Latin

Türkmen halk döredijiligi I - 8

Total number of words is 3428
Total number of unique words is 2023
23.6 of words are in the 2000 most common words
38.0 of words are in the 5000 most common words
45.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýyndam atym ýag içer,
Menzil‑menzil ýol geçer. (Maşyn, otly)
***
229
Türkmen halk döredijiligi
Zygyr‑zygyr, zygyrdar,
Her ýerden habar berer. (Radio)
Öý goşlary, hojalyk gural‑esbaplary hakyndaky matallar
Agzy gyzyl alamat,
Düýbi gyzyl kyýamat.
Hassa girer, sag çykar,
Saglygyňa salamat.
Bu nähili keramat? (Tamdyr, çörek)
***
Ajap eje görgüli,
Hemme kişä bergili. (Kündük)
***
Akja guzym suwa indi,
Garaja oglan bile indi. (Tüwi, gazan, kepgir)
***
Ak maýamyň süýdi sary. (Çäýnek we çaý)
***
Ak öýüm bar,
Işigem ýok, aýnasam ýok. (Peşehana)
***
Arçanaga, arçanak,
Otdan‑suwdan gaçanok. (Ätaşgir)
***
Atasy aýry gara,
Enesi ýumry gara,
Gyzy gyzyl injik,
Ogly esrik mergen. (Tagan, gazan, ot, tüsse)
***
Atasynyň gulagyn ogly çokalar. (Gulp, açar)
***
230
Matallar
Atdan beýik, itden pes. (Eýer)
***
Aýganak‑aýganak atasy bar,
Omparyp oturan enesi bar,
Gyzyl köýnek gyzy bar,
Gara telpek ogly bar. (Tagan, gazan, ot, gapak)
***
Bendäni bentde gördüm,
Degresin kentde gördüm,
Dört aý, ýigrimi dört ýyldyz,
Men şuny bir atda gördüm. (Atyň naly we myhy)
***
Bikejik otyr, ýeňňesi ýatyr. (Kündük)
***
Bili döwük küýküje. (Agyzdyryk)
***
Bir agzy bar, iki gözi,
Hassany saglar özi. (Tamdyr, çörek)
***
Bir depäniň üstünde,
Bir towşanjyk –
Böküp‑böküp oýnaýar. (Başdarak)
***
Bir dostum bar öýkünjeň. (Aýna)
***
Biri ölüp ýatyr,
Goluny serip ýatyr. (Meşik)
***
Goşa, gara göz goşa,
Gözüň ýetir o başa. (Dürbi)
***
Goşa jübüt çatylar,
231
Türkmen halk döredijiligi
Düýbüne ýüp atylar,
Kellesinden kesilip,
Demir bilen çapylar. (Haly)
***
Görsem, göwnüm eriser,
Gözlesem, tapylmaz bu eser,
Başy bürenjekli derdeser. (Gor küýze we çal)
***
Guýsaň dolmaz. (Elek)
***
Iki elinden tutsam,
Menden öňde gider. (Galtak)
***
Jahanda bir aždarha bukup ýatar,
Oýadan öz janyna kaza tapar. (Gapan)
***
Kiçijik esbap demirden,
Gandy görse gemirgen. (Gant döwgüç)
***
Oňurgasy oýulan,
Oturmaga laýyk ýonulan. (Eýer)
***
Otly kümäň üstünde,
Gara gaplaň gaýşaryp otyr. (Ojak bilen gazan)
***
Üsti gar, asty ýagyş. (Elek, un elenýän wagty)
Türkmen öýi we oňa degişli zatlar hakyndaky matallar
«Açyl‑açyl» hyzmatkär,
«Ýapyl‑ýapyl» hyzmatkär. (Gara öýuň serpigi)
***
232
Matallar
Agaçdan bir tor etdim,
Bir‑biriniň bendine
Etden saýlap çüý etdim. (Tärim)
***
Ala çebiş,
Dula ýapyş. (Gara öýüň götergi bagy)
***
Altmyş kempir ýer dişlär. (Gara öýüň tärimi)
***
Altyn apba,
Kümüş gupba,
Tes‑tegelek,
Gara lapba. (Gara öý)
***
Atasy oglunyň telpegini geýip dur. (Gara öý, tüýnük)
***
Bäş at bir aty basyp dur. (Gara öýüň işigi)
***
Bir at aldym heňňele,
Mündüm üstüne gommala. (Gara öýüň gamşy)
***
Biri hassa ýatyr,
Ikisi sorap otyr. (Bosaga, işik)
***
Bir tegelek telpegi,
Dört ýanynda gulpagy. (Gara öýüň serpigi we serpik bagy)
***
Bizi‑bizi büzdüler,
Bizi ýüpe düzdüler,
Biz bir otagaly gyzdyk,
Otagamyzy üzdüler. (Öý gamşy)
***
233
Türkmen halk döredijiligi
Öý daşynda ýarty ýalak. (Öýüň kölegesi)
***
Öýümiziň üsti dört çybyk. (Serpigiň dört bagy)
***
Sakar atym sarkyp dur,
Art aýagyn kakyp dur. (Işik, eňsi)
