Latin

Ýusup–Züleýha - 4

Total number of words is 3975
Total number of unique words is 1754
23.9 of words are in the 2000 most common words
37.1 of words are in the 5000 most common words
44.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
alaç kylmasaňyz gyzyňyz öler bolgaý» diýdiler. Patyşa bu jogaby eşidip, gyzynyň
saraýyna geldi. Gördi, erse, misli öli dek ýatar. Patyşa:
Eý, Züleýha, nury-didäm, waý, perzendi-güzidäm, ançe haly-dermanyň
bolsa, maňa aýgyl. Ha bimarlyk derdi bolsun, ha yşk derdi bolsun, inşa Allatagala
her niçik dert bolsa, dowasyn görgeý men. Menden uýalmagyl. Men hem yşk
belasyn köp dartgan men – diýip, bu jogaby aýtdy:
Gözümiň röwşeni jana,
Nedir halyň aýan eýle.
Başyňa düşdi ne söwda,
Balam, bir-bir beýan eýle.
Gerek yşky-muhabbetdir,
Eger dert ile mähnetdir,
Saňa menden şepagatdyr,
Kylar men bigüman eýle.
Menem yşkyň belasyny,
Çekip men müň alasyny,
Saňa eýleý dowasyny,
Jemalyň gülüstan eýle.
Ezel kätipleri sunan,
Şeraby-yşkydan ganan,
Pyrkatyňdan köýüp ýanan,
Ki şerhiňi dessan eýle.
Kylar men maksadyň hasyl,
Ki munça bolmagyl bidil,
Başyňa düşdi ne müşgil,
Guzym bir-bir beýan eýle.
Myradyň ger peri bolsa,
We ýa jennet hüýri bolsa,
Ýа adam peýkeri bolsa,
Tekellüm, bir zaman eýle.
Çekip yşk ataşyn Taýmus,
Niçe ýyllar bolup mäýus,
Berip çün maksadyň Kuddus,
Syryň içde nehan eýle.
Elkyssa, Taýmus şa bu sözi diýgeç, Züleýhanyň gulagyna hoş gelip,
49
ýerinden biygtyýar syçrap turup, ýüzünden nikabyn göterip, atasyna nalaýy-pygan
bile ýüregindäki derdini beýan kyldy:
Eşit ata, arzy-halym diýeýin,
Gün-günden bu derdim zebun olupdyr.
Zahyr etmeý, täki ýanyp köýeýin,
Dembe-dem yşk ody fuzun olupdyr.
Meniň bu derdimi kimse bilinçä,
Tygy-hijran ýüregimi dilinçä,
Gözden akan ganlar zahyr kylynça,
Geýen lybaslarym gülgün olupdyr.
Müsür şahy diýerler, ol Mälik Ryýan,
Ady Ýusup, kyldy älemi haýran,
Diýdiler: «Tiz ýetiş Müsürde döwran»,
Ýetmegime kim rahnemun olupdyr.
Tapylmasa bu derdimiň dermany
Men nädeýin bu külbeýi-ahzany,
Tä ölinçä oldur bize myhmany,
Onuň üçin aklym junun olupdyr.
Züleýhanyň arzyn eşidiň, eý şah,
Derdi-pyrakyndan öler binägäh,
Ýakyn bil, Hak özi yşkyma güwäh,
Başa beýle söwda fuzun olupdyr.
Elkyssa, Taýmus şa gyzyndan bu jogaby eşidip, görnüşhana baryp, münşiga
nama ýazdyryp, Müsüre iberer boldy. Namada ondag diýerler kim: «Eý, Mälik
Ryýan, Müsür şahy, mende bir dür bar. Her ýerden patyşalar kişi iberip, dileý
turarlar. Olary kabul kylmas men, onuň üçin, kim, göwherime laýyk sen turar sen.
Eger kabul kylsaň, bir-iki ilçi ibergil. Men hem mundan hyzmata baraýyn» diýip,
iki ilçi iberdi. Müsüre rowana boldular. Birniçe eýýam katgy-menäzil edip, Müsür
welaýatyna ýetişdiler. Şäherden içeri girip, Mälik Ryýana namany sundular. Mälik
Ryýan namany okap gördi, erse, muhabbet ysy geler. Gaýybana, görmeý
Züleýhaga aşyk boldy. Ýerinden çüsti-çapyk turup, tagzym-towazyg bilen Magryp
zemine garap, gulluk kyldy. Filhal hazyna işigin açyp, dürri-jöwahyrdan düýelere
ýükläp, birniçe esbi-tazy, çendan gulam, kenizler bilen toý ýaragyn kylyp, bir
nama ýazyp, mähremlerinden birniçe ýagşy söz aýdyp iberdi: «Bizi kabul kylsalar,
biz hem olary jany-ten bile kabul kyldyk» diýip, köp mallar bile Magryp zemine
iberdi. Birniçe günlerden soň ilçileri katgy-menäzil kylyp, Magryp zemine baryp
düşdüler. Taýmus şa eşidip, aldyga suwar çykdylar. Köşge eltip, düşürip serefraz
kyldylar. Bir sagatdan soň Mälik Ryýanyň namasyn çykaryp berdiler. Taýmus şa
namany okap, köňli hoşwagt bolup, şähere aýyn baglap, toý-tomaşa kylyp,
50
Züleýhany mugaffa salyp, birniçe mähremler, gyzlar, kenizler bilen sagynda we
solunda saz-söhbet tutup, atalyk-ynak, Taýmus şadan özge aksakallar hemme
Müsüre rowan kyldylar. Birniçe ýollary taý kylyp, Müsüre ýetişdiler. Mälik hem
tamam han-soltanlar bilen Müsüre şadyýana kakdyryp, aýynbestelik kyldylar.
