Latin

Japbaklar - 6

Total number of words is 3985
Total number of unique words is 1884
29.1 of words are in the 2000 most common words
42.1 of words are in the 5000 most common words
49.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Doganlar Doýduk bilen sözleşip, Doýduga gyjalat berip, garynlaryny gäberdip
bilmejekdiklerini aňladylar. Olar Doýdugyň baggoýunlaryna nazar saldylar. Ýedi-sekiz
goýnun, hemmesi hem öz endamyna ýag ýygnapdyr. Ylaýta-da olaryň içinde biri agyr
guýrugynabäs gelmän, örän kynlyk bilen ýatyp turýar.
Şonda Japbak aýtdy:
- Hol, goňur goýny görýärmisiňiz? Men onuň ýüzüni örän salyk görýän.
Onda Ýapbak aýtdy:
- Aýtsaň-aýtmasaň onuň ýüzüne öli reňki urupdyr. Onda Mapbak aýtdy:
- Çerrik bolmasa-da biridir. Onda Topbak aýtdy:
- Hernä çerrik bolaýbilseýdir! Çerrik bolsa ertire berin çykarmyka?
Onda Japbak jogap berdi:
- Meniň çakym çak bolsa, ertire çykmaz!
Doganlar şol ýagdaýy howa garaňkyrandan soň Doýduga- da duýdurdylar. 01 Aý
ýagtysyna daşaryk çykyp seredende, Doýduk goýnuň, hakykatdan-da, aýaklaryny
ýygryp başyny aşak salyp ýatanyny gördi. Japbaklaryň sözüne ynam etmese- de, öz
ýanyndan olara müňkürlik etse-de, onuň göwnüne bir iňkis gitdi. Allajanym, oňa näme
bolduka? Ýa ot-potuň arasy bilen gurt-purt iýäýdimikä? Sag-aman ertire beri çykaýbilse
ýagşydyr.
Ýapbak gamgyn Doýdugy rahatlandyrmak isledi.
- Doýduk eje, seniň ýasy ýanyň ýerde bolaýsyn! Goýna biz özümiz serederis: uzak
gije gezegine garawullyk çekeris.
Doýduk öz ýanyndan Japbaklara goýun tabşyrmagy gurda tabşyran bilen deň hasap
etdi. Şonuň üçin ol olaryň ýanynda arkaýynsyrasa-da, gije rahat ýatyp bilmän, bäş-on
gezek çykyp seretdi.
Daňyň düýbi saz berende, Japbagyň çasly sesi çykdy.
- Ýapbak haw! Mapbak haw! Topbak, haw! Pyçak getirseňiz-le!
Japbagyň çasly sesi gulagyna ilen Doýduk börügini geýmegi hem unudyp,
hasanaklap çykanda, goňur goýnuň bogazyndan gan akýanyny gördi, kekirdeginiň
hyrryldysyny eşitdi. Doýduk:
- Wah, wah-eý! - diýip, başyny ýaýkady.
Onda pyçagynyň ganyny süpüren Japbak aýtdy:
- Doýduk eje, gam çekme, çöregiň bitin eken, biz onuň janyna ýetişdik.
- Heý, sammyk işigaýdan! Goýnuň öler-de, çöregiň bitin bolarmy?
- Biz ony halal öldürdik ahyry!
- Barybir siz ony harama çykararsyňyz.
- Doýduk eje, arkaýynjabolaý: bir übtüginem zaýalamarys!
Baggoýny soýýarkalar, Japbaklar Doýduga eşitdirmän, adaja hiňlendiler:
Halamasyn, halasyn,
Goý, syňragyn ýalasyn.
Doýduk için çekse-de,
Japbaklar bir gönensin!
Ham çaryk
Baggoýun Japbaklaryň garnyny çalaja ýazdy. Emma oňa Doýdugyň kejebesi
darykdy. 01 Japbaklary kowup-da bilmedi, Japbaklardan dynyp-da bilmedi.
Japbaklarsyz oňup-da bilmedi. Doýduk olary has köpräk ulanmagyň küýüne düşdi.
- Japbaklar, ýatan öküze iým ýoguny siz özüňiz gowy bilýänsiňiz.
Mapbak oňa jogap berdi.
- Doýduk eje, bikärden taňry bizardyr. Ýatyp iýmek Japbaklaryň gylygyna gelişjek
zat däldir. Biziň işleýşimize sen özüň näme näbeletmi? Öz ömrüňde, belki, ýüzlerçe
talaban tutup görensiň, saňa, heý, Japbaklaryňky ýaly döle gazyp beren barmydy? Ýene
näme hyzmatyň bolsa buýur. Biz elimiziň ýetmedik ýerine aýagymyz bilen ýeteris.
- Siziň biriňiz samanyň daşyna ligin ediň. Biriňiz ýandak çekiň. Biriňiz döläň
üstüni basyryň. Biriňiz oduna gidiň.
Topbak oňa jogap berdi.
- Doýduk eje, sen gürrüňi şeýle bir bulaşdyrdyň, şeýle bir bulaşdyrdyň, bu
buýruga biz-ä düşünen däldiris. Başymyzy çaşyrdyň. Belki, seň özüň hem çaşan bolsaň
gerek.
Doýduk kimiň näme iş etmelidigi barada barmaklaryny bir çommaldyp, bir
ýatyryp, jikme-jik tabşyryk berdi. Japbak oňa çiňerildi.
- Doýduk eje, bu buýruklary sen Japbaklary tanap berýämiň ýa ýöne başyňa
gelenini ýaňrap durmuň?
