Latin

Japbaklar - 8

Total number of words is 4061
Total number of unique words is 1857
33.2 of words are in the 2000 most common words
46.1 of words are in the 5000 most common words
53.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Çuwallar dolandan soň, Myraly söwdagäri çekipdir. 01 guýyň agzyna gelende,
onuň eline bir tegelek çörek tutdurypdyrda:
- Al, bu seniň duz hakyň! - diýip, bagyny kesip goýberipdir.
Myraly ýükli düýäni iýdip, Soltansöýüniňkä barypdyr.
Soltansöýün Myralynyň ýüküni geňirgäp:
- Ýeri Myraly, açlyk maňa-da täsir edendir, Soltansöýün ajygandyr öýtdüňmi?
Düýe ýüki bugdaýy maňa getireniňden, ony özüň iýäýseň bolmaýarmy? - diýipdir.
- Aý, Soltanym, soltanlaryň nebsine doýma ýokdur. Men muny seni doýurmak
üçin getirmän, döwlet baýlygynyň diňe döwlet hazynasynda bolmalydygyny bilenim
üçin getirdim.
Soltansöýün bir çuwalyň agzyndan elini sokanda, onuň penjesine bir gysym öl
gum giripdir. Soltan elindäki gumy gazap bilen ýere urup, Myrala dazarlypdyr:
- Sen meni kim hasap edýärsiň? Sen meni oýnamak isleýärmiň? Muny ýok ediň! diýip, elini salgapdyr.
Myralydan içi kitüwli wezirler şol göz ýumup-açarda Myralyny ýasawullaryň
öňüne salypdyrlar.
Soltansöýün gazabyna bäs gelmän, endiräp, maňlaýyny eliniň aýasyna goýmakçy
bolanda, aýagynyň aşagynda ýylpyldaýan tyllajyklara gözi düşüpdir. 01 hiç kime
buýruk bermän, aýak aldygyna ylgapdyr-da, Myralynyň öňüne geçip, onuň gaşynda
dyzyna çöküpdir.
Patyşa ölerine
Myraly Soltansöýüniň wezirleri bilen oňuşman, Mara gaýdypdyr. Aradan birnäçe
wagt geçenden soň, Soltansöýün oňa sargyt üstüne sargyt iberipdir. Myralynyň özi üçin
hem dostdan aýralyk aňsat düşmändir. 01 iň soňunda Soltansöýüniň ýanyna boş gitmegi
laýyk bilmän, bir ýüz semiz goýun alyp gidipdir. Myraly goýunlary Hyradyň bazaryna
salanda, hyrydarlar ondan goýunlaryň bahasyny sorapdyrlar.
Myraly goýunlary nesýe satjagyny aýdypdyr.
- Näçe wagta?
- Patyşa ölerine.
Myralynyň goýunlarynyň daşy el bolup, derrew dagadypdyrlar. Hatda goýunlaryň
üstünde dawa-da turupdyr. Goýun ýetmediklerden birnäçesi baryp, Soltansöýüne arz
edipdirler:
- Patyşam, Marydan bir çarwadar gelip, ölüm jezasy buýrarlyk bir iş etdi!
- Näme iş etdi?
- Hatda aýtmaga-da, dil barar ýaly däl.
Patyşa rugsat berenden soň, şikaýatçylar oňa mälim edipdirler:
- 01 Hyradyň bazarynda patyşanyň ölerine ýüz goýny nesýe dagatdy.
Soltansöýün gazaplanyp:
- Şol adamyny derrew meniň ýanyma alyp geliň! - diýip buýrupdyr. Onuň gaşyna
Myralyny alyp gelipdirler.
Soltansöýün Myralyny görenine şatlanjak ýaly etse-de, özüniň ölümini isläni üçin,
gazabyny içine sygdyryp bilmändir.
- Ýeri Myraly, bu närne etdigiň boldy?
- Şahym, men-ä näme keçje iş edenimi bilemok. Diňe ýüz sany garybyň garnyny
etden doýurdym.
- Sen meň ölurnimi isleýärmiň?
- Ygtyýar berseňiz, jogapdan öňürti bir soragym bar.
- Aýt!
- Alla ýüz adamyň gepine ynanarmy, bir adamyň gepine?
- Bu nähili akmak sowal. Alla hasap däl, hatda men özüm hem bir adamyň gepine
ynanman, iki adamyň gepine ynanaryn.
Onda näme maňa azm urýarsyň?
- Sen meniň ölümimi isleýärsiň ahyry!
- Bir men seniň ölümiňi dilesem, ýüz adam seniň uzak ýaşamagyňy dileýär.
Soltansöýün Myrala näme jogap berjegini bilmän:
- Şundan soň sen meniň baş wezirim! - diýipdir.
Pulhatyn
Myraly baş wezir bolandan soň, ilatyň ýagdaýyna, güzeranyna göz aýlap başlan
eken. Şol wagtda Marynyň derýasy Murgap joşup akýar eken. Onuň bir kenaryndan
ikinji kenaryna geçmek hyllalla eken. Myraly şol Murgap derýasynyň üstünde, Pendi
diýlen ýerden köpri salmagy Soltansöýüne maslahat beripdir, şol köpriniň ykdysady
taýdan hem, harby taýdan hem ähmetiniň uludygyny düşündiripdir. Soltansöýün Myraly
bilen geňeşli işiň laýyk düşýänini aňlany üçin şol ýerden köpri salmagy makul bilipdir.
