Latin

Ýusup–Züleýha - 1

Total number of words is 3620
Total number of unique words is 2084
26.1 of words are in the 2000 most common words
40.2 of words are in the 5000 most common words
47.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Milli golýazmalar instituty
Nurmuhammet Andalyp
Ýusup-Züleýha
Çapa taýýarlan
Atabaý Nazarow
Aşgabat – TYAMGI 2010 ý.
1
UOK 894.361
A67
M67
Nurmuhammet Andalyp, Ýusup-Züleýha. A.: Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2010 – 152s.
Redaktor
Godarow Rahmanberdi
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň irginsiz
tagallalary netijesinde türkmen halkynyň milli mirasy ylmy esasda düýpli öwrenilýär we
dünýä ýaýylýar. Beýik şahsyýetlerimize bagyşlanyp halkara ylmy maslahatlar geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen 2011-njy ýylda dessançy türkmen
nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň 350 ýyllyk toýy halkara derejesinde belleniler.
Şahyryň „Ýusup-Züleýha” dessany hem şu toýa niýetlenilip taýýarlanyldy. Bu dessan
ahlak päkligi, hakyky söýgini, wepalylygy, ata-enä hormat-sarpa etmegi, birek-birege
goldaw bermegi, paýhaslylygy ündeýän, eserdir.
Kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenildi.
TDKP №307
2010
KBK 84Tür7
© Milli golýazmalar instituty, 2010 ý.
2
ULUSGA ÝADYGÄR GALSYN ÖZÜŇDEN
(Andalybyň Ýusup hakda kelamy)
Bereketli Ürgenç topragy halkymyzyň taryhyny, edebiýatyny, sungatyny
belende göteren onlarça danyşmentleri, alymlary, şahyrlary Oguz iline peşgeş
berdi. Bu toprakda dünýä inen Nurmuhammet Andalyp, özüniň bilbil owazy bilen
türkmen edebiýatyny täze bir basgançaga galdyran läheň söz ussady hökmünde
tanalýar. Ol zamanasynyň dilçi alymy, taryhçysy, dür saçan söz ussady hökmünde
halkymyzyň hakydasynda öçmejek yz galdyrdy. Uzak wagtlap höküm süren
sowetler döwletiniň diýdimzor zamanasynda dini mazmunly eser hökmünde
„tagma basylan” Andalybyň „Baba Röwşen”, „Zeýnelarap”, „Sagdy-Wakdas”,
„Nesimi”, „Kyssaýy Purgun” ýaly ajaýyp eserlerimiň köp wagtlap çilesi açylman
gelipdi. Şeýle gadagan etmelere garamazdan, şahyryň dürdäne setirlerini bagşylar
dillerimiň senasyna öwrüp, aýdym edip aýdypdy. Sowatly kätipler Andalybyň
eserlerini uly söýgi bilen sünnäläp göçüripdirler. Gündogaryň Buhara, Samarkant,
Daşkent, Kokant ýaly şäherleriniň basmahanalarynda şahyryň eserleri köp nusgada
neşir edilipdir. Bu ýagdaý bolsa, Andalybyň örüsiniň diňäp, gündogar halklaryň
arasynda uly meşhurlyk gazanmagyna itergi beripdir.
Andalyp „Ýusup-Züleýha” dessanynyň giriş bölüminde:
Asly mekanym ki Garamazydyr
Adamy eşretde gyş-u ýazydyr –
diýip, özüniň önüp-ösen ýerleri hakynda maglumat berýär. Halk arasynda
Ürgenç topragynyň Garamazy obasy hakynda gyzykly gürrüňler näli-näzire çenli
aýdylyp gelinýär. Garamazy obasy Çermenýap, Tüniderýa ýaly derýalaryň
boýunda ýerleşipdir. Derýanyň kenarynda kiçijik owadanja mazylar köp ekiler
eken. Onuň bir görnüşiniň reňki garamtyl bolansoň, oňa gara mazy diýipdirler.
Halk döredijiliginde:
Awa salsaň tazy men,
Boýna daksaň mazy men –
– diýlişi ýaly, şol garaja mazyjyk esasan oglan oýnawajy hökmünde çaganyň
boýnuna ýa-da goşaryna dakylar eken. Bu etraplarda „Keçe-keçe” oýny oýnalanda
hem Andalybyň obadaşlary giznelinýän ýüzügiň deregine kiçijik gara mazyny
bukmagy şert edip goýupdyrlar. Bu oýna çendenaşa ökdeligi üçin olara soňabaka
Garamazylylar diýip at beripdirler. Garamazy tiresiniň, Çermenýap, Tüniderýa
derýalarynyň atlaryna”Şasenem-Garyp” dessanynda hem duş gelmek bolýar:
Çermen ýakalaryn seýran ederdim,
Seýran etmez boldum, sen ýar gideli.
Gören aşyklary haýran ederdim,
Haýran etmez boldum, sen ýar gideli.
Derýanyň gaýrasy Garamazylar,
3
Onda molla bolsa, munda kazylar,
Boýny gaňrawlyja ýüwrük tazylar,
Salyp awlamadym, sen ýar gideli.
