Latin

Japbaklar - 2

Total number of words is 3919
Total number of unique words is 1739
29.4 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dünýäden kömek talap etseler-de, olaryň sesleri hiç ýere ýetmedi. Eýsem-de bolsa, olar
howsala düşmediler. Giň gurrugyň düýplerinde basgançaklar ýasamaga durdular, birbirleri bilen degişdiler, gülüşdiler.
Olaryň depelerinde diňe höwürtgelerini aldyran gökwarryklar gaýmalaşdylar,
garkyldaşdylar. Japbaklar olara heň bilen ýüz tutdular.
Gökwarryklar, gökwarryklar, Size degmän geçsin oklar! - Gurrukdadyr Japbaklar diýp, Habar beriň, gökwarryklar.
Warryklaşýan gökwarryklar birsyhly köne gurrugyň depesinde aýlandylar.
Japbaklar hiňlendiler. Gökwarryklar warryklaşdylar.
Japbaklardan başga-da ýumurtga gözleýän, kömelek çöpleýän oglan meýdanda gyt
däldi. Gökwarryklaryň aljyraňňy gaýmalaşýanlary birdenkä dört oglanyn gözüne ildi,
warryklaşýan gozgalaňly sesleri-de eşidildi. Şol dört oglanyň biri Mölegözdi, ikinjisi
Kel, üçünjisi Ýemşik, dördünjisi Ýalamady. Gökwarryklaryň bir ýerden aýrylman
köwsar urmagy, jöwlan urmagy olaryň ünsüni özlerine çekdi. Olar: «Belki,
gökwarryklar hüwiniň ýa-da baýguşuň gözüni görendirler» diýip düşündiler.
Olar dört bolup gurrugyň agzyna bardylar. Görseler, gurrugyň düýbünde Japbaklar
ýer köwýärler. Olar Japbaklara el çarpyşyp gülüşdiler.
- Japbaklar pällerine göre tapdylar.
- Japbaklary gurrukdan çykarmalyň.
- Goý, Japbaklar çaga guşlara dönsünler.
- Goý, olar gury gurrukda gönensinler!
- Japbak, gap! Mapbak, gap! - diýip, olaryň üstünden owunjak kesekler hem
okladylar.
Japbak olara herrelmekçi boldy, Ýapbak olara ýalbarmakçy boldy. Mapbak olary
garbamakçy boldy. Topbak olara duzak gurmakçy boldy.
- Hä-jik... Hä-äjik!.. Bulary siz tapmarsyňyz, Japbaklar tapar, Japbaklar!
Mölegöz gözlerini petredip seretdi.
- Näme tapdyňyz?
- Altyn guş tapdyk, altyn guş!
Topbak elindäki guşy güjeňledi. Ýapbak elindäki guşy güjeňledi. Mapbak elindäki
guşy güjeňledi. Japbak elindäki guşy güjeňledi.
Ýemşik olara mekirlik bilen seretdi.
- Wiý, olar-a gyzyletene.
- Altyn guş ýetdirmez her ýetene!
Baý ogullarynyň altyn guşlara nebisleri otukdy. Olar altyn, kümüş barada öz
atalarynyň, tükeniksiz gürrüňlerini diňleýärdiler. «Altyn guş» sözi olaryň akyllaryna
täsir etdi. Olar biri-birine seredişdiler, pyşyrdaşdylar. Japbaklara ýüz tutdular.
- Sizi çykarsak, bizem şärik edermisiňiz?
- Size biri, bize üçüsi.
- Ýok. Size-de ikisi, bize-de ikisi.
- Emma altyn guşlaryň emele gelýän ýerini hiç kime hiç wagtda aýtmazlyk şerti
bilen. Ýogsam siziň kakalaryňyzyň, nebsine doýmak ýokdur: altynyň tohumyny
tükederler.
Mölegözler aýtmajaklaryna şert etdiler. Japbaklary ýeke- ýekeden çekip
çykardylar.
Aldanan baý ogullarynyň uruşmaklaryndan howatyr eden Japbaklar olara abaýsyýasat urmakçy boldular.
Topbak Mölegöze ýumrugyny görkezdi.
- Saňa altyn guş gerekmi? Ine! Mapbak Ýemşige ýumrugyny görkezdi.
- Saňa altyn guş gerekmi? Ine! Ýapbak Ýalama ýumrugyny görkezdi.
- Saňa altyn guş gerekmi? Ine! Japbak Keliň başyny sypady.
- Ýok, beýle däl. Japbaklaryň her hili oýny bardyr. Siz göwnüňize zat getirmäň.
Altyn guşlar entek sap altyna öwrülmändirler, olaryň entek mis gatyşygy bar. Olar öz
reňklerini durlaýançalar, entek olara degmezlik kararyna geldik.
Kel Japbagyň goltugynyň aşagyňda myrryldady.
- Altyn guşlar altyn bolanda, siz olaryň ýarysyny bize berermisiňiz.
- Hökman! Ýöne welin, hiç kime aýtmazlyk şerti bilen. Japbaklar bilen
Mölegözler gülşüp-gürleşip gaýtdylar.
Olar oňsalar, bizem oňarys
Dört dogan bir zada güýmenip otyrdy. Kelekbaýyň dördünji aýalyndan bolan
aýaklary çaýşyk, gözleri çaşy ogly olaryň ýanyna geldi. 01 özüniň çorly ellerinde ykjam
tutan çebiş omaçasynyň çala bişen etini çekeleýärdi, kirli elleriniň ýagyny, omaçadan
syrygýan çorbany şapyrdadyp ýalaýardy.
