Latin

Japbaklar - 1

Total number of words is 3634
Total number of unique words is 1970
30.4 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
50.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Kerbabaýew Berdi.
K 42 Japbaklar. Powest we hekaýalar. - A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy,
2010.
Türkmenistanyň meşhur ýazyjysy Berdi Kerbabaýew turkmen edebiýatyny
ösdürmekde we dünýä tanatmakda ägirt işleri bitiren belli şahsyýetdir.
01 «Aýgytly ädim», «Nebitdag», «Suw damjasy - altyn dänesi» ýaly ajaýyp
eserleri bilen birlikde, türkmen çagalarynyň söýgüsine we hormatyna mynasyp bolan
ençeme eserleriň hem eýesidir.
Ýazyjynyň «Japbaklar» atly bu kitabyna bireýýäm türkmen okyjylarynyň
söýgüsini gazanan «Japbaklar» powesti, «Myraly» hekaýatlar toplumy, «Jonnuk batyr»
ertekisi girizildi.
Kitapdaky eserler gyzykly we dartgynly wakalardan, durmus hakykatlaryndan,
okyjynyň ýadyndan çykmajak keşplerden püre-pür doly. Kitaby okan her bir okyj y
ussat ýazyj ynyň bu eserleriniň edebiýat dünýäsindäki altyn hazynalaryň biridigine. göz
ýetirer.
TDKP JVs 120, 2010 ý.
KBK 84 Tür 7
©Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2007.
©Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.
TÜRKMEN EDEBlÝATYNYŇ KERWENBAŞYSY
Prezidentimiz Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň körpe nesliň sagdyn,
şadyýan ösmegi, onuň ylma, edebiýata bolan höwesiniň artmagy baradaky günübirin
tagallasy hemmeleriň göwünlerini galkyndyrdy.
Eziz okyjy!
Şu eliňizdäki kitabyň dünýä inmegi hem gös-göni Hormatly Prezidentimiziň
janköýer aladasy bilen çagalara niýetlenip neşir edilýän çeper kitaplaryň biri bolmaly.
XX asyr türkmen edebiýatynyň halypa ýazyjysy Berdi Kerbabaýew dürli ýyllarda
çagalara niýetläp, ençeme kämil eserleri döretdi. Onuň «Japbaklar», «Jonnuk- batyr »
yalý gyzykly powestleri, ertekileri, «Kimbilmeşek» ady bilen neşir edilen tapmaçamatallary türkmeniň ýaş nesliniň ençemesini terbiýeläp gelýär. Gadym zamanlarda
durmuşyň agyr günlerinde kynçylyga döz gelen dört doganyň ugurtapyjylygy, şadyýan
hereketleri her döwrüň okyjysynda-da ruhubelentlik duýgusyny oýarýar.
Ussat, halypa ýazyjynyň dürli temada döreden matallarynyň körpeleriň pähimpaýhasyny durlaýan gymmaty diýseň uludyr.
Şu ýerde birje mysaly alyp göreliň:
Dislilere disleder ol,
Uçden birne işleder ol.
Iki setirde Berdi,aganyň nähili ussatlyk bilen goşgudaky çigidiň keşbini çekişi göz
öňüne gelýär. Şonuň üçinem bu kim bilmeşegi birje sapar gaýtalap okanyňda, ömür-ha
ýadyňda galýar. Bu ussat ýazyjynyň her bir matalynyň çaganyň duýgy-düsünjesine
ýakynlygy-kybapdaşlygy, diýseň obrazlylygy üçindir.
Türkmen medeniýeti, edebiýaty barada söz açylanda, ilki bilen Berdi
Kerbabaýewiň keşbi göz öňünde janlanýar. Göz öňüne gelmezçe-de däl. 01 sözüň doly
manysynda türkmen edebiýatynyň aksakgaly ýa-da kerwenbaşysy. Ylymly-bilimli
adamlaryň her biri Berdi aga bilen gürleşende, ondan özüne ýakynlygy, haýran
galdyryjy danalygy, ýakymlylygy duýýardy, söhbetdeş bolanyna diýseň begenerdi.
Elbetde, ýaş taýdan deň bolmazlyk arada ýygralyk, çekinjeňlik döredýärdi. Munuň
sebäbi Berdi aga bilen biraz gatnaşan adamlar olaryň öňünde diňe belli ýazyjam däl,
eýsem türkmen medeniýetiniň taryhynyň duranlygyna göz ýetirýärdiler.
Onuň döredijiligini öwreniji alym dostumyz Hanguly Taňryberdiýew aýtmyşlaýyn:
«Ellinji ýyllaryň aýaklaryndan başlap, meşhur dünýä romançylarynyň arasynda ady
tutulyp, Berdi Kerbabaýew türkmen edebiýatynyň şöhratyny gaty belende göterdi».
Altmyşynjy ýyllaryň ahyrraklarynda bolsa gerek, türkmen ýäzyjylarynyň
aksakgallary ýygnanyp, indiki gurultaýda başlyklyga kimiň saýlanmalydygy barada
özara pikir alyşýardylar. Berdi Kerbabaýew welin, bularyň arasynda ýokdy. 01 bu
zatlardan bihabar, Arçabilde (Pöwrizede) täze romanyny ýazyp ýördi. Ýazyjylaryň
sanawyny elek elän ýaly, etdiler. Berdi agadan başga bir ýazyjam henize-bu güne çenli
ikinji saýlawa saýlanmandy. Her kimiň ady tutulsa-da, zol Berdi aga dolanyp gelinýärdi.
