Latin

Türkmen halk döredijiligi I - 1

Total number of words is 3376
Total number of unique words is 1637
22.3 of words are in the 2000 most common words
34.0 of words are in the 5000 most common words
41.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
TÜRKMEN
HALK DÖREDIJILIGI
I KITAP
TÜRKMEN ŞAHYRANA HALK DÖREDIJILIGI
Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
tarapyndan hödürlenildi
Aşgabat
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
2017
UOK 82+398
T 90
T 90
Türkmen halk döredijiligi. I kitap. Türkmen şahyrana
halk döredijiligi. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw
gollanmsy. ‑A .: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.
TDKP № 138, 2017
KBK 83.3 Tür. 1 ýa 73
© Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY
TÜRKMENISTANYŇ
DÖWLET SENASY
Janym gurban saňa, erkana ýurdum,
Mert pederleň ruhy bardyr köňülde.
Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
Gardaşdyr tireler, amandyr iller,
Owal-ahyr birdir biziň ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.
Gaýtalama:
Halkyň guran Baky beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim-janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň, halk döredijiliginiň baý mirasyny
öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny
halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni
mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde
duran möhüm wezipeleriň biridir.
SÖZ SUNGATYNYŇ TÄJI
Türkmen halky Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçy­
lygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe batly gadamlar
bilen öňe-ösüşlere barýar. Gysga wagtda geçmişde möhüm mede­
ni ojaga öwrülen ýadygärlikler, görnükli şahsyýetler, söz ussatlary,
edebi, medeni çeşmeler barada ylmy barlaglar amala aşyryldy,
halkara ylmy maslahatlar geçirilip, ata‑babalarymyzdan miras
galan çeper gymmatlyklar dünýä aýan edildi. Pederlerimiziň wa­
tançylygyny, edermenligini, päk söygüsini, döredijilik ukybyny,
dünýewi we dini ygtykatlaryny, ahlak ýörelgelerini, ynsanperwer
duýgy-düşünjelerini çeper beýan edýän eserleriň ençemesi ýüze
çykaryldy. Türkmen ylmynyň hem‑de çeper gymmatlyklarynyň
dünýä medeniýetinde tutýan orny kesgitlendi, olaryň adamzadyň
kämil ruhy dünýäsiniň kemala gelmeginde bitiren hyzmatyna ýo­
kary baha berildi.
Çeper gymmatlyklar halkyň ruhy dünýäsiniň dury aýnasydyr, isleg
‑arzuwynyň, edim‑gylymynyň, çuň pelsepesiniň gözli çeşmesidir.
Ol gadymydyr, baýdyr, çeperdir, şol bir wagtda taryha, halkyň
durmuşyna, aň‑düşünjesine, isleg‑arzuwyna, matlaplaryna örkle­
7
Türkmen halk döredijiligi
nen, çeper ruhy dünýäsine örtülip, onuň ýoluna şöhle saçýan
şamçyragdyr.
Türkmen halk döredijiliginiň döremeginde, kemala gelip, söz
sungatyna öwrülmeginde danalaryň hem‑de meşhur aýdyjylaryň
hyzmaty uly bolupdyr. Ýerine ýetirýän eserleriniň many‑mazmu­
nyna, temasyna, hiline görä olara dürli atlar dakylypdyr. Kyssa­
honlar, rowaýatçylar, ertekiçiler, efsanaçylar, şortaçylar, bagşylar,
ozanlar, dessançylar, agyçylar, zikirçiler, hafyzlar, bilgiçler, yrym­
çylar, ýaremazançylar, talhynçylar, ýareýjançylar, haraýçylar, sa­
namaççylar, matalçylar, nakylçylar gadymy döwürde emele gelip­
dir we il içinde uly hormatdan peýdalanypdyr. Mysal üçin, bagşylar
has gadymy döwürde döräp, ilki ynsany dertden, gara güýçler­
den saplamak bilen meşgul bolupdyrlar. Neolit (miladydan öňki
bäşinji müňýyllyk) döwründen öň dörän bagşylar enolit (milady­
dan öňki üçünji müňýyllyk) döwründe kem‑kemden aýdym‑saz
arkaly ynsanyň keselini bejermäge geçipdir, soňra aýdym aýtmagy
özüne kesp edinipdirler. Ýokarda ady tutulan ýerine ýetirijileriň,
aýdyjylaryň her haýsynyň diňe özüne mahsus taryhy bardyr. Bu
mesele düýpli öwrenilmegine garaşýar.
Her halkyň çeper döredijiligi şol halkyň taryhyny, durmuşyny,
ahlagyny, däp‑dessuryny, gylyk‑häsiýetini şöhlelendirýär, pelse­
pesini, dünýägaraýşyny hem‑de zehin ussatlygyny çeper görnüşde
özünde jemleýär. Şol halkyň isleg‑arzuwyny, matlabyny aramak
bilen oňa hyzmat edýär. Türkmen halk döredijiligi hem çeper gym­
matlyk hökmünde şu çeper kanuny şertiň esasynda kemala gelip­
dir: halkyň taryhyny, durmuşyny, ahlagyny, däp‑dessuryny, gy­
lyk‑häsiýetini şöhlelendiripdir, pelsepesini, dünýägaraýşyny, zehin
ussatlygyny özünde jemläpdir, türkmenleriň isleg‑arzuwlaryny,
matlaplaryny arapdyr we gorap gelipdir.