Topbagyň oňa gozi düşende, agzynyň gyllygy akdy. Emma ol ondan «Maňa-da
ber» diýip dilemedi. 01 dodaklaryny tamşandyryp, doganlarynäýüz tutdy.
- Eý, Japbaklar! Geliň, blzem et iýeliň!
Çebiş omaçasyny çekeleýän çaşa, agzyndan gyllyk akan Topbaga üns hem
bermedik Japbaklar doganlyk hatyrasyna onuň sözüni tassykladylar.
- Geliň, bizem et iýeliň.
Töwerekde öli-diri ete gözi düşmedik Mapbak böwrüni diňşirgedi, öz pikirini
daşyna çykardy.
- Eti tapsak iýeris-dä. Ýapbak çowluja burnuny çekdi.
- Tapanda kimler iýmeýär. Ynha, çaýşygam çeýnäp dur. Sen tapylmandaky iýeniňi
aýt. Japbak gulaklaryny üşertdi.
- Siziň iýjegiňiz et bolsun! Ýöne welin, mugt Buharda ýok, dişlemek üçin - işlemek
gerek...
Topbak Japbagyň agzyna ýapyşdy.
- Dur, men seniň aýtjak bolýan zadyňy bilýän.
- Näme bilýäň?
- Ýer bilen Gögüň arasynda guşdan kän zadyň ýoguny bilýän.
Ýapbak onüň sözüni ýaňsa aldy.
- Aý, ýigid-ä bildi-ow?! Gumda kän-dä. Mapbak Topbagyň /arkasyny çaldy.
- Topbak gaty gowy bildi! Geliň, biz adama bir hepbik ýasalyň. Ondan soň, hol
atýatagynda guralyň. Eger biz alyp ýetişsek, guş düşüp ýetişer, biz iýip ýetişsek, guş
bişip ýetişer.
Doganlar doganlaryň sözüni tassykladylar.
- Topbak bildi.
- Mapbak bildi.
Olar hepbik ýasamak üçin ýerlerinden galanlarynda,
Japbak olaryn öňünde bir şert goýdy.
- Gardaşlar, biz öňünden mazaly taýynlyk göreliň. Ýogsam bişirmäge, iýmäge
ýetişmeris, guş eti näzikdir porsap galar.
Doganlaryň dördüsi dört ýerden odun çöpläp, gury çöplemeden gapylaryny küde
etdi. Ondan soň ur-tut hepbik ýasap, her haýsy öz ussalygy bilen öwündi, öz hepbigini
biri-birine güjeňledi.
Japbak Ýapbakdan sorady.
- Seniň hepbigiň ady näme?
- Görse basar.
Ýapbak Mapbakdan sorady.
- Seniň hepbigiň ady näme?
- Ýapyrylyp ýatar. Topbak Japbakdan sorady.
- Seniň hepbigiň ady näme?
- Buýdurman tutar.
Olar hepbiklerini atýatagynda gurdular. Ondan soň dördüsi bir ýerde
çugdamlanyşyp, sabyrsyzlyk bilen gultunyşyp otyrdy.
Iki elini syrtynda tutup, gaz ýörişini edip, moýmuldap gelýän Kelekbaý olaryň
bolup oturyşlaryna geňirgendi:
- Ýeri-ow, Japbaklar! Näme beýle gultunyşyp otyrsyňyz?
Ýapbak bir oturyşyny üýtgetmän jogap berdi. - Baý aga, et iýesimiz gelýär.
- Näme oturan ýeriňizde et gelip, agzyňyza düşer öýdýärmisiňiz?
- Agzymyza düşmese, hepbigimize-hä düşer-dä! Kelekbaý küti dodaklaryny giň
açyp güldi.
- Hah-hah-ha-a!.. Günüňiz asmana galan bolsa, işiňiz kynlaşypdyr.
Topbak bir oturyşyny üýtgetmän jogap berdi.
- Baý aga, her zat bolsa, saňa galandan aňsadyrakdyr.
Japbak bir oturyşyny üýtgetmän jogap berdi.
- Baý aga, senem şolardan. Bar, aýt: guşlar ýere düşmän oňsalar, bizem et iýmän
oňarys.
- Eti iýersiňiz. Ýöne weli, bu wagt däl-de, çopan- çolukçylyga ýaran wagtyňyz.
Onda-da baýyň rysgyny däl-de, etir-tütür mallaryň maslygynyň etini iýersiňiz.
- Baý aga, sen arkaýynja bolaý. Sen her kimiň etini iýmäge öwrenen bolsaň-da,
Japbaklaryň etinden seniň agzyň tagam tapmaz!
Kelekbaý gözlerini alardyp, moýmuldap gitdi. Japbaklar onuň yzynda heň etdiler.
Gyzgyn günüň howry eňse,
Garlar ýagsa, ýerler doňsa,
Guş etini iýmän oňarys,
Guşlar ýere inmän oňsa.
Ala sakgal
Köneje oraçanyň içinde orta ýaşdan agan, gara saçlaryna ak çylgymlar aralaşan,
ýüzüniň, boýnunyň çuňňur ýygyrtlary gürelişen, köýneginiň gadymky matasy tamam
bolup, ýamag üstüne ýamag düşen orta boýly bir aýal, kemperip başlan eňegini eliniň
aýasyna goýup, tirsegini dyzyna daýap otyrdy.
