Latin

Türkmen halk döredijiligi I - 7

Total number of words is 3340
Total number of unique words is 1851
28.3 of words are in the 2000 most common words
42.5 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gelen döwlet, giden mähnet.
***
Giç ýagşy, gelen ýagşy.
***
Gijäňiz rahat bolsun.
***
Hoş wagtyň, hoş geldiň.
***
Hoş gördük.
***
Sag‑aman ýatyp‑turuň.
***
Saglykda görüşeli.
***
Sag oturyň, aman boluň.
***
Süýjülik bilen gatnaşalyň.
***
Toýda duşuşaly.
***
Toýuňyza geleli.
***
Toýda gatnaşalyň.
***
Uzak gatnaşmak nesip etsin.
***
Ýagşy ýigit toý üstüne.
***
Ýagşyzadalar ýoldaşyňyz bolsun.
195
Türkmen halk döredijiligi
Oňat dilege jogap hökmünde aýdylýan alkyşlar
Agzyňdan Hudaý eşitsin.
***
Aýdanyň gelsin.
***
Bar bol.
***
Belki, şeýle bolaýady.
***
Bizi sylany Hudaý sylasyn.
***
Dilegiň Alla gowuşsyn.
***
Dilegleriňiz hasyl bolsun.
***
Hudaýa şükür.
***
Maksadyňyz hasyl bolsun.
***
Ogul‑gyzyň rehmetini gör.
***
Salam getiren sag bolsun.
***
Sizem arzuwyňyza ýetiň.
Kömek, hemaýat, goldaw, dalda islemek üçin edilýän dilegler
Agzyňy haýyr aç.
***
Allatagala ugruna etsin.
***
Baý öýüne bereket.
***
196
Alkyşlar we dilegler
Bize‑de Hudaý ýetirsin.
***
Dünýe dursun, sen dur.
***
Gaýtarmyş ata, özüň ýetişeweri.
***
Gurbanyň bolaýyn.
***
Hudaý dost diýenini etsin.
***
Hudaý ýol bersin.
***
Işdäňiz açyk bolsun.
***
Iýeniň noş bolsun.
***
Kanagat bersin.
***
Miýesser etsin.
***
Özüň garaşyk et.
***
Özüň gowusyny et.
***
Toýdan ýetir.
***
Ugruna bolsun.
Kesp‑hünär, senet bilen baglanyşykly dilegler
Aw ganly bolsun.
***
Aw ganly, aw janly.
***
197
Türkmen halk döredijiligi
Agzyňa bal, eliňe gül.
***
At arkasy gutly bolsun.
***
Berekella, seniň ussaňa.
***
Dawut pygamber ýoldaşyň bolsun.
***
Eliňe güller bitsin.
***
Eliň ýüwrük bolsun
***
Elleriňe guwan.
***
Hemişe atyňyz ozsun.
***
Işiň ileri.
***
Kesbiňden kemal tap.
***
Köki ýaýramyş.
***
Tutan işiň şowly bolsun.
***
Ýanyň ýere degmesin.
Daýhançylyk, maldarçylyk, söwda‑satyk, kär‑hünär, zähmet
bilen baglanyşykly dilegler
Arma, armaweriň.
***
Awumyz ganly bolsun.
***
198
Alkyşlar we dilegler
Berekella.
***
Biriň müň bolsun.
***
Çeşmesine bereket.
***
Çäjiňe bereket.
***
Duşman aýagy bagly bolsun.
***
Et ýagly bolsun.
***
Gazananyň ýaşy uzyn bolsun.
***
Harmanyňa bereket.
***
Her dänäň müň bolup gelsin.
***
Höwri köp bolsun.
***
Hudaý saňa kuwwat bersin.
***
Işiň ilerlesin.
***
Malyň‑başyň bitin bolsun.
***
Öňüm gelenden − soňum gelsin.
***
Süri başy bolsun.
***
Toýuňa ýarasyn.
***
Tutan işiňiz şowuna düşsün.
***
199
Türkmen halk döredijiligi
Tüweleme, tohumyň müňlesin.
***
Ýyl anjaýyn gelsin.
Bir iş, waka, hoş habar mynasybetli gutlamak üçin dilegler
Bereket bersin.
***
Göwün diýeniň bolsun.
***
Gözüň aýdyň.
***
Hudaý köp görmesin.
***
Yzy gelsin.
***
Ýurt garşy alsyn.
Tebipçilikde ulanylýan dilegler
Beren derdiň dermanyny özüň ber.
***
Derdi‑belalar degmesin.
***
Derdiň daga‑daşa gitsin.
***
Eliň‑gözüň dert görmesin.
***
Emiň‑ýomuň şol bolgaý.
***
Meniň elim däl, Lukman Hekimiň eli.
***
Pygamberler ýorgudy bolsun.
200
Alkyşlar we dilegler
Sadakalarda, aradan çykanlar ýatlananda,
orazada edilýän dilegler
Alnyna barsyn.
***
Edenine şükür.
***
Geçdigi bolsun.