Ahyry biri ýerinden galyp, pikirini mälim etdi. Onuň şol sapar orta atan teklibi
hemmelere täsir edäýdi öýdýän. 01 şeýle diýdi: «Magtymguly direlip geläýse, biz ony
höwes bilen özümize başlyk saýlardyk. 01 diýenimiziň-ä bolmajagy belli. Onda diri
gezip ýörenleriň arasyndanam, gojaragam bolsa, Berdi agamyzy mynasyp
hasaplaýarys».
Elbetde, şondan otuz-otuz bäş ýyl ozal Berdi Kerbabaýew edebiýatda ýaňy ilkinji
üstünlik gazanypdy. 01 köp ýazyjylar ýaly, şahyr hökmünde başlap, 1927-nji ýylda
«Gyzlar dünýäsi» atly şowly poemasyny döredipdi.
Berdi aga otuzynjy ýyllarda kyssa eserlerini ýazdy. Onuň ilkinjileriň hatarynda rus
edebiýatyna ýüzlenmegi, olaryň bir toparyny terjime etmegi Berdi Kerbabaýewiň
ussatlygyna ussatlyk goşdy. B. Kerbabaýew üçin kyssa ýazmagyň inçe şyrlaryny
öwrenmekde mekdep boldy.
Berdi Kerbabaýew ädimme-ädim ösüp, «Aýgytly ädim» romanyny ýazmaga
girişýär. Berdi aga milli türkmen teatrlarynyňam ilkinji awtorlarynyň biri hökmünde
gatnaşyk saklap, «Magtymguly», «Gurban Durdy» ýaly başga-da birnäçe pýesalary
döretdi.
Şeýlelikde, Berdi Kerbabaýew okyjylary üç kitapdan ybarat «Aýgytly ädim»,
«Nebitdag», «Gaýgysyz Atabaý», «Suw damjasy-altyn dänesi» ýaly romanlary, ençeme
powestdir hekaýany, poemadyr ertekini hödürläp, ýaşlara eser döretmegiň, çeper diliň
jadyly gudratyny görkezmegiň, gahrymanlaryň daş keşbini ýatda galyjy çekmegiň, içki
dünýäsini ynandyryjy bermegiň tärlerini öwretdi. Netijede, ol ilki türkmen halkynyň,
soňam dünýä halklarynyň söýgüsini gazandy. Türmede ýatan mahaly hindi ýazyjysy
Ýaşpal «Aýgytly ädimi» iňlisçeden terjime etmegini şeýle düşündirýär: «Men şu
romanda öz halkymyň täleýini görenim üçin, hut şeýle eseriň meniň Hindistanyma
gerek bolanlygy üçin terjime etdim».
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew SSSR-iň Döwlet baýragyna iki
gezek, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna-da iki sapar mynasyp
boldy.
Ýaşuly ýazyja okyjynyň sylagy diýseň uludy. Maý baýramy günüdi. Biz
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkow bilen barýardyk. Birdenkä bizden sähel
öňräkden Berdi aganyňam barýanyna gözümiz düşdi. Onuň ýüz keşbine gözi kaklyşan
adam, edil öňden tanyş ýaly, Berdi aga salam berip geçýärdi. Ýaşraklar çekinip, diňe
ýaşulynyň deňesinden geçenden soň, «Berdi agany öňem bir sapar görüpdim. Şonda-da
suratyndan tanapdym. Tüýs türkmeniň guwanjy» diýşip gürrüň edip, gaňrylyp-gaňrylyp
seredişip gitdiler.
- Il dogry aýdýar. Menem galan ömrüme edebiýata hyzmat edip, şu gojanyň
abraýynyň üçden birine ýetip bilsem, armanym ýok - diýip, şonda Beki Seýtäkow
pikirini daşyna çykarypdy.
1969-njy ýylda ýubileý agşamynda Berdi Myradowiçe Zähmet Gahrymanynyň
«Altyn Ýyldyzy» gowşurylanda, çykyş edenleriň biri şeýleräk pikir aýtdy:
- Eger, häzirki zaman türkmen edebiýatyny daglar bilen deňesek, onda Ata
Gowşudow, Nurmyrat Saryhanow, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Rehmet Seýidow,
Guseýin Muhtarow ýaly gaýalarynyň bardygyny aýtman bolmaz. Köp ýyllar ýaşan,
dana aksakgal hem başy aksaç dag - Berdi Kerbabaýew şolaryň ählisiniň üstünden
seredip dur.
Örän dogry aýdylan söz. Berdi Myradowiç hemişe pagtaçylaryň ýa gazçylaryň
arasyndady. Nebitçileriň hem kanalçylaryň arasynda ýaşap, iki romanam, publisistik
oçerklerem ýazdy. Berdi aga aram-aram bazar güni Aşgabadyň jygyllygyna aýlanar
ýörerdi. Iller aluw-satuw etseler, ýaşuly ýazyjy söz bazarynyň hyrydarydy.
Berdi agadan gaty-gaýrym söz eşidip görmedim, ýöne onuň käbir aýdanlary welin,
özüme ömürlik sapak boldy.
Pöwrizede dynç alýanlar bilen duşuşmalydyk. Göni sagat altyda adamlar
jemlenmelidi. Men ýoldaşym bilen bary-ýogy iki-üç minut gijigip geläýmenmi. Berdi
Myradowiç eýýäm gelipdir, golaýyna gelenimizde, ol sagadyna seretdi-de, «Siziň
sagatlaryňyz yza galýar-ow» diýdi. Ýüzüm gyzaryp gitdi.