Köpri hemişelik galar ýaly ony daşdan saldyrypdyr. Şol köprä bolsa «Dasköpri» at
galypdyr.
Şol wagtda Saragsda ýaşaýan baý dul hatyn bar eken. 01 puluna ýer tapmaýan
eken. 01 öz ýanyndan «Soltansöýün Murgabyň üstünden daşdan köpri saldyran bolsa,
men hem Tejen derýasynyň üstünden daşdan köpri saldyraýyn. Meniň köprim
onuňkydan has berkräk, has owadanrak bolsun. Soltansöýün bir wagt ýoly düşüp, onuň
üstünden geçer. Belki men şol köpri bilen onuň göwnüni awlaryn» diýip oýlan eken.
Pully hatyn hakykatdan-da, Saragsyň, bir menzil ýokarsyndan daşdan, mydamalyk berk
köpri saldyrypdyr. 01 köprä soňra «Pulhatyn» at galypdyr. 01 köpri häzir hem bar.
Günleriň bir gününde, goşun bilen barýan Soltansöýüniň ýoly şol «Pulhatynyň»
üstünden düşüpdir. Ýaňky dul hatyn Soltansöýüniň gelýänini bilip, bezenip, şaýlanyp
çykypdyr, şonluk bilen, belki, soltanyň, göwnüni awlaryn belki, köşgüň, eýesi özüm
bolaryn diýip oýlapdyr.
Soltansöýün köprä golaý gelende, pully hatyna gözi düşüp, Myrala garap, bir setir
goşgy aýdypdyr: «Bezenip, çykdy geýip, sarala köýnek sowsany» Myraly pully
hatynyň, mekir pikirinden habardar bolany üçin, Soltansöýüne şygyr bilen terki jogap
beripdir:
«Geçme namart köprüsinden - goý aparsyn sil seni» Soltansöýün atynyň başyny
çekse-de, Myralynyň jogabyndan razy bolman, onuň sebäbini sorapdyr:
- Pully hatyn meniň üçin, meniň döwletim üçin uly iş edipdir. 01 döwletiniň,
ýarysyny harç edip, köpri saldyrypdyr. Mundan geçmezligiň sebäbi näme?
- Döwlet üçin, halk üçin alada eden adamynyň aýagynyň tozuny gözüňe sürme
etseň azdyr. Emma munuň başga sebäbi bar. Pully hatyn «Pulhatyny» at üçin, abraý
üçin saldyrypdyr. Görýämiň, onuň köprüsi «Daşköprüden» hem haýbatly. Eger sen
mundan geçseň, Pully hatyn, birinji taýdan, Soltansöýün hem maňa baş egdi, Horasanyň
soltany indi iki boldy, onuň biri - men diýip, bütin dünýä jar çeker, ikinji taýdan,
köpriniň iki ýanynda sakçy goýup, gelenden-geçenden muzd alar, köpriniň bahasyny on
esseläp çykarar.
Soltansöýün Myralynyň jogaby bilen kanagatlanandan soň, towlanjyrap barýan
giň, derýa göz gezdiripdir-de:
- Eýsem indi nätmek gerek? - diýip sorapdyr. Myraly:
- Töwekgeliň-endişe bilen işi bolmaz! - diýip, atyna bir gamçy çalypdyr.
Soltansöýün hem bütin goşuny bilen yzyna eýeripdir.
Keremli derýa öz göwsünden ýol berip, agyr goşunyň, birjigini hem alyp
galmandyr.
Menden hem bir ýüz tylla
Soltansöýün öz ýanyndan birnäçe wagt oýlanandan soň, ahyrynda Myrala maslahat
salypdyr:
- Dostum, Myraly! Adam özerkli bolanda, azgyn bolýar. Bilner-bilinmez edilen
günä gyt däldir. Şonuň üçin Mekgä gidipmi, ýa başga ýerden agtarypmy, bir pire gol
bersem, günämiň ötülmegine, ýalkanmagyma sebäpkär bol diýip ýalbarsam diýýän. Sen
ony niçik görýäsiň?
- Ilki sözüňe goşulýan, soňky sözleriňe goşulmaýan.
- 01 näme diýdigiň boldy?
- Günä gazananyňa ynanýan, emma ony piriň etegi bilen ýuwup biljegiňe
ynanamok.
- Eýsem nätmeli? Bilner-bilinmez edilen nähak işler meni horlaýar.
- Meniň saňa maslahatym: sen Mekgä-de gitjek bolma, pir hem agtarma, näme
hyzmatyň, näme ýagşylygyň bolsa, öz halkyňa,öz raýatyňa et. Uly ilde Alla ady bar
diýilýändir.
Soltansöýün Myrala jogap bermän, öz oýuny dowam edipdir. Olar günüň bir
gününde uzak ýola şikara çykypdyrlar. Görseler, olaryň düşlän ýerine golaý, çolaja bir
ýerde zürrüjek garaja öý oturan eken. Wezirlerden biri şol öýden habar tutup, şol öýde
bir pir aýalyň ýaşaýanyny Soltansöýüne gelip habar beripdir.
Soltansöýün Myralyny ýanyna çagyryp, öz şatlygyny mälim edipdir.
