Latin

Türkmen halk döredijiligi I - 4

Total number of words is 3399
Total number of unique words is 1792
24.2 of words are in the 2000 most common words
35.9 of words are in the 5000 most common words
44.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Çöpürlidir, ýar‑ýar.
Göçürilýän gyzymyz
Pikirlidir, ýar‑ýar.
***
Gara‑gara at gelýär,
Guýruk sozup, haý‑haý.
Menem gidip barýaryn,
Göwün üzüp, haý‑haý.
***
Gara atyň başyny,
Tartyp duruň, ýar‑ýar.
Janym siňlim müninçä,
Ýortup duruň, ýar‑ýar.
***
Gara tüňçäň lykyrdar
Ot gerekmiş, ýar‑ýar.
Ondan gelen ýeňňelere,
Zat gerekmiş, ýar‑ýar.
***
Garlawajyň ganaty,
Ala eken, ýar‑ýar.
Gelnejemiň sözleri,
Dana eken, ýar‑ýar.
***
Gatlak‑gatlak gatlama,
Gatlanypdyr, ýar‑ýar.
Gyzy alyp ýeňňeler,
Atlanypdyr, ýar‑ýar.
***
Gelnimiziň öýünde,
Bardy üzük, ýar‑ýar.
Enesi wada etdi,
Bersin ýüzük, ýar‑ýar.
***
82
Toý aýdymlary
Gideriňi bilmedim,
Uzadardym, jora jan.
Kätmen alyp ýoluňy,
Düzederdim, jora jan.
***
Gider sen‑ä, gider sen,
Gelermi sen, ýar‑ýar?
Öňki ýaly mähriban,
Bolarmy sen, ýar‑ýar?
***
Gowaçanyň gozasy,
Köp ekeni, jora jan.
Şu kempiriň ýygnany,
Gep ekeni, jora jan.
***
Göwnün alyň, ýeňňeler,
Aglamasyn, ýar‑ýar.
Enesiniň bagryny,
Daglamasyn, ýar‑ýar.
***
«Gyz gitdi» diýp, eje jan,
Aglamagyl, ýar‑ýar.
Öňden köýen bagrymy,
Daglamagyl, ýar‑ýar.
***
Gyzyl‑gyzyl horazlar
Harmandadyr, ýar‑ýar.
Öýlenmedik ýigitler,
Armandadyr, ýar‑ýar.
***
Gumda gulan kişňeýär,
«At boldum» diýp, ýar‑ýar.
Öýde gelin aglaýar,
«Ýat boldum» diýp, ýar‑ýar.
***
83
Türkmen halk döredijiligi
Derwezäni süpüriň,
Gar ýagýar‑la, ýar‑ýar.
Aç gujagyň, dogan jan,
Ýar gelýär‑le, ýar‑ýar.
***
Derýaga daş atmaňlar,
Çümer gider, ýar‑ýar.
Uzaga gyz satmaňlar,
Ýiter gider, ýar‑ýar.
***
Iki sandyk deň durup,
Öwşün atar, ýar‑ýar.
Iki guda deň durup,
Öleň aýdar, ýar‑ýar.
***
Işikdäki arpanyň,
Boýy kelte, haý‑haý.
Bukjasyny salmaga,
Getir halta, haý‑haý.
***
Ýük üstünde jaň goýdum
Jaňramasyn, ýar‑ýar.
Gelnimiziň ýeňňesi,
Ýaňramasyn, ýar‑ýar.
***
Kejebäniň ýelginni
Ýel göterer, haý öleň.
Indi seniň näziňi
Kim göterer, haý öleň.
***
Kejebäniň içinde
Üçgüne gyz, haý öleň.
Üçgüne gyz içinde
Kiçgine gyz, haý öleň.
***
84
Toý aýdymlary
Kejebäniň astyndan,
Tapdym aşyk, ýar‑ýar.
Haýsy baýyň gyzy sen,
Altyn aşyk, ýar‑ýar.
***
– Kejebäni kim kakdy?
– Giýew kakdy, ýar‑ýar.
Kisesinde puly ýok,
Ýere bakdy, ýar‑ýar.
***
Nowalara suw guýdum,
Daşdy gitdi, ýar‑ýar.
Bagry gaty gyz gursun,
Gaçdy gitdi, ýar‑ýar.
***
Obamyzyň ýanynda,
Gara palçyk, leýeran.
Ondan gelen ýeňňeler,
Aýak açyk, leýeran.
***
Öleň, öleň, haý öleň,
Öleň köpdür, ýar‑ýar.
Öleň aýdan diliňden,
Birje öpdür, ýar‑ýar.
***
Sebet, sebet üzümler,
Çöpli bolar, ýar‑ýar.
Bizden size gyz gitse,
Sepli bolar, ýar‑ýar.
***
Tagta köpri üstünde
Aýnam galdy, ýar‑ýar.
Atam bilen enemden
Göwnüm galdy, ýar‑ýar.
***
85
Türkmen halk döredijiligi
Tagty‑rowan üstünden,
Taýyp düşdüm, ýar‑ýar.
Gadrym bilmez näkese
Gaýyp düşdüm, ýar‑ýar.
***
Tekjedäki gaýçyny
Zeň basypdyr, ýar‑ýar.