Bir sapar komandirowkadan gelende, öz işgärleriniň birine iş otagyndan başga
ýerde sataşaýýar. 01 gyzaryp-çekinip, sebäbini düşündirjek bolýar:
- Berdi aga, men ýarawsyzrak bolamsoň, işe gelip bilmedim.
Berdi aga ardynjyrap şeýle diýdi:
- Zyýany ýok, sag-aman gezip ýören bolsaň, şol bes.
Berdi agany ýaşlaryň döredijiligi, ösüp barýan geljek nesliň ykbaly gaty
gyzyklandyrýardy. Şundan tegelek ýarym asyr ozal (1958) Berdi Myradowiçiň «Zehin,
ýürek, ukyp hem zähmet zerur» diýen makalasy çykypdy. Makalada ýaşlykda özüniň
döredijilige nähili girişeni, ýazyjy üçin zähmet çekmegiň zerurlygy... ýaly meseleleri
gozgaýar. Ýazyjynyň şeýle setirleri welin, edil daşa ýazylan ýaly beýnime ornaşdy.
«Görelde alarlyk ýaşlar biziň özümizde-de ýok däl. Meselem, Kerim Gurbannepesow,
Mämmet Seýidow, Naryman Jumaýew, Kaýum Taňrygulyýew. Bular günlerini boş
geçirmän, ýadawsyz işleýärler. Netijede, öz eserlerini durdugyça gowulan- dyrýarlar».
Şeýle atly ýazyjynyň özümiň adymy tutandygy meni - ýaş ýazyjyny gaty
tolgundyrdy. Ýaňy çagalar üçin üç ýukajyk goşgular ýygyndym neşir edilipdi. Berdi
aganyň «Bular günlerini boş geçirmän, ýadawsyz işleýärler» diýen sözleri meniň üçin
geljekde ýörelge boldy. Ýogsam, şondan öň boş geçýän günler az bolmazdy. Şondan
soň, heý bolmanda, bir oýnam goşgy ýazmadyk günüm Berdi aga duşup käýýäýjek ýaly
bolup durdy.
Şol makala 1959-njy ýylda Kerbabaýewiň 3-nji tomunda çap bolansoň, hut şol
toma Berdi aganyň «Kaýum, bagtly bol!» diýen awtografy hem düşdi. Şol makala
ýerleşen kitapdaky awtografyň ýaňyrak Ýazyjylar soýuzyna agzalyga geçip döredijilik
ýoluny agtaryp ýören ýaş awtor üçin nähili göwün göteriji bolandygyny ýatlamak gaty
ýakymly. Onuň eserlerini okap, daşgulakdan özi hakda-da eşidip, Berdi aga guwanç
duýgusy bilen garap, synlap ýörerdim. Şol makalanyň çykmagy, Berdi Myradowiç bilen
aramyzy has-da ýakynlaşdyrdy. Aslyýetinde, Berdi aga özümi gatybir tanaýanam däldir
öýderdim. Edebiýatdaky ösüşleriň ulusynyňam, kiçisiniňem onuň gözünden
sypmaýandygyna şonda göz ýetirdim.
Hut şol ýyl moskwaly çagalar şahyry Ýakow Akim Aşgabada geldi. 01 ýaňy meniň
birnäçe goşgymy rus diline terjime edipdi. Indi ýygyndymy terjime etmäge ol Aşgabada
gelipdi. Şonda (1958) Berdi Myradowiçiň «Zehin, ýürek, ukyp hem zähmet zerur»
diýen makalasy çykypdy. Makalada ýaşlykda özüniň döredijilige nähili girişeni, ýazyjy
üçin zähmet çekmegiň zerurlygy... ýaly meseleleri gozgaýar. Ýazyjynyň şeýle setirleri
welin, edil daşa ýazylan ýaly beýnime ornaşdy. «Görelde alarlyk ýaşlar biziň özümizdede ýok däl. Meselem, Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow, Naryman Jumaýew,
Kaýum Taňrygulyýew. Bular günlerini boş geçirmän, ýadawsyz işleýärler. Netijede, öz
eserlerini durdugyça gowulan- dyrýarlar».
Şeýle atly ýazyjynyň özümiň adymy tutandygy meni - ýaş ýazyjyny gaty
tolgundyrdy. Ýaňy çagalar üçin üç ýukajyk goşgular ýygyndym neşir edilipdi. Berdi
aganyň «Bular günlerini boş geçirmän, ýadawsyz işleýärler» diýen sözleri meniň üçin
geljekde ýörelge boldy. Ýogsam, şondan öň boş geçýän günler az bolmazdy. Şondan
soň, heý bolmanda, bir oýnam goşgy ýazmadyk günüm Berdi aga duşup käýýäýjek ýaly
bolup durdy.