01 - Japbaklaryň ejesi Bollukdy.
Onuň şöhlesi biraz öçüşen gara gözleri oraçanyň içine näçe garanjaklasa-da, göz
eglener ýaly bir zada gözi ilmeýärdi. 01 şol oturyşyna çagalarynyň bu gün näme
tamşanjakdyklaryny oýlanýardy. Olaryň ýerleri, suwlary ýokdy. Daşy çürüzdiklenen
ýaly bir pilek ýerleri, haýsy bir duzak üsti bilen, heniz kakalary ölmänkä, Ýalak işanyň
eline geçipdi. Suw paýjagazlaryny haýsy bir hile bilendir Kelekbaý özüne öwrüpdi.
Birwagtky ýekeje sygyrlaryny-da, haýsy bir täri bilendir, Doýduk öz gapysyna dartyp
alypdy. Başga tarapdan hem hiç hili girdeji ýokdy. Şonuň üçin Japbaklaryň güni
meniňki bolsun diýer ýaly däldi.
Emma şol agyr güne ýaş Japbaklaryň ýaş beýnileri entek oňly düşünmeýärdi. Ejesi
şol agyr ýagdaýda otyrka, Topbak daşardan alagopgun bilen dazyrdap geldi.
- Eje, aý, eje, görsene!
Bolluk ejäniň ýaş bilen ümezlän gözleri ony ilkibada oňly saýgarmady. 01 ogluna
sowal berdi.
- Oglum onyň näme?
Topbak elindäki pasyrdaýan meleje guşuň sakgaljygyny sypalady.
- Muňa mollatorgaý diýýärler, mollatorgaý!
- Ony nädip tutduň, oglum?
- Eje jan, men minneti Ýapyrylyp ýatardan çekýärin! 01 heniz sözüni gutarmanka,
Mapbak dazyrdap girdi. Onuň hem elinde meleje guş pasyrdaýardy.
- Eje, aý, eje, görsene!
- Ony nädip tutduň, oglum?
- - Men minneti Uçsa deperden çekýän, eje jan!
01 heniz sözüni gutarmanka, Ýapbak dazyrdap girdi. Onuň hem elinde meleje guş
pasyrdaýardy.
- Eje, aý, eje, görsene!
- Ony nädip tutduň, oglum?
- Eje jan, men minneti Görse basardan çekýän!
- 01 heniz sözüni gutarmanka, Japbak dazyrdap geldi. Onuň hem elinde meleje guş
pasyrdaýardy.
- Eje, aý, eje, görsene!
- Ony nädip tutduň, oglum?
- Eje jan, men minneti Duýdurman tutardan çekýän.
- Berekella, ogullarym!
- Japbaklar dil açyp, aýak bitip başlaly bäri ejeleriniň ýüküni ýeňledip başlapdylar.
Olaryň şol şagalaňly gopgunlarynyň özi- de kän wagt açlygy duýdurmaýardy. Olaryň
häzirki şatlygynyň özi enäniň gamgyn göwnüni asmana göterdi.
Japbaklar guşlary bişirmek maslahatyny etdiler. Japbak: «Guşlary palawa salalyň»
diýdi. Doganlar ony maslahat bildiler. Palaw diýilýän zady dadyp görmek nähili
hezildi? Emma Bolluk oraçanyň içine göz gezdirenden soň:
- Ogullarym, tomsuň güni palaw onçakly ýakymly bolmaz - diýip sypaýçylyk etdi.
Oglanlar ony makul bildiler.
Ýapbak guşlary gowurmagy maslahat berdi. Näzijek guş etini gowursaň, nähili
ýakymly ys kükärdi. Doganlar ony biragyzdan tassykladylar. Bolluk ýene oraçanyň
içine göz aýlandan soň:
- Ogullarym, owunjak guşlaryň ýagy mäzleşik bolar, agzyňyza-burnuňyza
ýelmeşip galmagy mümkindir - diýip sypaýçylyk etdi.
Näzijek eňeklerini, burunlarynyň aşagyny sypalan Japbaklar ol söze gülüşdiler.
Mapbak: - Guşlary çekdirme edeliň - diýdi. Doganlar ony makul bildiler, Bolluk
enaýyja guşlara garandan soň, ýene oraçanyň içine göz gezdirdi-de:
- Ogullarym, owunjak guşlaryň etinden çekdirme etseň, derrew gäkiligiňi
azdyragan bolar - diýip sypaýçylyk etdi.
Doganlar ony dogry bildiler.
Topbak iň soňunda kellejigini gaýşartdy.
- Men tapdym!
Doganlar onuň sözuni birden tassykladylar:
- Topbak tapdy!
Topbagyň özi hem birhili bolup, töweregine garanjaklady.
- Men nämäni tapdym?
- Biz näbileli seniň nämäni tapanyňy?
- Onda näme?..
- Sen özüň aýtdyň ahyry!
- Onda biraz sabyr ediň... Hawa, tapdym. Geliň, bulary çişe düzüp, kebap edeliň!
- Topbak bildi! Topbak bildi!
Hatda Bolluk-da Topbagyň sözüni makullady.
Hepbiklere yzly-yzyna düşýän torgaýlary Japbaklar ütdüler, çişe düzdüler,
odatutdular. Kebap jyzyrdap başlapdy. Şol wagt peýda bolan ala ýabyly, ala horjunly,
ala donly, ala sakgally, ala gözli gedaý olaryň keýpini bozdy. 01 aňyrdan gele- gelmäne,
ala sakgalyny sypalady.