***
Jaýy jennet bolsun.
***
Kabul bolsun.
***
Namaz‑orazaňyz Allaň dergähinde kabul bolsun.
***
Yzy ýarasyn.
***
Näsag, syrkaw soralanda aýdylýan dilegler
Aman‑sag bäri baksyn.
***
Ahyry gelsin.
***
Ahyry haýyr bolsun.
***
Baş saglygy bolsun.
***
Bäri bakdygy bolsun.
***
Eýesi gaýgyrsyn.
***
Emgek bolup aýrylsyn.
***
201
Türkmen halk döredijiligi
Emgegi irsin.
***
Gabyr azabyndan bolsun.
***
Sag‑aman eliň‑aýagyň gowuşsyn.
***
Soňy düz bolsun.
Çaga ýogalanda ata‑enä, hossarlaryna göwünlik
bermek üçin aýdylýan dilegler
Galanlara uzak ömür bersin.
***
Hudaý ýüregiňe giňlik salsyn.
***
Öwez ogluny bersin.
***
Umytda boluň.
***
Ýüregiňe gar ýagsyn.
Adam aradan çykanda aýdylýan dilegler
Iman baýlygyny bersin.
***
Iman äkidenden bolsun.
***
Imanly bolsun.
***
Imany hemra bolsun.
***
Jaýy jennet (uçmah) bolsun.
***
202
Alkyşlar we dilegler
Öýüne nur ýagsyn.
***
Yzy ýarasyn.
***
Ýatan ýeri ýagty bolsun.
Tebigy bela, erbet habar, pajygaly waka, biriniň, bir ýurduň
başyna düşen erbet ýagdaý hakynda eşidilende howpurgamak,
penalamak, goramak üçin edilýän dilegler
Adamlaryň päline gowusyny sal.
***
Başa gelenini sowsun.
***
Başyňyz dik bolsun.
***
Baryny görmäge başym esen bolsun.
***
Belasyndan özi gorasyn.
***
Beterinden saklasyn.
***
Bähbit bola.
***
Daş düşen ýerinde.
***
Daş etsin.
***
Eýgilik bola.
***
Elim ýagşylyga.
***
Gara ölüm gelşi ýaly geçewersin.
***
203
Türkmen halk döredijiligi
Göz degmesin.
***
Howul bela, howul bela,
Öz ýolumdan sowul bela.
***
Indikileriň görjegi gowy bolsun.
***
Edilen ýagşylyga minnetdarlyk hökmünde aýdylýan alkyşlar
Akan görkli suwuň guramasyn.
***
Alla beren umydyň üzülmesin.
***
Alladan gaýtsyn.
***
Alanyň halalyň bolsun.
***
Ak gyz ýoldaşyň bolsun.
***
Alla sizi namarda zar etmesin.
***
At‑abraýyň kemelmesin.
***
Alla işiňi rowaç etsin.
***
Azdyrmasyn, azana duçar etmesin.
***
Alla rysgalyňyzy köp etsin.
***
Azaşanyň ýol tapsyn.
***
Adamlardan ynsap aýrylmasyn.
***
204
Alkyşlar we dilegler
Aşygyň alçy gopsun.
***
Bagtly zamanaň adamy bolsun.
***
Bidöwletiň şerinden Alla saklasyn.
***
Bala‑çagalaryňa guwan.
***
Döwletiňiz yrylmasyn.
***
Döwletiňiz artsyn.
***
Dostlaryň şat, duşmanlaryň mat bolsun.
***
Duşmanlaryň başlary aşak bolsun.
***
Ene süýdünden halal bolsun.
***
Eşretiň artsyn.
***
Gara başym gurban bolsun.
***
Gara daglaryň ýykylmasyn.
***
Gideniň gelsin, ýatanyň galsyn.
***
Goşa‑goşa ogluň bolsun.
***
Gözden‑dilden saklasyn.
***
Görjekleri gowulyk bolsun.
***
Gum diýip garbanyň gyzyl bolsun.
***
205
Türkmen halk döredijiligi
Hak size ýamanlyk görkezmesin.
***
Hudaý öz penasynda saklasyn.
***
Hudaýtagala bir ýagşylygy müň edip gaýtarsyn.
***
Hudaýyň özi garaşyk etsin.
***
Hudaýyň özi aňsat etsin.
***
Işiňi Alla aňsat etsin.
***
Il derdine ýarasyn.
***
Işleriňiz rowaç, öýleriňiz abadan bolsun.
***
Iki dünýäň abat bolsun, ýüzüňiziň nury dökülmesin.
***
Kast edenler pes bolsun.
***
Kölegeli agajyň kesilmesin.
***
Namarda zar etme, duşmana giriftar etme.
***
Nähak töhmetden Alla saklasyn.
***
Owal‑ahyr buýsançly başyňyz egilmesin.
***
Päliň‑niýetiň ýoldaş bolsun.
***
Seniň göwnüň synandan, şeýtanyň boýny synsyn.
***
Taňry ýalkasyn.