- Örän bedehet tanaýan! Mugt Buharda ýok. Siz çöregi menden iýseňiz, men
sizden işi talap ederin!
- Doýduk eje, sen meniň aýdýanyma düşünmediň. Japbaklaryň başy bir bolup
durka, hol ilerki beýik dagy gaýraky uja göçür diýseň hem göçürerler. Emma olaryň
başyny bozsaň, ýeke-ýeke täkleseň, men saňa dogrusyny aýdaýyn, ana, hojagaz ýerde
ýatan çöpi hem galdyryp bilmezler.
- Käşkä, iýeňizde-de şeýle bolaýsadyňyz!
- Doýduk eje, biz hemme ýerde şeýlediris. Hatda biz iýemizde-de, seniň öz
aýdyşyň ýaly, iner otlan ýalydyrys. Biziň birimiz Kelegiňkä, birimiz Ýalagyňka gitmän,
özüň bilen söz- leşişimiz ýaly, hemmämiz üýşüp, seniňkä geldik ahyry.
- Käşkä Kelek bilen Ýalak hem Japbaklardan ýeten resedesini özleri bölüp
alaýsady.
Ýapbak Doýduga çiňerildi.
- Doýduk eje, miras paýlaşygynda resede düşer ýaly, Japbaklar mal däldir. Sen
ony unutma!
- Siz şeýle bütewi bolsaňyz, onda düýeleriň dört sanysyny howutlaň-da, daňdanyň
özünde oduna ugraň!
Mapbak Doýduga çiňerildi.
- Bedähet bolýa, ýöne weli, aýazly daňdanda meýdana çykmak üçin içmek
gerekdir.
Topbak Doýduga çiňerildi.
- Odun ýygmak üçin depmek gerekdir, depmek üçin bolsa aýakgap gerekdir.
Japbak hem üstüni ýetirdi.
- Aňzak aýazda doň sazak bilen söweşmek üçin, endamlyja huruş gerekdir!
Doýduk saçyny ýoldy.
- Waýe-eý, waýe-eý, heý, bu «gerekdirleriň» soňy bolmazmy? Onda Ýapbak
aýtdy:
- Doýduk ejäň buýrugy gutaranda, Japbaklaryň geregi hem bile gutarar.
Doýduk Japbaklaryň her haýsyna bir sozma berdi. Çig düýe hamyndan her
haýsyna bir çaryk tikdirdi. Huruş ýerine bolsa, arpa çöregi bilen süzme saldy.
Japbaklar oduna gitdiler.
01 gün ahyryna syrygan güýzüň aýazly günlerine garaman, «eşek öldüren» çogluja
Gün çykdy. Howa ertirden gyzyp başlady. Ham çarygyň derrew yzgary gaçdy, gatady,
daşa aýlandy. Ham çaryk doganlaryň aýaklaryny gysyp, owradyp başlady.
Japbak doganlaryna seredip, ýüzüni çytdy.
- Men muny ilki geýip ugramda her aýagymy Kelekbaýyn howdanlarynyň birine
sokdummykam öýdüpdim. Eşegiň garnynyň aşagyndan aýlanan palaňy ýaly, her ädimde
dabanymyň aşagynda bir batman mylkyldy duýýardym. Ynha, indi ham çaryk meniň
aýaklarymy edil ussaň gysajy ýaly mynjyradyp barýar.
Mapbak doganlaryna seredip, gaşyny çytdy:
- Aýakgap dar bolsa, giň jahanyn haýry bolmajak ekeni.
Ýapbak doganlaryna seredip, gaşyny çytdy:
- Men hemişe janym kellämde diýip ýördüm, aýagyma geçenini bolsa, ynha, şu
gün bilip galdym.
Topbak doganlaryna seredip, gaşyny çytdy:
- Doýduk eje, garnyny göterip bilmän, wah, muny nähili kiçeldip bilerkäm diýip,
birsyhly zeýrenip ýör. Men bu beladan dynyp, sag-aman öýe dolanyp barsam, Doýduk
ejä «garnyňa çaryk geýdiräý» diýjek.
Japbaklar bir ýapyda oturyp, aýaklarynyň çaryklaryný çykarmakçy boldular. Olar
edil ýyl aşan sünk ýalydy. Olary ne ýazyp bolýardy, ne-de giňeldip bolýardy. Çaryk
käbir doganyň aýagynyň hamy bilen gopdy. Eti gyzaryp göründi, gan sarykdy.
Aýagynyň ganyna çäge sepen Topbak doganlaryna seretdi.
- Aý, Japbaklar, biziň bugramyzy öldüreniň kimdigini bilýärmisiňiz?
Mapbak oňa jogap berdi.
- Kim bolar öýdýäň? Hudaýdyr-da.
- Ýok, ýok!
- Eýsem kim?
- Men ony diňe şu gün bilip galdym. Biziň bugramyzy öldüren hem ham çaryk.
Ýapbak el çarpyp güldi.
- Aý, ýigid-ä bildi-ow! Biziň bugramyzyň näme çarygy barmydy?
- Onuň endamyndaky hamyny nätjek. Gün degendir, çürüşdirendir, çaryk
bolandyr-da.
Japbaklar çaryk galasyndan çykanlaryndan soň, aýaklarynyň gan-gabarçak
bolmagyna garaman, dünýäleri giňäp gitdi.