- Balalarym, beriň, berekediňiz artsyn!
Japbak elindäki çişligini özüne bakan çekdi, ala sakgalyň ýüzüne çiňerildi.
- Berende berekediniň artjagyny bilse, Kelekbaý näme hiç kime hiç zat berenok?
Ala sakgalyň ýüzüne olaryň hemmesi birden üşerildiler. Olaryň hemmesi oňa yzlyyzyna şol sowaly ýagdyrdylar.
- Kelekbaý näme üçin hiç kime hiç zat berenok?
Ala sakgal sowala jogap gaýtarman, dilegini dowam etdi.
- Hudaýym siziň döwletiňizi artdyrsyn!
Mapbak oraçalaryna göz aýlandan soň, gedaýa çiňerildi.
- Hudaý bize döwlet berjek bolsa, näme, görmeýändir öýdýäňmi?
Ýapbak gedaýyň aýtjak bolan sözüni agzyndan aldy.
- Aý, agam, gapy-gapy aýlanmakdan, sakyr-sakyr sanamakdan sakgalyň
agarypdyr. Sen beýdip heläk bolup ýöreniňden, Hudaýa özüň üçin ýalbaryp, özüň baý
bolaýsaň bolmaýamy?
Gedaý olaryň sözüne gulak asman:
- Köşeklerim, işan agaňyzyň nebsi kän däldir. Her haýsyňyz birazajyk emleseňiz
besdir - diýip, düýbi unly sanajynyň agzyny açdy.
- Aý, ýeser işan ekeniň! Sen almytyňy almasaň gitjek däl! - diýip, Japbak onuň
unly sanajyna ejesiniň hoşadan çöpläp gelen bir jam bugdaýyňy guýdy.
Hojam hoşallyk bilen:
- Aý, berekella, köşegim! - diýdi.
- Sen örän ýeser işan ekeniň. Sen almytyňy almasaň, gitjek däl! - diýip, Ýapbak
onuň unly sanajyna ejesiniň hoşadan çöpläp gelen bir jam arpasyny guýdy.
Hojam hoşallyk bilen:
- Aý, berekella, inilerim! - diýdi.
- Baý, ýeser hojam ekeniň-ow! Sen almytyňy almasaň gitjek däl! - diýip, Mapbak
onuň unly sanajyna ejesiniň hoşadan çöplän bir jam jöwenini guýdy.
Hojam hoşallyk bilen:
- Aý, berekella goçagym! - diýdi.
- Baý-baý, ýeser işan ekeniň-ow! - diýip, Topbak onuň unly sanajyna ejesiniň
guýudan getiren bir gowa suwuny guýdy.
Ala sakgalyň ala gözleri hanasyndan çykara geldi.
- Baý-baý, ýeser oglaniar ekenisiz! Siz meniň çemçeläp ýygnanymy çanaklap
dökdüňiz - diýip, içi mäjumlanan sanajy ýere bulap urdy.
Unly, bugdaýly, arpaly, jöwenli, suwly mäjum sanaçdan Japbak bir jam dolduryp
aldy, Ýapbak bir jam dolduryp aldy, Mapbak bir jam dolduryp aldy. Topbak hiç bir zat
alman, sanajy ala sakgalyň egnine oklady.
Işan näme etjegini bilmän:
- Aý, Hudaýym, edeniňe şükür! Dünýäde maňa-da gözi garalar kän ekeni! - diýip,
sakgalyny sypalady.
Japbaklaryň dördüsi dört ýerden gedaýy gujakladylar. Biri onuň ýeňini sypalady,
biri egnini sypalady, biri sakgalyny sypady. Olaryň hemmesi birden:
- Işan aga, bizden gaty görme! Biz çendan näme-de bolsa bir zada hezil etmesek,
günümiz geçenok. Sen, ynha, biziň obamyzdan çykmankaň, ýeke sanajyň däl, horjunyň
hem gabarar - diýip, uzur ötündiler.
Ondan soň, oňa Japbak bir torgaý kebabyny berdi, Ýapbak bir torgaý kebabyny
berdi, Mapbak bir torgaý kebabyny berdi, Topbak bir torgaý kebabyny berdi.
- Aý, berekella, köşeklerim - diýip, gedaý olaryň ýanyndan hoşallyk bilen gitdi.
Ala ýabyly özlerinden arany açandan soň bolsa, Japbaklaryň dördüsi birden heň
etdiler:
Ala ýabyly, ala sakgal,
Ala donly, ala sakgal,
Daşyň, ala, içiň ala,
Ala gözli, ala sakgal.
Gapy-gapy gezen gedaý,
Dannawyň ýok: arpa, bugdaý.
Bize beýle alarylma,
Alardypdyr seni Hudaý!
Japbaklar ýene hepbik gurdular, ýene torgaý tutdular, çişlere ýaňadandan et
düzdüler. Kebap taýyn bolanda, ejesi olaryň her haýsyna eliň aýasy ýaly çörek-de tapyp
berdi. Ony azyrganan Topbak ejesine ýüz tutdy.
- Eje, aý, eje, seniň adyň näme?
- Wiý, Topbak janyň soraýan zadyny... Sen ony näme özüň bileňokmy?
- Ýaňky ala sakgal meniň akylymy özi bilen alyp ötäýgitdi öýdýän, ýadymdan
çykaraýypdyryn.
- Meniň adym Bolluk ahyry!