- «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýilen nakyl bar. Hudaýyň özi
maňa garaşyk etdi: piri meniň üstüme ýa-da meni piriň üstüne getirdi. Indi men baryp,
şonuň etegine ýykylsam diýýän.
Myraly Soltansöýüne garap ýylgyrypdyr:
- Eý, Soltanym, şunça ýykylan etegiňi az görýämiň? Soltansöýüniň Myrala gahary
gelipdir:
- Meni gaýgy-gam basýar. Seniň oýun ýadyňa düşýär.
- Eý Soltanym, gatyrganmaň. Adam şekilli adam öz ýurdunda, il içinde orun tapar.
01 aýalyň beýle çete çykmagy sebäpsiz däldir.
- Näme, garakçylyk üçin oturandyr öýdýämiň?
- Onuň näme üçin oturanyny üç ýüz tylla karz berseňiz, bendäňiz saýgaryp biler,
siziň özüňize-de görkezer.
Patyşa pir aýaly däl-de, Myralyny synamak isläpdir: şu ýerde juda bolmasa oňa öz
ömrümde bir gezek ökde gelerin diýip, üç ýüz tylla pul beripdir.
Onuň gapysyna baryp gaýdýan wezirler, ol aýalyň takwalygy, hudaýparazlygy,
erkek adamyny kabul etmeýänini, nämähreme ýüzüni görkezmeýäni hakynda dabara
bilen gürrüň edişipdirler.
Myraly şol garaja öýe baryp, onuň gapysyny saklaýan aýala ýüz tutupdyr:
- Siz baryň-da piriňize aýdyň. Uzak ýoldan gelen bir adam size ýüz tylla getiripdir,
onuň maksady size diňe bir gezek garamak diýiň.
Sakçy aýal baryp, habar berende, pir aýal:
- Yok, ýok - diýip gygyrypdyr. Şol sekuntda eliniň aýasyny gaşapdyr-da, asmana
diň salypdyr: «hoş, hoş» diýip seslenipdir. Ondan soň, sakçy aýala garap: - hatyfdan
seda geldi - goý gelsin - diýipdir.
Myraly pir aýala ýüz tylla berip, ýüzüne gülümsiräp garapdyr-da, sesini çykarman
gidipdir. Ertesi ýene baryp, sakçy aýala şeýle diýipdir.
- Piriňize baryň-da aýdyň: şol adam ýene geldi. 01 size bir ýüz tylla getiripdir.
Onuň maksady - sizi diňe bir gezek öpmek diýiň.
Sakçy aýal baryp habar berende, pir aýal ala gykylyk edipdir:
- Ýok-eý, Alla saklasyn!
Aýal ýene eliniň aýasyny gaşap, asmana diň, salypdyr: «Ýok, aýyp bolar! Näme?
Bir gezeklikçe nogsany ýok? Aý perwerdigär. Buýrugyňa emel etmekden başga alajym
näme?» diýip, seslenipdir-de sakçy aýala garap:
- Hatyfdan seda geldi. Bar, aýt, gelsin - diýipdir. Myraly orta ýaşly, sary maňyz
aýalyn, ýaňagyna elini goýup, öz elini öpüp gidipdir.
Myraly üçünji gije ugramakçy bolanda, Soltansöýüne:
- Siz şol aýalyn, nähili pirdigini tanamak isleseňiz, şu gije öýüň daşyndan baryň-da
diňläň! - diýip sakçy aýala baryp, habaryny beripdir:
- Siz piriňize baryň-da aýdyň. Şol adam ýene geldi. Size bir ýüz tylla getiripdir.
Onuň maksady diňe pir aýalyň üç ädimlik golaýynda bir gije ýatyp turmak - diýiň.
Sakçy aýal habar berende, pir bu sapar gykylyk etmän, eliniň aýasyny gaşap,
asmana diň, salypdyr, öz ýanyndan hümürdäpdir: «Aý, Allam, men nämähremi öz
golaýymda nähili ýatyraýyn? Näme, näme? Nämährem däl! Allanyň, eradasy bilen.
Allanyň emri şeýle bolsa, mende ne çäre?»
Pir aýal Myralyny üçünji gije öz golaýynda ýatyrypdyr. Köpden bäri adam ysyny
almadyk dulsuran aýalyň süňňi gowşap başlapdyr. 01 gernipdir, pallapdyr, düýşürgän
kişi bolup:» «Bärräk süýş, bärräk süýş» diýip hümürdäpdir. Myralynyň gymyldysy
bolmany üçin, ukuda bolan kişi bolup, agdarylyp-dönderilip, onuň, ýanyna barypdyr.
Myraly onda- da hiç zat duýman, ýuwaşja myrlap ýatany üçin aýal iň sonunda durup
bilmän, Myralynyň boýnundan gol salypdyr. Myraly tisginip oýanyp, arkan çekilmekçi
bolupdyr. Aýal ony sypdyrman:
- Bir ýüz tyllaň özüňki! - diýip seslenipdir. Myraly:
- Ýok. Men Allanyň gargyşyna galyp bilmen! - diýip, onuň golundan sypmaga
çalşypdyr.
Pir aýal sandyrawuk ses bilen:
- Allanyň emri şeýle, iki ýüz tyllaň özüňki! - diýip seslenipdir. Myraly:
- Maňa Alladan beýle buýruk ýok! - diýip, ýene boýun tow- lapdyr.