Ýeňillik bilen dem alan Japbak aýtdy:
- Bu dünýäde behişt bar eken-ow! Gözleri ýerine gelen Ýapbak aýtdy:
- Men ony wagtynda çykaraýmadyk bolsam, ol hökman meniň aýagymy
öldürýädi.
Uludan demini alan Mapbak aýtdy:
- Ah-aw, Japbaklar! Bu örän uzak oýlanyp edilen iş. Doýduk bu gün biziň
aýagymyzy galypa salan bolsa, ertir garnymyzy galypa salar. Garyn aýak däldir,
hamyny sypyrsaň, içegän hem bile çogup çykar. Biz iň ýagşysy, ýatak jaýymyzy
üýtgedeliň.
Çarygy ýere bulap uran Topbak aýtdy:
- Dowzah diýilýän şu bolsa gerek!
Doganlar ajykdylar. Gatan arpa çöreginin gylçyklary olaryň dişleriniň arasynda
hyşyrdady. Onda Japbak aýtdy:
- Bä! Doýduk bizi mal hasap etdimikä? Turşy süzme içegesini gyýyp giden
Ýapbak aýtdy:
- Bä, Doýduk ýylan bolup meniň garnyma giräýdi öýdýän. Japbaklar ojar
depmekden elli bizar geçdiler, hatda olaryň ädim urmaklary hem kynalyp galdy. Olar
oňly dikelip, ýazylyp hem bilmediler, içlerinden burgy tutdy.
Japbaklaryň uzyn günläp ýygan odunlary bir düýäni ýüklärlik hem bolmady. Olar
her düýä bir goltuk ýüklediler- de, düýeleriň üstünde aýaklaryny sozma dolap oturdylar.
Doýduk bolsa Kelekbaý bilen odun söwdasyny edýärdi. Bu ýyl bütin bazary hem
odun bilen üpjünlärin, Japbaklar maňa horjun-horjun tenňe toplap bererler diýip
begenýärdi. Şol süýji oýlar içinde Japbaklaryň sesini eşiden Doýduk ylgap çykdy.
Emma düýeleriň üstündäki ýükler Doýdugyň lapyny keç etdi.
- Hany odun? Hany odun? - diýip gygyrdy. Onda Topbak aýtdy:
- Aý, Doýduk eje, odun işi haýyr-la. Gözüň aýdyň! Doýdugyň gözlerinde bagt
uçganagy ýylpyldady.
- Hä, guzym, näme hezillik bar!
- Doýduk eje, men seniň garnyňa melhem tapdym.
- Näme, näme?
- Doýduk eje, sen öz garnyňa çaryk geýdiräý! Doýduk iki elini bile galgatdy.
- Owarra boluň! Owarra boluň!
Ajyň aňy bolmaýar
Japbaklar Doýdugyň gapysyny terk edenlerinden soň, olaryň mydary has-da
kynaldy. Barara ýer, edere iş ýok. Işsizlik nähili uly bela! Häzir orak-hoşa wagty-da dal.
Ekerançylyk etmäge-de gurp gerek, häzir onuň wagty hem däl. Kelekbaý olary ýa
günlükçi tutjak, ýa tutjak däl. Günlükçi tutaňda bäş günüňi geçirseň, altynjy gün ýene
boş, ýene işsizlik. Ýalak işan, belki, olaryň habaryny hem aljak däl. Başga gidere talap,
gözläre ýer ýok.
Güzeran nähili kyn bolsa-da, Japbaklar darykmaýardylar. «Ajygan ölmez, alňasan
öler» nakylyna olar gowy düşünýärdiler.
Japbaklar obanyň aňyrsyndaky bir tümmekde gyşaryşyp, sozmalaryny tirsekleriniň
aşagyna taşlap, işsizlikden göwün ýüwürdýärdiler.
Japbak doganlarynyň göwnüni biraz açmak niýeti bilen gürrüňe başlady.
- Japbaklar, beýdişip gören gapyda enteşip ýörenden, geliň, biz hem durmuşy oňat
geçirmek, baý bolmak küýüne düşeliň!
Ýapbak öz gezegini aldy.
- Geliň, bizem Doýduk ýaly baý bolalyň. Mapbak oňa garşy Çykdy.
- Ýok, ol bolanok. Ýetimiň haky, ýesiriň gözýaşy Doýduga kär etmese-de,
Japbaklara ýokmaz. Biziň ony ynsabymyz hem götermez.
Topbak aýtdy:
- Geliň, biz in ýagşysy, Kelekbaý ýaly baý bolalyň. Japbak oňa garşy çykdy:
- Japbaklar Kelek ýaly ýalançylygy hem başarmaz, kasam içmäni hem oňarmaz,
onuň ýaly baý hem bolmaz. Biz, iň ýagşysy, Ýalak işan ýaly baý bolalyň.
Ýapbak oňa garşy çykdy:
- Japbaklar Ýalak ýaly doga satmany hem başarmaz, mis- ginsokarlygy hem
oňarmaz, iliň hüşür-zekatyny hem iýmez. Onuň ýaly baý hem bolmaz... Degirmendäki
kilwan siziň ýadyňyzda barmy? Biz, iň ýagşysy, şol kilwan ýaly degirmen edineliň. Ony
makul bildiler.
Ýapbak aýtdy:
- Agsagyň hem aýagy ýeter ýaly, degirmeni biz oba içinde salalyň.
Onda Mapbak aýtdy:
- Obanyň içinde salar ýaly, biz eşek harazy guramzok ahyry. Degirmeni biz
obanyň çetinden guralyň.
