Latin

Japbaklar - 5

Total number of words is 4023
Total number of unique words is 1822
30.7 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Doganlaryň başyna agyr musallat indi, birdenkä tarpa- taýyn olaryň ejeleri
ýogaldy.
Doganlar aglaşdylar.
Obanyň adamlary olaryň agylaryna goşuldylar. Emma olardan kineli Kelekbaý
juda bolmasa bir gezek arymy alaryn diýen niýet bilen, olara içýakgyç sowal berdi:
- Ýeri-ow, ýigitler, näme beýle köp aglaýarsyňyz? Ejeňiziň ölümi şeýle agyr
degdimi.
Japbak Kelekbaýa ýaşly gözleri bilen seretdi.
- Baý aga, sen öleňde, biz ýa obada bolarys, ýa bolmarys. Ejemiziň ölümi
mynasybeti bilen seniň hem agy paýyňy öňünden beräýeli diýýäs.
Birsalymdan soň gelen Ýalak işan olardan kinaýa bilen sorady:
- Ýeri-ow, ýigitler, näme beýle köp aglaýarsyňyz. Ejenizi şeýle gowy
görýärmidiňiz.
Ýapbak Ýalak aga ýaşly gözleri bilen seretdi.
- Ejemiz-ä gowy görýärdik weli, Ýalak işana has hem yhlasymyz bütin. Bu gün
ejemiz öldi, ertir Ýalak işanyň öljegi ýadymyza düşüp, gözümiziň ýaşyny saklap
bilemzok.
Gözlerini ýalandan-çyndan süpüren Doýduk olardan sorady:
- Olýän ýeke siziň ejeňiz däl ahyry! Näme beýle ýürek urup aglaýarsyňyz?
Mapbak Doýduga ýaşly gözleri bilen seretdi.
- Ölüm ýeke biziň ejemiz bilen oňsa, işi haýyr weli, aýallaryň janyny aňsatlyk bilen
almaga adatlanan ölüm ertir biziň Doýduk ejemizi hem alyp ötäýdermikän öýdüp
aglaýarys.
Obanyň ýaşulysy olara töwella etdi.
- Oglanlar indi bes ediň, mert boluň. Ölen adam agy bilen yzyna gaýdyp gelýän
däldir.
Topbak ýaşly gözlerini süpürdi.
- Ejemiziň gaýdyp gelmejegini bizem bilýäs. Indi bize çöregi kim bişirip birkä
diýip aglaýas.
Japbak iň soňunda doganlaryna ýüz tutdy:
- Japbaklar, geliň, indi bes edeliň. Ejemiziň agy bilen göwni bitjek bolsa, biterçe
boldy.
Onda Topbak aýtdy:
- Geliň onda, indiki galan ömrumizi gülki bilen, şatlyk bilen geçireliň.
Japbaklar ejelerini gonamçylyga alyp gidenlerinde-de birnäçe wäşilik etdiler.
Suwly ýapdan geçmän kürtdürip duran üsti tabytly Ýapagyny görende, Japbak aýtdy:
- «Çüw» diýip, Ýapaga çala elini galgadaýsa-da boljak weli, ejem pakyr takga
jany çykaýjak ýaly gymyldaman ýatyr-da.
Keýp nämede?
Atasyz-enesiz Japbaklar çolaja oraçada maslahat edýärdiler. Öňi bilen Japbak öz
pikirini mälim etdi.
- Doganlar, yrym-yrym, ýom-ýom. Bizin Ýapagymyzyň üstüne ölüm mündi.
Geliň, indi biz ony münmäliň. Ýogsam ol bizi hem birdenkä barmasyz gala alyp
ötäýtmesin.
Onda Ýapbak aýtdy:
- Onyň dogry weli, Ýapagy biziň bäşinji «doganymyz» ahyry! Biz ondan nähili
aýrylyşyp bileris.
Onda Mapbak aýtdy:
- Ejeden aýrylan, dogandan aýrylyp biler. Onda Topbak aýtdy:
- Ýapagy bizden ynjamaz ýaly, biz ulagsyz galmaz ýaly, biz ony özi ýaly dört
aýakla çalşaly.
Doganlar ony makul bildiler.
Japbaklar Ýapagyny iki örküç bugra çalyşdylar. Bugranyň alkymyndan başlap, tä
omzuna çenli bütin boýunlary bilen gürzelek sakgal sallanýardy. Onuň gysgajyk öň
aýaklary bolsa tä injiklerine çenli edil jalbarly ýalydy.
Bugra-da edil Ýapagy ýaly, tüýs Japbaklaryň malydy. Ýapagyny üç bolup münen
bolsalar, bugra olaryň dördüsini hem göterjekdi. Ylaýta-da, ol odun çekmäge pälwandy.
Odun Japbaklaryň bir öz oraçalary üçin däl, satyp, harjylyk gazanmak üçin hem
gerekdi. Japbaklar öz ýanlaryndan: «Bugrany ýorgalatmakdan başga keýp zat
ýokmukan» diýip oýlanýardylar. Şol barada olar öz aralarynda gürrüň edişdiler. Japbak
biraz oýdan soň şeýle diýdi:
- Eýsem-de bolsa, men-ä it uruşdyrmakdan keýp zat ýokmukan öýdýän.
Mapbak ony geňirgendi.
- It uruşdyrmakdan?
