Latin

Türkmen halk döredijiligi I - 2

Total number of words is 3615
Total number of unique words is 1908
25.2 of words are in the 2000 most common words
38.1 of words are in the 5000 most common words
45.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
tupdyr. Türkmen halk döredijiliginiň baş alamatlary: millilige,
çeper beýan etmelere, teswirlemelere baýdygydyr, žanrlaryň her
haýsynyň belli bir maksatlara bagly döredilendigidir. Gündogar
halk döredijiliginiň döremeginde, çeperleşmeginde, baýlaşmagynda
türkmen halk döredijiliginiň orny we hyzmaty uludyr. Gündogar
halk döredijiliginiň has gadymy nusgalary türkmen halk döredijili­
ginde saklanyp galypdyr.
Türkmen halk döredijiligindäki temalar halkyň durmuşynyň,
ahlagynyň, aň‑düşünjesiniň, çeper pikirlenişiniň, edim‑gylymynyň
we gaýry alamatlarynyň önümidir. Şoňa görä, temalar gadymydyr,
dürli meselelere degişlidir. Ynsanyň taryhynda adamyň erkliligini,
batyrlygyny, gaýduwsyzlygyny, ynsanperwerligini özünde jem­
leýän watançylyk we edermenlik baş tema hökmünde onuň döredi­
jiliginde uly orna eýe bolupdyr. Watançylyk, gahrymançylyk, ahlak
päklik, ynsanperwerlik, söýgi halk döredijiliginiň baş temalarydyr,
ynsanyň ykdysady, ruhy, medeni durmuşynda möhüm hyzmaty
20
Söz sungatynyň täji
bitirýän bu temalar belli bir döwür bilen ölçenmeýär. Onuň köki
gadymyýetiň uzak taryhyna siňip gidýär.
Belli bolşy ýaly, türkmen halk döredijiligi dilden‑dile geçip
gelse‑de, olaryň bir bölegi gadymy döwürde ýazuwa düşüpdir.
Miladynyň başynda daşary ýurtly syýahatçylar, alymlar, harby
adamlar türkmen halk döredijiliginiň oňat nusgalary barada gym­
matly maglumatlary ýazga geçiripdirler. Tumarly, Şirak we beýle­
kiler baradaky gadymy ýazgylar muňa anyk mysaldyr. VI‑VII
asyrlarda halk döredijiliginiň dananamasy bolan nakyllar ilkinji
gezek daşa ýazylypdyr, oguz‑orhon ýazgylarynda 40 sany nakyl
ýerleşdirilipdir. Orta asyrlarda ylmyň galkynmagy bilen türkmen
halk döredijiligini öwreniş ylmy kemala gelipdir. Beýik alymlaryň
tagallasy bilen türkmen halk döredijiliginiň dürli nusgalary hak­
da ylmy pikirler aýdylypdyr. Biruny, Ibn Sina, Faraby, Horezmi,
Kaşgarly we beýleki onlarça alymlar häli‑şindi çeşme hökmün­
de halk döredijiligine ýüzlenipdirler. Halky kyssalaryň esasynda
Zamahşary, Awfy, Käşifi dagy özboluşly kitaplary döredipdir­
ler. XVI asyrdan başlap nakyllary ýörite ýygyndy görnüşinde
taýýarlamak däbe öwrülipdir. Muhammet Alynyň, Abbasguly
Maragaýynyň nakyllary il arasynda ýörgünli bolupdyr. Türkmen
halk döredijiligi ýazuwa düşmek bilen özüniň ömrüni uzaldypdyr.
Kitapda şu aýratynlyklar göz öňünde tutuldy. Oňa türkmen
halk döredijiliginiň belli bir döwürde döredilen nusgalary alynman,
onuň umumy ösüş taryhyndan miras galan nusgalary girizildi.
Türkmen halk döredijiliginiň iki kitapdan ybarat ýygyndysy
geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda neşir edildi. Ondan bäri ep‑es­
li wagt geçdi. Garaşsyzlykdan soň türkmen halkynyň çeper söz
sungatynyň taryhy, milli esaslary, ýerine ýetirilişiniň özboluşlylygy
dikeldildi, olara ylmy taýdan dogry baha berildi. Halk Garaşsyzlyk,
bagtly döwür, Arkadag, Watan barada täze mazmunly çeper halky
eserleri döretdi. Ýokary, ýörite, orta mekdeplerde halkyň çeper
gymmatlygyna bolan isleg artdy. Şu zerurlyk göz öňünde tutu­
lyp, halk döredijiliginiň ýygyndysy täze nusgada hödürlenilýär.
21
Türkmen halk döredijiligi
Ýygyndyny taýýarlamagyň öz düzgünleri bar. Düzüjiler tara­
pyndan şol düzgünler berjaý edildi we halk döredijiliginiň oňat
nusgalary alnyp, olaryň çeperçiligini, many‑mazmunyny ýoýmazlyga çalşyldy.
Türkmen halk döredijiliginiň ähli nusgasyny kitaba girizmek
mümkin däl. Şoňa görä her žanryň aýratynlyklary, mazmuny, çe­
perçiligi, göwrümi göz öňünde tutuldy. Mysal üçin, dessanlaryň
belli‑belli parçalary alyndy. Dessanyň esasy mazmuny, çeperçilik
özboluşlylygy, dil aýratynlygy, beýan edilişi saklandy.