- Bar, bar. Hatyfdan seda geldi. Üç ýüz tyllaň hem özüňki! - diýip, pir aýal
Myralyny mäkäm gujaklapdyr. Myraly aýalyň gurply gollarynyň astynda: - Ýok, ýok,
bolmaz! - diýip, seslenipdir. Dasarda diňläp duran Soltansöýün durup bilmän:
- Myraly, menden hem bir ýüz tylla! - diýip gygyrypdyr.
Erksiz şa bolandan, erkli gedaý bolan ýagşy
Soltansöýün bilen Myraly gezelenje çykanlarynda, bir aýalyň üstünden
barypdyrlar. 01 aýalyň egnindäki köýnegiňiň azyndan kyrk ýarnasy bar ekeni. Emma
geýiminiň köneligine, ýyrtyklygyna garaman, ol aýalyň keýpi örän kök ekeni. Myraly
bilen Soltansöýün ol aýala geňirgenmek bilen garanlaryndan soň, olaryň ikisi hem ol
aýaly tanapdyrlar: ol aýal Soltansöýüniň oňuşman, bir wagtlar köşkden çykaryp kowan
aýaly ekeni.
Soltansöýün Myralynyň gulagyna pyşyrdap:
- Sen ol aýaldan sora: onuň öňki güni ýagşymy, indiki güni ýagsymy? - diýen
eken.
Myraly oňa:
- Onuň haýsy gününiň ýagşylygy meniň üçin mälim. Isleseň, seniň göwnüň üçin
sorap bereýin - diýip, ol gelne habar gatypdyr:
- Eý janan, sen bir wagt köşkde ýaşaýardyň, geýýäniň ýüpek, iýýäniň baldy. Seniň
häzir köne şylhaň endamyňy zordan ýapýar, bedeniňde garga çokasy et ýok. Sen
çekinmede aýt: öňki günüň ýagsymy, häzirki günüň?
Aýal ýaşmagyny bütinleýin syryp, aç-açan jogap beripdir:
- Men köşkdekäm kyrkyň biridim. Meniň gapyma Soltanyň aýagy kyrk günden bir
düşmeýärdi. Meniň ýanymdaky gürrüňdeşim özüm ýaly kapasdakylar bolup, durmuşyň
lezzeti bize haramdy. Ýüpek diýip geýenim ýalyn bolup ýapyşsa, bal diýip iýenim, awy
bolup geçýärdi. Häzir bolsa, öz elim, öz ýakam. Ärim meni söýýär, men ony söýýän. Aç
günümde onuň bir ýylgyryp garany - maňa iýmit bolýar, ýalaňaç günümde - onuň bir
sözi meniň endamyma geýim bolýar. Siziň soranyňyz üçin meniň aýtmagym zerur:
erksiz şa bolandan, erkli gedaý bolan ýagşy.
Myraly Soltansöýüniň ýüzüne kän manyly soragly göz bilen garanda, Soltansöýün
ondan:
- Näme, kyrk aýalyň birinden özgesini boşat diýmek isleýärmiň? - diýipdir.
Myraly Soltansöýüniň ýüzüne hoşallyk bilen garandan soň:
- Soltanyň zirek akylyna haýrandyryn! - diýipdir.
Soltansöýün elindäki gamçysyny zeriň gaşyna tyrkyldadyp, biraz oýlanandan soň,
Myrala näme jogap berjegini, nähili karara geljegini bilmän, atynyň başyny
gowşadypdyr.
Saman astyndan suw goýberen
Soltansöýün Myraly bilen şikardan gelýärkä, bir obanyň çetinde adatdan daşary bir
owadan gelin görüpdir. Onuň Aý ýaly ýüzi, sallanjyrap ýörişi Soltansöýüniň bütin
durmuşyny özüne çekipdir. Soltansöýün Myrala ýalbaryjy göz bilen garap:
- Myraly, sen meniň baş wezirim, meniň ýagdaýyma diňe sen düşünýänsiň. Sen
maňa maslahat ber: men bu gelni nähili ýol bilen alyp bilerin?
Myraly oňa:
- Hiç hili ýoi bilen - diýip, pert jogap berýär.
- 01 meniň ýüregimi bütinleýin özi bilen alyp gitdi, men häzir boş göwre bolup
galdym. Eger, men ony almasam, onda meniň günümiň ýaşdygy.
- Soltanym, siz akyldan aýrylmaň. Heý, biriniň aýalyny hem almak bolarmy? Oňa
şerg näme diýer? Ony, heý, kowahat göterermi? Siz bu päliňizden el çekiň? Ýogsam
halk sizi ýekirer, sizden bütin halk ýüz dönderer.
Soltansöýün Myrala närazylyk bildirmek bilen öz niýetini oňa mälim edipdir:
- Sen maňa maslahat berme-de, bar-da şol gelniň ärine maslahat ber. Men ol gelni
hökman alaryn. Şonuň üçin, il hem menden ynjamaz.
Soltansöýün biraz düşlemek, şol gelniň ärini çagyrtmak üçin, bir emeldaryňka
bakan sürüpdir. Myraly şol obada bir dostunyň baryny mälim edip, şonuň bilen
salamlaşyp gaýtmak üçin, Soltansöýünden rugsat alypdyr.
