Latin

Türkmen halk döredijiligi I - 6

Total number of words is 3380
Total number of unique words is 1866
22.7 of words are in the 2000 most common words
33.7 of words are in the 5000 most common words
41.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şady‑horram şat bolup,
Mejnun çykdy çöllere,
Leýliden aýry galyp.
Gözi çyksyn duşmanlaryň,
Içi ýansyn ot bolup,
Gijeler bir ýerde duşup,
Söýüşeli söwdügim...
156
Agylar
Alma mende, nar mende,
Bakja mende, bag mende,
Meniň balam ölüpdir,
Şonuň ody bar mende.
***
Aman, aman, Allajan,
Eden işiň ne ýaman,
Aman, aman edeýin,
Toba‑tagsyr edeýin.
***
Besläp bedew münenim,
Saýlap gözel alanym,
Dabarasy dag aşanym,
Tarkyldysy ýer deşenim,
Eý jan, balam, balam‑ow.
***
«Garyp öldi» diýdiler,
Üç günden soň duýdular,
Haýyr üçin ýuwdular,
Sogap üçin gömdüler.
***
Gije çyra ýakanym,
Gündiz ýüzňe bakanym,
Ah diýende agdardym,
Wah diýende dönderdim.
Ýaraşyklym bal guzy,
Indi neneň ederkäm?!
***
Gülüm gitdi, gülüm gitdi,
Gülümden bilbilim gitdi.
Meni gamhanada goýup,
Ahyret jaýyna gitdi.
***
157
Türkmen halk döredijiligi
Daglaryň gary gitdi,
Eridi, bary gitdi.
Meniň balam öleli,
Ýüregmiň sary gitdi.
***
Daglaryň başy ýanar,
Ot düşer, daşy ýanar.
Gara dagyň ýykylsa,
Ýüregiň başy ýanar.
***
Dona sygmaz bilekli,
Içe sygmaz ýürekli.
Arslana haý beren.
Arslanzadam ogul‑eý.
***
Ýörände ýer böwsenim,
Gülende gül öwsenim,
Gülküsi gün ýaşyranym,
Ukusyz daň atyranym,
Eý jan, balam, balam‑ow.
***
Tez maral dagda mälär,
Dagdan aşanda mälär.
Ynsan eziz baladan,
Aýra düşende aglar.
Çäýnekde çaýyň
galdy
Çäýnekde çaýyň galdy,
Käsede paýyň galdy,
Ak öýleriň içinde,
Söýgüli ýaryň galdy.
158
Agylar
Ojak doly kül galdy,
Sandyk doly pul galdy.
Çagalaň ýetim galdy,
Ýanýoldaşyň dul galdy.
Gözeliň yzda galdy,
Gyratyň dagda galdy,
Aýny diýen wagtyňda,
Kuwwatyň dyzda galdy.
Sopym ‑ aý
Ojak doly kül galdy,
Sandyk doly pul galdy,
Baş ýoldaşyň dul galdy,
Eý‑waý, Sopym, Sopym‑aý.
Çölde ýaýyk ýaýdyran,
Kentde pagta saýdyran,
Zady boldan gaýdyran,
Wah‑wah, Sopym, Sopym‑aý.
Ýandaklaryň bag ýaly,
Gyzganlaryň dag ýaly,
Her bir sözüň ýag ýaly,
Wah, jan, Sopym, Sopym‑aý.
Indi bizde ýokdur baş,
Awy boldy nanu‑aş,
Çagalaryň örän ýaş,
Eý‑waý, Sopym, Sopym‑aý.
159
Türkmen halk döredijiligi
Ýaremezanlar
Oraza geldi haý bilen,
Bir meleje taý bilen,
Taýy batga batanda,
Çykardylar haý‑haý bilen.
***
Oraza geldi ilerden,
Tutdy halkyň bilinden,
Öldüm‑öldüm diýende,
Aldy baýram elinden.
***
Ýokarda bir Aý bar,
Ýüzi gyzyl ýaý bar,
Bereketli saçakda
Bize goýlan paý bar.
***
Sary çanak sarlaşdy,
Sargan beriň, haý baýlar!
Gury çanak çatlaşdy,
Mesge beriň, haý baýlar!
***
Ýaremezan aýlary,
Geldi‑geçer baýlary,
Merediň on dördünde,
Ýalkym saçar aýlary.
***
Aş bişiriň, düşüriň,
Içip gitsin tütätin.
Ýowşan ýygyp ýol açyň,
Geçip gitsin tütätin.
***
Tütätin‑ä, tütätin,
Tütätine nä gerek?
Çogum‑çogum biz gerek,
Iňňe ujy tiz gerek.
***
160
Ýaremezanlar
Hellesi‑ä, hellesi,
Köne köwüş pellesi.
Ataň saňa paý goýdy,
Gotur geçiň kellesi.
***
Biz‑ä sizi baý gördük,
Tüýnügiňizden Aý gördük,
Altyn bilen apardyk,
Kümüş bilen gopardyk.
Aşa atarlyk duz beriň.
Hoja gelinlik gyz beriň.
**11. Sargyt № 2693
161
Türkmen halk döredijiligi
Sanawaçlar
Oýun sanawaçlary
Apak‑mapak,
Ýagly ýüpek.