Ýygyndyda talyplaryň we halk döredijiligi bilen gyzyklanýan
okyjylaryň türkmen halk döredijiligi barada doly we giň düşünje
almagyna mümkinçilik döredildi.
Amanmyrat Baýmyradow,
Hojamyrat Goçmyradow,
Gülruh Nuryýewa.
22
Aýdymlar
Tirme aýdymlary (halk aýdymlary)
Bolma
Ýalňyz balam, algyn pendim,
Ýurduň terk ediji bolma!
Özüňden gaýry namardyň,
Minnetin çekiji bolma!
Gyraty besle jul bile,
Oturgyn ähli il bile,
Ölinçäň bedasyl bile,
Mähriban bolujy bolma!
Ýaşulular geňeş etse,
Ýagşy‑ýamana göz ýetse,
Il‑halkyň bir iş tutsa,
Sen ondan galyjy bolma!
Tagam berseň bergin aja,
Daýangyn egri gylyja,
Emma duran gury agaja,
Nähak gan çalyjy bolma!
Şat bol il‑halkyň görende,
Sözün al geňeş berende,
Bir garyp aglap duranda,
Ýanynda gülüji bolma!
Jygaly beg, öwüş‑öwüş,
Myhman gelse, etgin söwüş,
Döwüşseň, mert bilen döwüş,
Namardy kowujy bolma!
23
Türkmen halk döredijiligi
Zalym aýralyk
Wah, meni hary‑zar etdiň,
Zalym aýralyk, aýralyk!
Köýmeklik üçin ýaratdyň,
Zalym aýralyk, aýralyk!
Çekdigimdir dagy‑pyrak,
Ýeňňem düşdi menden yrak,
Indi kimden edem sorag,
Zalym aýralyk, aýralyk!
Gijeler gördügim düýşdür,
Aýralyk bir ýaman işdir,
Iki didäm ganly ýaşdyr,
Zalym aýralyk, aýralyk!
Bu dünýä kimi şat etdi,
Aşna bolany ýat etdi,
Kim oýnady, kim mat etdi,
Zalym aýralyk, aýralyk!
Görogly diýer, şiri‑derga,
Bu halymdan bolgun ägä,
Gülendamdan boldum jyda,
Zalym aýralyk, aýralyk!
Geçen ýörsün
Ylgarym bar Rumustana,
Meniň bilen aşan ýörsün!
Ar üstünde şirin jandan,
Maldan‑başdan geçen ýörsün!
24
Aýdymlar
Kim ok bilen, kim ýaý bilen,
Ýigit ýagşysy şaý bilen,
Duşman görende oý bilen,
Ýüzbe‑ýüz sanjyşan ýörsün!
Ýigidiň myrady atdyr,
Aty saklamak döwletdir,
Kesgir gylyç ýanar otdur,
Oda özün uran ýörsün!
Görogly, bu dembe‑demdir,
Muhannese gelen gamdyr,
Ýigide söweş baýramdyr,
Maldan‑başdan geçen ýörsün!
Näzlim toýuny
Toý tutmuşam Çandybiliň düzünde,
Begler, gutlaň bu gün näzlim toýuny!
Duşman köp bolupdyr meniň kastyma,
Begler, gutlaň şu gün näzlim toýuny!
Meýlisimde saz‑söhbetler guruňlar,
Gol gowşuryp, hyzmatymda duruňlar!
Aga‑begler altyn käse uruňlar,
Begler, gutlaň şu gün näzlim toýuny!
Bäş menzilden bedew atlar çapar men,
Her menzilde sermes guzy gapar men,
Beglerime agyr halat ýapar men,
Begler, gutlaň şu gün näzlim toýuny!
Görogly beg gurdy söhbet‑sazlary,
Kölünde garkyldar guba‑gazlary,
Toýa gelen ähli türkmen gyzlary,
Gyzlar, gutlaň şu gün näzlim toýuny!
25
Türkmen halk döredijiligi
Suw ber, içeli!
Garşym alyp duran dilber,
Näzlim, bir suw ber içeli!
Ter hynaly gollaryňdan,
Gyz‑juwan, suw ber, içeli!
Menem geldim illerimden,
Seýran etsem gülleriňden,
Ter hynaly gollaryňdan,
Gyz‑juwan suw ber, içeli!
Senmisiň Arabyň gyzy,
Geýen donlaryň gyrmyzy,
Näz bilen köýdürme bizi,
Gyz‑juwan suw ber, içeýli!
Goly hyzmatda baglyny,
Menzili Ýyldyz daglyny,
Tanyrmy sen Göroglyny,
Gyz‑juwan suw ber, içeli!
Bilbil güle çeker zary,
Aşygyň köýmesin ary,
Göroglynyň söwer ýary,
Bibijan, suw ber, içeli!
Öwez oglum geldi
Gözüň açyp gözle, Gyrat,
Geldi, Öwez oglum geldi.
Diliň bolsa sözle, Gyrat,
Geldi, Öwez oglum geldi.