Myraly şol gelniň giren öýüne baryp, uzak säginmändir- de, ol gelniň ärine
Soltansöýüniň niýetiniň bozulanyny, ony häzir çagyrtjagyny mälim edip, Soltan näme
buýursa, bolýar diýip gaýtmagyny, soňra oňa jogap bermeli bolanda, özüniň
goldajagyny mälim edipdir.
Myraly dolanyp gelenden soň, şol gelniň ärini Soltansöýüniň ýanyna alyp
gelipdirler. Soltansöýün ol gelin barasynda söz açman, başga sorag, başga tabşyryk
beripdir:
- Seniň adyň näme?
- Garaguduk.
- Garaguduk? Berekella! ü içine çykan wagtymda, meniň üýtgeşik bir häsiýetim
bar: men haýsy obada nähili üýtgeşik ýagdaý, üýtgeşik adam baryny soraýan. Şol
adamlary ýanyma çagyryp, her haýsyna bir hili tabşyryk berýän. Ýerine ýetireni
sylaýan, ýerine ýetirmedige gargaýan. Sen hem şu obanyň üýtgeşik bir adamy. Seniň
adyň hem üýtgeşik, keşbiň hem üýtgeşik, belki, başga üýtgeşik zatlaryň hem bardyr.
Sen meniň häsiýetimi nähili görýäsiň?
Onda ol adam:
- Şalaryň huzuryny görmek, şalaryň hyzmatyny etmek her ýetene ýetdirýän bagt
däldir. Soltanym näme buýursa, bütin janym bilen ýerine ýetirerin - diýip aýdan.
- Men saňa bir ýaby, goşa öküz, on sany hem öweç goýun berjek. Sen şolaryň
hemmesini alty aýda guzlatmaly.
Garaguduk Soltanyň öňünde baş egipdir.
Myraly sorag berjek bolanda, Soltansöýün barmagyny daldalapdyr. Emma
märekedäki ýarym sag, ýarym däliniň biri Soltansöýüniň baryny unudyp:
- Garaguduk işiň gaýtdy. Heý erkek janlyny hem guzladyp bolarmy? - diýipdir.
Garaguduk oňa pert jogap beripdir:
- Allanyň eradasy bilen her bir zat bolup biler Patyşalar ýer ýüzüniň Allasydyr.
Patyşa bolmaly diýdimi, hökman boldyryn!
- Heý, berekella! - diýip, Soltansöýün onuň arkasyna kakypdyr.
Aradan alty aý geçenden soň, Soltansöýün Myraly bilen ýene şol oba atlanypdyr.
Soltansöýün emeldaryňka sürende, dostum bilen salamlaşaýyn diýip, Myraly ýene bir
az salymlyk rugsat alypdyr.
Myraly baryp Garaguduga, onuň gelnine birnäçe söz öwredipdir.
Myraly barandan soň, Soltansöýün Garagudugy çagyrdypdyr.
- Garaguduk syrkaw ýatyr - diýip gelenlerinde, Soltansöýün onuň gelnini alyp
gelmäge höküm edipdir.
Gelin gelende, Soltansöýün oňa sowal beripdir:
- Hany Guduk?
- Onuň-a içinden burgy tutup, çaga dogurjak bolup ýatyr. Soltan ol gelne ýylgyryp
garap:
- Heý erkek adam hem çaga dogyrmy? - diýip sorapdyr.
- Aý Soltanym, öküz göle dogranda, erkek ýaby gulanlanda, erkek öweç goýunlar
guzy dogranda, adamynyň hem çaga dogurmagy geň däl! - diýip jogap beripdir.
Soltan ol gelniň jogabyna gaýtargy tapmandyr-da, gelniň öz tapjak jogaby
däldigini bileni üçin, Myrala barmagyny çommaldypdyr.
- Heý, saman astyndan suw goýberen. Munda seniň eliň bar. Myraly oňa baş egip:
- Soltanym, munda meniň günäm ýok, men diňe siziň buýrugyňyzy ýerine
ýetirdim - diýipdir.
- 01 nähili buýruk?
- Maňa maslahat berme-de, bar-da olara maslahat ber diýmediňmi?
Soltansöýün ýaman niýetiniň ýol almajagyny aňlandan soň, ol gelin bilen dogan
okaşyp gaýdypdyr.
Biz adam dälmi?
Soltansöýün bütin Horasana höküm etse-de, siňege höküm edip bilmändir. 01
Myrala ýüzlenip:
- Heý siňegiň, ýok ýeri barmyka? - diýip sorapdyr. Myraly oňa:
- Adam bolmadyk ýerinde siňek bolmaz! - diýipdir. Soltansöýün öz ýanyndan
Myralyny şu sapar gepde ýeňerin diýip oýlanypdyr-da:
- Atlan! - diýipdir.
Olar bir çöl beýewana baryp düşenlerinde, bir siňek wyzz edip gelipdir-de,
Soltansöýüniň ýanyna gonupdyr. Soltansöýün Myrala garap:
- Adamsyz ýerde siňek bolmaz diýmänmidiň? Bu näme siňek dälmi? - diýipdir.
Myraly ona:
- Ikimiz näme adam dälmi? - diýip jogap beripdir.