Şol makala 1959-njy ýylda Kerbabaýewiň 3-nji tomunda çap bolansoň, hut şol
toma Berdi aganyň «Kaýum, bagtly bol!» diýen awtografy hem düşdi. Şol makala
ýerleşen kitapdaky awtografyň ýaňyrak Ýazyjylar soýuzyna agzalyga geçip döredijilik
ýoluny agtaryp ýören ýaş awtor üçin nähili göwün göteriji bolandygyny ýatlamak gaty
ýakymly. Onuň eserlerini okap, daşgulakdan özi hakda-da eşidip, Berdi aga guwanç
duýgusy bilen garap, synlap ýörerdim. Şol makalanyň çykmagy, Berdi Myradowiç bilen
aramyzy has-da ýakynlaşdyrdy. Aslyýetinde, Berdi aga özümi gatybir tanaýanam däldir
öýderdim. Edebiýatdaky ösüşleriň ulusynyňam, kiçisiniňem onuň gözünden
sypmaýandygyna şonda göz ýetirdim.
Hut şol ýyl moskwaly çagalar şahyry Ýakow Akim Aşgabada geldi. 01 ýaňy meniň
birnäçe goşgymy rus diline terjime edipdi. Indi ýygyndymy terjime etmäge ol Aşgabada
gelipdi. Şonda ilki şatlygymy Berdi aga bilen paýlaşmak üçin, ony gözläp başladym.
Pöwrizededigini eşidip, Akim bilen onuň ýanyna ugradyk. Şol ýerden suratçyny tapyp,
Berdi aganyň daçasyna geldik. Üç bolubam surata düşdük. Uly ýazyjy bilen edil öz deňduşuň ýaly gürrüňleşmek, bagda surata düşmek, oturyp çaý başynda söhbet gurmak
barha ysnyşdyrdy. Ýaşuly maňa şeýle diýdi: «Sen Akimi çöl, köl bilenem, oba bilenem
mazaly tanyşdyr. Näçe köp gezse, şonça-da belet bolar. Ýogsam, ýylgyn bilen ýandagy,
söwüt bilen tudy tapawutlandyryp bilmän ýören terjimeçi-ýazyjylaram bilýän. Köp
gezip, köp öwrenmegiň ýazyja-da, terjimeçä-de nepi köpdür. Nirä diýseňiz, ikiňizem
Soýuzdan komandirowka alyň-da aýlanyň, görüň».
Altmyşynjy ýyllaryň ortalaryna bahar aýlary Daşkentde türkmen edebiýatynyň
hem sungatynyň günlerini geçirmäge gidipdik. Berdi aganyň jaýynda Ödenyýaz
Nobatow söhbet gurup, aýdym-saz edip otyrdy. Berdi aganyňam açylyşyp, keýpiniň kök
wagty, gürrüň arasynda, Ödenyýaz köpden bäri göwnünde besläp ýören soragyny orta
atdy:
- Berdi aga, makul bilseňiz, size ýekeje soragym bar!
Berdi Myradowiç gürlemän ýylgyrdy-da, baş atdy.
- Ynha, il içinde şeýle gürrüň bar. Klassyk edebiýatda Magtymgulydan öňe geçen
ýok, häzirki edebiýatda hem siz diýýärler. Ýaşuly, siz muňa nähili garaýarsyňyz?
Berdi aganyň ilki gaşy çytyldy, soňra zordan ýylgyran ýaly edip, kiçijik murtuna
süýem barmagyny ýetirdi-de, kesgitli gürledi:
- Dogry däl, men muny unamaýaryn. Maňa öte baha berýärler. Magtymgulynyň
her şygrynda bir Kerbabaýew otyr ahyryn.
Berdi aga bilen başga respublikalara birnäçe sapar gitmek maňa miýesser etdi.
Şonda meni onuň başga tarapy, fiziki sagdynlygy geň galdyrypdy. Altmyşynjy ýylda
Gyrgyzystanda bolanymyzda, Yssykkölüň daşyndan aýlandyk. Maý aýynda kölüň suwy
sowukdy, aramyzda menden ýaşy ýokdy. Ýöne ýaňy otuzdan geçenlerem, köle elini
batyryp oňupdylar. Biziň iki ýaşymyzdanam köp ýaşan Berdi aga welin, ikirjiňlenmän,
suwa girip gitdi.
Her gün üç ýüz-üç ýüz elli kilometr çemesi ýol sökýärdik. Ýolda bolsa kabul
edişliklerde-de, duşuşyklarda-da gürlemelidi. Biz ýadadyk diýşip, özümizi diwana ýa
ýenebir ýumşagrak ýere oklaýardyk, ýaşuly welin, üstümizden gülýärdi. Berdi aga
kakamyz ýaly adam, esasy ýükem onuň gerdenine düşýär, ýadaýanam biz bolýas diýşip,
kem-kem ýüzümiziň gyzyp başlany ýadyma düşýär.
Berdi Kerbabaýew oturyşlykda-da, prezidiumyň stolunyň başynda-da gaty
gelşerdi. Özüni gaty ýaraşykly, üns çekiji, esewan, dykgatly alyp barardy. Gyzyl narydagyny ugruny tapyp keserdi-de, edil kemer ýaly uzyn edip uzadaýardy. Az geplärdi-de,
gaty dana aýdardy.
Ýigriminji ýyllarda ýazyjylyk hem žurnalistlik edip ýören Berdi Myradowiç
hakynda il arasynda şeýle gürrüňler ýaýran ekeni: «Eger hakykaty isleýän bolsaň, Baba
diýen ýazyjynyň ýanyna git. Gulagy ker bolansoň, oňa Kerbaba diýýärmişler. 01 nähak
gürrüňleri eşitmeýärmiş, diňe hak sözüň tarapdarymyş».