Dessanda ýatlanyp geçilýän garamazylar we kazylar türkmen tire-uruglarynyň
atlarydyr. Söýünhan nesliniň bu iki tiresi bir ýerräkde, Tüniderýanyň boýunda
ýaşapdyrlar. Köneürgenjiň Was topragynda XVIII asyrda ýaşap geçen şahyr
Abdylla Şabende hem gojuklar tiresiniň kazylar urugyndan bolupdyr. Irki
döwürlerde döredilen türkmen dessanlarynyň hataryna girýän „Şasenem-Garyp”
dessanynda Andalybyň ýaşap geçen ýerleri örän takyk beýan edilipdir.
Nurmuhammet Andalyp Garamazy ilinde agaç ussasy hökmünde giňden
tanalan Seýitahmet ussanyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol ogluna öz hünärini
kemsiz öwretmek bilen çäklenmän, perzendiniň döwrüniň ýokary bilimini almagy
üçin tagallasyny gaýgyrmandyr. Andalybyň ýaşan döwrüniň takyk
kesgitlenilmegine şahyryň „Ýusup-Züleýha” dessanynyň giriş setirleri ýardam
edýär:
Ismim idi Nurmuhammet garyp,
Sözde tahallusym idi Andalyp.
Şährimiz Ürgenç welaýat idi,
Hanymyz Şirgazy hemaýat idi...
Barça halaýyk içinde bet işim,
Ýetip ellik bäşge meniň bu ýaşym.
Bu setirlerden görnüşi ýaly, Andalyp Hywada hanlyk eden Şirgazy hanyň
döwründe ýaşap geçipdir. Taryhy çeşmelerden mälim bolşuna görä, Şirgazyny
1714-1715-nji ýyllarda Buharadan getirip, Hywa han saýlaýarlar.
Ol 13 ýyllap hanlyk edýär we onuň at-owazasy bütin gündogara ýaýraýar.
Şirgazy han söwda gatnaşygyny ýola goýmak maksady bilen rus patyşasy Pýotr I
bilen hat alşypdyr. Ol öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolup, halkyň
medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň ösmegine goşant goşmaga çalşypdyr.
Şirgazy han alymlar we şahyrlar bilen söhbetdeş bolmagy halapdyr we şygyr
sungatyna aýratyn sarpa goýupdyr. Ol öz adyna medrese saldyryp, adamlaryň
ylym-bilim almagy üçin şert döredýär. Şol sebäpli şeýle uly hyzmatlary bitiren
Şirgazy hany Andalybyň öz hemaýatkäri hökmünde ýatlap geçmegi kanuny
ýagdaýdyr.
Andalybyň „Ýusup-Züleýha” dessanynyň iň ygtybarly nusgalarynyň biri hem
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň
hazynasynda saklanylýan 1228-nji golýazmadyr. Bu golýazma özüniň gadymylygy
we tekstiniň ygtybarlydygy üçin beýleki çeşmelerden tapawutlanýar. Golýazmanyň
ahyryna onuň 1122-nji hijri (1710-njy milady) ýylynda göçürilendigi hakynda
bellik edilipdir. Edebiýatçy alym A. Bekmyradow „Ýusup-Züleýha” dessanynyň
4
ýazylan döwri hakynda özboluşly garaýşy öňe sürüpdi. („Edebiýat we sungat”
gazeti, 13 ýanwar, 1984 ý.)
Onuň pikiriçe, Andalyp 1710-njy ýylda bu dessanyň girişsiz nusgasyny hut öz
obadaşlarynyň „hemdertleriniň” haýyşy boýunça ýazýar. Şol wagt Andalyp 50
ýaşlarynda eken. soňam şahyryň ýanyna „nutki nezih, ýagşy söze intizar” bolan bir
şasuwar, ýagny Şirgazy han tarapyndan iberilen adam gelip, şahyrdan şeýle
dessany ýazyp bermegi haýyş edýär. Andalyp bu dessanyň öňüne giriş sözlerini
goşup ony 55 ýaşlarynyň içinde, 1715-nji ýylda doly tamamlaýar.
„Ýusup-Züleýha” sýužeti gözelligiň we watansöýüjiligiň simwoly hökmünde
dünýä edebiýatynyň taryhynda mäkäm orun alypdyr. Ýusup bilen bagly wakalar
ilki arap rowaýatlaryn soňra Injile, Töwrata, Keramatly Gurhana aralaşypdyr
Gurhanda bu kyssa „Kyssalaryň gözeli” (Ahsanul-kysas) diýlip at berilýär.
Soňabaka Ýusup kyssasy çeper edebiýatda özüniň giňişleýin beýanyny tapýar. Her
bir halk bu sýužete öz milli garaýyşlary bilen bagly düşünjeleri siňdirmäge
çalşypdyr. Şahyrlaryň 120-ä golaýy bu sýužete ýüzlenip, „Ýusup-Züleýha”
eserlerini döredipdir. Ýakup Sergun, Afrema, Abdylla Ensary, Abdyrahman Jamy,
Bedreddin Hilaly, Dürbek, Mahmyt beg Selim Türkmen, Saýkaly, Ferdöwsi Tusy,
Hamdy Çelebi, Şaýat Hemze, Şöwket, Nazym Hikmet, Ulfat, Ýan Raýnis, Tomas
Mann ýaly ýazyjy-şahyrlar bu sýužet esasynda özleriniň ajaýyp eserlerini halka
hödürläpdirler.