Onda Topbak öz pikirini aýtdy:
- Japbaklar hemişe denlik tarapdarydyr. Çarwalara-da, çomrulara-da deň bolar
ýaly, degirmeni biz gumuň eteginden salalyň.
Onda Japbak aýtdy:
- Daşdan garaňda-da ýakyndan garaňda-da, mesaňa-mälim bolup durar ýaly,
degirmeni biz Köpetdagyň çür depesinde guralyň. Şonluk bilen, Japbaklaryň degirmeni
Ahal sebitinde birinji bolar. Obanyň iň birinji baýy hem Japbaklar bolar.
Japbaklar degirmeni ýöretjek suw haýsy, onuň aňyrdan geljek özeni haýsy,
degirmen guraljak, daşy goýuljak ýeri haýsy, ol hakda hiç bir pikir etmändiler. Ýer
gazmak üçin, daş ýonmak üçin nähili gural gerek, nähili ussa tapmaly, näçe harç-harajat
gerek - ol barada oýlanmadylar. Mesele şoňa baranda, olar kürtdürip durdular. Olaryň
degirmen baradaky pikirleri, üflenen gaýmak ýaly, öz-özünden ýygrylyp sowlup gitdi.
Japbak agyr oýdan soň, näme-de bolsa bir zat bilen doganlarynyň göwnüni açmak
isledi-de, geplenmedik gep tapmaga çalyşdy.
- Mapbak, hany, irkilip oturma-da, içmegiň jübüsinden düýän ýumurtgasyny
çykar-la.
Mapbak oňa onuň özuniňki ýaly jogap berdi:
- Içmegiň jübüsinden düýe ýumurtgasyny çykarmak üçin, kyrk barmakly kyrk el
gerek. Ony bişirmek uçin bolsa, kyrk ýuwalyk kyrk gulakly gazan gerek.
Olaryň gürrüňine biraz ýylgyran Ýapbak Topbakdan sorady.
- Topbak, daşa gurt düşse, näme bilen gurdap bolar?
- Düýäniň şahy bilen.
- Topbak, sen şu wagt bir agyz iýip oňmaly bolsa, näme iýersiň?
- Semiz goýnuň guýrugy bilen bir tegelek çörek.
- Hudaýdan dilemeli bolsa, şu wagt näme dilärsiň?
- Bir sanaç un.
Ýalak işan iki elini syrtyna tutup, dähedem-dessem gezip ýörkä, Japbaklaryň
şowhunly gürrüňleriniň ustünden bardy. Japbagyň soňky sözi onuň gulagyna ildi.
-... biz şeýle bir ýag satarys, şeýle bir ýag satarys...
Olaryň üstüne göni gelen Ýalak işan Japbagyň sözüni kesdi:
- Ýagy nireden aljak? Ýapbak oňa jogap berdi.
- Gaýyş satarys-da, goýun alarys?
- Gaýşy nireden aljak? Mapbak oňa jogap berdi.
- Gamyş satarys-da, gaýyş alarys.
- Gamşy kim alýa? Topbak oňa jogap berdi.
- Gamyş Maryda kümşe deňe-deň geçýämiş, Ýalak işan biraz oýlanandan soň,
ýene sorady.
- Gamyş kümşe deň geçýän bolsa, Mary bazaryny doldu- raýmazmydylar?
Japbak oňa jogap berdi.
- Işan aga, ýollarda hyzharamy kän. Olar gamşyň, kümşüň ýoguna köýýämişler.
Oňa diňe Japbaklar ýaly dörtler, dört ýanyny deňlänler, dört ýüze taý gerçekler baş
goşup bilýärler.
Ýalak işanyň kümşe nebsi otukdy.
- Siz söwda maly tapdyňyzmy?
- Taňrynyň sazy gutarmasa, biziň malymyz gutarar ýaly dal.
- Gamşy Mara näme bilen ýüklejek? Mapbak oňa jogap berdi.
- Bir düýe kümşüň ýarysy seniňki, galan ýarysy biziňki diýsek, kim bize erkek
bermez öýdýäsiň?
Topbak onuň aýdanlarynyň üstüne goşdy.
- Ýöne weli, Kelek bilen Doýdugyň haram gatançly düýesin-ä mugt berselerem
äkitmeris. Gaýta olaryň şübheli mallary biziň başymyzy iýer.
Ýapbak oňa göwünlik berdi.
- Düýe ýeke Doýduk bilen Kelekde däl ahyry. Oba söwdagärleri düýäň üstüne
aýagulaglyk eşekleri bilen hem bererler.
Ýalak olardan pessaý ses bilen sorady.
- Balalarym, siz näçe düýe alyp gitjek? Japbak oňa jogap berdi.
- Japbaklar nebsini şagladýanlardan, köpi gözläp, azdan galýanlardan däldirler.
Biz ilki bilen birje düýe gamyş äkidip, birje düýe kümüş getirsek bolýa.
Ýalak işan olara ýalbaryjy ses bilen ýüz tutdy.
- Balalarym, siz ýeke düýe äkitseňiz, meniň düýämi äkidäýiň!
Topbak Japbaga seretdi. Japbak Ýapbaga seretdi. Ýapbak Mapbaga seretdi.
Mapbak Topbaga seretdi. Topbak birbada oňa jogap bermedi. Işan ýene ýalbardy.
- Men siziň baryp gelýänçäňiz iýjek-içjegiňizi hem üpjünlärin. Ýöne weli, beýle
işe baş uranyňyzy hiç kim hem bilmese ýagşy. Ýogsam sizden öňürdenler hem bolar.