Berdi Kerbabaýewiň döredijiligi iki gapma-garşy dünýäniň sepgidine düşdi. 01
ýaňy otuz ýaşynda oçerk, goşgy ýazdy. Beýleki ýazyjylar ýaly, on bäşde ýa on altyda
eser döretmedi. Onuň döredijiligi gijräk ýola düşdi. Ýöne soň welin gaty basa oturyp
işledi. Terjime-de etdi, eserem döretdi, ýaşlaram unutmady. Ýetmiş bäşde Garagum
kanaly barada başlan romanyny orta atdy.
Ýetmiş bäş ýaşynyň ýubileý günleri şeýleräk ýazypdy:
«Men şunça ýaşadym. Şol ýadyma düşende, indi besdir, edip bilenimi etdim diýip,
käte pikirlenýärin. Yzyndan öz-özüme: Ýok! Ähli etmeli işim gutar ýaly däl. Men indi
ýazyjylaryň söweşiji esgeriniň hataryndan galyp bilmerin. Entek güýjüm bar, gorhanada
därem ýeterlik. Bar güýjümi tijäp işlejek, sebäbi meniň halkymyň abadan günlerini
göresim gelýär».
Dogrudanam, ýaşuly ýazyjynyň işlemek hyjuwy uludy, entek döredijilik babatda
garrylygy ýatlasy gelmeýärdi. Berdi aga Ýazyjylar guramasyndan özüniň ýetmiş bäş
ýaşynyň ýubileý toýuna çagyryş biletini getirip berenlerinde, ol 75-iň üstünden 25 diýip
düzedipdi. Çuw-ak dişlerini görkezip ýylgyryp, «Meni beýdip garratjak bolýanyňyzy
etmen» diýipdi.
Biziň döredijilik mugallymymyz hem dostumyz özüni gowy duýýar diýip
begenişipdik.
Ýazyjynyň segsen ýaşynam uly guwanç, dabara bilen belledik. Ýöne biziň
begenjimiz gaty uzaga çekmedi. Dokuzynjy onlukdan ýaňyrak gädip başlanda, Berdi
Kerbabaýew - uly ýazyjy, uly akademik, iň uly, iň gowy adam aramyzdan gitdi. Biz
muňa birbada ynanmadyk. 01 aramyzda ýaşap ýörene meňzeýär. Sebäbi Berdi
Myradowiç diňe meniň däl, başga-da ençeme adamlaryň durmuşynda hemişelik
ýadynda galar ýaly ýagşylyk eden eziz adamlaryň biri.
Il içinde ussatlygyň şeýle derejä galmagyny näme bilen düşündirmeli diýen
soraglar häli-şindi ýüze çykýar. Bu soraga, sözümizi jemläbräk, aşakdaky ýaly jogap
bermekçi. Türkmen halkynyň çeken kynçylygyny gerdeninde çekip, şatlygynam
görmegi, çuň duýmagy başarmagy, ulus-iliň guwanjyny, gaýgysyny aňyna siňdirip,
özüniň ruhy ýaşaýşyna öwrüp bilendigi, şonam çeper eserleriň üsti bilen halka
hödürlemegiň hötdesinden gelendigi üçin okyjynyň, tomaşaçynyň göwünlerinden turdy.
Halkyň talabyny oňat göz öňüne getirmegi bilen, sungatyň inçe syrlaryny yzygiderli
öwrenendigi arkaly uzak ýyllaryň irginsiz zähmeti, agtaryşy esasynda kämil eserler
döretmegine girew boldy diýip, aýdasym gelýär.
Gadyrly çagalar!
Siz türkmeniň garaşsyzlyk alan eýýamynda, Altyn asyr atlandyrylýan zamanynda
ýaşaýan bagtly nesil. Çeper eser siziň herdaýym iň ýakyn ýoldaşyňyz, maslahat beriji,
pähimdar hemraňyz bolmaly. Çeper eserden Watana, ata-enä söýgini, zähmete, tebigata
bolan gnwanjy susup alyp bilersiňiz. 01 siziň üçin her zaman durmuş sapagyny
öwreder, gowulyga bolan buýsanjy döreder, ruhuňyza ruh gosar. Iň gowy kitabyň
çagalykda okalýandygy ýadyňyzda bolsun.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň körpe nesil baradaky
ýadawsyz aladasyna, enşalla, biz çagalar ýazyjylary bolup ýadawsyz işläp, barha kämil
eserler döretmek bilen jogap bereris diýen berk, buýsançly ynamymyz bar.
Kaýum Taňrygulyýew,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy,
Magtymguly adyndaky
Döwlet baýragynyň hem-de
G. H. Andersen adyndaky
Halkara çagalar baýragynyň
hormatly diplomynyň eýesi.
JAPBAKLAR
JAPBAKLAR KIM?
Mundan ýüzlerçe ýyl ozal Durun obasynda atadan ýaslykda ýetim galan dört sany
doganjyk ýaşaýardy. Olaryň ulusynyň ady Japbak, beýlekisiniň ady Ýapbak, ueünjisiniň
ady. Mapbak, iň kiçisiniň ady bolsa Topbakdy. Olaryň dördüsi hem biri-birine bassaş,
biri-birine meňzeş, inedördül togalajyk çagalardy. Olary ilkibada görenler haýsyhaýsydygyny biri-birinden seljeribilmeýärdiler, Japbagy görenler Ýapbak, Ýapbagy
görenler Mapbak, Mapbagy görenler Topbak, Topbagy görenler Japbak diýip, olaryň
atlaryny ealsyrýardylar. Gartaň aýallar:
- Wah, sizi näme biri-biriňizden saýgaryp bolýamy?.. Ekizlerem görýädik,
sekizlerem görýädik, biri-birine şeýle meňzeş dörän çagalary biz-ä henize çenli
görmändik! - diýip haýygýardylar.