***
Tegelendi telpegi,
Dört ýanynda gulpagy. (Gara öýüň tüýnügi, serpik bagy)
***
Ýokardan allap geler,
Iki elin sallap geler. (Tüýnük ýüp)
Azyk önümleri, iýilýän‑içilýän zatlar hakyndaky matallar
Ak atamyň agzy bitik. (Ýumurtga)
***
Ak deňiz üstünde ak gaýyk. (Süýt we gaýmak)
***
Bir gap un,
Içinde sütün. (Igde)
***
Bir guýudan kyrk goýun suw içer. (Börek)
***
Bir küýzede iki suw,
Günde getirip berer. (Ýumurtga, towuk)
***
Bir tutam, belli tutam,
Gemireýin diýseň, aýdaýyn. (Goýnuň bişen aýagy)
***
Buýra‑buýra buýrasy,
Buýra soltan eýesi,
Buýrasyndan tutdurmady,
234
Matallar
Keýki soltan eýesi. (Unaş)
***
Çuňňulja guýyň içinde,
Çürje gulak gygyrýar. (Pişme we onuň gazandaky bişýän pursady)
***
Duzsuz bişen aş gördüm,
Tos‑togalak daş gördüm. (Gawun)
***
Ekiniňi ýaş gördüm,
Duzsuz bişen aş gördüm. (Semeni)
***
Gatlak‑gatlak ýapylar,
Bir oňatja epiler. (Çelpek)
***
Gysgajyk boýluja,
Daşy donluja. (Kemput)
***
Nahara atsaň ony,
Sessiz agladar seni. (Burç)
***
Salkymy bar,
Üzüm däldir.
Şänigi bar,
Igde däldir.
Ýarygy bar,
Bugdaý däldir. (Hurma)
***
Suwda biter,
Suwda ýiter. (Duz)
***
Suwukdyr, suw däldir,
Akdyr, gar däldir. (Süýt)
***
235
Türkmen halk döredijiligi
Ýemeni ýemen eken,
Ýemenden agaç gelen eken,
Gözbaşy halal eken,
Eti gerek däl eken. (Çaý, şemme)
***
Ýere urdum paltany,
Agzy gyzyl haltany,
Ýerden bir oglan çykdy,
Uly iliň soltany. (Bugdaý)
Geýim‑gejim we aýakgap hakyndaky matallar
Aýagy ýok, eli bar,
Başy ýok, ini bar. (Köýnek)
***
Aýak bassam içine,
Elin aýlar daşyna. (Çaryk we onuň baglary)
***
Başaşak goýsaň,
Içi dolar.
Ýokaryk goýsaň,
Içi boş galar. (Telpek)
***
Bäş barmagy bar, dyrnagy ýok. (Ellik)
***
Dyz boýy çukurjyk.
Aýagym batdy gitdi. (Ädik)
***
Ertir turdum,
Iki aýry ýola düşdüm. (Balak)
***
Garaňky içerde garny ýaryk gul ýatyr. (Köwüş)
***
236
Matallar
Gije gysyr, gündiz bogaz. (Köýnek, don)
***
Gündiz ýörär, agzy ýumuk,
Gije ýatar, agzy açyk. (Köwüş)
***
Hamy daşynda, tüýi içinde. (Içmek)
***
Öňi bar‑da, yzy ýok. (Papak)
***
Uly ýol üçe bölünýär. (Köýnek, ýaka we iki ýeň)
Haýwanlar, guşlar we mör‑möjekler hakyndaky matallar
Agy ak, garasy gara,
Guýrugy garyş sere. (Alahekek)
***
Aňyrsy tiken,
Bärsi tiken.
Nirä gitjek?
Ýoluň tiken. (Kirpi)
***
Asmandan gelýär pallap,
Dört aýagyn sallap,
Düşjek ýerini belläp. (Tomzak)
***
Asty daş,
Üsti daş,
Dört aýak‑da, bir baş. (Pyşdyl)
***
Aty astynda,
Tanapy üstünde. (Düşdüş)
***
237
Türkmen halk döredijiligi
Başy bar‑da, saçy ýok,
Gözi bar‑da, gaşy ýok. (Balyk)
***
Başy darak,
Guýrugy orak. (Horaz)
***
Bili‑bili bürek at,
Bili inçe kürek at,
Daga‑daşa degmez at,
Dalagy degse, ölmez at. (Garynja)
***
Birje tazym ýortagan,
Çuwal, torba ýyrtagan. (Syçan)
***
Çit köýnekli gyňyr gul. (Zemzen)
***
Dört el köke ýapar,
Agyzy ýandak çapar. (Düýe, aýak yzlary, onuň ýandak iýmegi)
***
Orakdan egri,
Okdan dogry. (Ýylan)
***
Oýlasa oýly,
Sözlese sözli,
Aýtsa agyzly,
Adamyň dosty. (Totuguş)
***
Pakyr kişi penada,
Possuny samanhanada. (Tilki)
***
Petik burçda öýüm bar,
Berk gurnalan torum bar. (Möý)
***
238
Matallar
Sakgaly bar, murty ýok. (Geçi)
***
Süňksüz sopy ýer gazar. (Gurçuk)
***
Süýdünden sargan bolar,
Ýüňünden ýorgan bolar,
Öýümiziň düşegi
O‑da ýüňünden bolar. (Goýun)
***
Ýamasy bar‑da, tikini ýok. (Ala mal)
***
Ýeke baýyň dört ogly,
Epeý basyp barýa‑la.