- Bir gezek ony biz hemmämiz bile gördük ahyry! Ilki bilen itler uruşdy. Itleriň
eýeleri baýlar, olara ýapja goňşy-golamlary ýapyrylyşyp gykylyk etdiler. Siziň
ýadyňyzda barmy, biz her haýsymyz olaryň biriniň üstüne atlanyp mündük. Itiň keýpi
olary şeýle götereni üçin, olar biziň öz üstlerine münenimizi hem duýmadylar... Itler
urşup barmana biri basyldy. Itiň eýesi baý onuň guýrugyndan çekip galdyrjak boldy.
Beýleki itiň eýesi baý ondan ýumruk saldy. Ondan soň itleri unudyp, it eýeleri baýlar
gyzylýumruga girdiler. Olaryň goňşy-golamlary, dost- ýarlary hem urşa gatyşdylar.
Gyzylýumruklar adamlaryň depelerinden tokmak ýaly galgaşdylar. Kimiň burny
ganady, kimiň maňlaýy çilik ýaly çişdi, kimiň dişi damagyna iberildi... Baý şonda keýp
boldy-ow!
Onda Topbak aýtdy:
- Hawa, meniň hem ýadymda bar. Onda itler bilen eýeleri deňleşdiler. Itleriň hem
erinleri ganabulaşdy, eýeleriniň hem.
Ondan soň Ýapbak bir wakany ýadyna saldy.
- Dyňzap duran böwedi ýykaňda-da hiç niçik bolanok! Mapbak ony geňirgedi.
- Dyňzap duran böwedi ýykmak?
- Hawa, Siziň ýadyňyzda bardyr. Bir gezek şonuň ýaly böwedi ýykanlarynda, suw
dagdan inen ýaly şaglap akdy. Onuň öňüni almaga, beklemäge synanan hem bolmady.
Suw azlygy zerarly miraplar ozaldan hem biri-birine yrsaraşyp ýördüler. Biri böwedi
ýykanyň kempaýyna goýdy. Beýleki biri onuň gulagynyň düýbüne gondurdy.
Ýaňadandan ýene birnäçe ýumruk işledi. Iki sany ýumruklaşýanyň ikisi birden suwuň
içine togalandy. Şonda gylyç, pyçak hem gynyndan çykdy. Aradan kän salym
geçmänkä, dury suwuň ýüzi gan bilen gyzaryp akdy. Baý, şonda keýp boldy-ow!
Topbak ony geňirgedi.
- Suw gana boýalanda, keýp bolarmy?
- Şol ganjaryşmanyň bir ýany suw azlygy zerarly bolsa, ikinji ýany mesligi göterip
bilmeýän men-menlikden emele gelipdi. Şol urşanlar hem it uruşdyranlar bilen des-deň
adamlardyr.
Ondan soň Mapbak bir wakany ýadyna saldy.
Çendan gara ýel turanda-da gaty hezillik bolýar!
Japbak ony geňirgedi.
- Gara ýel turanda?
- Hawa. Biz bir gezek şonuň ýaly waka duçar gelipdik. Gara ýel şuwlaýardy.
Goňşy öýdäki aýalyň üweýän degirmeni harlaýardy. Öý eýesi aýal demir kepgir bilen
hyrt-hyrt gazan gazaýardy. Sallançakdaky çaga bogazyna sygdygyndan çyrlaýardy.
Batly ýel öý içine köwsarlap urýardy. Garaja öý şatyrdaýardy, yranýardy... Şol barmana
garaja öý ala şakyrdy bilen agdarylyp gitdi. Baý, şonda hezil boldy-ow!
Ýapbak ony geňirgedi.
- Birinin öýi ýykylanda, hezil bolarmy?
- Öý eýesi aýal geleňsiz bolsa, äri nalajedeýin bolsa, gynançdan ne peýda!
Ondan soň Topbak bir gyzykly wakany ýadyna saldy.
- Dört aýagynyň üstunde dik durup bilmeýän mes aty boşadanda-da, diýseň keýpli
bolýar!
Ýapbak ony geňirgedi.
- Mes aty boşatmak... näme üçin?
- Sizin ýadyňyzda bardyr: biz bir gezek bazara baramyzda, şonun ýaly mes aty
eýesinden kituwli biri boşadyp goýberdi. Keýpiň iň gyzygy hem şonda boldy. Mes at
ikinji bir mes atyň üstüne zyňyp, ony hem boşatdy. Iki at ýene birki sany aty boşatdy.
Atlar baýtallaryň üstüne zyňdy. Baýtallar tanaplaryny ýolup, ökje göterdiler. Käbir atlar
gemrişdiler. Olaryň aralarynda galan eşekleriň ýa aýaklary syndy, ýa-da boýunlary.
Atlaryň, baýtallaryň eýeleri hem gykylyk bilen ördüler. Atlar, baýtallar bazarçynyň
üstünden urdular. Käbir atyň nally toýnagy çoýun gazany çym-pytrak etdi. Käbir at öz
toýnaklary bilen satygçylaryň matalaryny süýräp gitdi. Atlar düýeleriň, düýeler
goýunlaryň içine güpürdi urdy. Ýykylan kim, sürşen kim, eline-aýagyna şikes ýeten kim
- hiç baş çykarar ýaly bolmady... Baý, şonda keýp boidy-ow!
Mapbak ony geňirgedi.
- Şeýle başagaýlykdan hem bir keýp bormy?
- Zyýan çekeniň agramy söwdagärler ahyry!
- Şeýle wejeralyk kime gerekdikä? Bazarda näme, bidöwlet gytmy?
Biraz oýdan soň, Japbak öz pikirini mälim etdi.