26
Aýdymlar
Kyrk begin kowdum ýanyndan,
Alyp çykdym mekanyndan,
Husny Ýusubyň şanyndan,
Geldi, Öwez oglum geldi.
Gyrat, meniň göwnüm göter,
Belent‑belent dagdan ötür,
Bahym Çandybile ýetir,
Geldi, Öwez oglum geldi.
Ýetdi pirleriň dogasy,
Ýaradan Hakdyr penasy,
Görogly begiň hoşgähi,
Geldi, Öwez oglum geldi.
Aýrylmadymy?!
Nurundan ýaradan iki azyzy,
Bugdaý iýp, behiştden aýrylmadymy?!
Üç ýüz ýyl agtaryp, sergezdan bolup,
Adam How eneden aýrylmadymy?!
Adam ogly hiç bolupdyr baş bilen,
Ýuwdy ýüzün gözden akan ýaş bilen,
Abyl atdy ol Kabyly daş bilen,
Aga inisinden aýrylmadymy?!
Ybraýym pygamber dünýäge geldi,
Arzuw‑arman bilen Hajary aldy,
Musulman bolanlar kişdige doldy,
Nuh öz kowumyndan aýrylmadymy?!
Ol hakyň Töwratyn okygan Musa,
Zamanynda ýokdy olar dek resa,
Bibi Merýem ogly‑hezreti Isa,
Gaçyp, kapyrlardan aýrylmadymy?!
27
Türkmen halk döredijiligi
Pygamber äleme patyşa boldy,
Zebur okap, halka nesihat kyldy,
Bir güni göwnüne men‑menlik geldi,
Dawut öz oglundan aýrylmadymy?
Dawut öldi, zürýadyna ýer galdy,
Hudaýymdan şoňa bir ýüzük geldi,
Nurdan bolan ýüzügini döw aldy,
Süleýman tagtyndan aýrylmadymy?
Ýakup aglap aýrylandyr gözünden,
Hiç peýda tapmady aýdan sözünden,
Arzy Gambaryndan, güler ýüzünden,
Ýusup Züleýhadan aýrylmadymy?
Pygamber Çaryýar ýaşyn dökerden,
Şyhlar sopusyndan, şalar nökerden,
Zenbur asalyndan, toty şekerden,
Bilbil gülüstandan aýrylmadymy?
Görogly beg, tälim algyn ussatdan,
Ýagşy, ýaman hemme geçer syratdan,
Leýli Mejnunyndan, Şirin Perhatdan,
Wamyk Uzrasyndan aýrylmadymy?
Daglar gümmür
‑ gümmürlendi
Goçlarym, häzir boluňlar,
Daglar gümmür‑gümmürlendi.
Ýetip Derbendi alyňlar,
Daglar gümmür‑gümmürlendi.
Ok atylar galasyndan,
Hak saklasyn belasyndan,
Goç ýigidiň nalasyndan
Daglar gümmür‑gümmürlendi.
28
Aýdymlar
Söweş ýagmyry ýaganda,
Melewşe boýnun egende,
Gylyç galkana degende,
Galkan gümmür‑gümmürlendi.
Bedew arlap dag aşanda,
Ýetip, ganyma duşanda,
Beglerim esräp joşanda,
Daglar gümmür‑gümmürlendi.
Kimler belaga tutular,
Kimler gaçyp‑kim gutular,
Jezaýyl‑myltyk atylar,
Ýerler gümmür‑gümmürlendi.
Ganly söweş bolsa gerek,
Lerzan urup, titrär pelek,
Uruş kylarlar ýekme‑ýek,
Toplar gümmür‑gümmürlendi.
Bu daglaryň deresinden,
Çyka bilmän arasyndan,
Il‑ulusuň nalasyndan
Gökler gümmür‑gümmürlendi.
Al şerap içip gananda,
Duşman ýüregi ýananda,
Görogly Gyrat münende,
Ýollar gümmür‑gümmürlendi.
Gyzlar geleýdi
Eý ýaranlar, musulmanlar,
Ýol beriň, gyzlar geleýdi.
Jepa çekdi eziz janlar,
Ýol beriň, gyzlar geleýdi.
29
Türkmen halk döredijiligi
On iki aýdan geler gurban,
Sallanyşar gyz‑u‑juwan,
Ýol üstünde goşa nerwan,
Ýol beriň, gyzlar geleýdi.
Biziň illeriň sopusy,
Başynda mahmal topbusy,
Araz çaýynyň köprüsi,
Üstünden gyzlar geleýdi.
Ýol üstünde goşa çynar,
Dök ýapragyň, düşe çynar,
Ylahym, müň ýaşa çynar,
Saýaňa gyzlar geleýdi.
Dag başyna çykan otlar
Ony bilmez haýwanatlar,
Boýny bir gez bedew atlar,
Süzüliň, gyzlar geleýdi.
Ýol üstündäki söwütler,
Her kim öz ýaryn öwütlär,
Bedew atly beg ýigitler,
Sowulyň gyzlar geleýdi.
Gara öýden damar damjy,
Bedew ata uruň gamçy,
Ýol üstünde alamançy,
Sowul‑ha, gyzlar geleýdi .