Ortasynda ýetim gyz,
Odun ýygyp barýar‑la. (Düýe)
Ösümlikler, bag‑bakja önümleri hakyndaky matallar
Abdyl agam arrykdyr,
Agzy‑burny mürrükdir,
Hemme zada gerekdir. (Gowaçanyň köregi, pagta)
***
Agaçdan aty,
Daşdan gaty,
Öýden uly,
Ýumurtgadan kiçi,
Ötden ajy,
Süýtden süýji. (Hoz agajy, hoz)
***
Bir kiçijik özi bar,
Gabat‑gabat dony bar. (Sogan)
***
239
Türkmen halk döredijiligi
Daýzam içde, saçy daşda. (Käşir)
***
Düýbi bir, başy müň. (Ak jöwen)
***
Gökje baýlyk, üç aýlyk.(Hyýar)
***
Güýz ekerler deregi,
Ýazda iýrler çöregi. (Güýzlük bugdaý)
***
Matalym, gyzyl matal,
Dilden ötüp, damaga ýeter. (Gyzyl burç)
***
Peleginden düwdüren,
Alkymyndan bogduran. (Suwkädi)
***
Pel üstünde peşli ahun. (Kömelek)
***
Sary towugym basyp ýatyr. (Biýaradaky sary gawun)
***
Üç aý öli,
Dokuz aý diri,
Gezmeýär biri. (Agaç, bag)
***
Ýortup barýardym, hol baýak,
Elimde ýylgyn taýak.
Bir ajaýyp düýş gördüm,
Bir kellede müň gulak. (Dary)
Bezeg we şaý‑sepler hakyndaky matallar
Akja kümmez içinde,
Akja güjük läle kakýar. (Düwme)
***
240
Matallar
Boýun üstünde alaja ýylan. (Alaja we monjuk)
***
Müçesi kiçi, kuwwaty güýçli. (Dür)
***
Otursa hümmet,
Tursa haýbat,
Müň çeçek,
Müň bir ýaprak. (Kejebe)
***
Şildir‑şildir suw akar,
Sygyryp atyn ýakar. (Düwme)
***
Şyňňyr‑şyňňyr, şyňňyrdar,
Bir enaýy waňňyrdar. (Bukaw)
***
Ýaýdan egri,
Ak bilekde,
Durar dogry. (Bilezik)
***
Ýüzi‑gözi bydyr‑bydyr,
Adam bilen bile ýatar. (Gülýaka)
Saz gurallary hakyndaky matallar
Alty guşak, ýedi gözdür,
Agzy bilen süýkeýär.
Agzy dilsiz, içegesiz,
Eýse, sözläp aýdýar. (Gargy tüýdük)
***
Dili bar‑a, dili bar,
Diliniň dildary bar.
Uzyn boýly bir pälwan –
**16. Sargyt № 2693
241
Türkmen halk döredijiligi
Bir kesejik kemi bar. (Dutar)
***
Gök demirden dillije,
Uly ile bellije. (Gopuz)
***
Ýedi menzil ýolda
Ýeňňemiň aty kişňeýär. (Tüýdük)
Harby enjamlar hakyndaky matallar
Agam agzyny açar,
Hemmeler ondan gaçar. (Tüpeň)
***
Aýaksyz‑elsiz daşa gider. (Ok)
***
Bar özi, ýeke taýagym,
«Ur» diýsem, weýran eder,
«Ur» diýmesem, gülzar eder. (Top − ýarag)
***
Bir agajym bar,
Pürsüz‑pudaksyz.
