Latin

Japbaklar - 10

Total number of words is 2268
Total number of unique words is 1054
31.5 of words are in the 2000 most common words
43.0 of words are in the 5000 most common words
49.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Dili bir garyş süýnen möjek uzyn gulaklaryny ýapyryp, naýynjar ses bilen
uwlapdyr:
- U-u-u... u-u-u... Batyr aga, başyňa döneýin, meni öldürme! Men galan günümi
senden göreýin. Çaga-çugalaryňa, Gulak baýyň sürüsinden tazygyp çykan, guýrugy elek
ýaly bir tokly getirip bereýin!
Möjegiň janyna haýpy geleni üçin däl-de, çaga-çugalarynyň aýlar däl, ýyllar boýy
şorsuranlaryny göz öňüne getirip, Jonnuk batyr öňki pikirinden dänipdir, barmagyny
çommaldyp, möjege haýbat urupdyr:
- Eý, ganhor möjek, men seniň wadaňa bir gezek ynanaýyn. Emma eşitmedim
diýme, wadaňda tapylmasaň, dişiňi damagyňa ibererin!
Jonnuk batyr möjegiň buda ýelmeşen dodaklaryny iç ýüzünden emaý bilen
kesipdir-de, boşadyp goýberipdir.
Agzyndan gan akdyryp barýan möjek tumşugyny ýokary tutup, öz wadasyna
wepaiylyk bildirýän ýaly, naýynjar uwlapdyr:
- U-u-u...
Jonnuk batyr doňzuň kirpiksiz gözlerine aýylganç çiňerilipdir-de, aýpaltasyny
eňtermekçi bolupdyr:
- Heý, haram doňuz! Seniň beri kelläňi togalaýyn!
Ölüm howpuna düşen doňuz kiçijik gözlerini çüýjerdipdir- de, jonnuk guýrugyny
bulaýlap, naýynjar hokurdapdyr:
- Hokurrr... hokurrr... Batyr aga, meni öldürme, galan günümi senden göreýin. Sen
meni azat et. Men seniň çaga- çugalaryň üçin Han mülkünden bir ganar käşir getirip
bereýin!
Jonnuk batyr doňza rehimi ineni üçin däl-de, çaga- çugalarynyň ýitije dişleri bilen
ter käşir gemirjeklerini göz öňüne getirip, doňzuň bir gulagyna paltasy bilen kakypdyrda, beýleki gulagyna hemle urupdyr:
- Eý, doňuz ogly, doňuz! Seni men bir sapar synaýyn. Ýöne eşitmedim diýme,
wadaňda wepaň bolmasa, ganyňy itlere ýal ederin!
Jonnuk batyr aýpaltasy bilen onuň temegini gyýyp goýberipdir.
Doňuz wadasyna wepalylyk bildirýän ýaly, ganly temegini ýere oýkapdyr-da,
hoşallyk bilen hokurdapdyr:
- Hokurrr... hokurrr...
Aýynyň kinniwanja gözlerine göreji ilen Jonnuk batyr aýpaltasyny gazap bilen
eňtermekçi bolupdyr:
- Heý, kyrk emjeginiň her kime birini tutup berýän ýalançy aýy! Meni gynan,
meniň Tulparymy ölüm hetdine ýetiren sensiň. Seniň beri ganyňy gotura derman
edeýin!
Ölüm howpuna düşen aýy mäzleşik gözlerini mölerdip, naýynjar bir ses bilen
mygyrdapdyr:
- Mygyrrr... mygyrrr... Jonnuk batyr, sen maňa rehim et, meniň bir ýalňysymy geç,
meni öldürme. Men galan ömrümi senden göreýin. Men seniň çaga-çugalaryňa ýedi
küýze bal getirip bereýin!
Aýa rehimi ineni üçin däl-de, çaga-çugalarynyň «bal diýilýän zady biz hem dadyp
görsedik» diýip, ömürboýy arzuw edip gelýänleri ýadyna düşen Jonnuk batyr, pikirini
üýtgedipdir-de, aýpaltasyny egninden düşürmän, aýa ýaňadandan hemle urupdyr:
- Eý, aldawçylarynyň aldawçysy, eýmenç aýy! Men seniň özüň ýaly bolmaýyn, bir
saparlykça günäňi geçeýin. Ýöne weli, eşitmedim diýme, wadaňda tapylmasaň, minneti
aýpaltadan çekerin, gyrmyzy ganyňy gazap bilen dökerin!