Şonuň üçiň kim olardan biriniň adyny tutsa, hemmesi birden:
- Haw! - diýip jogap berýärdiler.
Emma siňe seretseň, olary biri-birinden aýyrýan aýratyn tapawutlar hem ýok däldi.
Japbagyň bir gaba gulagy ulurakdy, maňlaýy ýasyrakdy, burny biraz elguşuňka
çalym edýärdi, asaky dodagy salpyrakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja bäbenekleri
ýeserlik bilen oýnaýardy.
Ýapbagyň ýuka gulaklary çürüräkdi, manlaýy tuňňüräkdi, burnunyň ujy
çowlurakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja bäbenekleri ýeserlik bilen oýnaýardy.
Mapbagyň ýaňaklary ýumrurakdy, gözleri çukurrakdy, burny ýemşigräkdi, boýny
bokurrakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja bäbenekleri ýeserlik bilen oýnaýardy.
Topbagyň burnunyň ujy tommaklyrakdy, dodaklary biraz dommalýardy, ýeňsesi
çuwdeliräkdi, boýny bokurrakdy. Emma garaja gözleriniň enaýyja bäbenekleri ýeserlik
bilen oýnaýardy.
Olary biri-birinden saýgarmasyny kynaldýan, ylaýta-da, - şol enaýyja
bäbenekleridi.
Hatda ejeleriniň çendan: «Topbak jan!» diýip, Mapbagy, «Ýapbak jan!» diýip,
Japbagy gujaklaýan wagtlary hem bolýardy.
Şol döwürde durmuş örän agyrdy: goňşy ýurtlardaky patyşalar az sanly
türkmenleri öz ýurtlarynda arkaýyn ýaşamaga goýmaýardylar. Has beteri, obanyň
baýlary, süýthorlary, dindarlary-da garyplaryň üstüne atlaýyn münüpdiler. Eneleriniň
aýtmagyna görä, Japbaklaryň kakasy hem şol agyr ýüke tap getirmän, olary ýaşlykda
ýetim galdyrypdyr.
Dört çagaly dul oturan, girdeji gözüni ýitiren, bar ünsüni iýmite ataran ene
çagajyklaryny açlyk belasyndan goramak üçin gije-gündiz ondan-oňa sümsünipdir,
olary wagtly- wagtynda timarlamaga-da ýagdaý tapmandyr. Şonuň üçin Japbaklar ata
mährini görmän, ene terbiýesini alman, esasan, öz peýwagtlaryna ösüpdirler.
Olar oýnanlarynda bile oýnapdyrlar, gezenlerinde bile gezipdirler, gürrüň
edenlerinde bile edipdirler, iýenlerinde bile iýipdirler, oturanlarynda bile oturypdyrlar,
suwa düşenlerinde bile düşüpdirler, hatda ýatanlaryňda-da bile ýatypdyrlar. Olaryň
birisiniň aýdanyny ikinjisi, ikinjisiniň diýenini üçünjisi, üçünjisiniň aýdanyny
dördünjisi, dördünjisiniň diýenini birinjisi makul bilipdir. Olar hemme ýerde, hemişe
Japbagyň yzyna düşüp ýörenleri üçin, oba oglanlary olara «Japbaklar» diýip at
goýupdyrlar.
Emma oba og|anlary olary örän gowy görýär ekenler, olaryň geň-enaýy
gürrüinlerine gülüşýän ekenler, hatda käte iýýän çöreklerini hem olar bilen bile
paýlaşýan ekenler. Japbaklaryň çaga gülküsiz, çaga oýunsWz wagtyna miýesser gelmek
örän kyn eken.
Emma Kelekbaýýň mölegöz ogly, Allak süýthoruň kellesini hyrt-hyrt gaşaýan
kel|ogly, Golak söwdagäriň täzeje gyzyl don içinde ýagyrnysynyň küýküsini
bildirmezlige çalyşýan ýemşik ogly, Ýalak işanyň burnunyň suwuny saklap bilmeýän
erni ýalama ogly - şolar Japbaklary söýmeýän ekenler. Olar asyl Japbaklary adam
hasabyna-da goşman, olar bilen bile oýnaşman, gülüşmän, olary öz peýwagtlaryna
gümürdeşip ýören gümra hasap edipdirler, ýeri gelende olary masgaralamakdan hem
çekinmändirler.
Emma Japbaklar olara üns bermän söze üns beripdirler, baý ogullaryny çendançendan kinaýaly sözler bilen duzlapdyrlar. Olaryň söyyän zatlarynyň esasy agzybirlik
bolsa, ikinjisi söz ussatlygy bolupdyr.
Japbaklaryň ýaşan döwründen bäri birnäçe ýyl geçen hem bolsa, olaryň
agzybirligi, dostlugy, ötgür sözleri, gülküli wakalary henize çenli hem ýitmändir.
Japbaklar baradaky gyzykly gürrüňler halk agzynda henize-bu güne çenli hem ýaşaýar.
Japbaklar bilen tanyşmak üçin olaryň başlaryndan geçen birnäçe wakalaryny
okalyň.