Mundan geç‑de.
Sen çyk!
***
Ak teňňe,
Gök teňňe,
Çyk, ýeň‑de!
***
Apban,
Sapban,
Syryl,
Seçil,
Gutul!
***
Çymçyk,
Çymyldyryk.
Sen gal,
Sen çyk!
***
Hütdi‑hütdi,
Bilbil ütdi.
Çekdi kömür,
Çek aýak.
***
162
Sanawaçlar
Ekem‑ekem,
Arpa çekem,
Ýola bakam,
Gözüm dikem.
Gyzyl towuk,
Gyrma towuk,
Jyňňyrdawuk,
Çek, aýak!
***
Öw‑öwek,
Towşan döwek.
Bilbil saýrar,
Sesi ýaýrar,
Derýa akar,
Suwun çeker.
Gökde ümür,
Çökdi kömür,
Çek, aýak!
***
Gözel‑göş,
Ýagly‑döş,
Tanka‑daş,
Galam‑gaş,
Harmana barsaň,
Omman aş!
***
Iňňä‑iňňä,
Ujy diňňä.
Bal‑balyn‑a,
Şek‑şekin‑ä,
Çotur geçi,
Gotur geçi.
Gola geçi,
Möle geçi,
163
Türkmen halk döredijiligi
Halalaň‑hapbaň,
Güleleň‑güpbeň.
Ýaryl‑böwsül,
Çomakaý‑çortakaý
Däne‑düýne,
Dömme‑däh!
***
Eý taýak,
Eýman taýak.
Eýesi başyn,
Iýen taýak.
Gyl guýruk,
Gulandan ýüwrük,
Ýüz müň goýun
Bakgan taýak!
***
Eý taýagym,
Eziz taýagym.
Suwda gaýygym,
Dagda keýigim.
Tutdum gola,
Çykdym düze.
Ýagşy‑ýaman,
Etme güman,
Özüň saýla!
Zyrrymlar
Elek‑elek,
Çarhy pelek,
Çokaý dolak,
Myrat golak
Z‑y‑r‑r‑y‑m‑m…
***
164
Sanawaçlar
Elek‑elek,
Çarhy‑pelek,
Ol obada Çary golak,
Köýnek‑balak,
Zak‑zuk!
Z‑y‑r‑r‑y‑m‑m…
Aşyk
oýnalanda aýdylýan
sanawaçlar
Bir aşygyň bit iýsin,
Iki aşygyň it iýsin,
Üç aşygyň üçege zyň,
Dört aşygyň töre zyň,
Bäş aşyk bile, gel, oýna!
***
Aşyk oýnasaň ozarsyň,
Top oýnasaň tozarsyň,
Çilik oýnasaň çilersiň,
Haçan oýna döz gelersiň?
‑ Aýterek!
‑ Günterek!
− Aýterek!
− Günterek!
− Bizden size kim gerek?
− Saýrap duran dil gerek!
− Dilleriň haýsy gerek?
− Baharjan gerek!
165
Türkmen halk döredijiligi
Ýagyş
ýagara geldi
Ýagyş ýagara geldi,
Saman suwara geldi,
Gyzlar oýnara geldi,
Heýjanelek‑jan elek,
Gyş aýrylyp, ýaz geldi.
Oglan gaçyp, gyz kowýan
Täze zamana geldi.
Gün çykdy
Gün çykdy,
Gülälek çykdy,
Harman başyna –
Jäjek çykdy.
Gyz gördüm
Depä çykdym düz gördüm,
Gök köýnekli gyz gördüm.
Gök köýnegi dyzyndan,
Atly ýetmez yzyndan.
Ýeten aty ýorgadyr,
Aýaklary çargadyr
Ýedigen
Ak at, boz at-iki ýyldyz,
Demirgazyk-ýeke ýyldyz,
Ýedigenim-ýedi ýyldyz,
Ýedi göçer, ýedi gonar,
Sanasaň sogap bolar.
166
Sanawaçlar
Haýwanlar
we guşlar hakda
− Alty goýun, bäş geçi,
Hany munuň erkeji?
− Erkeji dagda galdy,
Haý‑haýladym gelmedi,
Arpa bersem iýmedi,
Çigit bersem doýmady.
***
Şagal‑şagal şady beg,
Doňuz‑doňuz dody beg,
Ýolbars biziň ýapymyz,
Gaplaň biziň gapymyz,
Aýy biziň akmagmyz,
Tilki biziň tokmagmyz,
Ýylan bizin gamçymyz,
Tomzak biziň toýçymyz,
At‑guş biziň ejemiz,
Algyr biziň atamyz,
Gurt biziň gudamyz,
Şagal biziň şadymyz,
Towşan biziň towjagmyz,
Suwulgan biziň suwlugmyz.
***
Hörele, düýäm, hörele,
Hörelemeseň bozlama.
Süýdüňden agaran bolar,
Ýüňünden ýorgan bolar.
Tagty rowan tagtyň bar,
Ala ýüpden nogtaň bar.
Örküjiňe el ýetmez,
Bahasyna pul ýetmez.
Aýryl onuň ýanyndan,
167
Türkmen halk döredijiligi
Özüm sagjak düýämi.
Hörele gubam, hörele,
Hörelemeseň köşele.