- Geliň, biz iliň etmedik keýpini edeliň! Topbak ony geňirgedi.
- 01 nähili keýp?
- Biz düýe üstünde düzzüm oýnalyň. Doganlar ony makul bildiler.
Japbaklar bugranyň howudynyň üstünden keseligine birnäçe uzyn sözen beklediler.
Sözeniň üstünden bolsa gujak- gujak selin düşediler. Bugranyň üsti tap-tagta tekizlendi.
Doganlar oňa emaý bilen dyrmaşyp, iki ýanlaýyn hatar gurap oturdylar. Bir gapdalynda
Japbak bilen Mapbak, beýleki gapdalynda bolsa, Ýapbak bilen Topbak oturdy. Olar
«Utulan bir ädim gaýra süýşmeli» diýip şert goýdular.
Doganlar düzzüme gyzdylar.
Bugra selinli gumak ýapyda peýwagtyna otlap gezdi.
Ýapbak bilen Topbak utuldy.
Japbak Ýapbaga aýtdy:
- Bir ädim gaýra süýş!
Mapbak Topbaga aýtdy:
- Bir ädim gaýra süýş!
Ýapbak bilen Topbak bir ädim gaýra süýşende, al-asmandan diň arkan gaýyp gitdi.
Ýapbak bilen Topbakly taý ýeňläni üçin, Japbak bilen Mapbak diň arkan gaýtdy.
Oňly baglanmadyk sözenleriň bir- näçesi hem olaryň garynlaryna baryp patlady.
Şonda garnyny gaşap galan Japbak aýtdy:
- Düýe üstünde düzzüm oýnaňda, utandan utulan ýagşy eken.
Gözleriniň guniuny süpüren Ýapbak ony geňirgedi.
- Näme üçin?
Utanyn, garnyna ýenjýärler!
Japbaklar özlerini rastlanlaryndan soň, eden işlerine ökünip aýdym aýtdylar:
Düýaň üstün tagtalap,
Päliň azyp aýnama,
Kakabaş ýa nogtalap,
Asla düzzüm oýnama.
Düz ýer diýip saýarsyň,
Al-asmandan gaýarsyň.
Taýak deger garnyňa –
Diňe şoňda duýarsyň!
Aždarha
Japbaklaryň bugrasy hem edil Ýapagy ýaly öz örüsini uzak çekmezdi. Belki, onuň
bol iýmäge nebsi otugandyr: bir gün ol baryp, Doýdugyň tümmül bolup oturan arpasyna
giripdir. Japbaklar ony Doýdukdan öň duýdular. Japbaklar Doýdugyň göwnüne melal
getirmezlik üçin, onuň ekine girenini bildirmän çykarmak çäresine girişdiler.
Töweregini garanjaklandan soň, Japbak aýtdy:
- Şu wagt hiç kim ýok. Geliň, biz ony assyrynlyk bilen idip çykaraýalyň.
Onda Ýapbak burnuny ýokaryk tutdy.
- Aý, ýigid-ä bildi-ow! Idip çykarsaň basgylar. Bugranyň yzy, näme, ýolbarsyň
yzyndan enaýymy? Biz iň ýagşysy ony süýräp çykaralyň.
Mapbak gulaklaryny üşertdi.
- Aý, ýigid-äbildi-ow! Kowup çykaranda, näme uçup çykar öýdýämiň? Gaýta ol
öz yzynyň daşyndan hem iki ýana agyz urup, arpany düýbi bilen goparar. «Ony eden
bolsa Japbaklaryň bugrasyndan başga hiç bir zat däldir» diýerler. Biz iň ýagşysy ony
göterip çykaralyň.
Topbak arkan gaýşyp güldi.
- Aý, ýigid-ä bildi-ow! Göterip çykarsan, ýa büdräp, ýa aýagyň taýyp, hökman
ýykylarsyň. Iykylmanda-da, Japbaklaryň yzlary gaplaňyň yzyndan enaýy bolmaz.
Japbaklaryň yzyna bolsa yzçy gerek däldir. Biz iň ýagşysy ony süýräp çykaralyň.
Doganlar Topbagyň pikirini dogry tapdylar.
Japbaklar bugrany arpanyň içinde çökerdiler. Ondan soň ony bir gapdalyna
agdardylar. Onuň hem paşmagyna bir ýüp dakdylar. Ondan soň ony dört dogan dört
ýerden ýapyşyp suýräp çykardylar.
Arpanyň içinde bugranyň yzyny bildirmän çykaran doganlar, yzlaryna garaman,
ökje göterdiler.
Birsalymdan soň arpasyna aýlanmaga baran Doýdugyň ýüregi ýarylara geldi. 01
gyňajyny oklaw ýaly edip, yzyna bakan ýapdy. Ýolda barýarka büdräp ýykyldy,
hasanaklap galyp, ýakasyna tüýkürdi. 01 ýüzüniň ugruna baryp, Kelekbaýa habar berdi.
- Dat, Gullukbaý, dat!
Doýdugyň ýuwusgadan gorkan ýaly, ak tam ýüzüni gören Kelekbaý birhili
haýykdy.
- Ýeri, Doýduk, näme boldy?
- Meniň arpama, almy, arwahmy, näme-de bolsa aýylganç bir zat girip, ony wesweýran edipdir. Eger, oňa çynlakaý çäre görülmese, ertir seniňkä-de girer. Kimbilýär,
belki, ol aýylganç zat oba-da aralaşar!
Baýlar tapan ýaraglaryny dakynyp, Doýdugyň arpasyna bakan ýörediler.