„Ýusup-Züleýha” eseriniň wakalary türkmen halkynyň arasynda hem giňden
meşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň erteki görnüşdäki nusgasyny türkmen halk
döredijiliginde-de görmek bolýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli
golýazmalar institutynyň 303, 354, 551, 907 belgili bukjalarynda „Ýusup-Züleýha”
ertekileri we eseriň dessan şekilli halk nusgalary saklanýar. Bu nusgalar türkmen
halkynyň ynsanperwerlik paýhasyndan dömüp çykan çuňňur pelsepeçilik
mazmuna we milli häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar.
XIII asyrda ýaşap geçen Aly atly türkmen şahyry „Kyssaýy Ýusup” diýen
ajaýyp eserini döredipdir. Ömrüniň agramly bölegini Horezm topragynda geçiren
şahyr öz eserini murapbag görnüşinde şygyr bilen ýazypdyr. Aly şahyryň we eseri
türki dilde ýazylan „Ýusup-Züleýhalaryň” ilkinji nusgalarynyň biri hasaplanýar.
Onuň türkmen dilinde kämil, şahyrana eser döretmegi diňe bir öz döwri üçin
ähmiýetli bolman, eýsem, soňky şahyrlar üçin hem özboluşly mekdep bolup
hyzmat edipdir.
XIV asyr türkmen ýazary Nasyreddin Rabguzynyň „Kysasy Rabguzy”
eserinde „Ýusup syddyk” kyssasyna uly orun berlipdir. Ýazyjy eserini kyssa bilen
ýazyp, Ýusup pygamberiň başdan geçiren wakalaryny gyzykly mazmunda beýan
etmegiň hötdesinden gelipdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Depderler içinde bir kitap gördüm,
„Kysasyl enbiýä” atly ýaranlar!
Hezreti Ýusuby beýan eýläli,
Kyssasy şekerden datly ýaranlar! —
5
– diýip nygtaýşy ýaly, bu eser bütin gündogarda meşhurlyk gazanypdyr.
Nurmuhammet Andalyp hem bu eser bilen ýakyndan tanyş bolupdyr.
Şahyr „Ýusup-Züleýha” dessanynyň başynda:
„Rawyýany defter we nakylany şirin zyban muhtaber „Kysasyl enbiýadan”
andag rowaýat kylarlar” – diýip Rabguzynyň bu eserini uly hormat bilen ýatlap
geçýär.
Andalyp „Ýusup-Züleýha” eseriniň halk döredijiligine degişli we ýazuwly
nusgalaryny öz döredijilik fantaziýasyndan geçirýär. Ol beýleki „ÝusupZüleýhalardan” düýpgöter tapawutlanýan öz original eserini döredipdir.
Ozaly bilen Andalyp eserini türkmen edebiýatyna mahsus bolan dessan
formasyna salýar. Ol eseriň many-mazmunyna dahyly bolmadyk epizodlary aýryp,
wakalaryň özara baglanyşygyny gazanýar. Şeýlelikde, dessanda biri-beýlekisiniň
döremegine sebäp bolýan wakalar düzümi emele gelip, olar öz aralarynda zynjyr
şekilinde baglanyşýarlar.
Andalyp bu sýužetiň forma tarapyna täzelik girizmek bilen çäklenmän,
eýsem, onuň ideýa-mazmunyna-da özüçe çemeleşipdir.
Dessanyň atlandyrylyşyna seredeniňde, onda esasy mesele söýgi meselesi
ýaly duýulýar. Ýöne eserde söýgi gatnaşyklaryndan başga-da, adamzadyň ahlak,
ynsanperwer duýgularyna kesgitleýji orun berlipdir. Eserde islendik waka beýan
edilende, halkymyzyň „Ýakma bişersiň, gazma düşersiň” diýen ahlak
ýörelgesinden ugur alynýar. Ýusuba köp jepa çekdiren agalary ahyrsoňunda
etmişlerine puşman edýärler we onuň aýagyna ýykylyp ötünç soramaly bolýarlar.
Eserde beýan edilşine görä, Ýusubyň atasy Ýakubyň öz jigerbendinden jyda
düşmegi ýöne ýerden ýüze çykan waka däldir. Çünki Ýakup öz gapysyndaky
hyzmatkär aýalyň ogluny gul hökmünde satyp goýberýär. Ýusubyň ýardamy bilen
uzak wagtyň aýraçylygyndan soň bu oglan öz enesine gowuşýar. Diňe şondan soň
Ýakuba öz perzendine duşmaga mümkinçilik berilýär. Ýusuba jebir-sütem
edendikleri üçin ony satyn alan kerwen tebigy bela duçar bolýar we olar
etmişlerine ökünip, toba gelenlerinden soňra harasat sowulýar. Etmişli adamlaryň
şunuň ýaly jezalandyrylýan, öz etmişlerine puşman edýän wakalaryny dessandan
isledigiňçe tapmak mümkin. Andalybyň ahlak filosofiýasy ynsanlaryň arasyndaky
islendik görnüşdäki zulumy ýazgarýar. Ol „Eli bilen eden, egni bilen çeker” diýen
hiç-haçan könelmejek halk pähimini durmuş hakykaty bilen baglanyşdyrmaga
çalyşýar. Şahyr zulum edenlerden hökman hasap soraljakdygy hakyndaky ahlak
ideýany tug kimin belende göterýär we adamlaryň birek-birege mähriban
bolmagyny ündeýär.