***
Tüwweý, goýnum, tüwweý,
Süýdüňden sargan bolar,
Ýüňüňden ýorgan bolar,
Tüwweý, goýnum, tüwweý.
***
Düýe köşegin almasa,
«Hörem‑hörem» diýerler.
Baýtal gulanyn almasa,
«Törene‑törene» diýerler.
Sygyr tanasyn almasa,
«Höwlüm‑höwlüm» diýerler.
Goýun guzusyn almasa,
«Tüwweý‑tüwweý» diýerler.
Geçi owlagyn almasa,
«Jär‑jär, geçim» diýerler.
***
Gak,
Gak,
Gargalar,
Agaç başyn dyrmalar.
Sülgünler şaly bişse,
Ýap içinden ýorgalar.
***
Pyşdyl, pyşdyl, pyşbaga,
Pyşdyllap çykar daga.
Iň ulusy Baýrammyrat
Ol‑da gider oýnamaga.
***
Ak kebelek,
Gök kebelek!
Gulagymyň suwuny −
Sor kebelek!
***
168
Sanawaçlar
Gündogary – alaň,
Günbatary – alaň,
Ilersi – alaň,
Ýylan‑içýan,
Şu ortada bolsaň –
Çyk!
Hanyň ogly suwa düşjek.
Barmaklaryň sanalyşy
Başam barmak – baş getir,
Süýem barmak – süýt getir,
Orta barmak – ot getir,
Ogulhajat – ok atar.
Külem barmak kül atar.
San sanamak
hakdaky sanawaçlar
Bir diýenim − bit,
Iki diýenim − it,
Üç diýenim −üçek,
Dört diýenim − düşek,
Bäş diýenim − bişek,
Alty diýenim − aşyk,
Ýedi diýenim − ýelim,
Sekiz diýenim −serçe,
Dokuz diýenim − darga,
On diýenim − orak,
On birinji − sakarbarak,
On ikinji − baş darak.
***
Birde − taý,
Ikide − aý,
Üçde − saý,
169
Türkmen halk döredijiligi
Dörtde − gaý,
Bäşde − maý,
Altyda − laý,
Ýedide − baý,
Sekizde − ýaý,
Dokuzda − naý,
Ondan soň − Garly taý.
***
Bir‑e − bir elim,
Ýene − bir elim,
Keten − elim,
Ketiz − elim,
Otuz − elim,
Akgan,
Çokgan,
Dere,
Düz,
Ýüz!
***
Iki sekiz, bir dokuz,
Üç ýigrimi, on dokuz.
***
Iki sekiz, bir dokuz.
Ýigrimi ýerde on dokuz.
***
Iki sekiz, bir ýedi,
On bäş ýerde on ýedi.
Matal häsiýetli
sanawaçlar
Gögüň − diregsizligi,
Ýerin − ölçegsizligi,
Derýaň − gapaksyzlygy,
Gulanyň − ötsüzligi,
170
Sanawaçlar
Guşuň − süýtsüzligi,
Ýorganyň − ýansyzlygy.
***
Guşda − süýt ýok,
Gulanda − öt ýok,
Derýada − gapak ýok,
Asmana − direg ýok,
Guma − ölçeg ýok,
Gara suwda − gaýmak ýok,
Okarada − sap ýok,
Ýorganda − ýeň ýok,
Ýumurtgada − tiken ýok...
Taryhy ähmiýetli
sanawaçlar
Gyzlar
zulumdan bizar
Asmanda Aý oýnady,
Çäýnekde çaý gaýnady,
Ojakda çiş jygyrdap,
Çişde kebap bygyrdap,
Abdylla baý gelýänçä
Aýagynda nogaýça.
− Nogaýçany alaly,
Sandykçaga salaly,
Sandykçanyň zülpi ýok,
Zülpünde‑de gulpy ýok.
− Aýtmaň ony deň‑duşlar,
Aýtsaň bolar teň işler.
Aýtmaklyk nämä derkar,
Gyzlar zulumdan gorkýar.
171
Türkmen halk döredijiligi
Bibiş, oglan,
köle garşy
Düýe gelýär ýataga,
Boýny doly otaga.
Otagasyn beýik gördüm,
Çar derede keýik gördüm.
Keýik gelýär böke‑böke,
Gözýaşyny döke‑döke.
Hanyň gyzy Ogulbike,
Ýör gideli köle baka.
Köle barsaň gamyş bar,
Bazara barsaň kümüş bar,
Oba gelseň ýumuş bar,
Ol obada Bibiş bar.
Bibiş, oglan, köle garşy.
Bike nireden
ylgap gelýär?
Bike nireden ylgap gelýär?
Saçy ýele galgap gelýär.
Ýolsuz ýerden ýol salma, gyz,
Ýüzi täze, ter alma, gyz.
Bike tas gaçypdy salma,
Salmadan ätläp suw alma.
Işigmiziň agzy künji,
Bikäniň boýnunda hünji.
Gara gozli owadan gyz −
Ýaş ýigidiň göz guwanjy.
172
Sanawaçlar
Duşman ýoly
bozular
Depdim sandyk açyldy,
Düwmeleri saçyldy.
Birje düwme aljakdym,
Gyz etegne saljakdym.
Gyzlar peçek, men seçek,
Ortamyzda berk ýüpek.