Oguzlaryň taryhy, medeniýeti we döredijiligi çuňdur, şol
bir wagtda giňdir we dünýä medeni gymmatlyklaryna goşan
goşandy uludyr. Şeýle çuňluk we giňlik onuň döredijiliginiň söz
sungaty hökmünde örän çeper we nepis bolmagyna getiripdir.
Taryhy döwürlerde we ruhy eýýamlarda ynsanyň aň‑düşünjesiniň,
8
Söz sungatynyň täji
dünýägaraýşynyň, döredijilik ukybynyň, zehininiň kem‑kemden
kämilleşmegi halky eserleriň çeper hem‑de taryhy esaslarynyň
sazlaşykly ösüşini üpjün edipdir. Ata‑babalarymyz döredýän
eserleriniň çeper bolmagyna, ondaky duýgy‑düşünjeleriň, ahlagyň
tämiz we ter, çeper keşpleriň täsirli, görelde alarlyk bolmagyna
aýratyn üns beripdirler. Türkmen halk döredijiliginiň çeper we
taryhy esasy döwrüne, medeniýetine, ahlak sypatlaryna seret­
mezden, ýagşylygy, ruhubelentligi, erkinligi özüne baş ýörelge
edinipdir. Şoňa görä türkmen halkynyň taryhyny, medeni, edebi
mirasyny, däp‑dessuryny, dilini, ahlak ýörelgelerini we dünýä me­
deniýetine ýetiren täsirini hem‑de goşan goşandyny ylmy esasda
öwrenmek möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda türkmen halk
döredijiligi has gadymy edebi çeşme hökmünde gymmatlydyr.
Halk döredijiliginiň döreýşi, kemala gelşi we çeper söz sungatyna
öwrülişi milli hem‑de umumy aýratynlyga eýedir. Ylmyň gelýän
netijelerine görä, halky eserler ilki döreýşi boýunça ýeke şahsa
degişli bolupdyr. Ýazuwyň we beýleki oňaýly şertleriň ýokdugy
ýa‑da dörediji şahsyň dünýäden ötmegi netijesinde, öz döwrüniň
möhüm wakalaryny, isleg‑arzuwlaryny, häsiýetlerini, çeper göz­
leglerini özünde jemleýän eserler halk döredijiligine öwrülipdir.
Her halk hususy taryhyna, durmuşyna, aňynyň hem‑de döredi­
jilik ukybynyň kämilligine laýyk gelýän, şony apalaýan, araýan
çeper gymmatlyklaryny döredipdir. Bu ösüş uzak döwri, irgin­
siz çeperleşmegi, döwrüň, ahlagyň, häsiýetiň, edebiň hem‑de
pelsepäniň yzygiderli howandarlygyny talap edipdir. Ynsan
durmuşynyň, ahlagynyň, gylyk‑häsiýetiniň, edim‑gylymynyň we
beýleki hajatlarynyň çylşyrymlylygy, kanunalaýyk ösüş ýollary,
milli we umumy aýratynlyklary onuň döredijiligine geçipdir.
Her döwrüň nesli ynsanyň çeper söz aýnasyna öwrülen gym­
matlyklaryna öz goşandyny goşupdyr. Netijede, ynsan taryhynyň,
haýwanat, ösümlik dünýäsiniň aňrysyna‑bärsine göz ýetmeýän
özboluşly çeper dürdänesi emele gelipdir. Onuň çeper meýdanyny
ölçemek, ruhy hem‑de pelsepe çuňlugyny kesgitlemek, wakany,
hadysany, duýgy‑düşünjäni çeper beýan etmegiň aýratynlyklaryny
9
Türkmen halk döredijiligi
takyklamak ýeňil iş däl. Sadalykdan çuňluga, ýönekeýlikden
çylşyrymlylyga tarap ösüş ynsanyň we onuň ýaşaýşynyň gönezligi
hasaplanypdyr. Umumylykdan ýeke zehinlige, dar manylylykdan
köp manylylyga, umumy häsiýetlilikden çylşyrymly ýeke häsiýet­
lige geçmek halk döredijiliginiň irki kemala gelşini we ösüşini
kesgitleýän kanunalaýyk ýagdaýdyr. Üzlem‑saplam monotonik
çeper aňdan akylly‑başly pikir ýöretmeklige, soňra töwerekleýin
dürli pelsepe esasly akyl ýetirmä geçmek halk döredijiliginiň tebi­
gy ösüş aýratynlygydyr.