- Hä, Bolluk, Bolluk!.. Onda näme, eje, biziň öýümizde çörek bolluk däl?
Bolluk çagalaryna näme jogap berjegini bilmän, oraçanyň içine garanjaklandan
son, gap böwürde bulaşyp ýatan ullakan sanaja gözi düşdi.
- Balalarym, men size bir sanaç bereýin... Topbak onuň sözüni kesdi.
- Näme, eje, biz indi ýaňky ala sakgalyň yzyna düşelimi?
- Alla saklasyn, oglum, gedaý gezmekden Allasaklasyn!.. Siz ony bugdaýy orlan
ýerden baryp, hoşadan hyryn-dykyn dolduryp gelersiňiz. Biziň öýümizde, ana, şonda
çörek bolluk bolar!
Japbaklaryň dördüsi dört ýerden:
- Biz hoşa çöplemäge gideris. Şonda biziň öýümizde çörek bolluk bolar! - diýip,
taýyn kebaba agyz urdular.
Keramat
Japbaklar hatar-hatar syryp barýarkalar, Doýdugyň ak öýüniň duşundan geçip,
garaja öýüň gapdalynda aýak çekdiler. Onuň içinden hyrryň-hyrryň ses eşidildi.
Japbak Ýapbakdan sorady: - Bu nämäniň sesikä?
Ýapbak Mapbakdan sorady: - Bu nämäniň sesikä?
Mapbak Topbakdan sorady: - Bu nämäniň sesikä?
Onda Japbak aýtdy:
- Garaja öýüň içinde it hyňranýan bolaýmasyn? Onda Ýapbak aýtdy:
- Ýok. It beýle hyňranmaz. Ussaň törpüsiniň sesi bolaýmasyn?
Onda Mapbak aýtdy:
- Ýok! Törpiň beýle soňsuz sesi bolmaz. Doýdugyň öz horruldysy bolaýmasyn?
Onda Topbak aýtdy:
- Ýok! Doýduk eje ýaňyja şu öýe girdi ahyry! 01 eýýäm horlamaga ýetişen däldir.
Bu arwah-jynyň hyrryldysy bolaýmasyn?
Nämälim zady bilmän galdyrmak Japbaklaryň gylygyna laýyk däldi. Olar
durmuşyň her bir owunjak zatlaryna çenli bilmäge synanýardylar. Olar iň soňunda şol
sesi içerik girip barlamak kararyna geldiler.
Japbak Ýapbagy itekledi. Ýapbak Mapbagy itekledi. Mapbak Topbagy itekledi.
Topbak Japbagy itekledi. Olaryň dördüsi birden içerik kürsäp urdular.
Olaryň näme üçin ýykylyp-sürşüp gelenlerini ýeser Doýduk derrew aňlady. 01
Japbaklaryň gözüne güýdüşip, degirmeniň sapyny aýlap oturan aýala göz ümledi. Onuň
şol yşaraty «Sesiňi çykarma-da, edil doňan göwre ýaly, birsyhly aýlap dur» diýip beren
tabşyrygydy.
Jalbaklaryň el degirmenini birinji gezek görüşleridi. Tegelek, çalymtyk daş
dynuwsyz aýlanýar. «Hyrryň-hyrryň» ses edýär. Doganlar ony, hakykatdan-da, arwahjyn hasap eden ýaly, kem-kemden arkan çekildiler.
Onda Doýduk aýtdy:
- Ýeri, Japbaklar, nämeden gorkýarsyňyz? Ýapbak aýtdy:
- Doýduk eje, bu näme?
Doýduk myssa ýylgyrdy. 01 birnäçe wagt mundan ozal ýogalan towugyny
Japbaklardan görüp, olardan ýaňa içi kitüwlidi: olary nähili-de bolsa bir awundyrmak
küýüne düşüp ýördi. Kim bilýär, belki, onuň towugyny gije şagal alandyr. Doýduk
pursady ganymat bildi.
- Muňa, hanym, keramat diýerler. Onda Mapbak aýtdy:
- Keramatyň näme häsiýeti bar?
- Ony togap eden adam baý bolýandyr. Onda Topbak aýtdy:
- Doýduk eje, senem şuny togap edip baý bolduňmy?
- Men ony her günde bir gezek ýüzüme sylýan. Onda Japbak aýtdy:
- Her bir adam hem togap etse bolýarmy?
- Hemme adamy ol päk ruha goýberjek gümany barmy! Siz ýetim oglanlar
bolanyňyz üçin, ýekeje gezek rugsat bermegim mümkin. Goý, siziň hem birneme
dowaryňyz bolsun!
Doganlar biri-birine seredişip: «Biz hem togap edeliň» diýen karara geldiler.
Japbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy.
Ýapbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy.
Mapbak oňa alnyny degreňde, maňlaýyny sypjyrtdy.
Topbak oňa alnyny degrende, maňlaýyny sypjyrtdy.
Doganlar biri-birine çiňerilişdiler. Olaryň hemmesiniň maňlaýy gyzaryp göründi.
Onda Japbaklara gülen Doýduk aýtdy:
- Gutly bolsun, balalarym! Keramatyň size tüýs ýokdugydyr!
Maňlaýynyň awusyna çydamadyk Japbak tokmagy aýlap saldy.
- Ýok! keramat däl, arwahjyn!
Degirmeniň sapy bir ýana, süýbegi bir ýana zyňlyp gitdi. Onuň har-hary bolsa
tapba kesildi.