Berk ýüpegiň tary men,
Gök pürçegiň zary men.
Berk ýüpek sozular,
Duşman ýoly bozular.
Duşman ýykan Köneürgenç
Indi basym düzeler.
Günde‑günde toý bolsun,
Küýze doly maý bolsun!
Bir ýigide bolar aw
Bu gün aýyň üçüdir,
Ilerimiz gaçydyr.
Gaçydan geçen kerwen.
Hatam baýyň göçüdir.
Hatam baýyň göçünde −
Maýa bozlar içinde.
Annabike yranyp,
Barýar çabdyn bürenip,
Geýenleri ala‑tow −
Bir ýigide bolar aw.
Gözle, gelneje
Üşedim‑ä, üşedim,
Dagdan alma daşadym.
Almajygym aldyrdym,
173
Türkmen halk döredijiligi
Gulpajygym ýoldurdym,
Hana habar bildirdim.
Handan gelen bäş atly,
Içinde biri ýaş atly.
Ýaşyl dony egninde,
Güýç-kuwwaty bilinde,
Gujur‑gaýraty çigninde.
Boýy uzyn çiňrikdir,
Dogan ýeri daňrykdyr.
Daňryk‑daňryk dallyja.
Bişiren aşy gyllyja.
Görmäge oňat ýigit,
Çyk‑da gözle, gelneje!
Tüýdül – tüýdül
tüýdügim
Tüýdül‑tüýdül tüýdügim,
Akja eşek bakdygym,
Ak üzümi ýoldugym,
Ak bazara saldygym,
Gyzlar bilen iýdigim.
Gyzlar peçek, men peçek,
Ortamyzda göş pyçak.
− Göş pyçagyň gyny kim?
− Göş pyçagyň gyny men.
Tar‑tar ýüpek dini men.
Buşlugyma näm berjek?
Şaplaw jana, şaplaw jan,
Çaýyň käsä guý‑ow jan.
Akja guşuň kellesi,
Alyşmanam guda jan,
Berişmenem guda jan.
174
Sanawaçlar
−Dagdan aşyp daýyň gelýär,
Buşlugyma näm berjek?
Arkaň doly şaý berjek.
...Şaplow jan‑a, şaplow jan,
Çaýyň käsä guý‑ow jan!
Ýigit gelýär
Gaýradan atlar boşandy,
Öňüne güller düşendi.
Haýyp, meniň ýaglygym,
Perman ogly guşandy.
Perman ogly perişde,
Geler‑gider hemişe.
Tagt üstünde tomaşa,
Bir gyz gördüm alaja.
Dükür‑dükür at gelýär,
Çykyň gyzlar, kim gelýär?
Çaluwçysy ýanynda,
Çalma guşak bilinde,
Şabat gitse – şaýlanjak,
Hywa gitse – öýlenjek,
Ner boýly ýigit gelýär.
Degirmeniň ak daşy
Degirmeniň ak daşy,
Akar gözümiň ýaşy,
Daňdan ukym aldyrman,
Säher ýelin çaldyrman,
Baş ýassygym degirmen,
Ýan düşegim kendirik.
Elim gitmez sapyndan,
Gözüm gitmez topundan.
175
Türkmen halk döredijiligi
Yzmykşiriň minarasy
Yzmykşiriň minarasy,
Ot alypdyr gözarasy,
Gassaplaryň kenarasy,
Gapyrgasy‑şypyrgasy,
Uly gazan ortasy.
Owlak bakýar ekeni
Bu gün aýyň üçüdir,
Tätekiniň göçüdir,
Tätekiniň göçünde,
Maýa güller içinde,
Süýji arzuwa baglanyp,
Gelnejem otyr sallanyp.
Sallananda saz eder,
Her gülende ýaz eder.
Barjak ýerim Baljanly.
Baljanlynyň gyzlary,
Owlak bakýar ekeni.
Ýigitlere näz edip,
Için ýakýar ekeni...
Gar ýagýar
Gar ýagar‑a, gar ýagar,
Gamyşlykdan gün dogýar.
Ýylan ogly ýylkyçy,
Iň kiçisi topukçy.
Topukçyda hakym bar.
Alny sakar atym bar.
Atym berseň uçaýyn,
Gök kümmeze ýeteýin.
Gök kümmeziň kildi ýok,
Jan agamyň jany ýok.
176
Sanawaçlar
Agam meni okatdy,
Gara saçym daratdy.
Gulan geldi «guk» diýdi,
Guýrujagy «jyk» diýdi.
Tabakda suw tolkunlar,
Suwda balyk balkyldar.
Maňňyşlagyň maň goýny,
Mäläp gelýär amana.
Asyýanyň ak uny,
Tozap gelýär amana.
Yzyndaky oglanjyk,
Aglap gelýär amana.
Ýüzüň aýna gapagy
Ýüzüň aýna gapagy,
Boýnuň alma sapagy,
Ýaňaklaryň ýaş alma,
Dodaklary ter hurma.
Bagyň almasy,
Bagdat hurmasy,
Nilgär küýzesi.
Gawunda − zamça,
Sürüde − erek,
Guşlarda − barak,
Ojarda − sazak,
Gapyda eňsi −
Enesi ýaňsy.