Siz, iň ýagşysy, meniň düýämi alyp ötäýdiň. Şonda hiç kimiň habary hem bolmaz.
Topbak jogap berdi.
- Işan aga, sen agzy keramatly adam. Seniň sözüňi biz ýer- de goýup bilmeris.
Mapbak «ähem» edip ardyndy.
- Işan malyny Kelekbaýyňkydan... Topbak derrew onuň sözüni kesip:
- Işan aga, biz ugramyzda, bize pata-da berer. Japbaklar ugramakçy bolanlarynda,
Ýalak işan olara kümüş üçin mäkäm haltalar hem berdi, öwüt hem etdi.
- Balalarym, goşa gyrana bir goýun emele gelýändir. Siz düýä dözmezlik etmäň,
mazalyja ýükläň. 01 gaty güýçlüdir.
Japbaklar sazlyga baryp, düýäni gamyşdan ýüklediler. Şäherde häzir gurluşyk işleri
gidýäni üçin, gamyş ojardan arzan däldi. Japbaklar birnäçe gün gamyş satyp, özlerine
birneme harjylyk toplamak küýüne düşüpdiler. Işan düýesini bolsa sag boly hem kemkäs kireýi bilen dolandyryp bermek niýetleri bardy. Doganlary şol çylşyrymly ýagdaýa
agyr gün mejbur edipdi.
Doganlar düýäni turzanlarynda sallanyşyp duran tozgadan ýaňa onuň gulagy hem
görünmedi, guýrugy hem. Düýe janawar nirä ädýänini hem bilmän, götinjekledi,
birdenkä Japbaklaryn, ýakan oduna baryp ýetdi, Japbaklar ony sowmaga ýetişmänkä
bolsa, sallanyşyp duran tozgalar ot aldy. Tüsse ysyny, ýalyn ysyny alan düýe bükürdi
urdy, nirädir ökje göterdi.
Topbak onuň yzyndan gygyrdy.
- E-eý! Janawar! Akylyň bolsa suwa çök!
Bütin kellesine çenli gamys bürelgi düýe ýoluny saýgarmaýardy, göýä diýersiň,
Topbagyň tabşyrygyna düşünen ýaly, köle baryp urdy. Gamşyň ýalny suwuň ýüzünde
lowlap ýokary galdy-da, şol sekundyň özünde söndi.
Japbak el çarpyp güldi.
- Ana gördüňizmi, Japbaklaryň sözüne haýwan hem düşünýä. Emma Doýduk
düşünenok.
Onda Ýapbak aýtdy:
- Düýe-hä düşündi weli, işan aga düşündirmek kyndyr. Biziň işimiz şowly
bolmady. Japbaklaryň düýe otlan habary günübirin oba ýaýrar. Ondan soň Ýalak işanyň
öňünde durmak bize aňsat düşmez. Hudaýa şükür: düýäň guýrugynyň gylyndan başga
oňa şikes düşen ýeri hem ýok.
Japbaklar uzak maslahatdan soň, düýäni gamyşdan ýüklediler-de, işanyň
gapysynda getirip çökerdiler: uzur ötündiler.
- Işan aga, ine düýäň, ine-de bir düýe gamyş. Bagyşla. Biziň Mara gitmek işimiz
şowuna düşmedi.
Yalak işan bir düýe gamşy kümüş ýaly ykjamlap goýdy. Japbaklar Ýalak işandan
arany açanlaryndan soň, garyplykdan özara derdinişip, azajyk hiňlendiler.
Indi nirä giderkäk?
Niçigsi kär ederkäk?
Taňry bizi görmese,
Derdi kime aýdarkak?
Ýatagan
Japbaklaryň Durun obasynda durarlygy galmady.
Obanyň ala ýazy bolan Japbaklaryň obadan çykyp gitmegi daýhanlary gynandyrdy.
Daýhanlaryň olary hiç ýana goýberesleri gelmedi. «Her gün birimiziň öýümizde
myhman boluň» diýip töwella etdiler. Her kimden azdan-köpden toplap, Japbaklara
menzillik toplamagyň çäresine girişdiler.
Emma Japbaklar oňa razy bolmadylar. Kişi zähmeti, onda- da özleri ýaly
garyplaryň zähmeti bilen gün görmegi Japbaklaryň adyna laýyk bilmediler. Olar «biz
ýene tiz dolanyp geleris» diýip, dost-ýarlary bilen hoşlaşdylar.
Japbaklar talap agtaryp, obadan-oba gezdiler. Japbaklar ýaly işsiz gezýänler her
obada-da gyt däldi. Keseden geleni, onda-da dört adamy birden talaban tutmaga işçi
güýjüni bol tapýan baýlaryň bogny ysmaýardy.
Japbaklar bir obada bir ýatagan bar sesini, bütin gazanjyny, ullakan baýlygyny
ukudan gazanýan habaryny eşitdiler. Olar şol ýatagany yzarlap tapdylar.
Ýataganyňka her obadan, her şäherden, her hili ýurtlardan ýataganlar, mugt gazanç
yzarlaýanlar kän gelýär eken, olaryň köpüsi oňa birnäçe teňňe döküp gidýän eken.
Japbaklar şol ýataganyň öýüne baryp düşdüler.