Züleýhany patyşa saraýyga eltdiler. Patyşa Züleýhany görgeli içeri girdi.
Züleýhanyň özi gyzlar bile oturyp erdi. Nägäh Mälik Ryýana gözi düşdi.
Daýasyndan sordy:
- Bu kim turar, biejazat saraýa geler?
Daýasy aýtdy:
- Eý, Züleýha, arzuw kylyp gelen kişiň şol turar – diýgeç, Züleýha bir ahyserdi dartyp, bihuş bolup ýykyldy. Baz huşuna gelip:
- Eý, daýa! Men düýşümde gören kişi bu ermes. Meniň bagtym gara boldy –
diýip, onça ýyglady, kim gözleri hyra boldy. Daýasy aýtdy:
- Eý, Züleýha, eknun hamuş bolgyl, munda bir hikmet bar bolgaý – diýip
nesihat kyldy. Züleýha hamuş boldy. Gyzlar her haýsysy bir tarapa gitdiler.
Züleýha tenha galdy. Köňline ulug gam peýda boldy. Nala we zary kylyp ne alaç
ederin bilmedi. Özün öldürse, onuň alajyn tapmady. Biçäre bolup asmana bakyp,
mynajat kyldy. Mynajaty-Züleýha bu turar:
Ýaradan jümle älemi,
Pena istäp, ýüzüm tutdum.
Kabul et, ahy-nalamy,
Ýusup diýip gözüm tutdum.
Myradym-maksadym şaha,
Idi bir bilbili-şeýda,
Bu dag içre meni ryswa,
Ki kylma diýp sözüm tutdum.
Pelek şat etmedi bir dem,
Çeker men her zaman ýüz gam,
Gözümden akyzyp şebnem,
Gije-ýu gündizim tutdum.
Ýüregim ýüz para boldy,
Ki hijrinden ýara boldy,
Neteý bagtym gara boldy,
Bu talyg ýyldyzym tutdum.
Açylmaý gunçaýy-gabgap,
Sowuk el degmesin Ýa Rep,
Züleýha, Ýusubyn istäp,
Belalara özüm tutdum.
Elkyssa, Züleýha bu jogaby aýtyp bolgaç, Mälik Ryýan işikden içeri girdi.
51
Hudaýtagala Züleýhanyň nalasyn kabul kyldy, öz gudraty bile bir perini misli
Züleýhanyň suratynda kylyp, Mälik Ryýanyň gözine häzir kyldy. Mälik Ryýan
oşol perizat bilen ülpet boldy. Züleýhaga gözi düşmedi. Züleýha aman galdy. Delil
kylarlar kim, pygamberleriň zagypalary özge kişiden aman turar.
Birniçe ýyllar aradan ötdi. Bir gün Züleýha, Ýusup alaýhyssalamy ýat edip,
ebri-nowbahar aglap, bu gazaly aýdar erdiler:
Pyrakyň hijride köýmek,
Ozaldan kysmatym boldy.
Wysalyň şemine ýanmak,
Ozaldan kysmatym boldy.
Huda kyldy meni aşyk,
Rakyplar görmedi laýyk,
Uly-kiçi bar halaýyk,
Ozaldan kysmatym boldy.
Nije ýyllar jepa çekdim,
Nahaly-berkemal ekdim,
Daryg-a, men kaýan gitdim,
Ozaldan kysmatym boldy.
Pyganym hetden aşypdyr,
Tenim oda tutaşypdyr,
Maňa onda ulaşypdyr,
Ozaldan kysmatym boldy.
Züleýha munça kim köýmek,
Ýene köýmeýin ki durmak,
Weli biseri hem ýörmek,
Ozaldan kysmatym boldy.
Elkyssa, Züleýha bu sözi tabşyryp bolandan soň, mydam mähnetde ýörer
erdi. Ahyr elkyssa, ýedi ýyl boldy, Müsür şäherinde, ýene bir gün Züleýha nala
kylyp, Ýusup alaýhyssalamy ýat edip: «Jepa çekip, wepa görmeý öler boldum»
diýip, zar-zar çün ebru-nowbahar aglap, bu gazaly aýtdylar:
Pyragyňdan ryswa boldum illere,
Gel, ýetişgil, ili goýma azara,
Haýsy rişte bam olupdyr zillere,
Gel, ýetişgil, zili goýma azara.
Haýsy peleň gürläp, belent dagyňda,
Zaglar mesgen tutup, gonar agyňda,
Gaýry bilbil gül goýmady bagyňda,
52
Tiz ýetişgil, güli goýma azara.
Gel, küşat et meniň kylu-kallarym,
Men garybam kimse duýmaz hallarym,
Batyl bolup meniň güzer, ýollarym,
Gel, ýetişgil, ýoly goýma azara.
Gaýrylary zikr eýleme dillerde,
Eger ygtyýaryň bolsa gollarda,
Gaýry saýýat jeren yzlap çöllerde,
Tiz ýetişgil, çöli goýma azara.
Seniň yşkyň ryswa etdi illere,
Rozugärim meniň döndi ýyllara,
Gaýry bilbil perwaz urup güllere,
Gel, ýetişgil, güli goýma azara.