***
206
Alkyşlar we dilegler
Toýuňda gaýtsyn.
***
Tüýnügiňiziň tüssesi kesilmesin.
***
Uly Taňry medet bersin.
***
Üç otuz, on ýaşyň dolsun.
***
Üstünlik arzuw edýärin.
***
Ykbalymyzyň oýandygy bolsun.
***
Ýaşyň uzyn bolsun.
***
Ýamanlyk ýüzüni görme.
***
Ýamanyň ýoly aňryk, ýagşynyň ýüzi bärik.
***
Ýaman diliň şerinden özüň sakla.
***
Ýaman gözden saklasyn.
Harby häsiýetli dilegler
Çalşanda uz gylyjyň gädilmesin.
***
Çapanda gyratyň büdremesin.
***
Sag‑aman geliň.
***
Sizi meniň atam‑babam goldasyn.
***
Şahymerdan ýaryňyz bolsun
***
207
Türkmen halk döredijiligi
Tüpeňiňiz atgyr, gylyjyňyz kesgir bolsun.
***
Ýaýyňyz ötgür bolsun.
***
Ýeňiş hemraňyz bolsun.
208
Yrymlar
Tagam, çörek, bereket, rysgal‑döwlet bilen bagly yrymlar
Çöregi bir eliň bilen döwseň, döwletiň gaçarmyş.
***
Öňüňe äberilen nahary wagtynda iýmän saklasaň, nahar titrärmiş
we rysgal göterilermiş.
***
Çörek bişireniňde, kiçijik kökeler etmelimiş. «Şonda çagaň bolar,
köpelip gidersiň» diýlip, yrym edilýär.
***
Çörek almak üçin saçaga iki adam birden el uzatsa, myhman
gelermiş.
***
Nahar edinip otyrkaň, dawa‑jenjel etmeli dälmiş. Dawa‑jenjel kyrk
günki rysgalyňa zeper ýetirermiş.
***
Ak zady (süzme, aýran‑çal, süýt) ýere dökmek, üstünden basmak
günädir.
***
Hamyr syçrasa, öýe myhman gelermiş.
***
Döwen çöregiň bölegini goýsaň, rysgalyň kemeler.
Toý däbi bilen baglanyşykly dörän yrymlar
Eger‑de ýigidiň ýa‑da gyzyň alyn dişleriniň arasy açyk bolsa, ýat,
uzak ýerden öýlenýär (durmuşa çykýar).
***
Uly gyz çöregiň gyňagyny iýmegi gowy görse, ýat ýere durmuşa
çykarmyş.
***
**14. Sargyt № 2693
209
Türkmen halk döredijiligi
Naharyň kesmegini gowy görseň, toýuňda gar ýagar.
***
Gyz maşgala ýanyp duran ody yza çekmeli däl, toýunyň yza
süýşmegi ahmal.
***
Köp ýatagan ýigitler ýaramaz gylykly gyzlara öýlenermiş.
***
Dört örüm saçyň yzky ikisi uzyn bolsa, onda gaýyn öýüň baý bo­
lar, kelte bolsa garyp bolar. Eger‑de deň bolsa, ikisiniň baýlygy
deň bolar.
***
Käsäniň düýbünde çaý galsa, gyz maşgala üstüne çaý guýmaly däl,
eger guýsa, durmuşa çykmasy yza çekilermiş.
***
«Perzendiň gaşy çatyk bolsa, öz garyndaşyň bilen guda bolarsyň»
diýilýär.
***
«Eger‑de oglanyň ýa‑da gyzyň kellesinde iki‑üç burma bolsa, onda
şonça gezek öýlener ýa‑da durmuşa çykar» diýilýär.
***
Uly gyz tikin tikende, sapagyny uzyn sapsa, daş ýere, gysga sapsa,
ýakyn ýere durmuşa çykarmyş.
***
Toý saçagynda iki çörek saçagyň üstünde duran wagty aşaky çöre­
gi sogrup alyp döwmeli däl, edepsizlik hasaplanylýar. Üstki çöregi
döwmeli.
***
Toýda duz datmak üçin äberilende çöregi iki gezek jübüt döwmeli.
***
Gelnalyjy ugradylanda öz obasynyň gyzynyň alnyp gidilmegine
garşylyk hökmünde ýetginjek oglanlar gelnalyjyny «yrym‑yrym»
edip kesekleýärler.
***
210
Yrymlar
Köçeden gelnalyjy geçip barýan bolsa, eliň bilen maňlaýyňa
sylmalymyş. Bu: «Bize‑de Hudaý ýetirsin!» diýmekdir.
***
«Eşigimizi mydama toýa geýmeli bolaly» diýen ýagşy niýet bilen,
täze eşigi ilkinji gezek toýa geýseň, gowy görülýär.
***
Gelnalyjy gelni alyp gelende gelne, ýigide göz degmezligi üçin
ýüzärlik tütedilýär. «Ýüzärlik ähli bela‑beterden goraýar» diýlen
ynanç halk arasynda ýaşap gelýär.