Ýusubyň watançylyk häsiýeti dessanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Ençeme kynçylyklardan soň, Ýusup öz ugurtapyjylygy bilen Müsür ilinde şa
bolmak derejesine ýetýär. Daşyndan göräýmäge onuň bu dünýäde kem zady ýok
ýaly görünýär. Ýöne Ýusup her deminde göbek ganynyň daman topragyny, önüpösen ýerlerini arzuwlaýar. Andalyp ilinden aýra düşen Ýusubyň keşbine, uzakuzak ülkelerde watan zaryny çekýän ynsanlaryň arzuw-umytlaryny siňdirmegi
başarypdyr. Watançy şahyr Gurbandurdy Zelili dogduk diýaryna bolan egsilmez
söýgüsini „Watanym seni” şygryna siňdiripdir. Şol şygyrda Ýusubyň keşbi
watansöýüjiligiň simboly hökmünde hereket edýär:
6
Etdiler Ýusuby Müsüre soltan,
Diýdi: „Bolsam ýegdir, bir guly-Kengan,
Ýurdundan turmasyn hiç bir musulman,
Köňül arzuw eýlär, watanym seni.
Dana ata-babalarymyz Ýusubyň watansöýüjiligini ýaş nesil üçin nusga alarlyk
derejä göteripdirler. „Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol” diýen pähim hem
şu ýörelgelerden ugur alnyp döredilipdir.
Andalybyň „Ýusup-Züleýha” dessanynda ene-atanyň perzende bolan çäksiz
söýgüsi Ýakup pygamberiň keşbinde jemlenipdir. Ýusubyň başyna bir iş
düşjekdigini ilki bilen ata ýüregi syzýar. Şol sebäpli ol ogluny doganlary bilen
meýdana ibermäge garşy bolýar. Agalarynyň öz inilerini goramaga ant içmegi,
Ýusubyň özüniň hem boýun burup ýalbarmagy netijesinde Ýakup kynlyk bilen
oglunyň sähra gitmegine razy bolýar. Ýakubyň ogullary öz etmişlerini ýaşyrmak
üçin „Ýusuby gurt iýdi” – diýip, atalaryny ynandyrmaga çalyşýarlar. Ýakubyň
gurtlardan sorag edýän wakalary eserde aýratyn täsirli berlipdir. Gurtlar adam
dilinde gürläp, Ýusubyň ýitirim bolmagyna özleriniň hiç-hili dahylynyň
ýokdugyny subut edýärler. Ogullary Ýusubyň wepat bolandygyny her näçe güwä
geçseler hem Ýakup öz ogluna gowuşmak umydy bilen ýaşaýar. Mähriban
perzendinden aýra düşen atanyň aglamakdan ýaňa gözleri kör bolýar. Eseriň
ahyrynda onuň gözleri Ýusubyň köýneginiň gudraty bilen açylýar. Andalyp bu
fantastiki wakany esere goşmak bilen ogluň öz ene-atasyna bolan söýgüsi baradaky
meseläni gozgaýar. Dessanda beýan edilşine görä, Ýusubyň ejesi ol entek kiçijik
çagaka aradan çykýar. Ýusuba zulum eden agalary onuň el-aýagyny baglap, gul
hökmünde bir kerwene satyp goýberýärler. Kerweniň gidip barýan ýoly Ýusubyň
ejesiniň guburynyň gapdalyndan geçýär. Ýusup enesiniň guburyna ýykylyp,
derdini beýan edýär. Perzendiniň nalyşyna dözmedik enäniň ruhy seslenýär we ene
ogluna göwünlik berip, ony merdana bolmaga, umytdan düşmezlige çagyrýar.
Dessanda beýan edilýän şu kiçijik wakany okanyňda, perzendiniň üstünde kökenek
gerýän mährem enäniň keşbi göz öňüňde janlanýar we „Eneler hiç-haçan ölmeýär”
– diýen dana pähim biygtyýar ýadyňa düşýär.
Ynsanperwerlige, adamkärçilige mahsus bolan nusgalyk häsiýetler dessanda
Ýusubyň keşbi arkaly ynandyryjy beýan edilýär. Agalary Ýusuba göripçilik edip,
ony köp jebir-süteme sezewar edýärler. Ýöne bu etmişleri üçin Ýusup doganlaryny
ýigrenmeýär. Ol kiçilikden öz agalaryna arkadaýanjy we howandary hökmünde
garaýar. Hat-da agalary ony urup-ýenjip duran pursatlary hem Ýusubyň kalbynda
ýigrenç duýgusy döremeýär:
On agam bar diýip aldym sanyny,
Duşmanyň her ýerde döker ganyny,
Meniň üçin kylar pida janyny,
Şiru-ner dek agalarym bar diýdim.
7
Ýusup şa bolanyndan soňra, agalary Müsür iline argyşa barýarlar we Ýusuba
doganlaryndan ar almak üçin amatly pursat döreýär. Ýöne Ýusup „Daş bilen urany,
aş bilen ur” diýen halk pähimine eýerip, doganlaryna hezzet-hormat edýär. Ol diňe
doganlarynyň öz eden işleriniň telekdigine düşünip, toba gelmeklerini isleýär.