Men neneň çykaýyn,
Elsiz‑aýaksyz. (Naýza)
***
Çyr çybyg‑a, çyr çybyk,
Çyr çybykda höwürtge
Höwürtgede ýumurtga. (Tüpeň, ok)
***
Esetdi‑esetdi,
Çirkin ses etdi. (Tüpeň atmak)
***
Özüme çekdim,
Aňryk gaçdy,
242
Matallar
Içi ýanyp, daşa düşdi. (Tüpeň we oky)
***
Ýanymdaky ýandyrgyç. (Gylyç)
***
Ýyldyr‑ýyldyr ýylanjyk,
Uzyn boýly juwanjyk,
Enesi gara ganjyk. (Gylyç)
***
Ýylp etdi, ýylan çykdy. (Gyndan çykan gylyç)
Dürli mazmunly matallar
Agzy ýok, adam dişlär. (Tiken)
***
Ahmal etseň, sypjakdyr,
Jaýy jübi‑gapjykdyr. (Pul)
***
Bir tanapym bar,
Hiç külterläp bilemok. (Ýol)
***
Çuňňurja gol içinde,
Çalja güjük gygyrýar. (Jaň)
***
Çyr‑çyr guşlar,
Dag düýbünde güjük jygyrdar. (Zynjyr)
***
Daramaga saçy ýok,
Dazzarkel otyr. (Töňňe)
***
Daşy jäjek, içi möjek. (Pile)
***
Ertekim erte geler,
Guýrujagy jorta geler. (Kesewi)
***
243
Türkmen halk döredijiligi
Güjügime «git» diýdim,
«Tur, daşarda ýat» diýdim. (Kül)
***
Maslahatsyz üýşerler,
Töwellasyz çaşarlar. (Bazar)
***
Owkalasam, mes bolar,
Şemal degse, sus bolar. (Sabyn köpürjigi)
***
Suw üstünde kepbe üsti. (Köpri)
***
Süýdi ýok, ödi ýok, ar:gyny ýok. (Guş, gulan, ýer)
***
Ýüpe münüp, han boldum,
Gapa gelip, gul boldum,
Oda ýanyp, kül boldum. (Odun)
***
Ýylt‑ýylt eden bezirgen
Bütin ýurdy gezegen. (Teňňe)
244
Nakyllar we
atalar sözleri
—A—
Abadan kent tüssesinden belli.
***
Abat öýüň bilbili, bibat öýüň baýguşy.
***
Abraýly ýigide ýaraly keýik sataşar.
***
Abraýy tapyp bolmaz, biabraýlyk duran ýeriňde.
***
Aç başym dynç gulagym.
***
Aç gatyk islemez, uky ýassyk islemez.
***
Aç towuk düýşünde dary görer.
***
Açda algyň bolmasyn, bege bergiň.
***
Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez.
***
Açyk gaby it ýalar.
***
Açyk saçak hödür islemez.
***
Adam amanat, amaly baky.
***
Adam adama myhman‑jan göwrä.
***
Adam adamdan gutular, adam pälinden gutulmaz.
***
245
Türkmen halk döredijiligi
Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda.
***
Adam bar gyzyl alma nagşydyr,
Adam bar ‑haýwan ondan ýagşydyr.
***
Adamyň owwaly hem oglan, ahyry hem oglan.
***
Agaç egildi‑döwüldi, ýigit uýaldy‑ezildi.
***
Agaç ýykylsa, paltaly‑da ylgar, paltasyz‑da.
***
Agajy ýaşlykda bük.
***
Agaryp öňe‑de düşme, garalyp soňa‑da galma.
***
Agaryp tenim görnenden, gögerip ýamam görünsin.
***
Aglap‑aglap pel çeken, gülüp‑gülüp suw tutar.
***
Agsak keýik müň torsuga ýetdirmez.
***
Agyň ady bar, garanyň dady bar.
***
Agysyz ölüm bolmaz, öýkesiz – toý.
***
Agyz bir, gulak iki, bir sözläp, diňle iki.
***
Agyzdan çykan söz atylan ok.
***
Agzy gulply sandygy diş açmasa, dil açar.
***
Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr.
***
246
Nakyllar we atalar sözleri
Agzyň doly gan bolsa‑da, ýagynyň ýanynda tüýkürme.
***
Ak düýäni gördüňmi? Göremok, şondan gowusy ýok.
***
Akmaga dymmaklyk – jogap.
***
Akmagyň agasy bolandan, akyllynyň inisi bol.
***
Akmak bilen gülüşenden, akylly bilen aglaşan ýagşy.
***
Akyl är döwletden düşse‑de, hormatdan düşmez.
***
Akylly dostuny öwer, kemakyl aýalyny, samsyk özüni.
***
Akylly oýlanýança, tentek işini bitirer.
***
Akyllynyň gadyry akmak ýanynda bilner.
***
Akyly keltäň dili uzyn.
***
Alym bilen tanyş, bileniňi et.
***
At çaňyna giden geler, pil çaňyna giden gelmez.
***
At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden.
***
Ata barka ogul ýaş, aga barka ini.
***
Ata dünýäsi ogla gönezlik.
***
Ata‑enäniň öwretmedigini heňňam öwreder.
***
At al barlydan, gyz al ýarlydan.
***
247
Türkmen halk döredijiligi
Atasyz oglan ýetim, enesiz oglan ýesir.
***
Aty baryň ganaty bar, ogly baryň‑döwleti.
***
Atyn aýan bir goşowuç dänäni kem berer.