Gysga ýorgan
Soltansöýün öz wekilleriniň akyl-paýhasyny saýgarmak üçin, olaryň hemmesini
köşge ýygnapdyr-da, gysga ýorgany başaşak kellesine büräp, injigini açyp ýatypdyr,
wekillerine şol ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň diýip buýrupdyr. Wekiller
nähili oýlansalar-da, her hili tagalla etseler-de, onuň tärini tapmandyrlar.
Soltansöýün iň soňunda ýorganyň aşagyndan:
- Myraly, sen ýokmusyň? - diýip gygyrypdyr. Myraly oňa:
- Soltanyň gahary gelmese, ýetireýin - diýipdir. Soltansöýüniň ýorganyň,
aşagyndan sesi çykypdyr:
- Ýorgany aýagymyň aşagyna ýetirmeseň, gaharym geler.
Myraly ýanyndaky gamçyny alypdyr-da, Soltanyň ýalaňaç injiklerine mäkäm
çalypdyr. Soltanyň aýaklary şol bada ýorgana çolanypdyr.
Soltan ýerinden galyp:
- Näme üçin urduň? - diýip soranda, Myraly oňa:
- Buýrugyňa emel edip, ýorgany aýagyňa ýetirdim. Aslynda sen näme üçin
ýorganyňa görä aýak uzatmadyň? - diýip jogap beripdir.
Näme üçin ýylgyrýar?
Soltansöýüni bir baý toýa çagyrypdyr. Soltansöýün Myrala ertir daňyň
alagaraňkysynda ugrarys, şaýyňy tutup ýatgyn diýip tabşyrypdyr.
Myraly ony geňirgäp:
- Näme üçin alagaraňkyda? - diýip soranda, ol oňa:
- Günüň doganyny görmälimize kän wagt boldy. Güni ýolda doguraly - diýip,
žogap beripdir.
Soltansöýün ondan soň hyzmatkärlerine:
- Myralyň atyna iým bermäň-de, torbasyna gor salyp geýdiriň - diýip tabşyrypdyr.
Myraly Soltansöýünin, jogaby bilen kanagatlanman, garaňkyda ugramakçy
bolanyna bir sebäbiniň baryny aňlap, gije atyna atlanmaga barypdyr. Görse, atynyň
erinleri syrtaryp, dişleri ýalpyldap görnüpdir. Myraly onuň Soltansöýünden ýetenini
bilip, ahmalyna garap barypdyr-da, onun münjek atynyň guýrugyny düýbünden
kesipdir.
Olar daňyn, alagaraňkysynda ugrap, güni ýolda dogrupdyrlar. Soltansöýün yzyna
gaňrylyp seredipdir-de, hahahaýlap gülüpdir:
- Myraly seniň atyň nämä ýylgyrýarka? Myraly oňa:
- Soltanym, seniň atyň guýrugyna ýylgyrýan bolmasa -diýip jogap beripdir.
Soltansöýün atynyň guýrugyna gözi düşenden, atynyň başyny yzyna dolapdyr.
Myraly şonda:
- Soltanym, ýakma - bişersiň - diýipdir.
Kim öň gördi?
Soltansöýün bilen Myraly ýolsuz çölde ýanaşyp barýan ekenler. Soltansöýün atly,
Myraly eşekli ekeni. Birden olaryň öňünde kelle ýaly altyn lowurdap görnüpdir. Olaryň
ikisi hem birden seslenipdir:
- Hanha kelle ýaly altyn!
Olar altyny baryp ele alanlaryndan soň, «men öň gördüm-de, men öň gördüm»
bolşupdyrlar. Soltansöýün Myrala garap:
- Men senden bir gez ýokarda, şonuň üçin meniň gözüm oňa ilki düşdi - diýipdir.
Myraly Soltansöýüne:
- Ýok, men senden bir gez aşakda, men ýere golaý.
Şonuň üçin meniň gözüm ýere golaý, men ilki gördüm! - diýipdir.
Ikisi uzak jedel edişenlerinden soň, «gel ikimiz şu ýerde oturyp, başymyzdan
geçenleri gürrüň edişeli. Kim geň, kim çykgynsyz ýagdaýa duçar bolan bolsa, altyny
şonuň ilki gördügi» diýşip, müwessa goýuşypdyrlar.
Ilki bilen Myraly söze başlapdyr:
- Meniň owlak-guzy bakýan wagtymdy. Öýe gelemde, işim aşyk-topaz oýnamak
bolardy. Garry enem bir gün maňa igendi: «Balam, men indi garrylyga ýüz urupdyryn.
Maşgalany senden başga eklejek ýok. Sen, ýaşyň azlygyna garaman, öýüň garamatyny
boýnuňa götermegiň gerek. Owlak-guzudan saňa düşýän zat ýok. Belki, birine talaban
durarsyň». Meniň ýaşym az hem bolsa, enäniň şol igenji maňa ýeterlikdi. Bir gün bir
adam oba-oba aýlanyp, ýaşajyk talaban gözleýär. Onuň wada berýän haky hem önjeýli
bolany üçin, men oňa talaban durdum. 01 meni uzak bir oba äkidip, birnäçe günläp
ýumuş buýurmady. Ahyr bir gün, şol baý semiz öküziň hamyny etliräk soýup, bir
düýäniň üstüne iki sany boş çuwal hem atdy-da, «ýör, hanym» diýdi. Men onuň yzyna
düşdüm. Şol barmana, bir dagyň düýbüne baryp daýandyk. Onuň kert gaýasy daşdan
salnan haýat ýaly bolup, asmana galýar. 01 baý düýesini çökerip, dyzlandan soň, öküziň
hamyny çöwrüp: «Hany, han ogul, şunuň içine gir» diýdi. Hamyň tüý ýüzi bolany üçin,
onuň içine girmek onçakly hatarly däldi. Şeýle-de bolsa, onuň içine girmegi meniň inim
söýmedi. Emma baýyň ýüzünden geçip bilmän girdim. Baý onuň gyrak-bujagyny
ýokaryk galdyrdy-da: «hany, hanym, başyňy aşak egip gör» diýdi.