Ýusubyň ynsanperwer häsiýetleri Müsür ýurduna açlyk belasynyň inen pursatlary
has aýdyň ýüze çykýar. Haçanda ýurtda ähli azyk tamamlananda, Ýusup öz
raýatlaryna nurly, gülüp duran keşbi, hoşamaý sözi bilen hemaýat edýär. Onuň
nurana ýüzüne gözi düşen adamlaryň kalbyna umman deý giňlik, rahatlyk
aralaşýar we olar bugdaý nanyndan doýan ýaly bolup, açlyk belasyny duýman
gezýärler. Şeýlelikde, Andalyp adalatly baştutan baradaky arzuwlaryny Ýusubyň
keşbinde jemlemegi başarypdyr.
Ýusubyň ahlak taýdan arassa keşbini onuň Züleýha bilen gatnaşyklarynda
hem görmek bolýar. Züleýha Ýusubyň gözel keşbini düýşünde görüp, oňa
gaýybana aşyk bolýar. Ol Ýusuba bolan söýgüsini uzak wagtlap kalbynyň töründe
göterip gezýär. Mälik Ryýan Ýusuby gul hökmünde bazara çykaranda, Züleýha
ony agramyna barabar altyn-kümüşe satyn alýar. Ýusup birbada özüni Züleýhadan
çekeräk saklaýar. Bu ýagdaý Züleýhanyň gaharyny getirip, ol Ýusuba töhmet
atmaga çenli baryp ýetýär. Ýusup şa bolanyndan soňra Züleýha köşkden kowlup,
örän pes hala düşýär. Ol hemişe Ýusuba duşmagy we oňa özüniň hak aşykdygyny
bildirmegi arzuwlap ýaşaýar. Ýusup bir gezek awa-şikara çykandan Züleýha onuň
ýolunda ah çekip oturýar. Haçanda Ýusup ondan ah çekmeginiň sebäbini soranda,
Züleýhanyň yşgy Ýusubyň elindäki gamçysyny ýakyp-ýandyrýar. Eserdäki bu
fantastik wakany şahyr Talyby özüniň söýgi mowzugynda ýazan şygryna ussatlyk
bilen ulanmagy başarypdyr.
Ýar ýolunda jepa çeken,
Wagty säher ýaşyn döken,
Ýusubyň gamçysyn ýakan
Ol Züleýhanyň ody men.
Şeýle uzak synagdan soň Ýusup bilen Züleýha bir-birine gowuşýarlar.
Andalyp ýedi aşyklaryň biri Ýusup-Züleýhanyň söýgüsini dürli synaglardan
geçirýär. Şol synaglarda Ýusup özüniň ahlak arassalygyny saklap galan bolsa,
Züleýha öz söýgüsine wepalylyk duýgusyna hiç-hili ikilik etmeýär. Şeýlelikde,
Andalyp durmuş synagynda toplanan azat söýgüniň belent owazly aýdymçysy
hökmünde orta çykýar:
Ne hoş gündür mysahyplar,
Kişi jananyga ýetse.
Görüp dürli melamatlar,
Ahyr didaryga ýetse.
Häzirki Galkynyşlar Zamanamyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyzyň milli mirasynyň, edebiýatynyň
ösmegi üçin giň ýol açyldy. Milli Liderimiz geçmişde ýaşap geçen akyldar
8
şahyrlarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasyna halkyň gymmatly
hazynasy hökmünde baha berýär: „Türkmen edebiýatynda çuňňur halk
parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men
Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň... öňünde baş egýärin”. 1 Ýurt
Baştutanymyz G.Berdimuhamedowyň Nurmyhammet Andalybyň 350 ýyllyk
toýuny halkara derejesinde bellemek baradaky Karary bolsa, il-ulusyň arasynda uly
şatlyk bilen garşy alyndy. Çünki Andalybyň eserleri ynsan göwünlerini joşduryp,
ynsanperwerlige, parahatçylykly durmuşa çagyrýar. Onuň döredijiliginde halkyň
pähim-paýhasa ýugrulan çuňňur pelsepeçilik garaýyşlary mäkäm orun alypdyr.
Şahyryň her bir setiri ýagşylygy dünýä ýaýyp, päk göwünli ynsanlara melhem
bolup hyzmat edýär. Andalyp azat, päk söýgüniň waspçysy bolup, Galkynyşlar
zamanasynyň bilbili bolup saýraýar. Bu gün Andalyp milli mirasymyzyň
howandary, Ýurt Baştutanymyz G.Berdimuhamedowyň hemaýaty bilen tirsegine
galdy. Andalybyň döredijilik dünýäsi müň öwüşgünli almaz daşy deý öz gadyrgymmatyny ýitirmän, Galkynyşlar zamanamyza sesini goşýar.
Atabaý Nazarow
dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty.
1
Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr. Aşgabat, türkmen
döwlet neşirýat gullugy. 2007 ý. 126-njy sah.
9
Bismillähi-r-Rahmany-r-Rahym
Hezreti Gapbar, Eýäm, Züljelal,
Ýokdur onuyň birligine kylu-kal.
Ýeke-ýu ýegäne erer bizowal,
Ferd-u Samat, Kadyr erer läýezal.
Halyk-u Razyk Özi bimesel,
Ýokdur onuň kylgan işige jedel.
Gudratydan haýdyr Özi, läýemut,
Barça halaýyga berer Özi kut.