Türkmen halk döredijiligi hem şu kanunalaýyk döreýşiň, öşüşiň
içinde kemala gelip, söz sungatyna öwrülipdir. Ata‑babalarymyz
has gadymy döwürlerden başlap, adamzadyň hyýalynyň ýetýän
ýerinde, akyldar Magtymgulynyň aýdyşy ýaly, arş bilen kürsüň
arasynda özüniň döredijilik meýdanyny döredipdir.Türkmen halky
uzak döwürli ösüşi başyndan geçiren we dürli öwüşginli medeniýete,
çeper dile baý halklaryň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň
aýdyşy ýaly: «Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji‑hazynasyna,
medeni‑ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň
biridir. Türkmen halky müňýyllyklaryň ýaňyny özüne siňdiren ýüz­
lerçe taryhy‑medeni ýadygärliklere, edebi gymmatlyklara, golýazma
çeşmelerine baýdyr. Adamzadyň köp asyrlyk taryhynyň köklerini,
edebi‑ruhy gymmatlyklaryny, asyrlaryň jümmüşinden sünnälenip
çykan iň nepis sungat eserlerini özünde jemleýän baý milli mirasymyz
zamanamyzyň esasy ruhy binýatlarynyň biridir. ...Türkmenistan dürli
medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy galkynyşlaryň gadymy
mekanydyr. Akyldar alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň ajaýyp eser­
leri, «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarymyz, halk
döredijilik eserlerimiz nesilleriň ruhuna ganat berip, ähli zaman­
larda ynsan köňüllerini tämizläp gelipdir, häzirki zamanda bolsa
bu ruhy‑medeni gymmatlyklar kämil türkmen durmuşy bilen berk
sazlaşýar».1
Diýmek, gadymy halkyň döreden eserleri hem gadymy bolup,
1
Medeni miras ‑ dünýäniň medeni we ruhy galkynyşlarynyň taryhyny
öwrenmegiň çeşmesi. ‑ Aşgabat, 2008, 5‑6 s.
10
Söz sungatynyň täji
many‑mazmuna, her hili çözgütlere, dürli çeper serişdelere, keşplere,
pelsepelere, beýanetmelere we gaýry gymmatlyklara örän baýdyr.
Adamzadyň çeper pikirlenişiniň gözbaşynda halk döredijiligi
durýar, onuň çeper we taryhy esaslary bolsa müňýyllyklaryň gaty­
na siňip gidýär. Onuň döremegi, kämilleşmegi, baýlaşmagy ynsan
durmuşynyň, aňynyň ösüşi ýaly, kem‑kemden amala aşypdyr. Şu ösüş
alyş‑çalşa, özara täsir etmä we baýlaşma esaslanypdyr. Gadymy Ho­
rezmdäki, Merwdäki, Nusaýdaky, Änewdäki, Maşady‑Missirýandaky,
Amuldaky we beýleki medeni ösüşli ýerlerdäki taryhy wakalar,
ynsan aňynyň, döredijilik ukybynyň kämilligi halk döredijiligini
baýlaşdyrypdyr. Özara täsirlenmäniň netijesinde türkmen halk döre­
dijiligi köp halklaryň döredijiliginiň baýlaşmagyna belli derejede
goşant goşupdyr. Edil halkyň taryhy ýaly, onuň döreden çeper söz
sungaty hem galkynyşlara eýe bolupdyr. Türkmen halk döredijiliginiň
galkynyşy ata‑babalarymyzyň gahrymançylyk, söýgi, ynsanper­
werlik, ýokary ahlaklylyk kimin asylly gymmatlyklary bilen berk
baglanyşykly emele gelipdir. Gаdymy оguzlаryň halk döredijiliginiň
ösüş basgançaklary öz köküni halkyň şu gymmatlyklaryndan alypdyr
we kem‑kemden söz sungatynyň täjine öwrülipdir. Bizе bеlli bоlаn
häzirki çеşmеlеr wе tаryhy ähmiýеtli ýadygärliklеrdе sаklаnyp gаlаn
mаglumаtlаr türkmеn hаlkynyň döreden çeper söz sungatynyň dört
sаny uly galkynyşy bаşyndаn gеçirеndiginе kеpil gеçýär.
Türkmеn hаlk döredijiliginiň çеpеr‑tаryhy ösüşi hаlkyň
dörеdijilikli çеpеr jеmgyýеtçilik аňynyň, şаhyrаnаlyk, kyssаçylyk,
dessançylyk gözlеglеriniň önümidir. Bu bоlsа galkynyşyň çеpеr
ewоlýusiýasynyň yzygidеrli wе bаglаnyşykly ösüşiniň, dörеdijilikli
bаýlаşmаgynyň nеtijеsindе, uzаk döwrüň dоwаmyndа kеmаlа
gеlеndigini aňladýar. Diýmek, hеr bir halk döredijiligine degişli
eserleriň emеlе gеlýän, kämillеşýän, ösýän wе dаrgаýan döwürlеri
bolup, olar halkyň durmuşynyň, aň‑düşünjesiniň, çeper pikirleniş
ussatlygynyň galkynyşynyň içinde kemala gelipdir. Türkmеn
hаlk döredijiligi аşаkdаky ýaly ýagdаýdа döwürme‑döwür döräp,
taryhy galkynyşlar bilen kämilleşip, çeper söz sungatynyň täjine
öwrülipdir.