Joşma‑ha, Görogly, joşma,
Gyrat münüp, hetden aşma,
Ýyldyz dagdan inen çeşme,
Durlan‑ha, gyzlar geleýdi.
30
Aýdymlar
Owazy geldi
Bilmen oýalykda, bilmen düýşümde,
Peleňde Gyratyň owazy geldi.
Ýaman günler bardyr meniň başymda,
Peleňde Gyratyň owazy geldi.
Peleň dagy on bäş günlük ýol bolar,
Arasynda menzili ýok, çöl bolar.
Indi meniň her bir günüm ýyl bolar,
Ýyglaýyp, Gyratyň owazy geldi.
Söýünji hol gitdi şanyň iline,
Biz ýöräris Peleň dagyň ýoluna,
Öwez jan düşendir ganym goluna,
Peleňde Gyratyň owazy geldi.
Eý, Görogly, Gyratyňy ýat eýle,
Gyratsyz baglara barmagyn seýle,
Perişan kysmatym ýazyldy şeýle,
Ýyglaýyp, Gyratyň owazy geldi.
Ýaryň güli geldi,
özi gelmedi
Akja, saňa syry‑halym diýeýin,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Başymdan geçenin beýan eýläýin,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Syýa zülpüm para‑para bolupdyr,
Tel‑tel bolup, dara‑dara bolupdyr,
Sebäp nedir, bagtym gara bolupdyr,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
31
Türkmen halk döredijiligi
Meniň ýarym Hasan wezir ogludyr,
Muhabbeti bir ykrara baglydyr,
Atamyň elinden synam daglydyr,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Gahba pelek meni kyldy bigäne,
Özi gelmeý, güli geldi gaýbana,
Meniň üçin ýetim bolmuş bagbana,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Şasenem gyz diýrler meniň adyma,
Bir ah ursam, älem ýanar oduma,
Ýaratgan Züljelal, ýetiş dadyma,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Maral geldi
Boz dumanly daglar aşyp,
Ahu gözli maral geldi.
Yşkyň söwdasyna düşüp,
Ahu gözli maral geldi.
Tutar her kes öz däbini,
Awçylar awlar awuny,
Başda gelen serdaryny,
Tutgul, awçy, maral geldi.
Awçylar awlar dagynda,
Bally‑şeker dodagynda,
Günüň günorta çagynda,
Gözel awçy, maral geldi.
Senem bilen Akja gelin,
Dilin, ýürejigim, dilin!
Şitde guşap inçe bile,
Senem awçy, maral geldi.
32
Aýdymlar
Ballary bar leblerinde,
Seni gören galar derde,
Dal dolanyp duran ýerde,
Senem awçy, maral geldi.
Egnine geýipdir ala,
Biri gülgün, biri läle,
Ak gollaryn sala‑sala,
Senem awçy, maral geldi.
Gadamlary göz üstüne,
Gurbanam çeşmi‑mestine,
Mürewwet eýläp dostuna,
Senem awçy, maral geldi.
Garyp aşyk diýmez ýalan,
Ömrümize düşdi talaň,
Serwi agajyna dolan,
Senem awçy, maral geldi.
Bilmedim
Niçe ýyllar gezdim seni ýar diýip,
Başga ýaryň bar ekenin bilmedim.
Munuň menden özge kimi bar diýip,
Başga ýaryň bar ekenin bilmedim.
Bu sözleriň meni goýdy ölüme,
Bilbil uçdy, zaglar gondy gülüme,
Käkilim diýp, çyrmaşdyrdym bilime,
Adam çakan mar ekeniň bilmedim.
Bu gün awy goşduň meniň aşyma,
Rehmiň gelmez gözden akan ýaşyma,
Bir gül diýip sanjyp idim başyma,
Gury tiken − har ekeniň bilmedim.
**3. Sargyt № 2693
33
Türkmen halk döredijiligi
Köňül berdiň Akja perizadyňa,
Aýşy‑aşratlaryň düşüp ýadyňa,
Ýar‑ýar diýip, näler ýandym oduňa,
Kaknus köýen nar ekeniň bilmedim.
Şasenem diýr, habar almadyň menden,
Şirin janym çykdy jan bilen tenden,
Bu gün belli, üzdüm umydym senden,
Akja bilen ýar ekeniň bilmedim.
Eglenme mundan
Indi söhbet wagty ötdi,
Git, Garyp, eglenme mundan!
Aýralygyň wagty ýetdi,
Git, Garyp, eglenme mundan!
Näler gördüm seniň waslyň,
Barabary ýokdur aslyň.
Bir gül erdiň, ötdi paslyň,
Git, Garyp, eglenme mundan!
Sen baryňda güle bilmen,
Bu ne dertdir bile bilmen,
Seniň üçin öle bilmen,
Git, Garyp, eglenme mundan!
Bähre tapman bu watandan,
Şirin janym çykar tenden,
Şasenem diýr, geçdim senden,
Git, Garyp, eglenme mundan!
Garyp jany ynjytma
Men bu gün gider men apam ýanyna,
Wesiýetim − Garyp jany ynjytma.