01 edil pil ýaly bir adam ekeni. Japbaklaryň dördüsi birden onuň üstüne münseler,
dördüsini bir menzile alyp giderlik güýji bar eken. Onuň her gözi käse ýaly, her gabagy
bolsa elek ýaly ekeni. Onuň erinleri gazan tutajy ýaly bolup, burny bolsa goşa ýumruk
ýaly ekeni. 01 bir tegelek çöregi bölmän ýuwudýan eken. Şonuň üçin hem bir doýsa üçdört günläp ajykman, gymyldaman ýatýan eken.
01 Japbaklary naharlandan soň, olaryň habaryny aldy:
- Ýer-ow, ýigitler, näme, gezelenerni ýa habarlyj amysyňyz?
Japbak oňa jogap berdi.
- Hawa, seýlem bir seýil, sergezdanlygam bir seýil. Bizem, garaz, çöregimizi
huruşsyz iýmäni kyn görýän adamlar. Seniň bilen birsalym irkilişäýsek diýip geldik.
Ýatagan lahhyldap güldi. Onuň gülküsi bütin öýi sarsdyrdy. Mapbagyň endamy
tikenekläp gitdi. Tomus wagty bolsa Mapbagy ysytma tutmagy-da mümkindi.
Ýatagan Japbaga seretdi.
- Meniň bilen ýatyşjak haýsyňyz?
- Biziň hiç haýsymyzyň hem yzymyzda işimiz galyp duranok. Haýsymyzy rnakul
bilseň, saýla-da tutaý.
Ýatagan olara siňe seredenden soň, ýene lahhyldap güldi.
- Siziň haýsy-haýsyňyzdygyny seljerer ýaly bolmasa nätjek! Size asyl kimler
diýerler?
Ýapbak jogap berdi.
- Bize Japbaklar diýerler.
- Hä-ä, boldy, boldy.
Mapbak ondan sorady.
- Hä, näme boldy?
- Japbaklar atly dört dogan gulagyma ilýärdi. Halkyň soňsuz gürrüňine görä, siziň
bilen duşuşmagy arzuw hem edip ýördüm. Öz aýagyňyz bilen geleniňiz gowy boldy.
Men örän hoşal... Hany, onda güýç synanysyp göreliň bakaly. Ýöne weli, şertlije
bolsun.
Topbak oňa jogap berdi.
- Hawa, Japbaklar hem öz ömrüni biderek geçirýänlerden däl. Goý, şertlije bolsun.
Japbak Ýapbaga seretdi. Ýapbak Mapbaga seretdi. Mapbak Topbaga seretdi.
Topbak jogap berdi.
- Aýyby ýok. Goý, kyrk tylla bolsun.
- Siziň onçakly harjyňyz beri barmy?
- Sen özüň nähili bilýäsiň? Japbaklar ownuk-uşak zadyň syrtyna bukular
öýdýämiň?
- Ýok, men size ynanýan. Ýöne weli, bir şert bilen: meniň bilen ýatyşjagyň
aýaklaryna men zynjyr urjak.
Onda Ýapbak aýtdy:
- Seniň şertiň gutarmady-la! Näme, bizden ätiýaç edýämiň?
- Uka gezek galanda meniň dünýe ýüzünde ätiýaç edýän adamym bolmaz. Zynjyr
urmagym başga bir zat üçin däl-de, kim bilen ýatyşýanymy saýgarmagym üçin.
Onda Mapbak aýtdy:
- Bolýa. Japbaklara ynanjyň şeýle bolsa, zynjyryňy ur.
- Ynanmazlyk üçin däl-de, işi çig galdyrmazlyk üçin.
- Aýyby näme!
Ýatagan öýüň töründe iki ýer saldyrdy. Japbagyň aýagyna zynjyr urdy. Ondan soň
doganlaryň gözüne güýdüşendirin hasap edip, açary ýassygynyň aşagynda gizledi.
Aýalyna-da tabşyrdy.
- Myhmanlara göz-gulak bol!
Ýatagan öli göwre ýaly gymyldaman ýatdy. Japbak gije- gündiz gözlerini dört
gezek açyp-ýumdy, doganlaryna dört gezek yşarat etdi. Iň soňynda ýataganyň aýaly
suwa gitdi. Mapbak ýataganyň ýassygynyň aşagyndan açaryny aldy. Japbagy boşatdy,
ýerinde Ýapbagy ýatyrdy. Zynjyryň açaryny ýerinde goýdy.
Ýatagam iki gije-gündiz ýatdy. 01 bir agdaryldy, gözlerini dermirdip açjak ýaly
etdi-de, ýene uka gitdi. Mapbak gözlerini dört gezek açyp-ýumdy, doganlaryna dört
gezek yşarat etdi. Iň soňunda ýataganyň aýaly bir iş üçin daşaryk çykdy, Japbak
Topbagy Mapbagyň ýerinde ýatyrdy, açary ýene ýerinde goýdy.
Ýatagan iki ýarym gije-gündiz ýatdy. Agdaryldy, gözlerini açdy, seretdi. Aäaklary
zynjyrly Topbagyň horlap ýatanyny görüp, ýene uka gitdi. Topbak gözlerini dört gezek
açyp- ýumdy, doganlaryna dört gezek yşarat etdi. Iň soňunda ýataganyň aýaly suwa
gitdi. Ýapbak Topbagyň ýerinde Japbagy ýatyrdy, açary ýene ýerinde goýdy.
Ýatagan ýene iki gije-gündiz ýatdy. 01 agdaryldy, yňryljyrady, dönderildi,
gözlerini açdy, ýene ýumdy, Japbagyň öz gapdalynda horlap ýatanyny gördi. Onuň indi
içi goruldy. 01 iň soňunda uklap hem bilmedi, çydap hem bilmedi, dikelip oturdy,
gerindi, pallady, gapdalynda ýatan Japbaga ýüzlendi.