Atam bilen enemi
Gam basypdyr, ýar‑ýar.
***
Tekjedäki tutynyň
Ýüpi hany, ýar‑ýar.
Çykyp barýan siňlimiň
Sepi hany, ýar‑ýar.
***
Tekiýe-tekiýe halylar,
Dyz üstünde, ýar‑ýar.
Ondan gelen ýeňňeler,
Gyz üstünde, ýar‑ýar.
***
Toý bolanda bedew at
Çapylmazmy, ýar‑ýar.
Şu siňlimiň söýeni
Tapylmazmy, ýar‑ýar.
***
Toýhananyň çorbasy
Şor bolmasyn, haý öleň.
Baryp görüň giýewi,
Kör bolmasyn, haý öleň.
***
Toýhananyň oduny,
Taraşamy, haý öleň?
Meň gyzymyň geýeni,
Ýaraşamy, haý öleň?
***
86
Toý aýdymlary
Toýçulara suw gerek,
Gazyň çeşme, ýar‑ýar.
Atasy wada etdi,
Bersin goşma, ýar‑ýar.
***
Uzyn‑uzyn aş kesdim,
Içip gidiň, gudalar.
Garynjadan at etdim,
Münüp gidiň gudalar.
***
Haly, palas üstünde,
Bir gül idiň, ýar‑ýar.
Ataň‑eneň öýünde,
Bilbil idiň, ýar‑ýar.
***
Haý‑haý öleň, haý öleň,
Haýdyr bu gün, ýar‑ýar.
Ag‑u‑gyzyl reňbe‑reň,
Toýdur bu gün, ýar‑ýar.
***
Hasabynyň keýninde,
Men duraýyn, ýar‑ýar.
Altyn saçyň sen dara,
Men öreýin, ýar‑ýar.
***
Hatar‑hatar kejebe
Saz edişer, ýar‑ýar.
Gamda galan göwnüňi
Ýaz edişer, ýar‑ýar.
***
Hemme gelen şat bolup,
Gaýdar bu gün, leýeran.
Orta alyp ol gyzy,
Tüýder bu gün, leýeran.
***
87
Türkmen halk döredijiligi
Howlymyzyň içinde
Ekdim turpy ýar‑ýar.
A gyz, seniň gaýneneň
Bersin çyrpy ýar‑ýar.
***
Çelek‑çelek pampasa,
Pampasamyş, ýar‑ýar.
Gelnejemiň ýeňňesi
Kelpesemiş ýar‑ýar.
***
Şatlyk üçin öleňi
Başlagaly, ýar‑ýar.
Gyzu‑ýigit köňlüni
Hoşlagaly, ýar‑ýar.
***
Elindäki dutaryň,
Tary bolsam, ýar‑ýar.
Öýlenmedik ýigidiň
Ýary bolsam, ýar‑ýar.
***
Elip boýly Aýsenem,
Boýuň nädir, leýeran.
Parça güller içinde
Halyň näder, leýeran.
***
Ýandak başy güllände,
«Ýandym» diýgin, leýeran.
Ner düýeler kükrände,
«Mündüm» diýgin, leýeran.
***
Ýumurtganyň agy dek,
Ap‑ak menem ýar‑ýar.
Ak süýdüňe razy bol,
Janym enem, ýar‑ýar.
88
Läleler
Garaşsyzlyk döwrüniň
läleleri
Agaçlar bar getirdi,
Guşlar habar getirdi,
Baky Bitaraplyga –
Şu gün Alla ýetirdi.
***
Agaçlar güle geldi,
Bilbiller dile geldi,
Garaşsyzlyk, Bitaraplyk –
Ikisi bile geldi.
***
Azat zähmet çekýäs biz,
Alyn dermiz dökýäs biz,
Bol hasyly gazanyp,
Döşe nyşan dakýas biz.
***
Azat ömür sürýäs biz,
Öňe tarap barýas biz,
Agzybir halkym bilen
Altyn asyr gurýas biz.
***
Aýdyň biziň ýolumyz,
Azat, erkin illi biz,
Arkadag saýasynda –
Bagtyýar ýaşaýas biz.
***
Aýlan, maşynym aýlan,
Galla oragna şaýlan,
Garaşsyz boldy ülkäm,
Ýaryşda öňe saýlan.
***
89
Türkmen halk döredijiligi
Ak ýollary guralyň,
Azat‑erkin ýöräliň,
Bagtyýarlyk döwründe –
Ýaýnap döwran süreliň.
***
Açyk biziň bagtymyz,
Şadyýana wagtymyz,
Töwerege nur saçýar,
Aşgabat paýtagtymyz.
***
Bagda açylan gülüm bar,
Şat saýraýan dilim bar,
Beýik binalar gurýan,
Tehnika bar, ylym bar.
***
Baglarmyzda gül bitýär,
Bilbillere dil bitýär,
Baky biziň Watanda,
Her kim arzuwna ýetýär.
***
Beýik‑beýik haýatlar,
Içindedir söwütler,
Türkmen ilim toý tutsa,
Ýaryşar ýyndam atlar.
***
Bäş welaýat dilimizde,
Mekdepler kän ilimizde,
Öwşün atyp ülpüldeýär
Gül dessesi elimizde.