Jonnuk batyr aýpalta bilen aýynyň aýaklarynyň iç ýüzüni, garnyny gyzardyp
goýberipdir.
Soýlan hamynyň awusyna çydamadyk aýy göyä diýersiň wepalylyk bildirýän ýaly,
mylaýym ses bilen mygyrdapdyr:
- Mygyrrr... mygyrrr...
Iň soňuna galan tilkiniň sapajaklaýan gözlerine çiňerilen Jonnuk batyr:
- Heý, ogry tilkijik, saňa näme gerek? Seniň beri hamyňy telpek edineýin! - diýip,
aýpaltasyny eňtermekçi bolupdyr.
Ölüm howpuna düşen tilkijik guýrujagyny bulaýlap, naýynjar bir ses bilen
çyňsapdyr:
-Waňk... waňk... Eý, dost, Jonnuk batyr, sen maňa rehim et. Men galan ömrümi
senden göreýin. Men saňa hiç bir zat wada berjek däl, emma derwaýys bir ýerde ullakan
kömek etjegime ynandyrýan.
Jonnuk batyr tilkiniň mekir gözlerine hyrydar garapdyr:
- Eý, ogruja tilkijik! Seniň müň-de bir sapalagyň baryny men bilýärin. Emma men
hem suwa äkidilip, suwsuz getirilýän adamlar hilinden däldirin. Eşitmedim diýme,
gerek ýerinde kömegiň degmese, guýrujagyň bilen hoşlaşmaly bolarsyň!
Jonnuk batyr aýpaltanyň ujy bilen onuň temejigini sypdyryp goýberipdir.
Tilkijik guýrujagyny bulaýlapdyr-da, wadasyna wepalylyk bildirýän ýaly, naýynjar
ses bilen çyňsapdyr:
- Waňk... waňk...
Zordan aýak üstüne galan, özüni dürsän, soň gök otdan mazalyja garbanan Tulpary
iýdip, Jonnuk batyr öýüne gaýdypdyr.
Jonnuk batyryň öňünden ylgap çykan çülpe çagalar Tulpara ýitirip tapan ýaly
ýapyşypdyrlar. Ulurajyklary onuň üstüne dyrmaşyp çykypdyrlar, kiçijikleri aýaklaryny
gujaklapdyrlar, ortanjysy bolsa guýrugyndan aslyşypdyr.
Ýazyň mylaýym, aý-aýdyň gijesinde Jonnuk batyr öz çaga- çugalary bilen
çatmanyň gapysynda ýazylan köne keçäniň üstünde ýatan eken. Jonnuk batyr birdenkä
içki küýüni daşyna çykarypdyr:
- Balalarym, siz böwürslen iýermisiňiz?
Çagalaryň ulujasy tirsegine daýanyp:
- Kaka, biz näme tapdyk-da, iýmedik? - diýipdir.
Ondan kiçisi dodajyklaryny tamşandyryp:
- Kaka, böwürsleni nireden aljak? - diýipdir.
Jonnuk batyr ynamdar jogap gaýtarypdyr:
- Baýguşdan.
Ortanjysy:
- Baýguşdan böwürslen? - diýip geňirgände, hemmesi birden jykyrdaşyp
gülüşipdir.
Şol wagtda bolsa, Jonnuk batyryň gulagyna tanyş bir ses eşidişipdir:
- Ku-ku... ku-ku...
Şol sesiň nämedigini geňirgän çagalar kakalaryndan soramaga ýetişmänkä, baýguş
bir sebet böwürsleni süýräp gelipdir.
Jonnuk batyr onuň ýüküni düşüren badyna, baýguş:
- Ku-ku... ku-ku... diýip uçup gidipdir.
Çagajyklaryň ulusy oňa haýran galypdyr:
- Bä, bu nähili boldy? Biz düýş görýän bolaýmalyň?
Böwürsleniň şirelije tagamy agyzlaryny süýjüdenden
soň bolsa, olaryň hemmesi birden kakalaryny gujaklapdyr.
Böwürslenden tamşanan çagajyklar heniz uklamankalar Jonnuk batyr olara ýene
bir geň sowal beripdir:
- Balalarym, siziň semizje toklyň terje etini iýesiňiz gelýämi?
Çagalaryň kiçijigi ondan:
- Kaka, toklyny nireden aljak? - diýip sorapdyr.