Bagym, bagym,
bagymda
Bagym, bagym, bagymda,
Otlar gögär bagymda.
Dagdan güller alaýyn,
**12. Sargyt № 2693
177
Türkmen halk döredijiligi
Altyn gopuz çalaýyn,
Gopuzym meň ilmejik,
Ilmejikde hakym bar.
Jyňňyr‑jyňňyr okum bar.
Okum başyn kerteýin,
Ýeňňem öýne ýortaýyn.
− Ýeňňe jan‑a, ýeňňe jan,
Öýüňe gelen kimjagaz?
− Daýym ogly Musajyk
Eli‑goly gysgajyk.
Otursa ojak boýly,
Turanda tagan boýly.
Çekirtgeden çeýejik,
Şam gyzyldan şaýyjak.
On barmakda on ýüzük.
Ýüzük suwun içerler,
Egremçeden geçerler.
Egremçe eýläk‑beýläk,
Gurbaga dalak‑dalak,
Gurbagany kaklarlar,
Esen jana saklarlar.
Kümüş tapdym
Ýörmeläp ýola düşdüm,
Ýoldan bir kümüş tapdym.
Kümüşi baýa berdim,
Baý maňa däne berdi.
Dänäni guşa berdim,
Guş maňa ganat berdi.
Ganatly göge uçdum,
Bir täsin jaýa düşdüm.
Tamdan taraşa düşdüm,
Zülpi ýaraşa duşdum.
Agama guýlan aşy,
Selman bisyrat içdi.
178
Sanawaçlar
Selmany kowalaý‑kowalaý,
Ýoldan bir gamçy tapdym.
Gamçyny bege berdim,
Beg mana ýüpek berdi.
Ýüpegi gyza berdim,
Gyz maňa ýaglyk berdi.
Ýaglygy suwa saldym,
Suw maňa balyk berdi.
Balygy garra berdim,
Ol maňa dary berdi.
Daryny towga berdim,
Towuk ýumurtga berdi.
Ýumurtgany oda gömdüm,
Paklap ýarylyp gitdi...
Ýumalandym,
ýumak tapdym
Ýumalandym, ýumak tapdym,
Içinden başdarak tapdym.
Daragy mamama berdim,
Mamam maňa köke berdi.
Kökäni çaga berdim,
Çaga oýunjak berdi.
Oýunjagy çopana berdim
Çopan maňa taýak berdi.
Taýagy daýyma berdim,
Daýym maňa gamçy berdi.
Gamçyny ýere urdum,
Ýer maňa jöwen berdi.
Jöweni derýa zyňdym,
Derýa maňa köpük berdi.
Köpügi tuda çaldym,
Tut maňa ýaprak berdi.
Ýapragy sygryma berdim,
179
Türkmen halk döredijiligi
Sygyr maňa süýt berdi.
Süýdi bişirip otyrdym,
Garga gelip «gak» etdi,
Serçe gelip «jüýk» etdi,
Towşan gelip «wyýk» etdi,
Gurbagalar «wark» etdi...
Uly apam ululyk etdi,
Kiçi agam kiçilik etdi,
Ýeňňelerim gaçalak etdi,
Süýdüm dökülip gitdi...
Hapyz agam
Hapyz agam öýdemi?
Öýde bolsa, daş çyksyn.
Göwher gylyç duldamy?
Dulda bolsa, daş çyksyn.
Bedew atlar bagdamy?
Bagda bolsa, daş çyksyn.
Gulan‑keýik çöldemi?
Çölde bolsa, daş çyksyn.
Owlak‑guzy düzdemi?
Düzde bolsa, daş çyksyn.
Gulan oty oýdamy?
Oýda bolsa, daş çyksyn.
Bedew atyň üstüne,
Zerden jullar ýaraşar.
Zerden jullar üstüne,
Tylla eýer ýaraşar.
Tylla eýer üstüne,
Hapyz agam ýaraşar.
Hapyz agam biline,
Kemer guşak ýaraşar.
Ol guşakdan asmaga,
Kesgir gylyç ýaraşar.
Kesgir gylyç kesmäge,
Duşman kelle ýaraşar.
180
Sanawaçlar
Duşman kelle gömmäge,
Ürgün çäge ýaraşar.
Ürgün çäge üstüne,
Süýtli galgan ýaraşar.
Süýtli galgan iýmäge
Sary sygyr ýaraşar.
Sary sygyr sagmaga,
Akja gelin ýaraşar.
Akja gelin eline,
Akja bäbek ýaraşar.
Akja bäbek öňüne,
Akja okara ýaraşar.
Akja okara içine,
Akja palaw ýaraşar.
Akja palaw iýmäge,
Akja dişler ýaraşar.
Akja dişi köwmäge,
Akja gurçuk ýaraşar.
Akja gurçuk iýmäge,
Akja towuk ýaraşar.
Akja towuk almaga,
Gökje şagal ýaraşar.
Gökje şagal kowmaga,
Gökleň köpek ýaraşar.
Gökleň köpek kowmaga,
Kelte çopan ýaraşar.
Kelte çopan eline –
Çokmar taýak ýaraşar.
Çokmar taýak ujuna,
Şaldur‑şuldur ýaraşar...
Babam maňa
«haý» diýdi
Babam maňa «haý» diýdi.