Meniň şonda biraz ýüregim gysyp:
- Baý aga, başymy aşak egsem, birden sen hem onuň bujagyny bogaýsaň
demigerin - diýdim.
- Meniň, hanym, synap görmek isleýänim şol: seniň depäň üstünden bujagyny
bogmaga ýüpüm ýetjekmi, ýetjek dälmi? Emma onuň bary bir käse suw içimden artyk
wagt çekmez, başyňy egäý, hanym! - diýip, meni mylaýymlyk bilen mejbur etdi.
Men başymy egenimden, ol bujagyň ýokarsyny mäkäm sarady. Men onuň içinde
demigip başladym. Baýyň ol işde tejribesi kän ekeni. Elindäki demir çişi bilen deriniň
her ýerinden deşişdirdi. Şol deşikler maňa dem almak üçin ölrnez- ödi mydar berdi.
Ondan soň ol baý maňa:
- Han ogul, men häzir seniň ýanyňdan gidip, gizlenerin weli, asmandan seniň
ýanyňa iki sany perişde geler. Olar hanym, her ýeriňden çokjalarlar. Sen şol wagtda öli
ýaly gymyldysyz ýatgyn. Ýogsam, olar seni derbidagyn eder. Emmabir salym syr
saklasaň, olar seni asmana götererler: saňa behişt görkezerler. Seni gymmat baha
nygmatlar bilen gerk-gäbe doýrarlar. Sen şol nygmatlary - daşlary asmandan maňa
zyňarsyň. Men olary çuwala gapgararyn. Seni şol perişdeler ýene sag-aman asak
düşürerler. Ikimiz iki çuwal gymmatbaha daşa eýe bolarys. Şondan soň, seniň eneň
dünýäde horluk garasyny görmez! - diýip, hekaýa sözledi.
Baý meniň ýanymdan gizlenen badyna, asmandan iki sany garagus gelip gondy.
Olar meniň daşymdaky öküz hamyny çekeleşip başladylar. Men olardan gorkyma,
sesimi çykarman, gymyldaman ýatdym. Birden-de garaguşlaryň her haýsy deriniň bir
çetinden ýapyşyp, asmana alyp galdylar. Arryjak çaganyň artykmaç agramy barmy?
Baýyň ýaşajyk talaban gözlemegi hem şonuň üçin eken. Garaguslar içi Myralyly öküz
hamyny dagyň depesine çykardylar. Olar şol ýerde çig hamy arkaýynlyk bilen çekeleşip
basladylar. Şol barmana ham iki bölündi. Onuň içinden gözlerini petredip kiçijik
Myraly çykdy.
Garaguslar maňa azar bermän, hamyň her haýsy bir bölegini göterip, dagyň ikinji
bir gerşine çykdylar.
Soltansöýün Myralynyn gürrüň bererine takady ýetrnän:
- Sen näme işlediň? - diýip sorapdyr.
- Biraz sabyr et. Men özümi biraz yraslanymdan soň, töweregime garasam, dürli
daşlar ýylpyldaşyp ýatyr. Onýança bolsa, aşakdan baýyň gykylygy eşidildi:
- Balam, şol daşlardan eliňe ilenini aşak togalaber. Şolar behişdiň nygmatlarydyr.
Men, bir ýandan, baýa gahar edip, birjigini hem togalamasam diýip oýlandym.
Emma ikinji ýandan, baýyň gaharyny getirsem, belent dagyň üstünde hemişelik galmak
howatyry ýadyma düşdi-de, owunjak daşlary togalap başladym. Baý aşakdan:
- Balam, indi besdir! - diýip gygyrdy.
- Baý aga, hany men indi mundan nähili düşeýin? - diýip soradym.
- Balam, senin, ýaly günäsiz oglanyň behiştde galmagy laýyk. Ýaşaber - diýdi-de,
düýesini iýdip, gözden ýitdi.
Bütin töwerek kert gaýa. Aşak inmäge hiç ýerde basgançak- da ýok. Men eýläk
urundym, beýläk urundym - hiç ýerden peýda tapman, ahyryna gurpdan düşüp
ýykyldym. Ýatan ýerimden töweregime göz aýlasam, adam süňki çym-pytrak dagap
ýatyr. Çaky olar hem meniň ýaly «behiştde» galan çagalaryň süňkleri bolara çemeli.
- Ondan soň nätdiň?
- Bir haýukdan soň meniň ýanyma bir garaguş pel-pelläp gondy. 01 loňk edip,
eýläme geçdi, beýläme geçdi, iň soňunda meni ölüpdir hasap edip, başujumda arkaýyn
oturdy-da, çüňküni urmaga synandy. Men şol halatda onun iki aýagyndan ýapyşdym.