Sen diýip terk etdim ata-eneler,
Başymyzdan ençe geçip ýeneler,
Garkyldaşyp kölde gaýry sonalar,
Tiz ýetişgil, köli goýma azara.
Pyganymdan yza ýetip illere,
Gamyň ýüki zorluk edip billere,
Gözde ýaşym meniň dönüp sillere,
Gel, ýetişgil, sili goýma azara.
Her dem peýgam edip ösen ýellerden,
Ondan gaýry bir zat gelmez ellerden,
Bigäneler noş eýleýip ballardan,
Tiz ýetişgil, baly goýma azara.
Nehan etsem meniň içim köýedir,
Pygan etsem jahan-älem duýadyr,
Iller meni namys-ara goýadyr,
Tiz ýetişgil, haly goýma azara.
Seniň zikiriňi eýleýip dessan,
Sen haýsy ýerlerde ýörülip messan,
Mah-u salym meniň bolup zemistan,
Bu gün mah-u saly goýma azara.
Züleýha diýr, sen-sen köňül guwanjym,
Senden gaýry ýokdur meniň daýanjym,
Gaýrylara nesip eýleme genjim,
53
Tiz ýetiş, bu haly goýma azara.
Elkyssa Züleýha bu sözi tabşyryp boldy.
Indi Ýusup bilen Mälik ibn Zugardan söz eşidiň. Ýusup alaýhyssalamy
Müsüre ýakyn getirdiler, erse ondag owaz düşti kim, Ýusubyň şöhraty jahany
tutdy. Aýdylar: «Mälik bir gul getireturgan ermiş, zyýada hüýri-periden hoşroý
ermiş. Her kim ýüzüni görse, misli aýna dek öz ýüzün görer ermiş». Tamam
halaýyk, patyşa, emir, agzap we azba, zenan-u merdan, pir-u juwan gaýybana
didaryna muştak bolup, aldyga pişwaz çykdylar. Mälik aýtdy:
- Eý, Ýusup, ýaba baryp suwa düşgül, halaýyklar seni görgeli pişwaz geler
ermiş – diýdi. Ýusup alaýhyssalam ýaba baryp, suwa düşer boldy. Tamamy
halaýyk nazzare kylarlar, kim, mübärek bedenlerin görgeýler. Ýusup Syddyk
olardan habardar erdi. Hudaýtagala mynajat kylyp: «Eý, Perwerdigäri-älem, meniň
bedenimi bu jemagatlaryň gözünden pynhan kylgaý sen» diýdi. Hudaý tebärek we
tagala munuň dogasyn kabul kyldy. Oşol sagatda derýadan bir aždarha peýda
boldy. Misli minara dek agzyn açyp, halaýyga hemle kyldy. Halaýygyň gözi oşol
aždarha düşdi. Ýusup gözlerinden pynhan boldy. Filhal suwa düşüp çykdylar. Hiç
kim görmeý galdy.
Mälik Ýusuba patyşahana serpaý geýdirip, ýüzüne nikap dartyp, şähere alyp
rowana boldy. Halaýyk top-top bolup, öňden-soldan, ileri, keýinden pyýada,
suwara, kimsi ýykylyp, kimsi orta dykylyp, bu röwüşde şähere girdiler. Mälik
Ýusuby halaýyga görkezmedi:
- Eý, halaýyk, elhal ýoluň sütemiden renjur bolup turar. Inşa Allatagala, saba
görer siz – diýip, Ýusup Syddyga hup perweriş kyldy. Ýusup ondag boldy kim, her
kim ýüzün görse, biygtyýar bolar erdi. Tiri-yşkyndan bikarar bolup, özün öldürer
erdi.
Emma Müsür patyşasy Mälik ibn Zugara kişi goýdy kim, «Kengandan alan
guluny meýdana alyp çyksyn. Tä halaýyk tomaşa kylsyn. Eger satsa, bahasyn
aýtsyn, her kim güýji ýetse alsyn, güýji ýetmegen göre galsyn» diýgeç, Mälik ibn
Zugar Ýusubyň zülpi-käkillerine şana kylyp, tamam müşk-anbar başlaryna saçyp,
mulukana serpaý geýdirip, biline lagl we jöwahyrdan kemer baglap, başyna tylla
jyga sanjyp, ýüzünden nikabyn göterip, esbi-semendere mündürip, özi Ýusubyň
jylawynda ýüwürip, meýdana ýöriş kyldy. Tamam gören halaýyk akyl-huşun tükel
aldyrdy. Ýusubyň tiri-yşkyndan hemme nalaýy-pygan kylar erdi. Howadaky guşlar
mesti-bihuş bolup ýykylar erdiler. Yns-u jyns we wuhuş-u tuýur nalan-pygan
kyldylar we ýene ýedi gat asmanyň işigi açylyp, tamam perişdeler nazzara kylyp,
hemme Ýusup alaýhyssalama medh-u sena okar erdiler.
Hudaýtagala hezreti Jebraýyla perman kylyp: «Ýa Jebraýyl, bargyl, Ýusup
Syddygyma aýgyl, köňli hoş bolsun, tä hakykat bahasyn bilsin. Bu gün onuň
bazary turar, täki sabyr kylsyn» diýgeç, hezreti Jebraýyl gelip Ýusuba habar berdi.
Ýusup Hudaýa şükri-sena kyldy.