Iki aşyknyň goşulmagnyň şanyna,
Wesiýetim − Garyp jany ynjytma.
34
Aýdymlar
Hiç kime bildirme, tä men gelinçäm,
Men saňa tabşyrdym, erte bolynça,
Baryp Şaapbasdan bagym alynça,
Wesiýetim − Garyp jany ynjytma.
Şum rakyplar iýdi nany‑nemegim,
Anda sud etmedi gaýgy iýmegim,
Köňlümiň kuwwaty, güýjüm, kömegim,
Wesiýetim − Garyp jany ynjytma.
Ne jepalar çekdi Garyp diýp Senem,
Yşkyň wadasynda sergezdan menem,
Akja − garyndaşym, sen garry enem,
Wesiýetim − Garyp jany ynjytma.
Daglar galdy
Gahba pelegiň elinden,
Ýüregimde daglar galdy.
Bilbil aýryldy gülünden,
Ter açylan baglar galdy.
Asan etgin bu müşgili,
Uzaga düşdi menzili,
Uçurdym şeýda bilbili,
Gülşen içre zaglar galdy.
Halapda galdy Watanym,
Hiç ýokdur gelip‑gidenim,
Ýar bilen söhbet tutanym,
Gadymkyja çaglar galdy.
Men bu aýralyk derdinde,
Ýüzüm musallat gerdinde,
Gardaşlar, Akja ýurdunda,
Serhowuzly baglar galdy.
35
Türkmen halk döredijiligi
Gülnahal diýr, ýandy janym,
Pelek ýakdy istihanym,
Ezberhoja mähribanym,
Ýüregimde daglar galdy.
Şasenemi gördüňizmi?!
Keşt edip gezen gedalar,
Şasenemi gördüňizmi?!
Dolup‑daşyp akan çaýlar,
Senem jany gördüňizmi?!
Gedalar geldi toý üste,
Senem jan jana peýweste,
Garyp, sen gaýry ýurt iste,
Şasenemi gördüňizmi?!
Säher turup «hüw» diýenler,
Köne jindesin geýenler,
Hakyň senasyn diýenler,
Şasenemi gördüňizmi?!
Kimdir meniň derdim bilen,
Zagpyran dek reňgi solan,
Abyt bolup, şeýda bolan,
Şasenemi gördüňizmi?!
Garyp diýer, ýandy janym,
Hem mülküm, hem hany‑manym,
Gün‑günden ýaman ahwalym,
Şasenemi gördüňizmi?!
36
Aýdymlar
Hemrahym
Agalaryň seniň üçin iberdim,
Sen‑de otlar salma jana, Hemrahym!
Bilbilden zyýada boldy, bu derdim,
Meni goýduň ýowuz güne Hemrahym!
Ozal köýdüm, on dört ýaşa geldi diýp,
Oglanlarmyň peýmanasy doldy diýp,
Guwandym men size, ölmän galdy diýp,
Jyda tygyn çekdim jana, Hemrahym!
Käşki başda görmegeýdim bu düýşi,
Eşitmeýdi menden muny hiç kişi,
Çünki indi çeker boldum käýişi,
Jyda tygyn çekdim jana, Hemrahym!
Ne müşgüldir, meniň pendim almasaň,
Gan aglaýyp, gal diýende galmasaň,
Mundan gidip, üç aýa çen gelmeseň,
Çolanar men kepen dona, Hemrahym!
Hysrow aýdar, kimge tagtym bereýin?
Sen baryňda, bäş gün döwran süreýin,
Ölýänçäm myhman men, ýüzüň göreýin,
Nesihatym budur saňa, Hemrahym!
Ýara ýetir!
Bady‑saba, salamymny,
Hüýrlukga jana ýetir!
Meniň arzy‑peýmanymny,
Şol gözi mestana ýetir!
37
Türkmen halk döredijiligi
Gözel ýara bolsam nöker,
Azm eýlese, ganym döker,
Agzy − pisse, lebi − şeker,
Dişleri dürdänä ýetir!
Merdana tutgun özüňni,
Gam bilen saralt ýüzüňni,
Taňry üçin bu sözümni,
Ol gaşy kemana ýetir!
Ýar meni eýledi hasta,
Bilbilem, galdym kapasda,
Ýetebilmen söwer dosta,
Arzymy janana ýetir!
Meni uçratdy bu derde,
Bolaýyn oňa men bende,
Lebi şeker, agzy ganda,
Gunçaly handana ýetir!
Hemra diýerler adymy,
Meniň bu arzy‑dadymy,
Şam‑u‑säher perýadymy,
Hüýrlukga jana ýetir!
Amanmy?
Müsüriň ýurdundan gelen janlarym,
Habar beriň, biziň iller amanmy?
Saýasyna gün düşmegen baglarym,
Täze ter açylgan güller amanmy?
Behisi bar, almasy bar, nary bar,
Men bilmedim täleýimiň şory bar,
Her kimiň özüne laýyk ýary bar,
Ýardan aýra düşen ýollar amanmy?
38
Aýdymlar
Hiç peýda tapmadym aşna‑bilişden,
Ýaman horluk gördüm, dogan‑gardaşdan,
Altysy ýazdandyr, altysy gyşdan,
On iki aýdan gelgen ýyllar amanmy?