Birinji bölüm
JAPBAKLARYŇ ÇAGALYK ÇAGY
Elime tüýküreýin
Ýaz aýlarydy. Howa hoştapdy. Ýeriň ýüzi gök öwüsýärdi. Guşlar jürrüldeşýärdi,
öýde oturmaga ýürek takat bermeýärdi. Janly-janawar meýdandady, dört dogan hem aw
awlamak maslahatyny edýärdi.
Japbak: «Duzak gurup, sülgün awlalyň» diýdi. Ýapbak: «Gapan gurup, towşan
tutarys» diýdi. Mapbak: «Hepbik gurup, torgaýlaryň aýagyndan ýapyşalyň» diýdi.
Emma Topbak başga bir teklip etdi:
- Geliň, biz janly-janawarlary jibrindirip ýörmäliň-de, ýumurtga gözlemäge
gideliň!
«Ýumurtgadan hem bir doýsakdyk» diýip, arzuw edip ýören doganlar Topbagyň
sözüni makul bildiler. Emma ýumurtgany nämä salyp getirjeklerine birbada akyllary
ýetmedi. Japbak aýtdy: «Meniň köýnegime salarys». Onda Ýapbak aýtdy: «Seniň
köýnegiň aşyklynyň eti ýaly sal-sal ýyrtyk, ýumurtgany meniň köýnegime salarys».
Onda Mapbak aýtdy: «Seniň köýnegiň Kelekbaýyň öýünin tärimi ýaly ala gözenek,
halan ýeriňden ýumrugyňy sokaýmaly. Ýumurtgany meniň köýnegime salarys». Onda
Topbak aýtdy:
- Seniň köýnegiň diňe ýagyrnişligi galypdyr. Meniň köýnegimiň bolsa ýakasy
bilen bagjygy galypdyr. Ýumurtgany, iň ýagşysy, ejemiň suwluk torbasyna salarys.
Doganlar ony makul bildiler.
Biraz böwrüni diňirgän Japbak aýtdy:
- Suwluk torbada suw durmaz!
Onda Mapbak aýtdy:
- Biz suw däl, ýumurtga saljak ahyry!
- Ýumurtga-da suwdur.
Onda Ýapbak aýtdy:
- Ýok, ýok! Ýumurtgany biz ejemiň süýt kädisine salarys. Onda Topbak aýtdy:
- Ine, bu söz makul. Suýt kädini bolsa torba salarys.
Japbaklaryň pikirleri bir ýere jemlendi.
Doganlar süýt kädili suwluk torbanyň her haýsy bir bagyndan tutup, ikibir-ikibir
gezegine göterip gitdiler. Birdenkä öňlerinden bir topbak ýylgyn çykdy. Japbak onuň
sagyndan ýöredi. Ýapbak onuň çepinden ýöredi. Suýt kädili suwluk torba ýylgyna
germeldi. Japbak öňe bakan dyzady.
Ýapbak öňe bakan dyzady ýylgyn olary goýbermedi.
Mapbak bilen Topbak olara töwella etdi.
Onda Japbak aýtdy:
- Men ätlän ädimimi yzyna gaýdyp alman! Onda Ýapbak aýtdy:
- Men ätlän ädimimi yzyna gaýdyp alman.
Iň soňunda, kimiň güýji zor bolsa, beýlekini ol öz yzyna eýertsin diýen karara
geldiler... Mapbak Ýapbaga kömekleşdi. Topbak Japbaga kömekleşdi.
Olar çekdiler, çekdiler, ýene çekdiler: ne Japbak ökde çykdy, ne-de Ýapbak.
Ýamaşgandan ýene çekdiler, ýene çekdiler, ýene çekdiler... Iň soňunda Japbak bilen
Topbak suwluk torbanyň bir ýan bagyny alyp gitdi. Japbak Topbagyň üstüne ýykyldy.
Yzyna bakan zyňlan suwluk torbadaky süýt kädi bolsa, töňňä degip, çym pytrak boldy.
Tozana bulaşyp galan doganlar biri-birlerine çiňerilişdiler, biri-birlerini aýyplajak
ýaly göründiler. Birdenkä bolsa, el çarpyşyp gülüşdiler. Emma Topbak birdenkä iňkise
gitdi. Mapbak ondan sorady:
- Ýeri-ow, Topbak, näme, bir ýeriň agyrdymy?
- Hawa, agyrdy.
- Niräň?
- Akylym.
Ýapbak bilen Mapbak el çarpyşyp gülüsdi. Emma Japbak olary saklady.
- Duruň entek, duruň! Munda aýratyn bir syr bar. Ýeri, Topbak akylyň näme üçin
agyrdy?
- Biz birwagt sygyr edinäýsek, ejem onuň süýdüni nämä sagar?
Japbak bir eli bilen Ýapbagyn, beýleki eli bilen Mapbagyň maňlaýyna pitikledi.
- Doganlar, siziň, ine, şujagaz ýeriňiziň ýetmezi bar. Topbak dogry aýdýar ahyry!
Onda Ýapbak aýtdy:
- Dogrulygyna şek ýok ýöne welin, Japbaklaryň gapysyna sygyr gelýänçä, birnäçe
süýt kädiler, birnäçe şuw kädiler ýaňadan bitip, ýaňadandan döwlüp, ýene ýaňadandan
bitseler gerek. Şonuň üçin Topbagä akylyny agyrdyp ýörmäge-de hajat ýokmukan
öýdýän.
- Ine, bu-da makul!