Mälik Zugar meýdan ortasynda bir altyn kürsi goýdy. Ýusup onuň üstünde
oturdy. Mälik aýtdy:
- Eý, Ýusup, sende bu husny-melahat bar turar. Seniň aslyň ne turar? Aýgyl,
eger aslyň bende bolmasa, seni öz başyňa goýaýyn. Ýusup:
54
- Men gul men, meni satgyl. Satandan soňra, aslymy beýan eder men –
diýdi.
Mälik Zugar munady kylyp:
- Ýa, eýýühel-halaýyk, geliňler we alyňlar, bir gulamy-araby, özi Kengany,
akyly danaýy, hüýr ýüzli, kamaty berna – diýip kyçgyrdy. Onda Ýusup perýat
kyldy kim:
- Ýa, eýýühel-halaýyk, geliňler bir araby-Kengany, binowaýy, bikesi – diýip
ýyglar erdi. Kürsi-zerrin üstünde her tarapa negah kyldy. Halaýyk pitne bulup özün
ýitirdi.
Indi sözi Züleýhadan eşidiň. Nägäh Züleýha eşitdi kim, «Mälik bir gul
getiren ermiş, hüýr-periden zyýada ermiş» diýip, tamam gyz-juwan tomaşa çykar
boldular. Züleýha Mälik Ryýandan rugsat diläp:
- Bizlere rugsat berseňiz, Mälik Zugaryň guluny bizler hem tomaşa kylsak –
diýdi. Onda Mälik:
- Eý, Züleýha, elbetde, ony görmek gerek. Onuň husny-jemalyny görmegen
bu dünýäge gelenini we gidenini bilmez – diýip, ondag taryp kyldy kim,
Züleýhanyň damarlary gurap, Ýusuby gören dek köňli joş kyldy. SeraperdeýiZüleýhany oşol meýdanda gurdular. Züleýha seraperde bilen çykdy. Erse, oşol
düýşünde göreni turar. Matlaby-du jahany, belaýy-jany, şahy-zamany turar. Eknun
«Maksadym hasyl boldy» diýip, bu jogaby aýdar erdi. Jogaby-Züleýha bu turar:
Maksatly köňül içre,
Bir apaty-jan geldi,
Müžgänleri hanjar dek,
Hem gaşy keman geldi.
Birniçe zaman ýyglap,
Çeşmim doly gan ýyglap,
Äşgär-u nyhan ýyglap,
Ýarym bu zaman geldi.
Janymda parahat ýok,
Onsuz maňa rahat ýok,
Hiç özge hekaýat ýok,
Çün ruhy-rowan geldi.
Hem derdimedir derman,
Janymdyr oňa gurban,
Öldürse budur perman,
Hem şahy-jahan geldi.
Yşkynda onuň zaram,
Ýolunda giriftaram,
Ölinçä hyrydaram,
Ol serwi-rowan geldi.
55
Ol serwi kaddyň jany,
Ýandyrdy Züleýhany,
Şährimiziň myhmany,
Döwletli zaman geldi.
Züleýha bu jogaby aýdyp, muhabbet gözleri bile bakyp, bikarar bolup
ýyglar erdi. Müsür ezizi, tamam patyşalar, han-soltan, baý, gedaý, gyz-zenan,
merdan, gyz-juwan, bendeýi-azat – hemme Ýusup alaýhyssalamyň jemalyna täsin
galar erdiler. Aklyn ýitirip haýran bolup, hiç wejh bile ýüzlerine baka bilmez
erdiler. Ahyr Mälik baryp, ýüzüne nikap dartdy. Ondan soň halaýyklar özlerine
geldiler.
Elkyssa, Ýusuba her kim bir baha goýdular. Her kim öýünde ne baryn alyp
gelip hyrydar boldy. Hatda ki bir kempiriň bir kelep ýüpi bar erdi. Ol hem gelip
hyrydar boldy «Bu mataga bergil» diýip. Onda Mälik Zugar:
- Eý, halaýyklar, bu guluň bahasy bul turar, kim, tereziniň bir beýlesine
Ýusuby salar men we bir beýlesine dürri-ýakut, lagl we jöwahyr şamçyraglardan
salar men. Her kim barabarynda ölçäp berse, satar men. Her kimiň zowky bolsa
alsyn. Ýok erse, açyk tursun – diýip, munady kyldy. Baý, ýoksuz, ýagşy, ýaman –
hemme özlerine maslahat kylyp, «Munuň bahasyn kiç kim ýetire bilmes. Her niçik
bir görenim ganymat turar» diýer erdiler. Emma ol gün, gün giç boldy. Hemme
jaýlaryna gaýtdylar. Ol gije olaryň uky gözlerine haram boldy. Ir daň bile meýdana
ýöriş kyldylar. Züleýha Mälik Ryýana aýtdy:
- Niçik bolgaý, oşol Kengany guly satyn alyp, öýe mährem kylsaň, meniň
hyzmatymda bolsun. Mälik Ryýan aýtdy:
- Bu söz meniň hem köňlümde bar erdi, tä saňa mährem kylsam diýer erdim.
Indi ajap makul boldy. Satyn almak gerek – diýdi. Erse, Mälik Ýusuby meýdana
alyp çykdy. Kürsi üstünde oturtdy. Terezi gurdy. Patyşa buýurdy:
- Hazyna işiklerin açyň – diýgeç, hazynadar hazynanyň işiklerin açyp, dürriýakutdan, lagl-jöwahyrdan, göwher-zümerretden alyp çykdylar. Tereziniň
beýlesine saldylar. Ýusup alaýhyssalam agyr geldi. Patyşa buýurdy:
- Ýene hem hazynadan mal alyp geliň – diýgeç, hazynadan herne baryn alyp
geldiler. Ony hem terezä salyp, dartdylar. Ýusup alaýhyssalam ýene agyr geldi.