Japbaklar hem olaryň yzlaryna düşdüler.
Baryp görseler, Doýdugyň arpasynyň bir zol ýeri ýer bilen ýegsan bolup ýatyr.
Onuň töwereginde yz-da ýok, eser-de, edil ertekilerdäki aýdylýanlar ýaly. Ony gözüň
bilen görmeseň, ynanar ýaly hem däl. Oňa her kim her hili çen urdy.
Iň soňunda Kelekbaý aýtdy:
- Bu aždarhanyň işi bolsa gerek. Doýduk ýakasyna tüýkürdi.
- Aždarha?
- Hawa. Garry adamlaryň aýtmagyna görä, çendan onuň
Hindistan tarapyndan suw bilen geläýmesi barmyşyn.
- Waý, Kelekbaý, nädäýdiň. Duruna Hindistandan suw gelýärmi näme?
- Duruna gelmese, Amyderýa gelýä. Aždarha üçin bolsa Amyderýa bilen Durun
arasy aýallaryň suwluk ýolundan enaýy däl ahyryn!
- A-ýu, Gulluk, aždarhanyň geleni onuň nämesinden mälim bolýaka?
- 01 daň atar-atmazda bir hili çekreýärmiş. Japbak durup bilmän şeýle diýdi:
- Doýduk eje, onuň «Bö-ö! Be-e!» edýän sesini menem eşitdim. Ýeke men däl,
ynha, Japbaklaryň hemmesi hem eşitdi.
Baýlaryň düşünäýmeginden heder eden Ýapbak onuň böwrüne symsyklady.
Kelekbaý Japbaga gaýtawul berdi.
- Meniň eşidişime görä, aždarha düýe ýaly bölemän, geçi ýaly çekreýärmiş.
Ýapbak onda durup bilmän, şeýle diýdi:
- Baý aga aždarhaňam biziň bugramyzyňky ýaly tüýi barmyka?
Baýlaryň düşünäýmeginden howp eden Mapbak onuň böwrüne symsyklady.
Kelekbaý Ýapbaga gaýtawul berdi.
- Aždarha diýilýän düýe däl-de, ýylan ahyry! Ýylanyňam tüýi bormy?
Mapbak onda durup bilmän, şeýle diýdi:
- Belki, onuň biziň bugramyzyňky ýaly dört aýagy bardyr?
Baýlaryň duýmagyndan howatyr eden Topbak onuň böwrüne symsyklady.
Kelebaý Mapbaga gaýtawul berdi.
- Aýtjak sözüňi bilip aýtmak gerek. Aždarhaňam aýagy bolarmy? Aýagy bolsa yzy
bolmazmy?
Topbak durup bilmän, şeýle diýdi:
- Aždarha birden ekine giräýse, ony süýräp çykaryp bolýamykan?
Baýlaryň düşünäýmeginden howatyr eden Japbak onuň böwrüne symsyklady.
Kelekbaý Topbaga gaýtawul berdi.
- Heý, aždarhanam süýräp bormy? Onuň golaýyna barsan, ýuwudaýmazmy?
Iň soňunda Kelekbaý aýtdy:
- Doýduk, bu saňa allatarapyn gelen bir beladyr. Sen Hudaý ýoluna bir erkeç aýt.
Belki, ony Allanyň özi dep eder.
Onda Japbak aýtdy:
- Aždarha-da Japbaklardan eýmenç däldir. Erkejiňizi Japbaklaryň gapysynda
daňaýyň. Şundan soň şol aždarhanyň siziň ekiniňize girmejegine biz güwä geçýäs!
Eger, şol aždarha arpany ýene şunuň ýaly weýran etse, Japbaklaryň bugrasyna siz eýe
bolaýyň!
Men aýtmadymmy?
Doganlar oduna gidip barýarkalar, olaryň öňünden bir baýtally çykdy. Onuň
baýtaly akýal, gözleri şowady, guýrugy bolsa çakandy. Onuň üstündäki selleliniň ýüzi
göýül ýaly çym- gyzyldy.
Japbaklar oňa geňirgenmek bilen seredişdiler.
01 Japbaklara habar gatdy.
- Amanlykmy?
Japbak ondan sorady:
- Näme diýdiň?
- Amanlykmy diýýän. Ýapbak oňa jogap berdi.
- Ýok!
Baýtally ony geňirgedi.
- Näme üçin?
- Üçini bormy?... Biz amanlygam däl, hiç kimligem däl, özümiziňkilik.
- Size kimler diýýärler?
- Bize Japbaklar diýerler.
- Hä-ä, boldy, boldy.
- Näme boldy?
- Siz şol dört sany tüpbozan-ow!
- Ýok, biz tüpbozan däl, dek gezen.
- Siz şol elini sowuk suwa urmaýan ýaltalar-ow!
- Hany gel, elimizi deňeşdirip geräýeli.
Dört doganyň dördüsi hem aýalary gabarçakly, barmaklary jaýryk-jaýryk gollaryny
uzatdylar. Baýtally özüniň pamyk goluny olara görkezip bilmedi.
Mapbak ondan sorady:
- Saňa kim diýýärler?
- Maňa il içinin adyl kazysy diýýärler.
- Hä-ä, boldy, boldy!
- Näme boldy?
- Sen şol taňryny tanamaz parahor-ow!
Kazyň gahary geldi. Japbaklara agzyndan gelenini garga- dy. Baýtalyny
gandyzlady.