Maňlaýynyň awusyna çydamadyk Ýapbak tokmagy aýlap saldy.
- Bu keramat däl-de tüýs arwah-jyp ekeni! Maňlaýynyň awusyna çydamadyk
Topbak tokmagy aýlap saldy.
- Bu keramat däl-de tüýs arwah-jyn ekeni! Degirmeniň daşy çym-pytrak boldy.
Doýduk gykylyk etdi.
- Heý, ylahym ýaşyňyz kesilsin, ýaşy kesilenler! Siz keramaty syndyrdyňyz meniň baýlygymyň soňuna sogan ekdiňiz!
Onda Japbak jogap berdi.
- Ýok, Doýduk eje, biz seniň öýüňe keramat ekdik. Indi seniň gum diýip garbanyň
gyzyl bolar.
Japbaklary awundyran Doýdugy Japbaklaram awundyrdylar.
Hoşaly sanaç
Hoşa etmäge Japbaklaryň birinji gezek gidişleridi, Olar bugdaýy orlan sypalyň
içinde gezdiler. Emma hoşa görmediler.
Olar bu ýeriň hoşasyny özlerinden öň biri çöpläpdir diýip düşündiler.
Japbaklar iň soňunda orulmadyk bugdaýyň içine girdiler.
Ýapbak şatlygyndan ellerini çarpdy.
- Ine, gerek bolsa size hoşa! Mapbak söýünjini mälim etdi.
- Nädersiň indi Japbaklaryň oraçasy çörekden dolaýsa! Topbak keýpiköklük bilen
gygyrdy.
- Sanajy bäri al!
Olaryň üçüsi üç ýerden orulmadyk bugdaýyň towzasyny «ýygyp başladylar.
Japbak bugdaýyň şytyrdysyna gulak salyp, birsalym böwrüni diňirgänden soň, birdenkä
gazap bilei gygyrdy.
- Daýanyň!
Olaryň hemmesi birden Japbaga seretdi. Japbagyň ýelken sulaklary gabardy.
- Siziň şu edýän işiňiz Japbaklaryň adyna laýykmydyr? Ejemiň beren tabşyrygyny
unutdyňyzmy? Biz hoşany orlan ýerden çöplemeli dälmidik näme?
Doganlaryň ýüzleri aşak sallandy, penjeleri gowşady, towzalar ýalaňaç
aýaklarynyň üstüne iki-ikiden paýrap düşdi. Japbagyň sözüni olar ysgynsyz ses bilen
tassykladylar.
- Japbak dogry aýdýar!
Japbak sanajy başaşak silkdi. Dok däneli towzalar paýrap döküldi. Üç doganyň
naýynjar garaýan gözleri şol towzalar bilen bile dökülýäne döndi. Şol wagtda oraçanyň
içi, ejeleriniň bir döwüm çöregi gizläp çykarýany gözleriniň öňüne geldi. Olaryň üçüsi
üç ýerden oýlandy. «Bu nähili deňsizlik? Ynha, gör, meýdanyň ygşyldap oturan
bugdaýy ýere-göge syganok. Emma biziň öýümizde bir ýugrum hamyrlyk un ýok. Bu
nähili düzgün?..»
Ýapbak iň soňunda Japbaga sowal berdi.
- Aý, Japbak, sen bize görä ekabyrrak. Belki, seň bilýänsiň: biziň näme üçin
ýerimiz ýok?
- Ýeri näme etjek?
- Ýeri näme ederler? Bugdaý ekjek?
- Biziň ýerimize Ýalak işanyň eýe bolanyny ejem, näme, bize aýtmanmydy? Ýa
siz eýýäm ony unutdyňyzmy?
Doganlaryň hiç birinden ses çykmady.
Japbak boş sanajy egnine atyp ugrady. Üç dogan onuň yzyna tirkelen torum ýaly,
nalajy asylyp ýöredi. Ygşyldap oturan towzalary yzda galdyryp gitmek olar üçin nähili
agyrdy...
Olar iň soňunda bugdaýy orlup, dessesi heniz çekilmedik sypalyň içine girdiler.
Japbak boş sypaly bir dessäň üstüne bulap urdy.
- Ine, size orlan ýer. Hoşany näçe etsek, ine, şu ýerden edeliň!
- Dogrudan hem, Japbak bizden akylly. Ine, gerek bolsa hoşa! Japbak tumşujagyny
ýokary tutdy.
- Hymm! Siziň Japbak bilen gözüňiz öwrenişendir. Söze salym ýok, üýşürilgi
dessäniň başy şytyrdap başlady. Bir käse çaý içim salymda sanajyň garny gabardy.
Dessä el urman, ýekeje towzany barmaklarynyň arasrynda pyrlaýan Topbagyň
näme üçindir durdugyça ýüzi gamaşdy. Birdenkä-de ol:
- Japbaklar, çekiň eliňizi! - diýip gygyrdy... Üç doganyň üçüsi birden Topbaga
çiňerildi.
Ýapbak bilen Mapbak onun alkymyna dykyldy. Olaryň ikisi birden:
- Bu nähili buýruk! Japbaga biz boýun, onuň ýaşy uly, gowy bilýär. Seň biziň
ikimizden hem kiçi ahyry! Bu nähili buýruk? - diýnp gaýtalady.
- Ejem bizi bu gün näme üçin iberdi?
- Bu nähili sowal? Elbetde, hoşa etmek üçin!
- Hoşany nireden aljak diýipdi?