Jonnuk batyr:
- Möjekden! - diýende, olar keýp edip jykyrdaşypdyrlar.
Çagalaryň ortanjysy:
- Kaka, möjekden hem, hiý, et artarmy? - diýen sowalyny soňlamanka bolsa, ýene
bir üýtgeşik ses eşidilipdir:
- Mä-ä-ä... m-ä-ä-ä...
Çagajyklar heşerlenişip galanlarynda, möjek guýrugy elek ýaly bir toklyny
idirdedip gelipdir, wadasyna wepalylygyny bildirmek üçin bolsa uwlapdyr.
- U-u-u... u-u-u...
Şol aýylganç sesi eşidende, çagalaryň iň kiçijigi «Waý, eje- leý!» diýip,
çatmalaryna kürsäp urupdyr.
Toklyny mäkämje daňan Jonnuk batyr itiniň adyny tutupdyr-da gygyrypdyr:
- Ýolbars! «Myhmany» ugrat-da bas!
Möjek tokaýa bakan ýüzüni öwrende, guýrugy jonnuk köpek onuň arkasyna hopba
bolupdyr. Bogazyna ýapyşylan möjegiň boguk sesi çala eşidilipdir:
- U-u-u... Jonnuk batyr, men wadamy ýerine ýetirdim ahyry!
Dört aýagy bir ýere ýygrylyp, bogulýan möjege garan Jonnuk batyr oňa dogrusyny
aýdypdyr:
- Eý, ganhor möjek, Ýolbars seni öňküje tamşanan toklularyň üçin bogýar!
Çatmalarynyň gapysynda birinji gezek peýda bolan tokla çagalaryň biri suw, biri
ot, ýene biri böwürslen hödürläpdir, kiçijigi bolsa onuň gulaklaryny, maňlaýyny
sypalapdyr.
Keýpleri kök çagalar uzak wagtlap ýatman, iň soňunda ýaňyja irkiliberjek
bolanlarynda, Jonnuk batyr olara ýene bir sowal beripdir:
- Balalarym, siziň käşir iýesiňiz gelýämi?
Gözlerini ýalpa açan çagalaryň hemmesi birden:
- Kaka, käşiri nireden aljak? - diýip sorapdyr.
Jonnuk batyr arkaýyn jogap beripdir:
- Doňuzdan.
Jonnuk batyryň jogabyna çagajyklar içleri gyjyklanýan ýaly gülüşipdirler.
Şol wagtda bolsa olaryň gulaklaryna ýene bir üýtgeşik ses eşidilipdir:
- Hokurrr... hokurrr...
Çagajyklar geň galyjylyk bilen üşerişenlerinde, doňuz bir ganar käşiriň aşagynda
ýegşerilip gelipdir. Çagajyklar ondan heder edýän ýaly, biri-birlerine ýapyşanlarynda,
doňzuň ýüküni düşüren Jonnuk batyr onuň boýnuna zynjyr salyp:
- Senem şu ýerdejik galaý! - diýipdir-de, direge baglapdyr.
Boýny zynjyrly doňuz närazylyk bildiripdir:
- Hokurrr... hokurrr... Batyr aga, men wadamy ýerine ýetirdim ahyry! Meniň indiki
günäm näme?
Jonnuk batyr oňa dogrusyny aýdypdyr:
- Sen öňküje parçalan gawun-garpyzlaryňdan hasap bermeli ahyry!
Çagalar ýerli-ýerden ter käşir gemrenlerinde, Tulpar bir zat haýyş edýän ýaly
hokranypdyr:
- Hi-hi, hi-hi...
Jonnuk batyr şonda öz çagalaryna igenipdir:
- Balalarym, siziň üçin şireli böwürslen, semizje tokly, ter käşir söwdasyny eden
Tulpar ahyry! Siz näme üçin ony ýatdan çykarýarsyňy z ?
Çagalar yzly-yzyna her haýsy bir käşir oklanlarynda, Tulpar keýpihon
güýürdedipdir.
Garynlary dok, keýpleri kök çagalar iň soňunda uklasalar- da, Jonnuk batyryň uzak
wagtlap ukusy tutmandyr: ol häli geler, şindi geler tamasy bilen aýa garaşypdyr. Emma
daňyň düýbi saz berse-de, aýydan derek bolmandyr...