***
Aty ýaryş öldir, äri − namys.
***
At üçin är öler.
***
Awçy awçynyň yzyndan bir aýda ýeter.
***
Awçy näçe al bilse, aw hem şonça ýol biler.
***
Aý şuglasy garybyň öýüne‑de düşer.
***
Aýak ýüwrügi daşa deger, dil ýüwrügi başa.
***
Aýakda bolandan, agyzda bol.
***
Aýal bar öý‑diker, aýal bar‑öý ýykar.
***
Aýalyň emelsiz bolsa, iňňä özüň sapak ötirsiň.
***
Aý batmanka agylyňy bekit,
Gün batmanka guýyňy bekit.
***
Aýbyny ýaşyran aýňalmaz.
***
Aýrylmaz goňşyňa unutgysyz söz aýtma.
***
Aýypsyz dost yzlan dostsuz galar.
***
248
Nakyllar we atalar sözleri
Az bolup dana bolandan, köp bolup diwana bol.
***
Azajyk derdi aş basar, agyr derdi iş.
***
Azaşsaň köp bilen azaş.
—B—
Bal diýeniň bilen agyz süýjemez.
***
Bal süýji, baldan‑da bala.
***
Bal tutan barmagyny ýalar.
***
Balaly öýde gybat ýok, balasyz öýde gurbat.
***
Balygyň özi suwda bolsa‑da, gözi gyrda.
***
Bar okaram, gel okaram, barmasaň‑gelmeseň, orta ýolda döwül,
okaram.
***
Bar ýerinde bal arzan, ýok ýerinde duz gymmat.
***
Barmak bilen çözüljek düwüne agyz urma.
***
Başa bela iki barmak dilden geler.
***
Batar günüň atar daňy bar.
***
Batyr bir öler, gorkak müň.
***
Baý malyny bahyl gysganar.
***
249
Türkmen halk döredijiligi
Baýlyk eliň kiri, ýuwulsa gider.
***
Baýyň sahylygy elinde, garybyň sahylygy dilinde.
***
Bedasyla barynçaň, boý oturgyn ölinçäň.
***
Beg beren atyň dişine bakma.
***
Berene bäş köp, alana alty az.
***
Bergini beren ýeňer, ýoly ýörän.
***
Bermezek Taňrydan irmezek awçy.
***
Bijeli oglan aglamaz.
***
Bilbile altyn ketek‑de zyndandyr.
***
Bilim bilen hikmet altyndan gymmat.
***
Bilmeseň bir aýyp, bilip amal etmeseň, iki aýyp.
***
Bir agaçdan okluk‑da çykar, saplyk‑da çykar.
***
Bir agyzdan çykan söz müň agyza ýaýylar.
***
Bir garlawaç ýaz etmez.
***
Bir garybyň köňlüni «Hoş geldiň!» awlar.
***
Bir göreniňi öwme‑de, syndyrma‑da.
***
Bir gün agzalalyk bolan öýden kyrk günki bereket gider.
***
250
Nakyllar we atalar sözleri
Bir okda iki towşan urdurmaz.
***
Bir samsyk bäş akyllyň agzyny alardar.
***
Bir ýazykdan är ölmez.
***
Bogazy bogmasaň, bogaz düýäni ýuwdar.
***
Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy.
***
Bulutdan çykan Gün ýakar, ýaşmakdan çykan dil.
—Ç—
Çaga iş buýur, yzyndan özüň ýüwür.
***
Çagaly öýde gybat bolmaz.
***
Çakyny bilmeseň, balam zähere döner.
***
Çala eşiden çatma ýykar, öte eşiden öý.
***
Çemçe bilen aş berip, sapy bilen göz çykarma.
***
Çemçeläp ýygnanyňy, çanaklap dökme.
***
Çopana meýlis haram.
***
Çöken düýe ýer alar.
***
Çörekli oglan söýmäge ýagşy.
***
Çybygy wagtynda bükmeseň, ulalansoň bükdürmez.
***
251
Türkmen halk döredijiligi
Çyn dost bähbit gözlemez.
***
Çyra saýasyny bilmez, gazan garasyny.
—D—
Dag başy dumansyz bolmaz, är başy hyýalsyz.
***
Daga çyksaň hem, dabanyňy gözläp gez.
***
Dag beýigem bolsa, üstünden ýol geçer.
***
Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar.
***
Dart‑üzme, it‑ýykma.
***
Daş bilen urany aş bilen ur.
***
Daýyly oglan dartyk, ülüşli paýy artyk.
***
Dazzar darakly boldy, ol‑da gerekli boldy.
***
Degimsize degim degse, gündiziň güni çyra ýakar.
***
Deňizde balyk söwdasy bolmaz.
***
Dälä ýel ber, iki eline pil ber.
***
Dil bar‑bal getirer, dil‑bar bela getirer.
***
Dil bilen orak orsaň, bil agyrmaz.