***
Gelin edinilende, ilkinji gelen güni «Goý, ilkinji perzendi ogul
bolsun!» diýlen ýagşy niýet bilen goltugyna ogul bäbek berilýär.
***
Bir obada iki gelnalyjy gabat gelse, çörek alyşmaly, ýogsam çile
düşermiş.
Çaga dünýä inmegi bilen baglanyşykly dörän yrymlar
Çaga entek dünýä inmänkä, onuň ogulmy‑gyzdygyny yrym arkaly
bilmäge çalşypdyrlar. Goýnuň kellebaşaýagyny arassalap otyrka­
lar, äňini ýazdyranlarynda, eger äň arassa bolup çyksa ogul, äň etli
gopsa, gyz bolar diýlip çaklanylýar.
***
Toýly aýalyň saçy guraklanyp, tarlary ýognaberse, doglan çaga öý­
kelek, gaharjaň bolarmyş.
***
Hamyla aýal merhumyň jynazasyna barsa, oňa ýogalanyň
kepeniniň sapagyndan ýolup berýärler, eger şeýle edilmese, bolan
çaganyň boýny boş bolarmyş (kellesini tutup bilmezmiş).
***
Hamyla gelin agzy bimaza döwründe ýatagan bolsa, doglan çaga
hem ýalta bolarmyş, çalasyn, işeňňir bolsa, çaga hem çalasyn,
işeňňir bolarmyş.
***
211
Türkmen halk döredijiligi
Çaga doglanda, arassalyk üçin kümüş atylan suwa düşürilýär.
***
Saçlary buýra‑buýra çaga ot ýaly dogumly bolarmyş.
***
Täze doglan çaga wagtynda at dakylmasa, ol ýaramaz häsiýetli bo­
lup ýetişýärmiş.
***
Çaganyň häsiýeti göbegenesine meňzär. Çaga: «Öz eneme
meňzemesem hem, ýerden göterene meňzärin» diýermiş.
***
Çaganyň ilkinji çile saçyny daýysy aýyrmalymyş, ýogsam çaganyň
bagtsyz bolaýmagy ähtimalmyş.
***
Ýaş çaga köwüş oýnasa, ogul jigisi bolar.
***
Ýaş çaga eline sübse alyp, içerini syran bolup ýörse, myhman ge­
ler.
***
Täze tikilen ýorgan‑düşekde ilki bilen çaga togalanylsa, şol ojak
«bereketli, döwletli bolar, oram‑oram ogully, gyzly bolar» diýlip,
yrym edilýär.
Edep‑ekram bilen baglanyşykly aýdylýan yrymlar
Näsagy soramaga baran wagtyň, näsagyň ýanynda bolan müddetiňi
Allatagala ömrüňe hasaplamazmyş.
***
Nahar iýmeklikde nobat ulularyňkydyr. Suw içmeklikde nobat
kiçiniňkidir.
***
Üçünji bir adam barka iki bolup pyşyrdaşyp otursaň, perişdeleri
gorkuzarmyşyň.
***
212
Yrymlar
Keseki iki adamynyň özara gürrüňine üşerilip, gulak salsaň, araňa
şeýtan düşermiş.
***
Gürrüňdeşiňi diňlemän, sözüni orta bilinden kesseň, perişdeleri
gaçyrarsyň.
***
Kişiniň kemçiligini ýaňsa alyp, üstünden gülseň, özüň hem kemisli
bolarsyň.
***
Ýatan adamynyň üstüne gerinmek, oturan adamynyň üstüne aban­
mak günädir.
***
Ýuwulandan soň eliňi silkseň, eliňe şeýtan buşugarmyş.
***
Pyçagy birine uzadanyňda sap tarapy bilen uzatmalymyş. Perişdeler
gorkarmyş.
***
Barmagyňy näçe gezek şyrkyldatsaň, şeýtan şonça gezek ömrüňi
kemeldermiş.
***
Aýak basylýan ýere, ýola kir suw we ak zatlary dökmeklik külli
günä.
Adamyň beden agzalary bilen baglanyşykly yrymlar
Adamynyň bedeninden bölünip aýrylýan üç zady saçy, dyrnagy,
dişi adamlar basgylasa, onuň eýesi keselleýärmiş.
***
Ökjäň gijese, uzak ýola gitjeksiň.
***
Sag gaşyň gijese, dostuňa duşarsyň.
***
Sag gulagyň şaňlasa, gowy habar geler.
***
213
Türkmen halk döredijiligi
Adamynyň özüniň görüp bilmeýän ýerinde meňi bar bolsa, bagtly
bolarmyş.
Zähmet endikleri we ekerançylyk bilen baglanyşykly yrymlar
Köýnek biçip otyrkaň ýadasaň, galan mata bölejigini sag eliňe
daňsaň, ýadawlygyň aýrylarmyş.
***
«Ýene‑de haly kesmek miýesser etsin» diýen ýagşy niýet bilen
haly kesilende ýüpi maňlaýyňa daňmalymyş.