***
Daglarmyz‑a, daglarmyz,
Şatlyklydyr çaglarmyz,
Ilim agzybir bolsa –
Hoş sapaly çaglarmyz.
***
90
Läleler
Erkanadyr, erkana,
Gül Watanym erkana,
Pasyrdasyn ýaşyl Tug –
Al‑asmanda görkana.
***
Geliň, gyzlar oýnalyň,
Şady‑horram ýaýnalyň,
Altyn asyr nesli biz,
Oglan‑gyzlar oýnalyň.
***
Geldi Nowruz, ýazymyz,
Çalýas dürli sazymyz,
Okap ylymly bolar,
Oglumyz hem gyzymyz.
***
Gol tutuşyp baglarda,
Seýil edip gezýäris.
Watana tüýs mynasyp,
Aýdym‑läle düzýäris.
***
Goşa gelen ýazym bar,
Söhbet bilen sazym bar,
Gyzyl gülüň içinde
Bilbil dek owazym bar.
***
Gül‑gülüstan Watanym,
Bagy‑bossan Watanym,
Ömür-baky ýaşasyn
Arzuw eýläp ýetenim!
***
Kalby nurdan ilim bar,
Milli asal dilim bar,
Oguz handan gaýdýan
Polatdan berk bilim bar.
***
91
Türkmen halk döredijiligi
Lälämiziň her bendi,
Watan bilen zerlendi,
Söýgümiz kän diýara
Biz Watanyň perzendi.
***
Nogul‑nabat iýýäris,
Atlas, ýüpek geýýäris,
Özbaşdak Watanmyzy –
Jandan artyk söýýäris.
***
Pasyrda, jan pasyrda,
Ýaşyl Tugum pasyrda,
Halkym erkana ýaşaýar,
Bagtyýar zamanada.
***
Sazandanyň sazy men,
Garaşsyzlyk gyzy men,
Bitarap Watanymyň –
Bahary men, ýazy men.
***
Şaýolum‑a, şaýolum,
Giňäp gitdi, dar ýolum.
Şaýoluma birleşer
Watanymda bar ýolum.
Ata ‑ enä,
dogan ‑ garyndaşlara
bagyşlanan läleler
Aý aýdyňdyr ýagtydyr,
Gyzlar oýnar wagtydyr,
Ýör, gelneje, gaýdaly,
Didäm geler wagtydyr.
***
92
Läleler
Aý dogupdyr diýdiler,
Aýlanypdyr diýdiler,
Meniň körpe doganym
Öýlenipdir diýdiler.
***
Akgalanyň ýollary,
Domalandyr gollary,
Didäm orak oranda,
Agyrmasyn billeri.
***
Akgalanyň şemaly,
Aýlanýa‑la, ýeňňe jan!
Körpe dogan Myrat jan,
Öýlenýä‑le, ýeňňe jan!
***
Akyşar‑a, akyşar,
Gyzyl daşlar çakyşar,
Meniň joram Akjagül,
Gelip darak kakyşar.
***
Ala gar‑a, ala gar,
Ala kürtäň ýeňi dar,
Meniň eziz doganma
Gözel gyzlar hyrydar.
***
Ala dagyň arçasy,
Mawut‑begres parçasy,
Atam‑enem gül bolsa,
Men olaryň gunçasy.
***
Atymyz kişňäp gelýär,
Uýanyn dişläp gelýär,
Meniň körpe doganym –
Toý başyn başlap gelýär.
***
93
Türkmen halk döredijiligi
Baglaryň başy yrga,
Doganym müner ýorga,
Çyk, içerden gelneje,
Doganma ýaglyk sarga.
***
Balkanyň akja gary,
Suw degse bolar sary,
Hol barýany sorasaň –
Agamyň söwer ýary.
***
Biziň obaň illeri,
Tikenlidir gülleri,
Ýeňňem suwa gidende –
Agyrmasyn billeri.
***
Bir almany dişledim,
Daşyny kümüşledim,
Agam geldi bermedim,
Ýeňňeme bagyşladym.
***
Çykdym galany gördüm,
Gawun alany gördüm,
Topbak gyzlaň içinde
Sülgün, Sonany gördüm.
***
Çykdym dagyň pestine,
Dogan gördüm dessine,
Dogan orak orynça –
Saýa bolsam üstüne.
***
Degirmen boş aýlanar,
Suwy serhoş aýlanar,
Dogan öýme guşagyň,
Biliňe bäş aýlanar.
***
94
Läleler
Depe depeden beýik,
Depeden iner keýik,
On barmakda on ýüzük
O‑da dogana seýik.
***
Depä çykasym gelýär,
Läle kakasym gelýär,
Desse boýly gelnejem
Saňa bakasym gelýär.
***
Dogan, atyň üç ýaşar,
Derýalar dolup daşar,
Men‑ä seni görmesem
Gözlerimden ýaş akar.
***
Dokma dokasym gelýär,
Läle kakasym gelýär,
Akjagül joram bilen –
Oýnap‑bökesim gelýär.
***
Ertir gördüm gargany,
Dogan çapar ýorgany,
Alma bilen nar getir,
Gelnejemiň sargany.
***
Gaýra‑gaýra bakar men,
Dokma darak kakar men,
Jan joramy görmesem,
Eräp‑eräp akar men.