Bu dünýä diýeniň bir ajap jaýdyr,
Bagzylar patyşa, bagzy gedaýdyr,
Pany dünýä bu bir kerwen saraýdyr,
Patyşa atam, mähribanym amanmy?
Ganatym ýok gaýyp‑gaýyp uçmaga,
Alajym bolmady çaýdan çykmaga,
Hemra aýdar, sermest bolup guçmaga,
Hüýrlukga jan, inçe biller amanmy?
Ýar derdiňden
Eý ýaranlar, musulmanlar,
Sepil boldum, ýar derdiňden,
Yşk oduna ýana‑ýana,
Köýer boldum, ýar derdiňden.
Gijeler mende takat ýok,
Gündiz mende rahat ýok,
Mundan artyk muşakgat ýok,
Näzli ýar, seniň derdiňden.
Gaýry Watan tutar boldum,
Gara ganlar ýutar boldum.
Bimar bolup ýatar boldum,
Ýanar boldum, ýar derdiňden.
Bu ne hasrat, bu ne mähnet,
Çeker men dürli melamat,
Bu ne dert, bu ne külpet,
Näzli ýar, seniň, derdiňden.
39
Türkmen halk döredijiligi
Adym peri Hüýrlukgadyr,
Pany dünýä bibakydyr,
Çekdigim jebri‑jepadyr,
Ýanar boldum, ýar derdiňden.
Egil pudagy, pudagy
Ýeliň piri Mirihaýdar,
Egil pudagy, pudagy!
Her ýapragy mahy‑enwer,
Egil pudagy, pudagy!
Kimsäni gör − aýyşdadyr,
Kimsäni gör − nalyşdadyr,
Tuby agaç behiştdedir,
Egil pudagy, pudagy!
Mugteser kyldym säherde,
Uçradym men ýowuz derde,
Men öler boldum bu ýerde,
Egil pudagy, pudagy!
Hemra aýdar, ýa erenler!
Bize bir pata berenler,
Säher wagty ösen ýeller,
Egil pudagy, pudagy!
Nähak ganyma
Agalar agasy, zalym agasy,
Öldürip galmaňyz nähak ganyma!
Üçewmizem bir atanyň balasy,
Öldürip galmaňyz nähak ganyma!
40
Aýdymlar
Aşyk bolanlaryň karary bolmaz,
Dogandan doganyň bizary bolmaz,
Çöl ýerde öleniň mazary bolmaz,
Öldürip galmaňyz nähak ganyma!
Her säherler perýat edip Allaga,
Ölüm barabardyr şahu‑gedaga,
Bir syrym bar aýda bilmen eneme,
Öldürip galmaňyz nähak ganyma!
Hemra aýdar, aýra düşdüm ilimden,
Biçäre men, hiç iş gelmez golumdan,
Bilbilgöýä guşy aldyň elimden,
Öldürip galmaňyz nähak ganyma!
Ýar gyrmyzy
geýinipdir
Eý, ýaranlar, musulmanlar.
Ýar gyrmyzy geýinipdir.
Ýaýylypdyr ak ýüzünde,
Tar gyrmyzy geýinipdir.
Gurban olam galam gaşa,
Ýar jygasyn sanjar başa,
Synasynda goşa‑goşa,
Nap gyrmyzy geýinipdir.
Bakyşyňyz jeren kibi,
Reftaryňyz maral kibi,
Iki zülpi şamar kibi,
Mar gyrmyzy geýinipdir.
Ýarym geler güle‑güle,
Gülüşi meňzär bilbile,
41
Türkmen halk döredijiligi
Niçe gözel gyzlar bile,
Bar gyrmyzy geýinipdir.
Gel, Saýat, gideli baga,
Ýarym, bak synamda daga,
Hemranyň janyn almaga,
Ýar gyrmyzy geýinipdir,
Han dädem
Arz eýlärem, Mämmetsöýün serdarym,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Sen‑sen meniň howandarym, hossarym,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Şalaryň ýanynda tutulsyn sözüň,
Dünýäde ýamanlyk görmesin gözüň,
Sen meniň atam bol, men seniň gyzyň,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
At öňüne düşüp gitmez pyýada,
Günbe‑günden derdim artar zyýada,
Gül meňzim solduryp, goýma uýada,
Eltme meni han dädemiň, ýanyna!
Özüň öldür, berme meni zalyma,
Rehm eýlegil meniň garyp halyma,
Atam galar meniň nähak ganyma,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Saýat han diýr, çykdym çarbaga seýle,
Uçradym bir derde, belaga beýle,
Ozalda kysmatym, takdyrym şeýle,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
42
Aýdymlar
Gürjiniň
Bir salatyn boýlym sallanyp geldi,
Gözümge sataşdy haly, gürjiniň.
Aklymny apardy, bes men neýlärem,
Hesreti janymda galdy, gürjiniň.
Örtügi ýaşyldyr, geýdigi ala,
Boýy selbä meňzär, kamaty dala.
Dişi düre meňzär, lebleri bala,
Haýp, türki däldir tili, gürjiniň.