Öz nurydan kyldy Muhammedi haý,
Zaty tejelliden oňa berdi meý.
Abu Bekr, Omar, şa Zünnureýni,
Ýar kylyp hem Aly nury-aýynny.
Barçasynyň şahy erer Mustapa,
Boldy tufaýlydan onuň du sera.
Andalybyň müşgilin asan Sen kyl,
Kadyr Eýäm derdine derman kyl.
Bolmagaý hiç kimse meniň dek zebun,
Nebis ile şeýtan maňa rehnemun.
Gutar Özüň nebis ile şeýtandan,
Kylma jyda ol göwheri-imandan.
Başdan-aýak bende erer pür günä,
Nebis ile şeýtana bolup mübtela.
Ýol azaşyp, çölde galyp men neteý,
Teşne bolup kaýsy mekana giteý.
Ýokdur maňa ýol başlagyjy rehber,
Kylmanam idräk, nedir bahr-u ber.
Bendelere lutpuň erer äşigär,
Budur umyt, pazlyň erer bişumar.
10
Barçaga gahar-u ytap eýlediň,
Pany, ukbada ki azap eýlediň.
Ýarlykadyň niçe günäkärni,
Gördi onlar panyda didarny.
Sen bile sen, jürmi-günä mende bar,
Ah neteý, beýle hatalar mende bar.
Bu umydym pazlyň erer biadat,
Gapbar-u Setdar-u Özüň ýa Ahat.
Andalyp aýdy bu mynajatyny,
Kadyr Eýäm kyl kabul hajatyny.
Nije mahal erer parahat işim,
Ýok idi hiç kimse birle danyşym.
Geldi ýene birniçe hemdertler,
Kurb-u şejagatda şiri-mertler.
Geldi meniň gaşyma bir şasuwar,
Nutky nezih, ýagşy söze intizar.
Barçalary erdi maňa hemneşin,
Ýüzleri gül, sözleridir engebin.
Diýdi olar: «Eý, Andalyp, binowa,
Köňlümize düşdi ajap majera.
Bar «Kysas» içre ajaýyp dessan,
Ne bolar kylsaň ony gülüstan?!
Ýusup Syddyky-ýu Züleýhany sen,
Türki halaýyga kylyp enjümen.
Elden-ele alyp, ony kylsa buý,
Birniçe zybalar era güftüguý.
Yşky-hakykyny sapak eýlesin,
Beýle erer, aşygy-päk eýlesin.
Bilsin özün, yşk ýoluny tutmasyn,
Beýle dawa durugguýy etmesin».
11
Uşbu sözi kyldy hekaýat olar,
Ýusup Syddykydan rowaýat olar.
Andalybyň maksadydyr ki bossan,
Köňlüge hoş geldi ajaýyp dessan.
Eýledi türki til ile ibtida,
Gähi nasr, gähi gazal hoş nowa.
Birniçesin nazmy – muhammes kylyp,
Aşyk-u magşuklara bes kylyp.
Ismim idi Nurmuhammet Garyp,
Sözde tahallusym idi Andalyp.
Şährimiz Ürgenç welaýat idi,
Hanymyz Şirgazy hemaýat idi.
Asly mekanym ki Garamazydyr,
Adamy eşretde gyş-u ýazydyr.
Garrylary zikri-Huda birle şat,
Gije-gündiz kylyp erer Haky ýat.
Haýr-u sahawatda ýigitler çenan,
Her biridir Hatamy-Taý an çenan.
Barçalary içre men erdim zebun,
Aklym erdi gähi hoş, gähi junun.
Gähi harabatda işim, gäh pygan,
Külbeýi-ahzan idi gähi mekan.
Bu sypat ömrümni ötürdüm, daryg,
Nury-hidaýaty neteý, tutdy myg.
Ah neteý, ötdi ömürim waý-waý,
Pazlyň ile sorgul, Özüň ýa Hudaý.
Barça halaýyk içinde bet işim,
Ýetip elli bäşe meniň bu ýaşym.
Kylmadym hiç toba-nesuh jan ile,
Bolmadym hiç emr ile, perman ile.
12
Hiç bir kişi kylmaz günä mende bar,
Men kibi ryswaýy-jahan kanda bar?
Kylsa kerem derýasyny möwçan,
Gark eýlär ne ýagşy galar ne ýaman.
Andalybyň barça işidir hata,
Gerçe hata mende erer, kyl ata.
Emma rawyýany-ahbar we nakylany-asar, muhaddysany-dessany-kühen we
hoşaçinany-harmany-suhan ara suhan zemm künet, paraýy an huny-jiger kem
künet. Rawyýany-depter we nakylany-şirin zybany-muhtaber «Kysasyl enbiýadan»
andag rowaýat kylarlar kim, Ýakup alaýhyssalamyň atalary Yshak alaýhyssalam
erdi, Yshak alaýhyssalamyň atalary Ybraýym alaýhyssalam erdi.
Emma Ýakup alaýhyssalamdan on iki ogul boldy. Ýusup alaýhyssalam birle
Ibni-Ýemin, ýene bir gyz – bu üçüsi bir eneden erdi. Bularyň enesi dünýäden rihlet
kylyp erdi. Onuň ady Rahyl erdi. Özgeleriň enesi haýatda erdi. Emma her oglunyň
bir häsiýeti bar erdi. Bir oglunyň ady Ýehuda erdi. Dergahar bolup nagra kylsa,
eşidenleriň zähresi ýarylyp öler erdi. Biriniň ady Şemgun erdi. Onuň häsiýeti bu
erdi, kim gylyç ursa, daş-demirni suw dek keser erdi. Ýene biriniň ady Rubil erdi.