11
Türkmen halk döredijiligi
Halky söz sungatynyň
has irki galkynyşy
Bu döwür halk döredijiliginiň ilki döreýşi bilen baglanyşyk­
lydyr. Her halkyň çeper döredijiligi şol halkyň sözleýiş diliniň eme­
le gelmeginiň esasynda döräpdir. Türkmenistan Merkezi Aziýada
ilkinji kowçumlaýyn, soňra oturumly ýaşaýşyň emele gelen ýeriniň
biri hasaplanýar. Emirabat, Jeýtun, Änew, Köneürgenç, Nusaý,
Merw, Dehistan, Amul medeniýetleri, arheologiýa ylmynyň açan
has gadymy medeni ojaklary türkmen halk döredijiliginiň Gündo­
garda has gadymy çeper gymmatlykdygyna kepil geçýär. Ilkinji
obalaryň, şäherleşip başlan kentleriň peýda bolmagy we gadymy
ýaşaýşyň kämilleşmegi gorkyny‑ürkini, guwanjy durnukly ýag­
daýa getiripdir. Animalary, fetişleri, üzlem‑saplam monotonik pi­
kirlenmäni gysyp, ýatda saklamak, dilden‑dile geçirmek ukybyny
berkidipdir.
Ylmyň gelýän netijelerine görä, irki paleolit (gadymy daş
döwri, miladydan öňki 35‑30‑njy müňýyllyklar) döwründe Mer­
kezi Aziýada halk döredijiligi umumy bolup, ol kem‑kemden giç­­
ki paleolit döwründe (miladydan öňki 30‑11‑nji müňýyllyklar)
kowçumlanmak ýagdaýyna geçip başlapdyr. Mezeolitde (orta daş
döwri, miladydan öňki 12‑7‑nji müňýyllyklar) halk döredijiligi
milli görnüşe geçipdir, olary ýerine ýetirijiler döräp başlapdyr.
Gowşak durmuş we üzlem‑saplam pikirlenme güýjüni ýitirip,
onuň ýerine çeper mifologiýa kemala gelipdir. Halk döredijiliginiň
döremegi we kemala gelmegi durmuşyň, ynsan aňynyň kämilleşişi
ýaly, çalt depgine eýe bolupdyr. Oguz han mundan 5 müň ýyl
öň ýaşan bolsa, ol baradaky gahrymançylykly şejere kyssalary
4500‑4000 ýyl mundan öň, dessanlaşan kyssalar bolsa 4000 ýyl öň
ýerine ýetirilipdir. Diýmek, şejereçilik türkmen şadessany mundan
3500 ýyl öň emele gelipdir diýip aýdyp bileris. Şu pikire hä bersek,
dessançylyk däbiň has irki döwri VI-VII asyrlara çenli aralygy öz
içine alýar.
Bu döwrüň döredijiliginde çeper gаhrymаnçylygyň gözbаşyndа
12
Söz sungatynyň täji
mifiki gаhrymаnçylyk durupdyr. Emmа mifiň ykbаly ýaly, bu
edеrmеnlik sоňrа dörän efsаnаlаrа, ertеkilеrе, hеkаýatlаrа, ro­
waýatlara, dеssаnlаrа siňip gidipdir. Belli bolşy ýaly, Oguz han­
dan öň türkmen halk döredijiligi doly galyplaşypdyr. Taňry, onuň
yns‑jynsy ýaradyşy, Adam Ata, How Ene, perişdeler, pygamber­
ler we ýagşylykdyr ýamanlygyň ýaradylyşy baradaky gadymy
türkmen mifleri biziň döwrümize çenli halkyň dilinde saklanyp
galypdyr. Animalar, fetişler, totemler, her hili gudratlar baradaky
çeper düşünjeler‑ynançlar, yrymlar, alkyşlar, gargyşlar, aýdymlar,
nakyllardyr matallar, efsanalar Oguza çenli halk döredijiliginiň
kämilleşendigine güwä geçýär. Bu döwre degişli çeper mifler, ef­
sanalar gadymy ýazuw ýadygärliklerinde, has hem «Awestada» öz
beýanyny tapypdyr. Ol, belli derejede, soň emele gelen «Görogly»
şadessanynda hem beýan edilipdir. Şadessandaky dagyň dumana
bürelmegi, gudrat bilen onuň baş gahrymana kömek etmegi, «Ärogly» hekaýatynda Göroglynyň ýeriň aşagyndaky ýurda düşmegi,
Gyratyň uçmagy, aždarha has gadymy döwrüň edebi mirasydyr.
Ynsanyň durmuşyndan, ruhy ahwalatyndan dömüp çykan
porhançylyk, zikir aýtmak, şöwür çekmek, em etmek, Güne, Oda,
Suwa sygynmak, gorky‑ürki, gara güýçden üstün çykmak dessury
žanrlaryň galyplaşmagyna, soňra eposdyr dessanlaryň döremegine
oňyn täsir edipdir. Bagşylar, ozanlar, rawylar, hapyzlar, halfalar,
porhanlar, zikirçiler, jäherçiler, rowaýatçylar, ertekiçiler, kyssaçylar
şu döwürde uzak ýyllaryň, dowamly ösüşleriň esasynda yzma‑yz
emele gelipdir.
Oguz han döwründe türkmen halk döredijiligi doly
millileşipdir we milliligi üpjün edýän çeper ugurlar, çözgütler,
serişdeler, tärler, epiki keşp döretmegiň usullary Gündogar söz
sungatynyň gadymy uly bölegi hökmünde gutarnykly döräpdir.