Jonnuk batyryň çatmasy birnäçe günläp toýa-baýrama aýlanypdyr. Şirelije
böwürslen tamşanan, terje käşir gemren, şorja et çekelän çagalar birnäçe günde
reňklerini dürsäp başlapdyrlar. Emma aradan hepde geçse-de, aýydan hem, tilkiden hem
derek bolmandyr.
Jonnuk batyr iň soňunda öz çagalaryna:
- Siziň bal iýesiňiz gelýämi? - diýipdir.
Çagalaryň ulusy:
- Baly nireden aljak - diýipdir.
- Aýydan.
Çagalaryň ortanjysy:
- Aýyny nireden tapjak? - diýipdir.
- Gowagyndan.
- Aýydan gorkjak dälmi?
Jonnuk batyr döşüni gaýşardyp, arkaýyn jogap gaýtarypdyr:
- Men minneti aýpaltadan çekýän!
Çagalaryň hemmesi birden seslenipdir:
- Käşkä, bal diýilýän zady hem bir dadyp görsedik!
Jonnuk batyr Tulpara taşlandy bir eşek arabasyny goşupdyr-da, niredesiň aýynyň
gowagy diýip ýola düşüpdin
Jonnuk batyr az ýöräpdir, kän ýöräpdir, iň soňunda aýynyň gowagyna bapypdyr.
Arabanyň şakyrdysyny eşiden aýy gowagyndan çykypdyr. Onuň her tüýi tar-tar,
boýny bir gujak, kellesi taňka ýaly, her aýagy bolsa owlak meşigi ýalymyşyn...
Şol wagtda guýrujagyny galgadyp, bir ýerden tilkijik peýda bolupdyr, ol burnuny
ýele tutupdyr-da, çalaja çyňsapdyr:
- Waňk, waňk... Ýeri batyr, sen näme üçin arabadan düşdüň? Sen beýle howatyrly
ýerlerde näme işleýärsiň?
Jonnuk batyr arkaýyn jogap beripdir:
- Ýalançy aýy meni aldady. Men onuň bilen hasaplaşmaga geldim.
Şol wagt aýynyň myşşyllysy eşidilipdir.
Tilkijik ýene çawuş çakýan ýaly çyňsapdyr:
- Waňk, waňk... Batyr aga, hiý, onuň bilen hem güýç deňeşdirip bolarmy? 01 seni
bir zarbada para-para eder!
Jonnuk batyr döşüni gaýşardypdyr:
- Men minneti aýpaltadan çekýän!
Tilkijik Jonnuk batyra burnuny oýkap, çalaja çyňsapdyr:
- Dostum, batyrlyk gowy zat. Emma hile-de öz ýerinde bir batyrlykdyr. Oňa hile
gurmak gerek, hile. Ýogsam, ol eýgertmez. Onuň hötdesinden özüm gelerin. Sen diňe
meniň soran sowallaryma jogap berseň bolýa.
Onýança müňedekläp gelýän aýy görnüpdir. Tilkijik Jonnuk batyryň telpegini
sypyryp alypdyr-da, derrew bir daşyň aňyrsynda bukulypdyr.
Aýy agzyny ak köpük edip, dişlerini jygyrdadyp, penjeleri bilen ýer peşäp gelipdir.
01 Jonnuk batyryň edil alkymyna gelip, burnuny müňküldedipdir, ysyrganypdyr, art
aýaklarynyň üstünde çommalyp oturypdyr, azgyny hatap ýaly açyp, haýbatly ses bilen
mygyrdapdyr:
- Mygyrrr... mygyrrr... Ýeri, Batyr, sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň? Habaryňy
ber!
Jonnuk batyr onuň haýbatyndan heder etmän, murtuny towlapdyr:
- Wadada wepaň bolmany üçin, men-ä seni iýdäp geldim.
Aýy dyrnakly penjeleri bilen çagyl pytradypdyr:
- Mygyrrr... Ýa-da jan gerekmi?
Aýpältasyny egnine göteren Jonnuk batyr beýleki elini bykynyna urupdyr-da,
haýbat atypdyr:
- Maňa janam gerek, balam!
Aýylganç mygyrdan aýy penjesini ýalapdyr, çagyl pytradypdyr, Jonnuk batyryň
üstüne zyňmak üçin iki öň aýagyny dik ýokary galdyrypdyr. Emma Jonnuk batyryň
ondan tüýi hem eýmenmändir. 01-da aýpaltasyny ýokary galdyrypdyr.