- Heý, peläketler! Sizi Ýalak işanyň gargysy tutsun! Betpäller!
- Aý, ýaşuly, itiň gargysy gurda ýokmaz. Hemme päl biziňki ýaly bolsa, dünýä
eýýäm düzeläýmejekmi? Özüň ýaly, daşy jäjek, içi möjekler kän!
- Görýän welin, siz betpällerden oňlulyk çykjak däl.
- Şol baýtalyň, şol sypatsyz bilen oňlulyk saňa sürtseňem ýokjak däl.
- Sem boluň, haýwanlar!
- Topbak, baýtaly jylawla! Haýwanyň kimdigini biz oňa görkezeli.
Japbaklar oňa bakan aýaklaryny tapyrdadanlarynda, kazy baýtalyny gamçylap,
ümdüzüne gaçdy... Japbaklar odun ýygyp ýadadylar. Japbak kölegesini synlandan soň,
Ýapbakdan sorady.
- Ýeri-ow, Ýapbak! Günorta bolupmy?
Ýapbak kölegesini synlandan soň, Mapbakdan sorady.
- Ýeri-ow, Mapbak! Günorta bolupmy?
Mapbak kölegesini syşlandan soň, Topbakdan sorady.
- Ýeri-ow, Topbak! Günorta bolupmy?
Topbak kölegesini synlandan soň, jogap berdi.
- Ýok, entek bolmandyr. Ýadaw Japbak Güne seredip:
- Şu wagt suw nobatym bolsa, men senden gaňryp alardym. Topbak oňa jogap
berdi.
- Nobatdaşyň men bolsam, seniň seňrigiňe örän berk kakardym.
Japbak bilen Topbak boýdaş boldy!
- Näme diýdiň?
- Näme eşiden bolsaň, şony diýdim.
Ýapbak bilen Mapbak olaryň arasyna girdiler. Ýapbak Mapbakdan soraşdy:
- Günorta bolupmy? Mapbak jogap berdi.
- Kemi galmandyr.
- Ony nämeden bildiň?
- Japbak bilen Topbagyň gözlerinden. Doganlar gülüşdiler, öýlänlik iýmäge
oturdylar. Olaryň çörekleri azajykdy. Soganlary kändi. Doganlaryň dördüsiniň hem
gözleri birden ýaşardy.
Ýapbak Japbakdan sorady:
- Ýeri-ow, Japbak, näme üçin agladyň?
- Ejem ýadyma düşdi. Sen näme üçin agladyň?
- Ýapagy ýadyma düşdi. Topbak Mapbakdan sorady.
- Sen näme üçin agladyň?
- Göwnüme bolmasa, hälki kazy baýtaly alyp gaçan ýaly. Şonuň üçin birden
gözüme ýaş inenini duýman galdym. Sen näme üçin agladyň?
- Göwnüme bolmasa, şol kazy ýykylyp, heläk bolaýan ýaly. Japbaklar uzyn günläp
ýygan sazaklaryny bugranyň üstüne basdylar. Tanaplaryny mäkäm dartdyryp daňdylar.
Ondan soň «Haýt! Çüw!» diýdiler. Emma bugra çüwmedi. 01 gobsunjak ýaly edip:
«Bö-ö! Bö~ö!» etdi-de, öz ýerinde arkaýyn oturdy.
Berdaşly sazaklaryň aşagynda onuň gara gulaklary çala saýgaryldy. Dört dogan
oňa ýamaşgandan gop berip «Haýt! Çüw!» diýdiler. Bugra ýene çüwmedi. Onuň diňe
naýynjar «Bö-ö!» sesi eşidildi.
Onda Japbak aýtdy:
- Bu kime näz edýäkä.
Ýapbak aýtdy:
- Turandan oturanyny gowy görse, goý, otursyn! Mapbak aýtdy.
- Maňa galsa-ha, gözel göwni, goý, ýatybersin! Topbak aýtdy.
- Degmäň, agşam özi iýmine barar.
Doganlar bugrany şol ýagdaýda galdyryp, öýlerine gitdiler.
Bugra agşam iýmine gelmedi.
Japbaklaryň ýüregine howul düşdi. Olar il heniz ýatmanka, bugra bakan
haýdadylar. Baryp görseler, bugranyň şol bir oturyşy.
Japbak onuň ýükünden özüne bir arka odun çykady.
Ýapbak onuň ýükünden özüne bir arka odun çykady.
Mapbak onuň ýükünden özüne bir arka odun çykady.
Topbak onuň ýükünden özüne bir arka odun çykady.
Bugra şondan soň ýeňillik bilen galdy.
Üstleri ýükli dört dogan bilen bir bugra aý-aýdyňlykda kerwen gurap gaýtdy.
Aý-aýdyň gijede hatar kerwenden aýdym sesi ýaňlandy:
Düýe diýme, ýaby diýme,
Rehimiň gelsin haýwana,
Oňa-da ber, ýeke iýme,
Olar eşretdir jana.
Ýük uranda, agyr urma.
Malyňy et göze sürme,
Halyny bil, garaşyk et Nähak ýere taýak urma.
Gaňňasy nirede?
«Hudaý uranyny pygamberem hasasy bilen dürter» diýen ýaly, Japbaklaryň agyr
durmuşynyň üstüne bugralary-da tarpa-taýyn öldi ýatyberdi. Doganlar bugranyň
hamyny satyn, bir taýhar edindiler Onuň reňki gyzgyltdy. Oňa kemally münüş
öwretmänkäler bolsa ony gaçyrdylar. Taýhar zym-zyýat boldy.