***
Dilegiň kişide bolsa, kilidini asmandan gözle.
***
252
Nakyllar we atalar sözleri
Dili kelte‑salamat, dili uzyn‑melamat.
***
Dinden çyksaň çyk, ilden çykma.
***
Diş dişe degenden, diş daşa degsin.
***
Dişiň agyrsa çek gutul, goňşyň azar berse göç gutul.
***
Dogansyz oňsa bolar, goňşusyz oňup bolmaz.
***
Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok.
***
Dok diýip, tilkä barma, aç‑da bolsa gurda bar.
***
Dokuzy geçen gyz durmaz, öýleden soň gün.
***
Dost başyňa iş düşende tanalar.
***
Dostuňa syryňy berme, onuňam özge dosty bar.
***
Döwletli ogul ojagyň gory.
***
Döwletliden döwlet ýokar, bidöwletden‑mähnet.
***
Dulda oturan gelinden gork, çölde gezen çopandan.
***
Duşmana ölüm dileýänçäň, özüňe ömür dile.
***
Düýäni yzyndan tanarlar, adamy lakamyndan.
***
Düýe boýnunyň egrisini bilmez, ýylana egri diýer.
253
Türkmen halk döredijiligi
—E—
Edebi kimden öwrendiň, biýedepden öwrendim.
***
Ederini bilmeze, ýagy ne hajat.
***
Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem,ýagşy.
***
Egri agaç ýarsgynyna gider.
***
Eken harman eder, ekmedik‑arman.
***
Ekgende ýok, dikgende ýok, harmanda häzir hoja.
***
El döwüler egri bitmek üçin.
***
Eli işläniň, agzy dişlär.
***
Enesini gör‑de gyzyny al, gyrasyny gör‑de biýzini.
***
Eşegi ýüke çek, eşek etmese, ýüki eşege.
***
Eşek semrese, eýesini deper.
***
Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen.
***
Eýesi söýen maly alma, enesi söýen gyzy.
***
Eýesine gerek bolsa, goňşusyna haram.
—Ä—
Ädigiň dar bolsa, dünýäniň giňliginden ne peýda.
***
254
Nakyllar we atalar sözleri
Älem içre adam gezmez, at gezer.
***
Är gezse ryzky açylar, aýal gezse aýyby.
***
Är güýji syrynda, söz güýji çynynda.
—G—
Gahar öňden ýörär, akyl yzdan.
***
Galpyň gazany gaýnamaz, gaýnasa‑da baýnamaz.
***
Gapyçynyň garny dok.
***
Garga gaza öýkünse, ganaty synar.
***
Garrydan sorama, köpi görenden sora.
***
Garynja gara günde, gurbaga saz bilen söhbetde.
***
Garyp galla tapmaz, galla tapsa gap.
***
Gaty söýen dilden galar.
***
Gawun gowusyny şagal iýer.
***
Gedaý itden gorkar, it gedaýdan.
***
Gelene baldyz, gidene ýeňňe.
***
Geňeşli ýerde kemlik ýok, geňeşsiz ýerde deňlik.
***
Gep diýseň gap‑gap, iş diýseň bitap.
***
255
Türkmen halk döredijiligi
Geýmäge keten ýagşy, ölmäge Watan.
***
Gizlin söýgi görkli, äşgär söýgi merkli.
***
Goňşyň azar berse göçüp gutul, dişiň azar berse çekip gutul.
***
Goýna gurt daranda, işýakmazyň içi agyrar.
***
Goýun ýüze ýetýänçä, derisi müňe ýeter.
***
Guda bolynçaň syna, bolandan soň syla.
***
Gurt arkasyndan guş doýar, är arkasyndan aç.
***
Guş bar etini iýmeli, guş bar et iýdirmeli.
***
Göge tüýkürseň, ýüzüňe düşer.
***
Görümsiz kümüş görse, guduz açar.
***
Göz ýüregiň aýnasy.
***
Göze bela gülden geler, başa bela dilden.
***
Güjük dalanman, köpek çykmaz.
***
Gülüň biten ýerinde gadyry ýok.
***
Gündiz tüssä gitme, gije yşyga.
***
Gürrüňdeşiň güň bolsa, gepe‑söze ne hajat.
***
Gyş çykar, ýüzügaralyk kömre galar.
***
256
Nakyllar we atalar sözleri
Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy‑da gylyksyz.
***
Gyza altyn tagt dileme, barmak boýda bagt dile.
***
Gyza geler kyrk kişi, alar gider bir kişi.
***
Gyzy baryň näzi bar, ogly baryň döwleti.
***
Gyzyl oduň uýany bolmaz.
***
Gyzyň görki ýedi ýetmeziniň üstüni ýapar.
—H—
Hakdan gelse gelsin, nähakdan gelmesin.
***
Hakykatyň güwäsi özünde.
***
Halala hasap bar, harama azap.
***
Haly ýüwürdip, kilim kesme.
***
Haramdan gelen harama gider.