«Demir donuň geý» diýdi.
«Demir donuň geýmeseň,
181
Türkmen halk döredijiligi
Taýlaklara bar» diýdi.
− Taýlaklaryň näsi bar?
− Uçar‑uçar guşy bar.
Uçup gitdi howaga,
Baryp düşdi derýaga.
Derýa suwun guratdy,
Balyjagyn çüýretdi.
Iki adam uruşdy,
Biri gana bulaşdy.
− Onuň ganyn kim ýuwjak?
− Ak sakgally pir ýuwjak.
Piriň getir göreli,
Alyn saçyn öreli.
Birje tary kem bolsa –
Sapak dakyp bereli.
Şykga‑şykga bilezik
Şykga‑şykga bilezik,
On barmakda on ýüzük.
Ýüzük suwny içer men,
Egremçeden geçer men.
Egremçe para‑para,
Içinde goşa nara.
Goşa narym üzüldi,
Çil ýüpegi düzüldi.
Çil ýüpegiň çöjügi,
Dessemiliň pürçügi.
Arzym bar!
− Patyşahym, arzym bar?
− Aýt arzyňy!
− Bir ogry tutdum.
− Näler ogrusy?
− Gijeler ogrusy.
− Nämäňi aldy?
182
Sanawaçlar
− Buzy deşip, bugramy aldy,
Gabymy deşip, gallamy aldy.
Malhanamy deşip,
Sygry goýup, tanamy aldy.
Aýdyşyk
− Gaýçy, gaýçy!
− Jan‑a, gaýçy.
− Goýunlar nirde?
− Ala daglarda.
− Näme otlaýar?
− Ýowşan otlaýar.
− Näme içýär?
− Şerbet içýär...
− Tahýany kim tikdi?
− Keremli Hudaý.
− Hudaý ýoly kaýda?
− Rehimli baýda.
− Rehim edýärmi?
− Käte bolýar, käte ýok.
− Husyt baýyň ýüregi bolarmy päk?
− Ýok, ýok, ýok.
Ýagdyrmany gitmerin
Torba‑tagara getirip,
Doldurmany gitmerin.
Gaty meşik getirip,
Ýumşatmany gitmerin.
Gara bulut getirip,
Ýagdyrmany gitmerin!
Läle jan
Tokalaň – taň,
Tokalaň − taň.
183
Türkmen halk döredijiligi
Taýyp düşdüm, Läle jan.
On barmagymy garyşlap,
Mahmal biçdim, Läle jan.
Mahmaly nirden tapaýyn?
Begden bege çapaýyn.
Begiň gyzy akylly,
Saçy burma käkilli,
Beg gyzyndan tapaýyn,
Ustüne postek ýapaýyn.
184
Ýaňyltmaçlar
Aý, bujagaz çöpün turşumtyljadygyny.
***
Annaguly agamyň ak eşegi aňňyrdy‑da çaňňyrdy. Sypynanda ýüpün­
den, böküp mündüm üstüne. Syp düşdüm, sypa üstüne dik düşdüm.
***
Arpa nany iýseň, ysytmalatmazak bolar.
***
At özüni sakyrtgalatmazak bolar, towşan özüni mütürikletmezek bolar.
***
Bir bokurdaklan jöwen, bir bokurdaklamadyk jowen. Sen baryp
bokurdaklanmadygyndan getir.
***
Bir gaplaň gelýär arlap, arlasa‑da arlap, arlamasa‑da arlap. Bir syçan
gelýär jygyldap, jygyldasa‑da jygyldap, jygyldamasa‑da jygyldap.
***
Bir towşan ýapa ýarmaşmakçy boldy, yzy bilen menem ýapa
ýarmaşmakçy boldum.
***
Bitmedik ýowşanyň düýbünde dogmadyk towşan ýatyr. Körümiz
gördi, çolagymyz urdy, kerimiz tapyrdysyny eşitdi, ýalaňajymyz
synyna salyp gidiberdi.
***
Böwürde bir ýaraly ýargandak ýargulak tazy ýatyr. Şol ýaraly ýar­
gandak ýargulak tazy bilen ýaraly ýarganlak ýargulaklaşanda, ýaraly
ýarganlak ýargulaklaşmaly.
***
Bu jöwen tokmaklanan jöwenmi, tokmaklanmadyk jöwenmi, tok­
maklanan bolsa‑da tokmaklamak gerek, tokmaklanmadyk bolsa‑da
tokmaklamak gerek.
***
Bu üzüm turşumtylja üzüm, turşumtylja bolsa‑da, süýjümtilje üzüm.
***
Çaýyrlyja çiliň düýbünde çaljaryp ýatan çalja serçe, çorbajygy birje
çemçe.
***
185
Türkmen halk döredijiligi
Çarynyň çatmasynyň çetinden çal çekirtge çekiräp gitdi, Çary çal
çekirtgäni çetinden çekip çatmadan çykardy.
***
Daga towşan barmakçymyş, baryp gumalaklamakçymyş. Gumala­
gyny tomazak togalamakçymyş.
***
Daşoguzyň daş köçesinde toý tutulyp, dokuz müň dokuz ýüz togsan
dokuz tabak tartyldy.
***
Derýanyň aňyrsynda alty garga, bärsinde alty garga, ine,
boldy on iki garga. Gargalary doň kesek bilen togalatsa‑da,
togalatmasa‑da bolar.