- Japbak! Japbak, haw!
Japbakdan ses-üýn çykmady. Ýatagan ony bir aýagy bilen pyzyp goýberdi. Japbak
üç-dört agdaryldy, zynjyr şakyrdady. Emma Japbak horruldysyny kesmedi. Ýatagan
doganlaryna ýüz tutdy.
- A-haw, Japbaklar! Doganyňyz ölen bolaýmasyn?
Ýapbak jogap berdi.
- 01 ukyň ýaňyja keýpine düşdi.
- Onuň, ýaly bolsa turzuň. Kyrk tylla däl, başga-da näme gerek Zädyňyz bolsa
bereýin, siz meniň başymdan sowluň!
Onda Mapbak aýtdy:
- Gelen myhmanyň ukusyny aldyrman ugratmak nähili bolarka?
- Ýatyşyňyz şu bolsa, ukyňyzy o dünýäde alarsyňyz. Ýapbak bilen Mapbak
Japbagyň iki golundan tutup galdyrdy. Japbagyň kellesi bulandy. Topbak onuň kellesini
tutdy, yralady, gygyrdy.
- Japbak, aý, Japbak, indi turaýsaň näderkä?
- Japbakdan ses hem çykmady, gözüni hem açmady. Topbak iň soňunda bir eli
bilen onuň burnuny tutdy, bir eli bilen agzyny tutdy - demikdirdi. Japbak birhaýukdan
soň asgyrdy: püşä- ä... Japbagyň gözi ýalpa açyldy. Töweregine garanjaklandan soň
pallady.
- Men irkiläýipdirin öýdýän?
Ýatagan oňa haýrangalyjylyk bilen seretdi.
- Irkilişiň şu bolsa, ýatyşyňdan Alla saklasyn! Ýatagan kyrk tyllany sanap berdi.
Japbaklaryň ol haçan gören zady! Olar biri-birlerine seredişdiler. Ondan soň Japbak
aýtdy:
- Menin, beýleki doganlarym bilen hem bir synanyşyp gör!
- Siziň bilen ýatyşmag-a beýle-de dursun, siz her günüňize kyrk tylla berseňizem,
menden sizi saklan ýok. Siz ýatyp-ýatyp birden ölersiňiz-de, meniň başyma töhmet
bolarsyňyz.
- Japbaklar ölýänlerden däldir, ýaşaýanlardandyr.
- Elbetde, şunuň ýaly bir hötjet bolmasaňyz, adyňyz il içine ýaýrasy ýokdy. Men
özüm akmak: Japbaklar ady eşitdiňmi: «ýok gardaşlar, ýok, meniň siziň bilen oýnum
ýok» diý gutar-da!
Onda Ýapbak aýtdy:
- Diňe birimiz bilen ýatyşjagyňy bilen bolsak, onda dört bolup gelmezdik.
- Siziň şeýle mahluklardygyňyzy bilen bolsam, men siziň ýüzüňize-de
seretmezdim.
Onda Topbak aýtdy:
- Beýle gam çekip oturma. Bize seniň tyllaň gerek däl.
- Ýok, ol size ene süýdünden halal.
- Onda, belki, ýene bir öwrülişikde dolandyryp bereris.
01 gaýta Japbaklara ýol harjylyk üçin ýene bir on tyllany zorlap berdi.
- Hawa, Japbaklar, saý-sebäp bilen tanyş bolduk. Men-ä sizi indi unudasym ýok.
Siz hem, elbetde, çendan öz ýataganyňyzy ýada salarsyňyz.
Japbak aýtdy:
- Sen, halypa, indi ýatagan adyňy aýyr-da, adyňa ýatmazak goýaý.
- Siz hemişe meniň daşymy alyp durasyňyz ýok. Siziň ýok ýeriňizde, men ýene şol
pilmahmytdyryn.
- Oňa biziňem şekimiz ýok!
Japbaklar elli tyllany jübülerine salsalar-da, uky bilen gazanan gazançlaryndan
hoşal bolman, zarynja hiňlendiler.
Dokluk näme diýdirmez,
Açlyk näme iýdirmez.
Durmuş syrly tilsimin
Japbaklara duýdurmaz.
Nähili söwda?
Japbaklaryň eline birinji gezek düşen elli tylla olaryň goltugyna ýylan girenden
enaýy bolmady. Olar näme etjeklerini, nähili sowjaklaryny bilmän, gara güne galdylar.
Ony bir ýanyndan iýip otursaň, sanly günde gutarjak. Agzyň ýetip duran nahara gözüň
düşse, ony iýmän hem durup boljak däl. Japbaklar şolbarada göterişdiler, goýuşdylar, iň
soňunda puly biderek ýatyrmazlyk, pula pul gazandyrmak küýüne düşdüler.
Japbak aýtdy:
- Buharadabiz gymmatmyş, Hywadan Buharabiz ýüklesek näderkä?
Ýapbak aýtdy:
- Eýranda duz gymmatmyş. Jebelden duz getirip, Eýrana ýüklesek näderkä?
Mapbak aýtdy:
- Owganystanda gatyr gymmatmyş, eşek alyp, baýtal bilen baksak näderkä?
Topbak aýtdy:
- Hywada goýun gymmatmyş. Pulumyza goýun alyp, Hywa sürsek näderkä?
Doganlar ony makul bildiler.