- Orlan sypaldan.
- Siz, heý, oýlap görýämisiňiz? Siziň el urýanyňyz orlup giden sypalyň hoşasymy
ýa orlup üýşürilen dessemi?
Doganlaryn üçüsi üç ýerden başlaryny aşak saldy. Topbak sanajyň düýbüňden
tutup silkende sere biçim towzalar dessäň üstüne paýrap döküldi. 01 edil Japbaklaryň
eleşan eteklerinden dökülýän gowurga döndi.
Şondan soň Japbaklar dessedeň ýekeje-de towza alman, orlan sypaldan hoşa
çöplemäge başladylar. Hoşa çöplemek, elbetde, üýşürilen dessäniň başyny buran ýaly
däldi. Orakçyn elinden sypyp gaçan towzanyň her bäş-üç ädimden birini gözläp
tapmalydy. Eýsem-de bolsa, Japbaklar oňa tiz adatlandylar. Gün ortadan agmanka,
sanaç kemsiz doldy. Emma çöplenen towza heniz hem kändi. Sanajyň agzyna çykaryp,
ilki bilen Topbaga depeletdiler. Gowzan sanajyň üstüne towza guýanlaryndan soň,
Ýapbaga depeletdiler. Ýöne biraz hoşa galany üçin, iň soňunda Japbaga depeletdiler.
Sanaç tyr-dykyz doldy. Onuň agzyny zordan bogdular. Ýapbak sanajy pitiklände, ol ter
gawun ýaly, tyryň-tyryň ses etdi.
Japbak Ýapbaga: - Sanajy sen göter - diýdi.
Ýapbak Mapbaga: - Sanajy sen göter - diýdi.
Mapbak Topbaga: - Sanajy sen göter - diýdi.
Topbak Japbaga: - Sanajy sen göter - diýdi.
Ahyrynda bije atdylar. Ilki bilen Japbak, ondan son, Ýapbak, ondan soň Mapbak,
ondan soň Topbak götermeli boldy. Olar deň götermegi müwessa goýdular. Emma
kimiň näçe ädim, nirä çenli götermelidigi mälim bolmady. Olar ilki bilen oba çenli
bolan arany ädimläp çykmak, ondan son, ädim sanyna görä götermek kararyna geldiler.
Olar sanajy ýabyň raýyşynda, belendräk ýerde goýdular.
Japbaklar oba bilen arany ädimläp çykdylar. Kimiň näçe ädim göterjegi aýnadaky
ýaly anyk boldy. Ondan soň sanajyň yzyndan gaýtdylar.
Emma goýup giden ýerlerinden sanajy tapmadylar. Agtardylar, agtardylar, eýläk
ylgadylar, beýläk ylgadylar, desseleriň arasyna çenli barladylar... Sanaç hiç ýerden
çykmady.
- Aý, hoşaly sanaç, niredesiň, haw! - diýip gygyrdylar. Sanaç hiç ýerden jogap
bermedi.
Japbak Ýapbaga: - Sanajyň indi gitdigi boldumy? - diýdi.
Ýapbak Mapbaga: - Hoşalaryň indi köýdügi boldumy? - diýdi.
Mapbak Topbaga: - Gün zähmetimiz reýgan gitdimi? - diýdi.
Topbak Japbaga: - Ejemiziň gözi ýoldadyr. Biz oňa indi näme jogap bereris? diýdi.
Sanajy ýene agtardylar, ýene tapmadylar.
Olaryň golaýynda bir harman göründi. Şol harmanyň üstünde bir adam saýgaryldy.
Sanajy şol adamdan soramak kararyna geldiler.
Baryp görseler, harmanyň üstünde oturan Kelekbaý ekeni.
Japbaklar Kelekbaýa salam berdiler. - Armaweri - diýip, halyny-ahwalyny
soradylar. Gele - gelmäne sanaç sowalyny bermekden bolsa çekindiler. Emma jozzuk
ýaly garry Kelekbaý nasly agzyny pakgyldadyp, ilki bilen wäşilige saldy.
- Ýeri-how, Japbaklar, top tutup ugrapsysyz-la? Ugur haýyr bol-a!
Kelekbaýa Japbak jogap berdi. - Baý aga, ugur-a haýyr däl.
- Näme üçin?
- Sanaç ýitirdik.
- Sanajyň nähili alamaty bardy?
- Garny pökgüjedi. Iki elini asmana gerýärdi.
- Sanajyňyz borjulan bolaýmasyn?
- Baý aga, ol düýäniň hamyndan däl ahyry!
- Şowuna düşse, geçiniň hem borjulaýmasy bolar.
- Baý aga, henek etmesene! Gören bolsaň, aýtsana! Ejemiziň öýde ýugyrlygy
ýokdur. Gözi ýoldadyr. Dört adamyň uzak günlük azaby reýgan bolup barýar. Bilýän
bolsaň, aýdaýsana, baý aga!
Kelek agzyndaky nasyny togdary ýaly pürküp goýberdi. Japbaklara dazaryldy.
- Heý, enesi ýalamadyk, atasy dolamadyk murdarlar! Siz indi ogurlyga-da ýüz
urduňyzmy?
Ýapbak Kelekbaýa ak ýürek bilen mälim etdi.
- Baý aga, beýle diýmäň, aýyp bolar! Japbaklar Japbaklardyr. Olar aç ýatmany
başararlar. Emma kişi malyna el urmany başarmazlar! Şeýle bolanda, ejemiz biziň
ýüzümize tüýkürmezmi? Biz ne dik oturan bugdaýa degdik, ne orlan desselere el
uzatdyk. Diňe sypaldan hoşa çöpledik.
