymy,
Şahynşadyr bilsin asyl zadymy,
Göze sürme kylsam yz topragyndan.
Eşit arzyn Züleýhanyň, ezizim,
Dilde sözlär sözüm, hem görer gözüm,
Zagpyr oldy aýralykdan gül ýüzüm,
Öler boldum görmeý, ýol ýyragyndan.
Elkyssa, Züleýhanyň derdi gün-günden zyýada bolup, ölüm halyna ýetişdi.
48
Taýmus şaga habar berip: «Gyzyňyz gün-günden zyýada bolup, ölüm halyna ýetip,
zebun bolup, çehresi sargaryp, ölmeklige ýakyn ýetip turar. Tä oňa tebip getirip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýusup–Züleýha - 4
  • Parts
  • Ýusup–Züleýha - 1
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2084
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 2
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1713
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 3
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1781
    24.3 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 4
    Total number of words is 3975
    Total number of unique words is 1754
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 5
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 1733
    23.2 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 6
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1704
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    38.8 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 7
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1710
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 8
    Total number of words is 4015
    Total number of unique words is 1563
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 9
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2114
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 10
    Total number of words is 2617
    Total number of unique words is 1911
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    42.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.