Japbaklar taýharlaryny gözläp, başga bir obanyň çetinden bardylar. Olaryň
öňünden bir adam çykdy. Onuň gaýgyly ýüzi söwdada utulanyňka, dawada basylanyňka
çalym etdi. Japbaklar ondan taýharlaryny soradylar. 01 bolsa doganlaryň kimlerdigini
sorady.
- Ýagşy ýigitler, size kimler diýerler. Japbak oňa jogap berdi:
- Bize Japbaklar diýerler.
- Hä, boldy.
- Näme boldy?
- Örän guwy boldy. Men siziň adyňyz bilen aşnadym. ü içinde şolar ýaly ynsaply
ýigitler köpräk bolaýsa, bolmaýarmy diýip oýlanýardym.
01 adam böwrüni diňirgäp, iňkis bilen oýlandy-da:
- Siziň eşegiňiziň ýaşy ortadan aganmydy? - diýip sorady.
01 adamyň şol soragynda üýtgeşik bir many bardy. Şonuň üçin Japbak Ýapbaga
seretdi, Ýapbak Mapbaga seretdi, Mapbak Topbaga seretdi. Topbak Japbaga seretdi.
Japbak jogap berdi:
- Alamyzda taýhardy, ýitirelimiz bäri, belki, gartaşyp ýörendir.
- Eşegiňiziň başy sellelimidi?
Japbak ýene bir gezek doganlarynyň ýüzüne hyrydar garandan soň jogap berdi.
- Öwlat gatançly ýaly, gözleriniň ýitilig-ä bardy. Ýapbak onuň üstüni artdyrdy.
- Özüni bize tanatmajak bolup, belki, selle-de oranandyr?
- Eşegiňiz kime meňzeýärdi? - Eşege meňzeýärdi.
- Ýene kime meňzeýärdi.
Japbak Ýapbaga çiňerildi. Ýapbak Mapbaga çiňerildi. Mapbak Topbaga çiňerildi.
Topbak jogap berdi:
- Biziň eşegimiz baýaky kaza çalym edýärdi, ýa-da kazy biziň eşegimize çalym
edýärdi.
- Onda...
- Ýeri onda?
- Siziň eşegiňiz hol ortaky öýde kazylyk edip otyr. Mapbak hoşallyk bilen
tassyklady.
- Sagja bol, aý, agam, edil özüdir.
Japbaklar şol öýe bardylar. 01 adam hem olaryň yzyna düşdi.
Japbak aýtdy: - Biziň eşegimiz. Ýapbak aýtdy. - Biziň eşegimiz. Mapbak aýtdy. Biziň eşegimiz.
Topbak aýtdy: - Bizin eşegimiz. Japbak onuň sellesiniň ujundan tutdy. Ýapbak
bilen Mapbak onuň gollaryndan tutdy. Topbak onuň ýeňsesinden gop berdi. Kazynyň
dili tutuldy. 01 gepläp bilmän, diňe hynçgyrdy.
Dawagärler ol ýagdaýa gen-taň galdylar.
Japbak olardan sorady.
- Hany munuň gaňňasy.
Gyzyl loty epeý bir adam oňa jogap berdi:
- Kimiň, gaňňasy?
- Kimiňki boljakdy? Eşegiň gaňňasy?
- Haýsy eşegiň?
- Ine, şu eşegiň, biziň eşegimiziň.
Dawagarleriň agyzlary alardy. Olaryň köpüsi dogrudyr diýip tassykladylar. Biri
gyzyl donly, biri bagana içmekli, iki sany ýüzi jozzuk bolsa «Toba, Toba, Estagpyrulla»
diýşip haýykdylar. Ondan soň olar Japbaklary haýaljyratmak islediler.
- Toba ediň, ýigitler, toba.
- Biz nämä toba edeli.
- Bu kazy işan ahyry.
- Kazy işan.
- 01 biziň dawamyzy çözýär ahyry.
- Siziňkinimi ýa halkyňkyny?
- Biziňkini, hym hawa, halkyňkynam. Oturanlardan gopgun çykdy!
- Diňe şularyň bähbidine.
- Diňe şularyň bähbidine.
- Diňe baýlaryň bähbidine.
Doganlaryň dördüsi dört ýerden el çarpyp güldi.
- Sizem eşege işiňizi ynanýan bolsaňyz, işiňiz şowuna däl.
Hälki Japbaklara salam beren adam ara düşdi.
- Onda näme, bu «men kazydyryn» diýýär ahyryn.
- Onda munuň eden işi galat-da.
- Eşege ynanýan adamlar üçin, belki, dogrudyr.
- Men onda hakymy talap edibermeli-dä?
Japbak oňa igendi.
- Elhepus, agam, tünt ekeniň-ow. Sen bir zada düşünýän adam bolsaň, bize munuň
gaňňasyny tapyp ber.
01 adam garynlak bir baýyň ýakasyndan tutdy.
- Ber bäş tümeni.
Gykylyk-gopgun köpeldi. Obanyň adamlary üýşdüler. Algyly bilen bergili
gatyşdy. «Bäş tümeni ber-de, üç tümeni ber» Baýlaryň ýakasy el boldy.
Garyplaryň gopgunyndan gorkan oba baýlary Japbaklara töwella etdiler. Onda
Japbak aýtdy.
- Siziň bilen biziň aramyzda düşünişmezlik bar. Size eşek gerekmi, kazy gerekmi?
- Toba etdik, hudaýym, bize kazy - işan gerek. Onda Topbak aýtdy.