***
Hasaply dost uzak gider.
***
Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa.
***
Haýyrsyz peýdadan, haýyrly zyýan artyk.
***
Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil.
***
Her kim doýan ýerini magtar.
***
**17. Sargyt № 2693
257
Türkmen halk döredijiligi
Her kimiň bir gaýgysy, kel gyzyň är gaýgysy.
***
Her molla öz bildigini okar.
***
Horaz hemme ýerde bir gygyrar.
***
Hödür edilse, suwam bolsa iç.
***
Hudaýdan düýe ýaly dile, dary ýaly berse‑de alaý.
***
Hünärli ýigit miweli agaç.
—I—
Içmeklini ursaň, ýalaňaç gorkar.
***
Içmen diýen guýyňdan, aýlanyp üç içersiň.
***
Iki at depişer, arasynda eşek öler.
***
Iki bolup bire degmez, gözli bolup köre.
***
Iki gapyda gezen köpek aç galar.
***
Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup.
***
Il oňlasa, atyňy soý.
***
Iňňe dilegi‑de dileg, düýe dilegi‑de.
***
Işigaýdany düýäniň üstünde it ýarar.
***
It öýkelär, eýesi bilmez, gul öýkelär, hojasy bilmez.
***
258
Nakyllar we atalar sözleri
It üýrer, kerwen geçer.
***
It ýal iýen ýerinde üýrer.
***
It ýalagyny ýalaman doýmaz.
***
It ýassanan ynjalmaz.
***
It ýok oýda tilki gezer.
***
It ysgan suwy arslan içmez.
***
It ýyrtyk donlyny ýarar.
***
Itden aç‑da ýok, dynç‑da.
***
Itden arsyz, eşekden gadyrsyz.
***
Iti eýesiniň hakyna sylarlar.
***
Iti gylyksyz, ili biliksiz1.
***
Iti it bile dalarlar.
***
Iti öldüren süýrär.
***
Itil2 gargasy Itile uçar, Ýaýyk3 gargasy Ýaýyga.
***
Itiň agzy ala bolsa‑da, möjek görende biriger.
***
Jöwzada ýygnan, saýada iýer.
Bilik ‑ ylym, sowat.
Itil ‑ Wolga derýasy.
3
Ýaýyk ‑ Ural derýasy.
1
2
259
Türkmen halk döredijiligi
—K—
Kellede akyl bolmasa, jan azapda.
***
Kesewi uzyn bolsa, gol ýanmaz.
***
Kim köp ant içse, soňy ýalana ýazar.
***
Kim tebip, derdi çeken tebip.
***
Kişiniň palawyndan, öz çorbaň ýagşy.
***
Kölegede biten agajyň kölegesi bolmaz.
***
Köp diňlän süýji geplär.
***
Köp iýseň bal hem ajy deger.
***
Köp ýortan bir taýar.
***
Köplük bolup atylan daş uzak gider.
***
Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere girer.
***
Kütek pyçak el keser.
***
Kyrk ýylky tarpdan, bir ýylky şüdügär.
—L—
Laçyn bilen düýe awlanmaz.
***
Lalyň diline enesi düşer.
***
Leglegiň gideni görünmez, geleni görner.
260
Nakyllar we atalar sözleri
—M—
Mal eýesiniň gözünden suw içer.
***
Maly bolmadygyň, haly bolmaz.
***
Maly gazanan baksyn, oduny ýygan ýaksyn.
***
Maly paýlasaň dagar, ylmy paýlasaň gögerer.
***
Manysyz gep bolmaz, dänesiz çöp.
***
Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl.
***
Mellekçä ýer berseň, ýer eýesini ýerden çykarar.
***
Merde ýalbarsaň peseler, namarda ýalbarsaň eseler.
***
Mesligi goýun göterer, goýnuňam garasy, garasynyňam garrysy.
***
Mirasdan ýumruk ýetse‑de, al.
***
Möý bar ýerde kerep bar.
***
Müň aýal aglasa‑da, bir enäniň ornuny tutmaz.
***
Müň goýunlynyň bir goýunla dilegi düşer.
***
Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol.
***
Myhman doýmadym diýmez, soýmadyň diýer.
261
Türkmen halk döredijiligi
—N—
Nadan oglan atasyna öwreder.
***
Naharyň bişerine garaşan, sowaryna‑da garaşar.
***
Nan uludan, suw kiçiden.
***
Nesibesiz tapar, nesibeli ulanar.
***
Nesýe guýrukdan nagt öýken.
***
Nähak töhmet, biwagt ölüm.
***
Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz.
***
Nyrhsyz giren muzdsuz çykar.
—O—
Oda gelen aýalyň otuz agyz sözi bar.
***
Ody gozgasaň — öçer, goňşyňy gozgasaň — göçer.
***
Oglan aglar, tudana wagtynda bişer.
***
Oglana ýumuş buýur, yzyndan özüň ýüwür.