***
Derýanyň ol ýüzünde bir garaloňk‑garaleňk garga, derýanyň bu
ýüzünde hem bir garaloňk‑garaleňk garga, şol garaloňk‑garaleňk gar­
galar garaloňklaşjak garaloňk‑garaleňk gargalarmy, garaloňklaşmajak
garaloňk‑garaleňk gargalarmy?
***
Gaýradan kyrk gylguýruk gelýär. Kyrk gylguýrugyň içinde kyrk
ýyl gysyr galan gyr gylguýruk gelýär.
***
Gowaçanyň içini kätmenleseňem kätmenlemeli, kätmenlemeseňem
kätmenlemeli.
***
Ilerden bir mor öküz gelýär, sag şahyn sol taşlap, sol şahyn sag taşlap.
***
Ilerden gelýän bir topar garaman garaloňk gara garga. Gaýradan
gelýän bir topar garaloňk gara garga. Indi sen şu ýerde meniň bilen
garaman garaloňk gargalaşsaňam garaman goraloňk gargalaşarsyň.
Şeýle diýip, ikisi şol ýerde gargalaşyp başladylar.
***
O Tejen, bu Tejen, künjülije Tejen. Künjüsi çüteje bitenje Tejen.
***
Ol tekjede mäş bar, bu tekjede daş bar, mäşleşmeseň mäşleşjek,
daşlaşmasaň daşlaşjak.
***
186
Ýaňyltmaçlar
Ortaradaky gara ýeri tokmaklasaňam tokmaklamaly, tokmaklamasaňam tokmaklamaly.
***
Ol obada bir garry, bu obada bir garry. Ikisi maslahatlaşsa‑da
maslahatlaşmaly, maslahatlaşmasa‑da maslahatlaşmaly.
***
Ol tekjede jüp dükje, bu tekjede täk dükje, täk dükjä jüp dükje, jüp
dükjä täk dükje.
***
Saraýda duran gyratyň ýüwrüp bardym ýanyna. Bek ýapyşdym
ýalyna. Zyp mündüm, zyp düşdüm, gara ýere dik düşdüm.
***
Sary saçyny syrdyran saryýagyz Sazagy sazanaklatsaňam sazanaklatmaly, sazanaklatmasaňam sazanaklatmaly.
***
Şamyratdan ýykan, şildiräp akan, şor ýerde biten, bir, çiginsiz sap
şaly.
***
Tümmejik depäň üstünde dokuz paçak arpa ekdim. Dokuz paçak
arpamy keýker‑küýker erkek kirpi otlap dur.
***
Ýabyň aňyrsynda kyrk tigirçek, bärisinde kyrk tigirçek, hem­
mesini goşsaň segsen tigirçek. Segsen tigirçekleşdirseňem seg­
sen tigirçekleşdirmeli, segsen tigirçekleşdirmeseňem segsen
tigirçekleşdirmeli.
***
Ýaş pişigiň aýagyny ýaşyl ýüpek ýarmaşmazak bolarmyş, ýarmaşsa‑da
çyrmaşmazak bolarmyş.
187
Türkmen halk döredijiligi
Ýomaklar
Agzyň nähili, ýyrtylan ýanlyk ýaly.
***
Agzyň nähili, çopan ojagy ýaly.
***
Alkymyň nähili, ymsynan göherdiň alkymy ýaly.
***
Aýagyň nähili, mala ýaly.
***
Bolup gelşiň nähili, aldyrany bar ýaly.
***
Bogazyň nähili, çopanyň tüýdügi ýaly.
***
Boýuň nähili, derýa boýlajak ýaly.
***
Boýnuň nähili, almanyň sapagy ýaly.
***
Bolup gelşiň nähili, däli ýaly.
***
Bolup durşyň nähili, gawunçynyň garantgysy ýaly.
***
Boýuň nähili, igde kakylýan syryk ýaly.
***
Çörek iýşiň nähili, üç günüň ajy ýaly.
***
Dodagyň nähili, arwananyň dodagy ýaly.
***
Dişiň nähili, ýyl aşan süňk ýaly.
***
Eliň nähili, gowurga çemçesi ýaly.
***
Eliň nähili, gara kesewi ýaly.
***
188
Ýomaklar
Gözüň nähili, hekge keseklejek ýaly.
***
Gulagyň nähili, ýarty çapady ýaly.
***
Gulagyň nähili, ýelken ýaly.
***
Göwräň nähili, juwaz sokusy ýaly.
***
Gürrüňiň nähili, it otlan ýaly.
***
Haýbatyň nähili, zemzeniň haýbaty ýaly.
***
Injigiň nähili, darty ýaly.
***
Injigiň nähili, ätyşgir ýaly.
***
Maňlaýyň nähili, çäýnegiň gapdaly ýaly.
***
Murtuň nähili, ezilen horazyň guýrugy ýaly.
***
Oturşyň nähili, doňdurylan daş ýaly.
***
Sakgalyň nähili, gumda biten selin ýaly.
***
Sakgalyň nähili, geçiniň guýrugy ýaly.
***
Saçyň nähili, it oýnan ýorunja ýaly.
***
Sypatyň nähili, aýakly garpyz ýaly.