- Biz kazam göremizok, tazam. Eşek alarys diýseňiz bereli. Barybir ol bizi
gönendirenok. Aýyn bolmasa gaçýar.
Kazy gepläp bilmän, sakgalyny selkildedip hynçgyrdy. Barmagy bilen ýer dyrmap,
nämedir ýazdy. Onun ýanyndaky mürzesi şol haty okap berdi.
«Men şundan som kazylyk etsem, tüf ýüzüme» diýýär.
Onda Japbak merekede uzur ötündi.
- «Ýalňyşmaz, ýazmaz bir Alla bar» diýýärler. Biz biraz ýalňyşaýypdyrys öýdýän.
Biziň eşegimiziň sakgaly ýokdy ahyry.
Kazynyň biraz dili açyldy.
- Be, be, berekella, köşegim! Onda Ýapbak aýtdy:
- Kazy aga, bizi bagyşlaň.
- Be, be, berekella, köşegim!
Obanyň bir çetinden Japbaklaryň sazlanyşyp çykan owazlary eşidildi.
Ah, ňaýynsap kazylar,
Ile gelen musallat!
Ala jully tazylar Awmuş olara millet.
Sellesine garamaň,
Hiç ýagşylyk aramaň,
Goý, din şolaňky bolsun,
Asla habar soramaň.
Çöregi bitin eken
Dört dogan dört aýaklydan dyndylar. Olaryň oraçasynyň töwereginde özlerinden
başga iki aýakly towuk hem görünmedi. Doýdugyň igenjine çydaman, galanja gatygutularyny hem harç edip, ejelerine hudaýýoly berdiler. Indi bolsa, ýagy ýaly gyş ýetip
gelýär. Ne ýapynara bar, ne düşenere bar, ne-de tamşanara bar. Olara indi ýer tapsalar
hyzmatkär durmakdan başga çäre galmady.
Ýetip gelýän gyş ýeke Japbaklaryň däl, Doýdugyň hem ke jebesini darykdyrdy.
Onuň hyzmatkärleri onuň bilen oňuşman, gysgançlygyna çydaman çykyp gitdiler.
Doýduk indi mallaryna-da özi seretmeli boldy. Gapysynda bolsa gyş üçin bir çöpem
oduny ýokdy. Sygyrlaryna döle gazmalydy. Mallaryna agyl etmelidi. Oňa Japbaklara
ýüz tutmakdan, şolary hyzmatkär edinmekden başga çäre ýokdy. Emma oňa dört adam
gerek däldi, iki adam gerekdi. Dört adamy ýallamaga Doýdugyň ýüregi takat
bermeýärdi. Eýsem-de bolsa, olaryň başyny aýlaryn, ikisini hyzmatkär tutaryn, ikisini
bolsa başga bir ýurda kowaryn niýeti bilen bir gün olary öýüne çagyrdy.
Emma Japbaklar Doýdugyň içki syryndan habardardylar.
Japbaklar çogda çäkmenlerini süýräp, Doýdugyň öýüne bardylar.
Doýduk olary hormat bilen garşy aldy. Sypaýçylyk bilen söze başlady.
- Balalarym, size meniň haýpym gelýär. Sizde ne ene bar, ne ata bar, ne-de
öýüňizde şaňňyrdap oturan gelniňiz bar. Siz kiriňizi özüniz ýuwmaly, nanyňyzy özüňiz
bişirmeli. Bişirmäge bol galla bolsa ýene ýagşy. Sizde arta-taşa bir zat bardyr hem
öýdemok. Indi bolsa gyş ýetip gelýär. Goňşy hatyrasyna, men sizden bir habar alaýyn
diýdim. Siz indi näme etsek diýýäňiz?
Japbak oňa žogap berdi.
- Doýduk eje, «Töwekgeliň endişe bilen işi bolmaz» diýen nakyl bar. Japbaklar öz
ýüregini howsala aldyrýan adamlar hilinden däl. Janymyz sag. Güýjümiz bar. Işläp
bilýäs, dişläp bilýäs.
- Wah, meniň hem aýtjak bolýanym şol-da. Dişlemäge bir zat tapýamysyňyz?
Ýapbak ona jogap berdi.
- Doýduk eje, bu dişleri demirçi kakan däldir. Diş beren dişlemäge-de bir zat
berer.
- Size meniň haýpym gelýär. Bolmasa, iki sanyňyz meniň öýümde galyp, iki
sanyňyz ýene bir ýere rysgal aramaga gitseňiz näderkä?
Mapbak oňa jogap berdi:
- Doýduk eje, sen biziň bilen doga oba-goňşy bolsaň hem sen entek Japbaklary
tanaňok. Bizi biri-birimizden ölüm aýyrmasa, başga hiç bir güýç bölüp bilesi ýok. Biziň
göwrämiz aýry bolsa-da, ýüregimiz bitewidir.
- Meniň size aýtjak bolýanym: her haýsyňyz bir ýerde işleseňiz, gazanjyňyz
köpräk bolardy. Ýeke bir iýmek, geýmek däl, öýlenmek hem gerek.
Japbak ona jogap berdi.
- Doýduk eje, biz galyň töläp, gelin alýan baýlardan däldiris.
Ýaz çykar, ot biter, gül açylar, belki, biziň hem oraçamyzyň töweregine baýram
geler! Ana, şonda Japbaklaryň dördüsiniň hem birden öýlenmekleri mümkindir.