Elkyssa, ýedi hazyna barabar gelmedi. Halaýyk hemme nazzarada erdiler. Patyşa
köp hyjalat dartar erdi. Şermisar boldy. Ýusup bildi kim, patyşa hyjalat dartdy,
terezi dartan kimersäge aýtdy:
- Bargyl, pynhan ýere kagyz bile döwet galam getirgil – diýgeç, ol kimerse
kagyz, bir döwet galam getirdi. Ýusuba berdi. Ýusup alaýhyssalam alyp, bu
kelemeýi-şeripi: «Lä-ilähe-illallah» diýip ýazdy we ol kişiniň goluna berip: «Bu
kelemeýi-şeripi mal tarapyna salgyl, zynhar, kişi bilmesin» diýdi. Ol kimerse eltip
mal tarapyna saldy. Bu kelemäniň bereketinden Ýusup bile barabar geldi. Patyşa
söwda kylyp aldy. Mälik ibn Zugar bisýar mala eýe boldy. Ýusuby berdar-berdar
göterip, atyna mündürip, alyp gider boldular. Mälik Zugar Ýusubyň ýanyna baryp,
sowal kyldy:
- Eý, päk zat, bir wada kylyp erdiň, «Satandan soň, aslymy beýan kylar
56
men» diýip erdiň. Indi gerek kim, wadada wepa kylyp, aslyňy beýan kylgaý sen –
diýgeç, Ýusup alaýhyssalam oşol wagtda asyl zatyny beýan kyldy. Hezreti Ýusup
alaýhyssalam gazaly bu turar:
Asyl zatym meniň Ybraýym Halyl,
Mälik saňa bir-bir beýan eýläýin.
Her dem ýeter oňa Hakdan Jebraýyl,
Atam Ýakup nebi aýan eýläýin.
Atam pendi-nesihatyn tutmadym,
Gören düýşün onuň bawer etmedim,
Bu sebäpden myradyma ýetmedim,
Indi görsem, sözün derman eýläýin.
Ady Ýakup, Ýusup üçin zar olan,
«Balam» diýp gijeler giriftar olan,
Bilmen niçik bela bilen ýar olan,
Onuň çün gözýaşym rowan eýläýin.
Pelek aýra saldy meni atadan,
Ibni Ýemin bile naçar apadan,
Kimse bilmez ne hal geçdi aradan,
Hijr elinden günde pygan eýläýin.
Mälik meniň nesihatym tutar sen,
Bu syrlary içde pynhan eter sen,
Ýusup aýdar myradyňa ýeter sen,
Seni magfur iki jahan eýläýin.
Ýusup alaýhyssalam bu sözi aýdyp bolgaç, Mälik Zugar bir ah çekdi:
- Eý, päk zat, bu sözleri owwal aýtsaň erdi. Men seni satmas erdim. Hala
hem gelgil söwdany bazgeşt kylaýyn – diýdi, onda Ýusup aýtdy:
- Indi bolmaz, takdyra çäre ýokdur – diýdi. Mälik:
- Ondag bolsa, meniň hakymda doga kylgyl, dünýä, ahyrýetim magfur
bolsun – diýdi. Ýusup alaýhyssalam doga kyldy:
- Eý, bar Hudaý-a! Mäligi iki dünýäde eziz, ahyretde magfur kylgaý Sen –
diýdi. Erse Mälik iki dünýäde eziz, ahyretde hem magfur boldy. Allatagala ýedi
puştun rehmete gark etdi.
Elgaraz, Ýusup alaýhyssalamy patyşa haremine alyp bardylar. Müsür halky
patyşa tagn ede başladylar. «Tamam hazynasyn bir gula berip, özi hanlyk kylar
erken. Taky patyşa iki nisbet gerek turar: biri dünýäýi-bigaraz bolsa, biri zyýada
zor bolsa. Munda ikisi hem ýok turar» diýer erdiler. Bu söz patyşanyň gulagyna
ýetdi. Hazynadara:
- Bargyl, hazynany görgül, hiç nimerse barmy, ýokmy? – diýgeç, hazynadan
habar alsalar, lagl we jöwahyr, tylla-kümüşden hiç bir nimerse kem bolany ýok
turar. Belki, Ýusup alaýhyssalamyň bereketinden hazynalar dolup, çäj bolup turar.
57
Hazynadar muny görüp, patyşa habar berip:
- Şah-a, serwer-ä, jahan perwer-ä, döwletiňiz zyýada bolsun, hazynadan hiç
kem bolany ýok turar, belki zyýada bolup turar – diýgeç, Müsür ezizi şadyman
bolup, Ýusup alaýhyssalama ýedi gije-gündiz toý-tomaşa kyldy.Ýusuby Züleýha
mährem kyldy. Subh-u şam, belki aladdowam ýanynda bolar erdi.
Züleýha bikarar bolup, arzyn oňa aýda bilmez erdi. «Eger aýtsam, köňli
menden galsa, ýaman bolar» diýer erdi. Aýtmasa ýüregi ýarylara ýetip, karary
galmady, zar-zar ýyglap, efgan eder erdi. Ýusuby bir sagat gaşyndan aýyrmaz erdi.