***
Telpegiň nähili, towugyň maslygy ýaly.
***
Tahýaň nähili, ýag golçasynyň dykysy ýaly.
***
189
Türkmen halk döredijiligi
Ygyp ýörşüň nähili, tüweleý ýaly.
***
Ýeňsäň nähili, sanaç göteren itiň ýeňsesi ýaly.
***
Ýüzüň nähili, repide ýaly.
***
Ýüzüň nähili, kekene ýaly.
***
Ýüzüň nähili, güne ýatan sanaç ýaly.
***
Iki gözüň kör ýaly,
Gulaklaryň ker ýaly,
Nädip dursuň bu ýerde,
Bir hyzmatyň bar ýaly?
***
Gije gezen ogry ýaly,
Mätdurdynyň sygry ýaly,
Ak eşegiň ýagry ýaly,
Nädip dursuň, sary oglan?
***
Iki çörek, bir zagara,
Git‑de öz paýyňy sora.
Seniň ýaly jalataýa,
Baranlaryň ýüzi gara.
190
Alkyşlar we dilegler
Halka, Watana, döwlete we onuň mukaddes nyşanlaryna bagyşlanan dilegler
Görenleriň gözi dokunsyn.
***
Ilim‑ilden, topragym‑toprakdan, tugum‑tugdan egsik bolmasyn.
***
Il‑halkymyň döwleti baky berkarar bolsun.
***
Şöhradyň‑şanyň synmasyn.
***
Perzent, ogul‑gyz dünýä inende, at dakylanda edilýän dilegler
Ady bilen garrasyn.
***
Adyna eýe bolsun.
***
Adyna mynasyp bolsun.
***
Agasy ýaly är ýigit bolsun.
***
Berdim diýip berdigi bolsun.
***
Berildigi bolsun.
***
Durarlyklysy bolsun.
***
Goç‑goç ogul bersin.
***
Musulmany bolsun.
***
191
Türkmen halk döredijiligi
Ogul‑gyzyňa guwan.
***
Ömri uzyn bolsun.
***
Perzendiňe guwan.
***
Uzagyndan begendirsin.
***
Ýaşy uzyn bolsun.
Gelin toýunda edilýän alkyşlar
Aýagy düşsün (düşümli bolsun).
***
Alnyňy hak açsyn.
***
Bagtyň açyldygy bolsun.
***
Bagty bilen gelibersin.
***
Gazygyňda garrasyn.
***
Goňşyň gutly bolsun.
***
Gülüp gidip, gülüp gelsin.
***
Iki gözüň dört bolupdyr.
***
Oň bolsun.
***
Seniň ýaly maşgala meniň ogluma‑da ýazylsyn.
***
Toýluk bolsun.
***
192
Alkyşlar we dilegler
Toý üstüne toý bolsun.
***
Ýeri‑ýurdy düşsün.
Täze eşik, geýim geýlende aýdylýan dilegler
Geýip ýyrtmak nesip etsin.
***
Gutly bola (bolsun).
***
Egniňde ýyrtylsyn.
***
Nesip etsin.
***
Toýda tozsun.
***
Toýlarda dakynmak nesip etsin.
Zyýarata, argyşa, syýahata, gezelenje, bir iş üçin bir ýerden
başga ýere gidilende aýdylýan dilegler
Alla ýaryň bolsun.
***
Daglar geçit bersin.
***
Ämin diýenler didar görsün.
***
Ganatlaryň ujy gyrylmasyn.
***
Gezen ýeriňde sag gez.
***
Haýyrlysy bolsun.
***
Hernä Gaýtarmyş ata dolabersin.
***
**13. Sargyt № 2693
193
Türkmen halk döredijiligi
Hudaý ak ýol bersin.
***
Otursaň ýurt, gitseň ýol gutly bolsun.
***
Orta ýolda atyň ölmesin, orta ýaşda aýalyň.
***
Rowaç tap.
***
Sag‑salamat baryp gel.
***
Sag‑esen gaýdyp gel.
***
Saňa ýurt nesip etsin, maňa – ýol.
***
Suwlar olum bolsun.
***
Sag‑aman gidip, sag‑aman gel.
***
Ugur haýyr bolsun.
***
Ugranyňyz ugur bolsun.
***
Ýoluň ak bolsun.
***
Ýoluň açyk bolsun.
***
Ýol bolsun.
***
Zyýaratyňyz kabul bolsun.
Myhmançylykda, myhman garşylananda, hoşlaşylanda aýdylýan dilegler
Agyran‑ynjan bolsaňyz, razy boluň.
***
194
Alkyşlar we dilegler
Aman‑sag örüň.
***
Dilegde boluň.
***
Ertiriňiz haýyrly bolsun.
***
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi I - 7
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi I - 1
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 1637
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 2
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1908
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 3
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 1645
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 4
    Total number of words is 3399
    Total number of unique words is 1792
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    44.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 5
    Total number of words is 3315
    Total number of unique words is 1928
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 6
    Total number of words is 3380
    Total number of unique words is 1866
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    33.7 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 7
    Total number of words is 3340
    Total number of unique words is 1851
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 8
    Total number of words is 3428
    Total number of unique words is 2023
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 9
    Total number of words is 1308
    Total number of unique words is 956
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.