***
Ekin ekilip başlanylanda, eli ýeňil adama ekdirip başlaýarlar.
***
Eger ekin goşadan düwse, (goşa hyýar, goşa gawun, goşa pomi­
dor, goşa nar) oňa «Hydyr gören» diýilýär. Ýanyna dokuz sanysy
goýlup, iň ýakyn adamyňa, obadaşyňa sowgat hökmünde iberiler
ekeni. Ol hem halatlap‑serpaýlap goýberer ekeni, şol maşgalada
ekiz çaga bolmagy arzuwlanylypdyr.
***
Gawun bol hasyl getirse 3 gezek 9 gawundan, jemi 27 gawun geçip
barýanlara, goňşy‑golamlara paýlanylmalymyş. «Babadaýhanyň
gawunyny iýmäge geliň, how!» diýip gygyrmalymyş.
***
«Ýabyňyz suwly bolsun!» diýlip, käbir ýerlerde ýaba suw goýbe­
rilende, miraby egin‑eşigi bilen suwa oklapdyrlar. «Suw bol bol­
sun!», «Nanly mirap bolsun!» diýip, ýyl gurak gelende täze gazy­
lan ýaba hem miraby oklapdyrlar.
Tebigat hadysalary we howa ýagdaýlary bilen baglanyşykly
yrymlar
Irden guşlar ýapragyň aşak ýüzünde gizlense, şol gün howanyň
yssy boljakdygyny aňladýar.
***
214
Yrymlar
Hozuň gabygy, güýz gawunlarynyň, garpyzlarynyň paçagy galyň
bolsa, gyş sowuk bolar.
***
Bişen üzümiň daşy ýalpyldap dursa, güýz hasylly bolar.
***
Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.
***
Noýabr aýynda ilkinji düşen gyraw uzakly gün ýerde ýatsa, gyş
sowuk bolar.
***
Güýzde gyşlamaga gidýän guşlar has ýokardan uçsa, gyş haýal
düşer, ýere golaý pessaýlap uçsa, gyş çalt düşer.
***
Towuk gaty ses bilen käkelese, tozanly howa bolar.
***
Pişik asgyrsa, sowuk bolmagyna garaşylýar.
***
Goýun gulagyny kaksa, ýagyş‑ýagmyr ýagar.
***
Gargalar bahar gelende suwuň başyna gonup başlasalar, yssy adat­
dakydan ir düşýär.
***
Garlawaçlar suwuň ýüzünden jügüldäp uçsa, howa bulaşar.
***
Gurbagalar suwdan çykyp, ot‑çöplere siňip başlasa, ertesi ýagyş
ýagar.
***
Guş bir aýagynyň üstünde durup uklasa, ertesi howa salkyn bolar.
***
Asmanda ýyldyzlar seýrek görünse, ertesi howa bulaşar.
***
Meýdanda kerepler gaýmalaşyp ýörse, gyş gurak we sowuk bolar.
***
215
Türkmen halk döredijiligi
Ýazda ýyldyrym köp çaksa, kömelek bol bolar.
***
Noýabr aýynda ülje ýapraklary güýzese (terlense), howa sowuk
bolar.
***
Maýyl günde gaz bir aýagynyň üstünde dursa, ertesi sowuk bolar.
***
Ördekler gyşlamaga gidýän guşlaryň «göçünden» galsa, gyş ýyly
bolar.
***
Awgust aýynda miweleriň ysy burk urup dursa, güýz bereketli ge­
ler.
***
Agşam suwly ýerde buzaw «jürläp» owaz etmese, ertesi dymyk
howa bolar.
***
Boş jaýda ýa‑da meýdanda, dagda gygyrsaň, sesiň ýaňlansa, howa
açyk bolar. Sesiň ýaňlanmasa, ýel turmagy ýa‑da ýagyş ýagmagy
ahmal.
***
Kagyz gapda duran duz öljerse, ýagyş ýagar.
***
Agşam ýere gyraw düşse, gündiz gar ýagmaz.
***
Agşam ýyldyzlar solgun görünse, ertesi tozanly ýel turar.
***
Soganyň gabygy galyň we gat‑gat bolsa, gyş sowuk bolar, ýukadan
gelen, az gatly bolsa, gyş maýyl bolar.
***
Tomsuna haşal otlar gol ýaýratman, beýikligine ösen bolsa, gyş
garly bolar.
***
216
Yrymlar
Eger‑de Günüň ýaşan ýeri süýt reňkli bolsa, gije ümür düşmez.
***
Gije Aý buludyň üstünde bir görnüp, bir ýitse, ertesi düşnüksiz
howa bolar.
***
Tomsuň ahyrynda ýerganat uçsa, gyş ir geler.
***
Akmaýanyň süýdi aýdyň görünse, ertesi açyk howa bolar, solgun
görünse, ertesi ýagyş ýagar.
***
Gije ýyldyzlar ýere gaçjak bolup lowurdap dursalar, ertesi şemalsyz
açyk howa bolar.