Jonnuk batyr bilen aýy çaknyşarly bolanda, daşyň aňyrsyndan kellesini çalaja
galdyran tilki Jonnuk batyra bakan gygyrypdyr.
- E-he-eý, adam he-eý!.. Sen bu töwerekde aýy görmediňmi?
Daşyň aňyrsyndaky telpege gözi ilen aýy penjelerini lampa ýere goýberipdir-de,
aşak ýapyrylypdyr.
Jonnuk batyr döşüni gaýşardyp äwmezlige salypdyr:
- Ýero-ow, halypa! Aýyny nädersiň?
Tilkijik oňa jogap beripdir:
- Aýynyň eti dermanmyş. Biz on sany mergen bolup, aýy awlamaga çykdyk.
Aýynyň gözüne bütin gara daşlar telpek bolup görnüpdir.
01 gorkusyna guýrugyny ýamzyna gysyp, Jonnuk batyra ýalbarypdyr.
- Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, aýy göremok diýäýsene! Men öz wadamy
hökman ýerine ýetirerin!
Jonnuk batyr biraz oýlanandan soň jogap beripdir:
- Aý, halypa, men-ä bu töwerekde aýy göremok.
- Seniň ýanyňdaky görünýän aýa meňzeýä-le!
Aýy ýene Jonnuk batyra ýalbarypdyr:
- Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, meniň ýanymdaky agaç diýäýsene! Men
saňa hökman bal bererin!
Jonnuk batyr aýa barmagyny çommaldypdyr-da, tilkä jogap beripdir.
- Seniň ol aýy diýýäniň agaçlaýt!
- Men dost, seniň ol sözüňe ynanjak däl. Hany, agaç bolsa ony arabaň üstüne atda!
- Atmamda nädersiň?
- Nätjegimi bileňokmy?
Tilkijik iki daşy biri-birine uranda, tüpeňiň çekeri çekilýän ýaly şakyrdy
eşidilipdir. Jaň howluna düşen aýy Jonnuk batyra ýalbarypdyr:
- Mygyrrr... Batyr aga, arabaň üstüne ataýsana! Sen çalaja eliňi degirseň, arabaň
üstüne men özüm çykaryn. Çaltrak bolaýsana, dost!
- Yero-ow, halypa, mergendigiňi bildik-le, ýersiz ýere tüpeňiňi şakyrdadan bolup
durmasana! Bolmanda-da men öz çapan agajymy saňa goýup gidesim ýok. Ine
ýükledim araba.
Jonnuk batyr aýa çalaja gop berende aýy araba dyrmaşyp çykypdyr.
Tilkijik ýene gykylyk edipdir:
- A ha-aw, agaç diýýäsiň weli, onuň aýagy bar ýaly-la, aýy bolaýmasyn?
Aýy ölügsi bir ses bilen ýalbarypdyr:
- Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, agajyň şahasydyr diýaýsene!
Jonnuk batyr tilkijige igenipdir:
- Päheý-de welin, ýagşam bir mergen ekeniň. Seniň gözüň zat saýgarmasa nätjek.
Olar agajyň şahalary ahyry!
Tilkijik ýene müňkürlik edipdir:
- Şaha bolsa, hany olary ýüp bilen saraşdyr-da!
Aýy Jonnuk batyra ýalbarypdyr:
- Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, çalaja saraşdyraýsana!
Jonnuk batyr tilkä garap:
- Älhepus, irginsiz adam ekeniň-ow! Saranda näme etjek bolsaň, ynha saradym! diýip, aýyň aýaklaryny mäkäm bogupdyr.
Tilkijik iki art aýagynyň üstüne galyp, ýene gygyrypdyr:
- A ha-aw! Sen meni aldajak bolýaň. Onuň kellesem bar ýaly-la!
Aýy ýene Jonnuk batyra ýalbarypdyr:
- Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, agajyň düwnüdir diýäýsene!
Jonnuk batyr murtlaryny towlap, tilkijige hemle urupdyr:
- Päheý, mergendirinem diýjekdir! Seniň göz diýip saklap ýöreniň mäz öýdýän.
Sen-ä agajyň düwnünem saýgaraňok! Tilkijik bäri ýanyndaky daşyň düýbüne
towsupdyr-da, ýene gygyrypdyr:
- Men oňa ynanamok. Düwün bolsa, hany, ony palta bilen çap-da!