Bu döwürde nesli emele getirmek we ony goramak baradaky
oý‑pikirler, harby hereketler şahyrana teswirlemä garanda güýçli
we täsirli bolup, bular söz sungatynyň baş temasyna öwrülipdir.
Oguznamaçylyk däpleri döräpdir, şadessanlaryň we dessanlaryň
sudurlary peýda bolupdyr. Oguz hanyň gahrymançylykly ahlak
13
Türkmen halk döredijiligi
keşbi, nesli, ýurdy baradaky serkerdelik aladalary, milli ruhy kä­
milligi halk döredijiligine we edebiýata ymykly giripdir. Meşhur
«Oguznamalar» döredilipdir.
Ata‑babalarymyzyň halk, Watan, edermenlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik baradaky oý‑pikirleri onuň gahryman­
çylygyna bagyşlanan halky eserleriň içinden ilik‑düwme ge­
çipdir. Oguz hanyň döwrüniň soňky basgançaklarynda halky
eserler oguz hem‑de gypjak halk döredijiligine bölünipdir.
Taryhy ösüşiň esasynda oguzdan dömüp çykan gypjaklar ganybir
garyndaşy oguzlaryň‑türkmenleriň döredijiligi bilen deň derejede
özleriniň milli döredijiligini döredipdir. «Gorkut ata», «Görogly»
şadessanlarynda şu döwrüň çeper hakykaty, beýan ediş usuly su­
dur derejesine galypdyr. «Gorkut atada» oguz hem gypjak des­
sançylyk däpleri gatyşyk beýan edilipdir. «Görogluda» bu mese­
le aýdyňlaşdyrylypdyr. Kyssa milli beýana eýe bolupdyr. Şygyr
gadymy goşuk galypynda döredilipdir. Goşuk galypynyň gadymy
nusgalary Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwanu lugat‑et türk» sözlügin­
de beýan edilipdir.
Pederlerimiz halk döredijiliginde öz taryhyny, durmuşyny,
isleg‑arzuwyny, pelsepesini, gylyk‑häsiýetini we adamkärçilige
mahsus beýleki alamatlaryny çeper milli dilde şahyrana beýan
etmegi başarypdyr. Şeýlelikde, türkmen milli ruhy baýlyklary:
medeniýeti, sungaty, dili, edebiýaty halkyň çeper ruhy gym­
matlyklary hökmünde gutarnykly kemala gelipdir. Taryhy, edebi
çeşmelerden belli bolşy ýaly, bu döwürde dünýä medeniýetini
baýlaşdyran rowaýatlar, hekaýatlar, ertekiler döredilipdir. Ada­
my At, Keýumers, Rüstem, Tumarly, Şirak, Guş Daş, Költegin,
Gök Taňry, Mömin, Ilteriş kimin mifiki we taryhy şahslar Oguz
han bilen bile halky eserleriň gahrymanlary bolupdyr. Bu şa­
hslar baradaky eserler kem‑kemden Gündogar, soňra Günbatar
halklarynyň döredijiligine siňip gidipdir. Merwde döredilen er­
tekileriň bir bölegi meşhur «Müň bir gije» ertekiler toplumyna
esas bolupdyr. «Görogly» şadessany şu gadymy edebi ýörelgäniň
esasynda beýleki halklara ýaýrapdyr.
14
Söz sungatynyň täji
Türkmen halk döredijiligi Oguzyň ady bilen baglanyşykly ös­
dürilipdir. Oguznamaçylyk däpleri emele gelipdir. Olar şulardyr:
1. Şejere oguznamaçylygy. Oguzyň taryhy, nesli baradaky
taryhy, çeper eserler şejere oguznamaçylygyna degişli.
2. Gahrymançylykly oguznamalar. Tumarly, Şirak, Rüstem,
Gorkut ata, Görogly, Keýmir kör hakyndaky halky eserler gahry­
mançylykly oguznamalardyr.
3. Söýgi oguznamalary. «Şasenem‑Garyp», «Zöhre‑Tahyr»,
«Perhat‑Şirin», «Arzy‑Gammar» we söýgä bagyşlanan beýleki
eserler söýgi oguznamalaryny emele getiripdir.
4. Dana oguznamalar. Türkmen halkynyň paýhasyndan, dana
oý‑pikirlerinden dömüp çykan nakyllar we atalar sözleri muňa
anyk mysaldyr. Miladydan öň we miladynyň XVI asyryna çenli
ýazuwa düşen 3500‑e golaý oguznama nakyllary bize belli.
5. Terbiýeçilik oguznamalary. Çagalara bagyşlanan we
çagalaryň özi tarapyndan döredilen eserler şuňa degişli.
6. Dessury oguznamalar. Türkmenleriň däp‑dessury, edim‑gy­
lymy, yrym‑ýomy hakdaky eserler şu görnüşi emele getirýär.
7. Kyssaçylyk oguznamalar. Türkmen mifleri, efsanalary, ro­
waýatlary, hekaýatlary, ertekileri, şorta sözleri, tymsallary kyssa­
çylyk oguznamalarydyr.