***
Aý doganda ýüzi tutuk bolsa, ertesi çygly howa bolar, çygly şemal
öwser.
***
Aý doganda, gögümtil şöhle saçsa, ertesi ýagyş ýagar.
***
Täze Aý doganda dury görünse, tutuş aý ýagyş ýagmaz.
***
Aý doganda töweregi ýalpyldap dursa, ertesi ýel turar.
***
Ýaz ygally, tomus çygly, güýz ýyly bolsa, gyş uzak wagtlap do­
wam eder.
***
Towşan öýüni çuň gazan bolsa, gyş sowuk bolar.
***
Gargalar çüňküni ganatynyň aşagyna sokup otursa, aýazly howa
bolar.
***
«Garlawaç pessaýlap uçsa, ýagyn ýagar» diýlip çaklanylýar.
***
Garynjalar hininiň üstüne gum üýşürip, gyşlamaga giden bolsa,
gyş sowuk bolar.
***
217
Türkmen halk döredijiligi
Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň, sowuk düşer.
***
Güýzüň ahyrynda çybyn köp bolsa, gyş maýyl bolar.
***
Durnalar ir bahardan peýda bolsalar, ýaz ýagynly bolar.
***
Hüwi gygyryberse, howanyň bulaşjagynyň alamaty.
Nowruz, täze ýyl hakyndaky yrymlar
Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň
ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler. Sebäbi ol bagt
getirýärmiş.
***
Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmalymyş.
Şonda rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp gelermiş.
***
Nowruz gijesi asman bulutly ýa‑da dumanly bolsa, ýyl ygally
gelermiş.
***
Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolarmyş.
***
Nowruzda baglaryň çygly çybyklaryndan damjalar görnüp dursa,
agaçlar hasylly bolar.
***
Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolar.
***
Nowruzda Aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn bo­
lar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolar.
***
Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar.
***
Nowruzda örän yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmal.
***
218
Yrymlar
Nowruzda doglan çaga bagtly bolarmyş.
***
Nowruzda gargalar gagyldaşyp ýörse, yzyndaky aýda salkyn
boljaklygynyň alamaty.
***
Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş.
***
Nowruzda howa dymyk bolsa, ýaz gurak, tomus örän yssy bolar.
***
Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy
bolar.
***
Nowruzda şemal günortadan öwüsse, tomus yssy, epgek bolar.
Haýwanlar, guşlar hakyndaky yrymlar
Horaz bosaga gelip gygyrsa, myhman gelermiş.
***
Goýny ýedi ýyllap urman, sökmän, käýinmän bakan çopan Hydyr
görermiş.
***
Owuzy gyzgynka iýmeli dälmiş. Täze doglan gölejik ýalmawuz
kimin iýermen bolarmyş.
***
Düýe: «Eýämiň ýykyljak ýeri meniň dabanymdanam ýumşak bol­
sun!» diýenmiş.
***
Mal‑gara, öý haýwanlary özleriniň ölümi bilen hem eýesiniň
başyna gelen belany sowarmyş.
***
Ýylanyň gowuny garyşlap görseň, eliň hiç haçan derlemezmiş.
***
Düşdüş sallananda, ak düşdüş bolsa, garyndaşyň, gara düşdüş bol­
sa, dost‑ýarlaryň myhmançylyga geljekdir.
***
219
Türkmen halk döredijiligi
Öýe guş uçup girse, bagtlylykdan nyşan hasaplanylýar. Türkmen
halky öz öýünde höwürtge ýasanan guşa bagtlylygyň alamaty
hökmünde garapdyr.
***
Öýüň töweregine pyşdyl gelse, rysgal‑döwlet getirermiş. Pyşdylyň
çanagynyň üstüne gatyk guýup goýbermelimiş.
Dürli mazmunly yrymlar
Gurban baýramynda hiňňildik uçsaň, günäleriň dökülermiş.
***
Pygamber toýy (ak goýun toý) tutulanda, yrym edilip, Muhammet
pygamberiň gowy gören tagamy bolan süýtliaş bişirilýär.
***
Söwdagär, daýhan, beýleki hünärdäki adamlar öz görýän peýda­
laryny, yrym edip, diňe ýagşy zatlara ulanmaly.
***
Bir ýere baranyňda işigiň agzynda çommalyp oturmaklyk gowy
görülmeýär. Garyplyga eltermiş.
***
Jaýa gireniňde, boş jaý hem bolsa salam berip girmeli. Öýüňem
eýesi barmyş.
***
Egniň çekse, görüşjeksiň, biri geler ýa‑da sen myhmançylyga
gidersiň.
***
Aýagyň aşagy gijese, gezjeksiň. Ýol ýörärsiň, oňa‑muňa gezelenje
gidersiň.
***
Sag eliň aýasy gijese, pul düşjekdir, çep eliň aýasy gijese, pul
sowjaksyň.
***
Ýuwluk gören adamynyň elinden suw akytdyryp, şol suwuň
sarkyndysyny içmelimiş. Şol suwy içen adam ýuwluk görermiş.