Pirim Şahymerdan döwranlar sürmüş
Gözellik husnuny gürjige bermiş,
Bady‑saba zülpün gerdenne ýaýmyş,
Döküler tört ýana teli, gürjiniň.
Bakjasyndan şeýda bilbil ötüşmez.
Ah urar men, nalam ýara ýetişmez,
Derdim köpdür, derman goluma düşmez,
Öter egremçeden bili, gürjiniň.
Hemra diýer, tirem ýaryň gülüni,
Doly içsem pyýalaly çaýyny,
Gezem gapysynda ýar otagyny,
Men bolsam hyzmatkär guly, gürjiniň.
Düşmüş
Agalar, bir gözel gördüm,
Saçy aýagyna düşmüş.
Dakynypdyr heýkel, tumar,
Her dem gujagyna düşmüş.
Gollary çykmyş hynadan,
Parh edip bolmaz sonadan,
Aýrylyp ata‑eneden,
Jennetiň bagyna düşmüş.
43
Türkmen halk döredijiligi
Bu baglaryň gül‑lälesi,
Çöl‑deştleriň gandalasy,
Perhatnyň ahy‑nalasy,
Şiriniň dagyna düşmüş.
Geldi ýene seýil bagy,
Pyýalany getir saky,
Iki zülpüň bolup ýagy,
Her dem ýaňagyna düşmüş.
Ol perini göreý çagda,
Läleler açylar bagda,
Uzyn boýly, giň gujakda,
Höwesim agyna düşmüş.
Ýalňyz başym galdy derde,
Akyl almady, huş serde,
Myhman bolman özge ýerde,
Ýaryň otagyna düşmüş.
Köňül her dem gaýnap‑joşmaz,
Yşkyň oduna tutaşmaz,
Hemra özge ýere düşmez,
Ýaryň gujagyna düşmüş.
Bagdadyr‑bagda
Gel balam, seni istäýin,
Istegliň bagdadyr‑bagda.
Herne bela men dözeýin,
Saýat han bagdadyr‑bagda.
Garadyr Selbiniň gözi,
Görmäge Saýadyň ýüzi,
Mämmet han patyşaň gyzy,
Saýat han bagdadyr‑bagda.
44
Aýdymlar
Synasy daglaryň gary,
Mämesi Gürjüstan nary,
Kyrkynjy gyzyň serdary,
Bal Saýat bagdadyr‑bagda.
Söhbeti bar sazlar bilen,
Ördegi bar gazlar bilen,
On üç, on dört gyzlar bilen,
Saýat han bagdadyr‑bagda.
Ýar bagyna girer bolsaň,
Gyzyl gülün tirer bolsaň,
Saýat hany görer bolsaň,
Bal Saýat bagdadyr‑bagda.
Gel Ahmet, uýgun Allaga,
Ýüzüňi dönder kyblaga,
Diýdiler: gelsin Hemraga,
Saýat han bagdadyr‑bagda.
Daş galdy
Eý ýaranlar, musulmanlar,
Jaýlar daş galdy, daş galdy.
Boz bulanyp akan siller,
Saýlar daş galdy, daş galdy.
Derýa içinde balyklar,
Ýar‑joralar, halaýyklar,
Hüýr‑periler, melaýyklar,
Bizden daş galdy, daş galdy.
Hatardadyr nerlerimiz,
Şahymerdan pirlerimiz,
Ýar bilen gezen ýerlermiz,
Ýerler daş galdy, daş galdy.
45
Türkmen halk döredijiligi
Aşyk Ahmet çeker arman,
Ýarym bilen döwran sürmän,
Medet berse Şahymerdan,
Pirler daş galdy, daş galdy.
Saňa tabşyrdym
Imdi men gider men Häzirbeýjana,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym.
Sizleri tabşyrdym Kadyr Subhana,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym.
Düşüpdir goluňa bir asly dana,
Jemalyň bermenem ýagty jahana,
Ýusup deýin salma ony zyndana,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym,
Hemra ýaşdyr, bilmedigin bildiriň,
Urmaň, sökmäň, şadyýana güldüriň,
Ýa gözüm görmesin, meni öldüriň,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym.
Ahmediň dünýäde ýeke zürýady,
Pelegiň elinden eýlerem dady,
Bilimniň kuwwaty, köňlümniň şady,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym
Sonam geldimi?
Asty arap atly beg oglanlary,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
Jygalary tel‑tel, gözleri mestan,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
Töwriziň degresi ýoldur‑ýolakdyr,
Üstümizde gurlan çarhy‑pelekdir,
Enesi hüýrüdir, gyzy melekdir,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
46
Aýdymlar
Töwriziň degresi dolanma daglar,
Ýar ýardan aýrylsa, ah çeker, aglar,
Açylsa läleler, gül olsa baglar,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
Bilbiller ah çeker güle ýetmäge,
Bagbanlar ah çeker ony tutmaga,
Töwriziň bagyna seýran etmäge,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
Elbent aýdar, saz arkamda baglydyr,
Synalarym syýa, çapraz daglydyr,
Aslyn sorsaň, Genje‑Garabaglydyr,
Töwriziň begleri, Sonam geldimi?