Kelekbaý agzyndan köpük syçradyp gygyrdy.
- Heý, peläketler! Ynha, siziň hoşaňyz meniň aşagymda! Japbaklaryň hemmesi
birden:
- Aý, ýaşa, baý aga! - diýip gygyrdylar. Olaryň her haýsy bir ýerden derrew
harmana dyrmaşdylar. Hakykatdan-da, hoşaly sanaç Kelekbaýyň aşagynda ellerini
ýokaryk gerip ýatyr. Olaryň hemmesi birden seslendiler.
- Baý aga, ýitigimizi tapyp bereniňe sag bol! Sanajy bäri al!
Kelekbaý awa topuljak syrtlan ýaly üşerildi.
- Size sanaç gerekmi?
- Içindäki hoşasam bile gerek!
Kelekbaý ýumrugyny düwüp galanda, Japbaklar özlerini harmandan aşak
goýberdiler. «It gedaýdan gorkar, gedaý itden» diýen ýaly, Kelekbaý olardan birhili
ätiýaç etdi, harmandan özüni aşak goýbermedi. Doganlar ona näçe ýalbarsalar-da
Kelekbaý olara gulak asman, gaýta agzyndan gelenini gargady. Garaz, ne Japbaklar
harmana dyrmaşyp bildiler, ne-de Kelekbaý aşak düşüp bildi.
Kelekbaý harmandan düşse, Japbaklar sanajyny bir tär bilen ele salarys diýip
düşünýärdiler. Şonuň üçin Kelekbaýyň gaharyny getirmek küýüne düşdüler. Olaryň her
haýsy bir ýerden heňe başlanlarynda, sesleri sazlanyşyp çykdy:
Kelek, kelek, Kelekbaý,
Gazan, çuwal, çelek baý.
Ýüz kelege, ýüz kele,
Bir özümiz borus taý!
Şol heňi yzly-yzyna gaýtaladylar.
Kelekbaý hem keldi, hem kelekdi. Ondan ýüz görýänler, ondan eýmenýänler, ona
ýaranjaňlar onuň adyny biraz üýtgedip, oňa Gullukbaý diýýärdiler. Kelekbaý adyny
eşidende, ol bolmajysyny bolýardy. Häzir ol nähili bolanyny bilmän, ala gykylyk bilen
harmandan özüni aşak goýberdi.
Japbaklar harmanyň daşyna aýlandylar.
Kelekbaý Japbagy kowalady.
Ýapbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy.
Kelekbaý Ýapbagy kowalady.
Mapbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy.
Kelekbaý Mapbagy kowalady.
Topbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy.
Kelekbaý Topbagy kowalady.
Japbak onuň yzyndan ýetip, böwrüne dürtüp gaçdy.
Kelekbaý Japbagy kowalady.
Ýapbak harmana dyrmaşyp, sanajy aşak togalady.
Hum ýaly gyzaran, halys gurpdan düşen Kelekbaý sanaja bakan topuldy, ýüzüniň
ugruna entäp, sanajyň üstaşyry sermagallak atyp gitdi. Japbaklar onuň üstünde hümer
bolup, çalamünder oýnadylar. Emma Kelekbaý daşyny aldyran ýekegapan ýaly
agdarylyp, düňderilip, biriniň ýon damaryny owkalady, biriniň ýüzüni dyrnady. Japbak
iň soňunda onun gyzyl kündük ýaly kel kellesini gaşady. Ýapbak onuň hokga
köwşünden sypan çorly dabanyny gaşady. Mapbak onuň sag çignine ýapyşdy. Topbak
onuň garnyny gyjyklady.
Kelekbaý iň soňunda ejizläp, ýekegapan ýaly gykylyk turuzdy.
Japbak onuň kellesini sypalap:
- Kim ogry? - diýip sorady. Kelekbaýyň boguk sesi çykdy:
- Ogry men!
Ýapbak onuň çorly aýaklaryny rahat uzatdy.
- Degmäň-äýt! Kelekbaý öz ömründe birinji gezek dogry sözledi.
Mapbak onuň elini öz ugruna goýberdi.
Topbak onuň gazan ýaly garnyny biz köýnegi bilen örtdi.
- Dogry sözli adam hormata laýyk bolarmyş. Japbaklar şondan soň oňa hormat
bilen ýapyşdylar,
Geýim-gejimlerini düzedişdirdiler, tozanlaryny kakdylyp, ýakasyndan inen
gylçyklary süpürişdiler. Eýsem-de bolsa Kelekbaý öz ömründe Japbaklara dil
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Japbaklar - 3
  • Parts
  • Japbaklar - 1
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 1970
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 2
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 1739
    29.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 3
    Total number of words is 3967
    Total number of unique words is 1807
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    49.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 4
    Total number of words is 3899
    Total number of unique words is 1777
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 5
    Total number of words is 4023
    Total number of unique words is 1822
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 6
    Total number of words is 3985
    Total number of unique words is 1884
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 7
    Total number of words is 3935
    Total number of unique words is 1938
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 8
    Total number of words is 4061
    Total number of unique words is 1857
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    53.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 9
    Total number of words is 3930
    Total number of unique words is 1878
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Japbaklar - 10
    Total number of words is 2268
    Total number of unique words is 1054
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    49.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.