***
Gaýrada maýa bozlar,
Maýa köşegin gözlär,
Meň doganym Nury jan,
Keten köýnek ýar gözlär.
***
95
Türkmen halk döredijiligi
Gaýradan‑a gaýradan,
Göwnüm gitmez gaýradan,
Şol ýanda doganym bar,
Dutaryny saýradan.
***
Gaýradan biri gelýär,
Gözümiň nury gelýär,
Gyrmyz donly, gyr atly,
Ýeňňemiň ýary gelýär.
***
Gaýraky ýabyň sakasy,
Keten köýnek ýakasy,
Meniň eziz doganym,
Bäş oglanyň kakasy.
***
Gapymyzda kejebe,
«Un sep» diýdim ejeme,
Bela‑beter degmesin,
Agama, gelnejeme.
***
Gelnejem‑ä sallanar,
Sallananda bellener,
Öz agamy görmese,
Gabaklary ýellener.
***
Gülleriň agymydyr,
Ýüregmiň ýagymydyr,
Telpegin towsa geýen,
Arkamyň dagymydyr?
***
Gün ýaşanda şaýlanar,
Aý doganda aýlanar,
Meniň körpe doganym,
Gözel gyza öýlener.
***
96
Läleler
Ilerde Ülker didäm,
Telpegin silker didäm,
Ozal habar etmeseň,
Gül ýaryň gorkar didäm.
***
Ilerimiz dagmydyr,
Üsti kese bagmydyr,
Gaýradan gelen guşlar,
Daýym‑daýzam sagmydyr.
***
Ir öýlän hem ikindi,
Gyzlar köýnek tikindi,
Meň didämi görende,
Gyz barysy silkindi.
***
Kakam, kakam, jan kakam,
Suwa düşdi gülýakam,
Täzeden birin ýasat,
Boş galdy‑la, şu ýakam.
***
Meniň agam syratly,
Görogly dek Gyratly,
Esgerleriň içinde,
Gahrymandyr gaýratly.
***
Ok atdym, saýa düşdi,
Saýdan sonalar uçdy,
Sona boýly, jan uýam,
Şonda ýadyma düşdi.
***
Ördek bolsam sillerde,
Laçyn bolsam çöllerde,
Seni sorap, jan didäm,
Kerwen bolsam ýollarda.
***
**7. Sargyt № 2693
97
Türkmen halk döredijiligi
Saçlarym desse‑desse,
Dessesi ýere ýetse,
Meň doganym şol oglan,
Maksat‑myrada ýetse.
***
Suw akar süle‑süle,
Gyz geler güle‑güle,
Agamyň alan gyzy,
Meňzeýär gyzyl güle.
***
Suw başynda suw oty,
Dogan müner gyraty,
Ata münüp ugranda,
Görogly dek syraty.
***
Suwda balyk bolmazmy?
Suwdan çyksa ölmezmi?
Il içinde doganym,
Öz halanyn almazmy?
***
Toraňňydan bag bolmaz,
Gök depeden dag bolmaz,
Erkek dogan bolmasa,
Ýüreklerde ýag bolmaz.
***
Yssydyr‑a, yssydyr,
Howlymyz ýol üstüdir,
Meniň eziz doganym,
Ýagşy ýigdiň dostudyr.
***
Ýaglyk ýuwdum, açyldy,
Seçekleri seçildi,
Agamdan bir hat geldi,
Okap göwnüm açyldy.
98
Läleler
Boýdaş ‑ joralara
bagyşlanan läleler
Aýa, Güne bakar men,
Gülýakamy dakar men,
Eziz joram Aýsoltan,
Eliňe ýüzük dakar men.
***
Baga girsem bolmazmy?
Gülün ýolsam bolmazmy?
Uzakdaky jorama,
Sargyt etsem gelmezmi?
***
Bu daglar bolanmydyr,
Geýenim solanmydyr,
«Joraň gitdi» diýdiler,
Bilmen, çyn, ýalanmydyr.
***
Bu daglar bolmasady,
Geýenim solmasady,
Bir ölüm, bir aýralyk,
Hiç biri bolmasady.
***
Bulut gelýär garalyp,
Daglar başy bürelip,
Näzik gyza ne boldy –
Otyr öýde saralyp.
***
Bu gün depä çykalyň,
Depede läle kakalyň,
Boýdaş joralar bilen
Gülüp‑oýnap bökeliň.
***
99
Türkmen halk döredijiligi
Gaýra gaýrada galdy,
Peýkam ýarada galdy,
Desse boýly jora jan,
Bizden gaýrada galdy.
***
Geliň, gyzlar, üýşeliň,
Läle kakyp gülşeliň.
Her kim maksadyn diläp,
«Ýa, Biribar!» diýşeliň.
***
Gowadan‑a, gowadan,
Suwlar içdim gowadan,
Ähli gyzlar içinde –
Öz boýdaşym owadan.
***
Göç gelýär‑ä, göç gelýär,
Bozja maýam boş gelýär,
Meniň joram Amantäç,
Haýp, ara daş gelýär.
***
Gül düýbünden suw akar,
Şol suwa güller bakar,
Eziz joram Gurbangül,
Ýaryşda üstün çykar.
***
Gyzlar kakar läläni,
Egnine geýer alany,
Öz doganmyň halany –
Bize beriň şu gyzy.