Ýelpeselendi
Galanyň düýbünde bir gawun iýdim,
Etini iýdim‑de, paçagyn goýdum.
Eýesi gelinçä gawundan doýdum,
Elinde ýaglygy ýelpeselendi.
Ýelpese, ýelpese, ýelpeselendi,
Elinde ýaglygy ýelpeselendi.
Galanyň düýbünde nar iýmek bolmaz,
Şol barýan gözele söz diýmek bolmaz,
Ýanynda bolmasaň ýar diýmek bolmaz,
Elinde ýaglygy ýelpeselendi.
Ýelpese, ýelpese, ýelpeselendi,
Elinde ýaglygy ýelpeselendi.
Galanyň düýbünde ekerler nary,
Gijeler ýatmazlar, söýerler ýary,
Gyz göwni näzikdir, dutaryň tary,
Elinde ýaglygy ýelpeselendi.
47
Türkmen halk döredijiligi
Ýelpese, ýelpese, ýelpeselendi,
Elinde ýaglygy ýelpeselendi.
Atymy bagladym bir gara daşa,
Gylyjym syrdym‑da girdim söweşe,
Allahym ýetirsin şol gara gaşa,
Elinde ýaglygy ýelpeselendi.
Ýelpese, ýelpese, ýelpeselendi,
Elinde ýaglygy ýelpeselendi.
Nergyz
Öýleriniň keýni arpa,
Atly geçer gürpe‑gürpe,
Enesi gyzyndan körpe,
Çykar, bakar ýola Nergyz.
Öýleriniň keýni jöwen,
Gulpajygyny ýaňy bogan,
Gaýşarylyp maýa sagan,
Çykar, bakar ýola Nergyz.
Öýleriniň keýni açyk,
Ýagyş ýagar, bolar palçyk,
Enesi gyzyndan alçak,
Çykar, bakar ýola Nergyz.
Öýleriniň keýni salma,
Salmadan eglip suw alma,
Enesi gyzyndan ýolma,
Çykar, bakar ýola Nergyz.
Gitdim, bakdym, çaýda gezer,
Ak goluna duwme düzer,
Meni görüp gözün süzer,
Çykar, bakar ýola Nergyz.
48
Aýdymlar
Gitdim, bardym un eleýdi,
On barmagyn hynalaýdy,
Meni görüp gan aglaýdy,
Çykar, bakar ýola Nergyz.
Öýleriniň keýni üzüm,
Nergyz meniň gara gözüm,
Men aýdýan soňky sözüm,
Çykar, bakar ýola Nergyz.
Özüm alaram
Ilerden gelýärdim, ýüküm üzümdi,
Obanyň gyzlary düzüm‑düzümdi,
Içinde biri bar, gara gözümdi,
Hiç kese bermenem, özüm alaram.
Ilerden gelýärdim, ýüküm erikdi,
Obanyň gyzlary derek‑derekdi,
Içinde biri bar, maňa gerekdi,
Hiç kese bermenem, özüm alaram.
Ilerden gelýärdim, ýüküm almady,
Obanyň gyzlary suwa gelmedi,
Içinde birisi özün bilmedi,
Hiç kese bermenem, özüm alaram.
Ilerden gelýärdim, ýüküm üljedi,
Obanyň gyzlarnyn biri süýjüdi,
Içinde biri bar, örän gowjady,
Hiç kese bermenem, özüm alaram.
Ilerden gelýärdim, ýüküm agaçdy,
Gyzlaryň birisi yzyna gaçdy,
Soň başga birinden göwnüm suw içdi,
Hiç kese bermenem, özüm alaram.
**4. Sargyt № 2693
49
Türkmen halk döredijiligi
Bibijan
Bukjaňda bir donuň bar ekeni, Bibijan.
Geýip görsem ýeňi dagy dar ekeni, Bibijan,
Ýüzüň alma, ýaňaklaryň nar ekeni, Bibijan,
Aç gujagňy, bas bagryňa, sowuk alýa‑la, Bibijan.
Söýýän ýigdiň işikden jyklady‑la, Bibijan,
Şu çaka çen gyz baldyzyň uklady‑la, Bibijan,
Ýaş söwdügiň gözýaşyňy saklady‑la, Bibijan,
Aç gujagňy, bas bagryňa, sowuk alýa‑la, Bibijan.
Ol obadan pürküm‑pürküm çaň çykýa‑la, Bibijan,
Bedew atlar deňgeleşip, deň çykýa‑la, Bibijan,
Söweş güni goç ýigitden gan çykýa‑la, Bibijan,
Aç gujagňy, bas bagryňa, sowuk alýa‑la, Bibijan.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi I - 3
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi I - 1
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 1637
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 2
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1908
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 3
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 1645
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 4
    Total number of words is 3399
    Total number of unique words is 1792
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    44.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 5
    Total number of words is 3315
    Total number of unique words is 1928
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 6
    Total number of words is 3380
    Total number of unique words is 1866
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    33.7 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 7
    Total number of words is 3340
    Total number of unique words is 1851
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 8
    Total number of words is 3428
    Total number of unique words is 2023
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 9
    Total number of words is 1308
    Total number of unique words is 956
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.