Doýduk hile gursa-da, Japbaklary biri-birinden aýryp bilmejegine gözi ýetdi. Onuň
talabansyz gününiň geçmeýäni hem anykdy. Şonuň üçin Doýduk Japbaklaryň
hemmesini öz öýünde talaban saklamak kararyna geldi.
Onda Japbak aýtdy:
- Az ber, kän ber - biziň hak dawamyz ýok. Ýöne weli, gyş üçin bizi mazaly
öňünden geýindir. Şonda seniň talabyňy hem gowy ýerine ýetiris.
Onda Ýapbak aýtdy:
- Bizi talaban hasap edip, diňe şyrryk çala tutma-da, öz maşgalaň hökmünde gör,
özüň näme iýsen, bize-de şony iýdir. Şonda talaby gowy ýerine ýetiris.
Onda Mapbak aýtdy:
- Biziň iýjegimizi elimize ölçäp berme-de, garnymyzyň aldygyna goýber. Şonda
talabyňy gowy ýerine ýetiris. Onda Topbak aýtdy:
- Doýduk eje, sen asyl bizi özüňe ogul edinäý. Şonda seniň işiňi öz işimiz ýaly
işläris, seniň malyňy öz malymyz ýaly gowy göreris. «Mal eýesiniň gözünden suw içer»
diýen nakyl bardyr.
Doýduk tarsa ýerinden galdy.
- Belki, siz «Bizi mirasa-da şärik et» diýersiňiz? Onda Japbak aýtdy:
- Doýduk eje, biz miras söýýän, miras üçin ýaşaýan adamlar kabylyndan däl. Biz,
heý, öz ata-enemizden bir zat alyp galdykmy?
Doýduk lahhyldap güldi.
- Siz ol pakyrlardan näme alyp galjakdyňyz. Onda Mapbak aýtdy:
- Halha, kemtersinden oraçamyz dur. Biz şony hem paýlaşamzok. Japbaklar,
ýöräliň! Barybir biziň Doýduk eje bilen söwdamyz tutjak däl.
Doýduk özüni eýläk urdy, beýläk urdy. Emma Japbaklary öz diýenine razy edip
bilmedi. Japbaklaryň aýdany boldy. Onda Topbak aýtdy:
- Doýduk eje, onda şertimiz şert bolsun! Doýduk nalajy razy boldy.
Japbaklar Doýdugyň öýünde talaban bolup galdylar.
Japbaklar aňyrsy birnäçe günüň içinde mähnet döle gazdylar. Doýdugyň
baggoýunlaryna, eşeklerine agyl etdiler iki gezek oduna gidip geldiler. Emma Doýduk
wadasynda tapylmady. Doganlaryň şyrryk çal bilen gaty çörekden başga gyzgyn çorbada agyzlary degmedi. Ýagly-ýüzli Japbaklaryň dişlerinde galan bolsa, Doýduk kakyp
aldy.
Japbaklar bir gün üýşüp oturyp, öz aralarynda zeýrenişdiler.
Doýduk olaryň üstüne geldi.
- Ýeri, Japbaklar, bu nä habar?
Japbak oňa jogap berdi.
- Doýduk eje, näme bizi habara iberipmidiň?
- Aý, ýöne dile geldi, bile geldi, soraýdym.
- Soranyň gowy. Sorasaň jogap bereris: biziň aňrymyz eljuk diýýär.
- Aňryňyz nirede?
- Dört doganyň dört toklulyk garyn gazanynda.
- Siziň garnyňyzyň maňa näme dahyly bar?
- Näme üçin bolmaz?
- Siz Japbaklar, men Doýduk.
Onda Japbak jogap berdi:
- Doýduk eje, sen özüň her günde birnäçe gezek doýýarsyň. Japbaklaram juda
bolmasa, günde bir gezek doýsunlar ahyry!
- Hudaýyň deň etmedigini men nähili deňläýin? Onda Mapbak jogap berdi.
- Doýduk eje, sen hudaýa-da sapak berýämikäň öýdýän.
- Toba etdik, hudaýym!
Onda Topbak aýtdy:
- Doýduk eje, näme beýle içiňi çekýäň? Sen Japbaklara eje bolmagy oýnam oglany
birden dograndan aňsat hasap edýämiň? Seniň öz wadaň hem bar. Sen bize birneme
garaşyk et, gözümiz ýerine gelsin.
- Bolýa, bolýa. Men şu gün siziň garnynyza bir gyzgyn zat atjak bolaýyn.
- Doýduk eje, bir diýip, iki diýip, aňyrsyny çürüzziklemegin. Bize eje boljagyň
çynyň bolsa, tä ölýänçäň elmaýyş etgin.
- Heý, ýaşy kesilen! Sen indi meni öldürjegem-ow! Onda Japbak jogap berdi.
- Eý, Doýduk eje, biz seniň ölümiňi dilämzok. Sen ölseň, bize ýagly-ýüzlini kim
berer?
Doýduk doganlara çala ýylan gözli bir çorbajyk berse-de, derrew yzyny kesdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Japbaklar - 6
  • Parts
  • Japbaklar - 1
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 1970
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 2
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1739
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 3
    Total number of words is 3967
    Total number of unique words is 1807
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 4
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1777
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 5
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1822
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 6
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1884
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 7
    Total number of words is 3935
    Total number of unique words is 1938
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 8
    Total number of words is 4061
    Total number of unique words is 1857
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 9
    Total number of words is 3930
    Total number of unique words is 1878
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 10
    Total number of words is 2268
    Total number of unique words is 1054
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.