Zülpi-käkillerine şana urar erdi, lybasyny, päkize köýnegini geýdirip, ýüzüne
tomaşa kylar erdi. Emma bir gün Züleýhanyň yşky zor kylyp, ýüregi ýarylara
ýetdi. «Herne bolsa bolsun, owwaldan tä ahyryn beýan kylaýyn» diýip, Ýusubyň
eteginden tutup, bu jogaby aýdar erdi. Jogaby-Züleýha bu turar:
Ýusup jan ýedi ýyl boldy, meniň halym harap etdiň,
Ýürege yşk ody doldy, gara bagrym kebap etdiň.
Sen diýp, Müsüre gelmişem, ýurdum Magryp zemin erdi,
Bu gün ger sormasaň halym, ýürek bagrym şerap etdiň.
Seniň yşkyň jahan örtär, dembe-dem her zaman örtär,
Öler men bigüman örtär, ezizim, yztyrap etdiň.
Myradym gül ýüzüň görsem, seniň bile döwran sürsem,
Bu gün bimaryňy sorsaň, hiç tükenmez sogap etdiň.
Züleýha diýr, hyýalyma, Ýusup gansyn zülalyma,
Rehm etmeseň bu halyma, maňa sansyz azap etdiň.
Züleýha bu jogaby aýtdy, erse Ýusup bildi kim Züleýhanyň derdi özge turar.
«Meni mysapyr diýip, perweriş kylar diýer erdim. Indi bildim, bu maňa aşyk turar.
Indi derdi-bidermana galdym. «Mundag işden bizar men» diýsem meni bir belaga
giriftar kylar. Her niçik, bir jogap aýdaýyn, şaýet onuň bile köňli teskin tapgaý»
diýip, Ýusup alaýhyssalam bu jogaby aýdar erdi:
Mysapyram şähriňize gelmişem,
Men bilmenem ýagşy-ýaman kimiňdir.
Kenganda gül, munda gelip solmuşam,
Indi bilmen sud-u zyýan kimiňdir.
Meni goýuň birniçe gün bolaýyn,
Kim ýagşydyr, kimse ýaman bileýin,
Atam, enem üçin ýanyp köýeýin,
Seniňmidir ahyr bu jan kimiňdir.
Mende aýralygyň ody zyýada,
58
Ilden-ile satylmyşam arada,
Gul iş kylsa, öz hetdinden zyýada,
Çaý içinde ýylan-çiýan kimiňdir.
Kimse yşky-muhabbetden meý içer,
Sabyr hoşwagtçylyk işigin açar,
Nesip etse, ahyr mahbubyn guçar,
Kimse bilmez taňla zaman kimiňdir.
Ýusup aýdar aman-aman Züleýha,
Tanamasyn ýagşy-ýaman Züleýha,
Sabr eýlegil, gaşy keman Züleýha,
Takdyr olsa ahyr döwran kimiňdir.
Emma Ýusup alaýhyssalam bu jogaby aýtdy, erse, Züleýha umyt etdi kim,
«Bu gün bolmasa, bu aýş taňla bolar. Ahyr meniň hyzmatymdadyr» diýip, özüne
teselli berip, ýene bitakat bolar erdi. Her zaman Ýusuba derdi-halyn aýtsa, Ýusup
kabul kylmaz erdi.
Ahyry Züleýha bir pikir kyldy. Müsüriň tamam ussalaryn çagyryp:
- Maňa bir jaý salyň, burçlaryny tamam tylladan kylyň we diwarlaryny laglýakutdan, müşkden kylyň. Meniň bile Ýusubyň suratyn arkasynda, kyblasynda
gündogarynda, ýokary we astynda ondag surat kylyň kim, birew birewe el salyşyp,
posa alyşyp, şerap içişip, öpüşip, gujaklaşyp dursun. Ýene nakgaşa aýdyňlar kim,
hiç göz gören, gulak eşiden bolmasyn. Ony görüp, şaýet, Ýusup maňa meýil
kylgaý – diýip, ussalara buýurdy. Ussalar birnäçe müddetden soň, Züleýha
aýdandan hem zyýada jaý bina kyldylar.
Emma Ýusup subhy-şam, belki, aladdowam atasy Ýakubyň pyrakyndan
ýyglar erdi. «Hudaý-a, meniň bu habarymy Kengana elter kişi bolgaý» diýip,
şasypada oturyp, gamgyn bolup, nala kylar erdi. Leýken Kengandan bir söwdagär
gelip, söwdasyn bitirip erdi. Müsürden Kengana ýörüş kyldy. Düýe şäher
derwezeden ötmedi. Her näçe urdy, hergiz derwezeden çykmady. Ahyr kenganly
düýäni öz başyna goýdy. «Her kanda barsa barsyn» diýip, garap durdy. Düýe çüstiçapyk bir köçä ýüwürdi. Ol söwdagär hiç pählu bermedi. Düýe aýlana Müsür
patyşasynyň saraýyna dahyl boldy. Gelip Ýusup alaýhyssalamyň aldyna çökdi.
Ýusup oşol ýerde gaýgy-gam bile oturyp erdi. Kenganly gelip düýäni urup
gorkuzar boldy. Düýe turmady. Her çent urdy düýe turmady. Ony Ýusup
alaýhyssalam gördi. Aýtdy:
- Eý, ýigit, düýäni ne üçin urar sen? Kaýdan geler sen, kaýda barar sen?