***
Haly kesdim gowuja,
Salan nagşym göllüje,
Gel, boýdaşym Gülälek,
Ýüregiň hyýallyja.
***
100
Läleler
Ilerimiz dagmydyr,
Üsti kese bagmydyr,
Uçup barýan ak guşlar,
Meniň joram sagmydyr?
***
Saýawan‑a, saýawan,
Saýawana men gurban,
Eziz joram Dünýägözel,
Sallanşyňa men gurban.
***
Sary gawun bişipdir,
Sapagyndan düşüpdir,
Meniň joram, aý, gyzlar,
Ýat illere düşüpdir.
***
Tahýa tikdim bellije,
Salan nagşym güllüje,
Gel, boýdaşym, Akjagül,
Läle aýdaly bileje.
***
Ýaglyk ýuwdum açyldy,
Seçekleri seçildi,
Öz joramyň toýunda,
Gamgyn göwnüm açyldy.
***
Ýel öwser‑ä, ýel öwser,
Bulut oýnar, ýel öwser,
Meniň joram Aýsoltan,
Aýa meňzär, gül öwser.
Umumy
mazmunly läleler
Ala dagyň arçasy,
Mawut donuň parçasy,
Atam‑enem gül bolsa –
Men ol gülüň gunçasy.
***
101
Türkmen halk döredijiligi
Alla meni guş etse,
Ganatym kümüş etse,
Çölden‑çöle aşyryp,
Öz obama duş etse.
***
Çal tüýdügim, çatlasyn,
Gaýtar, goýnuň otlasyn,
Öz ilimden aýranyň
Akyl‑huşy çatlasyn.
***
Dag başynda ot ýanar,
Köwlenip başy ýanar,
Ýada gyzyn bereniň
Ýüregniň başy ýanar.
***
Ekin bize nan berer,
Egnimize don berer,
Yhlas bilen işlesek,
Şöhrat berer, şan berer.
***
Güýz aýlary gaz geçer,
Bamyň suwundan içer,
Üç aý gyşy geçirip,
Ýene‑de gaýra geçer.
***
Güýz bolsa köşek bozlar,
Çopan yzyndan gözlär,
Asly nurdan gelinler
Ýaşmak astyndan sözlär.
***
Läle kakasym gelýär,
Oýnap bökesim gelýär,
Eziz käbäm ejeme
Içim dökesim gelýär.
102
Monjugatdylar
Agar çäkmen dyzyňdan,
Doýmadym gül ýüzüňden,
Her annada gelmeseň,
Ynha, bardym yzyňdan.
***
Aglaryn‑a, aglaryn,
Ýara göwnüm baglaryn,
Ýar göwnümi almasa,
«Ilim» diýip aglaryn.
***
Aý aýdyňdyr, biler men,
Ak donumy geýer men,
Aý buluda girýänçä,
Kararym ýok, öler men.
***
Aý aýdyňdyr süýt kimin,
Arkalygym çit kimin,
Oglan, köp gelip gitme –
Basarlar bürgüt kimin.
***
Aý aýdyňdyr hoş gije,
Ýar gujagy boş gije,
Ýarym onda, men munda,
Arman ara daş gije.
***
Aý aýdyňdyr süýt kimin,
Gyzlar oýnar gurt kimin,
Daşdan gelýän aý, oglan,
Ýenjilersiň it kimin.
***
Aý aýdyňdyr, agyldyr,
Gyzlar öýde baglydyr,
Her ýyl Nowruz gijesi,
Ýar ýaryna baglydyr.
***
103
Türkmen halk döredijiligi
Aý aýdyňdyr, ýagtydyr,
Ýaryň geler wagtydyr,
Degmäň ýaryň göwnüne,
Posa aljak wagtydyr.
***
Aý dogar gädiginden,
Tanadym ädiginden,
Baryp aýdyň oglana,
Dänmesin diýdiginden.
***
Ak ýüzüm nar‑da bolsa,
Alkymym gar‑da bolsa,
Hudaý saňa ýazypdyr,
Adaglym bar‑da bolsa.
***
Ak telpegiň bar ýaly,
Göýä akja gar ýaly,
Ýigit, näme gözleýäň,
Mende göwnüň bar ýaly.
***
Ak towuk, ala towuk,
Säher gygyran towuk,
Biz ýara näme diýdik,
Ýar ýüzi bizden sowuk.
***
Ala dagdan aş ýigit,
Müň tümenden geç ýigit,
Gündiz eliň degmese,
Gije ýola düş ýigit.
***
Almany atan kimdi?
Bazarda satan kimdi?
Per ýassyk, per düşekçe
Üstünde ýatan kimdi?
***
104
Monjugatdylar
Aryk boýunda guzy,
Ýarymyň birje sözi,
Ýigitleri köýdürer,
Gyzlaryň gara gözi.
***
Arpa unuň kepegi,
Ýelpäp alyň çelpegi,
Kimiň monjugy çyksa,
Söwer ýaryň telpegi.
***
Baga girene gurban,
Gülün tirene gurban,
Biz‑ä ýary görmedik,
Ýary görene gurban.
***
Bazar ýoly pişeli,
Ýüpek getir işeli,
Ýardan bir ýaglyk geldi,
Gyrasy melewşeli.