Häsiýeti bu erdi, kim her näçe leşger alnyga duçar gelse, şir dek kükräp, çaş-paş
kylar erdi.
Emma Ýusup alaýhyssalamyň häsiýeti andag erdi, kim zyýada hoşroý,
hoşowaz erdiler. Eger nagma kylsa, wuhuş, tuýur teferruç kylyp uçmaz erdi.
Hoşroýlykda andag erdi kim, her kimse ýüzlerige baksa, misli aýna dek öz ýüzün
görer erdi. Ab-tagam iýseler, bedenlerinden zahyr bolar erdi. Allatagala husnny on
hyssa kylyp turar. Bir hyssasyn tamam halaýykga berip turar. Dokuz hyssasyny
Ýusup alaýhyssalama berip turar. Tamam melaýyk Ýusubyň jemalyga tomaşa
kylyp nazzara kylar erdi: «Adamzat hem mundag päkize wujut älemge gelir erken»
diýip.Yns-jyns, wagşy, tuýur görseler perýat-nala kylyp bu gazaly okar erdiler:
Öznüň sungy birle du jahany hasyl etdi,
Muhammet nuruny Ol jahana aýan etdi.
Onuň nurydan oldy, barça pygamber möwjut,
Resul olar içre, Ýusup husnun çenan etdi.
Perişde, hüýr-u peri Ýusubyň ýüzün görgeç,
Okap ýuz medh-u sena, her biri dessan etdi.
Jemaly şuglasydan gije bolupdyr röwşen,
Görüp düýşünde Züleýha, nalaýy-pygan etdi.
Andalyp nowa birlen güller üçin pygan tartyp,
Ýusup-Züleýhanyň kyssasyny dessan etdi.
13
****
Ýusubyň husny-ragnasy, halaýykny çenan örtär,
Ýüzüniň nury-zybasy biliňler bigüman örtär.
Melaýyk, hüýr ile gulman, görüp janyn kylar gurban,
Perizat, yns-u jyns haýran, weli yşky jahan örtär.
Hudaýyň nurydan ol jan, ki kylsa nagmaýy-suzan,
Eşiden nalaýy-efgan, ki janyn her zaman örtär.
Onuň dek näzenin şahy, çekip ýüz mähnet-u ahy,
Ki kyrk ýyl apaty-çahy, görüp andag pygan örtär.
Salyp Ýakuba ýüz arman, ki hijrinden çekip efgan
Bolup çun nalaýy-girýan, özüni her zaman örtär.
Elkyssa, Ýakyp alaýhyssalam Ýusuby barça oglanlaryndan ýagşy görer erdi.
Bir zaman gaşyndan aýyrmaz erdi. Muny özge oglanlary ýaman görüp, reşk eder
erdi. Nägäh Ýakup alaýhyssalam bir gije düýş gördi. Düýşünde Ýusup
alaýhyssalamy on böri ortaga alyp, her haýsysy bir hemle kylar erdiler. Bir böri
onlarga degdirmeý durup erdi. Ol hal Ýusuby ýer ýuwutdy. Hiç nam-nyşan
bolmady. Bu wakany Ýakup alaýhyssalam görüp, wehimnäk bolup ýerinden turup,
jan-howul, jan Ýusuby görüp, gujagyga gysyp, bagryga basyp, ýüzünden öpüp,
andag aram boldy. Bir zaman gaşydan aýyrmaz erdi. Dembe-dem, sagatba-sagat
bitakat bolup, ah tartar erdi. Her çendike teskin berdi, aramy-karary galmady.
Ýüregine ataşy-hijran düşüp, zar-zar ýyglap bir gazal okar erdi. Gazaly-Ýakup
alaýhyssalam bu turar:
Kadyr Alla ýüregime ot düşdi,
Ýusubymdan meni jyda eýleme!
Dünýäde aýralyk bir ýaman işdi,
Soltan başym bu gün geda eýleme!
Bilmen ne ýowuz gün düşer başyma,
Gorkaram bu gije gören düýşüme,
Awy salma meniň içer aşyma ,
Maňa aýralygy rowa eýleme!
Gözümiň röwşeni, bilde kuwwatym,
Köňül asaýyşym, janda rahatym,
Söwer guzym, gije-gündiz ülpetim,
Ýusubymdan meni jyda eýleme!
Açylanda gül-gunçasy solmasyn,
Bimahal çagynda hazan urmasyn,
14
Aýralyk belasyn hiç kim görmesin,
Meniň bagtym bu gün gara eýleme!
Ýakup nebi bir hikmete ugraýyr,
Göýä gahba pelek bagryn daglaýyr,
Eneden aýrylyp, guzy ýyglaýyr,
Aýralyk oduny rowa eýleme!