8. Şahyrana oguznamalar. Gadymy goşuklar, aýdymlar, ýa­
reýjanlar, lollujanlar, dönemler, agylar, läleler, monjugatdylar,
toý aýdymlary, hüwdüler we beýleki şahyrana eserler şahyrana
oguznamalary düzüpdir.
Oguznamalar özara baglanyşygyň, täsirlenmäniň we döredi­
jilikli hyzmatdaşlygyň esasynda baýlaşypdyr.
Halky söz sungatynyň
ikinji galkynyşy
Bu döwür dünýä halklarynyň galkynyşyna täsir eden
taryhy wakalara, ylmy açyşlara örän baý döwürdir. «Gündogar
galkynyşy» ady bilen belli bolan ylmy, medeni galkynyş dünýä
ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ikinji ösüşi hasaplanýar.
15
Türkmen halk döredijiligi
Ylmyň, medeniýetiň ösüşi türkmen halk döredijiligine düýpli tä­
sir edipdir. Gadymy ýunanlaryň, araplaryň, Çyn‑Maçynyň edebi
nusgalary dünýä belli alymlaryň, syýahatçylaryň işlerinde, çeper
namalarynda öz beýanyny tapypdyr. Bu oňaýly täsir etme bir ta­
raplaýyn bolmandyr. Türkmen, özbek, gyrgyz, gazak, garagal­
pak we beýleki doganlyk halklaryň çeper döredijiligi bu meşhur
işler arkaly dünýä ýaýrapdyr. Halk döredijiliginiň gahryman­
çylyk, edermenlik baradaky şadessanlary «Gorkut ata», «Ma­
nas», «Alpamyş», «Görogly», «Kyrk gyz», «Jangar» şu ösüşiň
netijesinde birnäçe halkyň milli eserine öwrülipdir. Oguz‑gyp­
jak‑uýgur dessançylyk däbi gutarnykly emele gelipdir. Şahyrana
žanrlardan gahrymançylyk, söýgi baradaky aýdymlar, hüwdüler,
läleler, toý‑ýas aýdymlary, aýratyn hem rowaýatlar, ertekiler,
nakyllar, çagalar döredijiligi tema taýdan baýlaşypdyr, çeperçili­
gi artypdyr. Edebi hyzmatdaşlyk, özara edebi baglanyşyk döredi­
jiligi sünnälemegiň, baýlaşdyrmagyň, onuň dünýä ýaýramagynyň
açary hasaplanypdyr. Halk döredijiliginiň nusgalary Birunynyň,
Ibn Sinanyň, Farabynyň, Horezminiň, Kaşgarlynyň, Kubranyň,
Abusagdyň, Zamahşarynyň, Awufynyň we beýleki onlarça
alymlaryň, söz ussatlarynyň tagallasy bilen ýazuwly edebiýata
düşüpdir, halky kyssalar temalara bölünipdir.
Halky söz sungatynyň
şa galkynyşy
Halky söz sungaty orta asyrlaryň soňky ýyllarynda şa
galkynyşyna eýe bolupdyr. Dünýä meşhur aýdymlar, rowaýatlar,
ertekiler, nakyllar, matallar, çagalar halk döredijiligi, dessanlar
söz sungatynyň täji hökmünde ykrar edilipdir. Halk döredijiliginiň
çeşmelik, estetiki hyzmatyna ýokary baha berlipdir. Halk
döredijiliginiň esasynda dünýä edebiýatynyň baýlaşmagyna
goşant goşan eserler ýazylypdyr. ХVI asyrda türkmen halk döre­
dijiligi kämilleşmegiň ýokary basgançagyna galypdyr. Şahyrana
halk döredijiligi, halky kyssalar, çagalar halk döredijiligi we des­
16
Söz sungatynyň täji
sanlar gutarnykly ösüşi başyndan geçirip, edebi dile baý umumy
türkmen halk döredijiligi emele gelipdir.
Her halkyň döredijiliginiň kämillik ýoly, ösüşi birsydyrgyn
bolmaýar. Ony halkyň taryhy, aň‑düşünjesi, matlaby, pelsepesi kes­
gitleýär. Halk döredijiliginiň, şol sanda gahrymançylykly eserleriň
şa galkynyşy halk döredijiliginiň galkynan, ösen döwri diýmekdir.
Doganlyk we goňşy halklaryň çeper gymmatlyklarynyň bir‑birine
ýakynlaşmagy, alyş‑çalşyň, döredijilikli gatnaşyklaryň netijesinde
daşky hem‑de içki mümkinçilikleriň hasabyna baýamak şu döwrüň
esasy aýratynlygydyr. Ynsan aňynyň, döredijilik ukybynyň ösme­
gi durmuşy, ahlagy, sosial ýetmezçilikleri beýan etmegiň has giň
we çeper usullarynyň döremegine getiripdir. Uly göwrümli erteki­
ler, dessanlar, çuň mazmunly çeper şahyrana eserler şu döwürde
özüniň gutarnykly kämilligine we çeperçiligine eýe bolupdyr. Halk
döredijiligi ýazuwly edebiýata ýakynlaşyp, onuň kämilleşmegine
badalga bolupdyr. Rowaýatlaryň, ertekileriň esasynda täze des­
sanlar döredilipdir. Bagşyçylyk sungaty ösüp, meşhur dessançy
bagşylaryň mekdepleri emele gelipdir, halypa‑şägirt gatnaşyklary
ymykly ýola goýlupdyr. Halk döredijiliginiň aýry‑aýry nusgalary
ýazuwa düşüp, özüniň ömrüni bakylaşdyrypdyr.