Onda ol söwdagär aýtdy:
- Men Kengan adamy turar men. Söwdagär erdim. Söwdamy bitirip, gaýdyp
barar erdim. Düýe derwezeden ötmedi. Ahyry öz başyna goýdum, bu ýere gelip
çökdi. Indi hergiz turmaz. Bilmen ne hikmet bar turar? Ýusup alaýhyssalam
Kenganyň adyny eşidip zar-zar ýyglap bu gazaly aýtdy:
59
Eý, ýigit, Kenganyň şährinden olsaň,
Men aýdaýyn sen pähm eýle bu söze.
Meniň bu halymdan sen habar alsaň,
Bagrym köýüp, ganly ýaş geler göze.
Bu nesibim saldy meni yraga,
Men neýläýin döze bilmen pyraga,
Kimse bardyr meni kylsa soraga,
....................................................*
Eger bara bilsem Kengan jaýyna,
Ýüzümi sürterem häki-paýyna,
Munda bakman hiç kimsäniň roýuna,
Gam-gussadan gubar inipdir göze.
Kasyt meniň nesihatym tutar sen,
Bu syrlary içde pynhan eter sen,
Inşa Alla, myradyňa ýeter sen,
Köp doga eýleýip ýörer men size.
Ýusup aýdar, Şamda bolsa watanyň,
Kengana ýetirgil peýamym meniň,
Ataşy-dowzahdan gutular teniň,
Ýakup pygamberden habar ber bize.
Elkyssa, Ýusup alaýhyssalam bu jogaby aýtdy, erse, ol kişi aýtdy:
- Eý, janym, kim sen, Ýakup alaýhyssalamdan habar sorar sen? Ýusup
aýtdy:
- Eý, kenganly, sen Ýakup alaýhyssalamy bilermi sen?
Ol kimerse:
- Elbetde, biler men – diýip, bu jogaby aýtdy:
Ýakup pygamberdir Kengan ilinde,
Nije wagt ki onuň döwrany bardyr.
Hudanyň resuly, sena dilinde,
Gördügim şeýle kim zamany bardyr.
Yshak pygamberiň ogly diýerler,
Hak ýolunda bili bagly diýerler,
Gözi ýaşly, bagry dagly diýerler,
Takdyry-Hudaýa amany bardyr.
Aýralyk jepasyn bihet çekgeýmiş,
*
Bu setir golýazmada ýok.
60
«Bu ülkede dura bilmen» diýgeýmiş,
Söwer oglun onuň böri iýgeýmiş,
Her günde ýat edip, pygany bardyr.
Ady Ýusup ermiş bir şahy-jahan,
Her kim ony görse, bolarmyş gurban,
Onuň pyragynda zary-sergerdan,
Gan ýyglagan çeşmi-girýany bardyr.
Bir köşede mesgen kylyp özüne,
Jydalyk gerdini sürtüp ýüzüne,
Ýyglamakdan gubar inip gözüne,
Köňli doly ýüz müň armany bardyr.
Hudadan Ýakuba perman bolupdyr,
Içi onuň derd-u gama dolupdyr,
Ýusubyň adyny pynhan kylypdyr,
Içinde ataşy-suzany bardyr.
Her günde diýr: «Çykyp ýolun garaňlar»,
Oglun-senasyny tapman ýyglarlar,
Habaryny söwdagärden soraňlar,
Ilden-ile nama-dessany bardyr.
Söwdagär:
- Ýakup barça Kenganylara pygamber turar. Belki dünýä we ahyrýetiň
puşty-penahy turar. Hudaýyň resuly turar. Ybraýym pygamberiň öwlady, Yshak
pygamberiň ogly turar. Leýken birniçe ýyldan bäri Ýusup diýen ogluny böri iýen
ermiş. Bir deşti-beýewanda, külbeýi-ahzanda elmydam ýyglar ermiş. Hemişe
agzynda Ýusup ermiş. Hudaýtagala ytap eden ermiş kim, «Eger Ýusup diýip
aýtsaň adyňy pygamberlikden çykarar men» diýen ermiş. Ondan soň Ýakup
alaýhyssalam Hudadan gorkup, hergiz «Ýusup» diýip aýdabilmeý, ah-u pygan hem
tartabilmez. Bu dert hemme dertden zyýada bolup turar – diýip, tamam bilen-eşidenin Ýusup alaýhyssalama bir-bir beýan kyldy. Ýusup eşidip, ah
jigergähinden dartyp, bihuş boldy. Baz huşuna gelip aýtdy:
- Eý, ýigit, men bir nama bersem, ony Ýakuba eltip berer sen?
Ol kimerse:
- Elbetde, janym bile elter men – diýdi.
Ýusup:
- Ondag bolsa, men bir nama bereýin, munda men garyp mazlumyň dogasyn
algaý sen, onda baryp, Ýakup alaýhyssalamyň dogasyny algaý sen – diýip, bu
peýamy iberdiler:
Kasyd-a, ýetir peýamym, ol meniň janym idi,
Her jepa gelse başyma, derde dermanym idi.
Bilmedim gadryn onuň, kim öýde myhmanym idi,
61
Tutmadym pendin onuň, köňlümde armanym idi,
Waý, kim ýandy pyrakymdan, huramanym idi.
Kasyd-a, Ýakuba diý: «Ýiten guzyňdan müjde bar,
Men habar getirmişem, görer gözüňden müjde bar,
Bendedir gördüm işikde, aý ýüzünden müjde bar,
Goly bagly, ýüregi dagly, guzyňdan müjde bar,
Waý, kim ýandy pyrakymdan, huramanym idi.