Emma Ýakup alaýhyssalam bu mynajatny okap daýym ýyglar erdi. Gijegündiz bikarar erdi. Bela kaýdan geler diýip, uky gözlerige haram erdi. Andag uky
bassa, tisginip ýerinden turar erdi. Ýusuby görüp, aram bolup, ýüregi jaý bolar
erdi. Bir gije nägäh Ýusup alaýhyssalam atasynyň gaşyda ýatyp erdi. Bir düýş
gördi. Düýşünde asmany-heft pelekden bir tagty-zerrin peýda boldy. Gelip
Ýusubyň aldyda berjaý boldy. Ýusup patyşahana serpaý geýip, tagt üstüne çykyp
oturdy. Ýene bir şähri-azym peýda boldy. Içinde tamam ulus halaýyk, hemme
bendewar gelip, gol gowşuryp hyzmat kyldylar. Ýene niçe müň gulambeçeler we
kenizler gelip hyzmatda durdular. Ýene asman tarapyndan Aý birle on bir ýyldyz
gelip Ýusuba sejde kyldylar. Ýusup bu wakalarny görüp, gorkup ýerinden tisginip
turdy. Ýakup Ýusupdan habardar erdi. Aýtdy:
- Eý, perzendi-güzidäm, waý, çeşmi-nury-didäm, ne sebäpden gorkup
oýgandyň? – diýip bagryna basdy. Ýusup misli kagyz dek galdyrap, gören düýşüni
atalaryga bir-bir beýan kyldy. Atasy bu wakalara haýran galyp, tagbyryn aýmady.
Ýusup:
- Eý, ata, düýşümiň tagbyryn beýan kylyň, niçikdir – diýdi. Ýakup
alaýhyssalam:
- Eý, oglum, menden soramagyl, näge bir belaga galmagaý sen – diýdi.
Ýakup Ýusubyň gabagyn çytylmagyna razylygy ýok erdi. Aýtdy:
- Eý, oglum, men düýşüňniň tagbyryn beýan kylaýyn. Sen hiç kimsäge
aýmagaý sen, tä agalaryň eşidip, seni bir belaga giriftar kylmagaý. Çünki, sen
meniň görer gözüm sen, agzalarymnyň kuwwaty sen turar sen, senden bir zaman
jydalyga takatym ýokdur. Imdi, eý, jigergüşäm, sen düýşüňni beýan kyl, men
magnysyny beýan kylaýyn – diýdi. Ýusup düýşüni beýan kyldy. Atasy magnysyny
beýan kyldy:
Ýusup: –
Atam, bir wakyga gördüm,
Ýitirdim akyl, haýrany.
Bu syrga düşmedim, turdum,
Nedir bu derdiň dermany?
Ýakup: –
Balam, bu dünýä panydyr,
Seniň janyň aman olsun.
Bu bir syrry-nyhanydyr,
Diýgil janym, beýan olsun.

Jöwherden bolan bir tagt,
15
Gelip aldymda durdy nagt,
Maňa «mün» diýdiler ol wagt,
Ýene bir köşki eýwany.

Soltanat şahy tagtydyr,
Miýesser bolsa bagtydyr,
Saňa döwletli wagtydyr,
Niginiňde jahan olsun.

Oşol tagt üzre oturdym,
Halaýyga höküm kyldym,
Jahany nura doldurdym,
Musahhar çarhy-Keýwany.

Bolar sen äleme soltan,
Kylar sen tagt üzre jöwlan,
Ýüz müň leşger saňa perman,
Hemme sahypkyran olsun.

Gelip şemş-u kamar durdy,
Ýene on ýyldyz öwrüldi,
Maňa barça sejde kyldy,
Ýer, asman barça jöwlany.

Şemş-u kamar ol apaňdyr,
Sejde kylgan on agaňdyr,
Başda jyga otagaňdyr,
Saňa janlar gurban olsun.

Ýusup diýer, ah-zar erdim,
Bu düýşden bikarar erdim,
Saňa men gülgüzar erdim,
Salmasyn dagy-hijrany.

Diýdi Ýakup nebi, dildar,
Kişige aýmagyl zynhar,
Hudadyr barçaga gamhor,
Bu syr içde nyhan olsun.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Ýusup–Züleýha - 2
  • Parts
  • Ýusup–Züleýha - 1
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2084
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    40.2 of words are in the 5000 most common words
    47.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 2
    Total number of words is 3908
    Total number of unique words is 1713
    24.0 of words are in the 2000 most common words
    36.3 of words are in the 5000 most common words
    43.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 3
    Total number of words is 4043
    Total number of unique words is 1781
    24.3 of words are in the 2000 most common words
    35.5 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 4
    Total number of words is 3975
    Total number of unique words is 1754
    23.9 of words are in the 2000 most common words
    37.1 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 5
    Total number of words is 3987
    Total number of unique words is 1733
    23.2 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 6
    Total number of words is 4044
    Total number of unique words is 1704
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    38.8 of words are in the 5000 most common words
    46.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 7
    Total number of words is 3941
    Total number of unique words is 1710
    24.6 of words are in the 2000 most common words
    35.1 of words are in the 5000 most common words
    42.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 8
    Total number of words is 4015
    Total number of unique words is 1563
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.3 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 9
    Total number of words is 3661
    Total number of unique words is 2114
    23.5 of words are in the 2000 most common words
    35.3 of words are in the 5000 most common words
    42.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Ýusup–Züleýha - 10
    Total number of words is 2617
    Total number of unique words is 1911
    21.4 of words are in the 2000 most common words
    34.6 of words are in the 5000 most common words
    42.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.