***
Bazarda erik gelin,
Gaşlary gerik gelin,
Dört gözeliň içinde –
Sensiň teperrik gelin.
***
Başda ýaşyl kürtesi,
Bürenjegiň ortasy,
Barannyň kimdigini,
Bildi Maral ertesi.
***
Başlady gyz, başlady,
Suwa monjuk taşlady,
Goşgusyn ýalňyş okap,
Garry Maral kaşlady.
***
105
Türkmen halk döredijiligi
Beden ýar‑a, beden ýar,
Meni Leýli eden ýar,
Ozal‑a beýle däldiň,
Saňa bir öwreden bar.
***
Bilezigi getiriň,
Ak bilege ötüriň,
Janym çykyp baradyr,
Söwer ýara ýetiriň.
***
Boýuň boýlardan ýagşy,
Arkaňdadyr çit nagşy,
Söküp Kesearkajy,
Tapmadym senden ýagşy.
***
Bu haýat uzyn bolsun,
Miwesi üzüm bolsun,
Ýary geljek gelinleň
Gijesi uzyn bolsun.
***
Bulut geldi garalyp,
Dag başlary bürelip,
Näzli gyza näm boldy,
Otyr öýde saralyp.
***
Bökejen köwüş ýer böwser,
Kümüş guşak bil gysar,
Bizi gören jahyllar
Depeden aşak towsar.
***
Çagyrdym, çaý içinde,
Başym gowga içinde,
Öldürse ýar öldürsin
Gyzyl gül bag içinde.
***
106
Monjugatdylar
Çepbetewiň bar eken,
Ýeňi, ýakasy dar eken,
Ogryn‑ogryn seretdiň,
Bizde göwnüň bar eken.
***
Çeşme suwun içdim ýar,
Salam berip geçdim ýar,
Sen salamym almasaň –
Menem senden geçdim ýar.
***
Çopan iýer gowurma,
Geýip geler çöwürme,
Diýenimi gaty görüp,
Menden ýüzüň öwürme.
***
Çykdym çynar başyna,
Garadym güneşine,
Ýarym, beren ýaglygyň,
Çüýretdim gözýaşyma.
***
Daň horaz‑a, daň horaz,
Daňdan gygyrýan horaz,
Sesim sesiňe gurban,
Ýarym oýaran horaz.
***
Degirmen üsti kötel,
Gaçdy ýaglygym göter,
Men egilsem duýarlar,
Düş atdan, özüň göter.
***
Delmirip boýnuň burma,
Garşyma gelip durma,
Saňa berilmez oglan,
Gymmat bahaly Hurma.
***
107
Türkmen halk döredijiligi
Depä çykyp boýladym,
Gopuz çalyp oýnadym,
Her näçe seretsem‑de
Didaryňdan doýmadym.
***
Dilber gara gözleriň,
Ýagtylyp dur ýüzleriň,
Janyma ýagşy ýarar,
Ýaňky diýen sözleriň.
***
Dokaýaryn düýp haly,
Ol oglan eker şaly,
Meni alyp toý etmek,
Ýaryň niýeti‑päli.
***
Düýeler hatar‑hatar,
Owsary suwa batar,
A gyz, seniň adaglyň,
Kümüş bilezik satar.
***
Ezizim bar, sözüm bar,
Inçeden owazym bar,
Gaýradan gelýän atlyň,
Öň serdary biziň ýar.
***
El buladym içerden,
Sen gelmediň daşardan,
Utansam‑da näz bilen
Tutaýjakdym goşardan.
***
Et çapdym, men, et çapdym,
Tamdyra somsa ýapdym,
Ýaryň beren ýüzügin,
Ýitirip ýene tapdym.
***
108
Monjugatdylar
Etrek, Gürgen çalt akar,
Çargadyňy ýel kakar,
Obanyň näzli gyzy
Goç ýigide at dakar.
***
Gaýra çykaly ýarym,
Gülüp bakaly ýarym,
Bu gün sähet bolmasa,
Saba çykaly ýarym.
***
Gaýra‑gaýraly göwnüm,
Peýkam ýaraly göwnüm,
Gülüp‑oýnap, şat bolmaz,
Ýardan kineli göwnüm.
***
Garagumuň gandymy,
Ýar ýüregiň ýandymy?
Il ýatanda gelmediň –
Näme başyň bendimi?
***
Garlawaç gaýyp uçar,
Ganatyn ýaýyp uçar,
Şum pelegiň elinden,
Kimiň ýaryn kim guçar.
***
Geldi ýene Nowruzlar,
Seýle çykypdyr gyzlar,
Ýaryň gyýa bakyşy,
Ýürek‑bagrymy duzlar.
***
Gelin‑gyzlar üýşüban,
Atyşalyň monjugy.
Ýaryn gören dakynsyn
Dagdan bilen gönjügi.
***
109
Türkmen halk döredijiligi
Geliň gyzlar, üýşeliň,
Bagtymyz synaşalyň,
Ol barýan ýigit kim‑ä,
Ýagşy, ýaman gülşeliň.
***
Gitdi ýar, eglendi ýar,
Agaja baglandy ýar,
Bäş güni wada berip,
On bäş gün eglendi ýar.