Doganlar ýene gülşüp, aşagy gök otly, gür pürli çoganlaryň, ýandaklaryň, gyrymsy
ýylgynlaryň arasyna sümdüler. Olar birnäçe çirlentgi ýumurtgasyny tapdylar, olary
diriligine ýuwutdylar. Ondan soň birnäçe torgaý ýumurtgasyny tapdylar, olary
gabyksyzja ýuwutdylar. Dogahlar sülgün ýumurtgasyny, kepderi ýumurtgasyny
tapmadylar. Emma yuwa-elmikden agyzlaryny gögertdiler. Heniz ýaşmagyny oňat
syrmadyk gelinkömelekden suwluk torbalaryňy-da gabartdylar. Olar nireden hem bolsa
çakmakdaş alyp gäýtmänlaryna ökündiler. Kömelegi duzlap, bişirip iýseň, mazasy
baryp asmana çykardy!
Şol lezzeti olar oraçalaryna gaýdyp bararlaryna galdyrdylar.
Olaryň ýoly köne gurrugyň üstünden düşdi. Şol gurrukdan birnäçe gökwarryk uçup
gitdi. Olar onuň içinde bir höwürtge gördüler. Ony çybyk bilen aljak bolanlarynda, aşak
gaçyrdylar. Heniz tüýi ýetmedik gyzyletene çaga guşlaryň naýynjar jüýpüldeşýän sesleri
eşidildi, gurrugyň düýbünde pasyrdaşýanlary-da göründi. Doganlaryň çaga guşlara
gözleri gyýmady, olary gurrukdan çykarmak maslahatyny etdiler.
Japbak Ýapbaga: «Sen sallan» diýdi. Ýapbak Mapbaga: «Sen sallan» diýdi.
Mapbak Topbaga: «Sen sallan» diýdi. Topbak Japbaga: «Sen sallan» diýdi. Emma kimide bolsa gurruga sallamak üçin suwluk torbadan ýolup alan ýüpleri ýeterlik bolmady. Iň
soňunda Topbak Mapbagyň aýagyna ýapyşdy. Mapbak Ýapbagyň aýagyna ýapyşdy,
Ýapbak Japbagyň aýagyna ýapyşdy, Japbak bolsa gurrugyň gyrasynda opurylyp galan
utun düýbüne ýapyşdy.
Topbagyň aýagy ýere ýetmedi.
Dört dogan gurrugyň içinde gerlip galdy.
Olar guş çagalaryny gurrukdan çykarmakdan geçdiler, özleriniň gurrukdan
çykjaklary hyllalla bolup galdy.
Eliniň ysgyny gaçan Topbak Mapbaga: - Çeksene! - diýip gygyrdy.
Eliniň ysgyny gaçan Mapbak Ýapbaga: - Çeksene! - diýip gygyrdy.
Eliniň ysgyny gaçan Ýapbak Japbaga: - Çeksene! - diýip gygyrdy.
Japbak Ýapbaga: - Aýagymy goýber, çekeýin - diýdi.
Ýapbak Mapbaga: - Aýagymy goýber, çekeýin - diýdi.
Mapbak Topbaga: - Aýagymy goýber, çekeýin - diýdi.
Doganlaryň elleri büs-bütin gurady.
Aşakdan ýokaryk: - «Çekde-çek» bolup, gykylyk etdiler.
Gurrugyň agzynda Japbagyn sesi ýaňlandy.
- Duruň onda, men bir elime tüýküreýin!
Japbak eline tüýkürmäge ýetişmänkä, doganlar aşaklygyna güpürdeşip gitdiler.
Topbagyň aýaklary tä baldyryna çenli gury çägä çümdi. Mapbak Topbagyň boýnuna
atlandy.
Topbak aşakdan boguk ses bilen gygyrdy.
- Waý, düşseňiz-le! Gözüm çykdy-la!
Mapbak syrylyp düşdi. Japbak syrylyp düşdi. Üçüsi birigip, «göterde-göter»
bolşup, Topbagyň aýaklaryny ürgün çägeden sogrup çykardylar. Gurrugyň düýbünde
olaryň özleri çaga guş bolup galdylar.
Topbak Japbaga çiňerildi.
- Sen, gardaş, näme üçin, doganlaryň ynanjyny ödemediň?
Japbakýylgyrdy.
- Näme, sizi gurrugyň düýbüne itekläp, ýeke özüm daşynda galdymmy?
- Sen näme üçin ujuny sypdyrdyň?
- Öz doganlarym meniň aýagymdan asylar diýen oý meniň kelläme gelmese
nätjek? Men elime tüýkürmekçi boldum.
- Hä, tüýkürdiň-de, gönendirdiň!
- Odun çykamyzda, ýüpi berkräk çekmek üçin hemişe şeýdýärdik ahyry!
- Şeýdýän bolsak, ynha, gurruk biziň hemmämizi bileje çykady.
Dogrudan-da Japbaklaryň günleri kynaldy. Olar näçe gygyryşsalar-da, daşky
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Japbaklar - 2
  • Parts
  • Japbaklar - 1
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 1970
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 2
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1739
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 3
    Total number of words is 3967
    Total number of unique words is 1807
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 4
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1777
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 5
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1822
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 6
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1884
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 7
    Total number of words is 3935
    Total number of unique words is 1938
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 8
    Total number of words is 4061
    Total number of unique words is 1857
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 9
    Total number of words is 3930
    Total number of unique words is 1878
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 10
    Total number of words is 2268
    Total number of unique words is 1054
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.