***
Ogry güjük gorkak bolar.
***
Ogul atadan görmese, supra ýaýmaz.
***
Ogulsyza döwlet ýok, aýalsyza eşret.
***
262
Nakyllar we atalar sözleri
Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar.
***
Okaýan il ozar, okamaýan il tozar.
***
Oslagsyz zyňlan daş baş ýarar.
***
Otuz iki dişden çykan, otuz iki mähellä ýaýylar.
***
Oýnap aýtsaňam, oýlap aýt.
***
Oýnasa ogly ýeňer, çynyrgatsa atasy.
***
Oýun bilmeseň, oýunça öýkün.
***
Oýun soňy uruş, ýel soňy ýagyş.
***
Oýunçy utulanyny bilse ýagşy.
—Ö—
Öküzi buýnuzyndan tutarlar, adamy sözünden.
***
Ölen goýun gurtdan gorkmaz.
***
Öli arslandan diri syçan ýagşy.
***
Ölme‑de, ýit diýenleri.
***
Ölümden başgasynyň alajy bolar.
***
Ölüsi bolan bir gün aglar, dälisi bolan her gün.
***
Ötene ökünme, gelenden çekinme.
***
263
Türkmen halk döredijiligi
Öwrenen gylyk örkleseň‑de durmaz.
***
Öýdäki hasaby bazar bozar.
***
Öýkeläniň paýy süýji.
***
Öýüm kepbe bolsa‑da, nanym ketde bolsun.
***
Öz gazan çukuryňa özüň düşersiň.
***
Özgäň syryny saňa aýdan seniňem syryňy özgä aýdar.
***
Özüňde ýok – älemde ýok.
***
Özüňi ýorulan hasap etseň, ýoldaşyňy öldi bil.
—P—
Palçyk bile ymarat, nesip bile zyýarat.
***
Perzendiň näçe bolsa, ýüregiňem şonça.
***
Peýdasyz perişdeden aşna döw ýagşy.
***
Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli.
***
Pul tapsaň, sanap gör, dost tapsaň synap.
***
Puly gazanmak aňsat, saklamak kyn.
***
Pyýada gözi bilen at alma, dul gözi bilen aýal.
264
Nakyllar we atalar sözleri
—R—
Rahat arasaň, mazara bar.
***
Rastyny aýdan gutular, ýalan sözlän tutular.
***
Rysgal geler diýip oturan aç galar.
***
Rysgaly agzyna gelen guş semrär.
***
Rysgalyňy sat, röwşen al, galanyna‑da sabyn.
***
Rysgalsyz kelle görde ýagşy.
***
Rysgalym bir okdur, her ýere düşer.
—S—
Sabyryň, miwesi süýji.
***
Sabyr düýbi sap altyn.
***
Saçaga seredenden dost bolmaz.
***
Sag başym, soltan başym.
***
Sag eliň berenini sol eliň görmesin.
***
Sag sagynýança, däli ogluny iki öýerer.
***
Sagyp içseň müň günlük, soýup iýseň bir günlük.
***
Sahynyň malyna bahylyň dişi gamaşar.
***
265
Türkmen halk döredijiligi
Salamyň nähili bolsa, jogabyň hem şonuň ýaly.
***
Samsygyň düwen düwünini sag çözüp bilmez.
***
Sagr ädiklim sag bolsa sallana‑sallana geler.
***
Sary towuk saman seçer, öz aýbyny özi açar.
***
Sepilmedik tohum gögermez.
***
Serçe soýdursaňam, gassaba soýdur, petle goýdursaňam, ussa goýdur.
***
Sirke dilemäge‑de usul gerek.
***
Soran Käbäni tapar.
***
Soranyň bir ýüzi gara, bermedigiň iki ýüzi.
***
Söýgi görk islemez, uky ýassyk.
***
Söze ussa işe hassa.
***
Susak sapy elinde, ilde ýok söz dilinde.
***
Suw görmän, tamman çykarma.
***
Suwdaky balygy satyp bolmaz.
***
Süri agsaksyz bolmaz.
***
Süýji aşyň bolmasa, süýji diliň bolsun.
***
Süýtde agzy bişen, suwy üfläp içer.
***
266
Nakyllar we atalar sözleri
Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar.
***
Sygyr ogurlan gutuldy, ýüpüni ogurlan tutuldy.
***
Syr saklamak diliň aşagynda köz saklamak.
—Ş—
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi I - 9
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi I - 1
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 1637
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 2
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1908
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 3
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 1645
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 4
    Total number of words is 3399
    Total number of unique words is 1792
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    44.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 5
    Total number of words is 3315
    Total number of unique words is 1928
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 6
    Total number of words is 3380
    Total number of unique words is 1866
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    33.7 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 7
    Total number of words is 3340
    Total number of unique words is 1851
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 8
    Total number of words is 3428
    Total number of unique words is 2023
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 9
    Total number of words is 1308
    Total number of unique words is 956
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.