***
Goýnuny bakar gider,
Sykylyk atar gider,
Her hepdede gelmese –
Gözýaşym akar gider.
***
Güllerim gunçalandy,
Billerim inçelendi,
Eden wadamyz hany?
Ýyldyzlar gijelendi!
***
Gülleriň mahalydyr,
Nowruzyň baharydyr,
Gyz‑oglan bir‑birini
Seçmeli mahalydyr.
***
Gyzlar, monjuk atalyň,
Jany jana gatalyň,
Aşyk bilen magşugy
Biri‑birine çatalyň.
***
Gyýa‑gyýa bakar men,
Gülýakamy dakar men,
Gülümjiräp bir baksam,
Oglan, seni ýakar men.
***
110
Monjugatdylar
Hudaý meni guş etse,
Ganatym kümüş etse,
Ýatsam‑tursam dilegim
Söýenime duş etse.
***
Ilerden gara geldi,
Ýüregim para geldi,
Boýy boýuma gurban
Derdime çäre geldi.
***
Keteni geýdim şaýlandym,
Güle bardym küýlendim,
Deň‑duş oglan, gel bäri,
Dertleşmegi oýlandym.
***
Kişmişem‑ä, kişmişem,
Örtenmişem, bişmişem,
Garyp atam göwni üçin
Ýat illere düşmüşem.
***
Köýnek ýuwdum sermedim,
Ýarym geçdi görmedim,
Kesilmiş gyzyl dilim,
«Alla ýaryň» diýmedim.
***
Kölleriň ak gunduzy,
Aý ýanynyň ýyldyzy,
Çyk, öýden ýaryň gelýär,
Söýgüli gelin baldyzy.
***
Küleçäni kim biçdi,
Boýundan uzyn biçdi,
Gyşyna gyşlanan ýar,
Ýazyna aýra düşdi.
***
111
Türkmen halk döredijiligi
Mawut donuň bar eken,
Ýeňi‑ýany dar eken,
Ogryn‑ogryn bakyşyň –
Bizde göwnüň bar eken.
***
Monjuk atdym ýaryma,
Tiz ýetişsin ýanyma,
Sowgadyndan şypa ýok,
Özi gelsin ýanyma.
***
Nowruz geldi bu gije,
Gyzlar atyşar bije,
Kimiň bijesi çyksa –
Baýragy horaz jüýje.
***
Nowruz geldi ilime,
Hoş söz geldi dilime,
Onuň waspyn edeýin,
Dutar alyp elime.
***
Nowruz geldi ilime,
Meňzäp halyň gölüne,
Topragmyza bereket,
Rysgal iýndi duluma.
***
Nowruz geldi ilime,
Bakdym atyz‑çilime,
Dürli ot‑çöp parç bolup,
Ryskyn berdi malyma.
***
Nowruz geldi ilime,
Sähram, dagym, düzüme,
Baharyň nagmaçysy,
Bilbil gondy gülüme.
***
112
Monjugatdylar
Nowruz geldi, ýaz geldi,
Ördek geldi, gaz geldi,
Oturan adamlara
Bilbilden owaz geldi.
***
Näzenin sandygym ýar,
Boýňa guwandygym ýar,
On sekiz ýaşdan bäri
Oduňa ýandygym ýar.
***
Obamyz çöl düzdedir,
Ýaryň göwni bizdedir,
Ýar ýaglygyn ýitirse
Soramasyn bizdedir.
***
Owal aşyk bolmazlar,
Aşyk adyn almazlar,
Aşygyňa barmasaň –
Bu dünýäde gezmezler.
***
Oglan gyza baglydyr,
Gyz ýarsyz nä çaglydyr,
Oglan gyzy tapmasa,
Aglar ýürek daglydyr.
***
Oglan gyz ýaryn görse,
Delmirip boýnun bursa,
Bir çöllük ýerde görse,
Oglan tutar, gyz dursa.
***
Sallançagyň bagy men,
Süýdüň gaýmak ýagy men,
Obamda batyr ýigdiň
Göz garasy, agy men.
***
**8. Sargyt № 2693
113
Türkmen halk döredijiligi
Sary içmegi geýen ýar,
Sallanyplar köýen ýar,
Ozal‑a beýle däldiň,
Meger, özge söýen bar.
***
Sende ýar‑a, sende ýar,
El ýaglygyň mende ýar,
Jahany ýigit alsa,
Iki gözüm sende ýar.
***
Sözle sözüň seljerip,
Her zat diýme kilçerip,
Ýakmagyn içim‑bagrym,
Sönen odum ölçerip.
***
Suw akar kenar gider,
Şu janym ýanar gider,
Degmäň, gyzyň göwnüne,
Myhmandyr gonar gider.
***
Suwa gitdim bildiler,
Suwda göwnüm aldylar,
Owal‑a aşyk däldim,
Aşyklyga saldylar.
***
Şetdalynyň şänigi,
Beýle ajy bolarmy?
Gelmezek ýar gujagy
Baldan süýji bolarmy?
***
Tudanamyz bişipdir,
Üstünden ýol düşüpdir,
Oglan daşdan gözleme,
Yşkyň maňa düşüpdir.
***
114
Monjugatdylar
Ýer tapmadym gezere,
Söz tapmadym ýazara,
Baryp aýdyň ýaryma,
Basym gelsin güzere.