***
220
Yrymlar
Iki adam tirkeşip barýan bolsa, öňünden agaç çyksa, hersi bir tara­
pyndan geçmeli däl, ara tow düşermiş.
***
Saç daranyňda, daragyň eliňden gaçsa, öýüňe myhman geler.
***
Öýde sykylyk atmak gowy görülmeýär. «Öý boşarmyş» diýilýär.
***
Ýatanyň üstünden ätleseň, boýy kelte bolarmyş.
***
Agzyň bilen çöp dişleseň, akylyň kem bolarmyş.
221
Türkmen halk döredijiligi
Matallar
Tebigat we tebigy hadysalar hakyndaky matallar
Agajym ýok, guralym ýok,
Suw üstünden köpri gurdum. (Ýapdaky suwuň doňmagy)
***
Agyl doly akja guzy,
Ertir tursam ýokja guzy. (Ýyldyzlar)
***
Ak sandygym açyldy,
Içinden nur saçyldy. (Günüň dogmagy)
***
Ala geçim dula ýapyşar. (Tüýnükden öýe düşen gün)
***
Başy dagda,
Aýagy kölde. (Derýa)
***
Bir agajym bar,
On iki şahaly,
Her şahasy otuz ýaprakly.
Ýapraklarynyň bir ýüzi ak –
Bir ýüzi gara. (Ýyl, on iki aý, otuz gün, gije‑gündiz)
***
Bir atanyň on iki ogly bar,
Her ogly otuz gül götär.
Her gülüň ýapragy ýigrimi dört,
Her ýaprakda altmyş nar. (Bir ýyl, bir aý, gije‑gündiz, bir sagat)
***
Bir atasy, bir enesi,
Niçe ýüz müň balasy. (Aý, Gün, ýyldyzlar)
***
222
Matallar
Bir azajyk mawuja,
Degen ýeri awuja. (Köz)
***
Bir çanak gatyk,
Äleme ýetik. (Aý)
***
Bir garry bar, ýaşdan beter,
Geplän sözi dünýä ýeter. (Gök gümmürdisi)
***
Birikse, güýmenjäm,
Dargasa, gijäm. (Gündiz we ýyldyzlar)
***
Bir iner hem bir maýa,
Aýlandy, girdi çaýa. (Aý, Gün)
***
Biri seper, biri içer. (Bulut, Ýer)
***
Bir zat bardyr, görünmez,
Tutjak bolsaň tutulmaz,
Dirilige has zerur,
Onsuz ömür sürülmez. (Howa)
***
Biz‑ä, bizdik,
Alty gyzdyk.
Bir sapaga düzüldik,
Daň atanda üzüldik. (Ülker ýyldyzlary)
***
Dört okaram hap‑da, hap,
Birin aç‑da, birin ýap. (Dört pasyl)
***
Elsiz, aýaksyz − işik açar. (Ýel)
***
223
Türkmen halk döredijiligi
Enem beren sary kilime garap bilmen,
Atam beren kümüş puly sanap bilmen. (Gün, ýyldyzlar)
***
Gara öküz gider,
Gyzyl öküz geler. (Tüsse, ýalyn)
***
Gök desterhan içinde
Kä bitin, kä ýarty nan. (Asman, Aý)
***
Gökden düşer gymyr‑gymyr,
Ýere düşer halka demir. (Ýagyş)
***
Hetjedem hetje bolar,
Bilmenem nije bolar,
On iki ýumurtgadan –
Elli iki jüýje bolar. (On iki aý, elli iki hepde)
***
Höküm sürer gijede,
Hetdiň bolsa, sana‑da. (Ýyldyzlar)
***
Mundan urdum gylyjy,
Arapda şaňlar ujy. (Ýyldyrym)
***
Otdan gamçyly,
Suwdan ýükli. (Ýyldyrym, ýagyş)
***
Ýük üstünde ýarty çörek. (Aý)
***
Ýüwrüp ýete bilmedim,
El bilen tuta bilmedim. (Kölege)
***
Ýylt‑ýylt eder, ýalmap gider. (Ot)
224
Matallar
Adam, onuň beden agzalary we
oňa degişli zatlar hakyndaky matallar
Agyl doly akja guzym,
Gapysyn ýapsam, ýokja guzym. (Diş, agyz)
***
Akja gunduz içinde
Böwri ala guş otyr. (Göz)
***
Altmyş kempir gapaklaşdy,
Daň atansoň, taýaklaşdy. (Göz, kirpik)
***
Alty ganatly ak öýde,
Goly bagly gul otyr. (Gapyrgalar, ýürek)
***
Ambar içinde otuz iki hünji ýatyr. (Agyz, dişler)
***
Bir alaja ýüpüm bar,
Nirä uzatsam ýetýär. (Göz)
***
Dag başynda boý derek,
Boý derege suw gerek. (Kelle, saç)
***
«Deger» diýsem degmez,
«Degmez» diýsem deger. (Dodak)
***
Dury kölde akja daş,
Gulluk eder barça aş. (Diş)
***
Düzdüm, guýa taşladym. (Iýmit, bokurdak)
***
Enem‑atam bir ýüpek berdi,
**15. Sargyt № 2693
225
Türkmen halk döredijiligi
Ýere gömsem, çüýremez,
Gora gömsem, tütemez. (Adamyň ady)
***
Ertir bilen dört aýak,
Günortanlar iki aýak,
Agşamara üç aýak,
Iň soňunda ýok aýak. (Adamyň ýaşaýyş döwürleri)
***
Garaja nardan suw çykdy. (Gözýaş)
***
«Gel» diýsem gelenok,
«Gelme» diýsem gelýär. (Dodak)
***
Iki başly, alty aýakly,
Bir guýrukly, iki golly. (Atly adam)
***
Kelte babam tam üstünden ot taşlaýar. (Päki, saç)