Japbaklar ýarym tylladan ýüz goýun aldylar. «Hywa äkidip, birini bir tylladan
beremizde, birimiz iki bolýa» diýip düşündiler.
Japbak aýtdy:
- Goýunlary satman, asyl bulary bakybersek näderkä? Onda Ýapbak aýtdy:
- Goýun bakmak aňsat iş däldir. Oňa it gerekdir, eşek gerekdir. Gumda, uzak
gyrda guýy gerekdir. 01 iş Japbaklaryň çygryndan daşarydyr. Bulary asyl bakaryna
berip, birýan çetinden iýibersek näderkä?
Onda Mapbak aýtdy:
- Goýunlary ata çalsyp, toý toýlasak näderkä? Onda Topbak aýtdy:
- Atylan ok daşdan gaýtmaz. Goýunlary Hywa äkidip satalyň, ýene bir gezek
gaýtaialyň, ýene-de bir gezek gaýtalalyň, iň soňunda özümizi özümiz oňararlyk baý
bolalyň.
Doganlar oňa müwessa goýdular.
Japbaklaryň ýoly uzakdy. Meňzeş gumlaryň, meňzeş oýlaryň, meňzeş takyrlaryň
aňyrsy tükenmedi. Obadan azyk götermedik Japbaklaryň özleri her günde diýen ýaly bir
goýun iýdiler. Itsiz ýola çykan Japbaklaryň her gije bir goýnuny möjek aldy. Birlänikilän goýun ýolda buýup öldi, ikilän-üçläni sürä ýaraman galdy.
Japbaklar Hywa baranlarynda, diňe kyrk sany goýunlary galdy. Japbaklary baran
ýerlermde «paç!» diýip tutdular. Howla salsalar hem paç, meýdana sürseler hem paç,
ýatyrsalar, turuzsalar hem paç, bazara sürseler hem paç. Şonluk bilen ýeser gassap
Japbaklaryň galanja goýunlaryny sekiz teňňeden satyn aldy.
Japbaklaryň Hywada uzak durarlygy galmady. Olar derrew yzlaryna gaýtmakçy
boldular. Olar gaýdyşyn ýola azyk üçin, öz satan goýunlaryndan biriniň guýrugyny şol
gassapdan dokuz teňňä satyn aldylar. Keýpi kök gassap olara eşitdirer- eşitdirmez heň
etdi.
Japbak, Japbak, Japbaklar!
Bir oýnamja akmaklar!
Goýny berer sekize,
Guýrugny alar dokuza.
Gassabyň olary aldany-ha aldany, onuň üstesine-de olary masgaralany, olary
akmak hasap edeni Japbaklaryň gulaklaryndan parran geçip, beýnilerine baryp ornady.
Japbak Ýapbagyň ýüzüne gyjyt bilen seretdi.
Mapbak Topbagyň ýüzune gyjyt bilen seretdi.
Topbak Japbagyň ýüzüne gyjyt bilen seretdi.
Japbak aýtdy:
- Bir gassaba özümizi oýnadyp barsak, bize il gülşer. Ýapbak aýtdy:^
- Ýa gassapdan goýnumyzy alalyň, ýa arymyzy. Mapbak aýtdy:
- Biz onuň özünden ökderäk bir aldaw salalyň, hiç wagtda ýadyndan çykmasyn.
Onda Topbak aýtdy:
- Ýok, çykgynsyz bir iş etmäliň. Ýöne Japbaklardygymyzy oňa tanadalyň.
Japbak onda:
- Yzyňyza dolanyň! - diýdi.
Olar gassabyň goňşusyndaky dükandan baryp zat almak çy boldular.
Japbak dükança aýtdy:
- Ýarym batman bürünç çek!
Dükançy bürünç çekip, Japbagyň gabyna guýandan soň, pul üçin elini uzatdy.
Japbak Ýapbagy salgy berdi-de:
- Puluny bu berer - diýip, torbasyny göterip gitdi. Ýapbak dükança aýtdy:
- Ýarym batman nabat çek.
Dükançy nabady Ýapbagyň gabyna guýandan soň, pul üçin elini uzatdy.
Ýapbak Mapbagy salgy berdi-de:
- Puluny bu berer - diýip, torbasyny göterip gitdi. Mapbak dükança aýtdy:
- Ýarym batman mäş çek.
Dükançy mäşi Mapbagyň torbasyna guýandan soň, pul üçin elini uzatdy.
Mapbak Topbagy salgy berdi-de:
- Puluny bu berer - diýip, torbasyny egnine atyp gitdi.
Topbak dükança aýtdy:
- Ýarym batman igde çek.
Dükançy igdäni Tbpbagyň torbasyna guýandan soň, pul üçin elini uzatdy.
Topbak gassaba bakan elini salgady.
- Puluny ol berer.
Dükançynyň birdenkä ýüregi gobsundy. Topbagyň, syýyndan ýapyşdy.
- Gassabyň siziň bilen näme işi bar?
- Biz oňa goýun satdyk. Onuň bize bergisi kän.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Japbaklar - 7
  • Parts
  • Japbaklar - 1
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 1970
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 2
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1739
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 3
    Total number of words is 3967
    Total number of unique words is 1807
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 4
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1777
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 5
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1822
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 6
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1884
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 7
    Total number of words is 3935
    Total number of unique words is 1938
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 8
    Total number of words is 4061
    Total number of unique words is 1857
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 9
    Total number of words is 3930
    Total number of unique words is 1878
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 10
    Total number of words is 2268
    Total number of unique words is 1054
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.