Garaguş ýüregi ýarylan ýaly, bir zarbada pasyrdap galdy. Emma ol meni uzak göterip
bilmän, kem-kemden aşaklady. Iň soňunda, meniň aýagym ýere degende, men onuň iki
aýagyny sypdyrdym.
- Gutardyňmy?
- Ýok, dur entek. Men şol baýy gözläp tapyp, ýene oňa talaban durdum. Baý ikinji
gezek meni hama salyp, depämden «bogjak bolanda, men oňa: «Baý aga, ilki bilen özüň
girip, görkezmeseň, men ony başarman» diýdim. Baý hamyň içine girende, men onuň
depesinden bogup taşladym. Ony dört garaguş itiň güni bilen ýokaryk alyp çykdy. Men
baýyn düýesini gymmat baha daşlardan ýükläp ugramda, baý maňa: «Balam, meni
düşürmäge kömek et» diýip gygyrdy. Men oňa: «Aý, baý aga seniň köpüň ötüp, azyň
galypdyr. Saý-sebäp bilen behişde düşdüň. Sen şol ýerde hemişelik galyber» diýip,
jogap berdim.
- Hany ol, gymmatbaha daşlary nätdiň?
- Yolda gelýärkäm, kerwen bilen Hindistana barýan söwdagäre duşdum. Men öz
ýükumiň nämedigine düşünmänim üçin, bir düýe bilen bir geçä çalyşdym. Sen maňa
ilki uçraňda, saňa söwüş eden iki janlym, şol söwdagärden alan geçimdi.
Myralynyň başyndan geçirenlerini höwes bilen diňlän Soltansöýün özüni biraz
yraslandan soň, öz başyndan geçen wakalary gürrüň etmäge durupdyr.
- Men ilki patyşa bolan ýaş ýigit wagtymda, sen öýkeläp giden çagyňda, aýratyn
ýagşy görýän atym bardy. Şol atym gün-günden arryklap başlady. Onuň sebäbini bilen
bolmady. Seýisleriň, jylawdarlaryň gepine ynam etmän, aty bir gije assyrynlyk bilen
özüm sakladym. Gijäniň bir wagty kenizlerden iň ýagşy görýänimiň biri geldi-de, ata
atlanyp gidiberdi. Men hem atlaryň başga birini münüp, onuň yzyna düşdüm. Iň
ahyrynda ol keniz bir gowagyň agzyna baryp, atdan düşdi-de, onuň içine girdi. Men
hem onuň yzyndan girdim. Şol gowakda kyrk sany jadygöý ýaşaýan ekeni. Olaryň
baştutany meniň kenizime garap:
- Anha, Soltansöýün hem yzyň bilen geldi - diýdi. Men ol aýala gylyjymy
eňtermekçi bolamda, jadygöýleriň baştutany menin, üstüme bir gysym gum sepdi. Men
şol dem alar salymda, gara taza öwrülip, çyňsap çykyp gitmäge mejbur boldum.
- Hä Soltanym, çendan uwlamaň, bardy weli, şondan galan alamat diýsene!
- Dur entek. Men köşge dolanyp baramda, meni kesek bilen garşyladylar. Men hiç
ýerde özüme hossar tapman, iň soňunda uly bir kerweniň yzyna düşdüm. Olar mana
gemrilen süňk, çendan gaty-guty çörek taşladylar. Şol barmana kerwen derýa gabat
gelip, gämi bilen geçmekçi boldy. Men gämä girmekçi bolamda, kerwençiler meni
kesekläp kowdular. Men şol ýerde naýynjar çyňsadym. Kerwenbaşy maňa dözmän,
gämiň kireýini öz boýnuna göterip, meni hem gämä saldy. Ondan son, bir uly ile
bardyk. Şol ilde bir baý uly toý edýän ekeni. Şol toýda süňk- sanklary gemrip ýörkäm,
töweregime üýşen aç itler meni daladylar. Men tapdan düşüp ýykyldym. Şol wagtda bir
selleli garryja molla gelip, itlerin gandyzyna çybyklady- da, meni göterip alyp gidip, öz
öýünde bir mahmal körpäniň üstünde ýatyrdy. Şol toýdan bir tabak palaw getirip, özi
meniň bilen bile oturyp iýdi. Molla meni tazy hasap etmän, özi bilen den, belki,
özünden hem ýokary adam hökmünde hormat goýdy.
- Şol molla azypdyr. 01 it bilen tabakdaş bolupdyr - diýip, ol mollany ýurduň
häkimine ýamanlapdyrlar.
Mollany çagyryp, häkim soranda, molla oňa kitabyny açyp, taryhy ýazgyny
gerkezipdir. Okap görseler: «Soltansöýün jadylaryň aldawyna düşüp, pylan wagtda,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Japbaklar - 9
  • Parts
  • Japbaklar - 1
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 1970
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 2
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1739
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 3
    Total number of words is 3967
    Total number of unique words is 1807
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 4
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1777
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 5
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1822
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 6
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1884
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 7
    Total number of words is 3935
    Total number of unique words is 1938
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 8
    Total number of words is 4061
    Total number of unique words is 1857
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 9
    Total number of words is 3930
    Total number of unique words is 1878
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 10
    Total number of words is 2268
    Total number of unique words is 1054
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.