***
Ýygdygyňça hasyly artar. (Sakgal)
Zähmet we zähmet gurallary hakyndaky matallar
Aç garga agzyn açar,
Laçyn guş başyn atar. (Atagzy we çekiç)
***
Asty çeten, üsti çeten
Arasyndan ýüwrüp öten. (Tara hem ýumak)
***
Aýaksyz towsar,
Gara ýer böwser. (Azal)
***
Bäş ýüz tanap gerdiler,
226
Matallar
Demir penje urdular,
Äleme owaz berdiler. (Dokma, dokma darak)
***
Bir kişi bar, müň dişi bar. (Byçgy)
***
Boýy barmak deý,
Guýrugy gulaç deý. (Iňňe, sapak)
***
Düýbi göwresinde,
Sakgaly depesinde. (Ýüň darak)
***
Garry düýäm çöküp otyr,
Garyn ýagyn döküp otyr. (Juwaz)
***
Iki uç, iki halka,
Ortasynda myhy bar. (Gaýçy)
***
Oglanly aýal oba gezer. (Soky we daşy)
***
On iki aýak, bäş kelle,
Bir kellede işim bar. (Iki öküz, iki daýhan, kündäniň kellesi, azal)
***
Syrtyndan dem alar,
Agzyndan ot köwzär. (Körük)
***
Takyr täj‑ä, takyr täç,
Eli unda, içi aç. (Degirmen)
***
Ýaz aýlanyp, gyşda ýatar,
Birin‑birin bala batar. (Jykyr)
***
Ýazlady, güýzledi,
227
Türkmen halk döredijiligi
Çuwal arkasynda gizlendi. (Gyrkylyk)
***
Ýer astyndan Aý ýörär. (Azal)
Ylym‑bilim, medeniýet we tehnika hakyndaky matallar
Ak goluň içinde, garadyr guşy. (Hat)
***
Akja geçim ýüzi dişli,
Ýalançyň biler işini. (Gazet)
***
Atasy akyl,
Enesi nakyl,
Bir gyz dogulmyş,
Ýigrimi dört şekil. (Oguz elipbiýi)
***
Bir atym bar, aýakly,
Depesi goşa taýakly. (Trolleýbus)
***
Bir zadym bar,
Daşa ursam döwülmeýär,
Suwa ursam döwülýär. (Kagyz)
***
Çynar agajyň başynda
Çiltenmyrat atly guş otyr.
Ony almaga är gerek,
Ýürejigine kär gerek. (Okuw, ylym)
***
Daşary ýaz, ot‑alaw,
Öýjagazda buz, gyraw. (Sowadyjy)
***
Daşy agaç, içi azyk,
228
Matallar
Ýörän ýoly bellidir. (Galam)
***
On dört ýorgasy bar,
Iki eýesi bar,
Alty deşigi bar,
Açyk duran işigi bar. (Bilýard)
***
Şekili ogşar oraga,
Daýym tutar soraga. (Sorag belgisi)
***
Şäheri bar, adamy ýok,
Deňzi bar, suwy ýok. (Karta)
***
Tursa kiçi, otursa uly. (Uçar − samolýot)
***
Tüni eder gündiz dek,
Nur saçar ol ýyldyz dek. (Elektrik çyrasy)
***
Uzyn‑uzyn bu ýoluň,
Başyna çykan barmydyr?
Çäk‑gyraksyz bu deňziň,
Düýbüne ýeten barmydyr?
Düýbüne ýetip bu suwdan,
Ganyp içen barmydyr? (Ylym)
***
Uzyn ýolda öý ýörär. (Otly)
***
Ýamasy bar, tüýi ýok,
Şäheri bar, öýi ýok. (Globus)
***
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi I - 8
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi I - 1
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 1637
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 2
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1908
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 3
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 1645
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 4
    Total number of words is 3399
    Total number of unique words is 1792
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    44.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 5
    Total number of words is 3315
    Total number of unique words is 1928
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 6
    Total number of words is 3380
    Total number of unique words is 1866
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    33.7 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 7
    Total number of words is 3340
    Total number of unique words is 1851
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 8
    Total number of words is 3428
    Total number of unique words is 2023
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 9
    Total number of words is 1308
    Total number of unique words is 956
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.