***
Ýola çykdym daň bilen,
Kerwen geldi jaň bilen,
Ýarym ýolda durmagyn,
Üstüň dolar çaň bilen.
***
Ýagyş ýagyp, suw akan,
Kimdir ol öýden çykan,
Göz süzüp, gyýa garap,
Şu janym oda ýakan.
***
Ýaz ýagyşy ýagdy geçdi,
Äleme suwun saçdy,
Esen oglan aýlanyp,
Gyzlardan kimi seçdi?
***
Ýarym geçdi köçeden,
Uzyn boýy inçeden,
Ýaryma bir don biçiň,
Ýüpek mata, parçadan.
***
Ýük üstünde sandygym,
Sandyga söýendigim,
Ýat illeriň içinde –
Haýp, meniň ýandygym.
***
Ýyldyrymyň çakyşy,
Derýamyzyň akyşy,
Meni ýesir eýledi
Şol oglanyň bakyşy.
115
Türkmen halk döredijiligi
Hüwdüler
Aýlan, aýlan, aýlançak,
Akar suwlar bulançak,
Altmyş başly ak öýüň,
Ýaraşygy sallançak.
***
Aýlanaýyn adyňa,
Ýetgin göwün şadyňa,
Zähmet çekgin ýadaman,
Dag ýykylsyn badyňa.
***
Aýlanaýyn ýaşyndan,
Ejesi geler işinden,
Kemal tapsyn, bal köşek,
Akylyndan, huşundan.
***
Aýlanar‑a, aýlanar,
Ökdelikde saýlanar,
Meniň balam ulalyp,
Söýenine öýlener.
***
Aýlar geçer aýlanyp,
Günler geçer saýlanyp,
Aýlanaýyn, aý guzym,
Gyzlar gezer şaýlanyp.
***
Aýlar gyzym almaly,
Aýda dokar bir haly,
Halysynyň kenary,
On barmagnyň hünäri.
***
Akja ballym ýagşydyr,
Ýürejigmiň nagşydyr,
Meň balamyň kakasy,
Ile ýaran bagşydyr.
***
116
Hüwdüler
Akja bilekli ballym,
Gurama ýelekli ballym,
Ulalyp alym bolsa,
Ile gerekli ballym.
***
Dor ata mündüreýin,
Bazara göndereýin,
Bazaryň nohudyndan,
Etegiň dolduraýyn.
***
Ala dagyň arçasy,
Mawut donuň parçasy,
Sensiň biziň öýmüziň,
Täze açylan gunçasy.
***
Alla – alla Annaly,
Gülli bagyň bir güli,
Öý içiniň bilbili,
Ejesiniň öz güli.
***
Alla‑allasy gyzlar,
Bolar şirin owazlar,
Men balama toý etsem,
Çalynar dürli sazlar.
***
Alla diýdim aýyma,
Daraýy don boýuna,
Goýun‑goçgar soýulsyn,
Şu balamyň toýuna.
***
Allalaýyn, bäbegim,
Arzylaýyn, bäbegim,
Adyňa Alma dakanym,
Gözüňe sürme çekenim.
***
117
Türkmen halk döredijiligi
Allalasam han oglan,
Derýada guş kän oglan,
Kesgir gylyç bilinde,
Uruşda pälwan oglan.
***
Allan‑allan agy bar,
Gaýyşdan bilbagy bar,
Arslan janyň köýnegniň,
Art etegniň çägi bar.
***
Allan‑allan adaga,
Guşlar gonsun pudaga,
Pudakdaky ak guşlar
Öz balama sadaga.
***
Allan‑allan, aý, gyzym,
Gara gaşy ýaý, gyzym.
On barmagy hünärli
Işi göwnejaý gyzym.
***
Allan‑allan ak maýsa,
Arkaňa güneş çoýsa,
Yzyndan ogul bolsa,
Ejeň hem seni söýse.
***
Allan‑allan akanda,
Sygryn suwa ýakanda,
Ejesi gülüp bakar,
Gazet‑kitap okanda.
***
Allan‑allan alkyşlar,
Gözüň gyýa bakyşlar,
Gaşyň ýarym aý deýin,
Ak ýüzüňi nagyşlar.
***
118
Hüwdüler
Allan‑allan allasy,
Demirdendir galasy,
Elimiň kümüş hasasy,
Başymyň altyn jygasy.
***
Allan‑allan allasy,
Şundan geler gül ysy,
Söýsün garry mamasy,
Öz balamyň balasy.
***
Allan‑allan, aparlar,
Toýuňda at çaparlar,
Ýaryň gelen wagtynda,
Üýşüp çelpek ýaparlar.
***
Allan‑allan öwmeli,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi I - 5
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi I - 1
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 1637
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 2
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1908
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 3
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 1645
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 4
    Total number of words is 3399
    Total number of unique words is 1792
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    44.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 5
    Total number of words is 3315
    Total number of unique words is 1928
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 6
    Total number of words is 3380
    Total number of unique words is 1866
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    33.7 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 7
    Total number of words is 3340
    Total number of unique words is 1851
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 8
    Total number of words is 3428
    Total number of unique words is 2023
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 9
    Total number of words is 1308
    Total number of unique words is 956
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.