Halky söz sungatynyň
soňky galkynyşy
Halk döredijiliginiň sоňky dördünji galkynyşy birnäçe halky
gahrymanlary orta çykarypdyr. Olardan Ärsary babanyň, Gözli
atanyň, soňra Kеýmir körüň, Sеýdiniň edermenliklerini, Gökdepe
söweşinde görkezilen gahrymançylyklary, Keminäni, Ata Salyhy,
Durdy Gylyjy, Ataköpek Mergeni, Pyhy Tagany we beýlekileri
görkezmek bolar. Bular wе bеýlеkilеr hаkyndаky şorta sözler, ro­
waýatlar we hеkаýatlаr bоlsа, döwür bilеn bаglаnyşykly özboluşly
ösüşi başyndan geçiripdir. Bu döwürde taryhy wakalar, şahslar ba­
radaky gahrymançylykly hekaýatlar, rowaýatlar, şorta sözler uly to­
plumlary emele getiripdir. «Görogly», «Şasenem‑Garyp», «Hüýr­
**2. Sargyt № 2693
17
Türkmen halk döredijiligi
lukga‑Hemra», «Saýatly‑Hemra», «Zöhre‑Tahyr», «Nejep oglan»,
«Kasym oglan» kimin dessanlar bilen birlikde, «Gülpam», «Näz­
depe», «Hatam taý», «Tulum hoja» kimin onlarça ýazuwly dessan­
lar döredilipdir. Dünýä meşhur ýordumlaryň esasynda «Leýli‑Mej­
nun», «Ýusup‑Züleýha», «Babaröwşen», «Zeýnelarap», «Seýpelme­
lek‑Medhaljemal», «Zöhre‑Tahyr», «Gül‑Bilbil», «Gül‑Senuber»,
«Ýusup‑Ahmet», «Baly beg we Doly beg» dessanlary ýazylypdyr.
Türkmen halk döredijiligi milli çeper gymmatlykdyr. Şöňa görä
olaryň toparlara, kysymlara, görnüşlere bölünişi hem millidir. Halk
döredijiliginiň toparlara, kysymlara, görnüşlere bölünişi halky eserleriň
tebigatyna, aýratynlyklaryna, ýerine ýetirilişine görä bölünýär. Beýle
diýdigimiz, halk döredijiligine degişli ähli eserler milli bölünişiň içine
girip bilýär diýdigimizdir. Şoňa görä, biz halk döredijiliginiň çeper
halky söz sungaty hökmünde bölünişini aşakdaky ýaly bölmegi we
şu bölünişiň türkmen halk döredijiligine doly laýyk gelýändigini aýt­
malydyrys. Türkmen halk döredijiligi özbaşdak söz sungaty hökmünde
toparlardan, kysymlardan, žanrlardan, görnüşlerden ybaratdyr.
Halk döredijiligi «şahyrana halk döredijiligi», «halky kyssalar»,
«dessanlar» kimin üç sany topara bölünýär.
Şahyrana halk döredijiligi «dessury şahyrana halk döredijiligi»,
«dessury däl şahyrana halk döredijiligi», «çagalaryň şahyrana halk
döredijiligi» kimin üç kysyma bölünýär.
Dessury şahyrana halk döredijiligine monjugatdylar, agylar,
toý aýdymlary, nowruz aýdymlary, yrymlar, ynançlar, hüwdüler we
beýleki dessury žanrlar girýär.
Dessury däl şahyrana döredijiligine läleler, küştdepdiler, talhynlar,
aýdymlar, nakyllar, matallar we beýleki dessury däl žanrlar girýär.
Halk döredijiligi halk tarapyndan döredilendigi sebäpli, olar
bir‑biri bilen baglanyşykly kämilleşipdir. Şoňa görä‑de dessury
žanrlarda dessury däl žanrlaryň alamatlarynyň boljakdygy öz‑özün­
den düşnüklidir. Žanrlaryň her haýsy žanrlyk tebigaty boýunça
bölünýär. Mysal üçin, toý aýdymlarynyň haýsy ýerde ýerine ýe­
tirilýandigi göz öňünde tutulyp, olara toý aýdymlary diýlipdir,
18
Söz sungatynyň täji
läleler bolsa lälezarlyk, şatlyk, arzuw manysynda bolandygy üçin
şeýle atlandyrylypdyr. Lollujanlar, ýareýjanlar, haraý aýdymlary,
küştdepdiler ýerine ýetirilişi, şygryň heňi we hereket sazlaşygy ne­
tijesinde şeýle atlandyrylypdyr. Žanrlaryň atlary olaryň aýratynlyklary boýunça döräpdir. Ata‑babalarymyz her žanrda özüniň maddy
we ruhy goldawyny görmek, ondan täsirlenmek, öwrenmek isläpdir.