Jonnuk batyr gaharly jogap beripdir:
- Çapmanda nädýän bolsaň, et-de dyn-da. Men-ä şony çapjak däl!
- Onda aýynam ataryn, senem!
Aýy iň soňky deminde ýalbarypdyr:
- Mygyrrr... Batyr aga, başyňa döneýin, çalaja çapan bolaýsana!
Jonnuk batyr aýpaltany aýlap salypdyr. Aýynyň kellesi togalanyp, gany
zogdurylyp akypdyr.
Tilkijik uzyn dilini şalkylladyp, aýynyň gyzgyn ganyny ýalapdyr. Jonnuk batyr
aýynyň hamyny soýup, araba taşlapdyr. Ondan soň ol tilkijigi yzyna tirkäp, aýynyň
gowagyna giripdir. Görse, kyrk golça bal hatara düzülgi duranmyş.
Golçanyň birini iki öň aýagyna gysan tilkijik iki art aýagynyň üstünde ýöräpdir.
Jonnuk batyr bilen tilkijik aýynyň gowagy bilen arabanyň arasynda birnäçe gezek
gatnapdyr. Kyrk golça bal aýynyň hamynyň töwereginde, arabanyň üstünde zordan
ýerleşipdir.
Tilkijik guýrujagyny bulaýlap, Jonnuk batyra habar gatypdyr:
- Batyr aga, nätdim, wadamda tapyldymmy?
Tilkiniň sümek ýaly guýrugy Jonnuk batyryň gözüne gowy görnüpdir.
- Berekella, tilkijik! Ýeri, sen nätdiň, ganly şaradan garnyny gabartdyňmy?
Tilkijik guýrujagyny bulaýlap, Jonnuk batyryň daşynda pyrlanypdyr-da,
şelaýynlyk edipdir:
- Gurt arkasyndan guş doýmuş diýen ýaly, Batyr aga, seniň hümmetiňden biziň
ýaly ýetimiň hem agzy aşa ýetdi.
Jonnuk batyr bir golçanyň agzyny açypdyr-da:
- Hany, onda baldan hem bir tamşanyp gör! - diýipdir.
Tilkijik golça burnuny sokanda, Jonnuk batyr onuň
boýnuna ýüp dakypdyr.
Tilkijik zaryn ses bilen çyňsapdyr:
- Waňk... Batyr aga, men saňa näme ýamanlyk etdim?
- Men saňa näme ýamanlyk edipdim? Sen biziň çatmamyzyň töwereginde ne
towuk goýduň, ne-de jüýje. Ikimiz dost, algy- bergini indi öýe baryp hasaplaşarys.
Jonnuk batyr tilkijigi arabanyň yzyna tirkäpdir.
Şol wagtda Tulpar näme üçündir hokranypdyr:
- Hi-hi, hi-hi...
Jonnuk batyr agzy açyk golçany oňa tutup berende, Tulpar uzyn dili bilen
ýalypdyr-da, hojaýynyna sag bol aýdýan ýaly, baş atypdyr.
Araba tigirlenipdir, tilkijik ýorgalapdyr. Jonnuk batyr hiňlenipdir, az ýöräpdir, köp
ýöräpdir, öýüne dolanyp gelipdir.
Çülpe çagalar ony şowhunly gopgun bilen garşylapdyrlar.
Jonnuk. batyr goňşularynyň her haýsyna bir golça bal, aýynyň hamyndan bolsa her
haýsyna bir bölek tasma beripdir.
Şol bally golçalardan menem birini size alyp gelýärdim welin, ýölda birdenkä
aýagym taýdy-da, golça elimden gaçdy. Golça kül-usak boldy, bal hem guma garyldy.
Şol ýeriň nirededigin-ä anyk bilemok, ýöne üzümiň, waharmanyň bitýän ýerleri şol bal
dökülen ýerlermikän öýdýän.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Japbaklar - 1
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 1970
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 2
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1739
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 3
    Total number of words is 3967
    Total number of unique words is 1807
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 4
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1777
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 5
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1822
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 6
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1884
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 7
    Total number of words is 3935
    Total number of unique words is 1938
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 8
    Total number of words is 4061
    Total number of unique words is 1857
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 9
    Total number of words is 3930
    Total number of unique words is 1878
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 10
    Total number of words is 2268
    Total number of unique words is 1054
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.