Baryban kyçgyr işikde: «Ömür ötüren barmy?
Şuňkaryndan aýrylyp, ki guzy ýitiren barmy?
Şubhy-şam ogul pyrakyndan ki dilinen barmy?
Eý, ýaranlar, şäheri-Kengandan satylan barmy?»
Waý, kim ýandy pyrakymdan, huramanym idi.
Sözlegil, kasyt, baryp: «Gördüm Müsür şährindedir,
Ýüzüdir şems-u kamar, neteý işikde bendedir,
Toty ýaňlyg kim kapas içre giriftar ondadyr,
Aýdyp-aýdyp ýyglady, hijr ody jan-u tendedir»,
Waý, kim ýandy pyrakymdan, huramanym idi.
Ady Ýusup, «Eý atam» diýip, ýyglar erdi bikarar,
Elden-ele satylypdyr, ýokdur onda ygtyýar,
Ýakub-a ogluň Ýusup hijriňde olmuş intizar,
Gije-gündiz ol seniň derdiňe ýyglar – zary-zar,
Waý, kim ýandy pyrakymdan, huramanym idi.
Hezreti Ýusup alaýhyssalam bu peýamy söwdagäriň goluna berip aýtdy:
- Bargyl, Ýakup pygambere biziň pendimizi we bendeligimizi ýetirgil.
Mübärek ýüzlerin görseňiz «Sizlerden bir kimerse ýiten, ony Müsürde gördüm. Eli
bagly, ýüregi dagly, gözi nemli, jany sütemde, köňli elemde, müň gaýgy-gamda,
ady Ýusup, kişige bende» diýip, meniň arzy-halymy aýdyp, Ýakuba namany
çykaryp bergil. Tä olaryň dogaýy-haýryny algaý sen – diýgeç, söwdagär namany
alyp, gitmäge düýäni turuzar boldy. Düýe turmady. Söwdagär dergahar bolup
düýäni urar boldy.
Ýusup aýtdy:
- Eý, kenganly, düýäni urmagyl, şaýet, onuň hem bir maksady bolgaý –
diýgeç, düýe gözünden katra-katra ýaş akyzyp, dile geldi:
- Lä ilähe illallahu wahdahu lä şerike leh, lehül-mülkü we lehül-hamdu we
hüwe alä külli şeý-in Kadyr. Eý, kenganly, saňa yşarat kim, men seni Ýusup
alaýhyssalamyň gaşyna getirdim. Mübärek jemalyny gördüň, ýagşy dogaýyhaýryny aldyň. Ýene hem namasyny alyp baryp, Ýakup alaýhyssalamyň hem
dogaýy-haýryny alar sen. Ne üçin maňa jepa kylar sen, menden habar sormaz sen,
mende hem bir maksat bar turar – diýdi. Onda Ýusup alaýhyssalam aýtdy:
- Eý, janawar, aýgyl, ne myradyň bar turar?
62
Düýe aýtdy:
- Eý, Ýusup, meniň myradym kyýamat gününde siziň byragyňyz bolsam,
doga kylsaňyz – diýip, başyn ýere goýup, sejde kylyp, zar-zar ýyglap turdy. Ýusup
alaýhyssalam düýe hakynda doga kyldy. Düýe hoşwagt-horram bolup, nagra
dartyp ýerinden turup, kenganlyny mündürip, Müsürden şähri-Kengana ýöriş
kyldy. Birniçe katgy-menäzil kylyp, Kengana bardylar. Ýakup alaýhyssalamyň
haremine ýetişdiler. Emma Ýakup alaýhyssalam külbeýi-ahzanda ýyglap, saç,
dyrnaklary ösüp, mübärek ýüzleri zagpyran dek sargaryp, iki gözleri kör bolup,
özlerin her tarapa urup, Ýusup diýip aýda bilmeý jydalyk odun içine salyp, köňli
ýanyp, ýüz gam bile oturyp erdi. Işikden «Şeý-un lilläh» diýen bir seda çykdy.
Ýakup alaýhyssalam gulak tutdular, erse, birew bir nimerse okar erdi. Gazaly-kasyt
bu turar:
Ýakup nebi, menden saňa bir türpe habar bar,
Jananyň imesmi?
Ady ki Ýusup, jümle-jahan oňa hyrydar,
Ol janyň imesmi?
Ýüz nala bilen nama ýazyp size iberdi,
Gören süteminden.
Arz eýledi, ýat eýlesin, ol piri-kühen sal,
Dermanyň imesmi?
Gördüm ýüzüniň şuglasydyr hurşydy-hawer,
Reşkinde pygandyr.
Neýleý, ne kylaý bende özi, elde giriftar,
Haýranyň imesmi?
Her lahza salam atama diýip, telmuryp galdy,
Köýdi hemme älem.
Ýandyrmyş ony derd-u pyrakyň şahy-dildar,
Armanyň imesmi?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýusup–Züleýha - 5
  • Parts
  • Ýusup–Züleýha - 1
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2084
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 2
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1713
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 3
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1781
    24.3 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 4
    Total number of words is 3975
    Total number of unique words is 1754
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 5
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 1733
    23.2 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 6
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1704
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    38.8 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 7
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1710
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 8
    Total number of words is 4015
    Total number of unique words is 1563
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 9
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2114
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 10
    Total number of words is 2617
    Total number of unique words is 1911
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    42.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.