Olaryň şol islegi zehinli aýdyjylar tarapyndan ödelipdir.
Çagalaryň şahyrana döredijiligi ýokarky iki kysymyň
esasynda kemala gelipdir. Bu kysym ulular we çagalar tara­
pyndan döredilip, göni çaga durmuşy, häsiýeti, edep‑terbiýesi
bilen baglanyşykly aýdylypdyr. Çagalaryň şahyrana döredijiligi­
ne sanawaçlar, ýaňyltmaçlar, tapmaçalar, matallaryň uly bölegi
girýär.
Halky kyssalar «rowaýatçylyk kysymlar» hem‑de «ertekiçi­
lik kysymlar» kimin iki kysyma bölünip, ýerine ýetirilişi, haky­
kata galtaşygy, beýan edilişi, çeşmelik, estetiki hyzmaty boýunça
bir‑birinden tapawutlanýar. Rowaýatçylyk kysyma mifler, efsa­
nalar, rowaýatlar, hekaýatlar, ertekiçilik kysyma bolsa ertekiler,
şorta sözler, tymsallar girýär. Bu žanrlar soňra dürli görnüşleri öz
içine alýar.
Dessanlaryň bölünişi özboluşlydyr. Dessanlar şygyr bilen
kyssanyň gatyşyk beýan edilmeginden emele gelendigi üçin,
olary mowzuklar boýunça bölmek has amatly. Ata‑babalarymyz
«epos, şadessan» sözlerini ulanman, iri göwrümli şygyr gatyşykly
aýdylýan eserlere dessan diýipdirler. Dessanlar has gadymy
döwürde döredilipdir. Ilki hekaýat, rowaýat, erteki görnüşinde
bolupdyr. Miladynyň V‑VI asyrlarynda gahrymançylykly, söýgi
baradaky hekaýatlar, rowaýatlar ynsanyň çeper pikirlenişiniň,
döredijilik ukybynyň kämilleşmegi netijesinde kem‑kemden
dessanlara öwrülipdirler.
Dessanlar «gahrymançylykly şadessanlar», «söýgi dessan­
lary», «durmuşy dessanlar», «kesp‑kär bilen baglanyşykly des­
sanlar», «kitaby dessanlar» kimin bölünýär. Gahrymançylykly
19
Türkmen halk döredijiligi
şadessanlara «Oguznamalar», «Gorkut ata», «Görogly», söýgi
dessanlaryna «Şasenem‑Garyp», «Hüýrlukga‑Hemra» we beýle­
ki dessanlar, durmuşy dessanlara «Näzdepe», «Tulum Hoja» we
beýleki dessanlar, kesp‑kär bilen baglanyşykly dessanlara «Nejep
oglan», «Gülpam» we beýleki dessanlar, kitaby dessanlara «Isgen­
dernama», «Ybraýym Edhem» we beýleki dessanlar degişlidir. Şu
ýerde halk döredijiligini toparlara, kysymlara, žanrlara, görnüşlere
bölmegiň kyndygyny aýtmalydyrys, eserleriň käbiriniň diňe
bir žanra däl‑de, birnäçe žanra, görnüşe mahsus alamatlarynyň
bardygyna biz häli‑şindi duş gelýäris. Mysal üçin, Keýmir kör,
Kemine hakyndaky halky eserlerde rowaýatlara, şorta sözlere ma­
hsus aýratynlyklar deň derejede emele gelipdir. Bu aýratynlyk halk
döredijiligine mahsus tebigy özboluşlylykdyr.
Türkmen halk döredijiligi gadymylygy, çeper söz sungaty­
na mahsus gymmatlyklara, many‑mazmuna, edim‑gylymlara,
gylyk‑häsiýetlere, dürli‑dümen çeper beýan etmelere baýdygy
bilen Gündogar halk döredijiliginiň taryhynda mynasyp orny tu­
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen halk döredijiligi I - 2
  • Parts
  • Türkmen halk döredijiligi I - 1
    Total number of words is 3376
    Total number of unique words is 1637
    22.3 of words are in the 2000 most common words
    34.0 of words are in the 5000 most common words
    41.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 2
    Total number of words is 3615
    Total number of unique words is 1908
    25.2 of words are in the 2000 most common words
    38.1 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 3
    Total number of words is 3646
    Total number of unique words is 1645
    26.4 of words are in the 2000 most common words
    40.8 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 4
    Total number of words is 3399
    Total number of unique words is 1792
    24.2 of words are in the 2000 most common words
    35.9 of words are in the 5000 most common words
    44.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 5
    Total number of words is 3315
    Total number of unique words is 1928
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.9 of words are in the 5000 most common words
    44.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 6
    Total number of words is 3380
    Total number of unique words is 1866
    22.7 of words are in the 2000 most common words
    33.7 of words are in the 5000 most common words
    41.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 7
    Total number of words is 3340
    Total number of unique words is 1851
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 8
    Total number of words is 3428
    Total number of unique words is 2023
    23.6 of words are in the 2000 most common words
    38.0 of words are in the 5000 most common words
    45.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen halk döredijiligi I - 9
    Total number of words is 1308
    Total number of unique words is 956
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.